Himiýa howpsuzlygy hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Himiýa howpsuzlygy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 9-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 126-VI Kanuny esasynda girizilen

 üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun adamyň janyny, saglygyny we daşky gurşawy himiýanyň zyýanly täsirinden goramagyň, ykdysady, durmuş we beýleki ösüşleriň bähbitleri üçin himikatlary peýdalanmagyň, olar bilen işlemegiň, sarp edijileriň hukuklaryny, şeýle hem himiýa işi bilen baglanyşykda döwletiň bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär.

 

I bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) gözegçilik zolagy – himiki gözegçilik işleri geçirilýän arassaçylyk-gorag çäkleriň daşynda ýerleşýän ýerler;

2) himiki zäherlenme – adam üçin belli bir wagtyň dowamynda howp döredýän mukdarda we möçberde toplanan howply himikatlaryň daşky gurşawa ýaýramagy;

3) himiki zäherlenme zolagy – adam üçin belli bir wagtyň dowamynda howp döredýän mukdarda we möçberde howply himikatlaryň ýaýran ýa-da toplanan ýeriniň çäkleri;

4) himiki howply obýektler – heläkçilikde himiki zäherlenmä getirip biljek howply himikatlaryň öndürilýän, saklanylýan, peýdalanylýan, daşalýan we olar bilen iş alnyp barylýan obýektler;

5) himiýa heläkçiligi – howply himikatlaryň tehnologik gurallardan ýa-da zeper ýeten gaplardan dökülmegi ýa-da zyňylmagy bilen utgaşýan adam üçin howply mukdarda we möçberde toplanmagyna, adamlaryň zäherlenmegine ýa-da onuň ölmegine, şeýle hem daşky gurşawyň hapalanmagyna getirip biljek heläkçilik;

6) himiýa howpy – himiýa önümçiliginde we himiýa önümi peýdalanylanda döreýän zyýanyň potensial sebäbi;

7) himiýa önümleriniň durmuş döwri – himiýa önümleriniň öndürilýän, peýdalanylýan, saklanylýan, daşalýan, ýerleşdirilýän, ýok edilýan we zyýansyzlandyrylýan wagty;

8) himiýa ýaragy – toksiki alamatlarynyň hasabyna ölüm howply ýaralamaga ýa-da başga zyýan ýetirmäge ýörite niýetlenilen ok-därileri we islendik beýleki gurallary taýýarlamak üçin peýdalanylyp bilinjek toksiki himikatlar we olaryň prekursorlary;

9) howply himikat – adamyň janyna we saglygyna hem-de daşky gurşawa zyýan ýetirip biljek himiki madda ýa-da himiki maddalaryň jemi;

10) himiki howply galyndy – täsir ediş ukybyna ýa-da zäherleýjiligine görä özbaşdak ýa-da beýleki galyndylar hem-de daşky gurşaw bilen gatnaşyga girende adamyň jany we saglygy, daşky gurşawyň ýagdaýy üçin gös-göni howp döredýän galyndylar;

11) ilatyň himiýa howpsuzlygy – degişli hukuk kadalaryny we sanitariýa-gigiýena düzgünlerini berjaý etmek, tehnologik we inžener-tehniki talaplary ýerine ýetirmek, şeýle hem guramaçylyk we ýörite çäreleri geçirmek arkaly howply himikatlar bilen adamlaryň himiki zäherlenmegi ýa-da ýaralanmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy üçin şertleri aradan aýyrýan ýagdaý;

12) prekursor – toksiki himikaty öndürmegiň haýsy-da bolsa bir tapgyryna gatnaşýan islendik himiki reagent;

13) toksiki himikat – jemlenende ýa-da aýratynlykda ýaşaýyşa himiki täsir etmegi bilen adamyň ýa-da haýwanlaryň ölümine getirip, wagtlaýyn ysmaz etmek täsirini ýetirip biljek ýa-da hemişelik zeper ýetirjek islendik himikat;

14) töwekgellige baha bermek – howply toplanyşyň derejesini kesgitlemegi hem öz içine alýan, adamyň janyna we saglygyna, daşky gurşawa howply himikatlaryň mümkin bolan täsirini ýüze çykarmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy.

 

2-nji madda. Himiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Himiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

1. Adamyň janyny, saglygyny we daşky gurşawy himiýanyň zyýanly täsirinden goramagyň, ykdysady we beýleki pudaklarda, ylmy-barlag we lukmançylyk işlerinde hem-de işiň kanun bilen gadagan edilmedik beýleki görnüşlerinde bellenilen tertipde döwlet gözegçiliginde duran we hasaba alnan himikatlar bilen işlemegiň, durmuş himiýasy we beýleki himiýa önümleri babatda sarp edijileriň hukuklaryny goramagyň, şeýle hem himiýa işleri amala aşyrylanda döwlet bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk esaslary şu Kanun bilen kesgitlenilýär.

2. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryna, taýýar dermanlyk serişdelerine we iýmit önümlerine, şonuň ýaly-da peýdalanylanda adamyň janyna, saglygyna we daşky gurşawa täsir edýän derejede himiki maddalary bölüp çykarmaýan we himiki düzümini üýtgetmeýän önümlere bildirilýän talaplar Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

 

II bap. HIMIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEGIŇ ÝÖRELGELERI WE ÇÄRELERI

 

4-nji madda. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýörelgeleri

 

1. Himiýa howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň döwlet syýasaty halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine esaslanyp, şu aşakdakylary gadagan edýär:

1)  himiýa ýaragyny işläp taýýarlamagy, öndürmegi ýa-da başga bir usul bilen edinmegi, toplamagy, ony saklamagy ýa-da ony kimdir birine göni ýa-da gytaklaýyn görnüşde bermegi, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmegi;

2) himiýa ýaragyny ulanmagy, onuň ulanylmagyna gönükdirilen islendik harby taýýarlygy geçirmegi;

3) himiýa ýaragyny öndürmek, işläp taýýarlamak, edinmek bilen bagly islendik işleriň geçirilmegine we beýleki hereketlere kimdir birine haýsydyr bir görnüşde kömek etmegi, olary höweslendirmegi ýa-da gyzyklandyrmagy;

4) howply himikatlary jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlaryna peýdalanmagy.

2. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýörelgelerine şular degişlidir:

1) adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmagyň we ýok etmegiň degişli güýçlerini we serişdelerini dolandyrmak boýunça bitewi döwlet ulgamynyň hem-de himiki zäherlenmegiň ojagynda hereket etmäge ilatyň öňünden taýýarlykly bolmagy;

2) bolup biljek howplulyk derejesini hasaba almak bilen Türkmenistanyň çäklerinde ilatyň himiýa howpsuzlygyny goramagyň usullaryny we ony üpjün edýän çäreleri saýlamaga barabar çemeleşilmegi;

3) ekologik gözegçiligiň guralmagy we üpjün edilmegi, ekologik monitoringiniň hemişe geçirilmegi, howply himikatlar saklanýan obýektlerde işleýän, himiki zäherlenme we gorag çäreleriniň amala aşyrylýan zolaklarynda ýaşaýan ilatyň saglygynyň yzygiderli monitoringiniň geçirilmegi;

4) howply himikatlar bilen işlenende olaryň ýol berilýän aňryçäk toplanmagynyň halkara standartlarynda bellenilen pes we ýetip bolýan derejesiniň saklanylmagy;

5) howply himikatlary almak, peýdalanmak, saklamak, toplamak, daşamak boýunça işleriň getirýän peýdasynyň adama we daşky gurşawa ýetirjek zyýanyndan geçmeýän töwekgel işleri bilen utgaşan ähli görnüşiniň gadagan edilmegi.

3. Ilaty we çäkleri himiýa heläkçiliginden goramak boýunça çäreleriň möçberi we mazmuny adamyň janyna, saglygyna we  daşky gurşawa zyýan ýetirmegi aradan aýyrýan iň pes täsirini üpjün etmek üçin zerur ýeterlik ýörelgesinden ugur alnyp kesgitlenilýär.

 

5-nji madda. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň çäreleri

 

Türkmenistanda şu aşakdaky çäreleriň ýerine ýetirilmegi bilen himiýa howpsuzlygy üpjün edilýär:

1) terbiýeçilik, bilim berijilik häsiýetli, hukuk, guramaçylyk, tehnologik, inžener-tehniki, sanitariýa-gigiýena we lukmançylyk-öňüni alyş çäreler toplumynyň geçirilmegi;

2) döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, beýleki ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan himiýa howpsuzlygy çygrynda düzgünleri, kadalary we kada görkezijilerini berjaý etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy;

3) çäkleriň ýagdaýyna täsir etmek mümkinligini hasaba almak bilen himiki howply obýektlere ekologik, lukmançylyk, durmuş bahasyny bermegiň çäreler toplumynyň yzygiderli geçirilmegi;

4) heläkçiligiň mümkin bolan netijeleriniň ýaýramagynyň wagtynda öňüni almak we ýok etmek üçin şertleriň döredilmegini hem göz öňünde tutmak bilen heläkçiligiň sebäplerini ýüze çykarmaga we ýok etmäge, mümkin boljak ýykgynçylyklary we ýitgileri iň ýokary derejede azaltmaga gönükdirilen himiki howply obýektlerde heläkçiligiň bolmagyny duýdurmak boýunça guramaçylyk we inžener-tehniki häsiýetli çäreler toplumynyň geçirilmegi;

5) himiki howply obýektlerde dispetçerlik, şeýle hem himiki zäherlenmä awtomatlaşdyrylan gözegçilik gulluklarynyň döredilmegi;

6) howply himikatlaryň, olaryň prekursorlarynyň, şol sanda iki maksatlaýyn himikatlaryň, şeýle hem olar bilen baglanyşykly tehniki, himiki-tehnologik enjamlaryň Türkmenistanyň çäklerine getirilmegine, ondan alnyp gidilmegine we üstaşyr geçirilmegine döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagy;

7) himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler hakynda ilatyň hemişe habardar edilmegi;

8) himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda hereket etmegi barada ilat bilen ýörite okuwlaryň geçirilmegi.

 

III bap. HIMIÝA HOWPSUZLYGY ÇYGRYNDA DÖWLET EDARALARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň himiýa howpsuzlygy çygrynda ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti himiýa howpsuzlygy çygrynda:

1) döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, döwlet maksatnamalaryny kabul edýär, olary maliýeleşdirýär we ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

3) himiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna monitoringi guraýar we onuň hasabyny alyp barýar;

4) ilatyň himiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça ýuridik we fiziki şahslaryň işini ykdysady taýdan höweslendirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny geçirýar;

5) döwlet häkimiýet edaralarynyň bitewi ulgamyny döredýär, döwlet dolandyryşyny, döwlet gözegçiligini we barlaglaryny amala aşyrýan ygtyýarly pudaklaýyn dolandyryş we pudagara döwlet edaralaryny belleýär (mundan beýläk – pudaklaýyn dolandyryş edaralary), olaryň işini utgaşdyrýar, özara gatnaşyklaryny we wezipelerini aýdyň kesgitleýär we işlemegini üpjün edýär;

6) peýdalanmaga gadagan edilmedik howply himikatlaryň sanawyny, olaryň döwlet reýestriniň ýöredilişiniň tertibini kesgitleýär we tassyklaýar;

7) himiýa önümleri boýunça hasaba almagyň we hasabatyny alyp barmagyň tertibini, himiýa önümleriniň bellenilen tertipde toparlara bölünilişini, gözegçilige degişli himiýa önümleriniň sanawyny tassyklaýar;

8) himiýa heläkçiliginiň dörän ýa-da onuň döremek howpunyň abanan halatynda degişli gulluklaryň we guramalaryň ygtybarly işlemegine ýardam berýär, bellenilen tertipde maglumatlaryň ýygnalmagyny we alyşmagy üpjün edýän, guramaçylyk we inžener-tehniki çäreleri geçirýär, bu meseleler boýunça ilaty wagtynda habardar edýär;

9) himiki zäherlenmä sezewar bolan çäklerde ilata kömek edýär, himiýa barlaglarynyň geçirilmegine ýardam edýär we bu ýerlerde ilatyň ýaşamagynyň aýratyn düzgünini girizýär;

