TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Ösümlikleri goramak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 97-nji madda)
(Türkmenistanyň 05.01.2018 ý. № 685-V, 02.03.2019 ý. № 131-VI we 05.10.2019 ý. № 192-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun ösümlikleri zyýankeşlerden, ösümlikleriň kesellerinden, şeýle hem haşal otlardan goramak babatda işi amala aşyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de hasyly gorap saklamaga gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) ösümlikleri goramak – ösümliklere zeper ýetirilmeginiň ýa-da ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga, ösümlikleriň we (ýa-da) ösümlik önüminiň zyýankeşleriniň, ösümlikleriň kesellerini döredijileriň we haşal otlaryň täsiri netijesinde ösümlik önümleriniň ýitgisini azaltmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy;
2) zyýanly organizmler – topraga, ösümlige we oba hojalyk önümlerine ýaramaz täsir edýän ösümlikleriň zyýankeşleri we (ýa-da) ösümlik önüminiň, ösümlikleriň kesellerini döredijiler we haşal otlar;
3) ösümlikleriň we (ýa-da) ösümlik önüminiň zyýankeşleri – ösümliklere we (ýa-da) ösümlik önümine ýaramaz täsirini ýetirýän gemrijiler, mör-möjekler, sakyrtgalar, mollýuskalar, gurçuklar we beýleki haýwanlar;
4) ösümlik keseli – daşky gurşawyň ýaramaz şertleriniň we dürli kesel dörediji organizmleriň täsiri astynda öýjükleriň, ösümlikleriň synalarynyň kadaly madda çalşygynyň bozulmagy;
5) haşal otlar – ösümlikleriň hasyllylygyny pese düşürýän we ösümlik önüminiň hilini ýaramazlaşdyrýan, medeni ösümlikleriň arasynda biologiýa we ekologiýa taýdan ösmäge uýgunlaşan ýabany ösýän ýa-da ýarym medeni ösümlikler;
6) ösümlikleri goramagyň serişdeleri – zyýanly organizmleriň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak, ýok etmek ýa-da olaryň sanyny azaltmak hem-de olaryň ösümliklere we (ýa-da) ösümlik önümlerine zyýanly täsirini peseltmek üçin peýdalanylýan himiki usullar, biologik serişdeler, mehaniki usullar we beýleki serişdeler;
7) ösümlikleri goramagyň himiki usullary – himiki serişdeleriň kömegi bilen ösümlikleri we (ýa-da) ösümlik önümini zyýanly organizmlerden we ösümlikleriň kesellerinden goramak boýunça çäreleriň ulgamy;
8) ösümlikleri goramagyň biologik serişdeleri – zyýankeşler, ösümlikleriň keselleri we haşal otlar bilen göreşmek üçin ulanylýan, tebigy organizmlere meňzeş biologik maddalar, şeýle hem ösdürilip ýetişdirilen önümler, genetiki taýdan döredilen ösümlikler ýa-da başga organizmler;
9) ösümlikleri goramagyň mehaniki usullary – ösümlikleri we (ýa-da) ösümlik önümini zyýanly organizmlerden we ösümlikleriň kesellerinden mehaniki ýol bilen goramak boýunça çäreleriň ulgamy;
10) ösümlikleri goramagyň serişdelerini zyýansyzlandyrmak – ösümlikleri goramagyň serişdelerini işläp bejermek, gömmek, howply düzümlerini peseltmek, ilatyň saglygyna we daşky gurşawa olaryň zyýanly täsirini azaltmaga ýa-da öňüni almaga getirýän, olary peýdalanmazdan ýörite obýektlerde we (ýa-da) ýörite gurluşlarda ýok etmek;
11) ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salyşmak – ösümlikleri goramagyň serişdelerini öwrenmek, synag etmek, täzelerini işläp taýýarlamak, bar bolanlaryny kämilleşdirmek, öndürmek, ýerlemek, saklamak, daşamak, ulanmak, zyýansyzlandyrmak, getirmek, äkitmek, gaplamak bilen baglanyşykly işler;
12) fitosanitar gözegçilik – zyýanly organizmleriň we olaryň tebigy antagonistleriniň ýaýramak derejesini, şeýle hem olaryň ösüşini we zyýan ýetirijilik depginliligini gözegçilikde saklamak we anyklamak;
