Ekologiýa auditi hakynda

 


TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Ekologiýa auditi hakynda

 

Şu Kanun ekologiýa auditini geçirmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de hojalygy ýörediji subýektleriň işiniň ekologiýa taýdan esaslylygynyň we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ekologiýa auditi – daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, kada görkezijileriniň, kadalaşdyryjy resminamalaryň hem-de standartlaryň talaplarynyň, şeýle hem halkara ekologik kada görkezijileriniň we standartlarynyň talaplarynyň hojalyk we beýleki işiň subýekti tarapyndan berjaý edilişine garaşsyz, toplumlaýyn, resminamalaşdyrylan baha berilmegi, işiň ýagdaýy barada netijenamalaryň we ony gowulandyrmak boýunça teklipleriň taýýarlanylmagy;

2) hökmany ekologiýa auditi – Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, hökmany tertipde geçirilýän ekologiýa auditi;

3) meýletin ekologiýa auditi – ekologiýa auditini buýrujynyň başlangyjy boýunça meýletin başlangyçlarda geçirilýän ekologiýa auditi;

4) ekologiýa auditory – ekologiýa auditi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ekologiýa auditini geçirmek üçin ygtyýarlyklara eýe bolan we degişli ygtyýarnamasy bar bolan fiziki şahs;

5) ekologiýa auditorlyk guramasy – ekologiýa auditini geçirýän we ekologiýa auditi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ekologiýa auditini geçirmek üçin degişli ygtyýarnamasy bar bolan gurama;

6) ekologiýa auditini buýrujy – ekologiýa auditiniň geçirilmegini buýurýan ýuridik ýa-da fiziki şahs;

7) tehniki bilermen – özüniň degişli pudakdaky tejribesi ýa-da bilimi bilen ekologiýa auditiniň geçirilmegini üpjün edýän adam;

8) ekologiýa auditiniň meýilnamasy – ekologiýa auditini geçirmek üçin zerur çäreleriň we möhletleriň beýany;

9) ekologiýa auditiniň ölçeg alamatlary (kriteriýalary) – ekologiýa auditiniň obýekti barada ýygnalan maglumatlara ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy tarapyndan olar boýunça baha berilýän usullar, amallar ýa-da talaplar;

10) ekologiýa auditiniň maglumatlary – ekologiýa auditiniň obýektiniň daşky gurşawa täsir etmesi barada barlanylýan maglumat, ýazgylar we arzalar, şol sanda nusgalyklary seçip almak we seljerişleri hem-de (ýa-da) synaglary geçirmek arkaly alnan maglumatlar;

11) ekologiýa auditiniň gelen netijeleri – ekologiýa auditiniň ölçeg alamatlaryna laýyklygyna geçirilen baha bermegiň netijeleri barada ekologiýa auditorynyň ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasynyň esaslandyrylan pikiri;

12) ekologiýa auditiniň netijenamasy – geçirilen ekologiýa auditiniň netijeleri boýunça ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy tarapyndan resmileşdirilen resminama;

13) bähbitleriň gapma-garşylygy – onda ekologiýa auditorynyň ýa-da  ekologiýa auditorlyk guramasynyň bähbitleriniň, olaryň ekologiýa auditini buýrujynyň ekologiýa auditini geçirmek boýunça pikirine täsir edip biljek ýagdaý;

14) daşky gurşawa täsir etme – ekologiýa auditini buýrujynyň işiniň we onuň önümleriniň ýa-da hyzmatlarynyň doly ýa-da bölekleýin netijesi bolup durýan, daşky gurşawdaky hil taýdan islendik özgeriş.

 

2-nji madda. Ekologiýa auditi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Ekologiýa auditi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3-nji madda. Ekologiýa auditiniň maksady we wezipeleri

 

1. Ekologiýa auditiniň maksady daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda işi kämilleşdirmek, şeýle hem hojalyk we beýleki işiň daşky gurşawa ýaramaz täsir etmeleriniň öňüni almak hem-de peseltmek bolup durýar.

2. Ekologiýa auditiniň wezipeleri şular bolup durýarlar:

1) hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplarynyň berjaý edilişine seljeriş geçirmek we baha bermek;

2) ekologiýa auditini buýrujy tarapyndan geçirilýän daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň netijeliligine, doly ýeterlikligine hem-de esaslylygyna baha bermek;

3) ekologiýa auditiniň obýektlerinde ekologiýa meselelerini ýüze çykarmak we kesgitlemek.

