TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 35-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 26.08.2017 ý. № 600-V, 04.11.2017 ý. № 636-V, 02.03.2019 ý.

№ 127-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI, 24.07.2022 ý. № 497-VI we 16.03.2023 ý. № 541-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun korrupsiýa garşy hereket etmegiň esasy ýörelgelerini, korrupsiýa garşy göreşiň, korrupsiýany duýdurmagyň, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmagyň we olaryň netijelerini ýok etmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

1-nji bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Korrupsiýa garşy göreşiň maksatlary we ugurlary

 

1. Korrupsiýa garşy göreş korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny duýdurmak, ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we üstüni açmak, olaryň netijelerini aradan aýyrmak we günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek maksatlary bilen alnyp barylýar we ol korrupsiýanyň ýüze çykmalaryndan gelip çykýan howplardan raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny, döwlet edaralarynyň, şeýle hem döwlet gullugynyň wezipelerini ýerine ýetirýän adamlaryň we olara deňleşdirilen adamlaryň (mundan beýläk döwlet gullukçylary)netijeli işini üpjün etmäge gönükdirilendir.

2. Şu Kanun jemgyýetde durnuklylygy we howpsuzlygy ygtybarly üpjün etmäge, döwleti dolandyrmakda demokratik başlangyçlary, aýanlygy we gözegçiligi giňeltmäge, ilatyň döwlete we onuň düzüm gurluşlaryna bolan ynamyny berkitmäge, işini ýokary derejede bilýän hünärmenleri döwlet gullugyna girmäge höweslendirmäge, döwlet gullukçylarynyň halallygynyň kepilliklerini berkitmäge gönükdirilendir.

 

2-nji madda. Korrupsiýa garşy hereket etmegiň hukuk esaslary

 
1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we olaryň esasynda kabul edilen Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary korrupsiýa garşy hereket etmegiň hukuk esaslary bolup durýar.
2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:

1) korrupsiýadöwlet gullukçylarynyň wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly hut özi ýa-da arada durýan adamyň üsti bilen özi üçin ýa-da üçünji şahslar üçin pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almagy, şonuň ýaly-da görkezilen adamlara şeýle peýdany beýleki fiziki şahslaryň bikanun bermek arkaly olara bermit bermegi, şeýle hem ýokarda görkezilen hereketleriň ýuridik şahslaryň adyndan ýa-da olaryň bähbitlerine edilmegi;

2) korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulma – şu Kanunda ýa-da Türkmenistanyň beýleki kanunlarynda göz öňünde tutulan, korrupsiýa bilen utgaşdyrylan ýa-da korrupsiýa üçin şertleri döredýän, netijede peýda alnan we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jenaýat, administratiw we düzgün-nyzam jogapkärçiligine eltýän hukuk bozulma;  

3) döwlet edaralarynyň gözegçilik wezipeleri – kanunlaryň berjaý edilişini üpjün etmek, olaryň bozulmagynyň sebäplerini we şertlerini ýüze çykarmak we aradan aýyrmak, raýatlaryň we ýuridik şahslaryň bozulan hukuklaryny dikeltmek, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilmegini barlamak we görkezilen namalaryň hökmany talaplaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirmek boýunça ygtyýarly döwlet edaralarynyň amala aşyrýan wezipeleri;

4) korrupsiýa garşy göreş döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, raýat jemgyýetiniň guramalarynyň, fiziki we ýuridik şahslaryň ygtyýarlyklarynyň çäginde korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny ýüze çykarmaga, duýdurmaga, olaryň öňüni almaga, üstüni açmaga we derňemäge gönükdirilen işi;

5)korrupsiýanyň öňüni almak şu maddanyň 4-nji bendinde görkezilen edaralaryň we şahslaryň korrupsiýany duýdurmaga, şol sanda korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam eden sebäpleri we şertleri ýüze çykarmagawe aradan aýyrmaga gönükdirilen işi;

6) korrupsiýa garşy hereket etmek – şu maddanyň 4-nji bendinde görkezilen edaralaryň we şahslaryň korrupsiýa garşy göreşmäge, onuň öňüni almaga, şeýle hem korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň netijelerini  peseltmäge we ýok etmäge gönükdirilen işi;

7) bähbitleriň çaknyşygydöwlet gullukçysynyň şahsy bähbidiniň (göni ýa-da gytaklaýyn) onuň wezipe (gulluk) borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmegine täsir edýän ýa-da täsir edip biljek we döwlet gullukçysynyňşahsy bähbidi bilen raýatlaryň, döwletiň ýa-da jemgyýetiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň arasynda garşylygy döredýän ýa-da döredip biljek korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna getirmegi ýa-da raýatlaryň, döwletiň ýa-da jemgyýetiň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetirmegi mümkin bolan ýagdaý;

8) döwlet gullukçysynyňşahsy bähbidi döwlet gullukçysynyň öz wezipe (gulluk) borçlaryny ýerine ýetirende onuň şol borçlary göwnejaý ýerine ýetirmegine täsir edýän ýa-da täsir edip biljek, döwlet gullukçysynyň özi üçin ýa-da üçünji şahslar üçin onuň pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almagyna mümkinçilik;

9) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesi – kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynda korrupsiogen kadalary ýüze çykarmak we aradan aýyrmak maksady bilen geçirilýän seljerme;

10) korrupsiogen kadalar – hukuk ulanyjy üçin garamagyň esassyz giň çäklerini belleýän ýa-da umumy düzgünlerden çykmalaryň esassyz ulanylmagyna mümkinçilik döredýän, şeýle hem fiziki we ýuridik şahslara bildirilýän takyk kesgitlenmedik, berjaý edilmegi kyn we kynçylyklary döredýän talaplary özünde jemleýän hem-de korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary üçin şertleri döredip biljek kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň düzgünleri.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky we 2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

4-nji madda. Korrupsiýa garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri

 
Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar:
1) korrupsiýadan goramak boýunça raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ykrar edilmegi we üpjün edilmegi;
2) fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň ileri tutulmagy;
3) hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňünde deňligi;
4) korrupsiýa garşy göreşde ýardam edýän adamlaryň eldegrilmesizliginiň kepillikleri;

41) gulluk borjy bilen baglanyşygy bolmazdan korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalar barada habar beren ýa-da başga usul bilen korrupsiýa garşy hereket etmekde ýardam eden adamlaryň höweslendirilmegi;

5) gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň garaşsyzlygy we olaryň diňe kanuna tabynlygy;
6) döwlet edaralarynyň işiniň aýanlygynyň we açyklygynyň, oňa jemgyýet we döwlet tarapyndan gözegçiligiň üpjün edilmegi;
7) korrupsiýany duýdurmak boýunça çäreleriň ileri tutulyp ulanylmagy;
8) korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligiň gutulgysyzlygy;
9) syýasy, hukuk, guramaçylyk, maglumatlaýyn-wagyz ediş, durmuş-ykdysady we gaýry çäreleriň toplumlaýyn peýdalanylmagy;
10) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda döwlet gullukçylarynyň hukuklarynyň çäklendirilmegine, şeýle hem olar tarapyndan kanun tarapyndan gadagan edilen usul bilen edinilenpul serişdeleriniň ýa-da başga emlägiň kanunlaşdyrylmagyna ýol bermezlik boýunça gözegçilik çäreleriniň ulanylmagyna ýol berilmegi; 
11) korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalar bilen fiziki we ýuridik şahslaryň bozulan hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň dikeldilmegi, olaryň ýaramaz netijeleriniň öňüniň alynmagy, olaryň peseldilmegi we ýok edilmegi;
12) döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň raýat jemgyýetiniň düzümi, fiziki we ýuridik şahslar, şeýle hem halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy;
13) döwlet gullukçylarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň döwlet tarapyndan goralmagy, döwlet gullukçylaryna olaryň özleriniň we maşgala agzalarynyň mynasyp durmuş derejesini üpjün edýän zähmet hakynyň (pul üpjünçiliginiň) we ýeňillikleriň bellenilmegi; 
14) şu Kanunda göz öňünde tutulan esaslar boýunça jogapkärçilige çekilmegi bilen ylalaşmaýan halatynda döwlet gullukçysynyň kazyýete şikaýat etmek hukugynyň bolmagy.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

5-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 
Şu Kanun ähli fiziki we ýuridik şahslar babatda Türkmenistanyň bütin çäginde hereket edýär. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu Kanun Türkmenistanyň çäginden daşarda Türkmenistanyň raýatlary we Türkmenistanda bellige alnan ýuridik şahslar babatda hem hereket edýär.

 

6-njy madda. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň subýektleri

 

1. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary üçin döwlet gulluçylary şu Kanun esasynda jogapkärçilik çekýärler.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde welaýat, etrap, şäherhalk maslahatlaryna, Geňeşlere saýlanan, saýlawly döwlet wezipelerine dalaşgär hökmünde bellige alnan raýatlar, şeýle hem esaslyk maýasynda döwletiň paýy ýigrimi bäş göterimden az bolmadyk kärhanalarda we guramalarda guramaçylyk-serenjam berijilik, administratiw-hojalyk ýa-da gözegçilik-derňew ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýän adamlar döwlet gullukçylaryna deňleşdirilýär.

3. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň subýektlerine döwlet gullukçylaryna bermit bermegi amala aşyrýan, şonuň ýaly-da olara emläk bähbitlerini we artykmaçlyklary bikanun berýän fiziki we ýuridik şahslar hem degişlidirler.

 

7-nji madda. Korrupsiýa garşy göreşi amala aşyrýan döwlet edaralary

 

1. Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde korrupsiýa garşy göreş alyp barmaga ähli döwlet edaralary we olaryň wezipeli adamlary borçludyrlar.

2. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny duýdurmak, ýüze çykarmak we olaryň öňüni almak we olary etmekde günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek ygtyýarlyklarynyň çäklerinde prokuratura, içeri işler, milli howpsuzlyk edaralary, gümrük we serhet gulluklary, şeýle hem maliýe, salgyt we beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň edilendigi barada maglumatlary alanlarynda şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen edaralar ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan çäreleri görmäge ýa-da olary gaýra goýmazdan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şeýle maglumatlar barada barlag geçirmäge we barlaglaryň netijeleri boýunça çözgütleri kabul etmäge ygtyýarly döwlet edaralaryna bermäge borçludyrlar.

4. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy korrupsiýa garşy hereket etmek babatdaky işi utgaşdyrýar we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär.

5. Türkmenistanyň Prezidenti korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça döwlet edarasyny döretmäge, onuň hukuk ýagdaýyny we ygtyýarlyklaryny kesgitlemäge haklydyr.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky we 4-nji noýabryndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

8-nji madda. Korrupsiýa garşy göreşde ýardam edýän adamlaryň eldegrilmesizliginiň kepillikleri

 

1. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň edilendigi barada habar beren ýa-da başga görnüşde korrupsiýa garşy göreşde ýardam edýän adam döwletiň goragynda durýar.

2. Korrupsiýa garşy göreşde ýardam edýän adam barada maglumatlar döwlet syry bolup durýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde diňe şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen edaralaryň ýa-da kazyýetiň ýazmaça soramagy boýunça berilýär. Bu maglumatyň aýan edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

3. Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan edaralar zerur bolan halatynda korrupsiýa garşy göreşde ýardam edýän adamyň şahsy howpsuzlygyny üpjün edýärler.

4. Görnetin ýalan maglumatlary habar beren, şu Kanuna laýyklykda jogapkärçilige degişli adamlara şu maddanyň kadalary degişli däldir.

 

9-njy madda. Korrupsiýa garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Korrupsiýa garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygy aşakdaky maksatlar bilen birek-birege bähbitlilik ýörelgesi esasynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar: 
1) korrupsiýa bilen bagly jenaýatlary etmekde güman edilýän (aýyplanýan) adamlary, olaryň bolýan ýerlerini, şeýle hem görkezilen jenaýatlara gatnaşygy bolan beýleki adamlaryň bolýan ýerlerini anyklamak;
2) korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň edilmegi netijesinde alnan ýa-da olary etmegiň serişdesi bolup hyzmat eden emlägi ýüze çykarmak;
3) barlaglary ýa-da kazyýet bilermenler seljermesini geçirmek üçin zerur bolan halatlarynda närseleri ýa-da maddalaryň nusgalaryny bermek;
4) korrupsiýa garşy göreş meseleleri boýunça maglumatlary alyşmak;
5) korrupsiýanyň öňüni almak, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň netijelerini ýok etmek barada işi utgaşdyrmak.
2. Türkmenistanda hemişelik ýaşamaýan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary, halkara guramalary, şeýle hem olaryň şahamçalary we wekillikleri Türkmenistanyň çäklerinden daşarda edilen korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary üçin, eger olar Türkmenistanyň ýa-da onuň raýatlarynyň garşysyna gönükdirilen bolsa, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertlamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige degişlidirler.

 

2-nji bap. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny duýdurmak we olar üçin jogapkärçilik

 

10-njy madda. Döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlaryna talaplar

 

1. Döwlet gullukçysynyň hukuk ýagdaýynyň we oňa esaslanýan abraýynyň şahsy, toparlaýyn we gulluk bilen bagly bolmadyk gaýry bähbitlere peýdalanylmagyna getirip biljek hereketleriň edilmegine ýol bermezlik maksady bilen Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlary özlerine Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen gadaganlyklary, çäklendirmeleri we borçnamalary kabul edýärler, şunda olara şeýle hereketleriň hukuk netijeleri hakynda habar berilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň gadaganlyklary, çäklendirmeleri we borçnamalary kabul etmäge bolan razylyklary ýazmaça görnüşde berkidilýär, olaryň kabul edilmezligi bolsa döwlet gullugyna girilende ýüz döndermek üçin esasdyr.

 

11-nji madda. Döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlary babatda bellenilýän gadaganlyklar, çäklendirmeler we borçnamalar

 

