TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Jebir çekenleriň, şaýatlaryň we jenaýat kazyýet önümçiligine gaýry gatnaşyjylaryň döwlet goragy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 2-nji madda)
(Türkmenistanyň 18.06.2016 ý. №414-V we 14.03.2020 ý. № 234-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun jebir çekenleriň, şaýatlaryň we jenaýat kazyýet önümçiligine gaýry gatnaşyjylaryň howpsuzlyk we olary durmuş taýdan goramak çärelerini öz içine alýan görkezilen adamlaryň döwlet goragy çäreleriniň ulgamyny belleýär, şeýle hem olary ulanmagyň esaslaryny we tertibini kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Jebir çekenleriň, şaýatlaryň we jenaýat kazyýet önümçiligine gaýry gatnaşyjylaryň döwlet goragy
Jebir çekenleriň, şaýatlaryň we jenaýat kazyýet önümçiligine gaýry gatnaşyjylaryň döwlet goragy (mundan beýläk – döwlet goragy) olaryň jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşmagy bilen bagly janyny, saglygyny ýa-da emlägini goramaga gönükdirilen şu Kanunda göz öňünde tutulan howpsuzlyk çäreleriniň (mundan beýläk – howpsuzlyk çäreleri), şeýle hem görkezilen adamlary durmuş taýdan goramak çäreleriniň (mundan beýläk – durmuş taýdan goramak çäreleri) ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylmagydyr.
2-nji madda. Döwlet goragynyň hukuk esasy
1. Döwlet goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edaralar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howpsuzlyk çärelerini guramak we amala aşyrmagyň taktikasyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde çykarýarlar.
3-nji madda. Jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşýan adamlaryň döwlet goragyny üpjün etmek boýunça borçlar
Anyklaýyş edarasy, sülçi, prokuror, kazyýet jenaýat işi boýunça önümçilik bilen baglylykda oňa gatnaşýan we beýleki adamlaryň janyny, saglygyny, abraýyny, mertebesini we emlägini goramak, olaryň howpsuzlygyny üpjün edýän çäreleri görmek barada Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ähli çäreleri görmäge borçludyrlar.
4-nji madda. Döwlet goragyna degişli adamlar
1. Jenaýat kazyýet önümçiliginiň şu gatnaşyjylary şu Kanuna laýyklykda döwlet goragyna degişlidirler:
1) jebir çeken;
2) şaýat;
3) güman edilýän, aýyplanýan, kazyýetde işi seredilýän, olaryň kanuny wekilleri, iş kesilen, aklanan, şeýle hem özi babatda jenaýat işi ýa-da jenaýat yzarlaýyşy bes edilen adam;
4) bilermen, hünärmen, terjimeçi, güwä, şeýle hem jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşýan mugallym we psiholog;
5) raýat hak isleýjisi, raýat jogap berijisi;
6) jebir çekeniň, raýat hak isleýjisiniň, raýat jogap berijisiniň kanuny wekilleri, wekilleri.
2. Döwlet goragynyň çäreleri jenaýat işi gozgalmazyndan öň arz ediji, jenaýaty gözi bilen gören ýa-da onuň pidasy bolan ýa-da jenaýatyň duýdurylmagyna ýa-da üstüniň açylmagyna ýardam eden gaýry adamlar babatda hem ulanylyp bilner.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen adamlara täsir etmek maksatlary bilen hukuga garşy kast edilýän Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksinde göz öňünde tutulan ýakyn garyndaşlar, şonuň ýaly-da garyndaşlar we ýakyn adamlar hem döwlet goragyna degişlidirler.
4. Kazyýetde jenaýat işlerine seretmek, anyklaýşy ýa-da deslapky derňewi geçirmek bilen baglylykda anyklaýjy, sülçi, prokuror, kazy, adwokat we olaryň ýakyn garyndaşlary döwlet goragyna degişlidirler we howpsuzlyk çärelerini görmek şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.
5. Özleri babatda döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda bellenilen tertipde çözgüt kabul edilen şu maddanyň birinji–dördünji böleklerinde görkezilen adamlar mundan beýläk «goralýan adamlar» diýlip atlandyrylýar.
6. Goralýan adamlar babatda döwlet goragynyň çäreleri höküm, adamy jenaýat jogapkärçiliginden ýa-da jezadan boşatmak hakynda we oňa lukmançylyk häsiýetli mejbur ediş çärelerini ulanmak hakynda karar çykarylandan soň ulanylyp bilner.
5-nji madda. Döwlet goragyny üpjün edýän edaralar
1. Döwlet goragyny üpjün edýän edaralar şulardyr:
1) döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüdi kabul edýän edaralar;
2) howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edaralar;
3) durmuş taýdan goramak çärelerini amala aşyrýan edaralar.
2. Eger Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, önümçiliginde jenaýat hakynda arza (habar) ýa-da jenaýat işi bar bolan kazyýet (kazy), prokuror, şeýle hem prokuroryň razylygy bilen anyklaýyş edarasynyň ýolbaşçysy we sülçi döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüdi kabul edýärler.
