Ylmy intellektual eýeçilik hakynda

 


TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Ylmy intellektual eýeçilik hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1992 ý.¸ № 9¸ 86- madda)

 

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV kanuny

esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun «Türkmenistanda eýeçilik hakyndaky» Türkmenistan Kanunyna laýyklykda, intellektual (akyl) eýeçiligiň bir görnuşi bolup durýan ylmy intellektual eýeçilik obýektlerini döretmek we peýdalanmak maksady bilen alnyp barylýan ylmy-tehniki işde ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Ylmy intellektual (akyl) eýeçilik - munuň özi ylmy-barlag, proýektleýiş, gözleg tejribe-konstruktorçylyk we tejribe-tehnologik işleriň (mundan beýläk - «ylmy işler» diýlip alynýar) netijelerine bolan eýeçilikdir.

 

1-nji madda. Türkmenistanyň ylmy intellektual eýeçilik hakyndaky kanunlary

 

1. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri babatda ýüze çykýan gatnaşyklar şu Kanun bilen, Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary bilen, şolara laýyklykda Ministrler kabinetiniň çykarýan kararlary bilen düzgünleşdirilýär.

2. Şu Kanunyň düzgünleri Türkmenistanda döredilen kärhanalar, guramalar, birleşikler, daşary ýurt maýa goýumlary (inwestisiýalary) çekilen bileleşikli kärhanalar, şeýle hem Türkmenistanyň graždanlary barada ulanylýar.

3. Türkmenistanyň döwlet dolandyryş organlary ylmy intellektual eýeçilik hukuklary amala aşyrylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek üçin özlerine berlen ygtyýarlaryň çäklerinde şu Kanuna laýyklykda aktlar çykaryp bilerler.

4. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda ylmy intellektual eýeçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek barada häzirki ulanylyp gelinýän kanunlarda bellenen kadalardan başga hili kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

2-nji madda. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri we formalary

 

1. Ylmy intellektual eýeçilige ylmy işleriň obýekt görnüşine getirilen aralyk, ahyrky we goşmaça netijeleri degişlidir.

2. Aralyk häsiýetdäki netijelere kontraktda, gulluk ýa-da ýörite tabşyrykda göz öňünde tutulan, ylmy işiň dowamynda döredilen ýa-da alnan, ýöne welin şol işleriň ahyrky jemi bolup durmaýan obýektler degişli edilýär.

3. Ahyrky häsiýete eýe bolan netijelere kontraktda, gulluk ýa-da ýörite tabşyrykda göz öňünde tutulan ylmy işleriň jemi hökmünde döredilen ýa-da alynan obýektler degişli edilýär.

4. Goşmaça häsiýetdäki netijelere kontrakt, gulluk ýa-da ýörite tabşyryk esasynda geçirilýän ylmy işleriň dowamynda döredilen ýa-da alnan, ýöne şol kontraktda¸ gulluk ýa-da ýörite tabşyrykda göz öňünde tutulmadyk¸ özem kontraktda¸ gulluk ýa-da ýörüte tabşyrykda görkezileninden tapawutlanýan maksatlar üçin-diňe şeýle maksatlar üçin ulanmaga ýaraýan obýektler degişlidir.

5. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri islendik formada hödürlenip bilner¸ häzirki wagtda belli bolan ýa-da geljekde dörediljek islendik nusga beriş-göçüriş materialyna geçirilip  bilner.

 

3-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy we onuň ýüze çykmagy üçin esaslar

 

1. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy onuň eýesiniň öz işläp taýýarlan -ylmy teklipleriniň dürli formadaky obýekt görnüşine getirilen netijelerine öz isleýşine görä eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa erk etmäge kanun arkaly ykrar edilen hem-de goralýan mümkinçiligiň berilmeginden ybaratdyr. Ylmy işleriň netijelerini onuň eýesinden ygtyýarsyz hiç kim peýdalanyp bilmez.

2. Aýratyn halatlarda, Ministrler kabineti ylmy intellektual eýeçiligi onuň eýesinden beýleki ýuridik taraplaryň çäkli derejede peýdalanmagyna rugsat berip biler.

