TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Atçylyk we atly sport hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 142-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 18.06.2016 ý. № 419-V, 05.01.2018 ý. 685-V, 02.03.2019 ý. № 131-VI, 08.06.2019 ý. № 159-VI we 13.03.2021 ý. № 347-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem atlar köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler:

1) atçylyk – atlary köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we olary at çapyşyklarynda, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerinde, atly sportuň dürli görnüşlerinde ulanmak bilen meşgullanýan maldarçylyk pudagynyň düzüm bölegi;

2) atly sport – atlaryň gatnaşdyrylmagynda geçirilýän at münmegiň dürli görnüşleri we sport ýaryşlary, şeýle hem sport oýunlary we ýerine ýetirilýän dürli maşklar;

3) atçylyk pudagy – ippologiýany (atçylyk baradaky ylym), tohumçylyk we weterinariýa işlerini, atçylygyň obýektlerini gurmagy öz içine alýan atçylyk babatda işleri amala aşyrmak we dolandyrmak;

4) atçylyk işi – atçylyk pudagynda ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ähli görnüşleriniň jemi;

5) tohum atçylygy – gelip çykyşy Döwlet tohumçylyk kitabyna girizilen, ýazgy bilen tassyk edilýän, atlaryň dürli tohumlaryny köpeltmek bilen bagly işler;

6) tohum at – Döwlet tohumçylyk kitabynda hasaba alnan, belli bir tohumdan bolan at;

7) ahalteke tohum aty – türkmen halk seçgisi arkaly köp asyrlaryň dowamynda döredilen arassa ganly tohum at;

8) ýomut tohum aty – türkmen halk seçgisi arkaly köp asyrlaryň dowamynda döredilen tohum at;

9) at eýesi – ata eýeçilik hukugy bolan ýuridik ýa-da fiziki şahs;

10) athana – atlary saklamak, köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek üçin ýöriteleşdirilen bina;

11) taýyň şahadatnamasy – taý doglan badyna bedewiň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada oňa berilýän, onuň gelip çykyşy baradaky maglumatlary we beýleki şahsy maglumatlaryny öz içine alýan resminama;

12) bedew-atynyň pasporty – Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän bir ýarym ýaşly taýlara we beýleki saklanylýan atlara berilýän, olaryň gelip çykyşyny we atyň degişli eýesini tassyk edýän resminama;

13) atlary çiplemek – atlary elektron taýdan belgilemek usuly;

14) Döwlet tohumçylyk kitaby – atlaryň şejere ugurlary boýunça gelip çykyşyny we tohumynyň arassa ganlylygyny tassyklaýan maglumatlary özünde jemleýän resminama;

15) atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşi – ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan Düzgünnama esasynda döredilýän  topar;

16) atşynas – atlary köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan şahs;

17) seýis – atlaryň saklanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýan, şeýle hem atlary seýislemek bilen meşgullanýan jogapkär şahs;

18) atbakar – seýsiň ýolbaşçylygynda atlara sanitariýa kadalarynyň talaplaryna laýyklykda ideg etmek we olary türgenleşdirmek bilen meşgullanýan şahs;

19) atlaryň synag çapyşyklary – atlaryň at çapyşyklaryna taýýarlyk derejesini anyklamak hem-de olaryň çapuwlaryny kämilleşdirmek üçin geçirilýän çapyşyklar;

20) at çapyşyklary – atlaryň ýyndamlygyny, çydamlylygyny ýüze çykarmak we kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän ýaryşlar;

21) goýumly at çapyşyklary – eýeçiligiň görnüşine garamazdan, at eýeleri ýa-da hemaýatkärler tarapyndan at çapyşyklaryna goşulmagyň şertleri we goýumyň möçberi teswirnamanyň esasynda ylalaşylmagy boýunça geçirilýän at çapyşyklary;

22) halkara at çapyşyklary – daşary ýurt döwletleriniň ýuridik we fiziki şahslarynyň atlarynyň gatnaşdyrylmagynda geçirilýän at çapyşyklary;

23) çapyksuwar – at çapyşyklarynda at çapýan şahs;

24) ýetginjek çapyksuwar – at çapyşyklarynda at çapýan höwesjeň ýetginjek şahs;

25) atly türgen – atly sport ýaryşlarynda at üstünde çykyş edýän şahs;

26) atly sport boýunça tälimçi (mundan beýläk – tälimçi) – sport atlaryny we atly türgenleri bäsleşiklere taýýarlaýan, şeýle hem sport atlarynyň saklanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýan jogapkär şahs;

27) atçylyk sport toplumy – at çapyşyklaryny, atly sport ýaryşlaryny we türgenleşikleri, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerini geçirmek üçin ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desgalaryň toplumy;

28) atly sport ýaryşlary – sport ýaryşlarynyň guramaçylary tarapyndan tassyklanylan düzgünlere laýyklykda atly sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlar;

29) eminler toparlary – atlaryň synag çapyşyklaryny, at çapyşyklaryny, atly sport ýaryşlaryny we atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerini geçirmegiň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýan adamlaryň toparlary;

30) atyň genotipi – at bedeniniň nesil esasy bolup durýan, onuň ähli genleriniň jemi;

31) atyň fenotipi – atyň genotipi esasynda dörän we daşky gurşawyň täsirleri astynda ýüze çykan onuň ähli alamatlarynyň we sypatlarynyň jemi;

32) totalizator – at çapyşyklarynda, atly sportda we beýleki bäsleşiklerde sanly ulgam arkaly guralýan, goýumlar boýunça oýun;

33) bäsleşikli söwdalar (auksion) – bäsleşik esasynda atlary satyn almak-satmak maksady bilen şertleri öňünden yglan edilen milli ýa-da halkara derejesinde geçirilýän söwdalar.

