TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 20-nji madda)
(Türkmenistanyň 20.03.2017 ý. № 526-V, 20.10.2018 ý. № 82-VI we 13.03.2021 ý.
№ 340-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň işiniň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny we ýörelgelerini, olaryň borçlaryny we hukuklaryny kesgitleýär, şeýle hem Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylaryny hukuk we durmuş taýdan goramagyň kepilliklerini belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlary
Türkmenistanyň Serhet goşunlary Türkmenistanyň Döwlet serhedini gorap saklamak, onda Türkmenistanyň howpsuzlygyny we özygtyýarlylygyny üpjün etmek, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçirilişine serhet gözegçiligini amala aşyrmak üçin niýetlenilen ýörite goşunlardyr.
2-nji madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň işiniň hukuk esasy
1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalary Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň işiniň hukuk esasy bolup durýar.
2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz önünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň işiniň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň işi kanunylyk, ynsanpenwerlik, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamak we goraglylygyny üpjün etmek, milli howpsuzlyk ulgamynyň bitewiligi, ýeke-täk ýolbaşçylyk, döwlet edaralary, kärhanalary, guramalary, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar bilen ylalaşykly hereket etmek ýörelgelerine esaslanýar.
4-nji madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň esasy wezipeleri
Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:
1) Türkmenistanyň gury ýerdäki, deňizdäki, derýalardaky we beýleki suw howdanlaryndaky Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmek;
2) Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, harby we beýleki döwlet bähbitlerini goramak;
3) bar bolan ähli çäreleri görmek bilen Türkmenistanyň Döwlet serhediniň geçýän ýerleriniň bikanun üýtgedilmegine ýol bermezligi üpjün etmek;
4) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgüniniň, serhet düzgüniniň we Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüniniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak.
II BAP. TÜRKMENISTANYŇ SERHET GOŞUNLARYNYŇ ULGAMY
5-nji madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ulgamy
1. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň bitewi ulgamy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi edarasyndan, gury ýer, deňiz, awiasiýa düzüm birliklerinden, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gury ýerde, deňizde, derýalarda we beýleki suw howdanlarynda onuň goralyp saklanylmagyny amala aşyrýan serhet birikmelerinden, harby bölümlerinden, lukmançylyk we üpjünçilik düzüm birliklerinden, ýörite bölümlerden hem-de bilim edaralaryndan ybaratdyr.
2. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ulgamyna girýän edaralary, bölümleri we beýleki düzüm birliklerini döretmek, olary üýtgedip gurmak we ýatyrmak Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň - Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Türkmenistanyň Serhet instituty Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýokary harby okuw mekdebi bolup, ýokary hünärli harby hünärmenleri taýýarlaýan bilim edarasydyr.
Türkmenistanyň Serhet instituty hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
6-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy
1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet serhedini, çäk deňzini we Türkmenistanyň deňiz ykdysady zolagyny gorap saklamak çygrynda Türkmenistanyň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirýän bitewi ulgamy özünde jemleýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasydyr.
2. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy öz işinde Türkmenistanyň Prezidentine tabyndyr.
3. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy hakyndaky düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
4. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy bolup durýar we ol Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna gönüden-göni ýolbaşçylygy amala aşyrýar.
5. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň düzüm birliklerini, şeýle hem gämileri (katerleri), uçarlary, dikuçarlary, tehnikalary we beyleki güýçleri ‒ serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ulanmagy kesgitleýän Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramak boýunça Serhet goşunlarynyň Tertipnamalary Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy ‒ Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy tarapyndan tassyklanýar.
Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramak boýunça Serhet goşunlarynyň Tertipnamalarynda Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň Türkmenistanyň Döwlet serhedini bozujylary (düzgün bozujylary) gözlemek we saklamak, ýaragly çozuşlary serpikdirmek, ýaragly we beýleki öjükdirmeleriň öňüni almak boýunça hereketlerini düzgünleşdirýän kadalar göz öňünde tutulyp bilner.
