TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Goranmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 59-njy madda)
(Türkmenistanyň 01.10.2011 ý. № 232-IV, 22.12.2012 ý. № 361-IV, 01.03.2014 ý. № 46-V 26.03.2016 ý. № 382-V , 15.10.2016 ý. № 460-V, 26.08.2017 ý. № 603-V, 02.03.2019 ý. № 127-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI, 20.11.2022 ý. № 514-VI we 16.03.2023 ý. № 541-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň goranyşynyň esaslaryny hem-de onuň guralyşyny, goranmak meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we olaryň wezipeli adamlarynyň wezipelerini, şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we borçlaryny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň gurluşyny we guralyşyny, goranmak çygryndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şeýle-de goranmaga degişli beýleki hukuk kadalarynyň bozulmagy üçin jogapkärçiligi kesgitleýär.
I BAP
UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy adalgalar we kesgitlemeler
Şu Kanunda şu esasy adalgalar we kesgitlemeler ulanylýar:
1) çozuşy serpikdirmek - ýaragly agressiýa hereketini amala aşyrýanyň Türkmenistanyň özbaşdaklygyna, garaşsyzlygyna we çäk bitewiligine garşy güýç ulanmak niýetini başa bardyrmazlyga ýa-da güýç ulanmagy bes etmäge mejbur etmäge gönükdirilen ählumumy döwlet çäreleriniň we döwletiň harby guramasynyň hereketleriniň toplumy;
2) döwletiň harby guramasy - parahatçylyk döwründe esasy işi döwletiň harby howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmäge, uruş howpunyň öňüni almaga, agressiýa ýagdaýynda bolsa Türkmenistanyň ýaragly goragyny üpjün etmäge, çozuşy serpikdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň, döwlet, harby-syýasy dolandyryş edaralarynyň, harby dolandyryş edaralarynyň, beýleki edaralarynyň umumylygy. Mundan başga-da, döwletiň harby guramasyna Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň harby iş üçin niýetlenilen önümleri (işleri, hyzmatlary) döretmek boýunça ylmy we (ýa-da) önümçilik işlerini amala aşyrýan goranmak ulgamy hem girýär.
3) döwletiň harby howpsuzlygy - harby wehimleriň öňüni almak, çäklendirmek we ýok etmek, döwlet bähbitleriniň ýaragly goralmagyny guramak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döwletiň öz ygtyýaryndaky güýçleriň, serişdeleriň we gorlaryň ähli jemini durmuşa geçirmek ukyplylygy;
4) harby döwür - döwletiň uruş ýagdaýynda hakyky bolýan wagty;
5) harby-syýasy ýagdaý - lokal we giň möçberli uruşlaryň başlanmagy, separatistik we beýleki hereketleriň döredilmegi we berkidilmegi, milli, etniki we dini ekstremizmiň güýçlenmegi, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň we olary eltmek üçin niýetlenilen serişdeleriň ýaýradylmagy, maglumat gapma- garşylyklarynyň ýitileşmegi bilen baglanyşykly meýiller bilen kesgitlenilýän häzirki zaman harby-syýasy ýagdaýyň we onuň ösüşiniň geljekki derejesi;
6) harby wehim - beýleki döwletiň (döwletleriň) hem-de olaryň çäklerinde ýerleşýän ekstremistik, dini, separatistik hereketleriň, guramalaryň Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň, garaşsyzlygynyň we çäk bitewiliginiň garşysyna ýaragly güýji hakykatdan ulanmagy niýet edilýändigini görkezýän hereketleri;
7) Türkmenistanyň çäginiň operatiw enjamlaşdyrylmagy - döwletiň harby guramasynyň ýurduň çägini we harby infrastrukturasynyň desgalaryny goranyşa taýýarlamak boýunça guramaçylyk, inžener-tehniki we beýleki çäreleriň toplumyny geçirmäge gönükdirilen işi;
8) Türkmenistanyň goranmagy (mundan beýläk - goranmak) - döwletiň harby howpsuzlygyny üpjün edýän hukuk, syýasy, ykdysady, harby, sosial we beýleki çäreleriň ulgamy;
9) Türkmenistany ýaragly goramak - ýaragly göreşiň güýçlerini we serişdelerini ulanmak arkaly döwletiň özbaşdaklygy, garaşsyzlygy, çäk bitewiligini we beýleki milli bähbitleri gorap saklamaga we berkitmäge gönükdirilen işi;
10) urşuň yglan edilmegi - beýleki döwletiň Türkmenistana onuň bilen parahatçylykly gatnaşyklary bes edýändigi we uruş ýagdaýyna geçýändigi barada yglan etmegi;
11) uruş ýagdaýy - beýleki döwletiň Türkmenistana uruş yglan eden ýa-da çozan pursadyndan uruşýan taraplaryň arasynda parahatçylyk baglaşylýança, Türkmenistanyň we gaýry döwletiň arasyndaky gatnaşyklar.
