TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Binagärlik işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 8-nji madda)
(Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 85-VI we 03.06.2023 ý. № 28-VII Kanunlary esasynda
girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun binagärlik işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär hem-de adamyň ýaşaýşynyň amatly gurşawynyň emele getirilmegine, binalaryň, desgalaryň we olaryň toplumlarynyň estetik täsirliliginiň, ygtybarlylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) binagärlik işi – taslama resminamasynyň binagärlik bölüminde bellenen täze gurluşyk, durkuny täzelemek, dikeltmek, düýpli abatlamak, obýektiň daşky we içki keşbini döretmegiň, göwrüm-giňişlik, düzüliş, ýerleşiş we işleýiş taýdan guralmagynyň döredijilik işini öz içine alýan binagärlik (mundan beýläk – gurluşyk) obýektlerini döretmek, taslama durmuşa geçirilen mahalynda awtorlyk gözegçilik barlagynyň alnyp barylmagy, şeýle hem bu çygyrda ylmy-barlag we mugallymçylyk işiniň amala aşyrylmagy boýunça hünärmençilik işi;
2) binagärlik çözgüdi - binagärlik obýektiniň göwrüm-giňişlik, düzüliş, ýerleşiş we işleýiş taýdan guralyşy, daşky görnüşi we içki keşbi, şeýle hem onuň durmuşa geçirilmegi üçin taslama resminamasynyň binagärlik böleginde beýan edilen we gurlan binagärlik obýektinde amal edilen, onuň amala aşyrylan inženerçilik hem-de başgaça üpjün edilmegi babatda awtoryň pikiri;
3) taslama – binagärlik obýektleriniň gurulmagy üçin anyk binagärlik obýektiniň şähergurluşyk, göwrüm-meýilnamalaşdyryş, binagärlik, gurluş, tehniki we tehnologik çözgütlerini, baha görkezijilerini kesgitleýän hem-de döwlet standartlarynyň, gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna gabat gelýän çyzgylardan, grafiki we ýazgy materiallaryndan, inženerçilik we smeta hasaplamalaryndan ybarat bolan resminama;
4) binagärlik taslamasy – gurluşyk we şähergurluşyk resminamalary üçin durmuş, ykdysady, işleýiş, inženerçilik, tehniki, ýangyna garşy, sanitariýa-epidemiologiýa, ekologik, binagärlik-çeperçilik talaplaryny hem-de binagärlik obýektleriniň gurulmagy üçin gurluşygyň taslamasyny işläp düzmäge zerur bolan möçberde ýerine ýetirilen gurluşyk resminamalaryny toplumlaýyn göz öňünde tutýan binagärlik çözgütlerini özünde jemleýän binagärlige degişli bölegi;
5) binagärlik-meýilnamalaşdyryş ýumşy – anyk ýer bölegindäki binagärlik obýektiniň wezipesine, esasy ölçeglerine we ýerleşdirilişine bildirilýän talaplaryň toplumy, şeýle hem onuň taslamalaşdyrylmagynyň we gurluşygynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hökmany ekologik, tehniki, guramaçylyk we başga şertleri;
6) taslamanyň ylalaşylmagy – taslama boýunça çözgütleriň taslamalaşdyrmak üçin başlangyç maglumatlara laýyk gelşiniň anyklanylmagynyň düzgüni;
7) bilermenler seljermesi – taslama boýunça çözgütleriň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna, döwlet standartlaryna, gurluşygyň kadalaryna we düzgünlerine laýyk gelýändiginiň (laýyk gelmeýändiginiň) anyklanylmasy;
8) buýrujy – özünde binagärlik-meýilnamalaşdyryş ýumşuna laýyklykda ýerine ýetirilen binagärlik taslamasy bolan, binagärlik obýektiniň gurluşygyny amala aşyrmakçy bolýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
9) tehniki gözegçilik barlagy – taslama çözgütleriniň we döwlet standartlarynyň talaplarynyň, gurluşygyň kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň, şeýle hem gurluşyk wagtynda ýa-da şähergurluşyk obýektiniň (şol sanda ýykylyp aýrylmagy arkaly) üýtgedilýän wagtynda ýerine ýetirilen işleriň hiline we olaryň möçberine barlag edilmeginiň ähli tapgyrlarynda gurluşygynyň gözegçilik barlagy;
10) gurluşykda nyrh emele getirmek – umumy nyrh syýasatynyň bir bölegi bolmak bilen, ähli pudaklar üçin nyrh emele getirmegiň umumy ýörelgelerine daýanýan gurluşyk bazarynda hyzmatlaryň we materiallaryň bahasynyň döreýiş täri.
11) milli çykdajy-ölçeg binýady – gurluşykda nyrh emele getirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylýan hukuk namalarynyň, ölçegleriň, nyrhnamalaryň we beýleki resminamalaryň toplumy.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
2-nji madda. Türkmenistanyň binagärlik işi hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň binagärlik işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda. Binagärlik işi babatda döwlet syýasaty
1. Binagärlik işi babatda döwlet syýasaty – binagärlik işi çygrynda maksatlaryň, wezipeleriň hem-de çäreleriň jemgyýetiň durmuş we ykdysady syýasaty bilen özara baglanyşykda emele getirilýän ulgamy.
