TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda

(rejelenen görnüşi)

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 10-njy madda)

 

Şu Kanun jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär, bu çygyrda pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary ýa-da geleşikleri amala aşyrýan şahslaryň, ygtyýarly edaranyň we beýleki döwlet edaralarynyň hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejiler – jemgyýetçilik howply etmişi etmegiň netijesinde edinilen pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk;

2) emläk (serişdeler) – görünýän ýa-da görünmeýän, maddy ýa-da maddy däl, gozgalýan ýa-da gozgalmaýan, şeýle hem edinilmeginiň usulyna we ýerleşýän ýerine garamazdan islendik aktiwler, şonuň ýaly-da bank karzlaryny, ýol çeklerini, bank çeklerini, poçta geçirmelerini, akkreditiwleri, paýnamalary, obligasiýalary, wekselleri we beýleki töleg gurallaryny we gymmatly kagyzlary hem goşmak bilen, şeýle aktiwlere bolan hukuklary ýa-da bähbitleri ýa-da olara gatnaşmagy tassyklaýan islendik görnüşli ýuridik resminamalar ýa-da namalar, şol sanda olaryň elektron ýa-da sanly görnüşleri we şeýle islendik emläkdäki doly ýa-da bölekleýin bähbidi öz içine alýar;

3) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy – bikanun ýol bilen alnan pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen maliýe amallarynyň edilmegi ýa-da beýleki geleşikleriň baglaşylmagy, şonuň ýaly-da görkezilen pul serişdeleriniň ýa-da emlägiň telekeçilik ýa-da başga ykdysady işi amala aşyrmak üçin peýdalanylmagy, olaryň başga görnüşe öwrülmegi ýa-da geçirilmegi, şeýle hem olara eýelik edilmegini, peýdalanylmagyny we ygtyýar edilmegini kanuny görnüşe getirmek maksady bilen şol pul serişdeleriniň ýa-da emlägiň bikanun gelip çykyşynyň ýaşyrylmagy ýa-da gizlenilmegi ýa-da şol hereketlerden peýda ýa-da beýleki bähbitleriň alynmagy;

4) terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi – terrorçy, terrorçylykly topar ýa-da terrorçylykly gurama tarapyndan terrorçylyk maksatly hereketi amala aşyrmak üçin, peýdalanylmagynyň maksadyna ýa-da olar tarapyndan doly ýa-da bölekleýin peýdalanyljakdygyna düşünmek bilen göni ýa-da gytaklaýyn ýa-da islendik başga usulda pul, maddy-tehniki we gaýry serişdeleriň ýygnalmagy, ýa-da berilmegi ýa-da maliýe hyzmatlaryň edilmegi, şonuň ýaly-da terrorçylyk maksatly hereket bilen bagly ýa-da bagly bolmazdan terrorçynyň, terrorçylykly toparyň, terrorçylykly guramanyň ýa-da şol maksatlara ýetmek üçin döredilýän guramaçylykly toparyň, bikanun ýaragly düzümiň, ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň işini üpjün etmek boýunça hereketler (hereketsizlik);

5) köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi – köpçülikleýin gyryş ýaragyny (ýadro, himiýa, biologik, şeýle hem köpçülikleýin gyryş ýaragynyň beýleki görnüşlerini) taýýarlamak, edinmek, daşamak, gizlemek, saklamak, ýerlemek, ulanmak maksatlary bilen pul serişdeleriniň we gaýry emlägiň göni ýa-da gytaklaýyn ýa-da islendik başga usulda ýygnalmagy ýa-da berilmegi;

6) pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amal ýa-da geleşik – amala aşyrylmagynyň görnüşine we usulyna garamazdan fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen edýän olar bilen bagly raýat hukuklary we borçlary bellemäge, üýtgetmäge ýa-da bes etmäge gönükdirilen hereketleri;

7) pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen şübheli amal ýa-da geleşik (mundan beýläk – şübheli amal) – müşderiniň amaly ýa-da geleşigi şol sanda şeýle amaly ýa-da geleşigi geçirmäge edilen synanyşyk, geçirilmegi dowam edip duran amal ýa-da geleşik ýa-da eýýäm geçirilen amal ýa-da geleşik babatda onuň edilmegi üçin peýdalanylýan pul serişdeleriniň we gaýry emlägiň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdeji bolmagyna ýa-da amalyň ýa-da geleşigiň özi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga, terrorçylygy maliýeleşdirmäge we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmäge ýa-da gaýry jenaýatçylykly işe gönükdirilendigine şübhe döredýän bolsa;

8) ygtyýarly edara – jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen bagly döwlet syýasatyny amala aşyrmaga gönükdirilen degişli çäreleri geçirmäge ygtyýarly edilen döwlet edarasy, ýagny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy;

9) içerki gözegçilik – pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biljek pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen bagly amallary ýa-da geleşikleri ýüze çykarmak boýunça geçirilýän çäreleriň jemi;

10) benefisiar eýe – ahyrky netijede müşderiniň – ýuridik şahsyň eýeçilik hukuklaryna göni ýa-da gytaklaýyn (üçünji şahslaryň üsti bilen) eýelik edýän (maýada 25 göterim artykmaç gatnaşygy bolan), ýa-da müşderiniň hereketlerine gözegçilik etmäge mümkinçiligi bolan fiziki şahs. Benefisiar eýesi gaýry fiziki şahs bolup durýandygy barada hasap etmäge esaslaryň bolan halatlaryndan başga ýagdaýlarda müşderiniň – fiziki şahsyň benefisiar eýesi diýlip, şol şahsyň özi hasaplanylýar;

11) peýda alyjy – pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallar ýa-da geleşikler geçirilende, ätiýaçlandyryş, wekilçilik, tabşyryk, hyzmat haky we ynançly dolandyrmak şertnamalary esasynda, peýda alýan amala ýa-da geleşige gatnaşyjy bolup, bähbidine (peýdasyna) hereket edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs (şahslar);

12) işewür gatnaşyklar – kesgitli bir möhletiň çäklerinde, belli bir maksada ýetmäge gönükdirilen resminama esasynda ýa-da resminamasyz ýola goýlan hyzmatdaşlyk;

13) örtük banklar – bellige alnan we (ýa-da) bank işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alan döwletlerinde we çäklerinde bolmaýan we bu döwletleriň we çäkleriň netijeli gözegçiliginde bolýan haýsydyr bir kadalaşdyrylýan maliýe topary bilen affilirlenmeýän bank;

14) hökmany gözegçilik – ygtyýarly edara we pul serişdeleri     ýa-da gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýan pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallar ýa-da geleşikler barada maglumatlary toplamak, gaýtadan işlemek, seljermek we peýdalanmak boýunça çäreleriň jemi;

15) offşor zolak – degişlilikde bank, ätiýaçlyk we beýleki amallary we geleşikleri amala aşyrmakda, ýeňillikli salgyt salmakda ýa-da ýuridik şahslary bellige almakda dahylsyzlara hyzmat etmek üçin döwlet tarapyndan bellenilen aýratyn amatly şertleri bolan zolak;

16) ulgamy laýyk däl ýurt – Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň (FATF) maslahatlaryny ýerine ýetirmeýän ýa-da ýeterlik däl derejede ýerine ýetirýän ýurt;

17) jemgyýetçilik wezipeli adam – daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adam, milli jemgyýetçilik wezipeli adam, halkara guramasynyň wezipeli adamy;

18) töwekgelçiliklere baha bermek – töwekgelçilikleri dolandyrmagyň bellenilen düzgünlerine (ýüze çykarmak, baha bermek, monitoring, gözegçilik etmek, töwekgelçiligiň derejesini peseltmek) laýyklykda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiligini kesgitlemek we oňa baha bermek;

19) töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşme – gözegçilik edaralary tarapyndan umumy düzgünlerden ugur alyp, töwekgelçiliklere öz düşünişine laýyklykda gözegçiligi ýerine ýetirmek üçin resurslary netijeli paýlamagy we gözegçilik edaralary tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen, töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşmäni ulanmagy;

20) seljerme – şübheli amallaryň, şu Kanuna laýyklykda hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler bilen bagly maglumatlaryň, şeýle hem jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi boýunça jenaýatlar bilen bagly beýleki maglumatlaryň seljermesi;

21) barabarlamak – resminamalaryň asyl nusgalaryny we (ýa-da) bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalaryny, şeýle hem döwlet we gaýry maglumat ulgamlaryny ulanmak bilen, müşderiler, olaryň wekilleri, benefisiar eýeleri we peýda alyjylar barada maglumatlary (habarlary) anyklamak boýunça şu Kanunda görkezilen çäreleriň toplumy;

22) maglumatlary (habarlary) bellige almak – şu Kanunyň talaplaryny berjaý etmek maksatlary bilen maglumatlary we habarlary almak we saklamak;

23) nagt pullar we teklip ediji üçin dolanyşykdaky gurallar – nagt pullar we çäklendirmesiz dolanyşykda bolup biljek we tölegiň hakyky alyjysy bolmadygyň adyna ýa-da alynmagy boýunça oňa hukugyň geçendigini görkezýän görnüşde ýazylyp bilinjek ýol çekleri, çalşyk gurallary (çekleri, wekselleri we pul tabşyryklaryny hem goşmak bilen) ýaly teklip ediji üçin atsyz görnüşindäki beýleki pul gurallary. Olara gol çekilen, emma tölegi alyjynyň ady görkezilmedik, doldurylmadyk gurallar (çekleri, wekselleri we pul tabşyryklaryny hem goşmak bilen) degişlidirler;

24) daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasy – daşary ýurt döwletiniň kanunçylygyna laýyklykda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegi amala aşyrýan daşary ýurt döwlet edarasy;

25) maliýe amalynyň gabalmagy – terrorçylyk işine ýa-da köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine gatnaşan fiziki we ýuridik şahslaryň bellenilen tertipde kesgitlenilýän sanawyna goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahs, benefisiar eýesi şol sanawa goşulan fiziki şahs gatnaşyjysy ýa-da peýda alyjysy bolup durýan maliýe amalynyň amala aşyrylmagyny gadagan etmek (pul (bank, poçta) geçirmeleriniň gowşan, gymmatly kagyzlaryň «depo» hasaplaryna geçirilen halatlary muňa girmeýär);

26) serişdeleriň doňdurylmagy – eger serişdeleriň eýesi ýa-da serişdelere eýelik edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs terrorçylyk işine ýa-da köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyna we onuň maliýeleşdirilmegine gatnaşan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň bellenilen tertipde kesgitlenilýän sanawyna goşulan ýa-da şol sanawa goşulan ýuridik şahsyň benefisiar eýesi bolup durýan fiziki şahsyň serişdelere ygtyýar etmeginiň, peýdalanmagynyň gadagan edilmegi.

 

2-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň wezipeleri we ulanylýan çygry

 

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilen işi, şeýle hem onuň bilen bagly jenaýatlary duýdurmak, ýüze çykarmak we ýok etmek şu Kanunyň esasy wezipesi bolup durýar.

2. Şu Kanun jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly etmişleri duýdurmak, ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen şulary düzgünleşdirýär:

1) fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallar ýa-da geleşikler geçirilende şu Kanunda bellenilen çäreleri durmuşa geçirmegiň tertibini;

2) Türkmenistanyň dahyllysy bolan ýuridik şahslaryň daşary ýurt döwletlerinde ýerleşen golçur kärhanalarynyň, wekillikleriniň we şahamçalarynyň işini amala aşyrmagyň barşynda şu Kanunda bellenilen çäreleri durmuşa geçirmegiň tertibini;

3) şu bölegiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen subýektler tarapyndan pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallar ýa-da geleşikler geçirilende şu Kanunda bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň işiniň tertibini;

4) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň çygrynda döwlet we gaýry edaralaryň özara hereket etmegiň tertibini.

3. Şu Kanun şübheli amallar, şonuň ýaly-da şu Kanuna laýyklykda hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler babatda maglumatlary almak, seljerme geçirmek we seljermegiň netijenamalaryny ýaýratmak ygtyýarlyklar berlen ygtyýarly edaranyň işiniň hukuk esaslaryny, wezipelerini we borçlaryny belleýär.

4. Şu Kanunyň talaplary pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary Türkmenistanyň çäginden daşarda amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslara Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda degişli edilip bilner.

