TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Şähergurluşyk işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 97-nji madda)
(Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 153-VI, 16.03.2023 ý. № 543-VI we 03.06.2023 ý. № 28-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmacalar bilen)
Şu Kanun şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär hem-de adamyň talaba laýyk ýaşaýyş we durmuş gurşawynyň emele getirilmegine, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegine gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) şähergurluşyk işi (şeýle hem − şähergurluşyk) – jemgyýetçilik-ykdysady, gurluşyk-tehniki, binagärlik-çeperçilik, sanitariýa-gigiýena çözgütleriniň toplumyny üpjün edýän ilatly ýerleriň meýilnamalaşdyrylmagynyň we gurulmagynyň nazaryýeti we amalyýeti;
2) şähergurluşyk resminamalary – çäkleriň şähergurluşygynyň ösdürilmeginiň we peýdalanylmagynyň ugurlaryny we şertlerini kesgitleýän özara baglanyşykly taslama resminamalarynyň, şol sanda çäkleri zolaklara bölmegiň meýilnamalarynyň ulgamy;
3) döwlet şähergurluşyk kada ölçegleri we düzgünleri – çäkleriň gurulmagyna bildirilýän we adamyň ýaşaýyş we durmuş gurşawy üçin amatly, howpsuz we beýleki zerur şertleri üpjün edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, şähergurluşyk we tehniki dessurlaryň, kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryň, gaýry hökmany talaplaryň, şertleriň we çäklendirmeleriň ulgamy. Döwlet şähergurluşyk kada ölçegleri we düzgünleri şähergurluşyk işiniň subýektleriniň ýerine ýetirmegi üçin hökmandyr;
4) şähergurluşyk dessurlary – şähergurluşyk resminamalary bilen bellenilen çäkleriň (ýer bölekleriniň) we gozgalmaýan emlägiň beýleki obýektleriniň peýdalanylmagynyň düzgünleri, rugsatnamalary, çäklendirmeleri (borçlanmalary, gadagan etmeleri we çäklendirilen hukuklary (serwitutlary) hem goşmak bilen);
5) çäkleriň zolaklara bölünmegi – çäkleriň şähergurluşygynyň ösdürilmeginiň we peýdalanylmagynyň dessurlarynyň bellenilmegi bilen şähergurluşygy meýilnamalaşdyrylanda anyk wezipeli çäk zolaklaryň bölünip aýrylmagy;
6) şäher we şäherçe serhedi – ilatly ýeriň ýerleriniň, jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň şähergurluşyk resminamalarynda bellenilen, olary ýer gaznasynyň beýleki toparlaryndan bölüp aýyrýan daşky serhedi;
7) gyzyl çyzyklar – jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň şähergurluşyk resminamalarynda, ilatly ýerlerdäki umumy peýdalanylýan ýerleriň gurluşyk üçin ýa-da başgaça peýdalanylmaga niýetlenilen çäklerden bölünip aýrylmagy üçin göz öňünde tutulan şertli çyzyklar;
8) gurluşygy düzgünleşdirmegiň ugurlary – jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň şähergurluşyk resminamalarynda göz öňünde tutulan, çägiň gurluşygy amala aşyrylanda gyzyl çyzyklardan ýa-da ýer böleginiň serhetlerinden başlanyp boş goýulýan ýeri hasaba almak bilen binalaryň we desgalaryň ýerleşmeginiň serhetlerini kesgitleýän şertli çyzyklar;
9) ilatly ýerleriň arasyndaky çäkler – ilatly ýerleriň arasynda, olaryň serhetleriniň daşynda ýerleşýän çäkler;
10) şähergurluşyk (taslama) resminamalaryny işläp düzüji – şertnamada göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde taslama resminamalarynyň (taslamalaşdyrmagyň) işlenip düzülmegi, gurluşyga awtorlyk gözegçiliginiň amala aşyrylmagy, şähergurluşyk işi amala aşyrylýan mahalynda gaýry işleriň ýerine ýetirilmegi üçin buýrujy, gurujy ýa-da potratçy tarapyndan çekilýän, degişli ygtyýarnamasy bolan, şahs;
11) ilaty ýerleşdirmek ulgamy – ilatly ýerleriň giňişlik, ykdysady, durmuş we gaýry gatnaşyklaryň aýdyňlaşdyrylmagy esasynda bir bitewülige birleşdirilen, belli bir maksada gönükdirilip emele getirilýän ulgamy;
12) çäk – adamyň ýaşaýyş we durmuş gurşawynyň bir ýa-da birnäçe düzüm böleklerine (elementlerine) eýelik edýän hem-de ilatly ýerleriň çäklerini, ilatly ýerleriň arasyndaky çäkleri öz içine alýan, şähergurluşyk işiniň amala aşyrylmagy üçin niýetlenilen we gurmak ýa-da başgaça peýdalanylmagy üçin niýetlenilen, çäklendirilen giňişlik;
13) bina – özüniň işleýiş wezipesine baglylykda adamlaryň ýaşamagy ýa-da bolmagy we (ýa-da) önümçilik-tehnologik işiň dürli görnüşleriniň ýerine ýetirilmegi üçin niýetlenilen göterýän, goraýan ýa-da utgaşdyrylan gurluşlardan durýan, ýapyk göwrümi emele getirýän, gurluşyk ulgamy;
14) desga – tebigy ýa-da emeli giňişlikli serhetleri bolan we önümçilik işleriniň ýerine ýetirilmegi, maddy gymmatlyklaryň ýerleşdirilmegi we saklanylmagy ýa-da adamlaryň, ýükleriň wagtlaýyn bolmagy (geçmegi), şeýle hem enjamlaryň ýa-da kommunikasiýalaryň ýerleşdirilmegi (çekilmegi, geçirilmegi) üçin niýetlenilen göwrümli, tekizlikli ýa-da uzaboýuna (ýerüsti, suwüsti we (ýa-da) ýerasty, suwasty) obýekt. Desga şeýle-de, çeperçilik-estetik, amaly-haşam ýa-da ýadygärlik maksatlaryna niýetlenen bolup biler;
15) inženerçilik infrastrukturasy - serişdeleriň (ýangyç, suw we başgalar) berilmegini hem-de peýdalanylan serişdeleriň akdyrylmagyny üpjün edýän inženerçilik kommunikasiýalaryň (şol sanda ulgamlaryň) we desgalaryň jemi;
16) ulag infrastrukturasy – ulaglaryň, pyýadalaryň hereket etmegi, ýolagçylaryň we ýükleriň, şol sanda ilatly ýerleriň çäkleri we ilatly ýerleriň arasyndaky çäkler boýunça önümleriň geçirilmegi üçin niýetlenilen awtomobil, demir ýol, suw, howa, turba-geçiriji ulag kommunikasiýalarynyň jemi;
17) durmuş infrastrukturasy – bilim ulgamynyň, medeniýet, sungat, bedenterbiýe, sport, saglygy goraýyş, söwda, durmuş hyzmaty, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy guramalarynyň binalaryny we desgalaryny hem-de ilatyň ýaşaýşyny üpjün edýän gaýry obýektleri, şol sanda maýyplygy bolan adamlar üçin amatly gurşawy hem goşmak bilen, sosial we durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň toplumy;
18) çäkleri meýilleşdirmegiň çyzgysy – çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasyny, ilatly ýerlere ilaty ýerleşdirmegiň we ony ösdürmegiň ulgamynyň esasy ýörelgelerini, degişli çägiň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegini göz öňünde tutýan şähergurluşyk resminamasy;
19) ilatly ýeriň baş meýilnamasy – ilatly ýeriň zolaklara bölünmegini, onuň çäkleriniň meýilleşdiriş düzümini we wezipeleriniň guramaçylygyny, ulag we inženerçilik kommunikasiýalarynyň ulgamlaryny, abadanlaşdyrylmagyny we gür baglyga öwrülmegini belleýän, ilatly ýeriň (şäheriň, şäherçäniň, obanyň ýa-da beýleki ilatly ýeriň) ösdürilmeginiň we gurluşygynyň toplumlaýyn meýilleşdirilmeginiň şähergurluşyk taslamasy;
20) çäkleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgysy – degişli çäkde inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösdürilmeginiň esasy ugurlaryny kesgitleýän şähergurluşyk resminamasy;
21) awtorlyk gözegçiligi – şähergurluşyk resminamalarynyň awtorynyň olaryň durmuşa geçirilmeginiň barşyna barlagyň amala aşyrylmagy boýunça hukugy;
22) ýönekeýleşdirilen taslama – bina üçin bölünip berlen ýer böleginiň baş meýilnamasyndan, ýaşaýyş jaýynyň binýadynyň we gatlarynyň meýilnamasyndan hem-de daşky görnüşlerinden ybarat taslama.