2. Binagärlik işi babatda döwlet syýasaty amatly ýaşaýyş gurşawynyň döredilmegine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýap saklanylmagyna gönükdirilendir, şeýle hem jemgyýetiň, döwletiň we raýatlaryň binagärlik işi babatda bähbitleriniň sazlaşykly utgaşmagynyň üpjün edilmegine hyzmat edýär.
II BAP. BINAGÄRLIK IŞINIŇ DÖWLET TARAPYNDAN
DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI WE GURAMAÇYLYK DÜZÜMI
4-nji madda. Binagärlik işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar
Binagärlik işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarly edara) hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti binagärlik işi babatda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) binagärligiň möhüm obýektlerini taslamalaşdyrmak we gurmak hakynda karar kabul edýär we şeýle obýektleriň taslamalaryny tassyklaýar;
3) binagärlik işi üçin amatly guramaçylyk, hukuk we ykdysady şertleri döredýär;
31) gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
32) gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň çeşmelerini hem-de möçberlerini belleýär;
4) şulary tassyklaýar:
a) binagärlik-gurluşyk işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny;
b) binagärlik işini ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny;
5) binagärligiň meseleleri we binagärligiň ýadygärliklerini goramak boýunça halkara guramalaryna we çärelerine gatnaşylmagyna ýardam edýär;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
6-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara binagärlik işi babatda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) şulary işläp taýýarlaýar we tassyklaýar:
a) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde binagärlik işini düzgünleşdirýän hem-de gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny;
b) binagärlik obýektleriniň amala aşyrylyşyna awtorlyk gözegçilik barlagyny guramagyň we alyp barmagyň kadalaryny:
ç) binagärlik bäsleşiklerini geçirmegiň tertibini;
d) baş binagäriň (binagärleriň) wezipesine dalaşgärleri seçip almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibini;
e) binagärlik obýektiniň gurluşyk pasporty hakynda düzgünnamany;
ä) binagärleriň hünär synagyny geçirmegiň tertibini;
f) welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň binagärlik müdirlikleri (şäherleriň we etraplaryň binagärlik bölümleri) hakynda düzgünnamany;
g) Baş binagär (binagär) hakynda birkysmy düzgünnamany;
3) binagärlik işini ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlaýar we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyklamagyna girizýär;
31) gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek babatda döwlet maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyklamagyna girizýär;
4) şulary amala aşyrýar:
a) gurluş düzüm birlikleriniň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işiniň utgaşdyrylmagyny we usulyýet ýolbaşçylygyny;
b) ylmy barlaglaryň goldanylmagyna, işgärleriň taýýarlanylmagyna we olaryň hünärleriniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edilmegini;
ç) binagärlik işine maýa goýumlarynyň çekilmegini;
d) binagärlik obýektlerini döretmek, durkuny täzelemek we dikeltmek üçin binagärlik-gurluşyk bäsleşikleriniň geçirilmegini;
e) döwlet kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilişine, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň bähbitleriniň üpjün edilmegi boýunça barlagy;
ä) binagärlik işiniň ygtyýarlylandyrylmagyny;
f) binagärlik işiniň kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet üpjünçiligini;
g) binagärlik obýektleriniň taslamalarynyň döwlet bilermenler seljermesiniň geçirilmegini;
h) ylmy-barlag işini;
i) binagärler birleşmesiniň işine ýardam etmegi;
j) binagärlik işiniň subýektleriniň arasynda bu işiň barşynda ýüze çykýan jedellere ygtyýarlyklarynyň çäklerinde garamagy;
z) binagärleriň maglumatlar binýadynyň hasabynyň ýöredilmegini;
k) baş binagäriň (binagärleriň) wezipesine dalaşgärlere garalmagyny we ylalaşylmagyny;
l) gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek babatda gözegçiligi;
5) kabul edilýän çözgütler hakynda ilaty habarly edýär;
6) kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň we halkara talaplary bilen okuw hünärmençilik maksatnamalarynyň, binagärlik obýektleriniň taslamalaşdyrylmagynyň we gurulmagynyň täze tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny üpjün edýär;
7) halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşýar;
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
7-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary binagärlik işi babatda:
1) ýerli binagärlik edaralarynyň işine ýardam etmegi amala aşyrýarlar:
2) binagärlik obýektleriniň gurulmagy üçin taslamany işläp taýýarlamak boýunça buýrujy hökmünde çykyş edýärler;
3) binagärlik obýektiniň gurluşygynyň degişli binagärlik-şähergurluşyk resminamasynyň bozulmagy ýa-da ondan üýtgemek bilen alnyp barlan halatlarynda binagärligiň şeýle obýektleriniň bina edilmegini wagtlaýyn togtadýarlar;
4) ýokary döwlet häkimiýet edaralaryna binagärlik obýektleriniň serhetleriniň anyklanylmagy ýa-da üýtgedilmegi hakynda teklipleri girizýärler;
5) binagärlik babatda kabul edilýän çözgütler hakynda ilaty yzygiderli habarly edýärler;
6) binagärlik işi babatda düzgün bozulmalar hakyndaky işlere garaýarlar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli çözgütleri kabul edýärler;
7) binagärlik işi babatda kadalary we düzgünleri kämilleşdirmek boýunça teklipleri girizýärler;
8) binagärlik işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar;
9) ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertibiň esasynda geçirilen seçip almagyň netijeleriniň hasaba alynmagy bilen baş binagäri (binagärleri) wezipä belleýärler;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
