TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Ösümlik dünýäsi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 60-njy madda)
(Türkmenistanyň 03.06.2017 ý., № 578-V Kanuny esasynda girizilen
üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde ösümlik dünýäsiniňgoralyp saklanylmagy, rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi, onuň ekologik, ykdysady we serişdelik kuwwatynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
ösümlik dünýäsi–gögerýän, ýabany ösýän ösümlikleriň, olaryň döreden populýasiýalarynyň, ösümlik toparlarynyň we beýleki agaçlyklaryň jemi;
ösümlik dünýäsiniň obýektleri –gögerýän, ýabany ösýän ösümlik, olaryň döreden populýasiýalary, ösümlik toparlary ýa-da beýleki agaçlyklar;
ösümlik dünýäsiniň serişdeleri ýa-da tebigy ösümlik serişdeleri – ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan ykdysady we gaýry işler amala aşyrylanda ulanylýan ýa-da ulanylyp bilinjek hem-de sarp ediş gymmatyna eýe bolan ösümlik dünýäsiniň obýektleri ýa-da olaryň häsiýetleri;
ýabany ösýän we beýleki ösümlikler –tebigy ýa-da medeni düzgünleşdirilýän şertlerde olaryň görnüşlerini gorap saklamak maksady bilen ösýän ösümlikler;
tebigy ösümlik topary ýa-da ösümlik topary – bir ýa-da köp nesillerden bolan, öz düzümi we gurluşy bilen öz içerki gurşawyny emele getiren, tebigy taýdan gaýtadan köpelmäge ukyply bolan ýa-da ösümlikleriň we olaryň ösýän gurşawynyň arasyndaky özara täsirleşme netijesinde başga bir ösümlik topary bilen çalşylýan ýabany ösýän dürli görnüşli ösümlikleriň degişlilikde bir jynsly jemi;
ösümlikler–damarly we moh görnüşli ösümlikler, suwotylar, lişaýnikler we kömelekler;
ösümlik önümi –çig mal hökmünde ýa-da önümçiligiň we sarp edilişiň başga maksatlary üçin peýdalanylýan, alnan ýabany ösýän ösümlikler, olaryň bölekleri we (ýa-da) olaryň ýaşaýşynyň netijesinde emele gelen önümleri;
ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ösýän gurşawy –ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň olaryň ýaşaýşyny üpjün etmek üçin zerur bolan ösüş şertlerini emele getirýän beýleki tebigy faktorlarbilen umumylykda ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ösýän ýeri;
agaçlyklar–ösümlik toparyny emele getirýän we getirmeýän ýabany ösýän ösümlikleriň belli bir çäkde ýerleşýän jemi;
agaç ekme–arassaçylyk-gigiýena, dynç alyş, inžener-tehniki, medeni, estetiki ýa-da beýleki oba hojalygyna degişli däl wezipeleri ýerine ýetirýän agaçlyklary döretmek, saklamak we dikeltmek boýunça çäreleriň toplumy;
tokaý serişdeleri – tokaý gaznasynda durýan, toplanylýan we alynýan agaçlaryň ikinji derejeli agaç serişdeleriniň, ýabany ösýän miweleriň, hozlaryň, kömelekleriň, ir-iýmişleriň, dermanlyk ösümlikleriň, tehniki çig malyň we ösümlik gelip çykyşly beýleki önümleriň gorlary;
ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak–ýuridik ýa-da fiziki şahslar ykdysady we başga işi amala aşyranlarynda ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ýa-da häsiýetleriniň olar tarapyndanulanylmagy;
ýer böleklerini peýdalanyjylar –Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde peýdalanmak we kärende şertlerinde serhetlerinde ösümlik dünýäsiniň obýektleri ýerleşýän ýer böleklerihususy eýeçiligine berlen ýuridik we fiziki şahslar;
ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjy –Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak hukugy berlen ýuridik ýa-da fiziki şahslar;
botaniki kolleksiýa –ylmy, okuw-terbiýeçilik, medeni aň-bilim we estetiki gymmatlyga eýe bolan, resminamalaşdyrylan we goralyp saklanylýan, şol sanda ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň we (ýa-da) olaryň bölekleriniň ulgamlaşdyrylan ýygyndysy;
ýabany ösýän ösümlikleriň introduksiýasy–ýabany ösýän ösümlikleri olaryň tebigy ýaýran ýerleriniň serhetlerinden daşarky ýerlere ornaşdyrmaga gönükdirilen iş;
ýabany ösýän we beýleki ösümlikleriň uýgunlaşdyrylmagy –ýabany ösýän we beýleki ösümlikleriň olaryň ösýän täze ýa-da üýtgän gurşawyna uýgunlaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen iş;
ýabany ösýän we beýleki ösümlikleriň gibridleşdirilmegi –belli bir nesil alamatlary bilen tapawutlanýan nesli almak üçin dürli görnüşli ösümlikleri çaknyşdyrma;
aýyrma–ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanylmagy bilen bagly bolan we bagly bolmadyk ýygnama, taýýarlama, göçürme, çapma ýa-da ýabany ösýän ösümlikleri olaryň ösýän ýerinden we (ýa-da) ýabany ösýän ösümliklerden bölekleriaýyrmaga gönükdirilen beýleki hereketler;
ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy – ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň giňişlik, görnüş we populýasiýa bitewiligini, olaryň sanyny, serişde kuwwatyny we öndürijiligini gorap saklamaga, olara zeper ýetmeginiň, ýok edilmeginiň ýa-da olara başga zyýanly täsiriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň jemi;
ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralyp saklanylmagy –ösümlik dünýäsiniň obýektlerini zyýankeşlerden, kesellerden we antropogen hem-de tebigy häsiýetli ýaramaz faktorlaryňtäsirinden gorap saklamak boýunça çäreleriň jemi;
ösümlik dünýäsiniň obýektleriniňüznüksiz köpeldilmegi–ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň täzelenmeginiň, olaryň hil häsiýetleriniň dikeldilmeginiň tebigy (düzgünleşdirilýän we düzgünleşdirilmeýän) ýa-da emeli prosesi ;
görnüş – öz aralarynda meňzeş we biri-biri bilen çaknyşdyrma ukyby bolan organizmleri birleşdirýän esasy taksonomik birlik;
flora – ol ýa-da beýleki belli bir çäkde ösýän ösümlikleriň görnüşleriniň jemi.
2-nji madda. Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň goralmagy, rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Tokaý goruna girýän ösümlik dünýäsiniň goralmagy,rejeli peýdalanylmagywe üznüksiz köpeldilmegi babatda gatnaşyklar Türkmenistanyň Tokaý kodeksi bilen düzgünleşdirilýär, şu Kanunyň 13-nji, 26-31-nji, 36-njy we 38-nji maddalarynda göz öňünde tutulanlar muňa degişli däldir.
3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda görkezilenlerden başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.