3.Ylmy intellektual eýeçilik hukugy ynsanperwerlik maksatlar üçin amala aşyrylmalydyr, ol döwletiň, graždanlaryň, kärhanalaryň¸ edaralaryň, guramalaryň hukuklaryny we kanun arkaly goralýan bähbitlerini bozmaly däldir, töwerekdäki sreda zyýan ýetirmeli  däldir.

4. Ylmy intellektual eýeçilik  hukugy aşakdakylar esasynda ýüze çykýar:

- ylmy işleriň dürli formalardaky obýekt görnüşine getirilen aralyk hem ahyrky netijelerini almak hem-de peýdalanmak esasynda, şol ylmy işleri taraplaryň ýörite ylalaşyk (kontrakt¸ şertnama) baglaşmagy arkaly guramagy we geçirmegi esasynda;

- ylmy iş aýry-aýry graždanlar ýa-da olaryň kollektiwleri (birleşikleri) tarapyndan özbaşdak geçirilende, şol sanda hem olar telekeçilik işi bilen meşgullananda ylmy işleriň obýekte öwrülen formalarda beren netijelerini almak esasynda;

- şu Kanunyň 2-nji maddasynyň 4-nji böleginde göz öňünde tutulan ylmy işleriň obýekt görnüşine getirilen formalarda beren goşmaça netijelerini almak esasynda.

 

4-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň subýektleri

 

1. Türkmenistanyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridiki taraplary, halkara guramalary ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň subýektleri bolup bilerler.

2. Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesi bolmak hukugy eýeçilik obýektini işläp taýýarlaýja (onuň awtoryna, ony döredijä), ýagny ylmy intellektual eýeçilik obýektini döretmäge gös-göni gatnaşan graždana ýa-da kollektiwe degişlidir.

3. Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesi bolmak hukugy iş berijä (ýuridik tarap: ylmy edara, gurama, kärhana, okuw jaýy, döwlet organy ýa-da dolandyryş organy) degişli bolýar, ýagny eger ylmy intellektual eýeçilik obýektini döretmek (işläp taýýarlamak) işi kontrakt ýa-da ýörite tabşyryk esasyndaky (ylmy edaranyň, guramanyň planlary esasyndaky) iş bilen baglanyşykly bolsa hem-de ylmy intellektual eýeçilik obýektleri döredilende (işlenip taýýarlananda) iş berijiniň eýeçiliginde durýan (hojalyk ýöretmeginde, operatiw dolandyrmagynda) materiallar, serişdeler, enjamlar we başga zatlar ulanylan  bolsa, özem  ylmy  intellektual eýeçilik obýektini işläp taýýarlaýjy  (dörediji)  iş beriji bilen zähmet gatnaşyklarynda durýan bolsa ýa-da kontrakt baglaşan bolsa degişli bolýar.

4. Iş beriji  (ýuridik tarap: ylmy edara, gurama, kärhana, okuw jaýy, döwlet organy ýa-da dolandyryş organy) ylmy intellektual eýeçilik obýektleriniň eýesi bolýar - munuň özi eger iş berijiniň onuň bölüminiň hem-de işläp taýýarlaýjynyň arasynda  şertnama ýa-da kontrakt baglaşylyp, şonuň esasynda hem işläp taýýarlaýjy ylmy intellektual eýeçilige bolan ähli hukugy iş berijä hiç bir hili çäklendirilmedik derejede, doly möçberde şol eýeçiligiň dowam edýän bütin möhletine laýyk berýän bolsa şeýledir. Özem şeýle hukugyň berilmegi işläp taýýarlaýjynyň has döredijilikli işlemegi üçin zerur bolan şertleri döretmek hem-de işläp taýýarlalaýjy ylmy intellektual eýeçiligini döreden ýa-da durmuşa geçiren mahalynda, oňa hak-heşdegi tölemek borjuny hem iş berijiniň üstüne ýukleýär.

