Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ 

K A N U N Y

 

Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 60-njу madda)

 

(Türkmenistanyň 05.01.2018 ý. № 685-V we 14.03.2020 ý. № 241-VI Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun maldarçylykda tohumçylyk işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum mallaryň genofonduny aýap saklamaga we artdyrmaga, olaryň önüm berijilik hilini üznüksiz ýokarlandyrmaga we gowulandyrmaga gönükdirilendir, şeýle hem tohum maldarçylygy babatda işleýän döwlet edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň işini düzgünleşdirýär. 

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) tohum maldarçylygy – seçgi maksatlary bilen tohum mallary  köpeltmek, tohumçylyk önümini öndürmek we peýdalanmak;

2) tohumlyk mal – belli bir tohumy üznüksiz köpeltmek üçin peýdalanylýan we bellenilen tertipde hasaba alnan, resminamalaýyn  tassyklanylan gelip çykyşy bolan, arassa ganly tohum mal;

3) maldarçylykda tohumçylyk işi – mallaryň tohumlyk we önüm berijilik hilini gowulandyrmaga gönükdirilen zootehniki, seçgi we guramaçylyk-hojalyk çäreleriniň ulgamy;

4) tohumlyk önüm (material) – tohum mal, onuň  tohumy (döli) we düwünçegi, inkubasion ýumurtgalar, işbil, liçinkalar, balary paketleri;

5) bonitirowka – tohum malyň tohumlyk we önüm berijilik hiline, şeýle hem olary mundan beýläk peýdalanmak maksady bilen beýleki tohumlyk önümiň (materialyň) hiline toplumlaýyn baha bermek;

6) tohumlyk gymmatlyk – tohum malyň genetik mümkinçiliginiň derejesi we hojalyk taýdan peýdaly alamatlaryny nesle geçirmek ukyby;

7) tohum mallaryň önümliligi – tohum mallaryň hojalyk taýdan peýdaly alamatlarynyň jemi, şol sanda olardan alynýan önümiň hili we mukdary;

8) arassa ganly tohum mallary köpeltmek – tohum mallaryň belli bir tohumyna mahsus bolan alamatlary aýap saklamak we gowulandyrmak maksady bilen bu tohum mallary köpeltmek;

9) az sanly (genofond) tohum – genetik-seçgi aýratynlyklary bilen tapawutlanýan we ýitip gitmek howpy astynda durýan, belli bir tohuma degişli bolan seýrek duş gelýän mallaryň topary;

10) tohum mallaryň we tohum mallaryň sürüleriniň Döwlet tarapyndan hasaba alnyşy – tohum mallaryň we tohum sürüleriň meňzeşligini takyklamak, gelip çykyşyny kesgitlemek we önümliligini anyklamak maksady bilen tohum mallaryň Döwlet kitabynda we Döwlet tohumçylyk sanawunda, degişlilikde tohum mallar we tohum mallaryň sürüleri barada maglumatlary hasaba almak;

11) tohum mallaryň Döwlet kitaby – arassa ganly tohum mallary  köpeltmegiň netijesinde alnan, tohum mallaryň belli bir tohumyndaky has gymmatlysy barada ýa-da tohum sürüler barada maglumatlaryň jemi;

12) Döwlet tohumçylyk sanawy – tohum mallaryň sürüleri barada maglumatlaryň jemi;

13) belgileme – degişli tohum malyň şol tohuma degişliligini takyk anyklamaga mümkinçilik berýän tatuirowka-belgileri, tagmany basmak, birkany, çipi berkitmek arkaly tohum maly bellemek;

14) maldarçylykda seçgi işi – mallaryň bar bolanlaryny kämilleşdirmek, täze tiplerini, ugurlaryny, krosslaryny we tohumlaryny döretmek, tohumlyk önümini rejeli peýdalanmak hem-de genofonda degişli tohumlary aýap saklamak boýunça çäreleriň toplumy;

15) seljerme (aprobasiýa) – mallaryň belli bir täze tiplere, ugurlara, krosslara we mallaryň tohumlaryna degişlidigini anyklamaga mümkinçilik berýän, genetiki gurluşyny we häsiýetlerini kesgitlemek maksady bilen olary barlama;

16) kross – mallaryň bir ugruny başga bir ugur bilen çaknyşdyrmakdan döreýän mallaryň topary;

17) düwünçekleriň transplantasiýasy – düwünçegiň irki ösüş döwründäki tohumlanan öýjüklerini bir maldan başga bir mala geçirmegi öz içine alýan mallary köpeltmegiň biotehnologik usuly; 

18) tohum banky – höwür malyň doňdurma ýoly bilen konserwirlenilen tohumyny saklanylýan jaý.

