TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda
Şu Kanun Türkmenistanda ulag we ulag işini düzgünleşdirmek, dolandyrmak babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Türkmenistanyň ulag syýasatynyň hukuk esaslary
Türkmenistanyň ulag syýasatynyň hukuk esaslaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, ulag ulgamynyň hereket etmeginiň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary düzýär.
2-nji madda. Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esasy wezipeleri
Şular Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esasy wezipeleridir:
1) Türkmenistanyň ulag ulgamyny halkara ulag hyzmatdaşlygyna çekmek, ony ösdürmäge hem-de giňeltmäge gönükdirilen anyk taslamalar we meýilnamalar bilen kämilleşdirmek;
2) Türkmenistanyň üstaşyr geçelge mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly birleşen multimodal ulag-üstaşyr ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek;
3) energiýa serişdeleriniň daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen çykarylmagyny artdyrmak üçin täze ugurlar boýunça magistral turba-geçirijileri gurmak;
4) howpsuz, umumy elýeterli, ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa hem-de howanyň üýtgemegine durnukly ulag hyzmatlaryny üpjün etmek üçin daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek;
5) ulag hyzmatlarynyň umumy bazaryny ösdürmek maksady bilen ýerli, sebit we dünýä bazarlaryna çykmak;
6) ulag ulgamyndaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak;
7) ulag ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny berkitmek;
8) ulag serişdeleriniň daşky gurşawa, adamyň janyna we saglygyna ýaramaz täsirini peseltmek we aradan aýyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek;
9) amatly maýa goýum şertlerini döretmek arkaly ulag ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek;
10) ulag ulgamynyň dürli pudaklarynyň tehniki binýadyny, olaryň özara hereketleriniň wajyp nokatlarynda ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek arkaly köpugurly terminal toplumlaryny, maglumat we logistik merkezlerini döretmek;
11) utgaşdyrylan we multimodal daşaýyşlaryň, multimodal ulag operatorlarynyň ulgamynyň ösüşini üpjün etmegi guramaçylyk taýdan goldamak;
12) ýolagçylary durnukly gatnatmak, ýükleri we goşlary daşamak üçin ulagyň her bir görnüşiniň amatly artykmaçlyklaryny ösdürmek;
13) ulag babatda kabul edilen halkara hukuk resminamalaryny durmuşa geçirmek.
II BAP. TÜRKMENISTANYŇ ULAG SYÝASATYNYŇ
ESASY ÝÖRELGELERI, MAKSATLARY,
UGURLARY WE ONUŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI
3-nji madda. Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esasy ýörelgeleri şulardan ybarat:
1) açyklyk;
2) bäsdeşlik;
3) howpsuzlyk;
4) ygtybarlylyk;
5) elýeterlilik;
6) ekologiýa taýdan arassalyk;
7) ulag akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak;
8) halkara hyzmatdaşlyk.
4-nji madda. Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esasy maksatlary
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hem-de ilatynyň ösýän isleglerini doly möçberde kanagatlandyrmaga ukyply ulag-kommunikasiýa toplumynyň depginli ösdürilmegine gönükdirilen ulag syýasatynyň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr:
1) milli howpsuzlygy üpjün etmek;
2) ýurduň çäklerinde we daşary ýurt döwletleri bilen elýeterli, howpsuz ulag aragatnaşyklaryny üpjün edýän bir bitewi ulag infrastrukturasyny döretmek;
3) ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri we goşlary daşamagyň bäsleşige ukyplylygyny, elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmak;
4) halkara hyzmatdaşlygynyň ulag çygryndaky ýöriteleşdirilen bazarlarynda, üstaşyr we içerki daşaýyşlary goşmak bilen Türkmenistanyň bähbitlerini öňe sürmek;
5) ulag ulgamynda howpsuzlyk we ekologiýa kadalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;
6) ulag ulgamynyň durnukly innowasion ösüşini üpjün etmek.
