Şypahana işi hakynda

 


TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Şypahana işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 61-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 661-V Kanuny esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun şypahana işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär we Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi we goralmagy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

1-nji BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Kanunda şu esasy düşünjeler ulanylýar:

1) tebigy bejeriş serişdeleri – mineral suwlar, bejergi palçyklary, şor kölleriň we kölleriň duzly suwy, bejeriji klimat, keselleri bejermek we olaryň öňüni almak we dynç alşy guramak üçin ulanylýan beýleki tebigy obýektler we şertler;

2) şypahana – sagaldyş-öňüni alyş maksatlarynda özleşdirilen we peýdalanylýan, tebigy bejeriş serişdeleri we infrastruktura obýektlerini hem goşmak bilen, olaryň ulanylmagy üçin zerur bolan jaýlary we desgalary bolan aýratyn goralýan tebigy ýer;

3) şypahana sebiti – sanitariýa taýdan goragly umumy zolak bilen birleşdirilen ykjam ýerleşen şypahanalary bolan çäk;

4) şypahana işi – tebigy bejeriş serişdeleriniň peýdalanylmagy esasynda keselleriň bejerilmegini we öňüniň alynmagyny guramak hem-de amala aşyrmak boýunça ylmy-amaly işiň ähli görnüşleriniň jemi;

5) sanitariýa goragynyň okrugy (zolagy) – tebigy bejeriş serişdeleriniň we ýanaşyk meýdançalary bilen bilelikde şypahanalaryň hapalanmagyndan we wagtyndan öň ýitip gitmeginden goralmagyny we goralyp saklanylmagyny üpjün edýän, hojalygy ýöretmegiň, ýaşamagyň, tebigatdan peýdalanmagyň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen düzgüni bolan aýratyn goralýan tebigy ýer;

6) peýdalanyjylar – ygtyýarnama esasynda tebigy bejeriş serişdeleriniň işlenip taýýarlanylmagyny we peýdalanylmagyny amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar;

7) tebigy bejeriş serişdeleriniň işlenip taýýarlanylyşynyň we peýdalanylyşynyň tehnologik çyzgysy – tebigy bejeriş serişdelerini gazyp almagyň we peýdalanmagyň tehniki usullaryny we möçberlerini, agzalan serişdeler ulanylan mahalyndaky ýitgileriniň kadalaryny we bejeriş häsiýetleriniň goralyp saklanylmagynyň we gowulandyrylmagynyň usullaryny belleýän taslama resminamasy;

8) Türkmenistanyň şypahana gaznasy – ähli ýüze çykarylan we hasaba alnan tebigy bejeriş serişdeleriniň, sagaldyş maksatly tebigy çäkleriň, şypahanalaryň we şypahana sebitleriniň jemi.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň şypahana işi hakynda kanunçylygy

 

Türkmenistanyň şypahana işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalarynyň goralmagy we peýdalanylmagy bilen baglanyşykly gatnaşyklara degişli bolup durýar.

2. Tebigy bejeriş serişdeleriniň, şypahanalaryň goralmagy we peýdalanylmagy babatdaky emläk gatnaşyklary, eger şu Kanunda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň raýat kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

4-nji madda. Şu Kanunyň esasy wezipeleri

 

Raýatlaryň saglygyny goramaga we dynç almaga bolan konstitusion hukugynyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, ýurduň tebigy bejeriş serişdeleriniň goralmagyny we öwrenilmegini üpjün etmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, olaryň peýdalanylmagynyň esasynda bejerişiň guralmagy, keselleriň öňüniň alynmagy we ilatyň dynç alşynyň guralmagy şu Kanunyň esasy wezipeleri bolup durýar.

 

5-nji madda. Çägiň şypahana diýlip ykrar edilmegi

 

1. Çägiň şypahana diýlip ykrar edilmegi, onuň ähmiýetine baglylykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan, ýörite şypahana öwreniş ylmy, gidrogeologiýa taýdan we başga barlaglar esasynda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň şypahanalary halkara, döwlet ýa-da ýerli ähmiýetli bolup biler.

Halkara ýa-da döwlet ähmiýetli şypahana saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň (mundan beýläk – ygtyýar berlen edara) we kärdeşler arkalaşygy edarasynyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen döredilýär.

