TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 12-nji madda)

 

Şu Kanun gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler:

1) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri – gün energiýasyny, ýel energiýasyny, suw akymlarynyň tebigy hereketiniň energiýasyny, ýeriň we daşky gurşawyň ýylylyk energiýasyny, ilkinji energiýa serişdeleriniň antropogen çeşmelerini (biomassa, biogaz we organiki galyndylardan alynýan beýleki ýangyç), şeýle hem gaýtadan dikeldilýänlere degişli bolmadyk beýleki energiýa çeşmelerini öz içine alýan, tebigy akymyna geçýän tebigy hadysalaryň hasabyna üznüksiz we tükeniksiz gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri;

2) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden    peýdalanmak – gaýtadan dikeldilýän energiýanyň özgerdilmegine, toplanylmagyna, paýlanylmagyna we sarp edilmegine, şeýle hem bu hereketleriň maddy-tehniki üpjünçiligine gönükdirilen hereketleriň jemi;

3) gaýtadan dikeldilýän energiýa – gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak ýoly bilen, şol sanda gaýtadan dikeldilýän ýangyçdan alnan energiýa;

4) gaýtadan dikeldilýän ýangyç – gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden, biomassadan we islendik organiki ýa-da tebigy çig maldan we (ýa-da) çeşmeden alynýan ýangyç;

5) gaýtadan dikeldilýän energetika – elektroenergetika pudagynyň gaýtadan dikeldilýän energiýany peýdalanýan bölegi;

6) gaýtadan dikeldilmeýän energiýa çeşmeleri – gazylyp alynýan serişdeler (nebit, gaz, kömür, torf, ýanyjy slanesler (gatlakly dag jynsy)) görnüşinde tebigatda toplanan, şeýle hem täze geologik şertlerde hakykat ýüzünde emele gelmeýän beýleki energiýa çeşmeleri;

7) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijiler – özüniň hojalyk işini energetika taýdan üpjün etmek we (ýa-da) energiýany mundan beýläk ýerlemek maksady bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça gurluşlary ulanmak arkaly elektrik we (ýa-da) ýylylyk energiýasyny, biogazy öndürmegi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar;

8) gaýtadan dikeldilýän energiýany sarp edijiler (mundan beýläk – energiýany sarp edijiler) – gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak ýoly bilen öndürilen energiýany önümçilik we (ýa-da) durmuş hajatlary üçin satyn alýan ýuridik we fiziki şahslar;

9) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýasy – gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň täze görnüşlerini özleşdirmegiň hasabyna energiýany öndürmek işiniň geriminiň giňeldilmegi;

10) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça gurluş (mundan beýläk – gurluş) – gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik we (ýa-da) ýylylyk energiýasyny öndürmek ýa-da kabul etmek (almak), özgertmek, toplamak we (ýa-da) geçirmek boýunça tehnologik enjamlar ýa-da tehnologik enjamlaryň toplumy;

11) adaty energiýa – gaýtadan dikeldilmeýän energiýa çeşmelerinden, hususan-da uglewodorod çig malyndan (nebit, gaz, kömür) peýdalanmak bilen öndürilýän energiýa;

12) gün energiýasy – gün şöhlelenmesinden döreýän energiýa;

13) ýel energiýasy – howanyň hereket edýän möçberleriniň kinetik energiýasy;

14) suw akymlarynyň tebigy hereketiniň energiýasy – suwuň potensial we kinetik energiýasy;

15) biogaz – biomassany wodorod ýa-da metan bilen turşutmak arkaly alynýan gaz;

16) biogaz gurluşy – gazy, ikilenç ýylylygy işläp çykarmak we organiki dökünleri almak maksady bilen organiki galyndylary hem-de akymlary (lagym suwlary) anaerobik usulda turşatmak üçin niýetlenen enjamlar toplumy;

17) biomassa – gözegçilik pursadynda biogeosenozda bar bolan ösümlik we haýwanat organizmleriniň jemi möçberi;

18) bioýangyç – ýangyç hökmünde ulanylýan islendik biomassa;

19) energiýanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden gelip çykyşyny tassyklamak hakyndaky sertifikat – sertifikatlaşdyrma düzgünleriniň esasynda berilýän we energiýanyň gelip çykyşynyň diňe gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerindendigini tassyklaýan resminama;

