TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 37-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 01.03.2014 ý. 43-V, 16.08.2014 ý. 114-V, 03.06.2017 ý. № 578-V we 03.06.2023 ý. № 28-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun aýratyn tebigaty goraýyş, ylmy, medeni, estetiki, dynç alyş-sagaldyş we sagaldyş gymmaty bolan aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmagy guramak, goramak we peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

aýratyn goralýan tebigy ýerler – tebigy serişdeleriň ekologik deňagramlylygyny, baýlygyny we köpdürlüligini hem-de daşky tebigy gurşawyň peýdaly häsiýetlerini aýap saklamak we dikeltmek maksady bilen döwletiň aýratyn goragyna alnan, aýratyn tebigaty goraýyş, ylmy, medeni-öwreniş, dynç alyş-sagaldyş, estetiki gymmaty bolan tebigy gurşawyň ýer bölekleri (ýerler, tokaýlar, suwlar, ýerasty baýlyklar, howa giňişligi), tebigy toplumlar we aýry-aýry obýektler;

aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamy – tebigy toplumlarynyň we geografik zolaklaryň obýektleriniň wekilçiligini üpjün edýän, dürli derejelerdäki aýratyn goralýan tebigy ýerleriň öz arasynda ekologik taýdan baglanyşykly jemi;

biologik köpdürlülik – belli bir ýer üçin häsiýetli ösümlikleriň, haýwanlaryň we beýleki organizmleriň jemi;

gorag zolagy – aýratyn goralýan tebigy ýerleriň we olarda bar bolan tebigy toplumlaryň hem-de obýektleriň ekologik ulgamlarynyň ýagdaýyna we dikeldilmegine ýaramaz täsir edýän, islendik işi bu zolaklaryň ýerlerinde gadagan etmek ýa-da çäklendirmek bilen aýratyn goralýan tebigy ýerleri bu ýaramaz täsirlerden goramak maksady bilen olaryň käbir görnüşleriniň töwereginde döredilýän zolak;

tebigaty goraýyş döwlet edaralary - ýuridik şahsyň statusy bolan aýratyň goralýan tebigy ýerleriň görnüşleri;

aýratyn goralýan tebigy ýerleriň tebigy toplumlary – aýratyn goraga degişli janly we jansyz tebigatyň obýektleriniň jemi;

Tebigatyň ýylýazgysy – ýeke-täk usulyýet boýunça geçirilýän, ekologik ulgamlaryň we tebigy obýektleriň ýagdaýy üçin döwlet tebigy goraghanalarynyň, döwlet biosfera goraghanalarynyň we milli tebigy seýilgähleriň ylmy düzüm birlikleri tarapyndan amala aşyrylýan ulgamlaýyn syn etmeleriň maglumatlarynyň jemi;

introduksiýa – ösümlikleriň we haýwanlaryň täze görnüşleriniň olaryň ýaşaýan gurşawynyň ýerlerinden daşyna bilkastlaýyn ýa-da tötänleýin geçirilmegi;

aýratyn goralýan tebigy ýerleriň döwlet kadastry – hukuk statusy; geografik ýagdaýy; ekologik, ylmy, ykdysady, aň-bilim, medeni we aýratyn goralýan tebigy ýerleriň beýleki gymmatlyklarynyň san we hil häsiýetnamalary hakynda maglumatlaryň jemi;

aýratyn goralýan tebigy ýerleri durnukly peýdalanmak – uzak möhletleýin hem-de belli bir depginler bilen ulanylan ýagdaýynda-da ýerleriň gurpdan düşmegine getirmäge ukypsyz bolan biologik baýlyklary aýratyn goralýan tebigy ýerlerde peýdalanmak;

ekologik ulgam – sebitiň tebigy, taryhy-medeni we sosial-ykdysady aýratynlyklaryny hasaba almak bilen öz aralarynda we ekologik geçelgeleriň aýratyn goralýan tebigy ýerleriniň hem-de guralan beýleki görnüşleri bilen baglanyşykly dürli derejelerdäki we görnüşlerdäki aýratyn goralýan tebigy ýerleriň toplumy;

ekologik geçelge – janly tebigatyň obýektleriniň tebigy migrasiýasyny (ýaýramagyny) üpjün etmek we olary aýap saklamak üçin aýratyn goralýan tebigy ýerleriň öz aralarynda we beýleki görnüşleri bilen aýratyn goralýan tebigy ýerleri birleşdirýän meýdanlaryň we suw obýektleriniň goralýan uçastoklary tarapyndan berlen ekologik ulgamyň bir bölegi;

aýratyn goralýan tebigy ýerleri goramak – Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalaryny ýüze çykarmak we oňüni almak üçin aýratyn goralýan tebigy ýerlerde geçirilýän çäreleriň toplumy;

genetiki fond– ähli janly organizmleriň  görnüşleri bilen olaryň nesil alamatlarynyň jemi;

genetik serişdeler – adamzadyň häzirki we geljekki nesilleri üçin gymmaty bolan ösümlik we haýwan gelip çykyşly  islendik genetik material. 

 

2-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Şu Kanun bilen düzgünleşdirilmedik böleginde ýerasty baýlyklary, ýerleri, suwlary, atmosfera howasyny, tokaýlary, ösümlik we haýwanat dünýäsini hem-de aýratyn goralýan tebigy ýerleriň beýleki tebigy serişdelerini peýdalanmak we goramak boýunça gatnaşyklar Türkmenistanyň ýörite kanunlary bilen düzgünleşdirilýär.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenilen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri

 

Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri aşakdakylardyr:

1) biologik köpdürlüligi, ekologik ulgamlary, seýrek duş gelýän we adaty bolan landşaftlaryň abat saklanylmagyny we dikeldilmegini üpjün edýän aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamlaryny ösdürmek;

2) aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we gözegçilik etmek;

3) ylmy, medeniýeti, bilimi, ekologik syýahatçylygy ösdürmek we tebigy serişdeleriň hasylyny ýygnamak maksady bilen aýratyn goralýan tebigy ýerleri durnukly peýdalanmak;

4) aýratyn goralýan tebigy ýerleri peýdalanmagyň tölegliligi;

5) aýratyn goralýan tebigy ýerlere ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak;

6) aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik;

7) aýratyn goralýan tebigy ýerleri goramagyň we peýdalanmagyň wezipelerini çözmäge raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy;

8) aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda maglumatlara elýeterlilik;

9) aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda halkara hyzmatdaşlygy.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

4-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerler

 

1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler tebigaty goraýyş, sagaldyş, dynç alyş-sagaldyş we taryhy-medeni maksatly ýerlere degişlidir we Türkmenistanyň ýer kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýär.