3-nji madda. Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi hakynda kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi hakynda kanunçylygy şu aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar:
1) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagynyň,rejelipeýdalanylmagynyň we üznüksiz köpeldilmeginiňileri tutulmagyna;
2) ýabany ösýän ösümlikleriň we olaryň emele getirýän tebigy ösümlik toparlarynyň köpdürlüliginiň tebigy şertlerde goralyp saklanylmagyna;
3) ilatyň saglygyny goramagyň we daşky tebigy gurşawy gowulandyrmagyňbähbitlerine ösümlik dünýäsiniň suwy goraýjylyk, topragy goraýjylyk, gurşawy emele getirijilik, sagaldyş, dynç alyş-sagaldyş we başga peýdaly häsiýetleriniň goralyp saklanylmagyna;
4) ösümlik dünýäsiniň goralmagynyň üpjün edilmegine;
5) ýabany ösýän ösümlikleriň seýrek duş gelýän, ýitip barýan, şeýle hem endemiki, relikt hem-de goralmagyna mätäç bolan beýleki görnüşleriniň populýasiýalarynyň dikeldilmegine we bitewiliginiň goralyp saklanylmagyna;
6) ösümlik dünýäsiniň ylmy taýdan esaslandyrylyp ulanylmagyna we üznüksiz köpeldilmegine;
7) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagynyň,rejeli peýdalanylmagynyň we üznüksiz köpeldilmeginiň ykdysady taýdan höweslendirilmegine;
8) ösümlik dünýäsiniň obýektlerine ýaramaz täsir edilmegi netijesinde ösümlik dünýäsiniň obýektlerinewe olaryň ösýän gurşawyna ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna;
9) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň peýdalanylandygy üçin töleg tölenilmegine;
10) ýurduň janly tebigatyna we ykdysadyýetine zyýan ýetirmekden gaça durmak maksady bilen, ösümlikleriň ýabany ösýän görnüşleriniň ýaýraýşynyň we sanynyň düzgünleşdirilmegine;
11) raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň durmuşa geçirilende ösümlik dünýäsiniň ýagdaýyna oňyn täsir edip biljek çözgütleriň taýýarlanylmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde gatnaşmagyna;
12) Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi hakynda kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilige.
4-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektleri
Ösümlik dünýäsiniň obýektlerine şular degişlidir:
1) ýabany ösýän ýokary we pes derejeli ösümlikler hem-de görnüşleriniň köpdürlüligi bilenähli kömelekler;
2) ýokarda sanalyp geçilen ýabany ösýän ösümlikleri emele getirýän ähli görnüşleriň tebigy ösümlik toparlary;
3) ýabany ösýän ýokary we pes derejeli ösümlikleriň we kömelekleriň miweleri, tohumlary, bölekleri we başga önümleri;
4) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ösýän ýerleri;
5) botaniki kolleksiýalar.
5-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerine eýeçilik hukugy
1. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ösümlik dünýäsiniň obýektleri döwletiň eýeçiligi bolup durýar, şu Kanunda bellenilenýagdaýlar muňa degişli däldir.
2. Türkmenistanyň raýatlarynyň hususy eýeçiliginde durýan ýer böleklerinde ýerleşýän ösümlik dünýäsiniň obýektleri olaryň eýeçiligi bolup durýar.
3. Eger buTürkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşky gurşawy, taryhy-medeni gymmatlyklary, raýatlaryň we ýuridik şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin zerur bolsa, Türkmenistanyň raýatlarynyň eýeçiliginde durýan ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanylmagyna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen çäklendirmeler we gadagan etmeler bellenilip bilner.
4. Türkmenistan ösümlik dünýäsiniň obýektlerine bolan eýeçilik hukugyny ýörite ygtyýarlydöwlet edaralarynyňüsti bilen amala aşyrýar.
6-njy madda.Ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmek babatda gatnaşyklaryň subýektleri
Ýuridik we fiziki şahslar, şeýle hem ösümlik dünýäsiniň goralmagyny,rejeli peýdalanylmagynywe üznüksiz köpeldilmeginiamala aşyrýan döwlet edaralary ösümlik dünýäsiniň goralmagy,rejeli peýdalanylmagywe üznüksiz köpeldilmegi babatdagatnaşyklaryň subýektleri bolup durýarlar.
II BAP. ÖSÜMLIK DÜNÝÄSINIŇ GORALMAGY,
REJELI PEÝDALANYLMAGYWE ÜZNÜKSIZ KÖPELDILMEGIBABATDA DÖWLET DOLANDYRYŞY
7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ösümlik dünýäsiniň goralmagy, rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi babatda ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) ösümlik dünýäsiniň goralmagy,rejeli peýdalanylmagywe üznüksiz köpeldilmegi babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleri görýär;
2) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniňrejeli peýdalanylmagywe üznüksiz köpeldilmegiboýunça döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
3) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy,rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işini utgaşdyrýar;
4)Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi hakyndaky kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär;
5) ösümlik dünýäsiniň obýektlerine zyýanly täsir edýän desgalaryň işini togtatmagyň, bes etmegiň tertibini tassyklaýar;
6) janly tebigata we ýurduň ykdysadyýetine zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň çäginde tebigy şertlerde ýabany ösýän ösümlikleriň ýaýramagyny, sanynyň düzgünleşdirilmegini we olaryň ätiýaçlyklarynyň ulanylmagyny guraýar;
7) ösümlik dünýäsiniň monitoringini alyp barmagyň we onuň maglumatlarynyň ulanylmagynyň tertibini belleýär;
8) ösümlik dünýäsiniň döwlet kadastrynyň alnyp barlyşynyň tertibini belleýär;
9) ýabany ösýän ösümlikleriň we olaryň bölekleriniň Türkmenistana getirilmegine ýa-da Türkmenistandan çykarylmagyna çäklendirmeleri ýa-da gadagan etmeleri belleýär;
10) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak,rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmek babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasynyň rugsatnamalary esasynda ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň görnüşleriniň sanawyny kesgitleýär;
11) botaniki kolleksiýalaryň hukuk düzgünini, olary döretmegiň, olaryň üstüni ýetirmegiň, saklanylmagynyň, goralmagynyň, sergi edilmeginiň we olaryň söwdasyny etmegiň, botaniki kolleksiýanyň aýratyn gymmatly diýlip ykrar edilmeginiň tertibini kesgitleýär;
12) botaniki kolleksiýa hakynda şahadatnamanyň, botaniki kolleksiýanyň aýratyn gymmatly diýlip ykrar edilmegi hakynda şahadatnamanyň, aýratyn gymmatly botaniki kolleksiýanyň ýa-da onuň böleginiň daşary çykarylmagyna rugsatnamanyň berilmeginiň tertibini belleýär;
13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän gaýry meseleleri çözýär.
8-nji madda.Ösümlik dünýäsinigoramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmek babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasynyňygtyýarlyklary
Ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanma we üznüksiz köpeltmek babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy:
1) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy, rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenipdüzülmegini we durmuşa geçirilmegini guraýar;
2) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmaga rugsatnamalaryň berilmeginiň tertibini belleýär, ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmaga rugsatnamalary berýär we olary ýatyrýar;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tebigy serişdeleri ulanmak we daşky gurşawy goramak boýunça işe ygtyýarnamalar berýär;
4) hojalyk desgalarynyň we önümçilikleriň gurluşygynda we durkuny täzelemekde taslamadan öňki we taslama resminamalarynyň ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak, ulanmak we üznüksiz köpeltmek babatda döwlet ekologik seljermesini geçirýär;
5) ýabany ösýän ösümlikleri we (ýa-da) olaryň böleklerini ýygnamagyň we taýýarlamagyň düzgünlerini tassyklaýar;
6) ýaýramagy we mukdary düzgünleşdirilmäge degişli ýabany ösýän ösümlikleriň görnüşleriniň sanawyny, şeýle hem olaryň ýaýraýşyny we mukdaryny düzgünleşdirmek boýunça çäreleriň geçiriliş tertibini kesgitleýär;
7) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmaga çäklendirmeleri ýa-da gadagan etmeleri belleýär;
8) ulanylyşy ösümlik dünýäsiniň obýektlerine ýaramaz täsir edýän ýa-da täsir edip biljek jaýlaryň, desgalaryň we beýleki binalaryň ýerleşişini, gurluşygyny we durkunyň täzelenmegini ylalaşýar;
9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň aýry-aýry görnüşleriniň ulanylmagynyň çäklendirilmegi ýa-da togtadylmagy hakynda çözgütleri kabul edýär;
10) ýabany ösýän ösümlikleriň we (ýa-da) olaryň bölekleriniň ýygnalmagyna we taýýarlanmagyna limitleri belleýär;
11) ösümlik dünýäsiniň obýektlerine we (ýa-da) olaryň ösýän gurşawyna ýetirilen zyýana baha bermegiň usulyýetini işläp düzýär;
12) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralyşyna werejeli peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;
13) bikanun alnan ýabany ösýän ösümlikleriň we (ýa-da) olaryň bölekleriniň bahasyny hasaplamagyň we tutup alynmagynyň tertibini kesgitleýär;
14) ösümlik dünýäsiniň obýektlerine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň we peýdalanmagyň nyrhlaryny tassyklaýar;
15) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ösümlikdünýäsiniň obýektleriniň goralmagy,rejelipeýdalanylmagy weüznüksiz köpeldilmegibabatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
16) ösümlikleriň seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran görnüşlerini bellenilen tertipde ýygnamaga, taýýarlamaga we Türkmenistanyň çäginden daşary çykarmaga rugsatnamalary berýär;
17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.
