TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk
edaralary hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 1-2, 6-njy madda)
(Türkmenistanyň 09.06.2018 ý. № 41-VI Kanuny esasynda
girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralarynyň işiniň hukuk esaslaryny, şolaryň açylyşynyň we hereket etmeginiň tertibini, konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlaryny we işgärlerini bellemegiň tertibini, şeýle hem Türkmenistanyň, onuň graždanlarynyň, we daşary ýurtlardaky ýuridik taraplaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak barada konsulyň wezipelerini kesgitleýär.
I bap
UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda
Kanunda getirilýän adalgalaryň (terminleriň) şu aşakdaky manysy bardyr:
"konsul" diýlip, konsullyk edarasynyň baştutany bolup durýan baş konsula, konsula, wise-konsula ýa-da konsullyk agente aýdylýar;
"konsullyk wezipeli adam" diýilmegi konsullyk edarasynyň ýolbaşçysyny hem goşmak bilen, öz üstüne konsullyk wezipesini ýerine ýetirmek ýüklenen islendik adamy aňladýar, şeýle hem konsullyk edaralarynda işlär ýaly taýýarlyk görmek üçin konsullyk edarasyna komandirowka iberilen adama, ýagny stajera diýilýär;
"konsullyk edarasynyň işgäri" diýilmegi konsullyk edarasynda administratiw ýa-da tehniki wezipeleri ýa-da konsullyk edaralaryna hyzmat etmek wezipelerini ýerine ýetirýän islendik adamy aňladýar;
"maşgala agzasy" diýilmegi konsullyk edarasynyň işgäriniň, aýalyny (adamsyny), onuň çagalaryny we ata-enesini, şeýle hem onuň aýalynyň (adamsynyň) olar bilen bile ýaşaýan we olaryň eklenjinde bolan ata-enesini aňladýar;
"konsullyk okrugy" diýilmegi konsullyk wezipelerini berjaý etmek üçin konsullyk edarasyna degişli edilen raýony aňladýar;
"konsullyk jaýlary" diýilmegi diňe konsullyk edarasynyň maksatlary üçin peýdalanylýan jaýy ýa-da jaýyň bir bölegini we eýeçilik hukugynyň kime degişlidigine garamazdan, şol jaýa ýa-da jaýyň bir bölegine hyzmat edýän ýer uçastogyny anladýar;
"konsullyk arhiwleri" diýlip, ähli dokumentlere, hatlara, kitaplara, filmlere, ses we wideoýazgylarynyň, lentalaryna, şeýle hem şifrleri we kodlary bilen bilelikde konsullyk edarasynyň reestrlerini, kartotekalaryny, saklanylmagyny ýa-da ýygnalyp goýulmagyny üpjün etmek üçin niýetlenen guramaçylyk tehnikasynyň we goşlarynyň islendik harytlaryny özünde jemleýän zatlara aýdylýar.
2-nji madda
Türkmenistanyň konsullyk edaralary daşary ýurtlarda Türkmenistanyň we onuň ýuridik taraplarynyň we graždanlarynyň, hukuklaryny we bähbitlerini goraýarlar.
Konsullyk edaralary Türkmenistanyň başga döwletler bilen dostlukly gatnaşyklarynyň ösmegine, ykdysady, söwda, ylmy-tehniki¸ medeni aragatnaşyklarynyň, we syýahatyň ýaýbanlandyrylmagyna ýardam edýärler.
3-nji madda
Türkmenistan öz konsullyk edaralaryny konsullyk aragatnaşyklary ýola goýlan döwletlerde açýar.
Konsullyk aragatnaşyklaryny ýola goýmak barada aýratyn ylalaşygyň bolmadyk ýagdaýynda, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy konsullyk aragatnaşyklarynyň hem ýola goýlandygyny aňladýar.
Türkmenistanyň konsullyk edaralary Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen açylýar we öz işini bes edýär. Konsullyk edaralaryny açmak baradaky deslapky ylalaşyk ikitaraplaýyn döwletara şertnamalary, ylalaşyklary we protokollary essynda alnyp barylýar.