 

2-nji madda. Tohum maldarçylygy babatda wezipeler 

 

Tohum mallaryň önüm berijilik hilini gowulandyrmak, ýokary önümli mallary köpeltmek, seçgi maksatlary üçin peýdaly mallaryň az sanly we ýitip barýan tohumlarynyň genofonduny aýap saklamak maksady bilen olaryň üznüksiz köpeldilmegini üpjün etmek tohum maldarçylygy babatda wezipeler bolup durýar.

 

3-nji madda. Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Tohum mal bolup durmaýan ýabany we öý haýwanlaryny köpeltmek we peýdalanmak babatdaky gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

II BAP. TOHUM MALDARÇYLYGY BABATDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

4-nji madda. Tohum maldarçylygy babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

 

Tohum maldarçylygy babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara) we onuň Mallaryň we guşlaryň tohumçylyk döwlet gullugy (mundan beýläk – Gulluk), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

5-nji madda. Tohum maldarçylygy babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Tohum maldarçylygy babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrýar;

4) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

5) döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär;

6) tohum mallaryň baş sany boýunça ýitgileri dikeltmegiň tertibini, tohum mallaryň baş sanyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň tertibini belleýär;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

6-njy madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň tohum maldarçylygy babatda ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarlandyrylan edara:

1) tohum maldarçylygy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) tohum maldarçylygy babatda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga berýär;

3) maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

4) Gullugyň we onuň ýerlerdäki düzüm birlikleriniň işiniň tertibini belleýär;

5) tohum maldarçylygy boýunça edaralaryň sanawyny kesgitleýär;

6) tohum maldarçylygy babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

7) tohum mallaryň Döwlet kitaby barada Düzgünnamany tassyklaýar;

8) Döwlet tohumçylyk sanawy barada Düzgünnamany tassyklaýar;

9) tohumlyk önüminiň laýyklyk sertifikatynyň görnüşini we ony bermegiň tertibini tassyklaýar;

10) tohum mallaryň meňzeşligini takyklamagyň tertibini belleýär;

11) tohum mallarda, täze döredilen tiplerde, ugurlarda, krosslarda we mallaryň tohumlarynda seljerme geçirmegiň tertibini hem-de seljerme geçirmek boýunça toparyň Düzgünnamasyny we onuň düzümini tassyklaýar;

12) tohumlyk önümlerini peýdalanmagyň tertibini belleýär;

13) genofonda degişli sürüleri, tohum banklaryny we düwünçekleri döretmegiň hem-de peýdalanmagyň tertibini kesgitleýär;

14) seçgi we biotehnologik usullaryny ulanmagyň şertlerini kesgitleýär;

15) maldarçylykda mallaryň täze ýokary önümli tohumlaryny,  ugurlaryny we gibridlerini döretmegi we kämilleşdirmegi üpjün edýän, seçgi-tohumçylyk işiniň guralyşyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna ýardam edýär;

16) tohum maldarçylygy babatda bäsleşikleri, sergileri geçirmegiň tertibini we şertlerini belleýär;

17) tohum maldarçylygy babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

18) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

61-njy madda. Gullugyň tohum maldarçylygy babatda ygtyýarlylygy

 

Gulluk:

1) tohum maldarçylygy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) tohumlyk önümlerini peýdalanmagyň tertibini işläp taýýarlaýar;

3) tohum mallaryň Döwlet kitabynda we Döwlet tohumçylyk sanawynda, tohum mallary we tohum mallaryň sürülerini degişlilikde hasaba almagy alyp barýar;

4) tohum mallaryň, tohum mallaryň sürüleriniň önümliligine  bolan talaby kesgitleýär, daşky (fenotipik) we genetiki alamatlary boýunça tohum mallara baha bermegi geçirýär;

