Agyz suwy hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Agyz suwy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 60-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 03.06.2017 ý. № 578-V, 01.12.2018 ý. № 104-VI we 30.11.2019 ý.

№ 214-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegiň döwlet kepilliklerini döretmäge gönükdirilendir; agyz suwunyň hiline we onuň adamyň saglygy üçin howpsuzlygyna, agyz suwunyň çeşmeleriniň goralmagyna we olardan peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmaga bolan döwlet talaplaryny kesgitleýär; agyz suw üpjünçiliginiň ulgamlarynyň rejeli peýdalanylmagynyň we hapalanmakdan, zaýalanmakdan hem-de azalmakdan ekologik taýdan goralmagynyň, şeýle-de işlemeginiň we agyz suw üpjünçiligi babatda subýektleriň özara gatnaşyklarynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär. 

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

agyz suwy – tebigy ýagdaýda ýa-da arassalanylandan soň (arassalamak, zyýansyzlandyrmak, ýetmeýän maddalary goşmak) özüniň hili boýunça kadalaşdyryjy talaplara jogap berýän we adamyň içimlik we durmuş zerurlygy üçin we (ýa-da) iýmit önümleri öndürilende ulanmak üçin ýaramly suwdur;

agyz suwunyň hiliniň kadalary (kadalaşdyryjy talaplar) – adamyň saglygy üçin agyz suwunyň howpsuzlygyny we zyýansyzlygyny kepillendirýän, agyz suwunyň himiki we mikrobiologik (biologik) düzüminiň we organoleptiki häsiýetleriniň ýol berilýän görkezijileriniň ylmy-barlag usullar bilen  bellenilen we sanitariýa kadalary bilen kadalaşdyrylan jemi;

agyz suw üpjünçiligi – Türkmenistanyň ilatynyň agyz suwuna bolan zerurlygyny üpjün etmäge gönükdirilen iş;

agyz suw üpjünçiliginiň çeşmesi – bellenilen kadalaşdyryjy talaplara jogap berýän, zerur mukdarda suwy saklaýan we işläp taýýarlamagyň ol ýa-da beýleki tehnologiýasyny ulanmak bilen agyz suw üpjünçilik ulgamlaryna almak üçin ulanylýan (ýa-da ulanyp bolýan) suw desgasy ýa-da onuň bir bölegi;

agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamy – agyz suwuny almak, taýýarlamak, saklamak, ony sarp edilýän ýerlerine bermek, fiziki hem ýuridik şahslaryň umumy ulanmagy üçin açyk bolan enjamlaryň we desgalaryň toplumy (gatlalar, açyk we ýerasty çeşmeler);

agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilmedik ulgamy – agyz suwuny sarp edilýän ýerine ibermezden almak we taýýarlamak hem-de fiziki hem ýuridik şahslaryň umumy ulanmagy üçin açyk bolan enjamlar we desgalar (guýular, dik guýular, suw arassalaýjy enjamlar, gözbaş, kärizler we beýlekiler);

agyz suw üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamy – agyz suwuny hususy ulanyşda durýan (aýratyn jaý, şahsy kömekçi hojalyk ýa-da başga aýratyn desga üçin), harçlanylýan ýerine berip ýa-da bermän, ony ýerasty çeşmelerden almak üçin enjamlar ýa-da desgalar (dik guýy, guýy);

ulag serişdesindäki agyz suw üpjünçilik ulgamy – ýolagçy ýa-da beýleki maksatlarda ulanylýan ulag serişdeleriniň gidýän ýolunda ýolagçylary, ekipažlary we ýolagçylara hyzmat edýän işgärleri agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ulag serişdelerinde ýerleşdirilen desgalar we enjamlar;

agyz suw üpjünçilik ulgamy (ulgamlary) – agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen, merkezleşdirilmedik, özbaşdak we ulag serişdesindäki ulgamlary üçin umumy kadalar bolan mahalynda ähli ulgamlary sanap geçmezlik üçin şu Kanunda ulanylýan düşünje;

agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamlarynyň abonentleri  bu ulgamlaryň agyz suwundan peýdalanýan we suw üpjünçilik guramalary tarapyndan bellenilen tertipde bellige alnan fiziki we ýuridik şahslar;

agyz suw üpjünçilik ulgamynyň ygtybarlylygy – agyz suwuny sarp etmegiň bellenilen kadalaryna we agyz suwunyň hiline bolan kadalaşdyryjy talaplara laýyklykda sarp edijilere agyz suwuny bermegiň kesgitlenen düzgünini (üznüksiz, grafik boýunça sagatlaýyn) üpjün etmeli ulgamyň häsiýeti;

sanitariýa gorag zolagy – agyz suw üpjünçiligiň çeşmesini we suw geçirijini öz içine alýan we üç guşakdan durýan çäk (akwatoriýa), olarda hojalyk işiniň we suwy hapalanmakdan, zaýalanmakdan goramagyň düzgünleri bellenilýär;

agyz suwuny sarp etmegiň möçberleri – agyz suw üpjünçilik ulgamlary kadaly işlände, olaryň işi bozulanda we adatdan daşary ýagdaýlarda anyk ilatly ýerde, aýratyn desgada ýa-da ulag serişdesinde gije-gündiziň dowamynda bir adamyň fiziologik we durmuş hajatlary üçin, şeýle hem ýuridik şahslaryň tertipnamalarynda we beýleki kadalaşdyryjy resminamalarynda göz öňünde tutulan işi amala aşyrmak maksady bilen olaryň önümçilik-hojalyk hajatlary üçin gerek bolan agyz suwunyň hasaplama (ortaça) mukdary;

agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň eýeleri – degişli agyz suw üpjünçilik ulgamyna eýeçilik hukugy bolan fiziki we ýuridik şahslar;

agyz suw üpjünçilik guramalary (suwdan peýdalanyjylar)  agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ýa-da merkezleşdirilmedik ulgamlaryny ulanýan ýuridik şahslar;

agyz suw üpjünçiliulgamlaryny peýdalanyjylar  agyz suwuny öz hajatlary üçin almak ýa-da ony başga adamlara bermek maksady bilen agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny bellenilen tertipde peýdalanýan fiziki we ýuridik şahslar; 

agyz suwuny öndürijiler  sarp edijileri agyz suwy bilen üpjün edýän agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny peýdalanyjylar;

agyz suwuny sarp edijiler – agyz suwuny öz hajatlary üçin harçlaýan fiziki we ýuridik şahslar;

ulanyş jogapkärçiliginiň araçägi – taraplaryň ylalaşygy bilen bellenilýän agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň (suw geçiriji ulgamlaryň we olardaky gurluşlaryň) olaryň ulanylyşy üçin borç (jogapkärçilik) alamatlary boýunça elementleri bölüş çyzygy;

agyz suw üpjünçiliginiň öýler boýunça paýlaýyş ulgamy – agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we özbaşdak ulgamlaryndan sarp edijilere agyz suwunyň berilmegini üpjün edýän enjamlaryň, desgalaryň we turba geçirijileriň jaýdaky toplumy;

reagentler – suwy taýýarlamakda, arassalamakda we zyýansyzlandyrmakda ulanylýan himiki maddalar;

suwy süýjetme– agyz suwunyň häsiýetlerini bermek üçin tebigy suwlarda duzlaryň saklanylyşyny azaltmak.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda kanunçylygy we onuň wezipeleri

 

1. Türkmenistanyň agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, suw goruny goramak we ulanmak, saglygy goramak, epidemiýalara garşy göreşmek, tebigy betbagtçylyklaryň we heläkçilikleriň netijelerini ýok etmek, daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, şeýle hem agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenen bolsa‚ onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3. Şu Kanunyň wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr:

- fiziki we ýuridik şahslaryň agyz suwuna bolan zerurlygyny kanagatlandyrmagyň hukuk kepilliklerini, şeýle hem agyz suw üpjünçiligi babatda hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligiň gelip ýetmeginiň esaslaryny bellemek;

- agyz suw üpjünçiliginiň ykdysady we tehnologik esaslaryny döretmek.