2. Aýratyn goralýan tebigy ýerler  döwletiň aýratyn eýeçiligi bolup durýarlar.

3. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde olaryň maksatlaýyn niýetlenilişine garşy gelýän işleri geçirmek gadagan edilýär.

 

5-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň derejeleri we görnüşleri

 

1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler tebigy toplumlaryň we oýbektleriň ähmiýetine hem-de gymmatyna baglylykda şu aşakdaky derejelere bölünýär:

1) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, ÝUNESKO-nyň biosfera goraghanalarynyň Bütindünýä ulgamynyň sanawyna, tebigaty goramagyň Halkara birleşiginiň Halkara sanawlaryna goşulan we goşmak üçin nazarda tutulýan, ekologik, ylmy, medeni, estetik, dynç alyş-sagaldyş nukdaý nazaryndan ajaýyp uniwersal gymmaty bolan halkara ähmiýetli aýratyn goralýan tebigy ýerler;

2) Türkmenistanyň çaklerinde aýratyn ekologik, ylmy, medeni, estetik, dynç alyş-sagaldyş ähmiýeti bolan döwlet ähmiýetli aýratyn goralýan tebigy ýerler;

3) welaýatyň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň, etrabyň, etrap hukukly şäheriň, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň anyk aýratyn ýerlerinde ekologik, ylmy, medeni, estetik, dynç alyş-sagaldyş ähmiýetli, ýerli ähmiýetli aýratyn goralýan tebigy ýerler.

2. Gorag düzgünini döretmegiň we görnüşiniň maksatlaryna baglylykda aýratyn goralýan tebigy ýerler  şu aşakdaky görnüşlere bölünýär:

1) döwlet tebigy goraghanalary;

2) döwlet biosfera goraghanalary;

3) milli tebigy seýilgähler;

4) döwlet tebigy çäkli goraghanalar;

5) döwlet tebigy ýadygärlikler;

6) sagaldyş maksatly tebigy ýerler;

7) döwlet botanika baglary;

8) döwlet zoologiýa seýilgähleri.

Türkmenistanyň kanunçylygynda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň beýleki görnüşleri, ýagny halkara ähmiýeti bolan suw-batgalyk ýerler; esasy ornitologik ýerler; gaýtalanmaýan tebigy suw obýektleri ýa-da olaryň bölekleri we beýleki görnüşleri hem göz öňünde tutulyp bilner.

3. Aýratyn goralýan tebigy ýerleri halkara, döwlet we ýerli ähmiýetli derejelere degişli etmek şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky  Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

6-njy madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek, işini üýtgedip guramak we bes etmek

 

1. Ähmiýetliliginiň derejesi boýunça halkara we döwlete degişli aýratyn goralýan tebigy ýerler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň hödürnamasy boýunça döredilýär.

2. Ähmiýetliliginiň derejesi boýunça halkara we döwlete degişli aýratyn goralýan tebigy ýerleri üýtgedip guramak we olaryň işini bes etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň esasynda aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ýa-da aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşyk bolan mahalynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki gyzyklanýan edarasynyň teklipnamasy boýunça amala aşyrylýar.

3. Ýerli ähmiýetli aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek, üýtgedip guramak we işini bes etmek hakynda kararlar aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan kabul edilýär.

4. Döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin aýratyn goralýan tebigy ýerlerden ýerleri almaga aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylan ýerine ýetiriji häkimiýetiň gyzyklanýan edaralarynyň teklipnamasy boýunça kabul edilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary boýunça aýratyn halatlarda ýol berilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

7-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň hukuk statusy

 

1. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň her görnüşi boýunça birkysmy düzgünnama aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanýar.

Degişli birkysmy düzgünnama esasynda her bir anyk aýratyn goralýan tebigy ýer boýunça düzgünnama işlenilip taýýarlanylýar we şol aýratyn goralýan tebigy ýeriň ygtyýarynda durýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

2. Aýratyn goralýan tebigy ýerler olaryň iş möhletlerini görkezmezden (möhletsiz) ýa-da kesgitli möhlet bilen (möhletli) döredilýär.

3. Tebigaty goraýyş döwlet edaralaryna aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ýer bölekleri Türkmenistanyň ýer kanunçylygyna laýyklykda muzdsuz eýelik etmäge we peýdalanylmaga berilýär.

4. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ýerleşen jaýlar we desgalar, taryhy-medeni we beýleki gozgalmaýan emlägiň obýektleri derhal dolandyrmak ýa-da hojalygy alyp barmak hukugynda tebigaty goraýyş döwlet edaralaryna berilýär.

(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

8-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň gorag zolaklary

 

1. Amatsyz daşky täsirden aýratyn goragy we goralyp saklanylmagyny üpjün etmek üçin aýratyn goralýan tebigy ýerleriň töwereginde gorag zolaklary döredilýär.

2. Gorag zolaklary:

1) döwlet tebigy goraghanalaryň we döwlet biosfera goraghanalaryň töwereginde hökmany tertipde döredilýär;

2) milli tebigy seýilgähleriň we beýleki aýratyn goralýan tebigy ýerleriň töwereginde döredilip bilner.

3. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň derejelerinden ugur alyp olaryň gorag zolaklarynyň ýerlerinde tebigatdan peýdalanmagy döretmek, ölçegleri , serhetleri we düzgüni hakynda karar kabul edilýär:

1) halkara we döwlet ähmiýetli – aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan;

2) ýerli ähmiýetli – aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan.

4. Gorag zolagyny bellemek hakynda karar – aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek bilen bir wagtda kabul edilýär.

5. Gorag zolagynyň ýerini yglan etmek hakynda karar degişli ýer bölekleriniň (suw obýektleriniň) eýelerinden we peýdalanyjylaryndan olaryň alynmagyna eltmeýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

9-njy madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerleri guramak üçin ýer böleklerini ätiýaçlykda saklamak

 

1. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň derejesinden ugur alyp olary guramak üçin ýer bölekleriniň tebigy, medeni, taryhy nukdaý nazaryndan aýratyn gymmatlyklaryny ätiýaçlykda saklamak aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşyp, aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan geçirilýär.

2. Ýerler ätiýaçlykda saklananda we aýratyn goralýan tebigy ýerler, olaryň gorag zolaklary döredilende olaryň işini çäklendirmek ýa-da bes etmek bilen dörän ýuridik we fiziki şahslaryň (ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň, kärendeçileriň we ýer bölekleriniň eýeleriniň) ýitgileriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öwezi dolunmaga degişlidir.

3. Ýer böleklerine eýelik etmäge we peýdalanmaga ýa-da olary ýuridik we fiziki şahslara kärendesine bermäge diňe döwlet ekologiýa seljerme toparynyň oňyn netijenamasy bolan mahalynda ýol berilýär.

