TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Konsullyk gullugy hakynda
Şu Kanun konsullyk gullugynyň hukuk esaslaryny, Türkmenistanyň çäklerinden daşarda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatda konsullyk wezipeli adamlaryň wezipelerini kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) konsullyk edarasy – konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmek üçin başga döwletiň çäginde döredilen Türkmenistanyň daşary gatnaşyklary boýunça döwlet edarasy;
2) konsullyk edarasynyň baştutany – konsullyk edarasynyň işine ýolbaşçylyk edýän adam (baş konsul, konsul, wise-konsul ýa-da konsullyk agenti);
3) konsullyk wezipeli adam – Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda döwlet gullugynyň wezipesini eýeleýän hem-de konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmäge ygtyýarly adam;
4) maşgala agzalary – konsullyk wezipeli adamyň aýaly (äri), onuň çagalary we ata-enesi, şeýle hem onuň aýalynyň (äriniň) olar bilen bile ýaşaýan we olaryň eklenjinde bolýan ata-enesi;
5) konsullyk çägi – konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmek üçin konsullyk edarasyna degişli edilen çäk.
2-nji madda
Konsullyk gullugynyň işiniň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, konsullyk gullugynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary düzýärler.
3-nji madda
Konsullyk gullugyna şu wezipeler ýüklenilýär:
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen konsullyk gatnaşyklary babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistanyň çäklerinden daşarda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek;
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny konsullyk taýdan üpjün etmek, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary ýaýbaňlandyrmaga ýardam bermek;
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen konsullyk gatnaşyklarynyň ösüşine seljeriş geçirmek we çaklamak;
Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, kärhanalaryna, edaralaryna we guramalaryna daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlar bilen işewürlik aragatnaşyklaryny ýola goýmakda we ösdürmekde ýardam bermek;
Türkmenistanyň döwlet syýasaty, onuň durmuş-ykdysady we medeni durmuşy hakynda resmi maglumaty ýaýratmak;
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen konsullyk gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny döretmäge gatnaşmak;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri amala aşyrmak.
4-nji madda
Konsullyk gullugy ulgamyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary, Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanyň çägindäki wekilhanalary girýär.
Konsullyk gullugy Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň bir bölegi bolup durýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň ulgamyna ýolbaşçylyk edýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar.
Konsullyk gullugynyň ulgamyna girýän edaralaryň işini utgaşdyrmak Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.
5-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen konsullyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy özara ylalaşyk boýunça amala aşyrylýar.
Eger başgaça bellenilmedik bolsa, iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýmaga bolan ylalaşyk konsullyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga ylalaşygy aňladýar.
II BAP. KONSULLYK EDARALARYNYŇ IŞI
6-njy madda
Türkmenistan öz konsullyk edaralaryny konsullyk gatnaşyklary ýola goýlan döwletlerde açýar.
Konsullyk edaralary ýerleşýän döwletiniň çäklerinde diňe şol döwletiň razylyk bermegi bilen açylyp bilner.
Konsullyk edaralary Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda açylýar we öz işini bes edýär.
7-nji madda
Konsullyk edaralary öz işinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hasabat berýärler.
Konsullyk edaralary ýerleşýän döwletinde Türkmenistanyň şol döwletdäki diplomatik wekilhanasynyň baştutanynyň umumy ýolbaşçylygynda hereket edýärler.
8-nji madda
Konsullyk edaralary şu toparlara bölünýär:
- baş konsullyklar;
- konsullyklar;
- wise-konsullyklar;
- konsullyk agentlikleri.
9-njy madda
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýok döwletlerinde konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň razylyk bermegi bilen konsullyk edaralarynyň üstüne diplomatik wezipeler hem ýüklenilip bilner.
10-njy madda
Konsullyk edarasynyň ýerleşýän ýeri, topary we konsullyk çägi onuň ýerleşýän döwleti bilen ylalaşylyp kesgitlenilýär.
11-nji madda
Konsullyk edaralary ýuridik şahs bolup durýarlar we olaryň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen, Türkmenistanyň döwlet dilinde hem-de iňlis dilinde ady ýazylan möhürleri bardyr.
12-nji madda
Ýerleşýän döwletiniň kanunlaryny, düzgünlerini we däp-dessurlaryny göz öňünde tutmak bilen, konsullyk edarasynyň binasynda we onuň baştutanynyň rezidensiýasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy gerilýär, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we Türkmenistanyň döwlet dilinde hem-de onuň bolýan ýurdunyň dilinde ady ýazylan ýazgy asylýar.
13-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki konsullyk edaralarynyň emlägi Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar.
III BAP. KONSULLYK WEZIPELI ADAMLARY WEZIPÄ
BELLEMEGIŇ WE WEZIPEDEN BOŞATMAGYŇ TERTIBI
14-nji madda
Konsullyk wezipeli adam ýokary bilimli, Türkmenistanyň döwlet dilini we daşary ýurt dilini bilýän, hünär derejesi we konsullyk gullugynda işlemek üçin zerur ýörite bilimleri bolan Türkmenistanyň raýaty bolup biler.
15-nji madda
Baş konsul we konsul Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň teklip etmegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipesinden boşadylýar.
Konsullyk edarasynyň baştutany wezipä bellenilende Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýazmaça ygtyýarlygyny ‒ konsullyk patentini alýar.
