TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 39-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 379-V, 04.02.2017 ý. № 504-V, 20.03.2017 ý. № 525-V, 04.11.2017 ý. № 634-V, 09.06.2018 ý. № 35-VI, 02.03.2019 ý. № 127-VI, 30.11.2019 ý. № 210-VI, 14.03.2020 ý. № 234-VI, 22.08.2020 ý. № 268-VI, 24.10.2020 ý. № 307-VI, 13.03.2021 ý. № 339-VI, 18.12.2021 ý. № 442-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI we 03.06.2023 ý. № 28-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, içeri işler edaralarynyň we olaryň işgärleriniň borçlaryny hem-de hukuklaryny, içeri işler edaralarynyň işgärlerini hukuk we durmuş taýdan goramagyň kepilliklerini belleýär.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanyň içeri işler edaralary

 

1. Türkmenistanyň içeri işler edaralary (mundan beýläk – içeri işler edaralary) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kanunylygy we jemgyýetçilik tertibini, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini jenaýatçylykly we beýleki hukuga garşy gelýän kast etmelerden goramagy amala aşyrýan, olaryň duýdurmagy we öňüni almagy üpjün edýän, anyklaýyş, deslapky derňew we dessin-agtaryş işlerini geçirýän, şeýle hem şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirýän döwlet dolandyryş edarasydyr.

2. Içeri işler edaralary Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň ulgamyna girýär.

(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

2-nji madda. Içeri işler edaralarynyň işiniň hukuk esasy

 

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun hem-de içeri işler edaralarynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary içeri işler edaralarynyň işiniň hukuk esasyny düzýär.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Içeri işler edaralarynyň esasy wezipeleri

 

1. Içeri işler edaralarynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) adamyň we raýatyň janyny, saglygyny, namysyny, mertebesini, hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, olaryň şahsy we emläk howpsuzlygyny üpjün etmek;

2) kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek;

3) jemgyýetçilik tertibini goramak we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek;

4) eýeçiligi, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini jenaýatçylykly we beýleki hukuga garşy gelýän kast etmelerden goramak;

5) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň (mundan beýläk - neşe serişdeleri) hem-de alkogolly we temmäki önümleriň, nasyň, psihoaktiw, güýçli täsir edýän ya-da beyleki seri dumanladyjy maddalaryň (mundan beýläk - seri dumanladyjy maddalar) bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

6) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde jenaýatlaryň, administratiw we beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýüze çykarmak, üstüni açmak, ýok etmek, anyklaýyşy we degişli barlaglary geçirmek, jenaýat işlerini derňemek we administratiw hukuk bozulmalary boýunça önümçiligi amala aşyrmak;

7) neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň ýaýramagynyň we ulanylmagynyň zyýanly netijelerini duýdurmak we olaryň öňüni almak;

8) neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň bikanun dolanyşygyna dahyly bolan adamlar barada ýeke-täk maglumat merkezini döretmek;

9) jenaýatlary eden we jenaýat iş ýöredişini alyp barýan edaralardan gizlenýan, jenaýat jezasyny, gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çärelerini hem-de administratiw temmilerini çekmekden boýun gaçyrýan, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda nam-nyşansyz gidenleri we beýleki adamlary agtarmak;

10) ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek we ýol hereketiniň kadalaryny wagyz etmek;

11) ýangyny duýdurmak we öňüni almak işlerini guramak, ýangyna garşy göreş çäreleriniň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrmak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek we ýangynda heläkçilikden halas ediş işlerini geçirmek;

12) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde jenaýat jezasynyň, gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çäreleriniň we administratiw temmileriniň ýerine ýetirilmegini guramak;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan şertlerde we tertipde raýatlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň hukuklary durmuşa geçirilende we üstlerine ýüklenen borçlar ýerine ýetirilende olara ýardam etmek;

14) pasport ulgamynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek, olaryň raýatlar we wezipeli adamlar tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik etmek;

15) aýratyn möhüm döwlet desgalaryny, ýörite edaralary goramak, ýörite ýükler daşalanda goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem adatdan daşary we harby ýagdaýyň düzgünleriniň amala aşyrylmagyna gatnaşmak;

16) neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek barada Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri, beýleki hukuk goraýjy we harby edaralary bilen bilelikde hereket etmek;

17) içeri işler edaralarynyň şahsy düzüminiň gulluk, söweşjeň we watançylyk taýýarlygynyň hem-de düzgün-nyzamynyň ýokary derejesini saklamak;

18) kazyýetiň karary bilen ýörite bejeriş edaralaryna iberilenlere gözegçiligi üpjün etmek;

19) raýat ýaragyny hasaba almak we ony ulanmaga rugsat  bermek;

20) ýgtyýarlyklarynyň çäklerinde halkara jenaýatçylygyna garşy göreş we beýleki meseleler boýunça halkara guramalary we daşary ýurtlaryň degişli hukuk goraýjy edaralary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmak.

2. Içeri işler edaralaryna şu maddanyň birinji böleginde görkezilenlerden başga wezipeler diňe Türkmenistanyň kanunlary we Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalary bilen ýüklenilip bilner. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk wezipeleri ýerine ýetirmek içeri işler edaralarynyň üstlerine ýüklenilip bilinmez.

3. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gös-göni ygtyýarly edilen edaralardan we wezipeli adamlardan başga hiç kimiň içeri işler edaralarynyň işine gatyşmaga hukugy ýokdur.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

4-nji madda. Içeri işler edaralarynyň işiniň esasy ýörelgeleri

 

Içeri işler edaralarynyň işi kanunylyk, raýatlaryň kanun öňündäki deňligi, olaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini hormatlamak, berjaý etmek we goramak, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak, ynsanperwerlik, işleriň we serişdeleriň aýan hem-de aýan däl usullaryny utgaşdyrmak, syýasy partiýalaryň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerinden garaşsyz bolmak ýörelgelerine esaslanýar.

 

5-nji madda. Içeri işler edaralarynyň işinde aýanlyk

 

1. Içeri işler edaralary jemgyýetçilik tertibiniň ýagdaýy we ony üpjün etmegiň çäreleri hakynda ilata, döwlet edaralaryna we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine habar berýärler.

2. Içeri işler edaralarynyň işi ilat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän derejede aýan we açyk bolmalydyr.

 

6-njy madda. Içeri işler edaralarynyň işinde adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny berjaý etmegi

 

1. Içeri işler edaralary her bir adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan olaryň janyny, saglygyny, namysyny, mertebesini, hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramagy üpjün edýär.

2. Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda içeri işler edaralary tarapyndan raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär, bu barada raýatlar içeri işler edaralarynyň işgärlerinden düşündirmeklerini talap etmäge hukuklydyrlar.

3. Eger-de şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, içeri işler edaralarynyň raýatlaryň şahsy durmuşyna degişli maglumatlary, şeýle hem namysyny, mertebesini ýa-da işdäki abraýyny masgaralaýan maglumatlary ýygnamagy, saklamagy, peýdalanmagy we ýaýratmagy gadagandyr.

4. Içeri işler edaralary tutulyp saklanan ýa-da tussag edilen adamlara olaryň hukuk kömegine bolan hukugynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler we bolýan ýerleri hakynda ýakyn garyndaşlarynyň birine ýa-da olaryň özleriniň saýlamagy boýunça başga adama, şeýle hem işleýän ýa-da okaýan ýeriniň ýolbaşçylaryna haýal etmän habar berýärler. Zerur halatynda içeri işler edaralary tutulyp saklanan we tussag edilen adamlara saglygy goraýyş we beýleki kömegiň haýal edilmän berilmegi, şeýle hem görkezilen raýatlaryň tutulyp saklanylmagy ýa-da tussag edilmegi bilen baglanyşykda kimdir biriniň janyna, saglygyna ýa-da emlägine abanýan howpuň öňüniň alynmagy üçin çäreler görýärler.

5. Hukuklary, azatlyklary we kanuny bähbitleri içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hereketleri (hereketsizligi) bilen kemsidilen raýatlar bu barada ýokarda durýan içeri işler edarasyna ýa-da ýokary wezipeli adama, prokurora, şeýle hem kazyýete şikaýat etmäge haklydyr.

 

7-nji madda. Içeri işler edaralarynyň beýleki döwletleriň içeri işler we hukuk goraýjy edaralary hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy

 

  Içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri berjaý etmek maksady bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşyp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda beýleki döwletleriň içeri işler we hukuk goraýjy edaralary, halkara guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we özara hyzmatdaşlyk etmäge haklydyr.

 

8-nji madda. Içeri işler edaralarynyň kärhanalar, edaralar, guramalar we raýatlar bilen arkalaşykda hereket etmegi

 

1. Içeri işler edaralary öz işini kärhanalar, edaralar, guramalar we raýatlar bilen arkalaşykda hereket etmek bilen amala aşyrýarlar.

2. Kärhanalar, edaralar, guramalar we olaryň wezipeli adamlary ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we bellenilen tertipde jemgyýetçilik tertibini goramakda we jenaýatçylyga garşy göreşmekde içeri işler edaralaryna ýardam etmäge borçludyrlar.

Jemgyýetçilik tertibini goramakda içeri işler edaralarynyň geçirýän çärelerine ýardam etmek her bir raýatyň borjudyr.

3. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary adatdan daşary ýagdaý şertlerinde gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän içeri işler edaralaryny dolandyrmak üçin aragatnaşyk ugurlaryny we kanallaryny tölegsiz berýärler we olaryň päsgelçiliksiz berilmeginiň üpjün edilmegine ýardam edýärler.

4. «Türkmendemirýollary» agentligi iş kesilenleri, şonuň ýaly-da tussag edilenleri gatnatmak üçin ýörite wagonlary Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine kärendesine berýär, şeýle hem ol wagonlary saklamak, ýansaklawly adamlary ýörite wagonlara mündürmek we düşürmek üçin enjamlaşdyrylan ýerleri bölüp berýär.

5. Içeri işler edaralary üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen esaslarda we tertipde raýatlaryň razylygy bilen olary hyzmatdaşlyga çekip biler. Raýatlary içeri işler edaralary bilen hyzmatdaşlyga mejbury çekmek gadagandyr.

6. Içeri işler edaralary raýatlar tarapyndan berlen maglumatlaryň gizlinligini üpjün edýärler.

7. Içeri işler edaralaryna ýardam edendigi üçin raýatlar we olaryň maşgala agzalary babatda bikanun hereketleriň edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky we 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

9-njy madda. Içeri işler edaralarynyň beýleki hukuk goraýjy we harby edaralar bilen özara gatnaşyklary

 

Jenaýatlary derňemek, olaryň öňüni almak, üstüni açmak we duýdurmak hem-de beýleki meseleleri çözmek üçin dessin-agtaryş we derňew çäreleri amala aşyrylanda içeri işler edaralary beýleki hukuk goraýjy we harby edaralary bilen arkalaşykly hereket edýärler.

(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

II BAP. IÇERI IŞLER EDARALARYNYŇ ULGAMY WE

OŇA ÝOLBAŞÇYLYK ETMEK

 

10-njy madda. Içeri işler edaralarynyň ulgamy

 

1. Içeri işler edaralarynyň ulgamy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň merkezi edarasynyň düzüm birliklerinden, onuň ýanyndaky birliklerden, içerki goşunlardan, welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň polisiýa müdirliklerinden, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň polisiýa bölümlerinden, bilim edaralaryndan, kärhanalaryndan, edaralaryndan, lukmançylyk we beýleki birliklerinden ybaratdyr.