4. Aýratyn goralýan tebigy ýerleri guramak üçin ýer böleklerini ätiýaçlandyrmagyň tertibi ýer serişdeleri babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

10-njy madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmagyň meýilnamasy

 

1. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde amala aşyrylýan iş aýratyn goralýan tebigy ýerlei dolandyrmagyň ygtyýarynda onuň durýan döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan ýyllyk we bäş ýyllyk meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar.

2. Aýratyn goralýan tebigy ýeri dolandyrmagyň meýilnamalary aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan usulyýet görkezmelerine laýyklykda aýratyn goralýan tebigy ýeriň administrasiýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar.

3. Aýratyn goralýan tebigy ýeri dolandyrmagyň meýilnamasy şu aşakdakylary öz içine alýar:

1) geçen döwür üçin aýratyn goralýan tebigy ýeriň işine baha bermegi;

2) geçen döwür üçin tebigy we sosial ykdysady şertleriň üýtgemeleriniň seljermesini;

3) indiki döwür üçin aýratyn goralýan tebigy ýerde ylmy, tebigaty goraýyş, ekologiýa aň-bilim, syýahatçylyk, dynç alyş-sagaldyş we çäklendirilen hojalyk işiniň her bir ugry boýunça çäreleri;

4) dolandyryş gurluşyny, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, işgärler bilen üpjün etmek we olaryň hünärini ýokarlandyrmak, ýerli ilat bilen we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryşedaralary bilen arkalaşykly hereket etmek arkaly dolandyryş meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

11-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň döwlet kadastry

 

1. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň döwlet kadastry şu aşakdaky maksatlar bilen ýöredilýär:

aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamynyň ýagdaýyna baha bermek;

olary ösdürmegiň geljegini kesgitlemek;

olaryň goragyny guramak;

ylmy barlaglary rejeli geçirmek we meýilleşdirmek;

sosial-ykdysady ösüşiň wezipeleri çözülende olary hasaba almak üçin kadastrdaky bar bolan ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary we öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, gyzyklanýan kärhanalary, edaralary we guramalary maglumatlar bilen üpjün etmek.

2. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň döwlet kadastry Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ýöredilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

12-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerleri maliýeleşdirmek

 

1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler olaryň derejesinden we görnüşinden ugur alnyp maliýeleşdirilýär:

1)  sagaldyş maksatly tebigy ýerlerden başga, halkara we  döwlet maksatly aýratyn goralýan tebigy ýerler – Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna;

2) ýerli maksatly aýratyn goralýan tebigy ýerler – ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna;

3) sagaldyş maksatly tebigy ýerler - ygtyýarynda şeýle aýratyn goralýan tebigy ýerler bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we kärdeşler arkalaşygy edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna.

2.Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň işini maliýeleşdirmek üçin degişli býujetleriň serişdeleri döredilende aşakdakylardan alynýan goşmaça serişdeler nazara alynýar:

1) tebigaty goraýyş, mahabat-neşirýat we aň-bilim işinden gelýän girdejiler;

2) tebigy toplumlara we obýektlere ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň hasabyna gelip gowuşmalar;

3) administratiw ýa-da kazyýet tertibinde tutulyp alynýan jerimeler;

4) aw awlamagyň we balyk tutmagyň muzdsuz alnan gurallaryny ýerlemekden, bikanun alnan önümi satmakdan alnan gelip gowuşmalar;

5) ýuridik we fiziki şahslaryň grantlary, meýletin gatançlary;

6) fiziki şahslaryň olaryň çäginiň elýeterliligine we tebigy serişdelerden peýdalanylyşyna rugsatlary bermekden alnan serişdeler;

7) syýahatçylyk, dynç alyş-sagaldyş we beýleki işden gelýän girdejiler;

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky we 16-njy awgustyndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

13-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerlere fiziki şahslaryň barmagy

 

1. Fiziki şahslar şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde aýratyn goralýan tebigy ýerlere baryp bilerler.

Seýrek we ýok bolup gitmek howpy astynda durýan ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerini, olaryň ösýän we ýaşaýan gurşawlaryny goramak maksady bilen aýratyn goralýan tebigy ýerleriň aýry-aýry böleklerine fiziki şahslaryň barmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

2. Aýratyn goralýan tebigy ýerlere fiziki şahslaryň barmaklygy olaryň ygtyýarynda durýan edaralar tarapyndan tassyklanylýan bu ýerlere barmagyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Daşary ýurt raýatlarynyň döwlet tebigy goraghanalaryna, döwlet biosfera goraghanalarynyň goraghana düzgüniniň (ýadronyň) zolagyna we milli tebigy seýilgähleriň berk gorag zolagyna barmaklygy ýerine ýetiriji häkimiýetiň gyzyklanma bildirýän edarasynyň haýyşnamasy boýunça, aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilýän rugsatnamasy esasynda amala aşyrylýar.

(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

II bap. Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet DÜZGÜNLEŞDIRIŞI we gözegçiligi

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

14-nji madda. Döwlet düzgünleşdiriş edaralary

 

Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet düzgünleşdirişini şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ygtyýarly döwlet edarasy, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýetiň edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary amala aşyrýarlar.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

15-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ygtyýarlygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

- aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny işläp taýýarlaýar;

- aýratyn goralýan tebigy ýerlere eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek hukugyna eýelik edýär;

- aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň teklipnamasy boýunça aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryny tassyklaýar;

- düzgünleşdirilýän syýahatçylyk we dynç alyş-sagaldyş işini amala aşyrmak üçin döwlet tebigy goraghanalarynyň, döwlet biosfera goraghanalarynyň we milli tebigy seýilgähleriň çäginde ýer böleklerini bölüp bermegiň kadalaryny tassyklaýar;

- halkara we döwlet ähmiýetli aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek, işini üýtgedip guramak we bes etmek boýunça karar kabul edýär;

- aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrýar;

- şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda onuň ygtyýaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

16-njy madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlygy

 

1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy:

- aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

- aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet edaralarynyň we guramalarynyň işini utgaşdyrýar;

- aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar;

- aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek we giňeltmek boýunça ylmy we tehniki ykdysady esaslandyrmalaryň işlenilip taýýarlanylmagyny guraýar;

- özüne edara tabynlygyndaky aýratyn goralýan tebigy ýerlere ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

- aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;

- aýratyn goralýan tebigy ýerler tarapyndan berilýän hyzmatlar üçin nyrhlaryň möçberlerini belleýär;

- öz ygtyýarynda durýan aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmagyň meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny guraýar we tassyklaýar;

- aýratyn goralýan tebigy ýerleriň döwlet kadastryny işläp taýýarlaýar, tassyklaýar we ýöredýär;

- aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ýagdaýyna, goralyşyna we peýdalanylyşyna aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmagyň tassyklanan ýyllyk we bäş ýyllyk meýilnamalaryna laýyklykda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

- edara tabynlygyndaky aýratyn goralýan tebigy ýerleriň işi hakynda statistik edaralara hasabatlylygyň öz wagtynda berilmegi üçin jogapkärçilik çekýär;

- aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

- şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

2. Aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmak üçin tebigaty goraýyş döwlet edaralary döredilýär, olaryň ygtyýarlyklary şu Kanun, olar hakynda Düzgünnamalar we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky we 017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

17-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýetiň edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygy

 

Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýetiň edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

- aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek we işlemegi boýunça çärelere gatnaşýar;

- aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek we giňeltmek boýunça teklipleri aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna girizýär;

- ýerli ähmiýetli aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek, işini üýtgedip guramak we bes etmek boýunça karar kabul edýärler;

- aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek we giňeltmek boýunça döwlet ekologik seljermäni, ylmy we tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryň işlenip taýýarlanylmagyny we geçirmegiň üpjün edilmegini guramaga gatnaşýarlar we ýardam edýärler;

- şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda olaryň ygtyýaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

18-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerleri guramaga, goramaga we peýdalanmaga jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýatlaryň gatnaşmagy

 

1. Jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar aýratyn goralýan tebigy ýerleri guramak, goramak we peýdalanmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna gatnaşmaga we ýardam etmäge haklydyrlar.

2. Aýratyn goralýan tebigy ýerleri ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy görkezilen ýerleri goramak we rejeli peýdalanmak boýunça jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýatlaryň teklibini nazara alýarlar.

3. Jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky maglumaty aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyndan soramaga we almaga hukuklydyrlar. Bu edara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga şeýle maglumaty berýär.

4. Jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde aýratyn goralýan tebigy ýerler guralanda, goralanda we peýdalanylanda jemgyýetçilik ekologik seljermesini geçirmek we jemgyýetçilik ekologik gözegçiligini amala aşyrmak hukugyna eýedirler.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

19-njy madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet gözegçiligi

 

1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet gözegçiliginiň ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bardyr.

2. Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet gözegçiligi aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

III bap. Döwlet tebigy goraghanalary

 

20-nji madda. Döwlet tebigy goraghanalar hakynda umumy düzgünler

 

1. Döwlet tebigy goraghanalary haýwanat we ösümlik dünýäsiniň genetik fonduny, meňzeş we täsin ekologik hem-de geologik ulgamlaryny we landşaftlary aýap saklamak we öwrenmek, tebigy prosesleriň we hadysalaryň tebigy akymyny üpjün etmek üçin şertleri döretmek, daşky gurşawy goramagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak maksady bilen döredilýän aýratyn goralýan tebigy ýerlerdir.

2. Döwlet tebigy goraghanasy ýuridik şahsdyr we aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen tebigaty goramagyň döwlet edarasy görnüşinde döredilýär.

3. Degişli ýeri döwlet tebigy goraghana diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt Türkmenistanyň kanunçylygynda  bellenilen tertipde olary peýdalanyjylardan we eýelerinden degişli ýer bölekleriniň (suw obýektleriniň) alynmagyna eltýär.

4. Döwlet tebigy goraghanalar aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanýan olar hakdaky düzgünnamalaryň esasynda hereket edýärler.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

21-nji madda. Döwlet tebigy goraghanalaryň işiniň esasy ugurlary

 

Döwlet tebigy goraghanalaryň işiniň esasy ugurlaryna şular degişlidir:

1) döwlet tebigy goraghanasynyň bütin tebigy toplumyny tebigy ýagdaýda saklamak arkaly biologik we genetik köpdürlüligi goramagyň we aýap saklamagyň düzgünini üpjün etmek;

2) Tebigat ýylýazgysyny ýöretmek;

3) ylmy barlaglary geçirmek, tebigy serişdeleriň goragyny we peýdalanylyşyny kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan maslahatlary taýýarlamak;

4) döwlet tebigy goraghanasynyň ekologik ulgamyna ýaramaz täsir edip biljek hojalyk we beýleki obýektleriň taslamalarynyň we ýerleşdiriş shemalarynyň döwlet ekologik seljermesine gatnaşmak;

5) tebigaty goramak we goraghana işi babatda ylmy işgärleriň we hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam etmek;

6) ekologik aň-bilim işini geçirmek.

 

22-nji madda. Döwlet tebigy goraghanalary goramak düzgüni

 

1. Döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde goraghana düzgüni bellenilýär, onda şu aşakdakylar gadagan edilýär:

1) ýeriň gidrologik düzgünini üýtgedýän hereketler;

2) döwlet tebigy goraghananyň işi bilen baglanyşykly bolmadyk jaýlary, desgalary, ýollary, turba geçirijileri, elektrik geçiriji liniýalary we beýleki kommunikasiýalary we obýektleri gurmak;

3) geologiýa-gözleg işleri we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary işläp taýýarlamak;

4) toprak örtügini bozmak, minerallaryň çykymlaryny bozmak we dag jynslarynyň üstüni ýalaňaçlamak;

5) tokaýdan peýdalanmagyň ähli görnüşleri, ot-iýmlik otlary, dermanlyk we beýleki ösümlikleri taýýarlamak, mal bakmak we ösümlik örtüginiň bozulmagyna getirýän ösümlik dünýäsinden peýdalanmagyň beýleki görnüşleri;

6) aw etmek, balyk tutmak, haýwanlary tutmak we ýok etmek, haýwanlaryň ýaşaýan gurşawyny bozmak;

7) haýwanlaryň we ösümlikleriň täze görnüşleriniň öwrenişdirilmegi (aklimatizasiýasy) we öri meýdanlaryň tebigy sygyjylygyndan ugur alyp ýol berilýänden artyk haýwanlaryň aýry-aýry görnüşleriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreleri geçirmek;

8) döwlet tebigy goraghanada ylmy barlaglary ýerine ýetirmek üçin gerek bolan materiallardan başga kolleksiýa materiallaryny ýygnamak;

9) ekologiýa ulgamyna, biologik köpdürlülige ýaramaz täsir edýän himiki maddalary we preparatlary ulanmak;

10) öý haýwanlaryny sürmek, mehanizmleşdirilen ulag serişdeleriniň umumy peýdalanylýan ýollaryň we suw ýollarynyň daşynda ondan-oňa hereketi;

11) bellenilen kadalardan ýokary geçýän emeli gelip çykyşly galmagal we akustik täsirler.

