Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION

 KANUNY

 

Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda

 

(Türkmenistannyň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary 1991ý., № 15,  152-madda)

 

(Türkmenistanyň 09.10.2017 ý. № 619-V Konstitusion kanuny esasynda

girizilen üýtgetme bilen)

 

 

Türkmenistanyň Ýokary Soweti 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda geňeşiň barşynda halkyň mälim eden erk-islegini, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygy hakyndyky Jarnamany durmuşa geçirmek bilen, karar edýär:

1. Türkmenistan SSR-niň territoriýasyny öz içine alýan garaşsyz demokratik döwleti - Türkmenistany jar etmeli.

Türkmenistanyň garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna - türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda¸ Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki normalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär.

2. Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň formasy respublikandyr. Bu respublikada döwlet häkimiýetiniň eýesi halkdyr, ol öz häkimiýetini gös-göni halk geňeşiniň (referendumyň) we wekilçilikli organlaryň üsti bilen amala aşyrýar.

3. Türkmenistanyň bütin territoriýasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary agalyk edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda görkezilmedik  döwletara gatnaşyklary düzgünleşdirilýänçä we hukuk gatnaşyklarynyň kanunçykaryjylyk esasynda reforma edilmegi tamamalanýança, SSSR-iň, Konstitusiýasy we kanunlary öz güýjüni saklaýar.

4. Türkmenistanyň territoriýasy  emele gelen serhetlerde  eldegrilmesizdir we bölünmezdir.

5. Türkmennstanda döwlet häkimiýeti ony kanun çykaryjy häkimiýete, ýerine ýetiriji häkimiýete we sud häkimiýetine bölmek prinsipi boýunça amala aşyrylýar.

6. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Ýokary Soweti kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýar.

7. Türkmsnistanyň iň ýokary wezipeli adamy Prezident bolup, ol döwletiň baştutanydyr. Türkmenistanyň Prezidenti ýerine ýetiriji häkimiýete hem baştutanlyk edýär.

8. Türkmenistanyň sudlary garaşsyz sudlardyr we olar diňe kanuna tabyn bolýarlar.

9. Türkmenistanyň territoriýasynda Türkmenistanyň graždanlygy ýola goýulýar. Türkmenistanyň graždanlygyny edinmegiň we ony ýitirmegiň şertleri hem tertibi, graždanlyk meseleleri babatda beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklar Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly düzgünleşdirilýär. Türkmenistan öz çäklerinden daşardaky graždanlaryny goraýar we olara howandarlyk edýär.

Türkmenistanyň tsrritoriýasynda daşary ýurt döwletleriniň graždanlaryna, graždanlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda, döwletara ylalaşyklarynda, halkara hukugynyň normalarynda göz öňünde tutulan hukuklar we azatlyklar kepillendirilýär.

10. Türkmenistanyň territoriýasyndaky ýer, ýerasty baýlyklar, howa giňişligi, suw hem beýleki tebigy resurslar we deniz ykdysady zonasy halkyň milli baýlygy we eýeçiligi bolup, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň maddy esasy bolup hyzmat edýärler.

Umumy soýuz eýeçiliginde, SSSR-iň almaz, walýuta fondlarynda we altyn gorunda Türkmenistanyň öz paýy bardyr.

11. Türkmenistan ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryna geçmegi amala aşyrýar. Döwlet eýeçllige bolan hukugyň her hili formalaryny ykrar edýär we olary deň derejede goraýar.

12. Türkmenistan özüniň maliýe syýasatyny we pul sistemasyny özbaşdak kesgitleýär, döwlet bank organlaryny guraýar.

13. Türkmenistan SSR Soýuzyna giren respublikalaryň garaşyzlygyny, olaryň arasynda emele gelen serhetleriň üýtgewsizligini, olaryň territoriýalarynyň eldegrilmesizdigini we bölünmezdigini ykrar edýär.

14. Garaşsyz döwlet - dünýä birleşiginiň deň hukukly agzasy hökmünde Türkmenistan öz daşary syýasatyny özbaşdak düzýär we durmuşa geçirýär, Birleşen Milletler Guramasyna we beýleki halkara guramalaryna gös-göni girýär, diplomatik, konsullyk, söwda we beýleki gatnaşyklary amala aşyrýar, olar bilen ygtyýarly wekilçilikleri alyşýar, halkara şertnamalaryny baglaşýar.

15. Türkmenistan özüniň harby syýasatyny özbaşdak kesgitleýär, territoriýasynyň bütewiligini we garaşsyzlygyny gorap saklamagy üpjün edýär, ýaragly düzümlerini döredýär.

Türkmenistan öz territoriýasyny ýadro, himiki, bakteriologik ýaraglardan we köpçülikleýin gyrýan ýaragyň beýleki, görnüşlerinden azat diýip yglan edýär.

16. Türkmenistan türkmen halkynyň milli-medeni taýdan täzeden rowaçlanmagy hakynda, onuň öz milletlik ähmiýetine düşünişini artdyrmak hakda, halk däplerini ýaňadan dikeltmek hakda, döwlet dili türkmen diliniň giňden ulanylmagy hakda alada edýär.

Türkmenistan respublikasynyň territoriýasynda ýaşaýan ähli milletleriň we halkyýetleriň wekilleriniň milli-medeni taýdan erkin ösmek hukugyny kepillendirýär.

17. Türkmenistanyň öz döwlet simwollary - baýdygy, gerbi, gimni bolýar.

18. Türkmenistan SSR-niň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň şu Konstitusion Kanuna ters gelmeýän ýerleri Türkmenistanyň  täze Konstitusiýasy we kanunlary kabul edilýänçä öz güýjüni saklaýar diýip bellemeli.

19. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ählihalk baýramy diýip yglan etmeli, ony her ýylyň 27-nji sentýabrynda toýlamaly we şol güni iş güni däl diýip bellemeli.

20. Şu Konstitusion Kanun kabul edilen pursatyndan güýje girýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

 

Aşgabat şäheri  

1991-nji ýyl, 27-nji oktýabr

№ 573- XII