TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

090.150.010

160.020.010

Ulag howpsuzlygy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018ý., № 1, 1-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 05.06.2021 ý. № 386-VI Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

 

1-nji  madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin şu esasy düşünjeler peýdalanylýar:

1) bikanun gatyşmak – ulag toplumynyň howpsuz işine wehim salýan, adamlaryň janyna we saglygyna zyýan, maddy zelel ýetirilmegine getiren ýa-da şeýle netijeleriň bolmagyna wehim döredýän hukuga garşy hereket (hereketsizlik), şol sanda terrorçylykly hereket;

2) daşaýjy – ýolagçyny, iberiji tarapyndan ynanylan ýüki, bagažy iberilen ýerinden barmaly ýerine eltip bermegi, şeýle hem olary alyja ýa-da onuň ygtyýarly eden şahsyna bermegi özüne borç edip kabul eden ýuridik ýa-da fiziki şahs;

3) howpsuzlyk derejesiulag toplumynyň bikanun gatyşmak wehiminiň derejesine laýyk gelýän goraglylyk derejesi;

4) hünär synagy edaralary ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralar, olaryň ýerli bölünmeleri, şeýle hem ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralaryň garamagynda bolan we olaryň ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň hünär synagyny geçirmäge ygtyýarly eden guramalary;

5) ulag howpsuzlygyulag infrastrukturasynyň obýektleriniň ýa-da ulag serişdeleriniň bikanun gatyşmakdan goraglylyk ýagdaýy;

6) ulag howpsuzlygyny berjaý etmek – ulag infrastrukturasynyň obýektlerinde ýa-da ulag serişdelerinde bolýan ýa-da barýan fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryň ýerine ýetirilmegi;

7) ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçlerulag infrastrukturasynyň subýektiniň ýa-da ulag howpsuzlygy bölünmeleriniň ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň ýa-da ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işgärlerini hem goşmak bilen, ulag infrastrukturasynyň subýektinde, ulag infrastrukturasynyň obýektlerinde we ulag serişdelerinde ulag howpsuzlygynyň üpjün edilmegine jogapkär şahslar;

8) ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň hünär synagy ‒ ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleri ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işi ýerine ýetirmäge goýbermek ýa-da şeýle işi ýerine ýetirmekden çetleşdirmek barada çözgüdiň kabul edilmegi üçin ulag infrastrukturasynyň subýekti tarapyndan ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň bilimleriniň, başarnyklarynyň we endikleriniň, şeýle hem ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň aýry-aýry toparlarynyň şahsy sypatlarynyň we fiziki taýýarlygynyň derejesiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklygyny anyklamak;

9) ulag howpsuzlygyny üpjün etmek – ulag toplumy çygrynda döwlet tarapyndan kesgitlenýän hem-de bikanun gatyşmak wehimlerine laýyk gelýän hukuk, ykdysady, guramaçylyk we gaýry çäreleriň ulgamynyň durmuşa geçirilmegi;

10) ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralar – Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet hyzmatlaryny etmek boýunça wezipeleri amala aşyrmaga ygtyýarly edilen döwlet edaralary;

11) ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ýöriteleşdirilen guramalarulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermegi geçirmek üçin ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralarda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde akkreditirlenen ýuridik şahslar;

12) ulag howpsuzlygy bölünmeleri – ulag boýunça döwlet edaralarynyň ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini bikanun gatyşmakdan goramagy amala aşyrýan (şol sanda ulag infrastrukturasynyň subýektleri bilen şertnamalar esasynda) bölünmeleri ýa-da şu maksat üçin bellenilen tertipde akkreditirlenen ýuridik şahslar;

13) ulag howpsuzlygy zolagy – fiziki şahslaryň (ulag serişdeleriniň) geçmegi, ýükleriň, bagažyň, el goşlarynyň, şahsy goş-golamlaryň göterilip geçirilmegi (geçirilmegi) ýa-da haýwanlaryň bir ýerden başga ýere geçirilmegi üçin ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplara laýyklykda aýratyn düzgün bellenýän ulag infrastrukturasynyň obýekti, onuň bölegi (ýerüsti, ýerasty, howa, suwüsti), ulag serişdesi, onuň bölegi;

14) ulag infrastrukturasynyň obýektleri – şulary öz içine alýan tehnologik toplum:

a) demir ýol we awtomobil menzillerini we beketlerini;

b) ýerasty geçelgeleri, estakadalary, köprüleri;

ç) deňiz terminallaryny, deňiz portlarynyň akwatoriýalaryny;

d) içerki suw ýollarynda ýerleşýän we ýolagçylary ýa-da howply ýükleri ýüklemek (düşürmek) amala aşyrylýan portlary, şeýle hem gämi gatnawlary bolan gidrotehniki desgalary;

e) Türkmenistanyň içerki suwlarynda, çäk deňzinde, deňiz ykdysady zolagynda we kontinental şelfinde ýerleşýän emeli adalary, gurluşlary, desgalary;

ä) aerodromlary, aeroportlary, aragatnaşyk, nawigasiýa we ulag serişdeleriniň hereketini dolandyrmak ulgamlarynyň obýektlerini;

f) awtomobil ýollarynyň, demir ýoluň, içerki suw ýollarynyň böleklerini, dikuçar duralgalaryny, gonuş meýdançalaryny, şeýle hem ulag toplumynyň işlemegini üpjün edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän gaýry binalary, desgalary, gurluşlary we enjamlary;

15) ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini toparlandyrmakbikanun gatyşmak wehiminiň derejesini we onuň mümkin bolan netijelerini hasaba almak bilen ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň kesgitli toparlara degişli edilmegi;

16) ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermekulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň bikanun gatyşmak wehimlerinden goraglylyk derejesini kesgitlemek;

17) ulag infrastrukturasynyň subýektleri – ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň ýa-da ulag serişdeleriniň eýesi bolan ýa-da olardan kanuny esasda peýdalanýan gaýry ýuridik we fiziki şahslar;

18) ulag serişdeleri Türkmenistanyň ulag kanunçylygynda kesgitlenilen manylarynda fiziki şahslary, ýükleri, bagažy, el goşlaryny, şahsy goş-golamlary, haýwanlary ýa-da görkezilen ulag serişdelerinde oturdylan enjamlary daşamak üçin niýetlenilen we şulary öz içine alýan gurluşlar:

a) ýolagçylary we bagažy yzygiderli daşamak ýa-da sargyt boýunça ýolagçylary we bagažy daşamak ýa-da howply ýükleri daşamak üçin peýdalanylýan awtomobil ulagynyň ulag serişdelerini;

b) raýat awiasiýasynyň howa arkaly daşaýşy amala aşyrýan howa gämilerini;

