Balaryçylyk hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Balaryçylyk hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 100-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 05.01.2018 ý. № 685-V Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun bal öndürýän arylary köpeltmek, saklamak, tozanlandyrylýan (entomofil) oba hojalyk ösümliklerini tozanlandyrmak  üçin olary peýdalanmak, balaryçylyk  önümlerini almak, şeýle hem bal öndürýän arylary goramak boýunça işiň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) balaryçylyk – ary balyny, ary mumyny we beýleki balary önümlerini almak üçin, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny  ýokarlandyrmak maksady bilen olary tozanlandyrmak üçin bal öndürýän arylary köpeltmek bilen meşgullanýan oba hojalyk pudagy;

2) balaryçy – balaryçylyk bilen meşgullanýan ýuridik ýa-da fiziki şahs;

3) balary maşgalasy – balary gapyrjagynda ýa-da öýjükde ýaşaýan, işçi balarylaryndan, erkek balarylaryndan we ene balarysyndan ybarat bolan, bal öndürýän arylaryň topary;

4) balary gapyrjagy – adam tarapynda ýasalan emeli balary öýjagazy;

5) balary idedilýän ýer – balary maşgalaly balary gapyrjaklary, şeýle hem balaryçylyk bilen meşgullanmak üçin zerur serişdeler ýerleşdirilen belli bir ýer;

6) stasionar balary idedilýän ýer – ýylyň dowamynda hemişe bir ýerde ýerleşýän balary idedilýän ýer;  

7) göçme balary idedilýän ýer – bal şiresi toplanylýan çeşmeleriň ýa-da tozanlandyrylýan oba hojalyk ösümlikleriniň massiwleriniň golaýynda ýerleşdirilýän balary idedilýän ýer;

8) balary sürüsi – esasy balary maşgalasynda emele gelen we tebigy ýagdaýda öýjük edinen mahalynda ondan özbaşdak uçup çykan, täze balary maşgalasy;

9) ene ary – bal öndürýän arylary öndüriji urkaçy balary;

10) balaryçylyk önümleri – bal öndürýän arylar tarapyndan öndürilen önümler (bal, mum we ş.m.), şeýle hem bal öndürýän arylaryň özleri;

11) woşşina – bal arylarynyň öýjüklerini salyp gutarmagy üçin ýörite işlenilip taýýarlanylan mumdan ýasalan listler;

12) bal öndürýän arylaryň tohumy – belli bir howa şertlerinde tebigy seçginiň täsiri astynda emele gelen we nesilden-nesle durnukly geçirilip gelinýän alamatlar toplumyna eýe bolan, balary maşgalalarynyň topary;

13) bal öndürýän arylaryň populýasiýasy – belli bir çäkde emele gelen we umumy genofonda eýe bolan, bal öndürýän arylaryň tohumynyň çäklerindäki balary maşgalalarynyň jemi;

14) tozanlandyrylýan (entomofil) ösümlikler – mör-möjekler tarapyndan tozanlandyrylýan ösümlikler;

15) bal şirelerini toplamagyň çeşmeleri – bal öndürýän arylar üçin tebigy iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýän we bal şirelerini toplamagy üpjün edýän, şire (nektar) we tozgajyk emele getirýän ösümlikler.  

 

2-nji madda.  Balaryçylyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Balaryçylyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňüne tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri  

 

1. Balaryçylyk babatda iş amala aşyrylan we bal öndürýän arylaryň goragy üpjün edilen mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmek, şu Kanunyň maksady bolup durýar.

2. Şu Kanunyň wezipeleri aşakdakylar bolup durýar:

1) ilatyň balaryçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak;

2) Türkmenistanyň çäginde balaryçylyk bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň   goralmagyny üpjün etmek;

3) bal öndürýän arylary köpeltmek, idetmek üçin şertleri döretmek we tozanlandyrylýan oba hojalyk ösümliklerini tozanlandyrmak üçin olary peýdalanmak;

4) balaryçylyk önümlerini öndürmegi ösdürmek;

5) bal öndürýän arylary goramak;

6) bal öndürýän arylaryň genofonduny aýap saklamak we gowulandyrmak;

7) balaryçylyk önümlerini öndürmegiň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek.