10) halas ediş, dikeldiş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegini guraýar;

11) Türkmenistanyň çäklerinde howply himikatlary öndürmek, peýdalanmak, gaýtadan işlemek, ýok etmek, daşamak, saklamak, ammarlaşdyrmak, gurallary bejermek ýa-da olara tehniki hyzmat etmek bilen baglanyşykly işleri we hyzmatlary ýerine ýetirýän kärhanalaryň (mundan beýläk - howply himikatlar bilen iş alyp barýan kärhana) ýerleşdirilmegini tassyklaýar;

12) howply himikatlary Türkmenistana getirmegiň, ondan alyp gitmegiň we üstaşyr geçirmegiň kadalaryny belleýär we olaryň berjaý edilişine gözegçilik edýär;

13) himiki täsir etmegiň netijesinde adamlaryň saglygyna zyýan ýetirmek bilen baglanyşykly ýokary töwekgelligi üçin goşmaça tölegleriň möçberini belleýär;

14) Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

15) ygtyýarlygyna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

 

7-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary himiýa howpsuzlygy çygrynda:

1) döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar;

2) degişli çäklerde hukuk, guramaçylyk, inžener-tehniki, sanitariýa-gigiýena, bejeriş-öňüni alyş, terbiýeçilik, umumy bilim beriş häsiýetli çäreler toplumynyň geçirilmegini üpjün edýärler;

3) öz çäklerinde howply himikatlar bilen iş alyp barýan karhanalary ýerleşdirmek meselelerini çözmäge gatnaşýarlar;

4) öz çäklerinde howply himikatlar bilen iş alyp barýan karhanalary ýerleşdirmegiň taslamalaryny işläp düzmegiň ekologik bilermenler seljermesiniň geçirilmegine gatnaşýarlar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howply himikatlar bilen iş alyp baran karhanalary ýerleşdirmek üçin ýer parçalaryny bölüp berýärler;

6) himiýa heläkçiliginiň döremek howpy abanan halatynda operatiw çäreleriň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşýarlar;

7) himiýa heläkçiliginiň dörän ýa-da onuň döremek howpunyň abanan halatynda bellenilen tertipde maglumatlary ýygnaýar we alyşýar, himiýa howpsuzlygynyň ýagdaýy we himiýa heläkçiliginiň döremek howpunyň abanýandygy hakynda ilaty wagtynda habardar edýärler;

8) himiýa heläkçiliginden ilaty we çäkleri goramagyň zerur güýçlerini we serişdelerini taýýarlamagy we taýýar ýagdaýa getirmegi amala aşyrýarlar, şu ýagdaýlarda goranmagyň we hereket etmegiň usullaryny ilata öwredýärler;

9) himiýa heläkçiliginiň dörän halatynda ilaty, onuň himiýa howpsuzlygyny goramak, guramalaryň kadaly işlemegini dikeltmek üçin çäreleri işläp düzýärler, kabul edýärler we ýerine ýetirýärler;

10) himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda raýatlaryň hukuklarynyň goralmagy we döwletiň bähbitleriniň berjaý edilmegi üçin şertleri üpjün edýärler;

11) halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegini guraýarlar we geçirýärler, olar geçirilende jemgyýetçilik tertibini saklaýarlar;

12) degişli çäklerde himiýa heläkçiliginiň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;

13) ygtyýarlyklaryna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýärler.

 

8-nji madda. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň himiýa howpsuzlygy çygryndaky ygtyýarlyklary

 

Pudaklaýyn dolandyryş edaralary himiýa howpsuzlygy çygrynda:

1) döwlet syýasatyny we döwlet maksatnamalaryny işläp düzmäge gatnaşýarlar hem-de olary durmuşa geçirýärler;

2) bellenilen tertipde düzgünleri, kadalary, döwlet standartlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýärler, tassyklaýarlar we güýje girizýärler, ilatyň himiýa howpsuzlygynyň meselelerini öwrenýärler;

3) himiýa howpsuzlygyny seljerýärler we oňa baha berýärler;

4) howply himikatlar bilen iş alyp barýan karhanalarda işiň howpsuz alnyp barylmagyny üpjün etmek üçin kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalary boýunça, hereket edýän önümçilik kärhanalarynda tehniki düzgünleşdiriş we beýleki meseleler boýunça teklipleri we maslahatlary işläp düzýärler hem-de taýýarlamak üçin bilermenler geňeşlerini döredýärler we olaryň işlemegini üpjün edýärler;

5) himiýa önümleriniň görnüşleriniň tejribe nusgalaryny bilermenler seljermesinden geçirmegiň, önümçilige ornaşdyrmagyň tertibini tassyklaýarlar;

6) himiýa önümleriniň görnüşleriniň tehniki resminamalaryny degişli döwlet we beýleki edaralar bilen bellenilen tertipde ylalaşýarlar;

7) himiýa önümleriniň we howply himikatlaryň adamyň janyna, saglygyna we daşky gurşawa zyýanly täsirine we olaryň howplulygynyň töwekgelligine baha berýärler;

8) himiýa önümleriniň görnüşleri boýunça hasaba alýarlar we hasabyny ýöredýärler;

9) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen talaplaryň berjaý edilişine ygtyýarlyklarynyň çäginde döwlet gözegçiligini we barlaglaryny amala aşyrýarlar;

10) himiýa howpsuzlygynyň bellenilen talaplaryna laýyk gelmeýän himiýa önümlerini öndürmegi, howply himikatlary peýdalanmagy, olar bilen işlemegi we beýleki işleri amala aşyrmagy togtatmak ýa-da gadagan etmek hakynda tabşyryknama berýärler, olaryň ýerleşdirilmegine ýol bermezlik barada çäreleri görýärler;

11) himiýa heläkçiligini we onuň netijelerini ýok etmek boýunça  çäreleri guraýarlar we geçirýärler;

12) himiýa heläkçiliginiň dörän ýa-da onuň döremek howpunyň abanan halatynda maglumatlary ýygnaýarlar we alyşýarlar, wagtynda degişli habarlary berýärler;

13) himiýa heläkçiliginde goranmagyň we hereket etmegiň usullaryny ilata öwretmegi guraýarlar;

14) bellenilen tertipde ylalaşylan halatynda degişli statistik we beýleki hasabatlaryň görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar;

15) bellenilen tertipde halkara gatnaşyklarynda Türkmenistana wekilçilik edýärler;

16) olaryň ygtyýarlyklaryna girýän beýleki wezipeleri ýerine ýetirýärler.