3. Ekologiýa auditiniň anyk wezipeleri her bir aýratyn ýagdaýda, şu Kanuna we ekologiýa auditi babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, onuň zerurlyklaryndan we ekologiýa auditiniň obýektiniň işiniň häsiýetinden ugur alnyp, ekologiýa auditini buýrujy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

4-nji madda. Ekologiýa auditiniň esasy ýörelgeleri

 

Ekologiýa auditi şu ýörelgelere esaslanýar:

1) ekologiýa auditi geçirilen mahalynda daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplarynyň hasaba alynmagynyň hökmanylygy;

2) çägiň tebigy we durmuş-ykdysady aýratynlyklarynyň, daşky gurşawyň häzirki hem-de geljekki ýagdaýynyň hasaba alynmagy;

3) ekologiýa auditiniň hakykatlylygy, geçirilen ekologiýa auditiniň netijeleriniň we olar boýunça ekologiýa auditiniň gelen netijeleriniň ygtybarlylygy;

4) ekologiýa auditorynyň we ekologiýa auditorlyk guramasynyň ekologiýa auditini buýrujydan, döwlet edaralaryndan we beýleki gyzyklanma bildirýän şahslardan garaşsyzlygy;

5) daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerinde ekologiýa auditorynyň we ekologiýa auditorlyk guramasynyň hünär dereje synagy bilen tassyklanylan ygtyýarlylygy;

6) ekologiýa auditi geçirilen mahalynda alynýan maglumatyň ýaşyrynlygynyň ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy tarapyndan goralyp saklanylmagy, ekologiýa auditini buýrujynyň rugsady bolmazdan onuň ýaýradylmazlygy;

7) ekologiýa auditini geçirmek üçin zerur bolan şertleriň we serişdeleriň ekologiýa auditini buýrujy tarapyndan üpjün edilmegi;

8) ekologiýa auditini buýrujynyň hojalyk we beýleki işiniň netijesinde daşky gurşawa täsir edilmegi babatda maglumatyň dogrulygy we dolulygy;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerde geçirilen ekologiýa auditiniň netijelerine ekologiýa auditorynyň ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasynyň jogapkärçiligi;

10) ekologiýa auditiniň geçirilmegine päsgel bermek maksady bilen ekologiýa auditorlaryna ýa-da ekologiýa auditorlyk guramalaryna haýsydyr bir görnüşde täsir edilmegine ýol berilmezligi;

11) geçirilen ekologiýa auditiniň netijesi boýunça alnan esaslandyrylan teklipleriň we maslahatlaryň ekologiýa auditini buýrujy tarapyndan ýerine ýetirilmegi;

12) ekologiýa auditorlarynyň we ekologiýa auditorlyk guramalarynyň hünär dereje synagynyň hökmanylygy.

 

5-nji madda. Ekologiýa auditiniň obýektleri

 

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, önümçilikler we beýleki hojalyk obýektleri ýa-da olaryň işiniň käbir görnüşleri ekologiýa auditiniň obýektleri bolup durýarlar.

 

6-njy madda. Ekologiýa auditiniň subýektleri

 

Ekologiýa auditini buýrujylar, ekologiýa auditorlary we ekologiýa auditorlyk guramalary ekologiýa auditiniň subýektleri bolup durýarlar.

 

7-nji madda. Ekologiýa auditini maliýeleşdirmek

 

1. Ekologiýa auditi ekologiýa auditini buýrujynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

2. Ekologiýa auditini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki gyzyklanma bildirýän şahslar tarapyndan hem amala aşyrylyp bilner.

 

8-nji madda. Ekologiýa auditi babatda  işe salgyt salynmagy

 

Ekologiýa auditi babatda işe salgyt salynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

II BAP. EKOLOGIÝA AUDITI BABATDA DÖWLET

DÜZGÜNLEŞDIRMESI

 

9-njy madda. Ekologiýa auditi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

 

Ekologiýa auditi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara) tarapyndan amala aşyrylýar.

 

10-njy madda. Ekologiýa auditi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Ekologiýa auditi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) döwlet maksatnamasyny tassyklaýar;

3) hojalyk we beýleki işiň aýry-aýry subýektleri babatda daşary ýurt auditorlyk guramalary tarapyndan ekologiýa auditiniň geçirilmegi hakynda çözgüt kabul edýär;

4) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

11-nji madda. Ekologiýa auditi babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ekologiýa auditi babatda ygtyýarlandyrylan edara:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär we onuň utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar;

2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde tassyklaýar;

3) daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet talaplaryny hem-de dessurlaryny işläp taýýarlaýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ekologiýa taýdan howply işleriň görnüşlerini we ekologiýa taýdan howply obýektleriň Sanawyny (mundan beýläk – Sanaw) tassyklaýar;

5) ekologiýa auditorlaryny we ekologiýa auditorlyk guramalaryny ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;

6) Türkmenistanyň ekologiýa auditorlarynyň döwlet sanawyny we Türkmenistanyň ekologiýa auditorlyk guramalarynyň döwlet sanawyny ýöredýär;

7) ekologiýa auditorlarynyň we ekologiýa auditorlyk guramalarynyň işiniň hiline daşky gözegçiligi, şeýle hem olaryň işiniň seljerişini geçirýär;

8) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ekologiýa auditorlaryna we ekologiýa auditorlyk guramalaryna olaryň işiniň hiline daşky gözegçiligiň jemleri boýunça ýerine ýetirilmegi hökmany bolan tabşyryknamalary berýär;

9) ekologiýa auditorlary we ekologiýa auditorlyk guramalary tarapyndan şu Kanunyň, ekologiýa auditini geçirmek üçin degişli ygtyýarnamanyň talaplary hem-de şertleri, ekologiýa auditiniň halkara we döwlet standartlarynyň bozulan ýagdaýlarynda olara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli çäreleri görýär;