2. Döwlet tebigy gorahnalarynda şulara ýol berilýär:

1) ýaramaz antropogen täsirlerine sezewar edilýän tebigy toplumlaryň we tebigatyň aýry-aýry obýektlerini dikeltmek we üýtgemeleriň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmak;

2) ýangyna garşy we sanitariýa çärelerini geçirmek;

3) ylmy-barlag we beýleki maksatlaýyn wezipeleri ýerine ýetirmek üçin gerek bolan iş;

4) ekologik monitoringini amala aşyrmak (Tebigat ýylýazgysyny ýöretmek);

5) ekologiýa aň-bilim işini geçirmek.

3. Fiziki şahslaryň döwlet tebigy goraghanasynyň ýerinde bolmagyna diňe rugsat beriji resminamalar bolan mahalynda ýol berilýär.

 

23-nji madda. Döwlet tebigy goraghanalarynda ylmy-barlag işi

 

1. Döwlet  tebigy goraghanalarynda ylmy-barlag işi tebigy toplumlary, tebigatyň aýry-aýry obýektlerini, ekologik ýagdaýa baha bermek we çaklamak, tebigaty goramagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak, biologik köpdürlüligi aýap saklamak, ekologik ulgamlary we döwlet goraghana gaznasynyň obýektlerini dikeltmek maksady bilen "Tebigat ýylýazgysy" maksatnamasy boýunça tebigy prosesleriň, monitoringiniň ösüşini öwrenmek boýunça stasionar we beýleki syn etmeler, synag işleri arkaly amala aşyrylýar.

2. Döwlet tebigy goraghanalarda ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin ylmy işgärleriň degişli wezipesi bilen ylmy düzüm birlikleri döredilýär.

3. Döwlet tebigy goraghanalaryň ylmy düzüm birlikleriniň işiniň esasy ugurlary aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

4. Ylmy işgärleriň ylmy barlaglarynyň meýilnamalaryna, hasabatlaryna garamak üçin döwlet tebigy goraghanalarynda ylmy-tehniki geňeşler döredilýär, olaryň düzümine beýleki ylmy edaralaryň ylmy işgärleri we hünärmenleri girip bilerler.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

24-nji madda. Döwlet tebigy goraghanalaryň ekologiýa aň-bilim işi

 

1. Döwlet tebigy goraghanalaryň ekologiýa aň-bilim işi ekologiýa bilimini döretmek we ösdürmek, tebigy gurşawy, biologik köpdürlüligi aýap saklamak we goraghana işini ösdürmek üçin ilatyň ekologik bilimini, terbiýesini we medeniýetini kemala getirmek we ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Ekologiýa aň-bilim çärelerini geçirmek üçin döwlet tebigy goraghanalarynda sapar-merkezleri, muzeýler, ekspozisiýalar, görkeziş bölekleri we beýleki obýektler döredilip bilner.

3. Ekologiýa aň-bilim işini amala aşyranlarynda döwlet tebigy goraghanalar beýleki guramalardan we jemgyýetçilik birleşiklerinden hünärmenleri çekip bilerler.

 

25-nji madda. Döwlet tebigy goraghanalaryň gorag zolaklarynyň düzgüni

 

1.Döwlet tebigy goraghanalaryň gorag zolaklarynda şu aşakdakylar gadagandyr:

1) täze ilatly punktlary döretmek we bar bolanlaryny giňeltmek;

2) obýektleri ýerleşdirmek, taslamak, gurmak we ulanmak, döwlet tebigy goraghanasynyň ekologik ulgamlaryna ýaramaz täsir edýän täze tehnologiýalary ornaşdyrmak;

3) haýwanat we ösümlik dünýäsi üçin zäherli awuly himikatlary, dökünleri we gerbisidleri ulanmak bilen intensiw görnüşlerde oba we tokaý hojalygyna ornaşdyrmak;

4)  galyndylary ýerleşdirmek, atmosfera we suw çeşmelerine hem-de topraga hapalaýjy maddalary we hapa suwlary dökmek;

5) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary çykarmak;

6) höwesjeň, sport we senagat taýdan aw etmek;

7) radioaktiw materiallary we senagat galyndylaryny gömmek;

8) döwlet tebigy goraghanasynyň ekologiýa ulgamlarynyň gidrologik düzgünini üýtgetmäge ukyply iş (suwlaryň tebigy akymyny bes etmäge ýa-da azaltmaga getirýän bentleriň, gaçylaryň, gidrotehniki desgalaryň we beýleki obýektleriň gurluşygy);

9) ýabany haýwanlaryň we ýabany ösýän ösümlikleriň keseki görnüşleriniň introduksiýasy;

10) döwlet tebigy goraghanasynyň ekologik ulgamlaryna zyýanly täsir edýän başga iş.

2. Döwlet tebigy goraghanalaryň gorag zolaklarynyň ýerlerinde goraghananyň ekologik ulgamlarynyň ýagdaýyna ýaramaz täsir etmeýän hojalyk işiniň dürli görnüşleri amala aşyrylyp bilner:

1) tokaý-hojalyk işi;

2) mallaryň bakylmagyny we ot orulmagyny goşup, däp bolan ýerden peýdalanmak, şeýle hem biologik köpdürlüligiň uzak wagtlap abat saklanylmagyny we şeksizligini üpjün etmegiň ýerlerinde başga iş.

3) syýahatçylyk we dynç alyş-sagaldyş işi;

4) mineral suwlary, balneologik we klimat serişdelerini peýdalanmak;

5) senagat taýdan balyk tutmak, höwesjeň we sport balykçylygy;

6) ýangynlary söndürmek boýunça ýerüsti we awiasiýa işlerini geçirmek;

7) bozulan ýerleriň rekultiwasiýasy;

8) tokaý we beýleki ösümlik bileleşiklerini dikeltmek;

9) ýabany haýwanlaryň ýaşaýan gurşawyny we sanyny dikeltmek;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik işiň beýleki görnüşleri.

 

IV bap. Döwlet biosfera goraghanalary

 

26-njy madda. Döwlet biosfera goraghanalary hakynda umumy düzgünler

 

1. Döwlet biosfera goraghanasy – ýerüsti we suw (deňiz) ekologik ulgamlaryny öz içine alýan aýratyn goralýan tebigy ýer ýa-da tebigy toplumlaryň we olar bilen baglanyşykly tebigy obýektleriň biologik köpdürlüligini goramak, gorap saklamak, dikeltmek we saklamak üçin niýetlenen şeýle ekologik ulgamlaryň utgaşmagy.

2. Döwlet biosfera goraghanasynyň hukuk statusy global ekologik monitoringini amala aşyrýan we ÝUNESKO-nyň güwänamasyny alan aýratyn goralýan tebigy ýere berilýär.

3. Döwlet biosfera goraghanasy ýuridik şahsdyr we aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasynyň hödürnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen tebigaty goraýyş döwlet edarasy görnüşinde döredilýär.

