TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 160-njy madda)
(Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 663-V, 08.06.2019 ý. № 156-VI we 22.08.2020 ý.
№ 278-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda Internet toruny ösdürmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär we Türkmenistanyň çäginde internet-hyzmatlaryny etmek babatda işiň hukuk esaslaryny belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
1. Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini düzgünleşdirmek– döwlet tarapyndan Türkmenistanda Internet toruny ösdürmegiň ýörelgelerini, hukuk kadalaryny, guramaçylyk düzgünlerini we tehniki amallaryny işläp taýýarlamak we ulanmak, olaryň binýadynda ýurtda internet-hyzmatlaryny hödürlemek amala aşyrylýar;
2) Internet torunyň milli segmenti – Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde, milli domenler diýlip ykrar edilen domenleriň, beýleki domenlerde ýerleşen ýa-da haýsydyr bir domenlere degişli bolmadyk internet-serişdeleriň jemi, hostingiň internet-hyzmatlary olara Türkmenistanyň çäginde berilýär, şeýle hem Internet toruna elýeterliligi üpjün edýän Türkmenistanyň telekommunikasiýa aragatnaşygynyň tory;
3) ýokarky (birinji) derejeli milli domen – Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasy (ISO 3166-2) tarapyndan tassyklanan, ady Türkmenistanyň kody bilen berlen domen. Türkmenistan üçin ýokarky derejeli milli domeniň «.TM» diýen belgisi bardyr we ol Türkmenistanyň emlägi bolup durýar. «.TM» domeni dolandyrmak Türkmenistanyň çäginden amala aşyrylýar;
4) ikinji derejeli milli domen – ady ýokarky derejeli milli domeniň («.TM») adyny we öz adyny öz içine alýan domen; GOV.TM, EDU.TM, COM.TM we beýlekiler Türkmenistanyň ikinji derejeli milli domenleri bolup durýarlar;
41) üçünji derejeli domen – ikinji derejeli milli domeniň adyndan we öz adyndan ybarat bolan domen;
42) Milli utgaşdyryjy – Türkmenistanyň we dünýäniň internet toruny peýdalanyjylarynyň bähbitlerini goramak maksady bilen, ikinji derejeli milli domenleri dolandyrmak işini amala aşyrýan we maglumatlar gorunyň işjeňligini gurnaýan, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bellenilen ýuridik şahs;
5) Milli bellige alyjy ‒ «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny bellige almagy amala aşyrýan, bellige alnan domen atlarynyň maglumatlar goruny ýöredýän we hostingiň internet-hyzmatlaryny edýän, Milli utgaşdyryjy tarapyndan bellenilen ýuridik şahs;
6) Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory – Türkmenistanda Interneti peýdalanyjylaryň Internet toruna elýeterliligini üpjün etmek boýunça işi we (ýa-da) Internet tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen edilýän beýleki hyzmatlary amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahs. Türkmenistanda Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory hökmünde aragatnaşygyň operatory we (ýa-da) internet-prowaýder bolup biler;
7) internet-hyzmatlary – Internet torunyň kanallary boýunça maglumatlary bermek ýa-da kabul etmek arkaly edilýän hyzmatlar;
8) maglumatlar –ony saklamak, işläp taýýarlamak we bermek mümkinçiligini üpjün edýän ýörite görnüşde berlen habar;
9) Internet toruny peýdalanyjy – maglumatlary kabul etmek ýa-da bermek maksady bilen Internet toruna birikdirilen ahyrky enjamdan peýdalanýan şahs;
10) Internet toruna birikdirmek hyzmatlary –eýeçilik hukugynda ýa-da başga hukukda Internet toruny peýdalanyja degişli ahyrky enjamy Internet toruna birikdirmek boýunça hyzmatlar ýa-da işler;
11) ahyrky enjam– abonent liniýalaryna birikdirilýän we abonentler tarapyndan elektrik aragatnaşyk torunyň kanallary boýunça maglumatlary bermek ýa-da kabul etmek maksady bilen elektrik aragatnaşyk signallaryny döretmek üçin abonentleriň peýdalanmagynda durýan tehniki serişdeler;
12) elektron poçtanyň internet-hyzmatlary – Internet toruny peýdalanyja salgylary bermek we bu salga maglumatlary kabul etmek, şeýle hem Internet toruny peýdalanyjynyň iberen we onuň salgysyna gelen maglumatlary saklamak we ibermek boýunça hereketler ýa-da iş;
13) hostingiň internet-hyzmatlary – Internet torunda serwer giňişliginiň we programma üpjünçiliginiň böleklerini peýdalanyjylara (uzaklaşan kompýuterlere) bermek, şeýle hem web-serwerlerinde peýdalanylýan saýtyň iş ukyplylygyny saklamak;
14) maglumaty kabul ediji– Internet torunyň kanallary boýunça maglumatlaryň berilýän fiziki ýa-da ýuridik şahsy.
2. Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan umumy ykrar edilen halkara düşünjeleri:
1) Internettory – internet-protokollarynyň toplumlaryny (InternetProtocol, IP) we maglumatlary (Transmission Control Protocol, TCP) bermek protokolyny peýdalanmaga esaslanan global salgy giňişligi arkaly dürli ýurtlaryň elektrik aragatnaşygynyň maglumat ulgamlaryny we toruny baglanyşdyrýan we kommunikasiýanyň dürli görnüşlerini durmuşa geçirmek, şol sanda adamlaryň çäklendirilmedik topary üçin maglumaty ýerleşdirmek mümkinçiligini berýän global maglumat-telekommunikasiýa tory;
2) maglumat-telekommunikasiýa tory – maglumatyň ýygnalmagyny, işlenip taýýarlanylmagyny, saklanylmagyny, toplanylmagyny we ýaýradylmagyny üpjün edýän telekommunikasiýa aragatnaşyk we elektron-hasaplaýjy (kompýuter) tehniki serişdeleriniň toplumy (jemi);
21) DNS – domen atlary barada maglumat almak üçin ýerleşişi boýunça paýlanan (desentralizasiýalaşdyrylan) köpbasgançakly (iýerarhiki) kompýuter ulgamy. DNS, esasan, kompýuter ýa-da internet bilen bagly başga enjam boýunça IP salgysyny almak üçin ulanylýar;
3) domen ady (domen) – tor salgylanmasy üçin bellige alnan nyşan belgisi, onda DNS ulanylýar;
4) web-serwer – Internet toruna birikdirilen kompýuter ýa-da tor serişdelerine elýeterliligi amala aşyrýan, müşderiçilik teklibine ýa-da kompýutere maglumat berýän programma. Web-serwer web-sahypalar görnüşinde guralan maglumaty saklaýar we Internet toruna berýär;
5) web-sahypa – ýazgyny, grafiki, ses we wideo faýllary, animasiýany özünde saklap bilýän, aýratyn salgy (URL) bilen üpjün edilen, web-saýtyň özbaşdak bölegi, Internet torunda aýratyn resminama;
6) web-saýt – ähli goýlanlar, papkalar, salgylanmalar we tehniki bölüm bilen tematiki taýdan baglanyşykly web-sahypalar topary.
3. Şu Kanunda ulanylýan beýleki düşünjeler olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilişi ýaly manylarda ulanylýar.
2-nji madda. Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan we Internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.
2. Şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň çäginde Internet toruny peýdalanyjylar ýa-da Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary bolup durýan ähli şahslar üçin hökmanydyr.
3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulandaka garanda başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
Internet toruny halkara derejesinde ösdürmegiň tehnologik we guramaçylyk ugurlaryny düzgünleşdirýän kadalara we düzgünlere degip geçýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary görkezilen kadalar we düzgünler bilen hökmany ylalaşylmaga degişlidir.
3-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri
1. Şu Kanunyň esasy maksatlary aşakdakylardyr:
1) Şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklaryň subýektleriniň bähbitlerine Türkmenistanda Internet toruny ösdürmek üçin durnukly we netijeli ulanylýan hukuk binýadyny döretmek;
2) Internet tory bilen baglanyşykly gatnaşyklarda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini goramagyň döwlet kepilliklerini berkitmek;
3) Türkmenistanda internet-hyzmatlaryny etmek babatda işiň hukuk esaslaryny bellemek;
4) Internet toruny ösdürmegiň tehniki we tehnologik hem guramaçylyk-hukuk ugurlaryny düzgünleşdirýän halkara kadalaryny işläp taýýarlamaga we kabul etmäge Türkmenistanyň gatnaşmagy üçin şertleri kesgitlemek.
2. Şu aşakdakylar şu Kanunyň esasy wezipelerine degişlidir:
1) ýurduň çäginde Internet toruny ösdürmek babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatyny kesgitlemek;
2) Türkmenistanda Internet toruny peýdalanyjylaryň Internet toruna erkin elýeterliligini üpjün etmek;
3) şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklaryň subýektlerini Internet toruna birikdirmegiň tertibini we şertlerini kesgitlemek;
4) Internet torunda ýerleşdirilýän ýa-da Internetde alyş-çalyş serişdeleriniň üsti bilen berilýän maglumatyň hukuk düzgünini kesgitlemek;
5) Internet torunda amala aşyrylýan jemgyýetçilik howply etmişleriň öňüni almak, şeýle hem şu görnüşli hukuk bozulmalaryny amala aşyrýan adamlary netijeli ýüze çykarmak we temmi bermek üçin kadalaşdyryjy şertleri döretmek;
6) Internet torunda ýerleşdirilýän intellektual eýeçilik obýektlerine awtorlyk we beýleki aýratyn hukuklaryň goragy;
7) özaralarynda we Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary bilen özara gatnaşyklaryň barşynda toplanýan, Internet toruny peýdalanyjylar hakynda şahsy maglumatlary goramak;
8) Internet torunda elektron resminama dolanyşygy üçin kadalaşdyryjy şertleri döretmek.
4-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi hyzmatlaryň edilen ýeri we (ýa-da) Internet toruny peýdalanyjynyň ýerleşýän ýeri Türkmenistanyň çägi bolan mahalynda Türkmenistanyň hukuk tabynlygy astynda amala aşyrylan diýlip hasap edilýän internet-hyzmatyna we (ýa-da) Internet toruny peýdalanmak bilen amala aşyrylan beýleki hukuk taýdan ähmiýetli hereketlere degişlidir.
2. Hukuk taýdan ähmiýetli hereketleriň amala aşyrylan wagty diýlip hukuk netijelerini emele getiren birinji hereketiň amala aşyrylan wagty hasap edilýär.
3. Eger şu Kanun bilen göniden-göni başga zat bellenilmedik bolsa, şu Kanunyň hereketi maglumata elýeterliligiň azatlygyny, maglumatyň goragyny we intellektual eýeçiligiň goragyny üpjün etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklara degişli däldir.
5-nji madda. Şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklaryň subýektleri
Şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklaryň subýektleri aşakdakylardyr:
1) Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we peýdalanylyşyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary;
2) Internet toruny peýdalanyjylar;
3) Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary.
II BAP. TÜRKMENISTANDA INTERNET TORUNYŇ ÖSÜŞINI DÜZGÜNLEŞDIRMEK BABATDA DÖWLET SYÝASATY
6-njy madda. Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanda Internet toruny ösdürmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek şu aşakdaky esasy ýörelgeleri berjaý etmek bilen amala aşyrylýar:
1) Türkmenistanyň raýatlarynyň Internet toruny peýdalanmaga we onda ýerleşdirilen maglumatlaryň elýeterliligine bolan hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek;
2) halkara derejesinde bellenilen we şu Kanunyň kabul edilen pursadynda hereket edýän Internet toruny guramagyň we ösdürmegiň guramaçylyk kadalaryny we tehniki amallarynyň aýratynlyklaryny hasaba almak;
3) halkara derejesinde bellenilen kadalaryň we düzgünleriň bolmadyk ýa-da olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň güýjünde ulanylyp bilinmejek babatynda diňe käbir ugurlarda Internet toruny düzgünleşdirmek çygryny çäklendirmek;
4) Internet toruny ösdürmek bilen baglanyşykly we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen raýatyň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklaryna we bähbitlerine degip geçmeýän gatnaşyklarda düzgünleşdirmegiň ýaýradylmazlygy;
5) fiziki we ýuridik şahslara Internet toruny beýleki peýdalanyjylar bilen bir şertlerde internet-hyzmatlaryny etmek üçin şertnama baglaşylanda ýüz döndermegiň mümkin bolmazlygy.
7-nji madda. Internet-hyzmatlaryny bermek boýunça işiň çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şu aşakdakylar internet-hyzmatlaryny bermek boýunça işiň çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr:
1) Internet torlaryna birikdirilen, kompýuter enjamlaryny peýdalanmakda berilýän döwlet we döwlete dahylsyz gurluşlaryň infrastrukturasyny döretmek we saklamak arkaly Internet toruna birikdirmegiň hyzmatlaryna ählumumy we deň elýeterliligi üpjün etmek;
2) ilatyň durmuş taýdan goralmaga degişli gatlaklaryna internet- hyzmatlary edilende ýeňillikleri bermek;
3) Türkmenistanyň barmasy kyn bolan we uzakdaky oba ýerlerinde Internet toruna birikdirmek hyzmatlarynyň infrastrukturasyny ösdürmek;
4) olary döwlet tarapyndan sertifikatlaşdyrmak we görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirýän şahslaryň işini ygtyýarlylandyrmak arkaly Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen, Internet toruna birikdirmek hyzmatlarynyň hiline bolan talaplary üpjün etmek;
5) Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, bilim we kitaphana edaralarynyň torlaryny we raýatlaryň olara ählumumy elýeterliligini bermek üçin torlary we maglumat serişdelerini Internet torunda döretmek we ornaşdyrmak;
6) her bir raýatyň zähmet çekmäge bolan hukugyny ýokary derejede doly durmuşa geçirmek üçin işgärleri iş bilen üpjün etmegiň distansion görnüşleriniň ösdürilmegine, şeýle hem zähmete ukyplylygy çäklendirilen adamlaryň zähmet proseslerine gatnaşmaklaryna ýardam etmek;
7) internet-hyzmatlaryny edinmek üçin gerek bolan binýatlaýyn bilimleriň we endikleriň ýaýradylmagyna ähmiýet bermek bilen okatmagyň distansion görnüşlerini ösdürmek üçin şertleri döretmek;
8) internet-hyzmatlaryny edinmek üçin gerek bolan binýatlaýyn bilimleri we endikleri orta bilimiň standartlaryna goşmak;
9) internet-hyzmatlaryny etmegiň barşynda döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek;
10) tehnologiýalaryň we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň üýtgemegini hasaba almak bilen olary peýdalanmak babatda internet-hyzmatlaryny etmek boýunça işi hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň mehanizmini öz wagtynda kämilleşdirmek.