5-nji madda. Milli howpsuzlygy üpjün etmek babatda ulag syýasatynyň esasy ugurlary
Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatda ulag syýasatynyň esasy ugurlary şulary göz öňünde tutýar:
1) Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine, bäsleşige ukyply üstaşyr geçirijilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna, ilatynyň awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary bilen gatnadylmagyna, ýükleriň we goşlaryň daşalmagyna hem-de olar bilen bagly hyzmatlara, ulag infrastrukturalarynyň döredilmegine we ösdürilmegine bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin şertleriň döredilmegini;
2) döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde ulag ulgamynyň subýektleriniň durnukly işlemegini;
3) goranmak ähmiýeti bolan we/ýa-da adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmekde ulanylýan ulag toplumynyň ulgamy we desgalary ösdürilende, zerur bolan halatlarda şeýle ulgamlary we desgalary maddy-tehniki taýdan üpjün etmegiň aýratyn tertibiniň bellenilmegini;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulag ulgamynyň toplumlarynyň mobilizasion taýýarlygy boýunça zerur bolan resminamalary, mobilizasion taýýarlygyň gurluşynyň işlenip düzülmegini we olaryň işgärleriniň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyny;
5) ulag ulgamynyň gulluklarynyň jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek, şol sanda jemgyýetçilik tertibini goramak we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça ygtyýarly edaralar bilen bilelikde hereket etmegini.
6-njy madda. Ulag ulgamynyň bitewi infrastrukturasyny döretmegiň esasy ugurlary
1. Ulag ulgamynyň bitewi infrastrukturasyny döretmegiň esasy ugurlary şulardan ybaratdyr:
1) ýurduň sebitleriniň arasynda we daşary ýurt döwletleri bilen elýeterli we howpsuz aragatnaşygy üpjün etmek boýunça bitewi ulag ulgamynyň infrastrukturasyny ösdürmek;
2) esaslandyrylan ätiýaçlyklaryň döredilmegi we ulgamyň kadalaşdyryjy häsiýetlerini saklamagyň hasabyna ulag ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmek;
3) ýurduň sebitlerini toplumlaýyn özleşdirmek üçin ulag ulgamynyň infrastrukturasyny ösdürmek;
4) ulag ulgamynyň infrastrukturasyny ösdürmek boýunça döwlet strategik meýilleşdirmegiň toplumlaýyn ulgamyny döretmek.
2. Ulag ulgamynyň infrastrukturasyny döretmegiň we işiniň aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.
7-nji madda. Ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri we goşlary daşamagyň bäsleşige ukyplylygyny, elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary
Ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri we goşlary daşamagyň bäsleşige ukyplylygyny, elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr:
1) ulag gatnawlarynyň has uly möçberde netijeliligini üpjün etmek, içerki, üstaşyr we eksport-import gatnawlarynda önümiň ahyrky bahasynda ulag düzüminiň paýyny azaltmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen intermodal gatnawlaryň ulag-logistik merkezleriniň ulgamyny döretmek;
2) umumylykda ulanylýan ulagyň ähli ulgamlaryny ileri tutup toplumlaýyn ösdürmegiň hasabyna ilatyň ykjam hereketini ýokarlandyrmak;
3) ýokary tizlikli ulag ulgamyny ösdürmek arkaly şäherýaka durmuş-ykdysady işjeňligiň netijeliligini giňeltmek;
4) ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri we goşlary daşamagyň bäsleşige ukyply, elýeterli we ýokary hilli bazaryny döretmek;
5) ulaglarda durmuş ähmiýetli daşaýyşlaryň amala aşyrylmagyna ýardam bermek;
6) maýyplygy bolan adamlar üçin elýeterli ulag gurşawyny döretmek;
7) ulagda hereketiň tizlikli we ýokary tizlikli ulgamyny döretmek.
8-nji madda. Türkmenistanyň ulag babatda halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary
Türkmenistanyň ulag babatda halkara hyzmatdaşlygy şulara gönükdirilendir:
1) ulag çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge;
2) Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelge mümkinçiliklerini durnukly durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmäge;
3) ulaglarda eksport-import ýük daşaýyşlary, şeýle hem ýük daşaýjylar üçünji ýurtlaryň arasynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýükleri daşamagy amala aşyranlarynda, Türkmenistanyň ýük daşaýjylaryny goldamaga;
4) ulag ulgamynyň çygrynda halkara hyzmatdaşlygy we aragatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge.
9-njy madda. Ulag ulgamynda howpsuzlygy we ekologiýa taýdan arassalygy üpjün etmegiň esasy ugurlary
1. Ulag ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulary öz içine alýar:
1) ulag ulgamynyň infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň tehniki we tehnologik howpsuzlyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy;
2) ulag ulgamynyň işine bikanun gatyşmakdan goraglylygyny üpjün etmegi;
3) ulag ulgamynyň mobilizasion taýýarlygyny üpjün etmegi;
4) ulag ulgamynyň infrastrukturasynyň obýektleriniň ähli görnüşlerine we ulag serişdelerine howpsuzlyk talaplaryny emele getirmegi hem-de olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi;
5) ulag ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmegiň köpderejeli bitewi monitoring we dolandyryşyň döwlet ulgamyny döretmegi;
6) ulag ulgamynyň gözegçilik-barlag gulluklarynyň infrastrukturasyny ösdürmegi we olaryň işiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi.