 

II BAP. BALARYÇYLYK BABATDA DÖWLET

TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

4-nji madda. Balaryçylyk babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar  

 

Balaryçylyk babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

5-nji madda. Balaryçylyk babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Balaryçylyk babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär;

3) balaryçylygy ösdürmek çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

4) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, onuň ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

6-njy madda. Balaryçylyk babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Balaryçylyk babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi  dolandyryş edaralary:

1) balary maşgalaly balary gapyrjaklarynyň howpsuz ýerleşdirilmegi üçin şertleri döredýärler;

2) balaryçylygy ösdürmäge ýardam edýärler;

3) balary maşgalalaryny gös-göni bal şiresi toplanylýan çeşmeleriň golaýynda wagtlaýyn ýerleşdirmek üçin ýer bölegini berýärler;

4) balaryçylara berkidilen borçlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler;

5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen  öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýärler.

 

III BAP. BALARYÇYLYK BABATDA IŞI

AMALA AŞYRMAK

 

7-nji madda. Balaryçylyk babatda işi amala aşyrmaga bolan hukuk

 

1.Ýuridik we fiziki şahslar balaryçylyk babatda işi amala aşyrmaga haklydyrlar.

2. Balaryçylyk bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar ygtyýarnama almazdan işi amala aşyrýarlar.

3. Balaryçylyk önümlerini gaýtadan işlemek we ýerlemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

8-nji madda. Balaryçylyk babatda işi amala aşyrýan şahslaryň hukuklary we borçlary

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar balaryçylyk önümlerine bolan  hususy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, sarp edijilere Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda balaryçylyk önümlerini satmak üçin balaryçylyk babatda işi erkin amala aşyrmaga haklydyrlar.  

2. Balaryçylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz eýeçiliginde ýa-da peýdalanmagynda bolan ýer böleklerinde stasionar balary idedilýän ýerleri ýerleşdirmäge;

2) balary maşgalalarynyň bellige alnan ýerine garamazdan ýer bölekleriniň eýeleriniň ýa-da peýdalanyjylarynyň razylygy bilen oba hojalyk, tokaý we beýleki ýer böleklerinde göçme balary idedilýän ýeri bal şirelerini toplamak üçin ýerleşdirmäge;

3) balaryçylygy ösdürmäge döwlet goldawyny almaga;

4) balary keselleriniň öňüni almak, olary bejermek, balary maşgalalaryna zyýan berijiler bilen göreşmek boýunça çäreleri geçirmekde  weterinariýa kömegini almaga;

5) daşky tebigy gurşawyň ýagdaýy, şeýle hem balarylar üçin howp döredýän ýagdaýlar barada, döwlet häkimiýet edaralaryndan we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan öz wagtynda, doly we dogry maglumaty almaga;

6) ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan olara ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde talap etmäge.  

3. Balaryçylar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) balary idedilýän ýeri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige aldyrmaga;

2) bal öndürýän arylary saklamagyň zooweterinariýa, sanitariýa hem-de ekologik kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmäge;

3) balarylaryň islendik keselleme halatlary ýa-da balarylaryň duýdansyz ölümi, şeýle hem balarylarda keseliň alamatlarynyň ýüze çykmasy barada balary idedilýän ýeriň bellige alnan ýeri boýunça Türkmenistanyň Döwlet weterinariýa gullugyna habar bermäge;

4) balarylary goramak boýunça zerur çäreleri görmäge;

5) balarylary köpeltmegiň tehnologiýasyny berjaý etmäge;

6) balary idedilýän ýeriň weterinariýa-sanitariýa pasportynyň bolmagyna;

7) ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmäge;

8) balary çakmasy netijesinde ejir çeken raýatlara gyssagly lukmançylyk kömegini bermek üçin, içinde zerur derman serişdeleri bolan lukmançylyk gutusynyň balary idedilýän ýerde bolmagyna.

4. Balaryçylaryň jemgyýetçilik birleşigi şu aşakdakylara haklydyr:

1) bu pudagy ösdürmek maksady bilen balaryçylygy ýaýratmak boýunça sergileri, ýarmarkalary, duşuşyklary, maslahatlary, hünär okuwlaryny we beýleki çäreleri guramaga;    

2) balaryçylykda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça okuwlary guramaga;

3) balary maşgalalarynyň işleýän ýerlerinde ýerleşýän balarylary, bal şiresi toplanylýan çeşmeleri, ilaty we haýwanlary goramak boýunça çäreleri amala aşyrmaga;

4) döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna balarylary we olaryň ýaşaýyş gurşawyny goramak meseleleri boýunça teklipleri bermäge;

5) balaryçylyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem-de balaryçylygy ösdürmegiň ýörite maksatnamalarynyň taslamalary işlenilip taýýarlanylan mahalynda döwlet häkimiýet edaralaryna teklipleri bermäge.