4-nji madda
Konsullyk edaralary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny, Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen normalaryny we Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryny goldanýarlar.
5-nji madda
Konsullyk edaralary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň sistemasyna girýärler we öz işlerinde oňa hasabat berýärler.
Konsullyk edaralary öz ýerleşýän ýurdunda Türkmenistanyň şol döwletdäki diplomatik wekilhanasynyň baştutanynyň umumy ýolbaşçylygynda hereket edýärler.
6-njy madda
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary şu aşakdaky klaslara bölünýär, ýagny:
- baş konsullyklar;
- konsullyklar;
- wise konsullyklar;
- konsullyk agentlikleri.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň konsullyk bölümlerine konsullyk bölümleriniň müdirleri, ýagny baş konsul ýa-da konsul diýlip atlandyrylýanlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär.
7-nji madda
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýok döwletlerinde, konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň razyçylyk bermegi bilen konsullyk edaralarynyň üstüne diplomatik wezipeler hem ýüklenilip bilner.
8-nji madda
Türkmenistanyň konsullyk edarasy öz ýerleşýän döwletiniň razylyk bermegi bilen, şol döwletletde üçünji döwletletiň, adyndan konsullyk wezipelerini berjaý edip biler.
Türkmenistanyň, adyndan konsullyk wezipelerini üçünji bir döwletde ýerleşýän daşary döwletlerň konsullyk edarasy hem berjaý edip biler.
Türkmenistanyň konsullyk edarasy öz ýerleşýän döwletiniň razyçylygy bilen we üçünji döwlet tarapyndan garşylygy bolmadyk ýagdaýynda, şol üçünji döwletde konsullyk wezipelerini berjaý edip biler.
9- njy madda
Konsullyk edarasynyň ýerleşýän ýeri, klasy we konsullyk okrugy, onuň ýerleşýän döwleti bilen ylalaşylyp kesgitlenilýär.
10-njy madda
Konsullyk edaralary ýuridik tarap bolup durýar we Türkmenistanyň döwlet gerbiniň şekili çekilen we özleriniň, ady döwlet we iňlis dillerinde ýazylan möhüri bardyr.
11-nji madda
Konsullyk edarasynyň jaýynyň üstüne we onuň baştutanynyň rezidensiýasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylýar, şeýle hem Türkmenistanyň, Döwlet gerbiniň şekili çekilen we ady degişli döwlet dilinde we onuň ýerleşýän ýurdunyň dilinde ýazylan ýazgy tagtasy oturdylýar.
12-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralarynyň emlägi Türkmenistanyň emlägi bolup durýar.
II bap
KONSULLYK EDARALARYNYŇ PERSONALY
13-nji madda
Diňe Türkmenistanyň graždany konsullyk wezipeli adam bolup biler.
Konsullyk edarasynyň, ýerleşýän döwletiniň graždanlary konsullyk edarasynyň işgärleri bolup bilerler. Olary işe kabul etmek we işden boşatmak konsullyk edarasynyň, ýerleşýän döwletiniň Daşary işler ministrligine mälim etmek arkaly amala aşyrylýar.
14-nji madda
Konsul Türkmenistanyň Daşary işler mnnistriniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen wezipä bellenilýär we wezipesinden boşadylýar.
Konsul wezipä bellenende Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýazmaça ygtyýarlylygyny - konsullyk patentini alýar.
15-nji madda
Konsul konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletinden razylyk (ekzekwatura) alanyndan soňra, öz wezipelerini ýerine ýetirmäge girişýär.
16-njy madda
Eger konsul haýsydyr bir sebäplere görä öz wezipelerini ýerine ýetirip bilmese ýa-da konsullyk wezipesi wagtlaýyn boş bolsa, onda konsulyň wezipesini ýerine ýetirmeklik Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan Türkmenistanyň şol ýa-da başga konsullyk edarasynyň, ýerleşýän döwletindäki başga bir konsullyk wezipeli adamynyň ýa-da Türkmenistanyň şol döwletdäki dimlomatik wekilhanasynyň diplomatik personalynyň agzalarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.