16-njy madda
Konsullyk edarasynyň baştutany bolýan döwletinden razylyk (ekzekwatura) alandan soň, öz wezipelerini ýerine ýetirmäge girişýär.
17-nji madda
Eger konsullyk edarasynyň baştutany haýsydyr bir esasly sebäbe görä, öz wezipelerini ýerine ýetirip bilmese ýa-da konsullyk edarasynyň baştutanynyň wezipesi wagtlaýyn boş bolsa, onda onuň wezipesini ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan bolýan döwletindäki Türkmenistanyň şol ýa-da başga konsullyk edarasynyň başga bir konsullyk wezipeli adamynyň ýa-da şol döwletdäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň diplomatik işgärleriniň biriniň üstüne ýüklenilýär.
18-nji madda
Konsullyk wezipeli adamlar Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletine konsullyk wezipeli adamyň adyny, familiýasyny, wezipesini, diplomatik derejesini öňünden habar berýär, şeýle hem onuň barjak senesi barada habardar edýär.
19-njy madda
Konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletine deslapdan habar bermek bilen, konsullyk wezipeli adama halkara guramalarynda Türkmenistana wekilçilik etmek tabşyrylyp bilner.
Türkmenistanyň halkara guramasynyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy ýa-da şol wekilhananyň başga bir wezipeli işgäri ýerleşýän döwletiniň razylygy bilen, Türkmenistanyň konsullyk wezipeli adamy hökmünde hem bellenilip bilner.
20-nji madda
Daşary ýurtlardaky konsullyk wezipeli adamlaryň şulara haky ýokdur:
1) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işlerinden beýleki hak tölenilýän iş bilen meşgullanmaga;
2) özüniň ýa-da ynanylan adamlarynyň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;
3) döwlet emlägini we gulluk maglumatyny gulluk däl maksatlary üçin peýdalanmaga;
4) wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmatlaryndan şahsy maksatlar üçin peýdalanmaga;
5) Türkmenistanyň Prezidentiniň rugsady bolmazdan daşary ýurt döwletleriniň, halkara we daşary ýurt guramalarynyň sylaglaryny, hormatly we ýörite atlaryny kabul etmäge.
Konsullyk gullugy ulgamynda ýakyn garyndaşlykda ýa-da guda garyndaşlygynda durýan adamlaryň (ata-eneler, är-aýallar, doganlar, uýalar, ogullar, gyzlar, şeýle hem är-aýalyň ata-eneleri, doganlary, uýalary we çagalary), eger-de olaryň işi gös-göni (göni) tabynlyk bilen ýa-da biriniň beýlekisine gözegçiligi astynda baglanyşykly bolsa, bilelikde işlemegi gadagan edilýär.
Konsullyk wezipeli adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki talaplar, gadaganlyklar we çäklendirmeler degişli edilýär.
21-nji madda
Konsullyk wezipeli adamlar we olaryň maşgala agzalary 1963-nji ýylda kabul edilen Konsullyk gatnaşyklary hakyndaky Wena Konwensiýasynda, Türkmenistanyň we bolýan döwletiniň gatnaşýan halkara şertnamalarynda hem-de şol döwletiň kanunçylygynda göz öňünde tutulan artykmaçlyklardan we goraglylyklardan peýdalanýarlar.
IV BAP. KONSULLYK WEZIPELERINI ÝERINE
ÝETIRMEGIŇ TERTIBI
22-nji madda
Konsullyk wezipeli adamlar we olaryň maşgala agzalary özleriniň bolýan döwletiniň kanunlaryny berjaý etmäge we däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyrlar.
23-nji madda
Konsullyk wezipeli adam öz konsullyk çäginde konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň häkimiýetlerine konsullyk edarasynyň işi bilen baglanyşykly bolan ähli meseleler boýunça ýüz tutup biler.
24-nji madda
Konsullyk edarasynyň baştutany azyndan ýylda bir gezek öz konsullyk çägine aýlanyp görmäge borçludyr.
25-nji madda
Konsullyk wezipeli adamlaryň hereketlerine bildirilýän şikaýatlara tabynlyk tertibinde seredilýär.
26-njy madda
Konsullyk wezipeli adam diňe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň tabşyrygy boýunça we öz bolýan döwletiniň razylyk bermegi bilen üçünji döwletiň adyndan konsullyk wezipelerini ýerine ýetirýär.
Konsullyk wezipeli adam diňe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň tabşyrygy boýunça we öz bolýan döwletine we üçünji döwlete habar berenden soň, eger şol döwletler muňa garşy bolmasa, şol üçünji döwletde konsullyk wezipelerini ýerine ýetirýär.
27-nji madda
Eger Türkmenistanyň kanunçylygyna we bolýan döwletiniň kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa, konsullyk wezipeli adam şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipelerden başga wezipeleri ýerine ýetirip biler.
V BAP. KONSULLYK WEZIPELI ADAMYŇ TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARY WE ÝURIDIK ŞAHSLARY BABATDA WEZIPELERI
28-nji madda
Konsullyk wezipeli adam Türkmenistanyň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň bolýan döwletiniň kanunçylygynda we Türkmenistanyň hem-de bolýan döwletiniň gatnaşýan halkara şertnamalarynda, şeýle hem halkara däplerinde olara berilýän ähli hukuklardan doly möçberde peýdalanyp bilmekleri üçin çäreleri görmäge borçludyr.
