TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 353-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 18.06.2016 ý. № 414-V, 20.03.2017 ý. № 531-V, 09.06.2018 ý. № 41-VI we 13.03.2021 ý. № 350-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

ýaşlar barada döwlet syýasaty – Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň we erkinliginiň hem-de goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň ulgamy;

ýaşlar (ýaş raýatlar) – aşakdaky durmuş-demografik toparlaryň birine degişli Türkmenistanyň 14 ýaşdan 30 ýaşa çenli ýaşdaky raýatlary, olar öz ýaş häsiýetnamalarynyň we jemgyýetdäki durmuş ýagdaýynyň aýratynlyklarynyň jeminiň esasynda bölünip aýrylýar we ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak çäreleriniň we tärleriniň häsiýetinden ugur alnyp, mundan beýläk maksatlaýyn toparlar hökmünde kesgitlenýär:

1) okuwçylar – 14 ýaşdan orta bilimiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýän ýaş raýatlar;

2) talyplar – başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýän ýaş raýatlar;

3) ýaş hünärmen – okuwy tamamlanyndan soň iki ýylyň dowamynda alan hünärine (taýýarlygyň ugruna, kärine) laýyklykda zähmet şertnamasy boýunça işe kabul edilen, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilimi edarasynyň uçurymy bolan ýaş raýat;

4) ýaş telekeçi – ýuridik şahsy döretmezden we işi ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýa-da ýuridik şahsyň wezipe sanawyndaky işgärleriniň düzümine girýän, telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýaş raýat;

5) ýaş alym – ylmy iş bilen hünär taýdan meşgullanýan ýaş raýat;

6) beýleki ýaş raýatlar, şu maddanyň 1-5-nji bentlerinde görkezilen, maksatlaýyn toparlara degişli edilmedikler;

ýaş maşgala – är-aýalyň ýaşy 30 ýaşa ýetmedik maşgala, ýa-da çagalaryny (çagany) 30 ýaşa ýetmedik bir ata ýa-da ene terbiýeleýän doly bolmadyk maşgala;

ýaşlar birleşigi – tertipnamalaýyn işi ýaşlaryň durmuş taýdan berkarar bolmagyny we hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen jemgyýetçilik birleşikleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hasaba alnan, garaýyşlarynyň we bähbitleriniň umumylygy esasynda ýaş raýatlaryň (agzalaryň umumy sanynyň azyndan 75 göteriminiň) meýletin jemgyýetçilik birleşigi. Ýaşlar birleşikleriniň 30 ýaşa ýeten agzalary, degişli ýaşlar birleşiginiň tertipnamalaýyn düzgünlerini berjaý eden ýagdaýynda, 37 ýaşa ýetýänçäler olaryň agzasy bolmagyny meýletin esasda dowam etdirip bilerler;

ýaşlar telekeçiligi – şu aşakdaky şertlere jogap berýän, kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan telekeçilik işini amala aşyrmak:

1) wezipe sanawyndaky işgärleriň we ýolbaşçynyň azyndan 75 göteriminiň ýaşy - 30 ýaşa çenli bolsa;

2) esaslyk maýasynda, eger ol ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşi bilen göz öňünde tutulsa, 30 ýaşdan uly bolmadyk adamlaryň goýumlarynyň paýy 75 göterimden ýokary geçse;

ýaşlar kärhanalary – işgärleriniň sanaw düzüminiň azyndan 75 göterimini ýaş raýatlar düzýän, şu aşakdakylar tarapyndan döredilen kärhanalar:

1) hünärlere ugrukdyrmak we ilata durmuş ähmiýetli hyzmatlary etmek maksady bilen umumybilim berýän edaralaryň okuwçylary tarapyndan;

2) bilimleri çuňlaşdyrmak hem-de öwrenilýan kärlere we hünärlere laýyklykda olary amaly taýdan ulanmak maksady bilen hünär bilimi edaralarynyň okatmagyň gündizki görnüşiniň talyplary tarapyndan;

3) ylmy-barlag, innowasiýa we ornaşdyryjylyk işlerini geçirmek üçin ýaş alymlar tarapyndan;

ýaşlaryň durmuş goragy – ýaş raýatlara berilýän olaryň beden, akyl, ahlak ösüşini we durmuş taýdan berkarar bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet kepillikleriniň jemi;

ýaşlar üçin durmuş infrastrukturasy – ýaşlaryň ýaşaýyş üpjünçiligi üçin gerek bolan obýektleriň (jaýlaryň, binalaryň, desgalaryň), şeýle hem öz işini ýaşlaryň saglygyny goramak, okatmak, terbiýelemek, beden, ruhy we ahlak taýdan ösüşine, durmuş taýdan uýgunlaşmagyna hem-de olaryň iş bilen üpjünçiligine ýardam etmek boýunça amala aşyrýan ýörite guramalaryň ulgamy;

ýaşlar üçin durmuş gulluklary – ýaşlara lukmançylyk, psihologiýa-mugallymçylyk, hukuk, maglumat-maslahat beriş hyzmatlaryny we maddy kömek bermek, olaryň durmuş taýdan uýgunlaşmagyna, dikeldilmegine we goralmagyna ýardam etmek boýunça çäreleri amala aşyrýan ýöriteleşdirilen täjirçilik bolmadyk guramalar;

kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlar – maýyplygy bolan ýaş raýatlar; ekologik we tehnogen heläkçilikleriň, tebigy betbagtçylyklaryň pidalary bolan ýaş raýatlar; amatsyz şertlerde galan ýaş raýatlar; azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresini çekýän ýaş raýatlar; ýörite bilim edaralarynda bolýan ýaş raýatlar; ýaş raýatlar – ýetim çagalar we ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar; ýaşaýyşy emele gelen ýagdaýlaryň netijesinde bozulan, olar şol nogsanlyklary özbaşdak ýa-da maşgalanyň kömegi bilen ýeňip geçip bilmeýän ýaş raýatlar.

 

2-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň subýektleri

 

1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty şu aşakdakylara degişlidir:

1) ýaşlara (ýaş raýatlara);

2) ýaş maşgala;

3) ýaşlar birleşiklerine.

Şu Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda degişli, kesgitli maksatlaýyn topara laýyk gelýän ýaşa ýeten we Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň ýaş raýatlary bilen deň hukuklardan peýdalanýarlar.

2. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny şu aşakdakylar amala aşyrýarlar:

1) döwlet häkimiýet edaralary;

2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;

3) ýaşlar barada döwlet syýasatyny döretmäge we durmuşa geçirmäge çekilen ýuridik we fiziki şahslar.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

4-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary we wezipeleri

 

1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary şulardan ybarat:

1) ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek;

2) şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň kuwwatyny ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek;

3) hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti durmuş taýdan kemala getirmek;

4) ýaş raýatlarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhuny döretmek;

5) Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň esas goýujy taglymatlaryna, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna ýaş raýatlaryň aňly-düşünjeli düşünmegini gazanmak.

2. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň wezipeleri şulardan ybarat:

1) Türkmenistanyň ýaş raýatlaryny ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryna laýyklykda terbiýelemek;

2) şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin şertler döretmek;

3) ýaş raýatlaryň hünär bilimini almagy üçin deň şertleri döretmek;

4) ýaşlaryň zähmet bilen meşgullanmaklaryny üpjün etmek we olaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik çygrynda ulanmak üçin has amatly şertleri döretmek;

5) ýaşlaryň telekeçiligini döretmek we ösdürmek üçin şertleri döretmek;

6) ýaş maşgalalary goldamak, şol sanda çaga dogluşynyň ösüşini höweslendirmek;

7) ýaşlaryň başlangyçlaryny maglumat, guramaçylyk we maliýe taýdan goldamak;

8) ýaşlaryň sportuny we beden ösüşini goldamak;

9) hukuk bozulmalary duýdurmak, arakhorlugyň, temmäki çekmegiň, neşekeşligiň, jenaýatçylygyň öňüni almak;

10) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlara salgyly durmuş kömegini bermek;

11) ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini höweslendirmek;

12) ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrmak we goldamak;

13) ýaş raýatlaryň umumy elýeter hukuk, medeni we beýleki biliminiň meseleleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we internet-maglumatlar goruny goldamak.

3. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary we wezipeleri ýaşlar barada döwlet syýasatyny bilelikde ýa-da her bir subýekt tarapyndan özbaşdak amala aşyrýan subýektler tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrýan subýektler ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny durmuşa geçirmegi we wezipelerini çözmegi üpjün etmeklige gönükdirilen hemişelik hereket edýän, döwürleýin we birwagtlaýyn taslamalary döretmek arkaly höweslendirilýär.