13) fitosanitar çäreleri – zyýanly organizmleriň ýok edilmegini ýa sanynyň azalmagyny ýa-da olaryň ösümliklere we (ýa-da) ösümlik önümine zyýanly täsirini peseltmegi üpjün edýän çäreler;
14) fitosanitar ýagdaý – zyýanly organizmleriň düzümi we ösüş derejesi boýunça kesgitli çäkde görkezilen anyk wagtda ekoulgamyň, olaryň düzüm bölekleriniň, önümiň ýa-da ösümlikden alynýan önümiň tapgyrynyň ýagdaýy;
15) ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawy – şu Kanunda bellenilen talaplara laýyklykda we Türkmenistanyň çäginde ulanmaga rugsat berlen, döwlet tarapyndan hasaba alnyşyndan geçen, ösümlikleri goramagyň serişdeleri barada maglumaty öz içine alýan resminama;
16) pestisidler (awuly himikatlar) – zyýanly we aýratyn howply zyýanly organizmlere garşy ulanylýan himiki maddalar, şeýle hem gerbisidler, defoliantlar, desikantlar we ösümlikleriň ösüşini sazlaýjylar;
17) ýörite zat saklanylýan jaýlar (mazarlyklar) – ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň, şeýle hem olaryň boşan gaplarynyň sandan çykanlaryny ýa-da ulanylmagy gadagan edilenlerini soňra gaýtadan ulanylmagy ýa-da ýok edilmegi üçin howpsuz saklamaga niýetlenilen desgalar.
2-nji madda. Ösümlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Ösümlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Tokaý gaznasynyň çäklerinde ösüp ýetişýän tokaý ösümliklerini zyýankeşlerden we ösümlikleriň kesellerinden goramak babatda ýüze çykýan gatnaşyklar şu Kanun we Türkmenistanyň tokaý kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
3. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ösüp ýetişýän ösümlikleri goramak babatda ýüze çykýan gatnaşyklar şu Kanun we aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
4. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda wezipeler
Ösümlikleri goramak babatda wezipeler şu aşakdakylardan ybarat:
1) ösümlikler üçin zyýanly organizmleriň köpçülikleýin köpelmegini we ýaýramagyny öz wagtynda çaklamak, anyklamak we öňüni almak maksady bilen çäreleri amala aşyrmak;
2) oba hojalyk ekinleriniň fitosanitar ýagdaýynyň gowulanmagyny üpjün etmek, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümini almak, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde fitosanitar çäreleri amala aşyrylan mahalynda, ilatyň saglygyna we daşky gurşawa zyýanly täsiriniň öňüni almak.
4-nji madda. Ösümlikleri goramagyň esasy ýörelgeleri
Ösümlikleri goramagyň esasy ýörelgeleri şu aşakdakylardan ybarat:
1) ösümlikleri goramak boýunça çäreler amala aşyrylan mahalynda ilatyň saglygyny goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek;
2) ösümlikleri goramak boýunça çäreleriň geçirilmeginiň ylmy, ekologiýa we ykdysady taýdan esaslandyrylanlygy;
3) ösümlikleri goramagyň biologik serişdeleriniň ulanylmagynyň ileri tutulmagy;
4) ösümlikleri goramagyň meseleleri boýunça döwlet edaralarynyň, beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň işinde aýanlyk we ilaty doly, anyk hem-de öz wagtynda maglumatlar bilen üpjün etmek;
5) ösümlikleri goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak.
5-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda hukuk gatnaşyklarynyň obýektleri
Ösümlikleri goramak babatda hukuk gatnaşyklarynyň obýektlerine şu aşakdakylar degişlidir:
1) ösümlikler;
2) zyýanly organizmler we ösümlikleriň keselleri;
3) karantinasty obýektler;
4) ösümlikleri goramagyň serişdeleri.
6-njy madda. Ösümlikleri goramak babatda hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri
Ösümlikleri goramak babatda işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar ösümlikleri goramak babatda hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri bolup durýarlar.
