Galyndylar hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Galyndylar hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 59-njу madda)

 

(Türkmenistanyň 05.01.2018 ý. № 685-V we 08.06.2019 ý. № 157-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun galyndylar bilen iş salyşmak çygryndaky gatnaşyklary  düzgünleşdirýär, galyndylaryň ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen galyndylaryň emele gelmegini azaltmaga we hojalyk hem-de beýleki işlerde olaryň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) galyndylar – düzüminden peýdaly häsiýetleri çykarylyp alnan,  mundan beýläk gaýtadan ulanylmaga ýa-da ýerleşdirilmäge degişli bolan, belli bir önümi öndürmek üçin ýaramsyz maddalar (çig malyň görnüşleri);

2) galyndylar bilen iş salyşmak – galyndylaryň emele gelmeginiň öňüni almak, olary ýygnamak, daşamak, saklamak, işläp taýýarlamak, gaýtadan ulanmak, zyýansyzlandyrmak we gömmek bilen bagly iş;

3) önümçilik galyndylary − öndürmegiň barşynda emele gelen, çig malyň, materiallaryň, ýarym fabrikatlaryň, beýleki önümleriň ýa-da azyk önümleriniň galyndylary, şeýle hem öz sarp edijilik häsiýetlerini ýitiren harytlar (önümler), tehnogen mineral emele gelmeler we oba hojalyk önümçiliginiň galyndylary;

4) galyndylaryň görnüşi – howplulyk klaslary boýunça galyndylary toparlara bölmegiň ulgamyna laýyklykda umumy alamatlary bolan galyndylar;

5) hojalyk galyndylary – adamyň ýaşaýşynyň barşynda emele gelýän galyndylar;

6) howply galyndylar – olaryň barlygy we (ýa-da) olar bilen iş salşylmagy adamyň janyna, saglygyna we daşky tebigy gurşawa howp salyp biljek galyndylar;  

7) galyndylary dörediji − onuň önümçilik ýa-da hojalyk işi galyndylaryň emele gelmegine getirýän ýuridik ýa-da fiziki şahs;

8) galyndylary ýygnama – ýörite bellenen ýerlerde ýa-da ýörite  enjamlaşdyrylan obýektlerde galyndylary toplamak, sortlamak, zyýansyzlandyrmak, gaýtadan ulanmak we ýerleşdirmek bilen bagly iş;

9) galyndylary daşama – galyndylaryň emele gelen ýa-da saklanylýan ýerlerinden olaryň gaýtadan işlenilýän, gaýtadan ulanylýan ýa-da gömülýän ýerlerine ýa-da obýektlerine daşama;

10) galyndylary serhetüsti daşama – Türkmenistanyň çäginden we (ýa-da) çäginiň üsti bilen beýleki döwletiň çägine ýa-da çäginiň üsti bilen galyndylary daşama;

11) galyndylary ýerleşdirme – munuň üçin ýörite enjamlaşdyrylan obýektlerde galyndylary saklamak we (ýa-da) gömmek;

12) galyndylary saklama – galyndylaryň soňra peýdalanyljak, zyýansyzlandyryljak ýa-da gömüljek pursadyna çenli olary emele gelen ýerlerinde wagtlaýyn saklama;

13) galyndylary gömme – daşky gurşawa zyýanly maddalaryň düşmeginiň öňüni almak maksady bilen munuň üçin ýörite enjamlaşdyrylan obýektlerde, mundan beýläk peýdalanmaga degişli bolmadyk galyndylary uzak wagtlaýyn üzňeleşdirme;

14) galyndylaryň ýerleşdirilýän obýekti – galyndylary ýerleşdirmek üçin ýörite bellenen we enjamlaşdyrylan ýer (önümçilik we hojalyk galyndylary saklanylýan ýerler, şlam saklanylýan ýerler, dag jynslarynyň üýşmegi, akdyrylýan hapa suwlaryň bugarýan meýdanlary);

15) galyndylary gaýtadan işleme – galyndylary peýdalanmak ýa-da olary ekologiýa taýdan howpsuz saklamaga, daşamaga, gaýtadan ulanmaga ýa-da gömmäge taýýarlamak maksady bilen, galyndylaryň fiziki, himiki ýa-da biologik häsiýetleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologik amallary amala aşyrma;

16) galyndylary peýdalanma – önüm öndürmek ýa-da energiýa almak üçin galyndylary ulanma;

17) galyndylary gaýtadan ulanma – galyndylaryň düzüminden gymmatly düzümbölekleri çykaryp alma ýa-da galyndylary gaýtadan alynýan çig mal, ýangyç, dökün hökmünde we beýleki maksatlar üçin peýdalanma;

