«Döwlet protokoly hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda kabul edilen № 499-V «Döwlet protokoly hakynda» Türkmenistanyň kanuny esasynda rejelenen görnüşde beýan edilen.

 

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Döwlet protokoly hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2002 ý.¸ № 4¸ 69-madda)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara kadalaryna we tejribesine, şeýle hem Türkmenistanyň halkynyň milli däplerine laýyklykda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny we beýleki döwletler, olaryň hökümetleri hem-de halkara guramalary bilen özara aragatnaşyklaryny amala aşyrmagyň düzgünlerini kesgitleýär.

 

1-nji madda. Döwlet protokoly diýen düşünje

 

Döwlet protokolyna Türkmenistanyň Prezidentiniň beýleki döwletler, olaryň hökümetleri we halkara guramalary bilen resmi özara gatnaşyklarynda berjaý edilýän däpleri nazara almak bilen umumy kabul edilen düzgünleriň we kadalaryň jemi hökmünde garalýar.

Türkmenistanyň Döwlet protokoly Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet baştutanlarynyň, hökumet baştutanlarynyň, daşary işler ministrleriniň, parlament wekiller toparlarynyň, ýörite wekilleriň, adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileriň üsti bilen beýleki döwletler bilen, halkara guramalary, olaryň wekilleri bilen olaryň ýolbaşçylarynyň üsti bilen özara aragatnaşyklarynyň esas goýujy ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmeginiň guralydyr.

 

2-nji madda. Döwlet protokolynyň işiniň hukuk esasy

 

Döwlet protokolynyň işiniň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, Türkmenistanyň gaýry kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalary düzýär.

 

3-nji madda. Döwlet protokolynyň esasy maksady we wezipeleri

 

Döwlet protokolynyň esasy maksady ýokary we beýleki derejelerde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny üpjün etmekdir.

Döwlet protokolynyň üstüne şu aşakdaky wezipeler ýüklenilýär:

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň hökümet we parlament wekiller toparlarynyň daşary ýurtlara saparlaryny, şeýle hem daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, parlament wekiller toparlarynyň, daşary işler ministrleriniň Türkmenistana saparlaryny protokol we guramaçylyk taýdan üpjün etmek;

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna, ylalaşyklaryna we memorandumlaryna, bilelikdäki beýannamalaryna, resmi maglumatyna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsy ýörite hatlaryna gol çekilmegini guramak;

Türkmenistanyň Prezidentiniň gepleşiklerini taýýarlamak we guramak;

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary boýunça Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýokary derejedäki duşuşyklary taýýarlamak;

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet, hökümet we parlament wekiller toparlary, halkara guramalarynyň wekiller toparlary, şeýle hem iri daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryny guramak we taýýarlamak;

Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi hat alyşmagyny we telefon gepleşiklerini guramak;

daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň baştutanlarynyň bellenilmegini guramak;

daşary ýurt döwletleriniň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileriniň Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatlaryny gowşurmagyny guramak;

ýokary derejedäki saparlaryň protokol üpjünçiligi boýunça Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikdäki işi utgaşdyrmak we guramak;

Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri amala aşyrmak.

4-nji madda. Döwlet protokolyny amala aşyrmak

 

Döwlet protokoly Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Döwlet protokolyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi şu aşakdaky hukuga eýedir:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň gurluş düzüm birliklerinden, ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan zerur maglumatlary bellenilen tertipde soramak we almak;

döwlet, şol sanda hökümet aragatnaşyk ulgamyny we desgalaryny peýdalanmak;

beýleki ýurtlaryň protokol gulluklary, daşary syýasat dolandyryş edaralary we daşary ýurt döwletleriniň Aşgabatdaky ilçihanalary bilen iş aragatnaşyklaryny saklamak.

 

5-nji madda. Ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenistana  saparlary

 

Türkmenistanda ýokary derejeli myhmanlaryň saparlary resmi iş, ýol üstünden, resmi däl saparlara, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsy myhmany hökmündäki saparlara bölünýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça döwlet, hökümet baştutanlarynyň, BMG-niň Baş sekretarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistana gelýän daşary ýurtly görnükli döwlet, syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň Türkmenistana saparlarynyň geçirilmegini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde üpjün edýär.

Daşary işler ministrleriniň, hökümet, parlament we beýleki resmi wekiller toparlarynyň saparlarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birliginiň utgaşdyrmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan üpjün edilýär.