7-nji madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň işinde nyşanlaryň ulanylyşy
1. Türkmenistanyň Serhet goşunlary öz işinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny ulanýar.
2. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň birikmelerinde hem-de bölümlerinde söweşjeň baýdaklary bolýar, olaryň hukuk ýagdaýy we ýazgysy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
3. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň gämileriniň, katerleriniň, uçarlarynyň, dikuçarlarynyň we beýleki howa gämileriniň tanadyş belgileri bolýar, olaryň ýazgylary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
III BAP. TÜRKMENISTANYŇ SERHET GOŞUNLARYNYŇ BORÇLARY WE HUKUKLARY
8-nji madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň borçlary
Türkmenistanyň Serhet goşunlary üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda ygtyýarlyklarynyň çäginde we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde aşakdakylara borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň ýerlerde geçişini bikanun üýtgetmäge edilýän islendik synanyşygyň öňüni almaga;
2) Türkmenistanyň çägine ýaragly düzümleriň çozup girmegini serpikdirmäge, Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýaragly we beýleki öjükdirmeleriň öňüni almaga, ilaty we görnüşüne garamazdan eýeçiligi jenaýatçylykly kast etmelerden goramaga;
3) adamlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinden başga ýerlerden ýa-da başga hili bikanun usullar bilen Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmeginiň öňüni almaga we oňa ýol bermezlige; Türkmenistanyň Döwlet serhedini bozujylary ýa-da ony bozmaga synanyşýan adamlary ýüze çykarmaga we tutup saklamaga;
4) degişli resminamalary bar bolan ýagdaýlarda Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinden bellenen tertipde adamlary, ulag serişdelerini, ýükleri we beýleki zatlary Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçirmegi amala aşyrmaga;
5) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgüniniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;
6) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgünini, serhet düzgünini we Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki düzgüni bozýan adamlary tutup saklamaga;
7) Türkmenistanyň Döwlet serhedini gorap saklamagyň meseleleri bilen bagly çäreleri harby we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde amala aşyrmaga;
8) Türkmenistanyň serhet sebitine girmegiň, onda hereket etmegiň, bolmagyň we ondan çykmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine milli howpsuzlyk, içeri işler we migrasiýa edaralary bilen bilelikde gözegçilik etmäge;
9) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde bellenilen düzgünleriň berjaý edilişine içeri işler we migrasiýa edaralary, halkara uçuşlary üçin açyk bolan aeroportlaryň (aerodromlaryň), demir ýol beketleriniň, deňiz we derýa portlarynyň, halkara awtomobil gatnawlary gullugynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde gözegçilik etmäge;
10) Türkmenistanyň çäk deňzinde, içerki suwlarynda, şeýle hem serhet derýalarynyň we beýleki howdanlaryň suwlarynyň Türkmenistana degişli böleklerinde ýüzmegiň we onda bolmagyň bellenilen tertibiniň ähli harby däl gämiler we harby gämiler tarapyndan berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrmaga;
11) serhet gullugy alnyp barylýan sebitlerde tebigy serişdeleriň aýawly saklanylmagy, aw awlamak we beýleki işleri geçirmek kadalarynyň berjaý edilmegi, daşky gurşawyň goralyp saklanylmagy boýunça ýörite ygtyýarly döwlet edaralaryna hem-de wezipeli adamlara olaryň alyp barýan işlerinde ýardam bermäge;
12) tebigy betbagtçylyklaryň (suwuň joşmagy, ýangynlar, harasatlar, ýer titremeleri we beýleki şulara meňzeş hadysalar) ýetiren zyýanyny düzetmek çärelerine gatnaşmaga;
13) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň ýazgysyny ýazmak we ony karta geçirmek (delimitasiýa) we ony ýerinde kesgitlemek (demarkasiýa), şeýle hem serhet belgilerini dikeltmek (redemarkasiýa) işlerine gatnaşmaga.
