TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 138-nji madda)
(Türkmenistanyň 05.06.2021 ý. № 386-VI Kanuny esasynda girizilen
üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun fiziki şahslaryň Türkmenistanyň banklaryndaky goýumlarynyň kepilliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny, banklaryň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyna gatnaşmagyny kesgitleýär, goýumçylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna hem-de ilatyň tygşytlanan pullarynyň çekilmeginiň höweslendirilmegine we bank ulgamyna bolan ynamynyň berkidilmegine gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) goýum (depozit) (mundan beýläk – goýum) – goýumyň möçberiniň jemine hasaplanan göterimleri hasaba almak bilen bank goýumy hakynda şertnamanyň esasynda ýa-da onsuz fiziki şahs tarapyndan ýa-da onuň haýryna milli ýa-da daşary ýurt pulunda bankdaky hasaba geçirilen pul serişdeleri;
2) kepillendirilýän goýum - goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamy boýunça kepillikli öwez dolmanyň obýekti bolan goýum;
3) kepillik öwez dolma – milli pulda goýumça tölenilmäge degişli bolan pul serişdeleri;
4) gatnaşyjy bank – goýumlaryň hökmany kepilligi ulgamynyň gatnaşyjysy bolan bank, şol sanda Türkmenistanda bellige alnan daşary ýurt bankynyň şahamçasy, çekilen goýumlaryň yzyna gaýtarmak boýunça borçnamalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kepillendirilýär;
5) goýumçy – gatnaşyjy bankda öz adyna goýum açylan fiziki şahs;
6) goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamy – gatnaşyjy banklaryň goýumçylarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna gönükdirilen, şu Kanunda göz öňünde tutulan hökmany guramaçylyk-hukuk çäreleriniň toplumy;
7) gatnaşyjy bankyň tassyknamasy – goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyna gatnaşýandygyny tassyklaýan, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan gatnaşyjy banka berilýän resminama.
2-nji madda. Türkmenistanyň fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenilen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi banklaryň fiziki şahslar bilen baglaşan bank goýumlary hakynda şertnamalaryndan ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir.
2. Şu Kanunyň düzgünleri aşakdaky ýagdaýlara degişli däldir:
1) gatnaşyjy bankyň üýtgedilip guralmagyna;
2) gatnaşyjy bankyň ygtyýarly edarasy tarapyndan onuň işiniň bes edilýändigi hakynda kararyň kabul edilmegine;
3) gatnaşyjy bankyň şahamçasynyň ýatyrylmagyna.
4-nji madda. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň maksatlary we ýörelgeleri
1. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň maksady gatnaşyjy bankyň mejbury suratda ýatyrylan ýagdaýynda kepillik öwez dolmany tölemek ýoly bilen goýumçylaryň bähbitlerini goramakdan, ilatyň tygşytlanan pullarynyň çekilmegini höweslendirmekden, Türkmenistanyň bank ulgamyna bolan ynamy berkitmekden ybarat.
2. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň esasy ýörelgeleri aşakdakylardan ybarat:
1) fiziki şahslaryň goýumlaryny kabul etmegi amala aşyrýan banklaryň gatnaşmagynyň hökmanylygy;
2) goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň aýdyňlygy;
3) goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň emele gelmeginiň toplaýjylyk häsiýeti.
5-nji madda. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň subýektleri
Goýumçylar, Türkmenistanyň Merkezi banky we gatnaşyjy banklar goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň subýektleri bolup durýarlar.
6-njy madda. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň obýektleri
1. Goýumçylaryň gatnaşyjy bankyň goýum hasabyna (hasaplaryna) ýerleşdirilen pul serişdeleri goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň obýekti bolup durýar.
2. Şu Kanuna laýyklykda aşakdakylar goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň obýektleri bolup durmaýar:
1) goýumyň möçberine hasaplanyp ýazylan göterimler;
2) fiziki şahslar tarapyndan teklip ediji üçin bank goýumlaryna, karz kartlaryna, gymmatly kagyzlara ýerleşdirilen pul serişdeleri, fiziki şahslaryň atly süýşürintgiler sertifikaty muňa degişli däldir;
3) fiziki şahslar tarapyndan banklara ynançly dolandyrmaga berlen pul serişdeleri;
4) gatnaşyjy banklaryň daşary ýurt döwletleriniň çäklerinde ýerleşen şahamçalarynda ýerleşdirilen pul serişdeleri;
5) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň-hususy telekeçileriň hasaplarynda ýerleşdirilen pul serişdeleri, eger bu hasaplar telekeçilik işini amala aşyrmak üçin açylan bolsa;
6) gatnaşyjy banklaryň açyk hasaplarynda, bankyň ýa-da üçünji bir şahslaryň öňündäki borçnamalaryň üpjün edilmegi hökmünde ýerleşdirilen pul serişdeleri.
