Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda

 


TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda

 

Şu Kanun senagat nusgalarynyň hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) Türkmenpatent – Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça Döwlet gullugy;

2) Pariž konwensiýasy – 1967-nji ýylyň 14-nji iýulynda Stokgolm şäherinde gaýtadan gözden geçirilen we 1979-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda düzedilen, 1883-nji ýylyň 20-nji martyndaky senagat eýeçiligini goramak boýunça Pariž konwensiýasy;

3) senagat nusgasy – senagat önüminiň daşky görnüşini kesgitleýän, täze, hakyky we senagatda ulanarlykly çeperçilik-gurnama çözgüt;

4) Ženewa Namasy (1999 ý.) – şu Nama bilen resmileşdirilen senagat nusgalaryny halkara bellige almak hakynda Gaaga ylalaşygy;

5) Halkara býuro – oňa senagat nusgasyny halkara bellige aldyrmak üçin haýyşnama berilýän we senagat nusgalarynyň halkara bellige alynmalary hakynda resmi maglumatlary özünde saklaýan Halkara sanawyny ýöredýän intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasynyň (IEBG) düzüm birligi;

6) senagat nusgasynyň halkara bellige alnyşy (mundan beýläk – halkara bellige alnyşy) – Ženewa Namasyna (1999 ý.) laýyklykda amala aşyrylan we Türkmenistanda goraga alnan senagat nusgasyny bellige aldyrmak üçin berlen halkara haýyşnamasyna laýyklykda senagat nusgasynyň bellige alynmagy;

7) senagat nusgasyny bellige aldyrmak üçin halkara haýyşnamasy (mundan beýläk – halkara haýyşnamasy) - Ženewa Namasyna (1999 ý.) laýyklykda berlen halkara belligine aldyrmaga haýyşnama;

8) şahs – fiziki ýa-da ýuridik şahs;

9) haýyşnamaçy – senagat nusgasy üçin haýyşnama beren we senagat nusgasy üçin patent ýa-da halkara bellige alnyşyny almaga dalaş edýän şahs;

10) senagat nusgasy üçin haýyşnama (mundan beýläk – haýyşnama) – senagat nusgasyna patent almak ýa-da halkara bellige aldyrmak üçin gerek bolan resminamalaryň jemi;

11) senagat nusgasy üçin aýratyn haýyşnama (mundan beýläk – aýratyn haýyşnama) – haýyşnamaçynyň öz başlangyjy boýunça ýa-da öňki haýyşnamadaky senagat nusgasynyň bitewüliginiň talaplarynyň bozulandygy üçin seljermäniň talap etmegi boýunça Türkmenpatente berlen şol bir haýyşnamaçynyň öň beren haýyşnamasynyň gaýtalanýan böleginiň haýyşnamasy;

12) senagat nusgasy üçin birinji haýyşnama (mundan beýläk – birinji haýyşnama) – Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletiň degişli edarasyna berlen haýyşnama, konwension ilkinjilik onuň berlen senesi boýunça bellenilýär;

13) senagat nusgasy üçin konwension haýyşnama (mundan beýläk – konwension haýyşnama) – konwension ilkinjilik soralýan haýyşnama;

14) konwension ilkinjilik – Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletiň degişli edarasyna birinji haýyşnamanyň berlen senesi boýunça bellenilen senagat nusgasynyň ilkinjiligi;

15) senagat nusgasynyň ilkinjiligi – haýyşnamany bermekde wagt boýunça birinjilik;

16) senagat nusgasy üçin patent (mundan beýläk – patent) – ilkinjiligi, awtorlygy we hukuga eýelik edijiniň senagat nusgasyna bolan aýratyn hukugyny tassyklaýan Türkmenistanyň gorag resminamasy;

17) hukuga eýelik ediji – Türkmenistanda patentlenen senagat nusgasyna ýa-da Türkmenistanda goraga alnan senagat nusgasynyň halkara bellige alynmagyna bolan aýratyn hukuga eýelik edýän şahs;

18) gulluk senagat nusgasy – öz gulluk borçlaryny ýa-da iş berijiniň anyk tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly işgär tarapyndan döredilen senagat nusgasy;

19) senagat nusgasy üçin hukuklaryň berilmegi – şertnamanyň esasynda hukuga eýelik ediji tarapyndan senagat nusgasyna bolan hukugyň başga şahsa berilmegi;

20) senagat nusgasy üçin ygtyýarnama (mundan beýläk – ygtyýarnama) - ygtyýarnama şertnamasy boýunça senagat nusgasynyň hukuk eýesiniň olary başga birine ulanmaga berýän rugsatnamasy;

21) Býulleten – Türkmenistanda bellige alnan senagat nusgalary we patentleri almak üçin berlen haýyşnamalar hakynda maglumatlary çap etmek üçin niýetlenen Türkmenpatentiň resmi döwürleýin neşiri;

22) kontrafakt (bikanun) harytlar – goralýan senagat nusgasynyň bikanun ulanylýan harytlary;

23) patent ynamdary - Türkmenpatentde hünär synagyndan geçen we bellige alnan we senagat nusgalary üçin hukuklary edinmekde we goramakda fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerine professional esasda wekilçilik edýän, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan onuň raýaty;

24) Apellýasiýa topary – awtorlaryň, haýyşnamaçylaryň we hukuga eýelik edijileriň hukuklaryny goramak, şeýle hem bu toparyň ygtyýaryna girýän beýleki meseleler bilen baglanyşykly jedelleriň kazyýete çenli garalmagyny goşup, bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklar hakyndaky arzalara garamak üçin Türkmenpatentiň ýanynda döredilen topar.

 

2-nji madda. Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

 

3-nji madda. Senagat nusgalarynyň hukuk goragy babatda döwlet düzgünleşdirilmesi

 

1. Senagat nusgalarynyň hukuk goragy babatda döwlet düzgünleşdirilmesini Türkmenpatent amala aşyrýar.

2. Türkmenpatent öz ygtyýaryna laýyklykda:

1) senagat nusgalary üçin haýyşnamalary garamak üçin kabul edýär, olar boýunça seljerme geçirýär;

2) senagat nusgalarynyň Döwlet sanawyny ýöredýär;

3) senagat nusgalary üçin Türkmenistanyň patentlerini berýär;

4) senagat nusgalary babatda olary bermek hakyndaky şertnamalary we ygtyýarnama şertnamalaryny bellige alýar;

5) senagat nusgalarynyň bellige alnyşyna üýtgetmeler girizýär;

6) Býulleteni neşir edýär;

7) senagat nusgalarynyň hukuk goragy babatda bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklar hakynda gyzyklanýan şahslaryň garşylyklaryna garaýar;

8) senagat nusgalarynyň hukuk goragy babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek we halkara şertnamalaryny baglaşmak boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

9) patent ynamdarlarynyň hünär synagyny we bellige alnyşyny geçirýär.

3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen Türkmenpatente berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde senagat nusgalarynyň hukuk goragynyň meseleleri boýunça halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistan tarapyndan öz üstüne alnan borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

4. Gyzyklanýan şahslar Türkmenpatent bilen gös-göni,   wekilleriň, şeýle hem şu Kanunyň 42-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan düzgünleri hasaba almak bilen Türkmenpatentde bellige alnan patent ynamdarlarynyň üsti bilen iş alyp barmaga haklydyrlar.

Wekiliň ýa-da patent ynamdarynyň ygtyýarlyklary ynanç haty bilen tassyklanylýar.

Patent ynamdarlarynyň hünär synagynyň we bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

 

II BAP. SENAGAT NUSGALARYNYŇ HUKUK

GORAGYNYŇ ESASLARY

 

4-nji madda. Senagat nusgalarynyň hukuk goragynyň möçberi

 

1. Senagat nusgasyna bolan hukuk Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar we patent ýa-da halkara bellige almak bilen tassyklanylýar.

Senagat nusgasyna bolan aýratyn hukuk ol senagat nusgalarynyň Döwlet sanawynda bellige alnandan soň ýüze çykýar.

2. Patent ýa-da halkara bellige almasy bilen berilýän hukuk goragynyň möçberi öndürilen önümiň şekillerinde şöhlelendirilen düýpli alamatlaryň jemi bilen kesgitlenilýär.

3. Haýyşnama edilen senagat nusgasyna haýyşnama hakyndaky maglumatlaryň çap edilen senesinden ýa-da halkara haýyşnamasynyň çap edilen senesinden senagat nusgalarynyň Döwlet sanawynda bellige alynjak senesine çenli wagtlaýyn hukuk goragy berilýär.

Haýyşnama edilen senagat nusgasyny peýdalanýan şahs onuň wagtlaýyn hukuk goragynyň hereket edýän döwründe patent eýesine öwez puluny töleýär, onuň möçberi taraplaryň ylalaşygy boýunça kesgitlenilýär.

Eger patenti bermekden ýa-da halkara haýyşnamasy boýunça senagat nusgasyna goragy bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilse, wagtlaýyn hukuk goragy bolmadyk diýlip hasap edilýär.

4. Senagat nusgasy patentiň ýa-da halkara bellige almasynyň möhleti gutarandan ýa-da möhletinden öň bes edilenden soň jemgyýetçilik emlägine geçýär.

Jemgyýetçilik emlägine geçen senagat nusgasy haýsydyr bir razylyk ýa-da rugsat bolmazdan we peýdalanylandygy üçin töleg tölemezden islendik şahs tarapyndan erkin peýdalanylyp bilner.