2-nji madda. Goranmagyň esaslary
1. Türkmenistan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda" Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň düzgünlerinden hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyndan ugur alyp, ähli döwletler bilen parahatçylykly ýaşaşma syýasatyny ýöredip, özüniň goranmak ukybyny ýaragly agressiýadan goramak üçin zerur bolan derejede saklaýar.
2. Goranmak döwletiň möhüm wezipelerine degişlidir we ol ählumumy iş bolup durýar.
Türkmenistanyň goranmagy - döwletiň Türkmenistanyň ilatyny, garaşsyzlygyny we çäk bitewiligini ýaragly çozuşdan goramaga we gorap saklamaga taýýarlygyny üpjün etmek boýunça syýasy, ykdysady, harby, sosial, hukuk we beýleki çäreleriniň ulgamy.
3. Türkmenistanda goranmak üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet goşunlary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlary, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän beýleki goşun düzümleri (mundan beýläk - Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we goşun düzümleri) bardyr, şeýle hem bu işe içeri işler edaralary çekilýär.
4. Türkmenistanyň döwlet we beýleki edaralary, raýatlary goranyşyň üpjün edilmegine gatnaşýarlar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ygtyýarlyklarynyň hem borçlarynyň çäklerinde öz üstlerine ýüklenilen wezipeleriň amala aşyrylmagy üçin jogapkärçilik çekýärler.
5. Goranmak maksady bilen Türkmenistanyň raýatlarynyň harby borçlulygy we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de eýeçiligiň görnüşine garamazdan, beýleki edaralaryň we kärhanalaryň, şeýle hem ulag serişdeleriniň eýeleriniň harby ulag borçlulygy bellenilýär.
6. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we goşun düzümleri Türkmenistanyň goranmak meýilnamasyna laýyklykda goranmak çygryndaky wezipeleri ýerine ýetirýärler.
3-nji madda. Goranmak çygrynyň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy
1. Goranmak hakyndaky kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda" Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan ybaratdyr.
2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
4-nji madda. Goranmagyň guralyşy
Goranmagyň guralyşy şulary öz içine alýar:
1) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň merkezleşdirilen ýolbaşçylygyny;
2) harby-syýasy ýagdaýyň ösüşini seljermegi, baha bermegi we çaklamagy;
3) Türkmenistanyň döwlet serhedini goramagy we Türkmenistanyň ýaragly goragyny üpjün etmegi;
4) Türkmenistanyň harby syýasatyny we Harby doktrinasyny işläp taýýarlamagy;
5) goranmak we harby gurluş ulgamyny hukuk taýdan kadalaşdyrmagy;
6) döwletiň harby guramasyny döretmegi we onuň netijeli işlemegini üpjün etmegi;
7) döwletiň harby edarasyna girýän döwlet we beýleki edaralaryň, ulagyň hem-de kommunikasiýalaryň zerur bolan derejedäki mobilizasiýa taýýarlygyny döretmegi, taýýarlamagy we saklamagy;
8) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini gurmagy hem-de ösdürmegi, şeýle hem olary ulanmagy meýilnamalaşdyrmagy;
9) döwletiň harby guramasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dolandyryş ulgamynyň harby döwrüň şertlerinde hereket etmäge taýýar edilmegini we kämilleşdirilmegini;
10) ýaraglanyşy, harby tehnikany ösdürmegiň esasy ugurlaryny işläp taýýarlamagy, ýaraglanyşy, harby tehnikany işläp taýýarlamak, öndürmek, ibermek, kämilleşdirmek we abatlamak boýunça döwlet goranyş buýurmasynyň, ýaraglanyşyň maksatnamalaryny düzmegi we durmuşa geçirmegi;
11) döwletiň harby guramasynyň işiniň maglumat üpjünçilik ulgamyny ösdürmegi we kämilleşdirmegi;
12) raýat we territorial goranyşy boýunça çäreleri meýilleşdirmegi we amala aşyrmagy;
13) döwlet we beýleki edaralaryň ilaty we çägi goranyşa taýýarlamak meseleleri boýunça işini utgaşdyrmagy;
14) Türkmenistanyň döwlet we beýleki edaralaryny hem-de ykdysadyýetini harby döwrüň şertlerinde işlemäge geçirmegi meýilnamalaşdyrmagy;
15) döwlet we mobilizasiýa ätiýaçlyklarynda maddy serişdeleriň gorlaryny döretmegi;
16) goranyşy üpjün etmek maksady bilen ylmy-barlag işlerini geçirmegi;
17) goranyşa sarp edilýän çykdajylary maliýeleşdirmegi;
18) goranyş üçin goýberilen serişdeleriň harçlanylyşyna we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň hem-de goşun düzümleriniň işine gözegçilik etmegi;
19) goranmak çygrynda döwlet we gulluk syryny düzýän maglumatlaryň goragyny üpjün etmegi;
20) halkara harby we harby-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegi;
21) çagyryşa degişli we harby borçly raýatlaryň arasyndan mobilizasiýa gorlaryny ýygnamagy, hasaba almagy we taýýarlamagy;
22) harby tälim alan adam gorlarynyň ätiýaçlyklaryny döretmegi, döwlet bilim standartlaryna laýyklykda umumybilim, hünär-tehniki bilim, orta hünär bilimi edaralarynda çagyryşdan öňki we fiziki taýýarlygy;
23) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki çäreleri.