9-njy madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň hukuklary
1. Türkmenistanyň Serhet goşunlary tarapyndan serhet giňişliginiň, şol sanda serhet sebitiniň we serhet gözegçilik zolagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde, çäk deňzinde, içerki suwlarynda, serhet derýalarynyň we beýleki suw howdanlarynyň suwunyň Türkmenistana degişli böleklerinde Türkmenistanyň Döwlet serhedini gorap saklamak boýunça hereketler amala aşyrylýar we Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) ygtyýarlaryna berilýän ýerlerde zerur bolan inžener-tehniki (gözegçilik) desgalary gurmaga, aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamlarynyň we okuw maddy-tehniki binýatlaryň desgalarynyň gurluşygyny amala aşyrmaga, tehnikany we ýaragy ýerleşdirmäge hem-de peýdalanmaga;
2) serhet tabşyryklaryny ýerleşdirmäge, gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde ýerleriň islendik çäginde hereket etmäge; serhet gözegçiligi zolagyndaky ýerleriň eýelerinden we olary peýdalanýanlardan serhet tabşyryklaryň hereket etmekleri üçin ýerleriň bölünip berilmegini we germewleriň üstünden geçýän ötelgeleriň we beýleki päsgelçilikleriň üstündäki geçelgeleriň enjamlaşdyrylmagyny we degişli ýagdaýda saklanylmagyny talap etmäge; harby däl gämileriň we beýleki ulag serişdeleriniň ýany bilen gitmäge (ugratmaga) we şolarda Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgüniniň, serhet düzgüniniň, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüniniň bozulmalarynyň öňüni almak hem-de oňa ýol bermezlik maksady bilen adamlaryň we ulag serişdeleriniň zerur bolan resminamalaryny barlamaga, ulag serişdelerini we olarda alnyp barylýan ýükleri gözden geçirmäge (barlamaga);
3) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgüniniň, serhet düzgüniniň, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüniniň bozulmagynda güman etmäge esas döredýän adamlary serhet tabşyryklary arkaly saklamaga we şahsy gözden geçirmäge, şeýle adamlary serhet düzgünleriniň bozulmagynyň ýagdaýyny takyklamak üçin Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň düzüm birlikleriniň, bölümleriniň ýerleşýän ýerlerine ýa-da başga ýerlere alyp gelmäge; bellenen düzgünleri bozan harby gämileri we harby däl gämileri serhet gämileri arkaly duruzmaga; gözden geçirmäge, tutup saklamaga we olary serhet bozulmagynyň ýagdaýyny takyklamak üçin Türkmenistanyň has golaýdaky portuna alyp gelmäge; saklanylan gämileriň aragatnaşyk serişdeleriniň işledilmegini gadagan etmäge; gämileriň saklanylandygy hakynda teswirnama düzmäge; gäminiň we gämide ýerleşen ýükleriň resminamalaryny almaga;
4) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgünini, serhet düzgünini ýa-da Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgünini bozan adamlary teswirnama düzmek üçin üç sagada çenli, şahsyýetini anyklamak we hukuk bozulmasynyň ýagdaýlaryny takyklamak zerur bolan halatlarynda bolsa onuň saklanan pursatyndan başlap, ýigrimi dört sagadyň dowamynda prokurora hat üsti bilen habar bermek bilen üç gije-gündize çenli ýa-da eger düzgüni bozujynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmasa, prokuroryň sanksiýasy bilen ony on gije-gündize çenli administratiw taýdan tutup saklamaga, şahsy gözden geçirmäge, onuň ýanyndaky goşlaryny gözden geçirmäge we zerurlyk ýüze çykanda onuň ýanyndaky emläkleri we resminamalary almaga. Administratiw taýdan tutup saklamagyň, şahsy gözden geçirmegiň we onuň ýanyndaky emläkleri we resminamalary almagyň her bir halatynda degişli teswirnamalary düzmäge;
5) administratiw taýdan tutup saklamaga sezewar edilen ýa-da Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň anyklaýyş edaralarynyň alyp barmagyna degişli edilen jenaýatlary amala aşyrmakda güman edilýän adamlary Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň şu maksatlar üçin ýörite enjamlaşdyrylan jaýlarynda saklamaga, zerur halatlarda bolsa, şeýle adamlary içeri işler edaralarynyň wagtlaýyn saklaw gabawhanasynda ýerleşdirmäge;
6) Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň anyklaýyş edaralarynyň seretmegine degişli edilen işler boýunça anyklaýşy alyp barmaga, dessin-agtaryş işlerini amala aşyrmaga;
7) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgüniniň, serhet düzgüniniň ýa-da Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýeriniň düzgüniniň bozulmalarynyň ýagdaýyny takyklamak üçin Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň düzüm birliklerine adamlary çagyrmaga. Zerur halatlarda görkezilen serhet bozulmalarynyň ýagdaýyny takyklamak bellenilen tertipde we şertlerde başga ýerlerde hem amala aşyrylyp bilner;
8) Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmäge hukuk berýän resminamalary barlamaga, Türkmenistana gelmäge we Türkmenistandan gitmäge hukuk berýän resminamalary bolmadyk adamlary, olaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegine hukuk berýän resminamalary resmileşdirmegiň bellenilen tertibi berjaý edilýänçä ýa-da olaryň ýitirilendigi baradaky ýagdaý takyklanylýança Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçirmezlige;
9) Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçýän adamlaryň ýüklerini we beýleki emläklerini bellenilen tertipde özbaşdak ýa-da gümrük edaralary bilen bilelikde gözden geçirmäge;
10) Türkmenistana getirilmegi ýa-da Türkmenistandan alnyp gidilmegi bellenilen tertipde gadagan edilen zatlary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçirilýän kontrabanda harytlary gümrük edaralarynyň ýok wagtynda saklamaga;
11) adamlaryň, kiçi göwrümli gämileri hem goşmak bilen ulag serişdeleriniň hereketini wagtlaýyn çäklendirmäge ýa-da gadagan etmäge, şeýle hem raýatlary ýerleriň aýry-aýry çäklerine goýbermezlige (geçirmezlige), serhet gözlegleri we amallary, beýleki gözleg hereketleri geçirilýän, şonuň ýaly-da jenaýat işleri we administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça hereketler amala aşyrylan wagtynda adamlaryň saglygyny we janyny goramak maksady bilen olary şol ýerde galdyrmaga ýa-da bu ýerleri taşlap gitmäge borçly etmäge;
12) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde daşary ýurtlardan gelýän we olara barýan ulag serişdeleriniň durmaly ýerini (duralgasyny) we saklanmaly wagtynyň dowamlylygyny dahylly kärhanalar, edaralar we guramalar bilen bilelikde kesgitlemäge;
13) gämileriň Türkmenistanyň çäk deňzinde, içerki suwlarynda ýüzýän we bolýan, şeýle hem Türkmenistanyň portlarynda durýan wagtynda düzgün bozulmagyna ýol beren daşary ýurtlaryň harby däl gämileriniň ekipažlarynyň agzalaryna we olarda bolýan beýleki adamlara kenara çykmagy we kenarda bolmagy gadagan etmäge;
14) tebigy betbagtçylyk ýa-da aýratyn howply ýokanç keseller ýüze çykanda ýa-da olaryň döremek howpy abananda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, kärhanalara, edaralara, guramalara habar bermek bilen serhet gözegçiligi zolagynda geçirilýän işleri wagtlaýyn togtatmaga;
15) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgünini bozmakda güman etmäge ýeterlik esas bolan adamlar yzarlanylanda gije-gündiziň islendik wagtynda raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki jaýlaryna, diplomatik goraglylyk hukugy bar bolanlardan başga kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň çäklerine we jaýlaryna girmäge we şol jaýlary gözden geçirmäge; eger ýaşaýyş jaýyna girmek onda ýaşaýan adamyň razylygy alynman amala aşyrylan bolsa, onda bu barada Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň wekilleri 24 sagadyň dowamynda prokurora habar bermelidirler;
16) Türkmenistanyň çägine çozulyp girilmegi serpikdirilende, Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýaragly we beýleki öjükdirmeleriň öňi alnanda, gözleg çäreleri geçirilende, kanunyň bozulmagynda güman edilýän adamlar degişli ýerlere eltilende eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalara, edaralara, guramalara, jemgyýetçilik birleşiklerine ýa-da raýatlara degişli aragatnaşyk we ulag serişdelerinden gulluk maksatlary üçin päsgelçiliksiz peýdalanmaga, şunda ulag serişdelerine ýetirilen zyýanyň öwezi olaryň eýeleriniň talap etmegi boýunça dolunýar. Daşary ýurtlaryň diplomatik, konsullyk we beýleki wekilliklerine, halkara guramalaryna degişli aragatnaşyk we ulag serişdeleri, şeýle hem ýörite maksatlar üçin niýetlenilen ulag serişdeleri muňa girmeýär;
17) Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň üstüne ýüklenilen borçlary we wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumatlary döwlet edaralaryndan, kärhanalaryndan, guramalaryndan, wezipeli we beýleki adamlardan bellenilen tertipde muzdsuz sorap almaga;
18) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgüniniň, serhet düzgüniniň we Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüniniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak üçin zerur bolan adamlaryň, maglumatlaryň we statistikanyň hasabyny bellenen tertipde ýöretmäge we bu maksatlar üçin maglumatlar ulgamyny ulanmaga;
19) Türkmenistanyň Döwlet serhedinde hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda döwlet edaralaryna, kärhanalara, edaralara, guramalara, jemgyýetçilik birleşiklerine teklipleri girizmäge;
20) Türkmenistanyň Döwlet serhedini gorap saklamakda tapawutlanan raýatlary sylaglamaga;
21) Türkmenistanyň çäk deňzinde, içerki suwlarynda we serhetýaka derýalarynyň we beýleki suw howdanlarynyň suwlarynyň Türkmenistana degişli böleginde, eger harby gämiler we harby däl gämiler baýdagyny galdyrmasa, sorag duýduryşa jogap bermese, özüniň barýan ugruny üýtgetmek baradaky talaba boýun egmese ýa-da halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny bozsa, olary duruzmaga we gözden geçirmäge;
22) Türkmenistanyň suwlarynda ýüzmegiň (bolmagyň) düzgünlerini bozan gämini yzarlamak, eger durmak (togtamak) baradaky görüş ýa-da ses duýduryşy şol gämä görner ýa-da eşidiler ýaly aralykdan berlenden hem-de ol üznüksiz gaýtalanylandan soň Türkmenistanyň suwlarynda başlanan bolsa, şol gämini öz ýurdunyň ýa-da üçünji ýurduň çäk suwlaryna girýänçä Türkmenistanyň çäk suwlarynyň çäklerinden daşarda yzarlamaga we tutup saklamaga;
23) şu Kanun tarapyndan göz öňünde tutulan tertipde we halatlarda fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ýaragy we söweş tehnikalaryny ulanmaga;
24) bellenilen tertipde razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işlerini amala aşyrmaga;
25) beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgüniniň we serhet sebitindäki düzgün çäklendirmelerini üpjün etmek boýunça çäreleri işläp düzmäge we amala aşyrmaga gatnaşmaga;
251) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň garamagyna degişli hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary döretmäge, üýtgedip guramaga we ýatyrmaga;
26) Türkmenistanyň Döwlet serhedini gorap saklamak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda başga hereketleri amala aşyrmaga.
2. Gulluk wezipelerini ýerine ýetirýän wagtynda Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň gämilerine we uçarlaryna (dikuçarlaryna):
1) Türkmenistanyň suw we howa giňişliklerini, degişliligine we maksadyna garamazdan Türkmenistanyň çäklerindäki deňiz, derýa portlary, aeroportlary, aerodromlary (gonuş meýdançalaryny) mugt peýdalanmaga;
2) nawigasion, meteorologik, gidrografik we beýleki maglumatlary mugt almaga;
3) uçuşlary we gämileri dolandyrmagy üpjün etmäge bolan hukuk berilýär.
IV BAP. TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SERHEDI GORALYP SAKLANYLANDA FIZIKI GÜÝJÜŇ, ÝÖRITE SERIŞDELERIŇ, ÝARAGYŇ WE SÖWEŞ TEHNIKASYNYŇ ULANYLMAGY
10-njy madda. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ýaragy we söweş tehnikalaryny ulanmagyň umumy tertibi
1. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylaryna serhet giňişliginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet serhedi goralanda we goralyp saklanylanda Türkmenistanyň çägine ýaragly hüjümi we çozuşy yzyna serpikdirmek, ýaragly öjükdirmelere ýol bermezlik, ýolagçylary bolmadyk howa, deňiz, derýa gämileriniň we beýleki ulag serişdeleriniň alnyp gaçylmagynyň öňüni almak üçin fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ýaragy we söweş tehnikalaryny ulanmaga hukuk berilýär.
