TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 4, 75-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 23.05.2015 ý. № 239-V, 20.03.2017 ý. № 534-V, 04.11.2017 ý. № 639-V, 01.12.2018 ý. № 107-VI, 24.10.2020 ý. № 314-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI we 03.06.2023 ý. № 28-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň, olaryň agzalarynyň we wezipeli adamlarynyň işiniň hukuk esaslaryny, tertibini we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary: welaýatda – welaýat halk maslahaty, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerde – şäher halk maslahaty (mundan beýläk – welaýat halk maslahaty), etrapda – etrap halk maslahaty, etrap hukukly şäherde – şäher  halk maslahaty (mundan beýläk – etrap, şäher halk maslahaty) döredilýär.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

2-nji madda. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda kanunçylyk

 

Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

3-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň düzümi

 

Welaýat halk maslahatynyň düzümi 40 agzadan, etrap, şäher halk maslahatynyň düzümi 20 agzadan ybaratdyr.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

4-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyk möhleti

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň täze çagyrylyşynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edilýänçä saklanylýar.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

5-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalaryny saýlamagyň tertibi

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalaryny saýlamagyň tertibi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi arkaly kesgitlenilýär.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty möhletinden öň ýatyrylan halatynda Türkmenistanyň Mejlisi onuň ýatyrylan gününden üç aýdan gijä goýman halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmegi belleýär.

(2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

6-njy madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işiniň esasy ýörelgeleri

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işi meseleleri bileleşip çözmek, aýanlyk, jemgyýetçilik pikirini nazara almak, onuň düzümleriniň we wezipeli adamlarynyň welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň öňündäki jogapkärçilik, hasabatlylyk ýörelgelerine esaslanýar.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty alyp barýan işleri hakynda ilaty habarly edýär.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

61-nji madda Türkmenistanyň 24.10.2020 ý. № 314-VI Kanuny esasynda aýyrlan.

 

II bap. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işiniň guralyşy

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

7-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işiniň görnüşi

 

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň işi mejlis görnüşinde amala aşyrylýar.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

8-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisini çagyrmagyň we geçirmegiň tertibi

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisi zerur bolşuna görä, ýöne ýylda azyndan iki gezek welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy tarapyndan çagyrylýar. Şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy onuň agzalarynyň bellenen sanynyň ýarysyndan köpüsiniň talap etmegi bilen welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisini çagyrmaga borçludyr.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň maslahatyna onuň agzalarynyň bellenen sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, onda ol ygtyýarlydyr.

3. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisine onuň özüniň bellän tertibinde döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem raýatlar çagyrylyp bilner.

4. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň täze çagyrylyşynyň birinji mejlisi welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň öňki çagyrylyşynyň başlygy tarapyndan çagyrylýar we saýlawlardan soň iki hepdäniň dowamynda geçirilýär. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň öňki çagyrylyşynyň başlygy mejlisi açýar we welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň täze çagyrylyşynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edilip hem-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy saýlanylýança mejlisi alyp barýar.

5. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisinde teswirnama ýöredilýär we oňa welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy we halk maslahatynyň mejlisiniň kätibi gol çekýär.

6. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň mejlisleri hakyndaky habar, onuň kabul eden kararlary ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

9-njy madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň kararlary

 

1 Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty öz ygtyýarlyklarynyň çäginde kararlary kabul edýär.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň kararlary onuň agzalarynyň bellenen sanynyň ýönekeý köplüginiň açyk ses bermegi arkaly kabul edilýär.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

10-njy madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň kararlarynyň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy

 

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna ters gelýän kararlaryny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

11-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipä saýlamak

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygy, onuň orunbasary welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalaryndan onuň mejlisinde açyk ses bermek arkaly welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň bellenilen sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar.

2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipesinden boşatmak baradaky meselä welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň azyndan üçden bir böleginiň teklibi boýunça degişli halk maslahatynyň mejlisinde garalyp bilner.

Şeýle hem etrabyň, şäheriň halk maslahatynyň başlygyny, başlygyň orunbasaryny wezipesinden boşatmak baradaky meselä degişli welaýatyň halk maslahatynyň teklipnamasy esasynda garalyp bilner.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipesinden boşatmak hakynda karar açyk ses bermek arkaly welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň bellenilen sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

3. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipesinden boşatmak üçin şular esas bolup durýar:

1) öz borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmezligi;

2) wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan işlere baş goşmagy;

3) saglyk ýagdaýy sebäpli özüniň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bolmazlygy;

4) şahsy haýyşy;

5) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyndan çykmagy;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki esaslar.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

III bap. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň başlygynyň, onuň orunbasarynyň ygtyýarlyklary

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

12-nji madda. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň ygtyýarlyklary

 

1. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň, welaýat hem-de degişli etrap, şäher halk maslahatynyň namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

2) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň degişli çäkde ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşmak;

3) ýerli býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklamak;

4) çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek çygrynda amala aşyrylýan işler barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňlemek;

5) degişli çäkde kanunylygyň berjaý edilmegini we jemgyýetçilik tertibiniň goralyp saklanmagyny, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny, ilatyň durmuş ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny üpjün etmek, raýatlaryň tekliplerini öwrenmek we olary degişli edaralara bermek;

6) welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hem-de şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda olaryň ygtyýarlyklaryny ýatyrmak;

7) welaýat ýa-da etrap hukukly şäheriň ýaşaýyş toplumlaryna, şaýollaryna, köçelerine, meýdançalaryna, seýilgählerine we gaýry düzüm böleklerine at dakmak, adyny üýtgetmek hakynda häkime teklip girizmek;

8) öz çägindäki ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine ýardam etmek;

9) Türkmenistanyň kanunçylyk namalary bilen welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.

2. Welaýat halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini, şol sanda ýaşulularyň wekillerini teklip edýärler.

3. Eger degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary öz borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmese, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň ony wezipesinden boşatmak hakyndaky meseläni ýokarda durýan edaranyň öňünde goýmaga hukugy bardyr. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň bu baradaky karary onuň agzalarynyň bellenen sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen kabul edilýär.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 4-nji noýabryndaky, 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).