II BAP. ÖSÜMLIKLERI GORAMAK BABATDA
DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI
Ösümlikleri goramak babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara), Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugy (mundan beýläk – Gulluk) hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
8-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) ösümlikleri goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) ösümlikleri goramak babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
3) ösümlikleri goramak babatda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan degişli edaralaryň we kärhanalaryň işini düzgünleşdirmegi amala aşyrýar;
4) ösümlikleri goramak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
5) ösümlikleri goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ösümlikleri goramak babatda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.
9-njy madda. Ösümlikleri goramak babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarlandyrylan edara:
1) ösümlikleri goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar;
2) ösümlikleri goramak babatda döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny guraýar;
3) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ösümlikleri goramak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;
4) saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, döwlet tarapyndan hasaba alynmaga degişli ösümlikleri goramagyň serişdelerini synagdan geçirmegiň tertibini belleýär;
5) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça, ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy baradaky şahadatnamanyň nusgasyny tassyklaýar;
6) ösümlikleri goramagyň serişdelerini döwlet tarapyndan hasaba almagyň tertibini belleýär;
7) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça, Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde ylmy barlaglary we önümçilik synaglaryny geçirmek üçin ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilmedik ösümlikleri goramagyň serişdelerini Türkmenistanyň çägine getirmäge rugsat berýär;
8) ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ätiýaçlyk goruny emele getirmegiň, üstüni ýetirmegiň we peýdalanmagyň tertibini belleýär;
9) saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy hem-de standartlaşdyrmak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça oba hojalyk ekinlerini kesellerden, zyýankeşlerden, haşal otlardan goramak we beýleki agrotehniki çäreleri geçirmek üçin ulanmak maksady bilen ýurdumyza getirilýän ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň synag barlaglaryny geçirmegiň, saklamagyň we ulanmagyň tertibini belleýär;
10) ösümlikleri goramak babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;
11) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ösümlikleri goramak babatda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.
91-njy madda. Gullugyň ygtyýarlylygy
Gulluk:
1) ösümlikleri goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) ösümlikleri goramak babatda döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün edýär we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
3) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde ösümlikleri goramak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we ygtyýarlandyrylan edaranyň garamagyna hödürleýär;
4) aýratyn howply zyýankeşleriň, ösümlikleriň keselleriniň we haşal otlaryň görnüşlerini kesgitleýär;
5) döwlet tarapyndan hasaba alynmaga degişli ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň synagdan geçirilmegini guraýar;
6) ösümlikleri goramagyň himiki usullaryny, biologik serişdelerini we mehaniki usullaryny ulanmak bilen çäreleri geçirmekde ýuridik we fiziki şahslara usuly kömegini berýär;
7) ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyny ýöredýär;
8) ösümlikleri goramagyň serişdelerini döwlet tarapyndan hasaba almagyň tertibini işläp taýýarlaýar we ygtyýarlandyrylan edaranyň garamagyna hödürleýär;
9) oba hojalyk ekinlerini kesellerden, zyýankeşlerden, haşal otlardan goramak we beýleki agrotehniki çäreleri geçirmek üçin ulanmak maksady bilen ýurdumyza getirilýän ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň synag barlaglaryny geçirmegiň, saklamagyň we ulanmagyň tertibini işläp taýýarlaýar we ygtyýarlandyrylan edaranyň garamagyna hödürleýär;
10) ösümlikleri goramak babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;
11) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ösümlikleri goramak babatda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.
10-njy madda. Ösümlikleri goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:
1) özleriniň garamagyndaky çäklerde ösümlikleri goramak babatda çäreleriň geçirilmegine ýardam berýärler;
2) daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, ösümlikleri goramagyň ulanyşa ýaramsyz himiki serişdelerini zyýansyzlandyrmak işine ýardam berýärler;
3) ösümlikleri goramak meselesi boýunça ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmekligi guramaga ýardam berýärler;
31) özleriniň garamagyndaky çäklerde ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ulanylyşynyň, saklanylyşynyň we zyýansyzlandyrylyşynyň hasabyny ýöredýärler;
4) ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleri üçin niýetlenen ýörite zat saklanylýan jaýlaryň (mazarlyklaryň) gurluşygyna we talaba laýyk saklanylmagyna ýardam edýärler;
5) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ösümlikleri goramak babatda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýärler.