(2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
2-nji madda. Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Döwlet şähergurluşyk syýasaty
1. Döwlet şähergurluşyk syýasaty – bu şähergurluşyk işi babatda maksatlaryň, wezipeleriň we çäreleriň döwletiň durmuş we ykdysady syýasaty bilen özara baglanyşykda emele getirilýän ulgamy.
2. Döwlet şähergurluşyk syýasaty adamyň ýaşaýyş we durmuş gurşawyny gowulandyrmak, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň aýratynlyklarynyň hasaba alynmagy bilen, türkmen halkynyň medeni mirasyny gorap saklamak we artdyrmak maksady bilen, şähergurluşyk serişdeleri bilen jemgyýetiň durnukly ösdürilmeginiň, ýerleriň we tebigy serişdeleriň netijeli hem-de aýawly peýdalanylmagynyň, jemgyýetiň, döwletiň we raýatlaryň şähergurluşyk işi babatda bähbitleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň üpjün edilmegine hyzmat edýär.
4-nji madda. Şähergurluşyk işi
Şähergurluşyk işi şulary öz içine alýar:
1) daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny hasaba almak bilen öndüriji güýçleriň ýerleşdirilmegini, inženerçilik, ulag, durmuş infrastrukturasynyň emele getirilmegini kesgitleýän ilaty ýerleşdirmegiň çäk boýunça guralmagynyň çaklamalaşdyrylmagyny, taslamalaşdyrylmagyny we düzgünleşdirilmegini;
2) şäherleriň, beýleki ilatly ýerleriň we olaryň ulgamlarynyň ösdürilmeginiň konsepsiýasynyň işlenip düzülmegini;
3) milli, maddy, ruhy, durmuş we beýleki ýerli şertlere we aýratynlyklara laýyklykda şäher we oba ýerlerini meýilnamalaşdyrmak, gurmak, durkuny täzelemek we abadanlaşdyrmak boýunça şäher gurluşygynyň çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagyny;
4) ýerleriň rejeli peýdalanylmagynyň, tebigy gurşawyň goralmagynyň, serişdeleriň aýawly saklanylmagynyň, inženerçilik taýýarlygyň we çäkleriň howply tebigy we ekologik ýagdaýlardan goralmagynyň üpjün edilmegini;
5) türkmen halkynyň medeni mirasynyň, şol sanda binagärlik ýadygärlikleriniň, seýilgäh we tebigy-landşaft obýektleriniň hem-de beýleki aýratyn goralýan tebigy çäkleriň goralyp saklanylmagyny we dikeldilmegini;
6) inženerçilik we ýol-ulag infrastrukturasynyň öňürdýän gurluşygynda ýaşaýyş, medeni-durmuş we önümçilik gaznalarynyň özara baglanyşykda ösdürilmegini.
5-nji madda. Jemgyýetiň, döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalyndaky bähbitleri
1. Şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda ilatly ýerleriň durnukly ösüşiniň gazanylmagy, ilat üçin amatly ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi, adamyň hojalyk we gaýry işiniň daşky gurşawa zyýanly täsir etmegine ýol bermezlik, ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagy, ilatly ýerleriň we olara ýanaşyk çäkleriň inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegi, türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň şähergurluşyk serişdeleri bilen goralyp saklanylmagy jemgyýetiň, döwletiň, fiziki şahslaryň, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň, ýuridik şahslaryň bähbitleri bolup durýar.
2. Şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda jemgyýetiň, döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitleri Türkmenistanyň şähergurluşyk işi babatda kanunçylygynyň, döwlet şähergurluşyk kada ölçegleriniň we düzgünleriniň, şähergurluşyk resminamalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem olaryň berjaý edilişine gözegçiligiň amala aşyrylmagy bilen üpjün edilýär.
6-njy madda. Raýatlaryň şähergurluşyk babatda hukuklary we borçlary
1. Raýatlaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) adamyň, degişli ýer babatda, şähergurluşygynyň çägiň zolaklara bölünmegine, ekologik we sanitariýa-gigiýena howpsuzlygynyň kadalaryna hem-de bu ýeriň degişli infrastrukturalar bilen üpjünçilik derejesine bildirilýän talaplaryna laýyklykda öndüriji güýçleriň rejeli ýerleşdirilmegine gabat gelýän, döwlet şähergurluşyk syýasatynyň ilaty ýerleşdirmek bölegine görä, ilatlyýerleriň çäklerinde ulanylmagy mümkin bolan,amatly ýaşaýyş we durmuş gurşawyna;
2) bu maksatlar üçin niýetlenilen hem-de has amatly tebigy-howa şertleri we landşafty, göwnejaý bejeriş we sanitariýa-gigiýena şertleri, bilim-düşünje beriş, medeni-köpçülikleýin, sport-sagaldyş we tomaşa çärelerini geçirmek üçin şertleri hem goşmak bilen, boş wagtlary geçirmek üçin şertleri, bagçylyk-bakjaçylyk ýer bölekleriniň ýerleşdirilmegi üçin mümkinçilikleri bolan, rekreasion maksatly çäkleriň bölünip berilmegi (bölünip goýulmagy) arkaly dynç alşa;
3) öz ýaşaýan ýerleriniň meýilnamalaşdyrylmagy, gurulmagy, ýerden peýdalanylyşy we abadanlaşdyrylyşy hakynda doly maglumat almaga, şähergurluşyk resminamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna we kabul edilmegine gatnaşmaga;
4) şähergurluşyk resminamalarynyň tassyklanylmagyndan öň olara bellikleri we teklipleri, şeýle hem şähergurluşyk resminamalarynyň taslamalary boýunça hereket edýän şähergurluşyk resminamalaryna teklipleri girizmäge;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şulary talap etmäge:
a) binalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygynyň bozulmagy bilen ýerleşdirilmegi, taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy, durkunyň täzelenilmegi hakynda kabul edilen çözgütleriň ýatyrylmagyny;
b) peýdalanylmagy Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygynyň bozulmagy bilen amala aşyrylýan kärhanalaryň işiniň, şeýle hem gozgalmaýan emlägiň beýleki obýektleriniň ulanylmagynyň togtadylmagyny ýa-da gadagan edilmegini;
6) Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly raýatlaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilen zeleliň (zyýanyň) öweziniň dolunmagy hakynda kazyýete hak islegini bildirmäge.
2. Raýatlar şulara borçludyr:
1) çägiň ekologik ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna, medeni gymmatlyklara, şäher we tebigy landşaftlara zyýan ýetmegine getirýän islendik hereketlere ýol bermezlige;
2) gurluşygy tassyklanylan şähergurluşyk resminamalaryna, degişli ilatly ýeriň, çägiň meýilnamalaşdyrylmagynyň we gurulmagynyň düzgünlerine berk laýyklykda amala aşyrmaga;
3) çäkleriň abadanlaşdyrylmagyna we daşky gurşawyň meseleleriniň çözülmegine gatnaşmaga.
