TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Milli kasamy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 22-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 382-V, 13.03.2021 ý. № 339-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI we 03.06.2023 ý. № 28-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Ata-babalarymyzyň milli däplerini özünde jemleýän Türkmenistanyň Milli kasamy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň halkynyň wepadarlygyny hem mertligini görkezýär.

Şu Kanun Türkmenistanda Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwletine, döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy bolan Türkmenistanyň Prezidentine kasam etmegiň düzgünlerini belleýär hem-de Türkmenistanyň Milli kasamyny ulanmagyň tertibini düzgünleşdirýär.

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Milli kasamyny şu mazmunda tassyklamaly:

 

Eziz Türkmenistan – ata Watanym,

Gurban bolsun saňa bu janym-tenim!

Eger-de men saňa sähelçe şek ýetirsem,

goý, meniň elim gurasyn!

Eger-de men saňa dil ýetirsem,

goý, meniň dilim gurasyn!

Eger-de men Türkmenistan Watanyma,

Türkmenistanyň Prezidentine

Dönüklik etsem,

Goý, meniň ömrüm kül bolsun!

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Milli kasamy şu aşakdaky ýagdaýlarda ýerine ýetirilýär:

Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda ;

welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatlarynda;

jemgyýetçilik birleşikleriniň gurultaýlarynda;

döwlet gullukçylary wezipä bellenende;

Türkmenistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri wezipä bellenilende Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünde;

Orta, hünärment, orta hünärmen, ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň we hünärmenleriň gutardyş dabaralarynda;

Harby kasamy kabul etmek dabarasynda.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky, 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

3-nji madda. Türkmenistanyň Milli kasamyny ýerine ýetirmegiň beýleki ýagdaýlary, şeýle hem ony ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň Milli kasamynyň sarpasyna dilden we ýazmaça görnüşde, hereket (özüni alyp barmak) arkaly we islendik beýleki görnüşde şek ýetirilmegine, şeýle hem ol baradaky hormatlamazlyga ýol berilmeýär.

 

5-nji madda. Şu Kanunyň talaplaryny bozan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Milli kasamynyň şu Kanunda beýan edilen talaplarynyň berjaý edilmegine we takyk ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.

 

 

Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

    Prezidenti                                                    Berdimuhammedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 17-si.

№ 97-III.