 

9-njy madda. Balary maşgalalarynyň sany

 

1. Ýuridik we fiziki şahslardaky balary maşgalalarynyň sany çäklendirilmeýär.

2.  Bal öndürýän arylary saklamak boýunça iş Türkmenistanyň zooweterinariýa, sanitariýa hem-de ekologik kadalaryna we düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Balary maşgalalaryny bellige almak we hasaba almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

10-njy madda. Balary maşgalaly balary gapyrjaklaryny ýerleşdirmek

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar bal öndürýän arylary saklamaklygyň zooweterinariýa, sanitariýa hem-de ekologik kadalary we düzgünleri berjaý edilen mahalynda özlerine degişli (bölünip berlen) ýer böleklerinde balary maşgalaly gapyrjaklary ýerleşdirýärler.

2. Ýuridik we fiziki şahslar balary gapyrjaklaryny saglygy goraýyş edaralaryndan, bilim edaralaryndan, medeniýet edaralaryndan, adamlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän aralykda ýerleşdirýärler. Balary maşgalaly balary gapyrjaklaryny howpsuz ýerleşdirmegi düzgünleşdirmegiň tertibi ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan kesgitlenilýär.

 

11-nji madda. Balaryçylyk babatda işi amala aşyrmak üçin ýuridik we fiziki şahslara ýer böleklerini bölüp bermek

 

1. Ýuridik we fiziki şahslara balaryçylyk babatda işi amala aşyrmak üçin ýer bölekleri Türkmenistanyň ýer, tokaý kanunçylygyna laýyklykda bölünip berilýär.

2. Göçme balary idedilýän ýerler beýleki balary idedilýän ýerlerden, balary maşgalalarynyň öndürijilikli saklanylmagy we tozanlandyrylýan oba hojalyk ösümlikleriniň netijeli tozanlandyrylmagy üpjün edilýän aralykda, bal şiresi toplanylýan çeşmeleriň golaýynda ýerleşdirilýär.

3. Göçme balary idedilýän ýerleri öň ýerleşdirilen başga balary idedilýän ýerden balarylaryň bal şiresi toplanylýan çeşmelere uçup geçýän ýolunyň ugrunda ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.

4. Balaryçylar göçme balary idedilýän ýerleriň ýerleşdirilendigi barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna habar berýärler.

 

12-nji madda. Tozanlandyrylýan oba hojalyk ösümliklerini tozanlandyrmak üçin balary maşgalalaryny peýdalanmak

 

Tozanlandyrylýan oba hojalyk ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek boýunça işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar, olaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen balary maşgalalaryny peýdalanyp bilerler.

 

13-nji madda. Balaryçylaryň jemgyýetçilik birleşigi

 

1. Balaryçylaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda balaryçylaryň jemgyýetçilik birleşigini döretmäge hukugy bardyr.

2. Balaryçylaryň jemgyýetçilik birleşikleri öz işini «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrýarlar.

3. Balaryçylaryň jemgyýetçilik birleşigi ähli bar bolan balary idedilýän ýerleriň pasportlaşdyrylmagyny geçirýär.

4. Balaryçylaryň jemgyýetçilik birleşigi balary maşgalalaryny bellige almagy we hasaba almagy alyp barýarlar.

 

IV BAP. BALARYÇYLYK BABATDA

EÝEÇILIK MESELESI

 

14-nji madda. Balaryçylyk babatda eýeçiligiň obýekti

 

Balaryçylyk babatda eýeçiligiň obýekti bolup, balary maşgalasy (balary sürüsi) we balaryçylyk babatda işi amala aşyrmak üçin gerekli bolan beýleki zerur emläkler durýar.

 

15-nji madda. Uçup giden balary sürüsiniň gaýtarylyp berilmegine bolan hukuk

 

Balary sürüsini sypdyran balaryçylaryň, balary sürüsini üznüksiz yzarlan halatynda onuň gaýtarylyp berilmegini talap etmäge we  eger balary sürüsi keseki çäkde ornaşan ýa-da boş duran keseki balary gapyrjaklarynda ýerleşen bolsa, ony ýygnamaga hukugy bardyr.