3. Howpsuzlyk çärelerini amala aşyrmak özleriniň önümçiliginde bar bolan ýa-da ygtyýarlygyna degişli edilen jenaýat işleri boýunça içeri işler, milli howpsuzlyk edaralaryna, sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş gullugynyň edaralaryna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýry-aýry howpsuzlyk çärelerini amala aşyrmak ýüklenilip bilinjek gaýry döwlet edaralaryna ýüklenýär.
4. Kazyýetiň (kazynyň) ýa-da prokuraturanyň sülçileriniň önümçiliginde bolan jenaýat işleri boýunça goralýan adamlar babatda howpsuzlyk çäreleri kazyýetiň (kazynyň) ýa-da prokuroryň razylygy bilen prokuraturanyň sülçisiniň çözgüdi boýunça goralýan adamyň bolýan ýerinde ýerleşýän içeri işler, milli howpsuzlyk edaralary, sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş gullugynyň edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
5. Harby gullukçylaryň düzüminden bolan goralýan adamlar babatda howpsuzlyk çäreleri degişli harby bölümleriň serkerdeligi we ýokarda durýan serkerdelik tarapyndan hem amala aşyrylýar.
6. Derňew gabawhanalarynda saklanýan ýa-da jeza çekilýän ýerlerde bolýan goralýan adamlar babatda howpsuzlyk çäreleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň jenaýat-ýerine ýetiriş edaralary, şeýle hem garamagynda derňew gabawhanalary bolan beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
7. Durmuş taýdan goramak çärelerini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen edaralar amala aşyrýarlar.
6-njy madda. Döwlet goragyny amala aşyrmagyň ýörelgeleri
1. Döwlet goragy kanunylyk, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamak, şahsyýetiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ileri tutulmagy, döwlet goragyny üpjün edýän edaralaryň we goralýan adamlaryň özara jogapkärçiligi ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Döwlet goragy prokuror gözegçiliginiň we pudaklaýyn gözegçiligiň astynda amala aşyrylýar. Döwlet goragy amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýan hem-de aýan däl usullar peýdalanylýar.
3. Howpsuzlyk çäreleriniň ulanylmagy goralýan adamlaryň ýaşaýyş jaý, zähmet, pensiýa we gaýry hukuklaryny kemsitmeli däldir.
II BAP. DÖWLET GORAGYNYŇ ÇÄRELERINIŇ GÖRNÜŞLERI
7-nji madda. Howpsuzlyk çäreleri
1. Goralýan adam babatda bir wagtda şu howpsuzlyk çäreleriniň biri ýa-da birnäçesi ulanylyp bilner:
1) şahsy gorag, ýaşaýyş jaýyny we emlägini goramak;
2) ýörite hususy gorag, aragatnaşyk we howp barada habar beriş serişdelerini bermek;
3) goralýan adam barada maglumatlaryň ýaşyrynlygyny üpjün etmek;
4) başga ýaşaýyş ýerine göçürmek;
5) resminamalaryny çalşyrmak;
6) daş sypatyny üýtgetmek;
7) işleýän (gulluk edýän) ýa-da okaýan ýerini üýtgetmek;
8) wagtlaýyn howpsuz ýere ýerleşdirmek;
9) jenaýat kazyýet önümçiliginiň gatnaşyjysyny kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyndan çykarmak;
10) işi kazyýetiň ýapyk mejlisinde diňlemek;
11) şaýady kazyýetiň sorag etmegi:
a) şaýadyň şahsyýeti barada maglumatlary aýan etmezden lakam ulanmak bilen;
b) onuň tanalmagyny aradan aýyrýan şertlerde;
ç) kazyýet seljerişine beýleki gatnaşyjylaryň ony daşyndan görmesiz şertlerde;
d) wideo-, sesýazgylaryny hem-de sorag etmegi berkitmegiň beýleki usullaryny ulanmagy gadagan etmek bilen;
12) tussaglykda saklanýan ýa-da jeza çekilýän ýerde bolýan goralýan adam babatda goşmaça howpsuzlyk çärelerini ulanmak, şol sanda tussaglykda saklanylýan ýa-da jeza çekilýän bir ýerden başga ýere geçirmek.
2. Şu Kanunyň 20-nji maddasynda görkezilen esaslar bar bolanda goralýan adam babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki howpsuzlyk çäreleri hem ulanylyp bilner.
3. Şu maddanyň birinji böleginiň 4–7-nji bentlerinde göz öňünde tutulan howpsuzlyk çäreleri diňe agyr we aýratyn agyr jenaýatlar baradaky jenaýat işleri boýunça amala aşyrylýar.
8-nji madda. Goralýan adamyň şahsy goragy, ýaşaýyş jaýyny we emlägini goramak
1. Goralýan adamyň şahsy goragyny, ýaşaýyş jaýyny we emlägini goramagy howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edaralar tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde üpjün edilýär.
2. Goralýan adam tarapyndan eýelenýän ýaşaýyş jaýy we oňa degişli emläk gözegçiligiň tehniki serişdeleri, şeýle hem ýangyna garşy we gorag duýduryjylary bilen enjamlaşdyrylyp bilner.
9-njy madda. Goralýan adama ýörite hususy gorag, aragatnaşyk we howp barada habar beriş serişdelerini bermek
1. Howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edaralar goralýan adama ýörite hususy gorag, aragatnaşyk we howp barada habar beriş serişdelerini berip bilerler.