5) tohum mallary, tohum mallaryň sürülerini idetmegiň, tohumy, düwünçekleri, inkubasion ýumurtgalary, işbili, liçinkalary, balary paketlerini almagyň, saklamagyň we daşamagyň şertlerine talaplary belleýär;

6) tohum maldarçylygyny höweslendirmek boýunça, şol sanda  seçgi maksatlary üçin peýdaly mallaryň az sanly we ýitip barýan tohumlarynyň genofonduny aýap saklamak boýunça çäreler barada teklipleri işläp taýýarlaýar;

7)  tohumlyk önüminiň laýyklyk sertifikatynyň berilmegini amala aşyrýar;

8) mallaryň ýokary önümli tohumlarynyň giňden ýaýramagyny we mallaryň ýerli tohumlarynyň genetiki gorunyň goralmagyny üpjün edýär;

9) maldarçylykda mallaryň täze ýokary önümli tohumlaryny, ugurlaryny we gibridlerini döretmegi we kämilleşdirmegi üpjün edýän, seçgi-tohumçylyk işiniň guralyşyny  gowulandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

10) tohum mallaryň meňzeşligini takyklamagy amala aşyrýar;

11) oba hojalyk mallarynda emeli tohumlandyrmak usulynyň giňden ulanylmagyny guraýar;

12) tohum maldarçylygy babatda gözegçiligi we gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;

13) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

7-nji madda. Tohum maldarçylygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Tohum maldarçylygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen Gullugyň we onuň ýerlerdäki düzüm birlikleriniň üstlerine üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmegi üçin oňa şertleri döredýärler;

2) tohum maldarçylygyň hususy binýadyny döretmäge we ösdürmäge, öz Watanymyzyň we dünýäniň tohum mallarynyň tohumlarynyň gymmatly genofonduny aýap saklamaga we netijeli peýdalanmaga ýardam berýärler;

3) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki meseleleri çözýärler.

 

8-nji madda. Tohum maldarçylygy babatda döwlet gözegçileri

 

1. Ygtyýarlandyrylan edara, Gulluk we onuň ýerlerdäki düzüm birlikleri öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde tohum maldarçylygy babatda döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar.

2. Gullugyň ýolbaşçysy tohum maldarçylygy babatda Türkmenistanyň Baş döwlet gözegçisidir. Gullugyň jogapkär işgärleri we onuň ýerlerdäki düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary tohum maldarçylygy boýunça döwlet gözegçileridir.

3. Türkmenistanyň Baş döwlet gözegçisi we tohum maldarçylygy boýunça döwlet gözegçileri şu hukuklara eýedirler:

1) tohum maldarçylygy boýunça edaralara päsgelçiliksiz barmaga we olardan zerur maglumatlary muzdsuz almaga;

2) maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalaryny aradan aýyrmak barada tabşyryknamalary bermäge we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge;

3) maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalary ýüze çykarylan halatynda, tohumlyk önüminiň ýerlenilmegini togtatmaga;

4) seçgi we tohumlyk önümini üznüksiz öndürmek babatda täze tehnologiýalaryň, gurallaryň, enjamlaryň, materiallaryň we   biotehnologik usullaryň önümçilige ornaşdyrylyşyna we ulanylyşyna döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrmaga;

5) tohumlyk önüminiň zootehniki talaplary bozmak bilen ýerlenilmegine we peýdalanylmagyna ýol bermezlige;

6) tohum maldarçylygy babatda maslahat beriş we wagyz-nesihat işlerini amala aşyrmaga;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki hukuklara.

 

III BAP. TOHUMLYK ÖNÜMI PEÝDALANMAK WE

ONUŇ BONITIROWKASY

 

9-njy madda. Tohumlyk önümi peýdalanmak

 

1. Tohum mallaryň tohumy we düwünçekleri, inkubasion ýumurtgalar, işbil, liçinkalar we balary paketleri şu aşakdaky halatlarda ulanylýar, eger:

1) olar, görnüşleri şu Kanunyň 20-nji maddasynda sanalyp geçilen tohum maldarçylygy boýunça edaralarda alnan bolsa;

2) olar maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hasaba alnan tohum  mallardan alnan bolsa;

3) olaryň meňzeşligini takyklamaga mümkinçilik berýän şahsy belgileri bar bolsa;

4) olaryň tohumçylyk sertifikatlary bar bolsa.

2. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan satyn alnan tohum mallar, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýän tertipde peýdalanylýar.

3. Tohum mallaryň tohumyny üznüksiz öndürmek üçin diňe ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýän tertipde bonitirowka geçen tohum mallar peýdalanylýar.

 

10-njy madda. Mallaryň tohumyny üznüksiz köpeltmek maksady bilen tohumlyk önümi we tohum mallary peýdalanmagyň şertleri

 

1. Tohumlyk önüm, onuň tohum mallardan alnan şertinde tohum mallaryň tohumyny üznüksiz köpeltmek maksady bilen peýdalanylýar.

2. Tohum mal onuň belgilenilen we tohum mallaryň Döwlet kitabynda hasaba alnan şertlerinde tohumy üznüksiz köpeltmek maksady bilen peýdalanylýar.

 

11-nji madda. Tohum mallary köpeltmek maksady bilen olaryň tohumyny peýdalanmagyň şertleri 

 

Tohum mallaryň ýerlemek üçin öndürilen tohumy, onuň alnan tohum-höwür malyna tohumçylyk sertifikatynyň, genetiki we weterinar sertifikatlarynyň bar bolan mahalynda peýdalanylýar.

 

12-nji madda. Tohum mallary köpeltmek maksady bilen tohum mallaryň düwünçeklerini peýdalanmagyň şertleri

 

1. Tohum mallaryň düwünçekleri, olardan düwünçekler alnan tohum mallara tohumçylyk şahadatnamalaryň we genetiki sertifikatlaryň bar bolan mahalynda tohum mallary köpeltmek maksady bilen peýdalanylýar.

2. Tohum mallaryň düwünçekleri tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasy boýunça merkezler tarapyndan başga şahslara ýerlenilip ýa-da berlip bilner.

 

13-nji madda. Tohumlyk önümiň bonitirowkasy 

 

1. Tohum maldarçylygy boýunça edaralara degişli bolan tohumlyk önüm hökmany tertipde bonitirowka geçirilmäge degişlidir. Tohumlyk önümiň bonitirowkasy, bonitirowka edijiler (klassifikatorlar) tarapyndan geçirilýär.

2. Tohumlyk önümiň bonitirowkasyny geçirmegiň tertibi we şertleri ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

3. Tohumlyk önümiň bonitirowkasy görkezilen önüm bar bolan ähli edaralarda her ýyl geçirilýär.

4. Tohum maldarçylygy boýunça edaralaryň, tohum mallaryň tohumyny üznüksiz köpeltmek üçin, bonitirowka geçmedik tohumlyk önümi ýerlemäge haky ýokdur.

 

14-nji madda. Tohum-höwür mallary barlamak we baha bermek

 

1. Tohumy üznüksiz köpeltmek üçin saýlanylyp alnan tohum-höwür mallar, nesliniň hili we (ýa-da) öz önümliligi boýunça barlanylmaga we baha berilmäge degişlidir.

2. Tohum-höwür mallary barlamak, tohum mallaryň önümliliginiň bellenilen derejesine ýetilen, tohum maldarçylygy boýunça edaralarda geçirilýär.

3. Tohum-höwür mallary barlamak we baha bermek Gulluk tarapyndan tassyklanylýan usulyýete laýyklykda, tohum maldarçylygy boýunça edaralarda geçirilýär.

 

15-nji madda. Bonitirowka barada maglumatlaryň elýeterliligi 

 

Tohum maldarçylygy boýunça edara bonitirowka baradaky maglumatlary umumylaşdyrýar, ýokary gymmatlygy bolan tohum mallary netijeli peýdalanmagy höweslendirmek maksady bilen onuň netijeleri hakynda, ygtyýarlandyrylan edara, Gulluga we gyzyklanýan şahslara habar berýär.