 

II BAP. JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNY, TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINI WE KÖPÇÜLIKLEÝIN GYRYŞ ÝARAGYNYŇ ÝAÝRADYLMAGYNYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINI DUÝDURMAK

 

4-nji madda. Pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary ýa-da geleşikleri amala aşyrýan, şeýle hem maglumat berýän şahslar

 

1. Şu Kanunyň maksatlary üçin pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary ýa-da geleşikleri amala aşyrýan şahslara (mundan beýläk – amallary amala aşyrýan şahslar) şular degişli edilýär:

1) karz edaralary;

2) pullary ýa-da gymmatlyklary geçirmek boýunça hyzmatlary edýän fiziki ýa-da ýuridik şahslar;

3) wirtual aktiwler hyzmatlaryň prowaýderleri;

4) biržalar;

5) ätiýaçlandyryş guramalary, ätiýaçlandyryş dellallary;

6) lizing işi bilen meşgul bolýan kärhanalar;

7) lombardlar;

8) gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary;

9) notariuslar;

10) adwokatlar we ygtyýarnama esasynda fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini berýän beýleki şahslar – olaryň aşakdaky işler babatda müşderiniň adyndan ýa-da olaryň tabşyrmagy boýunça amallary ýa-da geleşikleri meýilleşdirmäge, taýýarlamaga we amala aşyrmaga gatnaşýan halatlarynda:

a) gozgalmaýan emlägi satyn almak-satmak;

b) müşderiniň pul serişdelerini, gymmatly kagyzlaryny ýa-da gaýry emlägini dolandyrmak;

ç) bank, süýşürintgi hasaplaryny ýa-da gymmatly kagyzlarynyň hasabyny dolandyrmak;

d) ýuridik şahsy döretmek, onuň işleýşini ýa-da dolandyrylmagyny üpjün etmek ýa-da kärhanalary satyn almak-satmak;

e) kompaniýalary döretmek, işleýşini ýa-da dolandyrmagy üpjün etmek maksatlary üçin serişdeleri (esaslyk maýasyny) toplamak;

11) auditorçylyk guramalary, işini hususy telekeçiler hökmünde amala aşyrýan, müşderiniň adyndan we (ýa-da) tabşyrygy boýunça maliýe amallaryny geçirmek bilen baglanyşykly buhgalterçilik hasaba alnyşy alyp barmak we buhgalterçilik we (ýa-da) maliýe hasabatlylygy düzmek boýunça hünärleýin hyzmatlary ýerine ýetirýän auditorlar;

12) söwdalaryň we bäsleşikli söwdalaryň guramaçylary;

13) humarly oýunlaryň, lotereýalaryň we elektron interaktiw oýunlaryň guramaçylary bolan fiziki we ýuridik şahslar;

14) kazino;

15) rieltorlar we rieltorçylyk guramalary, haçanda olar öz müşderisi üçin gozgalmaýan emlägi satyn almak-satmak bilen baglanyşykly dellallyk hyzmatlaryny edende ýa-da amallary ýa-da geleşikleri amala aşyranda;

16) pullary geçirmek boýunça hyzmatlary edýän poçta we telegraf aragatnaşyk guramalary we hasaplaşyklaryň ýa-da tölegleriň geçirilmegini amala aşyrýan gaýry guramalar;

17) gymmat bahaly metallary we gymmat bahaly daşlary, olardan öndürilen önümleri, şeýle hem şeýle önümleriň döwük böleklerini satyn almagy-satmagy amala aşyrýan şahslar.

2. Maglumat berýän şahslara şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň dahyllylary we dahylsyzlary tarapyndan nagt pullar we teklip ediji üçin dolanyşykdaky gurallaryň Türkmenistanyň gümrük serhediniň üsti bilen geçirilmegine gözegçilik edýän gümrük edaralary;

2) Türkmenistana getirilýän, ondan alnyp gidilýän we üstaşyr geçirilýän harytlara we gaýry emläklere, şol sanda ulag serişdelerine gözegçiligi we olary resmileşdirmegi amala aşyrýan we maglumatlar binýadyny ýöredýän edaralar;

3) döwlet belligine alynmaga degişli ulag serişdelerini we gaýry emläkleri resmileşdirmegi we bellige almagy amala aşyrýan we maglumatlar binýadyny ýöredýän edaralar;

4) gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we onuň bilen bagly geleşikleri döwlet tarapyndan bellige almak boýunça edaralar.

 

5-nji madda. Pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar

 

1. Pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amal ýa-da geleşik, şol sanda on senenama günüň dowamynda edilen özara baglanyşykly birnäçe amallar ýa-da geleşikler, eger olar özleriniň häsiýeti boýunça şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan amallaryň ýa-da geleşikleriň birine degişli bolsa ýa-da edilýän amalyň, ýa-da geleşigiň häsiýetini we aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýän we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýan bellenilen çäk möçbere (mundan beýläk – bellenilen çäk möçberi) deň we şondan ýokary möçberde edilýän bolsa, hökmany gözegçilige degişlidir.

Eger pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amal daşary ýurt pulunda amala aşyrylýan bolsa, onuň milli puldaky möçberi şeýle amalyň edilýän gününde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen puluň resmi hümmeti boýunça kesgitlenilýär.

2. Pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallara şular degişlidirler:

1) bank hasaplaryny (goýumlaryny) açmak we alyp barmak hukugy bolan banklar we beýleki karz edaralary tarapyndan amala aşyrylýan, öz häsiýeti boýunça onuň amala aşyrylmagy şübhe döredýän içerki we daşarky amallar;

2) offşor zolakda degişlilikde belligi, ýaşaýan ýa-da ýerleşýän ýeri bolan, fiziki ýa-da ýiridik şahs tarapyndan amala aşyrylýan (aşyrylan) müşderiniň bank hasabyna pullaryň gowuşmagy, ýa-da geçirilmegi, şonuň ýaly-da offşor zolakda bellige alnan bankda hasaba eýelik edýän ýa-da müşderi tarapyndan görkezilen şahslaryň toparlarynyň peýdasyna bir gezeklik amal hökmünde pul geçirmek, şeýle hem yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal;

3) eger taraplaryň iň bolmanda biri offşor zolagynda ýa-da ulgamy laýyk däl ýurtlarda degişlilikde belligi, ýaşaýan ýa-da ýerleşýän ýeri bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs bolan halatynda, amallar ýa-da geleşikler, şol sanda pul serişdeleriniň hasaba gowuşmagy, ýa-da geçirilmegi, karz bermek, ýa-da almak, gymmatly kagyzlar bilen amallar we beýleki amallar, ýa-da geleşikler;

4) nagt görnüşde pul serişdeleri bilen amallar:

a) ýuridik şahsyň hojalyk işiniň häsiýeti bilen şertlendirilmedik halatlarynda pul serişdeleriniň nagt görnüşinde onuň hasabyndan alynmagy ýa-da hasabyna gowuşmagy;

b) bir gezeklik amal, şeýle-de yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal hökmünde puluň müşderiniň fiziki şahsyň bank hasabyndan alynmagy ýa-da onuň bank hasabyna gowuşmagy;

ç) fiziki şahs tarapyndan daşary ýurt pulunyň alyş-çalyş nokatlarynyň üsti bilen nagt satyn alynmagy, satylmagy ýa-da çalşylmagy;

d) gymmatly kagyzlaryň fiziki şahs tarapyndan nagt hasaplaşyga edinilmegi;

e) bir gezeklik amal, şeýle-de yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal hökmünde çek ýa-da weksel boýunça pul almak;

ä) dahylsyzlar tarapyndan berlen teklip ediji üçin çek boýunça fiziki şahs tarapyndan pul serişdeleriniň alynmagy;

f) bir hümmetli banknotlaryň başga hümmetli banknotlara çalşyrylmagy;

g) ýuridik şahsyň esaslyk maýasyna fiziki şahs tarapyndan nagt görnüşinde pul serişdeleriniň girizilmegi;

h) nagt pullary, teklip ediji üçin resminamalaýyn gymmatly kagyzlary, wekselleri, çekleri Türkmenistana getirmek ýa-da ondan alyp gitmek, muňa Türkmenistanyň Merkezi banky, beýleki banklary we poçta aragatnaşygy edaralary tarapyndan amala aşyrylýan getirmek ýa-da alyp gitmek girmeýär;

5) bank hasaplary (goýumlary) boýunça amallar:

a) teklip ediji üçin goýumy (depoziti) tassyklaýan resminamalary resmileşdirmek bilen goýuma (depozite) pul serişdeleriniň ýerleşdirilmegi;

b) goýuma (depozite) nagt görnüşinde pul serişdelerini ýerleşdirmek bilen onuň üçünji şahslaryň peýdasyna açylmagy;

ç) bir gezeklik amal, şeýle-de yzygiderli ýedi senenama günüň dowamynda amala aşyrylan amal hökmünde amala aşyrylan daşary ýurda anonim eýäniň adyna açylan hasaba (goýuma) pul serişdeleriniň geçirilmegi we daşary ýurtdan anonim eýäniň adyna açylan hasapdan (goýumdan) pul serişdeleriniň gelip gowuşmagy;

d) bellige alnan gününden üç aýdan köp wagt geçmedik iş döwri bolan ýuridik şahsyň hasabyna (goýumyna) pul serişdeleriniň gowuşmagy ýa-da onuň hasabyndan (goýumyndan) pul serişdeleriniň öçürilmegi eger, görkezilen hasaby (goýumy) boýunça onuň açylan pursadyndan amallaryň geçirilmedik halatynda ýa-da ýuridik şahsyň hasabyna (goýumyna) pul serişdeleriniň gowuşmagy ýa-da pul serişdeleriniň onuň hasabyndan (goýumyndan) öçürilmegi;

e) müşderi tarapyndan başga şahsyň peýdasyna muzdsuz esasda amala aşyrylýan pul tölegleri we geçirmeleri;

ä) meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň girizilmegi, geçirilmegi, şeýle hem pensiýa gatançlaryň hasabyna meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyndan töleg serişdeleriniň amala aşyrylmagy;

6) gozgalýan emläk bilen gaýry geleşikler:

a) gymmat bahaly metallary, gymmat bahaly daşlary, olardan öndürilen önümleri we şeýle önümleriň döwük böleklerini ýa-da gaýry gymmatlyklary lombarda ýerleşdirmek;

b) ätiýaçlandyryş tölegini (öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak ýa-da ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) almak;

ç) lizing şertnamasy boýunça emlägi almak ýa-da bermek;

d) gymmat bahaly metallar, gymmat bahaly daşlar we olardan öndürilen önümleri bilen satyn almak-satmak we gaýry amallar;

e) medeni gymmatlyklaryň edinilmegi (satylmagy), Türkmenistana getirilmegi ýa-da ondan alnyp gidilmegi;

ä) lotoreýa, totalizatora (özara jedelleşmäge) we töwekgelçilige esaslanýan gaýry humarly oýunlara (şol sanda elektron görnüşde) gatnaşylmagy üçin töleg görnüşinde pul serişdelerini almak we görkezilen oýunlara gatnaşmakdan ýeňişli utuk görnüşinde alnan pul serişdelerini tölemek;

f) fiziki ýa-da ýuridik şahslara göterimsiz karzlary bermek, şeýle hem şeýle karzlary almak;

g) hyzmatlary etmek, şol sanda potratçylyk, daşaýyş, ulag ekspedisiýasy, saklamak, komissiýa, emlägi ynançly dolandyrmak boýunça geleşikler, muňa seýfleriň kärende hyzmatlary girmeýär;

h) gymmatly kagyzlar bilen geleşikler.

3. Şübheli amallar olaryň amala aşyrylmagynyň görnüşine we möçberine garamazdan hökmany gözegçilige degişlidir.

Şübheli amallaryň alamatlary (ölçeg alamatlary) ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýar.

4. Döwlet belligine alynmaga degişli gozgalmaýan we gaýry emläk bilen edilýän geleşikler, eger olaryň geçirilýän möçberi bellenilen çäk möçberine deň ýa-da şondan ýokary bolsa, hökmany gözegçilige degişlidir.

