TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Azyk howpsuzlygy hakynda
(rejelenen görnüşi)
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 160-njy madda)
(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 131-VI Kanuny esasynda girizilen
üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň düzüm bölegi bolup durýan, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär, şeýle hem raýatlaryň peýdaly we talaba laýyk iýmitlenmäge bolan hukugyny durmuşa geçirmeginiň hukuk esaslaryny belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) azyk howpsuzlygy – ýurduň azyk garaşsyzlygy, ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň öndürilmeginiň zerur derejesi üpjün edilýän, şeýle hem işjeň we sagdyn durmuş üçin zerur bolan mukdarda azygyň ähli ilat üçin fiziki we ykdysady taýdan elýeterliligi kepil geçilýän mahalyndaky, döwletiň ykdysadyýetiniň ýagdaýy;
2) azyk howpsuzlygyny üpjün etmek – azyk ýetmezçilikleriniň öňüni almaga, iýmitlenmegiň rejeli kadalaryna laýyklykda ilatyň ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümlerine we iýmit çig malyna bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen ykdysady, guramaçylyk-hukuk we beýleki çäreleri işläp taýýarlamak hem-de amala aşyrmak;
3) azyk ýetmezçiligi – iýmitlenmegiň rejeli kadalaryna laýyklykda ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri we iýmit çig maly bilen üpjün etmeklik döwletiň çäginiň ähli ýerlerinde ýa-da köp böleginde howp astynda bolan mahalyndaky we diňe döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek çäreleriniň ulanylmagy arkaly bu howp ýok edilip bilinilýän mahalyndaky ýagdaý;
4) döwletiň azyk garaşsyzlygy – daşary ýurtlardan iýmit önümleriniň üpjünçiligi bes edilen halatynda azyk ýetmezçiligi ýüze çykmaýan mahalyndaky, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň şerti;
5) döwlet azyk ätiýaçlygy – azyk ýetmezçiligi şertlerinde peýdalanmak üçin niýetlenilen oba hojalyk, balyk önümleriniň we azygyň kemelmeýän dessin ätiýaçlygyndan durýan, döwlet maddy ätiýaçlygynyň bölegi;
6) ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri – gurluşy we möçberi boýunça Türkmenistanyň ilatynyň iýmit rasionynyň esasy bolup durýan iýmit önümleri;
7) iýmit çig maly – azyk maksatlary üçin peýdalanylýan oba, tokaý we balyk hojalygynyň önümleri;
8) iýmit önümlerini sarp etmegiň rejeli kadalary – ilatyň esasy böleginiň iýmitlenmeginiň öňden gelýän gurluşyny we adatlaryny hasaba alýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylan, oňaýly iýmitlenmegiň häzirki zaman ylmy ýörelgelerine laýyk gelýän möçberde we deňeçerlikde iýmit önümlerini öz içine alýan azyk önümleriniň sanawy;
9) iýmit önümlerini öndürmegiň zerur derejesi – Türkmenistanyň azyk howpsuzlygy üpjün edilýän mahalyndaky, iýmitlenmegiň rejeli kadalaryny hasaba almak bilen ilatyň esasy iýmit önümlerine we energiýa bolan jan başyna düşýän zerurlyklarynyň esasynda hasaplanylan, watanymyzyň haryt öndürijileri tarapyndan ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň öndürilişiniň derejesi;
10) azygyň fiziki taýdan elýeterliligi – ilatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin iýmit önümleriniň ýeterlik möçberlerde olaryň satylýan we sarp edilýän ýerlerine bökdençsiz gelmegi;
11) azygyň ykdysady taýdan elýeterliligi – ilatyň girdejileriniň degişli derejesi bilen üpjün edilen, iýmit önümlerini sarp etmegiň bellenilen rejeli kadalaryndan az bolmadyk möçberde we assortimentde öňden gelýän bahalar boýunça iýmit önümlerini ilatyň satyn almaga bolan mümkinçiligi.