 

2-nji madda. Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryndan, şu Kanundan hem-de atçylyk we atly sport babatdaky Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

 

3-nji madda. Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary

 

Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary atçylykda tohumçylyk işini gowulandyrmak, halkara genofonduna girýän atlaryň milli tohumlarynyň tohum özenini gorap saklamak, atlaryň tohumyny köpeltmek we kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýoly bilen atçylygy ösdürmek, Türkmenistanda atly sporty ösdürmek we ýaýratmak, şeýle hem atly sportda ýokary netijeleri gazanmak bolup durýar.

 

4-nji madda. Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri

 

Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar:

1) döwlet syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda atçylyk we atly sport babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek;

2) atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryna laýyklykda atlary ösdürip ýetişdirmek, saklamak we zooweterinariýa kadalaryny berjaý etmek;

3) atlary genotipi we fenotipi boýunça seçip almak bilen baglanşykly atçylyk işini guramak;

4) atçylyk babatda ylmy-barlag işlerini, genetiki barlaglaryň esasynda amala aşyrmak we ösdürmek;

5) atlaryň tohumlarynyň tohum özenini döretmek maksady bilen atlaryň baş sanyny artdyrmagyň meýilnamasyny meýilleşdirmek we ýerine ýetirmek;

6) at çapyşyklarynyň geçirilmegini guramak;

7) okuw-türgenleşik we sport çäreleri geçirilen mahalynda adamlaryň we atlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek;

8) atlary atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrmak üçin olary saýlap almak maksady bilen olaryň genetiki alamatlaryny, biologik we fiziologik aýratynlyklaryny barlaghanalarda öwrenmek;

9) atly sport ýaryşlarynda we at çapyşyklarynda doping serişdeleriniň we (ýa-da) ulanylmagy gadagan edilen beýleki usullaryň ulanylmagynyň öňüni almak;

10) atlary uýgunlaşdyrmak we şejere ugurlary boýunça ylmy esasda köpeltmek boýunça işleri amala aşyrmak;

11) atçylyk babatda ekologik we sanitariýa talaplary berjaý etmek;

12) atçylyk pudagynyň hünärmenleriniň we işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek;

13) atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň we bu çygyrda bellenilen düzgünleriň we kadalaryň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini üpjün etmek;

14) atçylyk we atly sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak;

15) halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmek.

 

II BAP. ATÇYLYK WE ATLY SPORT BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

 

5-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

 

1. Atçylyk babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, atçylyk babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Atly sport babatda döwlet düzgünleşdirmesi, şu Kanunda we «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda görkezlen edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

6-njy madda. Atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) atçylyk we atly sport babatda döwlet syýasatynyň baş ýörelgesiniň (strategiýasynyň) esasy ugurlaryny kesgitleýär;

2) atçylyk we atly sport babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar; 

3) ygtyýarlandyrylan edaranyň işini utgaşdyrýar we ol baradaky düzgünnamany tassyklaýar;

4) atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

5-nji, 6-njy, 7-nji we 8-nji bentleri Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 159-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

9) atçylyk we atly sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

10) şu Kanuna we atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

7-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlyklary

 

Ygtyýarlandyrylan edara:

1) atçylyk babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) atçylyk babatda döwlet maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga berýär;

3) bedewiň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada taýyň şahadatnamasynyň we bedew-atynyň pasportynyň nusgalaryny tassyklaýar;

4) atçylyk babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

5) atlaryň baş sanynyň ýitgileri sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň Tertibini we atlaryň baş sanyny artdyrmagyň meýilnamasyny tassyklaýar;

6) atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşini döredýär we onuň düzümini tassyklaýar;

7) atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň Düzgünnamasyny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

8) tohum atlaryň döwlet hasaba alnyşyny ýöredýär;

9) Döwlet tohumçylyk kitabyna giriziljek atlaryň gelip çykyşyna (DNK) Türkmenistanyň ýa-da daşary ýurt döwletleriniň degişli barlaghanalarynda barlaglaryň geçirilmegini guraýar;

10) at eýesine bedewiň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada taýyň şahadatnamasyny ýa-da bedew-atynyň pasportyny berýär;

11) atlara bolan eýeçilik hukugynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga birine geçmegi bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirýär;

12) Döwlet tohumçylyk kitabyny işläp taýýarlaýar we onuň maglumatlaryny atşynaslara ýetirýär;

13) atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär;

14) sport atlaryny köpeltmegi, ösdürip ýetişdirmegi amala aşyrýar we bu ugurda tohumçylyk işini alyp barýar;

15) at çapyşyklaryna, atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylýan atlaryň, çapyksuwarlaryň we atly türgenleriň howpsuzlygyny üpjün etmegiň kadalaryny hem-de düzgünlerini işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

16) tohum atçylygynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär;

17) atçylyk babatda işleriň maliýe üpjünçiligini kämilleşdirmek we salgyt ýeňilliklerini bellemek boýunça teklipleri degişli ygtyýarlandyrylan edara berýär;

18) innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda atçylyk babatda tohumçylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegini guraýar;

19) atçylyk sport toplumlarynda atlaryň synag çapyşyklaryny, at çapyşyklaryny, baýramçylyk at çapyşyklaryny, goýumly at çapyşyklaryny, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerini, şeýle hem ýöriteleşdirilen meýdançalarda atly sport bäsleşiklerini guraýar we geçirýär;

20) Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde atçylyk we atly sport babatda totalizator, humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar bilen baglanyşykly işi guraýar we geçirýär;

21) atçylyk işiniň subýektleriniň işlerini utgaşdyrýar we olara gözegçilik edýär;

22) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan atçylyk pudagynyň subýektleriniň maglumat üpjünçiligini guraýar;

23) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan atlaryň baş sanynyň ösüşiniň barşyny (dinamikasyny) we hasaba alnyşyny alyp barýar, atçylyk hojalyklary boýunça höwür atlary, tohum baýtallary saýlamagy we paýlamagy geçirýär hem-de olaryň maksatly ulanylmagyny üpjün edýär;

24) taý doglan badyna merkezleşdirilen çipleşdirmegi amala aşyrýar we taýyň şahadatnamasyny berýär;

25) atçylyk babatda çap neşirlerini taýýarlaýar, ylmy-amaly maslahatlary, sergileri hem-de ýarmarkalary guraýar we geçirýär;

26) Türkmenistanda we daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän at çapyşyklaryna, atly sport ýaryşlaryna, atlaryň sergilerine, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerine gatnaşýar, şeýle hem milli ýa-da halkara derejesindäki bäsleşikli söwdalary (auksionlary) guraýar ýa-da olara gatnaşýar;

27) atçylyk babatda hünär bilim ulgamyny guramagy, kämilleşdirmegi we ösdürmegi amala aşyrýar;

28) seýisleriň we çapyksuwarlaryň atçylykda gazanan üstünliklerini göz öňünde tutup, olara degişli ussatlyk derejelerini berýär;

29) atçylyk we atly sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini üpjün edýär;

30) atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň çözgüdi esasynda tohumçylyk işinde ähmiýetli bolmadyk we peýdalanylmagy gadagan edilen atlaryň agtalanylmagyny (tohumsyzlandyrmak) guraýar;

31) atlaryň tohum ugurlaryny köpeltmek, şeýle hem täze ugurlaryny döretmek maksady bilen tohum alyş-çalşygyny amala aşyrýar;

32) gadymdan gelýän daşky syn-sypatyna mahsus bolan höwür atlaryň we seçgi-tohumçylyk işlerinde peýdalanylmagy ähmiýetli bolan atlaryň neslini köpeltmek üçin olaryň tohum goruny döredýär;

33) ahalteke tohum atlarynyň we ýomut tohum atlarynyň ýitip barýan ýa-da az sanly nesil ugurlaryny dikeltmek maksady bilen olaryň emeli usulda tohumlandyrylmagyny üpjün edýär;

34) Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara at çapyşyklaryny, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerini guraýar we geçirýär;

35) ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklaryny guraýar we geçirýär;

36) atlary hasaba almak, çiplemek, pasportlaşdyrmak, at çapyşyklaryna atlary ýazgy etmek, atlaryň gelip çykyşyna (DNK) seljeriş geçirmek hem-de atlary satyn almak-satmak amallary boýunça hyzmatlara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda nyrhlary tassyklaýar;

37) atçylyk pudagyna sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak arkaly atçylyk işiniň subýektlerine edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar;

38) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

39) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda atçylyk we atly sport babatda beýleki ygtyýarlylyklary amala aşyrýar.

 

8-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

1. Atçylyk we atly sportbabatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) özüniň garamagyndaky çäkde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýarlar we atçylyk pudagynyňwe atly sportuň ösdürilmegine ýardam edýärler;

2) atşynaslara, at eýelerine hojalyk we zootehniki çäreleriniň amala aşyrylmagynda ýardam edýärler;

3) atlaryň we atçylyk obýektleriniň howpsuzlygynyň üpjün edilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar;

4) ekologik kadalaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar;

5) atçylyk obýektlerini gurmagyň taslamalaryny düzmäge gatnaşýarlar;

6) atçylyk pudagynyň subýektlerine ýer böleklerini bölüp bermek meselesini çözmeklige gatnaşýarlar, hojalyk galyndylarynyň ýerlenilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar;

7) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde atçylyk işi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edýärler;

8) ýer, suw, tebigaty goraýyş, weterinariýa, sanitariýa-epidemiologik we beýleki gatnaşyklar babatda işi utgaşdyrýarlar;

9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda atçylyk babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz garamagyndaky çäklerde atçylygy alyp barmak üçin niýetlenilen ýer bölegini bölüp bermek baradaky meselelere Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda seredýärler.

 

III BAP. ATÇYLYK BABATDA EÝEÇILIK HUKUGY. ATÇYLYK IŞI

 

9-njy madda. Atçylyk babatda eýeçilik hukugy

 

1. Atçylyk döwlet we hususy eýeçilik hukugyna esaslanýar.

2. Bedewiň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada taýyň şahadatnamasynyň we bedew-atynyň pasportynyň berilmegi onuň at eýesine degişlidigine esas bolup durýar.

 

10-njy madda. Atçylygyň obýektleri

 

1. Atçylygy alyp barmak üçin zerur bolan desgalar we serişdeler, atçylygyň obýektleri bolup durýarlar.

2. Atçylyk obýektlerine athanalar, karantin atýataklar, weterinar nokatlary, ot-iým ammarlary, atlary türgenleşdirmek we gezdirmek üçin meýdançalar, öri meýdanlary, ot-iýmleri öndürmek üçin ýerler, suwa ýakylýan desgalar (guýular, howuzlar, sardoblar, tebigy suw çeşmelerinden sowgutlar), atçylyk sport toplumlarynyň desgalary degişlidir.