8-nji madda. Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini döwlet tarapyndan goldamak
1. Döwlet Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini höweslendirýär we goldaýar.
2. Döwlet şu aşakdakylary üpjün edýän çäreleri kabul edýär:
1) Internet toruna deň hukukly, hukuk taýdan kemsitmezden elýeterliligi;
2) maglumat hyzmatlaryny we aragatnaşyk hyzmatlaryny ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny Internet toruna birikdirmegiň döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny;
3) Türkmenistanyň maglumat serişdelerinden peýdalanmagyň hukuk taýdan kemsitmezlik tertibiniň bellenilmegini;
4) Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlarynyň işiniň we Internet tory arkaly amala aşyrylýan maglumatyň alşylmagynyň esassyz çäklendirmelerine ýol berilmezligini;
5) internet-tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen edilýän hyzmatlar bazarynyň ösdürilmegine ýardam edilmegini, monopolizasiýa we päk ýüreksiz bäsdeşlige ýol berilmezligini.
3. Döwlet Internet torunyň infrastrukturasynyň ösüşiniň we peýdalanylyşynyň höweslendirilmegini, şol sanda salgytlar we beýleki hökmany tölegler boýunça ýeňillikleri ulanmak arkaly amala aşyrýar.
4. Türkmenistanda Internet torunyň ösüş taslamalaryny döwlet tarapyndan goldamak hakynda çözgütler kabul edilende ilkinji nobatda Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan Internet torunyň has giňden peýdalanylmagyny üpjün edýän öňdebaryjy tehnologik çözgütlere ähmiýet berilýär.
5. Döwlet görkezilen tehnologiýalary peýdalanmak bilen döwlet hyzmatlaryny etmek arkaly döwletiň, hususy pudagyň we raýatlaryň arasyndaky özara hereketlerinde internet-tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyny ýaýratmak boýunça maksatlaýyn işi amala aşyrýar.
6. Döwlet Internet toruny ösdürmegiň tehnologik we guramaçylyk ugurlaryny düzgünleşdirýän halkara kadalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna döwlet dolandyryşynyň Internet toruny ösdürmek we ulanmak babatda ygtyýarly edaralary tarapyndan we Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary bilen bilelikde gatnaşýar.
9-njy madda. Internet-hyzmatlaryny etmek babatda ygtyýarlylandyrmak we sertifikatlaşdyrmak
1. Internet-hyzmatlaryny etmek boýunça fiziki we ýuridik şahslaryň işini ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
2. Internet-hyzmatlaryny etmek üçin ulanylýan programmalaýyn serişdeleriň we tehniki enjamlaryň sertifikatlaşdyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
III BAP. TÜRKMENISTANDA INTERNET TORUNYŇ ÖSDÜRILMEGINI WE PEÝDALANYLMAGYNY DÜZGÜNLEŞDIRMEK
10-njy madda. Türkmenistanda Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek işine gatnaşyjylar
1. Türkmenistanda Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek işine gatnaşyjylar şu aşakdakylardyr:
1) Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary;
2) Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary.
2. Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralaryna ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary degişlidir, olara şu aşakdaky wezipeler ýüklenilýär:
1) Internet toruny ösdürmek we ony peýdalanmak babatda döwlet syýasatyny we kadalaşdyryjy hukuk düzgünleşdirmesini işläp taýýarlamak;
2) döwletiň maglumat howpsuzlygyny we Türkmenistanyň raýatlarynyň kanuny bähbitleriniň goragyny üpjün etmek;
3) Türkmenistanda internet-hyzmatlary edilende we peýdalanylanda fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny berjaý etmek.
11-nji madda. Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary
Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary:
1) Internet toruny ösdürmek babatda we milli hem-de halkara derejelerinde internet-hyzmatlaryny bermegiň döwlet syýasatyny işläp taýýarlaýarlar, utgaşdyrýarlar we durmuşa geçirýärler;
2) Türkmenistanda Internet toruny we internet-tehnologiýalaryny ösdürmek, ýaýratmak we giňden ulanmak üçin amatly şertleri döredýärler;
3) Türkmenistanda Internet toruny ösdürmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň meseleleri boýunça gyzyklanýan taraplar üçin teklipleri, ýörelgeleri we gurallar jemini işläp taýýarlaýarlar;
4-nji bendi - Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 156-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;
5) Türkmenistanda Internet toruny ösdürmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýarlar;
6) Internet toruny ösdürmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik barlagyny alyp barýarlar;
7) Internet toruny ösdürmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek babatda öňdebaryjy halkara tejribesiniň ýaýradylmagyna ýardam edýärler;
8) Internet toruny peýdalanmak bilen amala aşyrylýan hukuk bozulmalaryna garşy göreşi alyp barýarlar;
9) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
111-nji madda. Milli bellige alyjynyň ygtyýarlyklary
1. «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlary we internet saýtlary Milli bellige alyjy tarapyndan bellige alynýar. Milli bellige alyjynyň domen atlaryny bellige almak hyzmatlary hem-de hostingiň internet-hyzmatlary tölegli amala aşyrylýar. Bu tölegler Milli bellige alyjynyň hasaplaşyk hasabyna geçirilýär. «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň Tertibi, şeýle hem Milli bellige alyjynyň domen atlaryny bellige almak hyzmatlarynyň we hostingiň internet-hyzmatlarynyň tölegleriniň nyrhnamasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan tassyklanylýar.
2. Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de «.TM» ýokarky derejeli milli domende domeniň atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň Tertibine garşy gelýän ýagdaýlar ýa-da hereketler ýüze çykarylan halatynda Milli bellige alyjy domeniň adyny bellige almakdan ýüz döndermäge ýa-da domeniň bellige alnan adyny togtatmaga haklydyr.
12-nji madda. Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlarynyň ygtyýarlyklary
1. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary:
1) Türkmenistanyň Internet torundan peýdalanyjylaryny Internet toruna elýeterlilik bilen üpjün edýärler;
2) Türkmenistanyň Internet torundan peýdalanyjylaryna internet-tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan hyzmatlary edýärler;
3) fiziki we ýuridik şahslara internet-hyzmatlaryny bermek çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar;
4) Türkmenistanda Internet torunyň ösdürilmeginde ulanylýan standartlaryň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar;
41) Internet torunyň peýdalanyjylaryny daşky goragly internet tory bilen üpjün etmekligi amala aşyrýar;
5) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
2. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara olar tarapyndan degişli çäreler geçirilende ýardam edýärler, şeýle çäreleri geçirmegiň guramaçylyk we tehniki tärleriniň açylmagyna ýol bermezlik boýunça çäreler görýärler.
3. Internet toruny peýdalanyjy tarapyndan şertnamanyň şertleri bozulanda, şeýle hem internet-hyzmatlary öz wagtynda tölenmedik mahalynda Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory kemçilikler düzedilýänçä peýdalanyjynyň Internet toruna elýetrliligini duruzmaga haklydyr.