 

5-nji madda. Patentiň we halkara bellige almagyň

     hereket ediş möhletleri

1. Patentiň we halkara bellige almagyň hereketiniň aňyrbaşy möhleti on bäş ýyldyr.

2. Patent ilkibaşda Türkmenpatente haýyşnamanyň berlen senesinden başlap bäş ýyl hereket edýär. Halkara bellige almak ilkibaşda Halkara býurosyna haýyşnamanyň berlen senesinden başlap bäş ýyl hereket edýär.

Patentiň we halkara bellige almagyň hereketi bellenilen pajyň tölenen şertinde her bäş ýyl boýunça goşmaça möhlete uzaldylyp bilner.

 

6-njy madda. Senagat nusgasynyň patente ukyplylygynyň

      şertleri

1. Senagat nusgasy hökmünde haýyşnama edilen obýekte, eger ol täze, hakyky we senagat taýdan ulanarlykly bolsa, hukuk goragy berilýär.

2. Eger-de bellige almak ýa-da ilkinjilik üçin haýyşnamanyň berilmeginden öň onuň düýpli alamatlarynyň ýa-da meňzeş senagat nusgasynyň jemi köpçülige aýan edilmedik bolsa senagat nusgasy täze bolup biler.

 

Eger-de senagat nusgasynyň düýpli alamatlary düýpli bolmadyk detallarda tapawutlanýan bolsalar, onda olar meňzeş diýlip ykrar edilýär.

Senagat nusgasynyň düýpli alamatlaryna öndürilen önümiň daşky görnüşiniň estetiki we (ýa-da) ergonomik alamatlaryny, hususan-da görnüşini, konfigurasiýasyny, nagşyny we reňkleriň utgaşmagyny kesgitleýän alamatlar degişlidir.

Täzelik kesgitlenende Türkmenistanda patentlenen senagat nusgalary we has irki ilkinjilik möhlet bilen Türkmenpatente berlen beýleki şahslaryň senagat nusgalaryna bolan haýyşnamalar hem göz öňünde tutulýar.

Eger-de ol bellige alynmagy, sergä çykarylmagy sebäpli, täjirçilik işinde peýdalanylan ýa-da başga görnüşde  jemgyýetçilige elýeter bolan ýagdaýynda senagat nusgasy köpçülige aýan diýlip ykrar edilýär.

Eger haýyşnamaçy, awtor ýa-da bu maglumaty ondan göni ýa-da gytaklaýyn alan islendik şahs tarapyndan senagat nusgasyna degişli maglumatyň köpçülige aýan edilmegi netijesinde senagat nusgasynyň düýp mazmuny hakyndaky maglumatlar umumy elýeter bolsa, şunda eger haýyşnama maglumatyň aýan edilen senesinden alty aýdan gijä galman Türkmenpatente berilse, onda ol senagat nusgasynyň patente ukyplylygyna täsir edýän ýagdaý diýlip ykrar edilmeýär. Şunda bu fakty subut etmek borjy haýyşnamaçynyň üstüne düşýär.

3. Eger senagat nusgasynyň düýpli alamatlary öndürilen önümiň aýratynlyklarynyň döredijilik häsiýetini şertlendirseler, ol asyl nusga diýlip ykrar edilýär.

Eger onuň düýpli tapawutlandyryjy alamatlarynyň bolmanda  biri boýunça şeýle alamatyň mahsus bolan çeperçilik-gurnama çözgütleri ýüze çykarylmasa, senagat nusgasy asyl nusgalylygyň şertine laýyk gelýär diýlip ykrar edilýär.

Aşakdaky çeperçilik-gurnama çözgütleri senagat nusgalary hökmünde ykrar edilmeýär, olar şulardyr:

1) aýratyn alnan ýönekeýje geometrik göwrüm (prizma, sfera, konus şekilli we göwrümiň beýleki görnüşi) ýa-da aýratyn alnan ýönekeý geometrik şekiller;

2) döredijilik taýdan gaýtadan işlemezden doly alnan görnüşler;

3) ilkinji nusgasy bilen deňeşdirilende diňe möçberleri we proporsiýalary üýtgedilen ýa-da elementleriniň sany üýtgedilip öndürilen önümler.

4. Eger senagat nusgasy köp gezek gaýtadan döredilip bilinse, ol senagat taýdan ulanarlykly diýlip ykrar edilýär.

Ýokary çeperçilikli el işine degişli öndürilen önümler awtorlyk hukugynyň kadalary bilen goralmaga degişlidir.

 

7-nji madda. Patenti bermekden ýa-da halkara bellige

     almakdan ýüz döndermek üçin esaslar

1. Senagat nusgalaryna şu ýagdaýlarda hukuk goragynyň berilmegine ýol berilmeýär:

1) jemgyýetçilik bähbitlerine, ynsanperwerlik we ahlak ýörelgelerine ters gelýän;

2) öndüriji we (ýa-da) öndürilen önümiň we (ýa-da) öndürilen önümiň hyzmat edýän harydynyň öndürilen ýeri babatda peýdalanyjyny, hususan-da gaby, gaplamasy, nyşany, etiketkasy bilen bulaşyklyga getirmäge ukyply;

3) öndürilen önümiň diňe tehniki işi bilen şertlendirilen;

4) binagärligiň obýektleri (kiçi binagärlik görnüşlerinden başga), senagat, gidrotehniki we beýleki stasionar desgalary, şeýle hem suwuk, gaz şekilli, külke ýa-da olara meňzeş maddalardan edilen durnuksyz görnüşli obýektler bolup durýan.

2. Aşakdakylar bilen garyşdyrma getirip biljek meňzeş ýa-da umumy duýgyny döredýän elementleri gaýtalaýan ýa-da öz içine alýan senagat nusgalaryna goragyň berilmegine ýol berilmeýär:

1) döwlet tugralary, baýdaklary we beýleki döwlet simwollary we nyşanlary bolan;

2) halkara we hökümetara guramalarynyň gysgaldylan ýa-da doly atlary bolan, olaryň tugralary, baýdaklary, beýleki simwollary we nyşanlary bolan;

3) resmi gözegçilik, kepillik ýa-da düzümini anyklaýan tagmalary, möhürleri, sylaglary we beýleki tapawutlandyryş nyşanlary bolan.

Eger muňa degişli ygtyýarly edaranyň razylygy bolsa, şeýle elementler öndürilen önümiň daşky görnüşiniň ýerine ýetirilişine goşulyp bilner;

4) Türkmenistanyň medeni mirasynyň aýratyn gymmatly obýektleriniň ýa-da bütindünýä medeni ýa-da tebigy mirasynyň obýektleriniň resmi atlary, medeni gymmatlyklarynyň şekilleri bolan;

5) Türkmenistanyň halkara şertnamasyna laýyklykda Türkmenistanda senagat nusgalary hökmünde döwlet bellige alynmagyna ýol berilmeýän elementleri bolan.

3. Şonuň ýaly-da garjaşdyrma getirip biljek meňzeş ýa-da umumy duýgyny döredýän elementleri gaýtalaýan ýa-da öz içine alýan senagat nusgalaryna goragyň berilmegine ýol berilmeýär:

1) eger haryt nyşanynyň döwlet bellige alynmasyna haýyşnama yzyna alynmasa ýa-da yzyna alnan diýlip ykrar edilmese, harytlaryň we has irki ilkinjiligi bolan birkysmy öndürilen önüm babatda döwlet bellige alynmagy üçin haýyş edilen beýleki şahslaryň haýyşnamanyň berlen senesinde mälim bolan haryt nyşanlary bolan;

2) haçan-da senagat nusgasynyň hukuk goragy şeýle ada aýratyn hukugy bolan adam tarapyndan soralan halatlaryndan başga we eger senagat nusgasy önüme (haryda) ýa-da hususan-da onuň aýrybaşgalanmasy üçin harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň bellige alnan gaby, gaplamasy, emblemasy, etiketkasy bolup hyzmat edýän önümine degişli bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goralýan harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen;

3) haýyşnamanyň berlen senesinde Türkmenistanda goralýan meşhur firma atlary, harytlaryň we (ýa-da) önümiň, hususan-da gap, gaplamak, emblema, etiketka bolup hyzmat edýän harytlaryň birkysmy önüm babatynda goralýan seleksiýa gazananlarynyň Döwlet sanawynda bellige alnan seleksiýa gazananlarynyň atlary bilen;

4) haýyşnamanyň berlen senesinde Türkmenistanda meşhur şahslaryň, bu şahslaryň ýa-da olaryň mirasdarlarynyň razylygy bolmazdan, olaryň meşhur atlary, lakamlary ýa-da olardan döredilen belgileri bilen, portretleri bilen ýa-da faksimilesi bilen.

 

III BAP. AWTORLAR WE HUKUGA EÝELIK EDIJILER

 

8-nji madda. Senagat nusgasynyň awtory

1. Senagat nusgasynyň awtory diýlip döredijilikli zähmeti bilen ony döreden fiziki şahs ykrar edilýär.

2. Eger senagat nusgasynyň döredilmegine fiziki şahslaryň birnäçesi gatnaşsa, olaryň hemmesi onuň şärikli awtorlary hasap edilýär. Şärikli awtorlara degişli hukuklary peýdalanmagyň tertibi olaryň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilýär.

Senagat nusgasynyň döredilmegine şahsy döredijilik goşandyny goşmadyk, awtora diňe tehniki, guramaçylyk ýa-da maddy taýdan kömek eden ýa-da diňe oňa hukuklaryň resmileşdirilmegine we onuň peýdalanylmagyna ýardam eden fiziki şahs awtor diýlip ykrar edilmeýär.