1. Işiniň häsiýetine we ony ýerine ýetirmegiň şertlerine baglylykda döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlary babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aşakdaky gadaganlyklar, çäklendirmeler we borçnamalar bellenip bilner:
1) özüniň ýa-da ynanylan wekiliniň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmak;
2) mugallymçylyk, ylmy ýa-da gaýry döredijilik işinden başga hak tölenýän iş bilen meşgullanmak. Şunda mugallymçylyk, ylmy ýa-da gaýry döredijilik işi, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, diňe daşary ýurt serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilip bilinmez;
3) hojalygy ýörediji subýektleri dolandyrmak ýa-da dolandyrmaga gatnaşmak onuň wezipe (gulluk) borçlaryna girmeýän bolsa, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan hojalygy ýörediji subýektleri dolandyrmaga gatnaşmak;
4) maddy bähbitleri almak maksady bilen gulluk ygtyýarlyklaryny bikanun peýdalanmak arkaly fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň maddy bähbitlerini kanagatlandyrmaga ýardam etmek;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, döwlet häkimiýet edaralarynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda üçünji şahslaryň işleri boýunça ynanylan adamlaryň ýa-da gaýry wekilleriň wezipelerini ýerine ýetirmek; 
6) diňe gulluk işi üçin niýetlenilen maglumatlary, maddy-tehniki, maliýe we maglumatlaýyn üpjünçiligiň serişdelerini gulluk bilen bagly bolmadyk maksatlara peýdalanmak;
7) döwlet wezipesini eýeleýän adam hökmünde edilen çap edilmelerden we çykyşlardan galam haky almak; 
8) kanuna laýyklykda elýeterliligi çäklendirilen maglumatlara degişli edilen, wezipe (gulluk) borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykda özüne mälim bolan maglumatlary aýan etmek ýa-da olary wezipe (gulluk) borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşygy bolmadyk maksatlara peýdalanmak;
9) döwlet wezipesi boýunça borçlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly fiziki we ýuridik şahslardan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk sylag (pul we gaýry sylaglar, hyzmatlar, dynç almagy, ulag we beýleki çykdajylary tölemek) we sowgat almak. Teswirnamalaýyn çäreler, gulluk  saparlary we beýleki resmi çäreler bilen baglanyşykda alnan sowgatlar döwlet eýeçiligi hasaplanylýar we nama boýunça degişli döwlet edarasyna geçirilýär. 
Teswirnamalaýyn çäreler, gulluk  saparlary we beýleki resmi çäreler bilen baglanyşykda alnan sowgatlary tabşyran döwlet wezipesini eýeleýän adam olary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde satyn alyp biler;
10) bellenilen tertibe garamazdan daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki guramalaryň hormatly we ýörite atlaryny, sylaglaryny we gaýry tapawutlandyryş nyşanlaryny (ylma we sporta degişliler muňa girmeýär) kabul etmek;
11) fiziki we ýuridik şahslaryň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň çäginden daşary gulluk  saparyna gitmek, muňa Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň daşary ýurt döwletleriniň döwlet we beýleki edaralary ýa-da halkara guramalary bilen şertnamalary boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan gulluk  saparlary girmeýär;
12) eger-de Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň özara bähbitlilik esasynda daşary ýurt döwletleriniň döwlet edaralary, halkara guramalar bilen şertleşiklerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurtlaryň täjirçilik däl, hökümete dahylsyz guramalarynyň we olaryň Türkmenistanyň çäginde hereket edýän düzüm bölümleriniň dolandyryş edaralarynyň, howandarlyk we gözegçilik geňeşleriniň, beýleki edaralarynyň düzümine girmek;
13) daşary ýurt banklarynda hasap açmak, muňa Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär;
14) wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanmak arkaly özi üçin ýa-da üçünji şahslar üçin pul, gymmatlyklar, gozgalmaýan we gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda görmek ýa-da emlägiň kärendesine geçirilmegini gazanmak. 
2. Korrupsiýa garşy hereket etmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunlary arkaly döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlaryna şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulanlardan başga-da gadaganlyklar, çäklendirmeler, borçnamalar we gullukda özüňi alyp barmagyň kadalary bellenip bilner.
3. Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen gadaganlyklary, çäklendirmeleri we borçnamalary kabul edýän döwlet gullukçysy özüniň girdejileri, emlägi we emläk häsiýetli borçnamalary, şeýle hem aýalynyň (äriniň) we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň girdejileri, emlägi we emläk häsiýetli borçnamalary barada maglumatlary (mundan beýläk – girdejiler barada maglumatlar) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde berýärler. 
4. Şu madda laýyklykda bellenilen we özlerine berlen gadaganlyklary, çäklendirmeleri we borçnamalary bozan döwlet gullukçylary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

12-nji madda. Emlägi we emläk häsiýetli hukuklary ynançlydolandyrmaga bermek borjy

 

1. Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen gadaganlyklary, çäklendirmeleri we borçnamalary kabul eden döwlet gullukçylary gulluga girenden söň bir aýyň dowamynda peýdalanylmagy girdeji almaga eltýän, özlerine degişli bolan emlägini döwlet gullugy boýunça borçlary ýerine ýetirýän döwrüne Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ynançlydolandyrmaga bermäge borçludyrlar, muňa kanuny esasda olara degişli bolan pullar, şeýle hem kireýine berlen gaýry emläkler girmeýär.
2. Eger-de şu maddanyň birinji böleginde görkezilen döwlet gullukçylary gymmatly kagyzlara, paýlara (kärhanalaryň we guramalaryň esaslyk maýasyndaky paý we şoňa meňzeşler) eýelik edýän bolsalar, olary Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda ynançlydolandyrmaga bermäge borçludyrlar.
 