 

5-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ýörelgeleri

 

Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ýörelgeleri şulardan ybarat:

1) umumadamzat gymmatlyklaryny, ýaş raýatlaryň ömrüni we saglygyny, hukuklaryny we azatlyklaryny ileri tutmak, şeýle hem şahsyýetiň erkin ösüşi, ynsanperwerlik we kanunylyk;

2) haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan ýaş raýatlaryň deňligi;

3) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň çäklerinde amala aşyrylýan, ýaşlaryň öz bähbitlerini durmuşa geçirmek arkaly saýlamak erkinliginiň kepilligi;

4) Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň we borçlarynyň, azatlyklarynyň we raýat jogapkärçiliginiň bitewiligi;

5) ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goragy;

6) maşgalada, şeýle-de bilim edaralarynda, işi ýaş raýatlary terbiýelemek bilen baglanyşykly beýleki edaralarda we guramalarda terbiýäniň yzygiderliligi;

7) ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, raýatlylygy, Watany söýüjiligi, internasionalizmi, jogapkärçilikliligi, zähmete söýgini terbiýelemek;

8) ýaş raýatlaryň ýaşy bilen şertlendirilen olaryň durmuş ýagdaýynyň çäklendirmeleriniň öwezini dolýan hukuk we durmuş-ykdysady kepilliklerini üpjün etmek;

9) ýaşlar barada döwlet syýasaty döredilende we durmuşa geçirilende şahsyýetiň döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak;

10) ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlary ileri tutmak;

11) ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek;

12) ýaşlaryň dürli maksatly toparlarynyň bähbitlerini we isleglerini hasaba almak;

13) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maglumat açyklygy;

14) Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň gös-göni gatnaşmagy;

15) döwletiň, raýat jemgyýeti institutlarynyň we telekeçiligiň wekilleriniň arkalaşykly hereketiniň üsti bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlyk;

16) ýaşlar barada döwlet syýasatyny işläp taýýarlamagyň ylmy esaslylygy we toplumlaýynlygy;

17) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň taslamalaýynlygy.

 

6-njy madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

 

Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardan ybarat:

1) döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek;

2) ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagyna şert döretmek we onuň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam etmek;

3) ýaş raýatlary watançylyk we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek;

4) ýaşlaryň döredijilik işjeňligini ösdürmek;

5) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş adamlaryň jemgyýetiň durmuşyna goşulmagy üçin şertleri döretmek;

6) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlaryň hukuklarynyň we durmuş goragynyň kepillikleriniň üpjün edilmegi;

7) ýaş maşgala döwlet goldawy;

8) ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimi üçin şertleri üpjün etmek;

9) zehinli ýaşlaryň döwlet goldawy;

10) ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek;

11) ýaşlaryň zähmet we iş bilen üpjünçiligi çygrynda kepillikleri üpjün etmek;

12) ýaşlaryň telekeçilik işine ýardam etmek;

13) ýaşlaryň boş wagtyny medeniýetli geçirmekleri we dynç alşy üçin şertleri üpjün etmek;

14) ýaşlaryň birleşiklerini goldamak we ösdürmek;

15) halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek.

 

II BAP. ÝAŞLAR SYÝASATY BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

 

7-nji madda. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrýan Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary hem-de wezipeli adamlary

 

Ýaşlar barada döwlet syýasatyny döretmegi we durmuşa geçirmegi şular amala aşyrýarlar:

1) Türkmenistanyň Prezidenti;

2) Türkmenistanyň Milli Geňeşi;

3) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti;

4) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan;

5) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary;

6) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary.

 

8-nji madda. Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň ýaşlar syýasaty babatdaky ygtyýarlygy

 

Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlygyna şu aşakdakylar degişlidir:

1) Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň umumy guramaçylyk, durmuş, ykdysady, syýasy we hukuk esaslaryny bellemek;

2) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň subýektleriniň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek;

3) ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny we işiniň guralmagyny hukuk taýdan düzgünleşdirmek;

4) ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek;

5) ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklamak;

6) ýaşlary durmuş taýdan goramak boýunça çäreleriň ulgamyny döretmek;

7) ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň başlangyçlaryny hukuk, guramaçylyk we ykdysady taýdan goldamak;

8) Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň çäklerinde ýurduň ýaşlarynyň bähbitlerine wekilçilik etmek, Türkmenistanyň adyndan ýaşlar barada döwlet syýasatynyň meseleleri boýunça halkara gatnaşyklaryny amala aşyrmak;

9) Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

10) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň beýleki meseleleri.

 

9-njy madda. Ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylanyň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan:

1) ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda döwlet maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny we durmuşa geçirilmegini guraýar;

2) ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ygtyýarly edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

3) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet maksatnamalaryny döredýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin berýär;

4) ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;

5) öz ygtyýarlygynyň çäklerinde ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

6) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň maglumat we ylmy üpjünçiligini guraýar;

7) ýaşlar we ýaşlar birleşikleri bilen işlemegiň, ýaşlar maksatnamalaryny  (taslamalaryny) durmuşa geçirmegiň monitoringini we baha bermegi taýýarlamagyň we amala aşyrmagyň meselelerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna usuly kömek berýär;

8) ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine monitoringi amala aşyrýar;

9) ýaşlary we ýaşlar birleşiklerini ýaşlar barada döwlet syýasatynyň wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine çekmek boýunça çäreler geçirýär.

 

10-njy madda. Ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary:

1) ýaşlaryň döwlet goldawynyň ugurlaryna laýyklykda degişli taslamalary işläp taýýarlaýarlar we durmuşa geçirýärler;

2) ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýarlar;

3) ýaş raýatlaryň arasynda hünärlere ugrukdyrmagy, hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygy we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny, şeýle hem ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine ýardam edýän maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyny guraýarlar;

4) ýaşlaryň meseleleri boýunça ylmy barlaglaryň geçirilmegini üpjün edýärler.

 

11-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýaşlar barada döwlet syýasaty babatdaky ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň sebitlerde durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler;

2) döwlet ýaşlar maksatnamalarynyň esasynda ýerli derejeli maksatnamalary (taslamalary) işläp taýýarlaýarlar we durmuşa geçirýärler;

3) dolandyryş-çäk birlikleriniň degişli çäklerinde durmuşa geçirilýän ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda maksatnamalaryň (taslamalaryň) maglumatlaýyn alnyp barlyşyny üpjün edýärler;

4) ýerli derejede ýaşlar maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin jaýlaryň berilmegini hasaba almak bilen, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, dynç alşy guramak üçin şertleri üpjün edýärler;

5) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlary we ýaş maşgalalary ýüze çykarýarlar hem-de hasabyny ýöredýärler;

6) meýletinçilik işini amala aşyrýan ýaş raýatlaryň goldawyny üpjün edýärler;

7) öz işini olaryň çäginde amala aşyrýan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýän çäreler hakyndaky hasabatlaryny diňleýärler.

 

12-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işi guramak

 

1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek olaryň ygtyýarlygynyň çäklerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.

2. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň işini utgaşdyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Aýry-aýry ugurlar boýunça ýaşlar barada döwlet syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen wezipeli adamlaryň, wekilçilikli we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ýanynda edaraara geňeşler we toparlar döredilip bilner.

4. Türkmenistanda  ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň ygtyýaryna degişli meseleleri taýýarlamak we garamak üçin ýaşlar meseleleri bilen meşgullanýan toparlar döredilip bilner.

5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýanynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşlar bilen işlemek baradaky bölümler döredilip bilner.

 

13-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň gatnaşmagy

 

1. Ýaşlar Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň döredilmegine we geçirilmegine aşakdakylar arkaly gatnaşýarlar:

1) ýaşlaryň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlary boýunça teklipler bermegi;

2) ýaşlar syýasatynyň meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen arkalaşykly hereket etmegi;

3) ýaşlaryň hukuklaryny we bähbitlerini durmuşa geçirmegiň döwlet maksatnamalarynyň we ýerli derejedäki maksatnamalaryň hem-de beýleki meseleleriň taslamalarynyň jemgyýetçilik ara alnyp maslahatlaşylmalary;

4) ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan maslahat beriş geňeşleriniň, halkara we beýleki guramalaryň işi;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik işiň beýleki görnüşleri.

2. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek boýunça ýaşlar, ýaşlaryň birleşikleri tarapyndan döwlet häkimiýet edaralaryna girizilýän tekliplere olar tarapyndan öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda we şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunçylygy bilen kesgitlenilýän tertipde garalýar.

Eger tekliplere garamak üçin maddy we maliýe serişdeleriniň degişli hasaplamalary, maglumatlary toplamak, resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak gerek bolsa, onda döwlet häkimiýet edaralary maglumat we usulyýet kömegini amala aşyrýarlar, görkezilen teklipleri girizen ýaşlar birleşikleriniň ygtyýarly wekilleri we ýaşlar bilen maslahatlar geçirýärler.

3. Döwlet häkimiýet edaralary Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek babatda maslahatlar we hereketleri utgaşdyrmak üçin ýaşlar birleşikleriniň wekillerini çekýärler. Görkezilen maksatlary durmuşa geçirmek üçin maslahat beriş-maslahatçy edaralar döredilip bilner, olaryň düzümine ýaşlar birleşikleriniň ygtyýarly wekilleri girýär.

4. Döwlet häkimiýet edaralary ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda maksatnamalarda (taslamalarda) göz öňünde tutulýan işleri ýerine ýetirmek ýa-da hyzmatlary etmek üçin ýaşlar birleşiklerini çekmäge haklydyrlar.

5. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny döretmäge we durmuşa geçirmäge ýaşlary çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan keminden iki ýylda bir gezek Türkmenistanyň ýaşlarynyň Umumydöwlet gurultaýyny (forumyny) – Türkmenistanyň ýaşlarynyň we ýaşlar birleşikleriniň ygtyýarly wekilleriniň gurultaýyny çagyrýar.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň Umumydöwlet gurultaýyny geçirmegiň tertibi, wekilçiligiň kadalary Türkmenistanyň ýaşlarynyň Umumydöwlet gurultaýy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylanyň hödürnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan Düzgünnama bilen bellenilýär.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň Umumydöwlet gurultaýy öz ygtyýarlygynyň çäklerinde Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek boýunça maslahatlary işläp taýýarlap biler.

 

14-nji madda. Ýaşlar bilen işi amala aşyrýan ýöriteleşdirilen guramalar

 

1. Ýaşlar bilen işi amala aşyrýan ýöriteleşdirilen guramalara şular degişlidir:

1) ýaşlar merkezleri, ýetginjekler klublary, bedenterbiýe-sport merkezleri;

2) ýaşlar üçin durmuş gulluklary;

3) ýaşlaryň iş bilen meşgullanyşyna ýardam etmek boýunça guramalar (ýaşlaryň zähmet biržalary, ýaşlary iş bilen üpjün edýän merkezler we beýlekiler);

4) mekdepden daşary bilim edaralary;

5) çagalar we ýaşlar dynç alyş-sagaldyş merkezleri;

6) işi şu maddanyň 2-nji böleginde görkezilen çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen beýleki guramalar.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ýöriteleşdirilen guramalar ýaşlar üçin durmuş goldawy, durmuş, lukmançylyk, psihologiýa-mugallymçylyk, hukuk we beýleki hyzmatlar boýunça, şeýle hem kyn durmuş ýagdaýyna düşen we beýleki ýaş raýatlara durmuş, psihologiýa taýdan uýgunlaşmak we durmuş taýdan dikeldilmegine ýardam etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar.

3. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ýöriteleşdirilen guramalar ýaşlary goldamagyň döwlet maksatnamalarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýa-da döwlet durmuş taýdan buýurmasyna bäsleşik esasynda gatnaşyp bilerler.

 

15-nji madda. Ýaşlar üçin durmuş gulluklary

 

1. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin we ýaş raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kepillikler bilen üpjün etmek üçin döwlet-jemgyýetçilik esasynda ýaşlar üçin durmuş gulluklary döredilip bilner.

2. Ýaşlar üçin durmuş gulluklary muzdsuz esasda şu aşakdakylary amala aşyrýarlar:

1) ýaş raýatlara olaryň hukuklary we mümkinçilikleri hakynda habar bermegi;

2) kämillik ýaşyna ýetmediklere, beýleki ýaş raýatlara we olaryň ata-enelerine  ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara maslahat bermegi;

3) psihologiýa, mugallymçylyk, neşekeşlige garşy we hukuk kömegini;

4) ýaş maşgalalara durmuş-hukuk, psihologiýa-mugallymçylyk, maglumat maslahat beriş hyzmatlaryny;

5) saglyk ýagdaýy boýunça amatsyz şertlerde galan ýaş raýatlary, şeýle hem ýetim çagalary we ýörite bilim edaralarynda bolýan ýa-da olarda bolmagyny tamamlan, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalary durmuş taýdan goramagy, durmuş-zähmet we lukmançylyk taýdan dikeltmegi;

6) zähmetkeşler we okaýanlar köpçüliklerinde ýaşlary hukuk taýdan goramagy;

7) alkogolizmden, neşekeşlikden we psihikoaktiw maddalara baglylykdan bejergi geçen, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşadylan adamlaryň, şeýle hem AIW ýokaşmasyndan ejir çekýän adamlaryň hataryndan ýaşlary durmuş taýdan dikeltmegi (reabilitasiýa);

8) hukuk taýdan wagyz-nesihaty, işe ýerleşmek, bilim we hünär taýýarlygy, boş wagty, syýahatçylyk we sport çygyrlarynda ýaşlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri hakynda olara habar bermegi;

9) ýaşlaryň ýaşaýan ýerinde boş wagtyny mazmunly guramagy, şol sanda ýetginjekler we ýaşlaryň howly klublaryny açmagy we goldamagy;

10) ýaşlaryň işe ýerleşmegine we iş bilen üpjünçiligine ýardam etmegi;

11) ýaşlaryň köpçülikleýin we hususy telekeçilik işini goldamagy we ösdürmegi;

12) ýaşlaryň öz-özüni dolandyryş görnüşleriniň ösdürilmegine hemaýat etmegi;

13) ýaşlary ösdürmek üçin kömek bermek we şertler döretmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri.

3. Ýaşlar üçin durmuş gulluklarynyň ulgamyndaky işe degişli hünär bilimi we taýýarlygy bolan we bellenilen tertipde hünär synagyny geçen adamlar goýberilýär.

4. Ýaşlar üçin durmuş gulluklarynyň işini maliýeleşdirmek ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary sebit aýratynlyklaryny hasaba almak bilen durmuş gullugynyň görnüşini kesgitleýärler.

 

III BAP. ÝAŞLARYŇ HUKUK WE DURMUŞ GORAGLYLYGY

 

16-njy madda. Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary

 

Türkmenistanyň ýaşlary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen berilýän ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar.

 

17-nji madda. Ýaşlaryň hukuk goragy we ony üpjün etmek

 

1. Ýaşlaryň hukuk goragy Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenýän tertipde kanun çykaryjy, ýerine ýetirijili, kazyýet häkimiýetleriniň edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Olaryň ýaşyny häsiýetlendirýän alamatlar boýunça ýaşlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň haýsydyr bir göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirilmegine ýol berilmeýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

3. Ýaş raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň (maýyplaryň; öý hojalygyny alyp barmak bilen meşgullanýan adamlaryň; ýetim çagalaryň we ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we başgalaryň) hukuklaryny goramagyň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

18-nji madda. Türkmenistanda ýaşlaryň hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary

 

1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, galan raýatlar üçin bellenen borçlar bilen deňeşdirilende ýaş raýatlara haýsydyr bir goşmaça borçlaryň ýüklenilmegine ýol berilmeýär.

2. 18 ýaşa (kämillik ýaşyna) ýetmedik adamlar döwletiň aýratyn goragyndan peýdalanýarlar.

3. Kanunda göz öňünde tutulan terbiýeçilik häsiýetli mejbury çäreler kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlara diňe kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň esasynda ulanylyp bilner.

4. Döwlet häkimiýet edaralary hem-de wezipeli adamlar, mugallymçylyk işgärler we ýaşlar üçin durmuş gulluklarynyň işgärleri kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan amala aşyrylan etmişler hakynda maglumatlaryň jemagat taýdan ýaýradylmagyna esaslanan täsir ediş çärelerini ulanyp bilmezler, haçan-da agzalan çäreler jenaýat jeza çäresi ýa-da administratiw temmi görnüşinde bolsa ýa-da kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň esasynda ulanylýan terbiýeçilik häsiýetli mejbury çärelere degişli bolan halatlar muňa girmeýär.

5. Bilim edaralarynyň administrasiýasy bilen özara gatnaşyklarda okuwçylaryň we talyplaryň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň bilim babatdaky kanunçylygy bilen bellenilýär.

6. Okuw işi wagtynda okuwçylaryň we talyplaryň zähmet işine çekilmegine ýol berilmeýär, haçan-da şeýle iş olar tarapyndan saýlanyp alnan kärlere (hünärlere) laýyk gelýän we okuw-önümçilik tejribeliliginiň görnüşi bolan halatlar ýa-da okuwdan boş wagtynda okuwçylaryň we talyplaryň meýletin köpçülikleýin ýa-da hususy zähmetiniň halatlary muňa degişli däldir. Görkezilen zähmet işi Türkmenistanyň zähmet we beýleki kanunçylygyna laýyklykda guralýar we geçirilýär.