IV BAP. INTERNET-HYZMATLARYNYŇ AÝRY-AÝRY DEREJELERINI HUKUK TAÝDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEGIŇ
ESASY DÜZGÜNLERI
13-nji madda. Internet toruna birikdirmek hyzmatlaryny etmek
1. Döwlet häkimiýet edaralary üçin olaryň kompýuter torlaryny Internet toruna birikdirmek hökmany bolup durýar.
Bu edaralary Internet toruna birikdirmegiň tertibi we şertleri, şol sanda şeýle torlarda bar bolan maglumaty goramagyň şertleri, degişli çäreleri maliýeleşdirmegiň tertibi, Internet toruny we başgalary peýdalanmak bilen maglumat alyşmagyň tertibi Internet toruny ösdürmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Ylym-bilim we medeni çygryň edaralary, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralary we ýokary okuw mekdepler, ähli görnüşlerdäki bilim edaralary, kitaphanalar, muzeý we arhiw edaralary üçin Internet toruna elýeterlilik hökmany tertipde amala aşyrylýar.
3. Internet toruna birikdirmek şertnamasy boýunça Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory Internet toruna eýeçilik hukugynda we (ýa-da) başga hukukda Internet toruny peýdalanyja ahyrky enjamy birikdirmek boýunça hyzmatlary etmäge borçlanýar, Internet toruny peýdalanyjy bolsa ýerine ýetirilen hyzmatlary tölemäge we olary görkezilen şertnama, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda peýdalanmaga borçlanýar.
4. Maglumatyň kriptografik gorag serişdelerini Internet toruna birikdirmek Türkmenistanyň degişli kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
14-nji madda. Elektron poçtanyň internet-hyzmatlarynyň berilmegi
1. Elektron poçtanyň internet-hyzmatlaryny etmegiň şertnamasy boýunça Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory hyzmatlary sarp edijä salgyny bermäge we bu salga gönükdirilen habary Internet torunyň üsti bilen kabul etmäge, şeýle hem Internet toruny peýdalanyjynyň tabşyrygy boýunça onuň görkezen salgysyna şeýle habary ibermäge borçlanýar, Internet toruny peýdalanyjy bolsa berlen hyzmatlary tölemäge we olary görkezilen şertnama, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda peýdalanmaga borçlanýar.
Elektron poçtanyň internet-hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar.
2. Elektron poçtanyň internet-hyzmatlaryny etmek şertnamasyny üýtgetmek ýa-da oňa goşmaça girizmek hakynda taraplaryň ylalaşygy şertnamanyň özi ýaly görnüşde amala aşyrylmalydyr.
3. Elektron poçtanyň internet-hyzmatlaryny etmegiň şertnamasynda Internet toruny peýdalanyja berilýän salgy, olar bolan mahalynda maglumatyň görnüşine bolan goşmaça talaplar, Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan maglumaty kabul etmegiň we bermegiň möhletleri görkezilmelidir, olar degişli kadalar bilen göz öňünde tutulandakydan uzak bolup bilmez.
4. Elektron poçtanyň internet-hyzmatlaryny etmegiň şertnamasynda Internet toruny peýdalanyjynyň salgysyna gelen maglumatyň iň uly göwrümi we ony saklamagyň möhletleri, Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan şol bir wagtda kabul edilýän we iberilýän maglumatyň iň uly göwrümi, bu çäklendirmeler ýokary geçilen mahalynda hereket etmegiň tertibi goşmaça göz öňünde tutulýar.
15-nji madda. Hostingiň internet-hyzmatlaryny etmegi
Hostingiň internet-hyzmatlaryny etmeginiň şertnamasy boýunça Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory Internet toruny peýdalanyjylara Internet toruna hemişelik birikdirilen enjamda bu serişdäni ýerleşdirmek arkaly maglumat serişdesine Internet toruny peýdalanyjylara elýeterliligi bermäge borçlanýar, Internet toruny peýdalanyjy bolsa berlen hyzmatlary tölemäge we olary görkezilen şertnama, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda peýdalanmaga borçlanýar.
16-njy madda. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan internet-hyzmatlaryny bermek
1. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň internet-hyzmatlary, eger anyk internet-hyzmatlaryny bermek mümkinçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik bolsa, Internet torundaky ýörite saýtyň üsti bilen islendik ýüz tutan adama berilýär.
2. Internet torundaky ýörite saýt şu aşakdakylary üpjün etmelidir:
1) döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan internet-hyzmatlarynyň berilmegini, şeýle hem görkezilen hyzmatlaryň sanawynyň saklanylmagyny;
2) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň internet-hyzmatlaryny almak üçin gerek bolan resminamalary elektron görnüşde doldurmak mümkinçiligini;
3) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň internet-hyzmatlaryny almak üçin resminamalary elektron görnüşde bermek mümkinçiligini;
4) döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan internet-hyzmatlaryny etmegiň barşy hakyndaky maglumaty elektron görnüşde almak mümkinçiligini;
5) eger şeýle mümkinçilik bu hyzmatyň düýp mazmunyna ters gelmese, döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň etmeli internet-hyzmatlarynyň netijelerini elektron görnüşde almak mümkinçiligini;
6) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň edýän internet-hyzmatlary üçin tölegi elektron görnüşde geçirmek mümkinçiligini.
3. Internet-hyzmatlary berlende döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary degişli hyzmat üçin ýüz tutan fiziki şahslaryň şahsy maglumatlarynyň jar edilmezligini üpjün etmäge borçludyrlar.
4. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Internet torunda ýörite saýty döredenlerinde onuň işlemek howpsuzlygyny we goragyny üpjün etmek boýunça çäre görmelidirler.
17-nji madda. Internet torunda döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işi hakynda maglumat bermek
1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz işi hakynda maglumaty ýerleşdirmek üçin Internet torunda öz resmi saýtlaryny döredýärler.
Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda görkezilen saýtlarda ýerleşdirilýän maglumatyň dogrulygyna we wajyplygyna gözegçilik etmäge borçly wezipeli adamlary belleýärler.
2. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň Internet torunda ýerleşdirýän habarlary şu aşakdaky maglumatlary özünde saklamalydyr:
1) sanawy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýän döwlet häkimiýet edarasy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy hakynda umumy maglumatlar;
2) döwlet häkimiýet edarasynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň işini reglamentirleýän, şeýle hem döwlet häkimiýet we dolandyryş edarasy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalary hakynda maglumatlar;
3) döwlet häkimiýet edarasy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy tarapyndan berilýän hyzmatlaryň sanawy;
4) döwlet häkimiýet edarasynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň işi hakynda statistik maglumaty, onuň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär;
5) fiziki we ýuridik şahslaryň ýüztutmalary bilen döwlet häkimiýet edarasynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň işi hakynda maglumat;
6) döwlet häkimiýet edarasynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň wezipeli adamlary tarapyndan ýüz tutýanlary kabul etmegiň tertibi.
3. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işi hakynda maglumat degişli edaranyň resmi saýtynda görkezilen onuň elektron poçtasynyň salgysy boýunça iberen talabyna görä islendik adama berilýär.
Eger döwlet häkimiýet edarasynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň işi hakynda maglumat eýýäm Internet torunda ýerleşdirilen bolsa, onda talap üçin jogapda Internet torundaky degişli saýta salgylanma görkezilip bilner.
4. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Internet torunda resmi saýty döredenlerinde onuň işlemek howpsuzlygyny we goragyny üpjün etmek boýunça çäre görmelidirler.
18-nji madda. Habary köpçülikleýin ýaýratmak boýunça internet-hyzmatlaryny bermek
1. Köpçülikleýin habar bermegiň çap serişdeleriniň redaksiýalary öz neşiriniň elektron görnüşini Internet torunda goýup bilerler.
Neşiriň elektron görnüşi, kada bolşy ýaly, onuň çap görnüşiniň mazmunyna laýyk gelýär, onuň dizaýnyny we kompozisiýasyny saklaýar. Çap neşiriniň adynyň, belgisiniň, çykan senesiniň, giriş ýazgysynyň yzyndan zolak rubrikalaryny, kiçi rubrikalary, sözbaşylary, ýazgylary we suratlary saklap galmak bilen elektron goýberilişiň sahypalary gelýär.
Köpçülikleýin habar bermegiň çap serişdesiniň elektron görnüşiniň onuň kagyz görnüşine garanda aýratynlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:
1) täzelikler sütünlerine çap görnüşi çykanyndan soň redaksiýa gelip gowşan möhüm maglumat girizilýär;
2) makalalaryň möçberlerini zerur mahalynda möhüm jikme-jiklikler we detallar bilen baýlaşdyrmak arkaly artdyryp, anyk kesgitli göwrümi bolan, çap görnüşine girmedik goşmaça suratlar bilen utgaşdyryp we ýazgylary ýerleşdirip bolar, munuň özi onuň makalalarynyň möçberleriniň çäklendirilmegine, ýazgylaryň gysgaldylmagyna ýa-da olardan käbirleriniň çap görnüşiniň indiki sanyna geçirilmegine getirýär;
3) Internet toruna birikmek mümkinçiligi bolan okyjylaryň hasabyna köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň auditoriýasyny giňeltmek;
4) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaýramak çägi çäklendirilen çap görnüşine garanyňda, mahabatyň olaryň elektron görnüşiniň ýaýramak çäginiň ähli ýerine baryp ýetmeginiň hasabyna mahabat berijileri çekmek, munuň özi köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň ykdysady ýagdaýy üçin düýpli ähmiýete eýedir.
Köpçülikleýin habar bermegiň çap serişdesiniň elektron görnüşi özbaşdak bellige alynmaga degişli däldir.
Köpçülikleýin habar bermegiň çap serişdesiniň esaslandyryjysy ýa-da onuň ygtyýarly eden adamy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ony bellige aldyrmak üçin resminamalary berende, onuň elektron görnüşini Internet torunda goýmalydygyny görkezýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdesini bellige aldyrmak hakyndaky arzada Internet torundaky elektron görnüşiniň saýtynyň domen ady görkezilmelidir, ol şu Kanuna we milli bellige alyjy tarapyndan bellenilýän tertibe laýyklykda bellenilýär.
Elektron görnüşiň çykyş maglumatlarynda döwürleýin çap neşiriniň her bir goýberilişi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan maglumatlar, şeýle hem Internet torundaky onuň saýtynyň ady görkezilýär.
2. Internet torunda köpçülikleýin habary ýaýratmagyň görnüşi hökmünde özbaşdak tor neşiri çykyş edip biler, onuň borçlary we hukuklary, döretmegiň we işlemeginiň ýörelgeleri Internet-Köpçülikleýin habar beriş serişdesi üçin «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünleri we şu Kanun bilen kesgitlenilýär.
Çap neşiri bilen ýa-da onuň elektron görnüşi bilen deňeşdirilende özbaşdak Internet-Köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň aýratynlyklaryna şular degişlidir:
1) tor neşiriniň döredilmegi we çykarylmagy bilen maliýe harajatlarynyň azalmagy;
2) habaryň okyja öz wagtynda gelip gowuşmagy, ol bolup geçýän wakalar hakynda auditoriýa üznüksiz habar bermegiň mümkinçiliginden ybaratdyr;
3) makalalaryň göwrümleriniň artdyrylmagy bilen baglanyşykly olaryň temasyny giňeltmek we açyp görkezmek mümkinçiligi;
4) ugry kesgitlemegiň erkinligi, ýagny makalanyň temasy bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlary alyp, okyja Internet torunyň kömegi bilen beýleki ýazgylara ýüz tutmaga mümkinçilik berýän, salgylanmalaryň köp sanlysy bilen üpjün edilen makalalar ulgamyndaky giperteksti peýdalanmak mümkinçiligi;
5) redaksiýanyň serwerine gelip gowuşýan täzelik habarlarynyň üznüksiz täzelenmegi bilen baglanyşykly bolan erkin dizaýn, erkin kompozisiýa;
6) öz borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda redaksiýanyň žurnalistleriniň, onuň ýolbaşçylarynyň ondan-oňa gitmek we boljak ýerlerini saýlamaklarynyň erkinligi, olar Internet torunyň kömegi arkaly redaksiýa bilen arkalaşykly hereket edip bilerler.
Özbaşdak Internet-Köpçülikleýin habar beriş serişdesi «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bellige alynmaga degişlidir.
Özbaşdak Internet-Köpçülikleýin habar beriş serişdesi üçin ulanarlykly bellige aldyrmak maksady bilen ýazylan arzada onuň Internet torundaky saýtynyň domen ady görkezilmelidir, ol şu Kanuna we milli bellige alyjy tarapyndan bellenilýän tertibe laýyklykda bellenilýär.
Özbaşdak Internet-Köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň çykyş maglumatlarynda şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:
1) tor neşiriniň ady;
2) esaslandyryjynyň (şärikli esaslandyryjylaryň) familiýasy, ady, atasynyň ady (atlandyrylyşy);
3) baş redaktoryň familiýasy, ady, atasynyň ady;
4) redaksiýanyň salgysy;
5) bellige alyjy edaranyň ady, hasaba alnan belgisi;
6) Internet torundaky saýtyň domen ady.
V BAP. INTERNET-HYZMATLARY EDILENDE INTERNET TORUNYŇ KANALLARY BOÝUNÇA BERILÝÄN MAGLUMATLARA BOLAN TALAPLAR WE OLARY BERMEGIŇ ŞERTLERI
19-njy madda. Internet torunyň kanallary boýunça berilýän maglumatlara bolan talaplar
1. Internet torunyň kanallary boýunça maglumat berýän adam ony internet-hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamada görkezilen talaplara laýyk gelýän görnüşde bermelidir.
2. Internet hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamada maglumatyň görnüşine bolan talaplar bolmadyk mahalynda maglumat berýän adam ony elektron resminama görnüşinde bermäge borçludyr.
Elektron resminama:
1) onuň hakykylygyny tassyklamaga mümkinçilik berýän maglumatlary saklamalydyr;
2) elektron resminamany düzüjini anyklamaga mümkinçilik berýän usul bilen we görnüşde döredilmelidir we peýdalanylmalydyr;
3) adamyň kabul etmegi üçin elýeter görnüşde berilmelidir (gaýtadan döredilmelidir);
4) ony birnäçe gezek peýdalanmak üçin elýeter bolmalydyr.