20) ulgam (elektrik, ýylylyk, gaz) – elektrik energiýasyny, ýylylyk energiýasyny, gazy daşamak we (ýa-da) paýlamak, şeýle hem gaýtadan paýlamak üçin niýetlenilen tehniki serişdeleriň jemi;

21) özbaşdak (lokal) ulgam (elektrik, ýylylyk, gaz) – gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijileriň eýeçiliginde ýa-da hojalygy ýöredişinde duran we döwlet energiýa ulgamlaryna birikdirmezden öndürilen elektrik energiýasyny, ýylylyk energiýasyny, gazy özbaşdak daşamak (geçirmek) we (ýa-da) paýlamak üçin niýetlenilen tehniki serişdeleriň jemi.

 

2-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak bilen energiýany öndürmek, energetika ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak bolup durýar.

 

4-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasy wezipeleri

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasy wezipeleri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň hasabyna energiýanyň öndürijiligini ýokarlandyrmakdan, energiýa howpsuzlygyny berkitmekden, bäsdeşlige ukyply energetika ulgamyny ösdürmekden we daşky gurşawy goramagy üpjün etmekden ybaratdyr.

 

5-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

Şu Kanunyň hereketi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak bilen energiýany öndürmek, ony ýerlemek, sarp etmek, şeýle hem Türkmenistanyň çägine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine degişli tehnologiýalary we enjamlary getirmek hem-de olary ýurduň çäginde öndürmek bilen bagly işlerde ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir.

 

6-njy madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda döwlet syýasaty şu ýörelgelere esaslanýar:

1) gaýtadan dikeldilýän energetikanyň dürli ugurlaryny ösdürmeklige gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek bilen, daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatyň saglygyny we zähmet howpsuzlygyny goramaklygy üpjün etmek;

2) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagyny döwlet tarapyndan goldamak;

3) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýangyç-energetika toplumyna birleşdirmek maksady bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijilere we energiýany sarp edijilere ykdysady höweslendirmeleri ulanmak, hukuk we maliýe-ykdysady ulgamlary döretmek;

4) daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak maksady bilen, adaty energiýany gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýa bilen tapgyrlaýyn çalyşmak babatdaky işleri höweslendirmek;

5) maýa goýumlaryny çekmek we telekeçiligi goldamak;

6) şu Kanun esasynda maýa goýumlaryny goýmaklyga gyzyklanma bildirýän şahslara maliýe serişdelerini gaýtaryp bermegiň mehanizmini döretmek;

7) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň tehnologik bozulmalarynyň ýüze çykan döwürlerinden başga ýagdaýlarda, gurluşlary bu ulgama birikdirmek şertinde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijileriň öndüren elektrik energiýasynyň döwlet tarapyndan satyn alynmagyny kepillendirmek;

8) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň görnüşine baglylykda gurluşyga maýa goýumlaryny goýmagy we degişli gurluşyň geljekde ulanylmagy üçin harajatlary hasaba almak bilen, gurluşyň öndüren we döwlet tarapyndan satyn alynýan elektrik energiýasy üçin nyrhnamany kesgitlemek;

9) gurluşlaryň gurluşygy göz öňünde tutulan ýer bölekleriniň döwlet tarapyndan ýeňillikli şertlerde berilmegini üpjün etmek;

10) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we gaýtadan dikeldilýän ýangyç babatda emeli päsgelçilikleriň döredilmeginiň sebäplerini aradan aýyrmak maksady bilen, gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek;

11) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlary hakynda maglumatlar bilen üpjün etmek;

12) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmaklyga jemgyýetçiligi çekmek we bu ugurda ylmy-tehniki mümkinçiliklerden peýdalanmak;

13) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürijileriň we energiýany sarp edijileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmek;

14) elektrik we ýylylyk energiýalaryny merkezleşdirmegi azaltmaklyga hem-de özbaşdak öndürmeklige gönükdirilen işleri höweslendirmek;

15) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak üçin enjamlary öndürmeklige we ulanmaklyga ilaty çekmek;

16) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda kärhanalaryň we olaryň düzüm birlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy üpjün etmek;

17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jemgyýetçiligiň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda maglumata bolan elýeterliligini üpjün etmek;

 

18) Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy.