2. Goralýan adama berilýän ýörite hususy gorag, aragatnaşyk we howp barada habar beriş serişdeleriniň görnüşleri, şeýle hem olary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.
10-njy madda. Goralýan adam barada maglumatlaryň ýaşyrynlygyny üpjün etmek
1. Howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edaranyň çözgüdi boýunça döwlet we gaýry maglumat-sorag jogap beriş gaznalaryndan goralýan adam barada maglumatlaryň berilmegine gadaganlyk girizilip bilner, şeýle hem onuň telefonlarynyň we ol tarapyndan peýdalanylýan ýa-da oňa degişli ulag serişdeleriniň döwlet hasaba alyş belgileri üýtgedilip bilner.
2. Başga jenaýat, raýat işler ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçilik bilen bagly aýratyn halatlarda goralýan adam barada maglumatlar prokuroryň ýa-da kazyýetiň (kazynyň) ýazmaça ýüz tutmasy esasynda döwlet goragyny amala aşyrmak barada çözgüdi kabul eden edaranyň rugsady bilen deslapky derňew, prokuratura edaralaryna ýa-da kazyýete berlip bilner.
3. Goralýan adam barada maglumatlaryň ýaşyrynlygyny üpjün etmek görnüşinde howpsuzlyk çärelerini amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.
11-nji madda. Goralýan adamy başga ýaşaýyş ýerine göçürmek, resminamalaryny çalşyrmak, daş sypatyny üýtgetmek
1. Goralýan adam Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde başga wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýyş ýerine göçürilip bilner.
2. Goralýan adam başga hemişelik ýaşaýyş ýerine göçürilende oňa Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýy berilýär, göçmek bilen bagly çykdajylarynyň öwezi dolunýar, maddy kömek berilýär, işe ýerleşdirmek kepillendirilýär we öňküsine meňzeş iş (gulluk) ýa-da okuw ýerini saýlap almakda ýardam edilýär.
3. Goralýan adam başga wagtlaýyn ýaşaýyş ýerine göçürilende oňa Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna göçmek bilen bagly çykdajylarynyň öwezi dolunýar, maddy kömek berilýär, öň eýeleýän ýaşaýyş jaýy we öňki ýa-da öňküsine meňzeş iş (gulluk) ýa-da okuw ýerine ýerleşmek kepilligi onuň görkezilen sebäp boýunça bolmadyk bütin döwrüniň dowamynda onda saklanyp galýar.
4. Aýratyn halatlarda goralýan adamyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we ol barada maglumatlary üýtgetmek bilen onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary, gaýry resminamalary çalşyrylyp bilner, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde goralýan adamyň daş sypaty üýtgedilip bilner.
5. Eger goralýan adamyň howpsuzlygy ol babatda beýleki howpsuzlyk çärelerini ulanmak arkaly üpjün edilip bilinmejek bolsa, diňe şu halatda görkezilen adamy başga ýaşaýyş ýerine göçürmek, onuň resminamalaryny çalşyrmak we daş sypatyny üýtgetmek geçirilýär.
12-nji madda. Goralýan adamyň işleýän (gulluk edýän) ýa-da okaýan ýerini üýtgetmek
Goralýan adamyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde başga, wagtlaýyn ýa-da hemişelik, laýyk gelýän iş (gulluk) ýa-da okuw ýerine ýerleşmekde ýardam edilip bilner.
13-nji madda. Goralýan adamy howpsuz ýere wagtlaýyn ýerleşdirmek
Goralýan adam onuň howpsuzlygynyň üpjün ediljek ýerine wagtlaýyn ýerleşdirilip bilner.
14-nji madda. Jenaýat kazyýet önümçiliginiň gatnaşyjysyny kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyndan çykarmak
Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksinde göz öňünde tutulan halatlarda jenaýat kazyýet önümçiliginiň gatnaşyjylary kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyndan çykarylyp bilner.
15-nji madda. Işi kazyýetiň ýapyk mejlisinde diňlemek
1. Kazyýet seljerişine gatnaşyjylaryň we olaryň ýakyn garyndaşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kazyýetiň ýapyk mejlisi geçirilip bilner.
2. Ýapyk kazyýet seljerişine kazyýetiň delillendirilen karary (kesgitnamasy) boýunça ýol berilýär.
16-njy madda. Şaýady kazyýetiň sorag etmegi
1. Şaýady şu maddada bellenilen tertipde kazyýetiň sorag etmegi şaýadyň, aýyplaw tarapynyň haýyşy, şeýle hem kazyýetiň başlangyjy boýunça şaýadyň we onuň ýakyn garyndaşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýär.
2. Şaýadyň şahsyýeti barada maglumatlary aýan etmezden ony kazyýetiň sorag etmegi lakam ulanmak bilen geçirilip bilner, şeýle hem aýyplaw tarapynyň şaýadyny sorag etmek kazyýetiň mejlisiniň mejlisler otagyndan aýyplanýan, aklaw tarapynyň wekilleri çykarylandan soň geçirilip bilner.