 

IV bap. HIMIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEGI DOLANDYRMAK WE ONUŇ ÝAGDAÝYNA

GÖZEGÇILIK ETMEK

 

9-njy madda. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegi amala aşyrýan edaralaryň ulgamy  

 

1. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet dolandyryşy, döwlet gözegçiligi we barlaglary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli еdaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet dolandyryşyny, döwlet gözegçiligini we barlaglaryny amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

 

10-njy madda. Himiýa howpsuzlygy çygrynda döwlet maksatnamalary

 

1. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet maksatnamalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli еdaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary (mundan beýläk - ygtyýarly döwlet edaralary) tarapyndan durmuşa geçirilýär.

2. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet maksatnamalary hemişelik ekologik monitoringiniň geçirilmegini, howply himikatlar saklanýan obýektlerde işleýän adamlaryň, himiki zäherlenme we gorag çäreleri zolaklarynyň çäklerinde ýaşaýan ilatyň saglygynyň yzygiderli monitoringini göz öňünde tutmalydyr.

 

11-nji madda. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet kadalaşdyrmasy  

 

1. Himiýa howpsuzlygy çygrynda döwlet kadalaşdyrmasy himiýa howpsuzlygynyň sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena görkezijilerini, şeýle hem himiýa howpsuzlygy boýunça döwlet standartlaryny, gurluşyk kadalaryny we düzgünlerini, zähmeti goramagyň düzgünlerini anyk bellemek hem-de gözükdirijileri, usulyýet we beýleki resminamalary kabul etmek ýoly bilen amala aşyrylýar.

2. Himiýa howpsuzlygynyň sanitariýa kadalary, düzgünleri we gigiýena görkezijileri bellenilen tertipde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işlenilip düzülýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.

3. Himiýa howpsuzlygy boýunça döwlet standartlary, gurluşyk kadalary we düzgünleri, zähmeti goramagyň düzgünleri, gözükdirijiler, usulyýet we beýleki resminamalar pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bellenilen tertipde ygtyýarlyklarynyň çäklerinde işlenilip düzülýär we tassyklanýar.

 

12-nji madda. Howply himikatlar bilen baglanyşykly işleriň we hyzmatlaryň amala aşyrylmagy

 

Howply himikatlary öndürmek, peýdalanmak, gaýtadan işlemek, ýok etmek, daşamak, saklamak, ammarlaşdyrmak, bejermek ýa-da olara tehniki hyzmat etmek bilen baglanyşykly işler we hyzmatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýörite ygtyýarly şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

13-nji madda. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda önümçilik gözegçiligi

 

1. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda önümçilik gözegçiligi howply himikatlar bilen iş alyp barýan karhanalarda amala aşyrylýar.

2. Önümçilik gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi ýerine ýetirilýän işleriň aýratynlyklary we şertleri hasaba alnyp, howply himikatlar bilen iş alyp barýan her bir kärhana üçin aýratyn kesgitlenilýär hem-de ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylýar.  

3. Önümçilik gözegçiliginiň guralyşy hakyndaky maglumatlar ygtyýarly döwlet edaralaryna berilýär.

4. Howply himikatlar bilen iş alyp barýan kärhanalarda, himiki howply obýektlerde himiýa howpsuzlygynyň düzgünleriniň bozulmalary ýüze çykan halatynda önümçilik gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adam düzgün bozulmalar düzedilýänçä howply himikatlar bilen işlemegi togtatmaga ýa-da gadagan etmäge hukuklydyr.

 

14-nji madda. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy

 

Jemgyýetçilik birleşikleri himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda düzgünleriň we kadalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrýarlar.

 

V bap. HIMIÝA HOWPSUZLYGYNYŇ ÜPJÜN

EDILMEGINE BILDIRILÝÄN TALAPLAR

 

15-nji madda. Himiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna baha bermegiň geçirilmegi

 

1. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çözgütler kabul edilende, degişli çäreler meýilleşdirilende we geçirilende, şeýle çäreleri amala aşyrmagyň netijeleri seljerilende pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýa-da howply himikatlar bilen iş alyp barýan kärhanalar tarapyndan himiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna baha bermek geçirilýär.

2. Himiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna baha bermek şu esasy görkezijiler boýunça amala aşyrylýar:

1) daşky gurşawyň ýagdaýy;

2) daşky gurşawyň himiki zäherlenmeginiň ýagdaýy;

3) himiýa howpsuzlygy boýunça çäreleri üpjün etmegiň we olaryň netijelilik derejesiniň, degişli kadalaryň, düzgünleriň we gigiýena görkezijileriniň ýerine ýetirilişiniň seljerilmegi;

4) himiýa heläkçiliginiň ähtimallygy we onuň gerimi;

5) himiki howply obýektleriň himiki heläkçiligine we onuň netijelerini ýok etmäge taýýarlygynyň derejesi we ýagdaýy;

6) ilatyň aýry-aýry toparlarynyň himiki zäherlenmäniň ähli çeşmelerinden zäherlenmeginiň derejesi;

7) howply himikatlaryň täsirine sezewar bolan adamlaryň we  haýwanlaryň sany;

8) heläkçilik netijesinde zyýan çekenlere lukmançylyk kömegini bermäge taýýarlygyň ýagdaýy.

3. Himiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna baha bermegiň jemleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hasaba alynýar.