8-nji madda. Binagärlik işini dolandyrmagyň guramaçylyk düzümi
1. Binagärlik işini dolandyrmagyň guramaçylyk düzümi sebit we ýerli edaralardan ybarat bolup durýar.
2. Binagärlik işini dolandyrmagyň sebit edarasy – welaýatyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň binagärlik müdirligi, ýerli edarasy bolsa şäherleriň we etraplaryň binagärlik bölümi bolup durýar.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
III BAP. BINAGÄRLIK IŞINIŇ OBÝEKTLERI WE SUBÝEKTLERI
9-njy madda. Binagärlik işiniň obýektleri
Binagärlik taslamalary esasynda döredilen ýaşaýyş jaý-raýat, jemagat, senagat we beýleki maksatly binalar we desgalar, abadançylyk, bagçylyk-seýilgäh we landşaft binagärligiň, monumental we monumental-bezeg sungatynyň obýektleri we olaryň toplumlary binagärlik işiniň obýektleri (binagärlik obýektleri) bolup durýarlar.
10-njy madda. Binagärlik işiniň subýektleri
Binagärlik obýektlerini gurmak üçin binagärlik-şähergurluşyk we taslama resminamalaryny taýýarlamaga we işläp taýýarlamaga, binagärlik babatda ylmy-barlag we mugallymçylyk işine gatnaşýan fiziki we ýuridik şahslar, şol sanda daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlar, binagärlik obýektleriniň taslamalarynyň we gurluşygynyň buýrujylary, taslama we gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylar, şeýle hem binagärlik işiniň çygrynda öz ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirýän döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary binagärlik işiniň subýektleri (binagärlik subýektleri) bolup durýarlar.
IV BAP. BINAGÄRLER, BINAGÄRLER BIRLEŞMELERI
11-nji madda. Baş binagärler (binagärler)
1. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň binagärlik müdirlikleriniň (şäher we etrap binagärlik bölümleriniň) ýolbaşçylary wezipeleri boýunça degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň baş binagärleri bolup durýarlar.
2. Welaýatyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baş binagäri (binagärleri) welaýatyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan bäsleşik esasynda seçip almagyň netijeleriniň hasaba alynmagy we ygtyýarly edara bilen ylalaşylmagy boýunça wezipä bellenilýär.
Bäsleşigi geçirmegiň we oňa gatnaşmagyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
3. Şäherleriň we etraplaryň baş binagärleri (binagärleri) welaýatlaryň binagärlik müdirlikleri tarapyndan wezipä bellenilýär. Şunda wezipä bellemek ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça amala aşyrylýar.
4. Welaýatyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, etraplaryň we şäherleriň baş binagäriniň (binagärleriniň) wezipeden boşadylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
12-nji madda. Binagärler birleşmesi
1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda binagärler birleşmesi döredilip bilner.
2. Binagärler birleşmesiniň işi onuň bellenilen tertipde bellige alnan tertipnamasynyň (düzgünnamasynyň) esasynda amala aşyrylýar.
3. Binagärler birleşmesiniň wekilleri binagärleriň hünär synagy boýunça toparynyň işine çagyrylyp bilner.
4. Binagärler birleşmesi özüniň tertipnamasyna (düzgünnamasyna) laýyklykda binagärleriň binagärlik işiniň çygryndaky hünär bähbitlerini goramak wezipelerini amala aşyrýarlar.
5. Binagärler birleşmesi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şahamçalaryny we düzüm birliklerini döredip biler.
V BAP. BINAGÄRLIK IŞINIŇ GURALYŞY
13-nji madda. Binagärlik obýektini döretmek bilen baglanyşykly işleriň toplumy
Binagärlik obýektini döretmek üçin şu aşakdakylary öz içine alýan işleriň toplumy ýerine ýetirilýär:
1) taslamalaşdyrmak üçin başlangyç maglumatlaryň taýýarlanylmagyny;
2) zerur halatlarda taslamadan öňki işleriň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenen (baha kesilen) antropologik, arheologik, estetik, etnografik, taryhy, ylmy ýa-da çeperçilik ähmiýeti bolan binagärlik obýektleriniň gurluşygy amala aşyrylanda ýa-da üýtgedilende (ýykylyp aýrylmagy arkaly) gorag çäreleriniň amala aşyrylmagyny;
3) binagärlik çözgüdiniň gözlenilmegini, taslamanyň işlenip taýýarlanylmagyny, ylalaşylmagyny we tassyklanylmagyny;
4) gurluşyk üçin iş resminamasynyň ýerine ýetirilmegini, ol ýa-da onuň aýry-aýry bölekleri beýleki ýerine ýetiriji tarapyndan ýerine ýetirilen mahalynda bolsa – şeýle ýerine ýetirilişe awtorlyk gözegçilik barlagynyň amala aşyrylmagyny;
5) binagärlik obýektiniň gurluşygy amala aşyrylanda ýa-da üýtgedilende (şol sanda ýykylyp aýrylmagy arkaly) binagärlik-gurluşyk barlagyny, tehniki we awtorlyk gözegçilik barlagyny.
14-nji madda. Taslamalaşdyrmak üçin başlangyç maglumatlar
1. Binagärlik obýektleriniň taslamalaryny işläp taýýarlamak (taslamalaşdyrmak) buýrujy tarapyndan berlen taslamalaşdyrmak üçin başlangyç maglumatlaryň esasynda amala aşyrylýar, olara aşakdakylar degişlidir:
1) binagärlik-meýilnamalaşdyryş ýumşy;
2) binagärlik obýektiniň inženerçilik üpjünçiligi boýunça tehniki şertleri;
3) taslamalaşdyrmak üçin ýumuş.