Zerur bolan halatlarynda şaýady sorag etmek onuň tanalmagyny aradan aýyrýan şertlerde geçirilip bilner. Şu maksatlar üçin: perde, grim, goralýan adamyň sesini üýtgetmek üçin gural we goragyň gaýry kanuna garşy gelmeýän usullary peýdalanylyp bilner.
Kazyýet seljerişine beýleki gatnaşyjylaryň şaýady daşyndan görmesiz ony sorag etmek wideo- we beýleki tehniki serişdelerini, gorag ekranyny ulanmak arkaly, ýaşyrynlygy gorap saklamak barada duýdurylýan jenaýat kazyýet önümçiliginiň gatnaşyjylarynyň çäklendirilen sanynyň gatnaşmagynda geçirilip bilner.
Zerur bolan halatynda kazyýet seljerişiniň barşynda wideo-, ses ýazgylarynyň we sorag etmegi berkitmegiň beýleki usullarynyň ulanylmagy gadagan edilip bilner.
3. Kabul edilen howpsuzlyk çäreleri hakynda delillendirilen karar (kesgitnama) çykarylýar.
17-nji madda. Harby gullukçynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
1. Goralýan adam bolan harby gullukçynyň howpsuzlygy onuň harby gullugy geçmeginiň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen şu Kanunyň 7-nji maddasynda göz öňünde tutulan howpsuzlyk çärelerini ulanmak arkaly üpjün edilýär.
2. Harby gullukçynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen şular hem ulanylyp bilner:
1) goralýan adamy beýleki harby bölüme, beýleki harby edara iş saparyna ugratmak;
2) goralýan adamy harby gullugyň täze ýerine, şol sanda harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki döwlet edarasynyň harby bölümine ýa-da harby edarasyna geçirmek (degişli wezipeli adamlaryň özara ylalaşygy boýunça);
3) goralýan adama wehim ýüze çykyp biljek çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçyny beýleki harby bölüme, beýleki harby edara iş saparyna ugratmak ýa-da geçirmek.
3. Goralýan adam bolan harby gullukçyny iş saparyna ugratmak we geçirmek onuň ýazmaça görnüşde beýan edilen razylygy bilen amala aşyrylýar. Geçirilende harby gullukçy deň derejeli harby wezipä bellenýär.
18-nji madda. Tussaglykda saklanýan ýa-da jeza çekilýän ýerde bolýan goralýan adamyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
1. Tussaglykda saklanýan ýa-da azatlykdan mahrum etmek ýa-da harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşinde jeza çekilýän ýerde bolýan goralýan adamyň howpsuzlygy ol babatda şu Kanunyň 7-nji maddasynyň birinji böleginiň 3-nji, 5-nji, 6-njy, 8-nji we 9-njy bentlerinde göz öňünde tutulan howpsuzlyk çärelerini ýa-da Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksinde göz öňünde tutulan gaýry çäreleri ulanmak arkaly üpjün edilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen şular hem ulanylyp bilner:
1) goralýan adamynyň we zorluk wehimi ýüze çykyp biljek adamynyň saklananda, tussag edilende we jenaýat jezalary bellenende olary dürli tussaglykda saklanýan ýa-da jeza çekilýän ýerlere ugratmak;
2) goralýan adamyny ýa-da zorluk wehimi ýüze çykyp biljek adamyny tussaglykda saklanýan we jeza çekilýän bir ýerden başga ýere geçirmek;
3) goralýan adamyny ýa-da zorluk wehimi ýüze çykyp biljek adamyny aýratynlykda saklamak;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde goralýan adama ätiýaçsyzlandyryş çäresini ýa-da jeza çäresini üýtgetmek.
19-njy madda. Durmuş taýdan goramak çäreleri
1. Goralýan adamyň jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşmagy bilen bagly heläk bolan (ölen) halatynda döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüt kabul edýän edaranyň karary boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna heläk bolanyň (öleniň) maşgala agzalaryna we onuň eklenjinde bolan adamlara Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän möçberde birwagtlaýyn pul kömegi tölenýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa bellenýär.
2. Goralýan adamyň jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşmagy bilen bagly maýyp bolmagyna getiren onuň synasyna şikes ýa-da saglygyna başga zyýan ýetirilen halatynda oňa döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüt kabul edýän edaranyň karary boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän möçberde birwagtlaýyn pul kömegi tölenýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde maýyplyk boýunça pensiýa bellenýär.
3. Goralýan adamyň jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşmagy bilen bagly maýyp bolmagyna getirmeýän onuň synasyna şikes ýa-da saglygyna başga zyýan ýetirilen halatynda oňa döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüt kabul edýän edaranyň karary boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän möçberde birwagtlaýyn pul kömegi tölenýär.
4. Goralýan adamyň jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşmagy bilen bagly heläk bolan (ölen) halatynda, eger heläk bolanyň (öleniň) maşgala agzalarynyň we onuň eklenjinde bolan adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şol bir wagtda pensiýanyň ýa-da döwlet kömek pulunyň birnäçe görnüşlerine hukugy bar bolsa, olaryň özleriniň saýlamagy boýunça görkezilen adamlara pensiýanyň ýa-da döwlet kömek pulunyň biri bellenýär.