5. Eger, taraplaryň bolmanda biriniň, ol babatda  fiziki ýa-da ýuridik şahsyň terrorçylyga, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine, ekstremistik işe we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine gatnaşygy barada şu Kanunda bellenilen tertipde alnan maglumat bar bolan ýa-da şeýle şahslaryň göni, ýa-da gytaklaýyn eýeçiliginde, ýa-da gözegçiliginde ýerleşýän ýuridik şahs bolan, ýa-da fiziki ýa-da ýuridik şahslar şeýle şahslaryň adyndan, ýa-da görkezmesi boýunça hereket edýän halatynda pul serişdeleri, ýa-da gaýry emläk bilen amal, ýa-da geleşik hökmany gözegçilige degişlidir.

Özi babatda terrorçylyga, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine gatnaşygy babatda maglumatlary bolan şahslaryň sanawlaryny düzmegiň we ýaýratmagyň we olar babatynda maksatlaýyn maliýe çärelerini ulanmagyň tertibi, şeýle hem terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan durmuşa geçirilmeli çäreler babatynda bildirilýän talaplar ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýar hem-de amallary amala aşyrýan şahslaryň, degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň dykgatyna ýetirilýär.

Görkezilen sanawa goşulan fiziki we ýuridik şahslar barada maglumatlar Internet ulgamynda ygtyýarly edaranyň resmi saýtynda ýerleşdirilmäge degişlidir.

6. Pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar, ýa-da geleşikler barada maglumatlar, eger olaryň geçirilýän möçberi bellenilen çäk möçberine deň ýa-da şondan ýokary bolsa, amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara gös-göni berilýär.

Pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar, ýa-da geleşikler barada maglumatlary bermegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýar.

 

6-njy madda. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan müşderileriň we olaryň benefisiar eýeleriniň talabalaýyk barlagy

 

1. Amallary amala aşyrýan şahslar şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda, özleriniň müşderileriniň, peýda alyjylaryň, benefisiar eýeleriniň, şeýle hem müşderiniň adyndan ýa-da tabşyrygy boýunça hereket edýän şahslaryň talabalaýyk barlagyny geçirmek boýunça çäreleri görmäge borçlydyrlar.

2. Amallary amala aşyrýan şahslar, şu halatlarda müşderileriň we olaryň benefisiar eýeleriniň, şeýle hem müşderiniň adyndan ýa-da tabşyrygy boýunça hereket edýän şahslaryň talabalaýyk barlagyny geçirýärler:

1) müşderi bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak meýilleşdirilende;

2) şu Kanunyň 5-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda, pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallary amala aşyrmak meýilleşdirilende;

3) müşderiniň we onuň benefisiar eýesiniň, şeýle hem müşderiniň adyndan we onuň tabşyrygy boýunça hereket edýän şahsyň şahsyýetinе geçirilen barabarlygyň esasynda, ozal alnan resminamalaryň we maglumatlaryň hakykylygyna, ýeterlikligine we takyklygyna şübhe bolanda;

4) islendik başga halatlarda, haçan-da jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy,  terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly hereketleriň amala aşyrylýandygyna, amala aşyrylandygyna ýa-da amala aşyrylmagy meýilleşdirilýändigine şübhe dörände.

3. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan özleriniň müşderileriniň we olaryň benefisiar eýeleriniň, peýda alyjylarynyň, talabalaýyk barlagy şu çäreleriň amala aşyrylmagyny öz içine alýar:

1) şahsyýeti tassyklaýan resminamalaryň esasynda fiziki şahsyň barabarlanmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň bellige alynmagy: onuň şahsyýetini tassyklaýan we Türkmenistanyň çäginde bolmaga hukuk berýän resminamanyň maglumatlary, raýatlygy, raýatlygy bolmadyk halatynda onuň hemişelik ýaşaýjysy bolup durýan döwleti, hususy barabarlyk belgisi (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda fiziki şahsa hususy barabarlyk belgisiniň berilmedik halatlary muňa girmeýär), doglan senesi we raýaty ýa-da hemişelik ýaşaýjysy bolup durýan döwletiň kanunçylygyna laýyklykda berlen şahsy şertli belgisi, onuň familiýasy, ady, atasynyň ady (bar bolanda),  şeýle hem Türkmenistanyň çäginde (daşary ýurt döwletleriniň raýatlary ýa-da ýaşaýjylary üçin) hukuk salgysy we onuň ýaşaýan ýa-da bolýan ýeriniň salgysy;

2) özünde şu maglumatlary jemleýän resminamalaryň ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda notarial tertipde şaýatlyk edilen resminamalaryň nusgalarynyň esasynda ýuridik şahsyň (şahamçasynyň, wekilliginiň) barabarlanmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň bellige alynmagy: ýuridik şahsyň ady, hukuk görnüşi, döwlet belligi barada maglumatlaryň, barabarlyk belgisiniň (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik şahsa barabarlyk belgisiniň berilmedik halatlary muňa girmeýär) ýa-da ýuridik şahslara-dahylsyzlara daşary ýurt döwletinde bellige alnan belgisiniň, şeýle hem ýerleşýän ýeriniň salgysynyň we hakyky işiniň görnüşiniň;

3) benefisiar eýesiniň ýüze çykarylmagyny we onuň şu bölegiň 1-nji bendine laýyklykda barabarlanmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň bellige alynmagy amala aşyrylýar, şeýle hem şulary öz içine alýar:

a) şeýle fiziki şahsyň-müşderiniň esaslandyryjy resminamalarynyň, paýnamalaryny saklaýjylaryň sanawynyň esasynda (ýa-da, eger ýuridik şahslar paýnamalary saklaýjy bolup durýan bolsalar, ýuridik şahslaryň benefisiar eýeleriniň) ýuridik şahsyň-müşderiniň eýeçiliginiň gurluşynyň we dolandyrylyşynyň anyklanylmagy, ýa-da garaşsyz we ynam döredýän beýleki çeşmelerden maglumatlaryň alynmagy;

b) şu bentde göz öňünde tutulan çäreleriň netijesinde eger ýuridik şahsyň benefisiar eýesi ýüze çykarylmadyk halatynda, ýuridik şahsyň-müşderiniň kollegial ýerine ýetiriji edarasynyň ýolbaşçysy bolup durýan fiziki şahsyň benefisiar eýesi diýlip ykrar edilmegi;

ç) benefisiar eýesini barabarlamak üçin zerur bolan maglumatlaryň bellige alynmagy, müşderi (onuň wekili) tarapyndan berlen ýa-da garaşsyz we ynam bildirip bolýan gaýry çeşmelerden alnan maglumatlaryň we resminamalaryň esasynda amala aşyrylmagy;

4) işewür gatnaşyklaryň çak edilýän maksadynyň we häsiýetiniň anyklanylmagyny;

5) işewür gatnaşyklary barlamagyň we monitoring etmegiň hemişelik esasda geçirilmegini we zerur bolanda edilýän amallaryň     ýa-da geleşikleriň maliýeleşdirilmeginiň çeşmesi barada maglumatlaryň alynmagyny we bellige alynmagyny hem goşmak bilen, müşderiniň amallary amala aşyrýan şahsyň üsti bilen amala aşyrýan amallarynyň    ýa-da geleşikleriniň öwrenilmegini;

6) ozaldan bar bolan maglumatlary we maglumatly resminamalary müşderi tarapyndan berlen degişli resminamalaryň asyl nusgalary ýa-da notarial tertipde şaýatlyk edilen nusgalaryny deňeşdirmek ýoly bilen,  ýa-da garaşsyz we ynam bildirip bolýan elýeter çeşmelerden alnan maglumatlar bilen deňeşdirmek ýoly bilen müşderi, onuň peýda alyjysy, onuň iş ugry we töwekgelçilik ugry barada maglumatlaryň hakykylygynyň we wajyplygynyň barlanylmagyny, şeýle hem müşderi (onuň wekili) we benefisiar eýesi baradaky maglumatlaryň täzelenilmegini;

7) müşderiniň wekiliniň müşderiniň adyndan we onuň bähbidine hereket etmäge ygtyýarlyklarynyň goşmaça barlanylmagy;

8) maglumatlaryň täzelenilmegi müşderi, benefisiar eýesi barada öň alnan maglumatlaryň hakykylygyna şübhelenmek üçin esaslar bar bolanda, şeýle hem içerki gözegçiligiň düzgünlerinde göz öňünde tutulan halatlarda amala aşyrylýar.

4. Eger amalyň ýa-da geleşigiň möçberi bellenilen çäk möçberden geçmeýän bolsa, şu halatlarda şu maddada göz öňünde tutulan çäreler geçirilmeýär:

1) müşderi-fiziki şahs tarapyndan nagt pullary kabul etmek üçin niýetlenilen enjamlaryň kömegi bilen fiziki şahsyň bank hasabyna pullary gowşurmak boýunça amallar ýa-da geleşikler amala aşyrylanda;

2) müşderi tarapyndan bank hasaby peýdalanylmazdan nagt däl pullary tölemek ýa-da geçirmek amala aşyrylanda, müşderi tarapyndan şübheli amalyň edilýän halatlary muňa girmeýär;

3) müşderi-fiziki şahs tarapyndan şeýle müşderiniň bank hasabyna elýeterlik serişdeleri bolmadyk töleg kartlaryny peýdalanmak bilen amallar ýa-da geleşikler amala aşyrylanda.

5. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan özleriniň müşderileriniň (olaryň wekilleriniň) we benefisiar eýeleriniň talabalaýyk barlagy, olaryň işiniň hemişe barlanylmagyny öz içine almak bilen, içerki gözegçiligiň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

6. Amallary amala aşyrýan şahsyň müşderini (onuň wekilini) barabarlamak, benefisiar eýesini ýüze çykarmak üçin zerur bolan maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegini, şeýle hem salgyt dahyllylygy, işiniň görnüşi we edýän amallarynyň ýa-da geleşikleriniň maliýeleşdirilmeginiň çeşmesi barada maglumatlaryň we şu Kanunyň düzgünlerini durmuşa geçirmek üçin zerur bolan beýleki maglumatlaryň berilmegini müşderiden (onuň wekilinden) talap etmäge hukugy bardyr.

Müşderiler (olaryň wekilleri) amallary amala aşyrýan şahslaryň şu Kanunda göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin olara zerur bolan maglumatlary we resminamalary bermäge borçludyrlar.

7. Şu Kanunyň talaplaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumatlary, resminamalary ýa-da beýleki maglumatlary müşderi tarapyndan bermekden ýüz dönderilen halatynda, amallary amala aşyrýan şahslar islendik amallary ýa-da geleşikleri amala aşyrmakdan saklanmaga, ýa-da ozaldan bar bolan işewür gatnaşyklaryny bes etmäge borçludyrlar. Şeýle halatda amallary amala aşyrýan şahslar amaly ýa-da geleşigi geçirmekden ýüz döndermegiň sebäbini düşündirmezden, bu ýagdaýlara şübheli hökmünde garalmaly we olar baradaky maglumatlar şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda ygtyýarly edara iberilmelidir.

Bank hasaplaryny açmaga we ýöretmäge hukugy bar bolan bank we gaýry karz edaralarynа, anonim hasaplary (goýumlary) ýa-da görnetin toslanyp tapylan atlara, şeýle hem teklip ediji üçin hasaplary (goýumlary) açmak gadagandyr.

8. Müşderileriň we olaryň benefisiar eýeleriniň talabalaýyk barlanylmagy boýunça çäreler, amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan diňe täze müşderiler babatynda däl, eýsem, bolmagy mümkin töwekgelçiligiň ölçeg alamatlaryna esaslanyp, täze ýagdaýlar ýüze çykanda ýa-da müşderi ýa-da onuň benefisiar eýesi bilen bagly täze maglumatlar alnanda öň bar bolan müşderiler babatynda hem görülmelidir.

9. Talabalaýyk barlanylmagy boýunça çäreleri amala aşyrmak bilen, amallary amala aşyrýan şahslar şulara borçludyrlar:

1) işewür gatnaşyklary başlamazdan öň, olara berlen resminamalaryň hereket edýändigine baha bermäge;

2) resminamanyň ýagdaýy boýunça talabalaýyk barlanylmagy üçin, onuň ulanylmagynyň mümkinçiligine baha bermäge (resminama daşary tehniki täsir edişiň aýdyň alamatlarynyň barlygyna);

3) müşderiniň amallary ýa-da geleşikleri şahsy maksatlary üçin amala aşyrjakdygyna, ýa-da beýleki fiziki, ýa-da ýuridik şahsyň bähbitlerine wekilçilik etjekdigi baradaky maglumatlary almak we degişli resminamalarda bellige almaga;

4) fiziki ýa-da ýuridik şahsyň, müşderiniň bähbidine we onuň adyndan hereket etmäge ygtyýarlyklaryny tassyklaýan zerur resminamalarynyň barlygyna göz ýetirmek, berlen resminamalaryň hakykydygyna şübhe dörän halatynda, olaryň goşmaça barlagyny geçirmäge.