3. Awtorlyk hukugy aýrylmaz şahsy hukukdyr we möhletsiz goralýar.

9-njy madda. Patente ýa-da halkara bellige aldyrmaga

      bolan hukuk

1. Patente ýa-da halkara bellige aldyrmaga bolan hukuk aşakdakylara degişlidir:

1) senagat nusgasynyň awtoryna (şärikli awtorlaryna) ýa-da onuň (olaryň) hukuk oruntutaryna (hukuk oruntutarlaryna);

2) şu maddanyň ikinji böleginiň düzgünlerinde göz öňünde tutulan halatlarda iş berijä ýa-da onuň hukuk oruntutaryna.

2. Öz gulluk borçlaryny ýa-da iş berijiniň hukuk taýdan anyk resmileşdirilen tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly işgär tarapyndan döredilen senagat nusgasynyň patentini (gulluk senagat nusgasy) ýa-da halkara bellige alşyny almaga bolan hukuk, eger iş beriji bilen işgäriň arasynda şertnama bilen başga zat göz öňünde tutulmasa, iş berijä degişlidir.

Eger iş beriji döredilen senagat nusgasy hakynda onuň awtory tarapyndan habar berlen seneden dört aýyň içinde Türkmenpatente haýyşnama bermese ýa-da degişli obýekti gizlin saklamak hakynda awtora resmi taýdan habar bermese, onda patenti ýa-da halkara bellige alşy almaga bolan hukuk awtora geçýär. Şu ýagdaýda iş beriji şertnamalaýyn esasda kesgitlenilýän öwez puluny hukuga eýelik edijä tölemek bilen senagat nusgasyny öz önümçiliginde peýdalanmak hukugyna eýedir.

 

10-njy madda. Awtoryň tölege bolan hukugy

1. Patenti ýa-da halkara bellige alnyşy almaga hukuk degişli bolmadyk gulluk senagat nusgasynyň awtory iş berijiden olaryň arasynda ylalaşygyň esasynda kesgitlenilýän möçberde we şertlerde tölenilýän tölegi almak hukugyna eýedir.

2. Tölegi ýa-da öwez puluny tölemegiň möçberi we tertibi hakynda taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylmadyk mahalynda jedel kazyýet tertibinde garalýar.

3. Şertnama bilen kesgitlenilen tölegiň ýa-da öwez pulunyň öz wagtynda tölenilmändigi üçin günäkär iş beriji şunda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

4. Senagat nusgasynyň peýdalanylandygy üçin şärikli awtorlaryň arasynda tölegi paýlamak olaryň arasyndaky ylalaşygyň ýa-da şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

 

 

IV BAP. SENAGAT NUSGASYNA BOLAN

AÝRATYN HUKUK

 

11-nji madda. Hukuga eýelik edijiniň hukuklary

1. Hukuga eýelik ediji senagat nusgasyny peýdalanmakda, ony beýleki şahslara peýdalanmaga rugsat bermekde ýa-da gadagan etmekde aýratyn hukuga eýedir.

Hukuga eýelik edijiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy bolup durýan hereketleri amala aşyrmaga, şol sanda onuň rugsady bolmazdan senagat nusgasyny peýdalanmaga hiç kimiň haky ýokdur, şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

2. Hukuga eýelik ediji şertnama boýunça patente ýa-da halkara bellige almasyna bolan hukugy, senagat nusgasyny peýdalanmaga bolan ygtyýarnamany islendik şahsa berip biler.

3. Eger hukuga eýelik ediji patentlenen senagat nusgasyny ýa-da halkara bellige almasyny başga hukuga eýelik edijiniň hukuklaryny bozmazdan peýdalanyp bilmese, ol beýleki hukuga eýelik edijiden ygtyýarnama şertnamasynyň baglaşylmagyny talap edip biler.

4. Hukuga eýelik edijileriň arasynda senagat nusgasyny peýdalanmak boýunça özara gatnaşyklar olaryň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilýär. Şeýle ylalaşyk bolmadyk mahalynda olaryň her biri senagat nusgasyny öz islegine görä peýdalanyp biler, ýöne galan hukuga eýelik edijileriň razylygy bolmazdan oňa bolan ygtyýarnamany bermäge ýa-da senagat nusgasyna bolan hukugy başga şahsa bermäge haky ýokdur.

Ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da senagat nusgasyna bolan hukugy bermek hakynda hukuga eýelik edijileriň arasynda ylalaşyk gazanylmadyk halatynda jedel kazyýet tertibinde çözülip bilner.

5. Özara baglanyşykly patentleriň we (ýa-da) halkara bellige almalaryň hukuga eýelik edijileriniň arasyndaky özara gatnaşyklar olaryň arasynda ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmak bilen düzgünleşdirilýär. Hukuga eýelik edijileriň arasynda ylalaşyk gazanylmadyk mahalynda şu Kanunyň 29-njy maddasynyň düzgünleri ulanylýar.

6. Patenti ýa-da halkara bellige alynmagyny almaga bolan hukuklar miras boýunça geçýär.

 

 

 

12-nji madda. Hukuga eýelik edijiniň aýratyn hukugynyň

       bozulmagy diýlip ykrar edilýän hereketler

Aşakdakylar senagat nusgasyna bolan aýratyn hukugyň bozulmagy diýlip ykrar edilýär:

1) hukuga eýelik edijiniň rugsady bolmazdan patentlenen senagat nusgasynyň ýa-da halkara bellige alnyşynyň peýdalanylmagy;

2) hukuga eýelik edijiniň rugsady bolmazdan patentlenen senagat nusgasy we halkara bellige alnyşy peýdalanylan önümiň taýýarlanylmagy, ulanylmagy, getirilmegi, satmak üçin hödürlenilmegi, satylmagy we hojalyk dolanyşygyna başga hili girizilmegi ýa-da şu maksat bilen saklanylmagy;

3) ýokarda agzalan hereketleri amala aşyrmaga üçünji şahslary gönükdirmek.

 

13-nji madda. Hukuga eýelik edijiniň aýratyn hukugynyň

       bozulmagy diýlip ykrar edilmeýän hereketler

Aşakdakylar hukuga eýelik edijiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilmeýär:

1) senagat nusgasy ulanylyp öndürilen önümiň konstruksiýada, kömekçi enjamda ýa-da daşary ýurt döwletleriniň ulag serişdeleri ulanylanda (suw, howa, awtomobil, demir ýol ulagy we kosmos tehnikasy) peýdalanylmagy, şunda görkezilen ulag serişdeleri wagtlaýyn ýa-da tötänleýin Türkmenistanyň çäginde bolýarlar we görkezilen önüm ulag serişdesiniň hajatlary üçin ulanylýar. Şeýle hereketler Türkmenistanda bellige alnan ulag serişdeleri babatda şeýle hukuklary berýän daşary ýurt döwletleriniň ulag serişdeleri babatda hukuga eýelik edijiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilmeýär;

2) bir aý möhletde hukuga eýelik edijä habar bermek we soňra oňa deňölçegli öwez puluny tölemek bilen senagat nusgasynyň adatdan daşary ýagdaýlarda (tebigy betbagtçylyklar, katastrofalar, awariýalar) ulanylmagy;

3) eger şeýle peýdalanmagyň maksady peýda (girdeji) almak bolmasa, senagat nusgasynyň şahsy, maşgala, öý ýa-da telekeçilik işi bilen baglanyşykly bolmadyk başga hajatlary kanagatlandyrmak üçin ulanylmagy;

4) eger bu öndürilen önüm hukuga eýelik edijiniň özi ýa-da hukuga eýelik edijiniň rugsady bilen başga şahs tarapyndan öň Türkmenistanyň çäginde raýat dolanyşygyna girizilse, senagat nusgasy ulanylyp öndürilen önümiň ulanylmagy, satmak üçin teklip edilmegi, satylmagy, raýat dolanyşygyna başga hili girizilmegi ýa-da bu maksatlar üçin saklanylmagy.

 

14-nji madda. Öňden ulanmak hukugy

1. Senagat nusgasynyň ilkinjilik senesine çenli onuň awtoryna garamazdan döredilen meňzeş çözgüdi Türkmenistanyň çäginde päk ýürekli peýdalanan ýa-da munuň üçin zerur taýýarlygy eden islendik şahs şeýle peýdalanmagyň möçberini giňeltmezden ony mundan beýläk muzdsuz peýdalanmak hukugyny saklaýar.

2. Öňden ulanmak hukugy diňe meňzeş çözgüdiň peýdalanylan ýa-da munuň üçin zerur taýýarlygyň edilen önümçiligi bilen bilelikde başga şahsa berlip bilner.

 

15-nji madda. Senagat nusgasynyň ulanylmagy

1. Senagat nusgasynyň ulanylmagy diýlip senagat nusgasy ulanylyp öndürilen önümiň hojalyk dolanyşygyna girizilmegi ykrar edilýär.

2. Eger ol öndürilen önümiň şekillerinde (maketlerde, ergonometrik çyzgylarda, konfeksion kartalarda) berlen onuň düýpli alamatlaryny özünde saklasa, senagat nusgasy öndürilen önümde peýdalanylan diýlip hasap edilýär.

3. Eger senagat nusgasy peýdalanylanda özara baglanyşykly beýleki senagat nusgasynyň ähli alamatlary peýdalanylsa, beýleki özara baglanyşykly senagat nusgasy hem peýdalanylan diýlip ykrar edilýär.

4. Goralýan senagat nusgasyny peýdalanmak isleýän islendik şahs hukuga eýelik ediji bilen ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmaga borçludyr.