 

16-njy madda. Idegsiz balary sürüsi

 

1. Balaryçy tarapyndan yzarlanylmaýan balary sürüsi ýa-da gelip çykyşy näbelli bolan balary sürüsi idegsiz bolup durýar.

2. Idegsiz balary sürüsine eýeçilik hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

V BAP. BAL ÖNDÜRÝÄN ARYLARY GORAMAK

 

17-nji madda. Bal öndürýän arylary goramaga bildirilýän esasy talaplar

 

Bal öndürýän arylary goramaga bildirilýän esasy talaplar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) bal öndürýän arylaryň ylmy taýdan esaslandyrylan zootehniki hyzmatyny, peýdalanylmagyny we üznüksiz köpeldilmegini üpjün etmek;

2) bal öndürýän arylaryň ýaşaýan tebigy gurşawyny, gonalgalaryny we göçýän ýollaryny goramak;

3) bal öndürýän arylaryň weterinariýa-sanitariýa taýdan hyzmatyny üpjün etmek.

 

18-nji madda. Bal öndürýän arylaryň goragyny üpjün etmek

 

Bal öndürýän arylaryň goragy şu aşakdakylar arkaly üpjün edilýär:

1) bal öndürýän arylary saklamagyň zootehniki hem-de weterinariýa- sanitariýa kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmek hem-de  balary maşgalaly balary gapyrjaklaryny bal şiresi toplanylýan çeşmeleriň golaýynda ýerleşdirmek;

2) bal öndürýän arylaryň ýaşaýan tebigy gurşawyny, gonalgalaryny we göçýän ýollaryny goramagyň talaplaryny ýerine ýetirmek;

 3) bal öndürýän arylaryň pestisidler we agrohimikatlar bilen zäherlenmeginiň öňüni almak;

4) bal öndürýän arylaryň keselleriniň öňüni almak, olary bejermek, balary maşgalalaryna zyýan berijiler bilen göreşmek;

5) balary maşgalalarynyň  päsgelçiliksiz göçürilmegine ýardam

etmek;

6) balary maşgalaly balary gapyrjaklaryny weýran bolmakdan goramak;

7) bal öndürýän arylary goramak babatda ylmy barlaglary guramak;

8) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde balaryçylygyň mahabaty, raýatlarda balarylaryna bolan yhlasly gatnaşygy terbiýelemek, şol sanda bal öndürýän arylary goramak boýunça işleri höweslendirmek;

9) balaryçylyga döwlet goldawyny bermek.

 

19-njy madda. Bal öndürýän arylaryň pestisidler we agrohimikatlar bilen zäherlenmeginiň öňüni almak

 

Bal öndürýän arylaryň pestisidler we agrohimikatlar bilen zäherlenmeginiň öňüni almak pestisidler we agrohimikatlar bilen howpsuz iş salyşmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

20-nji madda. Tokaýdan peýdalanmak hukugy amala aşyrylan mahalynda bal öndürýän arylary goramak  

 

1. Tokaýlaryň önümliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler, balaryçylyk babatda işleriň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün edýän talaplary hasaba almak bilen geçirilýär.

2. Tokaýlaryň arassaçylyk ýagdaýyny we olaryň gaýtadan dikeldilmeginiň şertlerini gowulandyrmak halatlaryndan başga halatlarda, stasionar balary idedilýän ýerleriň ýerleşýän ýerinden üç kilometrden ýakyn bolan aralykda ýerleşýän çäklerde, bal şireleriniň toplanylýan çeşmeleri bolan agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň çapylmagyna ýol berilmeýär.

 

21-nji madda. Bal öndürýän arylaryň ýaşaýan tebigy gurşaw şertlerinde olary goramak

 

1. Bal öndürýän arylaryň peýdaly alamatlaryny peýdalanmak, bal öndürýän arylaryň ýaşaýan tebigy gurşaw şertlerinde balaryçylyk önümlerini almak boýunça iş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Eger balary maşgalasy özüniň ýaşaýan tebigy gurşaw şertlerinde adamyň ýaşaýşa ukyplylygyny kynlaşdyrýan halatynda, beýle balary maşgalasynyň göçürilmegi ýa-da göçürmek mümkinçiligi bolmadyk mahalynda ýok edilmegi balaryçylyk babatda hünärmenleriň ýa-da balaryçylaryň gatnaşmagynda geçirilýär.

 

22-nji madda. Bal öndürýän arylaryň kesellemeginiň öňüni almak, olary bejermek we balary maşgalalaryna zyýan berijileriň garşysyna göreşmek

 

1. Bal öndürýän arylaryň kesellemeginiň öňüni almak, olary bejermek we balary maşgalalaryna zyýan berijileriň garşysyna göreşmek, şeýle hem mum listlerini öndürmek weterinariýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

2. Balaryçylar bal öndürýän arylaryň kesellemeginiň öňüni almak, olary bejermek we balary maşgalalaryna zyýan berijileriň garşysyna göreşmek boýunça çäreleri amala aşyrmak üçin weterinariýa işini amala aşyrmaga hukugy bolan ýuridik we fiziki şahslary çekip bilýärler.