2. Binagärlik obýektiniň inženerçilik üpjünçiligi babatda degişli ýer böleginiň gurluşygynyň şähergurluşyk şertleriniň we çäklendirmeleriniň hem-de tehniki şertleriň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
15-nji madda. Binagärlik bäsleşikleri
1. Binagärlik (umumy döwlet, ýerli, sebit, halkara) bäsleşikleri binagärlik obýektleri boýunça iň gowy binagärlik-meýilnamalaşdyryş, inžener-tehniki we ykdysady taýdan kabul ederlikli taslama teklipleriniň ýüze çykarylmagy hem-de taslama resminamalarynyň ýerine ýetirijileriniň kesgitlenilmegi üçin geçirilýär.
2. Binagärlik bäsleşikleri anyk ýer böleklerinde gurmak boýunça iň gowy taslama teklibini ýüze çykarmak üçin hem guralyp bilner.
3. Binagärlik bäsleşikleriniň ýeňijilerini topar kesgitleýär, onuň düzümine şähergurluşyk we binagärlik çygrynda ýokary hünärli hünärmenleriň azyndan üçden ikisi, ygtyýarly edaranyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri girmelidir.
Bäsleşik taslamasy gowy diýlip ykrar edilen şahs ony durmuşa geçirmegiň artykmaçlyk hukugyndan peýdalanýar.
4. Binagärlik bäsleşikleri ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde geçirilýär.
16-njy madda. Binagärlik obýektiniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy, ylalaşylmagy we tassyklanylmagy
1. Binagärlik obýektiniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy, ylalaşylmagy we tassyklanylmagy, oňa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Binagärlik obýektiniň taslamasy taslamanyň baş binagäriniň ýolbaşçylygynda ýa-da hökmany gatnaşmagynda işlenilip taýýarlanylýar.
Binagärlik obýektiniň taslamasy taslamanyň baş binagäri we (ýa-da) taslamanyň baş inženeri tarapyndan, ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanylýar.
3. Tassyklanylan taslama üýtgetmeler girizmek – taslamanyň awtory bilen ylalaşylyp, tehniki şertlerden üýtgemeler bolan mahalynda bolsa – buýrujy we şeýle tehniki şertleri beren degişli edaralar bilen ylalaşylyp, geçirilýär.
Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, tassyklanylan taslama döwlet standartlarynyň, gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly üýtgetmeleri ýa-da goşmaçalary girizmek buýrujynyň razylygy bilen amala aşyrylýar.
17-nji madda. Gurluşyk üçin iş resminamasy
1. Binagärlik obýektiniň gurluşygy üçin iş resminamalary tassyklanan taslamanyň esasynda döwlet standartlaryna, gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine laýyklykda işlenilip taýýarlanylýar we ýerine ýetirilýär.
2. Gurluşyk üçin iş resminamasynyň işlenilip taýýarlanylmagy ýa-da onuň ýerine ýetirilişine awtorlyk gözegçilik barlagy taslamanyň binagäriniň gatnaşmagynda geçirilýär.
18-nji madda. Binagärlik obýektiniň gurluşygy
1. Binagärlik obýektiniň gurluşygy tassyklanylan taslama resminamasyna, döwlet standartlaryna, gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Binagär ýa-da muňa ygtyýarly adam gurluşygy tamamlanan binagärlik obýektiniň ulanylmaga kabul edilmegine gatnaşýar we degişli nama gol çekýär.
19-njy madda. Döwlet binagärlik-gurluşyk barlagy we gözegçilik barlagy
1. Döwlet binagärlik-gurluşyk barlagy we gözegçilik barlagy çäkler gurlanda binagärlik obýektleriniň ýerleşdirilmegini we gurluşygyny üpjün etmek, tassyklanan şähergurluşyk we beýleki taslama resminamalarynyň, ilatly ýerleri gurmagyň ýerli kadalaryny, başlangyç maglumatlaryň talaplaryny üpjün etmek, şeýle hem döwlet tarapyndan gurluşyk önümini sarp edijileriň hukuklaryny goramak maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
2. Döwlet binagärlik-gurluşyk barlagy we gözegçilik barlagy ygtyýarly edaranyň döwlet binagärlik-gurluşyk gözegçiligi edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
20-nji madda. Binagärlik obýektiniň gurluşygyna awtorlyk we tehniki gözegçilik barlagy
1. Binagärlik obýektiniň gurulýan döwründe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň gurluşygyna awtorlyk we tehniki gözegçilik barlagy amala aşyrylýar.
2. Awtorlyk gözegçilik barlagy binagär – binagärlik obýektiniň taslamasynyň awtory, taslamanyň beýleki işläp taýýarlaýjylary ýa-da olaryň ygtyýarly şahslary, şeýle hem ygtyýarly edaranyň döwlet binagärlik-gurluşyk gözegçilik edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Binagärlik obýektiniň gurulýan wagtynda ýol berlen, taslama çözgütlerinden üýtgemeler ýüze çykarylanda we olary düzetmekden potratçy ýüz dönderende awtorlyk ýa-da tehniki gözegçilik barlagyny amala aşyrýan adam Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çäre görmek üçin buýrujylara we döwlet binagärlik-gurluşyk gözegçilik edarasyna habar berýär.