9-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ösümlik dünýäsiniň goralmagy,rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi babatda ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimetiň ýerli edaralary:
1) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy,rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi babatda ýerli maksatnamalaryň işlenip düzülmegini we durmuşa geçirilmegini guraýarlar;
2) kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy,rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegiboýunça işini utgaşdyrýarlar;
3) ösümlik dünýäsiniň obýektlerine ýaramaz täsir edýän desgalaryň işiniň togtadylmagy, bes edilmegi hakyndaky materiallara garaýarlar we teklipleri girizýärler;
4) öz garamagyndaky çäkde ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralyşyna we rejeli peýdalanylşyna gözegçilik edýärler, ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik we fiziki şahslara ulanmaga we kärendesine berilmegine gözegçilik edýärler;
5) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini medeni-sagaldyş, syýahatçylyk, dynç alyş we beýleki maksatlarda ulanýan ýuridik we fiziki şahslara bu maksatlar üçin ulanylýan ösümlik dünýäsiniň obýektleri ýerleşýän serhetlerde çäkleri adabanlaşdyrmak boýunça çäreleri ýerine ýetirmäge borçly edýärler;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.
10-njy madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösümlik dünýäsiniň goralmagy, rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi babatda ygtyýarlyklary
Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:
1) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy,rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi babatda ýerli maksatnamalaryň işlenip düzülmegine we durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;
2) şäherleri, şäherçeleri, şeýle hem geňeşlikleriň düzümine girýän obalary abadanlaşdyrmak we agaç ekmek boýunça işleri geçirýärler, ýaş nahallara ideg etmek boýunça çäreleri görýärler;
3) geňeşligiň çäginde ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ýangynlardan goramak boýunça, şeýle hem ýangynlaryň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar, ýangyna garşy wagyz-nesihat işlerini guraýarlar;
4) ösümlik dünýäsiniň goralyşyna we rejeli peýdalanylyşyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrýarlar;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.
III BAP. ÖSÜMLIK DÜNÝÄSINIŇ OBÝEKTLERINIŇ
ULANYLMAGY
11-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylar
1. Ýuridik we fiziki şahslar ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylar bolup durýar.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmaga bolan hukuk ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak üçin bellenilen tertipde berlen degişli resminama bilen tassyklanylýar.
3. Ýerden peýdanyjylar şol bir wagtyň özünde öz ýerlerinde ösýän ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanyjylary bolup durýarlar.
4. Ösümlik dünýäsiniň obýektleri ýer böleklerini bölüp bermek tertibinde ulanylmaga berlip bilner. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanylmagy serhetlerinde ösümlik dünýäsiniň bu obýektleri ýerleşýän ulanyjylardan ýer böleklerini almazdan amala aşyrylyp bilner.
5. Daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslara ösümlik dünýäsiniň obýektleri diňe kärende şertlerinde berlip bilner.
12-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanylmagy üçin tölegler
1. Şu Kanunyň 21-nji maddasynda göz öňünde tutulanlardan başga ýagdaýlarda ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanylmagy töleglidir.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanylmagy üçin tölegler şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) ösümlik dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanylmagy üçin tölegler;
2) ýabany ösýän ösümlikleriň, olaryň bölekleriniň Türkmenistana getirilmegi ýa-da Türkmenistandan çykarylmagy üçin tölegler;
3) ösümlik dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmaga rugsatnamalaryň berilmegi üçin tölegler.
3. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanylmagy üçin şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen tölegleriň möçberi, olary tutup almagyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
13-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak üçin rugsatnama
1. Ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň peýdalanylmagynyň aýry-aýry görnüşleri boýunça ulanylmagy, diňe olarda bu obýektleri ulanmak üçin rugsatnamalar bolanda, Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygynda bellenilen ýagdaýlarda bolsa, degişli ygtyýarnama bolanda amalaaşyrylyp bilner.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň rugsatnamalar esasynda amala aşyrylýan görnüşleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak üçin rugsatnama ýuridik we fiziki şahslara ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak, rejeli peýdalanmakwe üznüksiz köpeltmek babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan berilýär.
Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak üçin rugsatnamada şu maglumatlar görkezilýär:
1) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň görnüşleri hakynda;
2) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň rugsat berilýän görnüşleriniň ulanylmagynyň ýol berilýän çägi hakynda;
3) bu rugsatnama esasynda ulanylmagy mümkin bolan ösümlik dünýäsiniň obýektleri ýa-da olaryň görnüşleri hakynda;
4) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň limitleri hakynda;
5) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň möhletleri hakynda;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga maglumatlar.
4. Ösümlik dünýäsiniň aýry-aýry obýektlerini, olaryň görnüş we landşaft köpdürlüligini gorap saklamak we goramak maksady bilen rugsatnamada ýuridik we fiziki şahslar üçin berjaý edilmegi hökmany bolan çäklendirmeler we ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň beýleki şertleri bellenilip bilner.
14-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň görnüşleri
1. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilen mahalynda ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň şu aşakdaky görnüşleri amala aşyrylyp bilner:
1) maldarçylygyň hajatlary üçin iým önümini taýýarlamak;
2) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini mal bakmak, bal aryçylyk, ýüpek gurçugyny idetmek we awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin ulanmak;
3) ýabany ösýän dermanlyk, tehniki, azyklyk ösümlik çig malyny taýýarlamak, ýygnamak;
4) agaç we beýleki tokaý serişdelerini taýýarlamak;
5) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ylmy-barlag we okuw-tejribe maksatlary üçin ulanmak;
6) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini medeni-sagaldyş, dynç alyş we syýahatçylyk maksatlary üçin ulanmak.
2. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň başga görnüşleri hem göz öňünde tutulyp bilner.
15-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň maldarçylygyň hajatlary, mal bakmak, bal aryçylyk we başga maksatlar üçin ulanylmagy
1. Maldarçylygyň hajatlary üçin iým önümlerini taýýarlamak (ot ýatyrmak), mal bakmak, ýüpek gurçugyny idetmek ýaly maksatlar üçin işler ýörite bellenilen çäklerde, şeýle hem bellenilen kadalaryň berjaý edilmegi bilen ýörite rugsatnamalar boýunça başga maksatlaýyn beýleki maksatlar üçin niýetlenen meýdançalarda amala aşyrylyp bilner.
Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini bu maksatlar üçin ulanmak hukugy şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda berilýär.
2. Ýuridik we fiziki şahslar ösümlikleri ýer bölekleriniň eýeleri we ulanyjylary bilen baglaşylan şertnamalar boýunça bal aryçylygyň hajatlary üçin ulanyp bilerler.
3. Ýuridik we fiziki şahslar ösümlik dünýäsiniň obýektlerini özlerine aw awlamak üçin rugsat berlen meýdanlarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin ulanyp bilerler.
4. Tebigy ot orulýan we mal bakylýan ýerleriň peýdalanyjylary bolup durýan ýuridik we fiziki şahslar olaryňşu Kanuna laýyklykda goralmagy,rejeli peýdalanylmagywe önümliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça talaplary berjaý etmäge borçludyrlar.
