TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 70-nji madda)
(Türkmenistanyň 04.02.2017 ý. № 503-V, 22.08.2020 ý. № 266-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI we 03.06.2023 ý. № 28-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda raýatlaryň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge bolan hukugyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir we olaryň işiniň guramaçylyk-hukuk esaslaryny kesgitleýär, şeýle hem şol çygyrda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Jemgyýetçilik birleşigi düşünjesi
Jemgyýetçilik birleşigi – bu, Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan döredilen, jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda beýan edilen umumy maksatlary durmuşa geçirmek üçin bähbitleriň umumylygy esasynda birleşen meýletin, öz-özüni dolandyrýan, täjirçilik däl birikmedir.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
2-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar we şu Kanundan, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan döredilen jemgyýetçilik birleşiklerine degişlidir, dini guramalar, syýasy partiýalar, kärdeşler arkalaşyklary, şeýle hem döredilmeginiň we işlemeginiň tertibi ýörite kanunlar bilen kesgitlenýän täjirçilik guramalary tarapyndan döredilýän täjirçilik däl birleşmeleri we beýleki jemgyýetçilik birleşikleri muňa girmeýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
4-nji madda. Raýatlaryň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge bolan hukugy
1. Raýatlaryň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge bolan hukugy fiziki şahslaryň gös-göni birleşmegi ýaly, ýuridik şahslaryň – jemgyýetçilik birleşikleriniň birleşmegi arkaly hem amala aşyrylýar.
2. Raýatlaryň birleşmäge bolan hukugy umumy bähbitleri goramak we umumy maksatlara ýetmek üçin jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek hukugyny, hereket edýän jemgyýetçilik birleşiklerine girmek ýa-da olara girmekden saklanmak hukugyny, şeýle hem jemgyýetçilik birleşiklerinden päsgelçiliksiz çykmak hukugyny öz içine alýar.
3. Raýatlar döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan deslapdan rugsat almazdan özlerinin saýlamagy boýunça jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek hukugyna, şeýle hem şonuň ýaly jemgyýetçilik birleşiklerine olaryň tertipnamalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek şerti bilen girmek hukugyna eýedirler.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
5-nji madda. Döwlet we jemgyýetçilik birleşikleri
1. Döwlet jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär, olaryň işine goldaw berýär, olara salgytlar babatda we beýleki ýeňillikleriň hem-de artykmaçlyklaryň berilmegini kanunlar arkaly düzgünleşdirýär.
2. Döwletiň jemgyýetçilik birleşikleriniň işine gatyşmagyna we jemgyýetçilik birleşikleriniň döwletiň işine gatyşmagyna, döwlet edaralarynyň wezipeleriniň jemgyýetçilik birleşikleriniň üstüne ýüklenilmegine ýol berilmeýär.
3. Jemgyýetçilik birleşikleri döwlet edaralary bilen ylalaşyklary baglaşmak arkaly hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyk edip hem-de döwlet edaralary bilen baglaşylan şertnamalar boýunça olar üçin kesgitli işi ýerine ýetirip bilerler.
4. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarynda jemgyýetçilik birleşikleriniň bähbitlerine dahylly meseleler jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy ýa-da olar bilen ylalaşylmagy boýunça döwlet edaralary tarapyndan çözülýär.
5. Jemgyýetçilik birleşikleriniň diwanynyň işgärlerine Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, şeýle hem Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak baradaky kanunçylygy degişlidir.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
6-njy madda. Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmegiň we olaryň işleriniň maksatlary
1. Jemgyýetçilik birleşikleri aşakdaky maksatlar üçin döredilýär we öz işlerini amala aşyrýar:
1) raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmek we goramak;
2) raýatlaryň başlangyçlaryny we höwesjeňligini ösdürmek;
3) ylmy, tehniki we çeper döredijiligi ösdürmek;
4) ilatyň saglygyny goramak;
5) haýyr-sahawat işlerine gatnaşmak;
6) medeni-aň-bilim, bedenterbiýe-sagaldyş we sport çärelerini guramak;
7) tebigaty,taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak;
8) watançylyk we ynsanperwerliк terbiýesini bermek, şeýle hem milli däp-dessurlary saklamak;
9) halkara aragatnaşyklary giňeltmek, halklaryň arasynda parahatçylygy we dostlugy berkitmek;
10) kanun tarapyndan gadagan edilmedik beýleki işleri amala aşyrmak.
2. Jemgyýetçilik birleşikleri öz işleri bilen döwlet häkimiýet edaralaryna durmuş taýdan ähmiýetli we jemgyýete peýdaly maksatlary hem-de wezipeleri durmuşa geçirmekde ýardam edip bilerler.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
7-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmekde we olaryň işlerinde çäklendirmeler
1. Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny zorlukly üýtgetmegi maksat edinýän, öz işinde zorluga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, urşy, teniniň reňkiniň alamaty boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlaklylygyna kast edýän jemgyýetçilik birleşikleriniň döredilmegi we işlemegi gadagan edilýär.
