TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 22-nji madda)
(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 130-VI, 05.10.2019 ý. № 190-VI, 13.03.2021 ý. № 350-VI we 16.03.2023 ý. № 541-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny hem-de beýleki arhiw resminamalaryny toplamagy, abat saklamagy, hasaba almagy, peýdalanmagy guramagyň, şeýle hem jemgyýetiň, döwletiň hem-de raýatlaryň bähbitlerine arhiwleri dolandyrmagyň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
arhiw işi - döwletiň, ýuridik we fiziki şahslaryň Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny hem-de beýleki arhiw resminamalaryny toplamak, abat saklamak, hasaba almak we peýdalanmak, şeýle hem arhiwleri dolandyrmak baradaky işi;
resminama - hakykat ýüzündäki zatlar hem-de adamyň pikirleniş işi hakynda hatyň, grafikanyň, fotosuratyň, fono- we wideo ýazgylaryň üsti bilen ýa-da beýleki islendik usulda aňladylan maglumatlar şekillendirilen maddy obýekt;
arhiw resminamasy - özüniň ähmiýetliligi boýunça jemgyýet, döwlet, raýat üçin gymmatlylygynyň bolanlygy sebäpli saklanylýan ýa-da saklanylmaga degişli resminama;
audiowizual resminamalar - göterijileriň islendik görnüşinde döredilen ýa-da şekillendirilen kino-, foto-, fono-, wideoresminamalar ýa-da olaryň toplumlary;
şahsy düzüm boýunça resminamalar - raýatlaryň we ýuridik şahslaryň gulluk, zähmet ýa-da beýleki durmuş hukuk gatnaşyklarynyň resmileşdirilmeginiň dowamynda döredilýän resminamalar toplumy;
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamasy - gymmatlylyk seljermesini geçen, döwlet tarapyndan hasaba alnan we hemişelik saklanylmaga degişli arhiw resminamasy;
aýratyn gymmatly resminama - Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni, ylmy gymmatlygy, şeýle hem jemgyýet we döwlet üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan hem-de ýitirilen halatynda hukuk ähmiýeti we (ýa-da) döredijiniň golýazmasy nukdaýnazaryndan öwezini dolup bolmajak resminama;
seýrek duş gelýän resminama - saklaýan maglumaty we (ýa-da) daşky alamatlary boýunça özüniň taýy bolmadyk aýratyn gymmatly resminama;
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy - türkmen halkynyň maddy we ruhy durmuşyny beýan edýän, taryhy, ylmy, durmuşy, ykdysady, syýasy, medeni ähmiýetli, onuň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi we döwletiň maglumatlar gorunyň düzümi bolan, taryhy taýdan emele gelen, hemişe üsti doldurylyp durulýan we hemişelik saklanylmaga degişli arhiw resminamalarynyň jemi;
arhiw gaznasy - taryhy ýa-da logiki taýdan özara baglanyşygy bolan arhiw resminamalarynyň jemi;
döwlet arhiwleri - arhiw resminamalaryny kabul edip alýan, hemişelik saklaýan, hasaba alýan hem-de peýdalanýan döwlet arhiw edaralary;
pudaklaýyn arhiwler - döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň işiniň netijesinde emele gelýän resminamalary toplamak, abat saklamak, hasaba almak we peýdalanmak üçin döredilýän arhiwler;
gizlin arhiw - açyk yglan edilmedik arhiw;
raýatlaryň şahsy arhiwleri - şahsyýetiň, maşgalanyň, neberäniň işi netijesinde emele gelen, toplanan ýa-da miras almak hukugy esasynda, satyn almak, peşgeş berilmek arkaly edinilen arhiwler;
arhiw resminamalaryny hemişelik saklamak - olary müdimilik, möhletsiz saklamak;
arhiw resminamalaryny wagtlaýyn saklamak - olary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen möhletiň dowamynda saklamak;
arhiw resminamalaryny depozitar saklamak - olary resminamalaryň eýesi bilen döwlet arhiwiniň arasynda baglaşylan şertnamada kesgitlenilen möhletlerde hem-de şertlerde saklamak;
arhiw resminamalarynyň eýesi - arhiw resminamalaryna eýeçilik etmek, peýdalanmak, erk etmek hukuklaryny doly möçberinde amala aşyrýan döwlet, ýuridik we fiziki şahslar;
arhiw resminamalaryna eýeçilik ediji - arhiw resminamalaryna eýeçilik edýän we peýdalanýan, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerde olara erk etmäge ygtyýary bolan ýuridik ýa-da fiziki şahslar;
peýdalanyjy - özüne zerur bolan maglumaty kanuny esaslarda almak hem-de peýdalanmak üçin arhiw resminamalaryna ýüz tutýan döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy, ýuridik ýa-da fiziki şahslar.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
2-nji madda. Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky kanunçylygy
Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan, arhiw işiniň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulandan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
II BAP. TÜRKMENISTANDA ARHIW IŞINIŇ DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI. ARHIW EDARALARYNYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGI HEM-DE MADDY-TEHNIKI TAÝDAN ÜPJÜN EDILMEGI
3-nji madda. Arhiw işi babatda döwlet düzgünleşdirişi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanda arhiw işi babatda döwlet düzgünleşdirişi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi (mundan beýläk - Baş arhiw müdirligi), şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
4-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
- arhiw işinde we iş dolandyryşynda bitewi döwlet syýasatyny kesgitleýär;
- arhiw işini ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we pudaklaýyn maksatnamalary kabul edýär;
- arhiw edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň döwlet ulgamyny guraýar;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň ygtyýarlygy
1. Baş arhiw müdirligi:
- arhiw işinde we iş dolandyryşynda bitewi döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
- döwlet we pudaklaýyn arhiwleriň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylygy we gözegçiligi amala aşyrýar;
- arhiw we iş dolandyryş gulluklarynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagy üpjün edýär;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
2. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň we döwlet arhiwleriniň, şol sanda şahsy düzüm boýunça arhiwleriň dolandyrylmagy, arhiw işiniň we iş dolandyryşynyň meseleleri boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň işleriniň utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda Baş arhiw müdirligi tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Türkmensitanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny toplamak, abat saklamak, hasaba almak we peýdalanmak, iş dolandyryşy guramak we alyp barmak, şeýle hem dolandyryş işini resminamalaşdyrmagyň häzirki zaman düzgünlerini işläp taýýarlamak we durmuşa ornaşdyrmak meseleleri boýunça Baş arhiw müdirliginiň çykarýan kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň ähli ýuridik we wezipeli şahslarynyň ýerine ýetirmegi üçin hökmanydyr.
4. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan arhiw işi we iş dolandyryş boýunça çykarylýan kadalaşdyryjy resminamalar hökmany tertipde Baş arhiw müdirligi bilen ylalaşylýar.
5. Baş arhiw müdirligi saklanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy resminamalaryň sanawyny işläp taýýarlaýar hem-de tassyklaýar.
Birkysmy resminamalaryň sanawy esasynda döwlet häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralary saklanylmaly möhletleri görkezilen resminamalarynyň pudaklaýyn sanawyny işläp taýýarlaýarlar hem-de olary Baş arhiw müdirligi bilen ylalaşylandan soň tassyklaýarlar.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
6-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:
- ýerlerde arhiw işini we iş dolandyryşy döwletiň bitewi arhiw syýasatyna laýyklykda guraýarlar;
- edara tabynlygyndaky çäklerde döwlet arhiwleriniň jaýlaryny gurmagyň, durkuny täzelemegiň, ýerleşdirmegiň meselelerini çözýärler;
- şahsy düzüm boýunça arhiwleri döredýärler;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
7-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar, döwlete degişli bolmadyk kärhanalar, edaralar, guramalar we şahsy arhiwleriň eýeleri (eýeçilik edijileri)
Jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar, döwlete degişli bolmadyk kärhanalar, edaralar, guramalar we şahsy arhiwleriň eýeleri (eýeçilik edijileri) arhiw işini ösdürmäge ýardam berýärler we özleriniň arhiwlerini döretmek baradaky işlerini şu Kanuna we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda guraýarlar.
Baş arhiw müdirligi we onuň edaralary şahsy arhiwleriň hem-de arhiw resminamalarynyň eýelerine, eýeçilik edijilere olary abat saklamakda we peýdalanmakda ýardam berýärler.
8-nji madda. Arhiw edaralarynyň maliýeleşdirilmegi we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi
1. Döwlet arhiw edaralarynyň maliýeleşdirilmegi we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň häkimlikleri döwlet arhiwlerini Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny abat saklamagyň bellenilen talaplaryna laýyk gelýän binalar we jaýlar bilen üpjün edýärler.
3. Arhiw edaralarynyň garamagynda durýan ýa-da olaryň işini operatiw dolandyrmaga berilýän emläk, şol sanda gozgalmaýan emläk, oňa möhletsiz eýelik etmek, ondan peýdalanmak we oňa erk etmek hukuklary esasynda şol edaralara berkidilýär.
4. Döwlet arhiwleri ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, kärhanalara, edaralara we guramalara tölegli hyzmatlary etmek üçin, bankda özleriniň hasaplaşyk hasaplary bolan hojalyk hasaplaşygynda işleýän düzüm birliklerini döredip bilerler, hyzmatlaryň sanawyny Baş arhiw müdirligi degişli döwlet edaralary bilen ylalaşyp kesgitleýär.
5. Döwlet arhiw edaralary ýuridik we fiziki şahslardan haýyr-sahawat (hemaýatkärçilik) kömegini alyp bilerler.
6. Döwlete degişli bolmadyk kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň arhiwleri hem-de raýatlaryň şahsy arhiwleri olaryň öz serişdeleriniň we beýleki kanuny çeşmeleriň hasabyna saklanylýar.
(2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
III BAP. TÜRKMENISTANYŇ MILLI ARHIW GAZNASY
9-njy madda. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümi
1. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine özleriniň haýsy çeşmeden emele gelendigine, haçan we nähili usulda döredilendigine, nämäniň ýüzünde saklanylýandygyna, nirede saklanylýandygyna (şol sanda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda saklanylýanlary) hem-de eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan arhiw gaznalary hem-de arhiw resminamalary girýärler. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy döwletiň emlägi bolup, onuň hukuk ygtyýarlygynda durýar.
2. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasy iki bölekden ybaratdyr:
1) döwlet arhiwleriniň we beýleki döwlet aýawhanalarynyň;
döwlet häkimiýet edaralarynyň;
döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň;
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we beýleki wekilhanalarynyň;
maýalyk gaznasynda döwlet eýeçiliginiň paýy agdyklyk edýän kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň;
ýuridik ýa-da fiziki şahslardan kanuny esaslarda döwletiň eýeçiligine gelip gowşan resminamalaryny öz düzümine girizýän döwlete degişli böleginden;
2) döwlete degişli bolmadyk kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň;
jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň, alyjylar jemgyýetiniň;
fiziki şahslaryň döreden ýa-da olaryň kanuny esasda edinilen resminamalaryny öz düzümine girizýän döwlete degişli bolmadyk böleginden.
3. Baş arhiw müdirliginiň düzümindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň (mundan beýläk – Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy) resminamalary Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň aýratyn gymmatly bölegi bolup durýar.
4. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň döredilmegini, abat saklanylmagyny, hasaba alynmagyny we peýdalanylmagyny guramagyň ýörelgelerini Baş arhiw müdirligi belleýär.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky we 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
10-njy madda. Resminamalary Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli etmek
1. Resminamalary Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli etmek, şeýle hem olary onuň düzüminden çykarmak işi Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilen tertipde düzgünlere we kadalara laýyklykda resminamalaryň gymmatlylygyny kesgitlemek üçin geçirilýän seljerme esasynda amala aşyrylýar.
2. Resminamalaryň gymmatlylygynyň seljermesini geçirmek hem-de olary Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli etmek, şeýle hem olary onuň düzüminden çykarmak bilen baglanyşykly meseleler Baş arhiw müdirliginiň Merkezi seljeriş-barlag topary we döwlet arhiwleriniň seljeriş-barlag toparlary tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde çözülýär.
3. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň işi netijesinde emele gelen resminamalaryň ähli toplumy gymmatlylygynyň seljermesiniň geçirilmegine degişlidir. Resminamalaryň saklanylmaly möhletleri görkezilen birkysmy ýa-da pudaklaýyn sanawlar boýunça resminamalaryň saklanylmaly möhletleri kesgitlenilýär. Bellenilen tertipde resminamalaryň gymmatlylygynyň seljermesi geçirilýänçä we olary ýok etmek hakynda karar kabul edilýänçä olary ýok etmek gadagandyr.
4. Eýeçiligiň döwlete degişli bolmadyk görnüşlerindäki kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň resminamalaryny Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli etmek arhiw resminamalarynyň eýesi (eýeçilik ediji) bilen Baş arhiw müdirliginiň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
11-nji madda. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryna eýeçilik hukugy
1. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalary döwlet emlägi bolup durýar we olaryň hususylaşdyrylmagyna, satylmagyna-satyn alynmagyna hem-de arhiw resminamalaryna döwlet eýeçiliginiň hukugyny bozýan başga hili geleşikleriň baglaşylmagyna ýol berlip bilinmez.
2. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bolmadyk böleginiň resminamalary ýuridik we fiziki şahslaryň hususy emlägi hasaplanylýar, olara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerde arhiw resminamalaryna eýeçilik etmek, olardan peýdalanmak we erk etmek hukugy berilýär, emma Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli bolan resminamalary ýok etmek hukugy muňa girmeýär.
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bolmadyk böleginiň resminamalary satylan mahalynda, olary satyn almaga döwletiň artykmaç hukugy bardyr. Arhiw gaznasyna eýeçilik hukuklary ynanç hatlary esasynda Baş arhiw müdirligi we Türkmenistanyň döwlet arhiwleri tarapyndan amala aşyrylyp bilner.
3. Döwlet kärhanalary, edaralary we guramalary hususylaşdyrylanda we olaryň işi bes edilende, olaryň hususylaşdyrylan pursadyna çenli alyp baran işlerinde emele gelen arhiw resminamalary, şol sanda şahsy düzüm boýunça resminamalar hem döwletiň eýeçiliginde galýar we olaryň saklanylýan ýerine garamazdan, bellenilen tertipde Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine goşulýar.
4. Jemgyýetçilik birleşikleri, dini guramalar, beýleki ýuridik we fiziki şahslar öz resminamalaryny hemişelik saklamak üçin ýa-da belli bir möhlet bilen (depozitar) saklamak üçin döwlet arhiwlerine berip bilerler. Resminamalaryň eýeleri resminamalaryny belli bir möhlet bilen (depozitar) saklamak üçin döwlet arhiwlerine tabşyranlarynda, olar resminamalara eýeçilik etmek hukugyny özünde saklap, döwlet arhiwiniň resminamalaryny abat saklamak üçin edýän çykdajylaryny töleýärler. Resminamalary bermegiň, olardan peýdalanmagyň tertibi hem-de saklanylyp berilýändigi üçin tölegleriň möçberi döwlet arhiwi bilen resminamalaryň eýesiniň arasynda baglaşylýan şertnamada kesgitlenilýär.
Belli bir möhlet bilen (depozitar) saklanylýan resminamalaryň eýeleri olary saklamak üçin şertnamalaryň hereket edýän möhletini uzaltmasalar we şertnamanyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soňra olary talap edip almasalar şol resminamalar döwletiň eýeçiligine geçýär.