13-nji madda. Girdejiler barada maglumatlary bermek

 

1. Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen gadaganlyklary, çäklendirmeleri we borçnamalary kabul edýän döwlet gullukçylary girdejiler barada maglumatlary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde bermäge borçludyrlar.
2. Girdejiler barada maglumatlar elýeterliligi çäklendirilen maglumatlara degişlidir we olary beren raýatyň döwlet gullugyna girmedik halatynda ol maglumatlar mundan beýläk peýdalanylyp bilinmez we ýok edilmäge degişlidir.
3. Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda döwlet syryny düzýän maglumatlara degişli edilen girdejiler barada maglumatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goralmaga degişlidir.
4.Girdejiler barada maglumatlaryň olary beren raýatyň, şeýle hem onuň aýalynyň (äriniň) we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň töleg ukyplylygyny kesgitlemek, jemgyýetçilik berleşikleriniň, dini ýa-da gaýry guramalaryň gaznalaryna, fiziki şahslaryň haýryna göni ýa-da gytaklaýyn görnüşde bagyş etmeleri ýygnamak üçin, şonuň ýaly-da olaryň niýetlenilen ugrundan başga maksatlar üçin peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.
5. Raýat tarapyndan şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda berilýän girdejiler barada maglumatlaryň aýan edilmeginde ýa-da ol maglumatlaryň kanunda göz öňünde tutulmadyk maksatlara peýdalanylmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
6. Döwlet wezipelerini eýeleýän adamlaryň girdejileri barada maglumatlar Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenýän tertipde Internet ulgamynda döwlet edaralarynyň resmi saýtlarynda ýerleşdirmek ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerine çap etmek üçin berlip bilner. 
7. Şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda berilýän girdejiler barada maglumatlaryň dogrulygyny we dolulygyny barlamak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
8. Döwlet wezipelerine dalaş edýän ýa-da olary eýeleýän raýatlaryň girdejiler barada maglumatlarynyň dogrulygyny we dolulygyny barlamagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen kesgitlenýär.
9. Döwlet gullugyna girilende raýat tarapyndan girdejiler barada maglumatlaryň berilmezligi, görnetin nädogry ýa-da doly bolmadyk maglumatlaryň berilmegi görkezilen raýaty döwlet gullugyna kabul etmekden ýüz döndermek üçin esas bolup durýar.
10. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan borçlaryň döwlet gullukçysy tarapyndan ýerine ýetirilmezligi onuň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegine eltýän hukuk bozulmasy bolýar, onuň gaýtadan edilmegi bolsa, ynamy ýitirendigibilen bagly döwlet gullukçysynyň eýeleýän wezipesinden boşadylmagyna we döwlet gullugyndan çykarylmagyna esas bolup biler.

 

14-nji madda. Çykdajylar barada maglumatlary bermek

 

1. Döwlet gullukçysy özüniň çykdajylary, şeýle hem aýalynyň (äriniň) we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň çykdajylary barada maglumatlary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen halatlarda we tertipde bermäge borçludyr.
2. Döwlet gullukçysynçykdajylarynyň, şeýle hem onuň aýalynyň (äriniň) we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň çykdajylarynyň onuň özüniň we onuň aýalynyň (äriniň) geleşik baglaşylmagynyň öň ýanyndaky soňky üç ýylda alan umumy girdejilerine laýyk gelýändigine gözegçilik etmek Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Döwlet gullukçysynyň öz çykdajylary barada maglumatlary bermezligi ýa-da onuň nädogry ýa-da doly bolmadyk maglumatlary bermegi, şonuň ýaly-da özüniň aýalynyň (äriniň) we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň çykdajylary barada maglumatlary bermek hökman bolan halatynda olary bermezligi ýa-da görnetin nädogry ýa-da doly bolmadyk maglumatlary bermegi, onuň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegine eltýän hukuk bozulmasy bolýar, onuň gaýtadan edilmegi bolsa, ynamy ýitirendigibilen bagly döwlet gullukçysynyň eýeleýän wezipesinden boşadylmagyna we döwlet gullugyndan çykarylmagyna esas bolup biler.
 

15-nji madda. Döwlet gullukçysynyň korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny etmäge yrmak maksady bilen ýüztutmalar barada habar bermek borjy

 

1. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny etmäge yrmak maksady bilen özüne haýsydyr bir adamyň ýüz tutan ähli hakyky ýagdaýlary barada habar bermek döwlet gullukçysynyň borjy bolup durýar, muňa olar barada barlag geçirilen ýa-da barlag geçirilýän halatlary girmeýär.
2. Döwlet gullukçysy tarapyndan şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan borçlaryň ýerine ýetirilmezligi onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilmegine eltýän hukuk bozulmasy bolup durýar.
3. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny etmäge yrmak maksady bilen özüne ýüz tutulan ähli hakyky ýagdaýlar barada, beýleki döwlet gullukçylary tarapyndan girdejiler barada maglumatlaryň berilmezligi, bu barada görnetin nädogry ýa-da doly bolmadyk maglumatlaryň berilmegi, olar tarapyndan korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň edilmegi barada ýolbaşçysyna, prokuratura edaralaryna ýa-da beýleki döwlet edaralaryna habar beren döwlet gullukçysy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwletiň goragynda durýar. 
4. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny etmäge yrmak maksady bilen özüne ýüz tutulan hakyky ýagdaýlar barada ýolbaşçyny habarly etmegiň tertibi, habarnamalarda bolmaly maglumatlaryň sanawy, ol maglumatlary barlamagy we habarnamalary bellige almagy guramagyň tertibi ýolbaşçy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

16-njy madda. Döwlet gullugynda bähbitleriň çaknyşygynyň öňüni almagyň we ony düzgünleşdirmegiň tertibi

 