4. Degişli ýeri döwlet biosfera goraghanasy diýip yglan etmek hakyndaky karar goraghana düzgüniniň zolagyndan (ýadrosyndan) başga degişli ýer böleklerini (suw obýektlerini) olaryň eýelerinden we peýdalanyjylaryndan almaklyga eltmeýär.

5. Döwlet biosfera goraghanalary aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan olar hakdaky düzgünnamasynyň esasynda hereket edýärler.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

27-nji madda. Döwlet biosfera goraghanalarynyň işiniň esasy ugarlary we zolaklara bölünişi

 

1. Şu aşakdakylar döwlet biosfera goraghanalarynyň işiniň esasy ugurlaryna degişlidir:

1) genetik serişdeleri, biologik görnüşleri, ekologik ulgamlary we landşaftlary aýap saklamak;

2) ýeriň durnukly sosial-ykdysady ösüşine ýardam etmek;

3) ylmy barlaglary, ekologik emele gelmeleri geçirmek we işgärleri taýýarlamak, şeýle hem daşky gurşawy goramak we durnukly ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan döwlet we ýerli derejedäki çäreler bilen baglanyşykly monitoring;

4) döwlet biosfera goraghanasynyň ýerini dynç alyş-sagaldyş, syýahatçylyk we çäklendirilen hojalyk maksatlarynda peýdalanmak.

2. Döwlet biosfera goraghanasynyň ýeri goragyň we peýdalanmagyň düzgüniniň dürli görnüşleri bilen zolaklara bölünýär:

1) goraghana düzgüniniň zolagy (ýadro) – genetik serişdeleri, biologik köpdürlüligi, ekologik ulgamlary we landşaftlary, uzak möhletleýin aýap saklamak üçin niýetlenen we bu maksatlara ýetmek üçin ýeterlik möçberleri bolan zolak;

2) bufer zolagy – ýeriň bölegi bolup, ol esasy zolagyň – goraghana düzgüniniň (ýadronyň) zolagynyň töwereginde ýerleşendir we ekologik taýdan gözükdirilen hojalyk işini alyp barmak we biologik serişdeleri durnukly gaýtadan döretmek üçin peýdalanylýar;

3) Daşarky geçiş zolagy – aýratyn ýer bolup, onda tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny üpjün edýän däbe öwrülen hojalyk işine rugsat berilýär.

 

28-nji madda. Döwlet biosfera goraghanalarynyň goraghana düzgüni

 

1. Döwlet biosfera goraghanasynyň goraghana düzgüniniň (ýadronyň) zolagynda ylmy barlaglar we tebigy gurşawyň ýagdaýynyň monitoringi geçirilýär, şol sanda Tebigatyň ýylýazgysyny ýöretmek geçirilýär, şeýle hem ekologiýa aň-bilim maksatlarynda çäreler amala aşyrylýar.

2. Döwlet biosfera goraghanasynyň goraghana düzgüniniň (ýadro) zolagynda islendik hojalyk işi we ýeri dynç alyş-sagaldyş taýdan peýdalanmak gadagandyr, şu Kanunyň 22-nji maddasynyň birinji bendinde bellenen döwlet tebigy goraghanasynyň düzgüniniň görnüşine laýyk gelýän goragyň goraghana düzgüni bellenilýär.

Fiziki şahslaryň döwlet biosfera goraghanasynyň goraghana düzgüniniň (ýadro) zolagynyň ýerleşýän ýerine barylmagyna diňe rugsat beriji resminamalar bolan mahalynda ýol berilýär.

3. Döwlet biosfera goraghanasynyň bufer zolagynda çäklendirilen we düzgünleşdirilýän işiň dürli görnüşleri amala aşyrylyp bilner:

1) ylmy barlaglar we hünärmenleri okatmak hem-de taýýarlamak merkezlerini guramak;

2) daşky gurşawyň monitoringi we ekologiýa ulgamlarynyň üýtgemelerine gözegçilik;

3) tokaý hojalyk işi, ýangyna garşy çäreler we tokaý massiwlerini goramak;

4) goraghana zolagynyň (ýadronyň) biologik köpdürlüliginiň uzak wagtlap abat saklanylmagyny we şeksizligini hem-de tutuş döwlet biosfera goraghanasynyň ekologik ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň ýerlerinde däbe öwrülen ýerden peýdalanmak;

5) biologik we landşaft köpdürlüligi, tebigy ekologik ulgamlary dikeltmek boýunça çäreleriň giňeldilip geçirilmegi;

6) fiziki şahslar tarapyndan aýratyn goralýan tebigy ýerlere barmagyň kadalaryna laýyklykda syýahatçylyk, dynç alyş-sagaldyş taýdan peýdalanmak;

7) ekologik bilim, öwredijilik maksatnamalary geçirmek we tebigatdan durnukly peýdalanmagyň görkezilýän böleklerini guramak.

4. Döwlet biosfera goraghanasynyň bufer zolagynda goraghana zolagynyň (ýadrosynyň) ekologiýa ulgamynyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biljek iş gadagandyr.

Döwlet biosfera goraghanasynyň bufer zolagynda işiň şu aşakdaky görnüşleri gadagandyr:

1) täze ilatly ýerleri döretmek;

2) senagat obýektlerini gurmak we ýerleşdirmek;

3) geologiýa gözleg işlerini geçirmek we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary işläp taýýarlamak;

4) esasy peýdalanylýany çapmak;

5) ösümlikleriň we haýwanlaryň täze görnüşleriniň introduksiýasy;

6) gorag zolagynyň (ýadronyň) we bufer zolagynyň ýerleriniň gidrologik düzgünini üýtgedýän hereketler;

7) goraghana zolagynyň (ýadronyň) ekologik ulgamyna ýaramaz täsir etmäge ukyply beýleki iş.

5. Döwlet biosfera goraghanalarynda ylmy, ekologiýa-aň bilim, syýahatçylyk we dynç alyş-sagaldyş işi şu Kanunyň 23-nji, 24-nji we 32-nji maddalarynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

6. Daşky geçiş zolagy şu Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda döredilýän aýratyn goralýan tebigy ýerleriň gorag zolagynyň düzgünine laýyk gelýän zolak hökmünde döredilýär.

7. Döwlet biosfera goraghanasynyň gorag zolagynda:

1) tebigy serişdeleriň durnukly peýdalanylmagyny üpjün edýän ýerden peýdalanyjylaryň däbe öwrülen hojalyk işiniň esasy görnüşlerine rugsat berilýär;

2) döwlet biosfera goraghanasynyň ekologik ulgamlaryna ýaramaz täsir edýän tebigatdan peýdalanmagyň we hojalyk işiniň görnüşleri gadagan edilýär ýa-da çäklendirilýär.