ç) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän umumy maksatly awiasiýanyň howa gämilerini;

d) söwda deňiz gatnawynyň maksatlary üçin peýdalanylýan gämileri (deňiz gämileri), muňa gezelenç gämileri, ýelkenli sport gämileri, şeýle hem ýüzýän deňiz platformasynyň esasynda döredilen we bikanun gatyşmakdan goramagyň aýratynlyklary şu Kanunyň 16-njy maddasynyň onunjy bölegine laýyklykda bellenýän emeli gurluşlar we desgalar girmeýär;

e) içerki suw ýollarynda ýolagçylary gatnatmak üçin peýdalanylýan gämiler, muňa gezelenç gämileri, ýelkenli sport gämileri we howply ýükleri daşamak üçin gämiler girmeýär;

ä) ýolagçylary we ýükleri, şol sanda howply ýükleri daşamagy amala aşyrýan demir ýol otlusynyň hereket edýän düzümini;

19) ulag toplumyulag infrastrukturasynyň obýektleri we subýektleri, ulag serişdeleri;

20) howply ýükler – adamlaryň jany we saglygy, şeýle hem daşky gurşaw üçin howplulygy bolan, sanawy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan ýadro serişdeleri, awuly, zäherli, partlaýyş howply maddalar.

 

2-nji madda. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatlary we wezipeleri

 

1. Ulag toplumynyň durnukly we howpsuz işlemegi, ulag toplumy çygrynda bikanun gatyşmakdan şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagy ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatlary bolup durýar.

2. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy wezipeleri şular bolup durýar:

1) ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda kadalaşdyryjy hukuk taýdan düzgünleşdirmek;

2) bikanun gatyşmak wehimlerini kesgitlemek;

3) ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermek;

4) ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini toparlandyrmak;

5) ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplary we çäreleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek;

6) ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň güýçlerini taýýarlamak we olaryň hünär synagyny geçirmek;

7) ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrmak;

8) ulag howpsuzlygyny maglumat, maddy-tehniki we ylmy-tehniki taýdan üpjün etmek;

9) ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň tehniki serişdelerini sertifikatlaşdyrmak.

 

3-nji madda. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörelgeleri

 

Ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýörelgeleri şular bolup durýar:

1) kanunylyk;

2) şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň deň agramlylygyny berjaý etmek;

3) ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bilelikde jogapkärçiligi;

4) üznüksizlik;

5) howpsuzlygyň halkara ulgamlaryna goşulyşmak;

6) ulag infrastrukturasynyň subýektleriniň, döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bilelikde hereket etmekleri.

 

4-nji madda. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek

 

1. Eger şu Kanunda we gaýry kanunlarda başgaça bellenmedik bolsa,  ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek ulag infrastrukturasynyň subýektlerine we daşaýjylara ýüklenýär.

2. Şu Kanun, beýleki kanunlar we olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen berlen ygtyýarlyklaryna laýyklykda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary ulag howpsuzlygyny üpjün edýärler, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolsa, ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşýarlar.

3. Howa ulagynyň ulag infrastrukturasynyň obýektlerinde we ulag serişdelerinde ulag howpsuzlygyny üpjün etmek awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegi öz içine alýar.

4. Ulag infrastrukturasynyň subýekti, daşaýjy daşamagyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly gulluk borçlaryny ýerine ýetirmeklerine päsgel bermeýän göwrümde ulag serişdeleriniň işgärleriniň (ekipažynyň) üstüne ulag serişdesiniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça borçlary ýüklemäge haklydyr.

5. Ulag howpsuzlygynyň üpjün edilmegi diňe ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary tarapyndan amala aşyrylýan ulag infrastrukturasynyň obýektleri we ulag serişdeleri kanunlar ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.

6. Şu Kanun bilen ulag infrastrukturasyna degişli edilmedik binalary, gurluşyklary, desgalary we gurluşygy tamamlanmadyk we ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň serhedinde (çäginde) ýerleşen obýektleri bikanun gatyşmakdan, şol sanda terrorçylykly hereketlerden goramagy üpjün etmek degişli ulag infrastrukturasynyň obýektiniň toparyny hasaba almak bilen şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar. Şeýle obýektleri bikanun gatyşmakdan, şol sanda terrorçylykly hereketlerden goramagy üpjün etmegiň tertibi degişli ulag infrastrukturasynyň obýektiniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamasy bilen kesgitlenýär.

7. Ulag infrastrukturasynyň obýektinde ýa-da ulag serişdesinde bikanun gatyşmak wehimi barada maglumat barlanylanda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ulag infrastrukturasynyň subýektleriniň we daşaýjylaryň bilelikde hereket etmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

 

5-nji madda. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermek

 

1. Bikanun gatyşmakdan goramak üçin ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermegiň tertibi degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan bellenýär.

2. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermek ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplary hasaba almak bilen şertnama esasynda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ýöriteleşdirilen guramalar tarapyndan geçirilýär.

Ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermek ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplary hasaba almak bilen ulag infrastrukturasynyň subýektleri ýa-da şertnama esasynda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ýöriteleşdirilen guramalar tarapyndan geçirilýär.

3. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermegi geçirmegiň netijeleri ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralar tarapyndan tassyklanýar we olar barada maglumatlar rugsat çäklendirilen maglumat bolup durýar. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermegiň netijeleri barada maglumatlar döwlet syryny düzýän maglumatlar bolup durýar.

4. Deňiz gämisiniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermek deňiz gämisiniň goralyp saklanmagyna baha bermegi hem öz içine alýar we Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şu Kanun, şeýle hem olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenilen talaplary hasaba almak bilen geçirilýär.

5. Deňiz terminalynyň, deňiz portunyň akwatoriýasynyň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermek degişli port serişdeleriniň goralyp saklanmagyna baha bermegi hem öz içine alýar we Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şu Kanun, şeýle hem olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenilen talaplary hasaba almak bilen geçirilýär. Deňiz portunyň akwatoriýasynyň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermegiň aýratynlyklary degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan bellenýär.

