TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 35-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 15.06.2000 ý. № 32-II, 26.03.2011 ý. № 172-IV, 28.01.2017 ý. № 494-V we 05.06.2021 ý. № 386-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

I bap.

UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti - Türkmenistanyň Hökümeti

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Hökümetidir. Ministrler Kabinetine Türkmenistanyň Prezidenti baştutanlyk edýär.

Ministrler Kabineti Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýet we dolandyryş organlarynyň ählisine ýolbaşçylygy amala aşyrýan we olaryň ylalaşyjylykly işini üpjün edýän kollegial ýerine ýetiriji - buýruk çykaryjy organdyr.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işiniň esasy ýörelgeleri

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz işinde konstitusionlyk, kanunylyk, aýanlyk ýörelgelerini hemem Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünde hasabatlylyk ýörelgesini goldanýar.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işiniň hukuk esasy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlary we işiniň tertibi, onuň beýleki organlar we guramalar, wezipeli adamlar bilen özara gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlary we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlary tarapyndan kesgitlenilýär.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk degişlidir.

 

II bap.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ

GURLUŞY¸ DÜZÜMI WE ONY DÜZMEGIŇ TERTIBI

 

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gurluşy we düzümi

 

 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gurluşy we düzümi Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Ministrler girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Ministrler Kabinetiniň düzümine merkezi ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary bolup durýan beýleki adamlar goşulyp bilner.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümine girýän wezipeli adamlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarydyr.

Ministrler Kabinetiniň düzüminde üýtgetmeler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilýär.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzülmegi

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan onuň öz wezipesine girişen gününden başlap, bir aýyň dowamynda düzülýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrler we ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylary bolan beýleki adamlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.

Şunda Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanyň Içeri işler ministri we Türkmenistanyň Adalat ministri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylyk möhleti

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlylyk möhletiniň çäklerinde hereket edýär we Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň öňünde öz ygtyýarlaryny ýatyrýar.

 

8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş başyndan aýrylmagy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş başyndan aýrylýandygy baradaky karary Türkmenistanyň Prezidenti kabul edýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň doly düzümde ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň aýry-aýry agzalarynyň öz ygtyýarlaryny üstünden aýyrýandyklary barada yglan etmäge haky bardyr. Şeýle halatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýa-da onuň aýry-aýry agzalarynyň iş başyndan aýrylýandygy baradaky mesele Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan çözülýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti iş başyndan aýrylanda, Türkmenistanyň Prezidenti bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzýär, şonda ol özüniň karary bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi düzülýänçä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ozalky düzümine öz wezipelerini ýerine ýetirmegi tabşyrýar.

 

III bap.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER

KABINETINIŇ YGTYÝARLARY

 

9-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň namalarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar;

2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli organlarynyň, şeýle hem döwlet dolandyryş organlarynyň işiniň normatiw taýdan düzgünleşdirilmegini hem şolaryň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

3) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary baradaky teklipleri, ýurdy ykdysady we sosial taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar hem-de olary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň garamagyna berýär;

4) graždanlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagyny we goralmagyny, hukuk tertibiniň goragyny, düzgün-tertibiň we guramaçylygyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär;

5) Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, territorial bütewiligini, milli howpsuzlygyny, goranmak ukybyny we Türkmenistanyň Döwlet serhediniň goralmagyny üpjün etmek çärelerini amala aşyrýar;

6) ýurduň ykdysady, sosial-medeni ösüşiniň döwlet dolandyrylyşyny amala aşyrýar¸ senagat, oba hojalyk, gurluşyk we goranyş kärhanalarynyň, transport, aragatnaşyk we informasiýa serişdeleriniň, beýleki döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň dolandyrylyşyny guramagyň meselelerini çözýär;

7) eýeçiligiň ähli görnüşini, ykdysadyetiň demonopolizasiýasyny we bazar gatnaşyklarynyň tassyklanmagyny netijeli utgaşdyrmak esasynda ykdysady reformanyň geçirilmegini guraýar;

8) umumy döwlet ähmiýetli maksatnamalary işläp taýýarlaýar, kabul edýär we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

9) Türkmenistanyň döwlet eýeçiliginiň dolandyrylmagyny amala aşyrýar, döwlet eýeçiliginiň obýektleriniň hususylaşdyrmak maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we ýerine ýetirilişine kontrollyk edýär, inwestisiýa syýasatyny durmuşa geçirýär, eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalaryň, daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň ösüşine ýardam edýär;