 

IV BAP. TOHUM MALDARÇYLYGY BABATDA IŞI GURAMAK

 

16-njy madda. Tohum maldarçylygy babatda işi guramagyň esasy ýörelgeleri

 

1. Tohum maldarçylygy babatda iş şu ýörelgelere esaslanýar:

1) maldarçylygyň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;

2) arassa ganly tohum mallar köpeldilen mahalynda tohumy aýap saklamagy üpjün etmek;

3) tohum maldarçylygy babatda maglumatlaryň göwnejaý hasaba alynmagyny üpjün etmek;

4) tohum mallar barada maglumaty dessine işläp taýýarlamak we ony tohum mallary köpeltmegi hem-de peýdalanmagy amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslara bermek.

2. Tohum maldarçylygy babatda işleri ýerine ýetirmek, ýörite enjamlaryň bar bolan mahalynda, kesgitli hünäri bar bolan işgärler tarapyndan amala aşyrylýar.

 

17-nji madda. Tohum mallary we tohum mallaryň sürülerini döwlet tarapyndan hasaba almak

 

1. Tohum mallary we tohum mallaryň sürülerini döwlet tarapyndan hasaba almagyň obýektleri tohum mallar we tohum mallaryň sürüleri bolup durýarlar.

2. Tohum mallary we tohum mallaryň sürülerini döwlet tarapyndan hasaba almak tohum mallaryň Döwlet kitabyna we Döwlet tohumçylyk sanawuna degişlilikde ýazgylary girizmek arkaly amala aşyrylýar.

3. Tohum mallaryň Döwlet kitabyna we Döwlet tohumçylyk sanawuna tohum mallaryň, tohum mallaryň sürüleriniň tohumlyk we önümlilik hilleri barada maglumatlar, şeýle hem tohum mallaryň, tohum mallaryň sürüleriniň meňzeşligini takyklamak, olaryň gelip çykyşyny we hojalyk taýdan gymmatyny kesgitlemek üçin gerek bolan beýleki maglumatlar girizilýär. Bellenilen maglumatlar gyzyklanýan şahslar üçin elýeter bolmalydyr.

4. Tohum mallaryň Döwlet kitaby we Döwlet tohumçylyk sanawy Gulluk tarapyndan ýöredilýär.

 

18-nji madda. Tohum maldarçylygy babatda ylmy taýdan üpjünçilik we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak

 

1. Tohum maldarçylygy babatda ylmy taýdan üpjünçiligi bu ugurda ylmy işi alyp barýan Türkmenistanyň ylmy edaralary we ýokary okuw mekdepleri amala aşyrýarlar.

2. Tohum maldarçylygy babatda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy edaralarda amala aşyrylýar.

 

19-njy madda. Tohum maldarçylygy boýunça edaralar

 

1. Tohum maldarçylygy babatda iş tohum maldarçylygy boýunça edaralar, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Tohum maldarçylygy boýunça edaralar ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen görnüşler boýunça, tohum maldarçylygy babatda maglumatlaryň hasaba alnyşyny ýöredýärler.

 

20-nji madda. Tohum maldarçylygy boýunça edaralaryň görnüşleri

 

1. Tohum maldarçylygy boýunça edaralar tohum maldarçylygy babatda işiniň ugruna baglylykda şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde döredilip bilner:

1) tohum mallar zawody; 

2) tohum mallar hojalygy;

3) tohum mallar fermasy;

4) oba hojalyk mallaryny emeli tohumlandyryş merkezi;

5) tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasy merkezi;

6) tohumçylyk işi babatda işi amala aşyrýan beýleki ýuridik şahslar.

2. Tohum maldarçylygy boýunça edaranyň esaslandyryjy resminamalarynda onuň guramaçylyk-hukuk görnüşi, şeýle hem bu edaranyň işiniň wezipesi we maksady görkezilýär.

3. Tohum maldarçylygy boýunça hemme edaralar ygtyýarlandyrylan edara bilen ylalaşylmagy boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda döredilýär.

 

21-nji madda. Tohum mallar zawody

 

1. Tohum mallar zawody – belli bir tohuma degişli ýokary önümli tohum mallaryň sürüsine eýe bolan arassa ganly tohum mallary köpeltmegi maksat edinýän, tohum mallar hojalygy bolup durýan, ýuridik şahsdyr.

2. Tohum mallar zawodynyň esasy wezipesi, tohum mallar hojalyklary üçin tohumlyk önümi öndürmek, ösdürip ýetişdirmek we ýerlemek bolup durýar.