5. Bikanun eýeçilikdäki arhiw resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda kanuny eýelerine berilýär.
IV BAP. TÜRKMENISTANYŇ ARHIWLERI
12-nji madda. Arhiwleri döretmek
Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslaryna jemgyýet üçin resminamalarynyň taryhy, ykdysady, medeni, ylmy we amaly ähmiýetliligi sebäpli saklanylýan, şeýle hem resminamalaryň eýesi üçin gymmaty bolan arhiw gaznalarynyň hem-de arhiw resminamalarynyň tutuş toplumy hökmünde arhiwleri döretmek hukugy kepillendirilýär.
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalaryndan, şonuň ýaly-da raýatlaryň hukuklaryna hem-de kanuny bähbitlerine täsir edip biljek ýa-da Türkmenistanyň howpsuzlygyna wehim salyp biljek resminamalardan düzülen gizlin arhiwleriň döredilmegine ýol berilmeýär.
13-nji madda. Arhiwleriň görnüşleri
Türkmenistanda arhiwleriň esasy görnüşleri şulardan ybaratdyr:
- döwlet arhiwleri,
- Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy,
- pudaklaryň döwlet gaznalary we beýleki döwlet aýawhanalary,
- pudaklaýyn arhiwler,
- raýatlaryň şahsy arhiwleri.
(2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
14-nji madda. Türkmenistanyň döwlet arhiwleri
1. Türkmenistanyň döwlet arhiwleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary esasynda döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.
2. Türkmenistanyň merkezi, welaýat we şäher döwlet arhiwleri jemgyýetiň, döwletiň, raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny toplamagy, hemişelik saklamagy, hasaba almagy we peýdalanmagy amala aşyrýarlar, şeýle hem bellenilen tertipde Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyny döretmegiň çeşmelerine degişli edilen kärhanalarda, edaralarda we guramalarda resminamalaryň toplanylyşyna, saklanylyşyna, hasaba alnyşyna, tertibe salnyşyna hem-de peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar.
3. Şahsy düzüm boýunça döwlet arhiwleri raýatlaryň durmuş-hukuk goraglylygyny üpjün etmek üçin arhiw resminamalaryny toplamak, abat saklamak, hasaba almak, peýdalanmak maksady bilen döredilýär.
15-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet, jemgyýetçilik-syýasy işiniň ähli nukdaýnazarlaryny açyp görkezýän resminamalary, oňa degişli bolan bütinleý şahsy häsiýetli resminamalary we maglumatlary toplamagy, abat saklamagy, hasaba almagy we peýdalanmagy üpjün edýär, şeýle hem Türkmenistany durmuş-ykdysady we ruhy-medeni taýdan ösdürmäge gönükdirilen syýasy ugruň derswaýys meselelerini amala aşyrmak, milletiň dünýä jemgyýetçiliginde abraýyny artdyrmak boýunça ylmy işleri taýýarlamagy we neşir etmegi amala aşyrýar.
(2019-njy ýylyň 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
16-njy madda. Pudaklaryň döwlet gaznalary we beýleki döwlet aýawhanalary
1. Amala aşyrýan işleriniň dowamynda özboluşly aýratynlyklary bar bolan resminamalar toplumyny (geologik, kartografiýa-geodeziýa, meteorologik, standartlar) döredýän hem-de şol resminamalary saklamagyň, hasaba almagyň we peýdalanmagyň aýratyn şertleri talap edilýän guramalarda pudaklaryň döwlet gaznalary döredilýär.
2. Döwlet aýawhanalary - muzeýler, kitaphanalar, ylmy edaralar özlerinde taryhy taýdan emele gelen resminama toplumlarynyň abat saklanylmagyny we peýdalanylmagyny üpjün edýärler.
3. Pudaklaryň döwlet gaznalary we beýleki döwlet aýawhanalary Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny şu Kanuna we olar hakyndaky düzgünnamalara laýyklykda hemişelik saklamagy amala aşyrýarlar.
4. Pudaklaryň döwlet gaznalarynyň we beýleki döwlet aýawhanalarynyň Sanawy Baş arhiw müdirliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
17-nji madda. Pudaklaýyn arhiwler
1. Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar we guramalar we jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny hem-de şahsy düzüm boýunça resminamalary özleriniň döredýän pudaklaýyn arhiwlerinde wagtlaýyn saklamagy, hasaba almagy we peýdalanmagy amala aşyrýarlar, şeýle hem Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilen kadalara we ölçeglere laýyklykda, olary ýörite jaýlar, enjamlar we işgärler bilen üpjün edýärler.
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralary öz garamagyndaky kärhanalarda, edaralarda, guramalarda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny toplamagyň, abat saklanylmagyny üpjün etmegiň, hasaba almagyň, peýdalanmagyň we döwletiň saklamagyna tabşyrmagyň bellenilen tertibiniň berjaý edilmegine hem-de iş dolandyryşynda resminamalaryň ýöredilişine gözegçilik edýärler.