 

V BAP. SENAGAT NUSGASY ÜÇIN PATENTIŇ

ALYNMAGY

 

16-njy madda. Haýyşnamanyň berilmegi

1. Haýyşnama Türkmenpatente berilýär. Haýyşnamaçy hökmünde senagat nusgasynyň awtory (şärikli awtorlary), iş beriji ýa-da olaryň hukuk oruntutarlary çykyş edip bilerler.

2. Haýyşnama senagat nusgasynyň birine ýa-da olaryň ýeke-täk döredijilik pikirini döredýändigine görä öz arasynda baglanyşykly senagat nusgalarynyň toparyna degişli bolmalydyr (senagat nusgasynyň bitewülik talaby).

3. Patentiň berilmegi hakyndaky haýyşnama döwlet dilinde berilýär. Haýyşnamanyň beýleki resminamalary olaryň döwlet dilindäki terjimesini goşmak bilen başga dilde berlip bilner.

Başga dilde berlen resminamalar, eger olaryň terjimesi senagat nusgasy üçin haýyşnamanyň berlen senesinden üç aýyň içinde gelip gowuşsa, olaryň Türkmenpatente gelip gowşan senesinde berlen diýlip hasap edilýär.

Eger agzalan terjime senagat nusgasy üçin haýyşnamanyň berlen senesinden üç aýyň içinde berilmese, bellenilen möhlet degişli paç tölenen şertinde haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça üç aý üçin uzaldylyp bilner.

Terjime bellenilen möhletlerde berilmedik mahalynda, haýyşnama yzyna alnan diýlip hasap edilýär.

4. Haýyşnama aşakdakylary özünde saklamalydyr:

1) senagat nusgasynyň awtoryny (şärikli awtorlaryny) we adyna patent soralýan şahsy (şahslary), şeýle hem olaryň ýaşaýan ýerini ýa-da bolýan ýerini görkezmek bilen patentiň berilmegi hakyndaky haýyşnamany;

2) senagat nusgasynyň (nusgalarynyň) daşky görnüşi hakynda doly düşünje berýän, şekilleri reprodusirlemek üçin ýaramly öndürilen önümiň (öndürilen önümleriň) toplumyny;

3) eger olar senagat nusgasynyň düýp manysyny açmak üçin zerur bolsa, öndürilen önümiň umumy görnüşini, ergonomik çyzgysyny, konfeksion kartany;

4) eger munuň özi onuň düýp manysyny ýa-da aýratynlyklaryny açmak üçin zerur bolsa, senagat nusgasynyň gysgaça beýanyny;

5) bellenilen pajyň tölenendigi hakyndaky resminamany.

Öndürilen önümiň daşky görnüşi hakyndaky doly jikme-jik düşünje berýän onuň şekilleri hökmünde fotografiýalar, suratlar, şol sanda kompýuter grafikasynyň serişdeleri bilen ýerine ýetirilen, beýleki usullar bilen ýerine ýetirilen reproduksiýalar berlip bilner.

5. Eger bu haýyşnama haýyşnamaçynyň wekili tarapyndan berilse, haýyşnama ynanç haty goşulýar. Ynanç haty haýyşnamanyň gelip gowşan senesinden üç aýyň içinde Türkmenpatente berilmelidir.

Eger ynanç haty haýyşnamanyň berlen senesinden üç aýyň içinde berilmese, bellenilen möhlet bellenilen paç tölenen şertinde haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça üç aý üçin uzaldylyp bilner.

Ynanç haty bellenilen möhletlerde berilmese, haýyşnama yzyna alnan diýlip ykrar edilýär.

6. Konwension ilkinjiligi soramak bilen haýyşnama goşmaça birinji haýyşnamanyň tassyklanan göçürmesi goşulýar, ol konwension haýyşnamanyň Türkmenpatente gelip gowşan senesinden dört aýdan gijä galman berilýär.

Konwension haýyşnama birinji haýyşnamanyň berlen senesinden alty aýyň içinde berilmelidir.

Konwension ilkinjiligi bellemek hakyndaky towakganama haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden üç aýyň içinde berlip bilner.

7. Haýyşnamanyň resminamalaryna bolan talaplar Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.

 

17-nji madda. Senagat nusgasynyň ilkinjiligi

1. Senagat nusgasynyň ilkinjiligi haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesi boýunça bellenilýär.

2. Ilkinjilik şu Kanunyň 16-njy maddasynyň altynjy böleginde bellenen düzgünler ýerine ýetirilen şertinde Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletde birinji haýyşnamanyň berlen senesi boýunça bellenilip bilner.

3. Eger olar haýyşnama edilen senagat nusgasynyň düýp manysyny üýtgedýän hökmünde olary göz öňünde tutmak mümkinçiliginiň ýoklugy hakynda Türkmenpatentiň habarynyň iberilen senesinden üç aý möhletiň gutarmagyna çenli berlen özbaşdak haýyşnama hökmünde haýyşnamaçy tarapyndan resmileşdirilse, onda ilkinjilik goşmaça materiallaryň gelip gowşan senesi boýunça bellenilip bilner.

4. Eger şeýle ilkinjiligiň soralýan haýyşnamasy has öňki haýyşnamanyň berlen senesinden alty aýdan gijä galman berilse we eger öňki berlen haýyşnama boýunça has irki ilkinjilik soralmasa, ilkinjilik senagat nusgasyny aýan edýän şol bir haýyşnamaçynyň has irki haýyşnamasynyň Türkmenpatente gelip gowşan senesi bellenilip bilner. Şunda irki haýyşnama yzyna alnan diýlip hasap edilýär.

5. Eger şikaýat etmek mümkinçiligi gutarmadyk, aýratyn berlen haýyşnama patenti bermekden ýüz döndermek hakyndaky öňki haýyşnama boýunça çözgüdiň kabul edilmegine çenli berlen bolsa, aýratyn berlen haýyşnama boýunça senagat nusgasynyň ilkinjiligi onuň düýp manysyny açýan şol bir haýyşnamaçynyň irki haýyşnamasynyň Türkmenpatente beren senesi boýunça bellenilýär, patenti bermek hakynda görkezilen haýyşnama boýunça görkezilen çözgüt kabul edilen mahalynda bolsa – senagat nusgalarynyň Döwlet sanawynda senagat nusgasynyň bellige alnan senesine çenli bellenilýär.

6. Eger meňzeş senagat nusgalarynyň ilkinjiliginiň şol bir senesiniň bardygy anyklanylsa, onda patent ony Türkmenpatente iberilen has irki senesiniň subut edilen haýyşnamasy boýunça, bu seneler gabat gelende bolsa Türkmenpatentiň has irki bellige alyş belgisi bolan haýyşnama boýunça berilýär.

 

18-nji madda. Haýyşnamanyň resminamalaryna

       üýtgetmeleriň girizilmegi

1. Haýyşnamaçy bu haýyşnama boýunça patenti bermek hakyndaky çözgüdiň ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine çenli senagat nusgasynyň düýp manysyny üýtgetmezden haýyşnamanyň resminamalaryna düzedişler we takyklamalar girizmäge hukuklydyr.

Goşmaça maglumatlar, eger olar haýyşnamanyň berlen senesinde öndürilen önümiň şekillerinde ýok alamatlary saklasa, haýyşnama edilen senagat nusgasynyň düýp manysyny üýtgedýärler.

2. Haýyşnamanyň resminamalaryna üýtgetmeleriň girizilmegi üçin paç alynýar. Eger haýyşnamanyň resminamalaryna üýtgetmeler onuň berlen senesinden üç aýyň içinde haýyşnamaçynyň başlangyjy boýunça girizilse, şeýle üýtgetmeleriň girizilmegi üçin paç alynmaýar.

 

19-njy madda. Haýyşnamanyň seljermesi

Haýyşnama boýunça Türkmenpatent formal seljermäni we düýp manysy boýunça seljermäni geçirýär.

 

20-nji madda. Formal seljerme

1. Haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden üç aý geçenden soň we 17-nji maddanyň ikinji we üçünji bölekleriniň düzgünleri bilen göz öňünde tutulan resminamalar bolanda, şeýle hem şu Kanunyň 17-nji maddasynyň dördünji böleginiň düzgünlerini hasaba almak bilen, haýyşnama boýunça formal seljerme geçirilýär.

Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça we bellenilen paç tölenen şertlerinde formal seljerme görkezilen möhletiň gutarmagyna çenli başlanyp bilner. Şu ýagdaýda haýyşnama towakganamanyň berlen pursadyndan şu Kanunyň 18-nji maddasynyň ikinji böleginiň düzgünlerinde göz öňünde tutulan pajy tölemezden öz başlangyjy boýunça haýyşnamanyň resminamalaryna üýtgetmeler girizmäge bolan hukukdan mahrum edilýär.

2. Formal seljerme üç aý möhletde geçirilýär we aşakdakylaryň barlagyny öz içine alýar:

1) zerur resminamalaryň bolmagyny we olar üçin bellenilen talaplaryň berjaý edilişini;

2) haýyş edilen çeperçilik-gurnama çözgüdiniň hukuk goragy berilýän obýektlere laýyk gelşini;

3) senagat nusgasynyň bitewi talaplarynyň berjaý edilişini;

4) senagat nusgalarynyň Halkara klassifikasiýasy boýunça senagat nusgasynyň klassifikasiýasyny;

5) ilkinjiligi soramagyň hukuga laýyklylygynyň we tertibiniň berjaý edilişini.