 

19-njy madda. Ýaşlaryň durmuş goragy

 

1. Ýaşlaryň durmuş goragynyň çärelerine şular degişlidir:

1) mugt umumy orta bilim, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet bilim edaralarynda bäsleşik esasynda mugt hünär bilimi;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet tarapyndan kepillendirilýän lukmançylyk kömegini mugt almak;

3) ýerine ýetiriji hekimiýetiň degişli edaralarynyň çözgüdi boýunça döwlet sport-sagaldyş we medeni aň-bilim edaralaryna ýeňillikli şertlerde barmak;

4) ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralarynyň çözgüdi boýunça okatmagyň gündizki görnüşinde okaýanlar üçin (taksiden başga) jemgyýetçilik ulagynda ýeňillikli gatnamak;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynda okaýanlar üçin demir ýol we (taksiden başga) şäherara awtomobil ulagynda gyşky we tomusky dynç alyş döwründe ýeňillikli gatnamak;

6) hukuk, psihologiýa, mugallymçylyk meseleleri boýunça, şeýle hem maşgala, jynsy terbiýe we sagdyn önelgelik meseleleri boýunça maslahatlar görnüşinde durmuş hyzmatlaryny almak;

7) ýaşlaryň şu aşakdaky toparlarynyň saglyklaryny we zähmete ukyplylygyny dikeltmek boýunça hyzmatlar almak:

- maýyplar,

- azatlykdan mahrum edilen ýerlerden boşan adamlar,

- arakhorlukdan, neşekeşlikden we psihoaktiw maddalara baglylykdan bejergi geçen adamlar,

AIW ýokaşmasyndan ejir çekýän adamlar;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet durmuş kömegini almak;

9) bilim edaralaryna kabul etmegiň döwlet meýilnamasyna laýyklykda döwlet hünär bilimi edaralarynda okatmagyň gündizki görnüşinde okaýanlar üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän möçberde we tertipde aýlyk talyp hakyny almak;

10) hünär bilimi edaralarynda okuwyň tölegini tölemek we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýokary okuw mekdeplerinde okaýan döwründe okuw hem-de ylmy edebiýatlary edinmek, şeýle hem naharlanmak, ýaşamak we beýleki durmuş hajatlarynyň çykdajylaryny kem-käsleýin ýapmak üçin ýaş raýatlar tarapyndan döwlet bilim karzyny almak;

11) ýaşaýyş jaýyny gurmak we edinmek, öý hojalygyny edinmek üçin ýaş maşgalalara ýeňillikli karzlary bölüp bermek;

12) zähmet bilen meşgullanmak ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ol bolmadyk mahalynda maddy öwez puluna bolan hukuk;

13) durmuş infrastrukturasynyň desgalary taslananda we gurlanda ýaşlaryň isleglerini hasaba almak.

2. Kämillik ýaşyna ýetmedikleri we ýaş raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň (maýyplaryň; öý hojalygyny alyp barmak bilen meşgullanýan adamlaryň; çagalar öýlerinde terbiýelenenleriň; harby gullukdan boşanlaryň, ätiýaçdaky esgerleriň) durmuş goragynyň ýörite çäreleri, şeýle hem olaryň hukuklaryny amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

 

IV BAP. ÝAŞLARYŇ DÖWLET GOLDAWY

 

20-nji madda. Türkmenistanda ýaşlaryň döwlet goldawyn esasy ugurlary

 

Türkmenistanda ýaşlaryň döwlet goldawynyň esasy ugurlaryna şular degişlidir:

1) bilim çygrynda ýaş raýatlary goldamak;

2) zehinli ýaşlary goldamak;

3) medeniýet we sungat çygrynda ýaş raýatlary goldamak;

4) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlary goldamak;

5) ýaş maşgalalary goldamak;

6) ýaş alymlary goldamak;

7) ýaş raýatlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine we olaryň zähmet hukuklarynyň we borçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek;

8) ýaş hünärmenleri goldamak;

9) ýaşlar telekeçiligini goldamak;

10) saglygy goramak, howply keselleriň öňüni almak babatda ýaş raýatlara ýardam etmek;

11) bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek babatda ýaş raýatlara ýardam etmek;

12) ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlaryny, jemgyýetçilik-syýasy işini goldamak;

13) halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny goldamak.

 

21-nji madda. Ýaş raýatlaryň bilim çygryndaky döwlet goldawy

 

1. Ýaşlaryň bilim çygryndaky döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar:

1) bilim çygrynda zehinli ýaş raýatlary goldamak we höweslendirmek;

2) ýaşlaryň raýat hökmünde berkarar bolmagy, watançylyk we ruhy- ahlak terbiýesi;

3) ýaş raýatlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak;

4) ýörite bilim edaralarynda, mekdepden daşary bilim edaralarynda, ýaşaýan ýeri boýunça ýetginjekler we ýaşlar merkezlerinde terbiýeçilik işiniň dürli görnüşlerini goldamak we ösdürmek;

5) ylmy barlaglar bilen meşgullanýan ýaş raýatlary goldamak;

6) köp çagaly we pes girdejili maşgalalarda ýaşaýan umumybilim berýän edaralaryň okuwçylaryny goldamak.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ugurlar boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasy keminden üç ýylda bir gezek döwürleýinlik bilen gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

22-nji madda. Zehinli ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak

 

1. Jemgyýetiň akyl we döredijilik kuwwatyny aýap saklamak we ösdürmek, Türkmenistanyň ylmy, medeni däpleriniň miras geçijiligini üpjün etmek maksady bilen zehinli ýaşlary goldamak boýunça çäreleriň ulgamy amala aşyrylýar.

2. Zehinli ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýörite döwlet talyp haklaryny, baýraklary bellemek, bilim we ylym grantlaryny bermek;

2) görnükli ylmy, medeniýet, sungat we sport işgärleriniň bilimleriniň, tejribesiniň miras geçijiligini üpjün edýän şertleriň döredilmegine, şeýle hem olaryň ýolbaşçylygynda döredijilik ussahanalarynyň, mekdepleriniň we beýleki edaralaryň döredilmegine ýardam etmek;

3) olimpiadalary, bäsleşikleri, sergileri, festiwallary, gözden geçirişleri, simpoziumlary, maslahatlary we beýleki çäreleri guramak we geçirmek;

4) zehinli ýaşlara okatmagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we hünär tälimini almagyň döwlet we halkara maksatnamalaryna bäsleşik esasynda elýeterliligi üpjün etmek.

3. Kärhanalar, edaralar we guramalar, jemgyýetçilik birleşikleri, wezipeli adamlar zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna we döredijilik taýdan kemala gelmegine ýardam etmäge borçludyrlar. Şu maksatlar bilen olar ylym, tehnika, ykdysadyýet, dolandyryş, telekeçilik, sungat, sport çygyrlarda we beýleki çygyrlarda zehinli ýaşlary agtarýarlar, goraýarlar we goldaýarlar.

 

23-nji madda. Ýaş raýatlaryň medeniýet we sungat çygryndaky döwlet goldawy

 

1. Ýaşlaryň medeniýet we sungat çygryndaky döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar:

1) ýaş raýatlaryň jemgyýetiň medeni durmuşyna gatnaşmagyny işjeňleşdirmek üçin olaryň umumadamzat we milli medeniýetiň gymmatlyklaryna goşulmagynda olary akyl we ahlak taýdan ösdürmegiň görnüşlerini kämilleşdirmek;

2) türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna goşulmagyna akyl ýetirmegine ýardam etmek;

3) medeni giňişligiň bitewiligini, medeni gymmatlyklara elýeterliligi almakda ýurduň ähli sebitleriniň ýaş raýatlary we ýaşlaryň dürli maksatly toparlarynyň wekilleri üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmek;

4) medeniýet we sungat babatda zehinli ýaş raýatlary goldamak we höweslendirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;

5) görnükli medeniýet we sungat işgärleriniň çeperçilik ýolbaşçylygy astynda ýaşlar üçin döredijilik ussahanalaryny, mekdepleri we beýleki edaralary döretmek;

6) ýerli we umumydöwlet derejelerinde bäsleşikleri we festiwallary geçirmek arkaly ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ugurlar boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasy keminden üç ýylda bir gezek döwürleýinlik bilen gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

24-nji madda. Kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlaryň döwlet goldawy

 

1. Kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlary goldamak çygrynda döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar:

1) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlary döwlet tarapyndan goldamak çärelerini işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;

2) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlary zerur durmuş kömegi we hukuk goragy bilen üpjün etmek üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek;

3) bilimiň, hünäre ugrukdyrmagyň, işe ýerleşmegiň, telekeçilik işini guramagyň we goldawyň beýleki çäreleriniň ugurlaryny we görnüşlerini saýlamagyň meseleleri boýunça kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlara durmuş-hukuk, psihologiýa-mugallymçylyk, maglumat we maslahat beriş kömegini işjeňleşdirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;

4) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlara durmuş kömegini bermek, lukmançylyk we durmuş-psihologiýa hyzmatlary etmek, durmuş taýdan dikeltmek we uýgunlaşdyrmak boýunça çäreleri işjeňleşdirmek;

5) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlara kömek berýän jemgyýetçilik birleşiklerini, ýuridik we fiziki şahslary goldamagyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen taslamalaryň döwlet maksatnamasy keminden üç ýylda bir gezek döwürleýinlik bilen gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

25-nji madda. Ýaş maşgalalaryň döwlet goldawy

 

1. Ýaş maşgalalary goldamak çygrynda döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar:

1) durmuş-ykdysady, ýaşaýyş-durmuş we ýaşaýyş jaý meselelerini çözmekde olara maddy we gaýry kömek bermek boýunça ýaş maşgalalary, ozaly bilen kem üpjünçilikli ýa-da doly däl maşgalalary goldamak;

2) sagdyn önelgelik, howpsuz enelik, çagalary terbiýelemek we ösdürmek meseleleri boýunça ýaş maşgalalar bilen aň-bilim işini guramak;

3) maşgala we çagalar dynç alşy hem-de syýahatçylyk çygrynda çäreleri guramak we geçirmek;

4) ýaş maşgalalar bilen işlemek boýunça ýaş maşgalanyň meseleleri we ylmy-usulyýet barlaglary boýunça sosiologik monitoringleri geçirmek;