5. Goralýan adamyň synasyna şikes ýa-da saglygyna gaýry zyýan ýetirilen halatynda, onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şol bir wagtda pensiýanyň ýa-da döwlet kömek pulunyň birnäçe görnüşlerine hukugy bar bolsa, özüniň saýlamagy boýunça görkezilen adama olaryň biri bellenýär.
6. Şu maddanyň birinji–üçünji böleklerinde görkezilen birwagtlaýyn pul kömegini tölemegiň tertibini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti belleýär.
7. Goralýan adama jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşmagy bilen bagly ýetirilen emläk zeleliniň öwezi soňra bu serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde goralýan adama emläk zelelini ýetiren günäkär adamdan tutup almak bilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry maliýe çeşmeleriniň hasabyna dolunmaga degişlidir.
III BAP. DÖWLET GORAGYNY AMALA AŞYRMAGYŇ ESASLARY WE TERTIBI
20-nji madda. Howpsuzlyk çärelerini ulanmagyň esaslary
1. Jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşmagy bilen bagly goralýan adam babatda öldürmek, güýç, zorluk ulanmak, zalymlyk etmek, emlägini ýok etmek ýa-da oňa şikes ýetirmek ýa-da kanun bilen gadagan edilen gaýry hereketleri etmek wehiminiň edilmeginiň hakyky howpunyň barlygy barada döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüt kabul edýän edara tarapyndan anyklanylan maglumatlaryň bolmagy howpsuzlyk çärelerini ulanmagyň esaslary bolup durýar.
2. Howpsuzlyk çäreleri goralýan adamyň dilden ýa-da ýazmaça arzasy ýa-da onuň ýazmaça görnüşde beýan edilen razylygy esasynda, kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda bolsa, onuň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň, şeýle hem hossarlyk we howandarlyk edarasynyň ygtyýarly wekilleriniň (ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar bolmadyk halatynda) ýazmaça arzasy ýa-da olaryň ýazmaça görnüşde beýan edilen razylygy esasynda ulanylýar.
Howpsuzlyk çäreleri döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüt kabul edýän edaranyň başlangyjy boýunça ulanylan halatynda olar goralýan adam bilen ylalaşylmaga degişlidir.
3. Eger howpsuzlyk çäreleriniň ulanylmagy goralýan adamyň kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň we onuň bilen bile ýaşaýan gaýry adamlaryň bähbitlerine täsir edýän bolsa, şu halatda howpsuzlyk çäreleriniň ulanylmagyna olaryň ýazmaça görnüşde beýan edilen razylygy zerurdyr.
21-nji madda. Durmuş taýdan goramak çärelerini ulanmagyň esaslary
Jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşmagy bilen bagly goralýan adamyň heläk bolmagy (ölmegi), onuň synasyna şikes ýa-da saglygyna gaýry zyýanyň ýetirilmegi durmuş taýdan goramak çärelerini ulanmagyň esaslary bolup durýar.
22-nji madda. Howpsuzlyk çärelerini ulanmagyň tertibi
1. Howpsuzlyk çärelerini ulanmagyň tertibi şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.
2. Döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüt kabul edýän edaralar goralýan adamdan arza (habar) alanlaryndan ol arzany (habary) barlamaga we ýigrimi dört sagadyň dowamynda ol babatda howpsuzlyk çärelerini ulanmak ýa-da olary ulanmakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul etmäge borçludyrlar, bu barada prokurora habar berilýär.
Kabul edilen çözgüt hakynda delillendirilen karar (kesgitnama) çykarylýar, ol ýerine ýetirmek üçin howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edara, şeýle hem özi babatda görkezilen karar (kesgitnama) çykarylan adama ugradylýar.
3. Howpsuzlyk çärelerini ulanmak ýa-da olary ulanmakdan ýüz döndermek hakynda karara (kesgitnama) ýokarda durýan edara, prokurora ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner. Şikaýat ol berlen pursadyndan ýigrimi dört sagadyň dowamynda seredilmäge degişlidir.
4. Howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edara şu Kanunda göz öňünde tutulan zerur howpsuzlyk çärelerini saýlap alýar we olary ulanmagyň usullaryny kesgitleýär.
5. Saýlanyp alnan howpsuzlyk çäreleri, olary üýtgetmek, goşmaçalar we görkezilen çäreleri ulanmagyň netijeleri barada howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edara önümçiliginde jenaýat hakynda arza (habar) ýa-da jenaýat işi bar bolan kazyýete (kaza), prokurora, anyklaýyş edarasynyň ýolbaşçysyna ýa-da sülçä habar berýär, goralýan adamyň howpsuzlygyna wehimiň aradan aýrylan halatynda bolsa, howpsuzlyk çärelerini ýatyrmak hakynda towakganama edýär.
6. Howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edara şu Kanunyň 7-nji maddasynyň birinji böleginiň 1–8-nji bentlerinde göz öňünde tutulan howpsuzlyk çärelerini saýlap almak üçin şu Kanuna we Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda goralýan adam bilen ýazmaça şertnama baglaşýar, şertnamada saýlanyp alnan howpsuzlyk çärelerini ulanmagyň şertleri, şeýle hem olar ulanylanda howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edaranyň we goralýan adamyň hukuklary we borçlary kesgitlenýär.