10) ekologiýa auditorlyk işiniň meseleleri boýunça beýleki döwlet edaralary bilen ylalaşykly hereket edýär;

11) olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagyna getiren, ekologiýa auditorlarynyň ýa-da ekologiýa auditorlyk guramalarynyň hereketlerine (hereketsizligine) bolan ekologiýa auditini buýrujylaryň arzalaryna we şikaýatlaryna seredýär;

12) halkara hyzmatdaşlygynyň anyk taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

13) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

III BAP. EKOLOGIÝA AUDITINIŇ SUBÝEKTLERINIŇ

HUKUKLARY WE BORÇLARY. EKOLOGIÝA

AUDITINIŇ GÖRNÜŞLERI

 

12-nji madda. Ekologiýa auditini buýrujynyň hukuklary we borçlary

 

1. Ekologiýa auditini buýrujynyň şulara hukugy bardyr:

1) ekologiýa auditini geçirmegiň zerurlygyny kesgitlemäge;

2) ekologiýa auditorynyň ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasynyň seçilip alnyşyny geçirmäge;

3) ekologiýa auditiniň ölçeg alamatlaryny we möçberlerini kesgitlemek hakynda ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy bilen maslahatlaşmaga;

4) işgärleri ekologiýa auditiniň maksady we möçberleri barada habardar etmäge;

5) ekologiýa auditiniň netijenamasyny almaga we zerurlyga görä ony gyzyklanma bildirýän şahslara bermek barada çözgüt kabul etmäge;

6) ekologiýa auditiniň netijenamasynda görkezilen teklipleriň ýerine ýetirilişi barada ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy bilen maslahatlaşmaga;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hereketleri amala aşyrmaga.

2. Ekologiýa auditini buýrujy şulara borçludyr:

1) ekologiýa auditiniň maksadyny we wezipelerini kesgitlemäge;

2) seçilip alnan ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy bilen ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasyny resmileşdirmäge;

3) ekologiýa auditini geçirmegiň meýilnamasyny ylalaşmaga;

4) ekologiýa auditini geçirmek üçin ekologiýa auditoryna ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasyna zerur bolan ygtyýarlyklary we serişdeleri bermäge;

5) ekologiýa auditi geçirilen mahalynda ekologiýa auditorynyň  ýany bilen gitmek hem-de önümçilik we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin jogapkär adamlary bellemäge;

6) ekologiýa auditini öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeк maksady bilen ekologiýa auditoryna ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasyna degişli obýektlere we jaýlara, işgärlere, şeýle hem zerur bolan maglumatlara elýeterliligi üpjün etmäge;

7) ekologiýa auditini geçirmegiň barşynda ýüze çykan meseleler boýunça ekologiýa auditorynyň ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasynyň talap etmegi boýunça dilden ýa-da ýazmaça görnüşinde zerur bolan düşündirişleri we subutnamalary bermäge;

8) ekologiýa auditini geçirmekde ekologiýa auditoryna ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasyna päsgel berjek, ýüze çykmagy ähtimal päsgelçilikleri aradan aýyrmaga;

9) ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasyna laýyklykda, şol sanda eger, ekologiýa auditiniň netijenamasy ekologiýa auditini buýrujynyň nukdaýnazary bilen gabat gelmeýän ýagdaýynda hem, ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary öz wagtynda doly möçberde tölemäge.

 

13-nji madda. Ekologiýa auditorynyň we ekologiýa auditorlyk guramasynyň hukuklary we borçlary

 

1. Ekologiýa auditorynyň we ekologiýa auditorlyk guramasynyň şulara hukuklary bardyr:

1) daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ekologiýa auditini geçirmegiň görnüşlerini we usullaryny özbaşdak kesgitlemäge;

2) ekologiýa auditiniň ölçeg alamatlary we möçberleri kesgitlenen mahalynda ekologiýa auditini buýrujy bilen maslahatlaşmalary geçirmäge;

 3) ekologiýa auditiniň maksadyna ýetmegi üçin zerur bolan ähli maglumaty ekologiýa auditini buýrujydan soramaga;

4) ekologiýa auditini buýrujynyň işi bilen baglanyşykly ekologiýa auditiniň maglumatlaryny doly möçberde barlamaga;

5) ekologiýa auditini geçirmegiň barşynda ýüze çykan meseleler boýunça buýrujynyň wezipeli adamlaryndan we beýleki işgärlerinden, şeýle hem ekologiýa auditiniň üçünji şahslaryndan dilden ýa-da ýazmaça görnüşde düşündirişleri we subutnamalary almaga;

6) ekologiýa auditiniň iş resminamalarynyň taýýarlanylmagyny utgaşdyrmaga, geçirilen ekologiýa auditiniň käbir netijelerini resminamalaşdyrmaga;

7) giň gerimli (köp ugurly) ekologiýa auditi geçirilen mahalynda tehniki bilermenleri çekmäge;

8) şu ýagdaýlarda ekologiýa auditini geçirmekden ýa-da ekologiýa auditiniň gelen netijesinde öz pikirini aýan etmekden ýüz döndermäge:

a) ekologiýa auditini buýrujy tarapyndan ähli zerur maglumatlaryň berilmezligi;

b) ekologiýa auditini geçirmegiň barşynda ekologiýa auditiniň maglumatlarynyň dogrulygy barada ekologiýa auditorynyň ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasynyň pikirine düýpli täsir edýän ýa-da düýpli täsir etmäge ukyply ýagdaýlaryň ýüze çykarylmagy;

ç) ekologiýa auditini buýrujy tarapyndan ekologiýa auditini geçirmekde päsgelçilikleriň aradan aýrylmagy boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirmezligi;

9) ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasyndan gelip çykýan beýleki hereketleri amala aşyrmaga.