 

7-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulary öz içine alýar:

1) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň hasabyna energetika pudagyny özgertmek;

2) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda dürli çeşmelerden maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýan umumy döwlet meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, durmuşa geçirmek we ýerine ýetirmek;

3) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini özleşdirmek boýunça ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, şeýle hem galyndylary gaýtadan işlemek boýunça howpsuz we az howply tehnologiýalary işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak;

4) ykdysady gurluşy döretmek we önümçiligiň barşynda daşky gurşawy hapalaýjy organiki maddalary aradan aýyrmak hem-de gaýtadan dikeldilýän ýangyjy peýdalanmak boýunça höweslendirme çärelerini işläp taýýarlamak;

5) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagyna we olary peýdalanmak üçin enjamlaryň öndürilmeginiň ösdürilmegine ýardam berýän hukuk binýadyny işläp taýýarlamak;

6) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagynyň derejesine baha bermek;

7) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň gorlaryna baha berilmegini we hasaba alynmagyny üpjün etmek, şeýle hem gurluşlaryň durnukly öndürijiligini üpjün etmek maksady bilen, olary öndürmek, hyzmat etmek we abatlamak boýunça merkezleri döretmeklige goldaw bermek;

8) buraw guýularyny ulanmakda ekologiýa taýdan arassa, howpsuz we az howply tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän ýangyjy öndürmekde we ulanmakda daşky gurşawy hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny aradan aýyrmak boýunça işleri özleşdirmek;

9) gyzgyn suw üpjünçiligi, ýyladyş we elektrik energiýasynyň önümçiligi üçin gün energiýasyny ulanmak boýunça gurluşlary gurmak we ulanmak işini höweslendirmek;

10) ýel energiýasyndan peýdalanmak boýunça gurluşlary gurmak we ulanmak işini höweslendirmek;

11) şäherlerde, şäherçelerde we oba ilatly ýerlerinde energiýa üpjünçiligi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak arkaly öndürilýän energiýanyň hasabyna dolulygyna ýa-da bölekleýin amala aşyrylýan energiýa taýdan netijeli binalaryň gurluşygyna goldaw bermek;

12) gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek babatda okuwlary guramak we ylmy-tehniki ösüşe ýardam bermek;

13) halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça halkara taslamalaryna gatnaşmagy üpjün etmek;

14) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini özleşdirmeklige jemgyýetçiligiň we ylmy-tehniki edaralaryň mümkinçilikleriniň çekilmegine ýardam bermek.

 

8-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda gatnaşyklaryň obýektleri we subýektleri

 

1. Energiýa çeşmeleri, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän we degişli ugurdaky gatnaşyklaryň subýektleri tarapyndan önümçilik we (ýa-da) durmuş hajatlaryny üpjün etmek üçin peýdalanylýan ýa-da döwlet energiýa ulgamlaryna, şeýle hem gurluşlara gelip gowuşýan energiýa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda gatnaşyklaryň obýektleri bolup durýarlar.

2. Türkmenistan döwleti, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleri, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik we fiziki şahslary, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda gatnaşyklaryň subýektleri bolup durýarlar.

 

II BAP. GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝA

ÇEŞMELERI BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

 

9-njy madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan döwlet edaralary

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Energetika ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara), Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk – oba hojalyk we daşky gurşawy goramak babatda ygtyýarlandyrylan edara) we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

10-njy madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) döwlet edaralarynyň işlerini utgaşdyrýar;

3) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

4) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

5) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän we ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan satyn alynýan energiýa üçin nyrhnamalary tassyklaýar;

6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

11-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ygtyýarlandyrylan edara:

1) döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar;

3) pudagy ösdürmegiň maksatlaýyn görkezijilerini tassyklaýar;

4) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde tassyklaýar;

5) elektrik we (ýa-da) ýylylyk energiýasyny öndürmek üçin gurluşlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy, gurluşygy, ulanylyşy we tehniki howpsuzlygy boýunça döwlet standartlaryny işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça degişli edaralara teklipleri berýär;

6) ýuridik we fiziki şahslara gurluşlary gurmaga we ulanmaga rugsatnama berýär;

7) energiýanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden gelip çykyşyny tassyklamak hakyndaky sertifikatyň görnüşini we ony bermegiň tertibini kesgitleýär;

8) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň gorlarynyň we gurluşlaryň sanynyň hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýanyň möçberiniň hasabyny ýöredýär;

9) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastryny ýöretmegiň we onuň maglumatlaryny ulanmagyň tertibini kesgitleýär;