18) galyndylary zyýansyzlandyrma – mehaniki, fiziki-himiki ýa-da biologik taýdan işläp taýýarlamak arkaly galyndylaryň ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltma ýa-da aradan aýyrma;

19) galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberi (limiti) – degişli çägiň ekologik ýagdaýyny hasaba almak bilen galyndylaryň ýerleşdirilýän obýektlerinde bellenilen möhlete kesgitlenilen usulda ýerleşdirmäge ygtyýar edilýän galyndylaryň anyk görnüşiniň aňryçäk ýol berilýän mukdary;

20) galyndylaryň emele gelmeginiň kadasy – önümiň birligi öndürilende ýa-da başlangyç çig malyň birligine düşýän galyndylaryň anyk görnüşiniň bellenilen mukdary;

21) galyndylaryň howplulyk pasporty – galyndylaryň belli bir anyk görnüşi saklanylanda, daşalanda, gaýtadan ulanylanda, zyýansyzlandyrylanda ýa-da gömülende onuň howplulyk klasyny hökmany kesgitlemek bilen, esasy fiziki-himiki häsiýetleri baradaky maglumaty özünde saklaýan resminama.

 

2-nji madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň galyndylar bilen iş salyşmak we daşky gurşawy goramak babatdaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Radioaktiw galyndylar bilen iş salyşmak, zyýanly maddalaryň atmosfera zyňylmagy babatdaky gatnaşyklar Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri

 

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyň esasy ýörelgeleri şu aşakdakylardyr:

1) ilatyň saglygyny goramak, daşky gurşawyň amatly ýagdaýyny saklamak ýa-da dikeltmek we biologik köpdürlüligi gorap saklamak;

2) jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen ilatyň ekologik we ykdysady bähbitlerini ylmy taýdan esaslandyryp utgaşdyrmak;

3) az galyndyly we galyndysyz tehnologiýalary (önümçiligiň ýapyk siklini) durmuşa geçirmek maksady bilen ylmy-tehnikanyň iň soňky gazananlaryny peýdalanmak;

4) galyndylaryň mukdaryny azaltmak maksady bilen material-çig mal serişdeleriniň toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek;

5) galyndylaryň gaýtadan ulanylmagyny olary ýerleşdirmekden we gömmekden ileri tutmak;

6) önümçilik we hojalyk işlerinde galyndylary iň pes möçbere getirmek;

7) galyndylary ekologiýa taýdan howpsuz ýerleşdirmek;

8) galyndylary toparlara bölmek esasynda olary hökmany hasaba almak;

9) galyndylaryň mukdaryny azaltmak we olary hojalyk dolanyşygyna çekmek maksady bilen galyndylar bilen iş salyşmak çygryndaky işleri ykdysady taýdan düzgünleşdirmegiň usullaryny peýdalanmak;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda jemgyýetçiligiň maglumata bolan elýeterliligini üpjün etmek;

11) Türkmenistanyň galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy.

 

4-nji madda. Galyndylara eýeçilik hukugy

 

1. Galyndylar eýeçilik hukugynyň obýekti bolup durýarlar.

2. Galyndylara bolan eýeçilik hukugy olaryň öndürijisine ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda galyndylara bolan eýeçilik hukugyny alan başga ýuridik ýa-da fiziki şahsa degişlidir.

 

II BAP. GALYNDYLAR BILEN IŞ SALYŞMAK

ÇYGRYNDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

 

5-nji madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

 

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

2) ministrlikleriň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň galyndylar bilen iş salyşmak çygryndaky işini utgaşdyrýar;

3) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda döwlet hasaba alnyşyny we gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibini belleýär;

4) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

5) serhetüsti daşalmagy döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmäge degişli bolan galyndylaryň sanawyny tassyklaýar;

6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

7-nji madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralary

 

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralary şu aşakdakylardyr:

1) jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

2) daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

3) saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy.

 

8-nji madda. Jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlygy

 

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy:

1) hojalyk galyndylary babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) hojalyk galyndylary babatda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga berýär;

3) hojalyk galyndylary babatda işi ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen özara gatnaşykda amala aşyrýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar;

5) galyndylaryň howplulyk klasyny kesgitleýän klassifikatoryň taslamasyny ylalaşýar;

6) hojalyk galyndylaryny daşamagyň tertibini ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde işläp taýýarlaýar we ony tassyklaýar;

7) hojalyk galyndylarynyň döwlet hasaba alnyşyny amala aşyrýar;

8) galyndylary gaýtadan işlemek babatda binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek, standartlary we kadalary, şeýle hem tehniki şertleri berjaý etmek boýunça usulyýet maslahatlaryny berýär;