 

3-nji madda. Agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri

 

Agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet syýasaty şu ýörelgelere esaslanýar:

ilatyň durmuş isleglerini kanagatlandyrmak, saglygyny saklamak we goramak maksady bilen ony agyz suwy bilen ilkinji nobatda üpjün etmegiň döwlet kepilliklerini üpjün etmek;

agyz suw üpjünçiliginiň meseleleriniň döwlet gözegçiligi we kadalaşdyryjy hukuk düzgünleşdirilmegi;

agyz suw üpjünçilik guramalarynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna, şeýle hem döwlet gözegçilik barlagynyň we gözegçiliginiň, raýat goranyş we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdirliginiň edaralaryna olaryň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilen ygtyýarlylygynyň çäklerinde hasabat berijiligi;

Türkmenistanyň çäginde hereket edýän ýeke-täk standartlaryň we kadalaryň esasynda agyz suw üpjünçiliginiň tehnologik aýratynlyklaryny we agyz suw üpjünçiliginiň çeşmesini saýlap almagy hasaba almak bilen, olaryň ulgamlarynyň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny we dolandyrylyşyny üpjün etmek;

içmek maksady bilen ýerasty suw çeşmelerini ileri tutup ulanmak;

agyz suw üpjünçilik çeşmelerini hapalanmakdan we azalmakdan goramak;

agyz suw üpjünçiliginde hasaba almagy guramak we amala aşyrmak;  

agyz suw üpjünçiligi üçin maddy-tehniki baýlyklara we tehnologiýalara bildirilýän, häzirki zaman talaplara laýyk gelýän agyz suw üpjünçiligi üçin enjamlar, materiallar we reagentler öndürilende we üpjün edilende döwlet goldawy;

agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny ilatyň ýaşaýşyny  üpjün etmegiň möhüm strategik desgalaryna degişli etmek.

 

4-nji madda. Agyz suw üpjünçiligi babatda hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri

 

Agyz suw üpjünçiligi babatda hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri şulardan ybaratdyr:

Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary, döwlet gözegçilik barlagyny we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar, agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;

agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň eýeleri;

agyz suw üpjünçilik guramalary;

agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň ulanyjylary;

agyz suwuny sarp edijiler;

agyz suwuny öndürijiler.

 

II bap. Agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet

düzgünleşdirmesi

 

5-nji madda. Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

 

1. Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

2. Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna şular degişlidir:

jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary;

sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

standartlaşdyrmak we metrologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlylygy

 

Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

- Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň, agyz suw üpjünçiligi babatda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

- Türkmenistanyň ilatynyň kadalaşdyryjy talaplara laýyk gelýän oňat hilli agyz suwuna bolan hukugynyň durmuşa geçirilişini we goragyny üpjün edýär;

- agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

- agyz suw üpjünçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýeti amala aşyrýar;

- ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň, beýleki hojalygy ýörediji subýektleriň agyz suw üpjünçiligi babatda işleriniň, agyz suw üpjünçiligi ulgamlarynyň we agyz suw çeşmeleriniň kadalaşdyryjy düzgünleşdirmesini amala aşyrýar;

- agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek we kämilleşdirmek, agyz suw üpjünçiliginiň çeşmeleriniň dikeldilmegi we goragy, agyz suwunyň hiliniň gowulandyrylmagy boýunça (döwletara, döwlet, sebitara) maksatlaýyn maksatnamalaryny kabul edýär we olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

- adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde ilaty agyz suwy bilen üpjün etmekde kynçylyklaryň ýüze çykan ýerlerinde agyz suw üpjünçiligi ulgamlarynyň dikeldilmegi boýunça guramaçylyk, maliýe we maddy-tehniki üpjünçilik işleriniň meselelerini çözýär;

- awariýalarda we adatdan daşary ýagdaýlarda ilatyň hajatlary üçin suwuň ätiýaçlyk we strategik zerurlyk üçin goruny guramagyň we ondan peýdalanmagyň meselelerini alyp barýar;

 - agyz suw üpjünçilik ulgamlary babatda ylmy barlaglaryny we agyz suw üpjünçiligi üçin ýokary netijeli materiallaryň we reagentleriň öndürilişini ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;

- agyz suw üpjünçiligi babatda halkara hyzmatdaşlygyny üpjün edýär;

- Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

 

7-nji madda. Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

«1. Jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

- agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

- agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga bermek;

- ýurduň bütin çäginde ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw üpjünçilik ulgamlarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna toplumlaýyn seljerişi we çaklamany geçirmek;

- agyz suw üpjünçilik we suw sowujy ulgamlaryndan peýdalanmagyň hyzmatlaryna nyrhnamalary emele getirmek üçin usuly düzgünnamalary (gollanmalary), şeýle hem agyz suw üpjünçiligi we suw sowujy desgalarynyň ulanylyşynyň hiline, düýpli abatlanylyşyna we durkunyň täzelenilişine tehniki şertleri hem-de döwlet talaplaryny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň  garamagyna bermek;

- Türkmenistanda agyz suw üpjünçilik we suw sowujy ulgamlaryndan peýdalanmagyň Düzgünlerini işläp taýýarlamak we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga bermek;

- agyz suw üpjünçiliginiň maliýeleşdirilmegini kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň  garamagyna bermek;

- eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda agyz suw üpjünçilik ulgamlaryndan senagat maksatlary, önümçilik hajatlaryny üpjün etmek, suwaryş we beýleki maksatlar  üçin agyz suwuny harçlamagyň çäklendirilen möçberini hem-de oňa nyrhnamalary ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň teklipleri esasynda  işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak;

- ýurduň ähli çägi boýunça agyz suwunyň sarp edilişiniň hasaba alnyşyny ýöretmek, administratiw-maglumat  binýady  döretmek we alyp barmak;

- ýurduň ähli çäginde geljek ýylda sarp ediljek agyz suwuny öndürmek üçin gerek bolan suwuň möçberi baradaky maglumatlary ýylyň ahyryna çenli suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna bermek;

- degişli ugurly daşary ýurt ýuridik şahslary we halkara guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda beýleki meseleleri çözmek.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň  ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

- degişli çäkde ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw üpjünçilik ulgamlarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna toplumlaýyn seljerişi we çaklamany geçirmek; 

- agyz suwuny sarp edijileriň zerurlyklaryny üpjün etmek maksady bilen suw geçiriji-lagym hojalygynyň birleşikleriniň we kärhanalarynyň işini utgaşdyrmak;

- agyz suw üpjünçiliginiň inženerlik ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek;

- agyz suw üpjünçilik ulgamlaryndan senagat maksatlary, önümçilik hajatlaryny üpjün etmek, suwaryş we beýleki maksatlar üçin agyz suwuny harçlamagyň çäklendirilen möçberlerini hem-de olara nyrhnamalary işläp taýýarlamak üçin jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna teklipleri bermek;

- öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, tebigaty goraýyş çärelerini  işläp taýýarlamak, olary  durmuşa geçirmek, inženerlik ulgamlaryna we gurluşlaryna zeper ýeten mahalynda heläkçilikleriň we tebigy betbagtçylyklaryň zyýanly netijelerini aradan aýyrmaga gatnaşmak;

- ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyna, durkunyň täzelenilişine we ulanylyşyna ornaşdyrmak;

- agyz suwunyň hiliniň döwlet standartlarynyň talaplaryna, sanitariýa kadalaryna we düzgünlerine laýyklygyna gözegçiligi üpjün etmek we kämilleşdirmek;

- Türkmenistanyň çäginde we onuň çäginiň daşynda üpjün edijiler bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak we maddy-tehniki serişdeler we reagentler bilen üpjün etmek barada şertnamalary baglaşmak;

- agyz suw üpjünçilik guramalary üçin hünärmenleriň taýýarlanylmagyny, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny we olaryň gaýtadan taýýarlanylmagyny guramak;

- öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde degişli ugurly daşary ýurt ýuridik şahslary we halkara guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak;

- agyz suwunyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, ylmy barlaglaryň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň netijeleriniň ulanylmagyna ýardam etmek we olary ýaýratmak;

- agyz suw üpjünçilik guramalary üçin reagentleri, enjamlary, abzallary we materiallary öndürmegiň geljekki ösüşi boýunça teklipleri taýýarlamak we olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek;

- öz garamagyndaky çäkde ilaty sanitariýanyň talaplaryna laýyk gelýän agyz suwy bilen zerur mukdarda üpjün etmek;

- agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça ýerli shemalary, maksatnamalary we çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak;

- suw üpjünçilik çeşmeleriniň bardygy we olaryň ýagdaýy, ilatyň agyz suwuna bolan zerurlyklaryny talap edilýän mukdarda we hilde kanagatlandyrmak mümkinçilikleri, agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarlylygy hakyndaky maglumatlary hasaba almak we olara baha bermek;

- sanitariýa gorag zolaklaryny goramak we suw üpjünçilik çeşmelerini rejeli peýdalanmak boýunça çäreleri geçirmek;

- ilatyň agyz suw üpjünçiligi, agyz suwunyň hilini gowulandyrmak we oňa gözegçilik etmek boýunça işleriň maliýeleşdirilmegini, maddy-tehniki üpjünçiligini meýilleşdirmegi amala aşyrmak;

- Türkmenistanda suw üpjünçilik ulgamlarynyň ulanylmagyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy resminamalaryň esasynda agyz suw üpjünçilik ulgamlaryndan peýdalanmagyň ýerli düzgünlerini tassyklamak;

- agyz suwunyň sarp edilişiniň hasaba alnyşyny ýöretmek we bellenen tertipde onuň sarp edilişi barada hasabaty jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna bermek;

- agyz suwunda howply hapalanmalar bar bolan mahalynda ondan peýdalanmagy wagtlaýynça gadagan etmek ýaly sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň netijenamalary esasynda çözgütleri kabul etmek, şeýle hem ilatyň agyz suwy üpjünçilik ulgamlaryndaky düzgün bozulmalary aradan aýyrmak we agyz suwunyň hiline bolan kadalaşdyryjy talaplary berjaý etmek üçin zerur çäreleri görmek;

- sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, adatdan daşary ýagdaýlarda (tebigy betbagtçylyk, suw üpjünçilik çeşmelerinde suwuň hapalanmagynyň howply derejeleriniň ýüze çykmalary we beýlekiler) agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny ulanmagyň mümkinçilikleri we şertleri hakynda çözgütleri kabul etmek;

- ilaty agyz suwunyň hili, ony sarp etmegiň kadalary we tygşytlamagyň usullary, töleginiň tertibi barada zerur maglumatlar bilen üpjün etmek;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda beýleki meseleleri çözmek.»;

3. Sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

- ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

- agyz suw üpjünçiligi çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

- agyz suw üpjünçiliginiň  merkezleşdirilen ulgamlarynyň ösüşini, agyz suwunyň howpsuzlygyny üpjün etmek we onuň hilini gowulandyrmak boýunça maksatlaýyn döwlet, döwletara we sebitara maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

- suw üpjünçilik çeşmeleriniň we agyz suwunyň zyýansyzlygynyň we howpsuzlygynyň ölçeglerini belleýän gigiýena kadalarynyň we düzgünleriniň, sanitariýa-epidemiologiýa kadalarynyň, şeýle hem agyz suw üpjünçilik ulgamlaryna, materiallara, reagentlere, enjamlara sanitariýa-gigiýena we epidemiologiýa talaplaryny işläp taýýarlamak, tassyklamak we herekete girizmek;

- agyz suw üpjünçilik ulgamlary taslananda, gurlanda we ulanylanda, şeýle hem sanitariýa gorag zolaklarynda suw üpjünçilik çeşmeleriniň hapalanmagynyň öňüni almak we ýok etmek boýunça çäreler geçirilende döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gözegçilik barlagyny amala aşyrmak;

- agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlarynda agyz suwunyň hiline döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gözegçilik barlagyny amala aşyrmak;

- standartlaryň, sanitariýa kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda agyz suwunyň hiline gözegçiligi kämilleşdirmek;

- çüýşä guýulýan agyz suwunyň we standart gaplardaky agyz suwunyň güwälendirilmesini geçirmek;

- agyz suwunyň hilini gowulandyrmak maksady bilen ylmy barlaglaryň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň netijelerini peýdalanmagy utgaşdyrmak, ýardam etmek we olary ýaýratmak;

- agyz suw üpjünçilik guramalary üçin hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we olaryň gaýtadan taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

- degişli ugruň daşary ýurtly ýuridik şahslary we halkara guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak;

- agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny taslamalaşdyrmak kadalarynyň taslamalary boýunça netijenamalary taýýarlamak;

- agyz suwy öndürilende we gaýtadan işlenilende täze himiki maddalaryň, serişdeleriň we usullaryň ulanylmagyna garamak we rugsat bermek.

4. Standartlaşdyrmak we metrologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

 ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralary tarapyndan taslamalary bellenilen tertipde berilýän agyz suwy üçin standartlary tassyklamak we herekete girizmek;

- standartlaşdyrmak we agyz suwuna metrologik gözegçiligi üpjün etmek babatda daşary ýurtly ýuridik şahslary we halkara guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak.

5. Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

- içimlik suw geçirijileriniň we suw üpjünçiliginiň çeşmeleriniň sanitariýa gorag zolaklarynyň hukuk düzgünini bellemek;

- suw serişdeleriniň hapalanmagynyň, azalmagynyň öňüni almak we ýok etmek, olary rejeli we tygşytly peýdalanmak boýunça çäreleri görmek bilen, suw kanunçylygynyň talaplarynyň, suw üpjünçilik çeşmeleriniň sanitariýa gorag zolaklarynyň düzgüniniň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini guramak we amala aşyrmak;

- agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, agyz suwunyň howpsuzlygyny üpjün etmek we hilini gowulandyrmak boýunça maksatlaýyn döwlet, döwletara we sebitara maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak we döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek;

- ilatyň agyz suw üpjünçiligi çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

- degişli ugruň daşary ýurtly ýuridik şahslary we halkara guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak.

6. Suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

- ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

- ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegiň merkezleşdirilen ulgamlarynyň ösüşi boýunça maksatly döwlet, döwletara we sebitara maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşmak;

- agyz suwuny öndürmek üçin agyz suw üpjünçilik guramalaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça öz garamagyndaky degişli edaralaryň işini utgaşdyrmak;

- suw üpjünçilik çeşmeleriniň hapalanmagynyň öňüni almak we ony aradan aýyrmak boýunça zerur çäreleri geçirmek;

- degişli ugurly daşary ýurt ýuridik şahslary we halkara guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak.

7. Geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

- ýerasty süýji suwlaryň gorlarynyň döwlet hasaba alnyşy;

- ýerasty suwlaryň azalmakdan we hapalanmakdan goralmagyna döwlet gözegçiligi;

- ýerasty süýji suwlaryň hiline we ulanylyşyna birsyhly gözegçilik esasynda olaryň ýagdaýynyň monitoringi;

- ýerasty suwlaryň ýataklaryny Döwlet suw kadastryna girizmek;

- ýerasty süýji suwlary ulanmak we goramak bilen baglanyşykly taslamalary seljermek we ýerasty suwlara degişli beýleki suw hojalyk meseleleriniň çözülmegine gatnaşmak;

- ýerasty süýji suwlaryň ýataklaryny gözlemek, agtarmak we ulanmak bilen baglanyşykly işleri ygtyýarlylandyrmak.

 

71-nji madda. Agyz suw üpjünçilik guramalarynyň önümçilik borçlary

 

Agyz suw üpjünçilik guramalarynyň önümçilik borçlaryna şular degişlidir:

- baglaşylan şertnamalara laýyklykda abonentleriň suw üpjünçiligini, akdyrylýan lagym suwlarynyň kabul edilmegini, sowulmagyny we arassalanylmagyny üpjün etmek;

- agyz suwunyň howpsuzlygyny we zyýansyzlygyny, onuň standartlara we sanitariýa-gigiýena talaplaryna laýyklygyny üpjün etmek;

- özleriniň hasabynda durýan suw geçiriş-lagym ulgamlarynyň, suw alynýan sütünleriň we beýleki desgalaryň ýagdaýyna hem-de ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik barlagyny amala aşyrmak;

- agyz suwunyň ýitgileriniň garşysyna meýilnamalaýyn  göreş alyp barmak, daşky ulgamlarda suw syzmalaryny ýüze çykarmak, abonentleriň içki ulgamlaryndaky suw syzmalaryna, goýberilýän agyz suwunyň we merkezleşdirilen lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça edilýän hyzmatlaryň nyrhnamalarynyň berjaý edilişine, merkezleşdirilen lagym ulgamlaryna suwlaryň akdyrylyşyna we olara hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň bellenilen aňryçäk ýol berilýän kada görkezijileriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak;

- suw ölçeýji enjamlary bolmadyk abonentlerde suwy sarp edijileriň düzümine we sanyna barlag geçirmek;

- statistika babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan bellenilen görnüşler boýunça sarp edilýän suwuň mukdarynyň hasabyny we hasabatlylygyny alyp barmak;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda beýleki borçlary ýerine ýetirmek.

 

8-nji madda. Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda  ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeleri

 

Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipelerine şular degişlidir:

- ilaty agyz suwunyň hili we ony ulanmagyň bellenilen kadalary, tölegiň tertibi hakynda zerur maglumat bilen üpjün etmek;

- agyz suwunda howply hapalanmalar bar bolan mahalynda ondan peýdalanmagy wagtlaýynça gadagan etmek barada agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna we ilata habar bermek;

- agyz suw üpjünçiliginiň oba ýerlerindäki ulgamlaryny taslamalaşdyrmak, gurmak we ulanmak boýunça işler babatda  teklipleri bermek;

- agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlarynyň işi bozulsa we (ýa-da) berilýän agyz suwunyň hili degişli kadalaşdyryjy talaplara laýyk gelmedik mahalynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna habar bermek we degişli çäreleri görmek;

- agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň we çeşmeleriniň bilkastlaýyn hapalanmagynyň ýa-da olara zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak üçin goşmaça gorag çärelerini geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek.

 

III bap. Agyz suw üpjünçilik ulgamlary

 

9-njy madda. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamlary

 

1. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamlary sarp edijileri agyz suwy bilen üpjün etmekde esasy ulgam bolup durýarlar hem-de şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň durmuş üpjünçiliginiň möhüm strategik desgalaryna degişlidirler.

2. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamlarynyň ulanylmagyny amala aşyrýan agyz suw üpjünçilik guramalary şulara borçludyrlar:

ähli görkezijiler boýunça kadalaşdyryjy talaplara laýyk gelýän, agyz suwuny sarp edijilere bermek üçin ähli tehnologik şertleri ýerine ýetirmäge we bu maksat bilen hereket edýän Türkmenistanyň döwlet standartlarynda bellenilen döwürleýinlikde agyz suwunyň hiline önümçilik gözegçiligini amala aşyrmaga;

suwuň hasabyny ýöretmäge we sanitariýa gorag zolagyny göwnejaý ýagdaýda saklamaga;

adamlaryň köpçülikleýin bolýan edaralaryny (bilim, bejeriş, medeni, sport we beýleki ýerler) we azyk senagaty kärhanalarynyň önümçilik işini goşmak bilen, ilatyň içimlik we durmuş hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin agyz suwuny bermegiň bellenilen düzgünini üpjün etmäge. Beýleki kärhanalaryň önümçilik hajatlaryny üpjün etmek üçin agyz suwuny bermek diňe aýratyn ýagdaýlarda we ilatyň hem-de azyk senagatynyň hajatlaryny kanagatlandyrmaga zyýan ýetirmezden ony amala aşyrmagyň tehniki mümkinçilikleri bolan mahalynda ýol berilýär;

eger ilatyň agyz suwy bilen üznüksiz üpjünçiliginiň bozulmagyna getirýän bolsa, ýerüsti suw desgalarynyň hasabyna suwaryş suwlarynyň alternatiw çeşmeleriniň bar ýerlerinde agyz suwunyň suwaryş maksatlary üçin berilmegine ýol bermezlige.

3. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamlaryny ulanyjy edaralaryň agyz suwuny öndürmek üçin himiki reagentlere, materiallara, enjamlara we abzallara bolan zerurlyklary döwlet zerurlyklarynyň önümler nomenklaturasyna goşulýar we ilkinji nobatda kanagatlandyrylmaga degişlidir.

4. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamlarynyň abonentleri suwdan peýdalanmagy suw üpjünçilik kärhanalary bilen baglaşylan şertnamalar esasynda amala aşyrýarlar. Şertleşýän taraplar öz gatnaşyklarynda şertnamada görkezilen özara hukuklaryndan we borçlaryndan, şeýle hem agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan bellenilen düzgünlerden goldanýarlar.

Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamlarynyň abonentleri gurallar we resminamalar hasaba almasyny, agyz suwundan rejeli peýdalanmagy üpjün etmäge, şeýle hem şertnamalarda göz öňünde tutulan suwuň sarp ediliş mukdarynyň ýokarlandyrylmagy we şertnamalaryň beýleki şertleriniň bozulmagy üçin maddy jogapkärçilik çekmäge borçludyrlar.

5. Agyz suw önümçiliginde ulanylýan himiki reagentleri we beýleki önümleri üpjün ediji kärhanalar döwlet buýurmasyna we şertnamalaýyn borçlaryna laýyklykda olaryň öz wagtynda getirilmänligi, ilatyň saglygyna ýetirilmegi mümkin bolan maddy we ahlak zeperiň öweziniň dolunmagyny hasaba almak bilen olaryň standartlar we tehniki şertler bilen bellenilen hil kadalaryna gabat gelmeýänligi üçin jogapkärçilik çekýärler.

 

10-njy madda. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilmedik, özbaşdak we ulag serişdelerindäki ulgamlary

 

1. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilmedik we özbaşdak ulgamlary agyz suwunyň merkezleşdirilen ulgamynyň ýok ýerinde fiziki we ýuridik şahslary agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ulanylýar. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilmedik we özbaşdak ulgamlary üçin agyz suw üpjünçilik çeşmelerini saýlamagyň talaplary sanitariýa kadalary bilen bellenilýär.

2. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilmedik ulgamlarynyň eýeleri ýa-da olary işledýän adamlar şulara borçludyrlar:

ulgamlary kadalaşdyryjy talaplara laýyklykda agyz suwuny almagy üpjün edýän ýagdaýda saklamaga;

agyz suwunyň hiline kadalaşdyryjy gözegçiligi amala aşyrmaga we ony hasaba almaga;

agyz suwunyň hiline gözegçiligiň netijeleri barada sarp edijilere öz wagtynda habar bermäge.

3. Özbaşdak agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň eýeleri ýa-da olary işledýän adamlar ulgamlaryň guratlygyny we agyz suwunyň hiline gözegçiligi üpjün etmek boýunça meseleleri özbaşdak çözýärler.

4. Ulag serişdelerindäki agyz suw üpjünçilik ulgamlary şol serişdeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ulag serişdelerindäki agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň guratlygyna we bu ulgamlarda agyz suwunyň hiliniň kadalaşdyryjy talaplara laýyklygyna gözegçiligi ulag serişdeleriniň eýeleri üpjün edýärler.

 

11-nji madda. Agyz suw üpjünçiliginiň oba ýerlerindäki ulgamlary

 

1. Oba ýerlerindäki ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet, jemgyýetçilik we eýeçiligiň beýleki görnüşlerinde bolan suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen, merkezleşdirilmedik we özbaşdak ulgamlary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Agyz suw üpjünçiliginiň oba ýerlerindäki ulgamlarynyň eýeleri olaryň abat ýagdaýda saklanylmagy we sanitariýa talaplaryna laýyklykda agyz suwunyň howpsuzlygy üçin jogapkärçilik çekýärler.

3. Agyz suw üpjünçiliginiň oba ýerlerindäki ulgamlaryny ulanmak ýöriteleşdirilen edaralar tarapyndan şertnamalaýyn esasda ýa-da şol ulgamlaryň eýeleri bolup durýan edaralaryň ýöriteleşdirilen bölümleri tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

4. Agyz suw üpjünçiliginiň oba ýerlerindäki ulgamlaryny taslamalaşdyrmak, gurmak we ulanmak boýunça işler ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň üstüne ýüklenýär.

5. Agyz suw üpjünçiliginiň oba ýerlerindäki ulgamlarynyň gözleg işleri, taslamalary we gurluşygy ýerine ýetirilende karz bermek we zerur ýardamy üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda we zerur bolan materiallary we enjamlary ilkinji nobatda bermek bilen amala aşyrylýar.

6. Agyz suw üpjünçiliginiň oba ýerlerindäki ösüş maksatnamalaryny maliýeleşdirmek üçin halkara guramalarynyň we hususy telekeçileriň maýa goýumlaryny hem goşmak bilen maýa goýumlarynyň islendik görnüşini çekmäge ýol berilýär.

 

12-nji madda. Türkmenistanda agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň ösüşiniň üpjün edilişi we olaryň taslamalaşdyrylyşyna bolan umumy talaplar

 

1. Agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň ösüşi ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky döwlet we sebitara maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen üpjün edilýär. Agyz suw üpjünçiligi çäkleriň (welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň) durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryna hökmany suratda girizilmäge degişlidir.

2. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlaryny taslamak, gurmak we durkuny täzelemek çäkleri ösdürmek meýilnamalarynyň hasaplanyş görkezijilerine, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli ygtyýarlandyrylan edaralary tarapyndan tassyklanylýan gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine, sanitariýa düzgünlerine we kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaşdyrylyşyna bildirilýän umumy talaplar:

ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy, ýerasty baýlyklar, haýwanat dünýäsi, daşky gurşawy goramak, aýratyn goralýan tebigy ýerler, şypahanalar we bejeriş-sagaldyş ýerleri, ilaty we çäkleri tebigy we tehnogen häsiýetdäki adatdan daşary ýagdaýlardan goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýer, tokaý, suw kanunçylygynyň düzgünlerini berjaý etmekden;

adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin adatdan daşary ýagdaýlaryň kadalary boýunça suw üpjünçiliginiň ätiýaçlyk ulgamlaryny işläp taýýarlamakdan;

agyz suw üpjünçiligi babatda häzirki zaman tehnologiýalaryny, progressiw tehniki çözgütleri, tehnologik prosesleriň awtomatlaşdyrylmagyny ulanmakdan;

sazlamak we ulanmaga goýbermek boýunça işleri goşmak, şeýle hem suw üpjünçilik desgalary boýunça taslama-smeta resminamalarynyň düzüminde ulanyş boýunça tehnologik dessurlaryň işlenilip taýýarlanylmagyndan;

suw sarp ediş desgalaryny ösdürmegiň baş meýilnamasyna laýyklykda agyz suw üpjünçiliginiň gurulýan we durky täzelenýän ulgamlarynyň kuwwatlylygyny kesgitlemekden;

suw üpjünçilik çeşmelerinden suwuň rugsat edilýän saýlap alyş möçberini, agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň kuwwatlylygyny ýokary galdyrmazlykdan;

şu aşakdakylary hasaba almak bilen, suw sarp edilişiniň gije-gündiziň dowamynda iň ýokary möçberinde onuň deň derejede we üznüksiz berilmegini üpjün edýän agyz suwuny taýýarlaýyş stansiýalarynyň kuwwatlylygyny bellemekden:

- öňüni alyş gözden geçirilişleri, arassalamak, meýilnama-duýduryş abatlamalary  üçin olaryň aýry-aýry desgalarynyň birwagtda ýapylmagyndan;

- stansiýanyň öz hajatlary üçin suwy harçlamagyndan;

- stansiýanyň arassa suw howdanlarynda ýangyna garşy üç sagatlyk suw gorunyň saklanýan şertlerinde ýangyny söndürmekden;

agyz suwuny taýýarlaýjy stansiýalary gurmagyň we desgalary bina etmegiň taslamalarynda agyz suw üpjünçilik çeşmesinde  adaty şertlerde  hem-de suwuň hiliniň möwsümleýin üýtgemeleriniň şertlerinde onuň hil kadalaryna laýyk gelmegini üpjün edýän tehnologiýalaryň ulanylmagyny hökmany göz öňünde tutmakdan;

deňeşdirilýän tehnologiýalaryň tehniki-ykdysady görkezijilerini we suw taýýarlaýyş stansiýalarynyň ulanylyşynyň hasaplaýyş möhletine ýerasty suw çeşmeleriniň we ýerüsti suwlaryň hiliniň üýtgemegine çak bilen berilýän bahalary hasaba almak bilen agyz suwy taýýarlaýyş tehnologik çyzgylary esaslandyrmakdan we saýlamany amala aşyrmakdan;

tebigy (daşgynlar we beýlekiler) we antropogen gelip çykyşly durnuksyzlaşdyryjy faktorlaryň agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlaryna täsir etmek mümkinçiligini hasaba almakdan ybaratdyr.

 

13-nji madda. Agyz suw üpjünçilik ulgamlaryndan peýdalanyjylaryň we agyz suwuny sarp edijileriň hukuklary we borçlary

 

1. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlaryndan peýdalanyjylaryň ulgamlardan agyz suwuny sarp etmek üçin agyz suw üpjünçilik edaralary bilen baglanyşylan şertnama esasynda ulanmaga hukugy bardyr.

