TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 98-nji madda)
(Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 661-V Kanuny esasynda girizilen
üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepilliklerini belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) deň hukuklar – döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny kepillendirýän, döwlet tarapyndan bellenilen hem-de goralýan kadalar we düzgünler;
2) deň mümkinçilikler − aýallaryň we erkekleriň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlaryna deň gatnaşmagynyň üpjün edilmegi üçin zerur bolan serişdeleriň we şertleriň bolmagy;
3) jyns alamaty boýunça kemsitme − jyns alamaty boýunça adamyň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň çäklendirilmegi ýa-da kemsidilmegi, şeýle hem onuň mertebesiniň peseldilmegi.
2-nji madda. Türkmenistanyň aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyňbeýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
3-nji madda. Türkmenistanda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň döwlet kepillikleri
1. Türkmenistan döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklaryny we deň mümkinçiliklerini (mundan beýläk – gender deňligi), şeýle hem milletine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk, wezipe we maşgala ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, partiýa degişliligine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine garamazdan, kanunyň öňünde deňligini kepillendirýär.
2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan,daşary ýurt döwletleriniň raýatlary bolup durýan, şeýle hem raýatlygy bolmadyk aýallara we erkeklere Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan aýallar we erkekler bilen bir hatarda şu Kanunda bellenen gender deňligi kepillendirilýär.
3. Aýallar we erkekler deň jogapkärçiligi çekýärler.
4. Aýallar we erkekleröz çagalarynyň terbiýesi üçin bilelikde jogapkärçilik çekýärler. Şonuň bilen birlikde ähli ýagdaýlarda çagalaryň bähbidi öňde durýar.
4-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary
Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepilliklerini bellemek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar.
5-nji madda. Gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şular gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar:
1) jyns alamatlary boýunça kemsidilmäge ýol berilmezlik;
2) hukuk esasyny döretmek we kämilleşdirmek, şeýle hem maksatnamalaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilmegi;
3) gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça işi alyp barýan jemgyýetçilik birleşikleri, şol sanda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek;
4) halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleriniň we kadalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyňýerine ýetirilmegi.
6-njy madda. Jyns alamatlary boýunça kemsidilmäge ýol berilmezligi
1. Jyns alamatlary boýunça kemsidilmäge ýol berilmeýär.
2. Şular jyns alamatlary boýunça kemsidilmek hasap edilmeýär:
1) döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda gender deňliginiň üpjün edilmegine gönükdirilen şu Kanun esasynda wagtlaýyn kabul edilýän ýörite çäreler;
2) eneligi we atalygy goramak;
3) zähmetiň bu görnüşine mahsus talaplar ýa-da ýokarlandyrylan durmuş we hukuk goragyna mätäçlik edýän adamlar barada alada bilen şertlendirilen, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen zähmet çygryndaky tapawutlar, kadadan çykmalar, ileri tutulmalar we çäklendirmeler;
4) borçlaryň diňe anyk jynsdaky adamlar tarapyndan ýerine ýetirilmek mümkinçiliklerine esaslanýan hünär dereje talaplarynyň bellenilmegi;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýagdaýlarda diňe erkekleriň ählumumy harby borjuny ýerine ýetirmegi;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýat kazyýet önümçiliginde aýallaryň hukuklarynyň goralmagynyň aýratynlyklary.
II BAP. GENDER DEŇLIGINIŇ ÜPJÜN
EDILMEGINIŇ GURLUŞY
7-nji madda. Gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça işi alyp barýan edaralar
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça ygtyýarly edara (mundan beýläk – ygtyýarly edara) gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça işi alyp barýan edaralar bolup durýarlar.
2. Beýleki döwlet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça çäreleri guraýarlar.
8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işi
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
3) gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça maksatnamalaýyn resminamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;
4) ygtyýarly edarany kesgitleýär;
5) gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklaýar;
6) gender deňliginiň üpjün edilmegine gözegçiligi amala aşyrýar;
7) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda halkara gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam edýär;
8) gender deňliginiňüpjün edilmegi çygrynda beýlekiwezipeleri amala aşyrýar.
