TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň
hukuk ýagdaýy hakynda
(Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 129-njy madda)
(Türkmenistanyň 03.06.2023 ý. № 28-VII Kanuny esasynda girizilen
üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagy (ýaşamagy) we zähmet, telekeçilik ýa-da gaýry işleri amala aşyrmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) daşary ýurt raýaty – Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan hem-de özüniň haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bar bolan adam;
2) daşary ýurt raýatynyň ýurduna dolanyp barmak üçin şahadatnamasy – hakyky ýol resminamasynyň ýitirilmegi, ogurlanmagy ýa-da ulanmaga ýaramsyz bolmagy sebäpli hakyky ýol resminamasy bolmadyk we Türkmenistanyň çäginden çykyp gitmäge borçly bolan daşary ýurt raýatyna Türkmenistanyň çäginde onuň degişli bolan döwletiniň diplomatik wekilhanasy we konsullyk edarasy bolmadyk ýagdaýynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýän, Türkmenistandan bir gezek gitmek üçin hakyky bolan bellenilen görnüşdäki resminama;
3) maşgala agzalary – äri (aýaly), kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, doly kämillik ukybyna eýe bolanlardan başga perzentlige alnan çagalary, Türkmenistanyň raýatynyň ýa-da Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatynyň eklenjinde bolýan, nikada durmaýan, zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalary, şol sanda perzentlige alnan çagalary, Türkmenistanyň raýatynyň ýa-da Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatynyň eklenjinde bolýan, zähmete ukypsyz ata-eneleri we perzentlige alan adamlar;
4) raýatlygy bolmadyk adam – Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan hem-de haýsydyr bir döwletiň kanunçylygyna laýyklykda, şol döwlet tarapyndan raýat diýlip hasap edilmeýän adam;
5) raýatlygy bolmadyk adamyň statusy – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan statusy kesgitlenilen, raýatlygy bolmadyk adamyň hukuk ýagdaýy;
6) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakynda towakga edýän adam – Türkmenistana gelen we (ýa-da) Türkmenistanyň çäginde bolýan, Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan we haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygynyň ýokdugyny tassyklaýan hem-de özüniň hukuk statusynyň kesgitlenilmegine isleg bildirýän adam;
7) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnama – raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakynda towakga edýän adamyň şahsyýetini we towakganama seredilýän döwürde şol adamyň Türkmenistanyň çäginde bolmaga hukugyny tassyklaýan bellenilen görnüşdäki resminama;
8) raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan statusy kesgitlenen adamyň şahsyýetini tassyklaýan bellenilen görnüşdäki resminama;
9) raýatlygy bolmadyk adamyň ýol resminamasy – raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanyň çäginden daşarda şahsyýetini tassyklaýan, oňa Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşen, halkara gatnawlary üçin açylan gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän bellenilen görnüşdäki resminama;
10) şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmadyk ýa-da hakyky resminamasy bolmadyk adamyň şahsyýetini anyklamak – özi babatda şahsyýetini anyklamak işi alnyp barylýan adamyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny (bar bolan halatynda), doglan senesini, doglan ýerini, raýatlygyny ýa-da raýatlygynyň ýokdugyny anyklamak boýunça çäreleriň toplumy;
11) Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýaty – wiza esasynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda göz öňünde tutulan, wiza resmileşdirilmegi talap edilmeýän başga tertipde Türkmenistana gelen we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy ýa-da Türkmenistanda ýaşamak üçin beýleki esaslary bolmadyk adam;
12) Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýaty – Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy ýa-da hemişelik ýaşamak üçin beýleki esaslary bolan adam;
13) ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik daşary ýurt raýaty – Türkmenistana gelende ýanynda kanuny wekilleri ýa-da maşgalanyň kämillik ýaşyna ýetmedik agzasyny ekläp-saklamak üçin jogapkärçiligi öz üstüne meýletin alan, on sekiz ýaşyna ýeten, onuň üçin jogapkär maşgala agzalary bolmadyk, şeýle hem Türkmenistana gelenden soň bellenilen tertipde hossar ýa-da howandar bellenilmedik kämillik ýaşyna ýetmedik adam.
2-nji madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagynyň ykrar edilmegine esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, şu Kanun tarapyndan raýatlygy bolmadyk adamlara daşary ýurt raýatlary üçin bellenilen kadalardan tapawutlanýan ýörite kadalar bellenen ýagdaýlardan başga halatlarda, şu Kanunyň düzgünleri Türkmenistanda bolýan ýa-da ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlara hem degişlidir.
Türkmenistanda bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän daşary ýurt raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça gorag ýa-da wagtlaýyn gorag berlen daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary «Bosgunlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň bu ugurdaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
4-nji madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýynyň ýörelgeleri
Eger Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan başgaça gelip çykmaýan bolsa, daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunlaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar hem-de borçlary ýerine ýetirýärler.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlary milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, kanunyň öňünde deňdirler.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlary tarapyndan öz hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy beýleki adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem ahlak kadalaryny, kanunyň talaplaryny, jemgyýetçilik tertibini bozmaly däldir, milli howpsuzlyga, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirmeli däldir.
5-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmek
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryna berlen hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen borçlary ýerine ýetirmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny berjaý etmäge we milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamaga borçludyrlar.
6-njy madda. Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna goşulyşmagyna ýardam etmek
1. Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäginde bolýan we (ýa-da) ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň döwletiň durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna goşulyşmagy üçin şertleriň döredilmegi üpjün edilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan daşary ýurt raýatlarynyň goşulyşmagy üçin şertleriň döredilmegini üpjün etmek maksady bilen, şu aşakdaky çäreler amala aşyrylyp bilner:
1) daşary ýurt raýatlaryny olaryň hukuklary we borçlary, şeýle hem jemgyýete goşulyşmak mümkinçilikleri barada habarly etmek;
2) döwlet dilini öwrenmek boýunça okuwlary guramak;
3) medeni durmuşa uýgunlaşdyrmak, Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini, siwilizasiýasyny we hukuk ulgamyny öwrenmek boýunça okuwlary guramak;
4) ilatyň jebisligine ýardam etmek maksady bilen, daşary ýurt raýatlarynyň, döwlet edaralarynyň we raýat jemgyýetiniň arasynda özara arkalaşykly hereketleri guramak.
3. Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, daşary ýurt raýatlarynyň jemgyýete goşulyşmagyna ýardam etmek maksady bilen, halkara guramalary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara arkalaşykly hereket edýärler.
7-nji madda. Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar
Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen ýaşamak üçin ygtyýarnama esasynda ýa-da Türkmenistanda ýaşamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslara laýyklykda Türkmenistanda ýaşap bilerler. Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
Raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama ýa-da şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmeginiň netijesinde berlen raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy esasynda Türkmenistanda ýaşap bilerler.
8-nji madda. Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar
Wiza esasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda wiza resmileşdirilmegi talap edilmeýän başga tertipde Türkmenistana gelen hem-de Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy ýa-da ýaşamak üçin beýleki esaslary bolmadyk daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar wizasynyň hereket ediş möhleti ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda ýa-da kanunçylygynda göz öňünde tutulan Türkmenistanda bolmaga beýleki esaslarynyň möhleti tamamlanýança Türkmenistanyň çäginde bolup bilerler.
Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar bolmagyň olar üçin bellenilen möhleti tamamlanýança Türkmenistandan gitmäge borçludyrlar, Türkmenistanda bolmagyň möhletiniň uzaldylan ýa-da Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berlen ýa-da Türkmenistanda bolmaga ýa-da ýaşamaga beýleki esaslary bar bolan, ýa-da Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmeginiň halatlary muňa degişli däldir.
Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda bolmagynyň ýa-da ýaşamagynyň esaslary ýatyrylyp we olaryň Türkmenistanda bolmagynyň möhleti gysgaldylyp bilner.
9-njy madda. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatynyň we raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar
1. Türkmenistandaky daşary ýurt raýatynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar şular bolup durýar:
1) daşary ýurt raýatynyň pasporty;
2) Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama;
3) daşary ýurt raýatynyň ýurduna dolanyp barmak üçin şahadatnamasy;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasyna laýyklykda daşary ýurt raýatynyň şahsyýetini tassyklaýan resminama hökmünde ykrar edilýän daşary ýurt raýatynyň pasportynyň ornuny tutýan beýleki resminamalar.
2. Türkmenistandaky raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar şular bolup durýar:
1) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakynda towakganama garalýan döwürde raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini tassyklaýan, raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnama;
2) daşary ýurt döwleti tarapyndan berlen we raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminama hökmünde ykrar edilýän raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy we (ýa-da) ýol resminamasy;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan berlen raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy we (ýa-da) ýol resminamasy;
4) Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasyna laýyklykda raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar hökmünde ykrar edilýän beýleki resminamalar.
Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar özlerine degişli bolan şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny ýanlarynda götermäge, üçünji şahsa bermezlige we Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň talap etmekleri boýunça görkezmäge borçludyrlar. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan berlen resminamalar ýatyrylan, hakyky däl diýlip ykrar edilen, şeýle hem tapylan halatynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna tabşyrylmaga degişlidir.
10-njy madda. Şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmadyk ýa-da hakyky resminamasy bolmadyk adamyň şahsyýetini anyklamak
1. Türkmenistanyň çäginde bolýan we şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmadyk ýa-da hakyky resminamasy bolmadyk adamyň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek we onuň şahsyýetini tassyklaýan hakyky resminamalary bilen üpjün edilmegine ýardam bermek maksady bilen, onuň şahsyýetini anyklamak şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralarynyň, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň başlangyjy bilen ýa-da şol adamyň arzasy boýunça amala aşyrylýar.
2. Şahsyýetini anyklamak maksady bilen, bar bolan ýagdaýynda, adamyň şahsy maglumatlaryny özünde saklaýan resminamalarynyň asyl nusgalary we (ýa-da) olaryň nusgalary berilýär.
Şeýle resminamalara şahsyýetini tassyklaýan hakyky däl resminama, dogluş hakynda şahadatnama, familiýanyň, adyň we (ýa-da) atasynyň adynyň ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryň üýtgedilendigine güwä geçýän resminama, nikanyň baglaşylandygy (bozulandygy) barada resminama, bilimi barada resminama, harby şahadatnama (bilet), zähmet depderçesi, pensiýa şahadatnamasy, sürüjilik şahadatnamasy, azatlykdan mahrum ediş ýerinden boşandygy barada kepilnama we towakga edýän adamyň şahsy maglumatlaryny özünde saklaýan beýleki resminamalar degişli edilýär.
3. Adamyň şahsyýetini anyklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary, Türkmenistanyň içeri işler edaralary ýa-da Türkmenistanyň beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu aşakdakylara haklydyrlar:
1) adamdan onuň şahsyýetini anyklamak üçin zerur bolan maglumatlaryň ýazmaça görnüşde berilmegini talap etmäge;
2) şahsyýeti anyklanylmaga degişli adam babatda degişli barlaglary, söhbetdeşlikleri geçirmäge, onuň bolýan ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça ol tarapyndan şaýat hökmünde görkezilen adamlary sorag etmäge, şeýle hem şaýatlaryň görkezmeleri boýunça ony tanamak üçin görkezmek işini geçirmäge;
3) Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň döwlet maglumat ulgamlarynda saklanýan, Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky maglumatlary ulanmaga;
4) daktiloskopiki we biometriki maglumatlary ulanmaga;
5) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslaryndan, şol sanda daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryndan we konsullyk edaralaryndan zerur bolan resminamalary we maglumatlary soramaga.
4. Şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmadyk ýa-da hakyky resminamasy bolmadyk adamyň şahsyýetini anyklamagyň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher häkimlikleri bilen ylalaşmak arkaly tassyklanylýar.
5. Adamyň şahsyýetini anyklamak işi alty aýyň dowamynda amala aşyrylýar, zerur bolan halatynda onuň möhleti bir ýyla çenli uzaldylyp bilner.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
11-nji madda. Gaçybatalga bermek
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gaçybatalga berilýär.
Gaçybatalga bermek hakyndaky mesele Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan çözülýär.
II BAP. TÜRKMENISTANDAKY DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNYŇ ESASY HUKUKLARY, AZATLYKLARY WE BORÇLARY
12-nji madda. Zähmet, telekeçilik we girdeji getirýän beýleki görnüşli işler
Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň raýatlary üçin zähmet kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde Türkmenistanyň çäginde zähmet, telekeçilik we girdeji getirýän beýleki görnüşli işleri amala aşyryp bilerler.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmak üçin rugsatnama almak barada talap bildirilmeýän daşary ýurt raýatlarynyň käbir toparlaryndan başga, Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň çäginde zähmet işini, eger bu olaryň Türkmenistanda bolmaklarynyň maksatlaryna laýyk gelýän bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde iş rugsatnamalary esasynda amala aşyryp bilerler.
Eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ol wezipelere bellemek ýa-da şeýle zähmet işini amala aşyrmak Türkmenistanyň raýatlygyna degişliligine bagly bolsa, daşary ýurt raýatlary Türkmenistanda aýry-aýry wezipelere bellenilip ýa-da belli bir zähmet işini amala aşyryp bilmezler.
Eger Türkmenistanyň kanunçylygyndan başgaça gelip çykmaýan bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň zähmet gatnaşyklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklary bardyr we borçlary ýerine ýetirýärler.
13-nji madda. Dynç alyş
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede dynç almaga hukugy bardyr.
14-nji madda. Saglygy goramak
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary saglygyny goramakda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary ýerine ýetirýärler.
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary saglygy goraýyş edaralarynyň ulgamyndan we lukmançylyk hyzmatlaryndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde peýdalanýarlar.
15-nji madda. Durmuş üpjünçiligi
Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr.
16-njy madda. Ýaşaýyş jaýyna hukuk
Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşaýyş jaýyna hukugy bardyr.
17-nji madda. Emläk we şahsy emläk däl hukuklar
Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanda eýeçilik hukugynda ýaşaýyş jaýy we başga emlägi bolup biler.
Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda emlägi miras alyp hem-de wesýet edip bilerler, olaryň ylym, edebiýat we sungat eserleri, açyşlar, senagat oýlap tapyşlary babatda awtorlyk hukuklary, şeýle hem beýleki emläk we şahsy emläk däl hukuklary bolup biler.
Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýer böleklerinden peýdalanmaga hem hukugy bardyr.
18-nji madda. Bilim almak
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bilim almaga hukugy bardyr.
Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede mekdebe çenli çagalar edaralarynda we umumybilim edaralarynda bilim-terbiýe alyp bilerler. Daşary ýurt raýatlarynyň hünär bilimi ulgamynda bilim almaklary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda okuwçylaryň hem-de talyplaryň hukuklaryna eýedirler we borçlary ýerine ýetirýärler.
Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň bilim, alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak hakynda resminamalaryny ykrar etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
19-njy madda. Medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmak
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmaga Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede hukugy bardyr.
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary taryhy we medeni ýadygärliklere, beýleki medeni gymmatlyklara aýawly garamaga borçludyrlar.
20-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerine gatnaşmak
Eger jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalarynda göz öňünde tutulan bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň şol guramalara girmek hukugy bardyr. Daşary ýurt raýatlarynyň jemgyýetçilik birleşiklerindäki agzalygy Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň çäginde döredilen we hereket edýän syýasy partiýalaryň we syýasy maksatlara eýerýän beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary bolup bilmezler.
21-nji madda. Dine uýmagyň erkinligi
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dine uýmagyň erkinligi kepillendirilýär.
Dini düşünjeler bilen baglanyşykly duşmançylygy we ýigrenç duýgusyny döretmek gadagandyr.
22-nji madda. Nika we maşgala gatnaşyklary
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary bilen we öz aralarynda nika baglaşyp we nikany bozup bilerler.
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary nika we maşgala gatnaşyklarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary ýerine ýetirýärler.
23-nji madda. Şahsyýetiň we ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligi
Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanda olaryň şahsyýetiniň, ýaşaýyş jaýynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň eldegrilmesizligi hem-de beýleki şahsy hukuklary we azatlyklary kepillendirilýär.
24-nji madda. Türkmenistanyň çägi boýunça hereket etmek we ýaşajak ýerini saýlap almak
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çägi boýunça erkin hereket edip we ýaşajak ýerini saýlap alyp bilerler. Milli howpsuzlygy üpjün etmek, jemgyýetçilik tertibini, ilatyň saglygyny we ahlagyny goramak, Türkmenistanyň raýatlarynyň we beýleki adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin zerur bolanda Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen halatlarda hereket etmek we ýaşajak ýerini saýlap almak babatda çäklendirilmelere ýol berilýär.
25-nji madda. Salgytlar we ýygymlar
Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlaryndan Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede salgytlar we ýygymlar alynýar.
26-njy madda. Daşary ýurt raýatlarynyň hukuklaryny goramak
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň özlerine degişli şahsy, emläk we beýleki hukuklaryny goramak üçin kazyýete we beýleki döwlet edaralaryna, şeýle hem öz ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutmaga hukugy bardyr.