10) gurluşlaryň döwlet energiýa ulgamlaryna kepillikli birikdirilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görýär;

11) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijiler tarapyndan üpjün edilýän ähli energiýanyň satyn alynmagyny kepillendirýän degişli çäreleri görýär;

12) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän we  satyn alynýan energiýa üçin nyrhnamany işläp taýýarlaýar;

13) halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

14) gurluşlaryň ýerleşdirilmegi ähtimal bolan meýdançalary kesgitleýär we olar boýunça tükelleme geçirýär;

15) gurluşlaryň ýerleşdirilmegi ähtimal bolan kesgitlenen meýdançalar barada oba hojalyk we daşky gurşawy goramak babatda ygtyýarlandyrylan edara hem-de degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna teklipleri berýär;

16) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini özleşdirmek babatda ylmy we ylmy-tehniki maksatnamalary, şeýle hem olary durmuşa geçirmegiň we olara gözegçilik etmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlaýar;

17) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň peýdalanylyşyna gözegçiligi (monitoring) geçirýär;

18) döwlet býujetiniň serişdeleriniň we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak babatda ylmy-barlag we innowasion taslamalaryny işläp taýýarlamak barada teklip bilen degişli döwlet edalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynа laýyklykda ýüzlenýär;

19) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini özleşdirmek  boýunça ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrýar hem-de innowasion ösüş boýunça işi utgaşdyrýar;

20) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatda amala aşyrylýan döwlet maksatnamalaryny, ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek baradaky hasabatlara seredýär hem-de ylmy synaglaryň we ylmy-barlag işleriniň netijelerine baha berýär;

21) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

12-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri çygrynda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri çygrynda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak babatda ygtyýarlandyrylan edara:

1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýar;

3) gurluşlaryň ýerleşdirilmegi ähtimal bolan meýdançalar üçin ýer böleklerini bölüp bermek barada meselelere seredýär;

4) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatda zerur bolan tebigy-howa şertleri barada maglumat bilen üpjün edýär;

5) ýellere gözegçiligi geçirmegiň we meteorologiýa beketleriniň maglumatlaryny ýel energiýasyndan peýdalanmak boýunça gurluşlaryň ýerleşdirilmegi ähtimal bolan saýlanyp alnan meýdançalara baglamagyň tertibini kesgitleýär;

6) daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak maksady bilen gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça teklipleri berýär;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

13-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylyklary

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar, şeýle hem öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde sebitleýin maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyny, olaryň tassyklanylmagyny we durmuşa geçirilmegini amala aşyrýarlar;

2) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak babatda häzirkizaman energiýa netijeli, energiýa tygşytlaýjy we innowasion tehnologiýalary döretmäge we önümçilige ornaşdyrmaga, gurluşlaryň öndürilmegini guramaga ýardam edýärler;

3) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijileriň we gurluşlary öndürijileriň özara arkalaşykly hereketlerine ýardam edýärler;

4) gurluşlary ýerleşdirmek üçin Türkmenistanyň ýer kanunçylygyna laýyklykda ýer böleklerini bermek barada meselelere seredýärler;

5) dolandyryş-çäk birliklerini çäk taýdan toplumlaýyn guramagyň çyzgylary (shemalar), baş meýilnamalary, ýörite we jikme-jik meýilnamalaşdyryş şäher gurluşyk taslamalary işlenip taýýarlanylanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastrynda saklanylýan maglumatlary göz öňünde tutýarlar;

6) ilatly ýerleri ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary işlenip düzülende, şäherleriň, şäherçeleriň we oba ilatly ýerleriň baş meýilnamalary işlenip taýýarlanylanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagy we olaryň gurluşlaryny ýerleşdirmek boýunça degişli teklipleri berýärler;

7) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyndan uzakda ýaşaýan ilaty elektrik we (ýa-da) ýylylyk energiýasy bilen üpjün etmek üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça teklipleri berýärler;

8) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

 

III BAP. GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝA ÇEŞMELERI BABATDA IŞIŇ YKDYSADY, HUKUK WE GURAMAÇYLYK ESASLARY

 

14-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň esaslary

 

1. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijileriň bähbitlerini goramaga borçludyrlar. 

2. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda önümçilik işinde Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagynyň we daşky gurşawyň goralmagynyň üpjün edilmeginden ugur alynmalydyr.

