TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 53-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 126-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI we 16.03.2023 ý. № 541-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär we Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň paýtagtynyň wezipelerini amala aşyrmagynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady şertlerini berkidýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanyň paýtagty

 

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri (mundan beýläk, şeýle hem - paýtagt) bolup durýar.

2. Paýtagt Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolup durýar.

3. Paýtagt Türkmenistanyň Prezidentiniň Rezidensiýasynda saklanýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň beýanynyň asyl nusgasynyň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Döwlet tugrasynyň etalonlarynyň ýerleşýän ýeri bolup durýar.

4. Paýtagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Rezidensiýasy, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary we halkara guramalarynyň wekilhanalary ýerleşýärler.

Türkmenistanyň aýry-aýry ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda paýtagtyň daşynda ýerleşip bilerler.

 

2-nji madda. Paýtagtyň hukuk ýagdaýy

 

Paýtagtyň hukuk ýagdaýy – Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň şu Kanunda bellenilen hukuklarynyň we borçlarynyň aýratynlyklary, şu Kanunyň 1-nji maddasynyň dördünji böleginde görkezilen edaralaryň we guramalaryň işlemegini üpjün etmegiň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň paýtagtyň wezipelerini üpjün etmegi bilen bagly oňa döwlet tarapyndan goşmaça kepillikleriň berilmeginiň zerurlygy bilen şertlendirilen Aşgabat şäheriniň hukuk ýagdaýydyr.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

4-nji madda. Paýtagtyň çägi we şäherýaka zolagy

 

1. Paýtagtyň çägi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýän we üýtgedilýän Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk birlikleriniň serhetlerindäki ýerlerden we suw desgalaryndan ybaratdyr.

2. Paýtagt bilen bir durmuş, tebigy we hojalyk çägini düzýän şäher serhediniň çäginiň daşyndaky ýerler paýtagtyň şäherýaka zolagyny emele getirýärler, onuň ölçegleri we serhetleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýär we üýtgedilýär.

Şäherýaka zolagyna goşulan ýerleri peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

 

5-nji madda. Paýtagtda howpsuzlygy we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmegiň aýratynlyklary

 

1. Paýtagtda ýygnaklar, ýygnanyşyklar, ýörişler we beýleki köpçülikleýin çäreler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

2. Paýtagtda kanunçylygy, howpsuzlygy we jemgyýetçilik tertibini, paýtagtda ýerleşen döwlet edaralarynyň, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň işlemegi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen paýtagta gelmegiň, raýatlary bolýan ýeri boýunça hasaba almagyň, ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň, sanitariýa-epidemiologiýa çäreleriniň aýratynlyklary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenip bilner.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygyna şular degişlidirler:

1) şulary tassyklamak:

a) paýtagta gelmegiň, raýatlary bolýan ýeri boýunça hasaba almagyň, şeýle hem ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň düzgünlerini;

b) paýtagtda awtomobil ulagynda ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň düzgünlerini;

ç) paýtagtyň çäginde fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan söwda, myhmanhana, lukmançylyk we gaýry hyzmatlary etmegiň düzgünlerini;

2) paýtagtyň we şäherýaka zolagynyň çägini ösdürmegiň we gurmagyň baş meýilnamasyny Türkmenistanyň Prezidentine tassyklamaga bermek;

3) paýtagtyň sarp ediş bazaryny harytlar bilen doldurmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň we senagat kärhanalarynyň önümlerini paýtagta ibermäge gyzyklanmalaryny döretmek, paýtagt bilen beýleki sebitleriň yzygiderli ulag aragatnaşygyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrmak;

4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ýüklenilen gaýry wezipeleri ýerine ýetirmek. 

 

II BAP. PAÝTAGTYŇ HALK MASLAHATLARYNYŇ WE

HÄKIMLIKLERINIŇ YGTYÝARLYKLARYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

 

7-nji madda. Paýtagtyň halk maslahatlarynyň we häkimlikleriniň wezipeleri

 

Paýtagtyň halk maslahatlarynyň we häkimlikleriniň wezipelerine şular girýär:

1) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň işini amala aşyrmaklary üçin degişli şertleri döretmek;

2) paýtagtyň Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkeziniň wezipelerini ýerine ýetirmegi üçin şertleri döretmek;

3) paýtagtyň durnukly ösüşi üçin mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, şertleri  döretmek;

4) halkara gatnaşyklarynyň merkezi hökmünde paýtagty ösdürmek;

5) umumydöwlet we halkara çäreleriniň guralmagy we geçirilmegi üçin şertleri döretmek;

6) paýtagtyň çäginde ýerleşen döwlet edaralaryna, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna we halkara guramalarynyň wekilhanalaryna jemagat, ulag, lukmançylyk we gaýry hyzmatlary etmek;

7) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ýüklenilen gaýry wezipeleri ýerine ýetirmek.