6. Howa gämisiniň, howa ulagynyň ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermek Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň raýat awiasiýasyny bikanun gatyşmakdan goramak çygryndaky halkara standartlary, şu Kanun we olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenilen talaplary hasaba almak bilen geçirilýär.

7. Rugsat çäklendirilen maglumatlar bolan ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermegiň netijeleri barada maglumatlar we ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamalarynda saklanýan maglumatlar bilen işlemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

 

6-njy madda. Ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini toparlandyrmak

 

1. Bikanun gatyşmak wehiminiň derejesini we onuň mümkin bolan netijelerini hasaba almak bilen ulag infrastrukturasynyň obýektleri we ulag serişdeleri hökmany toparlandyrylmaga degişlidirler, muňa şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.

2. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň toparlarynyň sany we toparlandyrylmagynyň baha beriş ölçegleri maliýe we ykdysadyýet, şeýle hem beýleki degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenýän tertipde bellenýär.

3. Ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini toparlandyrmak ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Toparlandyrylan obýektler Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň sanawyna girizilýär, ony alyp barmagy ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralar ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan bellenýän tertipde amala aşyrýarlar.

5. Ulagyň görnüşleri boýunça toparlandyrylmaga degişli bolmadyk ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly ulag boýunça döwlet edarasy kesgitleýär.

 

7-nji madda. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň howpsuzlyk derejeleri

 

1. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri görmek maksatlary bilen ulag toplumynda dürli howpsuzlyk derejeleri bellenýär.

2. Howpsuzlyk derejeleriniň sanawy we ulag toplumynyň işine bikanun gatyşmak wehiminiň derejesi üýtgände olary yglan etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

 

8-nji madda. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplar

 

1. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň dürli toparlary üçin şu Kanunyň 7-nji maddasynda göz öňünde tutulan howpsuzlyk derejelerini hasaba alýan ulagyň görnüşleri boýunça ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplar, şol sanda obýektleriň (çäkleriň) terrorçylyga garşy goraglylygyna talaplar ulag boýunça döwlet edarasynyň degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylan teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär. Görkezilen talaplar ulag infrastrukturasynyň subýektleriniň we daşaýjylaryň ýerine ýetirmekleri üçin hökmany bolup durýar.

2. Ulagyň görnüşleri boýunça ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň taslamalaşdyrylýan we gurulýan döwründe olaryň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplar ulag boýunça döwlet edarasynyň şähergurluşyk işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar, şeýle hem beýleki degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylan teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär. Görkezilen talaplar ulag infrastrukturasynyň obýektlerini gurujylaryň ýerine ýetirmekleri üçin hökmany bolup durýar.

3. Ulag infrastrukturasynyň obýektleri bolup durmaýan we ulag infrastrukturasynyň obýektlerine ýanaşyk ýer böleklerinde ýerleşen obýektleriň (binalaryň, gurluşyklaryň, desgalaryň) şu Kanunyň 7-nji maddasynda göz öňünde tutulan howpsuzlyk derejelerini hasaba alýan ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplar ulag boýunça döwlet edarasynyň degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylan teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär. Görkezilen talaplar görkezilen obýektleriň (binalaryň, gurluşyklaryň, desgalaryň) eýeleri bolup durýan ýa-da kanuny esasda olara eýelik edýän gaýry ýuridik we fiziki şahslaryň ýerine ýetirmekleri üçin hökmany bolup durýar.

4. Ulag infrastrukturasynyň obýektlerinde ýa-da ulag serişdelerinde barýan ýa-da bolýan fiziki şahslar üçin ulagyň görnüşleri boýunça ulag howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça talaplar ulag boýunça döwlet edarasynyň degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylan teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär. Görkezilen talaplar ulag infrastrukturasynyň obýektlerine ýa-da ulag serişdelerine gelýän ýa-da olarda bolýan fiziki şahslaryň ýerine ýetirmekleri üçin hökmany bolup durýar.

 

9-njy madda. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek

 

1. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň gowşaklyk ýagdaýyna baha bermegi geçirmegiň netijeleriniň esasynda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralar ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamalaryny işläp düzýär. Görkezilen meýilnamalary işläp düzmegiň tertibi degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan bellenýär.

2. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamalary ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralar tarapyndan tassyklanýar. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Tapgyrlaryň sany we olary durmuşa geçirmegiň möhletleri ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň degişli meýilnamasy bilen kesgitlenýär.

3. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamalarynda saklanýan maglumatlar rugsat çäklendirilen maglumat bolup durýar. Şu Kanunyň 5-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamalarynda saklanýan maglumatlary döwlet syryny düzýän maglumatlar bolup durýar.

4. Ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň we ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek ulag infrastrukturasynyň subýektleri we daşaýjylar, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, döwlet häkimiýet edaralary ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde ulag infrastrukturasynyň subýektleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Deňiz portunyň akwatoriýasynyň ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek deňiz portunyň kapitany tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Deňiz gämisiniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamasy deňiz gämisini goramagyň meýilnamasy bolup durýar we Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şu Kanun, şeýle hem olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen talaplary hasaba almak bilen işlenip düzülýär.

6. Deňiz portunyň akwatoriýasynyň, deňiz terminalynyň ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamalary Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şu Kanun, şeýle hem olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen talaplary hasaba almak bilen işlenip düzülýär.

7. Port serişdelerine degişli edilen Türkmenistanyň çäk deňzinde, içerki suwlarynda, deňiz ykdysady zolagynda we kontinental şelfinde ýerleşýän emeli adalaryň, gurluşlaryň, desgalarulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamasy degişli port serişdelerini goramagyň meýilnamasy bolup durýar we Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şu Kanun, şeýle hem olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen talaplary hasaba almak bilen işlenip düzülýär.

8. Ulag infrastrukturasynyň subýektiniň biri tarapyndan ulanylýan howa ulagynyň ulag serişdeleriniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmeginiň meýilnamasynda kesgitlenen awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň jemi Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň raýat awiasiýasyny bikanun gatyşmakdan goramak çygrynda halkara standartlarynda göz öňünde tutulan awiasiýa kärhanasynyň awiasiýa howpsuzlygy maksatnamasy bolup durýar we görkezilen çäreler Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şu Kanun, şeýle hem olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen talaplary hasaba almak bilen işlenip düzülýär.

9. Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler görkezilip, düzülen aeroportuň (aerodromyň) ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meýilnamasy Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň raýat awiasiýasyny bikanun gatyşmakdan goramak çygrynda halkara standartlarynda göz öňünde tutulan degişli aeroportuň (aerodromyň) awiasiýa howpsuzlygy maksatnamasy bolup durýar we ol Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şu Kanun, şeýle hem olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen talaplary hasaba almak bilen işlenip düzülýär.

 

10-njy madda. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işler ýerine ýetirilende çäklendirmeler

 

1. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işleri ýerine ýetirmäge şu şahslaryň haky ýokdur:

1) bilkastlaýyn jenaýat edenligi üçin öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýby bolanlar;

2) psihiki kesellerden, arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýänler, sagalmagy ýa-da psihiki saglyk ýagdaýy durnukly gowulanmagy bilen baglylykda bu adamlar babatda dispanser gözegçiligi bes edilýänçä;

3) düzgün-nyzam etmişi edenligi, düzgün-nyzamy gödek ýa-da yzygiderli bozanlygy, döwlet gullukçysynyň at-abraýyny we mertebesini abraýdan düşürýän etmiş edenligi, oňa ynamyň ýitirilenligi bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýän esaslar boýunça döwlet wezipesi boýunça ygtyýarlyklaryny möhletinden öň bes edenler ýa-da döwlet gullugyndan, şol sanda hukuk goraýjy edaralardan boşadylanlar, eger ygtyýarlyklar möhletinden öň şeýle bes edilenden ýa-da döwlet gullugyndan şeýle boşadylandan soň üç ýyldan az möhlet geçen bolsa;

4) özleri babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilen barlaglaryň netijeleri boýunça ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işleri ýerine ýetirmäge goýbermek mümkin dälligi barada ygtyýarly döwlet edaralarynyň netijenamasy bar bolanlar;

5) «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda düzülen terrorçyylykly ýa-da ekstremistik guramalar ýa-da terrorçylar bilen baglanyşygy bolan guramalaryň we fiziki şahslaryň sanawyna girizilenler; 

6) ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işe kabul edilende özi barada görnetin ýalan maglumatlary habar berenler;

7) bellenilen tertipde berlen lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işi ýerine ýetirmäge lukmançylyk taýdan garşy gelmeleri bolanlar;

8) şu Kanun bellenilen tertipde ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň taýýarlygyny we hünär synagyny geçmedikler.

2. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işe kabul edilýän ýa-da şeýle işi ýerine ýetirýän adamlar babatda şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatlary barlamak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde ulag infrastrukturasynyň subýektleri tarapyndan geçirilýär.

3. Ulag infrastrukturasynyň subýektiniň şu maddanyň birinji böleginiň 1-7-nji bentlerinde görkezilen maglumatlary barlamagynyň maksatlary üçin ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işe kabul edilýän ýa-da şeýle işi ýerine ýetirýän adamlaryň aýry-aýry toparlarynyň şahsy maglumatlaryny işläp taýýarlamak hünär synagy edaralary tarapyndan ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň hünär synagynyň tertibinde göz öňünde tutulan aýratynlyklary hasaba almak bilen amala aşyrylýar.

4. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

 

11-nji madda. Ulag howpsuzlygy çygrynda maglumat taýdan üpjün etmek

 

1. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrmak maksatlary bilen ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň bir bitewi maglumat ulgamy döredilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumat ulgamy ulag serişdeleriniň ýolagçylary we işgärleri (ekipažy) barada şahsy maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan merkezleşdirilen binýatlaryndan ybaratdyr. Şeýle binýatlar daşamagyň şu görnüşleri amala aşyrylanda emele getirilýär:

1) içerki we halkara howa arkaly daşaýyşlar;

2) içerki we halkara demir ýol gatnawlarynda daşalmagy;

3) içerki we halkara gatnawyny amala aşyrýan gämilerde daşalmagy;

4) awtoulagda şäherara we halkara gatnawlary.

3. Ulag serişdeleriniň ýolagçylary we işgärleri (ekipažy) barada şahsy maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan merkezleşdirilen binýatlary (mundan beýläk – merkezleşdirilen binýatlar) şular tarapyndan berlen maglumatlaryň esasynda emele getirilýär:

1) ulag infrastrukturasynyň subýektleri we daşaýjylary;

2) daşamagyň şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen görnüşlerini amala aşyrýan döwlet edaralary ýa-da beýleki ýuridik we fiziki şahslar;

3) ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde daşary ýurt döwletleri we guramalary.

4. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň bir bitewi maglumat ulgamynyň maglumat serişdeleri rugsat çäklendirilen maglumatlar bolup durýarlar.

5. Ulag serişdeleriniň ýol resminamalary (biletler) resmileşdirilende we işgärleri (ekipažy) döredilende şu maglumatlar merkezleşdirilen binýatlara geçirilmäge degişlidir:

1) familiýasy, ady, atasynyň ady;

2) doglan senesi;

3) ýol resminamasy (biledi) edinilýän şahsyýeti tassyklaýan resminamanyň görnüşi we belgisi;

4) ugralýan ýeri, barylýan ýeri, gidýän ugrunyň görnüşi (düşüp geçmezden, üstaşyr);

5) gidilýän senesi;

6) jynsy;

7) raýatlygy.

6. Ýol resminamalary (biletler) bronlanyp goýlanda şu maddanyň bäşinji böleginiň 1-5-nji bentlerinde göz öňünde tutulan maglumatlar merkezleşdirilen binýatlara geçirilmäge degişlidir.

7. Sargyt boýunça ýolagçylary gatnatmak amala aşyrylanda ýolagçylaryň sanawy döredilende şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan maglumatlar merkezleşdirilen binýatlara geçirilmäge degişlidir.

8. Ulag serişdeleriniň işgärleri (ekipažy) üçin şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan maglumatlara goşmaça ulag serişdesiniň ekipažynda eýeleýän wezipesi barada maglumat merkezleşdirilen binýatlara hökmany geçirilmäge degişlidir.

9. Ulag serişdeleriniň işgärleri (ekipažy) barada şu maddanyň sekizinji böleginde görkezilen maglumat ulag serişdeleriniň ekipažlaryny döretmegiň tamamlanmagy boýunça, ýöne ulag serişdesiniň ugraýan pursadyna çenli 24 sagatdan gijä galdyrmazdan, merkezleşdirilen binýatlara geçirilýär.