2. Ekologiýa auditory we ekologiýa auditorlyk guramasy şulara borçludyrlar:

1) ekologiýa auditini buýrujy bilen degişli maslahatlaşmalary geçirmek arkaly ekologiýa auditini geçirmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga;

2) ekologiýa auditini buýrujy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda ekologiýa auditini geçirmek boýunça işleri doly möçberde ýerine ýetirmäge;

3) ekologiýa auditi geçirilen mahalynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň we  halkara standartlarynyň talaplaryny berjaý etmäge;

4) ekologiýa auditini geçirmek we onuň netijelerini resmileşdirmek üçin zerur bolan maglumatlary toplamaga we seljerme geçirmäge;

5) ekologiýa auditini geçirmegiň barşynda ýüze çykýan islendik meseleleri çözmegiň ýollaryny gözlemäge;

6) ekologiýa auditini buýruja ýüze çykarylan düzgün bozulmalary aradan aýyrmak boýunça teklipleri bermäge;

7) ekologiýa auditiniň netijenamasynyň dogrulygyny we esaslylygyny üpjün etmäge;

8) ekologiýa auditini buýrujynyň talap etmegi boýunça ekologiýa auditiniň taýýar edilen bellikleriniň we gelen netijeleriniň esaslandyrmalaryny bermäge;

9) ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasynda bellenilen möhletde, ekologiýa auditini buýruja ekologiýa auditiniň netijenamasyny taýýarlamaga we bermäge;

10) ekologiýa auditini geçirmegiň barşynda alynýan we düzülýän resminamalaryň hem-de olaryň göçürmeleriniň, ol geçirilenden soň bäş ýylyň dowamynda saklanylmagyny üpjün etmäge;

11) ekologiýa auditini geçirmegiň barşynda alnan, ekologiýa auditini buýrujynyň täjirçilik-tehniki maglumatynyň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge;

12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz işiniň netijelerine jogapkärçilik çekmäge;

13) ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasyndan gelip çykýan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

 

14-nji madda. Bähbitleriň gapma-garşylygy

 

1. Ekologiýa auditorlary ýa-da ekologiýa auditorlyk guramalary tarapyndan ekologiýa auditiniň geçirilmegi şu ýagdaýlarda amala aşyrylyp bilinmeýär, eger:

1) ekologiýa auditorlary ýa-da ekologiýa auditorlyk guramalarynyň ekologiýa auditorlary ýa-da olaryň ýolbaşçylary, wezipeli adamlary ekologiýa auditini buýrujynyň esaslandyryjylary (paýdarlary) we olaryň ýolbaşçylary, wezipeli adamlary bilen ýakyn garyndaşlykda ýa-da guda garyndaşlygynda durýan bolsalar.

«Ýakyn garyndaşlykda ýa-da guda garyndaşlygynda» diýlen düşünje Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda kesgitlenilen manyda ulanylýar;

2) ekologiýa auditorlary ýa-da ekologiýa auditorlyk guramalarynyň ekologiýa auditorlary ýa-da olaryň ýolbaşçylary, beýleki wezipeli adamlary ekologiýa auditini buýrujynyň esaslandyryjylary (paýdarlary) bolup durýan bolsalar ýa-da ekologiýa auditini buýrujylar, olaryň golçur kärhanalaryny, şahamçalaryny we wekilhanalaryny goşmak bilen bu ekologiýa auditorlyk guramalarynyň esaslandyryjylary (paýdarlary) bolup durýan bolsalar.

2. Ekologiýa auditi geçirilen mahalynda ekologiýa auditiniň subýektleri tarapyndan bähbitleriň gapma-garşylygyna getirip biljek ýa-da onuň ýüze çykmak howpuny döredýän hereketleriň edilmegine ýol berilmeýär.  

 

15-nji madda. Ekologiýa auditory

 

1. Ekologiýa auditory – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ekologiýa auditini geçirmek üçin degişli ygtyýarnamasy bolan we onuň geçirilmegini özbaşdak amala aşyrýan, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs.

Ekologiýa auditorynyň şahsy möhüri bolýar, ony taýýarlamaga bolan hukuk ekologiýa auditini geçirmek üçin degişli ygtyýarnamanyň alnan senesinden ýüze çykýar. Şahsy möhüriniň talabalaýyk peýdalanylmandygy we goralyp saklanylmandygy üçin ekologiýa auditory Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

2. Ekologiýa auditory ekologiýa auditorlyk guramasynyň düzüm sanawyna girýän işgär hökmünde ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy bilen baglaşylan raýat-hukuk häsiýetli şertnama esasynda ekologiýa auditorlyk guramasynyň adyndan ekologiýa auditiniň geçirilmegine gatnaşmaga we ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmäge hukugy bardyr.