1. Döwlet gullukçysy bähbitleriň çaknyşygynyň döremegine ýol bermezlik boýunça çäreleri görmäge borçludyr.
2. Döwlet gullukçysy bähbitleriň çaknyşygynyň döremegi ýa-da onuň döremeginiň mümkindigi özüne mälim bolandan bu barada özüniň gös-göni ýolbaşçysyna ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr, ýolbaşçy bolsa bähbitleriň çaknyşygyna getirýän ýa-da getirip biljek şahsy bähbidiň döwlet gullukçysynda dörändigi barada özüne mälim bolandan, bähbitleriň çaknyşygynyň öňüni almak we ony düzgünleşdirmek boýunça çäreleri görmäge borçludyr.
3. Bähbitleriň çaknyşygynyň öňüni almak we ony düzgünleşdirmek bähbitleriň çaknyşygynyň tarapy bolan döwlet gullukçysynyň bellenen tertipde wezipe (gulluk) borçlaryny ýerine ýetirmekden çetleşdirmäge çenli wezipe ýa-da gulluk ýagdaýyny üýtgetmekden, bähbitleriň çaknyşygynyň döremeginiň sebäbi bolan peýdadan onuň ýüz döndermeginden ybarat bolup biler. 
4. Döwlet gullukçysy tarapy bolan bähbitleriň çaknyşygynyň öňüni almak we ony düzgünleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde döwlet gullukçysyna ynanmazlyk bildirilmegi ýa-da onuň öz-özüňe ynanmazlyk bildirmegi we beýleki usullar arkaly amala aşyrylýar.
5. Bähbitleriň çaknyşygynyň tarapy bolan döwlet gullukçysynyň bähbitleriň çaknyşygynyň öňüni almak we ony düzgünleşdirmek boýunça çäreleri görmezligi hukuk bozulmasy bolup durýar we ol Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige degişlidir.

 

17-nji madda. Korrupsiýa üçin şertleri döredýän hukuk bozulmalary we olar üçin jogapkärçilik

 

1. Döwlet gullukçylarynyň aşakdaky hereketleri korrupsiýa üçin şertleri döredýän hukuk bozulmalary bolup durýar:

1) beýleki döwlet edaralarynyň, guramalarynyň işine bikanun gatyşmak;

2) gulluk ygtyýarlyklaryny öz maddy bähbitlerini kanagatlandyrmak bilen bagly meseleleri çözmekde peýdalanmak;

3) döwlet gullugyna girilende we ol boýunça ýokarlandyrylanda kanunda göz öňünde tutulmadyk artykmaçlyklary bermek;

4) çözgütler taýýarlananda we kabul edilende fiziki we ýuridik şahslary bikanun ileri tutmak;

5) telekeçilik we gaýry girdeji almak bilen bagly işi amala aşyrmakda kimdir birine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk ýardamy etmek;

6) borçlar ýerine ýetirilende alnan, resmi taýdan ýaýradylmaga degişli bolmadyk maglumatlary şahsy, toparlaýyn we gulluk bilen bagly bolmadyk gaýry bähbitlere peýdalanmak;

7) döwlet gullugynyň wezipelerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen jaýlary, ulag we aragatnaşyk serişdelerini, pul serişdelerini we başga döwlet emlägini öz hususy ýa-da gulluk işleri bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlara peýdalanmak, eger-de bu Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulmadyk bolsa;

8) fiziki we ýuridik şahslara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan maglumatlary bermekden esassyz ýüz döndermek, ony bilkastlaýyn saklamak, nädogry ýa-da doly bolmadyk maglumatlary bermek;

9) fiziki we ýuridik şahslardan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk maglumatlary talap etmek;

10) aýry-aýry dalaşgärleriň ýa-da syýasy partiýalaryň saýlaw gaznalaryna döwletiň maliýe we maddy serişdelerini geçirmek;

11) fiziki we ýuridik şahslaryň ýüztutmalaryna garamagyň we olaryň ygtyýarlyklaryna girýän gaýry meseleleri çözmegiň kanunda bellenilen tertibini birnäçe gezek bozmak;

12) ýokarda durýan resmi adamlara sowgatlary bermek we gulluk bilen bagly bolmadyk hyzmatlary etmek, muňa mylakatlylygyň we myhman söýerligiň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda, şeýle hem teswirnamalaýyn we gaýry resmi çäreler geçirilende üns bermegiň nyşanly belgileri we nyşanlyk ýadygärlik sowgatlary girmeýär;

13) fiziki we ýuridik şahslara olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmekde açyk päsgelçilikleri döretmek;

14) telekeçilik bilen meşgul bolýan fiziki we ýuridik şahslaryň işine, şeýle hem onuň amala aşyrylmagyna gözegçilige bikanun gatyşmak;

15) döwlet edarasynyň hukuk ýagdaýy bolmadyk edaralara döwlet edaralarynyň gözegçilik wezipelerini geçirmek;

16) gulluk ýa-da iş boýunça ýokarda ýa-da aşakda durýan, şeýle hem özüne başga görnüşde bagly bolan wezipeli adamlar bilen emläk häsiýetli humarly oýunlara gatnaşmak.

2. Döwlet gullukçylary tarapyndan şu maddanyň birinji böleginde görkezilen hukuk bozulmalarynyň haýsydyr biriniň edilmegi, eger onda jenaýatyň ýa-da administratiw hukuk bozulmanyň düzümi ýok bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde düzgün-nyzam temmisiniň berilmegine eltýär.

3. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyňwe Geňeşleriň agzalaryýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde saýlawly döwlet wezipelerine dalaşgär hökmünde bellige alnan raýatlar tarapyndan şu maddanyň birinji böleginde görkezilen hukuk bozulmalarynyň haýsydyr biriniň edilen halatynda, korrupsiýa garşy göreşi amala aşyrýan edaralar bu barada Türkmenistanyň Mejlisini, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryny, Geňeşleriwe degişli saýlaw toparyny habarly edýär.

(2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

18-nji madda. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň  we korrupsiýa üçin şertleri döredýän hukuk bozulmalarynyň edilendigi üçin düzgün-nyzam temmisini bermek

 

1. Döwlet gullukçysy tarapyndan korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary we korrupsiýa üçin şertleri döredýän hukuk bozulmalary edilen halatynda düzgün-nyzam temmisi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýär.

2. Jenaýat işini gozgamakdan ýüz dönderilen ýa-da ol boýunça önümçilik bes edilen halatynda, ýöne döwlet gullukçysynyň hereketlerinde administratiw hukuk bozulmanyň ýa-da düzgün-nyzam etmişiniň alamatlary bar bolsa, temmi jenaýat işini gozgamakdan ýüz döndermek ýa-da ol boýunça önümçiligi bes etmek barada çözgüt kabul edilenden soň berlip bilner.

 

19-njy madda. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalar barada görnetin ýalan maglumatlary habar beren adamyň jogapkärçiligi

 

Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalar barada beýleki döwlet gullukçysy babatda korrupsiýa garşy göreş alyp barýan edara görnetin ýalan maglumatlary habar beren döwlet gullukçysy korrupsiýa garşy göreş alyp barýan edaranyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipdedüzgün-nyzam jogapkärçiligine degişlidir.

 

20-nji madda. Korrupsiýanyň öňüni alyş çäreleri

 

1. Korrupsiýanyň öňüni almak aşakdaky esasy çäreleriň geçirilmegi arkaly amala aşyrylýar:

1) jemgyýetde korrupsiýa barlyşyksyzlyk ýagdaýyny emele getirmek maksady bilen ilat arasynda wagyz-nesihat işini geçirmek;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesini geçirmek;

3) döwlet dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň hereketlerini (hereketsizligini) bikanun diýip ykrar etmek barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgütleriniň netijeleri boýunça ýüze çykarylan hukuk bozulmalaryny duýdurmak we aradan aýyrmak boýunça çäreleri işläp düzmek we kabul etmek maksady bilen, döwlet edaralarynda hukuk ulanyş tejribesiniň meselelerine seretmek;

4) döwlet gullugyna girmäge dalaşgärlik edýän raýatlara hünärleýin talaplary bildirmek, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde görkezilen raýatlar tarapyndan berlen maglumatlary barlamak; 

5) döwlet edaralarynda raýatlardan talap edilýän resminamalaryň gutarnykly sanawyny Türkmenistanyň kanunçylygyna ornaşdyrmak;

6) şu Kanunyň 13–14-nji maddalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligini ynamy ýitirendigi bilen bagly eýeleýän wezipesinden boşatmak we döwlet gullugyndan çykarmak ýa-da jogapkärçiligiň gaýry çärelerini ulanmak üçin esas hökmünde bellemek;

7) öz borçlaryny uzak wagtlap, birkemsiz we netijeli ýerine ýetirýän döwlet gullukçysyny wezipä bellemekde, oňa harby ýa-da ýörite ady we diplomatik derejesini bermekde, Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna hödürlemekde ýa-da ony höweslendirmekde hökmany tertipde hasaba alynmagyny kada hökmünde döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň iş tejribesine ornaşdyrmak;

8) korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine jemgyýetçilik we parlament gözegçiligini ösdürmek;

9) korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça geçirilýän işlere jemgyýetçiligi giňden çekmek;

10) korrupsiýany aradan aýyrmak maksady bilen ykdysadyýetiň aýry-aýry ugurlaryny hususylaşdyrmak meselesine garamak.

2. Adalat edaralary, prokuratura edaralary, beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesini geçirmäge ygtyýarlydyrlar.

Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesini geçirmegiň Tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Korrupsiýa bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnip, iş kesilen adamlar babatda günä geçme ulanylmaýar.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky we 2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

201-nji madda. Korrupsiýa garşy hereket etmegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň işiniň esasy ugurlary

 

Korrupsiýa garşy hereket etmegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň işiniň esasy ugurlary şular bolup durýar:

1) korrupsiýa garşy hereket etmekde ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrmak;

2) döwlet edaralarynyň korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça jemgyýetçilik birleşikleri, şeýle hem raýatlar we raýat jemgyýetiniň institutlary bilen ylalaşykly hereket etmeginiň mehanizmini döretmek;

3) döwlet gullukçylarynyň, şeýle hem raýatlaryň korrupsiýa garşy herekete işjeň gatnaşmagyna, jemgyýetde korrupsiýa garşy barlyşyksyz garaýşyň döremegine gönükdirilen kanunçylyk, administratiw we beýleki çäreleri kabul etmek;