2-nji madda. Azyk howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Azyk howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Iýmit önümleriniň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmek babatda ýüze çykýan gatnaşyklar, iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunyň kadalaryndan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek
1. Türkmenistanyň azyk howpsuzlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan üpjün edilýär.
2. Türkmenistanyň azyk howpsuzlygynyň derejesine baha bermek bilen baglanyşykly hasaplamalar ulgamynyň esasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýylba-ýyl tassyklanylýan azyk öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň balansy bolup durýar.
3. Azyk ýetmezçiligi ýüze çykan mahalynda ýa-da onuň howpy abananda, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet dolandyryşyny amala aşyrýan edaralar, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň aýratyn düzgünlerini çäklendirilen wagta belläp, şol sanda iýmit önümlerini kada boýunça paýlamagyň çärelerini kesgitläp bilerler.
4-nji madda. Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatlary we wezipeleri
1. Ilaty howpsuz oba hojalyk, balyk önümleri we beýleki azyk bilen üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň ilaty tarapyndan ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleriniň sarp edilişiniň olary sarp etmegiň rejeli kadalaryna çenli ösmegi Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategik maksatlary bolup durýar.
Içerki önümçiligiň durnuklylygy, şeýle hem iýmit önümleriniň zerur ätiýaçlyklarynyň we gorlarynyň barlygy oňa ýetmegiň kepili bolup durýar.
2. Daşky we içerki şertleriň üýtgemegine garamazdan, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy wezipeleri şu aşakdakylar bolup durýarlar:
1) ilaty iýmit önümleri bilen üpjün etmek ulgamynyň hemişelik taýýardygynyň, iýmit önümleriniň strategik gorlaryny emele getirmegiň hasabyna azyk howpsuzlygynyň içerki we daşky howplaryny öz wagtynda çaklamak, ýüze çykarmak we öňüni almak, olaryň ýaramaz netijelerini azaltmak;
2) döwletiň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek üçin ýeterlik oba hojalyk, balyk önümleriniň we azygyň watanymyzda öndürilişini durnukly ösdürmek;
3) işjeň we sagdyn durmuş ýörelgesi üçin zerur bolan, iýmit önümlerini sarp etmegiň bellenilen rejeli kadalaryna laýyk gelýän möçberde we assortimentde, howpsuz iýmit önümleriniň döwletiň her bir raýaty üçin fiziki we ykdysady taýdan elýeterliligini gazanmak we goldamak;
4) howpsuz we ýokary hilli iýmit önümleriniň Türkmenistanyň çäklerine gelmegi, öndürilmegi we dolanyşygy üçin şertleri döretmek.
5-nji madda. Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça esasy çäreler
1. Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler azyk howpsuzlygynyň içerki we daşky howplarynyň ygtybarly öňüniň alynmagyna gönükdirilendir we döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet çaklamalary bilen bir wagtda işlenilip taýýarlanylýar.
2. Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin şu aşakdaky esasy çäreler amala aşyrylýar:
1) ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümlerini we iýmit çig malyny öndürmäge gönükdirilen hukuk, ykdysady, guramaçylyk, tehniki we beýleki çäreleri işläp taýýarlamak we amala aşyrmak;
2) ilatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ýeterlik möçberde, olaryň sarp edilýän ýerlerine iýmit önümleriniň bökdençsiz gelip gowuşmagyny üpjün etmek;
3) ilat tarapyndan iýmit önümlerini, şol sanda sarp etmegiň häzirki gurluşy, baha ulgamy we girdejileriň derejesi mahalynda ýeňillikli şertlerde satyn almak mümkinçiligini üpjün etmek;
4) oba hojalyk, balyk önümlerinden we azygyň kemelmeýän dessin ätiýaçlygyndan ybarat, döwlet azyk ätiýaçlygyny döretmek, täzelemek we üstüni ýetirmek;
5) öndürilýän we raýatlara satylýan ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň howpsuzlygynyň we hiliniň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem-de standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklylygyna döwlet gözegçiligini üpjün etmek;
6) agrosenagat we balyk hojalyk toplumlarynyň birsydyrgyn ösmegi üçin şertleri döretmek.