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Hökümetiniň myhmany hökmünde ýokary derejede kabul edilýär.

Saparlaryň tertibini, wekiller toparynyň düzümini, duşuşyk dabaralaryny we beýleki çäreleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi bellenilen tertipde ylalaşýar.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň ýokary derejeli myhmanlarynyň gatnaşmagyndaky protokol çäreleri

 

Türkmenistanyň ýokary derejeli myhmanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän protokol çärelerine şular degişlidir: ýokary derejeli myhmanlaryň resmi garşylanylmagy we ugradylmagy, bilelikdäki döwletara we hökümetara resminamalaryna gol çekilmegi; metbugat duşuşyklary; ýokary derejeli myhmanlaryň hormatyna resmi günortanky naharlar; agşamlyk naharlar; ýokary derejeli myhmanlar tarapyndan Türkmenistanyň ýadygärlik ýerlerine gül desseleriniň goýulmagy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi halkara tejribesine laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde protokol çärelerini işläp taýýarlaýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi gol çekmek üçin döwletara we hökümetara resminamalarynyň tekstleriniň ylalaşylmagyny, taýýarlanylmagyny, terjime edilmegini we olara gol çekilmegini guraýar.

 

7-nji madda. Ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenistana saparlarynyň maksatnamalary

 

Ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenistana saparlarynyň maksatnamalary Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde işlenilip düzülýär we ýokary derejeli myhmanlaryň ýurtda bolmagy bilen baglanyşykly dabaralary, duşuşyklary we beýleki protokol çärelerini öz içine alýar.

Maksatnama işlenip düzülende Türkmenistana gelýän ýokary derejeli myhmanlaryň diplomatik ýollar boýunça gelip gowuşýan islegleri nazara alynýar.

Maksatnama çäreleriň geçiriljek wagtyny, ýerini, gatnaşyjylaryň düzümini we sapary guramak hem amala aşyrmak üçin zerur bolan beýleki maglumatlary görkezmek bilen yzygiderli görnüşde berilýär.

Ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistana saparynyň maksatnamasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar we ol ýörite resminama hasaplanylýar.

Eger ýokary derejeli myhman bilen aýaly (äri) gelýän bolsa, onda onuň üçin aýratyn maksatnama düzülýär we ylalaşylýar.

 

8-nji madda. Döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň ýörite wekilleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň saparlary

 

Döwletleriň, hökümetleriň baştutanlarynyň ýörite wekilleri we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümetiniň myhmanlary hökmünde kabul edilýär.

 

9-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary derejeli myhmanlar bilen duşuşyklary

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de degişli döwlet edaralary we gulluklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary derejeli myhmanlar bilen duşuşyklarynyň geçirilmegini şu aşakdaky ölçeglerde üpjün edýärler:

gürrüňler we gepleşikler, iş ertirlik naharlary (günortanky naharlar, agşamlyk naharlary), giňişleýin düzümdäki duşuşyklar we gepleşikler.

Her bir tarapdan gatnaşyjylaryň ölçegi, düzümi we duşuşyklaryň geçiriljek ýeri bellenilen tertipde ylalaşylýar.

 

10-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň iş duşuşyklary

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden diplomatik ýollar boýunça gelip gowuşýan resmi ýüztutmalar, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletleriň, hökümetleriň baştutanlary, daşary işler ministrleri, beýleki resmi daşary ýurtly adamlar, döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň, şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekilleri, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň baştutanlary ýa-da baştutanlarynyň orunbasarlary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we olaryň wekilleri, hökümet, parlament wekiller toparlarynyň baştutanlary, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklarynyň geçirilmegini Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşýar we üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň myhmanlary bolup durýan daşary ýurt döwletleriniň adamlary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň duşuşyklarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça üpjün edilýär.

 

11-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri tarapyndan ynanç hatlarynyň gowşurylmagy

 

Daşary ýurt döwletleriniň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri tarapyndan ynanç hatlary Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna gowşurylýar.

Tükmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň taýýarlanylmagyny we geçirilmegini üpjün edýär. Ynanç hatlaryny gowşurmagyň senesi diplomatik ýollar boýunça ylalaşylýar. Türkmen tarapy ynanç hatlarynyň gowşurylýan gününde ilçä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden ynanç hatynyň gowşurylýan ýerine barmak we yzyna gaýtmak üçin ulag berýär.