Ýerli ähmiýetli şypahana ygtyýar berlen edara we kärdeşler arkalaşygy edarasy bilen ylalaşyk boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň karary bilen döredilýär.

3. Şypahananyň işlemeginiň tertibi we aýratynlyklary kärdeşler arkalaşygy edarasy bilen ylalaşyk boýunça ähmiýetine baglylykda şypahananyň ygtyýar berlen edara ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan tassyklanylan düzgünnamasy bilen kesgitlenilýär.

 

6-njy madda. Türkmenistanda şypahanalaryň ösdürilmeginiň goldanylmagy

 

Türkmenistanda şypahanalaryň ösdürilmeginiň goldanylmagy şypahana işini ösdürmegiň milli maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

2-nji BAP. ŞYPAHANA IŞINIŇ DÖWLET TARAPYNDAN

DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI

 

7-nji madda. Şypahana işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

 

Şypahana işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýar berlen edara we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary amala aşyrýar.

 

8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şypahana işi çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň alnyp barylmagyny üpjün edýär;

2) halkara we döwlet ähmiýetli şypahananyň döredilmegi hakynda karar kabul edýär;

3) halkara we döwlet ähmiýetli şypahanalaryň sanitariýa gorag okruglarynyň (zolaklarynyň) möçberlerini, çäklerini we düzgünini belleýär;

4) şypahana işini ösdürmegiň milli maksatnamalaryny tassyklaýar;

5) şypahanalary we şypahana sebitlerini ösdürmegiň maksatnamalarynyň, tebigy bejeriş serişdeleriniň gözlenip tapylan gorlarynyň döwlet bilermenler seljermesiniň geçirilmegini guraýar;

6) tebigy bejeriş serişdeleriniň bejermegiň we keselleriň öňüni almagyň, şeýle hem ilatyň dynç alşynyň guralmagy üçin ulanylmaga berilmeginiň Tertibini tassyklaýar;

7) şypahanalaryň we şypahana sebitleriniň serişdeler mümkinçiligini öwrenmek we peýdalanmak çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

8) öz ygtyýarlylygynyň çägindäki başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

9-njy madda. Ygtyýar berlen edaranyň ygtyýarlyklary

 

Ygtyýar berlen edara şypahana işi çygrynda:

1) döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-öziňi dolandyryş edaralarynyň şypahana işi çygryndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işini utgaşdyrmagy amala aşyrýar;

2) Türkmenistanyň şypahana gaznasynyň döwlet hasaba alşyny we sagaldyş maksatly tebigy çäkleriň  hem-de şypahana edaralaryny goşmak bilen şypahanalaryň döwlet sanawyny ýöredýär;

3) kärdeşler arkalaşygy edarasy bilen bilelikde:

a) şypahana işini ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp düzýär we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyklamagyna hödürleýär;

b) şypahana bejergisini, keselleriň öňüni alyş we saglygy dikeldiş çärelerini guramak üçin tebigy bejeriş serişdeleriniň ulanylmagy boýunça ölçegleri belleýär;

ç) şypahanalardan peýdalanmagyň düzgünlerini belleýär;

d) hünärmen işgärleri taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy amala aşyrýar;

4) şypahana işini ösdürmegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işiň utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar;

5) Türkmenistanyň şypahana gaznasyny giňeltmek we onuň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen ylmy-barlaglary, tebigy bejeriş serişdeleriniň ulanylmagy boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleriň işlenip düzülmegini guraýar;

6) şypahanalaryň we şypahana edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň tertibini hem-de kadalaryny belleýär;

7) Türkmenistanyň tebigy bejeriş serişdeleriniň, şypahanalarynyň goralmagyna we olaryň rejeli peýdalanylmagyna gözegçiligi amala aşyrýar;

8) öz ygtyýarlylygynyň çägindäki başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

10-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary şypahana işiniň çygrynda:

1) ygtyýar berlen edarasy we kärdeşler arkalaşygy edarasy bilen ylalaşyk boýunça ýerli ähmiýetli şypahanany döretmek hakynda karar kabul edýärler;

2) ýerli ähmiýetli şypahanalaryň sanitariýa gorag okruglarynyň (zolaklarynyň) möçberlerini, çäklerini we düzgünini belleýärler;