9) hojalyk galyndylary babatda döwlet ekologiýa seljermesiniň obýektleriniň taslama resminamalaryny ylalaşýar;

10) hojalyk galyndylary babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we ylmy-usuly gollanmalaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

11) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

9-njy madda. Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlygy

 

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy:

1) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

2) ýuridik we fiziki şahslaryň işleriniň netijesinde emele gelýän önümçilik galyndylarynyň döwlet hasaba alnyşyny alyp barmaga gatnaşýar;

3) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ylmy-barlag we tehnologik işläp taýýarlamalary goşmak bilen, taslama resminamalarynyň döwlet ekologik seljermesini geçirýär;

31) galyndylaryň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiriniň derejesi kesgitlenilýän ölçeg alamatlaryny (kriteriýalaryny) belleýär;

4) galyndylaryň emele gelmeginiň bellenilýän kadalaryny we galyndylaryň ýerleşdirilýän obýektlerini ylalaşýar;

5) galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberlerini (limitlerini) tassyklaýar;

6) galyndylary serhetüsti daşamaga rugsatnamany bellenilen tertipde berýär;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

10-njy madda. Saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlygy

 

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy:

1) galyndylar bilen iş salşylanda sanitariýa kadalarynyň we düzgünleriniň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligini amala aşyrýar;

2) galyndylaryň zyýanly täsirinden ilatyň saglygyny goramak boýunça çäreleri kesgitleýär;

3) galyndylar bilen iş salyşmagyň obýektleri barada sanitariýa-gigiýena netijenamalaryny berýär;

4) galyndylardan öndürilýän önümlere degişli sanitariýa-gigiýena kadalaryny belleýär;

5) galyndylaryň ilatyň saglygy üçin howplulyk derejesi kesgitlenilen mahalynda usuly taýdan üpjünçiligi  amala aşyrýar;

6) saglygy goraýşyň galyndylary bilen iş salyşmagyň tertibini düzgünleşdirýär;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

11-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlygy

 

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) degişli çägiň maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar;

2) hojalyk galyndylarynyň ýygnalmagyny, daşalmagyny, gaýtadan işlenilmegini we gaýtadan ulanylmagyny guraýarlar;

3) öz tabynlygyndaky çäkde hojalyk galyndylarynyň ýygnalyşyna, daşalyşyna, gaýtadan işlenilişine we gaýtadan ulanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

4) hojalyk galyndylaryny ýerleşdirmek üçin meýdançany saýlamagy amala aşyrýarlar we ony gurmagyň taslama resminamalaryny taýýarlaýarlar;

5) öz tabynlygyndaky çäkde hojalyk galyndylarynyň hasaba alnyşyny amala aşyrýarlar;

6) ilatly ýerleri hojalyk galyndylaryndan arassalamaga we olary ýygnamaga Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslaryna rugsatnama berýärler;

7) galyndylaryň ýerleşdirilýän obýektleriniň ýerleşdiriljek ýerini kesgitleýärler;

8) galyndylary ýygnamak we gaýtadan ulanmak boýunça Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslarynyň işine ýardam edýärler;

9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

 

12-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygy

 

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) öz tabynlygyndaky çäkde galyndylary ýerlemegiň obýektleriniň  ýerleşdiriljek ýeriniň meselelerini çözmäge gatnaşýarlar;

2) ilatly ýerleriň sanitariýa taýdan arassalanylmagyna we hojalyk galyndylarynyň ýygnanylandygy üçin tölegleriň ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan öz wagtynda tölenilmegine ýardam edýärler;

3) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özleriniň üstlerine ýüklenen beýleki ygtyýarlylyklary amala aşyrýarlar.

 

III BAP. GALYNDYLAR BILEN IŞ SALYŞMAK ÇYGRYNDA ÝURIDIK WE FIZIKI ŞAHSLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

13-nji madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýuridik şahslaryň hukuklary we borçlary

 

1. Ýuridik şahslaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmaga;

2) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralaryna galyndylar bilen iş salyşmak meseleleri boýunça öz tekliplerini girizmäge;

3) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralaryndan galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda sanitariýa, ekologik kadalar we düzgünler barada maglumaty bellenilen tertipde almaga;

4) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda sanitariýa we ekologik kadalaryň we düzgünleriň talaplaryna laýyklykda galyndylaryň ýerleşdirilýän obýektlerinde galyndylary saklamaga;

5) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynyň netijesinde başga ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan olara ýetirilen zeleliň öweziniň dolunmagyna;

6) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

2. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýuridik şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) galyndylaryň emele gelmegini azaltmak üçin ähli zerur çäreleri görmäge;