 Şertleşýän taraplaryň özara hukuklary we borçlary Türkmenistanda agyz suw üpjünçilik we suw sowujy ulgamlaryndan peýdalanmagyň Düzgünleri we şu aşakdaky esasy şertleri göz öňünde tutýan şertnamalar bilen bellenilýär: 

agyz suwuny bermegiň kadasy (üznüksiz ýa-da grafik boýunça sagatlaýyn);

berilýän suwuň mukdary (agyz suwuny sarp etmegiň ýa-da belli bir çäkli sarp etmegiň kadalaryna laýyklykda);

agyz suwunyň hil kepillikleri (hemişe kada gabat gelmegi);

ulanyş jogapkärçiliginiň araçäkleri;

peýdalanýanlara suw bermek kadasynyň üýtgemegi we onuň hili  hakynda öz wagtynda habar bermek;

peýdalanyjylaryň agyz suwuny sarp edişleriniň gural we resminama taýdan hasaba alnyşyny amala aşyrmak;

bellenilen nyrha laýyklykda tölegleri öz wagtynda tölemek;

şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça özara talaplary bildirmegiň şertleri, şeýle hem şertnamanyň düzgünleriniň bozulmagy üçin taraplaryň jogapkärçiligi.

Türkmenistanda agyz suw üpjünçilik we suw sowujy ulgamlaryndan peýdalanmagyň Düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Agyz suwuny sarp edijileriň agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlaryndan ilkinji nobatdaky tertipde agyz suwy bilen üpjün edilmäge we peýdalanmaga hukugy bardyr.

Jaýlaryň içindäki agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we özbaşdak ulgamlaryndan sarp edijilere agyz suwuny bermek agyz suw üpjünçiliginiň öýler boýunça paýlanyş ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylýar. 

Agyz suwuny sarp edijileriň aýratyn toparlary üçin suw geçirijilerine birikdirmek, ulanmak we agyz suwunyň üpjünçiligi üçin töleg boýunça ýeňillikler Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen sanawa laýyklykda bellenilýär.

Agyz suwuny sarp edijileriň hukuklary şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kepillendirilýär.

 

IV bap. Agyz suw üpjünçiliginiň kepillikleri

 

14-nji madda. Ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegiň döwlet kepillikleri

 

1. Türkmenistanyň çäginde her bir adama bellenilen hil kadalaryna jogap berýän, agyz suwuny sarp etmegiň kadalaryna laýyk gelýän mukdarda  agyz suwy bilen üpjün etmek kepillendirilýär.

2. Ilatyň ýaşaýan ýerlerindäki agyz suwuna bolan isleglerini kanagatlandyrmak agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen (ileri tutulýan) ýa-­da merkezleşdirilmedik ulgamlarynyň ösdürilmegine, ätiýaçlyk agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň döredilmegine gönükdirilen çäreler, şeýle hem şu Kanuna laýyklykda agyz suw üpjünçiligine döwlet goldawy, düzgünleşdirmesi we gözegçiligi arkaly amala aşyrylýar.

3. Fiziki şahslaryň jemgyýetçilik ýerlerinde (menzillerde, seýilgählerde, suwa düşülýän ýerleriň kenarlarynda we beýleki ýerlerde) bolan döwründe, şeýle hem ulag serişdelerinde üç sagatdan artyk ýol geçen mahalynda olar agyz suwy bilen, şol sanda mugt, ady agzalan desgalaryň eýeleri tarapyndan üpjün edilýär.

4. Raýatlaryň aýratyn toparlaryna we olaryň maşgala agzalaryna agyz suwundan ýeňillikli ýa-da mugt peýdalanmaga bolan hukuk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde berilýär.

 

15-nji madda. Agyz suwunyň hiliniň üpjünçiliginiň kepillikleri

 

Sarp edijileriň alýan agyz suwunyň hili kadalaşdyryjy talaplara laýyk gelmelidir we aşakdakylar bilen üpjün edilmelidir:

agyz suw üpjünçiliginiň çeşmesini we suwy arassalamagyň degişli tehnologiýasyny saýlamak;

çeşmedäki suwuň hiline gündelik gözegçilik geçirmek (şol sanda awtomatizasiýalaşdyrylan);

agyz suw üpjünçilik ulgamlarynda adam üçin howpsuzlygy we zyýansyzlygy tassyklaýan degişli güwanamalary bar bolan enjamlary, materiallary, reagentleri ulanmak;

bellenilen tertipde hünär synagyndan geçen ýa-da akkreditirlenen agyz suw üpjünçilik guramalarynyň barlaghanalary tarapyndan kadalaşdyryjy resminamalar bilen göz öňünde tutulan usullar boýunça agyz suwunyň hiline yzygiderli önümçilik gözegçiligini amala aşyrmak. Öz barlaghanalary bolmadyk guramalar tarapyndan agyz suw üpjünçilik ulgamlary ulanylanda bellenilen tertipde akkreditirlenen barlaghanalar bilen şertnamalaýyn esasda agyz suwunyň hiline gözegçilik edilip bilner;  

agyz suwuna we agyz suw üpjünçilik çeşmelerine kadalaşdyryjy talaplary täze ylmy maglumatlaryň esasynda her bäş ýylda bir gezek bellemek we gaýtadan gözden geçirmek;

sanitariýa gorag zolaklaryny we agyz suwunyň tötänleýin ýa-da bilkastlaýyn hapalanmakdan goragynyň beýleki görnüşlerini bellemek arkaly merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik agyz suw üpjünçilik çeşmelerini we ulgamlaryny goramak; 

ýerli şertleri hasaba almak bilen agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlarynda agyz suwunyň birkysmy we iş maksatnamalaryny hem-de hiline gözegçilik kadalaryny işläp taýýarlamak;

agyz suw üpjünçiliginiň ýerasty suwlarynyň gatlalarynyň gurluşlaryny taslamak we ulanmagyň düzgüni boýunça geologiýa babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasynyň gidrogeologik gullugynyň tekliplerini berjaý etmek;

adamlaryň saglygyna howp dörände ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşyp, agyz suwunyň hiline gözegçilik etmegiň wagtlaýyn güýçlendirilen düzgünini girizmek.

 

16-njy madda. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlarynyň işi bozulan halatynda agyz suwy bilen üpjünçiligiň kepillikleri

 

Sarp edijilere agyz suwuny bermegiň bellenilen düzgüniniň üýtgemegine getiren, agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlarynyň işi bozulan we (ýa-da) olaryň hiliniň agyz suw üpjünçiliginiň bellenilen kadalaryň talaplaryna laýyk gelmedik mahalynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylygyna laýyklykda, şeýle hem agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň eýeleri we guramalary şular ýaly ýagdaýlar üçin agyz suwuny sarp etmegiň kadalary bilen bellenilen mukdarda agyz suwuny sarp edijilere bermek boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.

Görkezilen çäreleri amala aşyrmak üçin şu aşakdakylar ulanylýar:

ätiýaçlyk çeşmeleri we agyz suw üpjünçilik ulgamlary;

agyz suw üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamlarynyň çeşmeleri;

suwy arassalamagyň we zyýansyzlandyrmagyň durmuş we toparlaýyn tehniki serişdeleri;

toparlaýyn ulanmak üçin agyz suwunyň gaplanan görnüşde ýa-da gaplarda (sisternalarda) mugt esasda getirilmegi.

Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlarynyň işiniň bozulmagy bilen baglanyşykly ýagdaýlar üçin çäreleriň sanawy degişli ilatly ýeriň sarp edijilerini agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça derhal hereketleriň meýilnamasy bilen kadalaşdyrylýar.