Dürli ösümlik toparlaryna oňyn ýüklenme, olarda mallary saklamagyň usullary we möhletleri ösümlik dünýäsini goramak, rejelipe ýdalanmak we üznüksiz köpeltmek babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.
16-njy madda. Ýabany ösýän dermanlyk, tehniki we azyklyk ösümlik çig malynyň taýýarlanylmagy, ýygnalmagy
1. Ýabany ösýän dermanlyk, tehniki we azyklyk ösümlik çig malynyň we (ýa-da) olaryň bölekleriniň taýýarlanylmagy ýa-da ýygnalmagy diýlipösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň, ony amala aşyrmaga hukugy bolan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýan görnüşler ykrar edilýär.
2. Fiziki şahslar ýabany ösýän dermanlyk, tehniki we azyklyk ösümlik çig malynyň we (ýa-da) olaryň bölekleriniň taýýarlanylmagyna,olaryň amala aşyrylmagyna hukuk alan ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň esasy ulanyjylary bilen şertnamalar boýunça gatnaşyp bilerler.
3. Ýabany ösýän dermanlyk, tehniki we azyklyk ösümlik çig malynyň taýýarlanylmagy şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
4. Düzüminde neşe maddalaryny saklaýan ösümlikleriň sanawyna girizilen ýabany ösýän ösümlikleri we olaryň böleklerini, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan, düzüminde neşe maddalaryny saklaýan tebigy çig malyň galyndylaryny şahsy ulanmak, ýerlemek ýa-da gaýtadan işlemek maksady bilen ýygnamak gadagan edilýär.
Düzüminde neşe maddalaryny saklaýan ösümlikleri taýýarlamaga we ýygnamaga Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde ýol berilýär.
5. Ýabany ösýän dermanlyk, tehniki we azyklyk ösümlik çig malynyň taýýarlanylmagy we ýygnalmagy ilatyň saglygyna hem-de ösümlik ýa-da haýwanat dünýäsine zyýan ýetirip biljek tebigy ösümlik toparlarynda bellenilen tertipde gadagan edilip ýa-da çäklendirilip bilner.
6. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlik dünýäsiniň obýektlerini taýýarlamak we ýygnamak gadagandyr, şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.
17-nji madda. Agaç we beýleki tokaý serişdeleriniň taýýarlanylmagy
Tokaý gorunyň çäginde agaç we beýleki tokaý serişdeleriniň taýýarlanylmagy Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.
18-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ylmy-barlag we okuw-tejribe maksatlary üçin ulanylmagy
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ylmy-barlag we okuw-tejribe maksatlary üçin ulanylmagy, eger bu ösümlik dünýäsiniň obýektlerine we olaryň ösýän gurşawyna zyýanly täsir ýetirmeýän bolsa, ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanyjylarynyň hukuklaryny çäklendirmeýän bolsa ýabany ösýän ösümlikleriň we (ýa-da) olaryň bölekleriniň alynmagy ýa-da alynmazlygy bilen amala aşyrylyp bilner, şeýle ulanyşyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gadagan edilen ýagdaýlary muňa degişli däldir.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ylmy-barlag we okuw-tejribe maksatlary üçin ulanylmagynaösümlik dünýäsini goramak,rejelipeýdalanmak we üznüksiz köpeltmek babatdaygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan kesgitlenýän tertipde ýabany ösýän ösümlikleriň we (ýa-da) olaryň bölekleriniň alynmagy bilen ýol berilýär.
3. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ylmy-barlag we okuw-tejribe maksatlary üçin ulanylmagyna bolan hukuk şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
4. Eger ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň aýry-aýry görnüşleri ylmy-barlag işlerini we okuw-tejribe prosesini geçirmegiň maksatlary bilen bir ýere sygyşmaýan bolsa, ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň şeýle görnüşleri şu Kanuna laýyklykda çäklendirilip ýa-da togtadylyp bilner.
19-njy madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň medeni-sagaldyş, dynç alyş we syýahatçylyk maksatlary üçin ulanylmagy
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň medeni-sagaldyş, dynç alyş we syýahatçylyk maksatlary üçin ulanylmagy ýabany ösýän ösümlikleriň we (ýa-da) olaryň bölekleriniň alynmagy ýa-da alynmazlygy bilen amala aşyrylyp bilner hem-de eger ol ösümlik dünýäsiniň obýektlerine we olaryň ösýän gurşawyna zyýanly täsirini ýetirmeýän bolsa,şeýle ulanyşa ýol berilýär.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň medeni-sagaldyş, dynç alyş we syýahatçylyk maksatlary üçin ulanylmagyna bolan hukuk şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda berilýär.
3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ösümlik dünýäsiniň obýektlerini medeni-sagaldyş, dynç alyş we syýahatçylyk maksatlary üçin ulanýan ýuridik we fiziki şahslaryçäkleriniň ösümlik dünýäsiniň bu obýektleri ýerleşýän ýerlerinde agaç ekmäge we çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça çäreleri ýerine ýetirmegine borçly etmäge hukugy bardyr.
20-nji madda.Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak
Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmaga diňe ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmek babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasynyň netijenamasy boýunça aýratyn ýagdaýlarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça ylmy-barlag maksatlary, olary tebigy şertlerde kultiwasiýa etmek we dikeltmek maksatlary üçin rugsat berilýär.
21-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň raýatlar tarapyndan şahsy maksatlarda ulanylmagy
1. Raýatlaryň ösümlik dünýäsiniň obýektlerine bikanun zeper ýetirilmegine ýa-da ýok edilmegine, olaryň ösýän gurşawynyň hapalanmagyna ýol bermezden, serhetlerinde ösümlik dünýäsiniň obýektleri ýerleşýän ýerlerde erkin bolmaga we şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmaga hukugy bardyr.
2. Türkmenistanyň kanunçylygynyň tebigaty goraýyş, arassaçylyk, ýangyna garşy we beýleki talaplaryny berjaý etmek maksady bilen ösümlik dünýäsiniň obýektleri ýerleşýän ýerlerde raýatlaryň bolmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çäklendirilip ýa-da togtadylyp bilner.
22-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň möhletleri
1.Ösümlik dünýäsiniň obýektleri aşakdaky ýaly ulanylyp biler:
1) eger ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak hukugy bir ýyla çenli möhlet bilen berlen bolsa, gysga möhetli;
2) eger ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak hukugy bäş ýyla çenli möhlet bilen berlen bolsa, uzak möhetli.
2. Ýer bölekleriniň ulanyjylary öz ýer bölekleriniň serhetlerinde ýerleşýän ösümlik dünýäsiniň obýektlerini olaryň ýer böleklerine bolan hukuklarynyň weeger Türkmenistanyň kanunçylygynda rugsatnamanyň alynmagy göz öňünde tutulan bolsa, ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak üçin rugsatnamanyň hereket edýän tutuş möhletiniň dowamynda ulanýarlar.