3. Internet torunyň kanallary boýunça maglumat berýän adam onuň mazmuny üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda doly jogapkärçilik çekýär.
4. Internet torunyň kanallary boýunça şu maddanyň degişli talaplaryna laýyk gelmeýän maglumaty berýän adam Internet torunyň kanallary boýunça berilýän maglumatyň ýitirilmek, ýoýulmak ýa-da maglumaty kabul edijä eltmegiň bökdelmek töwekgelçiligini çekýär.
20-nji madda. Internet-hyzmatlary edilende maglumaty bermek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegiň pursady
Eger internet-hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, maglumaty bermek borjy şertnamanyň güýjünde iberijiden alyjynyň ýa-da onuň başga görkezen adamynyň salgysyna maglumaty bermäge borçly, Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan iberijiden maglumatyň alnan pursadynda ýerine ýetirilen diýlip hasap edilýär.
21-nji madda. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan maglumaty ibermegiň möhletleri
1. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory alnan maglumaty özüne görkezilen salga bellenilen möhletiň dowamynda ibermäge borçludyr, onuň möhleti internet-hyzmatlaryny etmegiň kadalary bilen bellenilýär.
2. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory bilen baglaşylan şertnamada bellenilen degişli kadalardaky möhletler bilen deňeşdirilende maglumaty eltmegiň gysgaldylan möhletleri görkezilip bilner.
22-nji madda. Internet-hyzmatlary edilende Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan habary we ol hakdaky maglumatlary resmileşdirmek
1. Internet-hyzmatlary edilende Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan habary we ol hakdaky maglumatlary resmileşdirmek internet-hyzmatlaryny etmek baradaky şertnama laýyklykda we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen möhletlerde we tertipde amala aşyrylýar.
2. Internet-hyzmatlaryny bermegiň kadalarynda habaryň we resmileşdirmek hökmany bolan ol hakdaky maglumatlaryň derejeleri, şeýle hem Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan degişli resminamalary resmileşdirmegiň we saklamagyň tertibi we möhletleri görkezilmelidir.
23-nji madda. Internet-hyzmatlary edilende habary ibermek boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini tassyklamak
1. Habary iberijiniň ýa-da maglumaty kabul edijiniň talap etmegi boýunça Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän görnüş boýunça şu Kanunyň 22-nji maddasynyň esasynda habaryň alnandygy ýa-da iberilendigi hakynda resmileşdirilen kepilnamany ýa-da gaýry tassyknamany mugtuna berýär.
Bu görnüşiň bolmadyk mahalynda tassyklamak olary anyklamaga mümkinçilik berýän habaryň maglumatlaryny, Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorynyň adyny we guramaçylyk-hukuk görnüşini, maglumatlary bermek hyzmatlarynyň edilmegi üçin onuň ygtyýarnamasynyň belgisini, tassyknamanyň berlen senesini, tassyknamany beren wezipeli adamyň familiýasyny görkezmek, şeýle hem onuň goluny we guramanyň ‒ Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorynyň möhürini basmak bilen erkin görnüşde resmileşdirilýär.
2. Haçan-da Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan şu Kanunyň 22-nji maddasyna laýyklykda iberilen ýa-da alnan habary resmileşdirmek geçirilse, internet-hyzmatlaryny sarp ediji taraplaryň ylalaşygynda bellenilen şertlerde özüne resminamanyň göçürilen nusgasynyň tölegine berilmegini, şeýle ylalaşyk bolmadyk mahalynda bolsa resminamanyň nusgasyny almak boýunça işlere adatça bildirilýän talaplara laýyklykda talap etmäge haklydyr.
24-nji madda. Internet-hyzmatlarynyň edilýän ýeri
Internet-hyzmatlarynyň edilýän ýeri diýlip, Internet toruny peýdalanyjynyň ýaşaýan ýeri ýa-da bolýan ýeri boýunça ‒ fiziki şahsyň bellige alynýan ýeri ýa-da eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, Internet toruny peýdalanyjynyň ‒ ýuridik şahsyň döwlet tarapyndan bellige alynýan ýeri hasap edilýär.
VI BAP. ADAM HUKUKLARYNYŇ BOZULMAGYNA ÝOL BERMEZLIK BILEN BAGLANYŞYKLY INTERNET TORUNY PEÝDALANMAGYŇ AÝRATYN ŞERTLERI
25-nji madda. Internet toruny peýdalanyjylar tarapyndan Internet torunyň hukuga garşy maksatlarda peýdalanylmagyna garşy hereket etmek
Döwlet Internet toruny peýdalanyjylar tarapyndan Internet torunyň hukuga garşy maksatlarda peýdalanylmagyna garşy hereket etmek üçin kanunçylyk we beýleki çäreleri görýär.
Şeýle çäreleriň biri-de peýdalanyjylar hakynda we olara edilen hyzmatlar hakyndaky maglumaty azyndan 12 aý saklamak we kazyýet we (ýa-da) hukuk goraýjy edaralaryň talaby boýunça bu maglumatlary bermek Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlarynyň borjy bolup durýar.
26-njy madda. Internet torunda hukuga garşy habaryň dolanyşygyna garşy hereket etmek maksady bilen Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralarynyň jemgyýetçilik birleşikleri bilen hyzmatdaşlygy
1. Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jemgyýetçilik birleşikleri bilen Internet torunda hukuga garşy habary ýüze çykarmaga gönükdirilen işde hyzmatdaşlyk etmäge haklydyrlar.
Görkezilen hyzmatdaşlyk Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan jemgyýetçilik birleşikleri bilen baglaşylýan ylalaşyklara laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Görkezilen ylalaşyklara laýyklykda jemgyýetçilik birleşikleri hukuga garşy maglumaty ýüze çykaryp, Internet torunda bu habaryň ýerleşdirilen saýtynyň salgysy hakyndaky maglumatlary öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda olara garşy çäre görmek üçin Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda degişli ygtyýarly döwlet edarasyna iberýärler.
27-nji madda. Internet toruny peýdalanyjylaryň şahsy maglumatlaryny goramak
Internet toruny peýdalanyjynyň özi olar tarapyndan Internet torunda goýulýan (habar berilýän) şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlyk derejesini saýlaýar.
Döwlet şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň we Internet torunda göwnejaý bolmadyk maksatlarda şahsy maglumatlaryň peýdalanylmazlygynyň kepilliginiň üpjün edilmegi üçin jogapkärçiligi öz üstüne alýar.
Döwlet Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda degişli ygtyýarly döwlet edaralarynyň üsti bilen Internet toruny peýdalanyjylara şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygy bozulan ýa-da bilkastlaýyn ýoýlan mahalynda adalatlylygyň dikeldilmegini gazanmak mümkinçiligini üpjün edýär.
28-nji madda. Internet toruny peýdalanmak arkaly ýaýradylýan maglumat önümine çagalaryň elýeterliliginiň çäklendirmeleri
1. Mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta we umumy orta bilim hem-de mekdepden daşary bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän bilim edaralarynda, şeýle hem Internet torundan peýdalanmak hyzmatlaryny berýän beýleki guramalarda Internet torundan peýdalanmak arkaly ýaýradylýan maglumat önümine çagalaryň elýeterliligi görkezilen guramalar tarapyndan çagalaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän apparat-programma, tehniki-tehnologik we beýleki serişdeleri ulanylan şertinde rugsat berilýär.