10. Şu Kanunyň 4-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-5-nji we     8-nji bentlerinde görkezilen amallary amala aşyrýan şahslar, degişli müşderiler (olaryň wekilleri) we benefisiar eýeleri babatynda, beýleki amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ulanylan, şu maddanyň üçünji böleginiň 1-3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çärelere esaslanyp bilerler, eger olar diňe şu halatlarda daşary ýurtlarda öz işini amala aşyrýan bolsalar:

1) kanunçylygynda maliýe we karz edaralaryny bellige almak we ygtyýarlylandyrmak, şeýle hem amallary amala aşyrýan şahslary bellige almak we ygtyýarlylandyrmak boýunça degişli talaplary göz öňünde tutýan;

2) degişli ygtyýarly edaralary maliýe we karz edaralarynyň we beýleki amallary amala aşyrýan şahslaryň işine degerli gözegçiligi amala aşyrýan;

3) töwekgelçiligiň derejesi ýokary bolan döwletler (ýurisdiksiýalar), offşor zolaklaryna we ulgamy laýyk däl ýurtlara degişli bolmaýan;

4) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda olaryň kanunçylygynyň talaplary şu Kanunyň düzgünlerine laýyk gelýän.

11. Amallary amala aşyrýan şahslaryň, daşary ýurt döwletiniň çäginde bellige alnan we hereket edýän amallary amala aşyrýan beýleki şahs tarapyndan kabul edilen müşderiniň talabalaýyk barlagy boýunça çärelere esaslananlarynda, şu maddanyň üçünji böleginiň 1-3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde, dogrulygyna şaýatlyk edilen tassyklaýjy resminamalaryň nusgalaryny goşmak bilen, müşderi (onuň wekili), benefisiar eýesi barada zerur maglumatlary haýal etmezden almaga mümkinçiligi bolmalydyr.

12. Müşderileriň (olaryň wekilleriniň) we olaryň benefisiar eýeleriniň talabalaýyk barlagy boýunça çäreleriň degerli ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik daşary ýurt döwletleriniň çäginde bellige alnan amallary amala aşyrýan şahslardan alnan maglumatlary ulanan amallary ýa-da geleşikleri amala aşyrýan şahsa ýüklenilýär.

 

7-nji madda. Müşderi bilen işewür gatnaşyklar ýola goýlan halatynda müşderileriň talabalaýyk barlagy

 

Amallary amala aşyrýan şahslar müşderiler bilen işewür gatnaşyklar ýola goýulmazyndan öň şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginiň 1-4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleri görýärler, muňa şu Kanunyň 6-njy maddasynyň dördünji böleginde görkezilen halatlar girmeýär.

 

8-nji madda. Hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler amala aşyrylanda müşderileriň talabalaýyk barlagy

 

1. Şu Kanunyň 5-nji maddasyna laýyklykda, hökmany gözegçilige degişli amallary ýa-da geleşikleri geçirmezden öň, amallary amala aşyrýan şahslar şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginiň 1-nji,  2-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleri görýärler, muňa şeýle çäreleriň müşderi bilen işewür gatnaşyklary ýola goýlanda görlen halatlary girmeýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen hereketlerden, şeýle hem şu Kanunyň 6-njy maddasynyň dördünji böleginiň 1-nji we 3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, karz edaralary, müşderiniň görkezmesi boýunça nagt däl görnüşindäki tölegleri geçirenlerinde, aşakdakylary hem öz içine almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan töleg resminamasynda rekwizitleriň bolmagyny we pul tölegine (geçirmesine) gatnaşyja geçirilmegini üpjün edýärler:

1) puly iberijiniň we alyjynyň familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň (olar bar bolanda) ýa-da doly we gysgaldylan adynyň (ýuridik şahslar üçin);

2) eger puly geçirmek bank hasabyny peýdalanmak bilen amala aşyrylan bolsa, puly iberijiniň we alyjynyň hususy barabarlyk belgisiniň ýa-da eger puly geçirmek bank hasabyny peýdalanmazdan amala aşyrylan bolsa, puly tölemek, ýa-da geçirmek boýunça görkezmäniň belgisiniň;

3) puly iberijiniň (fiziki we ýuridik şahslar üçin) barabarlyk belgisiniň ýa-da salgysynyň, ýa-da puly iberijiniň (fiziki şahs üçin) şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň belgisiniň.

3. Daşary ýurt maliýe guramasyndan pul tölegi we geçirmesi gelip gowşanda karz edaralary töleg resminamasynda şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen maglumatlaryň bolmagyna gözegçilik edýärler, şeýle hem bank hasabyny peýdalanmazdan puly geçirmek boýunça alyjyny barabarlamak üçin zerur bolan maglumatlary bellige alýarlar we saklaýarlar.

4. Amala aşyrylýan amalyň ýa-da geleşigiň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biljekdigi barada şübhe dörände, amallary amala aşyrýan şahslar haýal etmän barlag geçirmeli we görkezilen maglumatlary takyklamaly.

5. Amallary amala aşyrýan şahslar amala aşyrylýan amallary ýa-da geleşikleri seljermek we şu maddanyň düzgünleriniň talaplaryna laýyk gelmeýän, geçirilip bilinmeýän ýa-da togtadylmaly amallary, ýa-da geleşikleri ýüze çykarmak üçin töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşmäni we içerki düzgünleri ulanmalydyrlar.

6. Töleg resminamasynda bar bolan ähli maglumatlar ygtyýarly edaranyň resmi sowaly boýunça haýal etmän, ýöne bir iş gününden gijä galman berilmelidir.

 

9-njy madda. Müşderileriň we jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň talabalaýyk barlagynyň giňeldilen çäreleri

 

1. Amallary amala aşyrýan şahslar müşderileri we jemgyýetçilik wezipeli adamlary, olaryň peýda alyjylaryny we benefisiar eýelerini barabarlamak boýunça içerki gözegçiligiň giňeldilen çärelerini ulanmak üçin zerur bolan gaýry maglumatlary kesgitlemäge we bellige almaga hukuklydyrlar.

2. Amallary amala aşyrýan şahslar meýilleşdirilýän ýa-da amala aşyrylýan işewür gatnaşyklaryň we amallaryň ýa-da geleşikleriň häsiýetini öwrenmegiň barşynda ýüze çykan töwekgelçiliklere laýyklykda, olaryň müşderi tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga, terrorçylygy maliýeleşdirmäge we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmäge gönükdirilendigine şübhe dörän halatynda, şeýle hem töwekgelçiliklere baha bermegiň netijeleri boýunça öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde müşderiniň talabalaýyk barlagynyň giňeldilen çärelerini görmäge borçludyr we şulara hukuklydyr:

1) müşderi we benefisiar eýesi boýunça maglumatlary ýygy-ýygydan täzelemek üçin, goşmaça maglumatlary talap etmäge;

2) işewür gatnaşyklaryň häsiýeti barada goşmaça maglumat talap etmäge;

3) serişdeleriň çeşmesi ýa-da müşderiniň ýagdaýynyň çeşmesi barada maglumat talap etmäge;

4) meýilleşdirilen ýa-da geçirilen amallaryň, ýa-da geleşikleriň maksatlary hakynda maglumat talap etmäge;

5) barlaglaryň sanyny ýa-da ýygylygyny köpeltmek we mundan beýläk monitoringini talap edýän amallaryň, ýa-da geleşikleriň häsiýetini anyklamak ýoly bilen işewür gatnaşyklaryň güýçlendirilen monitoringini amala aşyrmaga.

3. Jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň barlagynyň talabalaýyk çärelerini görmek maksady bilen, amallary amala aşyrýan şahslar, töwekgelçilikleri dolandyrmagyň zerur ulgamyny, şol sanda, müşderiniň ýa-da potensial müşderiniň, ýa-da benefisiar eýesiniň jemgyýetçilik wezipeli adamy, onuň maşgala agzasy, ýa-da garyndaşy bolup durýandygyny kesgitlemek üçin, töwekgelçiliklere baha bermeklige esaslanan düzgünlerini işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga borçludyrlar.

4. Amallary amala aşyrýan şahslar, jemgyýetçilik wezipeli adamlar (müşderi, benefisiar eýesi ýa-da peýda alyjy) babatda, şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan çärelerden başga-da goşmaça şulara borçludyrlar:

1) müşderiniň jemgyýetçilik wezipeli adama, onuň maşgala agzalaryna we garyndaşlaryna degişlidiginiň we gatnaşygynyň bardygynyň barlagyny amala aşyrmaga;

2) şol jemgyýetçilik wezipeli adamyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine gatnaşygynyň bardygy babatda onuň abraýyna baha berilmegini amala aşyrmaga;

3) şeýle müşderiler bilen işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, dowam etdirilmegine guramanyň ýolbaşçylygynyň rugsadyny almaga;

4) maddy üpjünçilik çeşmesini we pul serişdeleriniň çeşmesini anyklamak üçin elýeterli çäreleri görmäge;

5) işewür gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylan, hemişelik monitoringini amala aşyrmaga.

Amallary amala aşyrýan şahslar müşderiniň ýa-da benefisiar eýesiniň öz ýurdunyň jemgyýetçilik wezipeli adamy ýa-da halkara guramasynyň möhüm wezipeleri ynanylan, ýa-da ozal ynanylan şahs bolup durýandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýän oýlanyşykly çäreleri görmäge borçludyrlar. Şeýle şahslar bilen işewür gatnaşyklaryň ýokary derejeli töwekgelçilikleriň ýüze çykarylan halatynda, amallary amala aşyrýan şahslar şu maddanyň ikinji böleginiň 2-5-nji bentlerinde görkezilen çäreleri görmäge borçludyrlar. Jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň ähli görnüşlerine bildirilýän talaplar, olaryň maşgala agzalaryna we garyndaşlaryna hem degişlidir.

5. Amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan müşderiniň geçirýän amallarynyň ýa-da geleşikleriniň öwrenilmegi, müşderileriň talabalaýyk barlanylmagynyň giňeldilen çäreleriniň ulanylmagy we şu Kanunyň     6-njy maddasyna laýyklykda şeýle öwrenilmeginiň netijeleriniň bellige alynmagy üçin şular hökmany esaslar bolup durýarlar:

1) müşderi tarapyndan pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen çylşyrymly, aýratyn uly ýa-da göz-görtele ykdysady manysy, ýa-da görünýän kanuny maksady bolmadyk amalyň, ýa-da geleşigiň edilmegi;

2) müşderi tarapyndan şu Kanunda göz öňünde tutulan talabalaýyk barlagdan we hökmany gözegçilikden boýun gaçyrmaga gönükdirilen hereketleriň edilmegi;

3) pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallaryň, ýa-da geleşikleriň offşor zolakda ýerleşen ýurt, ýa-da ulgamy laýyk däl ýurt bolan döwletde (çäkde) bellige alnan (ýaşaýan) şahsyň gatnaşmagynda, şonuň ýaly-da şeýle döwletde (çäkde) bellige alnan bankyndaky hasaby peýdalanmak bilen edilmegi.

Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan topary (FATF) tarapyndan düzülen ulgamy laýyk däl ýurtlaryň sanawy Internet torunda ygtyýarly edaranyň resmi saýtynda ýerleşdirilýär, şeýle hem gözegçilik edaralaryna amallary amala aşyrýan şahslaryň dykgatyna ýetirmek üçin iberilýär.

Ulgamy laýyk däl ýurtlar babatynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça çäreler hakyndaky Düzgünnama ygtyýarly edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýar.

 

10-njy madda. Daşary ýurt karz edaralary bilen korrespondent gatnaşyklary ýola goýlanda talabalaýyk barlagy

 

1. Daşary ýurt karz edaralary bilen korrespondent gatnaşyklary ýola goýlanda, amallary amala aşyrýan şahslar, korrespondent bank işiniň dürli görnüşleri bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň derejelerini anyklamaga mümkinçilik berýän içerki kadalary we düzgünleri işläp taýýarlaýarlar we ulanýarlar. Ulanylan içerki kadalaryň we düzgünleriň netijesinde alnan maglumatlar daşary ýurt karz edaralary bilen korrespondent gatnaşyklaryna başlamak barada çözgüde gelnende ulanylýar.