Ynanç hatlary gowşurylan mahalynda uly ölçegdäki we stoluň üstünde goýulýan döwlet baýdaklary, hormat garawulynyň esgerleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ilçiniň adyna gutlag haty hökmany protokol nyşanlary hasaplanylýar.

 

12-nji madda. Türkmenistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri tarapyndan gowşurmak üçin ynanç hatlaryny taýýarlamak

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini şol döwlete bellemek hakyndaky ýüztutma daşary ýurt döwletinden razylyk (agreman) alnandygy hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habary esasynda ynanç we yzyna çagyrylma hatlaryny taýýarlaýar.

Ynanç we yzyna çagyrylma hatlary gerbli kagyzda döwlet dilinde taýýarlanylyp, olara resmi terjimeleri goşulýar. Ynanç we yzyna çagyrylma hatlarynyň nusgalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine berilýär.

 

13-nji madda. Tassyklaýyş hatlaryny taýýarlamak we alyşmak

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi bellenilen görnüşde tassyklaýyş hatlaryny taýýarlaýar, olara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekýär we Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan tassyklanylýar.

Tassyklaýyş hatlaryny alyşmagyň kadasy, ýeri we senesi diplomatik ýollar boýunça ylalaşylýar.

 

14-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi hat alyşmagy

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi hat alyşmagynyň alnyp barylmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurda ugradýan resmi hatlary döwlet dilinde gerbli kagyzda taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen hatyň asyl nusgasynyň ýanyna resmi terjimesi goşulýar. Hatyň asyl nusgasy we resmi terjimesi Türkmenistanyň Prezidentiniň papkasyna goýulýar, ol Türkmenistanyň Döwlet gerbi şekillendirilen bukja ýerleşdirilýär.

Görkezilen resminamalar ýerleşdirilen bukja diplomatik ýollar boýunça bellenilen ýerine gowşurmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň degişli düzüm birligi Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gutlag, hoşallyk we gynanç hatlaryny taýýarlaýar.

 

15-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt saparlary

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt saparlarynyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt saparyny taýýarlamak we geçirmek üçin sapara gidilýän ýurda degişli taýýarlaýyş topary iberilýär.

Türkmenistanyň degişli ilçihanasy taýýarlaýyş toparynyň işine zerur ýardamy üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurda sapar bilen gidende we Türkmenistanyň Prezidenti gaýdyp gelende, kada bolşy ýaly, ony Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki resmi adamlar ugradýarlar we garşylaýarlar.

 

16-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň (onuň wekiliniň) daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän çärelere gatnaşmagy

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň (onuň wekiliniň) daşary ýurt döwletleriniň baýramçylyk çärelerine, daşary ýurt döwletleriniň baştutanlarynyň wezipä girişmeklige bagyşlanan dabaralaryna, halkara maslahatlaryna we ylmy maslahatlara gatnaşmagy daşary ýurt döwletiniň ýa-da halkara guramasynyň çagyrmagy we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary boýunça geçirilýär.

Daşary ýurt döwletiniň baştutanynyň aradan çykmagy bilen baglanyşykly ýas çärelerine, daşary ýurt döwletlerinde aradan çykanyň ýadygärligini hormatlamak çärelerine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň tertibi we derejesi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

17-nji madda. Ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenistanyň döwlet çärelerine gatnaşmagy

 

Ýokary derejeli myhmanlaryň ýa-da olaryň wekilleriniň Türkmenistanyň döwlet çärelerine, halkara maslahatlaryna we ylmy maslahatlara gatnaşmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň çagyrmagy boýunça geçirilýär.

 

18-nji madda. Türkmenistanyň döwletliliginiň nyşanlaryny peýdalanmak

 

Döwlet protokoly amala aşyrylanda Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň şekili, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy, Türkmenistanyň  Döwlet gimni peýdalanylýar.

Şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda ýadygärlik we gülli sebetler üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tekstli lentalar, ýadygärlik sowgatlar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň wizit kartoçkalary peýdalanylyp bilner.

 

19-njy madda. Halkara şertnamalary

 

Eger şu Kanundaka garanda Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başga, kadalar bellenilse, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

 

 

Türkmenistanyň                                                      Saparmyrat

Prezidenti                                                               Türkmenbaşy

 

 

Aşgabat şäheri

2002-nji ýylyň 14-nji dekabry 

158-II