 

17-nji madda. Agyz suw üpjünçiligi babatda adatdan daşary ýagdaýlarda agyz suwy bilen üpjün etmegiň kepillikleri

 

1. Adatdan daşary ýagdaýlarda (awariýalarda, heläkçiliklerde, tebigy betbagtçylyklarda we beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlarda) agyz suw çeşmeleriniň hapalanmagy, suw arassalaýjy we zyýansyzlandyryjy ulgamlaryň hatardan çykmagy, agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň hatardan çykmagy, suw ulgamlarynda şu ýagdaýlar sebäpli sarp edijilere bir günden artyk suw berilmedik ýagdaýynda ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegi guramak degişli ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Agyz suw üpjünçiligi babatda adatdan daşary ýagdaýlary çaklamak, sarp edijileri agyz suwy bilen kadalaşdyryp üpjün etmek we olary durmuşa geçirmek raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen bilelikde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, şeýle hem agyz suw üpjünçilik guramalary tarapyndan amala aşyrylýar.

Şunda aşakdakylar bellenilýär:

suw üpjünçiliginiň goşmaça çeşmeleri we suwy almak hem-de bermek üçin ätiýaçlyk desgalarynyň we gurluşlarynyň bolmagy;

agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek üçin materiallaryň, enjamlaryň we tehnikalaryň kadaly gorunyň bolmagy;

ilata agyz suwuny eltmegiň ýollary we şertleri.

3. Adatdan daşary ýagdaýlarda ilaty agyz suwy bilen kadalaşdyryp üpjün etmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, ýerli býujetleriň hem-de adatdan daşary ýagdaýlary we olaryň netijelerini ýok etmek üçin niýetlenen beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

 

18-nji madda. Agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet gözegçilik barlagygözegçiligi we hasaba alnyşy

 

1. Agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we olaryň ýerlerdäki edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Agyz suw üpjünçilik çeşmelerini döwlet tarapyndan hasaba almak Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan olaryň düzgünnamalaryna laýyklykda Döwlet suw kadastryna girizmek arkaly amala aşyrylýar.

3. Sarp edilýän agyz suwunyň hilini döwlet tarapyndan hasaba almak we onuň bellenilen kadalara laýyklygyna gözegçilik etmek sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamlaryndan sarp edilýän suwuň mukdaryny hasaba almak ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, şeýle hem degişli edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Agyz suwuna Türkmenistanyň döwlet standartlarynyň talaplarynyň berjaý edilişine, şeýle hem ilatyň agyz suw üpjünçiliginde ulanýan barlaglaryň ýagdaýlaryna we usullaryna döwlet gözegçilik barlagy sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Agyz suw üpjünçilik desgalary taslamalaşdyrylanda we gurlanda gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilişine döwlet gözegçilik barlagy ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Agyz suw üpjünçilik desgalary taslamalaşdyrylanda döwlet gözegçilik barlagy ekologiýanyň talaplaryndan, ilatyň saglygyny we daşky gurşawy goramakdan, enjamlaryň we reagentleriň laýyk gelşiniň, suwy arassalamagyň tehnologiýasynyň we ol ýa-da beýleki görnüşiň maksadalaýyklygyndan ugur alnyp amala aşyrylýar. Zerur bolanda taslamanyň garaşsyz barlagy geçirilip bilner.

6. Agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet gözegçilik barlagy, gözegçiligi we hasaba alnyşy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

19-njy madda. Agyz suw üpjünçilik çeşmeleriniň we ulgamlarynyň goragy

 

1. Agyz suw üpjünçilik çeşmelerini we ulgamlaryny hapalanmakdan goramak agyz suwunyň howpsuzlygyny we zyýansyzlygyny üpjün etmegiň hökmany şerti bolup durýar. Ol ýerüsti, ýerasty suw desgalarynyň suwunyň hapalanmagynyň we egsilmeginiň  öňüni almak boýunça çäreleriň, sanitariýa we ekologik hem-de beýleki talaplaryň ýerine ýetirilmegi bilen, şeýle hem agyz suwunyň çeşmeleriniň we ulgamlarynyň sanitariýa gorag zolaklaryny döretmek we bu zolaklar üçin göz öňünde tutulan düzgünleri berjaý etmek arkaly gazanylýar.

2. Sanitariýa gorag zolaklary hemme suw çeşmelerinde, şeýle hem eýeçiliginiň görnüşine garamazdan agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlarynda olaryň bilkastlaýyn ýa-da tötänleýin hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen gurnalýar.

3. Sanitariýa gorag zolaklarynyň çäklerinde hojalyk, senagat we gurluşyk işlerini geçirmek, agyz suw üpjünçiliginiň çeşmelerine durmuş-hojalyk, oba hojalyk, senagat we beýleki lagym suwlarynyň guýulmagy, şeýle hem oba hojalyk ekinlerini ekmek, awuly himikatlary, mineral dökünleri ulanmak, öý haýwanlaryny we  guşlary saklamak hem bakmak gadagandyr.

4. Sanitariýa gorag zolaklaryny guramak, olary taslamalaşdyrmagyň we ulanmagyň tertibi, sanitariýa gorag zolaklaryna girýän çäkleriň (guşaklaryň) serhetlerini we olarda suwy goramaga degişli düzgünleri bellemek, sanitariýa-gorag çäreler toplumyny, şol sanda gorag zolaklarynyň çäklerinde amala aşyrylmagy çäklendirilýän we gadagan edilýän dürli görnüşli işleriň sanawyny kesgitlemek sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylýan sanitariýa kadalary hem-de düzgünleri bilen kadalaşdyrylýar.

Ýerasty suw üpjünçilik çeşmeleriniň sanitariýa gorag zolaklaryny guramak boýunça hasaplama we maslahatlar (süýji suwlaryň ýataklarynda) geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň gidrogeologik düzüm birlikleri tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Sanitariýa gorag zolaklarynda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi we düzgünleriň berjaý edilmegi şularyň üstüne ýüklenýär:

birinji guşagyň çäklerinde – agyz suw üpjünçilik guramasynyň;

ikinji we üçünji guşaklaryň çäklerinde – ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, şol çäklerde hojalyk işini amala aşyrýan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, hususy telekeçileriň we beýleki şahslaryň.

Sanitariýa gorag zolaklarynda toplumlaýyn çäreleriň geçirilişine we düzgünleriň berjaý edilişine gözegçiligi sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň gidrogeologiýa edaralary, şeýle hem daşky gurşawy we tebigy baýlyklary goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy amala aşyrýarlar.

6. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň we çeşmeleriniň bilkastlaýyn hapalanmagynyň ýa-da olara zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak üçin goşmaça gorag çäreleri barada çözgüt kabul edip bilýärler.

 

20-nji madda. Agyz suw üpjünçiligi babatda güwälendirme 

 

1. Şu aşakdakylar hökmany güwälendirmä degişlidir:

gaplanan görnüşinde (çüýşelerde ýa-da beýleki gaplarda) sarp edijilere ýerlemek üçin niýetlenilen agyz suwy;

suwy arassalamagyň we zyýansyzlandyrmagyň durmuşda ulanylýan hususy we toparlaýyn tehniki serişdeleri;

agyz suw üpjünçilik ulgamlarynda ulanylýan tehnologik prosesler, materiallar, reagentler, enjamlar we beýleki serişdeler.

2. Şu aşakdakylar bolan halatynda çüýşeli agyz suwuny öndürmäge we ýerlemäge rugsat berilýär:

içmek maksatlary bilen ulanmak üçin suw üpjünçilik çeşmeleriniň suwunyň ýaramlylygy hakynda sanitariýa-epidemiologiýa netijenamasy;

gaplamak üçin taýýarlanylan suwuň, gaplamak üçin niýetlenen suwy taýýarlamak we konserwirlemek usullarynyň, suwy gaplamak üçin gaplaryň sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyklygy hakyndaky sanitariýa-epidemiologiýa netijenamasy;

taýýar önüme we onuň taýýarlanmak prosesine sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen bellenilen tertipde ylalaşylan we tassyklanylan kadalaşdyryjy we tehnologik resminamalary;

sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylan gaplanylan agyz suwunyň hiline önümçilik gözegçiliginiň maksatnamalary.