 

15-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijileriň hukuklary we borçlary

 

1. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijileriň şulara hukuklary bardyr:

1) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda döwlet we beýleki maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda teklipleri girizmäge we olary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga;

2) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ýeňilliklerden peýdalanmaga;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň özbaşdak ulgamyny döretmäge;

4) ýuridik we fiziki şahslar bilen özbaşdak ulgamyň üsti bilen berilýän gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän elektrik, ýylylyk energiýasyny we (ýa-da) biogazy ýerlemäge şertnamalary baglaşmaga;

5) ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsatnamasy alnan ýagdaýynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde elektrik energiýasyny öndürýän gurluşlary Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna kepillikli birikdirmäge;

6) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilen we Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna eltilýän ähli teklip edilen elektrik energiýasynyň ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kepillikli satyn alynmagyna, şeýle hem şu Kanunyň 19-njy maddasyna laýyklykda bellenilen nyrhlar boýunça onuň tölenilmegine;

7) energiýanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden gelip çykyşyny tassyklamak hakyndaky sertifikaty almaga;

8) energiýany öndürmek babatda agdyklyk ediji ýagdaýa eýe bolan ýuridik şahslar tarapyndan ynsapsyz bäsdeşlikden goralmagyna;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyny, tehniki düzgünnamalary we tehniki kada görkezijilerini berjaý etmek bilen gurluşlary öndürmäge, giňeltmäge, durkuny täzelemäge, döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň esasynda olaryň işlemegi üçin islendik tehnologik taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga;

10) gurluşlaryň ýerleşdirilmegi ähtimal bolan meýdançalary özbaşdak çaklamaga we bu mesele boýunça ygtyýarlandyrylan edaralara teklipleri bermäge;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmekde döwlet goldawyndan peýdalanmaga;

12) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklardan peýdalanmaga.

2. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijiler şulara borçludyrlar:

1) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatda ýokary netijeli tehnologiýalary we gurluşlary ulanmaga;

2) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden berjaý edilmegi hökmany bolan tehniki kada görkezijileriniň talaplaryna laýyklykda peýdalanmaga;

3) gurluşlar ulanylanda daşky gurşawy goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;

4) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýanyň möçberiniň hem-de ygtyýarlandyrylan edara ýerlenilýän şol energiýanyň  möçberiniň aýry-aýry hasabyny ýöretmäge;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ýagdaýlarda we tertipde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýa barada ygtyýarlandyrylan edara takyk maglumaty bermäge;

6) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatda hünärmenleriň taýýarlanylmagyny, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny we olaryň gaýtadan taýýarlanylmagyny üpjün etmäge;

7) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary amala aşyrmaga.

 

16-njy madda. Gurluşlary öndürmek, satyn almak we ulanmak

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan gurluşlaryň öndürilmegi, satyn alynmagy we ulanylmagy şu Kanuna we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylyp bilner.

2. Binalary gurmagyň taslamalaryny işläp taýýarlaýan ýuridik we fiziki şahslara, şol taslamalarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak mümkinçiliginiň göz öňünde tutulmagy maslahat berlip bilner.

3. Binalary gurmagyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, şulary ýerine ýetirmek talap edilip bilner:

1) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň tehniki mümkinçiligine baha bermegi geçirmek;

2) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmaga tehniki mümkinçiligiň bar bolan ýagdaýynda, olardan peýdalanmagyň ykdysady netijeliligini kesgitlemek;

3) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak ykdysady taýdan netijeli bolan ýagdaýynda, binalaryň energiýa üpjünçiligi üçin olaryň peýdalanylmagyny göz öňünde tutmak.

 

17-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda meýilnamalaryň we taslamalaryň maliýeleşdirilmegi

 

1. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda meýilnamalaryň we taslamalaryň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, buýrujynyň, gurujynyň ýa-da potratçynyň hususy we çekilen serişdeleriniň, ýuridik we fiziki şahslaryň paýly gatnaşmagynyň we öz serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna amala aşyrylyp bilner.

2. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna  şular maliýeleşdirilip bilner:

1) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň peýdalanylmagyny höweslendirmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy we durmuşa geçirilmegi;

2) gurluşlary öndürmegiň we ornaşdyrmagyň ylmy-tehniki üpjünçiligi;

3) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagyny höweslendirmeklige gönükdirilen beýleki çäreler.