 

11-nji madda. Atçylyk işiniň subýektleri

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar atçylyk işiniň subýektleri bolup durýarlar.

2. Atçylyk işiniň subýektleri Türkmenistanyň raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we Türkmenistanda ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlary bolup bilerler.

3. Atçylyk işiniň subýektleri Türkmenistanda atlary satyn almak ýa-da kärendesine almak arkaly atçylyk we atly sporty bilen meşgullanyp bilerler.

 

12-nji madda. Atçylyk işiniň görnüşleri

 

Atçylyk işiniň görnüşlerine şu aşakdakylar degişlidir:

1) atlary ösdürip ýetişdirmek, saklamak we olara ideg etmek;

2) atlar üçin ot-iým öndürmek;

3) atlary öri meýdanlarda bakmak;

4) atlary köpeltmek, daşamak, tebigy şertlere uýgunlaşdyrmak;

5) atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işi;

6) atçylyk babatda weterinariýa işi;

7) at çapyşyklaryny we atly sport ýaryşlaryny, atlaryň arasynda gözellik bäsleşiklerini guramak;

8) atly syýahatçylygy guramak;

9) atlaryň gelip çykyşyny tassyklamak üçin genetiki barlaglary geçirmek;

10) eminler toparynyň işi;

11) tohum atlaryň aprobasiýasyny geçirmek; 

12) atçylyk babatda geçirilýän ylmy-barlag işi.

 

13-nji madda. Atçylyk babatda weterinariýa işi

 

Atçylyk babatda weterinariýa we zootehniki talaplaryň ýerine ýetirilmegi «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işi

 

Atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işi – tohum atlaryň gymmatly häsiýetlerini gorap saklamaga we gowulandyrmaga gönükdirilen zootehniki, seçgi hem-de guramaçylyk-hojalyk çäreleriniň toplumydyr.

 

15-nji madda. Atçylyk babatda tohumçylyk işini goramak

 

1. Atçylyk babatda tohumçylyk işi arassa ganly atlaryň genofonduny gorap saklamak, tohumçylyk işiniň täze ugurlaryny kesgitlemek arkaly amala aşyrylýar.

2. Atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň çözgüdi esasynda ahalteke tohum atlarynyň we ýomut tohum atlarynyň genofonduny gorap saklamak hem-de olaryň hil alamatlaryny kämilleşdirmek maksady bilen, tohumçylyk işinde eýeçiliginiň görnüşine garamazdan at eýelerine degişli, Türkmenistanda ýa-da daşary ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilen höwür atlar we tohum baýtallar peýdalanylyp bilner.

3. Atçylyk babatda tohumçylyk işi «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda»  we «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

16-njy madda. Atçylyk işiniň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak

 

Atçylyk işiniň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmak ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

17-nji madda. Atçylyk işi babatda sertifikatlaşdyrmak we ätiýaçlandyrmak

 

Atçylyk işi babatda sertifikatlaşdyrmak we ätiýaçlandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

18-nji madda. Atçylyk babatda standartlaşdyrma

 

Atçylyk babatda standartlaşdyrma «Standartlaşdyrmak hakynda» we «Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

19-njy madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň atçylyk işine gatnaşmagy

 

Jemgyýetçilik birleşikleri atçylykişine Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda gatnaşýarlar.

 

20-nji madda. Atçylyk babatda telekeçilik işi

 

Atçylyk babatda telekeçilik işi, peýda almaga gönükdirilen çäreleriň we hojalyk işleriniň toplumyny öz içine alýar hem-de şu aşakdaky esasy ugurlardan ybaratdyr:

1) tohum atlaryň bäsleşikli söwdasyny (auksion) we söwdanyň beýleki görnüşlerini geçirmek arkaly satylmagy;

2) atlaryň arasynda tohum atlaryň gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy;

3) at çapyşyklarynyň guralmagy;

4) tohum atlaryň bellenilen tertipde tölegli esasda höwre goýulmagynyň guralmagy;

5) tölegli atly tomaşalarynyň we at çapyşyklarynyň guralmagy;

6) atly gezelençleriň we atly syýahatçylygyň guralmagy;

7) ippoterapiýaly okuwlaryň guralmagy;

8) atlaryň kärendesine berilmegi;

9) tohum baýtallaryň emeli usulda tohumlandyrylmagy.

 

21-nji madda. Atşynaslaryň we at eýeleriniň hukuklary we borçlary

 

1. Atşynaslar we at eýeleri şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) ýuridik we fiziki şahsyň adyndan hereket etmäge;

2) atçylyk babatda işiň görnüşini (telekeçilik ýa-da telekeçilik däl) kesgitlemäge;

3) atlary satyn almaga, satmaga we maksatlaýyn peýdalanmaga;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda atçylyk we atly sport babatda jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge;

5) atçylyk we atly sport babatda özüniň kanuny bähbitlerini goramaga;

6) olaryň, atlaryna, emlägine we beýleki maddy gymmatlyklaryna ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy hukugyna;

7) atlary we atçylyk işini mahabatlandyrmaga;

8) atçylyk barada zerur maglumatlary almaga we toplamaga;

9) atçylyk we atly sport boýunça ýörite bilim almaga, özüniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge we hünär derejesini ýokarlandyrmaga;

10) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanmaga;

11-nji bendi Türkmenistanyň 13.03.2021 ý. № 347-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda atlaryny at çapyşyklaryna, atly sport ýaryşlaryna we atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerine gatnaşdyrmaga;

13) atçylyk pudagyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamaga we ygtyýarlandyrylan edara bermäge;

14) atçylygy we atly sporty ösdürmegiň maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmaga;

15) atçylyk we atly sport babatda ygtyýarlandyrylan edaralaryň we degişli hünärmenleriň usuly maslahatlaryndan peýdalanmaga;

16) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklara eýedirler.