17-nji madda
Konsullyk wezipeli adamlar we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň konsuldan özgesi Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan bellenilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletine konsullyk wezipeli adamyny, konsuldan özgesiniň we konsullyk edarasynyň işgäriniň adyny, familiýasyny, wezipesini, diplomatik rangyny öňünden habar berýär, şeýle hem olaryň barjak senesini mälim edýär.
18-nji madda
Konsullyk wezipeli adama halkara guramalarynda Türkmenistana wekilçilik etmeklik tabşyrylyp bilner, bu barada Türkmsnistana konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletine deslapdan habar berilmelidir.
Halkara guramasynda Türkmenistanyň wekilliginiň ýolbaşçysy ýa-da şol wekilligiň başga bir wezipeli işgäri onuň ýerleşýän döwletiniň razylygy bilen, Türkmenistanyň konsullyk wezipeli adamy hökmünde hem bellenilip bilner.
19-njy madda
Daşary ýurtlardaky konsullyk wezipeli adamlar öz şahsy bähbitleri üçin professional ýa-da kommersiýa işi bilen meşgullanyp bilmezler.
20-nji madda
Eger Türkmenistan bilen konsullyk edarasynyň ýerleşýän ýurdunyň arasynda ikitaraplaýyn ylalaşyklar arkaly özge hili ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda konsullyk wezipeli adamlar, konsullyk edaralarynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary konsullyk gatnaşyklary hakynda 1963-nji ýylda kabul edilen Wena konwensiýasynda göz öňünde tutulan ýeňilliklerden we immuniteterden peýdalanýarlar.
III bap
KONSULLYK WEZIPELERINI ÝERINE ÝETIRMEGIŇ TERTIBI
21-nji madda
Konsullyk wezipeli adamlar we konsullyk edarasynyň işgärleri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary onuň ýerleşýän döwletlerniň kanunlaryny berjaý etmäge we dessurlaryny hormatlamaga borçludyrlar.
22-nji madda
Konsul öz üstüne ýüklenen wezipeleri hut özi ýerine ýetirýär ýa-da şolaryň ýerine ýetirilmegini başga bir konsullyk wezipeli adama tabşyrýar.
23-nji madda
Konsul konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň häkimiýetlerine öz konsullyk okrugynyň çäklerinde konsullyk edaranyň işi bilen baglanyşykly bolan ähli meseleler boýunça ýüz tutup biler.
24-nji madda
Konsul ýylda azyndan bir gezek öz konsullyk okrugyna aýlanyp görmäge borçludyr.
25-nji madda
Konsullyk wezipeli adamlaryň we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine aýdylýan şikaýatlara tabynlyk tertibine görä seredilýär.
26-njy madda
Konsul şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipelerden özge wezipeleri, eger şolar Türkmenistanyň we konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň, kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa, ýerine ýetirip biler.
IV bap
TÜRKMENISTANYŇ ÝURIDIK TARAPLARY WE GRAŽDANLARY BABATYNDA KONSULYŇ WEZIPELERI
27-nji madda
Konsul Türkmenistanyň graždanlarynyň we ýuridik taraplarynyň konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň kanunçylygy we Türkmenistanyň hem konsulyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň gatnaşmaklaryndaky halkara şertnamalary, şeýle hem halkara däpleri tarapyndan özlerine berilýän ähli hukuklardan doly möçberde peýdalanyp bilmekleri üçin çäreleri görmäge borçludyr.
Konsul ýazmaça we dilden aýdylýan arzalary kabul etmäge borçludyr.
28-nji madda
Konsul Türkmenistanyň graždanlarynyň we ýuridik taraplarynyň bozulan hukuklaryny gaýtadan dikeltmek üçin çäreler görmäge borçludyr.
29-njy madda
Konsul öz konsullyk okrugynda hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň graždanlarynyň hasabatyny ýöredýär.
