TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 21-nji madda)
(Türkmenistanyň 26.08.2017 ý. № 608-V we03.06.2023 ý. № 28-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmacalar bilen)
Şu Kanun türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär; Türkmenistanyň raýatlarynyň milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerine bolan elýeterlilik hukugynyň durmuşa geçirilmegine we her bir adamyň milli maddy däl medeni mirasy aýawly saklamak hakynda alada etmäge bolan borjunyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Milli maddy däl medeni miras düşünjesi
Milli maddy däl medeni miras diýlip türkmen jemgyýetiniň etniki, sosial ýa-da konfessional toparlaryna mahsus bolan ruhy gymmatlyklarynyň jemine düşünilýär, olar estetiki, sosial-medeni, taryhy we başga nukdaýnazarlardan türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlulygyny aýawly saklamak we ösdürmek üçin ähmiýeti bolan gymmatlykdyr.
Milli maddy däl medeni mirasy göterijiler hökmünde milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini üýtgewsiz däp bolan görnüşlerde we üýtgewsiz däp bolan serişdeler arkaly döretmäge, saklamaga we geljekki nesillere geçirmäge täsin ukyby bolan fiziki şahslar bolup biler.
Milli maddy däl medeni mirasy göterijiler öz gyzyklanmalary (ýüze çykýan ýerleri) boýunça hem toparlary hem-de toparlardan we (ýa-da) milli maddy däl medeni mirasyň aýratyn göterijilerinden ybarat bolan bileleşikleri emele getirip bilerler.
2-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň ýüze çykýan ýerleri we obýektleri
1. Türkmenistanyň çäginde milli maddy däl medeni miras aşakdaky ýerlerde ýüze çykyp biler:
1) maddy däl medeni mirasy göteriji hökmünde dili hem goşmak arkaly, dil üsti bilen aňlatmagyň däpleri we görnüşleri;
2) ýerine ýetirijilik sungatlary;
3) adatlar, dessurlar, baýramçylyklar;
4) adaty kesp-kärler bilen baglanyşykly başarnyklar we endikler;
5) tebigat we älem bilen baglanyşykly başarnyklar we adatlar.
2. Dil üsti bilen aňlatmagyň däplerine we görnüşlerine milli maddy däl medeni mirasyň aşakdaky obýektleri degişlidir:
1) dil üsti bilen aňladylýan folklor, şeýle hem dessanlar, eposlar, rowaýatlar, ertekiler;
2) urp-adat we urp-adat däl şahyrana lirika;
3) gutlaglar, doga-tumarlar, tapmaçalar, nakyllar, atalar sözi;
4) maddy däl medeni mirasyň şu böleginde ýüze çykýan beýleki obýektler.
3. Ýerine ýetirijilik sungatlaryna milli maddy däl medeni mirasyň aşakdaky obýektleri degişlidir:
1) saz sungatynyň däpleri we ýüze çykýan görnüşleri (wokal, instrumental, tans we beýleki sazlar);
2) bütewi (sinkretik) werbal-saz görnüşdäki döredijilik (hüwdüler, agylar, urp-adat bolup galan toý aýdymlary, senenama toparyndan bolan dessur aýdymlary, sazandarlyk edilmeginde aýdylýan aýdymlar hem-de sazandarlyk edilmezliginde aýdylýan we beýleki aýdymlar);
3) däpler we horeografik sungatyň ýa-da horeografik usullaryň ýüze çykýan görnüşleri (tanslar, tans giňişlikleri);
4) bagşyçylyk, sazandalar sungaty (dutarçylar, gyjakçylar, tüýdükçiler we beýleki sazandalar), aňlatmasynyň serişdesi sinkretik dil bolan (dilden, sazly, drama) dessançy bagşylar;
5) milli çaga oýunlary, milli sport oýunlary;
6) maddy däl medeni mirasyň şu böleginde ýüze çykýan beýleki obýektler.
4. Adatlara, dessurlara, baýramçylyklara milli maddy däl medeni mirasyň aşakdaky obýektleri degişlidir:
1) milli adatlar, dessurlar, däpler, dabaraly wakalar, adat bolup gelen baýramçylyklar, milli toýlar;
2) adaty medeni institutlar (hormatly adamlaryň we ýaşulularyň geňeşleri, gyzlaryň ýygnanyşyklary, köpçülikleýin kömek (geňeş);
3) maddy däl medeni mirasyň şu böleginde ýüze çykýan beýleki obýektler.
5. Adaty kesp-kärler bilen baglanyşykly başarnyklara we endiklere milli maddy däl medeni mirasyň aşakdaky obýektleri degişlidir:
1) haly dokamak, keçe basmak (ýasamak), palas dokamak, keşde çekme tilsimleri;
2) zergärçilik önümlerini ýasamak, küýzegärlik sungaty, agajy, ýüpegi, pagtany, ýüňi, derini işläp bejermek;
3) milli tagamlary taýýarlamagyň usullary;
4) egin-eşikleri taýýarlamagyň we hojalyk öwselelerini ýasamagyň usullary;
5) däp bolup gelen binagärlik;
6) saz gurallaryny ýasamagyň usullary;
7) maddy däl medeni mirasyň şu böleginde ýüze çykýan beýleki obýektler.
6. Tebigat we älem bilen baglanyşykly başarnyklara we adatlara milli maddy däl medeni mirasyň aşakdaky obýektleri degişlidir:
1) milli awçylyk, balyk tutmak;
2) oba hojalyk tejribesi, şeýle hem ösümlikleriň we ekinleriň ýerli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek;
3) maldarçylyk, şeýle hem gylýallary, goýunlary, sygyrlary, düýeleri, itleri we beýleki haýwanlary ösdürip ýetişdirmek tejribesi;
4) ýerli ösümlik çig malyndan tebigy boýaglary almagyň usullary;
5) dermanlyk ösümliklerini ulanmagyň usullary;
6) suwy ýygnamagyň we tygşytly ulanmagyň usullary;
7) howanyň ýagdaýy barada halk arasyndaky alamatlara düşündirişler, ýerde we suwda hereketiň ugruny kesgitlemek;
8) maddy däl medeni mirasyň şu böleginde ýüze çykýan beýleki obýektler.
3-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň toparlara bölünişi
Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri aşakdaky toparlara bölünýär:
1) milli maddy däl medeni mirasy göterijilerde ‒ bileleşiklerde (toparlarda) durmuşa ukyplylygy bilen häsiýetlendirilýän we olaryň barabarlygyny kesgitlemekde açyk aýdyň bolup durýan obýektler;
2) çeperçilik we etnografik gymmaty bolan, milli maddy däl medeni mirasyň az sanly göterijileriniň durmuşynda bar bolan, köp derejede köpçüligiň hakydasynda saklanýan, ýok bolup gitmek howpy abanýan we eger olary aýawly saklamak we dikeltmek boýunça çäreler görülmese, ýok bolup gitjek obýektler;
3) milli maddy däl medeni mirasy göterijiler bolup durýan bileleşikleriň (toparlaryň) durmuşyndan ýok bolup giden, ýöne taryhy, ylmy ähmiýeti bolan hem-de türkmen halkynyň däpleriniň medeni dürlüliginiň üstüni ýetirýän obýektler.
Milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini toparlara bölmek olary Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek arkaly geçirilýär we milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
4-nji madda. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň derejeleri
1. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri şu aşakdaky derejelere bölünýär:
1) adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna (ÝUNESKO) girizilen we girizmek nazarda tutulýan, şeýle hem beýleki ýurtlaryň halklarynyň taryhyna we medeniýetine akyl ýetirmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, bütind&uum