II BAP. ŞÄHERGURLUŞYK IŞINIŇ DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI
7-nji madda. Şähergurluşyk işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar
Şähergurluşyk işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, gurluşyk we binagärlik babatda ygtyýarly döwlet edarasy (mundan beýläk – ygtyýarly edara) hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şähergurluşygy babatda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) şu aşakdakylary tassyklaýar:
a) şähergurluşygynyň döwlet maksatnamasyny;
b) Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysyny;
ç) Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysyny;
d) döwlet ähmiýetli aýratyn düzgünleşdirilmeli şähergurluşyk işiniň obýektleriniň şähergurluşyk resminamalaryny;
e) Türkmenistany ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgysyny;
ä) tassyklanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen, şäherleriň baş meýilnamalaryny;
f) şäherleriň şäherýaka zolaklarynyň serhetlerini;
g) döwlet ähmiýetli aýratyn düzgünleşdirilmeli şähergurluşyk işiniň obýektleriniň serhetlerini;
h) Döwlet şähergurluşyk kadastrynyň ýöredilmeginiň we şähergurluşyk işiniň obýektleriniň gözegçilik barlagynyň tertibini;
i) şähergurluşyk resminamalarynyň döwlet bilermenler seljermesini guramagyň we geçirmegiň tertibini;
3) umumydöwlet we döwletara ähmiýetli obýektleriň taslamalaşdyrylmagy we gurluşygy hakynda çözgütleri kabul edýär;
4) şähergurluşyk işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
5) şähergurluşygy babatda hyzmatdaşlyklar hakynda hökümetara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
9-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Şähergurluşygy babatda ygtyýarly edara:
1) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) şu aşakdakylary amala aşyrýar:
a) şähergurluşygynyň döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny;
b) şähergurluşyk meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işiniň utgaşdyrylmagyny we usulyýet ýolbaşçylygyny;
ç) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysynyň işlenip taýýarlanylmagyny;
d) döwlet şähergurluşyk kada ölçegleriniň we düzgünleriniň, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň bähbitleriniň üpjün edilmegi boýunça berjaý edilmeginiň barlagyny;
e) gurluşyk babatda ygtyýarlylandyrmagy;
ä) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şähergurluşyk işiniň barşynda şeýle işiň subýektleriniň arasynda ýüze çykýan jedellere seredýär;
f) obýektleriň gurluşygyna rugsatnamalaryň hasaba alynmagyny;
3) ilatly ýerleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylaryny işläp düzmegiň tertibini belleýär;
4) şulary guraýar:
a) Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysynyň, döwlet ähmiýetli aýratyn düzgünleşdirilmeli şähergurluşyk işiniň obýektleriniň şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny;
b) şähergurluşygy çygrynda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegini;
5) şulary tassyklaýar:
a) şäherleriň baş meýilnamalaryny, tassyklanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygyna degişli edilen şäherleriň baş meýilnamalary muňa degişli däldir;
b) şäherçeleriň baş meýilnamalaryny;
ç) oba ilatly ýerleriniň baş meýilnamalaryny;
d) Aşgabat we Arkadag şäherlerini, welaýatlaryň dolandyryş merkezlerini jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň taslamalaryny;
e) gurluşygyň birkysmy düzgünlerini;
ä)awtorlyk gözegçiliginiň guralmagynyň we ýöredilmeginiň düzgünlerini;
6) döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerini we düzgünlerini, şähergurluşyk resminamalarynyň döwlet bilermenler seljermesiniň meseleleri boýunça usulyýet resminamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
7) döwlet şähergurluşyk kadastryny we şähergurluşyk işiniň obýektleriniň gözegçilik barlagyny ýöredýär;
8) şähergurluşyk işiniň subýektleriniň işiniň kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet üpjünçiligini guraýar;
9) şähergurluşyk resminamalarynyň döwlet bilermenler seljermesini geçirýär;
10) çäkleriň şähergurluşygy üçin özleşdirilen mahalynda çäkleriň we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleri durmuşa geçirýär;
11) şähergurluşygy babatda kabul edilýän çözgütler hakynda ilata yzygiderli maglumatlary berýär;
12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
10-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryşedaralary şähergurluşyk işi babatda:
1) kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda degişli çäkde meýilnamalaşdyrmagyň, gurmagyň, abadanlaşdyrmagyň, ýerden peýdalanmagyň meselelerini çözýärler;
2) şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirýärler;
3) şulary amala aşyrýarlar:
a) tabynlygyndaky binagärlik we şähergurluşyk, gurluşygyň hiline gözegçilik edýän edaralaryň işine ýolbaşçylygy;
b) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şäheriň we şäherçäniň gurluşygynyň ähli görnüşlerine ýer bölekleriniň bölünip berilmegini;
ç) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet hajatlary üçin ýer bölekleriniň yzyna alynmagyny;
4) ýerli ähmiýetli obýektleriň gurluşygy üçin şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip düzülmegi boýunça buýrujynyň wezipelerini ýerine ýetirýärler;
5) eger ol şu Kanunyň we şähergurluşyk işiniň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa, öz çäginde şähergurluşyk işini çäklendirýärler, togtadýarlar ýa-da gadagan edýärler;
6) ýokarda durýan döwlet häkimiýet edaralaryna ilatly ýerleriň serhetleriniň, degişli çägiň şäherýaka zolagynyň serhediniň we hukuk düzgüniniň bellenilmegi ýa-da üýtgedilmegi barada teklipleri berýärler;
7) çäk kadastr ulgamynda maglumatlar binýadyny döredýärler;
8) şulary guraýarlar:
a) şäherleriň, şäherçeleriň baş meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny;
b) welaýatyň we etraplaryň çäklerini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysynyň, inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasyny ösdürmegiň çyzgysynyň we taslamalarynyň, şeýle hem abadanlaşdyryş taslamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny we durmuşa geçirilmegini;
9) şähergurluşyk işiniň subýektleriniň arzalarynyň esasynda bellenilen tertipde şähergurluşyk işiniň amala aşyrylmagyna rugsatnamalary (gadagan etmeleri) berýärler we olaryň hereket ediş möhletiniň berjaý edilişine barlagy amala aşyrýarlar;
10) şulary tassyklaýarlar:
a) kwartallaryň, kiçi etraplaryň we ilatly ýerleriň meýilnamalaşdyryş düzümleriniň beýleki düzüm bölekleriniň (elementleriniň) jikme-jik meýilnamalaşdyrylmagynyň we gurulmagynyň taslamalaryny (mundan beýläk – jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň taslamasy we gurluşygyň taslamasy);
b) degişli çägiň gurluşygynyň düzgünlerini;
11) şähergurluşygy babatda kabul edilýän çözgütler hakynda ilata yzygiderli maglumatlary berýärler;
12) şähergurluşyk işi babatda hukuk bozulmalar hakynda meselelere seredýärler we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jerimeleri ulanýarlar;
13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
11-nji madda. Şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi
1. Eger şähergurluşyk işi babatda gatnaşyklar döwlet, jemgyýetçilik we hususy bähbitleriň üpjün edilmegi çäkleriň peýdalanylmagynyň ýörite düzgünleri (mundan beýläk – ýörite düzgünler) girizilmezden kyn ýagdaýa düşürýän ýa-da mümkin bolmasa, ol gatnaşyklar aýratyn döwlet düzgünleşdirilişine degişli bolup durýar.
2. Şular şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi amala aşyrylýan çäklere degişli bolup durýar:
1) Aşgabat we Arkadag şäherleriniň çägi;
2) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň netijeleriniň ýok edilýän zolaklary;
3) gozgalmaýan maddy medeni gymmatlyklaryň ýerleşýän çäkleri, aýratyn goralýan tebigy ýerler we olaryň gorag zolaklary;
4) şypahana we rekreasion maksatly zolaklar;
5) erkin ykdysady zolaklar;
6) şäherleriň geljekde ösdürilmäge degişli çäkleri;
7) döwlet we döwletara ähmiýeti bolan ulag, inženerçilik, serhet, gümrük infrastrukturasynyň geljekde ösdürilmäge degişli çäkleri;
8) howa menziline ýanaşyk çäkler;
9) harby şäherjikleriň, serhet birikmeleriniň we beýleki ýapyk obýektlerdäki ilatly ýerleriň çäkleri;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi amala aşyrylýan çäklere degişli diýlip ykrar edilen gaýry çäkler.
3. Şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi amala aşyrylýan çäkleriň serhetleri dolandyryş çäk birlikleriniň serhetleri bilen gabat gelmän biler we olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
4. Şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi şu aşakdakylary öz içine alýan ýörite düzgünleriň girizilmegi arkaly amala aşyrylyp bilner:
1) berjaý edilmegi hökman bolan ýörite döwlet şähergurluşyk kada ölçegleriniň we düzgünleriniň bellenilmegi;
2) şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň, ylalaşylmagynyň we tassyklanylmagynyň, gurluşyk-gurnama işleriniň amala aşyrylmagyna rugsatnamalary bermegiň aýratyn tertibiniň girizilmegi;
3) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykma howpuna sezewar bolup biljek çäkleriň goralmagynyň ýörite çyzgylarynyň işlenip taýýarlanylmagy;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry çäreleriň kabul edilmegi.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
III BAP. ŞÄHERGURLUŞYK IŞINIŇ OBÝEKTLERI WE SUBÝEKTLERI
12-nji madda. Şähergurluşyk işiniň obýektleri
1. Türkmenistanyň çägi, ilatly ýerleriň çäkleri we çäkleriň bölekleri, ýer bölekleri, binalar we desgalar, çäk-önümçilik, şähergurluşyk we landşaft toplumlar, rekreasion maksatly we senagat zolaklary, türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleri we olaryň goralýan zolaklary, akwatoriýalar, ilatly ýerleriň serhetlerindäki we ilatly ýerleriň arasyndaky çäklerdäki inženerçilik we ulag kommunikasiýalary şähergurluşyk işiniň obýektleri bolup durýarlar.
2. Şähergurluşyk işiniň obýektleri boýunça şu aşakdakylar boýunça şähergurluşyk resminamalary işlenip taýýarlanylýar:
1) welaýatlaryň we etraplaryň öndüriji güýçleriniň, kommunikasiýalarynyň we infrastrukturalarynyň ýerleşmegini kesgitleýän, ilaty ýerleşdirmegiň çäk boýunça guralyşy;
2) çäk-önümçilik (agrosenagat, gidrotehniki, senagat) toplumlar, rekreasion maksatly, tebigaty goraýyş we beýleki zolaklar;
3) şäher, ähli derejeli we görnüşli beýleki ilatly ýerler, olaryň ulgamlary;
4) ýaşalýan we niýetlenilişine garamazdan, gurluşygyň gaýry etraplary hem-de zolaklary;
5) şähergurluşyk, binagärlik, landşaft toplumlar we ansambllar, binalar, desgalar, taryhy we medeni ýadygärlikler;
6) inženerçilik we ulag desgalary hem-de kommunikasiýalary.
13-nji madda. Şähergurluşyk işiniň subýektleri
1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, fiziki we ýuridik şahslar şähergurluşyk işiniň subýektleri bolup durýarlar.
2. Şähergurluşyk işiniň subýektleri şu Kanunyň 14-16-njy maddalaryna laýyklykda degişlilikde şähergurluşyk işi babatda buýrujylar, şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar ýa-da obýektleriň gurluşygy boýunça potratçylar bolup çykyş edip bilerler.
3. Şähergurluşyk işiniň subýektleriniň degişli döwlet edaralaryndan, olaryň şähergurluşyk işine täsir edip biljek, ilatly ýerleriň geljekki meýilnamalaşdyrylmagy, gurulmagy we durkunyň täzelenilmegi bilen baglanyşykly çözgütleriň taýýarlanylmagy we kabul edilmegi hakynda maglumatlary almaga hukugy bardyr.
4. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanda şähergurluşyk işini amala aşyrmaga haklydyrlar.
(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
14-nji madda. Şähergurluşyk işi babatda buýrujylar
1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, fiziki we ýuridik şahslar şähergurluşyk işiniň buýrujylary (mundan beýläk - buýrujylar) bolup çykyş edip bilerler.
2. Buýrujylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylary we onuň durmuşa geçirilmegine gatnaşyjylary özbaşdak kesgitlemäge;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde obýektleriň we toplumlaryň gurluşygy üçin ýer böleklerini almaga;
3) şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň barşyna barlagy amala aşyrmaga;
4) obýektleriň gurluşygy boýunça potratçyny özbaşdak saýlamaga we onuň bilen şertnama baglaşmaga;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry hereketleri amala aşyrmaga.
3. Buýrujylar şu aşakdakylara borçludyr:
1) Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygyny berjaý etmäge;
2) bellenilen tertipde şähergurluşyk resminamalaryna bilermenler seljermesiniň geçirilmegini üpjün etmäge;
3) şähergurluşyk resminamalarynyň öz wagtynda taýýarlanylmagyny we tassyklanylmagyny üpjün etmäge;
4) şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň barşyna barlagy we gurluşygyň hiline tehniki gözegçiligi amala aşyrmaga;
5) şähergurluşyk resminamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna awtorlyk gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge.
Buýrujylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry borçlary hem çekip bilerler.
(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
15-nji madda. Şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar
1. Şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylýan şähergurluşyk resminamalarynyň düzümini we möçberini özbaşdak kesgitlemäge;
2) şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň bäsleşiklerine gatnaşmaga;
3) şähergurluşyk resminamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna awtorlyk gözegçiligini amala aşyrmaga;
4) gurluşyk, gurnama we ýörite işler tassyklanylan şähergurluşyk resminamalaryndan hem-de döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerinden we düzgünlerinden gyşarmalary bilen ýerine ýetirilen mahalynda olaryň togtadylmagy ýa-da bes edilmegi hakynda teklipleri bermäge;
5) zerur mahalynda şähergurluşyk resminamalaryna bellenilen tertipde üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmäge;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry hereketleri amala aşyrmaga.
2. Şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar şu aşakdakylara borçludyr:
1) şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygyna laýyklykda üpjün etmäge;
2) özleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan şähergurluşyk resminamalaryny degişli döwlet edaralary bilen bellenilen tertipde ylalaşmaga.
Şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga borçlary hem çekip bilerler.
16-njy madda. Obýektleriň gurluşygy boýunça potratçylar
1. Öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýan ýuridik şahslar obýektleriň gurluşygy boýunça potratçylar bolup bilerler.
2. Obýektleriň gurluşygy boýunça potratçylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) binalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň täze düýpli çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmaga;
2) şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjy, ygtyýarly edaranyň degişli gurluş düzüm birligi we buýrujy bilen ylalaşylmagy arkaly binagärlik-çeperçilik keşbi we binalaryň, desgalaryň hem-de beýleki obýektleriň düýpli çözgütlerini ýaramazlaşdyrmazdan tehniki-ykdysady görkezijileri gowulandyrýan üýtgetmeleri şähergurluşyk resminamalaryna girizmäge;
3) şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjydan zerur bolan tehniki maslahatlary almaga;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry hereketleri amala aşyrmaga.
IV BAP. ŞÄHERGURLUŞYK RESMINAMALARY. DÖWLET ŞÄHERGURLUŞYK KADASTRY
17-nji madda. Şähergurluşyk resminamalarynyň düzümi
1. Şähergurluşyk resminamalaryna şu aşakdakylar degişlidir:
1) Türkmenistany we onuň dolandyryş-çäk birliklerini ösdürmegiň görkezijilerini kesgitleýän resminamalar;
a) Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysy;
b) iki we şondan köp dolandyryş-çäk birlikleriniň çäkleriniň ösdürilmegini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysy (mundan beýläk – şähergurluşygyny meýilleşdirmegiň konsolidirlenen (birleşdirilen) çyzgysy);
ç) Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysy;
d) Türkmenistany ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary;
2) ilatly ýerleriň çäklerini ösdürmegiň görkezijilerini kesgitleýän resminamalar:
a) ilatly ýerleriň baş meýilnamalary;
b) şäherleriň we şäherçeleriň serhediniň taslamalary;
ç) ilatly ýerleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary;
3) ilatly ýerleriň çäklerindäki gurluşyklar barada resminamalar:
a) jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň taslamasy;
b) gurluşyklaryň taslamasy;
4) binalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň gurluşygy üçin taslama-çenlik resminamalar.
2. Şähergurluşyk resminamalarynyň düzümi, onuň işlenip taýýarlanylmagynyň we tassyklanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen ilatly ýerleriň derejelerine baglylykda bellenilýär.
18-nji madda. Şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylyş we tassyklanylyş tertibi
1. Şähergurluşyk resminamalary şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar tarapyndan şertnamanyň hem-de buýrujy tarapyndan berlen we ygtyýarly edara bilen ylalaşylan ýumşuň esasynda işlenip taýýarlanylýar.
