TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Ätiýaçlandyryş hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4107-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 18.08.2015 ý. № 275-V, 09.06.2018 ý. № 41-VI, 08.06.2019 ý. № 153-VI, 22.08.2020 ý. № 270-VI we 05.06.2021 ý. № 386-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda telekeçilik işiniň ugry hökmünde ätiýaçlandyryşyň esaslaryny kesgitleýär, ätiýaçlandyryş bazaryndaky gatnaşyklaryň ulgamyny düzgünleşdirýär, şeýle hem ätiýaçlandyryş babatdaky işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň we oňa gözegçilik edilmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär.

 

1-nji bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) bähbit görüji - Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

2) bilelikde ätiýaçlandyryş - ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça birnäçe ätiýaçlandyryjylar tarapyndan bir wagtda ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň (jogapkärçiliginiň) kabul edilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan iş we onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklar, şunda olaryň jogapkärçiligi öz aralarynda baglaşylýan bilelikde ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda paýlanylýar;

3) ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;

4) ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we şu Kanun esasynda ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

5) ätiýaçlandyryş wekili - berlen ygtyýarlyklara laýyklykda ätiýaçlandyryjynyň adyndan we onuň tabşyrygy bilen, ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak boýunça araçylyk işini amala aşyrýan, Türkmenistanyň fiziki ýa-da ýuridik şahsy;

6) ätiýaçlandyryş dellaly - degişli ygtyýarnamanyň esasynda ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş meseleleri barada maslahat beriş hyzmatlary boýunça işi, şeýle hem öz adyndan we ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) tabşyrygy boýunça ätiýaçlandyryş we (ýa-da) gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak boýunça araçylyk işini amala aşyrýan, Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy;

7) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) - Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;

8) ätiýaçlyk gorlary - ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) matematika statistikasynyň hasaplamalary esasynda baha berilýän hereket edýän ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamalary boýunça borçnamalary;

9) ätiýaçlandyryşyň görnüşi - ätiýaçlandyryjy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan we ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak arkaly hökmany (döwlet) we meýletin (döwlet däl) ätiýaçlandyryşyň çäginde ätiýaçlandyrýana berilýän ätiýaçlandyryş önümi;

10) ätiýaçlandyryş halaty - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;

11) ätiýaçlandyryş kadalary - ätiýaçlandyryjy tarapyndan tassyklanylan we ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bilen ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga tertipde ylalaşylan, ätiýaçlandyryşyň belli bir görnüşi boýunça ätiýaçlandyryşyň şertlerini kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk resminamasy;

12) ätiýaçlandyryş nyrhy - ätiýaçlandyryş gatanjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden ýa-da ätiýaçlandyryş obýektinden alynýan, ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) töleglerini geçirmek, ätiýaçlandyryş ätiýaçlyk gaznalaryny, öňüni alyş çäreleriniň gaznasyny we başga gaznalary döretmek üçin, şeýle hem işiň alnyp barylmagy we ätiýaçlandyryjylaryň ösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerde bellenilýän töleg haky;

13) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

14) ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

15) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana we (ýa-da) ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;

16) ätiýaçlandyrylan şahs - emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

17) ätiýaçlandyryş şertnamasy - ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenilmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň emläk we beýleki bähbitleriniň goralmagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;

18) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi (jogapkärçiligi) - ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi;

19) gaýtadan ätiýaçlandyryş - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň (jogapkärçiliginiň) ählisiniň ýa-da olaryň bir böleginiň soňra gaýtadan ätiýaçlandyryjy bilen baglaşylýan gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda berilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan iş we onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklar;

20) gaýtadan ätiýaçlandyrýan - özi tarapyndan kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçiliklerini (jogapkärçiligini) gaýtadan ätiýaçlandyryşa berýän ätiýaçlandyryjy ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryjy;

21) gaýtadan ätiýaçlandyryjy - degişli ygtyýarnamanyň esasynda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak we ýerine ýetirmek tertipnama işiniň esasy bolup durýan telekeçi ýuridik şahs (gaýtadan ätiýaçlandyryş guramasy);

22) hususy tutum - gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde öz hasabyna jogapkärçilik çekýän bölegi;

23) ömrüň toplaýyş ätiýaçlandyrylyşy - ömri ätiýäçlandyrmagyň ätiýaçlandyrýan tarapyndan möhletli toplaýyş serişdeleri hökmünde yzygiderli tölenilýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň ätiýaçlandyryjyda toplanylmagy göz öňünde tutulýan görnüşi;

24) franşiza - umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;

25) prudensial ölçegler - tölege ukyplylygyň we maliýe durnuklylygynyň, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan bellenilýän we ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) tarapyndan berjaý edilmegi hökmany bolan ölçegleri;

26) satyn alyş pul möçberi - toplaýyş ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi möhletinden öň bes edilende ätiýaçlandyrýanyň almaga hukugy bolan pul möçberi;

27) şahsy töwekgelçilik (şahsy töwekgelçilik boýunça jogapkärçilik) - ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş obýektleriniň her biri boýunça çak edilýän wakanyň (töwekgelçiligiň görnüşi) bolup biljek ýüze çykmasy;

28) ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri – ätiýaçlandyryjy, gaýtadan ätiýaçlandyryjy, ätiýaçlandyryş dellaly.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň şu Kanuna laýyklykda kabul edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary ätiýaçlandyryş bazaryna gatnaşýanlaryň ählisi üçin hökmanydyr.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

4. Şu Kanunyň hereketi döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyna, şeýle hem fiziki şahslaryň karz edaralaryndaky goýumlarynyň hökmany ätiýaçlandyrylmasy boýunça gatnaşyklaryna degişli däldir.

 

3-nji madda. Ätiýaçlandyryş we ätiýaçlandyryş babatyndaky iş

 

1. Ätiýaçlandyryş - fiziki we ýuridik şahslaryň, olaryň wakalar ýa-da ýagdaýlar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş pul möçberlerini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek maksady bilen, pul we başga gaznalary döredýän ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklaryň) hasabyna emläk we başga bähbitleriniň goralmagy boýunça gatnaşyklaryň ulgamy.

2. Ätiýaçlandyryş babatyndaky iş – ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň ygtyýarnamasy esasynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrýan ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) serrnamalaryny baglaşmak we ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly işi.

 

4-nji madda. Ätiýaçlandyryşyň obýekti

 

1. Fiziki we ýuridik şahslaryň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan pursatyndaky emläk we başga bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

2. Ätiýaçlandyryş (emläk, şahsy, jogapkärçilik) bähbidi - ätiýaçlandyryşda maddy gyzyklandyryş çäresi.

3. Emläk bähbidi ätiýaçlandyrýanyň eýelik edýän, peýdalanýan ýa-da ygtyýarlyk edýän ätiýaçlandyrylan emläginiň gymmatyndan öwezini doluş tölegini almagyny aňladýar (emläk ätiýaçlandyryşy).

4. Şahsy bähbit ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertlendirilen ätiýaçlandyryş wakalary ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň alynmagyny özünde jemleýär we ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyrylan adamyň ömri, saglygy, zähmete ukyplylygy ýa-da başga şahsy bähbidi bilen baglanyşyklydyr (şahsy ätiýaçlandyryş).

5. Bähbitler ätiýaçlandyrýan tarapyndan özüniň şahsyýete ýa-da fiziki şahsyň emlägine, şeýle hem ýuridik şahsa ýetirilen zeperiň öweziniň dolunmagy bilen baglanyşykly bolup biler (raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylmagy).

6. Fiziki we ýuridik şahslaryň, şol sanda Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän şahamçalaryny we wekilhanalaryny hem goşmak bilen, daşary ýurt ýuridik şahslarynyň ätiýaçlandyryş obýektleri diňe Türkmenistanyň çäginde ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolan ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylmaga degişlidir.

 

5-nji madda. Hökmany we meýletin ätiýaçlandyryşyň görnüşleri

 

1. Hökmany ätiýaçlandyryşyň geçirilmeginiň görnüşlerini, şertlerini we tertibini belleýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan ätiýaçlandyryş hökmany ätiýaçlandyryş bolup durýar.

Ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşlerini geçirmek Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynyň üstüne ýüklenilýär.