2. Döwlet belligine alynmadyk jemgyýetçilik birleşiginiň işi Türkmenistanyň çäginde gadagan edilýär.
(2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
8-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmegiň we olaryň işiniň ýörelgeleri
1. Jemgyýetçilik birleşikleri meýletinlik, deňhukuklylyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda döredilýär hem-de hereket edýär.
2. Jemgyýetçilik birleşikleri özleriniň içerki gurluşyny, maksatlaryny, öz işleriniň görnüşlerini we usullaryny kesgitlemekde erkindirler.
3. Raýatyň jemgyýetçilik birleşiginiň işine gatnaşmagy ýa-da gatnaşmazlygy onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine ýa-da oňa artykmaçlyklaryň berilmegine esas bolup bilmez.
4. Jemgyýetçilik birleşikleriniň işi aýan bolmalydyr, olaryň dörediliş resminamalary hakyndaky maglumatlar bolsa hemmeler üçin elýeterli bolmalydyr.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
9-njy madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň görnüşleri
1. Türkmenistanda halkara, milli, çäk we ýerli jemgyýetçilik birleşikleri döredilýär hem-de hereket edýär.
2. Türkmenistanda döredilen jemgyýetçilik birleşigi, eger onuň tertipnamasyna laýyklykda daşary ýurt döwletlerinde iň bolmanda onuň bir gurluş düzüm birligi-guramasy, bölümi (şahamçasy), wekilligi döredilen we öz işini amala aşyrýan bolsa, halkara jemgyýetçilik birleşigi diýlip ykrar edilýär.
Halkara jemgyýetçilik birleşigi azyndan elli sany esaslandyryjylary bolan halatynda döredilip bilner.
3. Milli jemgyýetçilik birleşikleri azyndan elli sany esaslandyryjylary bolan halatynda döredilip bilner we olaryň işi tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda Türkmenistanyň ähli çägine ýaýraýar.
4. Çäk jemgyýetçilik birleşiklerine işi olaryň tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň birnäçesiniň çäklerine ýaýraýan jemgyýetçilik birleşikleri degişlidir.
5. Ýerli jemgyýetçilik birleşiklerine olaryň işi tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda Türkmenistanyň welaýatlarynyň ýa-da welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriniň biriniň çäklerinde ýaýraýan jemgyýetçilik birleşikleri degişlidir.
6. Çäk we ýerli jemgyýetçilik birleşikleri azyndan bäş sany esaslandyryjylary bolan halatynda döredilip bilner.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
10-njy madda. Türkmenistanda halkara jemgyýetçilik birleşikleriniň işi
1. Türkmenistanda halkara jemgyýetçilik birleşikleriniň gurluş düzüm birlikleri – guramalary, bölümleri (şahamçalary) we wekillikleri döredilip hem-de hereket edip bilerler.
2. Halkara jemgyýetçilik birleşikleriniň gurluş düzüm birlikleri – guramalary, bölümleri (şahamçalary) we wekillikleri özleriniň işinde olaryň şu Kanunyň 19-njy maddasyna laýyklykda kabul edilen tertipnamalaryny gollanýarlar.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
11-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň esaslandyryjylary we agzalary
1. Gurultaý (konferensiýa) ýa-da umumy ýygnak çagyryp, jemgyýetçilik birleşigini döretmek, onuň tertipnamasyny tassyklamak, ýolbaşçy hem-de gözegçilik-derňew edaralaryny döretmek barada karar kabul eden şahslar jemgyýetçilik birleşiginiň esaslandyryjylary bolup durýarlar.
Jemgyýetçilik birleşigi döwlet belligine alnandan soň onuň esaslandyryjylary jemgyýetçilik birleşiginiň agzalary bolup durýarlar we olar degişli hukuklara we borçlara eýe bolýarlar.
Jemgyýetçilik birleşiginiň esaslandyryjylary on sekiz ýaşa ýeten fiziki şahslar, şeýle hem ýuridik şahslar-jemgyýetçilik birleşikleri bolup bilerler.
Türkmenistanyň ýuridik şahslary hem ýokarda görkezilen şahslar bilen bilelikde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda jemgyýetçilik birleşiklerini esaslandyryjylaryň we agzalarynyň düzümine girip bilerler.
2. Çagalar jemgyýetçilik birleşiginiň esaslandyryjylary bolup, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahslar bilen birlikde on alty ýaşyna ýeten raýatlar hem çykyş edip bilerler.
3. Ýaşlar jemgyýetçilik birleşigi diýlip, on dört ýaşa ýeten raýatlardan ybarat bolan jemgyýetçilik birleşigi ykrar edilýär.
4. Çagalar jemgyýetçilik birleşigi diýlip, ýedi ýaşa ýeten raýatlardan ybarat bolan jemgyýetçilik birleşigi ykrar edilýär.
5. Jemgyýetçilik birleşiginiň agzalary fiziki we ýuridik şahslar- jemgyýetçilik birleşikleri bolup bilerler.
6. Jemgyýetçilik birleşiginiň agzalarynyň şol birleşigiň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew guramalaryna saýlamaga we saýlanmaga, şeýle hem onuň tertipnamasyna laýyklykda jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçy guramalarynyň işine gözegçilik etmäge hukuklary bardyr.