2. Içeri işler edaralarynda syýasy partiýalaryň, şeýle hem syýasy maksat tutýan jemgyýetçilik birleşikleriniň guramaçylyk düzümleriniň döredilmegi we olaryň iş alyp barmagy gadagan edilýär.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

11-nji madda. Içeri işler edaralarynyň ulgamyna ýolbaşçylyk etmek

 

1. Içeri işler edaralarynyň ulgamyna umumy ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle-de raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de goramak, eýeçiligi we jemgyýetçilik tertibini goramak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti amala aşyrýar.

2. Içeri işler edaralarynyň ulgamyna gös-göni ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Mejlisi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan Türkmenistanyň Içeri işler ministri amala aşyrýar.

3. Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasarlary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Polisiýa müdirlikleriniň müdirleri, bilim edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýärler we wezipeden boşadylýarlar.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky, 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

12-nji madda. Içeri işler ministrligi

 

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi içeri işler edaralarynyň ulgamyna, şol sanda Türkmenistanyň içerki goşunlaryna ýolbaşçylyk edýän, ygtyýarlyklarynyň çäginde jemgyýetçilik tertibini goramagy, jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmegi we jenaýatçylyga garşy göreşi hem-de şu Kanun arkaly içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmegi amala aşyrýan döwlet dolandyryş edarasydyr.

 

13-nji madda. Polisiýanyň ulgamy

 

1. Polisiýa adamyň we raýatyň janyny, saglygyny, hukuklaryny, azatlyklaryny, namysyny we mertebesini, jemgyýetçilik tertibini, eýeçiligi, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini jenaýatçylykly we beýleki hukuga garşy gelýän kast etmelerden goramak we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek üçin niýetlenendir.

2. Polisiýa içeri işler edaralarynyň ulgamyna girýär. Polisiýanyň ulgamy olaryň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge niýetlenilen gulluklardan we beýleki düzüm birliklerinden ybaratdyr.

 

14-nji madda. Içerki goşunlar

 

Içerki goşunlar Türkmenistanyň döwlet gurluşyny, howpsuzlygyny we özygtyýarlylygyny goramaga, hukuk tertibini saklamaga, kanunylygy üpjün etmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini jenaýatçylykly we beýleki hukuga garşy gelýän kast etmelerden goramaga niýetlenen döwletiň ýaragly harby birikmesidir.

 

III BAP. IÇERI IŞLER EDARALARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY

 

15-nji madda. Içeri işler edaralarynyň borçlary

 

Içeri işler edaralary üstlerine ýüklenilen wezipelere laýyklykda we ygtyýarlyklarynyň çäginde şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) adamyň we raýatyň janyny, saglygyny, namysyny, mertebesini, hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini jenaýatçylykly we hukuga garşy gelýän beýleki kast etmelerden goramak boýunça zerur çäreleri amala aşyrmaga;

2) eýeçiligi, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini jenaýatçylykly we hukuga garşy gelýän beýleki kast etmelerden goramaga;

3) jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge we goramaga;

4) jenaýatlary we administratiw hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, ýüze çykarmaga we olaryň öňüni almaga, olaryň amala aşyrylmagyna getirýän şertleri we sebäpleri ýüze çykarmak we şol şertleri aradan aýyrmak boýunça çäreleri geçirmäge;

5) jenaýatlar, hukuk bozulmalary hakynda gelip gowuşýan arzalary, habarlary we gaýry maglumatlary kabul etmäge we hasaba almaga, olar boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreleri wagtynda amala aşyrmaga;

6) jenaýatlaryň üstüni açmaga, anyklaýyşy, deslapky derňewi we kriminalistik barlaglary geçirmäge, iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmaga;

7)  Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde administratiw hukuk bozulmalary baradaky işler boýunça öňümçiligi amala aşyrmaga, administratiw temmi çärelerini ýerine ýetirmäge we administratiw tertipde tussag edilenleriň iş bilen meşgul bolmagyny üpjün etmäge;

8) jenaýatlaryň, administratiw hukuk bozulmalarynyň we betbagtçylykly hadysalaryň netijesinde jebir çeken, şeýle hem jany we saglygy üçin howply, biçäre ýa-da gorawsyz ýagdaýda bolanlara ýardam bermäge;

9) jenaýaty duýdurmakda we onuň üstüni açmakda hukuk goraýjy edaralara kömek beren şaýatlaryň, jebir çekenleriň we howp astynda galan beýleki raýatlaryň janyny, saglygyny, şahsyýetini, olaryň maşgalasyny we emlägini goramaga;

10) jenaýat eden, anyklaýyş, derňew edaralaryndan we kazyýetden gizlenen, tussaglykdan ýa-da gözegçilikden gaçan, jenaýat jezalaryny we administratiw temmilerini çekmekden boýun gaçyrýan, dereksiz ýiten we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda adamlary agtaryp tapmaga, şeýle hem ogurlanan emlägi gözläp tapmaga;

11) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda jenaýatçylygyň öňüni almak maksady bilen azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşan kämillik ýaşyna ýetmedikleriň, etmişi eden döwründe jenaýat jogapkärçiliginiň düşýän ýaşyny doldurmadyklaryň, alkogolly içgileri, neşe serişdelerini, psihotrop we beýleki toksiki maddalary peýdalanýanlaryň we administratiw temmi çäreleriniň ulanylmagy göz öňünde tutulan beýleki hukuk bozulmalaryny edenleriň hasabyny ýöretmäge hem-de olar babatda täsir ediş we öňüni alyş çärelerini ulanmaga;

12) döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde çagalaryň garawsyz galmagynyň öňüni almaga;

13) arakhorlukdan, toksikomaniýadan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän, ýokanç, weneriki ýa-da AIW-ýokanjy keselleri bilen keselländigini çak etmäge ýeterlik esas bar bolan adamlar hakynda, öňüni alyş hasabynda duran, meýletin bejerişden boýun gaçyrýan adamlar hakynda saglygy goraýyş edaralaryna bellenilen tertipde habar bermäge, şeýle hem olaryň degişli saglygy goraýyş edaralaryna getirilmegine ýardam etmäge;

14) neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň bikanun ýaýradylmagyna, ulanylmagyna we dolanyşygyna garşy gönükdirilen öňüni alyş çärelerini geçirmäge, Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň zyýanly täsiri barada wagyz-nesihat işlerini geçirmäge;

15) ýurtda neşe serişdeleriniň we seri dumanladyjy maddalaryň bikanun dolanyşygy bilen baglanyşykly jenaýatçylygyň ýagdaýyna seljerişi geçirmäge we Türkmenistanyň Prezidentine aýlyk we ýyllyk hasabatlary bermäge;

16) neşe serişdeleriniň dolanyşygyna gözegçilik etmek çygrynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmäge we şonuň bilen baglanyşykly meseleler boýunça hasabatlary düzmäge we beýleki maglumatlary taýýarlamaga;

17) desgalary gorag, ýangyn, howsala duýduryjy serişdeleri bilen enjamlaşdyrmagyň taslamalaryny düzmekde, olary gurnamakda, tehniki hyzmat etmekde kärhanalara, edaralara we guramalara ýardam bermäge, goralýan desgalarda geçiriş düzgüniniň berjaý edilmegini talap etmäge;

18) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarnamalary  bermäge we olaryň hereketini ýatyrmaga ýa-da togtatmaga;

19) jemgyýetçilik tertibini goramak we üpjün etmek hem-de jenaýatçylyga garşy göreşmek meseleleri boýunça döwlet häkimiýet edaralarynyň çözgütleriniň raýatlar we wezipeli adamlar tarapyndan ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmäge;

20) partlaýjy, güýçli täsir ediji, zäherli himiki, düzüminde neşe maddalary bolan we gaýry howply maddalary, närseleri we zatlary, raýat ýaragyny we ok-därileri edinmegiň, saklamagyň, daşamagyň, götermegiň, getirmegiň, äkitmegiň we ulanmagyň kadalarynyň berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrmaga;

21) ýol hereketiniň kadalarynyň, standartlarynyň, tehniki kadalarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň üpjün edilmegine döwlet gözegçiligini amala aşyrmaga, raýatlary degişli synaglardan geçirmäge we olara awto, moto ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk berýän şahadatnamalary bermäge, awto, moto ulag serişdelerine we olaryň tirkeglerine döwlet tehniki barlagyny guramaga hem-de geçirmäge, umumy ulanylýan awtomobil ýollary boýunça hereket etmek üçin niýetlenen awto, moto ulag serişdelerini we olaryň tirkeglerini bellige almaga, ýol hereketini düzgünleşdirmäge;

22) ýörite ýükleriň daşalmagyny guramaga hem-de olaryň goragyny üpjün etmäge;

23) aýratyn möhüm, döwlet ähmiýetli, goraga degişli edilen desgalaryň, şonuň ýaly-da şertnamalaýyn esasda fiziki we ýuridik şahslaryň emläginiň ygtybarly goralmagyny üpjün etmäge;

24) Türkmenistanyň çäginde ýa-da onuň aýry-aýry ýerlerinde adatdan daşary ýa-da harby ýagdaý girizilende Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olaryň düzgünlerini üpjün etmäge gatnaşmaga, harby ýagdaý şertlerinde we parahatçylykly döwürde adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda içeri işler edaralarynyň işiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp düzmäge we amala aşyrmaga;

25) ýangynlary söndürmäge, idegsiz galan emläkleri goramak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmäge, ýokanç keseller epidemiýasy we haýwanlaryň köpçülikleýin gyrgynçylygy wagtynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde karantin çärelerini geçirmäge, şeýle hem heläkçilikli, weýrançylykly, tebigy betbagtçylykly we beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda adamlary halas etmäge we olara ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge gatnaşmaga;

26) çagyryşdan boýun gaçyrýanlary mejbury getirmek hakynda kazyýetiň çözgüdini, prokuroryň, sülçiniň ýazmaça tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tutup saklamaga, tussag etmage, dessin-agtaryş we beýleki hereketleri amala aşyrmaga, aýry-aýry iş ýörediş hereketlerini geçirmekde kazyýete we derňew edaralaryna ýardam bermäge;

27) tutulyp saklanan, tussag edilen we iş kesilen adamlaryň ýansaklawlylygyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde üpjün etmäge, olary goramaga we wagtlaýyn saklamaga;

28) raýatlaryň ýaşaýan salgysy boýunça hasabyny amala aşyrmaga we olaryň ýazgyda duran ýeri boýunça salgy kepilnamalaryny bermäge, ilaty pasportlaşdyrmaga, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen pasport düzgünleriniň raýatlar we wezipeli adamlar tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik etmäge;

29) administratiw gözegçiligiň kadalarynyň berjaý edilmegini gözegçilikde saklamaga, azatlykdan mahrum etmek bilen bagly bolmadyk jenaýat jezasy bellenilen, azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jenaýat jezasyny çekmegi yza süýşürilen iş kesilenleriň ýa-da şertleýin iş kesilenleriň ýa-da jenaýat jezasyndan şertleýin-möhletinden öň boşadylanlaryň özlerini alyp barşyna gözegçilik etmäge, düzediş edaralaryndan boşan adamlaryň zähmete we jemgyýete uýgunlaşmagyna ýardam bermäge;