II BAP. FIZIKI ŞAHSLARYŇ GOÝUMLARYNYŇ KEPILLIGINI ÜPJÜN ETMEKDE TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ YGTYÝARLYKLARY
7-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hukuklary
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepillendiriliş ulgamynda şulara hukugy bardyr:
1) şularyň tertibini kesgitlemäge:
a) goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň emele gelmeginiň, serişdeleriniň ýerleşdirilmeginiň we ondan tölegleriň;
b) kepillik ätiýaçlygynyň emele gelmeginiň;
2) kepillik öwez dolma tölegini amala aşyrmak üçin ygtyýarly banky saýlamaga;
3) gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany we ýörite gatançlaryň tölenilmeginiň möçberlerini we tertibini bellemäge;
4) gatnaşyjy banklar tarapyndan kepillik ätiýaçlygyna ýörite gatançlaryň geçirilmegi hakynda çözgüt çykarmaga;
5) ýatyrylýan gatnaşyjy bankyň satylýan emläginden we aktiwlerinden kepillik öwez dolmanyň we ony tölemek boýunça harajatlaryň jemleriniň çäklerindäki serişdeleriň öweziniň dolunmagyny talap etmäge;
6) gatnaşyjy banklaryň hökmany gatançlary tölemegini talap etmäge;
7) hökmany gatançlar öz wagtynda ýa-da doly möçberde geçirilmedik ýagdaýynda gatnaşyjy banklaryň aragatnaşyk hasaplaryndan akseptsiz tertipde pul serişdeleriniň hasapdan aýrylmagyny amala aşyrmaga;
8) gatnaşyjy banklardan çekilen goýumlar baradaky maglumatlary soramaga;
9) gatnaşyjy bankyň ýatyryjy toparyndan goýumçylaryň sanawynyň, şeýle hem kepillendirilýän goýumlar boýunça kepillik öwez dolmanyň hasaplamasynyň öz wagtynda berilmegini talap etmäge;
10) gatnaşyjy bank tarapyndan şu Kanunyň talaplary bozulan ýagdaýynda täsir ediş çäresini ulanmaga.
8-nji madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň borçlary
Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepillendiriliş ulgamynda Türkmenistanyň Merkezi banky şulara borçludyr:
1) gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany gatançlaryň doly we öz wagtynda tölenilmegine gözegçilik etmäge;
2) gatnaşyjy banklaryň sanawynyň göwnejaý emele getirilmegini we ýöredilmegini guramaga;
3) gatnaşyjy bankyň fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepillendiriliş ulgamyna gatnaşýandygyny tassyklaýan tassyknamasynyň berilmegini amala aşyrmaga;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde mejbury suratda ýatyrylýan gatnaşyjy bankyň goýumçylaryna kepillik öwez dolmanyň tölenilişine gözegçiligi amala aşyrmaga;
5) öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagynyň barşynda gatnaşyjy banklar we olaryň goýumçylary hakynda alnan ähli maglumatlary diňe gulluk maksatlary üçin ulanmaga.
9-njy madda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kepillikleri
1. Türkmenistanyň Merkezi banky gatnaşyjy bankyň mejbury suratda ýatyrylýandygy baradaky kazyýetiň karary kanuny güýje giren gününden onuň goýumçylaryna kepillik öwez dolmanyň tölenilmegini amala aşyrmak boýunça borçnamany öz üstüne alýar we kepil bolup durýar.