3. Tehniki gözegçilik barlagyny geçirmek buýrujy tarapyndan üpjün edilýär we olaryň hünär dereje şahadatnamasy bolan ygtyýarly şahslary tarapyndan amala aşyrylýar.
21-nji madda. Binagärlik obýektiniň gurluşyk pasporty
Binagärlik obýektleri boýunça taslama gurluşyk işlerini amala aşyrmak üçin buýrujynyň (gurujynyň) ýüztutmasy boýunça binagärlik obýektiniň gurluşyk pasporty hakynda düzgünnama laýyklykda binagärlik obýektiniň gurluşyk pasporty düzülýär.
22-nji madda. Binagärlik işi babatda şertnamalaýyn gatnaşyklar
Binagärlik taslamasynyň döredilmegi, durmuşa geçirilmegi we gaýry peýdalanylmagy diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýan şertnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.
221-nji madda. Binagärlik işiniň maliýeleşdirilmegi
1. Binagärlik işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, buýrujynyň (gurujynyň, potratçynyň) hususy we çekilen serişdeleriniň, şeýle hem inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegine fiziki we ýuridik şahslaryň paýly gatnaşmagynyň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmek bu maksatlar üçin geçirilýän serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
(Kanuna 221-nji maddasy 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan).
VI BAP. BINAGÄRLIK IŞINE BILDIRILÝÄN TALAPLAR
23-nji madda. Binagärlik işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
Binagärlik işiniň ygtyýarlylandyrylmagy ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
24-nji madda. Binagärleriň hünär synagy
1. Adamyň binagärlik işi babatda hünär derejesini barlamak, onuň işewürlik sypatlaryny kesgitlemek, olaryň kärine we hünärine, eýeleýän wezipesine laýyk gelşini ýüze çykarmak maksady bilen binagärleriň hünär synagy geçirilýär.
2. Binagärleriň hünär synagy binagärleriň hünär synagyny geçirmegiň ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan tertibine laýyklykda, binagärleriň hünär synagy boýunça topar tarapyndan geçirilýär.
3. Binagärleriň görkezilen hünär synagynyň netijeleri boýunça adamlara degişli dereje berlip bilner.
4. Hünär synagyny geçen we hünär dereje şahadatnamasyny alan adam hakyndaky maglumat ygtyýarly edara tarapyndan binagärleriň maglumatlar binýadyna girizilýär.
25-nji madda. Binagäriň hünär dereje şahadatnamasy
1. Binagäriň hünär dereje şahadatnamasy adamyň binagärlik işi babatda hünärine (kärine) ýararlylygyny we onuň kärine we hünärine laýyk gelşini tassyklaýan resminama bolup durýar.
2. Hünär dereje şahadatnamasy binagärleriň hünär synagy boýunça toparynyň çözgüdiniň esasynda ygtyýarly edara tarapyndan berilýär.
26-njy madda. Ýerine ýetirilmegi degişli hünär dereje şahadatnamasynyň bolmagyny talap etmeýän taslama işleri
Şu aşakdaky binagärlik obýektlerini döretmek boýunça taslama işleri ýerine ýetirilen mahalynda hünärmenlerden degişli hünär dereje şahadatnamasynyň bolmagy talap edilmeýär:
1) degişli ugurdaky işleri ýerine ýetirmek üçin hünär dereje şahadatnamasy bolan binagäriň ýa-da başga hünärmeniň ýolbaşçylygynda hünärmenler tarapyndan taslama işleri amala aşyrylanda;
2) islendik ýer böleginde gurmagyň mümkinçilikleri we şertleri hakynda teklipleri durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulmadyk taslama materiallary (eskiz, gözleg, konseptual we başgalar) işlenip taýýarlanylanda;
3) eger olaryň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, binagärlik bäsleşiklerine gatnaşmak bilen baglanyşykly işler ýerine ýetirilende;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gurluşyk işlerini ýerine ýetirmäge başlamak hakyndaky jarnamanyň bellige alynmagy ýa-da olary ýerine ýetirmek üçin rugsadyň alynmagy talap edilmeýän obýektler taslamalaşdyrylanda.
27-nji madda. Binagärlik işiniň daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlar tarapyndan amala aşyrylmagy
1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlar binagärlik işini amala aşyranlarynda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary ýerine ýetirýärler.
2. Daşary ýurt döwletleriniň degişli hünär dereje şahadatnamasyny almadyk fiziki we ýuridik şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäginde şu Kanunyň 26-njy maddasynda kesgitlenilen işleri ýerine ýetirip bilerler, binagärlik obýektleriniň taslamalaşdyrylmagyny amala aşyryp, gurluşyk üçin iş resminamalaryny işläp taýýarlap bilerler.
28-nji madda. Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslarynyň daşary ýurt döwletleriň çäginde binagärlik işini amala aşyrmagy
Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary daşary ýurt döwletleriniň çäginde binagärlik işini şol döwletleriň we Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar.