2. Meýletin ätiýaçlandyryş ätiýaçlandyryjylar bilen ätiýaçlandyrýanlaryň arasynda baglaşylan şertnamalar esasynda amala aşyrylýar.

Meýletin ätiýaçlandyryşy geçirmegiň şertlerini we tertibini kesgitleýän kadalar ätiýaçlandyryjylar tarapyndan şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär.

Ätiýaçlandyryjy işi meýletin ätiýaçlandyryşyň özi tarapyndan işlenip düzülen görnüşi boýunça diňe ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bilen ätiýaçlandyryş kadalaryny ylalaşandan we bu iş ygtyýarnama goşulandan soň amala aşyrmaga haklydyr. Ätiýaçlandyryşyň anyk şertleri ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahalynda kesgitlenilýär.

Meýletin ätiýaçlandyryşyň görnüşleri ätiýaçlandyryjylar tarapyndan kesgitlenilýär.

 

2-nji bap. ÄTIÝAÇLANDYRYŞ BAZARY

 

6-njy madda. Ätiýaçlandyryş bazarynyň gatnaşyjylary

 

1. Şu aşakdakylar Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş bazarynyň gatnaşyjylary bolup durýarlar:

1) ätiýaçlandyryjy (gaýtadan ätiýaçlandyryjy);

2) ätiýaçlandyryş dellaly;

3) ätiýaçlandyryş wekili;

4) ätiýaçlandyrýan, ätiýaçlandyrylan şahs, bähbit görüji;

5) ygtyýarly auditor guramasy (ygtyýarly auditor);

6) ätiýaçlandyryşa döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara;

7) ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly telekeçilik işini amala aşyrýan başga fiziki we ýuridik şahslar.

2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ätiýaçlandyryşa döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bolup durýar.

 

7-nji madda. Ätiýaçlandyryjylar, gaýtadan ätiýaçlandyryjylar we olaryň işiniň şertleri

 

1. Türkmenistanda ätiýaçlandyryş babatdaky işiniň esasy görnüşi ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) bolup durýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen guramalar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ätiýaçlandyryjylar we gaýtadan ätiýaçlandyryjylar öz işini tertipnamalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidirler.

3. Ätiýaçlandyryjylar we gaýtadan ätiýaçlandyryjylar ätiýaçlandyryş bilen bir hatarda işiň, ätiýaçlandyryş bilen gös-göni baglanyşykly bolan başga görnüşleri bilen hem meşgullanmaga haklydyrlar, ýagny:

1) ätiýaçlandyrýanlar we ätiýaçlandyrylan şahslar üçin işiň, olaryň ätiýaçlandyrylmagynyň obýektleriniň aýratynlyklary bilen baglanyşykly goşmaça hyzmatlary (önüm öndürmek, işleri ýerine ýetirmek) etmek;

2) maslahat beriş hyzmatlaryny etmek, ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) babatda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, okuwlary guramak we geçirmek;

3) ätiýaçlandyryş wekili hökmünde ätiýaçlandyryş araçylygy;

4) öz ätiýaçlandyrýanlaryna degişli toplaýyş ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan (ätiýaçlandyryjy üçin) satyn almak üçin tölenilmeli pul möçberiniň çägindäki karz alyş-berişleri bermek;

5) goşmaça girdeji almak maksady bilen, wagtlaýyn ulanylmaýan ätiýaçlyk gorlaryny maýa goýuma gönükdirmek (ýerleşdirmek).

4. Ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) telekeçilik işini işiň şu maddada görkezilen görnüşlerinde göz öňünde tutulmadyk geleşikleri amala aşyrmak we amallary geçirmek görnüşinde amala aşyrmak gadagan edilýär.

5. Türkmenistanyň şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelýän fiziki we ýuridik şahslary ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) esaslandyryjylary, oňa gatnaşyjylar ýa-da onuň paýdarlary bolup bilerler. Daşary ýurt ýuridik şahslary şu Kanunyň 42-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) esaslandyryjylary, oňa gatnaşyjylar ýa-da onuň paýdarlary bolup çykyş edip bilerler.

6. Ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) döwlet kärhanasy, açyk ýa-da ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, hojalyk jemgyýeti, bilelikdäki kärhanalar görnüşlerinde döredilýärler.

7. Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) zerur bolan hususy maýasynyň (esaslyk maýasynyň, aktiwleriniň we başga gorlarynyň) möçberi onuň guramaçylyk-hukuk görnüşine we onuň ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş borçnamalarynyň möçberine laýyk gelmelidir.

8. Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) geçirýän guramaçylyk-tehniki çäreleri hem ätiýaçlandyrýanlaryň öňündäki borçnamalaryň üpjün edilmeginiň kepili bolup hyzmat edip biler.

Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) hususy maýasynyň möçberiniň, guramaçylyk-tehniki we başga çäreleriniň onuň ätiýaçlandyryş borçnamalarynyň möçberine laýyk gelşine ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan gözegçilik edilýär.

9. Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) esaslyk maýasynyň iň pes möçberi ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bilen ylalaşmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

10. Ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) döwletiň borçnamalary boýunça jogap bermeýärler, döwlet bolsa ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) borçnamalary boýunça jogap bermeýär, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri boýunça borçnamalary muňa degişli däldir.

11. Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş guramalary maliýe ýylynyň jemleri boýunça peýdanyň öz ygtyýarynda galýan bölegini esaslyk maýanyň üstüni doldurmaklyga gönükdirmäge haklydyrlar. Geçirilýän peýdanyň möçberi ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bilen ylalaşylmalydyr.

 

8-nji madda. Ätiýaçlandyryş araçylary

 

1. Ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň baglaşylmagy we onuň berjaý edilmegi ätiýaçlandyryş araçylarynyň (ätiýaçlandyryş wekilleriniň we ätiýaçlandyryş dellallarynyň) üsti bilen amala aşyrylyp bilner.

2. Ätiýaçlandyryş wekiliniň ätiýaçlandyryş bazarynda araçylyk işini amala aşyrmaga ygtyýarlyklary ätiýaçlandyryjynyň degişli resminamalary bilen kesgitlenilýär. Ätiýaçlandyryş wekiliniň bu kärdäki işine onuň zerur ygtyýarlyklary bolmadyk halatynda ýol berilmeýär.

Ätiýaçlandyryş wekiliniň ätiýaçlandyryjynyň adyndan alan ygtyýarlyklarynyň çäklerindäki öz üstüne alan borçnamalary, onuň özi tarapyndan özbaşdak kabul edilen ýaly ýerine ýetirilýär.

Ätiýaçlandyryş wekilleri tarapyndan hökmany berjaý edilmegi, şol sanda ätiýaçlandyryş resminamalarynyň blanklaryny hasaba almagyň we saklamagyň, nagt pullar bilen işlemegiň meseleleri boýunça hökmany bolan şertler Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny hasaba almak bilen ätiýaçlandyryjynyň içerki resminamalary bilen bellenilýär.

3. Ätiýaçlandyryjy özi tarapyndan ätiýaçlandyryş araçylygy boýunça ammalary geçirmäge ygtyýarlyk berlen ätiýaçlandyryş wekilleriniň sanawyny ýöretmäge borçludyr.

4. Ätiýaçlandyryş dellalynyň özüniň gatnaşmagynda baglaşylýan ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamalary boýunça ygtyýarlyklary we jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamalaryň taraplary şertnamalarynyň taraplary bilen degişli şertnamalarda kesgitlenilýär.

Ätiýaçlandyryş dellallary döwlet kärhanasy, ýapyk ýa-da açyk paýdarlar jemgyýeti, hojalyk jemgyýeti, bilelikdäki kärhana görnüşinde  döredilip bilner.

Ätiýaçlandyryş dellalynyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bilen ylalaşmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

5. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurtly ätiýaçlandyryjylaryň adyndan ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň baglaşylmagy bilen baglanyşykly, raýat jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylmagyndan başga, ätiýaçlandyryş boýunça araçylyk işine ýol berilmeýär.

6. Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) ýa-da onuň işgärleriniň ätiýaçlandyryş dellalyny döretmegi we onuň işine gatnaşmagy gadagan edilýär.