 

8-nji madda. Paýtagtyň halk maslahatlarynyň we häkimlikleriniň ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ygtyýarlyklar bilen bir hatarda paýtagtyň halk maslahatlaryna we häkimliklerine paýtagtyň wezipelerini üpjün etmek bilen bagly ygtyýarlyklar berilýär.

2. Paýtagtyň halk maslahaty Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda:

1) paýtagty abadanlaşdyrmagyň we saklamagyň düzgünlerini tassyklaýar;

2) paýtagtda daşky mahabatlandyrmagy ýerleşdirmegiň tertibi we şertleri barada düzgünleri tassyklaýar;

3) raýatlaryň aýry-aýry mätäç toparlaryna durmuş kömeginiň möçberlerini we ony bermegiň tertibini tassyklaýar;

4) beýleki döwletleriň degişli edaralary bilen halkara aragatnaşygyny ýola goýýar;

5) ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.

3. Paýtagtyň häkimligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda:

1) paýtagty ösdürmegiň meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

2) paýtagtda zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi meselelerine seredilende gatnaşýar;

3) raýatlaryň aýry-aýry mätäç toparlaryna durmuş kömeginiň möçberlerini we ony bermegiň tertibini işläp taýýarlaýar;

4) paýtagtyň we şäherýaka zolagynyň çäginde geçirilýän döwlet binagärlik, şähergurluşyk we gurluşyk syýasatynyň işlenip düzülmegine gatnaşýar;

5) paýtagtyň şähergurluşyk geňeşi üçin deslapky netijenamalaryň resminamalaryny taýýarlaýar;

6) paýtagtyň we şäherýaka zolagynyň çägini ösdürmegiň we gurmagyň baş meýilnamasynyň işlenip taýýarlanmagyny üpjün edýär we ony Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklamagyna bermek üçin teklipleri girizýär;

7) bellenilen tertipde tassyklanan paýtagty ösdürmegiň we gurmagyň baş meýilnamasyny, paýtagtyň şäherýaka zolagyna degişli edilen ýanaşyk çäkleriň şähergurluşyk taýdan meýilleşdirilmeginiň toplumlaýyn çyzgysyny durmuşa geçirmek boýunça işi utgaşdyrýar;

8) paýtagtyň wezipelerini üpjün etmek üçin zerur bolan, paýtagtyň çägindäki obýektleriň gurluşygyny, durkunyň täzelenmegini we saklanmagyny guraýar, olary taslamalaşdyrmagyň, gurmagyň we ulanmaga girizmegiň möhletlerine gözegçiligi amala aşyrýar;

9) Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi boýunça döwlet häkimiýet edaralaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we halkara guramalarynyň wekilhanalaryna ýer böleklerini, binalary, desgalary, ýaşaýyş we beýleki jaýlary berýär, ýaşaýyş jaý-jemagat we gaýry hyzmatlary edýär;

10) Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi boýunça paýtagtyň çäginde ýerleşen döwlet häkimiýet edaralarynyň binalaryny, desgalaryny we gaýry obýektlerini peýdalanmak we ygtyýar etmek boýunça aýry-aýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar;

11) paýtagtda umumydöwlet we halkara çärelerini geçirmek üçin bellenilen tertipde şertleri döredýär;

12) ýylylyk-, energiýa-, suw-, gaz üpjünçiligi, lagym we suw sowujy ulgamlaryň, ýol işiniň, paýtagtyň ulagynyň we aragatnaşygynyň ähli görnüşleriniň, abadanlaşdyryş, bagçylygyň, arassalamagyň, şeýle hem ýaşaýyş jaý gaznasyny inženerçilik taýdan üpjün etmegiň, ulanmagyň we abatlamagyň netijeli işlemegi çygryndaky işi utgaşdyrýar;

13) paýtagta ýeke-täk binagärlik keşbiniň berilmegini üpjün edýär;

14) abatlanmaga degişli köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň paýtagta ýeke-täk binagärlik keşbiniň berilmegine gönükdirilen sanawyny kesgitleýär, olary abatlamagy guramagyň we geçirmegiň düzgünlerini, şeýle hem jaýlaryň ýa-da öýleriň eýelerine görkezilen köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň abatlanmagy bilen bagly çykdajylarynyň öwezini dolmagyň düzgünlerini tassyklaýar;

15) paýtagtyň çäginde lukmançylyk hyzmatlaryny edýän lukmançylyk guramalarynyň işini utgaşdyrýar;

16) içerki söwda we durmuş hyzmaty obýektleriniň ösdürilmegi we işlemegi çygryndaky syýasaty durmuşa geçirýär;

17) paýtagtyň şäher hojalygynyň, abadanlaşdyrylyşynyň we ösüşiniň obýektleriniň birligini we abat saklanmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;

18) gyzyklanýan döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly üstaşyr geçýän awtomobil ulagynyň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň çyzgylaryny we tertibini kesgitleýär;

19) tölegli awtoduralgalary guraýar;

20) paýtagtyň köçeleriniň sanawyny, tölegli jemagat awtoduralgalaryny guramagyň we peýdalanmagyň düzgünlerini tassyklaýar;

21) paýtagtyň jemgyýetçilik ulagynda ulanylýan nyrhlaryň işlenip taýýarlanmagyna gatnaşýar;

22) ýol hereketini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny ornaşdyrmak, ulag infrastrukturasynyň, şeýle hem kabel lagymynyň we inženerçilik infrastrukturasynyň obýektlerini ulanmak boýunça işe gatnaşýar we gözegçilik edýär;

23) ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.