5. Ylmy intellektual eýeçiligi işläp taýýarlaýjy (dörediji) bilen iş beriji (ylmy edara ýa-da başga gurama) bir wagtyň özünde ylmy intellektual eýeçilik obýektleriniň eýesi bolup bilerler, munuň üçin işläp taýýarlaýjy iş beriji bilen zähmet gatnaşyklarynda durýan bolmalydyr hem-de ylmy-barlag işini we gaýry işleri gulluk ýa-da ýörite tabşyryk bilen (iş plany esasynda) ýerine ýetirýän bolmalydyr, ýöne olaryň arasynda ylmy intellektual eýeçilik obýektine eýelik etmek barada başga hili ylalaşygyň gazanylan halatlary muňa girmeýär.

Şeýle halatda iş beriji bilen bir hatarda işläp taýýarlaýjy hem döredilen ylmy intellektual eýeçiligi özünde ulanmaga bolan hukugyň ýa-da üçünji bir tarapa lisenziýa bermek hukugyny özünde saklap galýar.

6. Ylmy intellektual eýeçilik obýektini işläp taýýarlaýjy (dörediji) iş beriji bilen zähmet gatnaşyklarynda durýan bolsa hemem iş beriji birek-birege peýdaly şertlerde içerki lisenziýa ylalaşygyny ýa-da başga ylalaşygy baglaşmak arkaly ylmy intellektual eýeçilik obýektine özüniň eýelik etmek hukugyny işläp taýýarlaýja berýän bolsa, şeýle halatda işläp taýýarlaýjy (dörediji) ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleri ýerine ýetirilende ylmy edarada, guramada ýüze çykan ylmy intellektual eýeçilik obýektiniň eýesi bolýar.

7.Graždanlar ýa-da olaryň kollektiwleri ylmy işleri öz inisiatiwasy bilen özbaşdak geçirmekleri esasynda  alan  ylmy intellektual eýeçilik obýektleriniň eýesi bolýarlar.

8. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy işläp taýýarlaýja (döredijä) degişli bolýar, ýagny eger ylmy intellektual eýeçilik obýektini döretmek (işläp taýýarlamak) işi kontrakt, gulluk ýa-da ýörite tabşyryk esasyndaky (ylmy guramanyň iş planlary esasyndaky) iş bilen baglanyşykly bolmasa hem-de ylmy intellektual eýeçilik obýekti döredilende (işlenip taýýarlananda) kärhananyň, ylmy edaranyň, guramanyň, okuw jaýynyň, eýeçiliginde (hojalyk ýöretmeginde¸ operatiw dolandyrmagynda) durýan materiallar, serişdeler, enjamlar we başga zatlar ulanylmaýan bolsa, özem ylmy intellektual eýeçilik obýektini işläp taýýarlaýjy (dörediji) şolar bilen zähmet gatnaşyklarynda durýan bolsa ýa-da kontrakt baglaşan bolsa degişli bolýar.

9. Ylmy intellektual eýeçiligiň goşmaça  obýektlerini döreden ýa-da şeýle netijeleri alan graždanlar we ýuridik taraplar şeýle obýektleriň eýesi bolup durýarlar.

Ylmy intellektual eýeçiligiň goşmaça obýektleriniň eýesi aýratyn kontrakt baglaşmak gerek bolan şol obýektleri  peýdalanmak hakyndaky teklip bilen kontrakt baglaşan tarapa ýa-da gulluk ýa ýörite tabşyryk bilen ylmy işleri geçirmek tabşyrylan tarapa ýüz tutmaga borçludyr. Ylmy intellektual eýeçiligiň goşmaça obýektleriniň eýesiniň şol teklibi inkär edilen wagtynda ýa-da bir ylalaşyga gelnip bilinmedik wagtynda, şol obýektleriň eýesiniň şolary özbaşdak peýdalanmaga haky bardyr.

10. Eger başga bir eýä degişli obýekt ylmy intellektual eýeçiligiň täze obýektiniň aýrylmaz bir bölegi, bolup durýan bolsa, onda ylmy intellektual eýeçiligiň täze obýektine eýelik etmegiň, ony peýdalanmagyň we oňa erk etmegiň tertibi obýekt eýeleriniň ylalaşmaklary esasynda kesgitlenilýär.