Şertnamada goralýan adamyň maşgala ýagdaýy, onuň eýeçiligindäki emläk, goralýan adamda bar bolan raýat-hukuk we gaýry ýuridik borçnamalar, goralýan adam babatda jenaýat işiniň ýa-da administratiw hukuk bozulma barada işiň gozgalmagy, goralýan adamyň jenaýat işi boýunça aýyplanýan, raýat jogap beriji hökmünde ýa-da raýat jogap berijisi hökmünde çekilmegi barada maglumatlar, howpsuzlyk çärelerini ulanmak üçin ähmiýeti bolan beýleki maglumatlar beýan edilip bilner.
7. Howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edara goralýan adamyň psihologik ugradylyşyny üpjün edýär.
23-nji madda. Durmuş taýdan goramak çärelerini ulanmagyň tertibi
1. Durmuş taýdan goramak çärelerini ulanmagyň tertibi şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.
2. Döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüt kabul edýän edara goralýan adamyň heläk bolanlygy (ölenligi) barada arza (habar) alanyndan we onuň jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşmagy bilen bagly heläk bolanlygyny (ölenligini) anyklanyndan soň üç günüň dowamynda heläk bolanyň (öleniň) maşgala agzalary we onuň eklenjinde bolan adamlar babatda durmuş taýdan goramak çärelerini ulanmak ýa-da olary ulanmakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul etmäge borçludyr.
3. Döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüt kabul edýän edara jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşmagy bilen bagly goralýan adamyň synasyna şikes ýa-da saglygyna gaýry zyýanyň ýetirilmegi barada arza (habar) alanyndan soň ol azrany (habary) barlamaga we üç günüň dowamynda durmuş taýdan goramak çärelerini ulanmak ýa-da olary ulanmakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul etmäge borçludyr.
4. Kabul edilen çözgüt hakynda delillendirilen karar (kesgitnama) çykarylýar, ol ýerine ýetirmek üçin durmuş taýdan goramak çärelerini amala aşyrýan edara, şeýle hem özi babatda görkezilen karar (kesgitnama) çykarylan adama ugradylýar.
5. Durmuş taýdan goramak çärelerini ulanmak ýa-da olary ulanmakdan ýüz döndermek hakynda karara (kesgitnama) ýokarda durýan edara, prokurora ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner. Şikaýat ol berlen gününden bir aýyň dowamynda seredilmäge degişlidir.
6. Durmuş taýdan goramak çärelerini amala aşyrýan edara durmuş taýdan goramak çärelerini ulanmak hakynda karary (kesgitnamany) alanyndan soň ony 10 günüň dowamynda ýerine ýetirmäge borçludyr.
24-nji madda. Howpsuzlyk çärelerini ýatyrmak
1. Şu Kanunyň 20-nji maddasynda görkezilen howpsuzlyk çärelerini ulanmagyň esaslary aradan aýrylan, goralýan adam şu Kanunyň 22-nji maddasynyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan şertnamany baglaşmakdan ýüz dönderýän ýa-da goralýan adamyň bu şertnamanyň şertlerini bozmagy netijesinde howpsuzlyk çärelerini mundan beýläk-de ulanmak mümkin bolmadyk halatynda howpsuzlyk çäreleri ýatyrylýar.
2. Goralýan adamyň döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüdi kabul eden edara iberilen ýazmaça arzasy boýunça hem howpsuzlyk çäreleri ýatyrylyp bilner.
3. Howpsuzlyk çäreleriniň ýatyrylmagyna diňe döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüdi kabul eden edaranyň karary (kesgitnamasy) boýunça ýa-da döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda ýatyrylmadyk karary (kesgitnamasy) bolan jenaýat işi önümçiliginde bolan edaranyň karary (kesgitnamasy) boýunça ýol berilýär.
4. Howpsuzlyk çärelerini ýatyrmak hakynda karara (kesgitnama) ýokarda durýan edara, prokurora ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner. Şikaýat ol berlen pursadyndan ýigrimi dört sagadyň dowamynda seredilmäge degişlidir.
5. Howpsuzlyk çärelerini ýatyrmak hakynda kararda (kesgitnamada) goralýan adamyň emläkleýin we onuň bilen bagly emläkleýin däl şahsy hukuklarynyň dikeldilmeginiň meseleleri düzgünleşdirilmelidir.
6. Howpsuzlyk çärelerini ulanmak hakynda karar (kesgitnama) şu Kanunyň 5-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen edara tarapyndan olary ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edilýänçä hereket edýär.
7. Önümçiligi bilen bagly howpsuzlyk çäreleri ulanylýan jenaýat işi bes edilende kazyýet (kazy), prokuror, şeýle hem prokuroryň razylygy bilen anyklaýyş edarasynyň ýolbaşçysy we sülçi howpsuzlyk çärelerini ýatyrmak ýa-da olary mundan beýläk-de ulanmak hakynda karar (kesgitnama) çykarýar. Eger howpsuzlyk çärelerini ulanmak jenaýat işini bes etmek hakynda çözgüt kabul edilenden soň amala aşyrylýan bolsa, şu halatda şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan esaslar bar bolanda howpsuzlyk çäreleri olary amala aşyrýan edaranyň ýerleşýän ýeri boýunça kazy tarapyndan ýatyrylýar.