 

16-njy madda. Howply himikatlar bilen işleri geçirmäge bildirilýän esasy talaplar

 

Howply himikatlar bilen iş alyp barýan kärhanalar şulara borçludyrlar:

1) himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny, degişli kadalary, düzgünleri, standartlary we ölçegleri berjaý etmäge;

2) himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmäge we amala aşyrmaga;

3) iş ýerlerinde, jaýlarda, karhanalaryň çäklerinde, önümçilik obýektlerinde, sanitariýa-gorag we gözegçilik zolaklarynda, şeýle hem howply himikatlaryň galyndylarynda we zyňyndylarynda yzygiderli önümçilik gözegçiligini amala aşyrmaga;

4) işgärleriň himikatlardan zäherlenme derejesiniň hasabyny we oňa gözegçiligi alyp barmaga;

5) önümçilik gözegçiligi gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň, ýerine ýetirijileriniň we hünärmenleriniň, howply himikatlar bilen hemişelik ýa-da wagtlaýyn işleri gös-göni ýerine ýetirýän beýleki işgärleriň himiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça taýýarlygyny we hünär synagyny geçirmäge;

6) işgärleriň deslapky (işe kabul edilende) we yzygiderli lukmançylyk gözden geçirlişini guramaga;   

7) howply himikatlaryň toplanylyşynyň möçberi we mukdary hem-de zäherleniş derejesi barada işgärleri gös-göni iş ýerlerinde yzygiderli habardar etmäge;

8) ygtyýarly döwlet edaralaryna heläkçilikli ýagdaýlar, himiýa howpsuzlygyna wehim salýan tehnologik düzgünleriň bozulmalary, ýol berilýän çäkden ýokary möçberde toplanan howply himikatlary bolan önümiň getirilmegi hakynda wagtynda habar bermäge;

9) himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet dolandyryşyny, döwlet gözegçiligini we barlaglaryny amala aşyrýan edaralaryň, olaryň wezipeli adamlarynyň tabşyryknamalaryny, kararlaryny, görkezmelerini we netijenamalaryny ýerine ýetirmäge;

10) bellenilen talaplara laýyklykda önümçilige we işgärler tarapyndan ýerine ýetirilýän zähmet amallarynyň barşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän zerur enjamlar we ulgamlar bilen üpjün etmäge;

11) himiki howply obýektlere keseki adamlaryň aralaşmagynyň öňüni almaga;

12) howply himikatlar saklananda howpsuzlyk talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

13) heläkçiligiň ýa-da başga hadysanyň bolan, şonuň ýaly-da himiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna täsir edýän täze ýagdaýlar ýüze çykan halatynda özbaşdak ýa-da ygtyýarly döwlet edaralarynyň we onuň wezipeli adamlarynyň tabşyryknamasy boýunça howply önümçilik obýektini ulanmagy togtatmaga;

14) himiki howply obýektlerde bolan heläkçiligiň netijelerini öwrenmek we ýok etmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga, heläkçiligiň sebäplerini derňemekde döwlet edaralaryna ýardam bermäge;

15) himiýa heläkçiliginiň sebäpleriniň tehniki derňelmegine gatnaşmaga, görkezilen sebäpleri düzetmek we heläkçiligiň öňüni almak boýunça çäreleri kabul etmäge;

16) hususy goranyş serişdelerini himiýa heläkçiliginde peýdalanmaga taýýar ýagdaýda işgärleriň bolýan ýerlerinde saklamaga we toplamaga;

17) işgärleri howply himikatlardan goramak üçin raýat goranyşyň gorag obýektlerini we önümçilik jaýlaryny taýýarlamaga;

18) täze önümiň, çig mallaryň we beýlekileriň, tehnologiýanyň gidişiniň we önümçiligiň himiýa howpsuzlygyny esaslandyrmak boýunça işleri geçirmäge;

19) himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda raýatlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge.

 

17-nji madda. Azyk önümleri öndürilende we agyz suwy sarp edilende himiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi

 

Azyk çig maly, iýmit önümleri we agyz suwy taýýarlananda, saklananda, daşalanda we ýerleşdirilende hem-de olara galtaşýan beýleki närseler we önümler himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplaryna laýyk gelmelidir we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda önümçilik gözegçiligine degişlidir.

 

18-nji madda. Howply himikatlaryň toparlara bölünişi

 

1. Adamyň jany, saglygy we daşky gurşaw üçin howplulyk derejesi boýunça howply himikatlaryň toparlara bölünişi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde geçirilýär.

2. Türkmenistanda döwlet gözegçiligine we hasaba almaga degişli howply himikatlaryň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

19-njy madda. Himiki howply galyndylary Türkmenistana getirmegiň we onuň çäginden üstaşyr geçirmegiň gadagan edilmegi

 

Himiki howply galyndylary saklamak hem-de ýere gömmek maksady bilen Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilmegi gadagan edilýär.

 

20-nji madda. Daşky gurşawyň täsir edýän halatynda himiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi

 

1. Howply himikatlaryň täsirinden ilaty goramak maksady bilen şular amala aşyrylýar:

1) howply himikatlaryň saklanýan ýerlerini hasaba almak bilen jaýlaryň we obýektleriň gurluşygy üçin ýer parçalarynyň saýlanyp alynmagy;

2) gurluşyk harytlaryna önümçilik gözegçiliginiň geçirilmegi, jaýlaryň we obýektleriň howply himikatlaryň saklanýan ýerlerini hasaba almak bilen ulanmaga kabul edilmegi;

3) jaýlar we obýektler ulanylanda hem-de olaryň gurluşygynda peýdalanylan howply himikatlaryň saklanylyşynyň hasaba alynmagy.

2. Jaýlarda we obýektlerde howply himikatlary saklamagyň möçberleriniň azaldylmagy bilen degişli görkezijileriň kadalara laýyklygyny gazanmak mümkin bolmadyk halatynda olary ulanmagyň häsiýeti we usullary üýtgedilmelidir.

3. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplaryna laýyk gelmeýän harytlary we beýleki önümleri peýdalanmak gadagan edilýär.

 

21-nji madda. Lukmançylyk amallary geçirilende himiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi

 

1. Lukmançylyk amallarynyň geçirilmegi himiýa howpsuzlygy çygrynda ulanylýan kadalara, düzgünlere we görkezijilere laýyk gelmelidir.

2. Lukmançylyk amallary geçirilende saglyga himiýanyň täsiriniň garaşylýan ýa-da adamyň kabul edýän derejesi hem-de mümkin bolup biljek netijeleri hakynda adamlara doly maglumat berilýär.