 

18-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagyny höweslendirmegiň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslary

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagyny höweslendirmek we gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen şu çäreler durmuşa geçirilýär:

1) gurluşlary satyn almak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňillikli bank karzlarynyň we döwlet pul kömekleriniň (subsidiýalar) berilmegi;

2) elektrik energiýasyny öndürýän gurluşlaryň Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna kepillikli birikdirilmeginiň üpjün edilmegi;

3) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýany öndürijiler tarapyndan öndürilen we Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna birikdirilmegi teklip edilen ähli elektrik energiýasynyň ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan höweslendiriji nyrhnamalary ulanmak arkaly kepillikli satyn alynmagynyň üpjün edilmegi;

4) bioýangyç bellenen standarta laýyk gelende, ony satmak mümkinçiliginiň üpjün edilmegi;

5) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak üçin niýetlenen, Türkmenistanyň çägine getirilýän enjamlar we olaryň ätiýaçlyk düzüm bölekleri (ätiýaçlyk şaýlary) üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük ýeňillikleriniň berilmegi.

 

19-njy madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri üçin nyrhlar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýa üçin nyrhnamalar

 

1. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hökmünde peýdalanylýan bioýangyç, biogaz üçin nyrhlar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän we ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan satyn alynýan energiýa üçin nyrhnamalar şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenilýär.

2. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän hem-de ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan satyn alynýan energiýa üçin nyrhnamalar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň görnüşine baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijiler bilen bilelikde ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar, maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylýar we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berilýär.

3. Gurluşyň ulanyşa girizilen gününden bellenilen nyrhnama, şol gurluşda öndürilen elektrik energiýasy satyn alnanda, onuň bellenilen tertibine laýyklykda özüni ödemek möhletiniň dowamynda ulanylýar.

4. Gurluşlaryň özüni ödeýän möhleti tamamlanandan soňra, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän elektrik energiýasynyň satyn alynmagy, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen, hereket edýän nyrhnamany ulanmak bilen amala aşyrylýar.

5. Goşmaça gurluş ulanyşa girizilende gurluşyň ulanyşa girizilen gününden hereket edýän nyrhnamany ulanmagyň möhleti her bir goşmaça gurluş üçin şu maddanyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerine laýyklykda kesgitlenilýär.

6. Ulanyşa girizilen gurluşyň giňeldilmegi (durkuny täzelemek, döwrebaplaşdyrmak) netijesinde kuwwatlylygy artdyrylanda gurluşyň ulanyşa girizilen gününden hereket edýän nyrhnamalaryň ulanyş möhleti kuwwatlylygyň artdyrylan ululygy üçin şu maddanyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerine laýyklykda kesgitlenilýär.

7. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýany şu maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde görkezilen nyrhnamalar boýunça satyn almak üçin edilen çykdajylar ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan öndürilen elektrik energiýasynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde özüne düşýän gymmatyna goşulýar.

8. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän     hem-de gurluşyň ulanyşa girizilen gününden onuň özüni ödemek möhletine çenli döwür üçin bellenilen nyrhnama boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan satyn alynýan energiýanyň nyrhy bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen hereket edýän nyrhnama boýunça energiýanyň nyrhynyň aratapawudynyň öwezini dolmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

20-nji madda. Gurluşlary gurmak we ulanmak üçin rugsatnama

 

1. Ýuridik we fiziki şahslara gurluşlary gurmak we ulanmak üçin rugsatnama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda talap edilýän resminamalar tabşyrylandan soňra ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan berilýär.

 

2. Gurluşlar fiziki şahslar (ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslardan başga) tarapyndan hususy hajatlary üçin (döwlet energiýa ulgamlaryna birikdirmezden) ornaşdyrylan ýagdaýynda, şol gurluşlary gurmak we ulanmak üçin rugsatnamanyň alynmagy talap edilmeýär.

 

21-nji madda. Elektrik energiýasyny öndürýän gurluşlaryň Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna birikdirilmegi

 

1. Elektrik energiýasyny öndürýän gurluşlaryň Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna birikdirilmegi, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürijilere elektrik energiýasyny öndürýän gurluşlary Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna özbaşdak birikdirmek gadagan edilýär.