7. Daşary ýurt ýuridik şahslary şu Kanunyň 42-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda ätiýaçlandyryş dellalyny esaslandyryjylar, oňa gatnaşyjylar ýa-da onuň paýdarlary bolup çykyş edip bilerler.

8. Ätiýaçlandyryş dellaly özi tarapyndan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) töleg tölemäge ukypsyzlygy barada subutnamalary ýüze çykarandygy hakynda ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara haýal etmän habar bermäge borçludyr.

 

9-njy madda. Ätiýaçlandyrýanlar

 

1. Ätiýaçlandyrýanlar şahsy bähbitleriň, emläk bähbitleriniň jogapkärçiligiň hökmany we meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmaga haklydyrlar.

2. Ätiýaçlandyrýanlar üçünji taraplaryň (ätiýaçlandynlan şahslaryň) bähbitlerine olaryň şahsy ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşyp bilerler.

3. Ätiýaçlandyrýanlar ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini almak üçin meýletin we hökmany ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşanlarynda üçünji taraplary (bähbit görüjileri) görkezmäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe, öz garamagyna görä, olary çalşyrmaga haklydyrlar. Girewiň närsesiniň we ipotekanyň ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça bähbit görüjini çalyşmak girew saklaýjynyň ýa-da ipotekaçynyň razyçylygy bilen geçirilip bilner.

 

10-njy madda. Ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň döwlet kepillikleri

 

1. Döwlet ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär.

2. Eger ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan hukuklaryna täsir etmeýän bolsa, döwlet, jemgyýetçilik we beýleki guramalaryň ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň işine gatyşylmagyna ýol berilmeýär.

3. Ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň işine döwlet häkimiýet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň esassyz gatyşylmagy bilen olara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak baradaky jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.

4. Döwlet häkimiýet edaralary we wezipeli adamlar ätiýaçlandyryş işiniň subýektlerine diňe olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ygtyýarlyklaryna laýyklykda görkezme berip bilýärler. Döwlet häkimiýet edaralary onuň ygtyýarlylygyna ýa-da ätiýaçlandyryş babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän namany çykaran halatynda ätiýaçlandyryş işiniň subýektiniň kazyýete ýüz tutmaga haky bardyr.

 

3-nji bap. ÄTIÝAÇLANDYRYŞY AMALA AŞYRMAGYŇ ESASLARY

 

11-nji madda. Bilelikde ätiýaçlandyryş

 

1. Ätiýaçlandyrmagyň obýekti ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça bir ýa-da bir wagtda birnäçe ätiýaçlandyryjy (bilelikde ätiýaçlandyryş) tarapyndan ätiýaçlandyrylyp bilner. Bilelikde ätiýaçlandyryş mahalynda ätiýaçlandyryjylaryň arasynda ätiýaçlandyrýan babatda hukuklar we borçlar ylalaşylan paýlarda paýlaşylýar.

2. Ätiýaçlandyryjylaryň arasynda bilelikde ätiýaçlandyryş boýunça degişli ylalaşyk bolan mahalynda, olaryň biri ätiýaçlandyrýan bilen özara gatnaşyklarynda ähli ätiýaçlandyrjylara wekilçilik edip biler, şunda ol ätiýaçlandyrylýanyň öňünde diňe özüne düşýän paýynda jogapkär bolup galýar.

3. Bilelikde ätiýaçlandyryş mahalynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri, bilelikde ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilýän şertlerde esasy ätiýaçlandyryjynyň wezipesini we ygtyýarlyklaryny öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş kadalaryna laýyklykda kesgitlenilýär. Bilelikde ätiýaçlandyryş şertnamasyna gatnaşýan ätiýaçlandyryjylaryň ätiýaçlandyryşyň degişli görnüşi boýunça öz kadalarynda göz öňünde tutulandaky şertlerden başga şertlerde hem ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaga haklary bardyr.

4. Ygtyýarnamasynda ätiýaçlandyryşyň degişli görnüşi görkezilmedik ätiýaçlandyryja bilelikde ätiýaçlandyryşa gatnaşmak gadagan edilýär.

 

12-nji madda. Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

1. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

2. Gaýtadan ätiýaçlandyryş deň ölçegli, deň ölçegsiz we başga görnüşlere bölünýär. Gaýtadan ätiýaçlandyryş boýunça ygtyýarnamanyň bolmagy onuň eýesine deň ölçegli we deň ölçegsiz gaýtadan ätiýaçlandyryş boýunça işi amala aşyrmaga hukuk berýär.

3. Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň degişli ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan şertler ýüze çykanda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça gaýtadan ätiýaçlandyrýandan öz üstüne kabul eden ätiýaçlandyryş borçnamalarynyň paýyna deň ölçegli möçberde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini geçirmegi borçnama alan mahalyndaky gaýtadan ätiýaçlandyryş deň ölçegli gaýtadan ätiýaçlandyryş bolup durýar.

4. Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň degişli ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan şertler ýüze çykanda öz üstüne ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine degişli ýitgileriň doly möçberiniň gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça gaýtadan ätiýaçlandyrýandan özüniň tutup galmaly möçberinden ýokary bolan möçberde amala aşyrmak borjuny almagy deň ölçegsiz gaýtadan ätiýaçlandyryş bolup durýar.

5. Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär.

Şunda gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

6. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça töleg tölemek töwekgelçiliginiň bir böleginiň soňra gaýtadan ätiýaçlandyryjydan gaýtadan ätiýaçlandyrýanlara geçirilmegine ýol berilýär.

7. Kabul eden ätiýaçlandyryş borçnamalarynyň üstüni öz serişdeleriniň hasabyna dolup bilmeýän ätiýaçlandyryjylar üçin gaýtadan ätiýaçlandyryş hökmany bolup durýar.

8. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak – Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

9. Türkmenistanda hereket edýän ätiýaçlandyryjylaryň ätiýaçlandyryşyň özleri tarapyndan ygtyýarnama alnan görnüşleri boýunça gaýtadan ätiýaçlandyrylmak üçin töwekgelçilikleri kabul etmäge hukugy bardyr.

 

13-nji madda. Ätiýaçlandyryş ylalaşygy

 

1. Ätiýaçlandyryş ylalaşygy - ätiýaçlandyryjylaryň (gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň) arasyndaky ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri boýunça raýdaşlykly jogapkärçilik hakynda ylalaşyk. Ätiýaçlandyryş ylalaşygy iri ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri bilelikde ätiýaçlandyrylanda (gaýtadan ätiýaçlandyrylanda) ätiýaçlandyrýanlaryň bähbitlerini goramak, şeýle hem ätiýaçlandyryjylaryň (gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň) maliýe durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen ulanylýar.

2. Ätiýaçlandyryş ylalaşygynyň gatnaşyjylarynyň sany çäklendirilmeýär.

3. Ätiýaçlandyryş ylalaşygy hakynda maglumatlar we başga habarlar ylalaşygyň işiniň ugruny, gatnaşyjylarynyň düzümini görkezmek bilen we bilelikdäki iş hakynda şertnamanyň (ylalaşyk hakynda düzgünnamanyň) göçürme nusgasyny goşmak bilen, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň dykgatyna ýetirilmäge degişlidir.

 

14-nji madda. Ätiýaçlandyryş halaty

 

1. Ätiýaçlandyryş halatlarynyň hökmany ätiýaçlandyryşyň görnüşleri boýunça sanawy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär, meýletin ätiýaçlandyryşyň görnüşleri boýunça bolsa, ätiýaçlandyryşyň şu görnüşi boýunça kadalary ýa-da ätiýaçlandyrýanlar bilen baglaşylýan ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň şertleri bilen kesgitlenilýär.

2. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen, ätiýaçlandyrýanda - ätiýaçlandyryja degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek we ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçnamalary berjaý etmek boýunça talap bildirmek hukugy, ätiýaçlandyryjyda bolsa, bu barada degişli borçnama döreýär.

3. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň subutnamasy degişli resminamalar we dogrulygyna şübhe döretmeýän beýleki maglumatlar esasynda, kazyýetleriň, derňew we beýleki edaralaryň çözgütleri bilen, şeýle hem zerur bolan halatlarda bolsa, bilermenleriň netijenamalary esasynda bellenilýär.

