TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we
goldamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 56-njy madda)
(Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 661-V Kanuny esasynda
girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun eneligiň we çagalygyň goralmagyny üpjün etmegiň döwlet kepilliklerini belleýär we çaganyň esasy hukuklarynyň biriniň – özüniň beden we ruhy saglygynyň emele gelmeginiň täsin özboluşly mümkinçiligi hökmünde ene süýdi bilen iýmitlendirilmäge bolan hukugynyň berjaý edilmegine gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak – ilata emeli iýmitlendirmek bilen deňeşdireniňde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň artykmaçlyklary barada habar berilmegine gönükdirilen çäreleriň toplumy;
2) ene süýdi bilen iýmitlendirmek – çaganyň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün edýän ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi;
3) ene süýdüni emýän çaga – bir ýaşyna çenli çaga;
4) irki ýaşdaky çaga – bir ýaşdan üç ýaşyna çenli çaga;
5) belgilenilen önümler – ene süýdüni emýän çaganyň we irki ýaşdaky çaganyň emeli iýmitlendirilmegi üçin niýetlenen iýmit önümleri we serişdeler. Olara şular degişlidir:
a) başlangyç garyndylar – doglan gününden alty aýa çenli ene süýdüni emýän çaganyň fiziologik islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin niýetlenen, himiki düzümi we azyklyk gymmaty boýunça ene süýdüne has ýakynlaşdyrylan, sygyr süýdüniň we beýleki oba hojalyk mallarynyň süýdüniň esasynda suwuk ýa-da külke görnüşinde öndürilen, ene süýdüniň ornuny tutujy hökmünde peýdalanmak üçin niýetlenen, kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda senagat usuly bilen öndürilen garyndylar. Başlangyç garyndylaryň bellenilmegi diňe lukmanyň maslahaty boýunça geçirilýär;
b) soňraky garyndylar – kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda haýwan ýa-da ösümlik gelip çykyşy bolan çig mal esasynda senagat usuly bilen öndürilen, alty aýdan ýokary bolan, ene süýdüni emýän çaganyň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi üçin niýetlenen uýgunlaşdyrylan ýa-da bölekleýin uýgunlaşdyrylan garyndylar;
ç) ýörite garyndylar – keselleriň öňüni almak we olary bejermek maksady bilen ulanylýan, ene süýdüni emýän çagany iýmitlendirmek üçin niýetlenilen garyndylar;
d) çaganyň ýaşynyň fiziologik aýratynlyklaryna laýyklykda alty aýdan üç ýaşyna çenli çaganyň iýmitine ene süýdüne ýa-da onuň ornuny tutujylara goşmaça hökmünde girizilýän, haýwan ýa-da ösümlik gelip çykyşy bolan çig mal esasynda taýýarlanan önümleriň başga görnüşleri (mundan beýläk – goşmaça iýmit).
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan belgilenen önümlere ene süýdüni emýän çagany we irki ýaşdaky çagany emeli iýmitlendirmek üçin niýetlenen başga önümler hem degişli edilip bilner;
e) emzikli çüýşejik – ene süýdüni emýän çaganyň we irki ýaşdaky çaganyň emeli iýmitlendirilmegi üçin niýetlenen emzikli gap ýa-da emzik dakmak üçin ýaramly gap;
ä) boş emzik – ene süýdüni emýän çaganyň we irki ýaşdaky çaganyň sorma endiginiň kanagatlandyrylmagy üçin niýetlenen ýasy tegelekde ýerleşdirilen deşiksiz ýumşak halka gapajyk;
f) emzik – ene süýdüni emýän çaganyň we irki ýaşdaky çaganyň emeli iýmitlendirilmegi üçin niýetlenen, çüýşä dakylmagy üçin deşikli ýumşak gapajyk.
Ygtyýarly edara tarapyndan emeli iýmitlendirmek üçin niýetlenen başga önümler hem belgilenen önümlere degişli edilip bilner;
6) emeli iýmitlendirmek – düzümi we häsiýetleri çagalaryň ýaşyna görä fiziologik aýratynlyklaryna laýyk gelmeli, olar ulanylan mahalynda peýdaly siňmegini hem-de çaganyň janyna we saglygyna zyýan ýetmek töwekgelliginiň bolmazlygyny kepillendirmeli başlangyç we soňraky garyndylar bilen iýmitlendirilmegi;
7) belgilenilen önümleriň öndürijisi (mundan beýläk – öndüriji) – belgilenilen iýmit önümlerini öndürmegi, şeýle hem gös-göni ýa-da ýaýradyjylar (distribýutorlar) tarapyndan ýerlenilmegini amala aşyrýan ýuridik şahs, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs;
8) belgilenilen önümleriň ýaýradyjysy (distribýutory) (mundan beýläk – ýaýradyjy) – belgilenilen önümleriň ýerlenilmegini amala aşyrýan ýuridik şahs, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs.