5) ýaşaýyş jaýy gurlanda we edinilende, ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylanda ýaş maşgalalary goldamak meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek;

6) elýeter ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy meseleleri boýunça ýaş maşgalalary goldamak;

7) hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berlende, öý hojalygyny edinmekde, öýde ulanylýan uzak wagtlaýyn peýdalanylýan närseleri edinmekde, hünär bilimi edaralarynda tölegli esasda okamagy üçin töleg geçirmekde ýaş maşgalalara ýeňillikleri bellemek üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek;

8) daýhan hojalygy guralanda ýaş maşgalalara ýerden peýdalanmagyň we suwdan peýdalanmagyň ýeňillikli tertibini bellemek üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek;

9) ýaş maşgalalara bilim, lukmançylyk-durmuş, durmuş-hukuk, psihologiýa-mugallymçylyk, maglumat, maslahat beriş we beýleki hyzmatlar çygryny giňeltmek maksady bilen ýaşlar üçin durmuş gulluklarynyň ulgamyny döretmek.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ugurlar boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasy keminden üç ýylda bir gezek döwürleýinlik bilen gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim, oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

26-njy madda. Ýaş alymlaryň döwlet tarapyndan goldawy

 

1. Ylym we innowasiýalar çygrynda ýaşlaryň döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar:

1) ylym, tehnika we tehnologiýalar babatda zehinli ýaş raýatlary goldamak we höweslendirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet talyp haklaryny we baýraklary bellemek;

3) Türkmenistanyň kanuçylygyna laýyklykda zehinli ýaş alymlar üçin döwlet grantlaryny bermek;

4) geljegi uly bolan ylmy barlaglary alyp barýan ýaş alymlar üçin ýeňillikli maliýe we maddy şertleri döretmek;

5) görnükli ylym we medeniýet işgärleriniň ýolbaşçylygy astynda döredijilik ussahanalaryny, ylmy mekdepleri, wagtlaýyn döredijilik ýa-da ylmy işgärleriň köpçüligini döretmek;

6) ýaş alymlaryň innowasiýa işi üçin döwletiň eýeçiliginde durýan maddy serişdeleri şertnamalaýyn esasda bermek;

7) taryhy-medeni we ylmy-tehniki obýektleri ilkibaşdaky niýetlenilişi bilen funksional baglylykda we aýap saklamak kepillendirilen ýagdaýynda şeýle obektleri olaryň barlag işleri üçin ýaşlar birleşiklerine peýdalanmaga bermek.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ugurlar boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasy keminden üç ýylda bir gezek döwürleýinlik bilen gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda ylym we medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

27-nji madda. Ýaş raýatlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine we olaryň zähmet hukuklarynyň we borçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek

 

1. Ýaş raýatlaryň ykdysady özbaşdaklygy we olaryň zähmet hukuklaryny we borçlaryny durmuşa geçirmek çygrynda döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar:

1) ýaş raýatlaryň iş bilen üpjünçiligine, hünäre ugrukdyrma işlerine, hünär taýýarlygyna, gaýtadan taýýarlamaga we hünärini ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça işi amala aşyrýan guramalary (ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik merkezlerini, ýaşlaryň zähmet biržalaryny, ýaşlaryň talyplar toparlaryny we başgalary) goldamak;

2) ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini we hünäre ugrukdyrma işlerini, alyjylaryň özüni alyp baryş medeniýetini we endiklerini döretmek, alyjylaryň hukuklaryny goramak meseleleri boýunça aň-bilim çygrynda maksatnamalary durmuşa geçirýän ýaşlar birleşiklerini goldamak;

3) zähmet bazarynda ýaşlaryň durmuşa uýgunlaşmagyna ýardam etmek we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;

4) ýaşlar, ilkinji nobatda, durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän (maýyp çagalar, ýetim çagalar, ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar) we iş gözleginde kynçylyklary başdan geçirýän adamlar we Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň öňki harby gullukçylarynyň hatarynda bolan ýaş raýatlar, şeýle hem oba ýerlerinde ýaşaýan ýaşlar üçin iş berijiler tarapyndan iş orunlarynyň döredilmegini höweslendirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak;

5) ýaşlar kärhanalarynyň döredilmeginde okuwçylara, talyplara we ýaş alymlara ýardam etmek;

6) ýaşlaryň içerki zähmet migrasiýasynyň möçberlerini we ugurlaryny düzgünleşdirmek, amatlaşdyrmak boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ugurlar boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasy keminden üç ýylda bir gezek döwürleýinlik bilen gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň  ygtyýarly edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

28-nji madda. Ýaş hünärmenleriň döwlet goldawy

 

1. Ýaş hünärmenleri goldamak çygrynda döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar:

1) hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny iş bilen üpjün etmek, olaryň durnukly, doly bahaly zähmet işini üpjün etmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak;

2) ýaş hünärmenleriň hataryndan dolandyryjylyk wezipelerini çalyşmak üçin işgärler ätiýaçlygyny döretmek.

2. Ýaş hünärmeniň hukuk ýagdaýy şu aşakdaky halatlarda uzaldylýar:

1) çagyryş boýunça harby gullukda bolanda – gulluk möhletine çenli;

2) çaga seretmek boýunça rugsat berlende – çaga üç ýaşyna ýetýänçä.

Ýaş hünärmeniň hukuk ýagdaýy onuň hereket ediş möhletiniň gutarmagyna çenli şu aşakdaky halatlarda ýitirilýär:

1) ýaş hünärmeniň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagy;

2) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça iş berijiniň başlangyjy boýunça zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagy.

Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň ähli talaplary, onuň zähmet işiniň amala aşyrylýan kärhanasynyň, edarasynyň ýa-da guramasynyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary ýaş hünärmene degişlidir.

3. Ýaş hünärmeniň tiz uýgunlaşmagy we onuň hünär endiklerini edinmegi üçin Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda halypaçylyk guralýar.

4. Ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna ýa-da ýaşaýyş jaýyna mätäçlik çekýän ýaş hünärmen olar bilen Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär.

Iş beriji ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçlik çekýän ýaş hünärmenleri ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegiň özbaşdak maksatnamasyny bellemäge haklydyr, şunda şeýle iş beriji ýaşlar syýasatynyň çygrynda taslamalaryny döwlet tarapyndan bilelikde maliýeleşdirmek ulgamynyň çäklerinde görkezilen maksatnamany subsidirlemek üçin dalaş etmäge haklydyr.

5. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ugurlar boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasy keminden üç ýylda bir gezek döwürleýinlik bilen gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

29-njy madda. Ýaşlar telekeçiliginiň döwlet goldawy

 

1. Ýaşlar telekeçiligini goldamak çygrynda ýaşlaryň döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar:

1) ýaşlar telekeçiliginiň hukuk ýagdaýynyň we netijeli işlemeginiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek;

2) ýaşlar telekeçiliginiň kärhanalarynyň işini maddy-enjamlaýyn we maliýe taýdan goldamak boýunça döwlet çäreler ulgamyny döretmek we durmuşa geçirmek;

3) ýaşlary telekeçilik işiniň çygryna çekmek üçin höweslendirmeler ulgamyny ösdürmek;

4) telekeçilik işiniň esaslaryny öwretmekde, esaslandyryjy resminamalary we täjirçilik maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda ýaş telekeçilere ýardam etmek;

5) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we gaýtadan taýýarlaýan edaralaryň ulgamynda ýaş telekeçileriň ykdysady we dolandyryjylyk bilimini almakda guramaçylyk we maliýe taýdan ýardam etmek;

6) ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda telekeçilik işi babatda bäsleşikleri, olimpiadalary we festiwallary geçirmek.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ugurlar boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasy keminden üç ýylda bir gezek döwürleýinlik bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi hem-de gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda maliýe, bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

30-njy madda. Saglygy goramak, howply keselleriň öňüni almak babatda ýaş raýatlara ýardam etmek

 

1. Saglygy goramak we howply keselleriň öňüni almak babatda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar:

1) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlaryň saglygyny goramak we howply keselleriň öňüni almak boýunça goldamak we kömek bermek;

2) howpsuz eneligi goldamak, jynsy ýol bilen geçýän keselleriň öňüni almak, önelgelik saglygyny goramak meseleleri boýunça ýaşlary goldamak;

3) ýaşlaryň arasynda arakhorlugyň, neşekeşligiň ýa-da psihoaktiw maddalara baglylygyň öňüni almak; arakhorlukdan, neşekeşlikden keselli ýaş raýatlary we psihoaktiw maddalara baglylykdan bejermek we dikeltmek;

4) howply keselleri duýdurmak we öňüni almak boýunça durmuş taýdan töwekgelçilikli ýaş raýatlaryň toparlary bilen öňüni alyş işi;

5) lukmançylyk-psihologiýa-mugallymçylyk taýdan dikeltmek boýunça ýaşlaryň durmuş hyzmaty edaralarynyň ulgamyny döretmek we ösdürmek.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ugurlar boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasy azyndan üç ýylda bir gezek  döwürleýinlik bilen gyzyklanýan ýerine ýetirji häkimiýetiň edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda saglygy goraýyş we derman senagaty, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, şeýle hem içeri işler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