III BAP. ÖSÜMLIKLERI GORAMAGYŇ SERIŞDELERI WE OLAR BILEN HOWPSUZ IŞ SALYŞMAK
11-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini hasaba almak boýunça Döwlet iş topary
1. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini hasaba almak boýunça Döwlet iş topary – ösümlikleri goramagyň himiki we biologiki serişdeleriniň hem-de pestisidleriň (awuly himikatlaryň) Türkmenistanyň çägine getirilmegini tertibe salmak we oba hojalyk önümçiliginde netijeli peýdalanmak maksady bilen ösümlikleri goramagyň serişdelerini döwlet tarapyndan hasaba almagy amala aşyrýan topardyr.
2. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini hasaba almak boýunça Döwlet iş topary ösümlikleri goramagyň himiki we biologiki serişdelerini, gerbisidleri, ösümlikleriň ösüşini sazlaýjylary we defoliantlary döwlet tarapyndan hasaba almagy we gaýtadan hasaba almagy amala aşyrýar, şeýle hem ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyny düzýär.
3. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini hasaba almak boýunça Döwlet iş toparynyň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
4. Gulluk ösümlikleri goramagyň serişdelerini hasaba almak boýunça Döwlet iş toparynyň ýerine ýetiriji edarasy bolup durýar.
12-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini döwlet tarapyndan hasaba almak
1. Türkmenistanda öndürilýän ýa-da başga döwletlerden Türkmenistana getirilýän ösümlikleri goramagyň serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba alynmaga degişlidir.
2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň synaglarynyň oňyn netijeleriniň esasynda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan guralýar we Gulluk tarapyndan geçirilýär.
3. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini döwlet tarapyndan hasaba almak bäş ýyl möhlet bilen geçirilýär.
4. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň synagy ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň howpsuzlygyň we ilatyň saglygyny gorap saklamagyň hem-de daşky gurşawy goramagyň talaplaryna laýyklygyna, şeýle hem olaryň netijeliligine baha bermek maksady bilen, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertipde oba hojalyk ylmy önümçilik merkezleri we (ýa-da) ýuridik şahslar tarapyndan geçirilýär.
5. Synagdan geçen ösümlikleri goramagyň serişdeleri, olaryň häsiýetnamalary we olar baradaky maglumat ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilýär.
6. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyna arza beren we arzada görkezilen ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň synagy bilen baglanyşykly çykdajylary tölän ýuridik we fiziki şahslara ösümlikleri goramagyň serişdesiniň döwlet belligine alnandygy barada şahadatnama berilýär.
7. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olara sanitariýa-gigiýena taýdan baha berlenden soň amala aşyrylýar.
13-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini gaýtadan hasaba almak
1. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň gaýtadan hasaba alynmagy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda, degişli arza esasynda amala aşyrylýar.
2. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini gaýtadan hasaba almak üç ýyl möhlet bilen geçirilýär.
14-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini döretmek we öndürmek
1. Ösümlikleri goramagyň täze serişdeleri döredilen mahalynda bu serişdeleriň ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsiriniň howplaryna baha berilmelidir hem-de olar bilen iş salyşmagyň howpsuz usullary işlenip taýýarlanylmalydyr.
2. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini öndürmek sanitariýa düzgünleriň we ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salyşmak babatynda beýleki tehniki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.
3. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini öndüriji:
1) ösümlikleri goramagyň serişdelerininiň ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salyşmak babatynda tehniki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öndürilmegini üpjün edýär;
2) ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň hiline anyk baha bermek üçin standart nusgalaryň öndürilmegini üpjün edýär;
3) ösümlikleri goramagyň serişdelerini howpsuzlygyň we ilatyň saglygyny gorap saklamagyň hem-de daşky gurşawy goramagyň howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda öndürýär we ýerleýär;
4) ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň, şeýle hem olaryň boşan gaplaryny zyýansyzlandyrmagyň tehnologiýasyny we kadalaryny berjaý edýär;
5) görkezilen serişdäniň gaplarynyň daşynda ösümlikleri goramagyň himiki serişdesi barada maglumatlary we ony ulanmak boýunça gollanmalary görkezýär.