2. Aýry-aýry ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we guramalar Baş arhiw müdirligi bilen baglaşylan şertnama esasynda öz alyp barýan işleriniň netijesinde emele gelen Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň döwlet tarapyndan uzak wagtlap saklanylmagyny amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalarynyň uzak wagtlap saklanylmagyny üpjün edýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, guramalaryň Sanawy Baş arhiw müdirliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
3. Eýeçiligiň görnüşine we edara tabynlygyna garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar pudaklaýyn arhiwleriň ýagdaýy hem-de olarda saklanylýan resminamalar hakynda maglumatlary her ýyl Baş arhiw müdirligine we döwlet arhiwlerine bermäge borçludyrlar.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky we 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
18-nji madda. Raýatlaryň şahsy arhiwleri
1. Raýatlar şahsy arhiwleri döretmek hukugyna eýedirler. Döwlet raýatlaryň şahsy arhiwleriniň eldegrilmesizligini kepillendirýär. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga kadalar bellenilmedik bolsa, şahsy arhiwlerdäki resminamalar olaryň eýesi bilen ylalaşylmazdan gözden geçirilip ýa-da alnyp bilinmez.
2. Şahsy arhiwiň eýesi özüniň şahsy arhiwiniň eldegrilmesizligini goramagy kimiň, haýsy edaranyň ýa-da guramanyň üstüne ýükleýändigini ýa-da oňa eýelik etmek hukugyny berýändigini wesýetnamasynda görkezmäge haklydyr.
3. Raýatyň eýeçiliginde bolan arhiw resminamalary onuň öz alyp baran işiniň netijesinde döremedik bolsa, ýöne olaryň aýratyn jemgyýetçilik ähmiýeti bar bolsa, onda ol şol resminamalaryň abat saklanylmagyny üpjün etmäge we olaryň ýerleşýän ýeri barada döwlet arhiwine habar bermäge borçludyr. Berlen borjuň ýerine ýetirilmezligi Baş arhiw müdirliginiň beren teklipnamasy esasynda arhiw resminamalarynyň bellenilen tertipde mejbury satyn alynmagyna getirip biler.
4. Şahsy arhiwiň eýesiniň ony döwlet arhiwine hemişelik ýa-da belli bir möhlet bilen (depozitar) saklamak üçin bermäge haky bardyr. Döwlet arhiwlerinde şahsy arhiwleri saklamagyň hem-de olardan peýdalanmagyň şertleri Baş arhiw müdirligi tarapyndan tassyklanylan şahsy arhiw hakyndaky birkysmy Düzgünnama we şahsy arhiwiň eýesi bilen döwlet arhiwleriniň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda amala aşyrylýar.
V BAP. ARHIW RESMINAMALARYNY TOPLAMAK, SAKLAMAK WE HASABA ALMAK. IŞ DOLANDYRYŞY GURAMAK WE ALYP BARMAK
19-njy madda. Döwlet arhiwlerini toplamagyň çeşmeleri
Alyp barýan işleriniň dowamynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalary emele gelýän döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar döwlet arhiwlerini toplamagyň çeşmeleri bolup durýarlar.
Döwlete degişli bolmadyk kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we fiziki şahslaryň döwlet arhiwlerini toplamagyň çeşmeleriniň sanawlaryna girizilmegi şertnama esasynda amala aşyrylýar.
Muzeýlerde, kitaphanalarda, ylmy edaralarda, şeýle-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, dini guramalaryň arhiwlerinde we raýatlaryň şahsy arhiwlerinde Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalarynyň asyl nusgalaryny toplamak gadagan edilýär.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
20-nji madda. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny pudaklaýyn arhiwlerde saklamagyň tertibi we möhletleri
1. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagtlaýyn saklamagyň tertibi Baş arhiw müdirligi tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Döwlet arhiwlerine tabşyrylýança Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny pudaklaýyn arhiwlerde saklamagyň möhletleri aşakdaky ýaly bellenilýär:
1) umumydöwlet ähmiýetli ýokary döwlet häkimiýet edaralary - Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, şeýle hem Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Merkezi banky, döwlet birleşikleri, kärhanalary, edaralary we guramalary üçin - 15 ýyl;
2) welaýat ähmiýetli döwlet häkimiýet edaralary, kärhanalar, edaralar, guramalar üçin -10 ýyl;
3) döwlet häkimiýetiniň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, etraplaryň, şäherleriň kärhanalary, edaralary we guramalary üçin - 5 ýyl;
4) Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň aýry-aýry görnüşleri üçin:
raýatlyk ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary üçin - 109 ýyl;
şahsy düzüm boýunça resminamalar, hojalyk kitaplary, notarial hereketleriň ýazgylary we kazyýet işleri üçin - 75 ýyl;
ylmy, tehnologik, konstruktorçylyk, taslama, patent resminamalary üçin - 25 ýyl;
kino-, foto-, fono-, wideoresminamalary, elektron görnüşindäki resminamalar üçin - 3 ýyl.
Zerur bolan halatlarda görkezilen resminamalary pudaklaýyn arhiwlerde saklamagyň möhletleri Baş arhiw müdirligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşylyp üýtgedilip bilner.
3. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bolmadyk böleginiň resminamalaryny olaryň eýeleri (eýelik edijileri) şu Kanuna laýyklykda özbaşdak saklaýarlar.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky, 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
21-nji madda. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny döwletiň saklamagyna tabşyrmak
1. Döwlet häkimiýet edaralarynda, döwlet kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda wagtlaýyn saklanylmaly möhletleri tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalary hemişelik saklamaga döwlet arhiwlerine tabşyrylýar.
Öz alyp barýan işleriniň dowamynda audiowizual resminamalary döredýän döwlet edaralary audiowizual resminamalaryň hökmany nusgalygyny degişli döwlet arhiwlerine berýärler.
2. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bolmadyk böleginiň resminamalary döwlet arhiwleri bilen resminamalaryň eýeleriniň (eýeçilik edijileriň) arasynda baglaşylýan şertnamalar esasynda döwlet arhiwlerine gelip gowuşýarlar.
3. Arhiw resminamalaryny hemişelik saklamak üçin tabşyrmaga taýýarlamak hem-de tabşyrmak bilen baglanyşykly ähli işler, şol sanda olary ulagly daşamak resminamalary tabşyrýan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň serişdeleriniň hasabyna ýerine ýetirilýär.
4. Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar we guramalar ýatyrylan ýa-da üýtgedilip guralan mahalynda, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny mundan beýläk nähili saklamalydygy baradaky meseläni olaryň özleri Baş arhiw müdirliginiň gatnaşmagynda çözýärler. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli bolmadyk resminamalar hukuk oruntutaryna ýa-da ýokarda durýan gurama berilýär.
Ýatyrylan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň hukuk oruntutarlary bolan kärhanalar, edaralar we guramalar özlerine berlen resminamalaryň abat saklanylmagyny, hasaba alynmagyny we peýdalanylmagyny üpjün etmäge borçludyrlar. Hukuk oruntutary ýa-da ýokarda durýan guramasy bolmadyk mahalynda ýatyrylan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli resminamalary tertipleşdirilen ýagdaýda döwlet arhiwine berilýär.
5. Döwlet statistika edaralary ýylda bir gezek bellenilen möhletlerde, dolandyryş çäk degişliligini göz öňünde tutmak bilen, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalary, edaralary hem-de guramalary döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak baradaky maglumatlary Baş arhiw müdirligine berýärler.
6. Daşary ýurt döwletleriniň we olaryň ýuridik we fiziki şahslarynyň, halkara guramalarynyň eýeçiliginde durýan, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň bilelikdäki eýeçiliginde durýan kärhanalar, edaralar we guramalar Türkmenistanyň çäklerinde öz işini tamamlan halatlarynda, Türkmenistanyň raýatlaryna doldurylan şahsy düzüm boýunça resminamalary, şonuň ýaly-da taslama-gurluşyk, konstruktorçylyk, tehnologik, önümçilik resminamalarynyň göçürme nusgalaryny döwlet arhiwlerine tabşyrýarlar.
7. Resminamalaryň gymmatlylygynyň seljermesini geçirmek, olary hemişelik saklamaga saýlap almak hem-de saklanylmaly möhletleri dolan resminamalary ýok etmäge bölüp aýyrmak üçin ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda döwlet arhiwleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda seljeriş toparlary döredilýär. Arhiw resminamalaryny hemişelik saklamaga saýlap almagyň we taryhy gymmatlylygy bolmadyk hem-de amaly ähmiýetini ýitiren resminamalaryň ýok etmäge degişlilerini bölüp aýyrmagyň tertibi Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilýär.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
22-nji madda. Şahsy düzüm boýunça resminamalar
Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar we guramalar, şol sanda daşary ýurt döwletleriniň, olaryň ýuridik we fiziki şahslarynyň, halkara guramalarynyň eýeçiliginde durýan, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň bilelikdäki eýeçiliginde durýan, öz işlerini Türkmenistanyň çäklerinde alyp barýan kärhanalar, edaralar, guramalar Türkmenistanyň raýatlaryna şahsy düzüm boýunça resminamalary ýöretmäge hem-de raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen şol resminamalaryň abat saklanylmagy, hasaba alynmagy hem-de peýdalanylmagy üçin çäreler görmäge borçludyrlar.
23-nji madda. Arhiw resminamalaryny ylmy-tehniki taýdan işläp taýýarlamagyň, olaryň durkuny saklamagyň we gaýtadan dikeltmegiň tertibi
Arhiw resminamalaryny ylmy-tehniki taýdan işläp taýýarlamak, olaryň durkuny saklamak we gaýtadan dikeltmek diňe Baş arhiw müdirliginiň edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
24-nji madda. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň ähli resminamalary olaryň nirede saklanylýandygyna we pudaklaýyn degişliligine garamazdan merkezleşdirilen esasda döwlet hasabyna alynmaga degişlidir. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny döwlet hasabyna almagyň tertibi Baş arhiw müdirligi tarapyndan kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň seýrek duş gelýän resminamalary hem Medeniýetiň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet gorag sanawynda hasaba alynmaga degişlidir.
25-nji madda. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň abat saklanylmagyny üpjün etmek
Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar we guramalar bellenilen möhletleriň dowamynda arhiw resminamalarynyň, şol sanda şahsy düzüm boýunça resminamalaryň abat saklanylmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.