2. Şähergurluşyk resminamalary döwlet bilermenler seljermesinden geçirilmegine degişlidir we ol Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanylýar.
Şähergurluşyk resminamalarynyň tassyklanylan bir nusgasy buýrujy tarapyndan ygtyýarly edara iberilýär.
3. Tassyklanylan şähergurluşyk resminamalaryna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, olary tassyklan edaranyň çözgüdi boýunça geçirilýär.
19-njy madda. Döwlet şähergurluşyk kadastry
1. Döwlet şähergurluşyk kadastry – bu Türkmenistanyň degişli çägi, dolandyryş-çäk birlikleri, ekologiýa, inženerçilik-geologiýa şertleri, döwlet gurluşyk kadalarynyň maglumat serişdeleri, çäkleriň meýilnamalaşdyrylmagynda we gurluşygynda maglumat zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy, döwlet geomaglumat gorlarynyň pudaga degişli düzümindäkileriň emele getirilmegi üçin düzgünler we standartlar hakynda geogiňişlik maglumatlaryň peýdalanylmagynyň we saklanylmagynyň döwlet ulgamy.
2. Döwlet şähergurluşyk kadastry etraplar, etrap hukukly şäherler, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça hem-de bütin Türkmenistan boýunça döwlet ýer kadastrynyň maglumatlarynyň hasaba alynmagy bilen ýöredilýär.
3. Döwlet şähergurluşyk kadastry ygtyýarly edara tarapyndan ýöredilýär.
4. Döwlet şähergurluşyk kadastrynyň emele getirilmegi şu aşakdaky çeşmeleriň peýdalanylmagy bilen amala aşyrylýar:
1) döwlet geomaglumat gorlarynyň;
2) tassyklanylan şähergurluşyk we taslama resminamalarynda, tamamlanan gurluşyklaryň resminamalarynda bar bolan ugurdaşgeogiňişlik maglumatlarynyň san toplumlarynyň;
3) döwlet şähergurluşyk kadastrynyň emele getirilmegi üçin zerur bolan gaýry maglumatlaryň.
5. Şähergurluşyk resminamalarynyň tassyklanylan pursatyndan başlap otuz senenama gününden gijä galman ugurdaş geogiňişlik maglumatlary degişli derejedäki döwlet şähergurluşyk kadastryna girizilýär.
6. Döwlet şähergurluşyk kadastrynda bar bolan maglumatlar açyk we umumyelýeterli bolup durýar, bellenilen tertipde döwlet syrlaryna degişli edilen maglumatlar muňa degişli däldir.
7. Şähergurluşyk kadastrynyň düzümi we ýöredilmeginiň tertibi, şähergurluşyk kadastryndan maglumatlaryň berilmeginiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
V BAP. TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINI ÖSDÜRMEGIŇ ŞÄHERGURLUŞYK MEÝILNAMALAŞDYRYLYŞY
20-nji madda. Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysy
1. Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysy bilen şu aşakdakylar kesgitlenilýär:
1) ilaty ýerleşdirmek ulgamynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamalaryna laýyklykda öndüriji güýçleriň ýerleşdirilmegi, tebigatdan peýdalanmagy kesgitleýän esasy düzgünler;
2) aýry-aýry çäkleriň ekologik ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, ýerleriň oýlanyşykly peýdalanylmagy we goralmagy, türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň goralyp saklanylmagy, umumydöwlet ähmiýetli inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegi boýunça çäreler;
3) şu çäkler:
a) ilaty ýerleşdirmek ulgamynyň ösdürilmegi üçin amatly;
b) oba hojalyk we tokaý hojalygy maksatly;
ç) adatdan daşary tebigy-howa şertli;
d) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykma töwekgelçiligine duçar bolýan;
e) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary bolan ýataklar;
ä) şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilmesi bolan.
2. Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysynyň işlenip taýýarlanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
21-nji madda. Şähergurluşygyny meýilnamalaşdyrmagyň konsolidirlenen (birleşdirilen) çyzgysy
1. Şähergurluşygyny meýilnamalaşdyrmagyň konsolidirlenen (birleşdirilen) çyzgysynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
1) çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasy;
2) şu aşakdakylar boýunça çäreler:
a) ilaty ýerleşdirmek ulgamynyň ösdürilmegi;
b) inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegi;
ç) tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak;
3) çägi toplumlaýyn ösdürmegiň serişde üpjünçiligi.
2. Şähergurluşygyny meýilnamalaşdyrmagyň konsolidirlenen (birleşdirilen) çyzgysynyň işlenip taýýarlanylmagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
22-nji madda. Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysy
1. Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
1) çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasy;
2) ilaty ýerleşdirmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň, ilatly ýerleriň ösdürilmeginiň esasy ugurlary;
3) senagatyň, oba hojalygyň, inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň esasy ugurlary;
4) ilatly ýerleriň we şäherleriň şäherýaka zolaklarynyň serhetleri;
5) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň töwekgelçiligine sezewar bolýan çäkleriň goralmagynyň çäreleri;
6) ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagy, şähergurluşyk serişdeleri bilen türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleri bolan çäkleriň goralyp saklanylmagy boýunça çäreler;
7) Türkmenistanyň çägini ösdürmegiň gaýry meseleleri.
2. Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysynyň işlenip taýýarlanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
23-nji madda. Türkmenistanyň çägini ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary
1. Türkmenistanyň çägini ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary bilen şu aşakdakylar boýunça esasy görkezijiler we meýilnamalaşdyryş çözgütler kesgitlenilýär:
1) energiýa üpjünçiliginiň, gaz üpjünçiliginiň, aragatnaşygyň, suwaryşyň, suw üpjünçiliginiň we lagym ulgamlarynyň ösdürilmegi;
2) howa, demir ýol, awtomobil, deňiz, turba-geçiriji we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň ösdürilmegi;
3) çäkleriň howply geologiýa we gidrogeologiýa ýagdaýlaryndan goralmagy;
4) daşky gurşawyň goralmagy;
5) ykdysadyýetiň pudaklarynyň öndüriji güýçleriniň ýerleşdirilmegi;
6) çägi ösdürmegiň gaýry meseleleri.
2. Türkmenistanyň çägini ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
24-nji madda. Ilatly ýerleriň baş meýilnamasy
1. Ilatly ýeriň baş meýilnamasynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
1) ilatly ýeriň çäginiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň, tebigy-howa şertleriniň we ilat sanynyň çaklamasynyň aýratynlyklarynyň hasaba alynmagy bilen ösdürilmeginiň esasy ugurlary;
2) çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasy we gurluşygyň nobatlylygy;
3) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň töwekgelçiligine sezewar bolýan ilatly ýeriň çägini goramagyň çäreleri;
4) inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegi boýunça çäreler;
5) ilatly ýeriň gurlan we gurulmadyk çäginiň oňaýly utgaşmasy;
6) ilatly ýeriň ösdürilmegi üçin ätiýaçlyk çäkler;
7) ilatly ýeriň serhetleri;
8) ilatly ýeriň çägini ösdürmegiň gaýry meseleleri.
2. Şäheriň baş meýilnamasy we şäherýaka zolagyny meýilnamalaşdyrmagyň taslamasy ýeke-täk resminama hökmünde taýýarlanylyp bilner.
3. Ilat sany otuz müň adama çenli bolan şäher ilatly ýerleriň baş meýilnamasy jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň taslamasy bilen ýeke-täk resminama hökmünde işlenip taýýarlanylyp bilner.
4. Çäginde türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleri bolan ilatly ýeriň baş meýilnamasy işlenip taýýarlanan mahalynda, ilatly ýeriň taryhy-binagärlik meýilnamasy we bu obýektleriň gorag zolaklary nazara alynýar.
5. Baş meýilnamalar şu aşakdaky ýaly tassyklanylýar:
1) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan – baş meýilnamalarynyň tassyklanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen şäherleriň – welaýatyň (Aşgabat we Arkadag şäherleriniň) häkiminiň hödürlemegi boýunça;
2) ygtyýarly edara tarapyndan:
a) şäherleriň we şäherçeleriň – welaýatyň häkiminiň hödürlemegi boýunça;
b) oba ilatly ýerleriniň – etrabyň häkiminiň hödürlemegi boýunça.