 

22-nji madda. Tohum mallar hojalygy

 

Tohum mallar hojalygy – tohum mallary köpeltmek maksady bilen olary köpeltmegi amala aşyrýan, ýuridik şahsdyr.

 

23-nji madda. Tohum mallar fermasy

 

Tohum mallar fermasy – tohum maldarçylygy, belli bir görnüşli, tohumly, tipli, ugurly we krossly ýokary önümli tohum mallary üznüksiz köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we ýerlemek bilen meşgullanýan ýuridik ýa-da fiziki şahsdyr.

 

24-nji madda. Oba hojalyk mallaryny emeli tohumlandyryş merkezi

 

1. Oba hojalyk mallaryny emeli tohumlandyryş merkezi – tohum almak üçin tohum-höwür mallary özünde saklaýan ýuridik şahsdyr. Görkezilen merkez oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagyny geçirmek üçin tohum mallaryň tohumyny almak, işläp taýýarlamak, hiline gözegçilik etmek, saklamak we ibermek bilen baglanyşykly işleri geçirýär.

2. Oba hojalyk mallaryny emeli tohumlandyryş merkezi:

1) tohum maldarçylygy boýunça edaralara mallary emeli tohumlandyrmagyň usullaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça usuly we amaly kömegi berýär;

2) tohumçylyk işini gowulandyrmak maksady bilen mallary emeli tohumlandyrmagyň hilini gowulandyrmagyň öňde baryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyny we mallary emeli tohumlandyrmagyň hasaba alnyşynyň dogry ýöredilmegini üpjün edýär;

3) tohumlaryň alynmagy, işlenip taýýarlanylmagy, saklanylmagy we oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagyny geçirmek üçin tohum mallary tohum bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly işleri geçirýär.

3. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ýerlerde oba hojalyk mallaryny emeli tohumlandyrmak boýunça işleri amala aşyrýan edaralary döretmäge hukugy bardyr.

4. Oba hojalyk mallaryny emeli tohumlandyrmak boýunça işleri amala aşyrýan edaralar, ýokary tohumlyk (genetiki) gymmatlygy bolan tohum-höwür mallardan köp sanly nesil almak maksady bilen, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, hyzmat edýän hojalyklarynyň ählisinde oba hojalyk mallaryny emeli tohumlandyrmagyň giňden ulanylmagyny guraýarlar.

 

25-nji madda. Tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasy merkezi

 

Tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasy merkezi – tohum mallaryň düwünçeklerini almak, işläp taýýarlamak, durmuşa geçirmek boýunça işleri geçirýän we tohum mallaryň düwünçekleriniň  transplantasiýasy boýunça garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi amala aşyrýan ýuridik şahsdyr.

 

26-njy madda. Maldarçylykda tohumçylyk işi babatda işi amala aşyrýan ýuridik şahslar 

 

Maldarçylykda tohumçylyk işi babatda işi amala aşyrýan ýuridik şahslar, (maldarçylygyň gözegçilik-synag nokady, aýlaw, süýdüň, etiň, ýüňüň hiline seçgi taýdan gözegçilik barlaghanasy, immunogenetik seljeriş barlaghanasy, maglumat taýdan üpjünçilik merkezi), mallaryň seçgisinde tohum mallaryň genotipik we fenotipik alamatlaryny peýdalanmak üçin görkezilen alamatlary hasaba almagy amala aşyrýar.

 

V BAP. MALDARÇYLYKDA TOHUMÇYLYK IŞI BABATDA ÇÄRELER

 

27-nji madda. Tohum mallary, tohum mallaryň sürülerini saklamak we iýmlemek, tohumy, tohum mallaryň düwünçeklerini, inkubasion ýumurtgalary, işbili, liçinkalary, balary paketlerini almak we saklamak 

 

Tohum mallary, tohum mallaryň sürülerini saklamak we iýmlemek, tohumy, tohum mallaryň düwünçeklerini, inkubasion ýumurtgalary, işbili, liçinkalary, balary paketlerini almak we saklamak ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen, ylmy taýdan esaslandyrylan talaplara laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

 

28-nji madda. Belgileme

 

1. Tohum malyň, tohum mallaryň sürüleriniň meňzeşligini takyk anyklamaga mümkinçilik berýän çipleşdirmek usuly bilen, birkany berkitmek ýoly bilen, tatuirowka etmek we başga usullar bilen tohum malyň, tohum mallaryň sürüleriniň meňzeşligini takyklamak maksady bilen tohumçylyk hojalyklary tarapyndan belgileme amala aşyrylýar.