Eger haýyşnama formal seljermäniň talaplaryny kanagatlandyrsa, onda haýyşnamaça bu haýyşnamanyň berlen senesini görkezmek bilen bu haýyşnamanyň garamak üçin kabul edilendigi hakyndaky habar iberilýär.

Haýyşnama edilen çeperçilik-gurnama çözgüdi hukuk goragynyň berilýän obýektlerine laýyk gelmedik mahalynda ýa-da bellenilen möhletlerde zerur takyklamalar girizilmese ýa-da haýyşnamanyň gelip gowşan senesinde bolmadyk resminamalar berilmese, haýyşnamaça bu haýyşnamany garamak üçin kabul etmekden ýüz döndermek hakynda habar iberilýär.

3. Haýyşnamanyň berlen senesinden alty aý geçenden soň ýa-da eger-de ilkinjilik soralsa, ilkinjiligiň senesinden Türkmenpatent haýyşnama hakyndaky maglumatlary Býulletende çap edýär, haçan-da bu haýyşnamanyň yzyna alnan ýa-da ol boýunça patenti bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilen halatlary muňa degişli däldir. Haýyşnama boýunça çap edilýän maglumatlaryň möçberini Türkmenpatent kesgitleýär.

Formal seljerme tamamlanandan soň haýyşnama hakyndaky maglumatlar paç tölenen şertinde bellenilen möhletleriň gutarmagyna çenli çap edilip bilner. Degişli towakganama haýyşnamanyň garamak üçin kabul edilendigi hakynda habaryň iberilen senesinden üç aýyň içinde haýyşnamaçy tarapyndan Türkmenpatente berlip bilner. Şu ýagdaýda Türkmenpatent haýyşnama boýunça maglumatlary Býulleteniň nobatdaky sanynda çap edýär.

Senagat nusgasynyň awtory haýyşnama hakyndaky çap edilýän maglumatlarda onuň awtory hökmünde ýatlanylmakdan ýüz döndermäge hukuklydyr.

 

Şu Kanunyň 4-nji maddasynyň üçünji böleginiň hereketi çap edilen haýyşnama degişlidir.

4. 16-njy maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan resminamalara bolan talaplary bozmak bilen resmileşdirilen haýyşnama boýunça düzedilen ýa-da ýetmeýän resminamalary, maglumaty bermek teklibi bilen onuň iberilen senesinden üç aýyň içinde haýyşnamaça talap iberilýär.

Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça degişli paç tölenen şertinde bellenilen möhlet alty aý uzaldylyp bilner.

Eger haýyşnama soralýan resminamalary ýa-da ony uzaltmak hakyndaky towakganamany bellenilen möhletde bermese, Türkmenpatent bellenilen möhletiň gutarandygy hakynda habary haýyşnamaça iberýär.

Soralan resminamalary bermek üçin duşdan geçirilen möhlet degişli paç tölenen şertinde haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça dikeldilip bilner. Soralýan resminamalary ýa-da maglumaty goşmak bilen duşdan geçirilen möhleti dikeltmek hakyndaky towakganama bellenilen möhletiň gutaran senesinden alty aýdan gijä galman haýyşnamaçy tarapyndan berilmelidir.

Alty aýyň içinde möhleti dikeltmek hakynda towakganama berilmedik mahalynda haýyşnama yzyna alnan diýlip ykrar edilýär, bu hakda haýyşnamaça habar berilýär.

Eger haýyşnamaçy haýyşnama edilen senagat nusgalarynyň haýsysyna garalmalydygyny bellenilen möhletde mälim etmese we eger olar zerur bolsa, degişli resminamalary bermese, onda öndürilen önümiň şekillerinde birinji görkezilen senagat nusgasyna garalýar.

 

21-nji madda. Düýp manysy boýunça seljerme

1. Düýp manysy boýunça seljerme haýyşnama berlen senesinden alty aý geçenden soň, formal seljermäniň tamamlanmak şertinde geçirilýär.

2. Düýp manysy boýunça seljerme geçirilende haýyşnama edilen senagat nusgasynyň şu Kanunyň 6-njy maddasynyň düzgünlerinde göz öňünde tutulan patente ukyplylyk şertlerine laýyk gelşi barlanylýar.

3. Şu Kanunyň 16-njy maddasynyň ikinji böleginiň düzgünlerinde göz öňünde tutulan senagat nusgasynyň bitewülik talaplaryny bozmak bilen berlen haýyşnama boýunça haýyşnamaça mälim edilen senagat nusgalarynyň haýsysyna garalmalydygy we zerur mahalynda senagat nusgasy üçin öňki haýyşnamanyň maglumatlaryna üýtgetmeleriň girizilmelidigi oňa degişli habaryň iberilen senesinden üç aý möhletde habar bermek teklip edilýär.

Bu haýyşnamada bar bolan beýleki senagat nusgalary ilkinjiligi saklap galmak bilen we öňki haýyşnama laýyklykda berlen seneden aýratyn berlen haýyşnamalar bilen resmileşdirilip bilner.

4. Islendik gyzyklanýan şahs paç tölenen şertinde seljermäniň çözgüdiniň çykarylmagyna çenli patentiň ýa-da halkara bellige alnyşyň berilmek mümkinçiliginiň garşysyna delillendirilen garşylygy Türkmenpatente berip biler. Garşylygyň gelip gowşandygy hakynda haýyşnamaça habar berilýär.

5. Düýp manysy boýunça seljermäni geçirmegiň barşynda Türkmenpatent şolarsyz seljermäni geçirmek mümkin bolmajak goşmaça materiallary haýyşnamaçydan soramaga haklydyr. Şu Kanunyň 20-nji maddasynyň dördünji böleginiň talaplary goşmaça materiallara degişlidir.

6. Eger düýp manysy boýunça seljermäniň netijesinde Türkmenpatent haýyşnama edilen senagat nusgasynyň patente ukyplylyk şertlerine laýyk gelýändigini anyklasa, onda haýyşnamaça Türkmenistanyň patentini bermek hakynda çözgüt ýa-da senagat nusgasyny Türkmenistanda halkara haýyşnamasy boýunça bellige aldyrmak hakynda çözgüt iberilýär.

7. Eger düýp manysy boýunça seljermäniň barşynda senagat nusgasynyň patente ukyplylyk şertlerine laýyk gelmeýändigi anyklansa, onda haýyşnamaça habarda getirilen esaslandyrmalar babatda öz delillerini bermek teklibi bilen patenti ýa-da halkara bellige almasyny bermek mümkinçiliginden ýüz döndermek hakynda habar iberilýär.

Haýyşnamaçynyň delilleri, eger olar habaryň iberilen senesinden üç aýyň içinde Türkmenpatente berilse, Türkmenistanda patenti ýa-da halkara bellige almasyny bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt ýa-da bermek hakynda çözgüt kabul edilende göz öňünde tutulýar. Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça jogabyň bellenilen möhleti degişli paç tölenen şertinde alty aý uzaldylyp bilner.

 

22-nji madda. Haýyşnama boýunça seljermäniň

       çözgüdine şikaýat edilmegi we duşdan

       geçirilen möhletleriň dikeldilmegi

1. Formal seljermäniň ýa-da düýp manysy boýunça seljermäniň çözgüdi bilen razy bolunmadyk mahalynda haýyşnamaçy çözgüdiň iberilen senesinden üç aýyň içinde Apellýasiýa toparyna garşylyk bermäge haklydyr. Garşylyk onuň alnan senesinden dört aý möhletde garalmalydyr. Garşylyga garamagyň möhleti garşylygy beren şahsyň haýyşnamasy boýunça uzaldylyp bilner, ýöne ol ilkibaşky bellenilen möhletiň gutaran senesinden alty aýdan köp bolmaly däldir.

Şikaýatlara garamagyň tertibi Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.

Haýyşnamaçy Apellýasiýa toparynyň çözgüdine onuň tassyklanan senesinden alty aýyň içinde kazyýetde şikaýat etmäge haklydyr.

2. Eger haýyşnamaçy seljermäniň talaby boýunça resminamalary ýa-da goşmaça materiallary bermegiň möhletini duşdan geçirse, onda seljermäniň çözgüdine garşylygy bermegiň möhleti dikeldilip bilner. Duşdan geçirilen möhleti dikeltmek hakyndaky towakganama degişli paç tölenen şertinde bellenilen möhletiň gutaran senesinden alty aýdan gijä galman haýyşnamaçy tarapyndan Türkmenpatente berlip bilner.

 

23-nji madda. Senagat nusgasynyň bellige alynmagy

1. Patentiň bellige alnandygy we berlendigi üçin pajyň tölenendigi hakynda resminama alnandan soň Türkmenpatent senagat nusgasyny senagat nusgalarynyň Döwlet sanawynda bellige alýar.

Pajyň tölenendigini tassyklaýan resminama patenti bermek hakyndaky çözgüdiň iberilen senesinden üç aý möhletde haýyşnamaçy tarapyndan berilmelidir.

Pajyň tölegi bökdelen mahalynda, her bir duşdan geçirilen aý üçin degişli paç tölenen şertlerinde haýyşnamaça bellenilen möhletiň gutaran senesinden alty aýdan ybarat bolan ýeňillikli möhlet berilýär.

2. Senagat nusgasyny bellige almak paçlaryň tölenendigi hakynda resminama alnandan soň bir aýyň içinde geçirilýär.

3. Ýeňillikli möhletlerde paçlaryň tölenendigi barada resminama berilmedik halatynda, haýyşnama yzyna alnan diýlip hasap edilýär we bu barada haýyşnamaça habar berilýär.