7. Jemgyýetçilik birleşiginiň agzalary jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynyň düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda hukuklara eýedirler hem-de borçlary berjaý edýärler we görkezilen talaplar berjaý edilmedik ýagdaýynda onuň Tertipnamasynda görkezilen tertipde jemgyýetçilik birleşiginiň agzalygyndan çykarylyp bilner.
8. Jemgyýetçilik birleşiginiň agzalygyny edinmegiň, ony ýitirmegiň, şol sanda ýaşy boýunça jemgyýetçilik birleşiginiň agzalygyndan çykmagyň şertleri we tertibi degişli jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalary bilen kesgitlenilýär.
9. Jemgyýetçilik birleşiginiň esaslandyryjylary we agzalary deň hukuklardan peýdalanýarlar we birmeňzeş borçlary berjaý edýärler.
(2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
II BAP. JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERINIŇ GURAMAÇYLYK-HUKUK GÖRNÜŞLERI
12-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşleri
1. Türkmenistanda jemgyýetçilik birleşikleri şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde döredilip bilner:
1) jemgyýetçilik guramasy;
2) jemgyýetçilik hereketi;
3) jemgyýetçilik gaznasy;
4) jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasy.
2. Jemgyýetçilik birleşikleri şu Kanunda kesgitlenilen tertipde döredilýän, hereket edýän we öz işini bes edýän jemgyýetçilik birleşikleriniň birleşmelerine meýletinlik başlangyçlarynda birleşmäge haklydyr.
13-nji madda. Jemgyýetçilik guramasy
1. Jemgyýetçilik guramasy birleşen raýatlaryň umumy bähbitlerini goramak we tertipnamalaýyn maksatlaryna ýetmekleri üçin bilelikdäki işi esasynda döredilen, agzalyga esaslanan jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.
2. Şu Kanunda, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriň käbir görnüşleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, jemgyýetçilik guramasynyň tertipnamasyna laýyklykda fiziki şahslar, şeýle hem ýuridik şahslar - jemgyýetçilik birleşikleri onuň agzalary bolup bilerler.
3. Jemgyýetçilik guramasynyň ýokary ýolbaşçy guramasy gurultaý (konferensiýa) ýa-da umumy ýygnak bolup durýar. Jemgyýetçilik guramasynyň hemişelik hereket edýän ýolbaşçy guramasy gurultaýa (konferensiýa) ýa-da umumy ýygnaga hasabat berýän saýlawly kollegial gurama bolup durýar.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
14-nji madda. Jemgyýetçilik hereketi
1. Jemgyýetçilik hereketi gatnaşyjylardan ybarat bolan we agzalygy bolmadyk, jemgyýetçilik hereketiniň gatnaşyjylary tarapyndan goldanylýan, durmuş we beýleki jemgyýete peýdaly maksatlara eýerýän köpçülikleýin jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.
2. Jemgyýetçilik hereketiniň ýokary ýolbaşçy guramasy gurultaý (konferensiýa) ýa-da umumy ýygnak bolup durýar. Jemgyýetçilik hereketiniň hemişelik hereket edýän ýolbaşçy guramasy gurultaýa (konferensiýa) ýa-da umumy ýygnaga hasabat berýän saýlawly kollegial gurama bolup durýar.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
15-nji madda. Jemgyýetçilik gaznasy
1. Jemgyýetçilik gaznasy täjirçilik däl gaznalaryň görnüşleriniň biri bolup, ol agzalygy bolmadyk jemgyýetçilik birleşiginden ybaratdyr, onuň maksady meýletin gatançlaryň, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki gelip gowuşmalaryň esasynda emlägi emele getirmekden we şol emlägi jemgyýetçilige peýdaly maksatlar üçin peýdalanmakdan ybarat bolup durýar. Jemgyýetçilik gaznasyny esaslandyryjylaryň we onuň emlägini dolandyryjylaryň görkezilen emlägi hususy bähbitleri üçin peýdalanmaga haky ýokdur.
2. Jemgyýetçilik gaznasynyň ýolbaşçy guramasy onuň esaslandyryjylary we (ýa-da) gatnaşyjylary, ýa jemgyýetçilik gaznasyny esaslandyryjylaryň maslahat bermeler ýa-da şahsy bellemeler görnüşinde kabul eden çözgüdi bilen, ýa gurultaýda (konferensiýada) ýa-da umumy ýygnakda gatnaşyjylar tarapyndan saýlamak arkaly döredilýär.
16-njy madda. Jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasy
1. Jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasy bähbitleri jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasynyň tertipnamalaýyn maksatlaryny onuň döredilýän ýeri boýunça durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly bolup durýan adamlar toparynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen, özüniň maksady raýatlaryň ýaşaýan, okaýan ýa-da işleýän ýerinde ýüze çykýan dürli durmuş meselelerini bilelikde çözmek bolup durýan agzalygy bolmadyk jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.
2. Jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasy Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan döredilýär we öz işini esaslandyryjylaryň ýygnagynda kabul edilen tertipnama laýyklykda öz-özüňi dolandyryş esasynda guraýar.
3. Jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasynyň ýokarda durýan edaralary ýa-da guramalary ýokdur.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
17-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň birleşmeleri
Jemgyýetçilik birleşikleri özleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, täze jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek bilen, birleşmeler tarapyndan kabul edilen esaslandyryş şertnamalarynyň we (ýa-da) tertipnamalarynyň esasynda jemgyýetçilik birleşikleriniň birleşmelerini döretmäge haklydyr. Jemgyýetçilik birleşikleriniň birleşmeleriniň ýuridik şahslar hökmundäki hukuklylygy olar döwlet belligine alnan pursadyndan ýüze çykýar.
III BAP. JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERINI DÖRETMEK
18-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmegiň tertibi
1. Jemgyýetçilik birleşikleri esaslandyryjylaryň başlangyjy boýunça döredilýär.
2. Jemgyýetçilik birleşigini döretmek barada, onuň tertipnamasyny tassyklamak hakynda we ýolbaşçy hem-de gözegçilik-derňew edaralaryny döretmek barada karar gurultaýda (konferensiýada) ýa-da umumy ýygnakda kabul edilýär.
3. Jemgyýetçilik birleşiginiň ýuridik şahs hökmünde hukuk ukyplylygy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan hem-de ol baradaky maglumatlaryň ýuridik şahslaryň Ýeke-täk döwlet sanawyna girizilen pursadyndan ýüze çykýar.
(2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
19-njy madda. Jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasy
1. Jemgyýetçilik birleşiginiň guralyşy we gurluşy tertipnama arkaly düzgünleşdirilýär.
2. Tertipnama şulary göz öňünde tutmalydyr:
1) jemgyýetçilik birleşiginiň adyny, maksatlaryny, wezipelerini, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini;
2) jemgyýetçilik birleşiginiň gurluşyny, onuň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralaryny;
3) jemgyýetçilik birleşiginiň öz işini amala aşyrýan çägini;
4) jemgyýetçilik birleşiginde agzalygy edinmegiň we ýitirmegiň şertlerini hem-de tertibini (tertipnamasynda agzalyk göz öňünde tutulan birleşik üçin), birleşigiň agzalarynyň we gatnaşyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny;
5) jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçy guramasynyň ygtyýarlyklaryny we döretmegiň tertibini, olaryň ygtyýarlylyk möhletlerini;
6) hemişelik hereket edýän ýolbaşçy guramanyň ýerleşýän ýerini;
7) ýolbaşçy guramanyň maslahatlaryny bellemegiň we olar tarapyndan çözgütleriň kabul edilmeginiň tertibini;
8) jemgyýetçilik birleşiginiň pul serişdelerini we başga emlägini emele getirmegiň çeşmelerini, emlägi dolandyrmak boýunça jemgyýetçilik birleşiginiň we onuň gurluş düzüm birlikleriniň hukuklaryny;
9) jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň tertibini;
10) jemgyýetçilik birleşigini üýtgedip gurmagyň, ýatyrmagyň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşigi ýatyrylandan soň galýan emlägi paýlamagyň tertibini.
Jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan jemgyýetçilik birleşiginiň nyşany ulanylýan bolsa, nyşanyň ýazgysy jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda görkezilýär.
3. Jemgyýetçilik gaznalarynyň Tertipnamasy şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen maglumatlardan başga-da aşakdakylary göz öňünde tutmalydyr:
1) bagyş etmeleriň iň az möçberini we görnüşini;
2) pullaryň peýdalanylyşy hakynda görkezmeleri.
4. Jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda jemgyýetçilik birleşiginiň işine degişli bolan, Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki düzgünler hem bolup biler.
(2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
20-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerini döwlet belligine almak
1. Jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine (mundan beýläk - bellige) alynýar.
2. Jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýuridik şahslaryň Ýeke-täk döwlet sanawyna hökmany girizilmäge degişlidir
3. Jemgyýetçilik birleşiginiň bellige alynmagy üçin şu aşakdaky resminamalar berilýär:
1) familiýalaryny, atlaryny, atasynyň atlaryny, doglan ýyllaryny we ýaşaýan ýerlerini görkezmek bilen bu jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçy edarasynyň agzalary tarapyndan gol çekilen arza;
2) jemgyýetçilik birleşiginiň iki nusgalykdaky tertipnamasy;
3) jemgyýetçilik birleşigini döretmek baradaky, onuň tertipnamasyny tassyklamak hakyndaky hem-de ýolbaşçy we gözegçilik - derňew edaralaryny döretmek baradaky maglumatlary özünde jemleýän esaslandyryjy gurultaýynyň (konferensiýasynyň) ýa-da umumy ýygnagynyň teswirnamasy;
4) esaslandyryjylar hakyndaky maglumatlar;
5) bellige alyş ýygymynyň tölenilendigi hakyndaky resminama;
6) jemgyýetçilik birleşigine ýuridik salgynyň berlendigi baradaky resminama.
4. Halkara jemgyýetçilik birleşigini bellige almak üçin şu maddanyň üçünji böleginde sanalyp geçilen resminamalardan başga-da onuň tertipnamasyna laýyklykda gurluş düzüm birliginiň - guramasynyň, bölüminiň (şahamçasynyň), wekilliginiň daşary ýurt döwletlerinde döredilenligini tassyklaýan resminama zerurdyr.