23-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanyjylarynyň hukuklary we borçlary
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylar şu aşakdakylara hukuklydyrlar:
1) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini bellenilen tertipde ulanmaga, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlik dünýäsiniň obýektleri muňa degişli däldir;
2) öz eýeçiliginde durýan, özleri tarapyndan taýýarlanan ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň önümlerini, şeýle hem ony ýerlemekden alnan girdejileri ulanmaga, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlik dünýäsiniň obýektlerine degişli önümler muňa degişli däldir;
3) ösümlik dünýäsiniň obýektleri döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin alnanda öwezlik tölegini almaga, şeýle hem ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanyjylarynyň hukuklaryny bozmak bilen ýetirilen ýitgileriň (şol sanda giderilen peýdanyň) öweziniň dolunmagyna;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän başga işleri amala aşyrmaga.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak we rejeli peýdalanmakboýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplary berjaý etmäge;
2) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini maksatlaýyn wezipesine laýyklykda netijeli ulanmaga, olaryň öndürijiligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, hojalyk işiniň netijesinde olaryň ösýän gurşawynyň ýaramazlaşmagyna ýol bermezlige, ýabany ösýän ösümlik çig malynyň senagat taýýarlamalarynyň tebigaty goraýyş tehnologiýalaryny ulanmaga;
3) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini tebigy ösümlik toparlarynyň bitewiliginiň gutarnykly bozulmagyna getirmeýän we ulanmaga berilmedik ýabany ösýän ösümlikleriň goralyp saklanylmagyny üpjün edýän usullar bilen ulanmaga;
4) döwlet edaralaryna ösümlik dünýäsiniň monitoringini amala aşyrmakda, ösümlik dünýäsiniň goralyşyna we ulanylyşyna gözegçilik etmekde kömek etmäge;
5) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň üznüksiz köpeldilmegi, goralyp saklanylmagy we görnüş düzüminiň gowulanmagy, otjumakösümliginiň (agaç ösümliginiň) mukdaryny we hilini, tohumlaryň we miweleriň, ýabany ösýän ösümlikleriň beýleki önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tebigy ösümlik toparlarynyň gurşaw emele getiriji aýratynlyklaryny gowulandyrmak, ösümlik örtüginiň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmaga;
6) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanylmagy üçin tölegi öz wagtynda tölemäge;
7) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň beýleki ulanyjylarynyň hukuklaryny bozmazlyga.
24-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak hukugynyň bes edilmegi we ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň alynmagy
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak hukugy şu aşakdaky ýagdaýlarda degişlilikde doly ýa-da bölekleýin bes edilmäge degişlidir:
1) ösümlik dünýäsiniň obýektlerinden ýa-da onuň böleklerinden meýletin ýüz öwrülende;
2) ulanmagyň bellenilen möhleti geçende;
3) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmagyň zerurlygy geçende;
4) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak hukugy berlen ýuridik we fiziki şahslar işini bes edende;
5) ösümlik dünýäsiniň obýektleri döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin, şeýle hem ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak maksady bilen ýa-da ilatyň saglygyna howpuň ýüze çykmagy bilen baglylykda ulanyşdan alnanda;
6) şu Kanunyň 23-nji maddasynyň 2-nji böleginde göz öňünde tutulan borçlaryny yzygderli ýagdaýda ýerine ýetirmese;
7) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini kärendesine almak şertnamasynyň şertleri yzygiderli bozulanda.
Türkmenistanyň kanunçylygynda ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak hukugynyň bes edilmeginiň başga esaslary hem göz öňünde tutulyp bilner.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak hukugy şol çäkde ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmak hukugyna degişli resminamany beren ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan bes edilýär.
25-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylaryň hukuklarynyň goralmagy we kepillikleri
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylaryň bozulan hukuklarydikeldilmäge degişlidir.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylaryň işine döwlet ýa-da beýleki edaralaryň gatyşmagyna ýol berilmeýär,ulanyjylar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulan ýagdaýlary muňa degişli däldir.
3. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylaryň hukuklarynyň bozulmagy bilen ýetirilen ýitgileriň, şol sanda giderilen peýdanyň öwezi doly möçberde dolunmaga degişlidir.
4. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylaryň ýitgileriniň öweziniň dolunmagy hakynda jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.
5. Ösümlik dünýäsiniň ýuridik we fiziki şahslara ulanmaga berlen obýektleriniň döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ähli ýitgileriniň, giderilen peýdasynyň öweziniň doly möçberde dolunmagy şertinde amala aşyrylyp bilner.
IVBAP. ÖSÜMLIK DÜNÝÄSINIŇ OBÝEKTLERINIŇ
GORALMAGY
26-njy madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagynyň maksatlary we wezipeleri
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy olaryň rejeli peýdalanylmagyna,tebigy ösümlikler bilen örtülen meýdançalaryň ösümlik örtüginiň aýrylmagy bilen peýdalanylýan ýerleriň başga görnüşlerine esassyz geçirilmeginiň öňüni almaga, şeýle hem ösümlik dünýäsiniň obýektleriniňüznüksiz köpeldilmegine, önümliliginiň we durnuklylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, ykdysady we başga çäreleriň ulgamyny öz içine alýar.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy olaryň zolaklaýyn we sebitleýin aýratynlyklarynyň nazara alynmagy bilen peýdalanylýan ýerlere çylşyrymly tebigy emele gelmeler (ekologik ulgamlar) hökmünde toplumlaýyn çemeleşmäniň esasynda amala aşyrylýar.
3. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň rejeli peýdalanylmagynyň ulgamy tebigaty goraýyş, serişde tygşytlaýjy häsiýetli bolmaly we ýabany ösýän ösümlikleriň we olaryň emele getirýän tebigy ösümlik toparlarynyň ösýän gurşawynyň goralmagyny, toprak örtügine, geologik jynslara, ýeriň gidrogeologik tertibine, haýwanat dünýäsine we daşky gurşawyň beýleki düzüm böleklerine edilýän täsirleriň çäklendirilmegini göz öňünde tutmalydyr.
27-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramagyň guramaçylyk, hukuk we başga gurallary
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmek babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy we onuň ýerlerdäki bölümçeleri, ýerine ýetiriji ýerli häkimýet edaralary, ösümlik dünýäsiniň obýektlerini we ýer böleklerini ulanyjylar, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy şu aşakdakylar arkaly üpjün edilýär:
1) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini gorap saklamak we ulanmak boýunça düzgünleriň we kadalaryň bellenilmegi;
2) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanmaga çäklendirmeleriň we gadagan etmeleriňbellenilmegi;
3) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň rugsatsyz ulanylmagynyň we ulanmagyň bellenilen düzgünleriniň başga bozulmalarynyň öňüniň alynmagy we olara ýol berilmezligi;
4) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ösýän gurşawynyň amatly ýagdaýynyň saklanylmagy we goralmagy;
5) ösümlik dünýäsiniň obýektlerine, şol sanda ýangynlaryň netijesinde zeper ýetirilmeginiň ýa-da ýok edilmeginiň öňüniň alynmagy;
6) aýratyn goralýan tebigy ýerler diýlip yglan edilmegi, meýilleşdirilýän çäkleriň ätiýaçda saklanylmagy we aýratyn goralýan tebigy ýerleriň guralmagy;
7) ýabany ösýän, şonuň ýaly-da medeni ösümlikleriň botaniki kolleksiýalarynyň döredilmegi;
8) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak, rejeli peýdalanmakwe üznüksiz köpeltmek boýunça çäreleriň üpjün edilmeginegönükdirilen ylmy barlaglaryň guralmagy;
9) ösümlik dünýäsiniň obýektlerine esassyz zeper ýetirilmeginiň ýa-da ýok edilmeginiň öňüni almak maksady bilen döwlet ekologik seljermesiniň we başga çäreleriň geçirilmegi;
10) ösümlik dünýäsiniň monitoringiniň ulgamynyň we döwlet ýazgysynyň döredilmegi, ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralyşyna döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagy;
11) Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi hakynda kanunçylygyny bozandygy üçin ýuridik we fiziki şahslaryň jogapkärçiligini bellemek;
12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň we olaryň ösýän gurşawynyň goralmagy boýunça başga çäreleriň görülmegi.