4. Bellige alnan senagat nusgasy üçin Türkmenpatent haýyşnamaça patent berýär we berlen patent hakyndaky maglumatlary Býulletende çap edýär.

Patent birnäçe şahsyň adyna soralýan ýagdaýynda, olaryň arasyndaky ylalaşykda başga şertleşikler bolmasa, patent haýyşnamada ady birinji görkezilen şahsa berilýär.

5. Senagat nusgalarynyň Döwlet sanawyna girizilýän maglumatlaryň sanawy, patentiň görnüşi we onda görkezilýän maglumatlaryň düzümi Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.

24-nji madda. Senagat nusgasynyň bellige alnyşyna

       üýtgetmeleriň girizilmegi

1. Senagat nusgasynyň bellige alynmagyna hukuga eýelik edijiniň adynyň we (ýa-da) salgysynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly üýtgetmeler, şeýle hem bellige almaga degişli beýleki üýtgetmeler girizilýär.

2. Üýtgetmeleri girizmek degişli paç tölenen şertinde hukuga eýelik edijiniň haýyşnamasy boýunça geçirilýär. Bellige alnyşyna üýtgetmeleri girizmek hakyndaky haýyşnamalary bermegiň we garamagyň kadalary Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.

3. Üýtgetmeler senagat nusgalarynyň Döwlet sanawyna girizilýär.

 

25-nji madda. Patent hakyndaky maglumatlaryň

       çap edilmegi

1. Türkmenpatent senagat nusgalarynyň Döwlet sanawynda onuň bellige alnan senesinden alty aý möhletde patenti bermek hakyndaky maglumatlary Býulletende çap edýär.

2. Awtor patent hakyndaky çap edilýän maglumatlarda awtor hökmünde ýatlanylyp geçmekden ýüz döndermek hukugyna eýedir.

3. Çap edilýän maglumatlaryň düzümi Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Türkmenpatent senagat nusgalarynyň Döwlet sanawyna girizilen soňraky üýtgetmeleriň ählisini Býulletende çap edýär:

1) hukuga eýelik ediji hakyndaky maglumatlaryň üýtgemegi hakynda;

2) patente bolan hukuklary bermek hakynda;

3) patenti ýatyrmak hakynda;

4) patentiň hereketini bes etmek ýa-da dikeltmek hakynda;

5) beýleki üýtgetmeler.

5. Islendik şahs haýyşnamanyň ýa-da patentiň maglumatlary bilen olar çap edilenden soň tanyşmaga haklydyr.

Haýyşnamanyň we patentiň maglumatlary bilen tanyşmagyň tertibi Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.

 

26-njy madda. Paçlar

1. Haýyşnamany bermek, seljerme geçirmek, bellige almak, senagat nusgasynyň hereketini goşmaça möhlet üçin uzaltmak we beýleki amallar bilen baglanyşykly hukuk taýdan ähmiýetli hereketleriň amala aşyrylmagy üçin paçlar alynýar.

Eger Türkmenistanyň gatnaşyjy bolup durýan halkara şertnamasynda başga zat göz öňünde tutulmasa, paçlar haýyşnamaçy, hukuga eýelik ediji ýa-da islendik üçünji şahslar tarapyndan tölenilýär.

Amala aşyrylmagy üçin paçlar alynýan hereketleriň sanawy, olaryň möçberleri, tölemegiň we gaýtarmagyň möhletleri, tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

2. Paçlary almakdan alnan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip gowuşýar.

Bu serişdeleriň bir bölegi awtomatlaşdyrylan ulgamyň tehniki enjamlaşdyrylmagyny, döredilmegini we ulanylmagyny goşup, senagat eýeçiliginiň obýektlerini goramagyň döwlet ulgamyny ösdürmek, döwlet patent-maglumat binýadyny döretmek, zähmete hak tölemegi, işgärleriň taýýarlanylmagy we höweslendirilmegi, senagat eýeçiliginiň obýektleriniň goragy babatda Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna gatnaşmagyny üpjün etmek üçin gerek bolan gatançlary we beýleki tölegleri tölemek üçin peýdalanylýar.

 

VI BAP. PATENT ÜÇIN HUKUKLARYŇ BERILMEGI

 

27-nji madda. Senagat nusgasyna bolan hukuklaryň

       berilmegi

1. Patent ýa-da halkara bellige almak olaryň hereketiniň bütin möhletiniň içinde hukugy bermegiň obýekti bolup biler. Patente ýa-da halkara bellige almasyna esaslanan hukuk doly ýa-da kem-käsleýin berlip bilner.

2. Patente ýa-da halkara bellige almasyna bolan hukuk erkin görnüşde düzülen we hukuga eýelik ediji we hukuk oruntutary tarapyndan gol çekilen şertnama boýunça islendik gyzyklanýan şahsa berlip bilner.

 

28-nji madda. Senagat nusgasyny peýdalanmaga bolan

      ygtyýarnama şertnamasy

1. Hukuga eýelik ediji bolup durmaýan islendik şahs patentlenen senagat nusgasyny ýa-da halkara bellige almasyny diňe ygtyýarnama şertnamasynyň esasynda hukuga eýelik edijiniň rugsady bilen peýdalanmaga haklydyr. Ygtyýarnama şertnamasy boýunça hukuga eýelik ediji (ygtyýarnama beriji) goralýan senagat nusgasyny peýdalanmaga bolan hukugy şertnamada göz öňünde tutulan möçberde başga şahsa (ygtyýarnamala) bermäge borçlanýar. Ygtyýarnamaly şertnama bilen şertlendirilen tölegleri ygtyýarnama berijä tölemek we şertnamada göz öňünde tutulan beýleki hereketleri amala aşyrmak borjuny özüne kabul edýär.

2. Aýratyn ygtyýarnamada ygtyýarnamala senagat nusgasyny peýdalanmaga bolan hukuk ygtyýarnama berijide ony peýdalanmaga bolan hukugy saklap galmak bilen şertnamada kesgitlenilen çäklerde berilýär.

Aýratyn bolmadyk ygtyýarnamada ygtyýarnama beriji senagat nusgasyny peýdalanmaga bolan hukugy ygtyýarnamala berip, patent ýa-da halkara bellige alma bilen tassyklanan, şol sanda ygtyýarnamalary üçünji şahslara bermäge bolan ähli hukuklary özünde saklap galýar.

Doly ygtyýarnamada ygtyýarnamala ygtyýarnamany peýdalanmak we başga şahslara bermek hukugyny ygtyýarnama berijide saklap galmazdan senagat nusgasyny peýdalanmaga bolan aýratyn hukuk berilýär.

3. Eger ygtyýarnama şertnamasynda kömekçi ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmak mümkinçiligi göz öňünde tutulsa, onda ygtyýarnamaly (kömekçi ygtyýarnama beriji) senagat nusgasyny peýdalanmaga bolan aýratyn bolmadyk ygtyýarnamany bermek hakynda üçünji şahs (kömekçi ygtyýarnamaly) bilen kömekçi ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmaga haklydyr.

Eger ygtyýarnama şertnamasynda başga zat göz öňünde tutulmasa, kömekçi ygtyýarnamalynyň hereketleri üçin ygtyýarnama berijiniň öňündäki jogapkärçiligi ygtyýarnamaly çekýär.

4. Hukuga eýelik ediji Türkmenpatente senagat nusgasyny peýdalanmaga bolan hukugy islendik şahsa bermek hakyndaky haýyşnamany berip biler (açyk ygtyýarnama). Şu ýagdaýda patentiň hereketi üçin paçlaryň tölegi açyk ygtyýarnama hakyndaky maglumatlaryň Türkmenpatent tarapyndan çap edilen ýylyndan soň gelýän ýyldan 50 göterim aşaklaýar. Görkezilen senagat nusgasyny peýdalanmak isleýän şahs hukuga eýelik ediji bilen tölegler hakyndaky şertnamany baglaşmaga borçludyr.

Açyk ygtyýarnamada berilýän hukuklar aýratyn bolmadyk ygtyýarnamada berilýän hukuklaryň möçberinden ýokary geçip bilmez.

Hukuga eýelik edijiniň açyk ygtyýarnama üçin hukugy bermek hakyndaky haýyşnamasy yzyna alynmaga degişli däldir.

 

 

 

29-njy madda. Senagat nusgasy üçin mejbury ygtyýarnama

1. Eger senagat nusgasy patentiň ýa-da halkara bellige alnyşynyň berlen senesinden bäş ýylyň içinde hukuga eýelik ediji ýa-da olar üçin hukuklaryň berlen şahslary tarapyndan peýdalanylmasa ýa-da ýeterlik peýdalanylmasa, onda senagat nusgasyny peýdalanmak isleýän we taýýar islendik şahs, eger-de hukuga eýelik ediji emele gelen tejribä laýyk gelýän şertlerde bu şahs bilen ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmakdan ýüz dönderen mahalynda senagat nusgasyny peýdalanmaga bolan mejbury aýratyn bolmadyk ygtyýarnamanyň özüne berilmegi hakyndaky talap bilen kazyýete ýüz tutmaga hukuklydyr.

2. Eger hukuga eýelik ediji senagat nusgasynyň peýdalanylmagynyň ýa-da ýeterlik däl peýdalanylmagynyň esasly sebäpler bilen şertlendirilendigini subut edip bilmese, onda kazyýet gyzyklanýan şahsa peýdalanmagyň çäklerini, tölegleriň möçberini, möhletlerini we tertibini kesgitlemek bilen mejbury aýratyn bolmadyk ygtyýarnamany berýär. Tölegleriň möçberi emele gelen tejribä laýyklykda kesgitlenende ygtyýarnamanyň bazar bahasyndan pes bolmadyk ýagdaýda bellenilmelidir.