8. Kazyýet (kazy) jenaýat işi boýunça höküm çykaranda, terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ýa-da lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ulanmak hakynda çözgüt kabul edende howpsuzlyk çärelerini ýatyrmak ýa-da olary mundan beýläk-de ulanmak hakynda karar (kesgitnama) çykarýar.
Eger howpsuzlyk çärelerini ulanmak jenaýat işi boýunça höküm çykarylandan, terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ýa-da lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ulanmak hakynda çözgüt kabul edilenden soň amala aşyrylýan bolsa, şu halatda şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan esaslar bar bolanda howpsuzlyk çäreleri olary amala aşyrýan edaranyň ýerleşýän ýeri boýunça kazy tarapyndan ýatyrylýar.
25-nji madda. Döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda maglumatlary goramak
1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýan adam barada maglumatlar döwlet syrlaryny düzýän maglumatlara degişli edilmedik bolsa, döwlet goragy olaryň ýaşyrynlygyny berjaý etmek bilen amala aşyrylýar.
2. Döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda maglumatlary goramagyň we şeýle meglumatlary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.
26-njy madda. Döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüdi ýerine ýetirmegiň hökmanylygy
Döwlet goragyny üpjün edýän edaralaryň ygtyýarlyklaryna laýyklykda kabul edýän çözgütleri olaryň salgylanylan kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň wezipeli adamlary tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr.
IV BAP. GORALÝAN ADAMLARYŇ WE DÖWLET GORAGYNY ÜPJÜN EDÝÄN EDARALARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY
27-nji madda. Goralýan adamlaryň hukuklary we borçlary
1. Goralýan adamlaryň şulara hukugy bardyr:
1) özleriniň hukuklaryny we borçlaryny bilmäge;
2) şahsy we emläk howpsuzlygynyň, şu Kanunyň 4-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen adamlaryň şahsy we emläk howpsuzlygynyň üpjün edilmegini talap etmäge;
3) şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarynda durmuş taýdan goramak çäreleriniň ulanylmagyny talap etmäge;
4) özleri, ýakyn garyndaşlary, garyndaşlary we ýakyn adamlary babatda howpsuzlyk çäreleriniň ulanylmagy we bu çäreleriň häsiýeti barada bilmäge;
5) şu Kanunda göz öňünde tutulan howpsuzlygyň goşmaça çäreleriniň ulanylmagy ýa-da olaryň ýatyrylmagy barada arza bilen ýüz tutmaga;
6) döwlet goragyny üpjün edýän edaralaryň çözgütlerine we hereketlerine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ýokarda durýan edara, prokurora ýa-da kazyýete şikaýat etmäge;
7) psihologik kömegi almak barada howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edara ýüz tutmaga.
2. Goralýan adamlar şulara borçludyrlar:
1) özleri babatda howpsuzlyk çäreleriniň ulanylmagynyň şertlerini we döwlet goragyny üpjün edýän edaralaryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge;
2) özleri babatda wehimleriň ýa-da hukuga garşy hereketleriň her biri barada döwlet goragyny üpjün edýän edaralara haýal etmän habar bermäge;
3) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendinde görkezilen we özleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edara tarapyndan berlen emläk ulanylanda kanunlaryň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny berjaý etmäge;
4) özleri babatda ulanylýan döwlet goragynyň çäreleri barada maglumatlary ýaşyrynlykda saklamaga.
28-nji madda. Döwlet goragyny üpjün edýän edaralaryň hukuklary we borçlary
1. Döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüdi kabul edýän edaralaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şulara hukuklary bardyr:
1) ähli döwlet häkimiýet edaralaryndan, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralardan, ýuridik we fiziki şahslardan özleri babatda döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüt kabul edilýän adamlaryň howpsuzlygyna wehim barada arzalar we habarlar boýunça zerur maglumatlary soramaga we olardan almaga, ýuridik we fiziki şahslardan almaga;
2) iş ýörediş hereketlerini geçirmäge we şu Kanunyň 4-nji maddasynda görkezilen adamlaryň döwlet goragyny amala aşyrmak üçin howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edaralara, durmuş taýdan goramak çärelerini amala aşyrýan edaralara zerur tabşyryklary bermäge;
3) zerur bolan halatynda howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edaralardan we durmuş taýdan goramak çärelerini amala aşyrýan edaralardan döwlet goragynyň goşmaça çäreleriniň ulanylmagyny talap etmäge;
4) howpsuzlyk çärelerini we durmuş taýdan goramak çärelerini amala aşyrýan edaralar bilen ylalaşyp, görkezilen çäreleri doly ýa-da bölekleýin ýatyrmaga.
2. Howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edaralaryň şulara hukuklary bardyr:
1) şu Kanunda göz öňünde tutulan zerur howpsuzlyk çärelerini saýlap almaga, olary ulanmagyň usullaryny kesgitlemäge, zerur bolanda ulanylýan howpsuzlyk çärelerini üýtgetmäge we goşmaça girizmage;
2) goralýan adamlardan olar babatda howpsuzlyk çäreleriniň ulanylmagynyň şertlerini berjaý etmeklerini, görkezilen çäreleriň ulanylmagy bilen bagly kanuny buýruklarynyň ýerine ýetirilmegini talap etmäge;
3) önümçiliginde jenaýat işi bolan kazyýete (kaza), prokurora, anyklaýyş edarasynyň ýolbaşçysyna ýa-da sülçä iş ýörediş hereketleri geçirilende howpsuzlyk çäreleriniň ulanylmagy ýa-da olaryň ýatyrylmagy barada towakganama bilen ýüz tutmaga;
4) «Dessin-agtaryş işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan tertipde dessin-agtaryş çärelerini geçirmäge.
3. Durmuş taýdan goramak çärelerini amala aşyrýan edaralaryň şulara hukuklary bardyr:
1) döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüdi kabul edýän edaralardan we goralýan adamlardan durmuş taýdan goramak çärelerini amala aşyrmak üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary soramaga;
2) durmuş taýdan goramak çärelerini ulanmak mümkinçiligini aradan aýyrýan ýagdaýlar anyklanan halatynda döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüdi kabul edýän edaralara görkezilen çäreleriň ýatyrylmagy barada towakganama bilen ýüz tutmaga.
4. Döwlet goragyny üpjün edýän edaralar şulara borçludyrlar:
1) howpsuzlyk çäreleriniň ýa-da durmuş taýdan goramak çäreleriniň ulanylmagyny talap edýän özlerine belli bolan her bir halat boýunça haýal etmän çäreler görmäge;
2) ähli zerur howpsuzlyk çärelerini we durmuş taýdan goramak çärelerini amala aşyrmaga;
3) şu Kanunda göz öňünde tutulan howpsuzlyk çäreleriniň we durmuş taýdan goramak çäreleriniň özleri babatda ulanylmagy, üýtgedilmegi, olara goşmaçalar girizilmegi ýa-da olaryň ulanylmagynyň ýatyrylmagy barada, şeýle hem döwlet goragyny üpjün etmek bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çözgütleriň kabul edilmegi barada goralýan adamlary öz wagtynda habardar etmäge;
4) goralýan adama özi babatda döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda karar (kesgitnama) yglan edilende onuň hukuklaryny we borçlaryny oňa düşündirmäge;
5) goralýan adamyň psihologik ugradylyşyny guramak we amala aşyrmak boýunça çäreleri görmäge.
V BAP. ŞU KANUNYŇ TALAPLARYNYŇ BOZULMAGY
ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK
29-njy madda. Döwlet goragyny üpjün etmek boýunça talaplary bozan wezipeli adamyň jogapkärçiligi
Döwlet goragyny üpjün edýän edaranyň wezipeli adamynyň günäsi bilen döwlet goragyny amala aşyrmak hakynda çözgüt kabul edilmese ýa-da döwlet goragy göwnejaý amala aşyrylmasa, şeýle wezipeli adam Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekilýär.
30-njy madda. Goralýan adam we howpsuzlyk çäreleri barada maglumatlaryň aýan edilmegi üçin jogapkärçilik
Goralýan adam we ol babatda ulanylýan howpsuzlyk çäreleri barada maglumatlar ynanylan ýa-da olar gulluk işi bilen bagly özüne mälim bolan adam tarapyndan ol maglumatlaryň aýan edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
31-nji madda. Goralýan adamyň jogapkärçiligi
Şu Kanunyň 7-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendinde görkezilen we goralýan adamyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin oňa berlen emlägiň başga adama satylmagy, girewe goýulmagy ýa-da berilmegi, şonuň ýaly-da bu emlägiň ýitirilmegi ýa-da zaýalanmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
VI BAP. DÖWLET GORAGYNYŇ MALIÝE WE MADDY-TEHNIKI TAÝDAN ÜPJÜN EDILMEGI
32-nji madda. Döwlet goragynyň maliýe we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi
1. Döwlet goragyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan Jebir çekenleriň, şaýatlaryň we jenaýat kazyýet önümçiligine gaýry gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet maksatnamasy tassyklanýar.
2. Jebir çekenleriň, şaýatlaryň we jenaýat kazyýet önümçiligine gaýry gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet maksatnamasynyň maliýe we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry maliýe çeşmeleriň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
3. Howpsuzlyk çäreleriniň maliýe we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi dessin-agtaryş işiniň maliýe üpjünçiligi üçin bellenilen tertipde Jebir çekenleriň, şaýatlaryň we jenaýat kazyýet önümçiligine gaýry gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet maksatnamasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Görkezilen maksatlara bölünip berilýän pul serişdeleriniň çykdajy edilişine gözegçilik howpsuzlyk çärelerini amala aşyrýan edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Döwlet goragyny üpjün etmek bilen bagly çykdajylar goralýan adama ýüklenilip bilinmez.
33-nji madda. Şu Kanunyň berjaý edilişine gözegçilik
Şu Kanunyň berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar tarapyndan amala aşyrylýar.
34-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 12-nji ýanwary.
№ 317-V.