2. Kepilli öwez dolmanyň töleginde:
1) şu ýagdaýlarda onuň tölenilmeginden boýun gaçyrylyp bilner:
a) eger fiziki şahs babatynda kazyýetiň emläge jerime töletmek hakynda ýa-da emlägini muzdsuz almak hakynda karary, deslapky derňew we anyklaýyş edarasynyň üpjün ediş çäresi hökmünde onuň hasabyny (goýumyny) tussag etmek hakynda karary (kesgitnamasy) bar bolsa;
b) eger fiziki şahs babatynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine gatnaşandygy hakynda maglumatlar bar bolsa;
2) şu ýagdaýlarda togtadylyp bilner:
a) eger raýat Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we Türkmenistanyň harby edaralarynda borçnama ýa-da çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, harby hereketleriň alnyp barylýan, adatdan daşary ýagdaýlar, epidemiýalar we epizootiýalar düzgüniniň hereket edýän ýerlerinde bolýan bolsa;
b) eger adam gözlegde bolsa ýa-da azatlykdan mahrum bolmak görnüşinde temmi alýan bolsa;
ç) eger sebäpler onuň agyr keseli bilen baglanyşykly bolsa;
d) eger kazyýetiň çözgüdi bilen goýumçy nam-nyşansyz ýiten ýa-da ölen diýlip yglan edilen bolsa;
e) eger bankyň goýumça, şol sanda karzlar, bank kepilligi boýunça pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagynyň üpjün edilmegi üçin kabul edilen goýumlar boýunça garşylyklaýyn talaplary bar bolsa;
ä) eger goýumçy kazyýetiň çözgüdi bilen kämillik ukyby ýok diýlip ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen bolsa;
f) eger goýumçynyň mirasdüşerinde goýuma ýa-da goýumyň paýyna bolan hukugyny tassyklaýan resminamalar bolmasa;
g) eger eýeleri kybaplaşdyrylyp bolmaýan goýumlar bolsa;
h) eger goýumçylar Türkmenistanyň çäginden daşarda bolýan bolsa.
3. Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi kepillik öwez dolmanyň tölenilmeginden şu Kanunda bellenilen tertipde ýüz öwrülmegi ýa-da onuň togtadylmagy üçin esas bolan ýagdaýlar aýrylandan soň amala aşyrylýar.
III BAP. TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GOÝUMLARYŇ HÖKMANY KEPILLENDIRILIŞ GAZNASY WE KEPILLIK ÄTIÝAÇLYGY
10-njy madda. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasy
1. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasy Türkmenistanyň Merkezi bankynda döredilýär we goýumçylara kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi üçin niýetlenendir.
2. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasy gatnaşyjy banklaryň ýörite hasaba girizýän hökmany gatançlarynyň hasabyna emele gelýär.
3. Gatnaşyjy banklaryň şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna geçirýän tölegleri hökmany gatançlar bolup durýar.
4. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleriniň dolandyrylmagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan amala aşyrylýar.
5. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleri şulara ýerleşdirilip bilner:
1) gymmat bahaly kagyzlara;
2) Türkmenistanyň banklaryndaky goýumlara.
6. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleriniň ýerleşdirilmeginden alnan girdejiler kepillik ätiýaçlygyna gönükdirilýär.
11-nji madda. Kepillik ätiýaçlygy
1. Türkmenistanyň Merkezi banky goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdelerini ýerleşdirmekden gelen girdejilerden we gatnaşyjy banklaryň ýörite gatançlaryndan kepillik ätiýaçlygyny döredýär.
2. Gatnaşyjy banklaryň kepillik ätiýaçlygyna tölegleri ýörite gatançlar bolup durýar.
3. Kepillik ätiýaçlygynyň pul serişdeleri goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleri ýetmezçilik eden ýagdaýynda kepillik öwez dolmany tölemek üçin niýetlenendir.
4. Goýumçylara kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kepillik ätiýaçlygynyň köpeldilmegi üçin zerur bolan möhlete, emma kazyýetiň gatnaşyjy banky mejbury suratda ýatyrmak hakyndaky karary kanuny güýje giren gününden başlap, kyrk bäş senenama günden köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner.
IV BAP. BANKLARYŇ GOÝUMLARYŇ HÖKMANY KEPILLENDIRILIŞ ULGAMYNA GATNAŞMAGY. KEPILLIK ÖWEZ DOLMANYŇ TÖLENILMEGI
12-nji madda. Banklaryň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyna gatnaşmagy
1. Gatnaşyjy bankda goýumlary kepillendirmek boýunça borçnamalar şu Kanunyň güýji bilen, hem-de fiziki şahslaryň goýumlaryny çekmäge hukuk berýän bank işiniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamanyň esasynda ýüze çykýar.
Bankda goýumlaryň kepillendirilmegi boýunça döreýän borçnamalar Türkmenistanyň Merkezi banky bilen gatnaşyjy bankyň arasynda şertnamanyň baglaşylmagyny talap etmeýär.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky bank işiniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamany beren we gatnaşyjy banklaryň sanawyna maglumatlary girizen gününden başlap ýedi iş gününiň dowamynda gatnaşyjy bankyň tassyknamasyny berýär.