 

5-nji madda. Kontrakt ylmy intellektual eýeçiligi hukuk taýdan goramak halatynyň ýüze çykmagy üçin esasdyr

 

1. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy ylmy işleri geçirmek we belli bir ylmy netijeleri almak-gazanmak barasynda zakazçy bilen ýerine ýetirijiniň baglaşan kontrakty (ylalaşygy) esasynda ýüze çykyp biler.

2. Kontraktda şol işleriň aralyk, ahyrky we goşmaça netijeleri üçin ylmy intellektual eýeçiligiň hukuk düzgüni, maliýeleşdirmegiň we maddy-tehniki üpjünçiligiň çeşmeleri, işleriň netijeleriniň eýesi, şol netijeleri- patentlemegiň, ýaşyrynlygy üpjün etmegiň, halatlary hem şertleri, ylmy intellektual eýeçiligiň obýektini ýekeleýin ýa-da tutuş döretmek ýa-da ulanmak, ylmy intellektual eýeçilik hukugyny  beýleki  adamlara geçmegiň (bermegiň) şertleri şol hukugyň bozulmagy üçin jogapkärçilik, şol hukugy peýdalanmakdan alnan girdejileri paýlamak, şeýle hem kontrakt baglaşmakdan gelip çykýan beýleki şertler kesgitlenilmelidir.

3. Eger ylmy işleriň netijeleriniň eýesi döwlet edarasy, guramasy, kärhanasy bolup durýan bolsa, şol netijeler hem patentlemäge ýaraýan bolsa, onda kontrakt esasynda ýerine ýetiriji, kontragent) bolup durýan tarap eger kontraktda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, şol netijeleriň patentlenmäge ukyplylygyny kesgitlemek üçin patent ekspertizasyny geçirmek hakynda talap taýýarlamaga we ony bellenen tertipde hem-de öz hasabyna bildirmäge borçludyr.

 

6-njy madda. Zähmet şertnamalary we kollektiwleýin şertnamalar ylmy- intellektual eýeçiligi hukuk taýdan goramak halatynyň ýüze çykmagy üçin esasdyr

 

1. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy ylmy edaranyň ýa-da guramanyň gulluk ýa ýörite tabşyrygy (iş planlary) boýunça ylmy işler geçirilende zähmet şertnamasy (ylalaşygy) esasynda ýüze çykyp biler.

Ylmy işler  amala  aşyrylýan  zähmet şertnamasy baglaşylanda oňa şu Kanundan gelip çykýan hem-de ylmy intellektual eýeçilik hukugyny goramaga gönükdirilen talaplary girizmek gerek, şeýle hem şol hukugyň bozulmagyna ýol berlenligi üçin emläk jogapkärçiligini ýa-da gaýry jogapkärçiligi göz öňünde tutmak gerek.

2. Zähmet şertleri kesgitlenen zähmet şertnamasynda ylmy intellektual eýeçiligi goramak baradaky çäreler göz öňünde tutulmadyk wagtynda kärhananyň, guramanyň, edaranyň administrasiýasy şol şertleri üýtgetmekden ötri oňa şu Kanundan gelip çykýan ylmy intellektual eýeçiligi goramaga gönükdirilen, şeýle hem şol hukugyň bozulmagyna ýol berlenligi üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan talaplary girizmäge haklydyr.

Zähmet şertleri ýokardaky ýaly düýpli suratda üýtgedilende işläp taýýarlaýjy işi dowam etdirmekden boýun gaçyran mahalynda, onuň bilen baglaşylan şertnama bellenen tertipde ýatyrylýar.

3. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy ylmy edara ýa-da başga zakazçy gurama bilen ýerine ýetirijiler kollektiwiniň (zakazçy bilen zähmet gatnaşygynda durýanlar hem, şeýle gatnaşyklarda durmaýanlar hem) arasynda baglaşylan kollektiwleýin şertnama esasynda ýüze çykyp biler.