2. Mallary belgilemegiň tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

 

29-njy madda. Seljerme

 

1. Tohum mallar, täze döredilen tipler, ugurlar, krosslar we mallaryň tohumlary seljerme geçirmäge degişli bolup durýar.

2. Seljerme geçirmek üçin ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan seljerme geçirmek boýunça topar döredilýär.

 

30-njy madda. Az sanly (genofond) tohumy aýap saklamak

 

Az sanly (genofond) tohumy aýap saklamak, genоfonda degişli sürüleri, mallaryň tohumynyň we düwünçekleriniň banklaryny döretmek arkaly amala aşyrylýar.

 

31-nji madda. Maldarçylykda tohumçylyk işi babatda beýleki çäreleri amala aşyrmak

 

Tohum mallaryň nesil yzarlaýan peýdaly hillerini döretmäge, aýap saklamaga, gowulandyrmaga we mallardan gelip çykyşly önümleri almak (öndürmek) üçin olaryň rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen tohumçylyk işi babatda çäreleri geçirmek, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda amala aşyrylýar.

 

VI BAP. OBA HOJALYK MALLARYNY EMELI TOHUMLANDYRMAK WE DÜWÜNÇEKLERIŇ TRANSPLANTASIÝASY

 

32-nji madda. Oba hojalyk mallaryny köpeltmek üçin tohum-höwür mallaryň tohumlaryny we tohum ene mallaryň düwünçeklerini peýdalanmak

 

1. Oba hojalyk mallaryny emeli tohumlandyrmak boýunça işi amala aşyrýan edarada alnan, tohum-höwür mallaryň tohumlary we tohum ene mallaryň düwünçekleri, şeýle hem tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasy merkezinde alnan düwünçekler, oba hojalyk mallaryny köpeltmek üçin peýdalanylýar.

2. Oba hojalyk mallarynynyň tohumy we düwünçekleri tohum mallardan alnan we tehnologik talaplara laýyklykda taýýarlanan bolmalydyr, şeýle hem weterinariýa-sanitariýanyň düzgünlerine gabat gelmelidir.

 

33-nji madda. Oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagynyň geçirilmegine ýüztutma

 

1. Oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagynyň geçirilmegine ýüztutma, oba hojalyk mallaryny köpeltmegi we peýdalanmagy amala aşyrýan, ýuridik hem-de fiziki şahslar tarapyndan, Gulluga berilýär.

Bu ýüztutmada şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1)  arza berijiniň ady we ýerleşýän ýeri;

2) degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça bellenilen işiň çägi.

2. Oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagyny geçirmek boýunça işiň çägini üýtgetmek zerur bolan mahalynda ýüz tutujy oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagynyň geçirilmegine täze ýüztutmany bermäge borçludyr.

 

34-nji madda. Oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagynyň geçirilmegine rugsat berme 

 

1. Oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagynyň geçirilmegine rugsat, Gulluk tarapyndan berilýär.

2. Oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagynyň geçirilmegine rugsat, degişli hünäri bolan işgärleriň we ýöriteleşdirilen enjamlaryň, şeýle hem oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagyny geçirmek üçin gerekli epizootiýa garşy, sanitariýa-gigiýena we zooweterinariýa taýdan şertleriň bar bolan mahalynda, oba hojalyk mallaryny köpeltmegi we peýdalanmagy amala aşyrýan, ýuridik hem-de fiziki şahslara berilýär.

 

35-nji madda. Tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasynyň geçirilmegine ýüztutma

 

1. Tohum mallarynyň düwünçekleriniň transplantasiýasynyň geçirilmegine ýüztutma tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasy merkeziniň ýolbaşçysyna berilýär.

Bu ýüztutmada şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) arza berijiniň ady we ýerleşýän ýeri;

2) degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça bellenilen işiň çägi.

2. Tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasyny geçirmek boýunça işiň çäginiň serhetlerini üýtgetmek zerur bolan mahalynda, ýüz tutujy düwünçekleriň transplantasiýasynyň geçirilmegine täze ýüztutmany bermäge borçludyr.

 

36-njy madda. Tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasynyň geçirilmegine rugsat berme 

 

1. Tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasynyň geçirilmegine rugsat Gulluk tarapyndan berilýär.

2. Tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasy, degişli hünäri bolan işgärleriň we ýöriteleşdirilen enjamlaryň, şeýle hem zooweterinariýa we sanitariýa-gigiýena taýdan şertleriň bar bolan mahalynda, tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasy merkezi tarapyndan amala aşyrylýar.

 

37-nji madda. Oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagynyň we tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasynyň geçirilmegine ýüztutmany bermegiň hem-de rugsatnamanyň berilmeginiň tertibi

 

Oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagynyň we tohum mallaryň düwünçekleriniň transplantasiýasynyň geçirilmegine ýüztutmany bermegiň hem-de rugsatnamanyň berilmeginiň tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

 

VII BAP. TOHUM MALDARÇYLYGY BABATDA YKDYSADY IŞ

 

38-nji madda. Tohum maldarçylygyny maliýeleşdirmek 

 

Tohum maldarçylygyny maliýeleşdirmek, döwlet serişdeleriniň, meýletin gatançlaryň, maliýe kömeginiň beýleki görnüşleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen maldarçylygy ösdürmek maksatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.

 

39-njy madda. Tohum maldarçylygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan höweslendirmek

 

Tohum maldarçylygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan höweslendirmek, tohum maldarçylygy boýunça edaralara, tohum maldarçylygyna döwlet goldawy hökmünde döwlet kepillendirmelerini, ýeňillikli karzlary, salgyt we beýleki ýeňillikleri bermek görnüşinde amala aşyrylýar.

 

40-njy madda. Tohum maldarçylygy babatda ýuridik we fiziki şahslaryň işini ygtyýarlylandyrmak

 

Tohum maldarçylygy babatda ýuridik we fiziki şahslaryň işiniň ygtyýarlylandyrylmagy işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

41-nji madda. Tohumlyk önümini sertifikatlaşdyrmak, standartlaşdyrmak we ätiýaçlandyrmak 

 

Tohumlyk önümini sertifikatlaşdyrmak, standartlaşdyrmak we ätiýaçlandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

42-nji madda. Tohumlyk önümiň Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistandan çykarylmagy

 

1. Tohumlyk önümiň Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistandan çykarylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Tohumlyk önümiň Türkmenistana getirilmegi, eksport edýän döwletiň degerli edarasy tarapyndan berlen weterinariýa sertifikaty we tohumçylyk sertifikaty, ýa-da şonuň bilen deň derejeli resminamasy bar bolan mahalynda amala aşyrylýar.

3. Ýuridik we fiziki şahs tohumlyk önümi Türkmenistana getirmäge rugsat almak üçin tohumlyk önümiň hili baradaky resminamalary we weterinariýa sertifikatyny ygtyýarlandyrylan edara bermäge borçludyr.

4. Türkmenistanyň çägine getirilen tohumlyk önümi, eksport edýän döwlet tarapyndan berlen, tohum mallaryň gelip çykyşyny, tohumlyk (genetiki) gymmatyny tassyklaýan resminamalar bar bolan mahalynda peýdalanylýar.

5. Genetiki taýdan modifisirlenen organizmleri (GMO), şol sanda tohumlyk önümlerini azyklyk maksatlary üçin Türkmenistana getirmäge rugsat berilmeýär.

 

43-nji madda. Tohum maldarçylygy babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Türkmenistan tohum maldarçylygy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär.

2. Türkmenistan tohum maldarçylygy babatda halkara hyzmatdaşlygyny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrýar.

 

VIII BAP. MALDARÇYLYKDA TOHUMÇYLYK IŞI HAKYNDA

TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY

ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK. JEDELLERI ÇÖZMEK

 

44-nji madda. Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

45-nji madda. Jedelleri çözmek

 

Tohum maldarçylygy babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

46-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                         Gurbanguly

     Prezidenti                                                           Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 23-nji maýy.

№ 226-V.