2. Gurluşlaryň Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna birikdirilýän nokadyna çenli elektrik geçiriji ulgamy gurmak boýunça ähli çykdajylar elektrik energiýasyny öndürýän gurluşyň eýesiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

3. Ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan satyn alynýan we Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna gönükdirilýän gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilen elektrik energiýasy standartlaşdyrma boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

Ygtyýarlandyrylan edara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilen elektrik energiýasyny Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna gönükdirmek üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijilere deň mümkinçilikleri döretmäge borçludyr.

Eger gurluşlaryň Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna birikdirilmegi üçin bellenilen talaplary kesgitleýän tehniki şertlere laýyk gelmedik ýagdaýynda, ygtyýarlandyrylan edaranyň olary birikdirmekden ýüz döndermäge hukugy bardyr.

4. Ygtyýarlandyrylan edaranyň kärhanalary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän we Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna gönükdirilýän elektrik energiýasynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijilerden energiýany sarp edijilere çenli päsgelçiliksiz üstaşyr geçirilmegini üpjün edýärler.

5. Elektrik energiýasynyň Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň elektrik ulgamlaryna berilmeginiň we onuň sarp edilmeginiň operatiw-dispetçerlik tertipleri düzülende, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýa üçin artykmaçlyk berilýär.

6. Özbaşdak elektrik ulgamynyň gurluşygy hem-de oňa gurluşlaryň birikdirilmegi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürijiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

7. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürijileriň özbaşdak elektrik ulgamyna elektrik energiýasyny sarp edijileriň birikdirilmegi olaryň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

 

22-nji madda. Ýylylygy emele getiriji gurluşlaryň ýylylyk ulgamlaryna birikdirilmegi

 

1. Ýylylygy emele getiriji gurluşlary çäk we magistral ýylylyk ulgamlaryna birikdirmek gadagan edilýär.

2. Özbaşdak ýylylyk ulgamynyň gurluşygy hem-de ýylylygy emele getiriji gurluşlaryň oňa birikdirilmegi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden ýylylyk energiýasyny öndürijiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Ýylylyk energiýasyny sarp edijileriň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden ýylylyk energiýasyny öndürijileriň özbaşdak ýylylyk ulgamyna birikdirilmegi olaryň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

 

23-nji madda. Biogaz gurluşlarynyň gaz ulgamlaryna birikdirilmegi

 

1. Biogaz gurluşlaryny çäk we magistral gaz ulgamlaryna birikdirmek gadagan edilýär.

2. Özbaşdak gaz ulgamynyň gurluşygy hem-de biogaz gurluşlarynyň oňa birikdirilmegi biogazy öndürijiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Biogazy sarp edijileriň biogazy öndürijileriň özbaşdak gaz ulgamyna birikdirilmegi olaryň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

 

24-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatdaky işleriň guramaçylyk we maglumat üpjünçiligi

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatdaky işleriň guramaçylyk we maglumat üpjünçiligi degişli ygtyýarly edaralar tarapyndan şular esasynda amala aşyrylýar:

1) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň milli we sebitleýin meýilnamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy;

2) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatdaky taslamalary işläp taýýarlamak boýunça işleriň utgaşdyrylmagy;

3) administratiw-çäk birliklerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň tejribe-synag zolaklarynyň döredilmegi;

4) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ylmy-amaly maslahatlaryň hem-de innowasion tehnologiýalaryň we enjamlaryň sergileriniň guralmagy;

5) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijilere we energiýany sarp edijilere gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürmek we ulanmak meseleleri boýunça degişli maglumatlaryň sanly ulgamyň üsti bilen berilmegi;

6) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürmek we olary peýdalanmak bilen bagly işleriň wagyz edilmegi.

 

25-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda hünärmenleri taýýarlamak

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda hünärmenleri taýýarlamak orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyryş we olary gaýtadan taýýarlaýyş edaralarynda amala aşyrylýar.

 

26-njy madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işleriň ylmy, ylmy-tehniki we innowasion üpjünçiligi

 

1. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işleriň ylmy üpjünçiligi bu ugurda ylmy barlaglary geçirýän ylmy edaralar we ýokary hünär bilimi edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Gurluşlary öndürmek we ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek babatda işleriň ylmy-tehniki we innowasion üpjünçiligi pudaklaýyn, döwlet, döwletara, şeýle hem sebitleýin maksatnamalara, innowasion we beýleki maksatnamalara laýyklykda amala aşyrylýar.