3. Epidemiologiýa babatda howply keselleri ýüze çykarmak maksady bilen ýerine ýetirilýän öňüni alyş barlaglaryndan başga, lukmançylyk amallaryndan adamlaryň boýun gaçyrmaga hukugy bardyr.

 

22-nji madda. Howply himikatlaryň toplanmagynyň ýol berilýän aňryçäk derejesiniň barlanmagy we hasaba alynmagy

 

Lukmançylyk amallary geçirilende howply himikatlaryň toplanmagynyň ýol berilýän aňryçäk derejesiniň, şeýle hem olaryň zyýanly täsirinden jebir çeken adamlaryň sanynyň barlanmagy we hasaba alynmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenen tertipde döredilýän howply himikatlaryň toplanmagynyň ýol berilýän ýeke-täk döwlet barlag we hasaba alyş ulgamynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

 

VI bap. HIMIÝA HELÄKÇILIGINDE HIMIÝA HOWPSUZLYGYNYŇ ÜPJÜN EDILMEGI

 

23-nji madda. Himiýa heläkçiliginde ilaty we işgärleri goramagyň çäreleri

 

Howply himikatlaryň zyňylyp çykmagy bilen himiýa heläkçiligiň döremegi mümkin bolan howply himikatlar bilen iş alyp barýan kärhanalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şulara borçludyrlar:

1) heläkçiligiň netijelerini duýdurmak, olary çäklendirmek we ýok etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak;

2) ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşyp, himiýa heläkçiliginden we onuň netijelerinden ilaty we işgärleri  goramak boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak;

3) bolup biläýjek himiýa heläkçiliginiň sanawyny, olaryň netijeleriniň hem-de döremeginiň çaklamalaryny we himiýa heläkçiligi ýüze çykan halatynda çözgütleri kabul etmek we ilata hem-de işgärlere habar bermek üçin zerur talaplary taýýarlamak;

4) himiýa heläkçiligi döwründe halas ediş işlerini guramak üçin döredilen ýörite gulluklar bilen hyzmatdaşlyk barada şertnamalary baglaşmak, kärhananyň işgärlerinden düzülen heläkçilikde halas ediş gullugyny bellenilen tertipde döretmek;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda himiýa heläkçiliginiň netijelerini çäklendirmek we ýok etmek üçin maliýe we maddy serişdeleriň ätiýaçlygyny döretmek;

6) himiki howply obýektlerde heläkçilik bolan halatynda işgärlere hereket etmegiň tertibini, hususy we köpçülikleýin gorag, şeýle hem himiýa heläkçiliginiň netijelerini ýok etmegiň ýörite serişdelerinden peýdalanmagyň düzgünlerini öwretmek;

7) himiýa heläkçiligi döwründe gözegçilik etmek, habarlaşmak, aragatnaşyk we goldamak ulgamlaryny döretmek we olary peýdalanmak üçin ýaramly ýagdaýda saklamak;

8) himiýa heläkçiliginde ýetirilen zyýanyň öňüni almak, jebir çekenlere lukmançylyk kömegini bermegiň zerur lukmançylyk serişdeleriniň taýýarlanylmagyny amala aşyrmak.

 

24-nji madda. Himiýa heläkçiliginde himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wezipeli adamlaryň borçlary

 

Howply himikatlar bilen iş alyp barýan kärhanalaryň wezipeli adamlary himiýa heläkçiliginde şulara borçludyrlar:

1) ilaty, işgärleri we daşky gurşawy himiýa heläkçiliginden we onuň netijelerinden goramak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

2) himiýa heläkçiligi hakynda degişli döwlet edaralaryna we himiki zäherlenmäniň täsiriniň mümkin bolan çäkleriň ilatyna gaýragoýulmasyz habar bermäge;

3) himiýa heläkçiliginde jebir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek boýunça çäreler görmäge;

4) himiki zäherlenmegiň ojagyny çäklendirmäge, daşky gurşawa howply himikatlaryň ýaýramagynyň öňüni almaga;

5) himiýa heläkçiliginiň seljeriş işlerini geçirmäge we onuň ösüşi hem-de dörän ýagdaýyň üýtgemegi barada maglumatlary, çaklamalary taýýarlamaga;

6) himiýa heläkçiligi ýok edilenden soň, kärhananyň çäklerinde himiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyny kadalaşdyrmak boýunça çäreleri görmäge.

 

25-nji madda. Himiýa heläkçilikleriň netijelerini ýok etmek üçin ulanylýan güýçler we serişdeler

 

1. Himiýa heläkçiliginiň netijelerini ýok etmäge, heläkçilikde halas ediş, zähersizlendirme, gazsyzlandyrma, ýokançsyzlandyrma işlerine adamlary çekmek, bu işlere çekilen adamlaryň sany ilaty halas etmek we himiýanyň zyýanly täsirinden ilatyň has köp bölegine zyýan ýetmeginiň öňüni almak zerurlygy bilen şertlendirilip bilner.

2. Himiýa heläkçiliginiň netijelerini ýok etmek işlerine adamlaryň çekilmegine diňe olaryň meýletin razylygy bilen hem-de olaryň jany we saglygy üçin bolup biljek zyýanly täsir hem-de töwekgellik hakynda olara öňünden habar berlen ýagdaýynda ýol berilýär.

3. Himiýa heläkçiliginde halas ediş işleri geçirilende we onuň netijeleri ýok edilende peýdalanylýan serişdeler howply himikatlar bilen iş alyp barýan kärhanalar tarapyndan mugt üpjün edilýär.

 

VII bap. HIMIÝA ÖNÜMLERINIŇ HOWPSUZLYGYNA BILDIRILÝÄN ESASY TALAPLAR

 

26-njy madda. Himiýa önümleriniň toparlara bölünişi

 

1. Adamyň janyny, saglygyny we daşky gurşawy goramagy üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görmek maksatlary bilen himiýa önümleri hereket edýän standartlaryň we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda toparlara bölünýär. Himiýa önümlerini toparlara bölmek howplulygyň görnüşleri we himiki maddalaryň toparlary (kategoriýalary) boýunça amala aşyrylýar.