3. Gatnaşyjy bank babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan täsir ediş çäreleriniň ulanylmagy ony hökmany ýa-da ýörite gatançlary tölemekden boşatmaýar.
13-nji madda. Gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany we ýörite gatançlaryň tölenilmeginiň tertibi
1. Gatnaşyjy bank şu Kanuna laýyklykda aşakdaky gatançlary tölemäge borçludyr:
1) hökmany gatançlar – gatnaşyjy banklaryň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna her çärýekdäki tölegleri;
2) ýörite gatançlar – goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleri ýetmezçilik eden halatynda gatnaşyjy banklaryň kepillik ätiýaçlygyna geçirýän bir gezeklik tölegleri.
2. Gatnaşyjy bank tarapyndan hökmany we ýörite gatançlaryň tölenilmeginiň möçberi we tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.
Gatnaşyjy bankyň hökmany gatanjynyň möçberi fiziki şahslaryň bankdaky goýumlarynyň hasaplaşylýan çärýekdäki ortaça galyndysynyň 0,25 göteriminden ýokary bolmaly däldir.
Banklaryň hökmany gatançlary hasabat çärýeginden soňky gelýän aýyň 15-nji gününden gijä galynman her çärýekde geçirilýär.
3. Hökmany gatanjyň möçberiniň peselmegine ýol beren ýa-da serişdeleri goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna öz wagtynda geçirmedik gatnaşyjy bank geçirilmegine degişli hökmany gatanjyň 0,1 göterimi möçberinde goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna jerime tölemäge borçludyr.
4. Tölenilýän gatançlar gatnaşyjy banklar tarapyndan öz aktiwleri hökmünde hasaba alynmaýar, goýumçylaryň hasabyna amala aşyrylmaly däldir we gatnaşyjy banklar tarapyndan talap edilip bilinmez.
5. Gatnaşyjy bankyň gatançlary tölemek boýunça borçnamalary bank işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylan ýa-da ýatyrylan pursatyndan togtadylýar.
6. Gatnaşyjy bank tarapyndan goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna artyk tölenilen serişdeler geljekki döwürleriň gatançlarynyň hasabyna alynmaga degişlidir.
7. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna hökmany gatançlar milli pulda geçirilýär. Daşary ýurt pulundaky goýumlar boýunça hökmany gatançlar hem milli pulda, tölegiň geçirilýän gününde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen hümmeti boýunça geçirilýär.
14-nji madda. Gatnaşyjy bankyň hukuklary we borçlary
1. Gatnaşyjy bankyň şulara hukugy bardyr:
1) goýumlaryň hökmany kepilliginiň meseleleri boýunça zerur bolan maglumatlary almaga, bank syryny we kanun tarapyndan goralýan başga syry düzýän maglumatlar muňa degişli däldir;
2) hökmany gatançlaryň artyk tölenilen möçberleriniň geljekki döwürleriň hasabyna alynmagyny talap etmäge;
3) gatnaşyjy bankyň tassyknamasyny almaga.
2. Gatnaşyjy bank şulara borçludyr:
1) gatançlary şu Kanuna laýyklykda öz wagtynda we doly möçberde tölemäge;
2) Türkmenistanyň Merkezi bankyna, şeýle ýagdaýyň ýüze çykan pursatyndan başlap üç senenama gününiň dowamynda kepillendirilýän goýumlaryň gaýtarylmagy boýunça borçnamalaryň doly we öz wagtynda berjaý edilmeginiň mümkin bolmazlygyna eltýän ýagdaýlaryň ýüze çykandygy barada habar bermäge;
3) Türkmenistanyň Merkezi bankyna özi tarapyndan tölenilen gatançlar boýunça hasaplamalaryň dogrudygyny tassyklaýan maglumatlary bermäge;
4) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň talaby boýunça goýumlar barada başga maglumatlary bermäge.
15-nji madda. Gatnaşyjy bankyň adynyň we (ýa-da) guramaçylyk hukuk görnüşiniň üýtgemeginiň netijeleri
1. Gatnaşyjy bank döwlet tarapyndan gaýtadan bellige alnandygy hakynda şahadatnamany alan gününden başlap bäş iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankyna öz adynyň we (ýa-da) guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgändigi hakynda ýazmaça görnüşde habar berýär.