6. Baş meýilmana we beýleki zerur şähergurluşyk resminamalary bolmazdan ilatly ýerleriň çäklerinde obýektleriň taslamalaşdyrylmagyna we gurluşygyna ýol berilmeýär.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
25-nji madda. Şäheriň we şäherçäniň serhediniň taslamasy
1. Şäheriň we şäherçäniň serhediniň taslamalary ilatly ýerleriň çäklerini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgylarynyň we baş meýilnamalarynyň esasynda işlenip taýýarlanylýar.
2. Ilatyň sany otuz müň adama çenli bolan şäher ilatly ýerleriň şäher serhediniň taslamasy, şeýle hem oba ilatly ýerleriň şäherçe serhediniň taslamasy görkezilen ilatly ýerleriň Baş meýilnamalarynyň düzüminde işlenip taýýarlanylyp bilner.
26-njy madda. Ilatly ýerleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary
1. Ilatly ýerleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary bilen şu aşakdakylar boýunça esasy görkezijiler we meýilnamalaşdyryş çözgütleri bellenilýär:
1) energiýa üpjünçiliginiň, gaz üpjünçiliginiň, aragatnaşygyň, suwaryşyň, suw üpjünçiliginiň we lagym ulgamlarynyň ösdürilmegi;
2) ulagyň görnüşleriniň ösdürilmegi;
3) ykdysadyýetiň pudaklarynyň obýektleriniň ýerleşdirilmegi;
4) çäkleriň howply geologiýa we gidrogeologiýa ýagdaýlaryndan goralmagy;
5) ilatyň raýat goranyşy;
6) daşky gurşawyň goralmagy;
7) türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň goralmagy;
8) çäkleriň abadanlaşdyrylmagy we gür baglyga öwrülmegi;
9) çäkleri ösdürmegiň gaýry meseleleri.
2. Ilatly ýerleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
27-nji madda. Jikme-jik meýilnamalaşdyryşyň taslamalary
1. Ilatly ýerleriň çäkleriniň bölekleriniň jikme-jik meýilnamalaşdyrylyşynyň taslamalary onuň baş meýilnamasynyň esasynda işlenip taýýarlanylýar we şulary belleýär:
1) gyzyl çyzyklary;
2) gurluşygy düzgünleşdirmegiň we ýer böleklerini peýdalanmagyň çägini;
3) ýerden peýdalanmagyň serhetlerini;
4) çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasyny we gurluşygyň nobatlylygyny;
5) goralýan zolaklaryň peýdalanylmagynyň düzgünini;
6) köçeleriň, geçelgeleriň, pyýada zolaklarynyň, şeýle hem ulagyň, aragatnaşygyň desgalarynyň we kommunikasiýalarynyň, inženerçilik enjamlarynyň hem-de çäkleriň abadanlaşdyrylmagynyň görkezijilerini;
7) durmuş we medeni-durmuş maksatly obýektleriň ýerleşdirilmegini we düzümini;
8) gurluşygyň göwrüm-giňişlik we binagärlik-meýilnamalaşdyryş çözgütlerini, gurluşygyň berkligini we görkezijilerini, gatlylygy, binalaryň we desgalaryň görnüşlerini.
2. Jikme-jik meýilnamalaşdyrmagyň taslamasy gurluşygyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy üçin esas bolup durýar.
28-nji madda. Gurluşygyň taslamasy
1. Gurluşygyň taslamasy bellenilen gyzyl çyzygyň serhetlerinde ýa-da ýer bölekleriniň serhetlerinde jikme-jik meýilleşdirmegiň taslamasynyň esasynda işlenip taýýarlanylýar.
2. Gurluşygyň taslamasy bilen şular bellenilýär:
1) gurluşygyň düzgünleşdirilýän ugry;
2) binalaryň we desgalaryň ýerleşişi, olaryň gatlylygy, görnüşi we beýleki häsiýetnamalary;
3) gurluşygyň binagärlik çözgüdi;
4) inženerçilik enjamlarynyň, aragatnaşyk we abadanlaşdyryş ulgamlary, şeýle hem görkezilen ulgamlaryň bellenilen gyzyl çyzykdan ýa-da ilatly ýerleriň ýer böleklerinden daşarda ýerleşýän inženerçilik enjamlarynyň, aragatnaşyk we abadanlaşdyryş ulgamlarynyň desgalaryna we kommunikasiýalaryna birikdirilmeginiň şertleri;
5) awtoulag serişdeleriniň we pyýadalaryň hereketiniň guralmagy;
6) umumy peýdalanylýan çäkler.
3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýerli şertlere laýyklykda gurluşyklaryň taslamalaryna döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerine we düzgünlerine garşy gelmeýän goşmaça talaplary, şol sanda türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň gorag zolaklarynda taslamalaşdyrylmagyna we gurluşygyna, çäkleriň gür baglyga öwrülmegine, binagärlik obýektleriniň kiçi görnüşleriniň, mahabatlandyrmagyň, ýazgylaryň we gaýry maglumatlaryň ýerleşdirilmegine talaplary girizmäge haklydyr.
(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
29-njy madda. Taslama-çenlik resminamalary
1. Taslama-çenlik resminamalary binalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň gurluşygynyň (durkuny täzelemegiň, düýpli abatlanylmagynyň), abadanlaşdyrmak boýunça işleriň göwrüm-ýerleşiş, gurluş we tehniki çözgütlerini, şeýle hem olaryň bahasyny göz öňünde tutýar.
2. Taslama-çenlik resminamalary şähergurluşyk resminamalaryna, döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerine we düzgünlerine, gurluşykda nyrh emele getirmegiň usulyýetine we çenlik kadalaşdyrmasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylýar we ol ygtyýarly edara, sanitariýa-epidemiologiýa gullugy, ýangyna garşy gözegçilik gullugy, tebigaty goramak edarasy hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki gulluklar bilen ylalaşylýar.
3. Taslama-çenlik resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy, ylalaşylmagy we tassyklanylmagy, oňa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bellenilen tertipde buýrujynyň başlangyjy boýunça we onuň hasabyna amala aşyrylýar.
4. Bellenilen tertipde tassyklanylan taslama-çenlik resminamalary obýektleriň gurluşygyna rugsatnama berilmegi üçin esas bolup durýar.
VI BAP. ILATLY ÝERLERIŇ WE ŞÄHERÝAKA ZOLAKLARYNYŇ ÇÄKLERINIŇ PEÝDALANYLMAGY
30-njy madda.Gurluşygyň düzgünleri
1. Gurluşygyň düzgünleri degişli çäkde şähergurluşyk işiniň amala aşyrylmagynyň tertibini belleýär.
2. Gurluşygyň düzgünleri çägi meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysynyň we ilatly ýeriň baş meýilnamasynyň esasynda işlenip taýýarlanylýar.
3. Gurluşygyň düzgünleriniň herekete girizilmegine çenli obýektleriň gurluşygy üçin bellenilen tertipde berlen rugsatnamalar, ilatyň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň şertlerinde, görkezilen rugsatnamalaryň möhletiniň dowamynda hereket edýär.
31-nji madda. Çägiň zolaklara bölünmegi
1. Çägiň zolaklara bölünmegi adamyň amatly ýaşaýyş we durmuş gurşawynyň üpjün edilmegine, tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykma howpunyň töwekgelçiligine duçar bolýan çäkleriň goralmagyna, ilatyň we önümçiligiň çendenaşa toplanmagynyň, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyna, goralýan tebigy çäkleriň, türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň, oba hojalyk ýerleriniň we tokaý gaznasynyň goralmagyna hem-de oýlanyşykly peýdalanylmagyna gönükdirilendir.
2. Şähergurluşyk işiniň amala aşyrylmagy üçin çäkleriň peýdalanylmagyna çäklendirmeler şu aşakdaky ýerlerde bellenilýär:
1) türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň gorag zolaklarynda;
2) tebigy çäkleriň aýratyn goralýan zolaklarynda;
3) sanitariýa-gorag zolaklarynda;
4) tebigy baýlykly ýataklar bolan zolaklarda;
5) tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykma howpunyň töwekgelçiligine duçar bolýan zolaklarda;
6) adatdan daşary tebigy-howa şertleri bolan zolaklarda.