3) şypahana işini ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

4) tebigy bejeriş serişdeleriniň, ýerli ähmiýetli şypahanalaryň goralmagyna we olaryň rejeli peýdalanylmagyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

5) öz ygtyýarlylygynyň çägindäki başga wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

3-nji BAP. TEBIGY BEJERIŞ SERIŞDELERINI

PEÝDALANMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

 

11-nji madda. Tebigy bejeriş serişdeleriniň bejeriji häsiýetleriniň bellenilmegi we olaryň toparlara bölünişi

 

1. Tebigy bejeriş serişdeleriniň bejeriji häsiýetleri ylmy barlaglaryň, köp ýyllyk tejribäniň esasynda bellenilýär.

2. Tebigy bejeriş serişdeleriniň toparlara bölünişi, olaryň bejeriş-öňüni alyş maksatlarynda ulanylmagynyň lukmançylyk görkezmeleri we garşylykly görkezmeleri ygtyýar berlen edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

12-nji madda. Tebigy bejeriş serişdelerine eýeçilik hukugy

 

1. Tebigy bejeriş serişdeleri döwlet eýeçiligi bolup durýar.

2. Tebigy bejeriş serişdelerine eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýarlyk etmegiň meseleleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygynda durýar.

 

13-nji madda. Tebigy bejeriş serişdeleriniň peýdalanmaga berilmegi

 

1. Tebigy bejeriş serişdeleri peýdalanyjylara şypahana bejergisini, keselleriň öňüni alyş we saglygy dikeldiş çärelerini guramak, şeýle hem ilatyň dynç almagynyň maksatlary bilen berilýär. Mineral suwlar senagat taýdan gaplara guýmak üçin hem peýdalanylyp bilner.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti aýratyn halatlarda, eger degişli çäkleriň şypahana-rekreasion mümkinçiligine zeper ýetirmeýän bolsa, ekologiýa we sanitariýa-epidemiologiýa taýdan bilermenler seljermesiniň oňyn netijenamasy bolan mahalynda tebigy bejeriş serişdeleriniň bejeriş, öňüni alyş we ilatyň dynç alşy bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanylmagyna rugsat berýär.

3. Tebigy bejeriş serişdeleri bejerişi we keselleriň öňüni almagy guramak üçin, şeýle hem ilatyň dynç almagynyň maksatlary bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan Tertibe laýyklykda ulanylmaga berilýär.

 

14-nji madda. Mineral suwlaryň we bejergi palçyklarynyň ýataklarynyň işlenip taýýarlanylmagy we beýleki tebigy bejeriş serişdeleriniň peýdalanylmagy

 

1. Mineral suwlaryň, bejergi palçyklarynyň we beýleki tebigy bejeriş serişdeleriniň ýataklary ygtyýarnama laýyklykda işlenip taýýarlanylýar.

2. Alynýan mineral suwlaryň, bejergi palçyklarynyň, şeýle hem tebigy bejeriş serişdeleriniň toparyna degişli edilen gazylyp alynýan beýleki peýdaly zatlaryň möçberleri olaryň senagat derejeleri boýunça tassyklanan gorlary we ulanylyş möhletleri bilen çäklendirilýär. Görkezilen tebigy bejeriş serişdeleri peýdalanylan mahalynda ulanylýan tehniki usullar olary işlemegiň tehnologik çyzgylaryna esaslanýar. Tebigy bejeriş serişdeleriniň hili adam üçin peýdaly we zyýanly düzüm bölekleriniň derejesiniň barlygyny kesgitleýän ýörite lukmançylyk netijenamalary bilen düzgünleşdirilýär.

3. Mineral suwlaryň, bejergi palçyklarynyň, şeýle hem tebigy bejeriş serişdeleriniň toparyna degişli edilen gazylyp alynýan beýleki peýdaly zatlaryň gazylyp alnyşynyň, taýýarlanylyşynyň we peýdalanylyşynyň tehnologiýasy ýataklaryň wagtyndan öň ýitip gitmeginden we hapalanmagyndan goralmagyny we gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň bejeriş häsiýetleriniň ýitmeginden goralmagyny kepillendirmelidir.

4. Bejergi prosesinde ulanyşda bolan mineral suwlar we bejergi palçyklary, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, sanitariýanyň kadalaryna laýyklykda ýörite ýerasty boşluklara ýa-da saklawhanalara gömülmäge degişlidir.