2. Fiziki güýji, ýörite serişdeler, ýarag we söweş tehnikalary şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde hukuk tertibiniň bozulmagynyň häsiýeti, düzgün bozujynyň şahsyýeti, anyk ýagdaýy nazara alnyp, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgüniniň, serhet düzgüniniň, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüniniň bozulmagynyň önüni almak, howply etmişi togtatmak ýa-da ony amala aşyran adamy tutup saklamak we Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň düzüm birliklerine eltmek maksady bilen ulanylýar.
3. Fiziki güýç, ýörite serişdeler, ok atýan ýarag we söweş tehnikalary ulanylmazyndan öň olary ulanmak meýli hakynda duýduryş berilmelidir.
4. Duýdansyz ýa-da ýaragly çozulanda, söweş tehnikasyny, ulag serişdelerini, uçuş abzallaryny, deňiz we derýa gämilerini peýdalanmak bilen çozulanda, tussag astyndan ýaragly gaçylanda ýa-da ulag serişdeleriniň hereketi mahalynda olardan gaçylanda, şeýle hem girewe alnanlary boşatmak üçin ýarag öňünden duýdurmazdan ulanylýar.
5. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ýaragy we söweş tehnikalary ulanmagyň netijesinde raýatyň ýaralanandygy ýa-da ölendigi hakynda Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylary haýal etmän prokurora habar bermäge borçludyrlar.
6. Türkmenistanyň Serhet goşunlary tarapyndan ulanylýan ýörite serişdeleriň sanawy, ýaragyň, ok-däreleriň, söweş tehnikalarynyň görnüşleriniň sanawy we olary ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
7. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylary tarapyndan ýörite serişdeleri, ok-därileri we ýaragy götermegiň, saklamagyň, şonuň ýaly-da gulluk itleri we atlary bilen hereket etmegiň hem-de söweş tehniklaryny herekete getirmegiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy tarapyndan kesgitlenilýär.
8. Fiziki güýjüň, ýörite serişdeleriň, ýaragyň we söweş tehnikalarynyň şu Kanunyň talaplarynyň bozulyp ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz önünde tutulan jogapkärçilige eltýär.
11-nji madda. Fiziki güýjüň ulanylyşy
Jenaýatlaryň, administratiw hukuk bozulmalaryň öňüni almak, olary amala aşyrýan adamlary tutup saklamak, özüňi goramak, şeýle hem kanuna garşy gelýän hereketleri ýatyrmak we olardan üstün çykmak üçin, eger bu fiziki güýji ulanmazdan başga usul bilen mümkin bolmasa, Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçysynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäklerde fiziki güýji, şol sanda göreşiň söweş usullaryny ulanmaga hukugy bardyr.
12-nji madda. Ýörite serişdeleriň ulanylyşy
1. El gandallary, rezin taýaklar, göz ýaşardyjy serişdeler, ünsi sowujy yşykly-sesli enjamlar, jaýlary açmak, ulaglary mejbury duruzmak üçin abzallar, päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin serişdeler, gulluk itleri we atlary, şeýle hem bronlanan tehnikalar hem-de beýleki ýörite we ulag (şol sanda howa ulagy) serişdeleri Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylary tarapyndan aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:
1) adamlara, Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylaryna we Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramak we gorap saklamak wezipelerini ýerine ýetirýän beýleki adamlara garşy çozuşlary yzyna serpikdirmek;
2) Türkmenistatyň Döwlet serhedini gorap saklamak we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça öz üstüne ýüklenilen borçlary ýerine ýetirýän Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň kanuny talabyna boýun bolmaýan, garşylyk görkezýän ýa-da olaryň kanuny hereketine bilkastlaýyn päsgel berýän hukuk bozujylary tutup saklamak we olary Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň düzüm birliklerine getirmek, tutup saklananlary we administratiw taýdan tussag astyna alnanlary alyp gitmek we gorap saklamak;
3) ulag serişdelerini saklamak barada birnäçe gezek düşnükli beýan edilenden soň kanuny talabyndan bilkastlaýyn boýun gaçyrýan sürüjiniň ulag serişdesini duruzmak.
2. Toparlaýyn çozulýan ýa-da ýaragly garşylyk görkezilýän, şeýle hem raýatlaryň janyna howp salynýan halatlaryndan başga ýagdaýlarda göwrelilik alamatlary mese-mälim bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary anyk bildirýän adamlar babatda ýörite serişdeleri ulanmak gadagandyr.