3. Şähergurluşyk işiniň amala aşyrylmagy üçin çäkleriň peýdalanylmagyna çäklendirmeler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry zolaklarda hem bellenilip bilner.
4. Çäkleriň ýerine ýetirýän wezipeleriniň bellenilmegi we olaryň ýokary derejeli peýdalanylmagy çäkleriň peýdalanylmagyna çäklendirmeleriň hasaba alynmagy bilen kesgitlenilýär.
32-nji madda. Ilatly ýerleriň çäk zolaklary
1. Ilatly ýerlerde şu aşakdaky çäk zolaklary bellenilip bilner:
1) ýaşaýyş;
2) jemgyýetçilik-işewürlik;
3) senagat;
4) inženerçilik we ulag infrastruktura;
5) rekreasion maksatly;
6) oba hojalygy üçin peýdalanylýan;
7) ýörite maksatly;
8) harby obýektleriň we gaýry düzgünli çäkleriň;
9) şäherýaka.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýerli şertlere laýyklykda gaýry çäk zolaklaryny belläp, şeýle hem olara döwlet şähergurluşyk kada ölçegleriniň we düzgünleriniň hasaba alynmagy bilen ýer böleklerini we beýleki obýektleri goşup bilerler.
3. Ilatly ýerleriň çäk zolaklarynyň serhetleri gyzyl çyzyklaryň, tebigy obýektleriň adaty serhetleriniň, ýer bölekleriniň serhetleriniň we gaýry serhetleriň hasaba alynmagy bilen kesgitlenilýär.
4. Serhetlerinde şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi degişli bolan çäk zolaklarynda aýratyn binalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň taslamalaşdyrylmagyna we gurluşygyna goşmaça talaplar bellenilip bilner.
(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
33-nji madda. Ýaşaýyş zolaklary
1. Ýaşaýyş zolaklary köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, orta we kiçi gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin niýetlenendir.
2. Ýaşaýyş zolaklarynda durmuş we medeni-durmuş maksatly aýratyn duran, degşirilip gurlan, degşirilip gurlan-goşmaça gurlan ýa-da goşmaça gurlan obýektleriň, däp-dessur binalarynyň, awtomobil ulag duralgalarynyň, olar üçin sanitariýa-gorag zolaklarynyň bellenilmegi talap edilmeýän we işi, daşky gurşawa zyýanly täsir etmeýän (güwwüldi, wibrasiýa, magnit meýdany, radiasiýa täsiri, topragyň, howanyň, suwuň hapalanmagy we gaýry zyýanly täsirler) senagat, jemagat we ammar obýektleriniň ýerleşdirilmegine ýol berilýär.
3. Ýaşaýyş zolaklaryna, şeýle-de ilatly ýerleriň çäkleriniň serhetlerinde ýerleşýän bagçylyk-bakjaçylyk birleşikleriniň çäkleri hem degişli bolup durýar.
34-nji madda. Jemgyýetçilik-işewürlik zolaklary
1. Jemgyýetçilik-işewürlik zolaklary işewürlik, maliýe, jemgyýetçilik işjeňligi merkezleriniň, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, jemgyýetçilik iýmiti, durmuş hyzmaty obýektleriniň, bilim edaralarynyň, dolandyryş, ylmy-barlag edaralarynyň, däp-dessur üçin we gaýry binalaryň we desgalaryň, şeýle hem awtomobil ulag duralgalarynyň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenendir.
2. Jemgyýetçilik-işewürlik zolaklarynda ýerleşdirilmegine rugsat edilen obýektleriň sanawyna ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, ýerasty ýa-da köp gatly ulag jaýlary goşulyp bilner.
35-nji madda. Senagat zolaklary
1. Senagat zolaklarynda senagat, jemagat, ammar obýektleri, olaryň hereket etmegini üpjün edýän inženerçilik we ulag infrastrukturasynyň obýektleri ýerleşdirilýär, şeýle hem şonuň ýaly obýektleriň sanitariýa-gorag zolaklary bellenilýär.
2. Senagat, jemagat, ammar obýektleriniň sanitariýa-gorag zolaklarynda ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, saglygy goraýyş, dynç alyş obýektleriniň, bedenterbiýe-sagaldyş we sport desgalarynyň, bagçylyk-bakjaçylyk birleşikleriniň, şeýle hem oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.
3. Senagat zolaklarynyň çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy bu zolaklarda ýerleşýän obýektleriň eýeleri tarapyndan amala aşyrylýar.
36-njy madda. Inženerçilik we ulag infrastruktura zolaklary
1. Inženerçilik we ulag infrastruktura zolaklary howa, demir ýol, awtomobil, deňiz, derýa we turba-geçiriji ulag, aragatnaşyk we inženerçilik enjamlarynyň desgalarynyň we kommunikasiýalarynyň ýerleşdirilmegi we hereket etmegi üçin niýetlenendir.
2. Ulag, aragatnaşyk we inženerçilik enjamlarynyň desgalarynyň we kommunikasiýalarynyň adamyň ýaşaýyş we durmuş gurşawyna zyýanly täsiriniň öňüniň alynmagy, şeýle obýektlerden ýaşaýyş jaýlaryna, jemgyýetçilik-işewürlik we rekreasion maksatly zolaklara çenli zerur bolan aralyklaryň hem-de döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerine we düzgünlerine laýyklykda beýleki talaplaryň, şeýle hem ýörite düzgünleriň berjaý edilmegi bilen üpjün edilýär.
3. Ilatly ýerleriň çäkleriniň serhetlerinde, ulanylmagy raýatlaryň janyna we saglygyna gös-göni zyýanly täsir edip biljek ulag, aragatnaşyk we inženerçilik enjamlarynyň desgalarynyň we kommunikasiýalarynyň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.
37-nji madda. Rekreasionmaksatly zolaklar
1. Rekreasion maksatly zolaklar syýahatçylyk çygrynyň we ilatyň köpçülikleýin dynç almagynyň guralmagy üçin niýetlenendir hem-de ol şäher tokaýlaryny we tokaý seýilgählerini, suwa düşülýän ýerleri, kenarýaka we beýleki obýektleri özüne birleşdirýär.
2. Rekreasion maksatly zolaklaryň çäklerinde rekreasion we sagaldyş wezipeli obýektleriň ulanylmagy bilen gös-göni baglanyşykly bolmadyk senagat, jemagat we ammar obýektleriniň gurluşygyna we hereket edýänleriniň giňeldilmegine ýol berilmeýär.
38-nji madda. Oba hojalygy üçin peýdalanylýan zolaklar
Şäheriň we şäherçäniň çäginiň serhetlerinde sürlen ýerler, baglar, üzümçilikler, bakjaçylyklar, ot ýatyrmak üçin meýdanlar, öri meýdanlar we peýdalanylýan başga ýerler, şeýle hem oba hojalygyna niýetlenen binalar we desgalar bolan oba hojalygy üçin peýdalanylýan zolaklar bölünip berilýär.
39-njy madda. Ýörite maksatly zolaklar
1. Ýörite maksatly zolaklar ilatly ýerleriň çäk zolaklarynyň beýleki görnüşlerinde ýerleşdirilmegine ýol berilmeýän gonamçylyk, şeýle hem malmazarçylygy, durmuş galyndylary we beýleki obýektler üçin zir-zibil dökülýän ýerleriň ýerleşdirilmegi üçin bölünip berilýär.
2. Ýörite maksatly zolaklaryň çäkleriniň peýdalanylmagynyň tertibi döwlet şähergurluşyk kada ölçegleriniň we düzgünleriniň, şeýle hem ýörite düzgünleriniň talaplarynyň hasaba alynmagy bilen gurluşygyň düzgünlerinde bellenilýär.
40-njy madda. Harby obýektleriň we gaýry düzgünli çäkleriň zolaklary
1. Harby obýektleriň we gaýry düzgünli çäkleriň zolaklary, çäkleri babatda peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilýän obýektleriň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenendir.