10. Ulag serişdesiniň ekipažynyň düzümi üýtgän (goşulan) halatynda ulag serişdesiniň ekipažynyň düzümine girizilen adamlar barada maglumatlar haýal etmezden, ýöne ulag serişdesiniň ugraýan pursadyndan gijä goýmazdan, merkezleşdirilen binýatlara geçirilýär.

11. Merkezleşdirilen binýatlary döretmegiň we alyp barmagyň, şeýle hem olarda saklanýan maglumatlary bermegiň tertibi ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenýär.

12. Merkezleşdirilen binýatlara maglumatlary geçirmek ýol resminamasy (bilet) resmileşdirilende, bronlanyp goýlanda, ýolagçylaryň sanawy döredilende we ulag serişdesiniň işgärleri (ekipažy) döredilende görkezilýän we şahsyýeti tassyklaýan resminamanyň düzülen dilinde amala aşyrylýar. Şeýle resminamanyň düzülen dilini peýdalanmak bilen merkezleşdirilen binýatlara maglumatlary geçirmegiň aýratynlyklary  olary döretmegiň we alyp barmagyň, şeýle hem merkezleşdirilen binýatlarda saklanýan maglumatlary bermegiň tertibi bilen bellenýär.

13. Degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan ulaglaryň aýry-aýry görnüşlerine baglylykda merkezleşdirilen binýatlara geçirilýän goşmaça maglumatlar bellenip bilner.

14. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen başgaça bellenmedik bolsa, ulag serişdesiniň eýeleri bolup durýan, Türkmenistana, Türkmenistandan ýa-da Türkmenistanyň çäginiň üsti bilen ýolagçylaryň halkara daşaýyşlaryny ýerine ýetirýän ýa-da ony gaýry kanuny esaslarda peýdalanýan daşary ýurt döwletiniň ulag infrastrukturasynyň subýekti ýa-da daşaýjysy şu maddanyň bäşinji-dokuzynjy böleklerinde göz öňünde tutulan maglumatlary merkezleşdirilen binýatlara geçirmegi «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda üpjün edýärler.

15. Şu maddada göz öňünde tutulan maglumatlary merkezleşdirilen binýatlara geçirmegiň tertibiniň berjaý edilişini barlamak ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ulag howpsuzlygy çygrynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylanda geçirilýär.

 

12-nji madda. Ulag howpsuzlygy çygrynda döwlet gözegçiligi

 

1. Ulag howpsuzlygy çygrynda döwlet gözegçiligi ygtyýarly döwlet edaralary (mundan beýläk – döwlet gözegçiligi edaralary) tarapyndan olaryň ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Ulag howpsuzlygy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrmak, ýuridik we fiziki şahslaryň barlaglaryny guramak we geçirmek bilen bagly gatnaşyklara barlaglary guramagyň we geçirmegiň şu maddanyň üçünji-altynjy böleklerinde bellenilen aýratynlyklary hasaba alnyp Türkmenistanyň kanunçylygynyň kadalary ulanylýar.

3. Şularyň geçirilen gününden bir ýylyň geçmegi meýilleşdirilýän barlagy geçirmek üçin esas bolýar:

1) ulag infrastrukturasynyň subýektiniň, daşaýjynyň, ulag infrastrukturasynyň obýektlerini gurujynyň döwlet belligine alynmagynyň;

2) soňky meýilleşdirilen barlagyň geçirilmeginiň tamamlanmagynyň.

4. Meýilnamadan daşary barlaglary geçirmek üçin şular esas bolýar:

1) döwlet gözegçiligi edarasynyň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplaryň ýüze çykarylan bozulmalaryny aradan aýyrmak barada beren tabşyryknamasynyň ulag infrastrukturasynyň subýekti, daşaýjy, ulag infrastrukturasynyň obýektlerini gurujy tarapyndan ýerine ýetirilmeginiň möhletiniň geçmegi;

2) ulag toplumynyň işine bikanun gatyşmak wehiminiň döremeginiň hakyky ýagdaýlary ýa-da ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplaryň ulag infrastrukturasynyň subýektleri, daşaýjylar, ulag infrastrukturasynyň obýektlerini gurujylar tarapyndan bozulmagy barada raýatlaryň ýüz tutmalarynyň we arzalarynyň, döwlet häkimiýet edaralaryndan, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden we beýlekilerden maglumatyň döwlet gözegçiligi edaralaryna gelip gowuşmagy;

3) adamlaryň janyna, saglygyna, döwletiň howpsuzlygyna zyýan, fiziki we ýuridik şahslaryň emlägine zelel ýetirilmegine getiren ulag toplumynyň işine bikanun gatyşylmagy;

4) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygyna laýyklykda ýa-da kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň çäklerinde prokuratura edaralaryna gelip gowşan materiallar we ýüz tutmalar boýunça meýilnamadan daşary barlagy geçirmek barada prokuroryň talabynyň esasynda döwlet gözegçiligi edarasynyň ýolbaşçysynyň (ýolbaşçysynyň orunbasarynyň) meýilnamadan daşary barlagy geçirmek barada beren buýrugynyň bolmagy.

5. Şu maddanyň dördünji böleginiň 2-nji bendinde görkezilen esas boýunça ulag infrastrukturasynyň subýektiniň, daşaýjynyň, ulag infrastrukturasynyň obýektlerini gurujynyň işini meýilnamadan daşary ýerinde barlamak döwlet gözegçiligi edarasy tarapyndan prokuratura edaralary bilen ylalaşylandan soň, şu maddanyň dördünji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen esas boýunça bolsa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde prokuratura edaralaryny habarly etmek bilen haýal etmezden geçirilip bilner.

Şu maddanyň dördünji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen esas boýunça meýilnamadan daşary ýerindäki barlag döwlet gözegçiligi edarasy tarapyndan prokuratura edaralary bilen ylalaşylmazdan geçirilip bilner.

6. Şu maddanyň dördünji böleginiň 2-nji ýa-da 3-nji bendinde görkezilen esas boýunça meýilnamadan daşary ýerindäki barlagyň geçirilmegi barada ulag infrastrukturasynyň subýektine, daşaýja, ulag infrastrukturasynyň obýektlerini guruja deslapdan habar berilmegine ýol berilmeýär.

