TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Firma atlary hakynda

 

Şu Kanun Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahslaryna firma atlary berlende bildirilýän talaplary belleýär, olaryň hukuk goragy çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) firma ady – telekeçi ýuridik şahsyň işi amala aşyrylanda, ol ýuridik şahsy beýlekilerden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän belgisi.

2) haryt nyşany (ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşany) – telekeçi ýuridik şahsyň harytlarynyň (ýerine ýetirýän işleriniň, hyzmatlarynyň) aýrybaşgalandyrylmagy üçin hyzmat edýän belgileme.

 

2-nji madda. Firma atlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Firma atlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3-nji madda. Firma adyny ulanmaga bolan hukuk

 

1. Firma adyna bolan hukugyň eýesiniň oňa degişli firma adyny ulanmaga hukugy bardyr.

Firma adyny ulanmak diýlip, firma adynyň aşakdakylarda görkezilmegine düşünilýär:

1) harydy saklamak, ony satmak üçin hödürlemek, ony satmak, şol sanda ony daşary ýurda satmak maksady bilen, islendik harydyň gabynda ýa-da haryt baradaky maglumatlarda, etiketkalarda, at ýazgylarynda ýa-da beýleki islendik maglumat çeşmelerinde;

2) islendik hyzmat teklip edilen we ýerine ýetirilen mahalynda;

3) iş resminamalarynda ýa-da mahabatda;

4) Internet torunda salgy hökmünde.

Firma ady haryt nyşanynyň (ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşanynyň) belgisiniň düzüm bölegi hökmünde hem ulanylyp bilner   ýa-da görkezilen belgiler bilen doly gabat gelip, ýa-da şol bir eýelik edijä degişli bolan, bellige alnan bir ýa-da birnäçe belginiň bölegi bolup biler.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, firma adyna bolan hukugyň eýesiniň oňa degişli firma adynyň, şeýle hem firma ady bilen meňzeş ýa-da çalymdaş belgileriň, eger şeýle belgileriň ulanylmagy firma adyna bolan hukugyň eýesi babatda ýalňyşylmagyna getirip biljek bolsa, onuň razyçylygy bolmazdan, islendik görnüşde ulanylmagyny beýleki şahslara gadagan etmäge aýratyn hukugy bardyr.

3. Intellektual eýeçiligiň firma adyna bolan emläk hukuklary başga bir şahsa diňe ol hukuklar özüne degişli bolan şahsyň emläginiň tutuş toplumy ýa-da onuň degişli bölegi bilen bilelikde berilýär.

4. Firma adyna bolan hukugyň eýesiniň oňa degişli firma adynyň, onuň razyçylygy bolmazdan, ulanylmagyny beýleki şahslara gadagan etmäge bolan aýratyn hukugy şulara degişli däldir:

1) firma adynyň ilkinji gezek ulanylan senesine çenli ýüze çykan islendik hukugyň amala aşyrylmagyna;

2) firma adynyň täjirçilik däl maksatlar üçin ulanylmagyna;

3) täzelikleri habar bermegiň we täzelikleri düşündirmegiň ähli görnüşlerine.

 

II BAP. FIRMA ATLARYNYŇ HUKUK GORAGY ÇYGRYNDA

DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI WE GÖZEGÇILIGI

 

4-nji madda. Firma atlarynyň hukuk goragy çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar

 

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti firma atlarynyň hukuk goragy çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edara bolup durýar.

2. Firma atlarynyň hukuk goragy çygrynda döwlet gözegçiligini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarly edara) amala aşyrýar.

 

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti firma atlarynyň hukuk goragy çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) döwlet häkimiýet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

6-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

 

Firma atlarynyň hukuk goragy çygrynda ygtyýarly edara:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) kanunçylygyň berjaý edilmegi boýunça gözegçiligi amala aşyrýar, iş tejribesini umumylaşdyrýar we ony ulanmak boýunça düşündiriş berýär, gyzyklanýan şahslara görkezilen meseleler boýunça usulyýet kömegini berýär we hyzmatlary ýerine ýetirýär;

4) haýyşnama berlen firma adynyň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklygyny kesgitlemek üçin firma adynyň bilermenler seljermesini geçirýär;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

6) firma atlaryna bolan hukuklary goramagyň meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar we döwletiň bähbitlerine wekilçilik edýär;

7) elektron maglumat ulgamyny döredýär, elektron resminama dolanyşygynyň alnyp barylmagyny üpjün edýär we kämilleşdirýär;

8) sanly hyzmatlary amala aşyrýar hem-de olaryň ösdürilmegi üçin şertleri döredýär;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

III BAP. FIRMA ATLARYNYŇ HUKUK GORAGY

 

7-nji madda. Hukuk goragynyň berilmeginiň şertleri

 

1. Türkmenistanda belli firma adyna, eger ol ýuridik şahslaryň birini beýlekilerden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän we ol şahsyň amala aşyrylýan işi babatda sarp edijileriň ýalňyşmaklaryna getirmeýän bolsa, hukuk goragy berilýär.