2. Internet torundan peýdalanmak hyzmatlaryny berýän guramalar görkezilen hyzmatlaryň berilýän adamynyň ýaşyny anyklamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik çäreleri ulanmaga haklydyrlar.
3. Belli bir ýaş derejelerindäki çagalaryň arasynda ýaýradylmagy çäklendirilen maglumatlara şu maglumatlar degişlidir:
1) ýowuzlygyň, fiziki we (ýa-da) psihiki zorlugyň, jenaýatyň ýa-da jemgyýete garşy beýleki hereketiň şekili ýa-da beýany görnüşinde berilýän;
2) çagalarda gorkyny, elhenji ýa-da dowly döredýän, şol sanda güýç ulanmazdan ölümi, keseli, öz-özüňe kast etmegi, betbagtçylykly ýagdaýy, heläkçiligi ýa-da weýrançylygy we (ýa-da) olaryň netijeleri görnüşinde adamzat mertebesini kemsidýän şekil ýa-da beýan görnüşinde berilýän;
3) erkek bilen aýalyň arasynda jynsy gatnaşyklaryň şekili ýa-da beýan görnüşinde berilýän;
4) hapa sögünçlere degişli bolmadyk paýyş (kemsidiji) sözleri we aňlatmalary saklaýan.
4. Çagalaryň arasynda ýaýratmak üçin gadagan edilen maglumatlara şu maglumatlar degişlidir:
1) çagalarda öz ömrüne we (ýa-da) saglygyna howp döredýän hereketleri amala aşyrmaga, şol sanda öz saglygyna zyýan ýetirmäge, öz-özüne kast etmäge oýarýan;
2) çagalarda neşe serişdeleri, psihotrop maddalary we prekursorlary, alkogol we temmäki önümleri, nas, toksiki, psihoaktiw, güýçli täsir edýän kelläni sämediji beýleki maddalar bilen meşgullanmak islegini döretmäge ukyply;
3) adamlar ýa-da haýwanlar babatda güýç ulanmagyň we (ýa-da) ýowuzlygy esaslandyrýan ýa-da aklaýan ýol bererlilik ýa-da güýç ulanmak hereketlerini amala aşyrmaga oýarýan;
4) maşgala gymmatlyklaryny ret edýän we ata-enelere we (ýa-da) maşgalanyň beýleki agzalaryna hormat goýmazlygy döredýän;
5) hukuga garşy özüňi alyp barmagy aklaýan;
6) hapa sögünji özünde saklaýan;
7) pornografik häsiýetli maglumaty özünde saklaýan.
29-njy madda. Internet toruny peýdalanmak bilen çagalaryň arasynda kompýuter we beýleki elektron oýunlaryň ýaýradylmagyna bolan talaplar
1. Türkmenistanyň çäginde dolanyşykda durýan Internet toruny peýdalanmak bilen kompýuter we beýleki elektron oýunlarynda çagalaryň aňyna täsir edýän ýa-da olaryň saglygyna we ösüşine ýaramaz täsir edýän maglumaty ýaýratmagyň gizlin (ýapyk) goýmalaryny we beýleki tehniki tärlerini we usullaryny (maglumaty kabul etmegiň giperstimulýasiýasynyň we oýunlary peýdalanyjylarda sensor agressiýasynyň tärlerini we serişdelerini goşup), şol sanda gizlin funksionallyk modullaryny, oýun epizodlaryny işjeňleşdirmäge ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çagalaryň arasynda dolanyşyk üçin gadagan edilen maglumat önümine bolan elýeterliligi başga hili almaga mümkinçilik berýän gizlin bonuslary ulanmak gadagandyr.
2. Türkmenistanyň çäginde şu aşakdaky sýužetleri özünde saklaýan kompýuter we beýleki elektron oýunlaryň Internet toruny peýdalanmak bilen çagalaryň arasynda ýaýradylmagyna ýol berilmeýär:
1) çagany beýleki adamlaryň fiziki kemçiliklerine äsgermezlik ýa-da ýaramaz garaýşa, agressiw güýç ulanyjylyga we jemgyýetçilige garşy beýleki hereketlere bolan ýaramaz garaýşa öjükdirýän, şol sanda onda oýnuň personažlaryna ýa-da oýun boýunça hyzmatdaşlara garaýşy boýunça agressiýanyň ýa-da ýowuzlygyň peýda bolmagyny döredýän;
2) oýunçy tarapyndan wirtual adam öldürmelerini amala aşyrmak we oýnuň personažlaryna wirtual şikesleri ýetirmek mümkinçiligi bilen baglanyşykly, şol sanda adam ganynyň hakykata golaý şekillendirilmegi bilen utgaşan;
3) gynamalary, horlamalary, ejir çekdirmeleri, masgaralamalary, şikesleri ýetirmegiň we ömürden mahrum etmegiň aýratyn ýowuz usullarynyň ulanylmagyny goşup, adama (şonuň ýaly-da adam bilen aýdyň meňzeşlige eýe bolan jandara) ýa-da haýwana aýratyn fiziki ýa-da psihiki ejirleri ýetirmek bilen baglanyşykly adamkärçiliksiz çemeleşmegiň hakykata golaý şekili ýa-da ýasamagörnüşi bilenutgaşan;
4) jynsy gatnaşyga bolan gyzyklanmany zorlukly döredýän, hakyky görnüşi, ýasamany we meňzetmäni şekillendirýän jyns agzalary, jynsy gatnaşyklar, şol sanda adamyň, haýwanlaryň ýa-da adam bilen aýdyň meňzeşlige eýe bolan jandarlaryň hakyky ýa-da wirtual keşplerini peýdalanmak bilen ýa-da jynsy häsiýetli beýleki hereketler ýa-da ýaş aýratynlygy boýunça laýyk gelmeýän çagalarda – oýny peýdalanyjylarda jynsy meselelerine gyzyklanmany döretmäge ukyply bolan, jynsy häsiýetli beýleki maglumaty özünde saklaýan, şol sanda zorlamak ýa-da jynsy häsiýetli güýç ulanmagyň beýleki hereketleriniň şekilini ýa-da ýasama sahnalaryny, çagalaryň jynsy taýdan ezilmeginiň we çaga babatda jynsy häsiýetli islendik beýleki hereketleri özünde saklaýan şekilleri, şeýle hem jynsy sýužetlerde çaganyň sesini we keşbini peýdalanmak;
5) çagalarda gaýtalanýan gorkularyň, dowullaryň peýda bolmagyny döretmäge ukyply ýa-da olarda elhençligi ornaşdyrýan, şol sanda okkult-mistiki tejribäni ýa-da jadyly rituallary jikme-jik ýasap görkezýän ýa-da hakyky ýaly edip şekillendirýän; adam bedenini açmagyň, özüňe kast etmegiň, bilkastlaýyn beden agzasyna zyýan ýetirmegiň hereketleri; diri jandarlaryň ölüm ýa-da ölümden öňki janhowply ýagdaýynyň we netijeleriniň fiziologik jikme-jiklikleri; betbagtçylykly halatlaryň, heläkçilikleriň, weýrançylyklaryň gorkunçly netijeleri (zyýanlar, şikesler, köp gan akmagyň yzlary, jesetler, adamlaryň ýa-da haýwanlaryň maýyp-müjrüp edilen bedenleri ýa-da olaryň amputirlenen bölekleri, dökülen ganlaryň yzlary).
3. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary, Internet toruna köpçülikleýin elýeterlilik nokatlarynyň eýeleri we administratorlary köp peýdalanylýan on-laýn oýunlara peýdalanyjynyň ýaşynyň barlanan tassyknamasynyň kömegi bilen çagalaryň şeýle oýunlara bolan elýeterliliginiň ýaş çäklendirmelerine Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan gözegçiligi üpjün etmäge borçludyrlar.
VII BAP. INTERNET-HYZMATLARYNY ETMEK ÇYGRYNDAKY JOGAPKÄRÇILIK
30-njy madda. Internet toruny peýdalanyjylaryň jogapkärçiligi
Internet toruny peýdalanyjylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu aşakdakylar üçin jogapkärçilik çekýärler:
1) ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen çäklendirilen ýa-da gadagan edilen maglumaty özünde saklaýan habarlaryň Internet torunyň kanallary boýunça iberilmegi;
2) döwlet syryny ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýan beýleki syry saklaýan maglumatyň Internet torunyň kanallary boýunça iberilmegi;
3) Türkmenistanyň Prezidenti babatda kemsitmegi ýa-da töhmeti özünde saklaýan maglumatlaryň, konstitusion gurluşy güýç bilen üýtgetmäge çagyryşlary, urşy, zorlugy we ýowuzlygy, teniniň reňkini, milli we dini duşmançylygy we tapawutlary, pornografiýany, töhmeti we kemsitmegi, jenaýat taýdan jezalandyrylýan etmişleri amala aşyrmak üçin meçew bermegi özünde saklaýan maglumatlaryň Internet torunyň kanallary boýunça ýaýradylmagy;
4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen degişli rugsat bolmazdan intellektual eýeçiligiň obýektlerine degişli maglumatlaryň Internet torunyň kanallary boýunça ýaýradylmagy, peýdalanylmagy we çap edilmegi;
5) Internet toruny peýdalanyjy tarapyndan, maglumaty kabul edijä mahabaty saklaýan maglumatyň, şol maglumaty almak üçin talap edilmedik halatynda, aýda iki we ondan köp gezek elektron poçtanyň salgysy boýunça bilkastlaýyn iberilmegi;
6) Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorynyň daşyndan aýlanyp Internet torunyň kanallary boýunça maglumatyň üçünji şahslardan kabul edilmegi ýa-da berilmegi;
7) internet-hyzmatlaryndan peýdalanmak hukuklarynyň üçünji şahslara berilmegi;
8) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýan kompýuter maglumatyna bikanun girilmegi;
9) bu maglumat ulgamlarynda durýan maglumatyň ýok edilmegine, gabalmagyna ýa-da üýtgemegine getiren ýa-da getirip biljek içerki, pudagara we beýleki maglumat ulgamlaryna rugsatsyz aralaşylmagy, şeýle hem kompýuter, kommunikasiýa we beýleki enjamyň gabalmagy ýa-da hatardan çykmagy;
10) Internet toruny peýdalanyjylar hakynda hususy ýa-da beýleki maglumaty aldaw ýoly bilen almak üçin niýetlenen web-sahypalaryň we web-saýtlaryň döredilmegi, peýdalanylmagy we ýaýradylmagy;
11) zyýan ýetiriji kompýuter programmalarynyň döredilmegi, peýdalanylmagy we ýaýradylmagy;
12) Internet kanallary boýunça berilýän maglumatyň mazmuny, onuň dogrulygy we ýaýradylmagy;
13) fiziki we ýuridik şahslara moral we maddy zyýanyň ýetirilmegi, şeýle hem döwlete zyýan ýetirilmegi;
14) maglumatyň kriptografik goragynyň sertifikatlaşdyrylmadyk serişdeleriniň peýdalanylmagy.
31-nji madda. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorynyň jogapkärçiligi
1. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary şu Kanunyň talaplarynyň özleri tarapyndan ýol berlen bozulmalary üçin şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
2. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory aşakdakylar üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär:
1) Internet toruny peýdalanyjynyň özi tarapyndan alynýan, saklanýan we iberilýän maglumatynda bar bolan habarlaryň syrynyň berjaý edilmezligi;
2) maglumatlary resmileşdirmek möhletleriniň ýa-da tertibiniň bozulmagy;
3) maglumatyň kriptografik goragynyň sertifikatlaşdyrylmadyk serişdeleriniň peýdalanylmagy.
3. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary tarapyndan şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirmek maksady bilen baglanyşykly, şol sanda jenaýatçylykly maksatlar bilen aragatnaşyk serişdeleri peýdalanylan mahalynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy aragatnaşyk babatda islendik tehniki serişdeleriň we telekommunikasiýa aragatnaşyk torlarynyň işini olaryň edara degişlidigine we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan togtatmak hukugyna eýedir.
4. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan Internet toruny peýdalanyja internet-hyzmatlaryny bermek hakyndaky şertnama boýunça borçnamalaryny göwnejaý ýerine ýetirilmezligi bilen baglanyşykly ýitgileriň öwezini dolmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
32-nji madda. Internet toruny düzgünleşdirmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy
1. Internet toruny düzgünleşdirmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy halkara hukugynyň, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň, şeýle hem halkara tejribesindäki durnukly standartlaryň we amallaryň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we ölçeglerini berjaý etmegiň esasynda amala aşyrylýar.
2. Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
1) Internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda döwletiň bähbitlerine wekilçilik edýärler we goraýarlar;
2) daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary, hökümetara we halkara guramalary bilen arkalaşykly hereket edýärler, şeýle hem Internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda döwlet, onuň raýatlary we guramalary tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerini utgaşdyrýarlar;
3) Internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan döwletiň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler.
Üçünji bölegi - Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 156-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;
4. Türkmenistanyň çäginde Internet torundan peýdalanmak babatda işi amala aşyrýan daşary ýurtlaryň fiziki we ýuridik şahslary, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başga zat bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary üçin bellenilen hukuk düzgünlerinden peýdalanýarlar.
5. Kompýuter maglumat çygrynda jenaýatlar boýunça hukuk kömegini bermegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň ygtyýarly kazyýet we hukuk goraýjy edaralary Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ýa-da talaplary ibermek we peýdalanmak arkaly özara ýörelgesiniň esasynda daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen arkalaşykly hereket edýärler.
Görkezilen talaplary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezi Türkmenistanyň degişli halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan tertipde dolunýar.
33-nji madda. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen daşary ýurt kanunçylygynyň hem-de halkara şertnamalarynyň arasyndaky çaprazlyklar (kolliziýalar)
1. Eger Türkmenistanyň çäginden Internet toruny peýdalanmak bilen baglanyşykly jedeller çözülende Türkmenistanyň kanunçylygynyň we daşary ýurt kanunçylygynyň çaprazlygy ýüze çyksa, onda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kadasy hereket edýär.
2. Eger Türkmenistanyň çäginden Internet toruny peýdalanmak bilen baglanyşykly jedeller çözülende Türkmenistanyň kanunçylygynyň we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň çaprazlygy ýüze çyksa, onda Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň kadalary hereket edýär.
34-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 20-nji dekabry.
№ 159-V.