7. Ulag infrastrukturasynyň subýektlerine, daşaýjylara, ulag infrastrukturasynyň obýektlerini gurujylara barlaglar, şol sanda meýilnamalaýyn we meýilnamadan daşary ýerindäki barlaglar geçirilende test-närseleriň (ýaraga, partlaýjy maddalara ýa-da ulag howpsuzlygy zolagynda ýa-da onuň böleginde başga ýere geçirmäge gadaganlyk ýa-da çäklendirme bellenilen beýleki gurluşlar, närseler we maddalar babatda olara meňzedilen närseleriň) we test-obýektleriň (ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplaryň bozujylaryna meňzedilen adamlaryň) peýdalanylmagyna ýol berilýär.

8. Ulag infrastrukturasynyň subýektlerini, daşaýjylary, ulag infrastrukturasynyň obýektlerini gurujylary şu maddanyň ýedinji böleginde görkezilen test-närseleriň we test-obýektleriň peýdalanylmagy bilen barlamak döwlet gözegçiligi edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

 

13-nji madda. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ulag infrastrukturasynyň subýektleriniň we daşaýjylaryň hukuklary we borçlary

 

1. Ulag infrastrukturasynyň subýektleriniň we daşaýjylaryň şulara hukugy bardyr:

1) ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça bellenilen tertipde döwlet edaralaryndan maglumat almaga;

2) ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ulag boýunça döwlet edarasyna we beýleki döwlet edaralaryna teklipleri girizmäge.

2. Ulag infrastrukturasynyň subýektleri we daşaýjylar şulara borçludyrlar:

1) ulag infrastrukturasynyň obýektlerinde we ulag serişdelerinde bikanun gatyşmak wehimleriniň ýa-da onuň özüniň edilenligi barada ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertipde haýal etmezden habar bermäge;

2) döwlet edaralarynyň, şol sanda döwlet gözegçiligi edaralarynyň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplaryň bozulmalaryny aradan aýyrmak barada beren tabşyryknamasyny, kararyny şu Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda ýerine ýetirmäge;

3) bikanun gatyşmagy ýüze çykarmakda, duýdurmakda we olaryň öňüni almakda, olaryň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri anyklamakda ýardam etmäge;

4) şu Kanunyň 6-njy maddasynda göz öňünde tutulan toparlandyrmagy geçirmek üçin doly we dogry maglumaty ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralara bermäge.

3. Aeroportlary, şeýle hem deňiz terminallaryny, derýa portlaryny, demir ýol beketlerini we beýlekileri taslamalaşdyrmagy, gurmagy ýa-da üýtgedip gurmagy (netijede üýtgedilip gurulýan ulag infrastrukturasynyň obýektiniň meýdany ýa-da senenama ýylynyň dowamynda gelýän we ugradylýan ýolagçylaryň sany 20 göterimden artyk ýokarlanýan bolsa) amala aşyrýan ulag infrastrukturasynyň subýektleri, taslamalaşdyrylýan ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň eýeleri kesgitlenmedik halatynda bolsa, ulag infrastrukturasynyň obýektlerini gurujylar ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenýän tertipde görkezilen ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň taslamalaşdyrylmagyna tabşyrygyň taýýarlanýan ýa-da olaryň gurulmagyna ýa-da üýtgedilip gurulmagyna tehniki tabşyryklar işlenip düzülýän döwründe öňde durýan taslamalaşdyrmak, gurmak ýa-da üýtgedip gurmak barada degişli içeri işler edaralaryny we beýleki döwlet edaralaryny habarly etmäge borçludyrlar.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen ulag infrastrukturasynyň subýektleri, ulag infrastrukturasynyň obýektlerini gurujylar ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň öňde durýan taslamalaşdyrylmagy, gurulmagy ýa-da üýtgedip gurulmagy barada habarnamany alan gününden bir aý möhletde gelip gowşan ýüztutmalaryň esasynda gös-göni demir ýol, suw, howa ulagynyň ulag infrastrukturasynyň obýektlerinde raýatlaryň howpsuzlygyny we jemgyýetçilik tertibini goramagy üpjün etmek, jenaýatçylyga garşy hereket etmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirýän içeri işler edaralaryna we beýleki döwlet edaralaryna tölegsiz esasda bermek üçin niýetlenen görkezilen ulag infrastrukturasynyň obýektlerinde gulluk we kömekçi jaýlary göz öňünde tutmaga borçludyrlar.

5. Demir ýol, suw, howa ulagynyň gös-göni ulag infrastrukturasynyň obýektlerinde raýatlaryň howpsuzlygyny we jemgyýetçilik tertibini goramagy üpjün etmek, jenaýatçylyga garşy hereket etmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirýän içeri işler edaralarynyň bölünmelerine bermek üçin niýetlenen gulluk we kömekçi jaýlara talaplar ulag boýunça döwlet edarasy we içeri işler edaralary bilen ylalaşmak arkaly şähergurluşyk işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edara tarapyndan bellenýär.

6. Şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen döwlet edaralaryna bermek üçin niýetlenen gulluk we kömekçi jaýlara talaplar ulag boýunça döwlet edarasy we beýleki döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly şähergurluşyk işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edara tarapyndan bellenýär.

7. Ulag infrastrukturasynyň subýektleri we daşaýjylar ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda talaplaryň ýerine ýetirilmezligi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

14-nji madda. Ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleri taýýarlamak we olaryň hünär synagy, ulag howpsuzlygy bölünmelerini akkreditirlemek

 

1. Ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleri taýýarlamak degişli döwlet edaralary, şeýle hem bilim edaralary bilen ylalaşmak boýunça ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan bellenen tertipde amala aşyrylýar.

2. Ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçler ulag boýunça döwlet edarasynyň degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylan teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde hünär synagy edaralary tarapyndan geçirilýän hökmany hünär synagyna degişlidirler.

3. Ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň hünär synagy barada çözgüt kabul etmek üçin hünär synagy edaralary ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň bilimleriniň, başarnyklarynyň we endikleriniň, şeýle hem ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň aýry-aýry toparlarynyň şahsy sypatlarynyň we fiziki taýýarlygynyň derejesiniň ulag howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklygyny barlamagy amala aşyrýarlar.

4. Ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň aýry-aýry toparlarynyň sanawy ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň hünär synagynyň tertibi bilen bellenýär.

5. Ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň bilimlerine, başarnyklaryna we endiklerine, şeýle hem ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň aýry-aýry toparlarynyň şahsy sypatlaryna we fiziki taýýarlygynyň derejesine talaplar ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan bellenýär.

6. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralaryň teklipnamasy boýunça ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň bilimleriniň, başarnyklarynyň we endikleriniň, şeýle hem ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň aýry-aýry toparlarynyň şahsy sypatlarynyň we fiziki taýýarlygynyň derejesiniň laýyklygyny barlamagyň aýratynlyklary olaryň şu Kanuna garşy gelmeýän böleginde ulagyň aýry-aýry görnüşlerine ulanylmagy babatda bellenip bilner.

7. Ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň hünär synagyna ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni bagly işi ýerine ýetirmäge şu Kanunyň 10-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-7-nji bentlerinde bellenilen çäklendirmeleri bolan adamlar goýberilmeýär.

8. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan wezipeler hünär synagy edaralary tarapyndan ulag infrastrukturasynyň subýekti, ulag howpsuzlygy bölünmesi, ulag infrastrukturasynyň subýektiniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplary ýerine ýetirmeginiň maksatlaryna işleri ýerine ýetirýän (hyzmatlary edýän) gaýry guramalar ýa-da hünär synagyndan geçýän adam bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

9. Ýuridik şahslaryň ulag howpsuzlygy bölünmeleri hökmünde akkreditirlenmegi ulag howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarly edaralar tarapyndan amala aşyrylýar. Ýuridik şahslary ulag howpsuzlygy bölünmeleri hökmünde akkreditirlemegiň tertibi we olara talaplar degişi döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan bellenýär.

10. Hünär synagy edaralarynyň, akkreditirlenen ulag howpsuzlygy bölünmeleriniň, ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň hünär synagy barada berlen şahadatnamalaryň sanawlaryny döretmegiň we alyp barmagyň tertibi, şeýle hem olarda saklanýan maglumatlary bermegiň tertibi ulag boýunça döwlet edarasynyň degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylan teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

 

15-nji madda. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen gözden geçirmek, goşmaça gözden geçirmek we gaýtadan gözden geçirmek

 

1. Şu Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda bellenilen ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplarda göz öňünde tutulan halatlarda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen gözden geçirmek, goşmaça gözden geçirmek, gaýtadan gözden geçirmek, synlamak we gürrüňdeşlik geçirmek amala aşyrylýar.

2. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen gözden geçirmegi, goşmaça gözden geçirmegi, gaýtadan gözden geçirmegi, synlamagy we gürrüňdeşlik geçirmegi guramak ulag infrastrukturasynyň subýektlerin we daşaýjylaryň üstüne ýüklenilýär.

3. Gözden geçirmegiň, goşmaça gözden geçirmegiň we gaýtadan gözden geçirmegiň barşynda fiziki şahslary, ulag serişdelerini, ýükleri, bagažy, el goşlaryny we fiziki şahslaryň ýanyndaky şahsy goşlaryny barlamak boýunça gözden geçirmegi, goşmaça gözden geçirmegi we gaýtadan gözden geçirmegi geçirmegiň düzgünlerine laýyklykda özleri babatda ulag howpsuzlygy zolagynda ýa-da onuň böleginde başga ýere geçirmäge gadaganlyk ýa-da çäklendirme bellenilen ýaragy, partlaýjy maddalary ýa-da beýleki gurluşlary, närseleri we maddalary tapmaga, şeýle hem ulag howpsuzlygy zolagynda ýa-da onuň böleginde olara barmak (geçmek) üçin hukuk esasy bolmadyk adamlary ýüze çykarmaga gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar.

4. Gözden geçirmegiň barşynda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplarda göz öňünde tutulan halatlarda hereketlerinde bikanun gatyşmaga taýýarlygyň alamatlary bolan fiziki şahslary ýüze çykarmaga gönükdirilen synlamak we gürrüňdeşlik geçirmek amala aşyrylýar. Synlamagyň we gürrüňdeşlik geçirmegiň netijeleri boýunça ulag howpsuzlygyny üpjün etmek üçin goşmaça gözden geçirmegi geçirmek barada çözgüt kabul edilýär.

5. Goşmaça gözden geçirmegiň barşynda gözden geçirmekde ýüze çykarylan närseleri we maddalary tanamak we barabarlamak maksatlary bilen fiziki şahslary, ulag serişdelerini, ýükleri, bagažy, el goşlaryny we fiziki şahslaryň ýanyndaky şahsy goşlaryny barlamak boýunça, şeýle hem bikanun gatyşmak üçin peýdalanylyp bilinjek maddy-tehniki obýektleri barlamak boýunça çäreler amala aşyrylýar.

6. Ulag infrastrukturasynyň subýekti ýa-da daşaýjy tarapyndan bikanun gatyşmak wehimi barada maglumat alnanda bikanun gatyşmaga taýýarlygyň alamatlary hereketlerinde bolan fiziki şahslary ýa-da bikanun gatyşmak üçin peýdalanylyp bilinjek maddy-tehniki obýektleri ýüze çykarmak maksatlary bilen gaýtadan gözden geçirmek amala aşyrylýar.

7. Gözden geçirmek, goşmaça gözden geçirmek we gaýtadan gözden geçirmek amala aşyrylanda rentgen-telewizion we radio nusga alyjy gurluşlar, metalodetektorlar, gaz seljeriji we himiki enjamlar, şeýle hem özleri babatda ulag howpsuzlygy zolagynda ýa-da onuň böleginde başga ýere geçirmäge gadaganlyk ýa-da çäklendirme bellenilen ýaragy, partlaýjy maddalary ýa-da beýleki gurluşlary, närseleri we maddalary tapmagy üpjün edýän beýleki gurluşlar peýdalanylýar.

8. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň tehniki serişdeleri (ulag howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen ulag infrastrukturasynyň obýektlerinde we ulag serişdelerinde peýdalanmaga niýetlenen duýduryş, gözden geçiriş, wideogözegçilik, audio- we wideoýazyş, aragatnaşyk, habar beriş, maglumat toplaýjy, işläp taýýarlaýjy, kabul ediji we geçiriji ulgamlary we serişdeleri) hökmany sertifikatlaşdyrylmaga degişlidir. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň tehniki serişdeleriniň ýerine ýetirýän wezipelerine talaplar we olary sertifikatlaşdyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

9. Gözden geçirmek, goşmaça gözden geçirmek, gaýtadan gözden geçirmek, synlamak we gürrüňdeşlik geçirmek ulag howpsuzlygy bölünmeleriniň işgärleriniň arasyndan ygtyýarlyk berlen adamlar tarapyndan geçirilýär.