2. Atşynaslar we at eýeleri şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) Döwlet tohumçylyk kitabynda hasaba alnan taýyň, doglan mahalynda dakylan adyny üýtgetmezlige; 

2) atçylyk obýektlerinde weterinariýa-sanitariýa kadalaryny, tehniki howpsuzlygy berjaý etmäge we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge;

3) atçylyk babatda weterinariýa kadalaryny berjaý etmäge;

4) atlaryň saklanylyşyna bildirilýän ekologik talaplaryny berjaý etmäge;

5) eýeçiligindäki atlaryň Döwlet tohumçylyk kitabyna ýazylmagy üçin ygtyýarlandyrylan edara ýüz tutmaga;

6) atlar sürülende ýa-da daşalanda olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge;

7) atlaryň keselleriniň döremeginiň, şikeslenmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge we olaryň bejerilmegini üpjün etmäge;

8) atlary saklamagyň we olary idetmegiň zootehniki düzgünlerini berjaý etmäge;

9) tohum atlaryny belli maksat boýunça peýdalanmaga;

10) atyň mertebesini ýokarlandyrmaga we oňa bolan hormaty terbiýelemäge;

11) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryşedaralary tarapyndan ýörite bölünip berlen ýerlerde ölen atlary jaýlamaga;

12) eýeçiligiň islendik görnüşinde bar bolan tohum atlaryň baş sanynyň hasabyny ýöretmäge we bu barada ygtyýarlandyrylan edara hasabat bermäge;

13) tohum atlaryň tohum arassalygyny we atlaryň baş sanyny gorap saklamaga;

14) ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan meýilnamada görkezilen möwsümde atlaryny höwre goýmaga;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen doping we beýleki serişdeleri peýdalanmazlyga;

16) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

 

22-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda maglumaty bermegiň we peýdalanmagyň tertibi

 

1. Atçylyk we atly sport babatdagulluk, hünär ýa-da täjirçilik syry saklaýan maglumaty ýaýratmak gadagan edilýär.

2. Seýsiň ýa-da tälimçiniň syryny düzýän maglumat, diňe olaryň razylygy bilen üçünji şahsa berlip bilner.

 

IV BAP. ATÇYLYK

 

23-nji madda. Atlaryň tohumlary

 

Atlar tohum aýratynlyklary we gelip-çykyşy boýunça şu toparlara bölünýärler:

1) arassa ganly tohum atlar – tohum arassalygyny saklaýan beýleki tohum atlar bilen garyndysy bolmadyk tohum atlar;

2) garyşyk tohum atlar – dürli arassa ganly tohum atlaryň çaknyşdyrylmagy esasynda alnan tohum atlar;

3) garyşyk atlar – arassa ganly ýa-da garyşyk tohum atlar bilen tohum däl atlaryň arasynda ýa-da tohum däl atlaryň özara çaknyşdyrylmagy esasynda alnan atlar.

 

231-nji madda. Atlary peýdalanmak

 

Atlar şu ugurlarda peýdalanylyp bilner:

1) at çapyşyklarynda;

2) atly sportda;

3) atly syýahatçylykda;

4) ippoterapiýada;

5) atly gezelençde;

6) atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerinde;

7) atly tomaşalarda we toý-baýramlarda;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki ugurlarda.

 

24-nji madda. Bedew-atynyň pasporty

 

1. Bedew-atynyň pasportynda atyň ady, şahsy belgisi, nyşanlary, atyň gelip çykyşy, tohumyň arassa ganlylygy we onuň eýesi barada maglumatlar görkezilýär.

2. Atlaryň bonitirowkasynyň resmi netijesiniň olaryň pasport maglumatlaryna laýyk gelýändiginiň anyklanylmagy atyň gelip çykyşyny tassyklamagy aňladýar.

3 Bedew-atynyň pasportyny resmileşdirmegiň, bermegiň we çalyşmagyň tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

 

25-nji madda. Döwlet tohumçylyk kitaby

 

1. Döwlet tohumçylyk kitaby ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we her bäş ýyldan çap edilýär.

2. Döwlet tohumçylyk kitaby atlaryň tohumçylyk kartoçkalary esasynda düzülýär.

3. Döwlet tohumçylyk kitabynda hasaba alynmadyk atlar, arassa ganly hasaplanylmaýar.

 

26-njy madda. Atlary goramak we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler

 

1. Atlary goramak atlaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak we kämilleşdirmek, olary köpeltmek, atçylyk babatda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça çäreleriň toplumyny öz içine alýar.

2. Atlary goramak aşakdaky çäreleri geçirmek arkaly üpjün edilýär:

1) arassa ganly atlaryň genofonduny gorap saklamak;

2) atlary fiziki, mehaniki, himiki we biologiki zeper ýetmelerden goramak;

3) atlar saklanylan, öri meýdanlarda bakylan, peýdalanylan we olara ideg edilen mahalynda olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek;

4) atlary peýdalanmak bilen baglanyşykly çäklendirmeleri we gadaganlyklary bellemek;

5) atlary goramak üçin aýratyn ýerleri bölüp bermek;

6) atlaryň arasynda keselleriň öňüni almak, tebigy  heläkçilikleriň netijesinde, atlara ýetirilen zelel üçin jogapkärçilik çekmek;

7) gan gatyşma netijesinde atlaryň tohumlarynyň ýitip gitmek  howpunyň öňüni almak;

8) atlary goramak boýunça çäreleriň esaslandyrylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglary guramak;

9) raýatlary atlara bolan ynsanyýetçilik gatnaşygy ruhunda terbiýelemek;

10) atlary saklamagyň weterinariýa, sanitar-epidemiologik, ekologik talaplaryny berjaý etmek;

11) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde atlary goramak we peýdalanmak taglymatyny (doktrina) wagyz etmek.