Konsullyk wezipeli adam öz wezipelerini ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler boýunça fiziki we ýuridik şahslaryň ýazmaça arzalaryny kabul etmäge borçludyr.
29-njy madda
Konsullyk wezipeli adam Türkmenistanyň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň bozulan hukuklaryny dikeltmek üçin çäreleri görmäge borçludyr.
30-njy madda
Konsullyk wezipeli adam öz konsullyk çäginde hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hasabyny ýöredýär.
31-nji madda
Konsullyk wezipeli adam öz konsullyk çäginde bolýan Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletine iş sapary bilen iberilen beýleki raýatlarynyň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmeklerine ýardam berýär.
32-nji madda
Konsullyk wezipeli adam öz konsullyk çäginde wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlaryny bolýan döwletiniň kanunlary, şeýle hem ýerli däp-dessurlary hakynda habardar edýär.
33-nji madda
Konsullyk wezipeli adam bolýan döwletiniň jemgyýetçiligini Türkmenistanyň halkynyň däp-dessurlary, ylymda we medeniýetde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen, öz konsullyk çäginde medeni, sport, aň-bilim we habar beriş çärelerini geçirmekde Türkmenistanyň raýatlaryna we ýuridik şahslaryna ýardam berýär.
34-nji madda
Eger Türkmenistanyň raýatlarynyň bolmadyk halatynda, olar öz işlerini alyp barmagy hiç kime tabşyrmadyk bolsalar ýa-da başga sebäplere görä öz bähbitlerini gorap bilmeýän bolsalar, konsullyk wezipeli adamyň ýörite ynanç haty bolmazdan, bolýan döwletiniň edaralarynda Türkmenistanyň raýatlaryna wekilçilik etmäge hukugy bardyr.
Wekilçilik edilýän adamlar öz ygtyýarly wekillerini belleýänçäler ýa-da öz hukuklaryny we bähbitlerini goramagy öz üstlerine alýançalar şeýle wekilçilik dowam edýär.
35-nji madda
Türkmenistanyň raýatlarynyň harby hasaba alynmagy babatda konsullyk wezipeli adam Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket edýär.
36-njy madda
Konsullyk wezipeli adam hereket edýän halkara şertnamalara laýyklykda, eger şeýle şertnamalar ýok bolsa, onda bolýan döwletiniň kanunçylygyna garşy gelmeýän islendik başga tertipde bolýan döwletiniň degişli edaralaryna kazyýet ýa-da kazyýete dahylly bolmadyk resminamalary, şeýle hem kazyýet tabşyryklaryny ýa-da Türkmenistanyň kazyýetlerine görkezmeleri bermek hakynda tabşyryklary gowşurýar.
37-nji madda
Konsullyk wezipeli adamlar Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň dogluşyny, nika baglaşmagyny, nika bozmagyny, perzentlige almagyny, atalygynyň anyklanylmagyny, familiýasyny, adyny we atasynyň adyny üýtgetmegini, ölümini döwlet tarapyndan bellige almagy geçirýärler, gaýtadan şahadatnamalary we güwänamalary bermegi amala aşyrýarlar.
Konsullyk wezipeli adamlar Türkmenistanyň çäklerinde düzülen raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizmek hakynda, şeýle hem raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny ýatyrmak we (ýa-da) dikeltmek hakynda haýyşnamalary kabul edýärler.
38-nji madda
Konsullyk wezipeli adamyň Türkmenistanyň raýatlygynda durýan we Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan çagany perzentlige almak barada çözgütleri kabul etmäge hukugy bardyr.
Eger çagany perzentlige alýan adam Türkmenistanyň raýatlygynda durmaýan bolsa, onda perzentlige almak üçin Türkmenistanyň şoňa ygtyýarlandyrylan edarasynyň rugsadyny almak zerurdyr.
Konsullyk edaralary Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan we perzentlige alnan Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalaryň we kepillikleriň üpjün edilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar.
39-njy madda
Konsullyk wezipeli adam öz konsullyk çägindäki ata-enesiniň howandarlygyndan galan Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlaryna hossarlyk ýa-da howandarlyk etmegi bellemek üçin çäreleri görýär.
Konsullyk wezipeli adam, şeýle hem saglyk ýagdaýy boýunça öz hukuklaryny özbaşdak amala aşyrmagy başaryp we öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýeten raýatlaryna hossarlyk ýa-da howandarlyk etmegi bellemek üçin çäreleri görýär.
40-njy madda
Konsullyk wezipeli adam Türkmenistanyň raýatynyň aradan çykandan soň galan emlägini goramak barada çäreleri görýär.
Eger galan emläk tutuşlygyna ýa-da bölekleýin zaýa bolup biljek zatlardan ybarat bolsa, şonuň ýaly-da ony saklamak çakdanaşa gymmat düşýän bolsa, konsullyk wezipeli adamyň mirasdar bilen ylalaşyp, şol emlägi satmakdan we düşen pul serişdesini degişliligi boýunça ibermäge hukugy bardyr.
41-nji madda
Konsullyk wezipeli adam mirasa degişli emlägi Türkmenistanda ýerleşýän mirasdarlara bermek üçin zerur çäreleri görýär.