2. Ýuridik şahsyň firma ady ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşini we öz hususy adyny ýa-da tapawutlandyryjy manydaky adyny özünde saklamalydyr.

 

8-nji madda. Firma adynyň hukuk goragynyň amala aşyrylmagy

 

Türkmenistanda firma adynyň hukuk goragy ýuridik şahsyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly edarada döwlet belligine alynmagynyň esasynda ýüze çykýar.

 

9-njy madda. Daşary ýurtly ýuridik şahsyň firma adynyň hukuk goragynyň amala aşyrylmagy

 

1. Daşary ýurtly ýuridik şahsyň firma ady onuň Türkmenistanyň çäginde hökmany ulanylan we belli bolan şertinde Türkmenistanyň çäginde goralýar. Firma atlarynyň Türkmenistanyň çäginde belli bolmagynyň ölçegleri ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan talaplar bilen bir hatarda, daşary ýurtly ýuridik şahs bilen Türkmenistanyň ýuridik şahsynyň arasynda firma ady boýunça jedel ýüze çykan halatynda, daşary ýurtly ýuridik şahsyň firma adynyň Türkmenistanyň çäginde ulanylmagynyň we belli bolmagynyň ilkinjiligi nazara alynýar.

 

IV BAP. FIRMA ADYNYŇ BERILMEGI

 

10-njy madda. Firma adyny almak üçin haýyşnama

 

1. Firma ady firma adyny almakda gyzyklanýan şahsyň haýyşnamasy boýunça ygtyýarly edara tarapyndan berilýär. Firma adyny almak üçin haýyşnama (mundan beýläk – haýyşnama) ygtyýarlyklary ynanç haty bilen tassyklanylýan wekiliň üsti bilen berlip bilner. Haýyşnama we haýyşnama goşulýan resminamalar döwlet dilinde berilýär.

2. Haýyşnama ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda berilýär.

3. Haýyşnama oňa seredilmeginiň islendik döwründe haýyşnamaçynyň towakganamasy esasynda yzyna alnyp bilner.

 

11-nji madda. Firma adynyň bilermenler seljermesi

 

1. Ygtyýarly edara haýyşnama berlen firma adynyň şu Kanunyň talaplaryna laýyklygyny anyklamak üçin, haýyşnamanyň gelip gowşan gününden başlap, bäş iş gününiň dowamynda firma adynyň bilermenler seljermesini geçirýär.

2. Şu Kanunda bellenilen talaplaryň bozulmagy bilen berlen haýyşnama boýunça haýyşnamaça bar bolan kemçilikleri bilermenler seljermesiniň talapnamasyny alan gününden başlap, on iş gününiň dowamynda aradan aýyrmak barada teklip edilip, talapnama iberilýär.

Haýyşnamaçynyň bellenilen möhletde görkezilen kemçilikleri aradan aýyrmadyk ýa-da bilermenler seljermesiniň talapnamasyny jogapsyz galdyran halatynda, haýyşnama yzyna alnan hasap edilýär, bu barada haýyşnamaça habar berilýär.

 

12-nji madda. Firma adyny bermekden ýüz dönderilmegi üçin esaslar

 

1. Firma atlary hökmünde şu aşakdaky belgiler berilmeýär:

1) bellige alnan ýa-da bellige almak üçin ygtyýarly edara berlen firma atlary bilen gabat gelýän ýa-da olar bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş – işiň meňzeş ýa-da çalymdaş görnüşleri üçin;

2) Türkmenistanda belli bolan ylmy, edebiýat we sungat eserleriniň atlary ýa-da olaryň parçalary bilen gabat gelýän – awtorlyk hukugynyň eýesiniň ýa-da onuň oruntutarynyň razyçylygy bolmazdan;

3) Türkmenistanda belli bolan şahsyň familiýasyna gabat gelýän –onuň razyçylygy bolmazdan;

4) täjirçilik däl belli guramalaryň atlary bilen gabat gelýän ýa-da olar bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş;