15-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini daşamagyň, saklamagyň we Türkmenistanyň çägine getirmegiň şertlerine bildirilýän talaplar
1. Ösümlikleri goramagyň serişdeleri daşalan we saklanan mahalynda howpsuzlygy we ilatyň saglygyny gorap saklamagy hem-de daşky gurşawy goramagy üpjün edýän talaplar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hökmany berjaý edilmelidir.
2. Ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilen ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň Türkmenistanyň çägine getirilmegine ýol berilýär.
3. Ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilmedik, ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň Türkmenistanyň çägine getirilmegine diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça ýol berilýär.
16-njy madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini ýerlemäge bildirilýän talaplar
1. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň lomaý we bölekleýin söwdasyny amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar diňe ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilen ösümlikleri goramagyň serişdeleri barada geleşikleri amala aşyryp bilerler.
2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň gabynyň daşynda we oňa goşulýan gollanmalarda, bu ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň döwlet tarapyndan hasaba alnyşy geçendigi hem-de olar bilen iş salyşmagyň howpsuz usullary barada maglumatlar görkezilmedik bolsa, şeýle hem ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklyklygyna baha berlendigi hakynda degişli resminamalary bolmasa, ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň satylmagy gadagan edilýär.
17-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdelerini ulanmaga bildirilýän talaplar
1. Şu maddanyň 3-nji böleginde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, döwlet tarapyndan hasaba alnyşy geçen we ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilen ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ulanylmagyna ýol berilýär.
2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ulanylmagy sanitariýa kadalarynyň we ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salyşmak babatynda beýleki tehniki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň talaplaryna laýyklykda ýuridik şahslar, şeýle hem ýörite hünär taýýarlygy bolan fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylmalydyr.
3. Ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilmedik, ösümlikleri goramagyň serişdeleri ylmy barlaglary geçirmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça diňe ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsat bermegi esasynda ulanylyp bilner.
18-nji madda. Ulanyşa ýaramsyz we (ýa-da) ulanmak üçin gadagan edilen ösümlikleri goramagyň serişdelerini zyýansyzlandyrmak
1. Ulanyşa ýaramsyz we (ýa-da) ulanmak üçin gadagan edilen ösümlikleri goramagyň serişdeleri zyýansyzlandyrylmaga degişlidir.
2. Ulanyşa ýaramsyz we (ýa-da) ulanmak üçin gadagan edilen ösümlikleri goramagyň serişdelerini, şeýle hem olaryň boşan gaplaryny zyýansyzlandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
19-njy madda. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ätiýaçlyk gory
1. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ätiýaçlyk gory ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyna girizilen we ösümlikleriň zyýankeşlerini we keselleriniň köpçülikleýin ýaýramagyny ýok etmek üçin niýetlenilen hem-de ygtyýarlandyrylan edaranyň garamagynda durýan, ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň yzygiderli täzelenilip durulýan kesgitli göwrümi bolup durýar.
2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň ätiýaçlyk goruny emele getirmegiň, üstüni ýetirmegiň we peýdalanmagyň tertibi Gullugyň tarapyndan bellenilýär.
20-nji madda. Ösümlikleriň karantini
Ösümlikleriň karantini, ösümlikleri howply zyýankeşlerden, ösümlikleriň kesellerinden we haşal otlardan goramak babatda ýüze çykýan gatnaşyklar ösümlikleriň karantini hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
IV BAP. ÖSÜMLIKLERI GORAMAK BABATDA
DÖWLET GÖZEGÇILIGI, HASABA ALYŞ WE HASABATLYLYK, MAGLUMATLAR. ÖSÜMLIKLERI GORAMAGY YLMY TAÝDAN ÜPJÜN ETMEK
21-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrmak
1. Türkmenistanda ösümlikleri goramak babatda döwlet gözegçiligi ygtyýarlandyrylan edara, Gulluk hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan olaryň ygtyýarlylygynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salşylmagyna döwlet gözegçiligi şu aşakdakylara gözegçiligi öz içine alýar:
1) ösümlikleri goramak boýunça çäreleriň geçirilişine;
2) ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň hiline;
3) ösümliklerden alynýan iýmit önümlerinde bar bolan pestisidleriň (awuly himikatlaryň) galyndy mukdaryna;
4) ösümlikleriň tohumlaryny we oturdylan ekinleri ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen zyýansyzlandyrmagyň netijeliligine;
5) ösümlikleri goramagyň serişdelerine synaglaryň geçirilişine;
6) ulanyşa ýaramsyz we (ýa-da) ulanylmagy gadagan edilen ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň, şeýle hem olaryň boşan gaplarynyň zyýansyzlandyrylmagynyň amala aşyrylyşyna.