 

15-nji madda. Tebigy bejeriş serişdelerini peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi, togtadylmagy we çäklendirilmegi

 

1. Tebigy bejeriş serişdelerini peýdalanmagyň bellenilen düzgünleri bozulan halatynda tebigy bejeriş serişdelerinden peýdalanmak hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bes edilip, togtadylyp ýa-da çäklendirilip bilner.

2. Tebigy bejeriş serişdelerini peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi, togtadylmagy we çäklendirilmegi günäkär şahslary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligiň beýleki görnüşlerinden boşatmaýar.

 

4-nji BAP. TEBIGY BEJERIŞ SERIŞDELERINIŇ WE

ŞYPAHANALARYŇ SANITARIÝA TAÝDAN GORALMAGY

 

16-njy madda. Tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň sanitariýa taýdan goralmagynyň guralyşy

 

1. Tebigy bejeriş serişdeleri, şypahanalar we olaryň ýerleri degişlilikde aýratyn goralýan tebigy obýektler we aýratyn goralýan tebigy ýerler bolup durýarlar. Olaryň goragy sanitariýa gorag okruglarynyň (zolaklarynyň) bellenilmegi arkaly amala aşyrylýar.

Sanitariýa gorag okrugynyň (zolagynyň) daşky sudury şypahananyň, şypahana sebitiniň çägi bolup durýar.

2. Halkara we döwlet ähmiýetli şypahanalaryň gorag okrugynyň (zolagynyň) döredilmegi, möçberleri, çäkleri we sanitariýa düzgüni hakynda karar ygtyýar berlen edaranyň we kärdeşler arkalaşygy edarasynyň teklibi boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan, ýerli ähmiýeti bolan şypahanalaryň bolsa – ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan kabul edilýär.

3. Sanitariýa gorag okrugynyň (zolagynyň) düzüminde üçe çenli zolak bölünip aýrylýar.

Birinji okrugyň (zolagyň) çäginde ýaşamak we hojalyk işleriniň ähli görnüşleri gadagan edilýär, tebigy bejeriş serişdeleriniň ekologiýa taýdan arassa we rejeli tehnologiýalar ulanylan şertinde bejeriş we sagaldyş maksatlarynda ylmy taýdan barlanylmagy we peýdalanylmagy bilen baglanyşykly işler muňa degişli däldir.

Ikinji okrugyň (zolagyň) çäginde şypahana işiniň ösdürilmegi bilen gös-göni baglanyşygy bolmadyk obýektleriň we desgalaryň ýerleşdirilmegi, şeýle hem daşky gurşawy, tebigy bejeriş serişdelerini hapalaýan we olaryň gutarmagyna getirýän işleriň geçirilmegi gadagan edilýär.

Üçünji okrugyň (zolagyň) çäginde senagat kärhanalarynyň we oba hojalyk guramalarynyň we desgalarynyň ýerleşdirilmegine, şeýle hem daşky gurşawyň, tebigy bejeriş serişdeleriniň hapalanmagy bilen utgaşdyrylýan we olaryň gutarmagyna getirýän hojalyk işleriniň amala aşyrylmagyna çäklendirmeler girizilýär.

4. Sanitariýa taýdan goragyň bellenilen düzgüniniň üpjün edilmegi: birinji okrugda (zolakda) – peýdalanyjylar tarapyndan, ikinji we üçünji okruglarda (zolaklarda) – peýdalanyjylar, ýerden peýdalanyjylar we şu okruglarda (zolaklarda) ýaşaýan raýatlar tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Sanitariýa-sagaldyş çäreleri we sanitariýa gorag okruglarynda (zolaklarynda) hapalaýjy ojaklaryň ýok edilmegi peýdalanyjylaryň, ýerden peýdalanyjylaryň we sanitariýa taýdan goragyň düzgünini bozan raýatlaryň serişdeleriniň hasabyna  amala aşyrylýar.

6. Tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň sanitariýa taýdan goragynyň üpjün edilmegine gözegçiligi we gözegçilik barlagyny öz ygtyýarlylygynyň çäginde ygtyýarlyk berlen döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary amala aşyrýarlar.