13-nji madda. Ýaragyň we söweş tehnikasynyň ulanylyşy
1. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň şu maksatlar üçin ýaragy ulanmaga hukuklary bardyr:
1) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgünini bozan (bozýan) adamlaryň, howa, deňiz, derýa gämileriniň we beýleki ulag serişdeleriniň garşysyna, olaryň güýç ulanmagynyň garşysyna jogap hökmünde ýa-da serhet bozulmasyny bes etmek ýa-da serhet bozujyny saklamak başga serişdeler bilen amala aşyryp bolmaýan halatlarynda, adamlaryň janyna we saglygyna howp salýan çozuşlardan olary goramak, şeýle hem girewine alnanlary boşatmak;
2) Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramak boýunça gulluk borjuny ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän harby gullukçylaryň, beýleki adamlaryň, olaryň maşgala agzalarynyň üstüne edilen olaryň janyna gönüden-göni howp salýan hüjümleri gaýtarmak;
3) ýaragly garşylyk görkezýän ýa-da jenaýat eden ýerinde üstünden barlan ýa-da tussag astyndan gaçyp barýan adamy, şeýle hem ýaragy tabşyrmak hakyndaky kanuny talaby ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan ýaragly adamy tutup saklamak;
4) Türkmenistanyň Döwlet serhedinde derbi-dagynlyklar, ýykan-ýumranlyklar, otlamalar, öldürmeler, girewe almalar we beýleki bikanun hereketler bilen utgaşýan köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň öňüni almak;
5) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy tarapyndan ýörite goralýan desgalaryna, binalaryna edilen toparlaýyn ýa-da ýaragly çozuşy yzyna serpikdirmek;
6) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň goragyna gatnaşýan Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň düzüm birliklerine, desgalaryna edilen çozuşy yzyna serpikdimek, şol sanda gämilere (katerlere), uçarlara we dikuçarlara kömek bermek üçin olara edilen ýaragly çozuşy yzyna serpikdimek.
2. Ýaragyň ýa-da söweş tehnikasynyň ulanylmagyndan ön, olary ulanmak niýetiniň bardygy, olaryň ulanmaga taýýar edilendigi barada aýdyňlyk bilen duýdurylmalydyr we duýduryş atyşy atylmalydyr.
3. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylary ýüze çykan ýagdaýda ok atýan ýaragy ulanmak mümkinçiligi aradan aýrylmadyk diýip hasap etse, onuň ýaragy ulanmak üçin taýýar ýagdaýa getirmäge hukugy bardyr.
4. Harby gullukçylaryň we beýleki adamlaryň üstüne duýdansyz ýa-da ýaragly çozuş, söweş tehnikasy, howa, deňiz, derýa gämileri we beýleki ulag serişdeleri ulanylyp edilen hüjüm serpikdirilende, saklanylan adam ýaragly garşylyk görkezende, ýaragly gaçanda, şeýle hem girewe alnanlary boşatmak üçin ýarag we söweş tehnikasy öňünden duýdurylman ulanylyp bilner.
5. Harby gullukçylaryň ýaragy şu aşakdaky halatlarda peýdalanmaga hukugy bardyr:
1) harby gullukçylaryň hem-de beýleki raýatlaryň janyna we saglygyna howp salýan haýwany zyýansyzlandyrmak;
2) ýaragy ulanmak meýli, howp hakynda duýdurmak ýa-da kömege çagyrmak.
6. Ýaragy we söweş tehnikasyny şu aşakdaky halatlarda ulanmak gadagandyr:
1) ýaragly çozulýan ýa-da garşylyk görkezilýän, şonuň ýaly-da jana howp salýan toparlaýyn çozuş edilýän halatlardan başga ýagdaýlarda aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary anyk bildirýän adamlar babatda;
2) ýolagçylary bolan howa, deňiz, derýa gämileri we beýleki ulag serişdeleri babatda;
3) Türkmenistanyň Döwlet serhedinden bikanun geçen ýa-da geçmegi niýet eden adamlar babatda, ýöne bu ýagdaý aýdyň tötänlikden ýa-da betbagtçylykly hadysa bilen baglanyşykly, tebigatyň ýeňip geçip bolmaýan güýjüniň täsiri netijesinde bolup geçen bolsa.