42-nji madda
Konsullyk wezipeli adam Türkmenistanyň raýatlaryna degişli bolan pul serişdelerini, gymmatlyklary, gymmatly kagyzlary we resminamalary saklamak üçin kabul edip biler.
Saklamaga berlen emlägiň eýesi aradan çykan halatynda, şeýle emläk babatda şu Kanunyň 40-njy maddasynyň kadalary ulanylýar.
43-nji madda
Konsullyk wezipeli adam tussag astyna alnan (tussag edilen) ýa-da jenaýat işini etmekde güman edilip saklanylan, ýa-da azatlygyny çäklendirýän başga çärelere sezewar edilen ýa-da azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresini çekýän, şonuň ýaly-da kazyýet ýa-da administratiw taýdan täsir etmegiň başga çärelerine sezewar edilen Türkmenistanyň raýaty babatda bolýan döwletiniň kanunlarynyň we Türkmenistan bilen şol döwletiň arasynda baglaşylan şertnamalaryň berjaý edilişine gözegçilik etmäge borçludyr.
Konsullyk wezipeli adam gyzyklanýan taraplaryň haýyşy we (ýa-da) öz başlangyjy boýunça tussag ediş ýerlerinde saklanylýan Türkmenistanyň raýatlaryny baryp görmäge we olaryň saklanylýan şertlerini anyklamaga borçludyr.
Konsullyk wezipeli adam şeýle raýatlaryň gigiýena we sanitariýa talaplaryna laýyk gelýän şertlerde saklanylmagy we ýowuz daralmazlygy hem-de adam mertebesini peseldýän görnüşde saklanylmaga sezewar edilmezligi üçin gözegçilik etmäge borçludyr.
44-nji madda
Konsullyk wezipeli adamyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistana gelmek hem-de Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçmek üçin wizalary bermäge hukugy bardyr.
45-nji madda
Konsullyk wezipeli adam öz konsullyk çäginde:
1) Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan adamlardan Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça arzalary kabul edýär hem-de şeýle arzalary we olara goşulan resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürleýär;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigi baradaky berlen ýazmaça tassyknamanyň esasynda şol adama degişli resminamalary berýär;
3) Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça kabul eden çözgütlerini ýerine ýetirýär.
46-njy madda
Konsullyk wezipeli adamyň öz konsullyk çäginde ýaşaýan adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygyna degişliligini kesgitlemäge hukugy bardyr.
Eger Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň çäklerinden daşarda onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren halatynda, konsullyk wezipeli adam ol barada maglumatlar barlanandan we onuň Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigi tassyklanandan soň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde oňa Türkmenistana dolanyp barmaga hukuk berýän wagtlaýyn resminamany berýär.
47-nji madda
Konsullyk wezipeli adam Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň raýatlygyny bes eden adamlaryň hasabyny ýöredýär.
48-nji madda
Konsullyk wezipeli adam Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak baradaky arzalaryny kabul edýär hem-de şeýle arzalary we olara goşulan resminamalary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna iberýär.
49-njy madda
Konsullyk wezipeli adam Türkmenistanyň deňiz ýa-da howa gämisinde haýsydyr bir adamyň doglandygy ýa-da aradan çykandygy baradaky maglumatlary alandan soňra, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dogluş ýa-da ölüm hakyndaky namany döwlet belligine almagy amala aşyrýar.
50-nji madda
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň tertibi hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
VI BAP. NOTARIAL HEREKETLER, KONSULLYK
TAÝDAN KANUNLAŞDYRMAK, KONSULLYK ÝYGYMLARY
51-nji madda
Konsullyk wezipeli adam şu notarial hereketleri amala aşyrýar:
1) geleşikleri (şertnamalary, wesýetnamalary, ynanç hatlaryny we beýlekileri) tassyklaýar, muňa Türkmenistanda ýerleşýän gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak we girew goýmak baradaky geleşikler girmeýär;
2) mirasy goramaga zerur çäreleri görýär;
3) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýär;
4) är-aýalyň (öňki är-aýalyň) umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýär;
5) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýär;
6) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýär;
7) resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edýär;
8) adamyň diriligi barada hakykaty (fakty) tassyklaýar;
9) adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada hakykaty (fakty) tassyklaýar;
10) adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýar;
11) resminamalaryň görkezilen wagtyny tassyklaýar;
12) pul serişdelerini we gymmatly kagyzlary depozite kabul edýär;
13) ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrýar;
14) resminamalary saklamak üçin kabul edýär;
15) deňiz garşylyknamalaryny amala aşyrýar;
16) subutnamalary üpjün edýär;
17) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki notarial hereketleri.
Konsullyk wezipeli adamlar tassyklan wesýetnamasynyň asyl nusgasynyň birini özünde galdyrmak bilen, onuň asyl nusgasynyň birini haýal etmezden wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna saklamak üçin ibermäge borçludyrlar.
52-nji madda
Notarial hereketler Türkmenistanyň konsullyk edarasynda amala aşyrylýar. Käbir halatlarda notarial hereketler konsullyk edarasyndan başga ýerde hem amala aşyrylyp bilner.
53-nji madda
Notarial hereketleri amala aşyrýan konsullyk wezipeli adam amala aşyrylýan notarial hereketleriň syryny saklamaga borçludyr.
Amala aşyrylan notarial hereketler hakynda kepilnamalar we resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýär.