2) galyndylar ýygnanylan, saklanylan, peýdalanylan, gaýtadan ulanylan, zyýansyzlandyrylan we gömlen mahalynda galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda bellenilen sanitariýa we ekologik kadalary hem-de düzgünleri berjaý etmäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde galyndylary hökmany hasaba almaga we olar hakynda hasabatlylyk bermäge;

4) özleriniň önümçilik we hojalyk işleriniň netijesinde emele gelýän galyndylaryň emele gelmeginiň kadalarynyň we galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberleriniň taslamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna we galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki ygtyýarlandyrylan edaralaryna ylalaşmak üçin bellenilen tertipde olary bermäge;

41) daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça galyndylaryň howplulyk pasportyny düzmäge we tassyklamaga;

5) özleri eýesi bolup durýan galyndylary gaýtadan ulanmak boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreleri görmäge;

6) önümçiligiň tehnologiýasy bilen göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, galyndylaryň garyşmagyna ýol bermezlige;

7) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralaryna we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna galyndylaryň daşky gurşawa, suw obýektlerine rugsatsyz dökülen ýagdaýlary we görlen çäreler barada maglumaty haýal etmän bermäge;

8) hojalyk galyndylaryny ýygnamagy we alyp gitmegi amala aşyrýan kärhanalaryň hyzmatyndan peýdalanylandygy üçin, şeýle hem galyndylaryň ähli görnüşleri ýerleşdirilen we (ýa-da) gömlen mahalynda daşky gurşawyň hapalanandygy üçin tölegi bellenilen tertipde tölemäge;

9) özüniň önümçilik işleriniň galyndylaryny ýerleşdirmeginiň ýa-da gömmeginiň netijesinde ýa-da galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmagy sebäpli ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýetirilen zeleliň, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslaryň emlägine ýetirilen zeleliň öwezini dolmaga;

10) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

3. Galyndylaryň eýeleri bolup duran ýuridik şahslar, önümçiligiň galyndylaryny gaýtadan ulanmak, ýerleşdirmek, daşamak we gömmek boýunça çäreleri öz serişdeleriniň hasabyna özbaşdak ýa-da şertnama laýyklykda amala aşyrmalydyrlar.

4. Galyndylaryň eýeleri bolup durýan ýuridik şahslar, galyndylary ýerleşdirmegiň we gömmegiň özlerine degişli obýektlerini saklamak boýunça çäreleri maliýeleşdirmegi amala aşyrmalydyrlar. Galyndylary ýerleşdirmegiň we gömmegiň beýleki obýektlerinde galyndylar ýerleşdirilen we gömlen halatynda, galyndylaryň eýeleri galyndylary ýerleşdirmegiň we gömmegiň obýektlerini saklamak üçin şertnama laýyklykda töleg geçirmelidirler.

5. Şu maddanyň 1, 2, 3 we 4-nji böleklerinde görkezilen hukuklar we borçlar, ýuridik şahsy döretmezden galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda önümçilik we hojalyk işini amala aşyrýan hususy telekeçilere hem degişlidir.  

 

14-nji madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda fiziki şahslaryň hukuklary we borçlary

 

1. Fiziki şahslaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) özleriniň ýaşaýan ýerlerinde howply we beýleki galyndylaryň bardygy, galyndylary ýerleşdirmegiň taslamalaşdyrylýan we hereket edýän obýektleriniň howpsuzlygy barada maglumaty bellenilen tertipde galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralaryndan almaga;

2) galyndylary ýerleşdirmegiň obýektlerini gurmak barada çözgütleriň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga;

3) hojalyk galyndylarynyň ýygnalmagyny we äkidilmegini amala aşyrýan kärhanalaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaga;  

4) galyndylar bilen iş salyşmak çygryndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynyň netijesinde olaryň saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna;

5) galyndylary ýerleşdirmegiň obýektleriniň sanitariýa we ekologik ýagdaýyna jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmaga gatnaşmaga;

6) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

2. Fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda bellenilen sanitariýa we ekologik kadalarynyň we düzgünleriniň  talaplaryny berjaý etmäge;

2) hojalyk galyndylarynyň ýygnalmagyny we äkidilmegini amala aşyrýan kärhanalaryň hyzmatlaryndan peýdalanylandygy üçin bellenilen tertipde töleg geçirmäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda başga borçlary ýerine ýetirmäge.

 

IV BAP. GALYNDYLARY TOPARLARA BÖLMEK. GALYNDYLAR BILEN IŞ SALYŞMAK ÇYGRYNDA UMUMY TALAPLAR

 

15-nji madda. Galyndylaryň howplulyk derejeleri boýunça olary klaslara bölmek

 

1. Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan bellenilýän ölçeg alamatlaryna laýyklykda galyndylar daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiriniň derejesine baglylykda bäş howplulyk klaslaryna bölünýärler:

1) I klas –  adatdan daşary howply galyndylar;

2) II klas – ýokary howply galyndylar;

3) III klas – aram howply galyndylar;

4) IV klas – az howply galyndylar;

5) V klas – howpsuz galyndylar.

2. Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy galyndylaryň howplulyk derejesi kesgitlenilýän ölçeg alamatlary esasynda saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy hem-de jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça galyndylaryň klassifikatoryny işläp taýýarlaýar hem-de tassyklaýar.

 

16-njy madda. Galyndylaryň emele gelmeginiň mukdaryny azaltmak boýunça talaplar

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar hojalyk we beýleki işleri amala aşyrmagyň barşynda galyndylaryň emele gelmeginiň mukdaryny azaltmak boýunça netijeli çäreleri görmäge borçludyrlar.

2. Ýuridik we fiziki şahslar şu maddanyň birinji böleginde bellenilen talaplary durmuşa geçirmek maksady bilen şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) galyndylaryň emele gelmeginiň mukdaryny azaltmaga ýa-da öňüni almaga mümkinçilik berýän, az galyndyly we galyndysyz tehnologiýalary hem-de ulgamlary ulanmaga;

2) emele gelen galyndylary ýokary derejede gaýtadan ulanmak boýunça çäreleri görmäge.

 

17-nji madda. Galyndylaryň ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsirini çäklendirmek we öňüni almak boýunça talaplar

 

1. Galyndylaryň ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsirini çäklendirmek we öňüni almak maksady bilen ýuridik we fiziki şahslara şu aşakdakylar gadagan edilýär:

1) eger kärhanalar, önümçilikler we saklawhanalar, şeýle hem galyndylaryň saklanylýan ýerleri we galyndylary ýerleşdirmegiň beýleki obýektleri galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda sanitariýa we ekologik kadalaryň hem-de düzgünleriň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa, olary taslamalaşdyrmak, gurmak we ýerleşdirmek;

2) galyndylar bilen iş salyşmagyň şertleri boýunça tehniki we beýleki çäreleri bellenilen tertipde ylalaşmazdan şäherleri we ilatly ýerleri ýerleşdirmek we ösdürmek barada çözgüdi kabul etmek;

3) galyndylar bilen howpsuz iş salyşmak üçin degişli enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilmedik, täze we durky täzelenilen kärhanalary, önümçilikleri we beýleki obýektleri işe girizmek.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda galyndylaryň ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsirini çäklendirmek we öňüni almak boýunça beýleki ýörite talaplar we çäreler hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

18-nji madda. Galyndylary saklamaga we gömmäge bildirilýän talaplar

 

1. Galyndylar diňe galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan degişli edaralary bilen ylalaşylan galyndylary ýerleşdirmegiň obýektlerinde, saklamak ýa-da gömmek üçin ýerleşdirilip bilner.

2. Galyndylaryň ýerleşdirilýän obýektleriniň guralmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Galyndylaryň saklanylmagy we gaýtadan ulanylmagy galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda sanitariýa hem-de ekologik kadalaryň we düzgünleriň talaplaryna laýyklykda, galyndylaryň ýokary derejede peýdalanylmagyny ýa-da olaryň gaýtadan ulanylmagyny üpjün edýän usullaryň we tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly amala aşyrylýar.

4. Şu aşakdaky ýerlerde galyndylary saklamak we gömmek gadagan edilýär:

1) ilatly ýerleriň (şäherleriň, şäherçeleriň we oba ilatly ýerleriň) çäklerinde;

2) tebigaty goraýyş, sagaldyş, rekreasion we taryhy-medeni maksatly ýerlerde;

3) agyz suw we hojalyk-durmuş suw üpjünçiligi maksady bilen peýdalanylýan suw gorag zolaklarynda we suw obýektleriniň sanitariýa taýdan goralýan zolaklarynda;

4) ýerasty suw obýektleriniň suw toplaýyş meýdanlarynda we ýerasty suw obýektleriniň üstünde ýerleşýän çäkde;

5) ilatyň saglygyna, şeýle hem daşky gurşawa zyýan ýetirip biljek howpuň döräp biljek beýleki ýerlerinde.

5. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň galyndylar bilen hapalanmagyndan ekologiýa taýdan howpsuzlygyny üpjün edýän çuňluklarda ýatan, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň ýerleşýän ýerlerinde, galyndylaryň gömülmegine ýol berilýär.