2-nji madda. Türkmenistanyň ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ol şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
3-nji madda. Eneligiň we çagalygyň goralmagyny üpjün etmegiň döwlet kepillikleri
1. Aýallaryň zähmeti giňden ulanylýan, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalarda göwreli aýallar we çaga emdirýän eneler üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, aýallaryň şahsy tämizleniş otaglarynyň, çagany iýmitlendirmek üçin otaglaryň, şeýle hem çagalar bakjalarynyň, çagalar baglarynyň we beýleki mekdebe çenli çagalar edaralarynyň görnüşleriniň guralmagy kepillendirilýär.
Demir ýol we deňiz menzillerinde, awtoulag beketlerinde, howa menzillerinde, iri söwda merkezlerinde enäniň we çaganyň otaglary göz öňünde tutulmalydyr. Şonda göwreli aýallar we çaga emdirýän eneler ol otaglardan tölegsiz peýdalanýarlar.
Döwlet göwreli aýallaryň we çaga emdirýän eneleriň şulara bolan hukuklarynyň goralmagyny hem kepillendirýär:
1) göwrelilik we çaga dogurmak boýunça, çaga doglanda berilýän, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullary bilen üpjün edilmegine;
2) saglygy goraýyş edaralarynda, eýeçiliginiň görnüşine we edara tabynlygyna garamazdan söwda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda nobata durmazdan hyzmat edilmegine;
3) dynç almak we naharlanmak üçin umumy arakesme bilen bir hatarda, çagasyny iýmitlendirmegi üçin goşmaça arakesmeleriň berilmegine;
4) ulagyň islendik görnüşlerine nobata durmazdan ýol peteklerini satyn almaga;
5) umumy peýdalanylýan howa, demir ýol, deňiz we awtomobil ulagynda ene süýdüni emýän çagany we irki ýaşdaky çagany ýany bilen tölegsiz äkitmäge.
2. Göwreli aýallara we çaga emdirýän enelere Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän başga hukuklar hem berlip bilner.
4-nji madda. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda maliýeleşdirmek
Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
5-nji madda. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy
Jemgyýetçilik birleşikleri özleriniň tertipnamalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hem-de howpsuz we ýokary hilli belgilenen önümler bilen üpjün etmek boýunça işe gatnaşýarlar.
II BAP. ENE SÜÝDI BILEN IÝMITLENDIRMEGI WAGYZ ETMEK WE GOLDAMAK ÇYGRYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE GÖZEGÇILIK
6-njy madda. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarly edara), şeýle hem öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
3) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda ygtyýarly edaranyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
4) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.
8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara:
1) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar;
2) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny çykarýar;
3) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;
4) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde hereket edýär;
5) ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň meseleleri boýunça ilatyň arasynda aň-bilim işlerini geçirýär;
6) döwlet edaralary tarapyndan ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen kadalaryň, şeýle hem belgilenilen önümlere bildirilýän talaplaryň berjaý edilişiniň seljerme gözegçiligini amala aşyrýar;
7) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
8) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.
9-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:
1) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;
2) özleriniň garamagyndaky çäkde ene süýdüni emýän çaganyň we irki ýaşdaky çaganyň saglygynyň goralyp saklanmagy we berkidilmegi üçin şertleri döredýärler;
3) özleriniň garamagyndaky çäkde ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen talaplaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar;
4) ýerli ilatyň arasynda ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň meseleleri boýunça aň-bilim işleriniň geçirilmegine gatnaşýarlar;
5) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.
III BAP. ENE SÜÝDI BILEN IÝMITLENDIRMEGI
WAGYZ ETMEGI WE GOLDAMAGY AMALA AŞYRMAK
10-njy madda. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmegiň we goldamagyň maksady
1. Emeli iýmitlendirmek bilen deňeşdireniňde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň artykmaçlyklary barada maglumatlaryň ýaýradylmagyna ýardam berýän şertleriň döredilmegi ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmegiň we goldamagyň maksady bolup durýar.
2. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak göwreli aýallaryň we çaga emdirýän eneleriň şu aşakdakylar hakynda maglumatlar bilen üpjün edilmegine gönükdirilendir:
1) çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň möhümdigi we onuň olaryň saglygyna we çaganyň saglygyna oňyn täsiri hem-de emeli iýmitlendirmek bilen deňeşdireniňde onuň artykmaçlyklary hakynda;
2) çagany alty aýa çenli diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň, şeýle hem ony iki we şondan hem köp ýaşyna çenli ene süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam etmegiň zerurdygy hakynda;
3) ene süýdüni emýän çaga üçin ol alty aýlyk bolanyndan başlap goşmaça iýmitiň möhümdigi hakynda;
4) öý şertlerinde goşmaça çaga iýmitini taýýarlamagyň mümkinçilikleri we usullary hakynda.
3. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak göwreli aýallara we çaga emdirýän enelere ene süýdi bilen iýmitlendirmäge, ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň maşgala we jemgyýet tarapyndan goldanylmagyna päsgelçilik döredýän sebäpleriň ýaramaz täsirinden goralmagy boýunça çäreleri hem öz içine alýar.
11-nji madda. Saglygy goraýyş işgärleriniň borçlary
1. Ene süýdüni emýän çaganyň we irki ýaşdaky çaganyň iýmitlenmegi bilen baglanyşykly saglygy goraýyş işgärleri şulara borçludyr:
1) ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bellenilen düzgünlerine pugta eýermäge we ol düzgünleri göwreli aýallara we çaga emdirýän enelere yzygiderli ýetirip durmaga;
2) göwreli aýallara we çaga emdirýän enelere ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň tejribesini amala aşyrmaklary üçin zerur endikleri öwretmäge;
3) göwreli aýallara we çaga emdirýän enelere emeli iýmitlendirmek bilen deňeşdireniňde ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň artykmaçlyklary barada habar bermäge;
4) çaga emdirýän enelere çaga doglandan soň ilkinji ýarym sagadyň dowamynda çagany ene süýdi bilen emdirip başlamagyna kömek bermäge;
5) çaga emdirýän enelere öz çagasyny nädip ene süýdi bilen emdirip başlamalydygyny we hat-da, eger olar öz çagasyndan wagtlaýyn aýralykda bolsalar-da, ene süýdüniň inip durmagyny (laktasiýany) saklap galmalydygyny görkezmäge;
6) çaga emdirýän enäniň we ýaňy doglan çaganyň gije-gündiziň dowamynda hassahananyň otagynda bile bolmaklaryny durmuşa ornaşdyrmaga;
7) tertip boýunça däl-de, çaganyň talap etmegi boýunça ene süýdi bilen iýmitlendirmegi höweslendirmäge;
8) ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldaýyş toparlarynyň döredilmegini höweslendirmäge we çaga emdirýän enelere çaga dogrulýan öýden çykanlaryndan soň zerurlyk bolan mahalynda şol toparlara ýüz tutmagy maslahat bermäge;
9) ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň meseleleri boýunça aň-bilim işlerini geçirmäge.
2. Saglygy goraýyş işgärleriniň şulara hukugy ýokdur:
1) lukmançylyk görkezijileri bilen şertlendirilen halatlardan başga ýagdaýlarda, täze doglan çaga ene süýdünden başga hiç bir iýmiti ýa-da içgini bermäge;
2) ene süýdi bilen iýmitlendirilýän täze doglan çaga emzik ýa-da boş emzik bermäge;
3) öndürijä we ýaýradyja göwreli aýallaryň we çaga emdirýän eneleriň atlaryny we salgylaryny bermäge;
4) göwreli aýallara we çaga emdirýän enelere belgilenilen önümleriň nusgalaryny bermäge.
12-nji madda. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek barada we belgilenilen önümleriň ulanylmagy hakynda maglumatlaryň ýaýradylmagy
1. Öndürijiler we ýaýradyjylar belgilenilen önümler hakyndaky maglumatlary diňe habar beriş we okuw maglumatlary, wideo we audio maglumatlar, ylmy işler, makalalar arkaly ýaýratmaga haklydyrlar.
2. Belgilenilen önümler hakyndaky maglumatlar diňe ene süýdüni emýän çaga we irki ýaşdaky çaga seretmegiň meselelerine ýöriteleşdirilýän ylmy makalalarda ýa-da neşirlerde ýerleşdirilip bilner.
3. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň we belgilenilen önümleri ulanmagyň meseleleri boýunça ýazmaça, audio ýa-da görülýän görnüşinde berlen hem-de göwreli aýallar we çaga emdirýän eneler üçin niýetlenen habar beriş we okuw materiallary şu aşakdakylar barada maglumatlary özünde jemlemelidir:
1) ene süýdüni emýän çaga ýokary hilli iýmiti, ýokançlardan goragy, sazlaşykly beden we ruhy taýdan ösüşi, şeýle hem çaga emdirýän eneler üçin çaga galmazlyk täsiri, olaryň dürli kesellerden goralmagyny üpjün edýän ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň emeli iýmitlendirmek bilen deňeşdireniňde artykmaçlyklary hakynda;
2) göwreli aýallaryň we çaga emdirýän eneleriň talaba laýyk iýmitlenmegi hakynda;
3) göwreli aýallaryň we çaga emdirýän eneleriň çaga emdirmäge taýýar bolmalydygy we onuň goldanylmagy boýunça çäreler hakynda;
4) ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň dowamlylygy kemeldilen we goşmaça iýmit ir girizilen halatynda, olaryň çaganyň saglyk ýagdaýyna täsir edip biljek netijeleri hakynda;
5) ene süýdi bilen iýmitlendirmäge dolanyp gelnen mahalynda ýüze çykyp biljek kynçylyklar hakynda;
6) belgilenilen önümleriň ulanylmagynyň zerurlygy ýüze çykanda olaryň dogry ulanylmagy hakynda.
Şunuň bilen birlikde, bu maglumatlaryň harplarynyň görnüşi birmeňzeş ululykda bolmalydyr.
4. Belgilenilen önümleriň ulanylmagy hakynda habar beriş maglumatlarynda belgilenilen önümler oýlanyşyksyz ulanylan halatynda, olaryň çaganyň saglygyna ýetirip biljek zyýanly täsiri barada duýduryş bolmalydyr. Görkezilen maglumatlaryň düzüminde belgilenilen önümleriň ulanylmagyny bolşundan artyk edip görkezýän şekillendirmeler ýa-da ýazgylar bolmaly däldir, şeýle hem emeli iýmitlendirmegiň ene süýdi bilen iýmitlendirmek bilen deňeşdireniňde deň ähmiýetlidigi ýa-da artykmaçlyklary hakynda düşünje döretmeli däldir.
13-nji madda. Belgilenilen önümleriň mahabaty
Belgilenilen önümleriň islendik görnüşdäki, şol sanda şu aşakdakylar arkaly mahabatlandyrylmagyna ýol berilmeýär:
1) belgilenilen önümleriň ýörite sergileriniň geçirilmegi, olary arzan bahadan satmagyň dürli usullarynyň bellenilmegi;
2) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, telekommunikasiýa aragatnaşygy we beýleki aragatnaşyk serişdeleriniň ulanylmagy;
3) nyşanlaryň, mahabat tagtalarynyň, bildirişleriň taýýarlanylmagy, kitapçalaryň, görkezme esbaplarynyň çykarylmagy ýa-da belgilenilen önümler hakynda maglumat ýaýratmagyň başga usullary;
4) saglygy goraýyş edaralarynda belgilenilen önümler barada maglumatlary özünde jemleýän diwarlyklaryň, gerilmeleriň we göze ilýän beýleki serişdeleriň sergilenip goýulmagy;
5) syýagalamlarda, depderçelerde, ýazgy kitapçalarynda, oýnawaçlarda we başga zatlarda haryt nyşanlarynyň, öndürijileriň logotipleriniň, belgilenilen önümleriň atlarynyň görkezilmegi;
6) saglygy goraýyş işgärlerine, göwreli aýallara we çaga emdirýän enelere baýrak ýa-da sowgat hökmünde, şol sanda öndürijiniň logotipi bilen, belgilenilen önümleriň ýa-da olaryň nusgalarynyň berilmegi;
7) emeli iýmitlendirmegiň ene süýdi bilen iýmitlendirmek bilen deňeşdireniňde deň ähmiýetlidigi ýa-da artykmaçlygy hakynda düşünje döredip biljek mahabat görnüşindäki habar beriş maglumatlarynyň ýaýradylmagy;
8) belgilenilen önümleriň satyn alynmagynyň ýa-da ulanylmagynyň höweslendirilmegine göni ýa-da gytaklaýyn gönükdirilen işiň amala aşyrylmagy.