3. Ekologiýa auditorynyň raýat-hukuk häsiýetli şertnama esasynda bir wagtda iki ýa-da şondan hem köp ekologiýa auditorlyk guramalary bilen ekologiýa auditini geçirmeklige  gatnaşmagyna ýol berilmeýär.

 

16-njy madda. Ekologiýa auditorlyk guramasy

 

1. Ekologiýa auditorlyk guramasy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde, şu guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde döredilip bilner:

1) hususy kärhana;

2) hojalyk jemgyýeti;

3) bilelikdäki kärhana;

4) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

2. Ekologiýa auditory özüniň düzüm sanawyna girýän ekologiýa auditory bolup işlejek diňe bir ekologiýa auditorlyk guramasynyň esaslandyryjysy (paýdary) bolup biler.

3. Hojalyk jemgyýetiniň, bilelikdäki kärhananyň ýa-da ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk gaznasynda düzüm sanawynyň ekologiýa auditorlary bolup durýan ekologiýa auditorlyk guramasyny esaslandyryjylaryň (paýdarlaryň) paýynyň jemi 51 göterimden az bolmaly däldir.

4. Ekologiýa auditorlyk guramasynyň düzüm sanawyna girýän ekologiýa auditorlarynyň sany üçden az bolmaly däldir. Ekologiýa auditorlyk guramasynyň ýolbaşçysy diňe ekologiýa auditory bolup biler.

5. Ekologiýa auditini geçirmek üçin degişli ygtyýarnamasy bolmadyk hünärmenler ekologiýa auditorlyk guramasynyň işgärleriniň hatarynda ekologiýa auditorynyň kömekçisi hökmünde işläp bilerler.

Hünärmeniň ekologiýa auditorlyk guramasynyň ekologiýa auditorynyň kömekçisi hökmünde işlän wagty, ekologiýa auditini geçirmek üçin degişli ygtyýarnamany almaga zerur bolan iş döwrüne goşulýar.

 

17-nji madda. Ekologiýa auditiniň görnüşleri

 

1. Ekologiýa auditi hökmany ýa-da meýletin tertipde geçirilýär.

2. Hökmany ekologiýa auditi ýa-da meýletin ekologiýa auditi doly ekologiýa auditi görnüşinde (daşky gurşawa täsir etmegiň toplumlaýyn barlagy) ýa-da ýöriteleşdirilen ekologiýa auditi (tebigy gurşawyň aýry-aýry böleklerine täsir etmegiň barlagy) görnüşinde geçirilip bilner.

 

18-nji madda. Hökmany ekologiýa auditi

 

1. Hökmany ekologiýa auditi şu ýagdaýlarda geçirilýär:

1) önümler, prosesler, işler ýa-da hyzmatlar ekologiýa taýdan sertifikatlaşdyrylanda;

2) daşky gurşawa täsir edýän önümçilik kärhanalaryň we obýektleriň durky täzelenilende, döwrebaplaşdyrylanda ýa-da işiniň ugry üýtgedilende;

3) döwlet eýeçiliginde duran, daşky gurşawa täsir edýän önümçilik kärhanalaryň hem-de obýektleriň esasynda hususy kärhanalar ýa-da bilelikdäki kärhanalar döredilende;

4) obýektleriň hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrylmasynda;

5) daşky gurşawa täsir edýän önümçilik kärhanalaryň we obýektleriň ýuridik şahsy çalşyrylanda;

6) Sanawa girýän ekologiýa taýdan howply işleriň görnüşleri amala aşyrylanda we ekologiýa taýdan howply obýektler ulanylanda.

2. Hökmany ekologiýa auditi, Sanawa girýän ekologiýa taýdan howply işleriň görnüşlerini amala aşyrýan we ekologiýa taýdan howply obýektleri ulanýan kärhanalar ýa-da önümçilikler tarapyndan ekologiýa hasabatlylygyny düzmek we obýektleriň hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ýagdaýlarda, her ýylda geçirilýär.

Hökmany ekologiýa auditi, Sanawa girýän ekologiýa taýdan howply işleriň görnüşlerini amala aşyrýan we ekologiýa taýdan howply obýektleri ulanýan kärhanalarda ýa-da önümçiliklerde üç ýylda bir gezek doly ekologiýa auditi görnüşinde, soňky iki ýylda bolsa, ýöriteleşdirilen ekologiýa auditi görnüşinde geçirilýär.

3. Sanawa girmeýän, hojalyk we beýleki işler amala aşyrylanda daşky gurşawa täsir edýän kärhanalarda we önümçiliklerde hökmany ekologiýa auditi üç ýylda bir gezek geçirilýär.

4. Hökmany ekologiýa auditi geçirilen mahalynda ekologiýa auditiniň buýrujysy bolup hojalyk we beýleki işiň subýekti çykyş edýär.

 

19-njy madda. Meýletin ekologiýa auditi

 

Meýletin ekologiýa auditi ekologiýa auditini buýrujynyň başlangyjy boýunça geçirilýär.