 

27-nji madda. Atlary peýdalanmak bilen baglanyşykly çäklendirmeler

 

1. Atlary et önümlerini öndürmek üçin peýdalanmak gadagan edilýär.

2. Atlary saklamak, bakmak üçin ýerlerde, ekologiýa seljermesini geçirmezden, gurluşyk işleriniň geçirmegine ýol berilmeýär.

3. Atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň rugsady bolmazdan, tohum atlary Türkmenistanyň çäginden daşyna satmak bilen baglanyşykly söwdalary geçirmäge ýol berilmeýär.

4. Atlar üçin doping serişdelerini peýdalanmak gadagan edilýär.

5. Atlarda ylmy barlaglar geçirilen mahalynda atlary peýdalanmak bilen gynamalara, fiziki taýdan jebre sezewar etmek gadagan edilýär.

6. Ylmy-barlag, geodeziýa işleri, geologik gözlegler, arheologik gazuwlar geçirilen mahalynda at eýeleriniň rugsady bolmazdan atçylyk obýektlerini peýdalanmak gadagan edilýär.

 

28-nji madda. Atlaryň saklanylyşyna bildirilýän ekologik talaplar

 

1. Athanalara ýanaşyk çäklerde, atçylyk pudagy bilen bagly bolmadyk desgalary gurmak, ýerleşdirmek,ýer işlerini geçirmek we ekologik kadalaryny bozmak gadagan edilýär.

2. Athanalarda tehniki we weterinariýa kadalary berjaý edilmelidir.

 

29-njy madda. Atlaryň Türkmenistanyň çäginden daşary çykarylmagy we olaryň Türkmenistanyň çägine getirilmegi

 

1. Tohum atlaryň Türkmenistanyň çäginden hemişelik esasda daşyna çykarylmagy ýa-da olaryň Türkmenistanyň çägine hemişelik esasda getirilmegi atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň rugsatnamasy esasynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanda tohumlyk gymmatlygy bolmadyk atlary, Türkmenistanyň çäginden daşyna satmak, sowgat etmek, girew goýmak, çalyşmak, kärendesine bermek bilen baglanyşykly iş atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň rugsatnamasy esasynda amala aşyrylýar.

3. Atlaryň Türkmenistanyň çäginden wagtlaýyn daşyna çykarylmagy ýa-da onuň çägine wagtlaýyn getirilmegi ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsatnamasy esasynda amala aşyrylýar.

 

30-njy madda. Atlary çiplemek

 

1. Atlary çiplemek atçylyk babatda tohumçylyk işiniň esasy bolup durýar.

2. Täze doglan taý çiplenilýär, oňa taýyň şahadatnamasy berilýär we Döwlet tohumçylyk kitabynda hasaba alynýar hem-de onuň ömrüniň ähli dowamynda hasapda durýar. Türkmenistanyň hemme tohum atlary Döwlet tohumçylyk kitabynda hasaba alynmazyndan ozal çiplenilmäge degişlidir.

 

31-nji madda. Atçylyk babatda ýer gatnaşyklary

 

Atçylyk işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslara, ýer böleklerini bölüp bermek Türkmenistanyň ýer kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

 

V BAP. ATÇYLYK BABATDA YLMY ÜPJÜNÇILIK WE HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK

 

32-nji madda. Atçylyk babatda ylmy-barlag işlerini geçirmek

 

1. Atçylyk babatda ylmy-barlag işlerini geçirmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilen tertipde, ygtyýarlandyrylan edara, ylmy-barlag institutlary, ylmy önümçilik merkezleri, barlaghanalar  we degişli bilim edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ygtyýarlandyrylan edara öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde atçylygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär we atçylyk babatda ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga ýardam edýär.

 

33-nji madda. Atçylyk babatda hünärmenleri taýýarlamak

 

Atçylyk babatda hünärmenleri taýýarlamak orta  hünär we ýokary hünär bilim edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Görkezilen edaralaryň döredilmegi we işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

34-nji madda. Atçylyk babatda hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak

 

1. Atçylyk babatda hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Atçylyk pudagynyň işgärlerine bildirilýän hünär talaplary Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen bilelikde ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Atçylyk pudagynyň işgärlerine ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda kwalifikasion derejeler berlip bilner.

 

35-nji madda. Atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryna awtorlyk hukugy we intellektual eýeçilik hukugy

 

Atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryna awtorlyk hukugy we intellektual eýeçilik hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

VI BAP. ATÇYLYK WE ATLY SPORT BABATDA IŞIŇ MALIÝELEŞDIRILIŞI, DÖWLET TARAPYNDAN GOLDANYLMAGY WE HÖWESLENDIRILMEGI

 

36-njy madda. Atçylyk we atly sport babatda işi maliýeleşdirmek

 

Atçylyk we atly sport babatda işi maliýeleşdirmek şu aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;

2) atçylyk we atly sport babatda kärhanalarynyň önümçilik-hojalyk işleriniň netijesinde alynýan girdejileriň;

3) atçylyk we atly sport babatda işi amala aşyrýan jemgyýetçilik guramalarynyň serişdeleriniň;

4) hemaýatkärlik we gaýry kömekleriň serişdeleriniň;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik, maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmeleriniň.