Kollektiwleýin şertnamada: alynýan-ylmy netijeleriň eýeçiliginiň hukuk düzgüni, şol netijeleri peýdalanmagyň şertleri we tertibi, ylmy işleri guramagyň hem-de geçirmegiň beýleki düýpli şertleri kesgitlenilýär.

 

7-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik obýektini işläp taýýarlaýjynyň (döredijiniň) hukuklary

 

1. Ylmy intellektual eýeçilik obýektini işläp taýýarlaýjynyň (döredijiniň) kontrakta, zähmet şertnamasyna ýa-da kollektiwleýin şertnama laýyklykda hak-heşdek almaga hukugy bardyr, bu hukuk miras boýunça geçýär.

2. Kontraktda, zähmet şertnamasynda ýa-da kollektiwleýin şertnamada obýekt eýesiniň şol obýekti peýdalanmakdan alan peýdasynyň (girdejisiniň) belli bir bölegine ylmy intellektual eýeçilik obýektini işläp taýýarlaýjynyň (döredijiniň) hukugynyň bärdygy göz önünde tutulyp bilner.

 

8-nji madda. Ylmy intellektual eýeçiligi peýdalanmak

 

1.Ylmy intellektual eýeçiligi hojalyk işinde, şol sanda hem telekeçilik işinde peýdalanmakdan alnan girdeji, şol sanda hem walýuta serişdeleri kontraktda, zähmet şertnamasynda ýa-da gaýry ylalaşykda işläp taýýarlaýjy üçin şertleşilen paýdan özgesi

obýektiň eýesine degişlidir.

2. Anyk obýektler baradaky ylmy intellektual eýeçilik hukugy aksioner jemtyýetiň, bileleşikli kärhananyň, hojalyk şereketiniň, beýleki kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň ýa-da olaryň soýuzlarynyň ustaw (dörediş) fonduny (maýasyny) döretmek üçin goýum hökmünde berlip bilner.

3. Kärhanalar, guramalar, edaralar ylmy intellektual eýeçiligiň eýesi bilen kontrakt baglaşmak arkaly ylmy intellektual eýeçiligiň eýesinden alnan obýektleri peýdalanmak ýa-da öz kontragentlerine muzduna bermek baradaky dellalçylyk hereketlerini etmäge haklydyrlar.

4. Döwlet howpsuzlygy ýa-da ýurduň goranmagyny üpjün etmek pähimi bilen ýuridik taraplaryň we graždanlaryň ylmy intellektual eýeçilik obýektlerine erk etmek hukugy çäklendirilip bilner. Şeýle obýektleriň sanawyny we hukugy çäklendirmegiň tertibini Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär.

5. Eger graždanlar we ýuridik taraplar ylmy intellektual eýeçilik obýektleri bellige alynmazdan (registrirlenmezden) ozal ylmy (intellektual eýeçiligiň eýesinden we awtoryndan aýratynlykda şoňa meňzeş obýekti döreden hem peýdalanan bolsalar ýa-da ony peýdalanmak üçin zerur taýýarlyk gören bolsalar, onda olar şol obýektiň göwrümini giňeltmän, şondan beýläk hem mugt peýdalanmak hukugyny (ýagny «ozalkysy ýaly peýdalanmak hukugyny») özünde saklaýarlar.

 

9-njy madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugyny başga birine geçmek (bermek)

 

1.Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesiniň ylmy intellektual eýeçilik baradaky öz hukugyny beýleki graždanlara ýa-da ýuridik taraplara doly ýa kem-käsleýin geçmäge (bermäge) haky bardyr.

2.Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesi şeýle hukugyny başga birine mugt ýa tölegli geçip biler, şeýle hem şol geçilen hukugy kontragentiň peýdalanmagy arkaly alnan girdejiniň degişli paýyny üpjün edýän derejede birek-birege peýdaly şertlerde geçip biler.