10) Türkmenistanyň Döwlet býujetini işläp taýýarlaýar we onuň ýerine ýetirilmegini guraýar, pul sistemasyny pugtalandyrmak, nyrhlaryň we kreditleşdirmegiň bütewi syýasatyny geçirmek, zähmete hak tölemegiň kanunda bellenilen möçberlerini we ilaty sosial taýdan üpjün etmegiň derejesini üpjün etmek baradaky çäreleri amala aşyrýar;

11) döwletiň sosial syýasatynyň işlenip taýýarlanylmagyny we durmuşa geçirilmegini, ilatyň sosial taýdan az goralan gatlaklarynyň goldanylmagyny, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we sport sistemalarynyň kämilleşdirilmegini üpjün edýär;

12) ylmy we tehnikany ösdürmek, tebigy resurslary goramak we netijeli peýdalanmak baradaky çäreleri amala aşyrýar;

13) tebigy betbagtçylyklaryň¸ awariýalaryň we heläkçilikleriň netijelerini ýok etmek boýunça işjeň çäreleri kabul edýär;

14) Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatyny durmuşa geçirýär, daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen ykdasady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy üpjün edýär;

15) Türkmenistanyň kanunçylyk aktlary bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki ygtyýarlary amala aşyrýar.

 

10-njy madda. Ministrliklere we döwlet dolandyryşynyň beýleki merkezi organlaryna ýolbaşçylyk etmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti niň ygtyýarlary

 

 Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ministrlikleriň we döwlet dolandyryşynyň beýleki merkezi organlarynyň işine ýolbaşçylyk edýär we olaryň ylalaşykly işini üpjün edýär.

Ministrlikleri, döwlet dolandyrylyşynyň beýleki merkezi organlaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak işi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti zerur halatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda komitetleri, baş uprawleniýeleri we beýleki wedomstwolary döredýär.

Ministrlikleriň we döwlet dolandyryşynyň beýleki merkezi organlarynyň ygtyýarlary, işiniň tertibi, şeýle hem olaryň apparatlarynyň işgärleriniň sany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.

 

11-nji madda. Ministrlikleriň we döwlet dolandyrylyşynyň beýleki merkezi organlarynyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gözegçiligi

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ministrlikleriň we döwlet dolandyrylyşynyň beýleki merkezi organlarynyň işine gözegçiligi amala aşyrýar.

Ministrlikleriň we döwlet dolandyrylyşynyň beýleki merkezi organlarynyň kanunlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti  niň aktlaryna ters gelýän aktlaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýatyrmaga hukugy bardyr.

 

IV bap.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ IŞINIŇ GURALYŞY WE TERTIBI

 

12-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde garalýan meseleler

 

Türmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde şulara garalýar:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasy;

döwletiň içeri syýasat we daşary syýasat işiniň esasy ugurlarynyň, Türkmenistany we onuň aýry-aýry regionlaryny ykdysady we sosial taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň hem çaklamalarynyň taslamalary;

Türkmenistanyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Döwlet býujetini taýýarlamagyň we ýerine ýetirmegiň, şeýle hem býujetden daşgary döwlet fondlaryny döretmegiň we peýdalanmagyň meseleleri;

ykdysady reformany geçirmegiň, dolandyryş gurluşyny kämilleşdirmegiň meseleleri;

döwlet eýeçiligindäki obýektleri hususylaşdyrmak we telekeçiligi goldamak babatdaky maksatnamalarynyň taslamalary;

 Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň, milli howpsuzlygyny we goranyş ukybyny üpjün etmegiň meseleleri;

 öndüriji güýçleri, inwestision syýasatyny ösdürmegiň we ýerleşdirmegiň meseleleri;

 graždanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we goramak¸ eýeçiligi we jemgyýetçilik tertibini goramak baradaky çäreler;

ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, zähmet hakynyň, ilatyň sosial taýdan goraglylygynyň,  işliliginiň we sosial taýdan üpjünçiliginiň meseleleri;

bilim, ylym we tehnika, saglygy goraýyş, medeniýet, turizm we sport sistemalaryny kämilleşdirmegiň meseleleri;

ýeri¸ýerasty baýlyklary, suw resurslaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak we netijeli peýdalanmak baradaky çäreler;