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary kazyýetde Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar.
27-nji madda. Saýlaw hukugyna degişlilik
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary saýlawly döwlet edaralaryna saýlap we saýlanylyp, şeýle hem ählihalk we ýerli sala-salşyklaryna gatnaşyp bilmezler.
28-nji madda. Harby gulluga degişlilik
Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda harby gulluk geçmek borjuny ýerine ýetirmeýärler.
29-njy madda. Türkmenistanyň çäginde bolýan, kanuny wekilleri bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik daşary ýurt raýatlary babatynda hereket edýän hukuk tertibi
1. Türkmenistanyň çägine gelen we onda bolýan, ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik daşary ýurt raýatlary babatda şu aşakdaky çäreler ulanylýar:
1) ýurda gelmeginiň tertibiniň anyklanylmagy;
2) kämillik ýaşyna ýetmedik daşary ýurt raýatynyň şahsyýetini tassyklaýan hakyky resminamalary bolmadyk halatynda, onuň şahsyýetiniň anyklanmagy boýunça çäreleriň geçirilmegi;
3) kämillik ýaşyna ýetmedik daşary ýurt raýatlarynyň hukuklarynyň we bähbitleriniň Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, olaryň hossarlyk we howandarlyk edaralaryna ugrukdyrylmagy;
4) maşgalany birleşdirmek maksady bilen, ata-enesiniň bolýan ýerine garamazdan olaryň şahsyýetiniň anyklanylmagy üçin çäreleriň geçirilmegi;
5) ata-enesiniň şahsyýeti anyklanylýança mekdep ýaşyndaky kämillik ýaşyna ýetmedik daşary ýurt raýatlaryna bilim almaga elýeterliligiň üpjün edilmegi;
6) kämillik ýaşyna ýetmedik daşary ýurt raýatlarynyň ata-enesiniň bolýan ýurduna ýa-da beýleki maşgala agzalarynyň razylygy bilen, olaryň şahsyýeti anyklanan ýurduna dolanyp barmagy;
7) ata-enesiniň ýa-da beýleki maşgala agzalarynyň şahsyýeti anyklanylmadyk ýagdaýynda ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty onuň gelip çykýan ýurdy kabul etmedik halatynda, oňa Türkmenistanda bolmaga hukugyň berilmegi.
2. Türkmenistanyň çägine ýanynda hiç kim bolmazdan gelen ýa-da onda bolýan kämillik ýaşyna ýetmedik daşary ýurt raýatlary bilen söhbetdeşlikde hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary üpjün edilýär.
Şu maddanyň birinji bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary beýleki döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri, şeýle hem çaganyň hukuklaryny goramak babatdaky halkara guramalar bilen özara arkalaşykly hereket edýärler.
III BAP. RAÝATLYGY BOLMADYK ADAMYŇ STATUSYNY KESGITLEMEGIŇ TERTIBI
30-njy madda. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemek
1. Türkmenistanda raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemek şu Kanunda bellenilen tertipde amala aşyrylýar we şular göz öňünde tutulýar:
1) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamanyň berilmegi ýa-da Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralarynyň (mundan beýläk – migrasiýa gullugynyň edaralary) başlangyjy bilen;
2) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnamanyň berilmegi;
3) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnama berlenden soň, towakga edýän adamyň hasaba alynmagy;
4) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama garalmagy;
5) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama garalýan döwürde şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmadyk ýa-da hakyky resminamasy bolmadyk adamyň şahsyýetini anyklamak, onuň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek boýunça çäreleriň toplumynyň amala aşyrylmagy;
6) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama garamagyň netijeleri boýunça raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny bermek ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüdiň kabul edilmegi we bu barada towakga edýän adama habar berilmegi;
7) raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň we arzasy boýunça raýatlygy bolmadyk adamyň ýol resminamasynyň berilmegi.
2. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemek işi özi babatda şulary çak etmäge düýpli esaslar bolan adama degişli edilmeýär, eger-de ol:
1) şeýle etmişler babatda çäreler görmek maksady bilen düzülen halkara namalarynda berlen kesgitlemede görkezilen parahatçylyga garşy jenaýat, harby jenaýat ýa-da adamzadyň garşysyna jenaýat eden bolsa;
2) Türkmenistana gelmezinden öň Türkmenistanyň çäginden daşarda syýasy häsiýeti bolmadyk agyr jenaýaty eden bolsa;
3) Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ters gelýän hereketleri amala aşyrmakda günäkär bolsa;
4) onuň ýaşaýan döwletiniň ygtyýarly häkimiýet edaralary tarapyndan şol döwletiň raýatlygy bilen baglanyşykly hukuklar we borçlar ykrar we üpjün edilýän bolsa;
5) Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissaryndan başga Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki edaralarynyň we guramalarynyň goragyndan we (ýa-da) kömeginden peýdalanýan bolsa.
3. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusy Türkmenistanyň raýaty bolmadyk we haýsydyr bir döwlet tarapyndan onuň kanunçylygyna laýyklykda raýat diýlip hasap edilmeýän adama berilýär.
Şahsyýetini tassyklaýan resminamalarynyň bolmazlygy ýa-da şahsyýetini tassyklaýan hakyky däl resminamalarynyň bolmagy raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemek işine başlamakdan ýüz döndermek üçin esas bolup bilmez.
Türkmenistanda bolmagynyň esaslaryna garamazdan, raýatlygynyň ýokdugyny tassyklaýan islendik adam raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamany berip biler.
4. Raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň resmileşdirilip berilmegi, möhletiniň uzaldylmagy, çalşyrylmagy, gaýtadan resmileşdirilmegi (öwezliginiň berilmegi), şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamyň ýol resminamasynyň resmileşdirilip berilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet pajy ýa-da konsullyk ýygymlary alynýar.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, on alty ýaşa ýetmedik çagalar, weteranlar, şeýle hem ähli topardaky maýyplygy bolan adamlar döwlet pajyny tölemekden ýa-da konsullyk ýygymlardan boşadylýar.