30) tutulyp saklanan we tussag edilen adamlardan alnan we içeri işler edaralaryna tabşyrylan resminamalary, goşlary, gymmatlyklary we beýleki emläkleri gorap saklamagy üpjün etmäge, olary kanuny eýelerine gaýtarmak ýa-da bellenilen tertipde ýerleşdirmek boýunça çäreleri görmäge;

31) öňüni alyş hasapda duran, daş-töweregindäkiler üçin howp döredýän, bejerişden boýun gaçyrýan näsaglara lukmançylyk kömegini bermek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde saglygy goraýyş edaralary bilen bilelikde degişli çäreleri geçirmäge;

32) halkara jenaýatçylyga garşy göreş ugry boýunça Halkara jenaýat polisiýa guramasynyň – Interpol we onuň agzalygyna girýän döwletleriň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde çäreleri we işleri amala aşyrmaga;

33) ilatly ýerlerde, hojalyk desgalarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmäge;

34) kazyýet çözgütlerini ýerine ýetirmek bilen bagly çäreleri geçirmekde kazyýet ýerine ýetirijilerine ýardam bermäge, ol çäreleriň amala aşyrylýan ýerlerinde we mejbury ýerine ýetirmek çäreleri ulanylanda hukuk tertibini üpjün etmäge;

35) ilata hukuk terbiýesini bermäge gatnaşmaga, hukuk tertibiniň ýagdaýyny gowulandyrmak we içeri işler edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksatlary bilen jemgyýetçilik pikirini öwrenmäge, kanunçylygy wagyz etmäge;

36) ýurt boýunça merkezleşdirilen dessin, kriminalistik, öňüni alyş maglumatlar goruny we jenaýatçylygyň hasabatyny ýöretmäge hem-de bu ugurdan seljerme işlerini amala aşyrmaga;

37) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry borçlary ýerine ýetirmäge.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky we 4-nji noýabryndaky, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

16-njy madda. Içeri işler edaralarynyň hukuklary

 

1. Içeri işler edaralary üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu aşakdakylara hukuklydyrlar:

1) jemgyýetçilik tertibini hem-de jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde raýatlaryň aýry-aýry ýerlere, sebitlere ýa-da desgalara barmagyny wagtlaýyn çäklendirmäge ýa-da gadagan etmäge, olary şol ýerlerden gitmäge borçly etmäge, şeýle hem Ýol hereketiniň kadalary bozulyp, ulag serişdeleriniň gözegçiliksiz goýlup gidilen, ýoluň gatnawly böleginiň emeli daraldylan ýa-da girelgeler beklenen halatlarynda ulag serişdelerini wagtlaýyn saklamak üçin ýörite meýdançalara alyp gitmek boýunça çäreleri görmäge;

2) jenaýatlary we beýleki hukuk bozulmalaryny döredýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak üçin kärhanalara, edaralara, guramalara hem-de wezipeli adamlara, telekeçilik işi bilen meşgullanýanlara ýerine ýetirilmegi hökman bolan teklipnamalary bermäge;

3) wezipelerine amal edilmegi bilen baglanyşykly zerur maglumatlary döwlet häkimiýet edaralaryndan, kärhanalardan, edaralardan, guramalardan we jemgyýetçilik birleşiklerinden bellenilen tertipde päsgelçiliksiz we muzdsuz almaga;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda administratiw hukuk bozulmalary hakynda teswirnama düzmäge, adamlary administratiw tertipde tutup saklamaga we beýleki çäreleri görmäge;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde raýatlary polisiýa, şeýle hem saglygy goraýyş edaralaryna getirmäge;

6) eger hukuk tertibiniň bozulandygyny tassyklamak ýa-da inkär etmek ýa-da hukuk tertibiniň bozulmasy baradaky işe garamak üçin barlagyň netijesi zerur bolsa, raýatlaryň alkogolly içgileri, neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary ulanandygy ýa-da ulanmandygy barada mugt barlagy geçirmek üçin olary saglygy goraýyş edaralaryna ýollamaga ýa-da eltmäge;

7) neşe serişdeleriniň gözegçilikli satyn alynmagyny we gözegçilik astynda iberilmegini amala aşyrmaga;

8) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde göçme nokatlary döretmäge we neşe serişdelerini we seri dumanladyjy maddalary ýüze çykarmak üçin Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçýän adamlary, goşlary, ýükleri we ulag serişdelerini barlamaga;

9) neşe serişdeleriniň sanawyna laýyklykda, düzüminde neşe serişdeleriniň, şeýle hem himiki maddalaryň - neşe serişdelerini taýýarlamak üçin ulanylýan prekursorlaryň getirilmegi, saklanylmagy we ulanylmagy barada düzgünleriň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga;

10) pyýadalardan, ulag serişdelerini dolandyrýan adamlardan, ulag serişdelerine eýeçilik edýän we ulanýan kärhanalardan, edaralardan we guramalardan ýol hereketiniň kadalarynyň ýerine ýetirilmegini we olara tabyn bolunmagyny talap etmäge, zerur halatynda olara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreleri ulanmaga;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ulag serişdelerini hasaba almaga, raýatlary degişli synagdan geçirmäge we olara sürüjilik şahadatnamalaryny bermäge, daşky görnüşi, tehniki ýagdaýy ýa-da beýleki sebäpler boýunça ýol hereketiniň howpsuzlygyna zyýan ýetirýän ulag serişdeleriniň ulanylmagyny gadagan etmäge, ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk berýän resminamalary, ýol hatlaryny we ýükleri daşamak üçin resminamalary barlamaga, ulag serişdeleriniň döwlet tehniki barlagyny amala aşyrmaga;

12) ýol-ulag hadysalaryny we ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmalaryny hasaba almaga, olaryň ýüze çykmagynyň sebäplerini we şertlerini seljermäge, olary aradan aýyrmak boýunça çäreleri görmäge;

13) ýollaryň ýol örtüginiň halkara standartlaryň talaplaryna laýyk gelmegine gözegçiligi amala aşyrmaga, awtomobil ýollarynyň, köçeleriň, ýol desgalarynyň, demir ýol geçelgeleriniň, elektrik togunda hereket edýän ulag serişdeleriň ýol ugurlarynyň taslamasy düzülende, olar gurlanda, abatlananda, olaryň durky täzelenende we olar ulanmaga kabul edilende ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda kadalary, kada görkezijileri we ölçegleri ylalaşmaga, şonuň ýaly-da agzalan ulaglaryň ỳol ugurlaryny ulanmaga kabul etmek boýunça toparyň işine gatnaşmaga;

14) aýratyn möhüm desgalaryň gorag ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin:

- kärhanalara, edaralara we guramalara gorag, ýangyn barada duýduryş serişdelerini gurnamakda, enjamlaşdyrmakda, hyzmat etmekde ýardam bermäge, şeýle hem gorag işine rugsatnamalary bermäge we şol rugsatnamalaryň güýjüni ýatyrmaga;

- maddy gymmatlyklaryň ogurlanmagyna eltýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak, olary gorag astyna almagyň mümkinçiliklerini kesgitlemek maksady bilen pudaklaýyn gorag gulluklarynyň işlerini barlamaga;

15) ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň bozulmalary ýüze çykarylanda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çäklendirmäge ýa-da togtatmaga;

16) jenaýatlaryň öňüni almak, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, şeýle hem ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmalaryny ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň howa giňişliginde, ilatly ýerlerinde, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde howa patrulçylygyny amala aşyrmaga, şonuň ýaly-da jenaýatlaryň gönüden-göni öňi alnanda jenaýatçylary, tussag astyndan gaçan adamlary dikuçarda yzarlamaga we tutmaga;

17) deňiz we derýa portlarynda, duralgalarynda we parom geçelgelerinde hukuk tertibiniň, jemgyýetçilik howpsuzlygynyň, tertip-düzgüniň saklanmagyny we jenaýatlaryň öňüniň alynmagyny üpjün etmek üçin degişli çäreleri geçirmäge;

18) taýýarlanýan ýa-da edilen jenaýat barada habarlar bolanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde:

- zerur maglumatlaryň, resminamalaryň we ýazmaça düşündirişleriň berilmegini kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylaryndan, wezipeli adamlaryndan hem-de beýleki işgärlerinden, şeýle hem telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlardan talap etmäge we almaga;

- kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň emlägini hasaba alyş we hasabat maglumatlary bilen deňeşdirmäge, barlaglaryň, tükelleýiş işleriniň we derňewleriň geçirilmegini talap etmäge, geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin degişli hünärmenleri çagyrmaga;

- banklardan we beýleki maliýe-karz edaralaryndan karz-pul amallary we daşary ykdysady ylalaşyklar hakyndaky dessin we hasabat maglumatlaryny almaga, anyklaýyş we deslapky derňew hereketleri geçirilende pulhanalary we haryt-maddy gymmatlyklaryň, pullaryň, resminamalaryň saklanýan beýleki ýerlerini möhürlemäge, olaryň abat saklanylmagyny üpjün edýän başga çäreleri görmäge, gözegçilikli satyn almalary geçirmäge, çig malyň, ýarym taýýar önümleriň we önümleriň nusgalyklaryny almaga;

- halkyň sarp edýän we azyk harytlary öndürilende, saklananda, daşalanda we ýerleşdirilende hem-de ilata hyzmat edilende sarp edijileriň hukuklaryny goramagy üpjün edýän düzgünleriň we kadalaryň berjaý edilişini barlamaga;

- kanunlaryň bozulmalary barada prokurory habarly etmek bilen şol kanun bozmalar ýüze çykarylan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylaryna, wezipeli adamlara, şeýle hem telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlara düzgün-tertibi, kanunylygy berkitmek baradaky teklipnamalary ugratmaga;

19) jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmak, jenaýatlaryň we administratiw hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, edilen jenaýatlaryň amala aşyrylan ýagdaýlaryny we olary amala aşyran adamlary anyklamak, gizlenýän jenaýatçylary, şeýle hem dereksiz ýitenleri agtarmak maksady bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden tölegsiz peýdalanmaga;

191) jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmak, jenaýatlaryň we administratiw hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, üstüni açmak, şeýle hem  edilen jenaýatlaryň we administratiw hukuk bozulmalaryň amala aşyrylan ýagdaýlaryny hem-de olary amala aşyran adamlary anyklamak maksady bilen ýörite tehniki serişdeleriň görkezijilerini, şekil görnüşde hasaba alyş enjamlaryň, wideogözegçilik ulgamynyň we beýleki serişdeleriň wideoýazgylaryny peýdalanmaga;

20) halkara jenaýat polisiýa guramasynyň – Interpolyň Baş müdirligi we Interpolyň agzalygyna girýän döwletleriň hukuk goraýjy edaralary, şeýle hem beýleki döwletleriň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, Türkmenistanyň halkara ylalaşyklarynyň hem-de Interpolyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen hökmany çözgütleriň we maslahatlaryň esasynda hyzmatdaşlyk etmäge;

21) jenaýatlaryň öňüni almak, ýüze çykarmak, olaryň üstüni açmak we soňuna çykmak maksady bilen dessin-agtaryş işlerini, şol sanda tehniki serişdeleri ulanyp, geçirmäge, alnan maglumatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde peýdalanmaga;

22) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öňüni alyş taýdan täsir etmäge degişli raýatlary ýüze çykarmaga hem-de olaryň hasabyny ýöretmäge;

23) jemgyýetçilik tertibini bozýanlara resmi duýduryş bermäge;

24) Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda anyklaýyş önümçiligi tertibinde hem-de derňew edaralarynyň we prokuroryň tabşyrygy esasynda jenaýat işleri boýunça zatlary almaga, sorag etmäge we beýleki derňew herekerlerini geçirmäge;

25) agyr we aýratyn agyr jenaýatlary eden ýaragly jenaýatçylary, tussaglykdan gaçan adamlary agtarmak boýunça çäreler geçirilende wagtlaýyn gözegçilik-geçiriş nokatlaryny bellemäge we olaryň işini dolandyrmaga;

26) karantin çäreleri geçirilýän döwründe döwlet goraghanalarynyň hem-de zakaznikleriniň çäklerinde, şeýle hem gymmatly balyklaryň işbil taşlaýan ýerlerinde Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde gözegçilik-geçiriş nokatlaryny guramaga;

27) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde fiziki we ýuridik şahslara raýat ýaragyny (harby nusgalardan başga), olar üçin ok-därileri we beýleki degişli zatlary, maddalary hem-de serişdeleri satyn almaga, saklamaga, daşamaga, fiziki şahslara bolsa ok atýan aw tüpeňlerini, olar üçin oklary satyn almaga, ýanynda götermäge, saklamaga, Türkmenistana getirmäge we ondan alyp gitmäge rugsatnamalary bermäge, olaryň güýjüni ýatyrmaga, şonuň ýaly-da olary ulanmak kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmäge, ýaraglary, ok-därileri hem-de olaryň saklanýan ýerlerini gözden geçirmäge;

28) Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen ýagdaýlarda we tertipde işiň bellenen görnüşleri bilen meşgullanmaga ygtyýarnamalary bermäge, olaryň hereketini togtatmaga we güýjüni ýatyrmaga;

29) kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň pudaklaýyn gorag birlikleriniň işiniň guralyşyna gözegçilik etmäge;

30) jemgyýetçilik tertibini goramakda we jenaýatçylyga garşy göreşmekde tapawutlanan adamlary höweslendirmäge;

31) gaýragoýulmasyz halatlarda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kärhanalara, edaralara, guramalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlara degişli ulag we aragatnaşyk serişdelerini gulluk maksatlary üçin päsgelçiliksiz peýdalanmaga;

32) sergezdançylyk ýa-da gedaýçylyk bilen meşgullanýan ýa-da belli bir ýaşaýan ýeri bolmadyk adamlar, şeýle hem gözegçiliksiz ýa-da garawsyz galan kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin kabul ediş-paýlaýyş we wagtlaýyn saklaýyş merkezleriniň işiniň tertiplerini kesgitlemäge.

2. Içeri işler edaralaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şulary tutup saklamaga, ýörite niýetlenilen jaýlara eltmäge we olarda saklamaga hukuklar berilýär:

1) jenaýat etmekde güman edilýänleri, anyklaýyş, deslapky derňew edaralaryndan ýa-da kazyýetden gizlenýänleri, iş kesilip jenaýat jezasyny çekmekden boýun gaçyrýanlary;

2) deslapky derňew edaralary, prokuror ýa-da kazyýet tarapyndan ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussag etmek ulanylanlary;

3) administratiw tertipde tussag edilenleri;

4) ýerinde çözmek mümkin bolmadyk aýratyn halatlarda administratiw hukuk tertibini bozanlary üç sagatdan köp bolmadyk möhlete - olaryň şahsyýetini anyklamak, teswirnama düzmek ýa-da işe düýp mazmuny boýunça garamak üçin;

5) ata-ene howandarlygyndan galan çagalary sekiz sagatdan köp bolmadyk möhlete - olary kanuny wekillerine bermek ýa-da ýörite edaralara ýerleşdirmek üçin;

6) jenaýat jogapkärçiligi düşýän ýaşa ýetmedik jemgyýet üçin howply etmişi eden kämillik ýaşyna ýetmedikleri üç sagatdan köp bolmadyk möhlete - olary kanuny wekillerine bermek ýa-da degişli edaralara ýerleşdirmek üçin;

7) jemgyýetçilik ýerlerinde özbaşdak hereket etmek ukybyny ýitiren ýa-da daş-töweregindäkilere, ýa-da özüne zyýan ýetirip biljek serhoş adamlary - olary ýörite saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirmek ýa-da ýaşaýan ýerine eltmek üçin - bu mümkin bolmadyk ýa-da şeýle adamlar bilen galmak bile ýaşaýanlar üçin howp döredýän halatlarynda bolsa - olaryň serhoşlykdan açylyp huşuna gelmegi üçin, ýöne bir gije-gündizden köp bolmadyk möhlete;

8) bejeriş edaralaryna ibermek hakynda kazyýetiň kararyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan adamlary bir gije-gündize çenli möhlete - olary degişli bejeriş edarasyna ibermek üçin;

9) jenaýat alamatlary bolan etmişi eden ýa-da administratiw hukuk tertibini bozan harby gullukçylary - harby komendaturanyň, harby bölümiň ýa-da harby wekilligiň wekillerine berilýänçä;

10) psihiki taýdan bozulma alamatlary mese-mälim bolan we şunuň bilen baglanyşykly özi we daş-töweregindäkiler üçin howp döredýän adamlary bir gije-gündizden köp bolmadyk möhlete - olary bejeriş edaralaryna ýerleşdirmek üçin;

11) janyna kast etmäge synanyşan adamlary üç sagatdan köp bolmadyk möhlete - olary saglygy goraýyş edaralaryna ýerleşdirmek ýa-da bolan ýagdaýlary anyklamak üçin.

3. Içeri işler edaralaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga hukuklar hem berlip bilner.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky we 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

17-nji madda. Içeri işler edaralarynyň dessin-agtaryş işleri

 

1. Içeri işler edaralarynyň dessin-agtaryş işleri «Dessin-agtaryş işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Içeri işler edaralarynyň dessin-agtaryş işlerine gözegçiligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi amala aşyrýar.

(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

IV BAP. IÇERI IŞLER EDARALARYNYŇ FIZIKI GÜÝJI,

ÝÖRITE SERIŞDELERI, OK ATÝAN ÝARAGY,

SÖWEŞ WE ÝÖRITE TEHNIKALARY ULANMAGY

 

18-nji madda. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ok atýan ýaragy, söweş we ýörite tehnikalary ulanmagyň umumy tertibi

 

1. Raýatlaryň janyny, saglygyny, namysyny, mertebesini, hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini jenaýatçylykly we beýleki hukuga garşy gelýän kast etmelerden goramak boýunça wezipeler ýerine ýetirilende içeri işler edaralarynyň işgärlerine fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ok atýan ýaragy, söweş we ýörite tehnikalaryny ulanmaga hukuk berilýär.

2. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ok atýan ýaragy, söweş we ýörite tehnikalary şu Kanunda we beýleki degişli kanunlarda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde hukuk tertibiniň bozulmagynyň häsiýeti, düzgün bozujynyň şahsyýeti, anyk ýagdaýy nazara alnyp, jemgyýetçilik howply etmişi togtatmak ýa-da ony amala aşyran adamy tutup saklamak we içeri işler edaralaryna getirmek maksady bilen ulanylýar. Şunda içeri işler edaralarynyň işgärleri gulluk borjuny ýerine ýetirmek üçin başga usul galmadyk halatynda we emele gelen ýagdaýy hasaba almak bilen ulanyljak serişdeleriň görnüşini hem-de olary ulanmagyň zerurlygyny özbaşdak kesgitleýär we soňra bu barada dykgatnama ýazýar.

3. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ok atýan ýaragy, söweş we ýörite tehnikalary ulanmakdan gaça durmak mümkin bolmadyk ähli halatlarda içeri işler edaralarynyň işgärleri raýatlaryň janyna, saglygyna, namysyna, mertebesine hem-de emlägine iň az möçberde zyýan ýetirmäge çalyşmaga, şeýle hem jebir çekene lukmançylyk we beýleki kömegi gaýragoýmazdan bermek barada çäreleri görmäge borçludyr.

4. Fiziki güýjüň, ýörite serişdeleriň, ok atýan ýaragyň, söweş we ýörite tehnikalaryň ulanylmagynyň gijikdirilmegi raýatlaryň janyna gös-göni howp döretjek ýa-da başga agyr netijelere getirip biljek halatlaryndan başga ýagdaýlarda, olar ulanyljak adama bu barada öňünden anyk we aýdyň görnüşde duýdurylýar hem-de bu talabyň berjaý edilmegi üçin oňa ýeterlik wagt berilýär.

5. Duýdansyz ýa-da ýaragly, şeýle hem söweş tehnikasy, ulag we uçuş serişdeleri, deňiz we derýa gämileri peýdalanylyp hüjüm edilende ýa-da çozulanda, hereket edýän ulag serişdelerinden ýa-da ýaragly tussag astyndan gaçylanda, şonuň ýaly-da girewe alnanlary, basylyp alnan goralýan desgalary, ýörite ýükleri boşatmak üçin fiziki güýç, ýörite serişdeler, ok atýan ýarag, söweş we ýörite tehnikalary öňünden duýdurylmazdan ulanylyp bilner.

6. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ok atýan ýaragy, söweş we ýörite tehnikalary ulanmagyň netijesinde raýatyň ýaralanandygy ýa-da ölendigi hakynda içeri işler edaralarynyň işgärleri haýal etmän prokurora habar bermäge borçludyrlar.

7. Türkmenistanyň içeri işler edaralary tarapyndan ulanylýan ýörite serişdeleriň, ok atýan ýaraglaryň, ok-däreleriň, söweş we ýörite tehnikalaryň görnüşleriniň sanawyny we olary ulanmagyň tertibini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tassyklaýar.

8. Içeri işler edaralarynyň işgärleri tarapyndan ýörite serişdeleri, ok atýan ýaragy götermegiň, saklamagyň, şonuň ýaly-da gulluk itleri we atlary bilen hereket etmegiň hem-de söweş we ýörite tehnikalary herekete getirmegiň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministri tarapyndan kesgitlenýär.

9. Fiziki güýjüň, ýörite serişdeleriň, ok atýan ýaragyň, söweş we ýörite tehnikalaryň şu Kanunyň talaplary bozulyp ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

19-njy madda. Fiziki güýji ulanmak

 

Jenaýatlaryň we administratiw hukuk tertibiniň bozulmalarynyň öňüni almak, olary amala aşyran adamlary tutup saklamak, özüni goramak, şonuň ýaly-da kanuna garşy gelýän hereketleri ýatyrmak we olardan üstün çykmak üçin, eger bu fiziki güýji ulanmazdan başga usul bilen mümkin bolmasa, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäklerde ony, şol sanda göreşiň söweş usullaryny ulanmaga hukugy bardyr.