ýurduň walýuta zapaslarynyň möçberi, döwlet gymmatly kagyzlaryny çykarmak hem döwletiň içerki we daşarky bergisiniň köpelişiniň çäkleri hakyndaky teklipler;

nyrhyň emele gelmeginiň, nyrh syýasatynyň we salgyt salmagyň meseleleri;

bellenilen döwlet bahalary ulanylýan önümleriň, harytlaryň we hyzmatlaryň nomenklaturasy;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrleriň, döwlet dolandyryşynyň merkezi organlarynyň ýolbaşçylarynyň we häkimleriň özlerine tabşyrylan iş çygryna ýolbaşçylyk edişleri hakyndaky hasabatlary;

Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň, hökümetara  şertnamalaryny baglaşmagyň meseleleri;

 döwlet dolandyryşynyň sistemasyny kämilleşdirmek barada Türkmenistanyň Prezidentine teklipler ;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Türkmenistanyň Prezidentine berýän hasabatlary;

adatdan daşary ýagdaýlarda Hökümetiň çäreleri we hereketleri;

kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlaryny we halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy;

 umumy döwlet ähmiýeti bolan beýleki meseleler.

 

13-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisleri

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisleri zerur bolşuna görä, ýöne aýda azyndan bir gezek geçirilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisleri Türkmenistanyň Prezidenti ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biri tarapyndan geçirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň Prezidiumlarynyň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň maslahatlaryna gatnaşmaga haklydyrlar.

 

14-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işine ýolbaşçylyk etmek

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işine Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti:

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň arasynda borçlary paýlaýar;

Ministrler Kabinetiniň aktlaryna gol çekýär;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we onuň aýry-aýry agzalarynyň iş başyndan aýrylmagyny kabul edýär;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalaryny höweslendirýär we olara düzgün-nyzam temmilerini berýär.

 

15-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary paýlanylan borçlaryna laýyklykda ministrlikleriň we döwlet dolandyrylyşynyň beýleki merkezi organlarynyň işini sazlaşdyrýarlar we gönükdirýärler, olaryň işine gözegçilik edýärler we Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmeleriniň we aktlarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň we buýruklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada olara tabşyryklar berýärler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ýolbaşçylyk edýän iş çygryndaky işiň ýagdaýy üçin jogapkärçilik çekýärler, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine girizilýän kararlaryň taslamalaryna deslapdan garaýarlar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça we öz ygtyýarlarynyň çäklerinde ýerine ýetirilmegi hökmany bolan buýruklary kabul etmäge hukugy bardyr.

 

16-njy madda. Ministrler we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalary

 

Ministrler we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalary özlerine tabşyrylan iş çygyrlaryna ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hasabat berýärler we özleriniň ygtyýaryna degişli edilen wezipeleriň çözülmegi üçin personal jogapkärçilik çekýärler.

Ministrler we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň maksatnamalaryny we aktlaryny olaryň ygtyýarlaryna laýyklykda we Türkmenistanyň kanunlary esasynda durmuşa geçirýärler.

 

17-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň komissiýalary we beýleki işçi organlary

 

Döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmegiň we ýurtda geçirilýän reformalary amala aşyrmagyň, Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň kararlarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň aýry-aýry tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň komissiýalary we beýleki işçi organlary döredilip bilner.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz ygtyýarlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň döredýän komissiýalarynyň we beýleki  işçi organlarynyň wezipelerini, ygtyýarlaryny, iş tertibini we möhletini kesgitleýär.

 

18-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary we buýruklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda öz ygtyýarlarynyň çäklerinde ministrlikler we wedomstwolar, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary, kärhanalar, edaralar, guramalar, wezipeli adamlar we Türkmenistanyň graždanlary tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kararlary kabul edýär we buýruklary çykarýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilýär.

Operatiw meseleler we beýleki gündelik meseleler boýunça buýruklar Türkmenistanyň Prezidenti ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biri tarapyndan gol çekilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary we buýruklary, eger şol aktlarda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şolar gol çekilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň graždanlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna dahylly kararlary we buýruklary ählumumy maglumat üçin şolaryň çap edilen pursatyndan güýje girýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň hem Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň Ýygyndysynda çap edilýär, olary giňden we şobada halka ýetirmek zerur bolan mahalynda köpçülige habar beriş serişdeleri arkaly ählumumy maglumat üçin ýetirilýär.

 

bap.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞI, ÝERINE ÝETIRIJI ÝERLI HÄKIMIÝET EDARALARY WE JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERI BILEN GATNAŞYKLARY

 

19-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşi bilen gatnaşyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar.