9-njy madda. Ygtyýarly edaranyň işi
Ygtyýarly edara:
1) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
3) gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça maksatnamalaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilmegini guraýar;
4) gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň meýilnamasyny işläp düzýär;
5) jyns alamaty boýunça kemsidilmäge sezewar bolan adamlaryň şikaýatlaryna we arzalaryna seredýär, şeýle hem kazyýetde olaryň bähbitlerini goraýar;
6) gender deňliginiň meseleleri boýunça maglumat we düşünje bermek işini amala aşyrýar;
7) beýleki döwlet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan gender deňligini üpjün etmek boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar;
8) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça her ýylky hasabatyny berýär;
9) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryna gözegçiligi alyp barýar;
10) gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça halkara guramalary bilen özara hereket edýär;
11) gender deňliginiňüpjün edilmegi çygrynda beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
10-njy madda. Gender deňliginiň beýleki döwlet edaralary tarapyndan üpjün edilmegi
Beýleki döwlet edaralary:
1) gender deňliginiňüpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýarlar;
2) gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça maksatnamalaýyn resminamalaryň we çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;
3) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;
4) eneligiň we atalygyň goralmagyna gönükdirilen çäreleri amala aşyrýarlar;
5) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça guramaçylyk, maglumat, usulyýet ýardamyny berýärler;
6) gender deňliginiňüpjün edilmegi çygrynda beýlekiwezipeleri amala aşyrýarlar.
11-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan gender deňliginiň üpjün edilmegi
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:
1) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýarlar;
2) beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça maksatnamalaýyn resminamalaryň we çäreleriň meýilnamasynyňamala aşyrylmagyna gatnaşýarlar;
3) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygryndakadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;
4) eneligiň we atalygyň goralmagyna gönükdirilen çäreleri amala aşyrýarlar;
5) beýleki döwlet edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine gender deňligini üpjün etmek boýunça çäreleri guramakda guramaçylyk, maglumat we başga ýardamy berýärler;
6) gender deňligini üpjün etmegiň meselelerinde jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşyk edýärler;
7) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda beýlekiwezipeleri amala aşyrýarlar.
12-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň gender deňliginiň üpjün edilmegine gatnaşmagy
Jemgyýetçilik birleşikleri:
1) gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça maksatnamalaýyn resminamalaryň we çäreleriň meýilnamasynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde saýlawly edaralara dalaşgarleri hödürleýärler, gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça meýilnamasy bolan dalaşgärleri goldaýarlar;
3) gender deňliginiň üpjün edilmeginiň meseleleri boýunça başlangyçlar (teklipler) bilen çykyş edýärler;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gender deňliginiň meselelerine degişli çözgütleriniň taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar;
5) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda beýlekiwezipeleri amala aşyrýarlar.
13-nji madda. Gender deňliginiň üpjün edilmegi çygryndaky maliýe üpjünçiligi
Gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda maliýe üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
III BAP. GENDER DEŇLIGINIŇ ÜPJÜN EDILMEGI
BOÝUNÇA DÖWLET KEPILLIKLERI
14-nji madda. Gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça döwlet kepillikleri
Döwlet aýallara we erkeklere raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda deňhukuklylygy, jemgyýetiň we döwletiň işleriniň dolandyrylmagyna, saýlaw işiniň barşyna deň gatnaşmaklaryny kepillendirýär. Döwlet saglygy goraýyş çygrynda, bilimde, ylymda, medeniýetde, zähmetde we durmuş taýdan goramakda, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki çygyrlarynda gender deňliginiň üpjün edilmegini kepillendirýär.
15-nji madda. Raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet aýallara we erkeklere raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda deňhukuklylygy kepillendirýär.
2. Döwlet aýallara we erkeklere ýaşaýşa we ony erkin amala aşyrmaga, şol sanda adyny, atasynyň adyny, familiýasyny, milletini we raýatlygyny, şahsy pikirini we garaýyşlaryny erkin aýtmaga bolan hukugyny hem goşmak bilen, özboluşlylygyny gorap saklamaga hukugyny kepillendirýär.