 

20-nji madda. Ýörite serişdeleri ulanmak

 

1. El gandallary, rezin taýaklar, göz ýaşardyjy maddalar, ünsi sowujy yşykly-sesli enjamlar, jaýlary açmak, ulaglary mejbury duruzmak üçin abzallar, päsgelçilikleri ýumurmak üçin serişdeler, ýörite reňkleýji serişdeler, suw pürküjileri, gulluk itleri we atlary, şeýle hem bronlanan maşynlar hem-de beýleki ýörite we ulag serişdeleri içeri işler edaralarynyň işgärleri tarapyndan aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:

1) adamlara, içeri işler edaralarynyň işgärlerine we jemgyýetçilik tertibini goramak hem-de jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça gulluk we jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirýän beýleki adamlara garşy çozuşlary yzyna serpikdirmek;

2) girewe alnanlary boşatmak;

3) ýaşaýyş jaýlaryna, döwlet edaralaryna we jemgyýetçilik birleşiklerine, kärhanalara, edaralara degişli jaýlara, otaglara, desgalara, ulag serişdelerine garşy çozuşlary yzyna serpikdirmek, şeýle hem olary basyp almakdan boşatmak;

4) jemgyýetçilik tertibini goramak we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirýän içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýa-da başga adamyň kanuny talabyna boýun bolmaýan, garşylyk görkezýän ýa-da olaryň kanuny hereketine bilkastlaýyn päsgel berýän hukuk tertibini bozujylary tutup saklamak we içeri işler edaralaryna getirmek, tutulyp saklananlary we administratiw tussag astyna alnanlary alyp gitmek we goramak, şonuň ýaly-da tutulyp saklanan we administratiw tussag astyna alnan adamlaryň gaçmaga ýa-da töweregindäkilere ýa-da özüne zyýan ýetirmäge synanyşýandyklary barada güman etmäge ýeterlik esaslar bolan adamlary köşeşdirmek;

5) köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň we jemgyýetçilik tertibiniň toparlaýyn bozulmagynyň, şonuň ýaly-da emläge zyýan ýetirmäge we ony ýok etmäge synanyşyklaryň öňüni almak;

6) jaýlarda we barmasy kyn bolan beýleki ýerlerde bolýan ýaragly jenaýatçylary tutup saklamak;

7) ulag serişdesini saklamak barada içeri işler edarasynyň işgärleriniň birnäçe gezek düşnükli beýan edilen kanuny talabyndan bilkastlaýyn boýun gaçyrýan sürüjiniň ulag serişdesini duruzmak.

2. Toparlaýyn çozulýan ýa-da ýaragly garşylyk görkezilýän, şeýle hem raýatlaryň janyna howp salynýan halatlaryndan başga ýagdaýlarda göwrelilik alamatlary mese-mälim bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary aç-açan bildirýän adamlar babatda ýörite serişdeleri ulanmak gadagandyr.

 

21-nji madda. Ok atýan ýaragyň ulanylyşy we peýdalanylyşy

 

1. Içeri işler edaralarynyň işgärleri şu maksatlar üçin aňrybaş çäre hökmünde ok atýan ýaragy ulanmaga hukuklydyr:

1) adamlaryň janyna we saglygyna howp salýan çozuşlardan olary goramak, şeýle hem girewine alnanlary boşatmak;

2) içeri işler edaralarynyň işgärlerine, jemgyýetçilik tertibini goramak we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça gulluk borçlaryny ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän beýleki adamlara garşy toparlaýyn ýa-da ýaragly, şeýle hem olaryň janyna ýa-da saglygyna howp salýan beýleki çozuşlary yzyna serpikdirmek;

3) ýaşaýyş jaýlaryna, içeri işler edaralary tarapyndan ýörite goralýan desgalara, döwlet edaralarynyň ýa-da jemgyýetçilik birleşikleriniň, kärhanalaryň we guramalaryň jaýlaryna edilen toparlaýyn ýa-da ýaragly çozuşy yzyna serpikdirmek, içeri işler edaralarynyň gulluk ýa-da goşun narýadyna garşy çozuşy yzyna serpikdirmek;

4) jenaýat jezalary ýerine ýetirýän edaralarda, derňew gabawhanalarynda we türmelerde derbi-dagynlyklar, ýykan-ýumranlyklar, otlamalar, öldürmeler, girewe almalar we beýleki bikanun hereketler bilen utgaşýan köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň öňüni almak;

5) ýaragly garşylyk görkezýän ýa-da agyr jenaýat eden ýerinde üstünden barlan adamy ýa-da tussaglykdan gaçyp barýan jenaýatçyny, şeýle hem ýaragy tabşyrmak hakyndaky kanuny talaby ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan ýaragly adamy tutup saklamak;

6) otlamalar, derbi-dagynlyklar we ok atýan ýaragy eýelemäge synanyşyklar bilen utgaşýan jemgyýetçilik howply hereketleriň öňüni almak;

7) tussaglykda saklanýanlara toparlaýyn ýa-da ýaragly çozuşlary yzyna serpikdirmek.

2. Ok atýan ýarag ulanylmagyndan ozal ony ulanmak niýetiniň bardygy hakynda duýduryş berilmelidir.

3. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ok atýan ýaragy şu aşakdaky halatlarda peýdalanmaga hukugy bardyr:

1) ulag serişdesini saklamak barada içeri işler edarasynyň işgärleriniň birnäçe gezek düşnükli beýan eden kanuny talabyndan, raýatlaryň janyna we saglygyna howp salmak bilen, bilkastlaýyn boýun gaçyrýan sürüjiniň ulag serişdesini zaýalap duruzmak;

2) raýatlaryň janyna we saglygyna howp salýan haýwany zyýansyzlandyrmak;

3) ýaragy ulanmak meýli, howp hakynda duýdurmak ýa-da kömege çagyrmak.

4. Içeri işler edaralarynyň işgärleri ýüze çykan ýagdaýda ok atýan ýaragy ulanmak mümkinçiligi aradan aýrylmadyk diýip hasap etse, onuň ýaragy ulanmak üçin taýýar ýagdaýa getirmäge hukugy bardyr.

5. Ok atýan ýaragyň ulanylan we peýdalanylan halatlarynyň ählisinde içeri işler edaralarynyň işgärleri töweregindäki raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ejir çekenlere gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek, şeýle hem olaryň garyndaşlaryna ýa-da kanuny wekillerine habar bermek üçin zerur çäreleri görmäge borçludyr.

6. Ýaragly çozulýan ýa-da garşylyk görkezilýän, şonuň ýaly-da jana howp salýan toparlaýyn çozuş edilýän halatlaryndan başga ýagdaýlarda aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary aç-açan bildirýän raýatlar babatda ok atýan ýaragy ulanmak gadagandyr.

7. Ok atýan ýaragyň ulanylan her bir halaty hakynda dykgatnama ýazylýar we bu barada haýal etmän prokurora habar berilýär.

 

22-nji madda. Söweş we ýörite tehnikalary ulanmak

 

Içeri işler edaralaryna degişli söweş we ýörite tehnikalar şu halatlarda ulanylýar:

1) girewe alnanlar, basylyp alnan goralýan desgalar, binalar, ýükler we söweş tehnikasy boşadylanda;

2) ýaragly gaýtawul berýänler tutulyp saklananda;

3) adatdan daşary ýagdaý şertlerinde ulag serişdeleri saklananda;

4) harby şäherçelere, harby eşelonlara we kolonnalara, goralýan desgalara, binalara we ýüklere, ýaşaýyş jaýlaryna, döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, kärhanalaryň, guramalaryň jaýlaryna toparlaýyn ýa-da ýaragly, şol sanda ulag serişdelerini ulanmak bilen edilen hüjüme gaýtawul berlende.

 

V BAP. IÇERI IŞLER EDARALARYNDA GULLUGY GEÇMEK

 

23-nji madda. Içeri işler edaralarynyň işgärleri we olaryň gullugy geçmegi

 

1. Içeri işler edaralarynyň ulgamyna gulluga kabul edilen we bellenilen tertipde ýörite atlar dakylýan Türkmenistanyň raýatlary içeri işler edaralarynyň işgärleridir. Içeri işler edaralarynyň işgärleri gullukçylar ýa-da harby gullukçylar bolup durýarlar.

2. Içeri işler edaralarynyň gullukçylary şu Kanuna, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda gullugy geçmegiň tertibi hakynda düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gullugy geçýärler.

3. Içeri işler edaralarynyň gullukçylaryna Türkmenistanyň içeri işler ministri tarapyndan bellenilen nusgada olaryň şahsyýetini we wezipesini tassyklaýan gulluk şahadatnamasy we tapawutlandyryş nyşanlary berilýär. Şeýle hem olar görnüşi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan birmeňzeş nusgadaky lybas we oňa dakylýan nyşanlar bilen üpjün edilýär.

4. Içerki goşunlarda harby gullugy geçýän harby gullukçylara Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçmegiň şertlerini we tertibini, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny düzgünleşdirýän «Türkmenistanyň içerki goşunlary hakynda», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» we Türkmenistanyň beýleki Kanunlarynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplary degişlidir.

5. Içeri işler edaralarynyň raýat işgärleriniň wezipe sanawy Türkmenistanyň Içeri işler ministri tarapyndan kesgitlenýär. Içeri işler edaralarynyň raýat işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

24-nji madda. Içeri işler edaralarynda gullugy geçmek bilen baglanyşykly çäklendirmeler

 

1. Içeri işler edaralarynyň işgärlerine mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işlerinden başga hak tölenilýän iş bilen meşgullanmak gadagan edilýär.

2. Içeri işler edaralarynyň işgärleri syýasy partiýalaryň we syýasy maksat tutýan beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary bolup bilmezler.

 

25-nji madda. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň borçlary

 

  1. Içeri işler edaralarynyň işgärleri eýeleýän wezipesine laýyklykda berlen ygtyýarlyklaryň çäginde şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan içeri işler edaralarynyň borçlaryny ýerine ýetirýär.

  2. Içeri işler edaralarynyň her bir işgäri Türkmenistanyň çäginde wezipeli adamlaryň ýa-da raýatlaryň şahsyýetine ýa-da jemgyýetçilik howpsuzlygyna howp abanýandygy barada ýüztutmany ýa-da habary alan ýa-da özüniň ýüze çykaran halatynda eýeleýän wezipesine, ýerleşýän ýerine we wagtyna garamazdan aşakdakylara borçludyr:

  1) jenaýatyň, administratiw hukuk bozulmasynyň öňüni almaga, raýatlary halas etmäge, olara zerur kömekleri bermäge, jenaýaty, administratiw hukuk bozulmasyny edenleri anyklamaga we tutup saklamaga, şaýatlary ýüze çykarmaga, wakanyň bolan ýerini goramak boýunça zerur çäreleri görmäge;

  2) bu barada ýakyndaky içeri işler edarasyna habar etmäge;

  3) jenaýatdan, administratiw hukuk bozulmasyndan we betbagtçylykly hadysalardan ejir çekenlere, biçäre, jany we saglygy howp astynda bolanlara ilkinji lukmançylyk we beýleki zerur kömekleri bermek barada gaýragoýulmasyz çäreleri görmäge;

  4) raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmegiň ähli halatlarynda onuň esaslaryny hem-de şunuň bilen baglylykda ýüze çykýan hukuklary hem-de borçlary doly we dogry düşündirmäge.