3. Ýuridik we fiziki şahslar balary idedilýän ýeriň weterinariýa- sanitariýa pasportyny edinmäge borçludyrlar. Balary idedilýän ýerleriň weterinariýa-sanitariýa pasportlaryny bermek we ýöretmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

23-nji madda. Bal öndürýän arylaryň has gymmatly populýasiýalaryny we tohumlaryny köpeltmek hem-de peýdalanmak

 

1. Bal öndürýän arylaryň tohumlyk jähtde has gymmatly populýasiýalaryny we tohumlaryny köpeltmek hem-de peýdalanmak boýunça ýuridik we fiziki şahslaryň işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Bal öndürýän arylaryň tohumlyk jähtde has gymmatly populýasiýalary we tohumlary bilen ýuridik we fiziki şahslary üpjün etmek, şeýle hem bal öndürýän arylaryň populýasiýalarynyň we tohumlarynyň tohumlyk gymmatyny gowulandyrmak maksady bilen seçgi balary idedilýän ýerler döredilip bilner.

3. Seçgi balary idedilýän ýerleriň töweregindäki çäge bal öndürýän arylaryň beýleki populýasiýalaryna we tohumlaryna degişli balary maşgalalarynyň ýa-da ene balarylarynyň, şeýle hem gelip çykyşy näbelli bolan balary maşgalalarynyň ýa-da ene balarylarynyň getirilmegi gadagan edilýär.  

 

24-nji madda. Balaryçylyk babatda zootehniki we weterinariýa-sanitariýa gözegçiligi

 

Bal öndürýän arylary saklamagyň zootehniki we weterinariýa- sanitariýa kadalarynyň hem-de düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

25-nji madda. Bal öndürýän arylar üçin howp döredýän ýagdaýlar barada balaryçylara habar bermek

 

1. Balaryçylaryň daşky tebigy gurşawyň ýagdaýy barada, şeýle hem bal öndürýän arylar üçin howp döredýän ýagdaýlar barada öz wagtynda, doly we dogry maglumaty almaga Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hukugy bardyr.  

2. Oba hojalyk hem-de tokaý ösümliklerini işläp taýýarlamak üçin pestisidleri we (ýa-da) agrohimikatlary ulanýan ýuridik we fiziki şahslar, beýle işläp taýýarlamany başlamazyndan öň, üç günden gijä galman bu barada balaryçylaryň hut özlerine duýdurmaga borçludyrlar. Şunda oba hojalyk hem-de tokaý ösümlikleriniň işlenip taýýarlanylýan senesi, olary işläp taýýarlamagyň usuly, ulanylýan pestisidleriň we (ýa-da) agrohimikatlaryň zäherleýiş derejesi görkezilýär.

 

26-njy madda. Balary maşgalalarynyň daşalmagyna ýardam etmek

 

Balary gapyrjagynyň gyzmagyndan we balary gapyrjagynda howanyň çyglylygynyň birden ýokarlanmagyndan balary maşgalalarynyň heläk bolmagynyň öňüni almak üçin balary maşgalalaryny daşamagy amala aşyrýan ulag serişdeleriniň muňa ygtyýarlandyrylan edaralar tarapyndan saklanylmagyna, eger-de bu saklanylma diňe balary maşgalalaryny daşamagyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi geçirmek we (ýa-da) ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýy bilen bagly bolmasa, ýol berilmeýär.

 

27-nji madda. Balary önümlerini gaýtadan işlemek we satmak

 

1. Balaryçylyk önümleri gaýtadan işlenilende olaryň tebigy hilini we alamatlaryny gorap saklamak hökmany şert bolup durýar.

2. Balaryçylyk önümlerini satmak balary idedilýän ýeriň weterinariýa-sanitariýa pasporty bar bolan mahalynda ylalaşylan bahalardan  özleriniň  garamagy boýunça balaryçylar tarapyndan amala  aşyrylýar.

3. Balaryçylygyň galplaşdyrylan önümlerini satandygy üçin günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýär.

 

VI BAP. BALARYÇYLYK BABATDA TÜRKMENISTANYŇ

KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK. JEDELLERI ÇÖZMEK

 

28-nji madda. Balaryçylyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Balaryçylyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

 

29-njy madda. Jedelleri çözmek

 

Balaryçylyk babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

30-njy madda. Türkmenistanyň balaryçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

Türkmenistanyň balaryçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

31-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                           Gurbanguly

     Prezidenti                                                            Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 18-nji awgusty.

№ 266-V.