3. Döwlet şertnamalary baglaşan we emlägi dolandyran mahalynda aýallara we erkeklere deň hukuklary üpjün edýär.
4. Döwlet aýallara we erkeklere kanunyň öňündäki deňligi kepillendirýär.
5. Döwlet şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, aýallara we erkeklere namysynyň we mertebesiniň deň kazyýet goragyny, şahsy we syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we elinden alynmaýan hukuklaryny kepillendirýär.
6. Aýallar we erkekler Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmekde we ýaşaýan ýerini saýlap almakda, eger-de Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, deň hukuklydyrlar.
7. Aýalyň we erkegiň öz dine bolan garaýşyny özbaşdak kesgitlemäge, islendik dine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga hukugy bardyr.
16-njy madda. Aýallaryň we erkekleriň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmagyna bolan deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet aýallara we erkeklere gös-göni ýa-da öz saýlanan wekilleriniň üsti bilen,Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugynykepillendirýär.
2. Döwlet aýallara we erkeklere döwlet gullugynda işlemäge deň hukugyny olaryň döwlet wezipesine bellenilmegi ýa-da saýlanylmagy, döwlet gullugy boýunça ýokary çekilmegi arkaly kepillendirýär.
3. Döwlet aýallara we erkeklere döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerine halkara derejesinde wekilçilik etmeginde we halkara guramalarynyň işine gatnaşmagynda deň mümkinçiligi kepillendirýär.
4. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde aýallarameýletinlik esasyndaharby gulluga girmek hukugy berilýär.
17-nji madda. Saýlawlaryň barşyndagender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet aýallara we erkeklere özleriniň isleg bildirmeginiň erkinligini, saýlaw hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär.
2. Döwlet Türkmenistanyňkanunçylygyna laýyklykda aýallara we erkeklere saýlawlara gatnaşmagy üçin deň mümkinçilikleri kepillendirýär.
18-nji madda. Aýallaryň we erkekleriň saglygy goraýyş babatda deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
Döwlet aýallara we erkeklere şulara bolan deň hukugy kepillendirýär:
1) saglygyny goramaga we berkitmäge;
2) tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberini almaga;
3) oňat hilli saglygy goraýyş kömegini almaga we saglygy goraýyş hyzmatyndan peýdalanmaga;
4) önelge saglygy, keselleriň ýaýramagy, keselleriň öňüniň alynmagynyň we bejerilmeginiň täze usullary barada maglumatlary almaga;
5) sagaldyş we şypahana edaralarynyň, çagalar sagaldyş we dikeldiş merkezleriniň, şeýle hem sport desgalarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga.
19-njy madda. Bilim we ylym babatda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet aýallara we erkeklere döwlet tarapyndan bilim hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň, şeýle hem umumy orta bilimiň hökmanylygynyň we döwlet bilim edaralarynda onuň tölegsizliginiň elýeterliligine bolan deň hukugy kepillendirýär.
2. Döwlet mugallymçylyk işini we ylmy işi amala aşyrmakda gender deňligini kepillendirýär.
20-nji madda. Medeniýet babatda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
Döwlet aýallara we erkeklere şulary kepillendirýär:
1) medeni durmuşa gatnaşmaga deň hukugy;
2) medeniýet edaralary tarapyndan edilýän hyzmatlaryň ähli görnüşlerinden peýdalanmaga deň hukugy;
3) öz bähbitlerine we ukyplaryna laýyklykda hünärli we hünärsiz esasda döredijilik işini amala aşyrmaga deň hukuklary;
4) medeni gymmatlyklaryň döredilmegi, dikeldilmegi, saklanyp galmagy, ösdürilmegi, ýaýradylmagy we peýdalanylmagy, şeýle hem milli-medeni özboluşlylygyň ösüşiniň saklanyp galmagy üçin deňmümkinçilikleri.
21-nji madda. Aýallaryň we erkekleriň zähmet çygryndaky deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet aýallara we erkeklere zähmete deň hukugy kepillendirýär.