 

26-njy madda. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hukuklary

 

Içeri işler edaralarynyň işgärleri ygtyýarlyklarynyň çäginde şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen şu aşakdakylara hukuklydyr:

1) raýatlardan jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygyny berjaý etmegi, hukuk tertibine garşy gelýän ýa-da içeri işler edaralarynyň wezipelerini amala aşyrmaga päsgel berýän hereketleriň bes edilmegini talap etmäge, ol ýerine ýetirilmedik halatynda degişli çäreleri görmäge;

2) jenaýat etmekde ýa-da administratiw hukugy bozmakda güman edilýänleriň şahsyýetini tassyklaýan we beýleki resminamalary barlamaga;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça we bellenilen tertipde tutulyp saklananlaryň ýanyny dökmäge, olaryň ýanyndaky goşlary, ulag serişdelerini gözden geçirmäge, maddy subutnama bolup biljek resminamalary, närseleri we goşlary almaga;

4) önümçilikdäki materiallar, jenaýat işleri we administratiw hukuk bozulmalary baradaky işler boýunça raýatlary çagyrmaga;

5) jenaýat eden ýa-da tussaglykdan gaçan adamlary tutup saklamak boýunça işler geçirilende ulag serişdelerini gözden geçirmäge, şeýle adamlaryň peýda bolup biläýjek ýerlerinde, şeýle hem goralýan desgalara girilýän we olardan çykylýan ýerlerde gözden geçirişi amala aşyrmaga;

6) iş ýörediş hereketlerini geçirmek, jemgyýetçilik tertibini, şahsy we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýollarda (onuň käbir böleklerinde) ulaglaryň we pyýadalaryň hereketlerini, şeýle hem raýatlaryň aýry-aýry ýerlere we desgalara barmagyny wagtlaýyn çäklendirmäge ýa-da gadagan etmäge, olary käbir ýerlerden gitmäge borçly etmäge;

7) neşe serişdelerinden, alkogolly içgilerden ýa-da beýleki seri dumanladyjy serişdelerden serhoş ýagdaýdaky ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmaga bolan hukugy tassyklaýan resminamasy bolmazdan ulag serişdelerini dolandyrýan sürüjileri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ulag serişdesini dolandyrmakdan çetleşdirmäge, ulag serişdelerini saklamaga we wagtlaýyn saklamak üçin ýörite meýdançalara getirmäge, administratiw temmileri we beýleki çäreleri ulanmaga;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde goralýan desgalarda bellenilen geçiriş we desganyň içindäki düzgünleriniň berjaý edilmegini raýatlardan talap etmäge, olarda goragyň inžener-tehniki we beýleki serişdeleriniň we gorag ulgamynyň ýagdaýyny barlamaga;

9) Türkmenistanyň çäginde dolanyşygy gadagan edilen emläkleri we närseleri, galplaşdyrylan alamatlary bolan resminamalary, ekstremistik işler bilen meşgullanmaga ýa-da şeýle işleri wagyz etmäge çagyryşlary bolan maglumat göteriji önümleri almaga hem-de olar boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kararlary kabul etmäge; 

10) jenaýat etmekde güman edilýänler yzarlananda ýa-da jenaýat edilendigi ýa-da edilýändigi ýa-da jenaýat etmekde güman edilýän ýa-da jenaýat jezasyny çekmekden boýun gaçyrýan adamlaryň gizlenýändigi barada güman etmek üçin ýeterlik esas bolan halatlarynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde raýatlaryň ýaşaýyş we beýleki jaýlaryna, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň çäklerine we jaýlaryna girmäge hem-de olary gözden geçirmäge;

11) Türkmenistan kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde raýat howa uçarlarynyň, deňiz we derýa gämileriniň, demir ýol hem-de awtomobil ulaglarynyň ýolagçylarynyň el goşlaryny we beýleki ýüklerini, şeýle hem ýolagçylaryň özlerini gözden geçirmäge;

12) jenaýat etmekde güman edilýän we aýyplanýan adamlar saklananda, tussag edilende, şeýle hem dessin-agtaryş çäreleri geçirilende Türkmenistan kanunçylygynda bellenilen tertipde adamlaryň suratyny we el yzlaryny almaga, sesini ýazmaga, olary wideo ýazga düşürmäge we hasaba almaga;

13) gyssagly lukmançylyk kömegine mätäçleri bejeriş edaralaryna eltmek, jenaýat etmekde güman edilýänleri yzarlamak we olary içeri işler edaralaryna eltmek, şahsy düzümi wakanyň ýa-da tebigy betbagtçylygyň bolan ýerine eltmek we olaryň netijelerini aradan aýyrmak üçin serişdeleri daşamak we beýleki gaýragoýulmasyz halatlarda, başga mümkinçilikleriň bolmadyk ýagdaýynda gulluk borçlaryny haýal etmän ýerine ýetirmek üçin kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýa-da raýatlaryň ulag we aragatnaşyk serişdelerini ulanmaga (ulag we aragatnaşyk serişdeleriniň ulanylmagy bilen baglanyşykly harajatlaryň öwezi eýeleriniň talap etmegi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar);

14) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde gulluk ýaragyny saklamaga, götermäge we ulanmaga, fiziki güýji, ýörite serişdeleri, söweş we ýörite tehnikalary ulanmaga;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklardan peýdalanmaga.

(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

27-nji madda. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýörite atlary

 

1. Içeri işler edaralarynyň işgärlerine ýörite atlar olaryň hünär  ussatlygy, bilimi, taýýarlygy we eýeleýän wezipesi, şeýle hem gulluk eden möhleti nazara alnyp, aýratynlykda dakylýar.

2. Içeri işler edaralaryna gulluga kabul edilen adamlara ofiserler düzüminiň ilkinji ýörite atlary Türkmenistanyň içeri işler ministri tarapyndan bellenilen tertipde tälim almagyň ýörite okuwyny: başlangyç taýýarlygy we türgenleşigi geçenlerinden soň dakylýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ätiýaçlygyndaky ofiser harby ady bolan raýatlar içeri işler edaralaryna gulluga kabul edilen ýagdaýynda ofiserler düzüminiň ilkinji ýörite ady başlangyç taýýarlygy we türgenleşigi geçmezden dakylyp bilner.

3. Içeri işler edaralarynda gullugy bes eden işgärler “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ätiýaçlyga iberilýär.  

4. Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda ýörite atlary dakmagyň, olardan peseltmegiň ýa-da mahrum etmegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

(2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

28-nji madda. Içeri işler edaralaryna gulluga kabul etmek we gullukdan boşatmak

 

1. Içeri işler edaralaryna gulluga şahsy we iş sypatlary, fiziki taýýarlygy, saglyk ýagdaýy we bilim derejesi boýunça içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply, çagyryş boýunça harby gullugy geçen ýa-da Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ätiýaçlygynda durýan ýaşy 30-dan ýokary bolmadyk erkek raýatlar we ýaşy 30-dan ýokary bolmadyk zenan raýatlar meýletinlikde hünär synagynyň netijesi esasynda kabul edilýär.

Gulluk zerurlygy bilen baglanyşykly aýratyn ýagdaýlarda, tejribeli we ýörite hünär bilimli hünärmenler hökmünde Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň rugsady bilen ýaşy 30-dan ýokary bolan, çagyryş boýunça harby gullugy geçen ýa-da Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ätiýaçlygynda durýan erkek raýatlar we ýaşy 30-dan ýokary bolan zenan raýatlar, şol sanda öň harby we hukuk goraýjy edaralarynda harby gullugy geçen ýa-da işlän raýatlar içeri işler edaralaryna şu Kanunda bellenilen gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna çenli gulluga kabul edilip bilner.

2. Raýatlar içeri işler edaralaryna gulluga kabul edilende Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan maglumatlary we resminamalary berýärler. Berlen maglumatlar bellenilen tertipde barlanylmaga degişlidir.

3. Içeri işler edaralaryna gulluga kabul edilýän raýatlara şu aşakdaky talaplar bildirilýär:

1) Watana, halka, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ak ýürekden halal gulluk etmäge taýýar bolmak;

2) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny birkemsiz berjaý etmek;

3) adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, olar bilen aragatnaşyk saklamagyň ýokary medeniýetini berjaý etmek;

4) döwletiň özygtyýarlylygyny, syýasy we ykdysady bähbitlerini goramak;

5) türkmen halkynyň milli adatlaryna we däp-dessurlaryna hormat goýmak;

6) döwlet dilini bilmek;

7) düzgün-nyzamyň we jogapkärçiligiň ýokary derejesini berjaý etmek;

8) işe döredijilikli çemeleşmek, kanuna laýyk çözgüdi özbaşdak kabul etmegi başarmak;

9) salyhatlylyk, halallyk, öz işiniň netijelerine dogry we tankydy baha bermäge ukyplylyk.

4. Raýat şu aşakdaky halatlarda içeri işler edaralaryna gulluga kabul edilip bilinmez:

1) iş kesilenlik aýyby bolanlar;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäkli diýlip ykrar edilenler;

3) içeri işler edarasynyň ýolbaşçylary bilen ýakyn ýa-da guda garyndaşlygy bolanlar (ata-eneler, är-aýallar, doganlar, çagalar, şeýle hem är-aýalyň ata-eneleri, doganlary we çagalary), eger olaryň biriniň gullugy beýlekä gös-göni tabynlykda ýa-da gözegçilikde bolsa;

4) Türkmenistanyň kanunlary we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen içeri işler edaralaryna gulluga kabul etmegi çäklendirýän beýleki esaslar hem bellenilip bilner.

5. Içeri işler edaralarynyň işgärleri gulluga girende kasam kabul edýär, onuň beýany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

6. Içeri işler edaralarynyň işgärleri öz islegi, gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy, işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy, gulluk ýagdaýyna laýyk gelmezligi, başga işe geçmegi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň okuw mekdeplerinden okuwdan çykarylmagy, özüne bildirilen ynamy ýitirmegi, düzgün-nyzamy gödek ýa-da yzygiderli bozmagy boýunça, şeýle hem içeri işler edaralarynyň işgäriniň mertebesine ysnat getirýän etmişleri etmegi ýa-da jenaýat etmegi bilen bagly gullukdan boşadylyp bilner.

7. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Adalatçy ýa-da onuň orunbasary wezipesine, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň Geňeşiň agzalygyna saýlanan we şol edaralara işe geçirilen içeri işler edaralarynyň işgäriniň içeri işler edaralaryndaky gullugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde togtadylýar we olar degişli edaralara wagtlaýyn iberilýär. Görkezilen döwür işgäriň umumy iş döwrüne we nobatdaky ýörite adyň dakylmagyna hukuk berýän möhlete goşulýar.

8. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda gullugy geçýän ýa-da geçen harby ady bolan raýat Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna gulluga kabul edilen wagty oňa ýörite at hünär synagy toparynyň netijesi esasynda onda bar bolan harby ady göz öňünde tutulyp dakylýar.

Şunda içeri işler edaralaryna gulluga kabul edilen raýata gulluk ýyllary boýunça pensiýa bellemek, ýörite atda gulluk etmeginiň möhletini hasaplamak, döwlet sylaglary, pudaklaryň tapawutlandyryş nyşanlary we beýleki sylaglar bilen sylaglamak, gulluk eden ýyllary boýunça goşmaça hak tölemek üçin, onuň içeri işler edaralarynda gulluk eden ýyllary hasaplananda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda, harby we içeri işler edaralarynda gulluk eden döwürlerini, şeýle hem şol döwürde ýeňillikli hasaplanan gulluk möhletlerini hem nazara almak bilen hasaplanýar.