 

20-nji madda. Ekologiýa auditini geçirmeklige taýýarlyk

 

1. Ekologiýa auditini geçirmeklige taýýarlyk ekologiýa auditini buýrujynyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýar.

2. Ekologiýa auditini buýrujy ekologiýa auditini geçirmek üçin ekologiýa auditoryny ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasyny özbaşdak kesgitleýär ýa-da käbir halatlarda olar ygtyýarlandyrylan edara bilen ylalaşylmagy boýunça saýlanylýar.

3. Ekologiýa auditini geçirmäge başlanmazyndan öň ekologiýa auditiniň obýektleri, maksady, wezipeleri we möçberleri kesgitlenilýär.

4. Ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň deslapky meýilnamalaşdyrmasyny amala aşyrýar.

5. Ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy ekologiýa auditini buýrujynyň tebigaty goraýyş maksatnamasyna we beýleki  resminamalaryna seljerişi geçirýär.

6. Ekologiýa auditini buýrujynyň we ekologiýa auditorynyň ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasynyň arasynda ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasy baglaşylýar.

7. Ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy ekologiýa auditini geçirmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlaýar we ony ekologiýa auditini buýrujy bilen ylalaşýar.

 

21-nji madda. Ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmek

 

1. Ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmek şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.

2. Ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasy ekologiýa auditini buýrujynyň we ekologiýa auditorynyň ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasynyň arasynda bellenilen tertipde baglaşylýar.

3. Ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasy şu esasy düzgünleri öz içine almalydyr:

1) şertnamanyň närsesini;

2) şertnamany ýerine ýetirmegiň möhletlerini;

3) hyzmatlara tölegleriň möçberlerini we şertlerini;

4) taraplaryň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini;

5) maglumatyň ýaşyrynlygynyň goralyp saklanylmagyny;

6) beýleki düzgünleri.

4. Ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň baglaşylan şertnamalarynyň hasabyny ýöretmäge borçludyrlar.

Ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň baglaşylan şertnamalarynyň hasabyny ýöretmegiň tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan, olar tarapyndan bellenilen iş dolandyryjylyk düzgünlerine we hasabatlylygyň dessuryna laýyklykda ekologiýa auditorlary ýa-da ekologiýa auditorlyk guramalary tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.

 

IV BAP. EKOLOGIÝA AUDITINI GEÇIRMEGIŇ

TERTIBINE UMUMY TALAPLAR

 

22-nji madda. Ekologiýa auditini geçirmegiň meýilnamasy

 

1. Ekologiýa auditini geçirmegiň meýilnamasy ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we ekologiýa auditini buýrujy bilen ylalaşylýar.

2. Ekologiýa auditini geçirmegiň meýilnamasy şulary öz içine almalydyr:

1) ekologiýa auditiniň maksadyny we möçberlerini;

2) ekologiýa auditiniň ölçeg alamatlaryny;

3) ekologiýa auditini buýrujynyň düzüm we funksional birlikleriniň görkezmesini;

4) daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň gözegçilik (monitoring) ulgamyna jogapkärçilik çekýän, ekologiýa auditini buýrujynyň düzümindäki gulluklaryň we (ýa-da) käbir adamlaryň sanawyny;

5) ekologiýa auditini geçirmegiň dowamlylygyny;

6) ekologiýa auditini buýrujynyň ýolbaşçylygy bilen maslahatlaşmalaryň tertibini;

7) ýaşyrynlyk talabyny;

8) ekologiýa auditiniň netijenamasyny düzmegiň möhletini;

9) ekologiýa auditi boýunça resminamalary gorap saklamaga bolan talaplary.

 

23-nji madda. Ekologiýa auditini geçirmek üçin maglumatlary toplamak

 

1. Ekologiýa auditini geçirmek üçin maglumatlary toplamagyň maksady ekologiýa auditini buýrujynyň işiniň ekologiýa auditiniň ölçeg alamatlaryna laýyk gelýändigini ýa-da laýyk gelmeýändigini seljeriş we kesgitleme bolup durýar.

2. Ekologiýa auditini geçirmek üçin maglumatlar şu  ýollar arkaly toplanylýar:

1) ekologiýa auditini buýrujynyň jogapkär hünärmenlerinden soramak;

2) jemgyýetçilik pikirini öwrenmek (zerur bolan mahalynda);

3) ekologiýa auditini buýrujydan ekologiýa auditi geçirilen mahalynda jikme-jik we umumylaşdyrylan seljermäni geçirmek üçin zerur bolan resminamalary almak;

4) öňdebaryjy usullary ulanmak we ekologiýa auditiniň subýektiniň işine gözegçilik etmek.

3. Soramak arkaly toplanan maglumatlar mümkin boldugyça gözegçilik etmeleriň, ölçeýişleriň netijeleri ýaly garaşsyz çeşmelerden alnan goşmaça maglumat bilen tassyklanylmalydyr.

 

24-nji madda. Ekologiýa auditiniň netijeleri

 

1. Ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy ekologiýa auditini buýrujynyň işiniň ekologiýa auditiniň ölçeg alamatlaryna laýyk gelýändigini ýa-da laýyk gelmeýändigini kesgitlemek üçin, olar tarapyndan alnan ähli maglumatlary öwrenmelidirler.