2. Döwlet aýallara we erkeklere işe giren mahalynda, kärini, edýän işini, iş ýerini erkin saýlamagynda, telekeçilik işini amala aşyrmagynda, hünär taýdan taýýarlygynda we gaýtadan taýýarlygynda, zähmet işini ata-ene borçlary bilen utgaşdyranda deň mümkinçilikleri, howpsuz zähmet şertlerini, işsizlikden goralmagy kepillendirýär.
3. Döwlet aýallara we erkeklere deň gymmaty bolan zähmeti üçin deň hak almagy, şeýle hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda işiniň hiline baha berlende deň derejede garalmagy kepillendirýär.
4. Döwlet aýallara we erkeklere eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanany, guramany, edarany dolandyrmaga gatnaşmaga bolan deň hukugy kepillendirýär.
22-nji madda. Aýallaryň we erkekleriň nika-maşgala gatnaşyklaryndaky deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen nika ýaşyna ýetende aýallara we erkeklere maşgala gurmaga bolan deň hukugy kepillendirýär. Olar nika baglaşan mahalynda, nikada bolýan döwründe, şeýle hem ony bozan halatynda deň hukuklardan peýdalanýarlar.
2. Döwlet maşgalanyň bir agzasynyň maşgalanyň başga agzasy babatda ýol beren fiziki ýa-da psihiki täsirinden ýa-da zyýan (zelel) ýetirmek görnüşinde ýüze çykýan süteminden aýallaryň we erkekleriň maşgalada deň goralmagyny kepillendirýär we üpjün edýär.
23-nji madda. Durmuş goraglylygy babatda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we halatlarda maddy üpjünçilik we durmuş hyzmaty görnüşinde pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi we durmuş ýeňillikleriniň berilmegi arkaly amala aşyrylýan durmuş goragy babatda gender deňliginiň üpjün edilmegini kepillendirýär.
24-nji madda. Aýallaryň we erkekleriň jyns gatnaşyklary häsiýetli zorluklardan, ogurlanmadan we olaryň söwdasyndan goralmaga bolan deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
Döwlet aýallaryň we erkekleriň jyns gatnaşyklary häsiýetli zorluklardan, ogurlanmadan we olaryň söwdasyndan goralmagyna deň hukuklaryny kepillendirýär.
IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
25-nji madda. Gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda statistik hasabatlylygyň emele getirilmegi
Gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda statistik hasabatlylygyň emele getirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan amala aşyrylýar.
26-njy madda. Jyns alamaty boýunça kemsidilmäge sezewar bolan adamyň hukuklarynyň goralmagy
1. Jyns alamaty boýunça kemsidilmäge sezewar bolan adamyň ygtyýarly edara şikaýat bilen ýüz tutmaga haky bardyr.
Ygtyýarly edara on senenama gününiň dowamynda şikaýata seretmäge we ol boýunça çözgüt çykarmaga borçludyr.
2. Ygtyýarly edara jyns alamaty boýunça kemsidilmegiň subutnamalary ýüze çykarylan halatynda döwlet edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridik şahslaryň ýolbaşçylaryna kemsidilmegiň ýüze çykarylan ýagdaýlarynyň düzedilmegi boýunça, ýerine ýetirilmeginiň möhletlerini görkezmek bilen, ýazmaça teklipnamalary ibermäge haklydyr. Jyns alamaty boýunça kemsidilmegiň ýüze çykarylan ýagdaýlarynyň düzedilmegi boýunça teklipnamalar görkezilen adamlar tarapyndan ýerine ýetirilmedik halatynda ygtyýarly edaranyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete ýüz tutmaga haky bardyr.
3. Jyns alamaty boýunça kemsidilmäge sezewar bolan adamlaryň hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly şikaýatlar boýunça döwlet pajy tölenilmeýär.
27-nji madda.Jedelleriň çözülişi
Gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
28-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçiligi çekýärler.
29-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
2007-nji ýylyň 14-nji dekabryndaky «Aýallaryň deň hukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda»Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2007 ý., №4, 78-nji madda);
2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky «Aýallaryň deň hukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda»Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmelergirizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2011 ý., №1, 14-nji madda);
3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanun güýje giren gününden başlap üç aý möhletde oňa laýyk getirilmäge degişlidir.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 18-nji awgusty.
№ 264-V.