 

30-njy madda. Senagat nusgasyna bolan hukuklary bermek

        hakyndaky şertnamanyň ýa-da ygtyýarnama

        şertnamasynyň bellige alynmagy

1. Senagat nusgasyna bolan hukuklary bermek hakyndaky şertnama ýa-da senagat nusgasyny peýdalanmak üçin ygtyýarnama şertnamasy Türkmenpatentde bellige alynmaga degişlidir.

Senagat nusgasyna bolan hukuklary bermek hakyndaky şertnama ýa-da Türkmenistanyň çäginde hereket edýän halkara bellige almasyny peýdalanmak üçin ygtyýarnama şertnamasy hem Türkmenpatentde bellige alynmaga degişlidir.

Senagat nusgasyna bolan hukuklary bermek hakyndaky şertnama ýa-da ygtyýarnama şertnamasy senagat nusgalarynyň Döwlet sanawynda bellige alnan senesinden güýje girýär we ol hakdaky maglumatlar Býulletende çap edilýär. Bellige alynmazdan şertnama hakyky däl diýlip hasap edilýär.

2. Taraplaryň ylalaşygynyň esasynda bellige alnan ygtyýarnama şertnamasyna onuň hereket ediş möhletiniň çäklerinde üýtgetmeler girizilip bilner.

Üýtgetmeler hem Türkmenpatentde bellige alynmaga degişlidir.

 

3. Senagat nusgasyna bolan hukuklary bermek hakynda şertnamany ýa-da ygtyýarnama şertnamasyny, şeýle hem ygtyýarnama şertnamasyna üýtgetmeler girizmegi bellige almagyň kadalary Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Senagat nusgasyna bolan hukuklary bermek hakyndaky şertnama ýa-da ygtyýarnama şertnamasy we ygtyýarnama şertnamasyna üýtgetmeleri girizmek degişli paç tölenen şertinde Türkmenpatent tarapyndan bellige alynýar.

 

VII BAP. SENAGAT NUSGASYNYŇ HUKUK GORAGYNYŇ

HEREKETINIŇ BES EDILMEGI WE DIKELDILMEGI

 

31-nji madda. Patentiň jedelleşilmegi. Patentiň hakyky däl

       diýlip ykrar edilmegi

1. Patent hereket ediş möhletiniň bütin dowamynda aşakdaky ýagdaýlarda islendik şahsyň garşylygy boýunça jedelleşilip we doly ýa-da kem-käsleýin hakyky däl diýlip bilner:

1) bellige alnan senagat nusgasy şu Kanun bilen bellenilen patente ukyplylyk şertlerine laýyk gelmese;

2) senagat nusgasynyň awtorynyň ýa-da hukuga eýelik edijiniň patentinde ýalan görkezme bolanda.

Garşylygy beren şahs ony delillendirmäge, şeýle hem bellenilen pajyň tölenendigi hakynda resminamany bermäge  borçludyr.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň düzgünlerine laýyklykda hakyky däl diýlip ykrar edilen patentiň hereketi senagat nusgasyna haýyşnamanyň berlen senesinden bes edilýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendiniň düzgünlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça patenti bermegiň garşysyna bolan garşylyklar olaryň gelip gowşan senesinden alty aý möhletde Apellýasiýa topary tarapyndan garalýar.

Patentiň berilmeginiň garşysyna bolan garşylyk boýunça Apellýasiýa toparynyň çözgüdi bilen razy bolunmadyk mahalynda taraplaryň islendigi çözgüdiň tassyklanan senesinden alty aý möhletde oňa kazyýetde jedelleşip biler.

Şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendiniň düzgünlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça patentiň berilmeginiň garşysyna bolan garşylyklara kazyýet tarapyndan garalýar.

4. Apellýasiýa toparynyň çözgüdiniň ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň esasynda hakyky däl diýlip ykrar edilen senagat nusgasy üçin patent ýatyrylýar. Patent kem-käsleýin hakyky däl diýlip ykrar edilende täze patent berilýär.

Türkmenpatent doly ýa-da kem-käsleýin hakyky däl diýlip ykrar edilen patentler hakyndaky maglumatlary senagat nusgalarynyň Döwlet sanawyna girizýär we Býulletende çap edýär.

 

32-nji madda. Halkara bellige alnyşynyň jedelleşilmegi we

       hakyky däl diýlip ykrar edilmegi

Halkara bellige alnyşynyň jedelleşilmegi we onuň Türkmenistanyň çäginde doly ýa-da kem-käsleýin hakyky däl diýlip ykrar edilmegi şu Kanunyň 31-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar. Halkara bellige alnyşy doly ýa-da kem-käsleýin hakyky däl diýlip ykrar edilen mahalynda, Türkmenpatent bu hakda Halkara býuro habar berýär.

 

33-nji madda. Patentiň ýa-da halkara bellige almak

      hereketiniň möhletinden öň bes edilmegi

1. Aşakdaky ýagdaýlarda patentiň we halkara bellige almagyň hereketi möhletinden öň bes edilýär:

1) hukuga eýelik ediji tarapyndan Türkmenpatente berlen haýyşnamanyň esasynda – haýyşnamanyň gelip gowşan senesinden;

2) hereketiniň goşmaça möhleti üçin patentiň ýa-da halkara bellige almagyň uzaldylmagy üçin paç tölenmedik mahalynda ‒ bellenilen möhletiň gutaran senesinden.

2. Türkmenpatent hereketi möhletinden öň bes edilen patent hakyndaky maglumatlary senagat nusgalarynyň Döwlet sanawyna girizýär we Býulletende çap edýär.

 

34-nji madda. Patentiň we halkara bellige alnyşynyň

       hereketiniň dikeldilmegi

1. Hereketiniň goşmaça möhletine uzaldylmagy üçin pajyň tölenmezligi bilen baglanyşykly bes edilen patentiň ýa-da halkara bellige alnyşynyň  hereketi hukuga eýelik edijiniň towakganamasy boýunça dikeldilip bilner.

Towakganama patentiň ýa-da halkara bellige alnyşynyň hereketiniň bes edilen senesinden üç ýylyň içinde Türkmenpatente berilýär. Towakganama bu patentiň ýa-da bu halkara bellige alynmasynyň hereketiniň dikeldilmegi üçin bellenilen pajyň tölenendigini tassyklaýan resminama goşulýar.

 

2. Türkmenpatent patentiň ýa-da halkara bellige almasynyň dikeldilendigi hakyndaky maglumatlary senagat nusgalarynyň Döwlet sanawyna girizýär we Býulletende çap edýär.

3. Patentiň ýa-da halkara bellige almasynyň hereketiniň bes edilen senesinden üç ýyl geçenden soň senagat nusgasyna bolan hukuk dikeldilmäge degişli däldir.

 

35-nji madda. Peýdalanylandan soňky hukuk

1. Patentiň ýa-da halkara bellige alnyşynyň bes edilen senesi bilen patentiň ýa-da halkara bellige alnyşynyň hereketini dikeltmek hakyndaky maglumatlaryň Býulletende çap edilen senesiniň arasyndaky döwürde senagat nusgasyny peýdalanyp başlan ýa-da görkezilen döwürde muňa zerur taýýarlygy eden şahs, şeýle peýdalanmagyň möçberini giňeltmezden senagat nusgasyny mundan beýläk muzdsuz peýdalanmaga bolan hukugy saklaýar (peýdalanylandan soňky hukuk).

2. Peýdalanylandan soňky hukuk diňe senagat nusgasynyň peýdalanylan önümçiligi ýa-da oňa barabar çözgüt bilen bilelikde başga şahsa berlip bilner ýa-da muňa zerur bolan taýýarlyklar edilip bilner.

 

VIII BAP. AWTORLARYŇ, HAÝYŞNAMAÇYLARYŇ WE

HUKUGA EÝELIK EDIJILERIŇ HUKUKLARYNYŇ

GORAGY

 

36-njy madda. Apellýasiýa topary

1. Apellýasiýa topary şahslaryň aşakdaky garşylyklaryna garamaga doly ygtyýarlydyr:

1) senagat nusgasy üçin haýyşnama boýunça seljermäniň çözgüdine;

2) patentlenen senagat nusgasyny peýdalanmak üçin patenti we ygtyýarnama şertnamasyny bermek hakyndaky şertnamany bellige almak hakynda seljermäniň çözgüdine;

3) şu Kanunyň 31-nji, 32-nji we 33-nji maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda patenti ýa-da halkara bellige alnyşyny hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda;

4) patent ynamdaryna dalaşgäriň hünär synagy we (ýa-da) ony hünär synagyna goýbermek boýunça hünär synagy toparynyň çözgüdine.

2. Apellýasiýa topary hakyndaky düzgünnama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

 

3. Degişli paç tölenen şertinde haýyşnamaçy Apellýasiýa toparyna garşylygy bermäge haklydyr.

Şu maddanyň birinji böleginiň 1–3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan garşylyklar olaryň alnan senesinden dört aý möhletde Apellýasiýa topary tarapyndan garalmalydyr.

Şu maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde göz öňünde tutulan garşylyk onuň alnan senesinden alty aý möhletde Apellýasiýa topary tarapyndan garalmalydyr.

Garşylyga garamagyň möhleti garşylygy beren şahsyň, şeýle hem hukuga eýelik edijiniň towakganamasy boýunça uzaldylyp bilner, ýöne ol işe garamak üçin bellenilen ilkibaşky senäniň gutaran gününden başlap alty aýdan köp bolmaly däldir.