2. Gatnaşyjy bankyň ady we (ýa-da) guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgän ýagdaýynda Türkmenistanyň Merkezi banky gatnaşyjy bankdan tassyklaýjy resminamalary alan pursatyndan başlap bäş iş gününiň dowamynda gatnaşyjy banklaryň sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmek bilen, gatnaşyjy bankyň tassyknamasyny çalyşýar. Şonda gatnaşyjy bankyň öňki berlen tassyknamasy ýatyrylmaga degişlidir.
16-njy madda. Gatnaşyjy bankyň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyndan çykarylmagy
1. Gatnaşyjy bankyň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyndan çykarylmagy şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar:
1) bank işiniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamasy ýatyrylanda;
2) gatnaşyjy bank mejbury suratda ýatyrylanda;
3) gatnaşyjy bank üýtgedilip guralanda.
2. Gatnaşyjy bankyň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyndan çykarylmagy gatnaşyjy banklaryň sanawyna degişli ýazgynyň girizilmegi we oňa berlen gatnaşyjy bankyň tassyknamasynyň ýatyrylmagy arkaly amala aşyrylýar.
3. Bank şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan gatnaşyjy bank hökmünde goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyndan çykarylan senesinden başlap bäş iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankyna gatnaşyjy bankyň tassyknamasyny yzyna gaýtarmaga borçludyr.
17-nji madda. Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi
1. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasy goýum boýunça kepillik öwez dolmany haçan-da olar mejbury suratda ýatyrylýan bank tarapyndan tölenilip bilinmeýän ýagdaýynda töleýär.
2. Goýumlar boýunça kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi goýumçynyň arzasy esasynda nagt pul serişdeleri bilen, şonuň ýaly-da goýumçy tarapyndan görkezilen bank hasabyna pul serişdeleriniň geçirilmegi arkaly amala aşyrylyp bilner.
Gatnaşyjy bankyň ýatyryjy topary kazyýetiň gatnaşyjy bankyň mejbury suratda ýatyrylýandygy hakyndaky karary kanuny güýje giren gününden başlap on iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankyna kepillendirilýän goýumlar boýunça goýumçylaryň sanawyny, şeýle hem kepillik öwez dolmanyň hasaplamasyny bermäge borçludyr.
3. Goýumça kepillik öwez dolma tölenenden soň, onuň talap etmek hukugy tölenilen möçberiň çäklerinde Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna geçýär.
4. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna goýumlar boýunça kepillik öwez dolmany töländigi netijesinde geçen talaplar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda birinji nobatda mejbury suratda ýatyrylýan bankyň algydarlary babatda kanagatlandyrylýar.
V BAP. KEPILLIK ÖWEZ DOLMANYŇ TÖLENILIŞ MÖÇBERI, TERTIBI WE ŞERTLERI
18-nji madda. Goýumçylaryň kepillik öwez dolma hukuklary
1. Goýumçy anyk gatnaşyjy bankdaky bank goýumlarynyň sanyna garamazdan, kepillendirilýän goýumy boýunça bank goýumynyň 100 göterimi möçberinde kepillik öwez dolmany almaga haklydyr.
Fiziki şahslaryň goýumlary boýunça kepillik öwez dolmanyň töleniliş tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.
2. Ýatyrylýan gatnaşyjy bankda goýumçy tarapyndan görnüşleri we puly boýunça dürli, birnäçe kepillendirilen goýumlar açylan bolsa, Türkmenistanyň Merkezi banky olar boýunça umumy kepillik öwez dolmany töleýär.
3. Goýumçy tarapyndan birnäçe gatnaşyjy bankda goýumlar açylan mahalynda Türkmenistanyň Merkezi banky kepillik öwez dolmanyň tölegini her bir gatnaşyjy bank boýunça aýratyn töleýär.
4. Daşary ýurt pulundaky kepillendirilýän goýumlar boýunça kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi milli pulda tölegiň geçirilýän senesinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän hümmeti boýunça amala aşyrylýar.
19-njy madda. Ygtyýarlyk berlen bank
1. Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan gatnaşyjy banklaryň hataryndan saýlanan ygtyýarlyk berlen bankyň üsti bilen amala aşyrylýar.
2. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna goýumlar boýunça kepilllik öwez dolmanyň tölenilmegini amala aşyrýan ygtyýarlyk berlen banka tölenen kepillik öwez dolmalaryň jeminiň 0,01 göterimi möçberinde höweslendirme tölegi tölenilýär.