31-nji madda. Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek babatda ýaş raýatlara ýardam etmek

 

1. Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek babatda ýaşlaryň döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar:

1) sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaş raýatlarda bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaklarynda islegi ösdürmek we olaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak;

2) ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň köpçülikleýin görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryny, bäsleşiklerini geçirmegiň tejribesini ösdürmek;

3) sagdyn durmuş ýörelgesini, talaba laýyk çagalar, ýaşlar maşgala dynç alşyny we boş wagtyny döretmek babatda innowasiýa tehnologiýalaryny we usulyýetlerini ornaşdyrmak maksady bilen çagalar we ýaşlar dynç alyş-sagaldyş, bilim edaralarynyň, synag meýdançalarynyň işini goldamak boýunça çäreleri amala aşyrmak;

4) ýaşlar gurşawynda ekologiýa syýahatçylyk ulgamyny döretmek we ösdürmek;

5) ýaş raýatlarda daşky gurşawyň düzüm böleklerine ekologiýa aňyny, medeniýetini we aýawly garaýşyny döretmek;

6) mümkinçilikleri çäkli ýaş raýatlaryň beden ösüşini, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny höweslendirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen ugurlar boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasy keminden üç ýylda bir gezek döwürleýinlik bilen gyzyklanýan ýerine ýetirji häkimiýetiň edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda bedenterbiýe we sport, saglygy goraýyş we derman senagaty, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, bilim, syýahatçylyk babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

32-nji madda. Ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlaryny, jemgyýetçilik-syýasy işini goldamak

 

1. Ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlaryny, jemgyýetçilik-syýasy işini goldamak babatda döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar:

1) ýaşlar birleşiklerini, ýaş raýatlaryň jemgyýetçilik-peýdaly işini goldamak, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli çygyrlarynda ýaş raýatlaryň döredijilik işjeňligini durmuşa geçirmek we kuwwatyny ösdürmek üçin şertleri döretmek boýunça çäreleri kämilleşdirmek;

2) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ylmy we maglumat üpjünçiligi boýunça işleri kämilleşdirmek;

3) ýaşlaryň meseleleri boýunça ylmy barlaglary geçirmegiň, umumydöwlet we ýerli derejelerde ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň usulyýetlerini işläp taýýarlamak we ulanmak;

4) sosiologik barlaglaryň tejribesini we ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlarynyň, jemgyýetçilik-syýasy işiniň monitoringini kämilleşdirmek;

5) ýaşlaryň ýagdaýy we Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek hakynda her ýylky nutuklary taýýarlamak;

6) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça ylmy-amaly, okuw-usulyýet konferensiýalaryny, maslahatlary, tegelek stollary yzygiderli geçirmek;

7) ýaşlaryň durmuşynyň hilini we durmuş taýdan goşulyşmak işini häsiýetlendirýän görkezijiler (kesgitleýjiler) boýunça saýlama barlaglary geçirmek;

8) ýaşlara maglumat kömeginiň ýeke-täk döwlet ulgamyny döretmek we ösdürmek, ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça maglumat-seljerme, okuw-enjamlaýyn merkezleriň işini üpjün etmek;

9) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýanynda jemgyýetçilik-maslahat beriş gurluşlara ýaşlaryň gatnaşmak şertlerini döretmek we ösdürilmegine ýardam etmek;

10) hünär biliminiň bilim edaralarynda talyplaryň öz-özüni dolandyryşyny kämilleşdirmek.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen taslamalaryň döwlet maksatnamasy keminden üç ýylda bir gezek döwürleýinlik bilen gyzyklanýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

 

33-nji madda. Ýaş raýatlara halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy babatda ýardam etmek

 

1. Döwlet şu aşakdakylar arkaly halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna ýardam edýär:

1) ýaşlar syýasaty, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara maksatnamalar ulgamyna goşulmagy babatda halkara tejribe alyşmak hakynda halkara şertnamalaryny bellenilen tertipde baglaşmak we durmuşa geçirmek;

2) halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çygrynda maglumat almakda, resminamalary işläp taýýarlamakda we hyzmatdaşlary seçip almakda halkara ýaşlar alyş-çalyşlarynyň guramaçylaryna we gatnaşyjylaryna kömek bermek;

3) halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam edýän beýleki çäreleriň guralmagyna gatnaşmak.

2. Türkmenistanyň ýaşlary bilen ýaşlar birleşikleriniň, daşary ýurt döwletler bilen halkara ýaşlar guramalarynyň arasynda ýaşlar syýasaty babatda, medeniýet, bilim, ylym, syýahatçylyk, sport çygrynda we beýleki çygyrda dostlukly we işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine, tejribe alşylmagyna ýardam edýän halkara ýaşlar saparlarynyň guralmagyna we geçirilmegine goldaw berýär.

 

V BAP. ÝAŞLAR BARADA DÖWLET SYÝASATYNY

DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄRELERI WE TÄRLERI

 

34-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler

 

Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:

1) ýaşlaryň hukuklaryny we borçlaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek;

2) ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda, şol sanda ygtyýarlyklary we edaraara utgaşdyrmagy çäklendirmek böleginde döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak;

3) ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda işgärleriň taýýarlyk we hünärini ýokarlandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek arkaly ýaşlar barada döwlet syýasatynyň işgärler kuwwatyny döretmek;

4) ýaşlar üçin dürli ugurlardaky durmuş gulluklarynyň ulgamyny ösdürmek we kadalaşdyryjy-hukuk taýdan üpjün etmek;

5) ýaşlar gurşawynda agdyklyk edýän meýilleri ýüze çykarmaga we barlamaga, täze ýüze çykýan meseleleri çözmäge çemeleşmeleri dessin işläp çykarmaga, mümkin bolan üýtgetmeleriň netijelerine baha bermäge we çaklamaga, ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda döwlet statistikasyny kämilleşdirmäge gönükdirilen ýaşlar barada döwlet syýasatyny ylmy taýdan üpjün etmek;

6) Türkmenistanyň Prezidentine bermek üçin Türkmenistanda ýaşlaryň ýagdaýy hakyndaky her ýylky nutugy taýýarlamak;

7) jemgyýetde ýaşlaryň durmuşynyň meseleleriniň ähli ugry boýunça maglumat bermek we durmuş aň-bilim maksatnamalarynyň ulgamlaryny ösdürmek arkaly ýaşlar barada döwlet syýasatyny maglumat bilen üpjün etmek.

 

35-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň tärleri

 

Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň tärleri şu aşakdakylary öz içine alýar:

1) maksatlaýyn toparlaryň aýratynlyklaryny we olara deň gatnaşmagy üçin mümkinçilikler berýän ähli ýaş raýatlary hasaba almak bilen ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän ýaşlar taslamalarynyň ulgamyny döretmek;

2) ýaşlar üçin döwlet we sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek (Türkmenistanyň administratiw-çäk gurluşyna laýyklykda);

3) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirijiler hökmünde ýaşlar birleşiklerini bäsleşik esasynda çekmek;

4) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň döwlet we döwlete dahylsyz guramalarynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin bäsleşik esasynda subsidiýalar bermek;

5) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin býujetden daşary serişdeleri we maddy serişdeleri çekmek;

6) ýaşlar birleşiklerine, ýaşlar kärhanalaryna we ýaşlar gaznalaryna özleriniň tertipnamalaýyn işini amala aşyranda maliýeleşdirmek, karzlaşdyrmak, salgyt salmak, maddy-enjamlaýyn üpjünçilik babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňillikleri bermek.

 

36-njy madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny maglumat we ylmy taýdan üpjün etmek

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny maglumat taýdan üpjün etmek boýunça işi amala aşyrýarlar.

2. Ýaşlaryň maglumat hyzmaty ýaşlar üçin maglumat ulgamlaryny, maglumat merkezlerini döretmek, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly üpjün edilýär.

3. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça meýilleşdirilýän we amala aşyrylýan çäreler hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýaşlara, ýaşlaryň birleşiklerine habar bermäge borçludyrlar.

4. Döwlet häkimiýet edaralary öz ygtyýarlygyna laýyklykda Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda ylmy barlaglary guraýarlar. Görkezilen barlaglar uzak wagtlaýyn esasda amala aşyrylýar we olar Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda döwlet maksatnamalary işlenip taýýarlanylanda nazara alynýan hökmany şert bolup durýarlar.

5. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda barlaglaryň netijeleriniň esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan Türkmenistanda ýaşlaryň ýagdaýy hakyndaky nutugy her ýyl taýýarlaýar we Türkmenistanyň Prezidentine berýär.

Türkmenistanda ýaşlaryň ýagdaýy hakyndaky nutuk Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we beýleki döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan degişli çözgütleri kabul etmek üçin olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde garalýar.

 

37-nji madda. Ýaşlar üçin durmuş infrastrukturasy

 

1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşlar üçin durmuş infrastrukturasynyň obýektleriniň döredilmegini we işlemegini üpjün edýärler.