5. Resminamalar esaslandyryjy gurultaýyň (konferensiýanyň) ýa-da umumy ýygnagyň geçirilen gününden başlap, bir aýyň dowamynda bellige alynmagy üçin berilýär.
6. Jemgyýetçilik birleşiklerini bellige almak şu maddada sanalyp geçilen resminamalaryň berlen pursadyndan başlap ýigrimi bäş senenama güňüniň dowamynda amala aşyrylýar.
7. Jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalaryndaky üýtgetmeler we goşmaçalar, şeýle hem bellige alynmaga degişli faktlaryň üýtgemeleri jemgyýetçilik birleşikleriniň özleriniň bellige alnandaky ýaly tertipde we şol bir möhletlerde bellige alynýar we bellige alnan pursadyndan başlap hukuk güýjüne eýe bolýar.
8. Jemgyýetçilik birleşigini, onuň tertipnamasyna soňra girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň bellige alnandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we möçberlerde bellige alyş ýygymlary alynýar.
9. Çagalar jemgyýetçilik birleşiklerini bellige almak kämillik ýaşyna ýeten azyndan bir raýat olaryň ýolbaşçy guramalaryna saýlanandan soň amala aşyrylýar.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky we 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).
21-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet Sanawy
1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi jemgyýetçilik birleşikleri barada maglumatlary öz içine alýan döwlet Sanawyny ýöredýär we bellige alyş şahadatnamalaryny berýär.
2. Jemgyýetçilik birleşigini bellige almak hem-de jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasyna girizilen ýütgetmeleri we goşmaçalary bellige almak barada ýazgylar jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet Sanawyna şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan girizilýär.
22-nji madda. Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan ýüz döndermek
1. Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan şu aşakdaky halatlarda ýüz dönderilip bilner, eger:
1) jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanunyň düzgünlerine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garşy gelýän bolsa;
2) bu birleşigiň öz işini amala aşyrýan çäginde ozal şol bir at bilen başga bir jemgyýetçilik birleşigi bellige alnan bolsa;
3) esaslandyryş resminamalary doly sanawynda berilmedik bolsa ýa-da olar degişli tertip-düzgüne laýyklykda resmileşdirilmedik bolsa;
4) bellige alynmagy üçin berlen esaslandyryş resminamalarynda görnetin ýalan maglumatlaryň bardygy anyklanan bolsa;
5) jemgyýetçilik birleşiginiň ady raýatlaryň ahlaklylygyny, milli we dini duýgularyny masgaralaýan bolsa.
2. Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan ýüz dönderilen halatynda bellige almakdan ýüz dönderilmeginiň esaslaryny görkezmek bilen arza berenlere ýazmaça habar berilýär.
3. Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan ýüz dönderilmegi ýüz döndermäge getiren sebäpler aradan aýrylan mahalynda bellige alynmagy üçin resminamalaryň gaýtadan berilmegine päsgelçilik bolup durmaýar.
4. Gaýtadan berlen ýüztutma seretmek we ol boýunça çözgüt çykarmak şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde ýerine ýetirilýär.
(2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
23-nji madda. Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan ýüz dönderilmegine şikaýat etmek
Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan ýüz dönderilmegi hakyndaky çözgüt kazyýete şikaýat edilip bilner.
24-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň ady we nyşany
1. Jemgyýetçilik birleşiginiň adynyň düzüminde onuň guramaçylyk-hukuk görnüşine we işiniň häsiýetine salgylanma bolmalydyr. Jemgyýetçilik birleşiginiň guramaçylyk gurluşynyň adynda haýsy jemgyýetçilik birleşiginiň gurluş düzüm birligi bolup durýandygyna salgylanma bolmalydyr.
2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň baýdaklary we beýleki nyşanlary bolup biler.
3. Jemgyýetçilik birleşikleriniň nyşanlary Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň nyşanlaryna gabat gelmeli däldir.
4. Jemgyýetçilik birleşikleriniň nyşanlary şu Kanunyň 7-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen maksatlary wagyz etmäge hyzmat edip bilmez.
41. Türkmenistanda hereket edýän beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň nyşanlary, hereket etmegi gadagan edilen guramalaryň nyşanlary jemgyýetçilik birleşikleriniň nyşanlary bolup bilmez.
5. Jemgyýetçilik birleşiginiň nyşanlary onuň gurultaýynda (konferensiýasynda) ýa-da umumy ýygnagynda döredilýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hasaba alynmaga degişlidir.
(2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
25-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiklerini üýtgedip guramagyň tertibi
1. Jemgyýetçilik birleşigini üýtgedip guramak şol jemgyýetçilik birleşiginiň ýokary guramasynyň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.
2. Üýtgedip guralan jemgyýetçilik birleşiklerini bellige almak şu Kanunda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
IV BAP.JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY
26-njy madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklary
1. Jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalaýyn maksatlary amala aşyrmak üçin şulara hukugy bardyr:
1) öz işi baradaky maglumatlary erkin ýaýratmaga;
2) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan tertipde döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň kararlaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmaga;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri geçirmäge;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmäge we neşirýat işini amala aşyrmaga;
5) döwlet häkimiýet edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz hukuklaryna, öz agzalarynyň we gatnaşyjylarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik etmäge hem-de goramaga;
6) jemgyýetçilik durmuşynyň meseleleri boýunça başlangyçlar bilen çykyş etmäge, döwlet häkimiýet edaralaryna teklipleri girizmäge;
7) şu Kanunda bellenilen tertipde telekeçilik işi bilen meşgullanmaga.