IV BAP. BELGILENILEN ÖNÜMLERIŇ GABYNA, BELGISINE (ÝARLYGYNA) WE SATYLMAGYNA BILDIRILÝÄN ESASY TALAPLAR
14-nji madda. Belgilenilen önümleriň gabyna, belgisine (ýarlygyna) bildirilýän esasy talaplar
1. Öndürijiler belgilenilen önümleri kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda, olar daşalýan we satylýan mahalynda hiliniň saklanyp galmagyny üpjün edýän gaplanan görnüşde çykarmaga borçludyrlar.
2. Belgilenilen önümler - dykyz beklenen ownuk gapda, suwuklary we goýaldylanlary bolsa, göwrümi 0,35 litrden geçmeýän ölçegli gaplarda çykarylmalydyr.
3. Öndürijiler belgilenilen önümleriň her bir sarp ediş gabynda, ýarlygynda şular barada maglumatlaryň bolmagyny üpjün etmelidirler:
1) ýurduň ady, öndürijiniň atlandyrylyşy we ýuridik salgysy;
2) belgilenilen önümiň ady;
3) öndürijiniň haryt nyşany (bar bolan mahalynda);
4) netto agramy ýa-da möçberi;
5) belgilenilen önümiň şertli çyzygy (bar bolan mahalynda);
6) belgilenilen önümiň iýmitlik gymmaty, onda witaminleriň we mineral maddalaryň bolmagy;
7) gaby açylandan öň we soň belgilenilen önümiň saklanyş şertleri;
8) ýaramlylyk möhleti ýa-da belgilenilen önümiň saklanyşynyň ýylylyk şertleriniň göz öňünde tutulmagy bilen, haçana çenli ulanylmalydygynyň senesi;
9) kadalaşdyryjy resminamanyň görkezilmegi (Türkmenistanda öndürilen belgilenilen önümler üçin);
10) belgilenilen önümiň öndürilen senesi;
11) çaganyň belgilenilen önümiň ulanylmagy maslahat berilýän ýaşynyň (san bilen) görkezilmegi;
12) belgilenilen önümiň häsiýetnamasy, onuň ulanylyşyna degişli görkezmeler we garşy görkezmeler, şol sanda şular barada maglumatlar:
a) belgilenilen önümiň düzümi;
b) taýýarlanyş usuly (başlangyç we soňraky garyndylar üçin);
ç) çaganyň iýmitlendiriliş tertibi;
d) belgilenilen önümiň nädogry taýýarlanylan mahalynda çaganyň janyna we saglygyna ýetirip biljek zeleli (zyýany);
e) biraz süýjeldilen suwuklyklaryň we içgileriň ulanylmagynyň dişleriň dargamagynyň sebäbi bolup biljekdigi;
ä) ulanylan halatlarynda emzikli çüýşejikleriň, boş emzikleriň, emzikleriň ýuwulmagynyň we arassalanmagynyň zerurdygy;
f) çagany emzikli çüýşejikden iýmitlendireniňden käseden iýmitlendirmegiň maksadalaýykdygy;
g) çaganyň öňki iýmitlenmeginden galan, öň taýýarlanyp goýlan belgilenilen önümleriň gaýtadan ulanylmagyna we saklanylmagyna ýol berilmezligi.
4. Öndürijileriň belgilenilen önümleriň gabyna, ýarlygyna şulary goýmaga haky ýokdur:
1) ene süýdüni emýän çaganyň şekilini (fotosuratyny), şeýle hem başlangyç ýa-da soňraky garyndylaryň ulanylmagyny gowy diýip görkezýän beýleki suratlary we tekstleri. Şonda belgilenilen önümiň ene süýdüniň ornuny tutujy hökmünde kybaplaşdyrylmagy, şeýle hem onuň taýýarlanyş usullarynyň şekillendirilmegi üçin grafiki şekilleriň goýulmagyna rugsat berilýär;
2) «düzümi boýunça ene süýdüne ýakynlaşdyrylan», «ene süýdüne meňzeş» adalgalary we belgilenilen önümleriň gowy diýip görkezýän manysy boýunça ýakyn başga sözler ýa-da söz düzümleri.