54-nji madda
Notarial hereketler bu iş üçin zerur bolan ähli resminamalar getirilen, konsullyk ýygymlary tölenilen we hakyky çykdajylaryň öwezi dolunan güni amala aşyrylýar.
Goşmaça maglumatlary we resminamalary talap edip almak ýa-da resminamalary bilermenler seljermesine ibermek zerur bolan mahalynda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga esaslara görä notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy gaýra goýlup bilner.
55-nji madda
Notarial taýdan tassyklanylýan geleşiklere, şeýle hem arzalara we beýleki resminamalara notarial hereketlerini amala aşyrýan konsullyk wezipeli adamyň gatnaşmagynda gol çekilýär. Eger geleşige, arza ýa-da başga bir resminama konsullyk wezipeli adamyň ýok wagtynda gol çekilen bolsa, onda gol çeken adam hut özüniň resminama gol çekendigini tassyklamalydyr.
Notarial hereketleri amala aşyrýan konsullyk wezipeli adam Türkmenistanyň raýatlaryna olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge, amala aşyrylýan notarial hereketleriň getirip biljek netijeleri barada duýdurmaga borçludyr.
56-njy madda
Konsullyk wezipeli adam öz adyna we öz adyndan, öz aýalynyň (äriniň) adyna we onuň adyndan, aýalynyň (äriniň) we özüniň ýakyn garyndaşlarynyň adyna we adyndan notarial hereketlerini amala aşyryp bilmez.
57-nji madda
Konsullyk edarasynda notarial iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar.
Eger notarial hereketiň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan adam iş önümçiliginiň alnyp barylýan dilini bilmeýän bolsa, oňa resmileşdirilýän resminamalaryň ýazgylary notarial hereketleri amala aşyrýan konsul tarapyndan ýa-da konsula belli bolan terjimeçi tarapyndan terjime edilmelidir.
58-nji madda
Eger Türkmenistanda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň peýdasyna mirasyň barlygynyň üsti açylyp, konsullyk wezipeli adama mälim bolsa, onda konsullyk wezipeli adam miras hakynda we bolup biläýjek mirasdarlar barada özüne mälim bolan ähli maglumatlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine haýal etmän habar berýär.
59-njy madda
Eger notarial hereketiň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän bolsa, onda konsullyk wezipeli adam şeýle hereketi amala aşyrmakdan ýüz dönderýär.
Eger resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa, ýa-da öz mazmuny boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine zyýan ýetirip biljek bolsa, ýa-da onuň raýatlarynyň at-abraýyna we mertebesine şek ýetirip biljek maglumatlary özünde saklaýan bolsa, onda konsullyk wezipeli adam notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin resminamalary kabul etmeýär.
Notarial hereketi amala aşyrmakdan ýüz dönderilen adamyň ýazmaça arzasy boýunça, oňa ýüz dönderilmegiň sebäpleri ýazmaça görnüşde beýan edilmelidir we şikaýat etmegiň tertibi düşündirilmelidir.
60-njy madda
Konsullyk wezipeli adam notarial hereketi amala aşyran mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyny we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny gollanýar.
Konsullyk wezipeli adam bolýan döwletiniň talaplaryna laýyklykda düzülen resminamalary kabul edýär we eger bu Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän bolsa, şol ýurduň kanunçylygynda göz öňünde tutulan görnüşde tassyklaýjy ýazgylary amala aşyrýar.
61-nji madda
Konsullyk wezipeli adam konsullyk çäginiň häkimiýetleriniň gatnaşmagynda düzülen ýa-da şol häkimiýetlerden gelip gowuşýan resminamalary we namalary kanunlaşdyrýar.
Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistan bilen bolýan döwletiniň gatnaşýan halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary, kärhanalary we guramalary şeýle resminamalary we namalary diňe konsullyk kanunlaşdyrmasy bar ýagdaýynda seretmäge alýarlar.
Konsullyk taýdan kanunlaşdyrmak şol resminamalarda we namalarda çekilen gollaryň hakykylygyny hem-de olaryň bolýan döwletiniň kanunlaryna laýyklygyny anyklamakdan we şaýatlyk etmekden ybaratdyr.
Konsullyk taýdan kanunlaşdyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bellenilýär.
62-nji madda
Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän, öz mazmuny boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine zeper ýetirip biljek ýa-da raýatlarynyň at-abraýyna we mertebesine şek ýetirip biljek maglumatlary özünde saklaýan resminamalar we namalar kanunlaşdyrylmaga degişli däldir.
63-nji madda
Konsullyk hereketleriniň konsullyk wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylandygy üçin konsullyk ýygymlary, şeýle hem görkezilen hereketleri amala aşyrmak bilen bagly hakyky çykdajylaryň öwezini dolmagyň hasabyna töleg alynýar.
64-nji madda
Konsullyk ýygymlarynyň möçberleri we olary almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
VII BAP. KONSULLYK WEZIPELI ADAMYŇ TÜRKMENISTANYŇ HARBY GÄMILERI WE HARBY-KÖMEKÇI GÄMILERI BABATDA WEZIPELERI
65-nji madda
Konsullyk wezipeli adam öz konsullyk çäginde bolýan döwletiniň portlarynda, içerki we çäk suwlarynda bolýan Türkmenistanyň harby gämilerine we harby-kömekçi gämilerine (mundan beýläk – harby gämiler) kenar bilen aragatnaşyk, ýerli häkimiýetler bilen özara gatnaşyklar, maddy-tehniki taýdan üpjünçilik we beýleki meselelerde olara ähli çäreler arkaly ýardam bermäge borçludyr.