5) beýleki eýelik edijileriň Türkmenistanyň çäginde goralýan, söz bilen ýa-da sazlaşykly şekilde aňladylan haryt nyşanlary (ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşanlary), harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen gabat gelýän ýa-da gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş – işiň meňzeş ýa-da çalymdaş görnüşleri babatda;

6) döwletleriň, halkara guramalaryň atlary bilen gabat gelýän ýa-da olar bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş;

7) sarp edijini firma adynyň eýesi, onuň ýerleşýän ýeri (salgysy), işiň häsiýeti we görnüşi, daşary ýurtly ýuridik şahslaryň Türkmenistanyň çäginde ulanylýan we belli bolan firma atlary, haryt nyşanlary (ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşanlary) bilen meňzeşlik ýa-da çalymdaşlyk babatda ýalňyş pikire getirip biljek;

8) harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň hilini, häsiýetini, sanyny, gymmatyny, olaryň öndüriliş usulyny, öndürilen ýerini we senesini görkezýän;

9) aýry-aýry harplary, sanlary, söz aňladyjy häsiýeti bolmadyk harplaryň we (ýa-da) sanlaryň sazlaşygyny aňladýan, diliň üçden az bolan aýry-aýry birlikleriniň sazlaşygyndan ybarat bolan, umumy ykrar edilen atlar (kompaniýa, assosiasiýa we beýlekiler), şeýle hem dilde ulanylýan adaty sözler (halkara, ählumumy we beýlekiler);

10) ählumumy ulanylyşa giren we özüniň tapawutlandyryjy alamatlaryny ýitiren;

11) senagatyň pudagyny ýa-da işiň görnüşini göni görkezýän;

12) harytlaryň we hyzmatlaryň gelip çykyşyny ýa-da görnüşlerini görkezýän atlar bolup durýan;

13) ahlak kadalaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine we jemgyýetiň bähbitlerine garşy gelýän.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 4-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen firma atlarynyň, haryt nyşanlarynyň (ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşanynyň) ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň ady bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş belginiň işiň çalymdaş görnüşleri babatda bellige alynmagyna şeýle firma adynyň, haryt nyşanynyň (ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşanynyň) ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň eýesiniň razyçylygynyň berlen şertinde ýol berilýär.

 

13-nji madda. Firma adynyň berilmegi barada çözgüt

 

Firma adynyň şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelen halatynda, ygtyýarly edara firma adyny bermek barada çözgüt kabul edýär we ony haýyşnamaça iberýär. Firma adyny bermek ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Firma adynyň berilmegi barada resminama

 

1. Firma adynyň berilmegi onuň eýesiniň ilkinjiligini we bellige alnan firma adyna bolan aýratyn hukugyny güwälendirýän degişli resminama (mundan beýläk – şahadatnama) bilen tassyklanylýar.

2. Şahadatnamany bermek Türkmenistanyň firma atlarynyň Döwlet sanawyna maglumatlar girizilenden soň, bäş iş gününiň dowamynda ygtyýarly edara tarapyndan geçirilýär. Şahadatnamanyň görnüşi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

 

15-nji madda. Şahadatnamanyň hereketiniň bes edilmegi

 

1. Şahadatnamanyň hereketi şu ýagdaýlarda bes edilýär:

1) ýuridik şahsyň ýatyrylan ýa-da onuň firma adynyň üýtgedilen halatynda;

2) kazyýetiň çözgüdi boýunça.

2. Şahadatnamanyň hereketi bes edilenden soň, ol firma adyna bolan aýratyn hukuk başga bir ýuridik şahsa onuň haýyşnamasy boýunça berlip bilner.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

16-njy madda. Jedelleri çözmek

 

Firma atlarynyň hukuk goragy çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

17-nji madda. Firma adyna bolan hukugyň eýesiniň hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Özgäniň bellige alnan firma adyny bikanun ulanýan şahs firma adyna bolan hukugyň eýesiniň talap etmegi boýunça ony ulanmaklygy bes etmäge we çekilen ýitginiň öwezini dolmaga borçludyr.

Şeýle hem firma adyna  bolan hukugyň eýesi bikanun ulanylýan firma adynyň harytdan, onuň gabyndan aýrylmagyny ýa-da firma ady ulanylan haryt we (ýa-da) hyzmat baradaky islendik maglumat çeşmeleriniň ýok edilmegini talap etmäge haklydyr.

 

18-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi.

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

    Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2021-nji ýylyň 5-nji iýuny.

 381-VI.