3. Şeýle hukugy başga birine geçmek hakyndaky kontraktda kontragentiň şol geçilen hukugy peýdalanmak arkaly alnan peýdasyndan degişli girdeji paýyny obýekt eýesiniň almak hukugy, şeýle hem şol peýdany hem-de girdeji paýyny hasaplamagyň usuly we tertibi, hasaplaşyklary ýöretmegiň we barlamagyň usullary şertleşilip bilner.

4. Hukugyň başga birine geçilmegi aýratyn häsiýete eýe bolup biler. Şeýle halatda özüne hukuk geçilen adam özüne berlen hukugy şol eglişigiň çäklerinde başga adam, şol sanda hem ylmy intelektual eýeçiligiň eýesi gatnaşmazdan peýdalanyp biler  hem-de eger kontraktda başga hili şertleşilmedik bolsa, şol geçilen hukugy peýdalanar ýaly başga adamlara aýratyn häsiýete eýe bolmadyk ygtyýarlary berip biler.

Hukugyň başga birine geçilmegi yzyna almasyz häsiýete eýe bolup biler. Şeýle halatda obýekt eýesi ylmy intellektual eýeçiligi neýdalanmak üçin başga adama beren ygtyýaryny (lisenziýany) yzyna alyp bilmeýär.  

Ylmy intellektual eýeçiligiň başga birine geçilmegi kontrakt görnüşinde, kanunda kesgitlenen halatlarda bolsa bellenen tertipde alnan ygtyýar esasynda ýazmaça resmileşdirilmelidir.

 

10-njy madda. Ýaşyrynlygy berjaý etmegiň hökmanylygy

 

1. Taraplar ylmy işleri geçirmek ýa-da onuň netijelerini peýdalanmak üçin kontrakt, zähmet şertnamasyny ýa-da kollektiwleýin şertnama baglaşanda şol işleriň netijelerini, şol netijeleriniň alnyşy hakyndaky maglumatlary, marketing, maliýe, iş hakyndaky habarlary hem-de kontraktyň düýp mazmuny we şertleri bilen baglanyşykly başga habarlary, ýagny ýaşyryn diýlip kesgitleme berilýän (mundan beýläk - «ýaşyryn habar» diýlip alynýar) habarlary-maglumatlary gizlin saklamak we jar etmezlik barada özara borç edinip bilerler.

2. Ýaşyryn habaryň jar edilmegi ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň bozulmagy hasaplanýar we ol düzgüni bozujynyň kanunda ýa-da kontraktda bellenen emläk jogapkärçiligini ýa başga jogapkärçiligi çekmegine getirýär.

3. Diňe şu aşakdaky habarlar barada kadadan çykylmagyna ýol berilýär:

- kontrakt baglaşmazdan ozal taraplara mälim bolan habarlar;  

- ýaşyrynlygyny berjaý etmek borjy bolmadyk ýagdaýda üçünji bir tarapdan alnan habarlar;

- kanunlarda ýa-da kontraktda bellenen beýleki halatlarda.

4. Türkmenistanyň kanunlarynda  ýa-da  kontraktda (zähmet şertnamasynda, ylalaşykda) göz öňünde tutulan halatlarda ýaşyrynlygy saklamak borjy kontrakt ýa-da zähmet gatnaşyklary ýatyrylandan soň hem eger kontraktda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, bir ýyllap dowam edip biler.

5. Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesi ýa-da şol eýeçilik hukugy özüne geçilen (berlen) adam ýaşyrynlyk düzgünini saklamak kadalarynyň bozulmagy arkaly özüne ýetirilen maddy zyýanyň öweziniň tölenilmegini kanunda bellenen tertipde talap edip biler.

6. Graždanlar we ýuridik taraplar özleriniň ekspertiza geçirmek ýa-da resenziýa etmek üçin alan ylmy intellektual eýeçilik obýektleri baradaky ýaşyrynlygy  saklamaga borçludyrlar.

 

11-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugyny goramak

 

1. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy sud üsti bilen goralýar. Jedellere seredilende şol eýeçiligiň eýesine ýetirilen zyýanyň öwezini doly möçberde tölemek hakyndaky ähli meseleler hem çözülýär.

2. Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesiniň hukuklarynyň bozulmagyna ýol berýän iş kanunda bellenen tertipde ýatyrylýar.

3. Düzgün bozmalar hatda obýekt eýesini ylmy intellektual eýeçilik obýektine eýelik etmek, ony peýdalanmak we oňa erk etmek hukugyndan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk halatynda hem, ol özüniň ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň başga her hili bozulmagynyň düzedilmegini talap edip biler.

4. Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesine moral taýdan zyýan ýetiren günäkär onuň öwezini tölemäge borçludyr, hatda ýetirilen maddy zyýan subut edilmedik bolsa-da tölemelidir. Ýetirilen zyýany kesgitlemek we maddy zyýanyň öwezini töletdirmek üçin, şol ýol berlen düzgün bozmanyň nähili ýagdaýda edilendigi we onuň agyr-ýeňilligi, ylmy intellektual eýeçilik hukugyny peýdalanmagyň ýol berilmesizlik derejesi derňelýär.

 

12-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň bozulmagy

 

Obýekt zeleriniň we beýleki adamlaryň ylmy intellektual eýeçilik obýektlerine eýelik etmek, olary peýdalanmak ýa-da olara erk etmek baradaky hukugyny bozýan bikanun aktlaryň çykarylmagy ýa-da bikanun hereketleriň edilmegi netijesinde graždanlara we ýuridik taraplara ýetirilen zyýanyň öwezi doly möçberde tölenilmelidir, özem ol degişli döwlet dolandyryş organynyň¸ ýerli döwlet häkimiýet organynyň ygtyýaryndaky serişdeleriň ýa-da şeýle zyýan ýetiren graždanyň serişdeleriniň hasabyna tölenilýär.

 

13-nji madda. Bilelikdäki kärhanalaryň, daşary ýurt graždanlarynyň, guramalarynyň we döwletleriniň ylmy intellektual eýeçiligi

 

1. Daşary ýurt ýuridiki we fiziki taraplarynyň gatnaşmagy bilen Türkmenistanyň territoriýasynda döredilen bilelikdäki kärhanalar ylmy intellektual eýeçilik obýektlerine eýelik edip,  olary peýdalanyp we olara erk edip bilerler.

2. Şu Kanunyň düzgünleri daşary ýurt graždanlarynyň we graždanlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşýän ylmy intellektual eýeçiligi barada hem ulanylýar.

3. Daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalarynda we kanunçylyk aktlarynda bellenen halatlarda hem tertipde Türkmenistanyň territoriýasynda ylmy intellektual eýeçilik hukugyna eýe bolup bilerler.

13-nji maddanyň dördünji bölegi Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda  güýjüni ýitiren.

 

14-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň güýjüniň saklanyş möhleti

 

1. Eger kontraktda, zähmet şertnamasynda (ylalaşykda) başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, anyk obýektler baradaky ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň güýjüniň saklanyş möhleti ylmy intellektual eýeçiligiň alnan we resmileşdirilen ýylynyň yzyndan gelýän ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 25 ýyla barabar bolýar.

2. Ylmy intellektual eýeçiligin eýesiniň guramasy üýtgedilip guralan ýa-da ýatyrylan, ýa-da şeýle eýeçiligiň eýesi bolan graždan aradan çykan mahalynda, şol hukuk olaryň oruntutarlaryna geçýär.

 

15-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik obýektlerini bellige almak (registrirlemek) we hasaba almak

 

Ylmy intellektual eýeçilik obýektlerini döwlet belligine alýan (registrirleýän) we hasaba alýan organ Türkmenistanda alnyp barylýan hem-de tamamlanan ylmy işler hakyndaky habarlary maglumatlary toplap, işläp taýýarlaýar hem-de ylmy intellektual eýeçilik baradaky umumydöwlet habarlar (informasiýon) fonduny döredýär.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti                                   S. NYÝAZOW

 

Aşgabat şäheri

1992-nji  ýyl, 30-njy sentýabr   

№ 755 – XII