(2018-nji ýylyň 9-nji iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky, 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

29-njy madda. Içeri işler edaralarynda gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşy

 

1.Içeri işler edaralarynda gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşy:

1) polisiýanyň general-polkownigi, içerki gullugyň general-polkownigi, polisiýanyň general-leýtenanty, içerki gullugyň general-leýtenanty, polisiýanyň general-maýory, içerki gullugyň general-maýory üçin – 60 ýaş;

2) polisiýanyň polkownigi, içerki gullugyň polkownigi üçin – 55 ýaş;

3) başga ýörite ady bolan içeri işler edaralarynyň gullukçylary üçin – 52 ýaş.

2. Içeri işler edaralarynyň zenan gullukçylary üçin içeri işler edaralarynda gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşy – 48 ýaş diýlip bellenilýär.

3. Içeri işler edaralarynda gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýeten içeri işler edaralarynyň gullukçylarynyň gulluk möhleti Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda gullugy geçmegiň tertibi hakynda düzgünnamada kesgitlenilen tertipde 10 ýyl möhlete çenli tapgyrlaýyn uzaldylyp bilner, ýöne ol 65 ýaşdan ýokary bolmaly däldir.

(2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

30-njy madda. Içeri işler edaralarynyň gullukçylarynyň iş wagty we dynç almaga bolan hukugy

 

1. Içeri işler edaralarynyň gullukçylaryna iş wagtynyň dowamlylygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär. Zerur halatlarda içeri işler edaralarynyň gullukçylary iş wagtynyň bellenilen dowamlylygyndan artyk, şeýle hem dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerinde gulluk edýärler.

2. Içeri işler edaralarynyň gullukçylary iş wagtynyň bellenilen dowamlylygyndan artyk, şeýle hem dynç, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günleri gulluk etmäge çekilende olara Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň düzgünleri ulanylýar.

3. Içeri işler edaralarynyň gullukçylaryna Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda her ýylky esasy rugsat we rugsatlaryň beýleki görnüşleri berilýär. Rugsady geçirjek ýerine işgärleriň baryp-gelmegi üçin ýigrimi dört sagatdan köp wagt talap edilýän bolsa, onda her ýylky esasy rugsadyň dowamlylygy bir gün uzaldylýar.

(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

31-nji madda. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň pul üpjünçiligi

 

1. Içeri işler edaralarynyň işgärleri gulluk üçin pul üpjünçiligini alýarlar. Pul üpjünçiligi wezipe aýlygyny, ýörite at üçin aýlygy, gulluk eden ýyllary we aýratyn şertlerde gulluk edendigi üçin goşmaça haky, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry tölegleri we öwez pullaryny öz içine alýar.

2. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň pul üpjünçiliginiň möçberi işiň häsiýeti we şertleri nazara alnyp Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we içeri işler edaralarynda tassyklanýan wezipe sanawyna laýyklykda bellenilýär.

3. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýörite atlary üçin aýlygynyň möçberi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Içeri işler edaralarynyň işgärlerine gulluk eden ýyly üçin goşmaça hakyň möçberleri olaryň wezipe we ýörite ady üçin aýlygyna baglylykda aşakdaky tertipde bellenilýär:

1 ýyldan 2 ýyla çenli - 5 göterim;

2 ýyldan 5 ýyla çenli - 10 göterim;

5 ýyldan 10 ýyla çenli - 20 göterim;

10 ýyldan 15 ýyla çenli - 25 göterim;

15 ýyldan 20 ýyla çenli - 30 göterim;

20 ýyldan 25 ýyla çenli - 35 göterim;

25 ýyldan ýokary - 40 göterim.

5. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň pul üpjünçilik töleginiň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.

 

32-nji madda. Içeri işler edaralarynyň işgärlerine goşmaça tölegler

 

1. Başga ýeree geçirilmegi ýa-da içeri işler edarasynyň ýerleşýän ýeriniň üýtgedilmegi sebäpli içeri işler edaralarynyň işgäriniň täze ýaşaýyş ýerine göçmegi bilen baglanyşykly aşakdaky tölegler bellenilýär:

1) işgär we onuň maşgala agzalarynyň ýol harajatlarynyň we öý goşlaryny daşamak bilen bagly edilen çykdajylaryň öwezini dolmak;

2) içeri işler edaralarynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalarynyň ýolda bolýan wagty üçin gündelik harjy;

3) ýola taýýarlyk görmek we täze ýaşaýyş ýerinde ýerleşmek üçin gerek bolan günlere pul üpjünçiligi, ýöne alty günden köp bolmazdan, şeýle hem onuň ýolda bolýan wagty üçin pul üpjünçiligi;

4) içeri işler edaralarynyň işgärleriniň özüne we olar bilen gidýän her bir maşgala agzasyna berilýän birwagtlaýyn kömek puly.

Görkezilen öwezini dolmalaryň möçberi we olary tölemegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.

2. Içeri işler edaralarynyň işgärlerine aýratyn gulluk şertlerinde, agyr ýa-da aýratyn howa şertleri bolan (suwsuz, çöllük) ýerlerde, şeýle hem göçme we gatnaw häsiýeti bolan işlerde gulluk edýändikleri üçin Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda goşmaça hak bellenilýär.

3. Içeri işler edaralarynyň işgärleri gulluk iş saparyna iberilende Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen möçberlerde hem-de tertipde gulluk iş saparynyň çykdajylarynyň öwezi dolunýar.

4. Içeri işler edaralarynyň işgärlerine her aýda göterim görnüşinde goşmaça pullaryny tölemek üçin gulluk eden döwrüni hasaplamagyň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

VI BAP. IÇERI IŞLER EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ

HUKUK ÝAGDAÝY WE DURMUŞ TAÝDAN GORAGY

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

33-nji madda. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hukuk ýagdaýy

 

1. Içeri işler edaralarynyň işgäri döwlet häkimiýetiniň wekilidir we döwletiň aýratyn goragynda durýar.

2. Içeri işler edaralarynyň işgärine kast etmek we onuň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel bermek Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

3. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň janyny we saglygyny, namysyny we mertebesini, emlägini jenaýatçylykly we beýleki hukuga garşy gelýän kast etmelerden goramak kanun arkaly kepillendirilýär.

4. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmek raýatlar we wezipeli adamlar üçin hökmandyr.

5. Içeri işler edaralarynyň işgärine düzgün-nyzam temmisini bermek, ony wezipesinden çetleşdirmek ýa-da boşatmak, içeri işler edaralaryndan çykarmak hakyndaky wezipeli adamlaryň kararyna ýokarda durýan içeri işler edarasyna ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

6. Içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin Türkmenistanyň Zähmet kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary olaryň hukuk derejesini kesgitleýän şu Kanunda we Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda gullugy geçmegiň tertibi hakynda düzgünnamada göz öňünde tutulan halatlarda ulanylýar.

 

34-nji madda. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň durmuş taýdan goragy 

 

1. Döwlet içeri işler edaralarynyň işgärleriniň durmuş taýdan goragyny kepillendirýär.

2. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ätiýaçlandyrmasy Türkmenistanyň Döwlet býujetinden Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine bölünip berilýän serişdeleriň hasabyna, şeýle hem şertnamalar esasynda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, kärhanalardan, edaralardan we guramalardan gelýän serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

3. Içeri işler edaralarynyň işgärleri gullugy geçýän döwründe wepat bolan (aradan çykan), maýyp bolan, şikes alan (ýaralanan, synasyna şikes ýeten, seňselän), kesellän, şeýle hem gullukdan boşadylan gününden soň, bir ýylyň dowamynda gullugy geçen döwründe şikes almagynyň (ýaralanmagynyň, synasyna şikes ýetmeginiň, seňselemeginiň), kesellemeginiň netijesinde aradan çykan, maýyp bolan halatlary üçin hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişlidirler.

Ätiýaçlandyrmagyň we ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Gulluk işi bilen baglanyşykly içeri işler edaralarynyň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar.

5. Içeri işler edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

6. Ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin hasapda duran gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly wepat bolan (aradan çykan) içeri işler edaralarynyň işgäriniň maşgalasynyň ýaşaýyş jaýyny ilkinji nobatda almaga hukugy bardyr.

61. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň polisiýa müdirlikleriniň Lukmançylyk gulluklarynyň ýanyndaky saglyk öýlerinde (mundan beýläk - saglyk öýleri) içeri işler edaralarynyň işgärleri, içeri işler edaralarynda gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetendigi, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi netijesinde gullukdan boşanlar (eger gullukda bolan wagtynyň umumy dowamlylygy 20 ýyl we şondan köp bolsa), Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar we olara deňleşdirilýänler, gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda şikes alanlar (ýaralananlar, synasyna şikes ýetenler, seňselänler), kesellänler, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglananlar lukmançylyk kömegi, derman serişdeleri bilen tölegsiz üpjün edilýärler.

62. Saglyk öýlerinde içeri işler edaralarynyň ofiser düzüminiň uly we ýokary derejeli ofiserlerine, şol sanda gulluk eden ýyly 10 ýyl we şondan köp bolan kiçi derejeli ofiserler hem-de hatarçy we seržantlar düzüminiň işgärlerine, içeri işler edaralarynda gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetendigi, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi netijesinde gullukdan boşanlar (eger gullukda bolan wagtynyň umumy dowamlylygy 20 ýyl we şondan köp bolsa),  Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar we olara deňleşdirilýänler, gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda şikes alanlar diş protezlerini (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga) oturtmak, abatlamak, beýleki protezler we protez-ortopediki önümleri, näsaga ideg etmek üçin enjamlar, maýyplar üçin araba bilen tölegsiz üpjün edilýär.

63. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň gulluk edýän ýerinde ýa-da ýaşaýan ýerinde saglyk öýleriniň bolmadyk ýa-da ýörite lukmançylyk enjamlary bolmadyk halatynda, şeýle hem gaýragoýulmasyz halatlarda lukmançylyk kömegi döwlet saglygy goraýyş ulgamlarynda olaryň nirä tabyndygyna, şonuň ýaly-da saglygy goraýyş edarasynyň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan hiç bir päsgelçiliksiz hem-de tölegsiz berilýär. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň özüni bejertmek üçin harç eden serişdeleriniň öwezini oňa içeri işler edaralary töleýär.

64. Içeri işler edaralarynyň işgärleri her ýyl lukmançylyk gözegçiliginden geçýärler, olar bilen kesel bejeriş-öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Akyly üýtgemek alamatlary bolan içeri işler edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge hem-de ýatymlaýyn şertlerde barladyp, bejertmäge iberilýär.

65. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň, şeýle hem içeri işler edaralarynda gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýeten, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi netijesinde gullukdan boşan (eger gullukda bolan wagtynyň umumy dowamlylygy 20 ýyl we şondan köp bolsa),  Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we olara deňleşdirilen, gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda şikes alan, gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda wepat bolan ýa-da şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesellemegi netijesinde aradan çykan içeri işler edaralarynyň işgärleriniň maşgala agzalary (aýaly, äri, 18 ýaşa ýetmedik çagalary), şonuň ýaly-da olaryň eklenjindäki adamlar saglyk öýlerinde tölegsiz lukmançylyk kömegini almaga haklydyrlar. Maşgala agzalarynyň ýaşaýan ýerinde saglyk öýleri ýa-da ýörite lukmançylyk enjamlary bolmadyk halatynda, şeýle hem gaýragoýulmasyz halatlarda lukmançylyk kömegi saglygy goraýyş edaralarynda umumy esaslarda berilýär.