2. Toparlara bölmek we gözegçilige degişli himiýa önümleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.

3. Himiýa önümleriniň toparlary, olaryň fiziki, himiki, toksikologik we beýleki alamatlary, himiýa önümlerini synamagyň ölçegleri we usullary, olaryň adamyň janyna, saglygyna we daşky gurşawa aýratyn mahsus tasir etmeginiň sypatlary, himiýa önümçiliginde ulanylýan himiki maddalaryň toparlary (kategoriýalary), howplulyk görnüşleri we himiýa önümleri bilen işlenilende howpsuzlygy üpjün etmegiň çäreleri kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.

 

27-nji madda. Himiýa önümleriniň hasaba alynmagy

 

1. Himiýa önümlerini öndürijiler, Türkmenistana getirijiler we beýleki ýerleşdirijiler himiýa önümlerini pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hasaba aldyrmaga borçludyrlar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hasaba alynmadyk himiýa önümleriniň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.

 

28-nji madda. Himiýa önümleriniň howplulygynyň töwekgelligine baha berilmegi

 

1. Himiýa önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri ulanmak olaryň howplulygynyň töwekgelligine baha bermeklige esaslanýar.

2. Himiýa önümlerini öndürijiler, Türkmenistana getirijiler we beýleki ýerleşdirijiler tarapyndan himiýa önümleriniň howplulygynyň töwekgelligine baha berilmegiň geçirilmegi himiýa önümleriň ählisi üçin hökmanydyr.

3. Himiýa önümleriniň howplulygynyň töwekgelligine baha bermek şu ýollar bilen amala aşyrylýar:

1) himiýa önümleriniň adamyň jany, saglygy we daşky gurşaw üçin howplulygynyň görnüşlerini ýüze çykarmak we olaryň derejesini kesgitlemek;

2) himiýa önümleriniň adamyň jany, saglygy we daşky gurşaw üçin edýän ýa-da edip biljek howpunyň täsirini seljermek;

3) howplulygyň ýüze çykarylan töwekgelliklerini çäklendirmek boýunça çäreleri kesgitlemek.

4. Himiýa önümleriniň howplulygynyň töwekgelligine baha berlende hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalar, ylmy maglumatlar, barlamagyň we seljermegiň usullary, seçip almak usuly bilen amala aşyrylan barlag we beýleki maglumatlar peýdalanylmalydyr.

5. Himiýa önümleriniň howplulygynyň töwekgelligine baha bermek himiýa önümlerini hasaba almazdan öň geçirilýär.

6. Himiýa önümleriniň edýän we edip biljek howpy bilen baglanyşykda olaryň howplulygynyň töwekgelligine baha bermek üçin himiýa önümlerini öndürijiler, Türkmenistana getirijiler we beýleki ýerleşdirijiler şu maglumatlary berýärler:

1) howply himiki maddalaryň barlygyny;

2) howplulyk görkezijilerini;

3) howply täsir etmegiň görnüşlerini we olaryň döremeginiň şertlerini;

4) fiziki we himiki alamatlaryny;

5) daşky gurşawa täsir edýän ýagdaýlaryny.

7. Zerurlyk ýüze çykanda himiýa önümleriniň howplulygynyň töwekgelligine baha bermek üçin goşmaça maglumatlar talap edilip ýa-da himiýa önümleriniň synagy geçirilip bilner.

 

29-njy madda. Himiýa önümleriniň howpsuzlygyna bildirilýän talaplar

 

1. Himiýa önümleriniň howpsuzlygyna bildirilýän talaplar şular arkaly üpjün edilýär:

1) Türkmenistanyň himiýa howpsuzlygy hakyndaky kanunçylygynyň himiýa önümlerini öndürijiler, Türkmenistana getirijiler we beýleki ýerleşdirijiler tarapyndan ýerine ýetirilmegi;

2) himiýa önümleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelşine önümçilik gözegçiliginiň geçirilmegi we olaryň bu talaplara laýyk gelýändiginiň tassyklanylmagy;

3) ekologik, sanitariýa-epidemiologik, toksikologik we senagat howpsuzlygyna bilermenler seljermesiniň geçirilmegi;

4) himiýa önümleriniň howpsuzlygy çygrynda döwlet kadalaşdyryş çäreleriniň peýdalanylmagy.

2. Şu görkezijileri göz öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň himiýa howpsuzlygy çygryndaky kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän himiýa önümleri önümçilige goýberilmeýär:

1) adamyň janyna, saglygyna we daşky gurşawa zyýan ýetirýändigi barada görnetin görnüp duran alamatlar bolanda;

2) himikatlaryň görkezijileri we toparlanyşy boýunça hereket edýän standartlaryň we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmedik halatynda;

3) howpsuzlygyna güwä geçýän we gelip çykyşyny tassyk edýän resminamalar bolmadyk halatynda;

4) Türkmenistanyň himiýa howpsuzlygy çygryndaky kanunçylygynda bildirilýän talaplar göz öňünde tutulan maglumatlary bolan nyşanlar bolmadyk ýa-da berlen maglumatlara laýyk gelmeýän halatynda.

3. Işlenip taýýarlanýan, döredilýän we dolanyşyga goýberilýän himiýa önümleri himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygryndaky kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmelidir.

 

30-njy madda. Himiýa önümleriniň howpsuzlyk resminamasy we oňa bildirilýän talaplar

 

1. Himiýa önümlerini bazarda ýerleşdirmek üçin himiýa önümlerini öndürijiler, Türkmenistana getirijiler we beýleki ýerleşdirijiler önümleriň ýanyna olaryň howpsuzlyk resminamasyny goşmaga borçludyrlar.

2. Himiýa önümleriniň howpsuzlyk resminamasynda himiýa önümleri barada maglumatlar bildirilýän talaplara laýyk bolmalydyr.

3. Sarp edijileriň talap etmegi boýunça himiýa önümleri we olaryň howply alamatlarynyň zyýanly täsirinden adamyň janyny, saglygyny we daşky gurşawy goramak barada goşmaça maglumatlar berilýär.

 

31-nji madda. Himiýa önümleri bilen işlenilende bildirilýän howpsuzlyk talaplary

 

1. Himiýa önümleri bilen işlenilende hereket edýän standartlaryň we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda onuň howpsuzlygyny üpjün edýän şertler döredilmelidir.