 

IV BAP. GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝA ÇEŞMELERINI WE GURLUŞLARY HASABA ALMAK. GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝA ÇEŞMELERINIŇ DÖWLET KADASTRY. GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝA ÇEŞMELERINDEN ÖNDÜRILÝÄN ENERGIÝANYŇ GELIP ÇYKYŞYNY TASSYKLAMAK

 

27-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň gorlaryny we olaryň möçberlerini hasaba almak

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň gorlary we olaryň möçberleri hakyndaky maglumatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan hasaba alynmaga degişlidir.

 

28-nji madda. Gurluşlary we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýany hasaba almak

 

1. Gurluşlaryň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýanyň hasaba alynmagy şu maksatlar üçin amala aşyrylýar:

1) gyzyklanma bildirýän şahslara Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň gelejegi barada habardar etmek;

2) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň peýdalanylmagyna maýa goýumlaryny çekmek;

3) gurluşlaryň sany, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän hem-de sarp edilýän energiýa barada maglumatlaryň takyklygyny, dogrulygyny üpjün etmek;

4) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň energetiki mümkinçiliklerine we netijeliligine baha bermek.

2. Gurluşlaryň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýanyň hasaba alynmagy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýar.

 

29-njy madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastry

 

1. Gurluşlaryň hasaba alynmagyny üpjün etmek üçin ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça gurluşlaryň ähtimal we hakykat ýüzünde ýerleşdirilen meýdançalary we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijiler hakyndaky maglumatlary öz içine alýan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastry döredilýär.

2. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastryna şonuň ýaly hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň peýdalanylýan görnüşleri, gurluşlaryň kuwwatlylygy, gurluşlarda ýylyň dowamynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilip bilinjek energiýanyň mümkin bolan iň ýokary möçberi hakyndaky maglumatlar hem girizilip bilner.

3. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastrynyň alnyp barylmagy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastrynda saklanylýan maglumatlar çap edilýän neşirlerde, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, Internet torundaky resmi saýtlarda ýerleşdirilip we sanly ulgamyň üsti bilen ýa-da beýleki umumy elýeter usullar arkaly ulanylyp bilner (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda berilmegi we (ýa-da) ýaýradylmagy çäklendirilen maglumatlar muňa degişli däldir).

 

30-njy madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýanyň gelip çykyşynyň tassyklanylmagy we sertifikatyň berilmegi

 

1. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýanyň gelip çykyşynyň tassyklanylmagy energiýanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden gelip çykyşyny tassyklamak hakyndaky sertifikatyň berilmegi bilen amala aşyrylýar.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijileriň gurluşlary Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna birikdirilmeýän ýagdaýynda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden gelip çykyşyny tassyklamak hakyndaky sertifikat talap edilmeýär.

2. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden gelip çykyşyny tassyklamak hakyndaky sertifikat şu maksatlar üçin berilýär:

1) öndürilen energiýany satyn almak hakynda şertnamany baglaşmak we onuň hereket ediş möhletini uzaltmak;

2) şu Kanunyň 19-njy maddasynda göz öňünde tutulan nyrhlary we nyrhnamalary ulanmak.

3. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden gelip çykyşyny tassyklamak hakyndaky sertifikat şular barada maglumatlary öz içine almalydyr:

1) gurluşyň ýerleşýän ýeri, onuň kuwwatlylygy we ulanyşa girizilen senesi;

2) ýuridik şahs üçin – gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden energiýany öndürijiniň öz hususy ady we hukuk salgysy;

3) fiziki şahs üçin – familiýasy, ady, atasynyň ady we ýaşaýan ýeriniň salgysy;

4) energiýany öndürmek üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň peýdalanylýan görnüşleri;

5) gurluşlarda ýylyň dowamynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilip bilinjek energiýanyň mümkin bolan iň ýokary möçberi.

4. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden gelip çykyşyny tassyklamak hakyndaky sertifikat ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan ulanyşa kabul edilýän gurluşyň tassyklanylan taslama resminamalarynyň netijenamasy bilen bir wagtda berilýär.

5. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýanyň gelip çykyşyny tassyklamagyň tertibi, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden gelip çykyşyny tassyklamak hakyndaky sertifikatyň görnüşi we ony bermegiň tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

31-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda halkara hyzmatdaşlygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

32-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

 

33-nji madda. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda jedelleri çözmek

 

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

 

34-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

    Prezidenti                                                          Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 13-nji marty.

№ 337-VI.