II BAP
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE DÖWLET EDARALARYNYŇ GORANMAK ÇYGRYNDAKY YGTYÝARLYKLARY
5-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň goranmak çygryndaky ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek wezipelerini çözmek boýunça ähli işi guraýar, gözegçilik edýär we utgaşdyrýar, döwletiň harby guramasynyň taýýarlanylmagyna hem-de ulanylmagyna umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar.
2. Türkmenistanyň Prezidenti:
1) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini döredýär we oňa ýolbaşçylyk edýär;
2) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň ýokary serkerdeligini wezipelere belleýär we wezipelerden boşadýar;
4) harby wehim ýa-da çozuş ýagdaýynda Türkmenistanyň çäginde harby ýagdaýy girizýär, ählumumy ýa-da bölekleýin mobilizasiýany yglan edýär;
5) Türkmenistanyň ýaragly goralmagyny guramak boýunça döwlet dolandyryş edaralarynyň wezipelerini kesgitleýär;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Goranmak, Içeri işler, Milli howpsuzlyk ministrlerini, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny wezipelere belleýär hem-de wezipelerden boşadýar;
7) Türkmenistanyň goranmak meýilnamasyny tassyklaýar, Türkmenistanyň ýaragly goranmagyny guramak boýunça döwlet harby guramasynyň wezipelerini kesgitleýär;
8) Türkmenistanyň harby syýasatynyň ugurlaryny kesgitleýär;
9) Türkmenistanyň Harby doktrinasyny tassyklaýar;
10) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň gurluşynyň we harby gurluşynyň konsepsiýalaryny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň gurluşynyň, ösüşiniň hem-de ulanylyşynyň meýilnamalaryny, Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň döwlet maksatnamasyny, raýat goranyşyň meýilnamasyny, territorial goranyş hakyndaky düzgünnamany tassyklaýar;
11) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň söweşjeň taýýarlyk, harby hereketleri meýilnamalaşdyrmak we geçirmek meseleleri boýunça hukuk namalaryny çykarýar;
12) Türkmenistanyň mobilizasiýa meýilnamalaryny, döwlet we mobilizasiýa ätiýaçlyklarynda maddy serişdeleri ýygnamagyň meýilnamalaryny tassyklaýar;
13) döwletiň ýaraglanyş maksatnamasyny tassyklaýar;
14) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň gurluşyny hem-de sanyny, olaryň ýerleşdirilişini tassyklaýar;
15) beýleki döwlet (döwletler) tarapyndan Türkmenistana harby wehim salnan ýagdaýynda ýa-da çozuşyň serpikdirilmeginde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň üsti bilen döwletiň harby guramasyny strategiki taýdan dolandyrmagy amala aşyrýar;
16) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby döwürde harby dolandyryşyň döwlet edaralaryny düzýär;
17) Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, kanun bilen harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hakyndaky düzgünnamalary tassyklaýar;
18) Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary ätiýaçlyga boşatmak hakynda Permanlary çykarýar;
19) goranmak çygrynda gepleşikleri geçirýär we halkara şertnamalaryna gol çekýär;
20) goranmak çygrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we Türkmenistanyň beýleki kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
6-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň goranmak çygryndaky ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi döwletiň howpsuzlygyny we goranmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna habarnamalary, teklipleri hem-de degişli meseleler boýunça çözgütleriň taslamalaryny berýär, şeýle-de Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygyna degişli, şu Kanunda göz öňünde tutulan beýleki meselelere seredýär.
2. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi:
1) döwletiň harby howpsuzlygy babatdaky döwlet syýasatynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentine teklipleri berýär, Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygyny we goranmagyny üpjün etmek babatda döwletiň harby syýasatyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek meselelerine seredýär, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň harby gurluşynyň hem-de ösüşiniň ýörelgelerini, şeýle hem Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esas goýujy düzgünlerini işläp taýýarlaýar;
2) harby-syýasy ýagdaýyň şertlerine garamazdan, döwletiň harby guramasynyň durnukly işlemegini guraýar;
3) goranmak üçin hakyky ýeterliligini, şeýle hem döwletiň ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň gurluşyny we sanyny kesgitleýär hem-de olary Türkmenistanyň Prezidentine tassyklamaga hödürleýär;
4) harby, adatdan daşary ýagdaýy girizmek, uzaltmak hem-de ýatyrmak meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentine teklipleri berýär;
5) Türkmenistanyň ykdysadyýetini harby döwrüň şertlerinde işlemäge geçirmegi utgaşdyrýar;
6) döwleti goramak we harby howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňleýär;
7) halkara harby-syýasy işiň esasy ugurlary, başga döwletler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça teklipleri berýär;
8) goranmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
7-nji madda. Goranmagy guramagyň döwlet üpjünçiligi
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmalaryna laýyklykda ýaraglary we harby tehnikany satyn almagy we olar bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini enjamlaşdyrmagy, olaryň maddy serişdeler, gorlar we hyzmatlar bilen üpjün edilmegini guraýar.