 

19-njy madda. Galyndylary daşamaga bildirilýän talaplar

 

1. Galyndylary ýerleşdirmegiň obýektlerine galyndylary daşamak, galyndylary öndüriji ýa-da galyndylaryň eýesi tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Hojalyk galyndylaryny daşamak öz tabynlygyndaky çäkde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Hojalyk galyndylaryny ýygnamak we daşamak bilen baglanyşykly hyzmatlaryň nyrhlaryny jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde işläp taýýarlaýar hem-de maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça tassyklaýar.

3. Galyndylar daşalanda ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda sanitariýa we ekologik kadalaryň hem-de düzgünleriň talaplary berjaý edilmelidir.

4. Galyndylary daşamak ýörite enjamlaşdyrylan ulag serişdesinde, gaplanan görnüşde ýa-da galyndylaryň daşky gurşawa düşmeginiň öňüni alýan başga usulda daşalmalydyr.

5. Galyndylary daşaýjy galyndylaryň ýerleşdirilýän obýektlerine galyndylaryň howpsuz daşalmagyna we eltilmegine bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilik çekýär.

6. Howply galyndylaryň daşalmagy galyndylaryň howplulyk pasporty bar bolan mahalynda amala aşyrylmalydyr.

 

20-nji madda. Howply galyndylar bilen iş salyşmaga bildirilýän talaplar

 

1. I, II we III klasly howplulygy bolan galyndylar hasaba alynmaga degişlidir.

2. Howply galyndylar bilen iş salşylanda ýuridik we fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) daşky gurşawyň howply galyndylar bilen hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün etmäge, şeýle hapalanmanyň ýüze çykan ýagdaýynda bolsa, hapalanmany we onuň netijelerini aradan aýyrmaga;

2) heläkçilikli ýagdaýlaryň öňüni almaga, olaryň netijelerini çäklendirmäge we aradan aýyrmaga hem-de adamlary we daşky gurşawy olaryň täsirinden goramaga gönükdirilen çäreleri görmäge;

3) galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda sanitariýa we ekologik kadalaryň hem-de düzgünleriň talaplaryny hasaba almak bilen, howply galyndylary emele getirýän kärhanalary we önümçilik obýektlerini ulanmagy üpjün etmäge.

3. Howply galyndylar bilen iş salyşmaga, howply maddalar we galyndylar bilen işlemek hukugyny berýän şahadatnama bilen tassyklanan hünär taýýarlygy bolan adamlara rugsat berilýär.

4. Howply galyndylary daşalmak, galyndylaryň howplulyk pasportynyň we howply galyndylar daşalan mahalynda gerekli, ýany bilen iberilýän resminamalaryň bar bolan mahalynda, howply ýükleri daşamak barada Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

5. Howply galyndylaryň daşalmagy, daşaýjy tarapyndan daşalan wagtynda ýetirilip bilinjek ýitgiler üçin onuň raýat jogapkärçiliginiň hökmany ätiýaçlandyrylan şertinde amala aşyrylýar.

6. Howply galyndylaryň ýerleşdirilmegine diňe ýörite enjamlaşdyrylan ýerlerde rugsat edilýär we howply galyndylar bilen iş salşylan mahalynda bellenilen talaplara laýyklykda amala aşyrylýar. Howply galyndylary ýerleşdirmek üçin niýetlenilen çäkde, olar bilen iş salyşmak bilen bagly bolmadyk işleriň beýleki görnüşlerini amala aşyrmak gadagan edilýär.

7. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň çäginde howply galyndylaryň saklanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Çäklerinde howply galyndylar saklanylýan kärhanalar, edaralar we guramalar, ýokary howply obýektlere degişlidir.

8. Howply galyndylaryň daşalmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bu ulag serişdesine berlen rugsatnamanyň bar bolan mahalynda, munuň üçin ýörite enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň kömegi bilen amala aşyrylýar.

9. Daşaýjy howply galyndylaryň howpsuz daşalmagy üçin jogapkärçilik çekýär.

 

21-nji madda. Galyndylaryň getirilmegi, çykarylmagy we serhetüsti daşalmagy

 

1. Galyndylary ýerleşdirmek we gömmek maksady bilen olaryň islendik görnüşini Türkmenistanyň çägine getirmek gadagan edilýär.

2. Türkmenistandan howply galyndylary çykarmak şu Kanunyň 6-njy maddasynyň 5-nji bendine laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Howply galyndylaryň serhetüsti daşalmagy Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna hem-de Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup durýan halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Galyndylary serhetüsti daşamaga rugsatnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy boýunça daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan berilýär.

5. Galyndylaryň serhetüsti daşalmagyna rugsatnama Türkmenistanyň kanunçylygynyň hem-de Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup durýan halkara şertnamalarynyň talaplarynyň bozulan mahalynda, şeýle hem daşaýjynyň işi ilatyň saglygyna we daşky gurşawa howp salyp biljek hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň emlägine zyýan ýetirip biljek halatlarynda, togtadylyp ýa-da yzyna alnyp bilner.