 

15-nji madda. Ätiýaçlandyryş pul möçberi we ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi

 

1. Emläk ätiýaçlandyrylanda ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşygy boýunça, şonuň ýaly emlägiň balans ýa-da bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp kesgitlenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberi onuň şertnama baglaşylan pursatyndaky hakyky bahasyndan ýokary bolup bilmez.

2. Taraplar emlägiň ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilen bahasy babatda jedelleşip bilmezler, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýan tarapyndan özüniň bilkastlaýyn aldawa salnandygyny subut edýän halatlary muňa degişli däldir.

3. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberi emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary geçýän bolsa, onda şertnamanyň, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň emlägiň şertnama baglaşylan pursatyndaky bahasyndan ýokary geçýän bölegi hakyky däl diýlip hasap edilýär. Taraplar ätiýaçlandyryş pul möçberiniň ätiýaçlandyrylan emlägiň bahasyndan ýokary geçýändigi ýüze çykarylan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberini we degişlilikde, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) azaldyp bilerler.

4. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda emlägi ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmez.

5. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryşyň pul möçberi emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan pes bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyna bolan gatnaşygyna deňeçerlikde kemelýär.

6. Eger emläk birnäçe ätiýaçlandyryjyda, umuman alanyňda, emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan (goşa ätiýaçlandyryş) geçýän möçberde ätiýaçlandyrylan bolsa, onda şol ätiýaçlandyryş boýunça ähli ätiýaçlandyryjylardan alynýan ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary geçmeli däldir. Şunda ätiýaçlandyryjylaryň her biri öz baglaşan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberine deňeçer tölegi geçirýär.

7. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerinde ýetirilen zyýanyň öweziniň ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň çäklerinde hakyky özlügi görnüşinde dolunmagy bilen çalşyrylmagy göz öňünde tutulyp bilner.

8. Adamyň ömri, saglygy, zähmete ukyplylygy we başga şahsy bähbitleri bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlandyryşyň pul möçberi ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşygy boýunça kesgitlenilýär. Görkezilen şertnamalar boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenilmegi ýetirilen zyýanyň we zeleliň öwezini dolmak tertibinde alyja tölenilmäge degişli pul möçberlerine garamazdan geçirilýär.

9. Eger ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykyş häsiýetinden ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek borjy şübhe döretmeýän bolsa, ýöne zerur bolan guramaçylyk-tehniki işler üç aýyň içinde tamamlanmadyk bolsa, onda şu pul möçberini almaga hukugy bolan şahs ony gürrüňsiz tölenilmäge degişli möçberde hakujy tölegi görnüşinde talap edip biler.

10. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi üçin ätiýaçlandyrýanyň arzasy, ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhaty we ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan beýleki resminamalar esas bolup hyzmat edýär.

11. Ätiýaçlandyryjy tarapyndan meýletin şahsy ätiýaçlandyryşyň şertleri boýunça geçirilýän ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmez.

12. Ätiýaçlandyrjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilen mahalynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň azaldylmagynyň üpjün edilmegi hökmünde kabul edilen, girewine alnan emlägi kazyýete ýüz tutmazdan satmaga haky bardyr.

13. Eger ätiýaçlandyrylanyň özi bähbit görüji bolmasa, onda bähbit görüjä tölenilmäge degişli pul möçberleri ätiýaçlandyrylýanyň ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň borçlary boýunça töletdirilip bilinmez. Ätiýaçlandyrylýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda, şahsy ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça bähbit görüjä tölenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberi miras boýunça geçýän emlägiň düzümine girmeýär.

14. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň hökmany tertipde berýän resminamalarynyň hem-de netijenamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.

 

16-njy madda. Toplaýyş ätiýaçlandyryşy boýunça işi amala aşyrmagyň aýratynlyklary

 

1. Toplaýyş ätiýaçlandyryşy boýunça işi amala aşyrýan ätiýaçlandyryjy toplaýyş ätiýaçlandyryşy baradaky ylalaşygyň 3 ýyldan az bolmadyk döwürde öz güýjünde galýan şertlerinde, bu pul möçberini girew goýmak bilen, satyn alyş pul möçberiniň 50 göteriminiň çäginde özüniň ätiýaçlandyrýanlaryna karz alyş-beriş bermäge haky bardyr. Şeýle ýagdaýda karz ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň tamamlanmaly döwründen köp möhlete berlip bilinmez.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan karz alyş-berişi bermegiň düzgünleri ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň kadalaşdyryjy namalarynyň talaplaryny hasaba almak bilen bellenilýär.

 

17-nji madda. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

1. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenilýär. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.

2. Ýuridik şahslar - iş berijiler ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan öz işgärleriniň tabşyrygy boýunça olaryň zähmet haklarynyň (girdejileriniň) möçberinden ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tutup galmaga we olary ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna geçirmäge borçludyrlar.

3. Ätiýaçlandyryşyň meýletin görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberleri taraplaryň ylalaşmagy netijesinde kesgitlenilýär, ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri boýunça bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär. Ätiýaçlandyryş kadalarynda we şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenilen pulunda tölenilýär.

4. Ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyrýan tarapyndan önümiň (işiň, hyzmatyň) özüne düşýän gymmatyna goşulýar. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda olaryň töledilmegi Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

5. Ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykma töwekgelçiligi ýokarlanan mahalynda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrylan bilen ylalaşyk boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberini ýokarlandyrmaga haky bardyr.

6. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini azaltmagy üpjün etmek hökmünde girew almaga we şoňa laýyklykda ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberini azaltmaga haky bardyr.

7. Ätiýaçlandyryjy tarapyndan alnan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) onuň eýeçiligi bolup durýar. Bu serişdeler diňe şu Kanunda göz öňünde tutulan esaslar boýunça we tertipde bu ätiýaçlandyryş borçnamasy hakyky däl diýlip ykrar edilen halatynda tussag edilip we olary töletdirmek (ýa-da ätiýaçlandyrylanyň öňündäki borçnamanyň şertlerinde bellenilmedik başga bir görnüşde almak) geçirilip bilner.

8. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe geçirilen ätiýaçlandyryş gatançlaryna (ätiýaçlandyryş baýraklaryna) töletdirmek çäresi ulanylyp bilinmez, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

9. Ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) düzüminde onuň gaýtarylyp berilýän bölegi göz öňünde tutulyp bilner, ol ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soň ätiýaçlandyrylýana tölenilýär.

10. Türkmenistanyň kanunçylygynda goralýan obýektlere garşy hyýanatçylykly hereketleri amala aşyrmagyň netijesinde edinilen gozgalýan we gozgalmaýan emläkler babatynda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň hakyky däl diýlip bilinmegi netijesinde şol şertnamalary baglaşmazdan öň tölenilen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ýa-da terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilen maddy-tehniki we beýleki serişdeler yzyna gaýtarylyp berilmeýär.

11. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soň ätiýaçlandyryjynyň ykdysady ýagdaýy ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmezliginiň hakyky howpy bar bolan derejede ýaramazlaşandygy anyklanylanda, ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) geçirmegini bes etmäge haky bardyr.

 

18-nji madda. Ätiýaçlandyryş nyrhy

 

1. Hökmany ätiýaçlandyryşyň degişli görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş nyrhy Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan, ätiýaçlandyryşyň meýletin görnüşleri boýunça bolsa, ätiýaçlandyryjy tarapyndan meýletin ätiýaçlandyryşyň her bir anyk görnüşi boýunça tassyklan ätiýaçlandyryş kadalaryna laýyklykda bellenilýär.

2. Üýtgäp durýan şertleri, ýaşaýşyň bahasynyň indeks ini nazara almak bilen, ätiýaçlandyrýanlaryň maliýe borçnamalaryny ätiýaçlandyryjynyň borçnamalaryna laýyk getirmek zerurlygy ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberleriniň üýtgedilmegi ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bilen ylalaşylmaga degişlidir.

 

19-njy madda. Ätiýaçlandyryjynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça borçlary

 

1. Ätiýaçlandyryş ulgamynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi üçin ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen, ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem ygtyýarly edara degişli maglumatlary bermelidirler.

2. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak maksady bilen, gözegçilige degişli ätiýaçlandyryş amallarynyň sanawy ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

 

4-nji bap. ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞERTNAMALARYNYŇ BAGLAŞYLMAGYNYŇ WE ÝERINE ÝETIRILMEGINIŇ TERTIBI

 

20-nji madda. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi

 

1. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ýazmaça arza berýär ýa-da başga bir usul bilen özüniň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak isleginiň bardygyny mälim edýär.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda we ätiýaçlandyryşyň degişli görnüşi boýunça ätiýaçlandyryş kadalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenilen anyk möhlete baglaşylýar ýa-da taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölenilen pursatyndan baglaşylan hasap edilýär.

3. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilende ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana öz aralarynda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň nusgasyny ýa-da ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny, ýa-da şertnamanyň baglaşylandygyny tassyklaýan başga resminamany berýär.

4. Ätiýaçlandyryjynyň adyndan şertnamany bu işe ygtyýarlyk berlen adam baglaşýar, eger degişli hukuk berilmedik bolsa, onuň ätiýaçlandyryşyň şertlerini üýtgetmäge haky ýokdyr.

5. Eger ätiýaçlandyryşyň anyk görnüşleri boýunça Ätiýaçlandyryşyň kadalarynda ýa-da taraplaryň ylalaşygynda göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýanyň oňa üýtgetme girizmäge haky bardyr.

6. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini almak üçin bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.

7. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde elektron resminama görnüşinde  amala aşyrylyp bilner.

 

21-nji madda. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) mazmuny

 

1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ýazmaça görnüşde, resminama düzmek ýa-da ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny gowşurmak ýoly bilen baglaşylýar.

2. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda şular görkezilmelidir:

1) resminamanyň ady;

2) ätiýaçlandyryjynyň ady, hukuk salgysy we bank maglumatlary;

3) ätiýaçlandyrýanyň-fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we salgysy ýa-da ätiýaçlandyrýanyň-ýuridik şahsyň ady, hukuk salgysy we bank maglumatlary;

4) ätiýaçlandyrylýan şahsyň (ol bolan halatynda) familiýasy, ady, atasynyň ady we salgysy;

5) bähbit görüjiniň-fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we salgysy ýa-da bähbit görüjiniň-ýuridik şahsyň ady (eger şeýle bar bolsa), hukuk salgysy we bank maglumatlary;

6) ätiýaçlandyrylan bähbidiň (ätiýaçlandyryşyň obýektiniň) we ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň görkezilmegi;

7) ätiýaçlandyryşyň pul möçberi;

71) ätiýaçlandyrylýan emlägiň bahasy;

8) ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi, ony tölemegiň tertibi we möhleti;

9) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi - şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi - möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de);

10) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň möhleti we bu möhletiň berjaý edilmezligi üçin ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi;

11) ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryşyň görkezilen görnüşiniň kadalaryny bilýändigi hakynda maglumatlar;

12) taraplaryň gollary.

3. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

4. Ätiýaçlandyryşyň aýry-aýry görnüşleri boýunça başga hökmany şertler bellenilip bilner, olar ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda hökman görkezilmelidir.

5. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe, eger bu Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän ätiýaçlandyryşyň şu görnüşiniň ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenilen kadalarynda ýa-da şertlerinde, ýa-da taraplaryň ylalaşygy boýunça göz öňünde tutulan bolsa, äiýaçlandyrýanyň onuň hereket edýän möhleti, ätiýaçlandyryş pul möçberi, ony almak üçin bellenilen adam babatyndaky böleginde oňa üýtgetmeler girizmek hakynda mälim etmäge haky bardyr.

 

22-nji madda. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy

 

1. Üçünji şahslaryň haýryna emläk ýa-da şahsy ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan ätiýaçlandyrýan aradan çykan halatynda ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary şu aşakdakylara geçip biler:

1) ätiýaçlandyrylan emlägi miras tertibinde kabul edip alan adama;

2) üçünji şahslara;

3) ätiýaçlandyrylan şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça borçlary ýerine ýetirýän şahslara.

2. Ätiýaçlandyrylan emläk satylan, çalşylan, sowgat edilen, kärendesine berlen ýa-da başgaça aýrybaşgalanan halatynda bu barada ätiýaçlandyryja habar berilýär, ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda şol emlägi alan adama geçip biler.

3. Ätiýaçlandyrýan-ýuridik şahs ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe üýtgedilip gurlan halatynda onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hukuklary we borçlary onuň hukuk oruntutaryna geçýär.

4. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýan kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen bolsa, onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak onuň kanuny wekili tarapyndan amala aşyrylýar.

 

23-nji madda. Ätiýaçlandyryjynyň borçlary

 

1. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;

2) ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäreleriň netijesinde, şeýle hem ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy bilen baglanyşykly, ätiýaçlandyrylan emlägiň bahasy ýokarlanan mahaly ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli, ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;

3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge, şu Kanunyň 28-nji we 29-njy maddalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;

4) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

2. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) öz wagtynda tölenilmändigi üçin, şeýle hem ätiýaçlandyryjynyň işgärleriniň günäsi bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletinden öň bes edilendigi üçin ätiýaçlandyrýana möçberi her bir anyk ýagdaýda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertleri ýa-da kadalary esasynda, ýa-da taraplaryň ylalaşygy bilen kesgitlenilýän jerimäniň tölenilmegi arkaly emläk jogapkärçiligini çekýär.

 

24-nji madda. Ätiýaçlandyrmaga degişli emlägiň goralyp saklanylyşyna gözegçilik

 

1. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrylan emlägiň goralyp saklanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmaga haky bardyr.

2. Emläge eýeçilik gözi bilen garalmaýan ýa-da ätiýaçlandyrylan emlägiň bolmalysy ýaly saklanylmaýan ýagdaýlary ýüze çykarylan halatynda, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýanlara ýüze çykarylan kemçilikleriň düzedilmegi barada ýerine ýetirilmegi hökmany bolan teklipnamany berýär.

3. Teklipnama ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň möçberini azaltmaga haky bardyr.

 

25-nji madda. Ätiýaçlandyrýanyň borçlary

 

Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:

1) ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim möhüm ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ählisi barada, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emläk bilen bolup geçen islendik düýpli özgeriş (oňa bolan eýeçilik hukugyny hem goşmak bilen), şonuň ýaly-da onuň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýanlygy barada ätiýaçlandyryja habar bermäge. Soňky ýagdaýda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegini talap etmäge ýa-da birtaraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmäge haky bardyr;

2) ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;

3) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryşyň kadalarynda ýa-da şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;

4) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;

5) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.

Türkmenistanyň kanunçylygynda, ätiýaçlandyryşyň kadalarynda ýa-da şertlerinde ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

26-njy madda. Ätiýaçlandyrýanyň ýetirilen zyýan üçin jogapkär adam babatda hukuklarynyň ätiýaçlandyryja geçmegi

 

1. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýetirilen zyýan ýa-da zeper üçin ätiýaçlandyrýanyň ýa-da üçünji bir şahsyň öňünde jogapkär adamdan regres talabyň hukugy şol pul möçberiniň çäginde ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölän ätiýaçlandyryja geçýär.

Eger ätiýaçlandyrýan görkezilen şahsa talaplary bildirmekden ýa-da şol talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän hukuklaryndan boýun gaçyrsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň ol şahsdan tutulyp alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.

2. Eger ätiýaçlandyrýan ýa-da peýdasyna ätiýaçlandyryş öweziniň doluş tölegi geçirilýän şahs ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär şahsdan zyýanyň (zeleliň) öwezini doluş tölegini doly alan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini amala aşyrmakdan boşadylýar. Günäkär tarapyndan zyýanyň (zeleliň) öwezi bölekleýin dolunan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy, onuň günäkärden alan pul möçberini hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş öweziniň doluş tölegini geçirýär.

 

27-nji madda. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) hereket edýän möhleti geçende;

2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

3) şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilmedik ýagdaýynda;

4) ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda, şu Kanunyň 22-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaý muňa degişli däldir;

5) ätiýaçlandyrýan aradan çykanda, şu Kanunyň 22-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaý muňa degişli däldir;

6) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kanunyň 25-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.

2. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

3. Ätiýaçlandyryş wakasynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi artan mahalynda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryşy togtatmaga ýa-da ony möhletinden öň bes etmäge haky bardyr.

4. Eger borçnamalaryň kem-käsleýin ýa-da doly berjaý edilmezligi taraplaryň öňünden görmedik we öňüni alyp bilmedik şertnama baglaşylandan soň adatdan daşary häsiýetli ýagdaýlar netijesinde peýda bolan bolsa, şertnama togtadylyp bilner, ätiýaçlandyryjy bolsa şol borçnamalar üçin şeýle jogapkärçilikden boşadylyp bilner.

5. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklary), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

6. Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

 

28-nji madda. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hakyky däldigi

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdakylar ýaly baglaşylan bolsa, hakyky däl diýlip hasap edilýär:

1) raýat kämillik ukyby ýok ýa-da bellenilen tertipde kämillik ukyby çäklendirilen şahslar bilen;

2) şertnama baglaşylan pursatynda akyly ýerinde dällik ýa-da öz hereketleri üçin hasap bermäge ukypsyz ýagdaýdaky adam bilen;

3) ätiýaçlandyryjynyň adyndan şertnama baglaşmaga ygtyýarlylygy bolmadyk adam bilen;

4) kanunda gadagan usul bilen edinilen, kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi ýa-da onuň emlägi muzdsuz almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çykaran karary esasynda ýazga sezewar edilen, tussag edilen, muzdsuz alnan emläk babatda;

5) ätiýaçlandyryş halatyndan soň, onuň ýüze çykmagy bilen ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmegi göz öňünde tutulýar;

6) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ýazmaça görnüşi berjaý edilmän;

7) döwletiň bähbitleriniň garşysyna görnetin gönükdirilen maksat bilen;

8) döwlet tarapyndan bellige alynmadyk we ygtyýarnama almadyk ätiýaçlandyryjylar bilen;

9) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýan obýektleriň garşysyna hyýanatçylykly hereketleriň amala aşyrylmagy netijesinde edinilen gozgalýan we gozgalmaýan emläk babatda;

10) terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilen maddy-tehniki we beýleki serişdeler babatda;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelýän şertler bilen.

2. Ätiýaçlandyryjy, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasy hakyky däl diýlip ykrar edilen halatynda ätiýaçlandyrýana tölän ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) gaýtaryp berýär, ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan mahalynda döwletiň bähbitleriniň garşysyna gönükdirilen maksady yzarlaýan halatlary muňa degişli däldir.

 

29-njy madda. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun gaçyrylmagy

 

Ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermäge haklydyr:

1) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ättiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

2) ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

3) ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan adam hereketlerini alkogol, nese ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

4) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanyşykda durýan bolsa.

5) ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada öz wagtynda habar bermese we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň resminamalary bilen tassyklanmasa ýa-da zyýanyň (zeleliň) möçberini, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmasa.

 

30-njy madda. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy

 

1. Eger gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyna şu bapda göz öňünde tutulan, telekeçilik töwekgelçiligini ätiýaçlandyrmak babatynda ulanylmaga degişli kadalar ulanylýar. Şunda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan, ätiýaçlandyryş şertnamasy (esasy şertnama) boýunça ätiýaçlandyryjy bolan, soňky şertnamada ätiýaçlandyrýan hasap edilýär.

2. Iki ýa-da birnäçe gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyny yzygiderlilikde baglaşmaga rugsat edilýär.

3. Esasy şertnama boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň töleginiň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilendiginiň subutnamasy gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bolup durýar.

4. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahslaryň talaplarynyň kadalaşdyrylmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

 

5-nji bap. ÄTIÝAÇLANDYRYJYLARYŇ (GAÝTADAN ÄTIÝAÇLANDYRYJYLARYŇ) MALIÝE-YKDYSADY IŞI

 

31-nji madda. Ätiýaçlandyryjylaryň (gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň) maliýe-ykdysady işiniň esaslary

 

1. Ätiýaçlandyryjynyň, gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň maliýe ykdysady işi ätiýaçlandyrýanlaryň öňündäki borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir we ol doly hojalyk özbaşdaklygy şertlerinde amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan girdejiler (ätiýaçlandyryş gatançlary) bilen tutulyp galynan serişdeleriň arasyndaky tapawut hökmünde kesgitlenilýän peýda, şeýle hem ätiýaçlandyryş bilen başlanyşykly maýa goýum, araçylyk we ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly başga işden alnan peýda ätiýaçlandyryjylaryň (gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň) maliýe-hojalyk işiniň esasy umumylaşdyryjy görkezijisi bolup durýar.

3. Ätiýaçlandyryjylaryň (gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň) peýdasy Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlar we beýleki hökmany tölegler tölenilenden soň, olaryň öz ygtyýarynda galýar.

 

32-nji madda. Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) tölege ukyplylygy we maliýe taýdan durnuklylygy

 

1. Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) töleg tölemäge ukyplylygy onuň öz maliýe borçnamalaryny öz wagtynda we doly ýerine ýetirmäge ukyplylygy bilen kesgitlenilýär.

2. Ätiýaçlandyryjy (gaýtadan ätiýaçlandyryjy) tarapyndan kabul edilen borçnamalar bilen aktiwleriň arasyndaky özara kadaly gatnaşygyň berjaý edilmegi (olaryň geçginliligini göz öňünde tutmak bilen), olaryň töleg tölemäge ukyplylygynyň görkezijisi bolup durýar. Bu gatnaşyklary hasaplamagyň usullary ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan bellenilýär.

3. Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) maliýe durnuklylygy, daşarky maliýe we başga ýagdaýlaryň ýetirip biljek amatsyz täsirini hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça kabul edilen borçnamalaryň bütin hereket edýän möhletiniň dowamynda onuň özüniň tölege ukyplylygyny saklap galmak ukyby bilen kesgitlenilýär.

4. Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) maliýe durnuklylygynyň gökezijileri şulary öz içine alýar:

1) esaslyk maýanyň we ätiýaçlyk gorlarynyň, şeýle hem hususy maýasynyň iň pes möçberini;

2) aktiwleriň gymmatyny we olaryň diwersifikasiýa etmek derejesini;

3) tölege ukyplylygynyň görkezijilerini;

4) ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalaryň möçberleriniň özara gatnaşygyny;

5) edilýän ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň düşewüntliligini (peýdalylygyny);

6) amala aşyrylýan maýa goýum işiniň netijeliligini (koefissiýentini).

5. Ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) töleg tölemäge ukyplylygynyň we maliýe durnuklylygynyň derejesi kesgitlenilen mahalynda onuň aktiwleriniň gymmaty, olaryň hil we geçginlilik boýunça toparlara bölünişini göz öňünde tutmak bilen hasaplanylýar.

6. Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) hususy maýasy ähli aktiwleriň ätiýaçlyk gorlaryň we başga borçnamalaryň möçberine azaldylan gymmaty hökmünde kesgitlenilýär.

7. Aktiwleriň hili we geçginliligi boýunça toparlara bölünişini hasaba almak bilen, olaryň gymmatyny hasaplamak usuly ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan bellenilýär.

 

33-nji madda. Prudensial ölçegler we berjaý edilmegi hökmany bolan beýleki ölçegler we bellenilen möçberler

 

1. Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) we özleri babatda jebisleşdirme esasynda gözegçilik amala aşyrylýan şahslaryň tölege ukyplylygyna we maliýe durnuklylygyna gözegçilik etmek olar üçin prudensial ölçegleri we berjaý edilmegi hökmany bolan beýleki ölçegleri we bellenilen möçberleri bellemek arkaly geçirilýär.

2. Prudensial ölçegler ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan bellenilýär we olar şulary öz içine alýar:

1) tölege ukuplylygyň ölçeglerini;

2) maliýe durnuklylygynyň ölçeglerini.

3. Ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) şahsy töwekgelçilik boýunça (diňe meýletin ätiýaçlandyryşda ulanylýan) borçnamalarynyň iň ýokary möçberi, şeýle hem ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) berjaý etmegi hökmany bolan, kabul edilen borçnamalar bilen olaryň geçginliligini hasaba almak bilen, aktiwleriniň arasyndaky gatnaşyk ölçegleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

4. Öz üstüne esaslyk maýanyň we ätiýaçlyk gorunyň hasabyna ýerine ýetirilmegi mümkin bolmadyk möçberlerde borçnama alan ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) özleriniň ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň üstüni ýapmagy beýleki ätiýaçlandyryjyda ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryjyda üpjün etmelidirler.

5. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) serişdelerinden we beýleki kanuny çeşmelerden şularyň ätiýaçlyk gorlaryny emele getirýär:

1) hak isleýiş möhletini hasaba almak bilen, tamamlanmadyk ätiýaçlandyryş borçnamalary boýunça ätiýaçlandyryş tölegleriniň;

2) mälim edilen, ýöne tölenilmedik borçnamalaryň;

3) ömrüň uzak möhletli ätiýaçlandyrylmagy boýunça;

4) jogapkärçiligiň ätiýaçlandyrylmagy we emlägiň ätiýaçlandyrylmagy boýunça;

5) kärhanalaryň, edaralaryň wye guramalaryň ätiýaçlandyryşyň meýletin görnüşlerini ösdürmäge ýardam edýän işgärlerine sylaglary tölemek üçin;

6) ätiýaçlandyryşyň anyk görnüşleriniň aýratynlyklaryndan ugur almak bilen, beýleki ätiýaçlyk gorlary.

6. Gaýtadan ätiýaçlandyryjy geçirmeleriniň möçberi ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bilen ylalaşylmaly bolan ätiýaçlyk gorlaryny döretmäge hem borçludyr.

7. Ätiýaçlandyryş halatlarynyň ýüze çykma ähtimallygyny peseltmek boýunça öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi hem ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) maliýe durnuklylygynyň üpjün edilmegine hyzmat edýär. Ätiýaçlandyryş halatlarynyň ýüze çykma ähtimallygyny peseltmek boýunça çäreler ätiýaçlandyryjynyň özi tarapyndan hem, şonuň ýaly-da, onuň çäreleriniň başga şahslar tarapyndan maksatlaýyn maliýeleşdirilmegi arkaly hem geçirilip bilner.

8. Ätiýaçlyk gorlaryna we öňüni alyş çäreleriniň maliýeleşdirilmegine geçirilýän serişdeler ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) harajatlarynyň düzümine girýär. Ätiýaçlyk gorlarynyň hasaplanylyş usulyna we ätiýaçlyk gorlarynyň serişdeleriniň ýerleşdirilmeginiň tertibine bildirilýän talaplar ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan bellenilýär.

9. Ätiýaçlandyryşyň başga görnüşlerini, hususan-da, emlägi, jogapkärçiligi, maliýe töwekgelçiliklerini ätiýaçlandyrmak bilen bir wagtda ömri ätiýaçlandyrmagy amala aşyrýan ätiýaçlandyryjylar aýratynlykda şeýle amallaryň hasaba alnyşyny we balansyny alyp barmaga borçludyrlar.

10. Ätiýaçlyk gorlarynyň ýerleşdirilmegi ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) tarapyndan diwersifikasiýa, yzyna gaýtarylmak, peýdalylyk we geçginlilik şertlerinde amala aşyrylmalydyr.

 

34-nji madda. Merkezleşdirilen ätiýaçlandyryş gaznasy

 

1. Ätiýaçlandyryjylara (gaýtadan ätiýaçlandyryjylara) maliýe kömegini bermek maksady bilen, köpçülikleýin häsiýete eýe bolan adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, ätiýaçlandyrýanlaryň öňündäki borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin maliýe serişdeleri we aktiwler ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, şeýle hem öňüni alyş çärelerini maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) bir bölegini geçirmek arkaly Merkezleşdirilen ätiýaçlandyryş gaznasyny döredýärler.

2. Merkezleşdirilen ätiýaçlandyryş gaznasyny döretmegiň we ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

 

6-njy bap. ÄTIÝAÇLANDYRYŞ BABATDA IŞIŇ DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILMEGIWE DÖWLET GÖZEGÇILIK BARLAGY

 

35-nji madda. Ätiýaçlandyryş babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň wezipeleri

 

1. Ätiýaçlandyryş babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň esasy wezipeleri şulardan ybarat:

1) Türkmenistanyň durnukly ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmek we saklamak hem-de ätiýaçlandyryş bazarynyň infrastrukturasyny döretmek;

2) ätiýaçlandyryş bazaryny düzgünleşdirmek we ätiýaçlandyryş babatda işe gözegçilik barlagyny etmek;

3) ätiýaçlandyrýanlaryň, ätiýaçlandyrylan şahslaryň, bähbit görüjileriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak.

2. Ätiýaçlandyryş bazarynda işleriň ýagdaýyna döwlet gözegçiliginiň üpjün edilmegini hem goşmak bilen, ätiýaçlandyryş babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara we beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

36-njy madda. Ätiýaçlandyryş babatda işe döwlet gözegçilik barlagy

 

1. Ätiýaçlandyryş babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi we onuň gözegçilik barlagy ätiýaçlandyryşa döwlet gözegçilik barlagyny geçirýän edara tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň işiniň döwlet gözegçilik barlagy Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatda kanunçylygyny berjaý etmek, ätiýaçlandyryş işini netijeli ösdürmek, ätiýaçlandyrýanlaryň, ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň, gaýry gyzyklanýan şahslaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak maksady bilen amala aşyrylýar.

3. Ätiýaçlandyryşa döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň ätiýaçlandyryş babatdaky işe gözegçilik barlagy boýunça esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş ulgamynyň işlemeginiň üpjün edilmegi, ätiýaçlandyryş bazarynyň infrastrukturasynyň döredilmegi, ätiýaçlandyrýanlaryň we ätiýaçlandyryş bazarynyň başga gatnaşyjylarynyň kanuny bähbitleriniň goralmagy boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) ätiýaçlandyryş bazaryny düzgünleşdirmegiň ýörelgelerini we usullaryny, ätiýaçlandyryş babatda işe döwlet gözegçilik barlagyny guramagyň tertibini kesgitlemek;

3) ätiýaçlandyryş işiniň subýektlerine ätiýaçlandyryş babatda işi amala aşyrmaga ygtyýarnama bermek;

4) ätiýaçlandyryjylaryň, gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň döwlet sanawyny we ätiýaçlandyryş dellallarynyň sanawyny ýöretmek;

5) öz ätiýaçlyk gorlary babatda kabul edilýän jogapkärçiligiň aňryçäk möçberini kesgitlemek;

6) hökmany we meýletin ätiýaçlandyryşyň anyk görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş kadalaryny ylalaşmak;

7) ätiýaçlandyryjy (gaýtadan ätiýaçlandyryjy) üçin prudensial ölçegleri we berjaý edilmegi hökmany bolan beýleki ölçegleri we bellenilen möçberleri bellemek, olaryň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmek;

8) ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň esaslandyrylyşyna we ätiýaçlandyryjylaryň (gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň) tölege ukyplylygynyň üpjün edilişine gözegçilik etmek;

9) ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegiň we ýerleşdirmegiň düzgünlerini, şeýle hem ätiýaçlandyryş nyrhlaryny we peýdany emele getirmegiň düzgünlerini bellemek;

10) ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň ýolbaşçy işgärleriniň hünär derejesine bildirilýän talaplary kesgitlemek;

11) ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri tarapyndan ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamalarynyň, ätiýaçlandyryş şahadatnamalarynyň hasaba alynmagynyň tertibini bellemek;

12) buhgalterçilik hasaba alşy we maliýe hasabatlylygy ulgamyny düzgünleşdirmek;

13) statistika baradaky döwlet edarasy bilen ylalaşmak boýunça ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri tarapyndan statistik hasabatlylygyň görnüşleriniň sanawyny we olaryň möhletlerini bellemek;

14) ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň barlaglaryny geçirmek;

15) ätiýaçlandyryş bazaryna gatnaşyjylara temmi çärelerini görmek;

16) ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we usulyýet resminamalaryny işläp düzmek;

17) ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri tarapyndan şu Kanunyň we Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

18) ätiýaçlandyryş işiniň subýektlerine berlen ygtyýarnamalaryň hereketini togtatmak barada çözgüt kabul etmek;

19) ätiýaçlandyryş babatda işiň tejribesini umumylaşdyrmak, Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatda kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri bellenilen tertipde işläp düzmek we bermek;

20) ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagyna ýardam etmek we ätiýaçlandyryş babatda işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzmek.

4. Ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň şu aşakdykalara haky bardyr:

1) ätiýaçlandyryş işiniň subýektlerinden statistik we ätiýaçlandyryş babatda iş barada beýleki hasabatlylygyň, özleriniň maliýe ýagdaýy barada maglumatlaryň berilmegini talap etmäge;

2) ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri tarapyndan Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatda kanunçylygynyň berjaý edilişiniň we olar tarapyndan berilýän hasabatlaryň dogrulygynyň barlagyny geçirmäge;

3) ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri tarapyndan şu Kanunyň talaplarynyň bozulandygy ýüze çykarylan mahalynda olara şol düzgün bozulmalaryň düzedilmegi barada teklipnama bermäge, teklipler ýerine ýetirilmedik halatynda bolsa, ýüze çykarylan düzgün bozmalar düzedilýänçä olara berlen ygtyýarnamalaryň hereketini togtatmaga ýa-da ygtyýarnamalarynyň ýatyrylmagy barada kazyýete talap arzasy bilen yüz tutmaga;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyny bozýan ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen habar bermäge.

5. Ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny etmek boýunça edara Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş bazaryndaky ýekemenlikli işiň we ynsapsyz bäsleşigiň öňüniň alynmagyny, çäklendirilmegini we bes edilmegini üpjün edýär.

 

37-nji madda. Ätiýaçlandyryş babatdaky işiň ygtyýarlylandyrylmagy

 

1. Ätiýaçlandyryş babatdaky işiň ygtyýarlylandyrylmagy ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny etmek boýunça edara tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri degişli ygtyýarnamany alan pursatyndan başlap ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmaga bolan hukuga eýe bolýarlar.

 

38-nji madda. Ätiýaçlandyryş babatdaky işe salgyt salynmagy

 

Ätiýaçlandyryş babatdaky işe salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

39-njy madda. Hasaba alyş we hasabatlylyk

 

1. Ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alşynyň ýöredilmegini, maliýe we statistik hasabatlylygyň düzülmegini we berilmegini üpjün edýärler.

2. Ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri ýyllyk maliýe hasabatlylygynyň hökmany auditor barlagynyň geçirilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.

Ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň ýyllyk maliýe hasabatlylygynyň hökmany auditor barlagy degişli ygtyýarnamasy bolan auditor tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Ätiýaçlandyryş guramalaryna auditor barlagynyň geçirilmegine bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

Ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde degişli edaralara döwlet statistik hasabatlylygyny we olaryň maliýe hasabatlylygynyň hökmany bölegi bolup durýan auditor netijenamasyny berýär. Ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny etmek boýunça edara auditor hasabatyny bermek hem ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri üçin hökmany bolup durýar.

3. Auditor ätiýaçlandyryş işiniň subýektiniň işine hökmany audit barlagynyň netijesinde ýüze çykarylan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulmalary barada haýal etmän ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara habar bermäge borçludyr.

4. Ätiýaçlandyryjy (gaýtadan ätiýaçlandyryjy) öz düzüminde içki gözegçilik gullugyny edinmäge borçludyr, onuň işi ygtýarlylandyrylmaga degişli däldir.

5. Içki barlagyň geçirilmeginiň tertibi ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň talaplaryny hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) içerki resminamalary bilen kesgitlenilýär.

6. Ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri we olaryň wezipeli adamlary maliýe we statistika hasabatlylygynda bar bolan maglumatlaryň ygtybarlylygyna we onuň öz wagtynda berilmegine jogapkärçilik çekýärler.

 

40-njy madda. Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatda kanunçylygynyň bozulandygy üçin temmi çäreleriniň ulanylmagy

 

1. Şu Kanunyň we Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulandygy üçin aşakdaky temmi çäreleri göz öňünde tutulýar:

1) ätiýaçlandyryş işiniň subýektleri babatda:

a) ýazmaça duýduryş;

b) jerime;

ç) ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagy;

d) ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy hakynda kazyýete talap arzasy bilen ýüz tutmak;

2) ätiýaçlandyrýanlar babatda - jerime.

2. Ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny etmek boýunça edara tarapyndan şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan temmi çäreleri Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatda kanunçylygyny bozan ähli ýuridik şahslar, şeýle hem şahamçalaryny we wekilhanalaryny hem goşmak bilen, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän we öz işini amala aşyrýan daşary ýurt ýuridik şahslary babatda ulanylýar.

3. Jerimeleriň möçberi we olaryň tutulyp alynmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

7-nji bap. ŞU KANUNYŇ ULANYLYŞ AÝRATYNLYKLARY

 

41-nji madda. Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslarynyň bähbitleriniň ätiýaçlandyrylyşy

 

1. Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary Türkmenistanyň çäginde ätiýaçlandyryş babatda işi amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolan ätiýaçlandyryjylar bilen ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmaga haklydyrlar.

2. Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp biljek ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

42-nji madda. Ätiýaçlandyryş babatda daşary ýurtly maýa goýujylaryň gatnaşmagyndaky iş

 

1. Daşary ýurtly maýa goýujylaryň (ätiýaçlandyryjylar, gaýtadan ätiýaçlandyryjylar, ätiýaçlandyryş dellallary) bilelikdäki guramalary esaslandyrmak we Türkmenistanyň çäginde ätiýaçlandyryş babatda işi amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamany almak ýoly bilen ätiýaçlandyryş, gaýtadan ätiýaçlandyryş, dellalçylyk işini amala aşyrmaga haklary bardyr.

2. Bilelikdäki äiýaçlandyryjylarda, gaýtadan ätiýaçlandyryjylarda, ätiýaçlandyryş dellallarynda daşary ýurt maýasynyň (maýa goýumçynyň) gatnaşmagynyň paýy esaslyk maýanyň möçberiniň 49 göteriminden geçmeli däldir.

3. Daşary ýurtly maýa goýujylaryň gatnaşmagyndaky bilelikdäki ätiýaçlandyryjylaryň, gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň, ätiýaçlandyryş dellallarynyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

4. Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş dellaly bolmadyk dahylsyzynyň-guramasynyň Türkmenistanyň çäginde ätiýaçlandyryş dellalyny döretmäge gatnaşmagy, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň dahylsyzynyň-ätiýaçlandyryş dellalynyň şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň açylmagy gadagan edilýär.

 

43-nji madda. Türkmenistanda bolýan daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary ätiýaçlandyrmak

 

1. Türkmenistanda hasaba alnan ýa-da onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny goşmak bilen, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtlaryň fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen bir hatarda ätiýaçlandyryş goragyna bolan hukukdan peýdalanýarlar we Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatda kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çekýärler.

2. Türkmenistanda hasaba alnan ýa-da onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslarynyň, olaryň şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň emläklerini goşmak bilen, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtly fiziki şahslaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çägindäki emläkleri şu Kanuna, şeýle hem Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş babatdaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, diňe Türkmenistanyň çäginde ätiýaçlandyryş babatda işi amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolan ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyrylmaga degişlidir.

 

44-nji madda. Ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň halkara birleşiklerine gatnaşmagy

 

Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş işiniň subýektleriniň ätiýaçlandyryjylaryň (gaýtadan ätiýaçlandyryjylaryň) halkara birleşiklerine gatnaşmaga hukugy bardyr.

 

8-nji bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

45-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

1. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

2. Regres talap arzalaryna seredilen mahalynda Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylary (gaýtadan ätiýaçlandyryjylary) döwlet paçlaryny tölemekden boşadylýarlar.

 

46-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren hasap etmeli:

1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edilen "Strahowaniýe hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 42-nji madda);

2009-njy ýylyň 2-nji iýulynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň VII bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 45-nji madda).

3. Türkmenistanyň şu Kanuna çapraz gelýän kadalaşdyryjy hukuk namalary, ol güýje giren gününden soň bir aýyň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                                Gurbanguly

    Prezidenti                                                                    Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 22-nji dekabry.

№ 356-IV.