2. Türkmenistanyň mobilizasiýa tabşyryklaryny we harby buýurmalary ýerine ýetirýän ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary goranmak zerurlyklary üçin gerekli önümiň iberilmegi, pudagyň mobilizasiýa taýýarlygy üçin jogapkärçilik çekýärler, mobilizasiýa taýýarlygynyň meýilnamalaryna laýyklykda onuň harby döwürde durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar, pudaklarda raýat hem-de territorial goranyş boýunça çäreleriň meýilnamalaşdyrylmagyna gatnaşýarlar we olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler.
3. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz çäginde harby dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşykda:
1) harby gullukçylaryň hem-de esasly sebäplere görä harby gullukdan boşadylan adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş-hukuk goraglylygy we goranyş babatdaky Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;
2) goranmak maksady bilen çägi we kommunikasiýalary taýýarlamak boýunça çäreleri geçirýärler;
3) Türkmenistanyň raýatlaryny harby hasaba almagy we harby gulluga taýýarlamagy, olary harby gulluga çagyrmagy, harby ýygnanyşyklary we mobilizasiýa boýunça ýygnanyşyklary guraýarlar, harby tälim alanlaryň ätiýaçlyklarynyň döredilmegini üpjün edýärler;
4) Türkmenistanyň kanunçylygy we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby düzümleriniň we edaralarynyň zerurlyklaryny üpjün edýärler;
5) mobilizasiýa meýilnamalarynyň we tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini durmuşa geçirýärler;
6) raýat we territorial goranyş boýunça çäreleriň meýilnamalaşdyrylmagyna gatnaşýarlar we olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler.
8-nji madda. Kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we olaryň wezipeli adamlarynyň goranmak çygryndaky zerurlyklary üpjün etmek boýunça borçlary
1. Kärhanalar, edaralar we guramalar pudak tabynlygyna we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda:
1) harby tehnikany, beýleki harby emlägi we gorlary öndürmek, ibermek we abatlamak, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň zerurlyklary üçin hyzmatlary etmek hem-de potrat işleri boýunça şertnamalaýyn borçnamalary we döwlet buýurmalaryny ýerine ýetirýärler;
2) raýat goranyşy boýunça çärelere gatnaşýarlar;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda başga ýagdaýlar bellenilmedik bolsa, şertnama esasynda mobilizasiýa we döwlet ätiýaçlyklaryny ýygnamagyň meýilnamalarynda, mobilizasiýa meýilnamalarynda we tabşyryklarynda göz öňünde tutulan çäreleri geçirýärler;
4) öz işgärleriniň harby borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin zerur şertleri döredýärler we şunuň bilen baglanyşykly öwezi dolunýan çykdajylary çekýärler.
2. Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalaryň we edaralaryň wezipeli adamlary, eýeleýän wezipesine laýyklykda, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda özleriniň goranmak çygrynda göz öňünde tutulan borçlaryny bilmäge we ýerine ýetirmäge borçludyrlar.
9-njy madda. Raýatlaryň Türkmenistany goramak boýunça borçlary
1. Türkmenistany goramak Türkmenistanyň her bir raýatynyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenilendir.
Harby gullugyň görnüşleri we ony geçmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
2. Türkmenistanyň raýatlary kanunçylyga laýyklykda:
1) harby borjuny ýerine ýetirýärler ýa-da borçnama boýunça harby gulluga meýletin girýärler;
2) raýat we territorial goranyşyň çärelerine gatnaşýarlar;
3) goranmagy berkitmäge ýardam edýän guramalary we jemgyýetçilik birleşiklerini döredip hem-de olara gatnaşyp bilerler.
3. Türkmenistanyň raýatlary harby döwürde goranmak zerurlyklary üçin döwlet edaralarynyň talap etmegi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, edilen çykdajylaryň öweziniň dolunmagy bilen, öz eýeçiliklerinde bar bolan jaýlary, binalary, ulag serişdelerini we beýleki emlägi bermäge borçludyrlar.
4. Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde harby ulag borjuny ýerine ýetirýärler.
10-njy madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň goranmak çygryndaky orny we gatnaşygy
Türkmenistanda hereket edýän jemgyýetçilik birleşikleri öz tertipnamalaryna laýyklykda raýatlara watançylyk terbiýesini bermäge, döwletiň goranyş ukybyny berkitmäge ýardam edýärler.
III BAP
TÜRKMENISTANYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERI
11-nji madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri we olaryň niýetlenilişi
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri Türkmenistanyň goranyş esasyny düzýän döwlet harby guramasydyr.