28-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylaryň ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagyny üpjün etmek boýunça borçlary
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylar şu aşakdakylary üpjün etmäge borçludyrlar:
1) ýabany ösýän ösümlikleriň we olaryň toparlarynyň ösýän gurşawynyň goralmagyny;
2) tebigy ösümlik toparlary bilen örtülen çäkleriň rejeli peýdalanylmagyny;
3) özüne berkidilen ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň rugsatsyz ulanylmagyndan we başga düzgün bozmalardan goralmagyny;
4) özüne berkidilen ösümlik örtüginiň obýektleriniň antropogen täsirlerden goralmagyny;
5) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramagyň, rejelipeýdalanmagyň we üznüksiz köpeldilmegiň düzgünleriniň we kadalarynyň bozulmagynyň öňüniň alynmagyny;
6) ösümlik toparlarynda ýangynlaryň ýüze çykmagynyň öňüniň alynmagyny we ýok edilmegini;
7) önümçilik işi amala aşyrylanda we ulag serişdeleri ulanylanda ösümlik örtüginiň obýektleriniň ýok edilmeginiň öňüniň alynmagyny;
8) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň dikeldilmegini, durnuklylygynyň we önümliliginiň ýokarlandyrylmagyny;
9) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň görnüşlerini we ösümlik toparlaryny gorap saklamagyň tertibiniň berjaý edilmegini;
10) tebigy betbagtçylyklardan we beýleki sebäplerden ýok bolmak howpy ýüze çykan ýagdaýynda ýabany ösýän ösümlikleriň we olaryň emele getirýän tebigy toparlarynyň goralmagyny;
11) ösýän ösümlikli topraklaryň suw eroziýasyndan, sillerden, gark etmekden, suw basmagyndan, batgalaşmagyndan, şorlaşmagyndan, guramagyndan, gatamagyndan, hapalanmagyndan, senagat we durmuş galyndylary we zeý suwlary bilen, himiki we radioaktiw maddalar bilen hapalanmagyndan hem-de beýleki bozujy ýagdaýlardan goralmagyny;
12) egerbaşga usullar bilen ösümlik dünýäsiniň obýektlerini dikeltmek we olaryň önümliligini ýokarlandyrmak mümkin bolmasa, ösümlik dünýäsiniň ýaramazlaşan obýektleriniň konserwirlenmegini;
13) ösümlik dünýäsiniň obýektlerini gorap saklamak we üznüksiz köpeltmek boýunça çäreleri esaslandyrmaga gönükdirilen ylmy barlaglaryň geçirilmegini we bu barlaglar geçirilende ýardam berilmegini.
29-njy madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanylmagyna çäklendirmeleriň we gadagan etmeleriňbellenilmegi
1. Ýabany ösýän ösümlikleriň aýry-aýry görnüşlerini ýa-da tebigy ösümlik toparlaryny ulanmak ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmekbabatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan bellenilýän tertipde belli bir çäkde ýa-da belli bir möhletlerde çäklendirilip ýa-da doly gadagan edilip bilner.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanylmagyna çäklendirmeler we gadagan etmeler hojalyk taýdan ulanylýan çäklerde işiň düzgünleşdirilmegi, şonuň ýaly-da belli bir çägi, döwlet tebigy goraghanalaryny, milli tebigy seýilgählerini, döwlet botanika baglaryny, döwlet tebigy ýerli goraghanalaryny, döwlet tebigy ýadygärliklerini we beýleki aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek bilen hojalyk ulanyşyndan doly ýa-da bölekleýin aýyrmak arkaly bellenip bilner.
3. Zerur bolan ýagdaýlarda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ösümlikleriň seýrek duş gelýän we ýitip barýan görnüşleriniň, olaryň bölekleriniň we olaryň täze alnan, doňdurylan, konserwirlenen ýa-da kakadylan görnüşindäki önümleriniň satyn alynmagyna-satylmagyna, daşalmagyna, ugradylmagyna çäklendirmeler we gadagan etmeler bellenip bilner.
30-njy madda. Ýabany ösýän ösümlikleriň we tebigy ösümlik toparlarynyň ösýän gurşawyny gorap saklamak we önümçilik ýagdaýlary amala aşyrylanda olaryň ýok bolmagynyň öňüni almak
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýän ulag magistrallary, obýektleri we desgalary ýerleşdirilende, taslamalaşdyrylanda, gurlanda we olaryň durky täzelenende, şeýle hem täze tehnologiýalar ornaşdyrylanda, hojalyk dolanyşygyna täze ýerler girizilende, tokaý ulanyşy amala aşyrylanda, geologiýa-gözleg işleri geçirilende we peýdaly magdanlar gazylyp alnanda, oba hojalyk mallarynyň öri meýdanlary we sürüp geçilýän ýerleri kesgitlenende, syýahatçylyk gatnawlary işlenip düzülende we ilatyň köpçülikleýin dynç alýan ýeri guralanda ösümlik dünýäsiniň obýektlerini gorap saklamak boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr we amala aşyrylmalydyr.
2. Kärhanalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň guruljak ýerleri, tehnologik hadysalaryň üýtgedilmegi ekologik seljermä sezewar edilmelidir, ýerine ýetiriji häkimýetiň ýerli edaralary, ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanmakwe üznüksiz köpeltmekbabatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki gyzyklanma bildirýän edaralar bilen ylalaşylmalydyr.
3. Ýuridik we fiziki şahslarösümlik dünýäsiniň obýektleri bilen örtülen çäkleriň durmuş zir-zibilleri, nebit, himiýa önümleri we beýleki galyndylar bilen hapalanmagyna ýol bermezlige borçludyrlar.
Bellenilen tertipde bu maksatlar üçin ýörite bellenilen ýerlerden daşarda zir-zibilleriň, durmuş we önümçilik galyndylarynyň zibilhanasy gadagan edilýär.
4. Tebigy ösümlik toparlarynda guran ösümlikleri ýakmak gadagan edilýär.
5. Gurluşyk etmek, suw bilen doldurmak ýa-da ulag magistraly üçin berlen çäklerde gurluşyga başlanmazyndan öň bellenilen tertipde hojalyk taýdan gymmatly ýabany ösýän ösümlikleriň taýýarlanmagy amala aşyrylmalydyr, seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda durýan ösümlikleri gorap saklamak mümkin bolmadyk ýagdaýynda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça olar başga ýere göçürilmelidir.
6. Mineral dökünleriň, ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň we beýleki serişdeleriň ulanylmagy agrotehniki, seçgi-genetik, biologik we beýleki çäreleriň amala aşyrylmagy bilen utgaşdyrylmalydyr. Ýuridik we fiziki şahslargörkezilen serişdeleri daşamagyň, saklamagyň we ulanmagyň düzgünlerini berjaý etmäge borçludyrlar.
Mineral dökünleri, ösümlikleri goramagyň serişdelerini we beýleki serişdeleri ulanmagyň düzgünleri, şeýle hem ulanmaga rugsat berlen görkezilen serişdeleriň sanawlary ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmek babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy bilen ylalaşylmaga degişlidir.
31-nji madda. Seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda durýan ösümlikleriň görnüşleriniň we tebigy ösümlik toparlarynyň goralmagy
1. Seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda durýan ösümlikleriň görnüşleri we tebigy ösümlik toparlary Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilýär we aýratyn goralmaga degişlidir.
2. Emeli ýol bilen döredilen ekinzarlyklardan we tokaý ekinlerinden başga şeýle ösümlikleri (olaryň miwelerini, böleklerini, önümlerini) taýýarlamak we ýygnamak gadagan edilýär. Aýratyn ýagdaýlarda tebigy şertlerde üznüksiz köpeltmek üçin bu ösümlikleri ylmy-barlag we beýleki maksatlarda almaga ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmekbabatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasynyň rugsat bermegi boýunça ýol berilýär.
3. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen, seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda durýan ösümlikleri ylmy-barlag maksatlary üçin ýygnamaga rugsatnamalaryň berilmegi ösümlik dünýäsini goramak, rejelipeýdalanmak we üznüksiz köpeltmekbabatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleri ýygnamak üçin rugsatnamalary bermegiň tertibi ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmekbabatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan bellenilýär.