2. Şu Kanunyň 4-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen amallary amala aşyrýan şahslar daşary ýurt maliýe guramalary bilen korrespondent gatnaşyklary ýola goýlanda, şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan çärelerden başga-da, goşmaça şulara borçludyrlar:

1) daşary ýurt maliýe gurama-respondent barada onuň işewürlik işiniň häsiýeti barada ýeterlik doly düşünje almak we açyk maglumatyň esasynda onuň abraýyny we gözegçiligiň hilini kesgitlemek üçin, şol sanda ol babatynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy ýa-da terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi çygrynda derňewleriň geçirilendigini, ýa-da ol babatda gözegçilik edaralary tarapyndan çäreleriň görlendigini kesgitlemek üçin maglumatlary toplamagy we resminamalaýyn bellige alynmagyny amala aşyrmaga;

2) daşary ýurt maliýe guramasy-respondent tarapyndan onuň bellige alnan ýurdunyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda kanunçylygyna laýyklykda, görýän içerki gözegçilik çäreleri barada maglumatlary resminamalaýyn bellige almaga, şeýle hem görülýän içerki gözegçilik çäreleriniň netijeliligine baha berilmegini amala aşyrmaga;

3) örtük banklar bilen korrespondent gatnaşyklary ýola goýmazlyga we saklamazlyga;

4) daşary ýurt maliýe guramasy-respondent tarapyndan öz hasaplarynyň örtük banklaryň peýdalanmagyndan ýüz dönderýändigine we şeýle örtük banklary bilen işewür gatnaşyklary saklamaýandygyna göz ýetirmäge;

5) täze korrespondent gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna guramanyň ýolbaşçylygynyň rugsadyny almaga;

6) bolmagy mümkin ýa-da potensial töwekgelçilikleriň bardygy anyklanan halatynda, talabalaýyk barlagyň goşmaça çärelerini ulanmaga;

7) daşary ýurt karz edaralary tarapyndan, işiniň ýöriteleşmesini we häsiýetini nazara almak bilen, müşderileriň we benefisiar eýeleriň barlagynyň talabalaýyk geçirilýändigine we amallary amala aşyrýan şahsyň ýüz tutan halatynda öz müşderileriniň we olaryň benefisiar eýeleriniň talabalaýyk barlagynyň barşynda görlen çäreler, şeýle hem olaryň amallary barada goşmaça maglumatyň berlip bilinýändigine göz ýetirmäge.

3. Daşary ýurt maliýe guramasynyň-respondentiň örtük banklar bilen korrespondent gatnaşyklarynyň bardygy daşary ýurt maliýe guramasy-respondent tarapyndan berilýän we amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan gaýry çeşmelerden alynýan maglumatlaryň esasynda kesgitlenilýär.

 

11-nji madda. Talabalaýyk barlagy geçirilende maglumatlaryň toplanylmagy, saklanylmagy we resminamalaýyn tassyklanylmagy

 

1. Amallary amala aşyrýan şahslar ähli amallar ýa-da geleşikler amala aşyrylanda, şeýle hem müşderiniň talabalaýyk barlagyny geçirenlerinde şu Kanuna we içerki gözegçilik kadalaryna laýyklykda amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça müşderiniň talabalaýyk barlagy üçin zerur resminamalaryň sanawy esasynda müşderi, peýda alyjy, benefisiar eýesi we amal ýa-da geleşik barada maglumatlary resminamalaýyn bellige almaga we alnan maglumatlary we resminamalary (ýa-da olaryň nusgalaryny) saklamaga borçludyrlar. Bu maglumatlar we resminamalar (ýa-da olaryň nusgalary) degişli döwlet edaralary üçin elýeterli bolmalydyr.

Amallary amala aşyrýan şahslaryň içerki gözegçilik kadalary degişli gözegçilik edaralary bilen ylalaşmak arkaly, amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edaranyň işläp taýýarlan we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylan, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça içerki gözegçiligiň kadalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Usulyýet gollanmanyň esasynda işlenip taýýarlanylýar.

2. Amallary amala aşyrýan şahslar milli we halkara amallaryna  ýa-da geleşiklere degişli ähli maglumatlary müşderi bilen işewür gatnaşyklar bes edilenden soň azyndan bäş ýylyň dowamynda saklamaga borçlydyrlar, şeýle hem müşderileriň amallary ýa-da geleşikleri barada ygtyýarly edaranyň we gaýry degişli döwlet edaralarynyň resmi sowallaryna we talaplaryna dessin we hemmetaraplaýyn hereket etmäge mümkinçilik berýän netijeli ulgamlary we düzgünleri bolmaly.

3. Hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler, şeýle hem müşderi, peýda alyjy we benefisiar eýesi barada maglumatlar amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara, düzüminde şu bölümler bolan görnüş boýunça habarnama görnüşinde berilýär: giriş maglumatlary, amallary amala aşyrýan şahs barada barabarlaýan maglumatlar, amallar ýa-da geleşikler we amallaryň ýa-da geleşikleriň gatnaşyjylary, şeýle hem olaryň peýda alyjysy, benefisiar eýeleri barada maglumatlar, amal ýa-da geleşik barada goşmaça maglumatlar we onuň şübhelidigini tassyklaýan maglumatlar.

Şu Kanunyň 5-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler barada maglumatlar resminamalaýyn bellige alynýar, saklanýar we döwlet dilinde ygtyýarly edara berilýär:

1) şu Kanunyň 4-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-5-nji, 8-nji we 16-njy bentlerinde görkezilen amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan bölünip berlen aragatnaşyk kanallary arkaly elektron usulda amalyň ýa-da geleşigiň edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan, muňa işiniň görnüşi diňe daşary ýurt puluny çalyşmak amallaryny guraýan ýuridik şahslar girmeýär;

2) işiniň görnüşi diňe daşary ýurt puluny çalyşmak amallaryny guraýan ýuridik şahslar tarapyndan bölünip berlen aragatnaşyk kanallary arkaly elektron usulda ýa-da kagyz göterijide amalyň edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan;

3) şu Kanunyň 4-nji maddasynyň birinji böleginiň 9-17-nji bentlerinde görkezilen amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan bölünip berlen aragatnaşyk kanallary arkaly elektron usulda ýa-da kagyz göterijide amalyň ýa-da geleşigiň edilen we ýüze çykarylan gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan.

4. Amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan ozal berlen hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler, şol sanda şübheli amallar barada zerur bolan goşmaça maglumatlary almak maksady bilen, ygtyýarly edara zerur bolan maglumatlaryň we resminamalaryň (ýa-da olaryň nusgalarynyň) berilmegini sorap, amallary amala aşyrýan şahsa resmi sowal ugradýar.

Şu Kanunyň 21-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen maksatlar bilen ygtyýarly edara amallary amala aşyrýan şahsa zerur maglumatlaryň we resminamalaryň (ýa-da olaryň nusgalarynyň) berilmegini sorap resmi sowal ugradýar.

5. Ygtyýarly edaranyň resmi sowaly boýunça amallary amala aşyrýan şahslar hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler boýunça zerur maglumatlary we resminamalary (ýa-da olaryň nusgalaryny), şeýle hem beýleki zerur maglumatlary bermäge borçludyrlar:

1) şu Kanunyň 5-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, degişli resmi sowalyň alnan gününden üç iş gününiň dowamynda;

2) şu Kanunyň 5-nji maddasynyň bäşinji bölegine laýyklykda, degişli resmi sowalyň alnan pursadyndan gaýra goýmazdan.

6. Müşderiniň talabalaýyk barlagy geçirilende hökmany gözegçilige degişli amal ýa-da geleşik barada alnan maglumatlaryň, şeýle hem beýleki zerur maglumatlaryň ygtyýarly edara berilmegi bilen bagly çykdajylary amallary amala aşyrýan şahslar çekýärler.

 

12-nji madda. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan içerki gözegçiligiň alnyp barylmagy

 

1. Amallary amala aşyrýan şahslar özleriniň edýän hyzmatlarynyň beýleki şahslar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine ýa-da olara ýardam berilmegi maksatlary bilen peýdalanylmazlygy üçin degişli çäreleri, şeýle hem töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşmäni ulanmagy amala aşyrmak boýunça şu çäreleri  görýärler:

1) şu Kanunda görkezilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine jogapkär işgärleriň bellenilmegi;

2) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiliklerini netijeli dolandyrmak üçin içerki gözegçiligiň we düzgünleriň amala aşyrylmagy;

3) içerki gözegçiligiň öz kadalarynyň işlenip taýýarlanylmagy we tassyklanylmagy;

4) karz edaralary tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça çäreleri babatda, şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelşine döwürleýin garaşsyz auditiniň geçirilmegi.

 

2. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak maksatlary bilen, amallary amala aşyrýan şahslar şu Kanunyň düzgünlerinde görkezilen çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň guralyşyna, içerki gözegçilik kadalarynyň we ony amala aşyrmagyň maksatnamasynyň tassyklanylmagyna we ýerine ýetirilişine gözegçilik edilmegine gönüden-göni jogapkärçilik çekýän işgärleri belleýärler, şeýle hem olaryň bellenilen pursadyndan bäş iş gününiň dowamynda şeýle işgärleriň bellenilendigi barada ygtyýarly edara habar berýärler.

3. Içerki gözegçilik kadalary amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar, kabul edilýär, işgärleriň dykgatyna ýetirilýär we berjaý edilýär, şeýle hem şulary öz içine almalydyr:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen, içerki gözegçiligi guramagyň maksatnamasyny;

2) tehnologik gazananlary peýdalanmagyň töwekgelçiligini hem goşmak bilen, müşderileriň töwekgelçiliklerini we hyzmatlaryň jenaýatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagynyň töwekgelçiligini hasaba alýan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçilikleriniň dolandyrylyşyna baha bermegiň we olary peseltmegiň maksatnamasyny;

3) müşderileri barabarlamagyň maksatnamasyny;

4) müşderileriň çylşyrymly, adaty bolmadyk uly ýa-da adaty bolmadyk beýleki amallaryny, ýa-da geleşiklerini öwrenmekligi hem öz içine almak bilen, müşderileriň amallaryna, ýa-da geleşiklerine gözegçilik etmegiň we olary öwrenmegiň maksatnamasyny;

5) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň meseleleri boýunça amallary amala aşyrýan şahslaryň işgärlerini üznüksiz taýýarlamagyň we okatmagyň maksatnamasyny, işgärler işe kabul edilende ýokary standartlaryň üpjün edilmegini öz içine almak bilen;

6) amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan içerki gözegçilik kadalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylyp bilinjek gaýry maksatnamalary.

4. Amallary amala aşyrýan şahslar özleriniň Türkmenistanyň çäginde we onuň çäginden daşarda ýerleşýän şahamçalary, wekillikleri, golçur kärhanalary tarapyndan içerki gözegçilik kadalarynyň berjaý edilmegini we durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler. Eger Türkmenistanyň şahamçalary, wekillikleri ýa-da golçur kärhanalary hereket edýän döwletiň çäginde, şu Kanunda göz öňünde tutulan çäreleri düzgünleşdirýän kanunçylyk kadalary onçakly berk bolmadyk halatynda, amallary amala aşyrýan şahslar şu Kanunyň talaplaryny şol döwletiň kanunçylygynda ygtyýar berilýän derejede ulanmalydyrlar.

Amallary amala aşyrýan şahslar özleriniň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän şahamçalary, wekillikleri, golçur kärhanalary tarapyndan, ýerleşýän döwletleriniň kanunçylygyna garşy gelýändigi sebäpli, içerki gözegçilik kadalarynyň berjaý edilmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň mümkin däldiginiň hakyky ýagdaýlary barada ygtyýarly edara habar bermäge borçludyrlar.

Şunuň bilen baglylykda, amallary amala aşyrýan şahslar degişli gözegçilik edarasy bilen ylalaşyp, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly töwekgelçilikleri netijeli peseltmäge ýardam berýän goşmaça çäreleri görmäge borçludyrlar. Eger amallary amala aşyrýan şahs bu goşmaça çäreleri töwekgelçilikleri peseltmek üçin ýeterlikli däl diýip kesgitleýän bolsa, müşderi bilen işewür gatnaşyklar ýa-da amallar ýa-da geleşikler kesilmeli, ýa-da şol döwletiň çäginde amallary amala aşyrýan şahsyň şahamçasynyň, wekilliginiň, golçur kärhanasynyň işi bes edilmeli.

5. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen, amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplar şu Kanunyň 11-nji maddasynyň birinji böleginiň ikinji tesiminde göz öňünde tutulan Usulyýet gollanmasynyň esasynda degişli gözegçilik edaralary tarapyndan kesgitlenilýär.

6. Müşderiniň talabalaýyk barlagynyň netijesinde alnan resminamalary we maglumatlary, şol sanda müşderiniň maglumaty we onuň bilen hat alyşmalary pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler we şübheli amallar barada resminamalar we maglumatlar, şeýle hem ähli çylşyrymly, adaty bolmadyk uly we adaty bolmadyk beýleki amallaryň ýa-da geleşikleriň öwrenilmeginiň netijeleri amallar, ýa-da geleşikler edileninden soň amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan bäş ýyldan az bolmadyk möhlete saklanylmaga degişlidir.

7. Amallary amala aşyrýan şahslara we olaryň işgärlerine, müşderiler we olar tarapyndan edilýän amallar ýa-da geleşikler barada, maglumatlaryň ygtyýarly edara berlendigi barada, olara şeýle hem olaryň adyndan ýa-da tabşyrygy boýunça hereket edýän, ýa-da müşderileriň bähbitlerine wekilçilik edýän gaýry şahslara, şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda bermek gadagandyr.

Amallary amala aşyrýan şahslar maglumat alyşmagyň howpsuz kanallary arkaly alynýan resmi sowallaryň talabalaýyk gizlinligini üpjün etmek bilen, müşderiler, olaryň amallary ýa-da geleşikleri barada maglumatlaryň, şeýle hem beýleki maglumatlaryň berilmegi barada ygtyýarly edaranyň resmi sowallaryna dessin hereket etmäge mümkinçilik berýän içerki ulgamlary şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga borçludyrlar.

8. Amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan şu Kanunda göz öňünde tutulan maksatlarda we tertipde ygtyýarly edara maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegi döwlet syrynyň ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlaryň aýan edilmegi bolmaýar.

9. Amallary amala aşyrýan şahslara, işgärleri taýýarlamak we okatmak boýunça bildirilýän talaplar, ygtyýarly edara bilen ylalaşmak boýunça degişli gözegçilik edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýar.

10. Amallary amala aşyrýan şahslar şu Kanunyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişiniň guralyşyna we gözegçilik edilişine, onuň bozulmagynyň bolmagy mümkin delilleri ýa-da ýagdaýlary barada jogapkär ýolbaşçylaryna dessin we gizlinlikde habar bermek üçin öz işgärlerini talabalaýyk şertler bilen üpjün etmelidirler.

11. Eger şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen jogapkär şahs bellenilmedik bolsa, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça çäreleriň guralyşyna we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin, şeýle hem töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşmäni ulanmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy üçin amallary amala aşyrýan şahsyň ýolbaşçysy, onuň ýok wagtynda onuň wezipesini ýerine ýetirýän şahs gönüden-göni jogapkärçilik çekýär.

 

13-nji madda. Terrorçylyk işi, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagy we onuň maliýeleşdirilmegi bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawy

 

1. Ygtyýarly edara terrorçylyk işi, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagy we onuň maliýeleşdirilmegi bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyny düzýär we ony degişli döwlet we gaýry edaralarynyň dykgatyna ýetirýär.

2. Ygtyýarly edara, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen sanawynyň, şeýle hem terrorçylyk işi, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagy we onuň maliýeleşdirilmegi babatynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli Rezolýusiýalary boýunça düzülen sanawlary (mundan beýläk – sanaw), amallary amala aşyrýan şahslaryň işine gözegçilik edýän edaralarynyň, şeýle hem amallary amala aşyrýan şahslaryň we beýleki dahylly fiziki we ýuridik şahslaryň dykgatyna Internet torundaky öz resmi saýtynda ýerleşdirmek ýoly bilen ýetirilmegini üpjün edýär.

Ygtyýarly edara terrorçylyk işine, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyna we onuň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek meseleleri boýunça halkara we milli kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kabul edilmegine we üýtgedilmegine degişli islendik maglumatlary Internet torundaky öz resmi saýtynda çap etmegi üpjün edýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen sanaw, kazyýet, hukuk goraýjy we gaýry döwlet edaralary tarapyndan ygtyýarly edarasyna berilýän maglumata laýyklykda düzülýär we täzelenýär.

4. Fiziki ýa-da ýuridik şahsy sanawlara goşmak üçin şular esas bolup durýar:

1) terrorçylyk we (ýa-da) ekstremistik işi, köpçülikleýin gyryş ýaragyny ýaýratmak, şeýle hem olary maliýeleşdirmek işi amala aşyrmak bilen bagly ýuridik şahsyň ýatyrylmagy barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi;

2) Türkmenistanyň we beýleki döwletiň çäginde terrorçylyk we (ýa-da) ekstremistik işini, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny, şeýle hem onuň maliýeleşdirilmegini amala aşyrýan daşary ýurt ýa-da halkara guramasyny terrorçylykly ýa-da ekstremistik gurama diýip ykrar etmek barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi;

3) fiziki şahsy terrorçylygyň, ekstremizmiň, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň işi bilen bagly, şeýle hem olaryň maliýeleşdirilmeginiň alamatlaryny düzýän jenaýatlary etmekde günäli diýip bilmek barada kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi;

4) Türkmenistanda halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýän, terrorçylykly we (ýa-da) ekstremistik işi, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagy we onuň maliýeleşdirilmegi bilen bagly fiziki ýa-da ýuridik şahslar babatda daşary ýurt döwletleriniň kazyýetleriniň hökümleri (çözgütleri) we gaýry ygtyýarly edaralaryň çözgütleri;

5) Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Rezolýusiýalaryna laýyklykda düzülýän fiziki ýa-da ýuridik şahsyň terrorçylyk işine, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyna we onuň maliýeleşdirilmegine baglanyşygy bolan guramalaryň we fiziki şahslaryň sanawynda bolmagy;

6) Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygy esasynda şahsyň terrorçylyk we (ýa-da) ekstremistik işine, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagy bilen bagly işine, şeýle hem onuň maliýeleşdirilmegine degişlidigine güman edilýändigini ykrar etmek barada derňew edaralary tarapyndan berlen maglumatlar.

5. Fiziki ýa-da ýuridik şahsyň sanawdan aýrylmagy, ony sanawa goşmak üçin esas bolan ýagdaýlaryň hereketiniň bes etmegi baradaky kazyýetiň çözgüdi, derňew edaralarynyň maglumatlary, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyndan aýrylmagy esasynda amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary geçirmekden ýüz döndermek we olary togtatmak

 

1. Amallary amala aşyrýan şahslar şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginiň 1-nji, 2-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreleri görmek mümkin bolmadyk halatynda, fiziki ýa-da ýuridik şahsa onuň bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmakdan, şeýle hem müşderä pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary ýa-da geleşikleri geçirmekden ýüz döndermäge borçludyrlar.

2. Içerki düzgünlere we kadalara laýyklykda amallary amala aşyrýan şahslar şu Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginiň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan çäreleri görmek mümkin bolmadyk halatynda, şeýle hem müşderiniň meýilleşdirýän ýa-da amala aşyrýan işewür gatnaşyklarynyň, etmäge synanyşýan ýa-da geçirýän amallarynyň, ýa-da geleşikleriniň häsiýetini öwrenmegiň barşynda, müşderi tarapyndan işewür gatnaşyklar ýa-da amallar, ýa-da geleşikler jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak, terrorçylygy maliýeleşdirmek we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmek maksatlary üçin ulanyp bilinjek ýa-da ulanylýar diýmäge şübhe dörän halatynda, bu müşderi bilen işewür gatnaşyklary bes etmäge haklydyr.

3. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň ýagdaýlaryny duýdurmak we olaryň öňüni almak maksatlary bilen, amallary amala aşyrýan şahslar amaly ýa-da geleşigi şübheli hökmünde ykrar edende haýal etmezden ol barada ygtyýarly edara habar bermäge borçludyrlar.

4. Şübheli amal barada ygtyýarly edara maglumatlaryň berlen pursadyndan ýigrimi dört sagadyň dowamynda, amallary amala aşyrýan şahsa, şübheli amalyň togtadylmagy ýa-da şeýle amaly togtatmakda zerurlygyň ýokdugy barada maglumat gelip gowuşmadyk halatynda, şol amal ýa-da geleşik geçirilmelidir.

5. Togtadylyp bilinmejek we geçirilen şübheli amallar barada habarlar amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara olar amala aşyrylandan soň üç sagatdan gijä goýmazdan ýa-da şeýle amallaryň, ýa-da geleşikleriň şübhelilik delili ykrar edilen günden soň gelýän iş gününden gijä goýmazdan berilýär.

6. Amallary amala aşyrýan şahslar fiziki ýa-da ýuridik şahs bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmakdan ýüz dönderilmeginiň, müşderi bilen işewür gatnaşyklaryň bes edilmeginiň şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary ýa-da geleşikleri geçirmekden ýüz dönderilmeginiň ýagdaýlary barada, şeýle hem şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda amallaryň ýa-da geleşikleriň togtadylmagynyň ýagdaýlary barada habary amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan degişli çözgüt kabul edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan ygtyýarly edara berýärler.

7. Şübheli diýlip ykrar edilen amallary we geleşikleri togtatmagyň (doňdurmagyň), şeýle hem bu amallar we geleşikler barada maglumat ibermegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýar.

8. Ygtyýarly edara şu maddanyň üçünji böleginde we şu Kanunyň 15-nji maddasynyň birinji böleginiň 3-nji bendinde göz öňünde tutulan habary alyp, eger amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan berlen şübheli amal barada habar ygtyýarly edara tarapyndan geçirilen seljermäniň netijesinde esasly diýlip ykrar edilen bolsa, gaýra goýmazdan, ýöne onuň alnan pursadyndan ýigrimi dört sagatdan gijä galman şübheli amalyň geçirilmegini üç iş gününe çenli möhlete togtatmak barada çözgüt kabul edýär.

Ygtyýarly edara şu Kanunyň 20-nji maddasynyň ikinji böleginiň  1-nji bendinde göz öňünde tutulan habary alyp, eger maglumat alnan pursadynda ol amal edilmedik bolsa, şeýle amaly üç iş güni möhlet bilen togtatmaga haklydyr.

Şübheli amaly togtatmak ýa-da togtatmagyň zerurlygynyň ýoklugy barada çözgüt ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilýär we şübheli amal barada habar beren amallary amala aşyrýan şahsa ýetirilýär.

Ygtyýarly edaranyň şübheli amallary togtatmak barada çözgüdi amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan gaýra goýmazdan ýerine ýetirilýär.

9. Şübheli amalyň geçirilmegini togtatmak barada çözgüt kabul edenden soň, ygtyýarly edara haýal etmezden şol amal baradaky maglumaty Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna we zerur bolanda, beýleki degişli döwlet edaralaryna olar tarapyndan degişli çözgüdi kabul etmek üçin iberýär.

Degişli döwlet edaralary kabul edilen çözgüt barada Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna we ygtyýarly edara habar bermäge borçludyrlar.

10. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy we (ýa-da) beýleki degişli döwlet edaralary tarapyndan şu maddanyň dokuzynjy bölegine laýyklykda berlen şübheli amalyň togtadylmagynyň zerurlygy barada tassygyny alan halatynda, bu amal boýunça onuň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga, terrorçylygy maliýeleşdirmäge we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmäge gönükdirilendigine çak etmäge esas bar bolsa, ygtyýarly edara tarapyndan şeýle amalyň gatnaşyjylary bolan şahslaryň amallaryny on bäş senenama gününe çenli möhlete togtatmak barada çözgüt çykarylýar.

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga, terrorçylygy maliýeleşdirmäge we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmäge gönükdirilendigine çak etmäge esas bar bolan amallaryny ýa-da geleşiklerini togtatmak barada çözgüt ygtyýarly edarasy tarapyndan kabul edilýär we bu çözgüt kabul edilenden soň üç sagadyň dowamynda amallary amala aşyrýan şahslara ýetirilýär.