2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri:
1) Türkmenistana garşy agressiýany serpikdirmek, konstitusion gurluşa garşy hereketlerden, Döwlet serhediniň bozulmagy bilen ýa-da Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň özbaşdaklygyna, çäk bitewiligine we milli bähbitlerine howp salýan haýsydyr bir bikanun ýaragly gatyşylmadan goramak üçin niýetlenilendir;
2) Türkmenistanyň çäginde topografiki-geodeziki we kartografiki işleri utgaşdyrmak, dolandyrmak, öndürmek we ygtyýarlandyrmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar.
3. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleri, birikmeleri we beýleki harby düzümleri niýetlenilen ugry bilen baglanyşykly bolmadyk wezipeleri ýerine ýetirmäge diňe Türkmenistanyň kanunçylygy ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi esasynda çekilip bilner.
12-nji madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümi
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri harby dolandyryş edaralaryndan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň görnüşlerine we kysymlaryna girýän birikmelerden, harby bölümlerden, harby edaralardan, kärhanalardan we harby okuw mekdeplerinden ybaratdyr.
2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümine Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň niýetlenilen ugry we olaryň işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly bolmadyk bölümler, birikmeler we beýleki harby düzümler girip bilmeýär.
13-nji madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň toplanylyşy
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine harby gullukçylary toplamak Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyryşyň ýa-da harby gulluga borçnama boýunça meýletin tertipde girmegiň esasynda amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň parahatçylyk döwründäki hakyky sany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri raýat işgärleri bilen hem toplanylýar.
4. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň mobilizasiýa ýaýbaňlandyrylmagy üçin zerur ätiýaçlyklar döredilýär.
14-nji madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň raýat işgärleri
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň raýat işgärlerini harby gullukda durmaýan işçiler we gullukçylar düzýärler.
2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň raýat işgärleriniň umumy sany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
Raýat işgärleriň eýeleýän wezipeleriniň sanawy Türkmenistanyň Goranmak ministri tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Raýat işgärleriniň harby serkerdelik bilen zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet we döwlet gullugy hakyndaky kanunçylygy bilen kadalaşdyrylýar.
4. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň raýat işgärleri babatda raýatlaryň zähmet, zähmete hak tölemek, pensiýa üpjünçiligi, durmuş we hukuk goraglylygy meseleleri boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary hereket edýärler.
5. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň raýat işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklaryny döretmäge hukugy bardyr.
15-nji madda. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we onuň ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine, olary Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny we ýaragly goragyny üpjün etmek boýunça wezipelerini ýerine ýetirmäge taýýarlamak boýunça ýolbaşçylygy amala aşyrýan döwlet dolandyryş harby edarasydyr.
2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine gös-göni ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň müdirlikleriniň, bölümleriniň we gulluklarynyň üsti bilen Türkmenistanyň goranmak ministri amala aşyrýar.
3. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkezi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini operatiw dolandyrmagyň esasy edarasy bolup, parahatçylyk we harby döwürlerde onuň ýokary söweşjeň taýýarlygyny we ukyplylygyny üpjün edýär, goşunlaryň söweşjeň we mobilizasiýa boýunça taýýarlygynyň meýilnamalaryny işläp taýýarlamagy amala aşyrýar, harby işleriň we söweş hereketleriniň geçirilmegini meýilleşdirýär, goranmak çygryndaky wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň özara gatnaşygyny utgaşdyrýar we guraýar.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň ygtyýarlyklary we wezipeleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň Goranmak ministrligi hakynda düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
4. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi şu wezipeleri amala aşyrýar:
1) Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň çözgütlerine laýyklykda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň gurluşy babatdaky syýasaty durmuşa geçirýär;
2) Türkmenistanyň harby syýasaty we Harby doktrinasy boýunça Türkmenistanyň Prezidentine teklipleri işläp taýýarlaýar;
3) goranmak çygrynda Döwlet býujetiniň taslamasy boýunça teklipleriň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;
4) goramak bähbitlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ulanmagyň meýilnamalaryny we mobilizasiýa meýilnamalaryny, raýat goranyş meýilnamasyny, şeýle hem Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmagyň meýilnamasyny işläp taýýarlaýar;
5) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň gurluşy, düzümi we ýerleşdirilişi, olary ýarag we harby tehnika bilen enjamlaşdyrmak, goranmak zerurlyklaryny maliýeleşdirmek, harby işgärleri taýýarlamak boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Prezidentine tassyklamak üçin hödürleýär;
51) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynda brigada derejesine çenli düzüm birlikleri döredýär, üýtgedip guraýar we ýatyrýar;
6) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlaryny operatiw dolandyrmagy amala aşyrýar;
7) Türkmenistanyň goranmak we howpsuzlyk bähbitleri üçin razwedka işini amala aşyrýar;
8) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýaýbaňlandyrylmagyny we mobilizasiýa taýýarlygyny guraýar;
9) dolandyryş merkezleriniň we goşunlaryň operatiw taýýarlygyny guraýar;
10) goranmak bähbitleri üçin amala aşyrylýan döwlet buýurmalarynyň we beýleki işleriniň ýerine ýetirilmegini utgaşdyrýar, maliýeleşdirýär we öz ygtyýarlyklarynyň çäginde gözegçilik edýär;
11) şertnama esasynda goranmak çygrynda ylmy-barlag we tejribe- konstruktorçylyk işlerini, ýaragy, harby tehnikany, azygy, geýim-gejim we gaýry emläkleri, maddy we beýleki gorlaryň satyn alynmagyny, şeýle hem şu maksatlar üçin goýberilýän serişdeleriň çäginde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň zerurlyklary üçin potrat işlerini we hyzmatlary buýurýar hem-de maliýeleşdirýär;
12) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde döwlet we gulluk syryny gorap saklamak boýunça işi guraýar;
13) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde işgärler syýasatyny amala aşyrýar;
14) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maliýe, tehniki we tyl üpjünçiligini amala aşyrýar;
15) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin hünärmenleri taýýarlaýar;
16) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby gullugy geçmegi guraýar we harby gullukçylaryň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň raýat işgärleriniň, harby gullukdan esasly sebäpler boýunça boşadylan adamlaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuş goraglylygyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde üpjün edýär;
17) beýleki döwletleriň harby edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýär;
18) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň mümkinçiliklerini Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbitlerine ulanmak barada Türkmenistanyň Prezidentine teklipleri berýär;
19) harby-ylmy barlaglary guraýar;
20) harby tertipnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýar;
21) raýatlary harby gulluga çagyrmagy we çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary ätiýaçlyga boşatmagy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde ätiýaçlykda durýan harby borçly raýatlary harby ýygnanyşyklara, mobilizasiýa boýunça çagyrmagy we demobilizleme boýunça boşatmagy guraýar.
22) geodeziýa, astronomiki-geodeziýa, grawimetriki, topografiki, topografiki-geodeziýa, inženerçilik-geodeziýa gözlegleri, aerokosmiki surata düşürmek, kartografiki, kartoneşirýat we kadastr işleri geçirileninde, sanly, elektron kartlar we geomaglumat ulgamlar döredileninde, ýörite ýerine ýetirijilik, barlag we gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirýär, şeýle hem geodeziýa we kartografiýa işlerine ygtyýarnamalary berýär;
23) şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kärhanalarda we edaralarda hojalyk hem-de önümçilik işlerinde ulanylýan partlaýjy maddalaryň we partladyjy serişdeleriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäginde howpsuz daşalmagyna, saklanylmagyna we ulanylmagyna umumy gözegçiligi amala aşyrýar.
24) Türkmenistanyň çäginde harby maksatly önümleri, işleri we hyzmatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda bellenilen tertipde sertifikasiýalaşdyrmak işini amala aşyrýar;
25) Türkmenistanyň goranmak we ykdysady bähbitleri üçin, şeýle hem gämileriň howpsuz we amatly ýüzüşlerini üpjün etmek maksady bilen Hazar deňzinde nawigasiýa, gidrografiýa we okeanografiýa işini amala aşyrýar.
26) garamagyna degişli hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary döredýär, üýtgedip guraýar we ýatyrýar.
5. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ygtyýarlyklary şu Kanun we Türkmenistanyň Goranmak ministrligi hakynda düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
6. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine harby döwürde ýolbaşçylyk etmek we dolandyrmak Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly kesgitlenilýär.
16-njy madda. Kanun boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki döwlet edaralarynyň goranmak çygryndaky ygtyýarlyklary
1. Kanun boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki döwlet edaralary goranmak boýunça wezipeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri bilen bilelikde ýerine ýetirýärler.
2. Kanun boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki döwlet edaralary şu wezipeleri amala aşyrýarlar:
1) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ulanmagyň meýilnamasyny, döwlet ýaraglanyş maksatnamalaryny, döwlet goranmak buýurmasyny düzmek, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň goranmak bölegini ösdürmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamaga gatnaşýarlar;
2) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we harby düzümleri bilen goranmak maksatlary üçin bilelikdäki hereketlere taýýarlygy guraýarlar;
3) Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen goranmagy guramak meseleleri boýunça özara gatnaşygy amala aşyrýarlar we goranmagy meýilnamalaşdyrmak we guramak üçin zerur maglumatlary berýärler;
4) Türkmenistanyň goranmak çygryndaky kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
17-nji madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlaryny ýerleşdirmek
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ýerleşdirilmegi goranmak wezipelerine we Türkmenistanyň sebitleriniň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerine laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Goşunlary ýerleşdirmegiň meýilnamasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen ylalaşylmak bilen, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
3. Goşunlary Türkmenistanyň Goranmak ministrligine ulanmaga berlen çäklerde gaýtadan ýerleşdirmek, degişli döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen ylalaşmak esasynda Türkmenistanyň Goranmak ministri tarapyndan, birikmäniň düzüminde bolsa - Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.