10. Ýaraglary, ok-därileri, partlaýjy, awuly, radioaktiw, zäherleýji, ýeňil ot alýan we beýleki howply maddalary, materiallary we önümleri götermek ýa-da saklamak üçin kanuny esaslar bolmadyk şertinde olar gözden geçirmegiň barşynda barabarlanan halatynda ýa-da ulag howpsuzlygy zolagynda ýa-da onuň böleginde olara barmak (geçmek) üçin hukuk esasy bolmadyk adamlar ýüze çykarylan halatynda ulag howpsuzlygyny üpjün edýän güýçler bu barada ygtyýarlylyklaryna laýyklykda täsir ediş çärelerini görmek üçin haýal etmezden degişli döwlet edaralaryna habar berýärler.

11. Gözden geçirmekden ýüz dönderen adamlar ulag howpsuzlygy zolagyna ýa-da onuň bölegine goýberilmeýär.

12. Ýolagçynyň gözden geçirmekden, goşmaça gözden geçirmekden we gaýtadan gözden geçirmekden ýüz döndermegi daşaýyş şertnamasyny birtaraplaýyn tertipde bozmak üçin esas bolup durýar.

13. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen gözden geçirmegi, goşmaça gözden geçirmegi we gaýtadan gözden geçirmegi geçirmegiň düzgünleri degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan bellenýär.

14. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen gözden geçirmegi, goşmaça gözden geçirmegi we gaýtadan gözden geçirmegi geçirmegiň düzgünleri özleri babatda ulag howpsuzlygy zolagynda ýa-da onuň böleginde başga ýere geçirmäge gadaganlyk ýa-da çäklendirme bellenilen ýaragyň, partlaýjy maddalaryň ýa-da beýleki gurluşlaryň, närseleriň we maddalaryň sanawlaryny, şeýle hem ulag howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen synlamagyň we gürrüňdeşlik geçirmegiň tertibini öz içine alýar.

15. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen gözden geçirmek, goşmaça gözden geçirmek we gaýtadan gözden geçirmek amala aşyrylanda kanun arkaly goralýan bähbitlere ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunmaga degişlidir.

 

16-njy madda. Ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini bikanun gatyşmakdan goramagyň aýratynlyklary

 

1. Ulag howpsuzlygy bölünmeleriiniň ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini bikanun gatyşmakdan goramak üçin, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda ýörite serişdeleri we gulluk ok atýan ýaragy edinmäge, saklamaga we götermäge hukugy bardyr.

2. Ulag howpsuzlygy bölünmeleriniň işgärleri her ýyl bedeninde neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň metabolitleriniň barlygyna himiki-toksikologik barlaglary hem öz içine alýan öňüni alyş lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge, şeýle hem ok atýan ýaragy we ýörite serişdeleri ulanmak bilen bagly şertlerde hereket etmäge ýaramlylygyna döwürleýin barlaglary geçmäge borçludyrlar. Görkezilen öňüni alyş lukmançylyk gözegçiliginden geçmegiň tertibi we onuň netijeleri boýunça berilýän netijenamanyň görnüşi saglygy goraýyş edaralary tarapyndan bellenýär. Ok atýan ýaragy we ýörite serişdeleri ulanmak bilen bagly şertlerde hereket etmäge ýaramlylygyna döwürleýin barlaglary geçmegiň tertibi içeri işler edaralary tarapyndan bellenýär.

3. Ulag howpsuzlygy bölünmeleriniň işgärleri hünär taýýarlygyny we lukmançylyk gözegçiligini geçenlerinden soň wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde fiziki güýji, ýörite serişdeleri we gulluk ok atýan ýaragy ulanmaga hukuklydyrlar.

4. Ulag howpsuzlygy bölünmeleriniň işgärleri wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde ýörite serişdeleri we gulluk ok atýan ýaragy peýdalanmaga hukuklydyrlar.

5. Ýörite serişdeler, gulluk ok atýan ýaragyň görnüşleri, kysymy we modeli, onuň üçin ok-däriler, şeýle hem olar bilen ulag howpsuzlygy bölünmeleriniň işgärlerini üpjün etmegiň kadalary ulag boýunça döwlet edarasynyň degişi döwlet edaralary bilen ylalaşylan teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

6. Ýörite serişdeleri edinmegiň, saklamagyň, hasabyny alyp barmagyň, abatlamagyň we ýok etmegiň düzgünleri ulag boýunça döwlet edarasynyň degişi döwlet edaralary bilen ylalaşylan teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

7. Ulag howpsuzlygy bölünmeleriniň gulluk ok atýan ýaragyň hasabyny alyp barmak, saklamak, götermek we peýdalanmak bilen bagly borçlary ýerine ýetirýän işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hökmany döwlet daktiloskopiki belligine alynmaga degişlidirler.

8. Fiziki güýç, ýörite serişdeler ýa-da gulluk ok atýan ýaragy ulanylanda ygtyýarlyklaryň çäginden çykylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

9. Ulag howpsuzlygy bölünmeleriniň ulag infrastrukturasynyň obýektlerini we ulag serişdelerini bikanun gatyşmakdan goramak boýunça özlerine ýüklenilen borçlary ýerine ýetirýän we ýörite serişdeleri ýa-da gulluk ok atýan ýaragy edinmäge, saklamaga we götermäge hukugy bar bolan işgärleriniň toparlary içeri işler edaralary bilen ylalaşmak boýunça ulag boýunça döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenýär.

10. Türkmenistanyň içerki suwlarynda, çäk deňzinde, deňiz ykdysady zolagynda, kontinental şelfinde ýüzýän (hereket edýän) deňiz platformasynyň esasynda döredilýän gurluşlar we desgalar döredilende, ulanylanda we peýdalanylanda ulag infrastrukturasynyň subýekti olar babatda ulag boýunça döwlet edarasynyň degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylan teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen aýratynlyklary hasaba almak bilen, deňiz ulagynyň ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň dürli toparlary üçin howpsuzlyk derejesini hasaba alýan ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

 

17-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

 

Şu Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

    Prezidenti                                                          Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 5-nji ýanwary.

683-V.