Konsullyk wezipeli adam harby attaşeleriniň bolmadyk ýagdaýynda, öz konsullyk çägindäki bolýan döwletiniň portlaryna harby gämileriň girmegi bilen baglanyşykly bolan meseleleriň ählisini çözmäge gatnaşýar.
66-njy madda
Konsullyk wezipeli adam konsullyk çäginde ýerleşýän porta harby gäminiň geljekdigi baradaky maglumatlary alan mahalynda, şol porta girmek üçin losman zerur bolan ýagdaýynda, losmanyň öz wagtynda harby gämä gelmegi üçin çäreleri görýär.
67-nji madda
Konsullyk wezipeli adam konsullyk çäginde ýerleşýän porta harby gämi gelende ýerli häkimiýetler bilen aragatnaşyklarda zerur bolan maglumatlary, hususan-da, şol ýeriň sanitariýa ýagdaýy hakynda, portuň düzgünleri, ýerine ýetirilmegi hökmany bolan ýa-da harby gäminiň serkerdesine we şahsy düzümiň agzalaryna gollanylmagy zerur bolan ýerli kanunlar we däp-dessurlar barada haýal etmän harby gäminiň serkerdesine habar berýär.
68-nji madda
Konsullyk wezipeli adamyň hut özi gelen harby gämä ýa-da harby gämiler toparyna ilkinji mümkinçilik bolan pursadynda baryp görmäge borçludyr.
Zerur bolan halatlarda konsullyk wezipeli adam harby gäminiň (harby gämiler toparynyň) serkerdesi bolýan döwletiniň wezipeli adamlarynyň ýanyna sapar bilen baranynda onuň ýanynda bolýar.
69-njy madda
Harby gäminiň şahsy düzüminiň agyr näsaglan agzasy keselini bejertmek üçin bolýan döwletinde goýlup gidilen halatlarynda konsullyk wezipeli adam onuň saglygynyň bejerilişine gözegçilik etmelidir we onuň Türkmenistana ugradylmagyny üpjün etmäge borçludyr.
Harby gäminiň şahsy düzüminiň agzasy aradan çykan halatynda, konsullyk wezipeli adam ony hatyralamak bilen jaýlamak ýa-da merhumyň jesedini Türkmenistana ugratmak üçin çäreleri görýär. Aradan çykanyň resminamalary we şahsy emlägi Türkmenistana iberilýär.
70-nji madda
Harby gämileriň heläkçiligi, çaknyşmagy we başga deňiz hadysalary bolan halatynda, konsullyk wezipeli adam harby gämilere zerur bolan kömegi bermek we hadysanyň bolup geçendigini degişli ýagdaýda hukuk taýdan resmileşdirmek üçin özüne bagly bolan çäreleriň ählisini görýär.
71-nji madda
Konsullyk wezipeli adam harby gäminiň (harby gämiler toparynyň) serkerdesine özüniň ýokarda durýan serkerdeligi bilen aragatnaşygy ýola goýmaga kömek edýär, şeýle hem harby gäminiň gulluk hat-habarlaryny ibermäge ýardam berýär.
72-nji madda
Konsullyk wezipeli adam harby gäminiň (harby gämiler toparynyň) serkerdesine ätiýaçlyk gorlary bilen harby gäminiň ätiýaçlygynyň üstüni oňat hilli we tiz doldurmaga kömek edip biljek ýerli kärhanalary (guramalary) hödürleýär, şeýle hem harby gäminiň (harby gämiler toparynyň) serkerdesi tarapyndan berilýän ähli hasaplaryna we resminamalaryna gol çekýär.
73-nji madda
Şu Kanunyň VII babynyň düzgünleri degişlilikde Türkmenistanyň Döwlet awiasiýasynyň howa gämilerine we awiasiýa serişdelerine hem degişlidir.
VIII BAP. KONSULLYK WEZIPELI ADAMYŇ
TÜRKMENISTANYŇ GÄMILERI BABATDA WEZIPELERI
74-nji madda
Konsullyk wezipeli adam bolýan döwletiniň konsullyk çägindäki portlarynda, içerki we çäk suwlarynda gämilere bolýan döwletiniň kanunçylygyna we Türkmenistan bilen bolýan döwletiniň gatnaşýan halkara şertnamalaryna laýyklykda, hukuklaryň we goraglylyklaryň doly möçberde berilmegine gözegçilik edýär.
75-nji madda
Konsullyk wezipeli adam bolýan döwletiniň konsullyk çägindäki portlarynda, içerki we çäk suwlarynda gämileriň kapitanlaryna ýardam edýär we zerur kömegi berýär.
76-njy madda
Konsullyk wezipeli adam bolýan döwletiniň portuna gäminiň gelendigi barada gäminiň kapitanynyň oňa mälim etmegine we ýüzüşiň geçişiniň ýagdaýlary barada maglumatlary habar berip durmagyna gözegçilik etmelidir.
Konsullyk wezipeli adam kapitanyň konsullyk edarasyna gelmegini we gäminiň ýüzüş ýagdaýlary baradaky hasabatyň berilmegini talap etmäge haklydyr.