Ýygym höweslendirmeleriniň bellenilen möçberleri, bank hyzmatlaryny etmek üçin nyrhlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralary tarapyndan özbaşdak bellenilýär.
20-nji madda. Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi barada maglumat
1. Türkmenistanyň Merkezi banky kazyýetiň gatnaşyjy banky mejbury suratda ýatyrmak hakynda karary kanuny güýje giren gününden başlap on dört iş gününiň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen bu barada habar berýär.
Gatnaşyjy bankyň mejbury suratda ýatyrylýandygy hakynda maglumatda kepillik öwez dolmanyň tölegini amala aşyrýan ygtyýarlyk berlen bankyň ady, tölegiň amala aşyrylýan döwri we ýeri (ýerleri) ýa-da kepillik öwez dolmanyň töleginiň başlanýan wagtynyň yza süýşürilýändigi barada habar berilýär.
Kepillik öwez dolmanyň tölenilýän möhleti yza süýşürilen ýagdaýynda Türkmenistanyň Merkezi banky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen goýumçylara goşmaça habar berýär.
Goýumçynyň görkezilen maglumaty gös-göni Türkmenistanyň Merkezi bankyndan hem almaga hukugy bar.
2. Mejbury suratda ýatyrylýan gatnaşyjy bankyň goýumçysynyň kepillik öwez dolmanyň tölenip başlanandygy hakyndaky köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki bildirişiniň çykan gününden ygtyýarly banka ýüz tutmaga hukugy bardyr.
21-nji madda. Kepillik öwez dolmanyň töleniliş şertleri
1. Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi ygtyýarlyk berlen bank tarapyndan diňe goýumçy tarapyndan şu aşakdaky resminamalar tabşyrylan mahalynda geçirilýär:
1) Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen görnüşdäki arza;
2) goýumçynyň şahsyýetini tassyklaýan resminama (pasport ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminama, on alty ýaşa ýetmedik adamlar üçin dogluş hakynda şahadatnama);
3) bankyň goýumçynyň öňündäki borçnamalaryny tassyklaýan resminamalar.
2. Goýumçy tarapyndan şu Kanuna laýyklykda kepillik öwez dolmanyň tölenilmegini geçirmek üçin zerur resminamalar doly tabşyrylmadyk mahalynda, ygtyýarlyk berlen bank bu barada goýumça habar berýär we şeýle goýumçynyň arzasynyň seredilmegini zerur resminamalar doly tabşyrylýança, emma on iş gününden köp bolmadyk möhlete togtadýar.
3.Ygtyýarly bank şu ýagdaýlarda goýumçynyň arzasyny kanagatlandyrmakdan we kepillik öwez dolmany amala aşyrmakdan ýüz öwürýär:
1) şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan resminamalar doly tabşyrylmadyk mahalynda;
2) tabşyrylan resminamalarda nädogry maglumatlar ýüze çykarylan halatynda.
4. Goýumçynyň arzasyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwrülen ýagdaýynda, ygtyýarly bank bu çözgüt kabul edilenden soňra on iş gününiň dowamynda onuň sebäplerini ýazmaça görnüşde esaslandyryp, goýumça habar bermäge borçludyr.
Ygtyýarly bankyň goýumçynyň arzasyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwrendigi baradaky çözgüdine kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.
5. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda goýumçynyň, onuň kanuny wekiliniň, mirasdüşeriniň Türkmenistanyň Merkezi bankyna goýumyň öwezini dolmak üçin ýüz tutmagyň bellenilen möhletleriniň geçirilmeginiň sebäplerini esaslandyrmak bilen, goýumyň öweziniň dolunmagy hakyndaky arza we zerur bolan resminamalar bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr.
6. Goýumçynyň mejbury suratda ýatyrylan gatnaşyjy banka talaplary bildirmäge hukugy tassyklanylan ýagdaýynda, resminamalary ygtyýarly banka gelip düşen gününden soň bäş iş gününden gijä galman kepillik öwez dolma tölenilýär.
7. Mejbury suratda ýatyrylan gatnaşyjy bank goýumçy babatynda algydar ýa-da kepil hökmünde çykyş eden halatynda kepillik öwez dolmanyň möçberi kepillendirilýän goýumyň jemini we görkezilen bankyň garşylyklaýyn talaplarynyň jemini hasaplamagyň netijeleri boýunça emele gelen tapawudyň möçberinden ugur alnyp kesgitlenilýär.
VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
22-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi boýunça gatnaşyklardan ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
23-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
24-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 15-nji oktýabry.
№ 455-V.