32-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerdäki ösümlik dünýäsiniň obýektlerine täsir edýän ýa-da täsir edip biljek ýuridik we fiziki şahslaryň işine diňe bu iş olýerleri goramagyň we ulanmagyň tertibine garşy gelmeýän bolsa, ýol berilýär.
2. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ýerlerinde ýerleşýän ösümlik dünýäsiniň obýektlerine täsir edip biljek işi amala aşyrmagy meýilleşdirýän ýuridik we fiziki şahslar şeýle işi amala aşyrmagyň ösümlik dünýäsiniň bu obýektleri we (ýa-da) olaryň ösýän gurşawy üçin howpsuzdygyny subut etmäge borçludyrlar.
3. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriňmeýdanlarynda ýerleşýän ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralmagy şu Kanuna we Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
33-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak ösümlikleri goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ösümlik dünýäsiniň obýektlerine haşal otlar, zyýankeşler we keseller bilen zeper ýetirilmeginiň ýa-da olaryň ýok edilmeginiň öňüni almak boýunça çäreleriň toplumy, şol sanda ösümlikleriň karantini arkaly amala aşyrylýar.
3. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini olaryň biologik we beýleki aýratynlyklaryny hasaba almak bilen goramak ýer bölekleriniň ulanyjylary tarapyndan amala aşyrylýar. Ýer bölekleriniň ulanyjylary ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak maksady bilen şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) ösümlikdünýäsiniň obýektleriniň zyýankeşleriniň wekeselleriniň öňünialmakwe olary özwagtynda ýüze çykarmakhem-deolaragarşygöreşmekboýunça çäreleri ýerine ýetirmäge;
2) işi ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň arassaçylyk ýagdaýynyň gowulanmagyny üpjün edýän usullary we tehnologiýalary berjaý etmek bilen amala aşyrmaga;
3) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň zyýankeşleriniň we keselleriniň ýaýramagyna ýol bermezlige;
4) arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmäge we ösümlikleri goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna we onuň ýerlerdäki bölümçelerine ýardam etmäge;
5) ösümlikleri goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna we onuň ýerlerdäki bölümçelerine zyýankeşleriň we (ýa-da) keselleriň täsiri netijesinde ösümlik dünýäsiniň obýektlerine köpçülikleýin zyýan ýetirilen ýa-da olaryň ýok edilen ýagdaýlary hakynda habar bermäge.
4. Ýer bölekleriniň ulanyjylary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga borçlary hem ýerine ýetirmelidirler.
34-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak we rejeli peýdalanmakboýunça çäreleri ykdysady taýdan höweslendirmek
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak we rejeli peýdalanmakboýunça çäreleri ykdysady taýdan höweslendirmek ösümlik dünýäsiniň obýektlerini ulanyjylaryň ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň önümliliginiň saklanyp galmagyna we üznüksiz köpeldilmegine bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, ösümlik dünýäsiniň obýektlerini önümçilik işiniň ýaramaz netijelerinden goramaga gönükdirilýär.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak we rejeli peýdalanmak boýunça çäreleriykdysady taýdan höweslendirmek bilen baglanyşykly çäreleriňmaliýeleşdiriliş çeşmeleri we amala aşyrylyş tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen kesgitlenilýär we bellenilýär.
35-nji madda. Türkmenistanda ösümlikleriň karantini
1. Türkmenistanda ösümlikleriň karantini ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Ösümlikler we ösümlik gelip çykyşy bolan önümler Türkmenistana getirilende, Türkmenistandan çykarylanda we onuň çäginden üstaşyr geçirilende ösümlikleriň we ösümlik gelip çykyşly önümleriň karantini boýunça düzgünler, döwletiň çäginde ösümlikleriň içerki karantini boýunça çäreleri geçirmek we ösümlikleriň karantini boýunça ýuridik we fiziki şahslara bildirilýän esasy talaplar Türkmenistanyň "Ösümlikleriň karantini hakyndaky" Kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilýär.
36-njy madda. Ýabany ösýän ösümlikleriň introduksiýasy, uýgunlaşdyrmasy we gibridleşdirmesi
1. Türkmenistanyň ýabany ösýän ösümliklerini olaryň tebigy ösýän täze ýerlerine introduksiýasyna, tebigy şertlerde Türkmenistan üçin täze bolan ýabany ösýän ösümlikleriň görnüşleriniň uýgunlaşdyrmasyna, şeýle hem tebigy şertlerde ýabany ösýän ösümlikleriň gibridleşdirilmegi boýunça çärelere diňe ylmy-barlag we hojalyk maksatlary üçin degişli ylmy edaralaryň netijenamalarynyň esasynda we ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň karary boýunça ýol berilýär.
2. Ýabany ösýän ösümlikleriň olaryň ösýän tebigy şertlerinde introduksiýasynyň, uýgunlaşdyrmasynyň we gibridleşdirmesiniň düzgünleri ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmek boýunça ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
37-nji madda. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak we üznüksiz köpeltmek bilen bagly kararlaryň kabul edilmegine gatnaşmagy
1. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet hem-de jemgyýetçilik işine göni gatnaşmagyň beýleki görnüşleriniň üsti bilen ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak, rejeli peýdalanmakwe üznüksiz köpeltmek bilen bagly meseleler boýunça kararlaryň kabul edilmegine gatnaşmaga hukugy bar.
2. Döwlet edaralary raýatlara we jemgyýetçilik birleşiklerine ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak we üznüksiz köpeltmek meseleleri boýunça zerur bolan maglumaty bermelidirler.
3. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak, rejeli peýdalanmakwe üznüksiz köpeltmek bilen bagly kararlaryň kabul edilmegine gatnaşmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.
VBAP. ÝABANY ÖSÝÄN ÖSÜMLIKLERIŇ
ÝAÝRAMAGYNY DÜZGÜNLEŞDIRMEK. ÖSÜMLIK
DÜNÝÄSINIŇ OBÝEKTLERINI ÜZNÜKSIZ KÖPELTMEK
38-nji madda. Ýabany ösýän ösümlikleriň ýaýramagyny düzgünleşdirmek
1. Ilatyň janyny we saglygyny goramak, haýwanat dünýäsiniň obýektlerini we olaryň ýaşaýan gurşawyny, ösümlik dünýäsiniň obýektlerini we olaryň ösýän gurşawyny gorap saklamak we goramak maksady bilen ýabany ösýän ösümlikleriň aýry-aýry görnüşleriniň ýaýramagyny düzgünleşdirmek (gerekmejek zäherli, düzüminde neşe saklaýan, karantin we haşal ösümlikleriň ýaýramagynyň, sürülýän ýerleri, ot ýatyrylýan we mal bakylýan meýdanlary agaç we gyrymsy agaç basmagynyň, howdanlary gerekmejek ösümlik basmagynyň we beýlekileriň öňüni almak) boýunça çäreler geçirilýär.
2. Ýabany ösýän ösümlikleriň aýry-aýry görnüşleriniň ýaýramagyny düzgünleşdirmek boýunça çäreler beýleki ösümliklere ýa-da haýwanat dünýäsine zyýan ýetirilmegine ýol bermeýän we tebigy ösümlik toparlarynyň we olaryň ösýän gurşawynyň abatlygyny üpjün edýän usullar bilen amala aşyrylmalydyr.
3. Ýabany ösýän ösümlikleriň ýaýramagynyň düzgünleşdirilmäge degişli görnüşleriniň sanawy, şeýle hem olaryň ýaýramagyny düzgünleşdirmek boýunça çäreleri geçirmegiň tertibi ösümlikleriň karantini boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmekbabatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
39-njy madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini üznüksiz köpeltmek
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň tükeniksiz (üznüksiz) ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen bellenilen tertipde ösümlik örtügini üznüksiz köpeltmek boýunça çäreler we ösümlik dünýäsiniň obýektlerini dikeltmek boýunça beýleki çäreler geçirilýär.