 

9-njy madda. Paýtagtyň häkiminiň hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary

 

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ygtyýarlyklar bilen bir hatarda paýtagtyň häkimi öz ygtyýarlylygynyň çäginde:

1) Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, halkara guramalary we daşary ýurt döwletleriniň wekilleri bilen gatnaşyklarda paýtagta wekilçilik edýär;

2) paýtagtda umumydöwlet we halkara häsiýetli çäreleriň geçirilmegini üpjün etmäge gatnaşýar;

3) paýtagtyň işlemeginiň we ösdürilmeginiň meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny we beýleki teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna girizýär;

4) döwlet edaralaryny, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny we halkara guramalarynyň wekilhanalaryny paýtagtda ýerleşdirmek barada çözgütleri ýerine ýetirýär;

5) paýtagtyň bähbitlerine gös-göni täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ylalaşýar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

10-njy madda. Paýtagtda binagärlik, şähergurluşyk we gurluşyk işi

 

1. Paýtagtyň çäginde binagärlik, şähergurluşyk we gurluşyk işi paýtagty ösdürmegiň we gurmagyň baş meýilnamasyna, şähergurluşyk dessuryna we resminamalaryna, döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerine we düzgünlerine, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

2. Şähergurluşyk işini we paýtagtyň çägini gurmagy ösdürmegiň ugurlarynyň işlenilip düzülmegi we kesgitlenilmegi paýtagtda binagärlik we şähergurluşyk işiniň wezipesi bolup durýar.

3. Paýtagtyň çägini gurmagyň meselelerine garamak we utgaşdyrmak üçin paýtagtyň häkiminiň karary bilen paýtagtyň şähergurluşyk geňeşi döredilýär.

Paýtagtyň şähergurluşyk geňeşine paýtagtyň häkimi baştutanlyk edýär.

Paýtagtyň şähergurluşyk geňeşiniň düzümine paýtagtyň häkimliginiň wekilleri, binagärlik, şähergurluşyk we gurluşyk işleri, paýtagtda döwlet şähergurluşyk kada ölçegleriniň we düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça edaralaryň ýolbaşçylary, binagärler girýärler. Paýtagtyň şähergurluşyk geňeşiniň işine jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri we gaýry adamlar çekilip bilner.

4. Paýtagtyň şähergurluşyk geňeşi:

1) paýtagtyň we şäherýaka zolagynyň çäginde binagärlik-şähergurluşyk taslamalaryna garaýar;

2) paýtagtyň binagärlik-çeperçilik taýdan bezelmeginiň meselelerine garaýar we teklipleri girizýär;

3) paýtagtyň emele gelen sazlaşykly we taryhy şähergurluşyk keşbiniň aýawly saklanmagy barada teklipleri işläp taýýarlaýar;

4) paýtagtyň şähergurluşyk geňeşi hakynda düzgünnama laýyklykda gaýry wezipeleri amala aşyrýar.

Paýtagtyň şähergurluşyk geňeşiniň maslahatlaryny geçirmegiň tertibi paýtagtyň häkimi tarapyndan kesgitlenýär.

5. Paýtagta ýeke-täk binagärlik keşbiniň berilmeginiň maksatlary bilen paýtagtyň häkimligi köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň tehniki barlagyny geçirýär.

Tehniki barlagyň namalarynyň esasynda paýtagtyň häkimligi paýtagta ýeke-täk binagärlik keşbiniň berilmegine gönükdirilen abatlanmaga degişli jaýlaryň sanawyny kesgitleýär.

 

11-nji madda. Paýtagtyň infrastrukturasy

 

Paýtagtyň infrastrukturasyna şular degişlidir:

1) inženerçilik infrastrukturasy;

2) ulag infrastrukturasy;

3) durmuş infrastrukturasy;

4) abadanlaşdyryş we bagçylyk ulgamy;

5) paýtagtyň işlemegi üçin zerur bolan beýleki obýektler we ulgamlar.

 

III BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

12-nji madda. Paýtagtyň wezipelerini üpjün etmek boýunça goşmaça çykdajylar bilen bagly paýtagty maddy we maliýe taýdan üpjün etmek

 

Döwlet edaralarynyň Aşgabat şäheriniň paýtagtyň wezipelerini üpjün etmegine gönükdirilen we goşmaça çykdajylara eltýän çözgütleri olar üçin zerur bolan maddy we maliýe serişdeleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda paýtagtyň degişli edaralaryna geçirilmegini göz öňünde tutmalydyr.

 

13-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                             Gurbanguly

    Prezidenti                                                                Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 26-njy marty.

368-V.