2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylyp bilner.
3. Jemgyýetçilik birleşikleri ýörite kanunlar arkaly göz öňünde tutulan beýleki hukuklara hem eýe bolup bilerler.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
27-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň borçlary
Jemgyýetçilik birleşikleri şulara borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, şeýle hem olaryň tertipnamalarynda we başga esaslandyryjy resminamalarynda göz öňünde tutulan kadalary berjaý etmäge;
2) hemişelik işleýän ýolbaşçy edarasynyň hakyky ýerleşýän ýerini, onuň adyny we jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçylary baradaky maglumatlary ýuridik şahslaryň Ýeke-täk döwlet sanawyna girizilýän maglumatlaryň möçberinde görkezmek bilen, öz işi barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine maglumaty bellenilen möhletlerde bermäge;
3) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň soramagy boýunça jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçy guramalarynyň we wezipeli adamlarynyň çözgütlerini, şeýle hem öz işi barada maglumatlary salgyt we Türkmenistanyň pensiýa gaznasynyň edaralaryna berilýän maglumatlaryň möçberinde bermäge;
4) Türkmenistanyň Adalat ministrligine tertipnamasyna girizilen bellige alynmaga degişli bolan üýtgetmeler we goşmaçalar hem-de üýtgän faktlar hakynda maglumaty bermäge;
5) daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmelerini Türkmenistanyň Adalat ministrliginde bellige aldyrmaga we şol taslamalaryň we maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi hem-de höweslendirmeleriň peýdalanylyşy hakyndaky tapgyrlaýyn we gutarnykly hasabatlary bermäge;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde buhgalter hasabatyny alyp barmaga, statistika hasabatyny bermäge, salgyt geçirimleri amala aşyrmaga, şeýle hem döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça pensiýa gatançlaryny tölemäge;
7) öz agzalaryna olaryň hukuklaryny we bähbitlerini öz içine alýan resminamalar we kabul edilen çözgütler bilen tanyşmaga mümkinçiligi üpjün etmäge;
8) gelip gowuşýan maliýe serişdeleri hem-de olaryň ulanylyşy barada öz agzalaryna maglumat bermäge.
(2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
V BAP. JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERINIŇ EÝEÇILIGI, OLARYŇ EMLÄGINI DOLANDYRMAK
28-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiligi
1. Jemgyýetçilik birleşikleri özleriniň tertipnamalarynda bellenilen işini maddy taýdan üpjün etmek üçin zerur bolan jaýlary, binalary, desgalary, ýaşaýyş jaý gaznasyny, ulaglary, enjamlary, gurallary, medeni aň-bilim we sagaldyş maksatly emlägi, pul serişdelerini, paýnamalary, beýleki gymmatly kagyzlary we başga emlägi eýeçiliginde edinip bilerler. Döwlet we jemgyýetçilik howpsuzlygy nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň kanunlary ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen jemgyýetçilik birleşiginiň eýeçiliginde bolup bilmejek emläkleriň görnüşleri bellenilip bilner.
2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiliginde olaryň tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda hususy serişdeleriniň hasabyna döredilýän hem-de edinilýän edaralar, neşirýatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem bolup bilerler.
3. Jemgyýetçilik birleşiginiň guramaçylyk gurluşlary jemgyýetçilik birleşiginiň emlägini şol jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda kesgitlenen çäklerde ulanmaga haklydyr.
4. Ýuridik şahsyň hukugy berlen jemgyýetçilik birleşiginiň guramaçylyk gurluşlarynyň aýratyň balansy we gündelik (hasaplaşyk) bank hasaby bar, şeýle hem banklarda we karz edaralarynda başga hasabatlary bolup biler.
5. Jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiligi kanun arkaly goralýar.
6. Jemgyýetçilik birleşigi öz borçlary boýunça özüne degişli ähli emlägi bilen jogapkärçilik çekýär.
(2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
29-njy madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
1. Jemgyýetçilik birleşikleriniň işini maliýeleşdirmegiň esasy çeşmeleri şular bolup biler:
1) giriş we agzalyk gatançlary (eger olaryň tölegi jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan bolsa);
2) tertipnamalaýyn maksatlar üçin geçirilýän leksiýalardan, sergilerden, lotereýalardan, auksionlardan, sport we beýleki çärelerden gelip gowuşýan serişdeler;
3) telekeçilik işinden, raýatlyk-hukuk geleşiklerinden gelip gowuşýan girdejiler;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýuridik şahslardan, şol sanda daşary ýurt täjirçilik däl guramalaryndan maksatlaýyn maliýeleşdirilýän we gelip gowuşýan serişdeler (höweslendirmeler görnüşinde);
5) meýletin bagyş etmeler;
6) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik başga çeşmeler.