18-nji madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we goşun düzümlerinde jemgyýetçilik we beýleki birleşikleriň hereket etmegini çäklendirmek
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we goşun düzümlerinde syýasy maksatlary yzarlaýan jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki guramalaryň hereket etmegi, şeýle hem olaryň düzüm bölekleriniň döredilmegi gadagan edilýär.
2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň wezipe birliklerini we maliýe serişdelerini Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga haýsydyr bir jemgyýetçilik ýa-da beýleki birleşikleriň düzümlerini döretmek we hereketini amala aşyrmak üçin peýdalanmak gadagan edilýär.
3. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň harby bölümleriniň, birikmeleriniň we edaralarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça geçirilýän ündew işlerinden başga haýsydyr bir syýasy, dini ündew işlerini geçirmek gadagan edilýär.
IV BAP
GORANMAGY YKDYSADY TAÝDAN ÜPJÜN ETMEK
19-njy madda. Goranmagy ykdysady taýdan üpjün etmegiň görnüşleri
1. Goranmagy ykdysady taýdan üpjün etmek şulary öz içine alýar:
1) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini ýaraglar, harby tehnika, beýleki emläkler bilen üpjün etmek üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň maddy-tehniki binýadyny, şeýle hem şu maksatlarda işleriň hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini;
2) goranmak zerurlyklaryny üpjün etmek üçin möhüm bolan zähmet we mobilizasiýa gorlaryny;
3) goranmagy üpjün etmek bilen baglanyşykly ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklaryny;
4) goranmak zerurlyklary üçin döwlet tarapyndan goýberilýän maliýe serişdelerini;
5) goşunlary üpjün etmek, ýerleşdirmek, tälim bermek, ýaýbaňlandyrmak we harby hereketleri alyp barmak üçin niýetlenilen stasionar desgalar görnüşindäki goranmak infrastrukturasyny.
2. Goranmagy ykdysady taýdan üpjün etmek goşunlary häzirki hem-de geljekdäki zerurlyklary kanagatlandyrmak we Türkmenistanyň ykdysadyýetini harby döwürde goranyşy üpjün etmek boýunça taýýarlamak üçin maddy serişdeleri bermek arkaly guralýar.
3. Türkmenistanyň ykdysadyýetini goranmagy üpjün etmäge taýýarlamak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guralýar.
20-nji madda. Goranmagy maddy taýdan üpjün etmek we maliýeleşdirmek
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň zerurlyklaryny maddy taýdan üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzülýän, Türkmenistanyň goranyş ukyplylygyny gerekli derejede saklamak maksatlary bilen önümleriň (harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň) iberilmegini göz öňünde tutýan, döwlet ýaraglanyş maksatnamasynyň we döwlet goranyş buýurmasynyň esasynda amala aşyrylýar.
2. Goranmak zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen ylmy-tehniki mümkinçilikler, ýaraglary, harby tehnikany öndürmek we abatlamak üçin hereket edýän kuwwatlyklar ulanylýar, gerekli güýcleri we serişdeleri taýýarlamak amala aşyrylýar.
3. Goranmagy maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki çeşmeleriň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
4. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini saklamaga we taýýarlamaga, ýaraglary, harby tehnikany, maddy serişdeleri we beýleki harby emläkleri satyn almaga, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerini geçirmäge, düýpli gurluşyga, pensiýa üpjünçiligine, ýygnanyşyklaryň geçýän wagtynda harby gullukçylaryň we harby borçlularyň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna, goranmagyň bähbitleri üçin guralýan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby düzümleriniň mobilizasiýa taýýarlygyna niýetlenilip pul serişdeleri goýberilýär.
21-nji madda. Döwletiň goranmak infrastrukturasynyň düzülmegi
1. Döwletiň goranmak infrastrukturasy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň parahatçylyk döwründe hereket etmegi we harby döwürde söweş hereketlerini alyp barmagy üçin düzülýär.
2. Döwletiň goranmak infrastrukturasynyň esasyny Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň söweşjeň taýýarlygyny we söweşjeň ukyplylygyny üpjün etmek boýunça çäreler toplumyny ýerine ýetirmek üçin peýdalanylýan stasionar harby desgalar we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň goranmak böleginiň desgalary düzýär.
3. Harby desgalary ýerleşdirmäge we saklamaga hemişelik ýa-da wagtlaýyn peýdalanmak üçin ýerler, tokaýlar, beýleki tebigy we önümçilik gorlary degişli salgytlar we tölegler alynmazdan bölünip berilýär.