 

22-nji madda. Nebit dökülende emele gelýän galyndylar bilen iş salyşmaga bildirilýän talaplar

 

Nebit dökülende emele gelýän galyndylar bilen iş salyşmaga bildirilýän talaplar, nebitiň dökülmeginiň öňüni almak we ony aradan aýyrmak boýunça, daşky gurşawy goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy we Türkmenistanyň degişli halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

23-nji madda. Gämilerde we beýleki ýüzüji serişdelerde emele gelýän galyndylar bilen iş salyşmaga bildirilýän talaplar

 

Gämilerde we beýleki ýüzüji serişdelerde emele gelýän galyndylar bilen iş salyşmaga bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunçylygy we Türkmenistanyň degişli halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

24-nji madda. Uglewodorod serişdeleri we beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar işlenilen (özleşdirilen) mahalynda galyndylar bilen iş salyşmaga bildirilýän talaplar

 

1. Uglewodorod serişdeleri we beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar işlenilen mahalynda galyndylar bilen iş salyşmaga bildirilýän talaplar şu Kanun, «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

2. Uglewodorod serişdeleri we beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar gözlenilen, işlenilen, gazylyp alnan, täzeden işlenilen, daşalan, saklanan we peýdalanylan mahalynda galyndylar bilen iş salşylmagy galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda sanitariýa we ekologik kadalaryň hem-de düzgünleriň, şeýle hem uglewodorod ýataklaryny işlemegiň düzgünleriniň talaplaryna doly laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

3. Nebit-gaz obýektleriniň düzümleri (infrastrukturalary) gurlan, gurnalan, sökülen, nebit we gaz ýataklary enjamlaşdyrylan we ulanylan mahalynda, ähli işler hemme galyndylaryň iň ýokary derejede guramaçylykly ýygnalmagyny we gaýtadan ulanylmagyny üpjün edýän enjamlary we tehnologiýalary peýdalanmak bilen amala aşyrylmalydyr.

4. Uglewodorod serişdeleriniň we beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň işlenilmegi bilen bagly işler geçirilen mahalynda şu aşakdakylar gadagan edilýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralarynyň rugsatnamasyny almazdan önümçilik galyndylaryny ýerleşdirmek we gömmek;

2) Hazar deňziniň türkmen böleginde we Türkmenistanyň üstki suwlarynda galyndylaryň hemme görnüşleriniň dökülmegi we gömülmegi;

3) ugurdaş gatlak (gatlakara) suwlaryny zyýansyzlandyrmak boýunça deslapky amallary geçirmezden we galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda döwlet ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralary bilen bellenilen tertipde ylalaşmazdan olary gerek bolan gatlaga nasos arkaly ýygnamak.

 

25-nji madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda gözegçilik

 

1. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda döwlet gözegçiligini galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralary amala aşyrýarlar.

2. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda önümçilik gözegçiligini öz ygtyýarlygynyň çäklerinde galyndylary öndürijiler amala aşyrýarlar.

3. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda jemgyýetçilik gözegçiligini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri amala aşyrýarlar.

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda jemgyýetçilik gözegçiligini geçirmegiň tertibini jemgyýetçilik birleşikleri özleriniň tertipnamalaryna laýyklykda kesgitleýärler.

 

V BAP. GALYNDYLAR BILEN IŞ SALYŞMAK ÇYGRYNDA DÖWLET HASABA ALNYŞY, HASABATLYLYK, PASPORTLAŞDYRMA WE KADALAŞDYRMA

 

26-njy madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda döwlet hasaba alnyşy we hasabatlylygy

 

1. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda işleri amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar emele gelen, peýdalanylan, gaýtadan ulanylan, beýleki şahslara geçirilen ýa-da beýleki şahslardan alnan, şeýle hem ýerleşdirilen galyndylaryň bellenen tertipde hasaba alnyşyny ýöretmäge borçludyrlar.

2. Önümçilik galyndylary bilen iş salyşmak çygrynda işleri amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar, özleriniň alyp barýan işleri barada daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna hasabat bermäge borçludyrlar.

3. Hojalyk galyndylary bilen iş salyşmak çygrynda işleri amala aşyrýan ýuridik şahslar, özleriniň alyp barýan işleri barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli ýerli edarasyna hasabat bermäge borçludyrlar.

4. Saglygy goraýşyň galyndylary bilen iş salyşmak çygrynda işleri amala aşyrýan ýuridik şahslar, özleriniň alyp barýan işleri barada saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna hasabat bermäge borçludyrlar.