31-nji madda. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamanyň berilmegi
1. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemek işi şu ýagdaýlarda amala aşyrylyp bilner:
1) raýatlygynyň ýokdugyny tassyklaýan adamyň towakganamasy boýunça;
2) migrasiýa gullugynyň edaralarynyň başlangyjy boýunça.
2. On sekiz ýaşyna ýeten towakga edýän adam raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamany özi ýa-da özüniň ygtyýarly wekiliniň üsti bilen ýazmaça görnüşinde, bolýan ýeri boýunça migrasiýa gullugynyň edarasyna berýär. On sekiz ýaşyna ýetmedik adamlar, şeýle hem saglyk ýagdaýy sebäpli hukuklaryny özbaşdak amala aşyrmaga we borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlar towakganamany özleriniň kanuny wekilleriniň üsti bilen berýärler.
Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama towakga edýän adam barada şu esasy maglumatlary öz içine almalydyr:
1) şahsy maglumatlary (familiýasy, ady, atasynyň ady (bar bolan halatynda) ýa-da olar üýtgedilen ýagdaýynda öňki familiýasy we ady, öňki raýatlygy, jynsy, doglan senesi we ýeri, ejesiniň nika baglaşmazdan öňki we nika baglaşylandan soňky familiýasy);
2) daşary ýurt döwleti tarapyndan berlen şahsyýetini tassyklaýan resminamasy ýa-da ýol resminamasy bar bolan ýagdaýynda, olar baradaky maglumat (resminamanyň ady we belgisi, hereket edýän möhleti, berlen senesi we ýeri, resminamany beren edara);
3) maşgala ýagdaýy (nika baglaşylan (nikanyň bozulan) senesi) äri-aýaly (öňki äri-aýaly) we çagalary barada maglumatlar (familiýasy, ady, atasynyň ady (bar bolan halatynda), doglan senesi, raýatlygy);
4) ozal ýaşan döwletleri we bu döwletlerde ýaşan döwürleri barada maglumatlar;
5) bilimi, işleýän we okaýan ýeri barada maglumatlar;
6) hakyky ýaşaýan ýeri barada maglumatlar;
7) ata-enesi we haýsydyr bir döwletiň raýatlary bolup durýan beýleki ýakyn garyndaşlary barada maglumatlar;
8) zerur bolan ýagdaýlaryň, maglumatlaryň we subutnamalaryň jikme-jik beýany;
9) towakganama garamak üçin zerur bolan beýleki maglumatlar.
Şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň we raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemek üçin ähmiýetli bolan beýleki resminamalaryň bolmadyk halatynda, towakga edýän adam raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamada olaryň ýokdugynyň sebäbini görkezýär.
Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama goşulýan resminamalaryň sanawy, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamanyň nusgasy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.
Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama berlende, eger towakga edýän adam döwlet dilini bilmeýän bolsa, ol terjimeçi bilen üpjün edilýär.
Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama berlende towakga edýän adama migrasiýa gullugynyň edaralarynyň işgärleri tarapyndan onuň hukuklary we borçlary düşündirilýär, raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemegiň tertibi barada maglumatlar berilýär.
Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamanyň berlen gününden, migrasiýa gullugynyň edaralary şeýle towakganamanyň hasaba alnandygy barada bellenilen görnüşindäki wagtlaýyn şahadatnama berýärler we şol şahadatnamanyň esasynda, towakga edýän adamyň bolýan ýeri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hasaba alynmagyny amala aşyrýarlar.
Adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalarynyň bolmazlygy onuň raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamasyny hasaba almakdan hem-de bu barada wagtlaýyn şahadatnamany bermekden ýüz dönderilmegi üçin esas bolup bilmez.
3. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemek işi şu ýagdaýlarda migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan başlanyp bilner:
1) raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemek üçin esaslaryň bardygyny görkezýän subutnamalar we maglumatlar bar bolsa. Bu ýagdaýda migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan adama raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemek işinden geçmegiň we towakga eden adam tarapyndan degişli towakganamalaryň, maglumatlaryň, resminamalaryň we beýleki tassyknamalaryň berilmeginiň zerurdygy barada habar berilýär.
2) raýatlygyny we şahsyýetini tassyklaýan resminamalary bolmadyk adamlary ýüze çykarmak, şol şanda milli meýilnamalara laýyklykda raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba alyş çäresini amala aşyrmak arkaly.
4. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnamany resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, şeýle hem ol resminamalaryň nusgalary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.
5. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň berilmegi hakynda towakga etmäge isleg bildirýän, ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamlary bolýan ýerlerindäki hossarlyk we howandarlyk edaralaryna ugrukdyrmak boýunça migrasiýa gullugynyň edaralary haýal etmän degişli çäreleri geçirýärler. Hossarlyk we howandarlyk edaralary üç iş gününiň dowamynda ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň adyndan raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama bilen migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutýarlar hem-de ol adamlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini gоramak boýunça beýleki zerur çäreleri amala aşyrýarlar.
Ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar şu Kanunyň 32-nji, 33-nji, 37-nji maddalarynda göz öňünde tutulan hukuklara eýedirler.
32-nji madda. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakynda towakga edýän adamlaryň we Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan edaralary tarapyndan raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adamlaryň hukuklarynyň kepillikleri
1. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamasyna garalýan adam, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adam şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklara eýedir hem-de borçlary ýerine ýetirýär.
2. Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygynyň ýa-da jemgyýetçilik tertibiniň bähbitleriniň goralmagy bilen baglanyşykly bolan ýagdaýlardan başga halatlarda, raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamasyna garalýan adam, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adam öz erkiniň garşysyna öňki adaty ýaşan ýurduna yzyna gaýtarylyp ýa-da Türkmenistanyň çäginden çykarylyp bilinmez hem-de administratiw taýdan çykarylmaga degişli däldir.
3. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakynda towakga edýän adamlaryň, raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuklaryny kemsidýän çözgütleri we hereketleri ýokarda durýan edaralara ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.
33-nji madda. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamasy hasaba alnan adamyň hukuklary we borçlary
1. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamasy hasaba alnandan soň, towakga edýän adam towakganama boýunça çözgüt kabul edilýän döwründe şu hukuklara eýedir:
1) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegine dahylly meseleler babatda terjimeçiniň hyzmatlaryndan muzdsuz peýdalanmaga;
2) raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemegiň tertibi, öz hukuklary we borçlary barada maglumatlary, şeýle hem şu madda laýyklykda başga maglumatlary almaga;
3) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnamany almaga;
4) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmeginiň meseleleri boýunça hukuk kömeginden muzdsuz peýdalanmaga;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerde lukmançylyk kömeginden mugt peýdalanmaga;
6) Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň derejede işe ýerleşmäge;
7) Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede mekdebe çenli we umumy orta bilimi almaga;
8) maşgalanyň birleşmegine;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenmeginiň tertibi bilen baglanyşykly paçlary, salgytlary we ýygymlary tölemekden boşadylmaga;
10) Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň derejede kazyýet goragyna;
11) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama garalmagyny bes etmek baradaky arzany bermäge;
12) öňki adaty ýaşan ýeriniň ýurduna meýletin dolanyp barmaga;
13) başga döwlete hemişelik ýaşamak üçin gitmäge;
14) Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary bilen deň derejede beýleki hukuklardan peýdalanmaga.
2. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama hasaba alnandan soň, towakga edýän adam towakganama boýunça çözgüt kabul edilýän döwründe şulara borçludyr:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge, Türkmenistanyň halkynyň milli däp-dessurlaryny, taryhy, medeni we tebigy mirasyny hormatlamaga;
2) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama garaýan migrasiýa gullugynyň edarasyna şeýle towakganamanyň seredilmegi üçin zerur bolan subutnamalary we maglumatlary bermäge;
3) habarnamany ýa-da elektron habarnamalary (SMS habarlary, elektron poçtasyny (e-mail) we beýlekileri) alan ýagdaýynda söhbetdeşlige gelmäge;
4) raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemegiň tertibine dahylly meseleler boýunça migrasiýa gullugynyň edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge;
5) raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnamanyň berlen pursadyndan başlap, üç iş gününiň dowamynda bolýan ýeri boýunça migrasiýa gullugynyň edarasynda hasaba durmaga;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen, daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanda bolmagynyň tertibini berjaý etmäge;
7) saglygy goraýyş edaralarynyň talap etmegi boýunça lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge we olaryň tabşyryknamalaryny ýerine ýetirmäge;
8) hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden gitmek baradaky niýetini migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;
9) şahsy maglumatlary, ýaşaýan (bolýan) ýeri üýtgän halatynda, bu barada migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;
10) başga bir döwletiň raýatlygyny edinendigi barada on günüň dowamynda migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;
11) Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary bilen deň derejede beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
34-nji madda. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama garamagyň tertibi
1. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama garamak towakganamanyň hasaba alnan gününden başlap, alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan amala aşyrylýar. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama garamagyň möhleti zerur bolan halatlarda bir ýyla çenli uzaldylyp bilner.
2. Towakganama garalýan döwründe Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy towakga edýän adamyň doglan ýerinden, onuň bolýan ýerinden ýa-da soňky ýaşan ýerinden, şeýle hem onuň maşgala agzalarynyň we ata-enesiniň raýaty bolup durýan döwletinden maglumatlary toplamak üçin zerur çäreleri görýär.
Towakga eden adamyň şahsyýetini tassyklaýan hakyky ýa-da hakyky däl resminamalary ýa-da şu Kanunyň 10-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan beýleki resminamasy bar bolan halatynda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy towakga edýän adamyň şahsyýetini anyklamak maksady bilen, onuň dogluş, raýatlygy baradaky hakyky maglumatlary we beýleki maglumatlary kesgitlemek üçin, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralaryna we (ýa-da) diplomatik ýollar arkaly daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarlandyrylan edaralaryna talapnamalary iberýär, towakga edýän adam we beýleki gyzyklanýan adamlar bilen söhbetdeşlik geçirýär. Iberilen talapnamalar boýunça adamyň şahsy maglumatlaryny tassyklaýan resmi maglumatlaryň alynmagy netijesinde, migrasiýa gullugynyň edaralary adamyň raýatlygyny kesgitlemek işi geçirilenden soň, onuň statusyna laýyklykda, onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar bilen üpjün edilmegine ýardam berýärler.
Iberilen talapnamalar boýunça maglumatlaryň ýa-da resmi tertipde maglumatlary almak mümkinçiliginiň, ýa-da towakga edýän adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň bolmadyk halatynda, migrasiýa gullugynyň edaralary ol adamyň şahsyýetini anyklamak maksady bilen, şu Kanunyň 10-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde degişli işleri geçirmek üçin talapnamalary iberýärler. Migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan iberilen ol talapnamalar boýunça resmi maglumatlaryň ýa-da resmi maglumatlary almak mümkinçiliginiň bolmadyk ýagdaýynda, towakga edýän adamyň şahsyýeti talapnamany alan, şu Kanunyň 10-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan kämillik ýaşyna ýeten we kämillik ukybyna eýe bolan adamlaryň (şaýatlaryň) ikisiniň notarial tertipde tassyklanylan ýazmaça maglumatlary arkaly tassyklanylyp bilner.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemek, şol sanda towakganama garamak, şahsyýetini anyklamak meseleleri boýunça Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň degişli döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri we halkara guramalary bilen arkalaşykly hereketi amala aşyrýar. Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň döwlet edaralary, şeýle hem halkara guramalary tarapyndan berlen resmi resminamalar subutnama güýjüne eýe bolan faktlar (ýagdaýlar) hökmünde kabul edilýär.
3. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
4. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama esaslandyrylmadyk diýlip ykrar edilýär we towakganama garamagy bes etmek hakynda çözgüt kabul edilýär, eger-de:
1) adamda Türkmenistanyň ýa-da başga bir döwletiň raýatlygynyň barlygy anyklanylsa;
2) adamda bosgun ýa-da gaçybatalga soraýan adamyň statusy bar bolsa;
3) adama Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslaryň ýokdugy sebäpli, raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny bermekden öň ýüz dönderilen hem-de täze towakganamanyň berlen gününe çenli degişli ýagdaýlar üýtgemedik bolsa;
4) adam raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama garalýan döwründe şahsyýetini anyklamak we raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemek üçin zerur bolan ýagdaýlary anyklamak meseleleri boýunça migrasiýa gullugynyň edaralary we beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmeýän bolsa ýa-da migrasiýa gullugynyň edaralaryna, şeýle hem beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna yzygiderliligi bolmadyk, çapraz gelýän, nätakyk, ýalan maglumatlary ýa-da galp resminamalary bilkastlaýyn berýän, ýa-da soraglara jogap bermeýän, ýa-da olara jogap bermekden ýüz dönderýän bolsa;
5) adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny ýok edendigi we (ýa-da) galp resminamalary ulanandygy anyklanylsa;
6) Türkmenistanyň çäginde jenaýat edendigi üçin adam barada jenaýat işi gozgalan bolsa;
7) adam Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna we jemgyýetçilik tertibine howp salýan bolsa;
8) adam towakganamasyna garalýan döwürde Türkmenistanyň çäginden giden bolsa;
9) adam towakganamasyna garalmagyny bes etmek barada arza beren bolsa;
10) adam towakganamasyna garalýan döwürde Türkmenistanyň raýatlygyny ýa-da başga bir döwletiň raýatlygyny edinen bolsa;
11) adam aradan çykan bolsa.
5. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama garamagyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan aşakdaky çözgütleriň biri kabul edilýär:
1) raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny bermek hakynda;
2) raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny bermekden ýüz döndermek hakynda.
6. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny bermekden şu ýagdaýlarda ýüz dönderilip bilner:
1) raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny bermek üçin esaslar bolmadyk halatynda;
2) şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda;
3) şu Kanunyň 30-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda.
7. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama garamagyň netijelerini on iş gününiň dowamynda ýazmaça görnüşinde ýa-da elektron habarnamalar (SMS habarlar, elektron poçtasy (e-mail) we beýlekiler) arkaly towakga edýän adamyň dykgatyna ýetirýär.
8. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adama Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan otuz iş gününiň dowamynda bellenilen görnüşdäki raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy berilýär. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adamyň ýüz tutmagynyň esasynda oňa raýatlygy bolmadyk adamyň ýol resminamasy berilýär.
9. Raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň we onuň ýol resminamasynyň nusgasy we teswiri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
Raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasyny resmileşdirmegiň we bermegiň, gaýtadan resmileşdirmegiň (öwezligini bermegiň), çalşyrmagyň we möhletini uzaltmagyň, ýatyrmagyň tertibi, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamyň ýol resminamasyny resmileşdirmegiň we bermegiň, ýatyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.
10. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adamyň ýaşaýan ýa-da bolýan ýeri boýunça hasaba alynmagy we hasaba alynmagynyň möhletiniň uzaldylmagy raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy esasynda migrasiýa gullugynyň edaralarynda amala aşyrylýar.
Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakynda towakga edýän adamlary, raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adamlary hasaba almagyň, olaryň hasaba alynmagynyň möhletini uzaltmagyň, hasapdan çykarmagyň we hasabyny ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.
11. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny bermekden ýüz dönderilen halatynda, towakganama bilen ýüz tutan adama ýüz dönderilmeginiň sebäpleri, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny bermekden ýüz dönderilmegi hakyndaky çözgüde şikaýat etmegiň tertibi we möhleti barada habar berilýär.
35-nji madda. Söhbetdeşlik
1. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusynyň kesgitlenilmegi hakyndaky towakganama berlende we zerur bolan ýagdaýynda oňa garalýan döwürde migrasiýa gullugynyň edarasy towakga edýän adam bilen söhbetdeşlik geçirýär.
2. Söhbetdeşligiň dowamynda teswirnama düzülýär, onda şu aşakdakylar görkezilýär:
1) şahsy maglumatlar (familiýasy, ady, atasynyň ady (bar bolan ýagdaýynda), öňki familiýasy we ady, öňki raýatlygy, jynsy, doglan ýeri we senesi, ata-enesi, çagalary barada maglumatlar);
2) berlen resminamalar baradaky maglumatlar (resminamanyň ady, belgisi, hereket ediş möhleti, berlen senesi we ýeri, resminamany beren edaranyň ady);
3) maşgala ýagdaýy, nikanyň baglaşylan (nikanyň bozulan) senesi we ýeri;
4) bilimi, amala aşyrýan zähmet işiniň görnüşi, iş ýeri;
5) Türkmenistanda ýaşaýan ýerleri we öňki ýaşan ýeriniň ýurtlary baradaky maglumatlar;
6) ýakyn garyndaşlary barada maglumatlar;
7) towakga edýän adamy raýatlygy bolmadyk adamyň ýagdaýyna getiren sebäpler;
8) towakganama garamak üçin zerur bolan beýleki maglumatlar.