2. Ekologiýa auditini buýrujynyň işiniň ekologiýa auditiniň ölçeg alamatlaryna ýüze çykarylan laýyk gelmezlikleri resminamalaşdyrylmalydyr we ekologiýa auditiniň maglumatlary bilen esaslandyrylmalydyr.

3. Eger, bu ekologiýa auditiniň ylalaşylan möçberleriniň çäklerine ýerleşýän halatynda, ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy tarapyndan ýüze çykarylan, ekologiýa auditini buýrujynyň işiniň ekologiýa auditiniň ölçeg alamatlaryna laýyk gelýändigi ýa-da laýyk gelmeýändigi baradaky maglumat resminamalar esasynda resmileşdirilmelidir.

 

25-nji madda. Ekologiýa auditiniň netijenamasy

 

1. Ekologiýa auditiniň netijenamasy, onuň dogrulygyna we dolulygyna jogapkärçilik çekýän ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy tarapyndan taýýarlanylýar.

2. Ekologiýa auditiniň netijenamasynda garalýan meseleler ekologiýa auditini geçirmegiň ylalaşylan meýilnamasyna laýyk gelmelidirler.

3. Iki nusgada resmileşdirilýän ekologiýa auditiniň netijenamasy şulary öz içine almalydyr:

1) ekologiýa auditini buýrujy we onuň işi baradaky esasy maglumatlary;

2) ekologiýa auditini geçirmegiň ylalaşylan meýilnamasyna laýyklykda ekologiýa auditiniň maksadyny, möçberlerini we tapgyrlaryny;

3) ekologiýa auditini geçirmegiň senelerini;

4) gözegçilik etmeleriň we ölçeýişleriň netijelerini;

5) olar boýunça ekologiýa auditi geçirilen salgylanma resminamalarynyň sanawyny goşmak bilen, ekologiýa auditiniň ylalaşylan ölçeg alamatlaryny;

6) ekologiýa auditini geçirmegiň barşynda ýüze çykarylan düzgün bozulmalary, şol sanda ekologiýa auditini geçirmegiň barşynda düzedilen düzgün bozulmalary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulan ýagdaýlary hakynda maglumatlary;

7) tehniki bilermenleriň düzümini;

8) ekologiýa auditiniň gelen netijelerini;

9) ekologiýa auditiniň geçiriliş prosesiniň gysgaça beýanyny;

10) ekologiýa auditiniň netijenamasynyň mazmunynyň ýaşyrynlyk häsiýeti baradaky borçnamany;

11) beýleki zerur maglumatlary.

4. Ekologiýa auditiniň netijenamasy taýýarlanylýan wagty ýüze çykýan ähli üýtgetmeler ekologiýa auditini buýrujy bilen ylalaşylýar.

5. Ekologiýa auditiniň netijenamasy ekologiýa auditorynyň ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasynyň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyk edilýär we degişlilikde olaryň möhüri bilen tassyklanylýar.

6. Ekologiýa auditiniň netijenamasy ekologiýa auditini geçirmegiň meýilnamasy bilen kesgitlenilen möhletde taýýar edilmelidir.

Eger bu mümkin bolmasa, ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy bökdençligiň sebäpleri we ekologiýa auditiniň netijenamasyny taýýarlamak üçin zerur şertler barada ekologiýa auditini buýruja habar bermelidirler hem-de görkezilen netijenamany taýýarlamak üçin möhletiň uzaldylmagyny ylalaşmalydyrlar.

 

26-njy madda. Ekologiýa auditiniň netijenamasyny bermek

 

1. Ekologiýa auditory ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasy ekologiýa auditiniň netijenamasyny bellenen möhletde ekologiýa auditini buýruja bermäge borçludyrlar.

2. Ekologiýa auditiniň netijenamasynyň nusgasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda soralmagy boýunça degişli döwlet edaralaryna we beýleki gyzyklanma bildirýän şahslara berilýär.

3. Ekologiýa auditini buýrujy ekologiýa auditiniň netijenamasyny alandan soňra on gün möhletde onuň möhür we ýolbaşçynyň goly bilen tassyklanan nusgasyny hasaba almak üçin ygtyýarlandyrylan edara bermäge borçludyr.

 

27-nji madda. Ekologiýa auditiniň resminamalaryny gorap saklamak

 

Ekologiýa auditiniň ähli resminamalary, şeýle hem ekologiýa auditiniň netijenamasy ekologiýa auditorynyň ýa-da ekologiýa auditorlyk guramasynyň we ekologiýa auditini buýrujynyň arasyndaky baglaşylan ekologiýa auditini geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasyna laýyklykda bäş ýylyň dowamynda goralyp saklanylmalydyr.

 

V BAP. EKOLOGIÝA AUDITORLARY ÜÇIN

EKOLOGIÝA AUDITINIŇ HÜNÄR DEREJE TALAPLARY

 

28-nji madda. Ekologiýa auditini geçirmäge bolan hukuk

 

Türkmenistanda ekologiýa auditini şu Kanunyň 10-njy maddasynyň 3-nji bendinde göz öňünde tutulan ýagdaýdan başga halatlarda diňe Türkmenistanyň dahyllylary – ekologiýa auditorlary  ýa-da ekologiýa auditorlyk guramalary geçirip bilerler.