5. Önümçilik galyndylary bilen iş salyşmak çygrynda hasaba almagyň tertibi daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

6. Hojalyk galyndylary bilen iş salyşmak çygrynda hasaba almagyň tertibi jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

7. Saglygy goraýşyň galyndylary bilen iş salyşmak çygrynda hasaba almagyň tertibi saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

27-nji madda. Galyndylaryň gömlen we gaýtadan ulanylan ýerleriniň döwlet hasaba alnyşy

 

1. Galyndylaryň howplulyk klaslary boýunça gaýtadan ulanylan we gömlen ýerleri barada maglumaty ýygnamagy, işläp taýýarlamagy, saklamagy we seljermegi üpjün etmek maksady bilen galyndylaryň gömlen we gaýtadan ulanylan ýerleriniň döwlet hasaba alnyşy ýöredilýär.

2. Galyndylaryň gömlen we gaýtadan ulanylan ýerleriniň döwlet hasaba alnyşy galyndylaryň howplulyk klaslary boýunça gömlen we gaýtadan ulanylan obýektleri hakynda, galyndylaryň mukdar we hil häsiýetnamalary hakynda maglumaty, galyndylar bilen iş salyşmak hakynda maglumaty öz içine alýar. Galyndylaryň gömlen we gaýtadan ulanylan ýerleriniň döwlet hasaba alnyşy galyndylary öndürijileriň hasabat maglumatlarynyň we galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralarynyň wagtly-wagtynda berýän maglumatlarynyň esasynda döwlet statistika edaralary tarapyndan ýöredilýär.

3. Galyndylaryň gömlen we gaýtadan ulanylan ýerleriniň döwlet hasaba alnyşy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýöredilýär.

 

271-nji madda. Galyndylary pasportlaşdyrmak

 

1. Türkmenistanyň çäginde emele gelýän önümçilik we hojalyk işleriniň galyndylary pasportlaşdyrylmaga degişlidir. Galyndylaryň howplulyk pasporty ýuridik şahslar tarapyndan özüniň önümçiliginiň we hojalyk işiniň galyndysynyň her bir görnüşine düzülýär. Önümçilik tehnologiýasy bilen baglylykda galyndylaryň şahsy häsiýetleriniň üýtgän halatlarynda galyndylaryň howplulyk pasportyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Galyndylaryň howplulyk pasportynyň mazmuny we resmileşdirilmegi Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Galyndylaryň ýerleşdirilýän obýektlerinde galyndylary saklamak we gömmek diňe galyndylaryň howplulyk pasporty bar bolan mahalynda amala aşyrylýar.

 

28-nji madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda kadalaşdyrma

 

1. Ilatyň saglygyny we daşky gurşawy goramagy üpjün etmek, galyndylaryň mukdarynyň emele gelmegini azaltmak maksady bilen galyndylaryň emele gelmeginiň kadalary we galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberleri işlenip taýýarlanylýar.

2. Galyndylaryň emele gelmeginiň kadalary daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ýuridik şahslar tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

3. Galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberleri ýuridik şahslar tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

4. Galyndylaryň emele gelmeginiň kadalaryny we galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberlerini işläp taýýarlamagyň hem-de tassyklamagyň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenilýär.

 

VI BAP. GALYNDYLAR BILEN IŞ SALYŞMAK

ÇYGRYNDA YKDYSADY TAÝDAN DÜZGÜNLEŞDIRME

 

29-njy madda. Galyndylar ýerleşdirilen we gömlen mahalynda daşky gurşawyň hapalanandygy üçin töleg

 

1. Galyndylar ýörite bellenen ýerlerde we ýörite enjamlaşdyrylan obýektlerde ýerleşdirilen we gömlen mahalynda daşky gurşawyň hapalanandygy üçin daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan bellenen tertipde töleg alynýar. Tölegiň mukdary galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberleriniň we galyndylaryň howplulyk derejesine baglylykda bellenilen tölegiň esasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.  

2. Galyndylar ýerleşdirilen we gömlen mahalynda daşky gurşawyň hapalanandygy üçin töleg Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilmäge degişlidir.

3. Galyndylar ýerleşdirilen we gömlen mahalynda daşky gurşawyň hapalanandygy üçin tölegleriň hasabyna Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip gowuşýan serişdeler, galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýär.

 

30-njy madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda işleri ykdysady taýdan höweslendirmek

 

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda işleri ykdysady taýdan höweslendirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

31-nji madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda jedelleri çözmek

 

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

32-nji madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

33-nji madda. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda halkara hyzmatdaşlygy

 

Türkmenistan galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň galyndylar bilen iş salyşmak çygryndaky halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrýar.

 

34-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap üç aý möhletiň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                          Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 23-nji maýy.

№ 225-V.