2.  Ýaşlar üçin durmuş infrastrukturasynyň obýektleriniň işlemegini üpjün etmek bilen baglanyşykly döwlet eýeçiligi bolup durýan emlägiň (şol sanda ýer bölekleriniň, jaýlaryň, binalaryň, desgalaryň, enjamyň)  döredilmegi, edinilmegi ýa-da aýrybaşgalanmagy diňe görkezilen maksatlara laýyklykda peýdalanylyp bilner.

Eger ýüze çykan ýagdaýlaryň esasynda görkezilen emläk ýaşlar üçin durmuş infrastrukturasynyň obýektleriniň işlemegini üpjün etmek maksady bilen peýdalanylyp bilinmese, ony başga maksatlar üçin peýdalanmak hakyndaky çözgüt degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy tarapyndan ýaşlar üçin durmuş infrastrukturasynyň obýektiniň ýitgisiniň öwezini dolmaga gönükdirilen çäreleri deslapdan kabul etmek şerti bilen kabul edilýär.

3. Ýaşlar üçin durmuş infrastrukturasynyň obýektleriniň niýetlenilişini üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan çözgütleri kabul etmegiň tertibi ýaşlaryň ýaşaýşyny, okadylmagyny we terbiýelenmegini, beden, ruhy we ahlak ösüşini üpjün etmek üçin şeýle çözgütleri kabul etmegiň netijelerine ýörite döredilen bilermen topary tarapyndan baha bermek boýunça çäreleri göz öňünde tutýar.

4. Ýaşlar üçin döwlet eýeçiliginde durýan durmuş infrastrukturasynyň obýektleriniň işlemek tertibi, olary maddy we maliýe taýdan goldamak çäreleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

38-nji madda. Ýaşlar gaznalary

 

Ylmy, tehniki, medeni we beýleki döredijilik işini, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ýaşlaryň meseleleriniň çözülmegine ýardam edýän ýaşlaryň başlangyjyny goldamak maksady bilen ýaşlar gaznalary döredilýär.

Ýaşlar gaznalaryny döretmegiň we işiniň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

 

VI BAP. ÝAŞLAR BIRLEŞIKLERI

 

39-njy madda. Türkmenistanda ýaşlar birleşikleriniň hukuk ýagdaýy

 

1. Ýaşlar birleşikleriniň hukuk ýagdaýy jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň ýaşlar birleşikleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşi – jemgyýetçilik guramasydyr.

Ýaşlar birleşikleri birleşmeleri we assosiasiýalary döredip bilerler.

2. Ýaş raýatlary ýaşlar birleşiklerine girmäge göni ýa-da gytaklaýyn mejbur etmäge, şonuň ýaly-da olaryň işine gatnaşmagy gadagan etmäge ýol berilmeýär. Bu ýörelgeleriň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde jogapkärçilik çekýärler.

3. Türkmenistanyň ähli ýaşlarynyň bähbitleriniň we islegleriniň ýekemenlik aňladylmagyna dalaş etmäge hiç bir ýaşlar birleşiginiň haky ýokdur.

 

40-njy madda. Türkmenistanda ýaşlar birleşikleriniň hukuklary

 

1. Türkmenistanda ýaşlar birleşikleri şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) Türkmenistanda ýaşlaryň ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň Prezidentine berilýän nutugy taýýarlamaga we ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmak;

2) Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek boýunça teklipler girizmek;

3) ýaşlaryň hukuklaryna we bähbitlerine degip geçýän kanunlara we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda bellenilen tertipde teklipler girizmek;

4) Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda döwlet maksatnamasy üçin taslamalary taýýarlamaga we ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmak.

2. Ýaşlar birleşikleriniň wekilleri ýaşlaryň bähbitlerine degip geçýän meseleler boýunça çözgütler kabul edilende döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň mejlislerine gatnaşmak hukugyna eýedirler.

3. Şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen ýaşlar birleşikleriniň hukuklary gös-göni ýa-da olaryň ygtyýarly eden wekilleriniň üsti bilen doly möçberde ýaşlar birleşikleri tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň ýaşlar birleşikleri Türkmenistanyň bank edaralarynda hasaplaşyk, walýuta we beýleki hasaplary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde açmaga, bu hasaplar boýunça amallary amala aşyrmaga, öz ady görkezilen möhri, möhürçeleri we beýleki maglumatlary öz tertipnamalaýyn işinde peýdalanmaga haklydyrlar.

 

41-nji madda. Döwlet bilen ýaşlar birleşikleriniň özara gatnaşyklary

 

1. Döwlet ýaşlar birleşikleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär, olaryň işinde goldaw edýär, tertipnamalaýyn işiniň netijeli amala aşyrylmagy üçin olara ýeňillikleriň berilmegini kanunçylyk taýdan düzgünleşdirýär.

2. Ýaşlar birleşiklerine döwlet goldawy şu aşakdaky görnüşde bäsleşik esasynda amala aşyrylyp bilner:

1) olaryň buýurmalary boýunça ýaşlar birleşikleriniň aýry-aýry jemgyýetçilik-peýdaly maksatnamalarynyň maksatly maliýeleşdirilmegi;

2) şertnamalaryň islendik görnüşlerini, şol sanda işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary bermek üçin baglaşmak;

3) dürli döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek üçin durmuş buýurmasy.

3. Döwlet häkimiýet edaralary, eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar ýaşlar birleşiklerine olaryň tertipnamalaýyn wezipelerini amala aşyrmak üçin gerek bolan jaýlary we desgalary, aragatnaşyk we ulag serişdelerini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde muzdsuz esasda bermäge haklydyrlar.

4. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda geçirilýän çäreler hakynda ýaşlar birleşiklerine habar berýärler.

5. Ýaşlar birleşikleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny amala aşyrýan ygtyýarly edara olaryň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakynda maglumat bilen üpjün edýär we çözgüt kabul edýär.

6. Ýaşlar birleşikleriniň ýüztutmasy boýunça bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly döwlet edarasy işgärleriň taýýarlanylmagyny we gaýtadan taýýarlanylmagyny guraýar.

 

42-nji madda. Ýaşlar birleşikleriniň döwlet goldawynyň ýörelgeleri we şertleri

 

1. Ýaşlar birleşikleriniň döwlet goldawy şu aşakdaky ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar:

1) ýaşlar birleşikleriniň işinde umumy ynsanperwer we watançylyk gymmatlyklarynyň ileri tutulmagy;

2) şu Kanunyň talaplaryna jogap berýän ýaşlar birleşikleriniň döwlet goldawy üçin hukuklaryň deňligi.

2. Ýaşlar birleşikleriniň döwlet goldawynyň çäreleri döwlet häkimiýet edaralary, wezipeli adamlar tarapyndan ýaşlar birleşikleriniň kanuny bähbitleriniň, olaryň özbaşdaklygynyň garşysyna, şeýle hem olaryň işiniň häsiýetini üýtgetmek maksatlaryna gönükdirilip bilinmez.

3. Ýaşlar birleşikleriniň işiniň döwlet goldawy olar tarapyndan şu aşakdaky şertler berjaý edilende amala aşyrylýar:

1) birleşik ýuridik şahs bolsa we azyndan bir ýyl hereket edýän bolsa;

2) birleşik umumymilli birleşige degişli bolsa we onuň azyndan 500 agzasy bolsa.

4. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy işi onuň pudaklaýyn ugruna laýyk gelýän, azyndan 50 agzasy bolan ýaşlar birleşiklerine maliýe, maddy we guramaçylyk goldawyny edýär.

5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz edara tabynlygyndaky çäklerinde işleýän ýaşlar birleşikleriniň işini guramakda we üpjün etmekde ýardam edýärler.

6. Öz işine döwlet goldawy üçin ýüz tutýan ýaşlar birleşiginiň şu Kanunda bellenen talaplara laýyk gelmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan tarapyndan kesgitlenilýär.

 

43-nji madda. Ýaşlar birleşikleriniň taslamalarynyň döwlet goldawy

 

1. Ýaşlar birleşikleriniň taslamalarynyň döwlet goldawy hakyndaky çözgüt taslamalaryň bäsleşiginiň netijelerinden ugur alnyp, ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary tarapyndan kabul edilýär.

Ýaşlar birleşiginiň bäsleşik taslamasy bu taslamanyň maksadyny, esasy wezipelerini, mazmunyny we durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny, taslamany durmuşa geçirmek boýunça bu birleşigiň maliýe, maddy, işgärler serişdelerini we guramaçylyk mümkinçiliklerini şöhlelendirmelidir.

2. Ýaşlar birleşikleriniň taslamalarynyň döwlet goldawy boýunça çäreleri maliýeleşdirmek Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulýan serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

 

VII BAP. ÝAŞLAR BARADA DÖWLET SYÝASATYNYŇ YKDYSADY ÜPJÜNÇILIGI

 

44-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

 

1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmegiň esasy çeşmeleri şu aşakdakylardyr:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;

2) ýaşlar gaznalarynyň serişdeleri;

3) ýaşlar birleşikleriniň giriş we agzalyk gatançlary;

4) ýaşlar birleşiginiň tertipnamasyna laýyklykda geçirilýän umumy okuwlardan, sergilerden, lotereýalardan, bäsleşikli söwdadan, sport we beýleki çärelerden gelýän serişdeler;

5) ýuridik we fiziki şahslaryň muzdsuz kömegi. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdelerinden başga, ýuridik şahslara kömek bermek ähli çeşmeleriň hasabyna geçirilýär;

6) ýaşlar syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin grantlar;

7) ýaşlar telekeçiliginiň işinden gelýän girdejiler;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.

2. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde çäreleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenýän tertipde döwlet durmuş buýurmasy görnüşinde amala aşyrylyp bilner.

 

45-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň maliýeleşdirilişiniň esasy ugurlary

 

1. Şu aşakdakylar şu Kanunyň 44-nji maddasynda görkezilen, esasy çeşmeleriň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär:

1) Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet maksatnamalaryna girýän taslamalar;

2)  Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty gaýragoýulmasyz wezipeleri çaltlandyryp çözmek üçin gönükdirilýän maksatlaýyn çykdajylar;

3) ýaşlar birleşikleriniň durmuş taýdan ähmiýetli maksatnamalaryny goldamakdaky çykdajylar;

4) Türkmenistan tarapyndan baglaşylan halkara şertnamalaryna laýyklykda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy babatda çykdajylar;

5) ýaş raýatlaryň durmuş üpjünçiliginiň döwlet tarapyndan  kepillendirilen minimumyny üpjün etmekdäki çykdajylar.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary berlen döwlet ygtyýarlyklary boýunça ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde  ýerli býujetiň serişdeleri bilen üpjün edilýär.

 

46-njy madda. Ýaşlary goldaýan ýaşlaryň (ýaşlar birleşikleriniň) we beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň (ýaşlar birleşikleriniň) başlangyçlaryny höweslendirmek

 

1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine çekilen ýaşlaryň (ýaşlar birleşikleriniň) we ýaşlary goldaýan beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň (ýaşlar birleşikleriniň) başlangyçlaryny höweslendirmek döwlet maliýe goldawyny bermek arkaly amala aşyrylýar.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen subýektleriň başlangyçlarynyň döwlet maliýe goldawy bäsleşik esasynda amala aşyrylýar.

Döwlet maliýe goldawyny etmek boýunça bäsleşik açyk bolup durýar.

3. Döwlet maliýe goldawyny almaga dalaş edýän ýaşlaryň başlangyçlary şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

1) degişlilikde döwlet maksatnamalarynyň we ýerli derejeli maksatnamalaryň talaplaryna jogap bermeli;

2) ýaşlar başlangyjyny durmuşa geçirmegiň beýany, býujeti we meýilnamasy bolmaly.

4. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary döwlet maliýe goldawyny etmek üçin bäsleşik geçirilende şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen döwlet maliýe goldawynyň ähli subýektlerine bäsleşik esasynda deň elýeterliligi kepillendirmäge;

2) bäsleşigi geçirmegiň aýdyňlygyny, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde onuň geçirilişi hakyndaky maglumaty hökmany çap etmek arkaly üpjün etmäge;

3) bäsleşigiň netijelerine haýsydyr bir göni ýa-da gytaklaýyn gyzyklanmasy bolmadyk adamlary, şeýle hem ýaşlaryň wekillerini (ýaşlar birleşiklerini) bäsleşik toparynyň düzümine çekmäge.

5. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi, şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen döwlet maliýe goldawynyň subýektlerine laýyk gelýän talaplaryň sanawy, şu maddada göz öňünde tutulan talaplary hasaba almak bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

6. Ýaş raýatlaryň (ýaşlar birleşikleriniň) we ýaşlary (ýaşlar birleşiklerini) goldaýan ýaş beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnan döwlet serişdeleriniň maksatsyz ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

47-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet maksatnamalaryna taslamalary goşmagyň we olara seretmegiň tertibi

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryndan we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan, eýeçiliginiň görnüşlerine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan kärhanalardan, edaralardan we guramalardan gelip gowşan taslamalary Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet maksatnamalaryna goşmagyň we olara seretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

48-nji madda. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamalaryna taslamalary goşmagyň çelgileri

 

1. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamalaryna taslamalary goşmagyň çelgileri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

2. Ýaşlar syýasaty boýunça taslamalary döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegi ýa-da bilelikde maliýeleşdirmegi teklip etmek hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, eýeçiliginiň görnüşlerine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň arzalaryna we ýüztutmalaryna döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan garalanda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan hem-de ýaşlar birleşiklerinden gelip gowşan arzalar ileri tutulma eýedirler.

 

49-njy madda. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň ýeke-täk döwlet maksatnamasy

 

1. Şu Kanun ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namasyna laýyklykda döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamalaryny düzmek boýunça borç ýüklenen, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary öz işine laýyk gelýän ýaşlar syýasatynyň ugurlary boýunça öz ygtyýarlygynyň çäklerinde ýaşlar syýasaty boýunça taslamalary döwlet tarapyndan maliýeleşdirmek ýa-da bilelikde maliýeleşdirmek teklibi hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we fiziki şahslaryň arzalaryna we ýüztutmalaryna bellenilen tertipde garaýarlar, mälim edilen taslamany ýaşlar syýasatynyň olaryň işine laýyk gelýän ugurlar boýunça ygtyýarlygynyň çygrynda ýaşlar syýasatynyň ugurlary boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasyna goşulmagy hakynda çözgüt kabul edýärler.

2. Ýaşlar syýasaty boýunça taslamalary döwlet tarapyndan goldamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylana gelip gowşan arzalar we ýüztutmalar, eger görkezilen taslamalar şu Kanuna ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ýerine ýetiriji häkimiýet edarasynyň ygtyýaryna degişli edilen çygyrda ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasyna goşulsa, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna çözgüt kabul etmek üçin berilmelidir.

3. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamalary olary düzen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary tarapyndan döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň ýeke-täk döwlet maksatnamasyna goşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylana iberilýär.

4Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň ýeke-täk döwlet maksatnamasyny döredýär we ony tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär.

 

50-nji madda. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň ýeke-täk döwlet maksatnamasyna goşulan taslamalaryň döwlet maliýeleşdirilmesiniň we bilelikde maliýeleşdirilmesiniň ýeke-täk smetasy

 

1. Şu Kanuna ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namasyna laýyklykda döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamalaryny düzmek boýunça borç ýüklenen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary bellenilen tertipde ýaşlar syýasatynyň olaryň işiniň degişli ugurlary boýunça öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasy tassyklanylandan soň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň döwlet maksatnamasyna goşulan taslamalaryň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän umumy smetasyny öz ygtyýarlygynyň çäklerinde düzmäge borçludyrlar.

2. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň degişli döwlet maksatnamalaryna goşulan taslamalaryň döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň we bilelikde maliýeleşdirmegiň umumy smetalary olary düzen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary tarapyndan döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we bilelikde maliýeleşdirilýän ýaşlar syýasaty boýunça taslamalaryň ýeke-täk döwlet maksatnamasyna goşulan taslamalaryň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmeginiň we bilelikde maliýeleşdirilmeginiň ýeke-täk smetasyna goşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylana iberilýär.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralarynyň girizen teklipnamalaryna laýyklykda, ýaşlar syýasaty boýunça öz döwlet maksatnamasyna laýyklykda şu Kanunyň 44-nji maddasynda kesgitlenen çeşmelerden maliýeleşdirilýän taslamalaryň ýeke-täk smetasyny düzýär we ony tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklip girizýär.

 

51-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň maddy-enjamlaýyn binýady

 

1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän şertlerde we tertipde zerur maddy-enjamlaýyn binýat döredilýär.

2. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin gerek bolan maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, täzelemek we ösdürmek şu Kanunyň 44-nji maddasyndgörkezilen  esasy çeşmeleriň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

52-nji madda. Türkmenistanda ýaş raýatlaryň we ýaşlar birleşikleriniň hukuklarynyň kepillikleri

 

Ýaş raýatlaryň we ýaşlar birleşikleriniň şu Kanun bilen berilýän hukuklary olar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda gös-göni we doly möçberde amala aşyrylýar.

Döwlet häkimiýet edaralary, şeýle hem kärhanalar, edaralar we guramalar, olaryň wezipeli adamlary öz ygtyýarlyklarynyň we borçlarynyň çäklerinde Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler.

 

53-nji madda. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy

 

1. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary, Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlygynyň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň ýaşlaryň işleri boýunça degişli ygtyýarly edaralary bilen we halkara ýaşlar guramalary bilen ýaşlaryň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar.

3. Ýaşlar birleşikleri halkara ýaşlar guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, halkara gatnaşyklaryny we aragatnaşyklaryny saklap, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gatnaşmagynda degişli ylalaşyklar baglaşyp bilerler.

 

54-nji madda. Şu Kanunyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek

 

Şu Kanunyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde beýleki döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

55-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmek boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmezlikde ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmezlikde günäkär bolan wezipeli adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

56-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1) 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky "Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 72-nji madda);

2) 1998-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 3, 45-nji madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                             Gurbanguly

    Prezidenti                                                               Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 29-njy awgusty.

№ 423-IV.