2. Himiýa önümleriniň ugradyş resminamalarynda olaryň howply alamatlarynyň toplanylyşy we howplulygynyň töwekgelligini peseltmäge gönükdirilen seresaplylyk çäreleri barada maglumatlar bolmalydyr. Himiýa önümleri himiýa önümlerini öndürijiler, Türkmenistana getirijiler we beýleki ýerleşdirijiler tarapyndan howpsuzlyk resminamasy, howplulyk alamatlary baradaky duýduryjy nyşanlar bilen üpjün edilýär.

 

32-nji madda. Himiýa önümleri bilen işlemegi bes etmäge bildirilýän talaplar

 

Himiýa önümleriniň şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen işgärleriň we sarp edijileriň jany we saglygy, şeýle hem daşky gurşaw üçin bellenilen howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmezligi ýüze çykarylan pursadyndan ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tabşyryknamasy esasynda himiýa önümlerini öndürijiler, Türkmenistana getirijiler we beýleki ýerleşdirijiler himiýa önümleri bilen işlemegi bes etmäge borçludyr.

 

33-nji madda. Himiýa önümleriniň bellenilen talaplara laýyk gelýändiginiň tassyklanmagy

 

1. Himiýa önümleriniň bellenilen howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändiginiň tassyklanmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Himiýa önümleriniň bellenilen howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigi kesgitlenende daşary ýurt döwletleri tarapyndan berlen resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ykrar edilýär.

 

VIII bap. ÝURIDIK WE FIZIKI ŞAHSLARYŇ HIMIÝA HOWPSUZLYGY ÇYGRYNDAKY HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

34-nji madda. Ýuridik şahslaryň himiýa howpsuzlygy çygryndaky hukuklary

 

Himiýa önümlerini öndürmek, Türkmenistana getirmek we bazarda ýerleşdirmek bilen meşgullanýan ýuridik şahslar aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda himiýa önümleriniň howpsuzlygy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenip düzülmegine gatnaşmaga;

2) himiýa önümleriniň howpsuzlygyna önümçilik gözegçiliginiň maksatnamalaryny işläp düzmäge;

3) himiýa önümleriniň hiline we howpsuzlygyna menejment ulgamyny ornaşdyrmaga;

4) himiýa önümleriniň howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelýän hökmany standartlary işläp taýýarlamaga gatnaşmaga;

5) adamyň janyna we saglygyna, daşky gurşawa täsir etmäge ukyply howply himikatlar barada dogry maglumatlar almaga;

6) himiýa önümleriniň howplulygynyň töwekgelligine baha bermegi geçirmek we barlamak barada degişli döwlet edaralaryna ýüz tutmaga.

 

35-nji madda. Ýuridik şahslaryň himiýa howpsuzlygy çygryndaky borçlary

 

Himiýa önümlerini öndürmek, Türkmenistana getirmek we bazarda ýerleşdirmek bilen meşgullanýan ýuridik şahslar şulara borçludyrlar:

1) himiýa howpsuzlygy hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;

2) himiýa önümleriniň durmuş döwrüniň bütin dowamynda önümçilik gözegçiligini üpjün etmäge;

3) ygtyýarly döwlet edaralaryna himiýa önümlerinde we olaryň durmuş döwrüniň bütin dowamynda şu Kanunyň we himiýa önümleriniň howpsuzlygy çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryň ýüze çykarylan bozulmalary hakynda habar bermäge;

4) howpsuzlygyň şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen bellenilen talaplaryna laýyk gelmeýän himiýa önümleriniň durmuş döwrüniň birini ýa-da birnäçesini bes etmäge;

5) sarp edijileriň ýa-da ygtyýarly döwlet edaralarynyň talap etmekleri boýunça himiýa önümleriniň howpsuzlygy hakynda dogry maglumatlary bermäge;

6) ygtyýarly döwlet edaralaryna zerur maglumatlary we resminamalary: himiýa önümleriniň howpsuzlyk resminamasyny, hasaba alyş şahadatnamasyny, laýyklyk güwänamasyny, beýleki tehniki häsiýetli resminamalary we maglumatlary bermäge;

7) himiýa önümleriniň howplulygynyň töwekgelligine baha bermegi amala aşyrmaga.

 

36-njy madda. Fiziki şahslaryň himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygryndaky hukuklary

 

1. Türkmenistanda ýaşaýan fiziki şahslaryň himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça şu Kanunyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň talaplarynyň doly we birkemsiz berjaý edilmegini döwlet edaralaryndan hem-de olaryň wezipeli adamlaryndan talap etmäge hukugy bardyr.

2. Ilatyň himiýa howpsuzlygy şu çäreleriň geçirilmegi bilen üpjün edilýär:

1) ýol berilýän kadadan ýokary derejede himiýa täsirine sezewar bolmadan goralmagy;

2) himiýa howpunyň öňüni almak boýunça çäreler toplumynyň geçirilmegi;

3) himiýa howpsuzlygynyň ýagdaýy hakynda ilata wagtynda habar berilmegi;

4) howply himikatlar bilen işleýänlere döwlet kepillikleriniň berilmegi;

5) howply himikatlaryň ýol berilýän kadadan ýokary derejede toplanmagyndan ýa-da himiýa heläkçiliginden jebir çekenlere ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy we beýleki çäreleriň geçirilmegi.

3. Howply himikatlaryň ýol berilýän kadadan ýokary derejede toplanmagyndan ýa-da himiýa heläkçiliginden jebir çekenlere ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň tertibi, onuň möçberi we görnüşleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

37-nji madda. Fiziki şahslaryň himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygryndaky borçlary

 

Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda fiziki şahslar şulara borçludyr:

1) himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplary berjaý etmäge;

2) himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga;

3) ygtyýarly döwlet edaralarynyň talaplaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge.

 

IX bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

38-nji madda. Türkmenistanyň himiýa howpsuzlygy hakyndaky kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Türkmenistanyň himiýa howpsuzlygy hakyndaky kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

39-njy madda. Şu Kanunyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligi

 

Şu Kanunyň berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar amala aşyrýarlar.

 

40-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

      Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

          Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2011-nji ýylyň 25-nji marty.

№ 165-IV.