Milli arhiw gaznasynyň seýrek duş gelýän we aýratyn gymmatly resminamalary saklamagyň, hasaba almagyň hem-de peýdalanmagyň aýratyn düzgünine degişlidirler. Bu resminamalaryň ätiýaçlyk nusgalary döredilýär. Arhiw resminamalaryny seýrek duş gelýän we aýratyn gymmatly resminamalara degişli etmegiň, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk nusgalaryny döretmegiň hem-de saklamagyň tertibi Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilýär.
Döwlete degişli bolmadyk kärhanalar, edaralar we guramalar öz hereket edip gelýän döwrüniň bütin dowamynda döredilen resminamalaryň Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyna degişli edilmeginiň mümkindigi baradaky mesele çözülýänçä, olaryň abat saklanylmagyny üpjün edýärler.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
26-njy madda. Iş dolandyryşy guramagyň we alyp barmagyň tertibi
Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar, guramalar we jemgyýetçilik birleşikleri Baş arhiw müdirliginiň bellän düzgünnamalaryna we kadalaryna laýyklykda iş dolandyryşy guraýarlar we alyp barýarlar.
VI BAP. TÜRKMENISTANYŇ MILLI ARHIW GAZNASYNYŇ RESMINAMALARYNYŇ PEÝDALANYLMAGY
27-nji madda. Arhiw resminamalaryny peýdalanmagyň we olar bilen tanyş bolmagyň tertibi
1. Arhiw resminamalaryndan peýdalanyjylara bellenilen tertipde Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny ýa-da resminamalaryň dürli göterijilerdäki nusgalaryny, olar hakyndaky maglumat beriji-gözleg serişdelerini öwrenmäge we maglumatlary almaga hukuk berilýär.
2. Döwlet arhiwlerinde saklanylýan resminamalardan peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Baş arhiw müdirligi tarapyndan kesgitlenilýär.
Döwlet kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda pudaklaýyn saklanylýan resminamalardan peýdalanmagyň tertibi Baş arhiw müdirliginiň bellän kadalaryna laýyklykda, olaryň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli bolmadyk böleginiň arhiw resminamalaryny peýdalanmaklyk eýesiniň ýa-da eýeçilik edijiniň razylygy bilen amala aşyrylýar.
3. Döwlet arhiwleri, pudaklaryň döwlet gaznalary we beýleki döwlet aýawhanalary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň pudaklaýyn arhiwleri özlerinde degişli arhiw resminamalarynyň bolan ýagdaýynda raýatlaryň durmuş goraglylygy bilen baglanyşykly arhiw güwänamalaryny ýa-da arhiw resminamalarynyň göçürme nusgalaryny bellenilen tertipde resmileşdirip, peýdalanyjylara mugt bermäge borçludyrlar.
Döwlet arhiwleri, muzeýler, kitaphanalar, ylmy edaralar, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň arhiwleri döwlet häkimiýet edaralaryny olaryň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaklary üçin zerur bolan arhiw maglumatlary, arhiw resminamalarynyň göçürme nusgalary bilen üpjün edýärler, arhiw resminamalaryny çap edýärler hem-de görkezişe goýýarlar, özlerinde saklanylýan resminamalaryň düzümi hem-de mazmuny barada maglumat-habar beriji neşirleri taýýarlaýarlar.
Döwlet arhiwlerinden, muzeýlerden, kitaphanalardan, ylmy edaralardan arhiw resminamalaryny maddy subutnamalar hökmünde hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralaryna bermeklik bellenilen tertipde peýdalanylandan soňra, olary gaýtaryp bermeklik şertlerinde amala aşyrylýar. Peýdalanmak üçin ygtyýaryna berlen resminamalara islendik görnüşdäki üýtgetmeleri girizmek gadagandyr.
4. Arhiw resminamalaryndan peýdalanyjylar Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryndaky maglumatlardan öz düşünişlerine görä many çykaryp, onuň mazmunyny özleriçe beýan edendikleri, resminamalary çalşyrandyklary, ýok edendikleri üçin şahsy jogapkärçilik çekýärler.
5. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalary bilen tanyş bolmaga çäklendirmeler düzüminde döwlet, harby, gulluk, täjirçilik we kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlary saklaýan arhiw resminamalaryna, şeýle hem seýrek duş gelýän hem-de aýratyn gymmatly resminamalaryň asyl nusgalaryna, fiziki ýagdaýy kanagatlanarsyz bolan beýleki arhiw resminamalaryna degişlidir.
Özleriniň milli arhiwlerinden peýdalanmakda Türkmenistanyň raýatlary üçin çäklendirmeler goýan döwletleriň ýuridik we fiziki şahslaryna Baş arhiw müdirligi tarapyndan çäklendirmeler bellenilip bilner.
Raýatyň şahsy we maşgala syry baradaky maglumatlary özünde saklaýan arhiw resminamalaryndan peýdalanmakdaky çäklendirmeler onuň aradan çykan wagtyndan beýläk 75 ýyl möhlete bellenilýär. Bu möhletden ozal şeýle resminamalar bilen tanyş bolmaga rugsady diňe şol raýatyň özi ýaşap ýören wagtynda berip biler, ol aradan çykanyndan soňra bolsa, onuň mirasdüşerleri tarapyndan berlip bilner.