 

37-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda işiň döwlet tarapyndan goldanylmagy

 

Atçylyk we atly sport babatda işiň döwlet tarapyndan goldanylmagy şu aşakdaky görnüşde amala aşyrylýar:

1) döwlet maýa goýumlaryny bölüp bermek;

2) karz serişdelerini ýeňillikli şertlerde bermek;

3) salgyt ýeňilliklerini bermek;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki ýeňillikleri bermek.

 

38-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda işi höweslendirmek

 

Ýuridik we fiziki şahslar atçylygy we atly sporty ösdürmäge goşan şahsy goşandy, atly sportda gazanan ýokary netijeleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aşakdakylara hödürlenilip bilner:

1) döwlet sylaglary bilen sylaglanmaga;

2) hormatly atlaryň dakylmagyna;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sylaglamagyň beýleki görnüşlerine.

 

VII BAP. ATLY SPORT

 

39-njy madda. Atly sport ýaryşlaryny guramak we geçirmek

 

1. Türkmenistanyň çäginde resmi atly sport ýaryşlaryny geçirmek sportuň görnüşleriniň Döwlet sanawyna girizilen atly sportuň görnüşleri boýunça amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň çäginde sportuň görnüşleriniň Döwlet sanawyna girizilmedik atly sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlar, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça geçirilip bilner.

3. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, Türkmenistanyň atly sport federasiýasy hem-de ygtyýarlandyrylan edara bilen bilelikde Türkmenistanda atly sport boýunça umumydöwlet we halkara ýaryşlarynyň geçirilmegini guraýarlar.

4. Atly sport ýaryşlarynyň guramaçylary, atlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, atly sportuň Halkara federasiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan we tassyklanylan, atly sport babatda kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilmegini üpjün edýärler.

Atly sport ýaryşlarynyň guramaçylary ýaryşlar geçirilen mahalynda ýaryşlaryň geçýän ýeriniň howpsuzlygyny, ýaryşlary geçirmek üçin meýdançalaryň topragynyň hilini, athanalaryň sanitariýa ýagdaýyny, ýaryşlaryň geçýän ýerine we ýaryşlar tamamlanandan soň bellenilen ýerlere atlary daşamagyň howpsuzlygyny üpjün edýärler.

5. Umumydöwlet atly sport ýaryşlary Türkmenistanyň atly sport federasiýasy hem-de ygtyýarlandyrylan edara bilen ylalaşylmagy esasynda bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň çözgüdi boýunça geçirilýär.

Umumydöwlet atly sport ýaryşlary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, atly sportuň Milli federasiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan we tassyklanylan, ýaryşlar baradaky düzgünnamalara laýyklykda geçirilýär.

6. Türkmenistanyň çäginde halkara atly sport ýaryşlary  atly sportuň Halkara federasiýasynyň hem-de bedenterbiýe we sport  babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň çözgüdi esasynda geçirilýär.

Halkara derejesindäki atly sport ýaryşlary atly sportuň Halkara federasiýasy tarapyndan tassyklanylan düzgünnamalara laýyklykda geçirilýär.

7. Umumydöwlet we halkara derejesindäki atly sport ýaryşlary «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda umumydöwlet we halkara sport çäreleriniňÝeke-täk senenama meýilnamasyna girizilýär.

 

40-njy madda. Sport atlaryny we atly türgenleri ýaryşlara taýýarlamak hem-de olara gatnaşmak

 

1. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy Türkmenistanyň atly sport federasiýasy bilen bilelikde atly sportuň görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparynyň halkara ýaryşlaryna taýýarlygyny we olara gatnaşmagyny guraýarlar.

2. Atlaryň at çapyşyklaryna we atly sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşdyrylmagyna, bedew-atynyň pasporty bar bolan mahalynda hem-de görkezilen çapyşyklara we ýaryşlara gatnaşmak üçin at eýesiniň ýüztutmasy berlenden soňra, çäräniň guramaçysynyň rugsady esasynda ygtyýar berilýär.

3. Atlary ýaryşlara taýýarlamagyň ähli tapgyrlarynda atlaryň fiziki ýagdaýyna aýratyn üns berilmelidir.

4. Halkara atly sport ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän döwürde we olara gatnaşylýan wagtda atly sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistandan çykyş edýän atlar Milli olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň atly sport federasiýasy tarapyndan tölegsiz weterinar hyzmatlary bilen üpjün edilýär.

5. Atly sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi, şol sanda sport esbaplary bilen üpjün etmek, ylmy-usulyýet, lukmançylyk-biologik, lukmançylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

41-nji madda. Türgenleriň lukmançylyk gözden geçirmesi we atly sport ýaryşlaryna gatnaşýan sport atlaryna weterinariýa gözegçiligi

 

1. Sport ýaryşlarynyň guramaçylary, görkezilen ýaryşlara gatnaşýan türgenlere lukmançylyk kömeginiň we atlara weterinar kömeginiň berilmegini üpjün edýärler.

2. Atly sport bilen meşgullanýan adamlar, deslapky we döwürleýin lukmançylyk gözden geçirmesinden hem-de atly sport ýaryşlary başlanmagyndan ozal jemleýji lukmançylyk gözegçiliginden geçmelidirler.

3. Atly sport ýaryşlaryna, hökmany weterinariýa gözegçiligini we  atly sportuň görnüşi boýunça ýörite taýýarlygy geçen atlar goýberilip bilner.