Döwlet biosfera goraghanasynyň gorag zolagynda ýerden peýdalanyjylaryň hojalyk işiniň çäklendirilmegi şu Kanuna laýyklykda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň kararlary bilen bellenilýär.

(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

V bap. Milli tebigy seýilgähler

 

29-njy madda. Milli tebigy seýilgähler hakynda umumy düzgünler

 

1. Milli tebigy seýilgähler aýratyn goralýan tebigy ýerlerdir (akwatoriýalardyr), olar tebigy toplumlary we tebigaty goraýyş, ekologiýa aň-bilim, ylmy, syýahatçylyk, dynç alyş-sagaldyş maksatlary üçin niýetlenen aýratyn ekologik, taryhy we estetiki gymmaty bolan tebigy toplumlary we obýektleri öz içine alýar.

2. Milli tebigy seýilgäh ýuridik şahsdyr we aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň hödürnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary boýunça döwlet tebigaty goraýyş edarasy görnüşinde döredilýär.

3. Degişli ýeri milli tebigy seýilgäh diýip yglan etmek hakynda karar şu Kanunyň 31-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan funksional zolaklaryň ýerlerinden başga olaryň eýelerinden we peýdalanyjylaryndan degişli ýer bölekleriniň (suw obýektleriniň) alynmagyna eltmeýär.

4. Milli tebigy seýilgähler aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan olar hakdaky düzgünnamalaryň esasynda hereket edýärler.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

30-njy madda. Milli tebigy seýilgähleriň işiniň esasy ugurlary

 

Milli tebigy seýilgähleriň işiniň esasy ugurlaryna şular degişlidir:

1) tebigy toplumlary we täsin tebigy obýektleri, tebigy we taryhy-medeni mirasyň obýektlerini tebigy ýagdaýda aýap saklamak;

2) bozulan tebigy toplumlary dikeltmek;

3) floranyň we faunanyň aýratyn düzüm birliklerini goramak we gaýtadan döretmek;

4) milli tebigy seýilgähi goramak düzgünini üpjün etmek;

5) milli tebigy seýilgähiň ýerinde ekologik monitoringini ýöretmek;

6) tebigy obýektleri we toplumlary aýap saklamagyň ylmy usullaryny işläp taýýarlamak we ulanmak;

7) ylmy barlaglary geçirmek, tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda ylmy işgärleriň we hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam etmek;

8) ekologiýa aň-bilim işini geçirmek;

9) milli tebigy seýilgähi ekologiýa aň-bilim, ylmy, syýahatçylyk, dynç alyş-sagaldyş we çäklendirilen hojalyk maksatlarynda peýdalanmak üçin şertleri döretmek.

 

31-nji madda. Milli tebigy seýilgähleriň ýerini zolaklara bölmek we olardan peýdalanmak düzgüni

 

1. Milli tebigy seýilgähleriň ýeri şu aşakdaky funksional zolaklara bölünip bilner, bu ýerde olaryň tebigy, taryhy-medeni we beýleki aýratynlyklaryny hasaba almak bilen aýratyn goragyň differensirlenen düzgüni bellenilýär:

1) berk gorag zolagy (goraghana zolagy), onuň ýerinde islendik hojalyk işi we ýeri dynç alyş-sagaldyş taýdan peýdalanmak gadagandyr we döwlet tebigy goraghanasyny goramagyň düzgünine laýyk gelýän goraghana gorag düzgüni bellenilýär.

Milli tebigy seýilgähleriň berk gorag zolagynyň (goraghana zolagy) ýerleşýän ýerine barylmagyna diňe rugsat beriji resminamalar bolan mahalynda ýol berilýär;

2) aýratyn duýgur zolak, onuň ýerlerinde tebigy toplumlary we obýektleri aýap saklamak üçin şertler üpjün edilýär, hojalyk we dynç alyş-sagaldyş işi gadagandyr, çäklendirilen we pugta düzgünleşdirilýän syýahatçylyk we dynç alyş, ýerli ilat bilen tebigy serişdeleri rejeli ýygnamak muňa girmeýär;

3) ekologik syýahatçylyk we dynç  alyş-sagaldyş taýdan peýdalanmak, şol sanda syýahatçylyk ugurlaryny, ýodalaryny we synlaýyş meýdançalaryny, dynç alyş, bedenterbiýe-sagaldyş we sport işini guramak üçin, şeýle hem ýerli ilat bilen tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak üçin niýetlenen rejeli peýdalanyş zolagy;

4) gelýänlere hyzmat etmek, gije ýatylýan ýerleri, palatkaly lagerleri we syýahatçylyk serwisiniň beýleki obýektlerini, gelýänlere medeni, durmuş we maglumat hyzmaty, höwesjeňlik, sport awuny we balyk tutmagy guramagy, şeýle hem milli tebigy seýilgähiniň goragyny we işlemegini üpjün etmek hojalyk işini alyp barmak üçin niýetlenen intensiw peýdalanyş zolagy.

Intensiw peýdalanyş zolagynda ilatly nokatlar ýerleşdirilýär, ol ýerde däp bolan hojalyk işi, senetçilik we halk senetleri, şeýle hem olar bilen baglanyşykly onuň administrasiýasy bilen ylalaşyp, milli tebigy seýilgähe zyýan getirmeýän ýerlerde tebigy serişdelerden peýdalanmaga ýol berilýän ilatly nokatlar ýerleşdirilýär.

2. Milli tebigy seýilgähiň ýerini zolaklara bölmek we onuň ölçeglerini we serhetlerini üýtgetmek aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan geçirilýär.

3. Milli tebigy seýilgähleriň ýerinde tebigy toplumlara we ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň obýektlerine, medeni-taryhy obýektlere zyýan ýetirip biljek, milli tebigy seýilgähiň maksatlaryna we wezipelerine ters gelýän islendik iş, şol sanda aşakdakylar gadagandyr:

1) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary agtarmak we işläp bejermek;

2) toprak örtüginiň bozulmagyna we geologik ýalaňaçlanma  eltýän iş;

3) gidrologik düzgüniň üýtgemegine eltýän iş;

4) magistral ýollary, turba geçirijileri, elektrik geçiriji liniýalary we beýleki kommunikasiýalary gurmak, şeýle hem milli tebigy seýilgähleriň işlemegi bilen baglanyşykly bolmadyk hojalyk we ýaşaýyş jaý obýektlerini gurmak we ulanmak;

5) sport-köpçülik we tomaşa çärelerini geçirmek;

6) ösümlikleriň we haýwanlaryň, keseki ýerli floranyň we faunanyň introduksiýasy;

7) tokaýlary çapmak (tokaýlary çapmak, gözegçilik etmek we sanitariýa taýdan çapmak, şeýle hem raýatlar tarapyndan agajy taýýarlamak; öz hajatlary üçin dermanlyk ösümliklerini we tehniki çig mal, ýabany ösýän miweli ekinleri, hozlary, kömelekleri, ir-iýmişleri we beýleki agaç däl tokaý serişdelerini düzgünleşdirip ýygnamak muňa degişli däldir); senagat taýdan aw awlamak we kenarýaka balyk tutmak; ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň gurşawyny we ýaşaýan şertlerini bozmaga eltýän iş.