3. Oba hojalyk, balyk önümlerini we azyk öndürmek we dolandyrmak çygrynda şu aşakdakylara gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar:
1) peýdalanylmadyk sürüm ýerleriniň we melioratiw ulgamlarynyň durkuny täzelemegiň hem-de gurmagyň hasabyna toprak gurplulygyny we hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň ekin meýdanlaryny giňeltmäge;
2) maldarçylygy çaltlaşdyryp ösdürmäge;
3) suwuň biologik serişdeleriniň kuwwatlylygyny we olary senagat taýdan ösdürip ýetişdirmegiň täze tehnologiýalaryny giňeltmäge hem-de has depginli peýdalanmaga;
4) oba we balyk hojalygynda, azyk senagatynda iş öndürijiligini ýokarlandyrmagy we serişde tygşytlamagy üpjün edýän, azyk çig malyny galyndysyz we toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny, oba hojalyk, balyk önümlerini we azygy saklamagyň we daşamagyň usullaryny işläp taýýarlamaga hem-de döretmäge;
5) agrosenagat we balyk hojalyk toplumlarynyň ylmy kuwwatlyklaryny ösdürmäge, ylmyň garyşyk pudagynda täze ylmy ugurlary goldamaga;
6) oba we balyk hojalygynda innowasiýalary girizmäge;
7) döwletiň azyk howpsuzlygynyň talaplaryny hasaba almak bilen agrosenagat we balyk hojalyk toplumlaryny ösdürmegiň innowasiýa modeliniň wezipelerini durmuşa geçirmäge ukyply işgärleri taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamyny ösdürmäge.
4. Daşary ykdysady syýasat babatda Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin şu aşakdaky esasy çäreler amala aşyrylýar:
1) oba hojalyk, balyk önümleriniň we azygyň eksportynyň we importynyň gatnaşygyny rejeleşdirmek maksatlary üçin gümrük-tarif taýdan düzgünleşdirmegiň çäreleriniň dessin ulanylmagyny üpjün etmek;
2) oba hojalyk, balyk önümleriniň we azygyň ösýän importy mahalynda gorag çärelerini işjeň peýdalanmak;
3) halkara kadalaryny we standartlaryny hasaba almak bilen sanitar, weterinar we fitosanitar gözegçiligi ulgamynyň netijeli işini üpjün etmek.
5. Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatyny kemala getirmek döwletiň azyk howpsuzlygynyň ölçütlerini berjaý etmek bilen amala aşyrylmalydyr.
II BAP. AZYK HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK
BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI
6-njy madda. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
1. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan edaralar we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna şular degişlidir:
1) oba hojalyk we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;
2) söwda babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary.
3. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik birleşikleri bilen arkalaşykly hereket edýärler.
7-nji madda. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň strategiýasynyň esasy ugurlaryny tassyklaýar, ony amala aşyrmak boýunça çäreleri kesgitleýär;
2) azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
3) azyk howpsuzlygy babatda Türkmenistanyň ýeke-täk döwlet syýasatynyň geçirilmegini üpjün edýär;
4) döwletiň azyk howpsuzlygyny üpjün edýän, döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
5) iýmit önümleriniň öndürilişini höweslendirmegiň we düzgünleşdirmegiň döwlet ulgamyny kemala getirýär;
6) öndürilýän we raýatlara satylýan iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň azyk howpsuzlygynyň we hiliniň standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklylygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
7) azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan edaralaryň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça maksatlaryny we wezipelerini kesgitleýär;
8) ilatyň ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümlerine we iýmit çig malyna bolan zerurlyklarynyň kanagatlandyrylyşyna, şeýle hem azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýagdaýyň ösüşiniň çaklanyş bahalarynyň taýýarlanylyşyna gözegçilik edýär;
9) adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatlarynda ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri we iýmit çig maly bilen üpjün etmegiň tertibini belleýär;
10) ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň Sanawyny, şeýle hem azyk öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň balansyny tassyklaýar;
11) şu Kanuna we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
8-nji madda. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy
1. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary:
1) azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;
2) azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörite döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar we ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;
3) iýmit önümlerini we iýmit çig malyny öndürmek, saklamak we ýerlemek bilen meşgullanýan, özleriniň garamagyndaky kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işini utgaşdyrýarlar;
4) döwletiň çäginde azyk howpsuzlygynyň ýagdaýyna monitoringiň alnyp barylmagyny, ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri we iýmit çig maly bilen üpjün etmek barada maglumatlary toplamagy we seljeriş geçirmegi, şeýle hem azyk howpsuzlygy babatda ýagdaýyň ösüşine çaklaýyş bahalarynyň taýýarlanylmagyny hem-de şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün edýärler;
5) döwlet azyk ätiýaçlygyny dolandyrmagy amala aşyrýarlar, onuň abatlygyna, peýdalanylmagyna we täzelenilmegine jogapkärçilik çekýärler;
6) ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri we iýmit çig maly bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri işläp taýýarlaýarlar;
7) iýmit önümleriniň hiline we howpsuzlygyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýarlar hem-de Türkmenistanda öndürilýän we satylýan iýmit önümleriniň hiliniň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklygyny üpjün edýärler;
8) şu Kanuna we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
2. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygyny çäklendirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan, bu edaralar hakyndaky düzgünnamalara laýyklykda amala aşyrylýar.
9-njy madda. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary özleriniň garamagyndaky çäklerde:
1) azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny geçirmek boýunça çäreleri durmuşa geçirýärler;
2) iýmit önümlerini we iýmit çig malyny öndürmek, saklamak we ýerlemek bilen meşgullanýan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işini utgaşdyrýarlar;
3) degişli döwlet edaralaryna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça zerur maglumatlary berýärler.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary ilatyň azyk bilen üpjün edilmegine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
10-njy madda. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde jemgyýetçilik birleşikleriniň orny
1. Jemgyýetçilik birleşikleri azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge, ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri we iýmit çig maly bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri işläp taýýarlamaga gatnaşyp bilýärler.
2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça teklipleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde garalmaga degişlidir.
11-nji madda. Azyk öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň balansy
Döwletde azyk öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň balansy, döwletiň azyk howpsuzlygynyň we azyk garaşsyzlygynyň derejesine baha bermek bilen baglanyşykly hasaplamalar ulgamynyň esasy, şeýle hem ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümlerini we iýmit çig malyny öndürmegi meýilleşdirmek üçin binýat bolup durýar.
12-nji madda. Azyk howpsuzlygynyň üpjün edilişine döwlet gözegçiligi
1. Azyk howpsuzlygynyň üpjün edilişine döwlet gözegçiligi şu Kanunyň talaplaryny berjaý etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri we iýmit çig maly bilen üpjün etmek boýunça çäreleri iş ýüzüne geçirmek maksady bilen amala aşyrylýar.
2. Azyk howpsuzlygynyň üpjün edilişine döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet dolandyryşyny amala aşyrýan edaralar we beýleki ygtyýarlandyrylan edaralar tarapyndan olaryň ygtyýarlylygynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
3. Azyk howpsuzlygynyň üpjün edilişine döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň çäginde iýmit önümlerini we iýmit çig malyny öndürmek, saklamak hem-de ýerlemek bilen meşgullanýan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda amala aşyrylýar.
13-nji madda. Döwlet azyk ätiýaçlygy
1. Döwlet azyk ätiýaçlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri we iýmit çig maly bilen durnukly üpjün etmek, şeýle hem iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň gytçylygynyň ýüze çykmak töwekgelçiliklerini azaltmak maksady bilen döredilýär.
2. Döwlet azyk ätiýaçlygy şu aşakdakylar esasynda emele getirilýär:
1) döwlet azyk ätiýaçlygy gaznasynyň;
2) döwlet sargydyny ýerbe-ýer etmegiň çäklerinde satyn alnan oba hojalyk, balyk önümleriniň, iýmit çig malynyň we azygyň ätiýaçlyklarynyň;
3) oba hojalyk, balyk önümleriniň, iýmit çig malynyň we azygyň dolanyşykdaky ätiýaçlyklarynyň.