 

5-nji BAP. ŞYPAHANA EDARALARY

 

17-nji madda. Şypahana edaralarynyň döredilmegi, üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi

 

1. Şypahana edaralarynyň döredilmegi, üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Şypahana edaralarynyň üýtgedilip guralmagy olaryň öz bejeriş-sagaldyş ýöriteleşmesiniň saklanylmagy bilen amala aşyrylýar.

 

18-nji madda. Şypahana edaralarynyň hukuk derejesi

 

Bejeriş işini amala aşyrýan şypahana edaralary bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hukuk derejesine eýedirler we olar lukmançylyk işini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alnan ygtyýarnamanyň esasynda işleýärler.

 

19-njy madda. Şypahana edaralarynyň esasy wezipeleri

 

Şular şypahana edaralarynyň esasy wezipeleri bolup durýar:

1) bejeriş, bejeriş-öňüni alyş, saglygy dikeldiş çärelerini we ilatyň dynç alşyny häzirki zaman derejesinde guramak we geçirmek;

2) häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň esasynda ilatyň saglygyny bejermegiň we berkitmegiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän sagaldyş-dikeldiş usullaryny ornaşdyrmak;

3) Türkmenistanyň tebigy bejeriş serişdelerini we bejeriş-dikeldiş serişdelerini toplumlaýyn ulanmak;

4) şypahana bejerişi şertlerinde amala aşyrylýan bejeriş-öňüni alyş çäreleriniň aýratynlyklarynyň ilatyň saglygynyň berkemegine edýän täsirini öwrenmek;

5) şypahana işi çygrynda halkara hyzmatdaşlygy.

 

20-nji madda. Şypahana edaralarynyň hyzmatlarynyň görnüşleri

 

Şypahana edaralary şypahana hyzmatlarynyň şu aşakdaky görnüşlerini edýär:

1) lukmançylyk we keseli anyklaýyş hyzmatlary;

2) balneoterapiýa;

3) klimatoterapiýa;

4) palçyk bilen bejeriş terapiýasy;

5) fizioterapiýa;

6) diýetaterapiýa;

7) fitoterapiýa;

8) tebipçilik bejergisi;

9) dynç alşy guramak;

10) bejerişiň Türkmenistanyň bejeriş tebigy serişdeleriniň ulanylmagy esasyndaky başga görnüşleri.

 

21-nji madda. Şypahana edaralarynyň gurulmagynyň tertibi

 

1. Şypahana edaralary şypahana tebigy çäkleriniň serhetlerinde döredilýär.

2. Sagaldyş-öňüni alyş işini amala aşyrmak we ilatyň dynç alşyny guramak üçin şypahana edaralaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýer parçalary we başga tebigy serişdeler berilýär.

3. Şypahana edaralarynyň çäkleriniň gurulmagy aýratyn goralýan tebigy ýerlerde degişli işleri geçirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen düzgünleriň berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar.

4. Şypahana edaralary, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, binalary, gurulmalary we başga emlägi diňe saglygy bejeriş, keselleriň öňüni alyş we ilatyň dynç alyş maksatlary üçin ulanýarlar.

 

22-nji madda. Şypahana edaralarynyň ykdysady işiniň esasy

 

Şypahana edaralarynyň işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hojalyk hasaplaşygy esasynda amala aşyrylýar.

 

23-nji madda. Şypahana edaralarynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylyk

 

Şypahana edaralary buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegini, maliýe we statistik hasabatlylygynyň düzülmegini we berilmegini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraýarlar.

 

6-njy BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

24-nji madda. Şypahana işi babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Şypahana işi babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda  amala aşyrylýar.

2. Ygtyýar berlen edara, Türkmenistanyň şypahana edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bejeriş tebigy serişdeleriniň öwrenilmeginiň, ulanylmagynyň, şypahanalaryň işini ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça daşary ýurt döwletleriniň degişli şypahana edaralary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar.

 

25-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

1. Tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň peýdalanylmagy we goralmagy baradaky jedeller, şeýle hem emläk jedelleri, şol sanda tebigy bejeriş serişdelerine we şypahanalara, şeýle hem adamyň saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen baglanyşykly jedeller kazyýet tertibinde seredilmäge degişlidir.

2. Türkmenistanyň bejeriş tebigy serişdeleriniň we şypahanalarynyň ulanylmagy we goralmagy babatdaky halkara jedelleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

26-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

27-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

      Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

        Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 4-nji awgusty.

№ 310-IV.