2. Şäheriň we şäherçäniň çäklerindäki harby obýektleriň we gaýry düzgünli çäkleriň zolaklarynyň peýdalanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
41-nji madda. Şäherýaka zolaklary
1. Şäherýaka zolagy (şäheriň ösdürilmegi üçin ätiýaçlyk çäkler), şäheriň çägine ýanaşyk we şäheriň ýerleri bilen bir bitewi çäkleri düzýän hem-de bu şäheriň çäkleriniň ösdürilmegi üçin niýetlenen, şäherýaka zolaklaryna girýän beýleki ilatly ýerleri, şeýle hem sanitariýa-gorag wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi, ilatyň dynç alýan ýerleriniň, bagçylyk-bakjaçylyk birleşiginiň ýerleşdirilmegi üçin ýerleri özüne birleşdirýär.
2. Şäherýaka zolaklaryň serhetleriniň bellenilmegi şu Kanuna we Türkmenistanyň ýer kanunçylygyna laýyklykda şähergurluşyk we ýer gurluşyk resminamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.
42-nji madda. Şäherýaka zolagynyň çäkleriniň peýdalanylmagy
1. Şäherýaka zolagynyň çäkleriniň peýdalanylmagy hem-de onuň serhetlerinde şähergurluşyk işi ilatyň we şähergurluşyk işiniň subýektleriniň bähbitleriniň hasaba alynmagy bilen amala aşyrylýar.
2. Şäherýaka zolagynyň çäkleriniň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasy welaýatyň çäklerini meýilleşdirmegiň çyzgysynda, etraby meýilleşdirmegiň taslamasynda, şäheriň baş meýilnamasynda göz öňünde tutulýar.
3. Şäherýaka zolaklarynda sanitariýa we rekreasion maksatly wezipeleri ýerine ýetirýän ýaşyl zolaklar bölünip berilýär. Görkezilen zolaklarda daşky gurşawa zyýanly täsirini ýetirýän hojalyk we gaýry işlere ýol berilmeýär.
43-nji madda. Ilatly ýerlerdäki ýer bölekleriniň peýdalanylmagyna bildirilýän şähergurluşyk talaplary
1. Ilatly ýerlerdäki ýer bölekleriniň peýdalanylmagyna bildirilýän şähergurluşyk talaplary ilatly ýerleriň baş meýilnamalary, jikme-jik meýilleşdirmegiň taslamalary, gurluşygyň taslamalary we düzgünleri bilen kesgitlenilýär.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýer böleklerini beren mahalynda ýer bölekleriniň peýdalanylmagy boýunça şähergurluşyk talaplary hakynda maglumatlar bilen buýrujyny üpjün edýär, ol şu aşakdaky maglumatlary özünde jemleýär:
1) ýer bölekleriniň peýdalanylmagynyň maksatlary hakynda;
2) ýer bölekleriniň ýerleşýän ýeri hakynda;
3) ýer bölekleriniň taslama serhetleri hakynda;
4) ýer bölekleriniň inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň obýektleri bilen üpjünçiligi hakynda.
3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary fiziki we ýuridik şahslara gurluşyk üçin ýer böleklerini beren mahalynda, olar tarapyndan obýektleriň gurluşygynyň möhletleriniň berjaý edilmegi boýunça hem-de gurluşyga ýanaşyk bolan umumy peýdalanylýan çäkleriň abadanlaşdyrylmagy boýunça işleriň amala aşyrylmagyna talaplary belleýär.
4. Şu maddanyň üçinji böleginde görkezilen talaplar, ýer bölegine bolan hukugyň başga şahsa geçen ýagdaýynda hem öz güýjüni saklaýar.
5. Ýer bölegine bolan hukugy tassyklaýan resminamada şu aşakdakylar görkezilýär:
1) gurluşygyň düzgünlerinde bellenilen, çäk zolagyň belgisi;
2) çäklerinde ýer bölegi ýerleşýän çäk zolagyň ýerine ýetirýän wezipesi;
3) ýer böleginiň, şol sanda türkmen halkynyň medeni mirasynyň obýektleriniň, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň gorag zolaklarynyň serhetlerinde, şeýle hem tebigy we ekologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň töwekgelçiligine sezewar bolýan çäkleriň serhetlerinde ýerleşýän hem-de peýdalanylmagyna çäklendirmeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän gaýry çäkleriň, ýerleşýän ýeri;
4) ýer böleginiň serhetlerinde inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň obýektleriniň bolmagy, olaryň görkezijileriniň we görkezilen obýektleriň peýdalanylmagyna çäklendirmeleriň görkezilmegi bilen;
5) ýer böleginiň serhetlerinde onuň eýesine ýa-da eýelik edýäne degişli bolmadyk binalaryň we desgalaryň bolmagy, görkezilen obýektleriň onda ýerleşmegi bilen baglanyşykly bu ýer böleginiň peýdalanylmagyna çäklendirmeleriň görkezilmegi bilen.
6. Ýer böleginiň bölünen ýa-da olaryň serhetleriniň we görkezijileriniň üýtgedilen mahalynda gyzyl çyzyk we gurluşygyň düzgünleşdirilýän ugry berjaý edilýär.
(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
44-nji madda. Obýektleriň gurluşygyna rugsatnama
1. Obýektleriň gurluşygyna rugsatnama – eýesiniň ýa-da ýer bölegine eýelik edýäniň, onuň gurluşygynyň amala aşyrylmagyna hukugyny tassyklaýan resminama.
2. Hususy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyndan başga obýektleriň gurluşygyna rugsatnama ygtyýarly edara tarapyndan hasaba alnandan soňra, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan berilýär.
3. Hususy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy ýaşaýyş jaýynyň esaslarynyň, ýerzeminleriniň, gatlarynyň we ýüz tarapynyň meýilnamalaryndan, şeýle hem ýer böleginiň meýilnamasyndan ybarat bolan ýönekeýleşdirilen taslama boýunça amala aşyrylyp bilner.
(2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
45-nji madda. Ýörite rugsatnama
Döwlet syrlaryny düzýän obýektleriň gurluşygyna, şeýle hem aýratyn döwlet düzgünleşdirilişiniň şähergurluşyk işiniň obýektlerine ýörite rugsatnama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýär.
46-njy madda. Şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda çäklendirilen hukuk (serwitut)
1. Şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda çäklendirilen hukuk (serwitut), haçan-da ýer böleginiň eýesiniň bähbitleri keseki ýer böleginiň peýdalanylmagyna hukugy çäklendirmezden üpjün edilip bilinmejek şu aşakdaky halatlarda, bellenilýär:
1) inženerçilik infrastrukturasynyň obýektleriniň gurluşygy, durkunyň täzelenilmegi, bejerilmegi we ulanylmagy geçirilende;
2) çäkleriň suw basmagyndan we almagyndan goralmagy boýunça işler geçirilende;
3) keseki ýer böleginiň üstünden umumy peýdalanylýan obýektlere geçmek zerurlygy bolanda;
4) gözleg we barlag işleri geçirilende.
2. Çäklendirilen hukuk (serwitut) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär we amala aşyrylýar.
VII BAP. JEMJEÝJI DÜZGÜNLER
47-nji madda. Şähergurluşyk işiniň maliýe üpjünçiligi
Şähergurluşyk işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, buýrujynyň hususy we çekilen serişdeleriniň, şeýle hem inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegine fiziki we ýuridik şahslaryň paýly gatnaşmagynyň hasabyna amala aşyrylýar.
48-nji madda. Fiziki we ýuridik şahslara ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy
Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygynyň bozulmagynyň netijesindefiziki we ýuridik şahslara ýa-da ýer böleginiň alynmagy we olara degişli bolan binalaryň, desgalaryň we gaýry obýektleriň ýykylyp aýrylmagy bilen baglanyşykly ýetirilen zyýanyň (zeleliň) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öwezi dolunmaga degişlidir.
49-njy madda. Jedelleriň çözülişi
Şähergurluşyk işi babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
50-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçinjogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçiligi çekýärler.
51-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu Kanunyň güýje giren gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1993-nji ýylyň 28-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanda şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 11-12, 107-nji madda);
2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen«Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň XXV bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 18-nji awgusty.
№ 263-V.