VII BAP. BINAGÄRLIK IŞINIŇ SUBÝEKTLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY
29-njy madda. Binagärlik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklary we borçlary
1. Binagärlik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) taslamalaşdyrmak üçin ýumşuň taýýarlanylmagyna gatnaşmaga, buýrujynyň tabşyrygy boýunça binagärlik-meýilnamalaşdyryş ýumşuny, taslamadan öňki barlaglar, binagärlik obýektlerini taslamalaşdyrmak we gurmak üçin gerek bolan beýleki maglumatlary we başlangyç resminamalary bellenilen tertipde degişli edaralardan almaga, tehniki şertleri beren kärhanalar, edaralar, guramalar bilen taslama çözgüdini ylalaşmaga;
2) binagärlik çözgütlerini durmuşa geçirmegiň serişdelerini we usullaryny erkin saýlamaga;
3) buýrujy bilen ylalaşmak arkaly taslamalaşdyrmak üçin başlangyç maglumatlaryň çäklerinde tassyklanan taslama üýtgetmeleri ýa-da goşmaçalary girizmäge;
4) buýrujynyň tabşyrygy boýunça binagärlik obýektleriniň gurluşygy üçin potrat şertnamalarynyň taýýarlanylmagyna gatnaşmaga;
5) binagärlik obýektleriniň gurulmagy üçin resminamalaryň ähli bölümleriniň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmaga we buýrujynyň (gurujynyň) tabşyrmagy boýunça ýolbaşçylygy öz üstüne almaga;
6) binagärlik obýektleriniň gurulmagy üçin beýleki hünärmenleri resminamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna şertnamalaýyn esasda çekmäge, olaryň ýerine ýetiren işleriniň möçberi we hili üçin jogapkärçiligi öz üstüne alyp, bu işlere ýolbaşçylygy amala aşyrmaga;
7) buýrujy (gurujy) bilen ylalaşylan binagärlik çözgütleriniň bilermenler seljermesi geçirilende we degişli edaralarda garalanda olary goramaga, şeýle hem binagäriň hünär dereje şahadatnamasynda görkezilen hünärmençilik ýöriteleşmä laýyklykda taslama resminamalarynyň bilermenler seljermesini özbaşdak amala aşyrmaga;
8) binagärlik obýektleriniň gurluşygyna awtorlyk gözegçilik barlagyny amala aşyrmaga ýa-da buýrujynyň (gurujynyň) tabşyrmagy boýunça gurluşyk materiallarynyň hiline, ýerine ýetirilýän gurluşyk-gurnama işleriniň hiline we möçberine gözegçiligi amala aşyrmak bilen, bu obýektiň gurluşygynda onuň jogapkär wekili bolmaga;
9) binagärlik obýektleriniň ulanmaga kabul edilişine gatnaşmaga ýa-da buýrujynyň tabşyrmagy boýunça görkezilen obýekt ulanylmaga kabul edilen mahalynda onuň jogapkär wekili bolmaga;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz hünär jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmaga.
2. Binagärlik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) döwlet standartlaryny, gurluşyk kadalaryny we düzgünlerini, taslamalaşdyrmak üçin başlangyç maglumatlaryň talaplaryny, şeýle hem ilatly ýerleri gurmagyň ýerli düzgünlerini berjaý etmäge;
2) binagärlik obýektlerini döretmek boýunça gurluşyk işleri taslamalaşdyrylanda, gurlanda we ýerine ýetirilende zat eýeleriniň hem-de jaýlary we desgalary, ýer bölegine ýanaşyk gurluşygy peýdalanyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmäge;
3) binagärlik taslamasynyň täjirçilik syryny düzýän maglumatlary, şeýle hem buýrujynyň (gurujynyň) razylygy bolmazdan binagärlik taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça onuň meýilleri hakyndaky maglumatlary ýaýratmazlyga;
4) gurluşyk üçin potrat şertnamasy baglaşylanda, binagärlik obýektiniň gurluşygyna awtorlyk gözegçilik barlagy edilende we görkezilen obýekt ulanylmaga kabul edilende, potrat guramasynyň girdejilerine şahsy gyzyklanma bolanda buýrujynyň (gurujynyň) jogapkär wekiliniň borçnamalaryny öz üstüne kabul etmezlige, şeýle hem bu bäsleşigiň žýurisiniň agzasy bolmak bilen, binagärlik taslamasy üçin bäsleşige gatnaşmazlyga;
5) buýrujynyň (gurujynyň) taslamalaşdyrmak üçin ýumuşda beýan edilen şu maddanyň talaplaryna garşy gelmeýän talaplaryny berjaý etmäge.
30-njy madda. Buýrujylaryň hukuklary
Binagärlik işi amala aşyrylanda buýrujylar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) taslamany işläp taýýarlaýjy üçin binagäri saýlamak ýa-da ony binagärlik bäsleşiginiň netijeleri boýunça çekmäge, gurluşyk üçin potratçyny saýlamaga ýa-da ony gurluşyk bäsleşiginiň netijeleri boýunça çekmäge;
2) taslamalaşdyrmak üçin ýumşy, taslamany tassyklamaga, eger olar Türkmenistanyň kanunçylygyna, şähergurluşyk şertlerine we ýer böleginde gurluşygyň çäklendirilmegine we binagärlik obýektiniň inženerçilik üpjünçiligi boýunça şertlerine ters gelmese;
3) binagärlik obýektleri taslamalaşdyrylanda we gurlanda Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň talaplarynyň berjaý edilişine barlagy we tehniki gözegçilik barlagyny amala aşyrmaga;
4) buýrujynyň wezipelerini amala aşyrmak we inženerçilik işini geçirmek üçin hünär dereje şahadatnamasy bolan adamlary çekmäge.