22-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda hasaba alyş we hasabatlylyk
1. Ösümlikleri goramak babatda işi amala aşyrýan Gulluk, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, beýleki ýuridik we fiziki şahslar, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertipde ösümlikleri goramagyň bar bolan serişdeleriniň we olar bilen iş salşylyşynyň, ösümlikleri goramak boýunça çäreleriň geçirilişiniň hasabyny ýöredýärler.
2. Ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen iş salyşmak babatda döwlet statistiki hasabatlylyk Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan bellenilen tertipde berilýär.
23-nji madda. Ösümlikleri goramak boýunça maglumatlar gory. Ösümlikleri goramak babatda maglumatlar
1. Ösümlikleri goramak boýunça maglumatlaryň gory ösümlikleri goramak babatda döwlet gözegçiligi amala aşyrylan mahalynda fitosanitar gözegçiliginiň netijesinde alnan maglumatlary, hasaba alyş we ösümlikleri goramak babatda döwlet statistiki hasabatlylygynyň maglumatlaryny, aýratyn howply zyýankeşler, ösümlikleriň keselleri we haşal otlar hakyndaky maglumatlary, şeýle hem ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleriniň Sanawyny, ösümlikleri goramak babatda iş geçirilen mahalynda alnan beýleki maglumatlary öz içine alýar.
2. Ösümlikleri goramak boýunça maglumatlar gorunyň emele getirilmegi we ulanylmagy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan guralýar we Gulluk tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Ösümlikleri goramak babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen we beýleki elýeterli usullar arkaly Türkmenistan boýunça tutuşlygyna we onuň aýry-aýry dolandyryş-çäk birliklerinde fitosanitar ýagdaý, ony gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler, fitosanitar çärelerini geçirmegiň amatly möhletleri, serişdeleri we usullary, ösümlikleri goramagyň serişdeleri bilen howpsuz iş salyşmagyň talaplary barada ilaty öz wagtynda habarly etmäge borçludyrlar.
24-nji madda. Ösümlikleri goramagy ylmy taýdan üpjün etmek
Türkmenistanda ösümlikleri goramagy ylmy taýdan üpjün etmek bu ugurda ylmy barlaglary alyp barýan ylmy edaralar we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýar.
25-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda hünärmenleri taýýarlamak
Türkmenistanda ösümlikleri goramak babatda hünärmenleri taýýarlamak orta hünär we ýokary hünär bilim berýän edaralarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş edaralarynda amala aşyrylýar.
V BAP. ÖSÜMLIKLERI GORAMAK BABATDA IŞI MALIÝELEŞDIRMEK
26-njy madda. Ösümlikleri goramak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek
Ösümlikleri goramak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek ygtyýarlandyrylan edaranyň öz serişdeleriniň we maksatlaýyn ýörite hasabynyň, şeýle hem ösümlikleri goramagyň serişdelerini hasaba almak boýunça Döwlet iş toparynyň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
27-nji madda. Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy, gaýtadan hasaba alynmagy hem-de mahabatlandyrylmagy üçin tölegler
Ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy, gaýtadan hasaba alynmagy we mahabatlandyrylmagy üçin tölegiň möçberi maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.
VI BAP. ÖSÜMLIKLERI GORAMAK BABATDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY. ÖSÜMLIKLERI GORAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN
JOGAPKÄRÇILIK
28-nji madda. Ösümlikleri goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy
Ösümlikleri goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
29-njy madda. Ösümlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Ösümlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
30-njy madda. Ösümlikleri goramak babatda jedelleri çözmek
Ösümlikleri goramak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
31-nji madda. Ösümlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak
Ösümlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy sebäpli, daşky gurşawa, döwlete, raýatlaryň saglygyna ýa-da emlägine zyýan ýetiren ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.
32-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 18-nji iýuny.
№ 413-V.