7. Ýarag we söweş tehnikalary ulanylanda we peýdalanylanda Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylary töweregindäki raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ejir çekenlere gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek, şeýle hem olaryň kanuny wekillerine habar bermek üçin zerur çäreleri görmäge borçludyrlar.
8. Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramaga Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby gullukçylary çekilen halatynda ýarag we söweş tehnikasy olar tarapyndan şu maddanyň talaplaryna laýyklykda ulanylyp bilner.
9. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylary ýaragy ulanan halatynda serkerdelerine we harby prokurora haýal etmän habar bermäge borçludyrlar.
V BAP. TÜRKMENISTANYŇ SERHET GOŞUNLARYNYŇ HARBY GULLUKÇYLARYNYŇ HUKUK ÝAGDAÝY WE DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYGY
14-nji madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň hukuk ýagdaýy
1. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylaryna «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy degişlidir. Olar döwlet häkimiýetiniň wekilleri bolup durýarlar we döwlet goragy astynda bolýarlar. Olaryň kanuny talaplary raýatlar we wezipeli adamlar tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.
2. Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramak we gorap saklamak boýunça harby gullukçynyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgelçilik döredilmegi, Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň ýa-da olaryň maşgala agzalarynyň janyna, abraýyna we mertebesine, emlägine olaryň kanuny borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglylykda kast edilmegi Türkmenitanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.
15-nji madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň durmuş taýdan goraglylygy
1. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň durmuş taýdan goraglylygy degişlilikde «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadaslaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan kepillendirilýär.
2. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň düzüminde harby gullugy dowam etdirmek üçin başga ýere geçirilen harby gullukçynyň aýaly (äri) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan işe ýerleşdirilýär. Aýratyn halatlarda harby gullukçynyň aýalynyň (äriniň) mejbury işlemedik döwri onuň umumy iş döwrüne goşulýar.
3. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylary döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna we hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna degişlidir.
4. Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna harby gulluga girip, ilkinji harby wezipä bellenen, şeýle hem ilkinji gezek nika baglaşýan harby gullukçylaryň hojalyk hajatlary üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serişdeleriniň hasabyna olaryň alýan pul hak-heşdeginiň bäş möçberinde üç ýyla çenli möhlete göterimsiz karz pul almaga haky bardyr.
VI BAP. TÜRKMENISTANYŇ SERHET GOŞUNLARYNYŇ MALIÝE WE MADDY-ENJAMLAÝYN TAÝDAN ÜPJÜN EDILIŞI
16-njy madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlaryny maliýeleşdirmek
1. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň maddy üpjünçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
2. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak döwlet serişdeleriniň, Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň býujetden daşary serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik çeşmelerden alynýan beýleki serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilip bilner.
17-nji madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlaryny maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek
1. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn taýdan üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyny maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek boýunça her ýyl işläp düzýän meýilnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Serhet goşunlaryny maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmegiň kadalary we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
3. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy Türkmenistanyň Serhet goşunlaryny maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek meseleleri boýunça ygtyýarly döwlet buýrujysy hökmünde çykyş edýär.
4. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň öz işini awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglarynyň menzillerinde, desgalarynda (binalarda), şeýle hem beýleki desgalarda amala aşyrýan düzüm birlikleri enjamlar, aragatnaşyk serişdeleri, gulluk jaýlary bilen degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna üpjün edilýär.
VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
18-nji madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň işinde kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik
Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň alyp barýan işinde kanunlaryň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky harby prokurorlar tarapyndan amala aşyrylýar.
19-njy madda. Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň jogapkärçiligi
Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby gullukçylary şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan kesgitlenilen öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kararlary özbaşdak kabul edýärler. Kanuna garşy gelýän hereketleri üçin olar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde jogapkärçilik çekýärler.
20-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. 1998-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1998 ý., № 4, 69-njy madda), oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňky kanunlary ýa-da olaryň degişli bölümlerini we böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 4-nji maýy.
№ 390-IV.