Apellýasiýa toparynyň çözgüdine gaýtadan seretmek hakyndaky towakganama onuň alnan senesinden bir aýyň içinde gyzyklanýan taraplaryň islendigi tarapyndan Apellýasiýa toparynyň başlygynyň adyna berlip bilner.

Gyzyklanýan taraplaryň islendigi kazyýetde Apellýasiýa toparynyň çözgüdine onuň tassyklanan senesinden kyrk bäş günüň içinde şikaýat edip biler.

 

37-nji madda. Jedellere kazyýet tertibinde garalyşy

Kazyýetler şu Kanuny ulanmak bilen baglanyşykly jedellere Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde garaýarlar, şol sanda:

1) senagat nusgasyna bolan awtorlyk hakynda;

2) hukuga eýelik edijini bellemek hakynda;

3) patenti bermek hakynda;

4) Türkmenistanda senagat nusgasynyň halkara bellige alnyşy hakynda;

5) ygtyýarnamanyň mejbury berilmegi hakynda;

6) hukuga eýelik edijiniň senagat nusgasy üçin aýratyn hukugynyň we beýleki emläk hukuklarynyň bozulmagy hakynda;

7) patentlenen senagat nusgasyny peýdalanmak üçin patenti we ygtyýarnama şertnamalaryny bermek hakynda şertnamalary baglaşmak we ýerine ýetirmek hakynda;

8) senagat nusgasynyň halkara bellige alnyşyny  peýdalanmak üçin ygtyýarnama şertnamalaryny baglaşmak we ýerine ýetirmek hakynda;

9) senagat nusgasynyň wagtlaýyn goragy döwründe onuň peýdalanylandygy üçin öwez pulunyň möçberleri hakynda;

10) peýdalanylandan ozalky hukuk hakynda;

11) peýdalanylandan soňky hukuk hakynda;

12) şu Kanuna laýyklykda iş beriji tarapyndan senagat nusgasynyň awtoryna töleg tölemegiň möçberi, möhleti we tertibi hakynda;

13) şu Kanun bilen göz öňünde tutulan öwez pullaryny tölemegiň möçberi, möhleti we tertibi hakynda;

14) hukuga eýelik edijileriň hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly beýleki jedellere.

 

38-nji madda. Senagat nusgasynyň bikanun ulanylandygy

       üçin jogapkärçilik

1. Patentlenen senagat nusgasyny ýa-da halkara bellige alnyşyny şu Kanunyň düzgünlerini bozmak bilen peýdalanýan islendik şahs senagat nusgasyna bolan aýratyn hukugy bozujy diýlip hasap edilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

2. Patentlenen senagat nusgasyny ýa-da halkara bellige alnyşyny bikanun peýdalanýan şahs hukuga eýelik edijiniň ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça aşakdakylara borçludyr:

1) hukuga eýelik edijiniň hukuklaryny ykrar etmäge;

2) hukuga eýelik edijiniň hukuklaryny bozýan hereketleri bes etmäge;

3) duşdan geçirilen peýdany goşup ýitgileri tölemäge ýa-da öwez puluny tölemäge. Öwez pulunyň möçberi kazyýetiň çözgüdi ýa-da taraplaryň ylalaşmagy bilen bellenilýär;

4) ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga;

5) hukuga eýelik edijiniň işewür abraýyny dikeltmek maksady bilen kazyýet çözgüdini çap etmäge.

Kazyýet kontrafakt harytlaryny muzdsuz almak hakynda çözgüt çykarmaga haklydyr.

3. Hukuga eýelik edijiniň aýratyn hukugynyň bozulandygy hakynda hak isleg hukuga eýelik edijiniň öz hukugynyň bozulandygy hakynda bilen ýa-da bilmeli bolan gününden üç ýylyň içinde bildirilip bilner.

Senagat nusgasyna aýratyn hukugyň bozulandygy hakynda hak islegi hukuga eýelik ediji tarapyndan bildirilýär.

Hukuklaryň bozulandygy hakynda hak isleg arzasy, eger ygtyýarnama şertnamasy bilen başga zat göz öňünde tutulmasa, aýratyn ygtyýarnamanyň eýesi tarapyndan ýa-da eger bu ygtyýarnama şertnamasy bilen göz öňünde tutulsa, aýratyn bolmadyk ygtyýarnamanyň eýesi tarapyndan hem berlip bilner.

 

39-njy madda. Gümrük gözegçiligi

Hukuga eýelik edijileriň ýa-da Türkmenistanda goralýan senagat nusgalaryny peýdalanmak üçin aýratyn ygtyýarnama eýelik edijileriň hukuklaryny goramak babatda gümrük gözegçiligi gümrük edaralary tarapyndan Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

IX BAP. HALKARA HYZMATDAŞLYGY

 

40-njy madda. Türkmenistanda senagat nusgasyny bellige

        almak üçin halkara haýyşnamasyna garalyşy

Türkmenistanda senagat nusgasyny bellige almak üçin halkara haýyşnamasyna garamak Ženewa Namasyna (1999 ý.) we Ženewa Namasy üçin Gollanma (1999 ý.) laýyklykda, şeýle hem şu Kanunyň     6-njy, 7-nji maddalarynyň, 16-njy maddasynyň ikinji böleginiň, 21-nji maddasynyň we 22-nji maddasynyň talaplaryny hasaba almak bilen Türkmenpatent tarapyndan amala aşyrylýar.

 

41-nji madda. Senagat nusgalarynyň daşary ýurt

       döwletlerinde we halkara guramalarynda

       patentlenilişi we bellige alnyşy

1.Türkmenistanda döredilen senagat nusgasyny patentlemek ýa-da bellige aldyrmak üçin haýyşnama daşary ýurt döwletine ýa-da halkara guramasyna berlip bilner.

2. Daşary ýurt döwletinde senagat nusgasynyň patentlenilmegi ýa-da bellige aldyrylmagy bilen baglanyşykly çykdajylary haýyşnamaçy ýa-da onuň bilen ylalaşmak boýunça başga şahs çekýär.

 

42-nji madda. Daşary ýurtly şahslaryň hukuklary

1. Daşary ýurtly raýatlar Türkmenistanyň şahslary bilen bir hatarda Türkmenistanyň gatnaşyjy bolup durýan halkara şertnamalaryna laýyklykda ýa-da özaralyk ýörelgesiniň esasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklardan peýdalanýarlar.

2. Eger Türkmenistanyň gatnaşyjy bolup durýan halkara şertnamalary bilen başga tertip bellenilmedik bolsa, daşary ýurtly raýatlar, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden daşynda ýaşaýan ýa-da hemişelik ýaşaýan ýeri bolan Türkmenistanyň raýatlary Türkmenpatent bilen gatnaşyklarda öz hukuklaryny Türkmenpatentde bellige alnan patent ynamdarlarynyň üsti bilen durmuşa geçirýärler.

 

X BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

43-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen pursadyndan güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanuna laýyk getirilýänçä olar şu Kanuna garşy gelmeýändigine görä ulanylýar.

 

44-nji madda. Geçiş düzgünleri

1. On bäş ýyl hereket ediş möhletli senagat nusgasy üçin ýeke-täk patente geçmek bilen baglanyşykly şu Kanunyň düzgünleri aşakdaky tertipde ulanylýar:

1) şu Kanunyň güýje girmegine çenli formal seljerme geçirilen senagat nusgalary üçin haýyşnamalar boýunça şu Kanunyň 21-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda düýp manysy boýunça seljerme geçirilýär;

2) şu Kanunyň güýje girmegine çenli çäklendirilen patent seljermesi geçirilen we senagat nusgasy üçin çäklendirilen patenti bermek hakynda çözgüt çykarylan senagat nusgalary üçin haýyşnamalar boýunça çäklendirilen patent berilýär.

2. On ýyl hereket ediş möhlet bilen berlen hereket edýän çäklendirilen patent bellenilen paç tölenen ýagdaýynda we şu Kanunyň 21-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda we Türkmenpatent tarapyndan bu maksatlar üçin bellenilen amallara görä düýp manysy boýunça senagat nusgasynyň seljermesi geçirilen şertinde hukuga eýelik edijiniň towakganamasy boýunça patente özgerdilip bilner.

3. Eger hukuga eýelik ediji tarapyndan ýokarda görkezilen towakganama çäklendirilen patentiň hereket ediş möhletiniň dowamynda berilmese, çäklendirilen patent bellenilen paç tölenen şertinde galan möhletiniň içinde hereket etmegini dowam etdirýär.

4. Her bäş ýyldan senagat nusgasynyň hereket ediş möhletini uzaltmagyň döwürlerine geçmek bilen baglanyşykly şu Kanunyň düzgünleri aşakdaky tertipde ulanylýar:

1) şu Kanunyň güýje girmegine çenli bellige alnan çäklendirilen patentleriň we patentleriň hereketi üçin her bäş ýyl boýunça hereketiniň goşmaça möhleti üçin paç uzaltmagyň birinji ýa-da ikinji bäşýyllyk döwri gutarmanka tölenilýär;

2) şu Kanunyň güýje girmegine çenli bellige alnan çäklendirilen patentleriň we patentleriň degişli bäşýyllyk döwrüň gutarmagyna çenli hereketi üçin paç olaryň hereketiniň her ýyly üçin ýa-da degişli hereket ediş döwrüniň ähli galan möhleti üçin tölenilýär.

 

 

Türkmenistanyň     Gurbanguly

     Prezidenti Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 4-nji noýabry.

№ 630-V.