3. Agyz suw üpjünçiligi babatda güwälendirme Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

21-nji madda. Agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlylandyrma

 

Sarp edijileri çüýşelere gaplanan agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça iş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir.

 

22-nji madda. Agyz suw üpjünçilik meseleleri boýunça maglumatlar

 

1. Agyz suw üpjünçilik guramalary we agyz suwunyň hiliniň kadalaşdyrylan talaplara laýyklygyna gözegçilik edýän edaralar suwuň hiliniň kadalara laýyklygy barada agyz suwuny sarp edijilere maglumat bermäge borçludyrlar.

2. Agyz suwunyň hiliniň kadalaşdyrylan talaplara laýyk gelmedik we netijede ilatyň saglygyna howp döredýän ýagdaýlar ýüze çykarylanda agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň eýeleri, agyz suw üpjünçiliginiň guramalary we agyz suwunyň hiliniň kadalaşdyrylan talaplara laýyklygyna gözegçiligi amala aşyrýan edaralar agyz suwuny sarp edijilere bu hadysalaryň öňüni almak möhletini görkezmek bilen gyssagly habar bermelidirler, şeýle hem agyz suwy ulanylanda ýerine ýetirilmeli ätiýaçlyk çäreleri barada (suwuň goşmaça arassalanmagynyň usullary), kadalaşdyryjy talaplara laýyk gelýän agyz suwunyň berilýän ýeri we wagty barada duýdurmalydyrlar.

3. Agyz suwunyň hili baradaky habar berme hökmany häsiýete eýedir we bu iş agyz suwunyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan edaralaryň bermegi esasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýa-da beýleki usullar arkaly mugt amala aşyrylýar.

4. Agyz suwunyň sarp edijilere berilmeginde bolmagy mümkin bolan bökdençlikler barada maglumatlar agyz suw üpjünçilik guramalary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan hökmany ýagdaýda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýa-da beýleki usullar arkaly mugt berilýär.

5. Agyz suwunyň hili we agyz suwunyň sarp edijilere berilmeginde bökdençlikleriň bolmagy barada maglumatlaryň öz wagtynda berilmegini guramak we gözegçilik etmek ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

V bap. Agyz suw üpjünçiliginiň ykdysadyýeti

 

23-nji madda. Agyz suw üpjünçilik ulgamlaryna eýeçilik

 

1. Agyz suw üpjünçilik ulgamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet, jemgyýetçilik eýeçiliginde we eýeçiligiň beýleki görnüşlerinde bolup biler.

2. Şäherleriň hem-de beýleki ilatly ýerleriň döwlet eýeçiliginde bolan agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlary hususylaşdyrylmaga degişli däldir.

Hojalygy ýörediji döwlet subýektiniň biriniň ygtyýarynda durýan agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlaryny hojalygy ýörediji döwlet subýektiniň başga biriniň ygtyýaryna berilmegine şeýle geçişiň şol ulgamlaryň işleýiş düzgünini we sarp edijileriň agyz suw üpjünçiligini bozmaýan şertlerinde ýol berilýär.

3. Döwlete dahylsyz eýeçilikde durýan agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlaryna eýeçilik hukugynyň geçmegine ýa-da onuň görnüşiniň üýtgemegine şu geçişiň ýa-da üýtgemäniň şol ulgamlaryň işleýiş düzgünini we sarp edijileriň agyz suw üpjünçiligini bozmaýan şertlerinde ýol berilýär.

4. Durmuş üpjünçiliginiň aýratyn möhüm strategik desgalary hökmünde diňe döwlet eýeçiliginde bolmaly agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

 

24-nji madda. Agyz suw üpjünçiliginiň maliýeleşdirilişi

 

1. Agyz suw üpjünçiligini maliýeleşdirmegiň çeşmelerine:

agyz suw üpjünçiligi üçin peýdalanyjylaryň we sarp edijileriň töleginden gelýän serişdeler;

agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmagyň we ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri we Türkmenistanyň beýleki döwlet serişdeleri;

ýerli býujetleriň serişdeleri;

agyz suw üpjünçiliginiň ösdürilmegine raýatlaryň we (ýa-da) ýuridik şahslaryň goşýan serişdeleri;

Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler degişlidir.

Ikinji bölegi Türkmenistanyň 01.12.2018 ý. № 104-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

 

25-nji madda. Agyz suw üpjünçiligine nyrhlar

 

1. Ilat üçin agyz suwunyň we merkezleşdirilen lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça edilýän hyzmatlaryň nyrhlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

2. Ilat üçin agyz suwunyň möçberleri we ony ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan agyz suwuny sarp ediji ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üçin agyz suwunyň, merkezleşdirilen lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça edilýän hyzmatlaryň nyrhlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

 

26-njy madda. Agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet goldawy

 

Ýeňillikli karzlary, gümrük we beýleki ýeňillikleri bermek görnüşinde döwlet goldawy talap edilýän hil kadalarynda agyz suwuny almak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmaga, şeýle hem  sarp edijilere suwy sarp edijilik kadalaryna laýyklykda agyz suwuny bermegiň üznüksiz düzgüniniň kepilliklerini bermäge gönükdirilýär.

Ilatly ýerleriň agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlarynyň eýelerine, agyz suw üpjünçilik kärhanalaryna, şeýle hem agyz suw üpjünçiliginiň hajatlary üçin enjamlary, materiallary we reagentleri öndürýän kärhanalara ýeňillikli karzlary, gümrük hem-de beýleki ýeňillikleri berilmegiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

VI bap. Agyz suw üpjünçiligi babatda düzgün 

bozulmalar üçin jogapkärçilik we jedelleri çözmek

 

27-nji madda. Agyz suw üpjünçiligi babatda gatnaşyklar bilen baglanyşykly emläk jedellerini çözmek

 

Agyz suw üpjünçiligi babatda gatnaşyklar bilen baglanyşykly emläk jedelleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan çözülýär.

 

28-nji madda. Ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek babatda hukuk bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Agyz suw üpjünçiligi babatda hukuk bozulmalaryny amala aşyrmakda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

29-njy madda. Agyz suwunyň kadalaşdyryjy talaplara laýyk gelmezligi netijesinde ilatyň saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

Ilatyň agyz suw üpjünçilik ulgamlaryndan ýa-da agyz suwy üçin niýetlenen gaplardan bellenilen kadalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän agyz suwunyň sarp edilmeginiň netijesinde olaryň saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zyýan ýetiriji tarapyndan doly möçberde tölenmäge degişlidir.

 

30-njy madda. Agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň eýelerine we (ýa-da) agyz suw üpjünçilik guramalaryna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

Аgyz suw üpjünçilik ulgamlaryndan peýdalanmak düzgünlerini, sanitariýa düzgünlerini we kadalaryny berjaý etmezlik, desgalara, enjamlara, suw geçiriji ulgamlara zeper ýetirmek, awariýa-dikeldiş işlerini geçirmekde päsgelçilikleri döretmek, suw üpjünçilik ulgamlarynyň kadaly işini üpjün etmekde ýa-da agyz suw üpjünçilik çeşmelerini hapalamak arkaly agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň eýelerine we (ýa-da) agyz suw üpjünçilik guramalaryna ýetirilen zyýan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zyýan ýetiriji tarapyndan doly möçberde tölenilmäge degişlidir.

 

VII bap. Jemleýji düzgün

 

31-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi 

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                                   Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

№ 136-IV.