6. Arhiw resminamalaryndan peýdalanyjylar arhiw resminamalaryndan peýdalanmak meseleleri boýunça döwlet arhiw edaralarynyň çykaran çözgütleri barada Baş arhiw müdirligine şikaýat edip bilerler, onuň çykaran çözgüdi bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda bolsa, kazyýete şikaýat edip bilerler.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky we 5-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
VII BAP. HALKARA HYZMATDAŞLYGY
28-nji madda. Arhiw işi babatda halkara hyzmatdaşlygy
Baş arhiw müdirliginiň edaralary, jemgyýetçilik hem-de beýleki guramalar we raýatlar-arhiw resminamalarynyň eýeleri arhiw işi babatda halkara hyzmatdaşlygyna, arhiwleriň meseleleri baradaky halkara maslahatlara, ýygnaklara we halkara maglumat alyşmak işine gatnaşýarlar.
29-njy madda. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny alyp gitmek we getirmek
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny alyp gitmek we getirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny medeni we beýleki maksatlar bilen Türkmenistanyň çäginden daşary wagtlaýyn alyp gitmegiň möhletleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
Medeni we beýleki maksatlar bilen Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny Türkmenistanyň çäginden daşary wagtlaýyn alyp gitmeklik Baş arhiw müdirliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň rugsat bermegi bilen amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny Türkmenistanyň çäklerinden daşary yzyna gaýtaryp getirmezlik şerti bilen alyp gitmek gadagandyr.
Yzyna gaýtaryp getirmezlik şerti bilen alnyp gidilmekçi bolunýan, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine girmeýän arhiw resminamalary Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilen tertipde gymmatlylygynyň seljermesiniň geçirilmegine degişlidir. Olary alyp gitmäge rugsat Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Baş arhiw müdirligi tarapyndan berilýär.
Kanuny esaslarda edinilen ýa-da alnan arhiw resminamalaryny hem-de olaryň nusgalaryny Türkmenistanyň çäklerine getirmäge ygtyýar berilýär.
30-njy madda. Daşary ýurtlara alyp gidilen we şol ýerlerde saklanylýan taryhy mirasyň resminamalarynyň gaýtarylyp getirilmegi
Türkmenistanyň daşary ýurtlara düşen arhiw resminamalaryna Türkmenistanda döredilen we geçmişde onuň çäklerinden daşary çykarylan, häzirki wagtda bolsa daşary ýurt döwletleriň döwlet kärhanalarynyň we edaralarynyň, guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýa-da aýry-aýry raýatlarynyň eýeçiligine geçen arhiwleriň we fiziki şahslaryň resminamalary girýärler.
Döwlet ýurduň çäklerinden daşary çykarylan öz taryhy mirasynyň resminamalarynyň Türkmenistana gaýtarylyp getirilmegi barada alada edýär, türkmen halkynyň milli baýlygy hökmündäki şol gymmatlyklaryň ýurdumyza gaýtarylyp getirilmegini höweslendirýär, goldaýar hem maliýeleşdirýär.
Türkmenistanyň arhiw resminamalaryny gaýtaryp getirmek baradaky işleri guramagy, geçirmegi we utgaşdyrmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Baş arhiw müdirligi amala aşyrýar.
VIII BAP. ŞU KANUNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK WE ÝERINE ÝETIRILIŞINE GÖZEGÇILIK
31-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny ogurlan, zaýalan, gizlän, bikanun ýok eden ýa-da bu hereketlere ýol beren, şeýle hem şol resminamalary abat saklamagyň we peýdalanmagyň kadalaryny we tertibini bozan wezipeli adamlar we raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyna ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölenmäge degişlidir.
32-nji madda. Şu Kanunyň ýerine ýetirilişine gözegçilik
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň ýagdaýyna, döwlet häkimiýet edaralarynda, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda arhiw işiniň hem-de iş dolandyryşynyň guralyşyna Baş arhiw müdirligi özüniň ygtyýarlylygynyň çäklerinde döwlet gözegçiligini amala aşyrýar. Baş arhiw müdirligi:
ýuridik we fiziki şahslaryň arhiw resminamalaryny döretmek, abat saklamak hem-de peýdalanmak bilen baglanyşykly alyp barýan işlerini barlaýar;
Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky kanunçylygynyň wezipeli adamlar we raýatlar tarapyndan bozulan ýagdaýlaryny ýüze çykarýar hem-de olaryň öňüni alýar;
ýuridik hem-de wezipeli şahslara Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky kanunçylygynyň ýüze çykarylan bozulmalaryny düzetmegiň ugruny görkezýär;
arhiw işinde administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky resminamalary resmileşdirýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli guramalara berýär.
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary öz garamagyndaky kärhanalarda, edaralarda we guramalarda arhiw işiniň hem-de iş dolandyryşyň ýagdaýynyň meselelerine garamaga we degişli kararlary kabul etmäge borçludyrlar.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
33-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Türkmenistanyň şu aşakdaky kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
1) 2003-nji ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 45-nji madda);
2) 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň XXXXI bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda);
3) 2010-njy ýylyň 26-njy noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4, 74-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 4-nji maýy.
№ 392-IV.