3. Döwlet azyk ätiýaçlygy şu aşakdakylar üçin niýetlenilen:
1) adatdan daşary ýagdaýlar bolan mahalynda Türkmenistanyň ilatyny azyk bilen, şeýle hem azyk we gaýtadan işleýän senagatyň edaralaryny oba hojalyk çig maly bilen üpjün etmek;
2) bölek söwdada we azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatyň edaralarynda oba hojalyk, balyk önümlerine we azyga bolan isleg bilen teklibiň arasynda deňeçersizlikleriň (proporsiýasyzlyklaryň) ýüze çykan halatynda azyk harytlary bazaryna düzgünleşdiriji täsir etmek;
3) çig mal serişdeleriniň örän möhüm görnüşlerine bolan isleg bilen teklibiň arasynda deňeçersizlikleriň ýüze çykan halatynda, olar bilen üpjün edilişiniň wagtlaýyn bozulan mahalynda olaryň işini durnuklaşdyrmak maksady bilen iýmit we gaýtadan işleýän senagatyň edaralaryna goldaw bermek;
4) ynsanperwerlik kömegini bermek.
14-nji madda. Azyk bazaryna döwlet gözegçiligi
1. Azyk bazaryna döwlet gözegçiligi Türkmenistanda azyk öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň balansynyň esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we onuň tarapyndan ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Azyk bazaryna döwlet gözegçiligi şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) azyk öndürilişini, onuň üpjün edilişini we haryt ätiýaçlyklaryny hasaba almagy, şeýle hem azyk bazarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmegi;
2) azygyň lomaý tapgyrlarynyň onuň öndürilenden ýa-da importyndan tä sarp edijileriň üpjün edilmegine çenli hereketine gözegçilik etmegi;
3) azygyň hiliniň we howpsuzlygynyň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklygyna sertifikatlaşdyrmagy.
3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti zerur bolan mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda azyk bazarynda kesgitlenen döwlet nyrhlaryny bellemäge haklydyr.
15-nji madda. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda maglumat we monitoring
1. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda maglumat we monitoring şu aşakdakylary öz içine almalydyr:
1) azyk öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň balansynyň mukdar häsiýetnamalaryny;
2) iýmit önümleriniň öndürilişiniň ýagdaýy baradaky, oba hojalyk, balyk önümleriniň we azygyň möçberi hakyndaky maglumatlary, iýmit önümlerini öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň döwlet we sebitleýin balansynyň maglumatlaryny;
3) Türkmenistanda öndürilýän we Türkmenistanyň çägine getirilýän azyk harytlarynyň möçberi, olaryň hereketi, nyrhy, hili, şeýle hem senenama ýylynyň dowamynda sarp edilişiniň barşy hakyndaky maglumatlary;
4) oba hojalyk, balyk önümleriniň we azygyň içerki hem-de daşarky bazarynyň ýagdaýynyň hem-de ösüş meýilleriniň seljerişini;
5) döwlet azyk ätiýaçlygynda azygyň barlygy we möçberi baradaky maglumatlary;
6) döwlet azyk ätiýaçlygyny saklamak üçin ammar jaýlarynyň barlygy we ýagdaýy baradaky maglumatlary;
7) oba hojalyk, balyk önümleriniň we azygyň lomaý söwdasynyň dolanyşygy hakynda maglumatlary;
8) azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda we ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri, oba hojalyk, balyk önümleri we azyk bilen üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrmak hakynda döwlet maksatnamalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlary;
9) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda kadalaryň we kada görkezijileriniň berjaý edilmegini.
2. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda maglumaty bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
III BAP. AZYK HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BABATDA JEDELLERI ÇÖZMEK WE AZYK HOWPSUZLYGY HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK
16-njy madda. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýüze çykýan jedelleri çözmek
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
17-nji madda. Azyk howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Azyk howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.
IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
18-nji madda. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
19-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.
№ 479-V.