Ygtyýarly edara şübheli amalyň gatnaşyjylary bolan şahslaryň amallarynyň ýa-da geleşikleriniň togtadylandygy barada Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna we zerur bolanda şübheli amaly togtatmagyň zerurlygy barada tassygyny beren beýleki degişli döwlet edaralaryna habar berýär.

11. Şübheli amaly ygtyýarly edaranyň çözgüdi boýunça togtatmagyň möhleti geçenden soň, bu amaly geçirmäge päsgel berýän gaýry esaslar bolmasa, amal geçirilmelidir.

12. Şu Kanuna laýyklykda, pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallaryň ýa-da geleşikleriň geçirilmeginden ýüz dönderilmegi, şeýle hem olaryň togtadylmagy degişli şertnamalaryň şertleriniň bozulandygy sebäpli, amallary amala aşyrýan şahslaryň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň başlanmagy üçin esaslar bolmaýar.

Pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallaryň ýa-da geleşikleriň togtadylmagy şeýle togtadylmagyň netijesinde emele gelen zyýan, şol sanda elden giderilen peýda sebäpli ygtyýarly edaranyň raýat-hukuk ýa-da gaýry jogapkärçiliginiň emele gelmegi üçin esaslar bolmaýar.

 

15-nji madda. Terrorçylyk işi, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagy we onuň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly maksatlaýyn maliýe çäreleriniň ulanylyşy

 

1. Terrorçylyk işiniň, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň we onuň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak maksady bilen, amallary amala aşyrýan şahslar gaýra goýmazdan we deslapdan habar etmezden:

1) eýesi ýa-da eýelik edijisi (şol sanda şärikli eýeleri) sanawa goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahs bolup durýan, ýa-da benefisiar eýesi sanawa goşulan ýuridik şahsyň pul serişdelerini, gaýry emlägini we beýleki aktiwlerini doňdurýarlar;

2) eger amala ýa-da geleşige gatnaşyjy ýa-da ol boýunça peýda alyjy sanawa goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahs, ýa-da benefisiar eýesi sanawa goşulan ýuridik şahs bolsa, amaly ýa-da geleşigi gabaýarlar;

3) pul serişdeleriniň ýa-da gaýry emlägiň doňdurylmagy we (ýa-da) amalyň ýa-da geleşigiň gabalmagy barada şu Kanunyň 14-nji maddasynyň altynjy böleginde bellenilen möhletde ygtyýarly edara habar berýärler.

Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahslaryň hereketleri sanawa goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahsa degişli ýa-da olaryň gözegçiliginde saklanýan ähli serişdelere ýa-da gaýry emläge, şeýle hem sanawa goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan gönümel, ýa-da gytaklaýyn, dolulygyna ýa-da bilelikdäki eýeçilikde gözegçilik edilýän serişdelere, ýa-da gaýry emläge, şeýle hem sanawa goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan gönümel, ýa-da gytaklaýyn degişli ýa-da gözegçilik edilýän serişdeleriň, ýa-da beýleki aktiwleriň hasabyna alnan, ýa-da edinilen we serişdelere ýa-da gaýry emläge şol şahslaryň adyndan ýa-da olaryň görkezmesi boýunça hereket edýän fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň serişdeleri, ýa-da gaýry emlägi degişlidir.

Amallary amala aşyrýan şahslar şu maddada göz öňünde tutulan hereketler durmuşa geçirilende ynsaply meýilleri bilen hereket edýän üçünji şahslaryň hukuklaryny goramak boýunça zerur çäreleri amala aşyrmalydyrlar.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň talaplaryny durmuşa geçirmek maksatlary bilen, amallary amala aşyrýan şahslar fiziki ýa-da ýuridik şahsyň sanawa goşulandygy barada maglumaty (habary) alan pursadyndan gaýra goýmazdan we deslapdan habar etmezden şu çäreleri görmäge borçludyrlar:

1) sanawyň bellenilen tertipde dykgatyna ýetirilen gününden başlap bir iş gününden gijä goýmazdan, sanawa goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahsa ýa-da ýuridik şahsyň sanawa goşulan peýda alyjysyna ýa-da benefisiar eýesine degişli bolan pul serişdeleri ýa-da gaýry emlägi ýüze çykarmaga hem-de şol serişdeleri doňdurmaga;

2) doňdurmak boýunça çäreler görlen pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen bagly amaly, ýa-da geleşigi gabamaga;

3) eger barabarlamagyň barşynda amala ýa-da geleşige gatnaşyjy ýa-da ol boýunça peýda alyjy sanawa goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahs, ýa-da benefisiar eýesi sanawa goşulan ýuridik şahs bolup durýandygy anyklanylsa, amaly ýa-da geleşigi gabamaga;

4) sanawa goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahsa ýa-da benefisiar eýesi sanawa goşulan ýuridik şahsa gozgalmaýan emlägi, oňa bolan hukuklary hem-de onuň bilen bagly geleşikleri döwlet tarapyndan bellige almakdan, gymmatly kagyzlar bilen geleşikleri bellige almakdan, geleşigi tassyklamakdan, amala ýa-da geleşige degişli bolan notarial hereketini amala aşyrmakdan, şeýle hem amaly, ýa-da geleşigi amala aşyrmak hakynda şertnamany baglaşmakdan we (ýa-da) ony ýerine ýetirmekden ýazmaça ýüz döndermäge;

5) azyndan üç aýda bir gezek öz müşderileriniň arasynda sanawa goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň ýa-da benefisiar eýeleri sanawa goşulan ýuridik şahslaryň bardygyny barlamak hem-de şeýle müşderileriň ýüze çykarylan halatynda haýal etmän, ýöne ýüze çykarylan gününden başlap bir iş gününden gijä goýmazdan, olaryň pul serişdelerini ýa-da gaýry emlägini doňdurmaga.

3. Fiziki ýa-da ýuridik şahsyň sanawdan bellenilen tertipde çykarylmagy pul serişdelerini ýa-da gaýry emlägi doňdurmakdan boşatmak we (ýa-da)  amaly, ýa-da geleşigi gabawlykdan aýyrmak üçin esas bolup durýar.

Sanawa goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň bank hasaplary boýunça çykdajy amallary, gymmatly kagyzlar bilen geleşikleri bellige almak, şeýle hem pul serişdeleri ýa-da gaýry emlägi bilen gaýry amallar, ýa-da geleşikler amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan, kazyýetiň çözgütleriniň, salgyt we gümrük edaralarynyň inkasso tabşyryklarynyň, ygtyýar edilmegi çäklendirilen emlägi töletdirip almak hakynda salgyt we gümrük edaralarynyň kararlarynyň esasynda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde fiziki ýa-da ýuridik şahsyň sanawdan çykarylandan soň amala aşyrylyp bilner.

Eger-de, pul serişdelerini ýa-da gaýry emlägi doňdurmak we (ýa-da) amallary ýa-da geleşikleri gabamak boýunça çäreler amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan müşderini (onuň wekilini), amala ýa-da geleşige gaýry gatnaşyjyny, benefisiar eýesini, ýa-da peýda alyjyny barabarlamak üçin zerur maglumatlaryň ýeterlik däldigi sebäpli ulanylan bolsa we soňundan ygtyýarly edara tarapyndan, ýa-da onuň gatnaşmagynda gaýry döwlet edarasy tarapyndan müşderiniň (onuň wekiliniň), amala, ýa-da geleşige gaýry gatnaşyjynyň, benefisiar eýesiniň, ýa-da peýda alyjynyň terrorçylyk işe, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyna we onuň maliýeleşdirilmegine gatnaşygynyň ýokdugy kesgitlenilen ýagdaýynda, ygtyýarly edara tarapyndan amallary amala aşyrýan şahslara elektron ýa-da kagyz görnüşinde iberilen habar pul serişdelerini ýa-da gaýry emlägi doňdurmakdan boşatmak we (ýa-da), amaly ýa-da geleşigi gabawlykdan aýyrmak üçin esas bolup durýar. Şeýle habar ygtyýarly edara tarapyndan pul serişdelerini ýa-da gaýry emlägi doňdurmakdan boşatmak we (ýa-da), amaly ýa-da geleşigi gabawlykdan aýyrmak barada çözgüt kabul edilen gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä goýmazdan iberilmelidir.

Terrorçylygy, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagy we onuň maliýeleşdirilmegi bilen bagly işiň öňüni almak maksatlary bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli ygtyýarnamasynyň, ygtyýarlyklarynyň ýa-da Rezolýusiýalaryna laýyklykda degişli gaýry habarnamanyň bolan halatlaryndan başga ýagdaýlarda, amallary amala aşyrýan şahslar, islendik serişdeleriň ýa-da beýleki aktiwleriň sanawa goşulan şahslara, ýa-da guramalara peýdalanmaga bermekden ýa-da olaryň bähbidine peýdalanmagyndan ýüz döndermäge borçludyrlar.

 

16-njy madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler, şübheli amallar barada maglumatlary bellige almak, saklamak we bermek, müşderileriň (olaryň wekilleriniň), benefisiar eýeleriniň we peýda alyjylaryň talabalaýyk barlagy, amallary ýa-da geleşikleri gabamak we aktiwleri doňdurmak, şübheli amallaryň geçirilmegini togtatmak we ondan ýüz döndermek, öz işiniň barşynda alnan resminamalary goramak böleginde amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ýerine ýetirilişine, şeýle hem içerki gözegçiligiň guralyşyna we geçirilişine gözegçilik özleriniň ygtyýarlylyklaryna laýyklykda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly edara we beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň işine gözegçilik edýän edaralaryň bolmadyk halatynda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda kanunçylygyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

 

III BAP. JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNA, TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE WE KÖPÇÜLIKLEÝIN GYRYŞ ÝARAGYNYŇ ÝAÝRADYLMAGYNYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE GARŞY HEREKET ETMEK ÇYGRYNDA DÖWLET EDARALARYNYŇ YGTYÝARLYLYGY

 

17-nji madda. Ygtyýarly edara

 

1. Ygtyýarly edara öz işini şu Kanun we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama esasynda amala aşyrýar.

2. Ygtyýarly edaranyň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

3. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygyna degişli edilen meseleleriň çözülmeginde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga halatlarda döwlet häkimiýet edaralarynyň gatyşmagyna ýol berilmeýär.

4. Ygtyýarly edaranyň işi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

 

18-nji madda. Ygtyýarly edaranyň wezipeleri we ýerine ýetirýän işleri

 

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda ygtyýarly edaranyň wezipeleri şular bolup durýar:

1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrmak;

3) bir bitewi maglumatlar ulgamyny döretmek we maglumatlar binýadyny alyp barmak;

4) daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen bilelikde hereket etmegi we maglumatlary alyşmagy amala aşyrmak;

5) halkara guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek.

2. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen ygtyýarly edara şu işleri ýerine ýetirýär:

1) şu Kanuna laýyklykda, pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar barada maglumatlary toplamagy we gaýtadan işlemegi amala aşyrýar;

2) alnan maglumatlary bellenilen tertipde seljermegi amala aşyrýar;

3) döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

4) amallar ýa-da geleşikler barada maglumatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli döwlet edaralarynyň resmi sowallary boýunça berýär;

5) pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallar ýa-da geleşikler jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly diýip çak etmäge esas bar bolanda maglumatlary Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna we zerur bolanda Türkmenistanyň gaýry degişli döwlet edaralaryna geçirýär;

6) ýöriteleşdirilen kanallar arkaly daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen maglumat alşygyny alyp barýar;

7) halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalary işlenip taýýarlananda we amala aşyrylanda gatnaşýar;

8) maglumatlar binýadyny döretmegi we alyp barmagy guraýar, şeýle hem maglumatlar ulgamynyň usulyýet taýdan bir bitewüligini we ylalaşykly hereket etmegini üpjün edýär;

9) bu çygyrda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalaryny duýdurmak boýunça çäreleri işläp taýýarlaýar we geçirýär;

10) döwlet edaralaryndan, fiziki we ýuridik şahslardan alynýan maglumatlaryň esasynda, bu çygyrda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ulanylmagynyň tejribesini umumylaşdyrýar, şeýle hem ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar we hödürleýär;

11) bu çygyrdaky we olar bilen bagly gaýry jenaýatlara garşy hereket etmekde halkara tejribesini öwrenýär;

12) işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirýär;

13) halkara guramalary we gaýry halkara düzümleri bilen özara arkalaşykly hereket etmek boýunça işine gatnaşýar;

14) şu Kanunyň maksatlaryny amala aşyrmak üçin offşor zolaklaryň sanawyny kesgitlemek işine gatnaşýar;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry işleri amala aşyrýar.