V BAP
URUŞ ÝAGDAÝY. HARBY ÝAGDAÝ. MOBILIZASIÝA. TERRITORIAL GORANYŞY. RAÝAT GORANYŞY
22-nji madda. Uruş ýagdaýy. Harby döwür
1. Uruş ýagdaýynyň yglan edilen ýa-da harby hereketleriň başlanan pursadyndan harby döwür başlanýar. Uruş yglan edilen ýa-da Türkmenistana çozulan güni we sagady harby döwrüň başlanmagy diýlip hasap edilýär. Urşuň bes edilendigi yglan edilen güni we sagady harby döwrüň tamamlanmagy diýlip hasap edilýär.
2. Türkmenistanyň çägine beýleki döwletiň goşunynyň ýa-da ýaragly toparlarynyň duýdansyz çozan ýa-da zorluk bilen giren ýagdaýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we goşun düzümleri, döwlet harby edaralary urşuň yglan edilmegine garaşmazdan, çozuşy serpikdirmek üçin ähli çäreleri görmäge borçludyrlar.
23-nji madda. Harby ýagdaý
1. Harby ýagdaý döwlet häkimiýet edaralarynyň, beýleki döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we guramalaryň işiniň erkinligiň we hukuklaryň çäklendirilmegini göz öňünde tutýan aýratyn hukuk düzgüni hökmünde Türkmenistanyň garşysyna agressiýanyň gös-göni wehiminiň ýa-da agressiýa ýagdaýynda Türkmenistanyn ähli çäginde ýa-da käbir ýerlerinde girizilýär.
2. Türkmenistanyn çäginde harby ýagdaýyň hukuk esaslary, harby ýagdaýy girizmek we ýatyrmak, harby ýagdaý düzgünini üpjün etmek boýunça çäreler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
24-nji madda. Mobilizasiýa
1. Türkmenistanyň ykdysadyýetini, döwlet edaralaryny harby döwrüň şertlerinde işlemäge geçirmek, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini mobilizasiýa tertibinde ýaýbaňlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmak üçin ählumumy ýa-da bölekleýin mobilizasiýa yglan edilýär.
2. Mobilizasiýa babatda döwlet kadalaşdyrmasynyň hukuk esaslary, döwlet edaralarynyň we beýleki edaralaryň, raýatlaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
25-nji madda. Raýat goranyş we adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işleri
1. Raýat goranyş Türkmenistanyn goranmak çäreleriniň düzüm bölekleriniň biri bolup durýar.
2. Raýat goranyşyň guralyşy, onuň wezipeleri we funksiýalary, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işlerini geçirmegi guramak Türkmenistanyn kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
26-njy madda. Territorial goranyş
1. Territorial goranyş Türkmenistanyň goranmak çäreleriniň düzüm bölegi bolup durýar.
2. Territorial goranyş çäk-zolak ýörelgesi boýunça guralýar. Türkmenistanyn çägi territorial gorag zolaklaryna we ýerlerine bölünýär, olaryň serhetleri welaýatlaryň we etraplaryň dolandyryş-çäk serhetleri bilen laýyk gelýär.
3. Territorial goranyşyň wezipelerini çözmek üçin bölümler we birikmeler düzülýär.
4. Territorial goşunlar guramaçylyk taýdan aýratyn möhüm döwlet desgalaryny goramagy, döwleti ýaragly goramagy üpjün etmek bähbitleri üçin guramaçylyk çäreleriniň we işleriniň geçirilmegini öz içine alýan aýratyn söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen harby bölümlerden we birikmelerden ybaratdyr.
5. Wehimiň bar bolan döwründe ýa-da harby hereketleriň başlanmagy bilen, territorial goşunlary toplamak amala aşyrylýar.
6. Territorial goranyşyň wezipeleri, guralyşy, onuň esasy düzüm bölekleriniň özara gatnaşygynyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.
VI BAP
GORANMAK ÇYGRYNDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYGY
27-nji madda. Türkmenistanyň goranmak çygryndaky halkara hyzmatdaşlygy
1. Türkmenistan goranyşy guramakda we amala aşyrmakda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we özüniň agza bolup gatnaşýan halkara şertnamalaryny berjaý edýär.
2. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň çözgütlerini ileri tutýar, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäk bitewiligine we serhetleriniň bozulmazlygyna hormat goýmak, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere we birleşiklere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermek ýörelgelerine eýerýär.
VII BAP
GORANMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ
KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULMAGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK WE ONUŇ ÝERINE ÝETIRILIŞINE GÖZEGÇILIK
28-nji madda. Türkmenistanyň goranmak hakyndaky kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Türkmenistanyň goranmak hakyndaky kanunçylygyny bozan döwlet edaralarynyň we beýleki edaralaryň wezipeli adamlary we Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogarkärçilik çekýärler.
29-njy madda. Türkmenistanyň goranmak hakyndaky kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik
Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar Türkmenistanyň goranmak hakyndaky kanunçylygynyň takyk we birmeňzeş ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar.
VIII BAP
JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden başlap güýje girýär.
2. Şu Kanun güýje giren gününden başlap, 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen "Goranmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny we şol Kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Türkmenistanyň kanunlarynyň degişli böleklerini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2010-njy ýylyň 25-nji sentýabry.
№ 135-IV.