7. Içeri işler edaralarynyň işgäri gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly wepat bolan (aradan çykan) ýa-da şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesele ýolukmagy netijesinde mundan beýläk gullugy geçmäge mümkinçiligi bolmadyk ýa-da gullukdan boşan gününden beýläk bir ýylyň dowamynda aradan çykan ýa-da maýyplyk bellenilen halatlarynda ýetirilen zyýan (zelel) öwezi doly möçberde dolunýar we bu tölegler içeri işler edarasy tarapyndan geçirilen gulluk barlagynyň hem-de harby lukmançylyk toparynyň çykaran netijenamasy esasynda amala aşyrylýar.

  8. Içeri işler edaralarynyň işgäri gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly wepat bolan (aradan çykan) ýa-da şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesele ýolukmagy netijesinde gullukdan boşan gününden beýläk bir ýylyň dowamynda aradan çykan halatynda onuň maşgalasyna (maşgala agzalaryna) wepat bolanyň (aradan çykanyň) ýyllyk pul üpjünçiliginiň on essesi möçberinde içeri işler edaralarynyň ýa-da ol wepat bolanyň (aradan çykanyň) eýelän wezipesiniň maliýeşdirilen çeşmesiniň serişdeleriniň hasabyna bir wagtlaýyn kömek puly tölenilýär.

  9. Içeri işler edaralarynyň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesele ýolukmagy netijesinde olaryň mundan beýläk gullugy geçmäge mümkinçilgi bolmadyk halatynda ol işgärleriň aýlyk pul üpjünçiliginiň bäş essesi möçberinde, maýyplyk bellenende bolsa, onuň ýyllyk pul üpjünçiliginiň:

  I topara – üç essesi;

  II topara – iki essesi;

  III topara bir essesi möçberinde içeri işler edaralarynyň ýa-da olaryň eýelän wezipeleriniň maliýeşdirilýän çeşmesiniň serişdeleriniň hasabyna bir wagtlaýyn kömek puly tölenilýär.

10. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň gulluk borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesele ýolukmagy netijesinde mundan beýläk gullugyny dowam etdirmek mümkinçiligi bolmadyk halatynda ýitginiň öwezini her aýda töleg görnüşinde dolmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

11. Içeri işler edaralarynyň işgärleri gulluk borjuny ýerine ýetirýän wagtynda wepat bolan (aradan çykan) halatynda onuň maşgalasyndaky zähmet çekmäge ukyby bolmadyk agzalaryna we onuň eklenjinde bolanlara maddy ýitginiň öwezini her aýda tölemek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

12. Gulluk borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şikes alan işgärleri bejermek, olara protez oturtmak we lukmançylyk hem-de durmuş kömeginiň beýleki görnüşleri (eger ol şolara mätäç diýlip ykrar edilen bolsa) üçin edilen harajatlaryň öwezi içeri işler edaralary tarapyndan doly möçberde tölenýär. Gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly kesellemegi netijesinde zyýan çeken işgärleriň dikeldilmegi, gaýtadan taýýarlanylmagy we işe ýerleşdirilmegi zerur halatynda degişli saglygy goraýyş edarasynyň netijenamasyna laýyklykda şu maksatlar üçin edilen harajatlar içeri işler edaralary tarapyndan tölenilýär.

13. Gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda wepat bolan ýa-da şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesellemegi netijesinde aradan çykan içeri işler edaralarynyň işgärini jaýlamak we onuň hormatyny tutmak bilen baglanyşykly edilen harajatlar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hasabyna tölenilýär.

14. Içeri işler edaralarynyň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly wepat bolan (aradan çykan) işgärleriniň yzynda galan maşgala agzalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin bellenen ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

35-nji madda. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň durmuş kepillikleri

 

1. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ilkinji nobatda öý telefonlary bilen üpjün edilmäge, hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak we bagçylyk üçin ýer bölegini almaga hukugy bardyr.

2. Içeri işler edaralarynyň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirende şäher, şäherýaka, ýerli gatnawlardaky jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinden (taksiden başga) tölegsiz peýdalanýar.

3. Içeri işler edaralarynyň gulluk iş saparynda bolýan işgärleriniň gulluk iş saparynyň şahadatnamasy boýunça ulaglaryň ähli görnüşlerine degişli gatnaw resminamalaryny nobatsyz satyn almaga, şeýle hem myhmanhanalara ilkinji nobatda ýerleşmäge hukugy bardyr.

4. Içeri işler edaralarynyň işgärleri hem-de özi bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary eýeläp oturan ýaşaýyş jaý meýdany we durmuş taýdan hyzmatlary (jemagat, elektrik energiýasy, suw we gaz) boýunça çykdajylary tölemek üçin, ýaşaýyş jaý gorunyň eýeçiliginiň görnüşine we degişliligine garamazdan elli göterimi möçberinde ýeňillikden peýdalanýarlar.

5. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň her ýylky esasy rugsady döwründe Türkmenistanyň islendik künjegine bir gezek gidip-gelmek üçin ulaglaryň ähli görnüşinden (taksiden başga) tölegsiz peýdalanmaga hukugy bardyr.

6. Içeri işler edaralaryndan gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetendigi, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli gullukdan boşanlara (eger gullukda bolan wagtynyň umumy dowamlylygy 20 ýyl we şondan köp bolsa), Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara we olara deňleşdirilýänlere, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglananlara Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda içeri işler edaralarynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary üçin bellenen ýeňilliklerden peýdalanmak hukugy saklanyp galýar.

7. Gullukda bolmagyň aňryçak ýaşynyň dolmagy, saglyk ýagdaýy boýunça içeri işler edaralaryndan çykan işgärlere aýlyk pul üpjünçiliginiň iki essesi möçberinde bir wagtlaýyn kömek berilýär.

8. Içeri işler edaralarynyň işgärlerine durmuş taýdan goraglylygyň şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk beýleki kepillikleri hem bellenip bilner.

(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

36-njy madda. Içeri işler edaralarynyň weteranlary

 

Içeri işler edaralarynyň weteranlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýeňilliklerden we artykmaçlyklardan peýdalanýarlar. Olara Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan tassyklanan nusgada şahadatnama berilýär.

 

VII BAP. IÇERI IŞLER EDARALARYNYŇ MALIÝE

WE MADDY-ENJAMLAÝYN ÜPJÜNÇILIGI

 

37-nji madda. Içeri işler edaralaryny maliýeleşdirmek

 

1. Içeri işler edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

2. Içeri işler edaralarynyň işini kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak döwlet serişdeleriniň, içeri işler edaralarynyň býujetden daşary serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik çeşmelerden alynýan beýleki serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilip bilner.

3. Ýerine ýetiriji hakimiýet ýerli edaralary öz býujetleriniň hasabyna içeri işler edaralarynyň işgärleriniň goşmaça sanyny saklamak üçin serişde bölüp berip bilerler.

4. Içeri işler edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde maliýe-hojalyk işiniň hasabyny alyp barýarlar, buhgalteriýa hasabatyny amala aşyrýarlar we statistiki hasabaty berýärler.

5. Içeri işler edaralarynyň işgäriniň Türkmenistanyň ýa-da daşary ýurtlaryň bilim edaralarynda okuwda bolmagy bilen bagly döwlet tarapyndan çykdajy edilen (tölenen) serişdeler, onuň baglaşylan şertnama boýunça borçlaryny esasly sebäpler bolmazdan, ýerine ýetirmekden ýüz dönderen ýagdaýynda yzyna gaýtarylyp alnyp bilner.

Döwlet tarapyndan çykdajy edilen (tölenen) serişdeleri yzyna gaýtaryp almagyň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministri tarapyndan kesgitlenilýär.

(2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

38-nji madda. Içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi

 

1. Içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiliginiň tertibi we kadalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

2. Şertnamalar esasynda içeri işler edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän tölegli hyzmatlardan gelip gowuşýan serişdeler, içeri işler edaralarynyň düzüm birlikleriniň hojalyk işleriniň netijesinde emele gelýän girdejiler bellenilen tertipde içeri işler edaralarynyň maliýe, maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, işgärleriň iş şertlerini gowulandyrmak üçin peýdalanylýar.

3. Ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary içeri işler edaralaryna gulluk jaýlaryny, içeri işler edaralarynyň ýerli wekillerine bolsa hyzmat edýän çäklerinde işlemegi üçin mebel hem-de aragatnaşyk serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan otaglary tölegsiz esasda peýdalanmaga berýärler.

4. Şertnamalar esasynda gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna saklanylýan içeri işler edaralarynyň düzüm birliklerine, şeýle hem ulaglardaky polisiýa edaralaryna gulluk jaýlary, ulaglar, aragatnaşyk serişdeleri, olaryň kadaly işlemegi üçin zerur bolan emläk degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan tölegsiz esasda berilýär hem-de olar gulluk jaýlaryny ulanmak we saklamak boýunça çykdajylary çekýärler.

5. Içeri işler edaralarynyň emlägi Türkmenistanyň Döwlet býujetinden Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine bölünip berilýän serişdeleriň hasabyna hökmany döwlet ätiýaçlandyryşyna degişlidir, şeýle hem olar şertnamalar esasynda ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, kärhanalardan, edaralardan we guramalardan gelýän serişdeleriň hasabyna ätiýaçlandyrylýar.

(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

39-njy madda. Içeri işler edaralary tarapyndan kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik

 

Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň içeri işler edaralary tarapyndan takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar tarapyndan amala aşyrylýar.

(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

40-njy madda. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň jogapkärçiligi

 

1. Içeri işler edaralarynyň işgärleri ygtyýarlyklarynyň çäginde şu Kanunda bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi, jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy üçin şahsy jogapkärçilik çekýär. Içeri işler edaralarynyň işgärleri gulluk borjuny ýerine ýetirmändigi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmändigi, wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykandygy, olardan hyýanatly peýdalanandygy, şonuň ýaly-da jenaýat edendigi ýa-da administratiw hukuk bozulmalaryna ýol berendigi üçin Türkmenistankanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýär.

2. Içeri işler edaralarynyň ýa-da olaryň işgärleriniň bikanun  hereketi netijesinde kanun arkaly goralýan bähbitlere ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunmaga degişlidir. Içeri işler edaralarynyň işgärleri tarapyndan raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulan halatynda içeri işler edaralary olary dikeltmek, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek boýunça çäreler görmäge we resmi ötünç soramaga borçludyrlar.

 

41-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu Kanun güýje gireninden soň Türkmenistanyň şu kanunlaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 2, 14-nji madda);

2) «Türkmenistanyň polisiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 2, 15-nji madda);

3) «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň VII we VIII bölekleri (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 1, 7-nji madda);

4) «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň IV we V bölekleri (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 4,  82-nji madda);

5) «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň IХ bölegi (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 2, 10-njy madda);

6) «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji we 9-njy bölekleri (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 4-nji madda);

7) «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň VIII bölegi (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 47-nji madda);

8) «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň IV we V bölekleri (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 80-nji madda).

3. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk şu Kanuna laýyk getirilýänçä, bu Kanuna garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

 

Türkmenistanyň                                                           Gurbanguly

    Prezidenti                                                             Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2011-nji ýylyň 21-nji maýy.

195-IV.