77-nji madda
Konsullyk wezipeli adam gäminiň ýüzüşi döwründe we onuň portda bolan wagtynda gäminiň ekipažynyň düzüminde bolup geçen üýtgetmeler barada gämi žurnalynda (gämi ekipažynyň şahslarynyň sanawynda) bellik etmelidir.
78-nji madda
Konsullyk wezipeli adamyň şulara hukugy bardyr:
1) islendik wagt gämä baryp görmäge;
2) gäminiň porta girmegine, portda bolmagyna we ondan ýüzüp gitmegine ýardam bermäge;
3) gämide bolup geçen hadysalaryň ýagdaýlaryny anyklamaga, kapitandan we gäminiň ekipažynyň agzalaryndan soraşdyrmaga;
4) gäminiň kapitanynyň we ekipažynyň agzalarynyň arasynda döräp biljek zähmet jedellerini çözmäge ýardam bermäge.
79-njy madda
Konsullyk wezipeli adam daşary ýurtdan gämi satyn alnan halatynda, oňa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzmäge hukugy hakynda wagtlaýyn şahadatnama berýär.
Türkmenistanyň gämileri babatda konsullyk wezipeli adamyň Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz önünde tutulan islendik beýannamany ýa-da başga resminamany almaga, düzmäge ýa-da onuň dogrulygyny tassyklamaga hukugy bardyr.
80-nji madda
Konsullyk wezipeli adamyň Türkmenistanyň portlaryna tarap ugraýan Türkmenistanyň gämilerinde Türkmenistanyň raýatlaryny, hat-habarlary we ýükleri ugratmaga hukugy bardyr.
81-nji madda
Zerur bolan halatynda konsullyk wezipeli adam gäminiň kapitanyna gäminiň gelen we ugran wagty, kapitanyň konsullyk edarasyna gelen güni, barmaly porty, ýolagçy sany, şeýle hem ugradylýan ýüküň sany, kysymy we barmaly ýeri görkezilen şahadatnama ýazyp berýär.
82-nji madda
Eger konsullyk wezipeli adamda bar bolan maglumatlara görä, gäminiň haýsydyr bir porta barmagy howatyrly bolsa, islenilmeýän bolsa ýa-da mümkin bolmasa, onda konsullyk wezipeli adam ugrajak bolup duran gäminiň kapitanyna bu hakda duýdurmaga borçludyr.
83-nji madda
Aýratyn zerur halatda konsullyk wezipeli adam deňze tarap ýüzüşe ugrajak bolup duran gämini saklamaga ýa-da hatda ol ýük ýükleýiş-düşüriş işlerini gutarmadyk hem bolsa, kapitanyň bellän möhletinden öň ugramagyny talap etmäge haklydyr. Şunda gämi žurnalynda gäminiň saklanmagynyň sebäplerini ýa-da gäminiň haýal etmän gitmegi baradaky talaby görkezýän degişli bellik edilýär.
84-nji madda
Konsullyk wezipeli adam gämi heläk bolan ýa-da ol başga bir hadysa uçran halatynda, ýolagçylary, ekipažy, gämini we ýüki halas etmek üçin özüne bagly bolan ähli çäreleri görmelidir.
85-nji madda
Konsullyk wezipeli adam kapitandan gäminiň ýa-da ýüküň heläkçilik çekendigi ýa-da olara zeper ýetirilendigi hakynda, ýa-da gämä, ýa-da ýüke çak edilýän zeper ýetirilendigi hakynda arzany kabul edýär, şeýle hem gäminiň kapitanynyň haýyşy boýunça deňiz garşylyknamasy hakynda namany düzýär.
Deňiz garşylyknamasy hakynda nama kapitanyň arzasy, gämi žurnalynyň maglumatlary, şeýle hem kapitanyň özünden, zerur bolan halatynda bolsa, gäminiň ekipažynyň beýleki agzalaryndan soraşmak esasynda düzülýär. Konsullyk wezipeli adam deňiz garşylyknamasy hakynda namany öz goly we tugraly möhüri bilen tassyklaýar.
Namanyň bir nusgasy gäminiň kapitanyna ýa-da onuň ygtyýarly eden şahsyna berilýär.
86-njy madda
Konsullyk wezipeli adam gämi heläkçiligine ýa-da başga bir hadysa uçran gäminiň ýolagçylaryna we ekipažyň agzalaryna, şol sanda zerur halatlarda olaryň Türkmenistana dolanyp barmagyna ýardam bermäge borçludyr.
87-nji madda
Konsullyk wezipeli adam ýüzüş döwründe ýa-da daşary ýurt portunda duran mahalynda gäminiň ýolagçylaryndan ýa-da onuň ekipažynyň agzalaryndan kimdir biri näsaglan halatynda, ekipažyň näsaglan agzasynyň bolýan döwletindäki kesel bejeriş edarasyna ýerleşdirilmegine ýardam bermäge borçludyr.
