TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Döwlet senasy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2008 ý., № 4, 67-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 13.03.2021 ý. № 339-VI we 16.03.2023 ý. № 541-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýazgysyny we sazynyň notasyny tassyklamaly (senanyň ýazgysy we sazynyň notasy goşulýar).

2-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasy garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanydyr we ol türkmen milletiniň agzybirligini hem-de jebisligini janlandyryp görkezýär.

3-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasy sazly-şahyrana eser bolup, ol şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy orkestr, orkestriň ýa-da gaýry saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde hor tarapyndan ýerine ýetirilip bilner. Onuň ýerine ýetirilişi ses- we wideoýazgy serişdeleri, şeýle hem tele- we radio alyp beriş serişdeleriniň üsti bilen amala aşyrylyp bilner.

Türkmenistanyň Döwlet senasy onuň tassyklanan ýazgysyna we sazynyň notasyna takyk laýyklykda ýerine ýetirilmelidir.

4-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasy şu aşakdaky ýagdaýlarda ýerine ýetirilýär:

1) Türkmenistanyň Prezidenti kasam kabul edip öz wezipesine girişende;

2) Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlary açylanda we tamamlananda;

3) Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň resmi taýdan galdyrylyş dabaralarynda;

4) diplomatik protokola laýyklykda daşary ýurt döwletleriniň resmi sapar bilen gelen döwlet we hökümet baştutanlaryny garşylamagyň we ugratmagyň dabaralarynda;

5) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby düzgünnamalaryna laýyklykda harby däp-dessurlar geçirilýän wagtynda;

6) Türkmenistanyň döwlet baýramçylyklaryna bagyşlanan dabaralar açylanda we tamamlananda;

7) döwlet teleýaýlymlarynyň we radioýaýlymlarynyň işiniň başlanan we tamamlanan pursadynda;

8) Türkmenistanyň döwlet derejesinde geçirilýän çärelerinde.

Türkmenistanyň Döwlet senasy şu aşakdaky ýagdaýlarda ýerine ýetirilip bilner:

1) ýadygärlikler açylanda;

2) döwlet edaralary we guramalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem beýleki guramalar tarapyndan döwlet ähmiýetli dabaraly çäreler geçirilýän wagtynda.

(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

5-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň şu Kanuny bozmak bilen ýerine ýetirilmegi ýa-da peýdalanylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet senasynyň hormatynyň gaçyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

6-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet senasyny ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

7-nji madda. «Türkmenistanyň Döwlet gimni hakynda» 1996-njy ýylyň  27-nji  sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., №3, 57-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

 

        Türkmenistanyň                                                  Gurbanguly

    Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2008-nji ýylyň 5-nji dekabry.

№235-III.

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY

 

Janym gurban saňa, erkana ýurdum,

Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.

Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,

Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.

 

Gaýtalama:

Halkyň guran Baky beýik binasy,

Berkarar döwletim, jigerim-janym.

Başlaryň täji sen, diller senasy,

Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

 

Gardaşdyr tireler, amandyr iller,

Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.

Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,

Nesiller döş gerip gorar şanymyz.

 

Gaýtalama:

Halkyň guran Baky beýik binasy,

Berkarar döwletim, jigerim-janym.

Başlaryň täji sen, diller senasy,

Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!