4. Hökmany lukmançylyk gözden geçirmesini geçmedik türgenler we hökmany weterinariýa gözegçiligini geçmedik atlar, atly sport ýaryşlaryna hem-de okuw-türgenleşik işlerine goýberilmeýärler.

5. Atly sport ýaryşlarynyň guramaçylarynyň, kadalaşdyryjy namalar bilen bellenilen, kesgitlenen möhletlerde weterinariýa gözegçiligini geçmedik we (ýa-da) weterinariýa gözegçiliginiň netijeleri boýunça atly sport ýaryşlaryna gatnaşmaga rugsady bolmadyk atlary, ýaryşlara goýbermäge hukuklary ýokdur.

 

42-nji madda. Atly sportda doping serişdeleriniň we (ýa-da) ulanylmagy gadagan edilen usullaryň ulanylmagyna garşy hereket

 

1. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylan doping serişdeleriniň we (ýa-da) atly sportda ulanylmagy gadagan edilen usullaryň sanawyna laýyklykda, türgen-çapyksuwarlar tarapyndan, şeýle hem atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylýan atlar babatda şeýle serişdeleriň we (ýa-da) usullaryň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

2. Atly sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenleriň we atlaryň bedeninde doping serişdeleriniň barlygy ýüze çykarylan ýagdaýynda ýa-da görkezilen ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň gadagan edilen usullarynyň ulanylandygy ýüze çykarylan ýagdaýynda, olar oňa gatnaşmak hukugyndan mahrum edilýär we atly sport ýaryşlarynda gazanylan netijeler güýjüni ýitiren hasap edilýär.

3. Atly sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler üçin gadagan edilen doping serişdeleriniň we (ýa-da) usullarynyň sanawy bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylandöwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

4. Atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylýan atlar üçin gadagan edilen doping serişdeleriniň we (ýa-da) usullarynyň sanawy, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy bilen ylalaşylmagy boýunça bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

 

43-nji madda. Atçylyk sport toplumlary

 

1. Atçylyk sport toplumlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda islendik guramaçylyk-hukuk görnüşinde döredilip bilner.

2. Atçylyk sport toplumlary atlaryň synag çapyşyklaryna, at çapyşyklaryna, atly sport ýaryşlaryna, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerine we okuw-türgenleşik işlerine gatnaşýan çapyksuwarlar, atly türgenler, tälimçiler hem-de atçylyk we atly sport babatda beýleki hünärmenler üçin, şeýle hem görkezilen çärelere gatnaşdyrylýan atlar üçin, olaryň saglyk goraglylygyny kepillendirýän amatly şertleri üpjün edýärler.

3. Atçylyk sport toplumlarynyň binýadynda atçylyk sport klublary, okuw-usulyýet merkezleri, atly sportuň seksiýalary we  şu Kanunyň düzgünlerine hem-de bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işi amala aşyrýan edaralaryň beýleki görnüşleri döredilip bilner.

4. Atçylyk sport toplumlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda telekeçilik işini amala aşyryp bilerler.

5. Atçylyk sport toplumlary öz işini öz hususy serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrýarlar.

 

44-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda ýokary netijeleri gazanan şahslary sylaglamak

 

Atly sportuň görnüşleri boýunça Olimpiýa oýunlarynda, Aziýa oýunlarynda, dünýä we Aziýa çempionatlarynda, umumydöwlet atly sport ýaryşlarynda we at çapyşyklarynda baýrakly orunlara eýe bolan çapyksuwarlara we atly türgenlere, şeýle hem olary taýýarlan tälimçilere, atşynaslara, seýislere, atbakarlara we beýleki atçylyk we atly sport babatda hünärmenlere Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan mukdary we möçberi kesgitlenilýän baýraklar we pul sylaglary bellenilýär.

 

45-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda totalizatory, humarly oýunlary we pula oýnalýan oýunlary guramak we geçirmek

 

1. At çapyşyklarynda, atly sport ýaryşlarynda we atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda totalizator, humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar guralyp hem-de geçirilip bilner.

2. Totalizatory, humarly oýunlary we pula oýnalýan oýunlary guramagyň hem-de geçirmegiň tertibi degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

 

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

46-njy madda. Atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Türkmenistan atçylyk we atly sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrýar.

2. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň atly sport federasiýasy atly sportuň halkara guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek, şeýle hem atly sportuň halkara guramalary tarapyndan geçirilýän sport we beýleki çärelerde Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyna eýedirler.

 

47-nji madda. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy

 

1.Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy – esasy maksady ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, daşary ýurtlarda arassa ganly atlaryň hasaba alnyşyna gözegçilik etmek, genofondy gorap saklamak we ahalteke atlarynyň naýbaşylarynyň baş sanyny köpeltmek bolup durýan halkara jemgyýetçilik guramasydyr.

2. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny dolandyrmak assosiasiýanyň prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy atçylyk babatda halkara guramasynyň agzasy bolup biler, şeýle hem ahalteke atçylygynyň dünýä ýüzünde ösdürilmegine ýardam edip, atçylykda tohumçylyk işini we atlaryň ahalteke tohumyny wagyz etmegi alyp baryp biler.

 

48-nji madda. Atçylyk pudagynyň subýektlerine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

Ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, atçylyk pudagynyň subýektlerine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.

 

49-njy madda. Jedelleri çözmek

 

Atçylyk we atly sport babatda ýüze çykýan jedeller,Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

 

50-nji madda. Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny bozan ýuridik we fiziki şahslar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

51-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                             Gurbanguly

    Prezidenti                                                               Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 21-nji noýabry.

№ 308-V.