IX BAP. KONSULLYK WEZIPELI ADAMYŇ TÜRKMENISTANYŇ RAÝAT HOWA GÄMILERI, DEŇIZ WE DERÝA FLOTUNYŇ GÄMILERI, ŞEÝLE HEM AWTOMOBIL WE DEMIRÝOL ULAG SERIŞDELERI
BABATDA WEZIPELERI
88-nji madda
Konsullyk wezipeli adam Türkmenistanyň raýat howa gämisiniň (mundan beýläk ‒ howa gämisi) serkerdesine, ekipažyna we ýolagçylaryna bolýan döwletiniň häkimiýetleri bilen gatnaşyklarynda ýardam bermelidir, şeýle hem zerur halatda ol howa gämisiniň, onuň ekipažynyň we ýolagçylarynyň Türkmenistana gaýdyp gelmegi ýa-da uçuşyň dowam etdirilmegi üçin ähli çäreleri görmelidir.
89-njy madda
Konsullyk wezipeli adamyň şulara hukugy bardyr:
1) howa gämisiniň howa menziline uçup gelmegine, howa gämisiniň howa menzilinde bolmagyna we ondan uçup gitmegine ýardam etmäge;
2) howa gämisinde bolup geçen hadysanyň ýagdaýlaryny anyklamaga, gäminiň serkerdesinden we ekipažyň agzalaryndan soraşdyrmaga;
3) zerur bolan halatynda howa gämisiniň ekipažynyň agzalarynyň we ýolagçylarynyň saglygyny bejertmegi we olary Türkmenistana ugratmagy üpjün etmek boýunça çäreleri görmäge;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda howa gämileri babatda göz öňünde tutulan islendik beýannamany ýa-da başga resminamany almaga, düzmäge, tassyklamaga.
90-njy madda
Konsullyk wezipeli adam konsullyk çäginde howa gämisiniň heläkçilige uçran, mejbury ýagdaýda gonan ýa-da başga bir hadysa bolan halatynda ekipaža we ýolagçylara zerur bolan kömegi berýär.
Konsullyk wezipeli adam, şeýle hem heläkçilige uçran ýa-da mejbury ýagdaýda gonan howa gämisiniň, ýükleriň we hadysanyň häsiýetine şaýatlyk edýän maddy subutnamalaryň goralmagy üçin özüne bagly bolan ähli çäreleri görýär we Türkmenistanyň hünärmenlerine bolup geçen uçuş hadysasyny derňemäge ýardam edýär.
91-nji madda
Konsullyk wezipeli adam howa gämisiniň bortunda jenaýat edilen halatynda, howa gämisiniň serkerdesine Türkmenistanyň kanunçylygyndan we halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmäge ýardam berýär.
92-nji madda
Konsullyk wezipeli adamyň Türkmenistanyň howa menzillerine uçýan Türkmenistanyň howa gämilerinde Türkmenistanyň raýatlaryny, hat-habarlary we ýükleri ugratmaga hukugy bardyr.
93-nji madda
Konsullyk wezipeli adam Türkmenistanyň deňiz we derýa flotunyň gämileri, şeýle hem awtomobil, demirýol ulag serişdeleri babatda konsullyk wezipelerini ýerine ýetirende şu Kanunyň VIII babyndaky düzgünleri gollanýar.
X BAP. KONSULLYK WEZIPELI ADAMYŇ SANITARIÝA, FITOSANITARIÝA WE WETERINARIÝA GORAGY BABATDA WEZIPELERI
94-nji madda
Konsullyk wezipeli adam öň karantin kesellerinden azat bolan çäklerde şol keseller ýüze çykan mahalynda, keseliň ýaýran ýeriniň adyny, bolan hadysalaryň sanyny we keseliň köpçülikleýin ýaýramasynyň garşysyna ýerli häkimiýetleriň gören çärelerini görkezmek bilen, bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine haýal etmän habar berýär.
Konsullyk wezipeli adam Türkmenistana gelmek üçin rugsat alan adamlara Türkmenistana baranda sanjym edilendigi hakyndaky halkara güwänamalaryny görkezmegiň zerurdygy barada habar berýär.
95-nji madda
Konsullyk wezipeli adam konsullyk çäginde howply keseller ýa-da oba hojalyk ösümliklerine zyýan ýetirijiler peýda bolanda, şeýle hem mallar we guşlar köpçülikleýin kesellän halatynda ýa-da adamlar we mallar üçin umumy keselleriň ýaýramak howpy ýüze çykanda bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine haýal etmän habar berýär.
96-njy madda
Konsullyk wezipeli adam Türkmenistana gelmäge rugsat alan adamlary Türkmenistana baranlarynda mallara, çig mala we maldan alynýan önümlere weterinariýa güwänamalaryny görkezmegiň zerurdygy barada we Türkmenistana tohumlary, ösümlikleri, nahallary we şitilleri, ter gök önümleri hem-de miweleri getirmegiň düzgünleri hakynda habardar edýär.
XI BAP. TÜRKMENISTANYŇ HORMATLY KONSULLARY
97-nji madda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bolunýan döwletler bilen ylalaşylmagy boýunça, aýry-aýry konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmegi Türkmenistanyň hormatly konsullaryna tabşyryp biler.
Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň hormatly konsullary bolup bilerler.
98-nji madda
Türkmenistanyň hormatly konsullarynyň wezipeleri we olary wezipä bellemegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň hormatly konsullary Türkmenistanyň döwlet gullugynda durmaýarlar.
XII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
99-njy madda
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
100-nji madda
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 2, 6-njy madda);
2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda) I böleginiň 8-nji bendini.
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 24-nji oktýabry.
№ 304-VI.