 

19-njy madda. Ygtyýarly edaranyň hukuklary we borçlary

 

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda ygtyýarly edaranyň şulara hukugy bardyr:

1) hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler boýunça zerur maglumatlary amallary amala aşyrýan şahslardan, şeýle hem döwlet edaralaryndan talap etmäge;

2) şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan islendik maglumatlary, şol sanda gizlinligiň düzgünleriniň kanunçylykda bellenilen kadalaryny berjaý etmek bilen, statistik maglumatlary bellenilen tertipde döwlet edaralaryndan, şeýle hem fiziki we ýuridik şahslardan talap etmäge;

3) döwlet edaralaryndan, şeýle hem fiziki we ýuridik şahslardan töwekgelçiliklere milli baha bermegiň we töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşmäni ulanmagyň netijeleri boýunça degişli çäreleriň görülmegini talap etmäge;

4) şu Kanunyň 14-nji maddasynyň sekizinji we onunjy böleklerine laýyklykda, şübheli amallaryň alamatlary ýüze çykarylan halatynda, pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallaryň ýa-da geleşikleriň togtadylmagy barada çözgüt çykarmaga;

5) işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamaga we kabul etmäge, şeýle hem halkara şertnamalarynyň taslamalary işlenip taýýarlananda gatnaşmaga;

6) daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasy bilen maglumatlary alyşmaga;

7) döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlary goramak boýunça talaplary berjaý etmek bilen, kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, bilermenler seljermesini geçirmek, okuw maksatnamalaryny, usulyýet gollanmalaryny, tipologik barlaglary, programma we maglumat üpjünçiligini işläp taýýarlamak we geçirmek, hökmany gözegçiligiň çygrynda maglumatlar ulgamyny döretmek üçin ylmy-barlag we beýleki guramalary, şeýle hem aýry-aýry hünärmenleri, şol sanda şertnamalaýyn esasda işe çekmäge;

8) şu Kanunyň talaplarynyň berjaý edilişine barlaglary geçirmäge, Türkmenistanyň çäginde we onuň çäklerinden daşarda geçirilýän bilermenler seljermesine, barlaglara, anyklaýyşlara we deslapky derňewlere, şeýle hem wagtlaýyn ýa-da hemişelik esasda şu maksatlar üçin döredilýän milli ýa-da halkara toparlarynyň işine gatnaşmaga, olardan zerur bolan maglumatlary almaga, şeýle hem olara bar bolan maglumatlaryny bermäge;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde halkara we sebitleýin guramalary, daşary ýurtlaryň degişli edaralary bilen maglumatlary alyşmak boýunça ylalaşyklary we ähtnamalary, özara düşünişmek boýunça şertnamalary, teswirnamalary we beýleki resminamalary baglaşmaga we olaryň ýerine ýetirilmegine degişli edaralary çekmäge;

10) bu ugurda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalary hakynda degişli döwlet edaralaryna, şeýle hem gaýry kärhanalara, edaralara we guramalara habar ugratmaga;

11) maglumatlary alyşmak we geçirmek boýunça bilelikde hereket etmegiň tertibini hukuk goraýjy we gaýry degişli döwlet edaralary bilen bilelikde kesgitlemäge.

2. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda ygtyýarly edara şulara borçludyr:

1) şu Kanunyň talaplarynyň bozulmalaryna garşy hereket etmek boýunça mümkin bolan ähli çäreleri görmäge;

2) döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary düzýän öz işinde alnan maglumatlary saklamagyň, goramagyň we abat saklamagyň degişli düzgünlerini üpjün etmäge;

3) şu Kanunyň talaplary amala aşyrylanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň şeýle hem kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün etmäge;

4) töwekgelçiliklere milli baha bermek boýunça işini ulgamlaýyn geçirmekligi utgaşdyrmaga;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry borçlary ýerine ýetirmäge.

 

20-nji madda. Ygtyýarly edaranyň Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen bilelikde hereket etmegi

 

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrýan döwlet edaralary şulara borçludyrlar:

1) şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmagy üçin ygtyýarly edara zerur bolan maglumatlary bermäge;

2) ygtyýarly edaranyň bu çygyrda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalary barada habaryna garamaga we görlen çäreler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletde ygtyýarly edara habar bermäge;

3) şu Kanunyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi bilen bagly döwlet syryny ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary düzýän öz işinde alnan maglumatlary saklamagyň we goramagyň degişli düzgünlerini üpjün etmäge;

4) anyk ygtyýarlyklar amala aşyrylanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň hem-de kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün etmäge.

2. Gaýry döwlet edaralary şulara borçludyr:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly şübheli amallar ýüze çykarylanda ygtyýarly edara habar bermäge;

2) şu Kanunyň bozulmalary ýüze çykarylanda bu barada ýüze çykarylan pursadyndan üç iş gününden gijä goýmazdan, ygtyýarly edara habar bermäge;

3) şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, ygtyýarly edaranyň resmi sowaly boýunça öz maglumatlar ulgamyndan we maglumat binýadyndan maglumatlary bermäge;

4) döwlet syryny ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary düzýän öz işiniň çäklerinde alnan maglumatlary saklamagyň we goramagyň degişli düzgünlerini üpjün etmäge.

3. Hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler barada maglumatlaryň ygtyýarly edara tarapyndan degişli döwlet edaralaryna berilmegi olaryň resmi sowallary boýunça amala aşyrylýar.

Degişli döwlet edaralary jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alnan işler we materiallar boýunça resmi sowallary ugradýarlar.

Degişli döwlet edaralarynyň resmi sowallarynyň ýerine ýetirilmegi ygtyýarly edara tarapyndan onuň ygtyýarynda bar bolan maglumatlaryň çäklerinde, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralaryndan alnan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak, terrorçylygy maliýeleşdirmek we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyny maliýeleşdirmek çygryndaky maglumatlaryň çäklerinde amala aşyrylýar.

4. Şübheli amallar we olar bilen baglanyşykly maglumatlar we habarlar barada maglumatlaryň ygtyýarly edara şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde berilmegi döwlet syrynyň ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlaryň aýan edilmegi bolmaýar.

5. Hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler, şol sanda şübheli amal we olar bilen baglanyşykly maglumatlar we habarlar barada maglumatlaryň ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna, hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralaryna şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde berilmegi döwlet syrynyň ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlaryň aýan edilmegi bolmaýar.

6. Şu Kanunda we degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulmadyk hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler barada, şeýle hem amallary amala aşyrýan şahslaryň müşderileri barada maglumatlar ygtyýarly edara tarapyndan berilmeýär.

7. Aşakdakylar boýunça maglumatlar şu Kanunda bellenilen tertipde we möhletde ygtyýarly edara hökmany berilmäge degişlidir:

1) Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan düzülýän deklarirlenen harytlaryň we gaýry emlägiň, şol sanda Türkmenistana getirilýän, ondan alnyp gidilýän we üstaşyr geçirilýän ulag serişdeleriniň, medeni gymmatlyklaryň, nagt daşary ýurt pulunyň, teklip ediji üçin resminamalaýyn gymmatly kagyzlaryň, wekselleriň, çekleriň Türkmenistana getirilmegi ýa-da ondan alnyp gidilmegi;

2) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan düzülýän, döwlet tarapyndan bellige almaga degişli ulag serişdeleriniň we gaýry emlägiň resmileşdirilmegi we bellige alynmagy we olar boýunça maglumat binýadynyň ýöredilmegi;

3) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugy tarapyndan düzülýän gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň amala aşyrylmagy.

 

21-nji madda. Işiň gizlinlik düzgünini berjaý etmek

 

1. Şu Kanunda göz öňünde tutulan işi amala aşyrýan ýa-da amala aşyran we öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde gulluk syry bilen bagly maglumatlara rugsady bolan ýa-da ozal bolan şahslaryň olary aýan etmäge hukugy ýokdur.

2. Aşakdakylar bilen bagly maglumatlar şu maddanyň birinji böleginde görkezilen kadany berjaý etmezden ýaýradylyp bilner:

1) maglumatlaryň açylmagyna, çap edilmegine ýa-da berilmegine degişli guramanyň ýa-da şahsyň muňa rugsady bar bolanda;

2) statistiki maglumatlaryň, hasabatlaryň ýa-da gaýry maglumatlaryň düzümine çekilen şahslary we guramalary barabarlamazdan umumylaşdyrylan görnüşde çap edilmegi;

3) şu Kanunda bellenilen tertibe laýyklykda, degişli döwlet edaralarynyň resmi sowallary boýunça maglumatlaryň berilmegi.

3. Ygtyýarly edaradan döwlet ýa-da kanunçylyk arkaly goralýan gaýry syry özünde saklaýan maglumatlary alýan taraplar, alnan maglumatyň gizlinligini we diňe Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin peýdalanylmagyny üpjün etmek maksady bilen degişli çäreleri görmelidirler.

 

22-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly etmişleri duýdurmak, ýüze çykarmak, öňüni almak we derňemek, şeýle hem görkezilen bikanun girdejileri we aktiwleri gözlemek, gozgamasyz etmek, yzyna gaýtarmak we muzdsuz almak çygrynda daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralarynyň arasynda resmi sowaly ýa-da habarnamany ibermek ýollary bilen, şeýle hem islendik beýleki görnüşlerde we Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna çapraz gelmeýän maglumat geçirmegiň goralan we howpsuz kanallaryny ulanmak bilen, maglumat alyşmak amala aşyrylyp bilner.

3. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi barada ygtyýarly edaranyň ygtyýarlygynda bolan maglumatyň berilmegi, onuň resmi sowalda görkezilmedik maksatlar üçin peýdalanylmajak ýa-da ygtyýarly edaranyň deslapky razylygy bolmazdan üçünji şahslara bermezlik şerti bilen, daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasynyň resmi sowaly boýunça amala aşyrylýar.

4. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi barada maglumatlar adamyň we raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozmaýan ýa-da Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň bähbitlerine zyýan ýetirmeýän ýa-da jenaýat kazyýet önümçiliginiň barşyna täsir etmeýän bolsa, daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasyna berlip bilner.

5. Maglumatyň berlip bilinmeýän halatynda ygtyýarly edara onuň esaslaryny görkezmek bilen, daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasyny habarly edýär.

6. Ygtyýarly edara jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek barada daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasyna berilýän maglumatlardan peýdalanmagyň goşmaça şertlerini we çäklendirmelerini bellemäge haklydyr.

7. Ygtyýarly edara jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen, daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralaryndan maglumaty we resminamalary, ýüz tutulýan daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasynyň şertlerinde saklamagy we peýdalanmagy üpjün etmäge borçlanmak bilen, resmi sowal bilen almaga haklydyr.

8. Ygtyýarly edara resmi sowal boýunça alan maglumatyny we resminamalaryny diňe jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen peýdalanmaga haklydyr.

9. Ygtyýarly edaranyň daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasynyň deslapky ýazmaça razylygy bolmazdan daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen şertleri we çäklendirmeleri bozmak bilen alnan ýa-da gelip gowşan maglumaty we resminamalary üçünji tarapa bermäge ýa-da peýdalanmaga haky ýokdur.

10. Ygtyýarly edaranyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen ylalaşyklary baglaşmaga haky bardyr.

11. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, halkara hyzmatdaşlygy babatda şu maddanyň düzgünleri ulanylýar.

 

IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

23-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulanlygy üçin jogapkärçilik

 

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

2. Ygtyýarly edara tarapyndan öz wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi bilen bagly ygtyýarly edaranyň ýa-da onuň işgärleriniň bikanun hereketleri bilen fiziki we ýuridik şahslara ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunmaga degişlidir.

 

24-nji madda. Şu Kanunyň berjaý edilişine gözegçilik

 

Şu Kanunyň berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar amala aşyrýarlar.

 

25-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

2. Şu Kanuna garşy gelýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                         Gurbanguly

    Prezidenti                                                          Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 13-nji marty.

№ 335-VI.