2. Jemgyýetçilik birleşiginiň pul serişdeleri we başga emlägi bu jemgyýetçilik birleşiginiň agzalarynyň arasynda gaýtadan paýlanylyp bilinmez we diňe tertipnamalaýyn maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmek üçin peýdalanylýar.
3. Jemgyýetçilik birleşigine öz serişdelerini haýyr-sahawat maksatlary üçin peýdalanmaga ygtyýar berilýär.
4. Jemgyýetçilik birleşigi öz agzalarynyň borçlary boýunça jogap bermeýär.
5. Jemgyýetçilik birleşiginiň agzalary jemgyýetçilik birleşiginiň borçlary boýunça jogap bermeýärler.
(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
30-njy madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň telekeçilik işi
1. Tertipnamalaýyn maksatlaryna ýetmek üçin jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda telekeçilik işi bilen meşgullanyp bilýärler. Ol işden alnan girdejiler diňe tertipnamada görkezilen maksatlara peýdalanylyp bilner.
2. Jemgyýetçilik birleşikleri telekeçilik işini alyp barmak üçin niýetlenilen kärhanalary döredip, şeýle hem emlägi edinip bilerler.
3. Jemgyýetçilik birleşikleriniň telekeçilik işinden alnan girdejilerine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda salgytlar salynmaga we olardan pensiýa gatançlary tölenmage degişlidir.
4. Jemgyýetçilik birleşikleriniň telekeçilik işinden alynýan girdejiler bu birleşikleriň agzalarynyň arasynda gaýtadan paýlanylyp bilinmez.
VI BAP. JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERINIŇ IŞINE GÖZEGÇILIK
31-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik
Jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar amala aşyrýarlar.
32-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna we olaryň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklygyna gözegçilik
1. Jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniňTürkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we olaryň esaslandyryjy resminamalaryna laýyk gelşine gözegçiligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi amala aşyrýar.
2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi:
1) jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçy guramalaryndan olaryň esaslandyryjy resminamalaryny sorap almaga;
2) jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan geçirilýän çärelerine gatnaşmak üçin öz wekillerini ibermäge;
3) jemgyýetçilik birleşiginiň agzalaryndan we beýleki raýatlardan tertipnamany berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça düşündiriş almaga haklydyr.
3. Jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulan ýa-da olaryň öz tertipnamalaýyn maksatlaryna ters gelýän hereketleri edendigi ýüze çykarylan halatynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi olara ýazmaça duýduryş bermäge haklydyr.
4. Eger jemgyýetçilik birleşigine bir ýylyň dowamynda düzgün bozulmalary aradan aýyrmak barada ikiden köp ýazmaça duýduryş berlen bolsa, şeýle hem onuň tarapyndan bir ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Adalat ministrligine bellige alynmaga degişli maglumatlar berilmedik bolsa, ýa-da jemgyýetçilik birleşigi esasan telekeçilik işi bilen meşgullanýan we tertipnamada göz öňüne tutulan maksatlary durmuşa geçirmeýän bolsa, görkezilen ministrlik jemgyýetçilik birleşigini ýatyrmak barada kazyýete arza berip biler.
5. Jemgyýetçilik birleşigi bellenilen möhletlerde Türkmenistanyň Adalat ministrligine şulary berýär:
1) ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýerini görkezmek bilen, öz işini dowam etdirýändigi baradaky maglumaty;
2) jemgyýetçilik birleşiginiň saýlawly guramasynyň agzalarynyň ady, atasynyň ady, familiýasy, doglan senesi, raýatlygy, hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy, işleýän (okaýan) ýeri görkezilen sanawyny;
3) jemgyýetçilik birleşiginiň, onuň guramaçylyk gurluşlarynyň sany baradaky maglumaty;
4) jemgyýetçilik birleşiginiň geçiren çäreleri barada maglumatlary.
6. Türkmenistanyň Adalat ministrligi, eger daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe we ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň hem-de höweslendirmeleriniň möçberleri bellenilen möçberlerden geçýän bolsa ýa-da şol kömegi alýan jemgyýetçilik birleşiginiň işi üçin häsiýetli bolmasa, olar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly edara berýär.
(2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
33-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň işine gözegçilik
1. Jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan kadalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ekologiýa, arassaçylyk, ýangyna garşy göreş we beýleki ygtyýarly döwlet edaralary amala aşyrýarlar.
2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň maliýe-hojalyk işine gözegçiligi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde maliýe we salgyt edaralary amala aşyrýarlar.
VII BAP. JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERINIŇ IŞINIŇ TOGTADYLMAGY, BES EDILMEGI WE ÝATYRYLMAGY
34-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň togtadylmagy
1. Eger, Konstitusiýanyň, Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplary şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalarynyň düzgünleri bozulan halatynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan jemgyýetçilik birleşigine ýazmaça duýduryş berlen bolsa we jemgyýetçilik birleşigi kesgitlenen möhletlerde ýazmaça duýduryşyň berilmegine esas bolup hyzmat eden düzgün bozulmalary aradan aýyrmadyk bolsa ýa-da aýrylandygy hakynda delillendirilen resminamalaryň berilmegi arkaly habar etmedik bolsa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň arzasy boýunça kazyýetiň çözgüdi bilen olaryň işi alty aý möhlete çenli togtadylyp bilner.