5. Öndürijiler belgilenilen önümleriň gabyna, ýarlygyna şu mazmunly ýazgylary goýmaga borçludyrlar:
1) «Möhüm bellik: ene süýdi siziň çagaňyz üçin iň gowy iýmit bolup durýar. Çagany emeli iýmitlendirmek barada karara gelmeziňizden öň, maslahat almak üçin saglygy goraýyş işgärine ýüz tutuň» (başlangyç we soňraky garyndylar üçin);
2) «Ene süýdi bilen iýmitlendirmek iki we şondan köp ýyl dowam etdirilmelidir», «Duýduryş: Bu önüm çaga üçin ýeke-täk iýmit çeşmesi bolup bilmez» (goşmaça iýmit önümleri üçin).
6. Şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen önümler okalmagy üçin amatly bolar ýaly görnüşde ýerine ýetirilmelidir we gabynyň gapagy ýa-da beklegiç zolajyklar bilen ýapylmaly däldir. Şonuň bilen birlikde ýazgylaryň harplarynyň möçberi 1,5 mm-den pes bolmaly däldir.
7. Belgilenilen önümleriň gabyndaky, ýarlygyndaky ýazgylar − döwlet dilinde, şeýle hem, goşmaça, öndürijiniň garamagyna görä, daşary ýurt dillerinde ýazylmalydyr.
15-nji madda. Emzikli çüýşejik we emzik üçin gapdaky, ýarlykdaky maglumatlaryň mazmunynyň çäklendirmeleri
Emzikli çüýşejik we emzik üçin gapdaky, ýarlykdaky maglumatlarda ene süýdi bilen iýmitlendirmekden ýüz öwrülmegine getirip biljek ýazgylar bolmaly däldir.
16-njy madda. Belgilenilen önümleriň ýerlenilmegine bildirilýän esasy talaplar
1. Belgilenilen önümleriň ýerlenilmegi diňe ýöriteleşdirilen dükanlarda, dükanlaryň ýöriteleşdirilen bölümlerinde, dermanhanalarda olaryň saklanylmagynyň degişli şertleri üpjün edilen mahalynda amala aşyrylýar.
2. Şu belgilenilen önümleriň satylmagyna rugsat berilmeýär:
1) gaplanyşy, belgilenişi kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen talaplara laýyk gelmeýän;
2) laýyklyk sertifikaty bolmadyk mahalynda;
3) gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalary (haryt-ulag delilhaty, fakturasy, satyn almak-satmak şertnamasy) bolmadyk mahalynda;
4) saklanylmagy we satylmagy üçin göwnejaý şertler (saklamagyň ýylylyk düzgüniniň berjaý edilmegi, belgilenilen önümleriň saklanylmagy üçin niýetlenen sowadyjy we başga enjamlar) bolmadyk mahalynda;
5) düzüminde çaganyň saglygy üçin howp döredip biljek genetik taýdan görnüşi üýtgedilen bedenler, tagam berijiler, reňk berijiler, emeli süýjedijiler, ýapylma goşundylary, durnuklaşdyryjylar we başga maddalar hem-de olaryň birleşmeleri bar bolan;
6) ýaramlylyk möhleti geçen bolsa;
7) zaýalanmagynyň aç-açan alamatlary bar bolan.
VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
17-nji madda. Öndürijileriň we ýaýradyjylaryň işiniň çäklendirmeleri
Öndürijileriň we ýaýradyjylaryň, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, belgilenilen önümleriň ulanylmagy bilen baglanyşykly maksatnamalaryň, ylmy işleriň işlenip düzülmegini amala aşyrýan saglygy goraýyş edaralaryna maliýe we başga maddy kömegi bermäge hukugy ýokdur.
18-nji madda. Belgilenilen önümleriň satyn alynmagyna çäklendirmeler
1. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, saglygy goraýyş edaralarynyň fiziki we ýuridik şahslardan belgilenilen önümleri satyn almaga hukugy ýokdur.
2. Ýöriteleşdirilen çagalar saglygy goraýyş edarasy (çagalar öýi) fiziki we ýuridik şahslardan belgilenilen önümleri mugt (sowgat hökmünde) ýa-da arzanladylan bahadan satyn alyp biler. Şonda görkezilen edaranyň alnan ýa-da satyn alnan belgilenilen önümleri üçünji bir şahslara bermäge hukugy ýokdur.
19-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
20-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
21-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 31-nji madda);
2013-nji ýylyň 4-nji maýyndaky «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 27-nji madda).
3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şu Kanundan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary alty aýyň dowamynda taýýarlamaly we bellenilen tertipde Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 26-njy marty.
№ 371-V.