31-nji madda. Potratçylaryň hukuklary
Binagärlik işi amala aşyrylanda potratçylar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) häzirki zaman binagärlik tehnologiýalaryny, binagärlik obýektleriniň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň tärlerini we usullaryny döwlet standartlarynyň, gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň çäklerinde saýlamaga;
2) binagäriň – taslamanyň awtorynyň ýa-da onuň ýazmaça razylygy bilen onuň ygtyýarly eden adamynyň gös-göni gatnaşmagynda ýa-da awtorlyk gözegçilik barlagynda tassyklanylan taslama laýyklykda binagärlik obýektini gurmak üçin iş resminamasyny ýerine ýetirmäge;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde potrat şertnamalarynda göz öňünde tutulan başga hereketleri amala aşyrmaga.
32-nji madda. Buýrujylaryň we potratçylaryň borçlary
1. Buýrujylar we potratçylar binagärlik işi amala aşyrylanda şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) taslama we gurluşyk işleriniň aýry-aýry görnüşleriniň ýerine ýetirilmegini görkezilen işleriň ýerine ýetirilmegi üçin degişli ygtyýarnamasy bolan adamlara tabşyrmaga;
2) gurluşyk üçin iş resminamalarynyň ýerine ýetirijilerini saýlamaga;
3) iş resminamalaryna laýyklykda binagärlik obýektleriniň gurluşygyny üpjün etmäge, eger hökmany bolsa, döwlet standartlaryna, gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine laýyk gelýän hem-de sertifikatlaşdyrmagy geçen gurluşyk materiallaryny, önümlerini we gurluşlaryny ulanmaga;
4) gurluşyk işleri guralanda we ýerine ýetirilende ýanaşyk ýer böleklerini peýdalanyjylaryň we zat eýeleriniň, olarda ýerleşen jaýlaryň we desgalaryň eýeleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini bozmazlyga, olara ýetirilen ýitgileriň öwezini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolmaga;
5) antropologik, arheologik, estetik, etnografik, taryhy, ylmy ýa-da çeperçilik ähmiýete eýe bolan, gurluşyk işlerinde täze ýüze çykarylan obýektler hakynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramagyň ýerli edaralaryna üç senenama gününiň dowamynda habar bermäge;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynyň, tassyklanan şähergurluşyk resminamalarynyň talaplaryna, döwlet standartlaryna, gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine ters gelýän talaplary taslamalaşdyrmak üçin ýumşa goşmazlyga;
7) awtorlaryň (şärikli awtorlaryň) hukuklaryny berjaý etmäge.
2. Şu maddanyň birinji böleginde beýan edilen borçlardan başga-da buýrujylar şu aşakdakylara hem borçludyrlar:
1) potratçylar bilen bilelikde ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen taslama resminamalarynyň ylalaşylmagynyň guralmagyna gatnaşmaga;
2) diňe bellenilen tertipde ylalaşylan taslamalary tassyklamaga;
3) gurlan binagärlik obýektiniň taslama resminamasynyň bir toplumyny bu obýektiň eýesine hemişelik saklamak üçin bermäge.
33-nji madda. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklary
Binagärlik işiniň amala aşyrylmagyna gös-göni gatnaşmaýan raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) binagärlik-gurluşyk işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýy, onuň çak edilýän üýtgemeleri hakynda öz wagtynda we dogry maglumatlary ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryndan almaga, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde elýeterliligi çäklendirilen maglumatlar muňa degişli däldir;
2) binagärlik obýektini gurmak boýunça binagärlik-gurluşyk resminamalarynyň tassyklanmagyna çenli ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşmaga, jemgyýetçilik ýa-da hususy bähbitlere degip geçýän, kabul edilýän çözgütleri üýtgetmek boýunça teklipler girizmäge;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda täze obýektler taslamalaşdyrylanda we gurlanda hem-de bar bolan binagärlik obýektleri ulanylanda öz bähbitlerini goramaga.
34-nji madda. Binagärlik obýektleriniň eýeleriniň we peýdalanyjylarynyň borçlary
Binagärlik obýektleriniň eýeleri we peýdalanyjylary şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) binagärlik obýektlerini göwnejaý ýagdaýda saklamaga we olary onuň pasportynda kesgitlenilen, şeýle hem bellenilen talaplara laýyklykda maksatlaýyn we işleýşi taýdan niýetlenilişi boýunça ulanmaga;
2) binagärlik obýektiniň durkuny täzelemek, dikeltmek ýa-da düýpli abatlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmäge hukuk berýän rugsat beriji häsiýetli resminamany Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde almaga;
3) binagärlik obýektiniň göwrüm-giňişlik, meýilnamalaşdyryş we beýleki çözgütlerine üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmek zerur bolan mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli taslama resminamalaryny işläp taýýarlamaga, olary tassyklamaga we gurluşyk işlerini geçirmäge;
4) gurlan binagärlik obýektiniň taslama resminamalarynyň toplumyny we obýektiň pasportyny saklamaga hem-de bu resminamalary täze eýesine bermäge.
VIII BAP. BINAGÄRLIK ESERLERINE AWTORLYK HUKUGY
35-nji madda. Binagärlik eserlerine awtorlyk hukugynyň obýektleri we subýektleri
1. Awtorlyk hukugynyň obýekti hökmünde binagärlik eseri döredilende we peýdalanylanda ýüze çykýan gatnaşyklar Türkmenistanyň Raýat kodeksi, «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
Binagärlik obýektleriniň (binagärlik eserleriniň) taslamalaşdyrylmagynyň we gurulmagynyň ähli tapgyrlarynda olaryň binagärlik çözgütleri binagärlik eserlerine bolan awtorlyk hukugynyň obýektleri bolup durýarlar.