 

29-njy madda. Ekologiýa auditorlarynyň bilimine bolan talaplar

 

1. Ekologiýa auditory ýokary bilimi, şeýle hem olar boýunça ekologiýa auditleri geçirilýän, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de standartlar babatda hünär derejesi we amaly tejribesi bar bolan adam bolup biler.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň talaplaryna goşmaça ekologiýa auditorlary öz hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin ýörite okuw geçmelidirler, hünär dereje synagyny tabşyrmalydyrlar we halkara standartlaryna laýyklykda ekologiýa auditi babatda ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasyny almalydyrlar.

3. Ekologiýa auditorlarynyň ýörite okuwy şu ugurlary öz içine almalydyr:

1) daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalaryny;

2) kärhanalaryň işiniň tehniki we ekologik jähtlerini;

3) daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny;

4) olar boýunça ekologiýa auditleri geçirilýän, daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygyny hem-de standartlary üpjün etmegiň gözegçilik ulgamlaryny;

5) ekologiýa auditini geçirmegiň amallaryny, proseslerini we usullaryny.

4. Ekologiýa auditorynyň goşmaça okadylmagy onuň tejribeli ekologiýa auditorynyň gözegçiligi astynda ekologiýa auditleriniň azyndan üçüsine iş ýüzünde gatnaşmagynyň prosesinde amala aşyrylyp bilner.

 

30-njy madda. Ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasy

 

1. Ekologiýa auditi babatda ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasy ygtyýarlandyrylan edaranyň hünär synagy Topary tarapyndan (mundan beýläk − Topar) berilýär, eger, ony almaga dalaşgärlik edýän adam (mundan beýläk − dalaşgär):

1) hünär dereje synagyny tabşyran bolsa;

2) daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda işi amala aşyrmak bilen baglanyşykly bäş ýyldan az bolmadyk iş döwri bar bolsa.

2. Dalaşgäriň hünär derejesini barlamak hünär dereje synagy görnüşinde amala aşyrylýar.

Ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasyny almaklygy üçin hünär dereje synagyny geçirmegiň tertibi baradaky Düzgünnama ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

3. Hünär dereje synagy ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasyny almaklygy üçin hünär dereje synagyny geçirmegiň tertibi baradaky Düzgünnama laýyklykda, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan döredilýän Topar tarapyndan geçirilýär.

Toparyň işi garaşsyzlyk, hakykatlylyk, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgelerine esaslanýar.

4. Ekologiýa auditorynyň hereket edýän hünär dereje şahadatnamasynyň bolmagy ekologiýa auditini geçirmek üçin degişli ygtyýarnamany almagyň, uzaltmagyň ýa-da hereketini täzeden dikeltmegiň hökmany şerti  bolup durýar.

5. Ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasy bäş ýyl möhlete berilýär we ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasyny almaklygy üçin hünär dereje synagyny geçirmegiň tertibi baradaky Düzgünnama laýyklykda Toparyň çözgüdi boýunça uzaldylyp bilner.

6. Ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasyny bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüt şu ýagdaýlarda kabul edilýär, eger:

1) dalaşgär şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendiniň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa;

2) hünär dereje synagyny tabşyrandan soňra dalaşgäriň şu Kanunyň 29-njy maddasynyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylanda.

7. Ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasyny bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde şikaýat edilip bilner.

8. Ekologiýa auditory ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasyny alan pursadyndan başlap, üç ýylda bir gezek hünär derejesini ýokarlandyrmagyň maksatnamalary boýunça okuw geçmäge borçludyr.

 

31-nji madda. Ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasyny ýatyrmagyň esaslary we tertibi

 

1. Ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasy şu ýagdaýlarda ýatyrylýar:

1) şu Kanunyň 29-njy maddasynda bellenilen, dalaşgäre bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän adam tarapyndan, galp resminamalary peýdalanmak bilen ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasy alnanda;

2) belli bir möhletiň dowamynda ekologiýa auditi babatda iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jezany göz öňünde tutýan kazyýetiň hökümi kanuny güýje girende;

3) ekologiýa auditi geçirilen mahalynda ekologiýa auditory tarapyndan daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda şu Kanunyň ýa-da halkara standartlarynyň talaplary yzygiderli bozulanda;

4) bellenilen tertipde görnetin ýalan diýlip ykrar edilen ekologiýa auditiniň netijenamasyna ekologiýa auditory tarapyndan gol çekilende;

5) şu Kanunyň 30-njy maddasyna laýyklykda hünär derejesini ýokarlandyrmagyň maksatnamalary boýunça okuwy geçmek baradaky talabyň ekologiýa auditory tarapyndan berjaý edilmedik ýagdaýynda.

2. Ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasyny ýatyrmak hakyndaky çözgüt Topar tarapyndan kabul edilýär.

3. Ekologiýa auditorynyň hünär dereje şahadatnamasyny ýatyrmak hakyndaky çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde şikaýat edilip bilner.

 

VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

32-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

33-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                              Gurbanguly

     Prezidenti                                                                Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 2-nji marty.

№ 122-VI.