2. Ulag ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmegiň aýratynlyklary we talaplary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
3. Ulag ulgamynyň ekologiýa taýdan arassalygyny ýokarlandyrmak babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardan ybaratdyr:
1) daşky gurşawyň goragyny we ulagyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek;
2) Türkmenistanyň ulag ulgamynyň energiýa netijeliligini üpjün etmek;
3) ulag babatda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatyny ulag ulgamyny ösdürmegiň hereketlendiriji faktoryna öwürmek;
4) ulag işiniň we ulag toplumynyň obýektleriniň jemgyýetçilik ekologiýa seljermesi babatdaky fiziki şahslaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklaryny üpjün etmek.
10-njy madda. Ulag ulgamyny durnukly innowasion ösdürmegiň esasy ugurlary
Şular ulag ulgamyny durnukly innowasion ösdürmegiň esasy ugurlarydyr:
1) ulaglarda ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri we goşlary daşamagyň hilini, elýeterliligini ýokarlandyrmagy üpjün edýän innowasion ulag-logistik tehnologiýalary, hereket edýän düzümi, tehniki serişdeleri we ulgamlary işläp taýýarlamagy we ornaşdyrmagy höweslendirmek;
2) ulag akymlaryny we ulag serişdelerini netijeli dolandyrmagy, şeýle hem ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy üpjün edýän innowasion intellektual ulag ulgamlaryny işläp taýýarlamagy we ornaşdyrmagy höweslendirmek;
3) ulag ulgamynyň howpsuzlygyny, ekologiýa taýdan arassalygyny we işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda ylmy barlaglary ösdürmek.
11-nji madda. Türkmenistanyň sebitleri babatda ulag syýasaty
1. Türkmenistanyň sebitleri babatda ulag syýasatynyň esasy wezipeleri şulary öz içine alýar:
1) sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan özbaşdak ösmegi üçin ykdysady esaslary emele getirmek we berkitmek;
2) çäk boýunça zähmet bölünişiginiň artykmaçlyklaryny ulanmak;
3) sebitlerde ulag hyzmatlaryny ösdürmek;
4) ulaglary öz wagtynda degişli ätiýaçlyklaryň döredilmegini talap edýän adatdan daşary ýagdaýlarda işlemäge taýýarlamak.
2. Ýurduň sebitleri babatda ulag syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary:
1) ulag ulgamyna degişli anyk meseleleri çözmek;
2) ýurduň sebitleriniň ulag aýratynlyklaryna laýyk gelýän hukuk esaslaryny döretmek;
3) sebitleriň ulag ulgamyny ösdürmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň merkezleşdirilen çeşmelerinden maýa goýumlaryny çekmek.
12-nji madda. Ulag syýasatynyň durmuşa geçirilmegi
1. Türkmenistanyň ulag syýasatynyň durmuşa geçirilmegi hukuk, ykdysady, administratiw mehanizmleri hasaba almak hem-de ulag babatda işgärler syýasatyny kämilleşdirmek we ylmy barlaglary goldamak bilen amala aşyrylýar.
2. Şu Kanunyň 2-nji maddasynda beýan edilen strategik wezipeleri hasaba almak bilen, Türkmenistanyň ulag babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi şulara gönükdirilendir:
1) ulag ulgamynda hyzmatlaryň we ulag infrastrukturasynyň elýeterli bolmagyna;
2) ulaglaryň raýatlaryň jany we saglygy üçin howpsuzlygyna;
3) ulag ulgamynyň pudaklarynyň aýratynlykda we özara arabaglanyşykda ösmegine.