Täze döredilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz ygtyýarlyklarynyň döwründäki iş maksatnamasyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň garamagyna berýär.

 Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz işiniň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy hakyndaky dokladlary, şeýle hem maksatnamadaky konseptual üýtgetmeler bilen baglanyşykly meseleleri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň garamagyna girizýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti her ýyl Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň garamagyna hem-de tassyklamagyna berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, olaryň komitetleriniň we iş toparlarynyň maslahatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenýän tertipde gatnaşmaga haklydyr.

 

20-nji madda. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzasynyň we deputatynyň resmi sowalyna garalmagy

 

Türkmenistanyň Hökümetiniň ýa-da döwlet dolandyryş organlarynyň işine degişli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzasynyň we deputatynyň ýüz tutan resmi sowalyna, dilden ýa-da ýazmaça soragyna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ministrler, döwlet dolandyrylyşynyň beýleki merkezi organlarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzasyna we deputatyna dilden ýa-da ýazmaça jogap bermelidirler.

 

21-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet bilen gatnaşygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz ygtyýarlarynyň çäklerinde:

territoriýalaryň ykdysady we sosial-medeni ösüşini üpjün etmek, umumy we regionalara maksatnamalary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça häkimleriň we arçynlaryň işini ugrukdyrýar, sazlaşdyrýar we gözegçilik edýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti niň çözmegini talap edýän meseleler boýunça welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň tekliplerine garaýar, döwlet býujetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti niň kararlarynyň, buýruklarynyň we tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna gözegçilik edýär, olaryň durmuşa geçirilişi barada ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet ýolbaşçylarynyň habaryny diňlemäge haklydyr;

welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň Türkmenistanyň kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlaryna we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlaryna ters gelýän kararlaryny we buýruklaryny togtatmaga we ýatyrmaga haklydyr.

 

22-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz ygtyýaryna girýän meseleler boýunça syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we gaýry birleşikler bilen hereket edýän kanuçylygyň çäklerinde öz gatnaşyklaryny guraýar.

 

VI bap.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ

IŞINI ÜPJÜN ETMEK

 

23-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini material-tehniki taýdan üpjün etmek

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini saklamak hem-de onuň işini material-tehniki taýdan üpjün etmek üçin çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetinde nazarda tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrleriň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümine girýän beýleki wezipeli adamlaryň iş hakynyň möçberleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin zerur bolan durmuş we özge hyzmatlar Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini saklamak üçin nazara alnyp goýberilýän pul serişdesiniň çäklerinde üpjün edilýär.

 

24-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň apparaty

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işi onuň apparaty tarapyndan üpjün edilýär, ol analitik, informasion, çaklama we beýleki materiallaryň taýýarlanylmagyny, degişli teklipleriň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň we buýruklarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny amala aşyrýar we onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi guraýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň apparatynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipesinden boşadylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň apparatynyň düzümleýin podrazdeleniýeleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň degişli orunbasarlarynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň apparatynyň ýolbaşçysynyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipesinden boşadylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň apparatynyň işgärleriniň düzümi, ştatlary, zähmet hakynyň möçberleri, sosial we maddy-durmuş üpjünçilik şertleri, şeýle hem ony saklamak üçin çykdajylar Türmenistanyň Ministrler Kabinetini saklamak üçin göz öňünde tutulan assignowaniýeleriň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.

24-nji maddanyň bäşinji bölegi Türkmenistanyň 26.03.2011 ý. № 172-IV Kanuny esasynda aýyrylan.

 

VII bap.

JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

25-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň hukuk kepillikleri

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bolmasa, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga ýagdaýda azatlykdan mahrum edilip bilinmez, sud tertibinde berilýän administratiw temmi beriş çärelerine sezewar edilip bilinmez.

Görkezilen adamlar babatynda diňe Türkmenistanyn Baş prokurory tarapyndan jenaýat işi gozgalyp bilner.

Türkmenistanyn Baş prokurorynyň razylygy bolmasa, Türkmenistanyn Ministrler Kabinetiniň agzasynyň hut özüni gözden geçirmäge we olara degişli zatlaryny, gulluk ýa-da şahsy transport serişdesini, gulluk ýa-da ýaşaýyş jaýyny gözden geçirmäge ýol berilmeýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                  Saparmyrat

Prezidenti                                                             Türkmenbaşy

 

 

Aşgabat şäheri

1995-njýylyň 24-nji noýabry

№ 82-1