Teswirnama towakga edýän adam, söhbetdeşligi geçiren migrasiýa gullugynyň edarasynyň işgäri, terjimeçi (bar bolan halatynda), kanuny wekiller tarapyndan gol çekilýär.
Söhbetdeşligiň çäklerinde towakga edýän adam towakganamanyň berilmeginiň sebäplerini görkezip biler we towakganamany goldamak üçin öň berilmedik islendik subutnamalary berip biler.
3. Ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen söhbetdeşlik hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, ýanynda biri bolan kämillik ýaşyna ýetmedikler, saglyk ýagdaýy sebäpli hukuklaryny özbaşdak amala aşyrmaga we borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlar bilen bolsa, ata-enesiniň biriniň ýa-da beýleki kanuny wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.
36-njy madda. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny ýatyrmak
1. Şu aşakdakylary çak etmäge düýpli esaslar bar bolan ýagdaýynda, raýatlygy bolmadyk adamyň statusy ýatyrylyp bilner, eger-de:
1) statusyň kesgitlenilmegi üçin esasy bolan käbir resminamalar ýa-da subutnamalar galplaşdyrylan bolsa we raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny saklap galmak üçin esaslar bolmasa;
2) Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan edaralary tarapyndan statusy kesgitlenen raýatlygy bolmadyk adam şu Kanunyň 30-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan esaslara gabat gelse;
3) raýatlygy bolmadyk adam Türkmenistanyň ýa-da daşary ýurt döwletiniň raýatlygyny edinse ýa-da dikeltse;
4) Birleşen Milletler Guramasynyň 1954-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky «Raýatlygy bolmadyk adamlaryň statusy hakynda» Konwensiýasyna goşulan islendik döwlet Konwensiýanyň talaplaryna laýyklykda adamy öz jogapkärçiligine alan bolsa;
5) adam aradan çykan bolsa;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.
2. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny ýatyrmak hakyndaky çözgüt kabul edilen gününden başlap, üç iş gününiň dowamynda, sebäbiniň görkezilmegi bilen, ýazmaça görnüşde ýa-da elektron habarnamalar (SMS habarlar, elektron poçtasy (e-mail) we beýlekiler) arkaly towakga edýän adamyň dykgatyna ýetirilýär. Adam kabul edilen çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat etmäge haklydyr.
37-nji madda. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adamyň hukuklary we borçlary
1. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adam Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen çäklerde hukuklardan peýdalanýar we borçlary ýerine ýetirýär.
2. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adam şu hukuklardan peýdalanýar:
1) öz hukuklary we borçlary baradaky maglumatlary, şeýle hem şu madda laýyklykda başga maglumatlary almaga;
2) raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasyny we ýol resminamasyny almaga;
3) Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan şertlerde zähmet çekmäge, eýeçiligine emläk edinmäge, lukmançylyk kömeginden we durmuş üpjünçiliginiň hyzmatlaryndan peýdalanmaga;
4) Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede mekdebe çenli we umumy orta bilimi almaga;
5) medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmaga;
6) dini dessurlary erkin berjaý etmäge;
7) degişli edaralaryň ýardam etmeginde, beýleki ýurtlarda ýaşaýan öz garyndaşlary we öňki adaty ýaşan ýeriniň ýurdunda galdyran öz emlägi hakynda maglumatlary almaga;
8) maşgalanyň birleşmegine;
9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýatlygyny edinmäge;
10) Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň derejede kazyýet goragyna;
11) öňki adaty ýaşan ýurduna meýletin dolanyp barmaga;
12) hemişelik ýaşamak üçin başga döwlete gitmäge;
13) Türkmenistanyň çägine öz ýany bilen getiren emlägini, şeýle hem gazanan emlägini oňa ýaşamak üçin gitmäge hukuk berlen başga ýurda alyp gitmäge;
14) Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň derejede beýleki hukuklardan peýdalanmaga.
3. Raýatlygy bolmadyk adamyň statusy kesgitlenen adam şulara borçludyr:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge, Türkmenistanyň halkynyň milli däp-dessurlaryny, taryhy, medeni we tebigy mirasyny hormatlamaga;
2) raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy berlen gününden ýaşaýan ýeri boýunça migrasiýa gullugynyň edaralarynda bellenilen tertipde hasaba durmaga;
3) şahsy maglumatlarynyň, ýaşaýan (bolýan) ýeriniň üýtgän halatynda bu barada migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;
4) hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden gitmek baradaky niýetini migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;
5) başga bir döwletiň raýatlygyny edinendigi barada on günüň dowamynda migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;
6) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň derejede beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
38-nji madda. Halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistan raýatlygy bolmadyk adamlar bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde daşary ýurt döwletleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi we beýleki halkara guramalar bilen halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň raýatlygy bolmadyk adamyň statusyny kesgitlemegiň tertibiniň meseleleri boýunça haýyşnamalaryny beýleki döwletleriň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna ýetirmekde ýardam berip biler hem-de raýatlyk çygrynda daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygynyň we iş tejribesiniň maglumat çeşmesi hökmünde çykyş edip biler.
IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
39-njy madda. Daşary ýurt döwletleriniň wekilhanalarynyň baştutanlarynyň we işgärleriniň hem-de beýleki adamlaryň artykmaçlyklary we immunitetleri
Şu Kanunyň düzgünleri daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň baştutanlarynyň hem-de işgärleriniň Türkmenistanyň kanunçylygy we halkara şertnamalary bilen bellenilen artykmaçlyklaryna we immunitetlerine, şeýle hem şunuň ýaly artykmaçlyklary we immunitetleri bar bolan beýleki adamlara degişli däldir.
40-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
41-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
2. Şu Kanun herekete girizilen gününden 2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 13-nji madda) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.
№ 417-VI.