2. Döredijilik zähmeti bilen binagärlik eserini, şeýle hem taslamanyň aýry-aýry özbaşdak bölümleriniň (jaýlaryň, aýry-aýry binalaryň ýa-da binagärlik toplumlarynyň desgalarynyň interýerleri, çäkleri abadanlaşdyrmak we ş.m.) binagärlik çözgütlerini döreden adam (adamlar) binagärlik eseriniň ýa-da onuň degişli bölüminiň awtory (şärikli awtorlary) diýlip hasap edilýär we degişli awtorlyk hukugy berilýär.
3. Binagärlik eseriniň awtoryna tehniki, maslahat beriş ýa-da guramaçylyk kömegini berýän ýa-da taslamalaşdyrmagyň we gurmagyň guralmagyny (durkunyň täzelenilmegini, dikeldilmegini, düýpli abatlanylmagyny) amala aşyrýan, görkezilen işleriň ýerine ýetirilişine barlag edýän adamlar şärikli awtorlar bolup bilmez.
36-njy madda. Binagärlik obýektine emläk we şahsy emläk däl hukuklary
1. Binagärlik eserleriniň awtorlarynyň emläk hukuklary (Türkmenistanyň Raýat kodeksinde, «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, şu Kanunda hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir) olaryň şulara bolan aşakdaky aýratyn hukuklarynda jemlenýär:
1) taslamanyň peýdalanylmagyna ýa-da onuň durmuşa geçirilmeginiň maksady bilen peýdalanylmagyna rugsat berilmegine;
2) binagärlik taslamasyny amala aşyrmaga ýa-da gaýtadan döretmäge, ýaýratmaga we gaýtadan işlenmegine rugsat bermäge;
3) görkezilen aýratyn hukuklary beýleki adamlara bermäge.
2. Eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, gulluk borçlaryny ýa-da gulluk ýumşuny ýerine ýetirmek tertibinde döredilen binagärlik eseriniň awtorlaryna emläk hukuklary berilmeýär.
Taslamanyň buýrujysy bilen awtorlaryň (buýurmany ýerine ýetirijileriň) arasyndaky şertnama gulluk borçlaryny ýa-da gulluk ýumşuny ýerine ýetirmek tertibinde döredilýän binagärlik eserini peýdalanmak boýunça emläk hukuklaryny düzgünleşdirmek hakyndaky düzgünleri özünde jemlemelidir.
3. Eger şertnamada başgaça bellenilmedik bolsa, zähmet şertnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly döredilen awtorlyk hukugynyň obýekti hökmünde binagärlik obýektine bolan emläk hukuklary bu obýekti döreden işgäre ýa-da onuň bilelikde işleýän fiziki ýa-da ýuridik şahsyna degişlidir.
4. Eger şertnamada başgaça bellenilmedik bolsa, buýurma boýunça döredilen, awtorlyk hukugynyň obýekti hökmünde binagärlik obýektine bolan emläk hukuklary bu obýekti döredijä ýa-da bilelikde buýruja degişlidir.
5. Buýruja berlenden soň çäkleri meýilnamalaşdyrmak boýunça binagärlik resminamalaryna bolan emläk hukuklarynyň amala aşyrylmagynyň hukuk düzgüni binagärlik eserini döretmek hakyndaky şertnamanyň düýpli şerti bolup durýar.
6. Awtorlyk hukugynyň obýekti hökmünde binagärlik obýektine bolan emläk hukuklaryna ygtyýar etmek hakynda şertnamanyň hökmany şertleri Türkmenistanyň Raýat kodeksi, «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär.
7. Eger buýrujy ýa-da onuň işleýän fiziki ýa-da ýuridik şahsy bilen şertnamanyň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, binagärlik eseriniň taslamasynyň awtory ony mundan beýläk durmuşa geçirmäge gatnaşmakda, şeýle hem gurluşygy tamamlanan ýa-da gurlan binagärlik eserine üýtgetmeler girizmekde, onuň işleýiş taýdan niýetlenilişi ýa-da durkunyň täzelenilmegi üýtgedilen mahalynda aýratyn hukuga eýedir.
8. Eger döredilen taslamanyň şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, binagärlik eseriniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin peýdalanylmagyna diňe bir gezek ýol berilýär. Şeýle taslamany we onuň esasynda işlenip taýýarlanylan iş resminamasyny gaýtadan ulanmak diňe awtoryň razylygy bilen oňa ýa-da onuň hukuk oruntutarlaryna awtorlyk hak-heşdeginiň tölenilmegi bilen amala aşyrylýar.
9. Awtorlyk hukugynyň obýekti hökmünde binagärlik obýektiniň awtorynyň onuň döredilmegi we peýdalanylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde awtorlyk hak-heşdegini almaga hukugy bardyr.
10. Awtoryň (awtorlaryň) binagärlik eserine bolan şahsy emläk däl hukuklaryny goramak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
37-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.
38-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Binagärlik işi babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
39-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär, güýje girmeginiň başga möhletleri bellenilen maddalar muňa degişli däldir.
2. Şu Kanunyň 24-nji we 25-nji maddalary 2017-nji ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.
№ 496-V.