Ösümlik örtügini dikeltmek boýunça işler ozal tebigy ösümlikler bilen örtülen, tebigy hadysalaryň, ýangynlaryň we beýleki hadysalaryň netijesinde ösümlik örtügine zyýan ýetirilen meýdanlarda amala aşyrylýar.
2. Tebigy ösümlikler bilen örtülen gazylypalynýan peýdaly magdanlaryň ýatagyny peýdalanýan, özlerine ulanmaga berlen meýdanlarda geologiýa-gözleg, gözleg, gurluşyk we beýleki işleri geçirýän ýuridik we fiziki şahslar özleri tarapyndan bozulan tebigy ösümlik toparlaryny maksadalaýyk ulanmak üçin ýaramsyz ýagdaýa getirenlerinde ösümlik örtügini dikeltmek boýunça zerur bolan işleri amala aşyrmaga borçludyrlar.
Bozulan tebigy ösümlik toparlarynyň bitewiligini we önümliligini dikeltmek, ýabany ösýän ösümlikleriň tebigy taýdan täzelenmegine ýardam etmek boýunça işler ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmekbabatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan bellenilýän tertipde iň gysga möhletlerde önümli, hojalyk taýdan gymmatly peýdalanylýan ýerleriň döredilmegini üpjün edýän usullar bilen geçirilýär.
3. Ýabany ösýän ösümlikleriň tebigy taýdan täzelenmegi we olaryň emele getirýän tebigy ösümlik toparlarynyň bitewiligini we önümliligini dikeltmek üçin amatly şertleri gorap saklamaga, ösümlik örtügi bozulan ýanan ýerlerde, dag känlerinde we beýleki meýdanlarda ösümlik örtügini dikeltmäge gönükdirilen talaplar ýabany ösýän ösümlikleri, olaryň böleklerini we önümlerini taýýarlamak (ýygnamak) üçin täze tehnika we ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ulanylmagyny amala aşyrmagyň täze tehnologiýasy işlenip taýýarlanylanda hasaba alynmalydyr.
40-njy madda. Botaniki kolleksiýalar
1. Kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan botaniki kolleksiýalaryň (botaniki baglaryň janly kolleksiýalaryny, dendrarileri, dendroparklary, oranžereýalary, nahalhanalary, tohumlaryň bankyny, şeýle hem gerbarileri we ösümlikleriň bölekleriniň we önümleriniň beýleki ýygyndylarynyň) döredilmegine we olaryň üstüniň ýetirilmegine şu Kanunyň talaplarynyň berjaý edilmegi bilen bu maksatlar üçin ýörite tebigy gurşawdan ýabany ösýän ösümlikleri (şol sanda olaryň böleklerini we önümlerini) almak arkaly ýol berilýär.
2. Fiziki şahslaryň şahsy eýeçiliginde durýan botaniki kolleksiýalaryň üstüni ýetirmäge we olar tarapyndan ýygnalmagy üçin ýörite rugsatnamanyň alynmagy talap edilýän ýa-da olar tarapyndan bellenilen talaplaryň berjaý edilmegi bilen ösümlik dünýäsini goramak, rejelipeýdalanmak we üznüksiz köpeltmekbabatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan berlen rugsatnamalar boýunça ýygnalan ösümliklerden, olaryň böleklerinden we önümlerinden ybarat bolan täze kolleksiýalaryň döredilmegine ýol berilýär.
3. Ylmy, medeni aň-bilim, okuw-terbiýeçilik ýa-da estetiki gymmata eýe bolan botaniki kolleksiýalar döwlet tarapyndan hasaba alynmaga degişlidir. Şeýle kolleksiýalaryň eýeleri bolan ýuridik we fiziki şahslar botaniki kolleksiýalary saklamagyň, hasaba almagyň we ulanmagyň düzgünlerini berjaý etmäge borçludyrlar.
4. Botaniki kolleksiýalary döretmegiň, olaryň üstüni ýetirmegiň, olary saklamagyň, hasaba almagyň we ulanmagyň düzgünleri, şeýle hem botaniki kolleksiýalary satmagyň, ugratmagyň we serhetden daşary çykarmagyň düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanylýar.
VIBAP. ÖSÜMLIK DÜNÝÄSINIŇ OBÝEKTLERINIŇ GORALYŞYNA WE ULANYLYŞYNA DÖWLET GÖZEGÇILIGI
41-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralyşyna we ulanylyşyna döwlet gözegçiligi
1. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralyşyna we ulanylyşyna döwlet gözegçiliginiň wezipesi ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmeginiň üpjünçiliginden ybarat bolup durýar.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň goralyşyna we ulanylyşyna döwlet gözegçiligi ösümlik dünýäsini goramak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmek babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy, onuň ýerlerdäki bölümçeleri, ýerine ýetiriji häkimýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
42-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň ýagdaýynyň monitoringi
1. Ösümlik dünýäsiniň monitoringi üýtgeşmeleri öz wagtynda ýüze çykarmak, olara baha bermek, ösümlik dünýäsiniň obýektleri üçin ýaramaz ýagdaýlaryň netijeleriniň öňüni almak we aradan aýyrmak üçin ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň ýagdaýyna amala aşyrylýan gözegçilikleriň ulgamy bolup durýar.
2. Ösümlik dünýäsiniň monitoringi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
3. Monitoringi geçirmegiň düzümi, mazmuny we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
VII BAP.JEDELLERIŇ ÇÖZÜLIŞI WE ÖSÜMLIK DÜNÝÄSI
HAKYNDAKANUNÇYLYGYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN
JOGAPKÄRÇILIK
43-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak we rejeli peýdalanmakmeseleleri boýunça jedelleriň çözülişiniň tertibi
Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak we ulanmak meseleleri boýunça jedeller we olar bilen baglanyşykly emläk jedelleri kazyýet tertibinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.
44-nji madda. Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi hakyndaky kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
1. Türkmenistanyňösümlik dünýäsi hakyndakanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
2. Ýuridik we fiziki şahslaryň ösümlik dünýäsi hakyndaTürkmenistanyň kanunçylygyny bozandyklary üçin jogapkärçilige çekilmegi, olary ösümlik dünýäsiniň obýektlerini goramak we üznüksiz köpeltmek hem-de olaryň ösýän gurşawyny dikeltmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmek borçlaryndan boşatmaýar.
45-nji madda. Türkmenistanyňösümlik dünýäsi hakyndaky kanunçylygynyň bozulmagy bilen ýetirilen zyýanyň öweziniňdolunmagy
1. Ýuridik we fiziki şahslar ösümlik dünýäsi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde özleri tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberlerde we tertipde dolmaga borçludyrlar.
2. Kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan zyýanyň öwezini dolmak bilen bagly çykdajylaryň çekilmegine günäkär bolan wezipeli adamlar we döwlet edaralarynyň beýleki işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maddy jogapkärçilik çekýärler.
3. Bikanun ýygnalan (taýýarlanan) ýabany ösýän ösümlikler, olaryň bölekleri ýa-da miweleri, olardan alnan önümler muzdsuz alynmaga degişlidir, şonuň ýaly almak mümkin bolmadyk ýagdaýynda bolsa,olaryň bahalary bellenilen tertipde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölenilýär.
VIII BAP. HALKARA HYZMATDAŞLYGY
46-njy madda. Ösümlik dünýäsiniň goralmagy, rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi babatda halkara hyzmatdaşlygy
Ösümlik dünýäsiniň goralmagy,rejeli peýdalanylmagywe üznüksiz köpeldilmegi babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyňkanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
47-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren hasap etmeli:
1) 1993-nji ýylyň 28-nji dekabryndaky "Ösümlik dünýäsini goramak werejelipeýdalanmak hakynda" TürkmenistanyňKanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., №11-12, 110-njy madda);
2) 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň XV bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., №2, 214-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 4-nji awgusty.
№ 309-IV.