4) döwlet häkimiýet edaralaryn we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işi barada maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek;

5) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu ugurda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak;

6) kazylaryň garaşsyzlygy hem-de olaryň işine gatyşmazlyk ýörelgeleriniň hökmany ýerine ýetirilmegi;

7) korrupsiýa garşy hereket etmekde hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek;

8) döwlet zerurlyklarynyň üpjün edilmeginde harytlar satyn alnanda, işler ýerine ýetirilende we hyzmatlar edilende akýürekliligi, aýanlygy, adalatly bäsleşigi we obýektiwligi üpjün etmek;

9) esassyz gadaganlyklary we çäklendirmeleri aradan aýyrmak;

10) döwlet emlägini we serişdelerini peýdalanmagyň, şeýle hem döwlet emlägini peýdalanmak hukugyny geçirmegiň we ony aýrybaşgalamagyň tertibini kämilleşdirmek;

11) döwlet gullukçylarynyň zähmet hakyny we durmuş goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak;

12) korrupsiýa ýoly bilen edinilip, daşary ýurt döwletlerine alnyp gidilen emlägi agtarmakda, muzdsuz almakda we yzyna gaýtarmakda (repatriasiýa), şeýle hem korrupsiýa garşy hereket etmek çygrynda daşary ýurt döwletleriniň hukuk goraýjy edaralary, ýörite gulluklary, maliýe-seljeriş bölümleri we beýleki ygtyýarly edaralary, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ösdürmek;

13) fiziki we ýuridik şahslaryň ýüztutmalarynda ýüze çykýan meseleleriň çözülmegine gözegçiligi güýçlendirmek;

14) döwlet edaralarynyň aýry-aýry wezipelerini ýerli öz-özüni dolandyr edaralaryna bermek;

15) korrupsiýanyň şertlerini aradan aýyrmak boýunça çäreleriň görülmezligi üçin döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak.

(Kanuna 201-nji maddasy 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan).

 

3-nji bap. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň netijelerini aradan aýyrmak

 

21-nji madda. Bikanun edinilen emlägi ýa-da şeýle usul bilenedilen hyzmatlaryň bahasyny tutup almak

 

1. Döwlet gullukçylarynyň korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň netijesinde baýan ähli halatlarynda kanun tarapyndan gadagan edinilen usul bilen ýa-da esassyz baýlaşmagyň netijesinde edinilenemläk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwletiň eýeçiligine geçirilip, şeýle usul bilenedilen hyzmatlaryň bahasy bolsa döwletiň haýryna tutulyp alnyp bilner.

2. Döwlet gullukçysynyň habarsyz bolan halatlarynda alnan:

1) pul serişdeleri olar ýüze çykarylandan soň iki hepdeden köp bolmadyk möhletde ol serişdeleriň gelşiniň ýagdaýlary barada ýaşaýan ýeri boýunça salgyt edarasyna düşündiriş bermek bilen Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilmäge degişlidir;

2) sowgatlar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde döredilýän ýörite haýyr-sahawat gaznasyna ýedi günmöhletde mugt geçirilýär;

3) hyzmatlar degişli ýerde hereket edýän bahalar boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetine gönükdirilýän pul serişdelerini geçirmek arkaly iki hepdeden giç bolmadyk möhletde tolenilýär.

3. Ýokarda durýan wezipeli adamyň razylygy bilen söwgatlar degişli ýerde hereket edýän bazar bölek satuw bahalary boýunça olaryň berlen döwlet gullukçysy tarapyndan görkezilen gaznadan satyn alnyp bilner. Sowgatlary satmakdan gelen pul serişdeleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.
4. Döwlet gullukçysynyň maşgala agzalarynyň görkezilen adamyň gulluk boýunça gatnaşygy bolan Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň fiziki we ýuridik şahslarynyň hasabyna söwgatlary we hyzmatlary kabul etmäge haklary ýokdur. Döwlet gullukçysynyň maşgala agzalary tarapyndan bikanun alnan söwgatlar we hyzmatlar şu maddanyň birinji böleginde bellenilen tertipde aýrybaşgalanmaga degişlidir.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

22-nji madda. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň netijesinde baglaşylan geleşikleriň, kabul edilen namalaryň we edilen hereketleriň netijelerini aradan aýyrmak

 

Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny etmek bilen baglanyşykda baglaşylyn geleşikler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hakyky däl diýlip ykrar edilýär. Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň netijesinde kabul edilen namalar, edilen hereketler degişli namalary kabul etmäge we ýatyrmaga ygtyýarly edara ýa-da wezipeli adam ýa-da gyzyklanýan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň  ýa-da prokuroryň hak islegi boýunça kazyýet tarapyndan ýatyrylyp bilner.

 

4-nji bap. Jemleýji düzgünler

 

23-nji madda. Şu Kanunyň Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen gatnaşygy

 

Şu Kanun korrupsiýa garşy hereket etmegiň ugurlaryny we usullaryny kesgitleýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanmagynda we kabul edilmeginde esas bolup durýar.

 

24-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                                Gurbanguly

      Prezidenti                                                                 Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 1-nji marty.

№ 35-V.