2. Kazyýetiň çözgüdi bilen kesgitlenen möhlete jemgyýetçilik birleşiginiň işi togtadylan ýagdaýynda, jemgyýetçilik birleşigine onuň işini togtatmak üçin esas bolup hyzmat eden düzgün bozulmalaryň aradan aýrylmagyna göňükdirilen işlerinden başga islendik bir işi amala aşyrmak gadagan edilýär.
3. Eger-de jemgyýetçilik birleşiginin işiniň togtadylan möhletiniň dowamynda ony togtatmaga esas bolup hyzmat eden düzgün bozulmalar aradan aýrylan bolsa, onda jemgyýetçilik birleşigi togtadylan möhletiniň tamamlanmagy bilen, bellenilen düzgün bozulmalaryň aradan aýrylandygy hakynda delillendirilen resminamalaryň berilmegi arkaly Türkmenistanyň Adalat ministrligine ýazmaça habar etmek şerti bilen öz işini täzeden dowam edýär.
4. Ýüze çykarylan düzgün bozulmalaryň bellenilen möhletlerde jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan aradan aýrylmadyk halatynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi onuň ýatyrylmagy barada kazyýete arza berýär.
35-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň bes edilmegi
Jemgyýetçilik birleşiginiň işiniň bes edilmegi bu jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasyna laýyklykda gurultaýyň (konferensiýanyň) ýa-da umumy ýygnagyň karary boýunça amala aşyrylýar.
36-njy madda. Jemgyýetçilik birleşiginiň işiniň ýatyrylmagy
1. Jemgyýetçilik birleşigi şu halatlarda kazyýetiň çözgüdi boýunça ýatyrylyp bilner:
1) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň birinji böleginiň talaplary bozulanda;
2) ýazmaça duýduryş berlenden soň bir ýylyň dowamynda jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň we (ýa-da) olaryň esaslandyryjy resminamalarynyň bozulan halatynda ýa-da kazyýetiň çözgüdi bilen bellenen möhletde ýazmaça duýduryşyň berilmegine esas bolup hyzmat eden düzgün bozulmalary aradan aýrylmadyk bolsa;
3) eger jemgyýetçilik birleşigi bellige alnan mahalynda olaryň esaslandyryjylary tarapyndan şu Kanunyň we (ýa-da) Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň aradan aýryp bolmajak häsiýetde bozulmagyna ýol berlende;
4) bellige alynmaga we ýuridik şahslaryň Ýeke-täk döwlet sanawyna girizilmäge degişli üýtgetmeler we goşmaçalar hem-de üýtgän faktlar hakynda maglumatlar bir ýylyň dowamynda berilmedik bolsa;
5) raýatlaryň hukuklary we azatlyklary bozulan bolsa.
2. Daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe we ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmelerini peýdalanylmagyna bildirilýän Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen talaplaryň bozulandygy üçin kazyýetiň çözgüdi boýunça jemgyýetçilik birleşigi ýatyrylyp bilner.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen esaslar boýunça jemgyýetçilik birleşiginiň ýatyrylmagy hakynda kazyýete arza Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berilýär.
4. Jemgyýetçilik birleşiginiň ýatyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
5. Jemgyýetçilik birleşiginiň ýatyrylanlygy hakyndaky maglumat çap edilmäge degişlidir.
6. Jemgyýetçilik birleşigini ýatyrmak baradaky çözgüt ýuridik şahslaryň Ýeke-täk sanawyny ýöredýän edara, görkezilen birleşigi şol sanawdan çykarmak üçin iberilýär.
37-nji madda. Jemgyýetçilik birleşiginiň işiniň togtadylmagy ýa-da onuň ýatyrylmagy baradaky çözgüde şikaýat etmek
1. Jemgyýetçilik birleşiginiň işiniň togtadylmagy ýa-da onuň ýatyrylmagy baradaky çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.
2. Jemgyýetçilik birleşiginiň işiniň togtadylmagy ýa-da onuň ýatyrylmagy baradaky çözgüdiniň ýatyrylmagy, jemgyýetçilik birleşiginiň işiniň bikanun togtadylmagy ýa-da onuň ýatyrylmagy bilen bagly çeken ähli çykdajylaryň öweziniň döwlet tarapyndan dolunmagyna eltýär.
VIII BAP. TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK
38-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.
39-njy madda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jemgyýetçilik birleşiginiň jogapkärçiligi
Jemgyýetçilik birleşigi Türkmenistanyň kanunçylygyny bozan halatlarynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
IХ BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
40-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
41-nji madda. Jemleýji düzgünler
1. Şu Kanunyň güýje girizilmeginden ozal döredilen jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalary we başga esaslandyryjy resminamalary şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.
2. Şu aşakdakylary öz güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
1) 2003-nji ýylyň 21-nji oktýabryndaky «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 35-nji madda);
2) 2009-njy ýylyň 2-nji iýulyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň Х bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 45-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 3-nji maýy.
№ 70-V.