4. Milli tebigy seýilgählerde ýerleriň ekologik, ylmy, estetiki, medeni we dynç alyş-sagaldyş gymmatlygyny peseltmäge eltýän işiň beýleki görnüşleri gadagan edilip ýa-da çäklendirilip bilner.

(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

32-nji madda. Milli tebigy seýilgählerde syýahatçylyk we dynç alyş-sagaldyş işiniň aýratynlyklary

 

1. Milli tebigy seýilgähleriň çäginde syýahatçylyk we dynç alyş-sagaldyş işi aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, saglygy goraýyş babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, syýahatçylyk babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy we kärdeşler arkalaşygy edarasy bilen bilelikde tassyklanylýan kadalara laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Tebigy şertlerde ekologik syýahatçylygy we dynç alşy geçirmek aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasynyň karary boýunça degişli jaýlary we desgalary, şeýle hem ýer böleklerini kärendesine bermek arkaly milli tebigy seýilgähler tarapyndan amala aşyrylýar (berk goralýan zolakdan we aýratyn duýgur zolakdan başga).

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

33-nji madda. Milli tebigy seýilgähleriň gorag zolaklarynyň düzgüni

 

1. Milli tebigy seýilgähiň gorag zolagynda:

1) tebigy serişdeleriň durnukly peýdalanylmagyny üpjün edýän ýerden peýdalanyjylaryň däp bolan hojalyk işiniň esasy görnüşlerine rugsat berilýär;

2) şu Kanunyň 25-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentleri bilen bellenilen, milli tebigy seýilgähiň ekologik ulgamlaryna ýaramaz täsir edýän tebigatdan peýdalanmagyň we hojalyk işiniň görnüşleri gadagan edilýär ýa-da çäklendirilýär.

2. Milli tebigy seýilgähiň gorag zolagynda ýerden peýdalanyjylaryň hojalyk işiniň çäklendirmeleri şu Kanuna laýyklykda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň kararlary bilen bellenilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

VI bap. Döwlet tebigy çäkli goraghanalar

(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

34-nji madda. Döwlet tebigy çäkli goraghanalar hakynda umumy düzgünler

 

1. Döwlet tebigy çäkli goraghanalar tebigy çäkli goraghananyň öňünde goýlan tebigaty goraýyş wezipelerini ýerine ýetirmek üçin gerek bolan döwürde tebigy toplumlary ýa-da olaryň düzüm böleklerini aýap saklamak, gaýtadan döretmek, dikeltmek we ekologik balansy saklamak maksady bilen döredilýän aýratyn goralýan tebigy ýerlerdir (akwatoriýalardyr).

2. Aşakdaky ýaly döwlet tebigy çäkli goraghanalar döredilýär:

1) döwlet ähmiýetli – aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen;

2) ýerli ähmiýetli - aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň kararlary bilen.

3. Ýeri (akwatoriýany) döwlet tebigy goraghana diýip yglan etmäge degişli ýer bölegini (suw obýektini) olaryň eýesinden ýa-da peýdalanyjydan almak bilen ýa-da alman ýol berilýär.

4. Döwlet tebigy çäkli goraghanalar ýuridik şahsy döretmek bilen ýa-da ony döretmezden döredilip bilner.

5. Döwlet tebigy çäkli goraghanalar olaryň işlemek möhletlerini görkezmezden (möhletsiz) ýa-da azyndan on ýyl möhlet üçin döredilýär.

6. Döwlet tebigy çäkli goraghanalar aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanýan olar hakyndaky düzgünnamalaryň esasynda hereket edýärler.

(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

35-nji madda. Döwlet tebigy çäkli goraghanalaryň görnüşleri

 

1. Döwlet tebigy çäkli goraghanalar şu aşakdaky görnüşlere bölünýär:

1) ösümlikleriň we haýwanlaryň gymmatly, seýrek we ýok bolup gitmek howpy astynda durýan görnüşlerini aýap saklamak, gaýtadan döretmek we dikeltmek üçin we olaryň migrasiýasynyň ýollaryna niýetlenen biologik;

2) aýry-aýry gazylyp alynýan obýektleri we olaryň toplumlaryny aýap saklamak üçin niýetlenen paleontologik;

3) gymmatly suw obýektlerini aýap saklamak üçin niýetlenen gidrologik;

4) seýrek biologik we minerologik emele gelmeleri aýap saklamak üçin niýetlenen geologik we mineralogik.

2. Döwlet tebigy çäkli goraghanalara goralýan tebigy ýerleriň beýleki görnüşleriniň arasynda möhüm ekologik ulgamlaryň we ekologik geçelgeleriň goralýan tebigy ýerleri degişli edilip bilner.

(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

36-njy madda. Döwlet tebigy çäkli goraghanalaryň goragynyň düzgüni

 

1. Döwlet tebigy çäkli goraghanalaryň ýerinde döwlet tebigy çäkli goraghanalaryň maksatlaryna we wezipelerine ters gelýän ýa-da tebigy toplumlara we olaryň düzüm birliklerine zyýan ýetirýän işiň görnüşleri çäklendirilip ýa-da gadagan edilip bilner.

2. Her bir döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň düzgüniniň aýratynlyklary aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanýan düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

3. Dowlet tebigy çäkli goraghanalaryň serhetlerinde ýerleşen ýer bölekleriniň eýeleri we peýdalanyjylary bolan ýuridik we fiziki şahslar döwlet tebigy çäkli goraghanalarynda bellenen gorag düzgünini berjaý etmäge borçludyrlar.

(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

VII bap. Döwlet tebigy ýadygärlikleri

 

37-nji madda. Döwlet tebigy ýadygärlikler hakynda umumy düzgünler

 

1. Döwlet tebigy ýadygärlikleri ekologik, ylmy, geologik, taryhy-medeni we ekologik gatnaşyklarda seýrek duş gelýän gymmatly tebigy toplumlary we obýektleri öz içine alýan  aýratyn goralýan tebigy ýerlerdir.

2. Aşakdaky tebigy toplumlar we obýektler döwlet tebigy ýadygärlikler diýlip yglan edilýär:

1) döwlet ähmiýetli – aýratyn goralýan tebigy ýerler