30-njy madda
Konsul öz konsullyk okrugynyň çäklerinde bolýan Tňrkmenistanyň ministrlikleriniň¸ wedomstwolarynyň we guramalarynyň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurda komandirowka iberilen beýleki graždanlarynyň gulluk borçlaryny berjaý edip bilmekleri üçin ýardam edýär.
31-nji madda
Konsul öz konsullyk okrugynda wagtlaýyň bolýan Türkmenistanly graždanlary şol döwletiň kanunlary, şeýle hem ýerli dessurlary bilmekleri üçin ýardam edýär.
32-nji madda
Konsul öz ýerleşýän döwletiniň jemgyýetçiligini Türkmenistanyň däpleri, dessurlary, ylmynyň we medeniýetiniň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen konsullyk okrugynyň çäginde medeni, sport, aň-bilim we habar beriş çärelerini geçirmäge Türkmenistanyň graždanlaryna we ýuridik taraplaryna ýardam edýär.
33-nji madda
Eger Türkmenistanyň graždanlarynyň özleri şol taýda ýok bolsalar we öz işlerini alyp barmagy hiç kime tabşyrmadyk bolsalar ýa-da başga sebäplere görä öz bähbitlerini gorap bilmeýän bolsalar, öz ýerleşýän döwletiniň edaralarynda, aýratyn bir ynanç haty bolmazdan, Türkmenistanyň graždanlaryna wekilçilik etmäge konsulyň hukugy bardyr.
Ýerine wekilçilik edilýän adamlar öz ygtyýarly wekillerini belleýänçäler ýa-da hukuklaryny we bähbitlerini goramagy öz üstlerine alýançalar şeýle wekilçilik dowam edýär.
34-nji madda
Konsul Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň graždanlarynyň harby uçetyny alyp barýar we Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan erkek adamlarynyň hakyky harby gulluga çagyrylmagy üçin Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýerindäki harby komissariata barmagyny üpjün edýär.
35-nji madda
Konsul konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň degişli instansiýalaryna sud dokumentlerini ýa-da suda dahylly bolmadyk dokumentleri berýär, şeýle hem sud tabşyryklaryny ýa-da hereket edýän halkara ylalaşyklaryna laýyklykda, eger şeýle ylalaşyklar ýok bolsa, onda konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň kanunçylygyna ters gelmeýän islendik başga tertipde Türkmenistanyň sudlaryna görkezmeleri bermek baradaky tabşyryklary gowşurýar.
36-njy madda
Türkmenistanyň graždanlygynda durýan we Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan çagany ogullyga (gyzlyga) almak barada karar kabul etmäge konsulyň hukugy bardyr.
Eger çagany ogullyga alýan adam Türkmenistanyň graždanlygynda durmaýan bolsa, onda ogullyga almak üçin Türkmenistanyň şoňa ygtyýarly organynyň rugsadyny almak zerurdyr.
37-nji madda
Konsul öz konsullyk okrugynda bolýan Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik, ata-enesiniň howandarlygyndan jyda düşen graždanlaryna hossarlyk etmegi we howandarlyk etmegi guramak üçin çäreler görýär.
Konsul şeýle hem saglyk ýagdaýy boýunça öz hukuklaryny özbaşdak amala aşyrmagy başaryp bilmeýän we öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýeten graždanlaryna hossarlyk we howandarlyk etmegi bellemek üçin çäreler görýär.
38-nji madda
Konsul Türkmenistanyň graždany aradan çykandan soňra, galan onuň emlägini goramak barada çäreler görýär.
Eger galan emläk tutuşlygyna ýa-da bölekleýin zaýa bolup başlan zatlardan ybarat bolsa, şonuň ýaly-da ony saklamaklyk çakdan aşa gymmat düşýän bolsa, mirasdüşer bilen ylalaşyp konsulyň şol emlägi satmaga we düşen pullary degişli eýesine ibermäge hukugy bardyr.
39-njy madda
Miras goýlan emlägi Türkmenistanda ýerleşýän mirasdüşerlere bermek üçin konsulyň zerur çäreleri görmäge haky bardyr.