3. Ulag ulgamynyň pudaklarynyň infrastrukturasyny döretmegiň we hereket etmeginiň aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
III BAP. TÜRKMENISTANDA ULAG IŞINI
DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE DOLANDYRMAK
BABATDA DÖWLET SYÝASATY
13-nji madda. Ulag işini düzgünleşdirmegiň döwlet syýasaty
1. Ulag işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Ulag işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi şulary öz içine alýar:
1) ulag işini düzgünleşdirýän hukuk binýadyny emele getirmegi;
2) ulag işini dolandyrýan edaralary maglumat taýdan üpjün etmegiň ulgamyny emele getirmegi;
3) ulag işini ösdürmegiň ugurlaryny we maksatnamalaryny işläp düzmegi we durmuşa geçirmegi, şeýle hem ony döwlet tarapyndan goldamagy;
4) ulag işiniň we hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmek üçin, şol sanda telekeçileri çekmek bilen şertleri döretmegi;
5) ulag işiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplary, şeýle hem daşky gurşawy goramagyň kadalaryny bellemegi;
6) ulag işi babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerini berjaý etmegi, işiň bu görnüşi boýunça milli we daşary ýurtly subýektleriň aragatnaşygynyň şertlerini we tertibini kesgitlemegi.
14-nji madda. Ulag işini dolandyrmagyň döwlet syýasaty
1. Ulag işini dolandyrmagyň döwlet syýasaty subýektleriň deňligi, döwletiň we ulag işiniň subýektleriniň özara jogapkärçiligi hem-de ulag işiniň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklygy ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýar.
2. Ulag işiniň döwlet tarapyndan dolandyrylmagy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ulagy dolandyrmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Ulag işini döwlet tarapyndan dolandyrmagyň bitewüligi şulary aňladýar:
1) ulag işiniň hukuk esaslarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini;
2) ulag ulgamynyň pudaklarynyň maliýe taýdan goldanylmagyny;
3) ulag ulgamynyň pudaklarynyň serişdeleriniň ösüşiniň utgaşdyrylmagyny;
4) ulag ulgamynda bitewi tehniki we maglumat ölçegleriň hem-de tehnologiýalaryň, şeýle hem bir görnüşe getirilen daşaýyş resminamalaryň esasynda intermodal daşaýyşlaryň ösdürilmegini.
4. Ulag işini dolandyrmak babatynda döwlet şu wezipeleri amala aşyrýar:
1) ulag işiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek;
2) goranmak we mobilizasion häsiýetli wezipeleri çözmek we howpsuzlyk babatda döwletiň wezipelerini üpjün etmegiň bähbitlerine ulag ulgamyny ösdürmek;
3) ulag ulgamynyň howpsuzlygyny we terrorçylyga garşy goragyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmek;
4) ulag ulgamynyň infrastrukturasynyň ösüşiniň öndüriji güýçleriň ösüşine laýyklygyny üpjün etmek;
5) ulag işiniň barşynda howpsuzlyk we ulagyň daşky gurşawa täsirine ölçegleri işläp düzmek we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, şol sanda ulag serişdelerine we ulgamlaryna talaplary bellemek;
6) ulag işi babatda gurluş özgertmelerini geçirmek;
7) ulag ulgamynyň netijeli ulag tariflerini işläp düzmek we durmuşa geçirmek hem-de ulag ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek;
8) ilatyň ähli gatlaklaryny we ýurduň sebitlerini ulag hyzmatlary bilen üpjün etmek;
9) ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri we goşlary daşamagyň has netijeli tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly ulag hyzmatlarynyň bazarynda bäsleşigi ösdürmek. Türkmenistanyň ulag hyzmatlaryny amala aşyrýan operatorlarynyň halkara bazarlaryna çykmagy üçin amatly şertleri döretmek;
10) ulag ulgamynda durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek, maýyplygy bolan adamlar, pensionerler we okuwçylar üçin ulag hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak;
11) ulag ulgamyny maliýeleşdirmek we maýa goýum işini kämilleşdirmek.
IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
15-nji madda. Ulag babatda halkara hyzmatdaşlygy
1. Türkmenistanyň ulag babatda halkara hyzmatdaşlygy ulag diplomatiýasynyň ornuny berkitmek arkaly köp şahaly multimodal ulag üstaşyr geçelgelerini döretmäge, ulag ulgamynda hyzmatlaryň bazaryny giňeltmäge şertleri döredýän häzirki zaman halkara ulag gurluşyny emele getirmäge gönükdirilendir.
2. Durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde Türkmenistan halkara ulag işiniň ösüşine ýardam berýär we onuň amala aşyrylmagy üçin ykdysady, guramaçylyk we hukuk şertlerini döredýär.
16-njy madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 9-njy iýuny.
№ 28-VI.