TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Feldýeger aragatnaşygy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 102-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 81-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI, 17.04.2022 ý. № 465-VI, 24.07.2022 ý. № 495-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI we 03.06.2023 ý. № 28-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun feldýeger aragatnaşygynyň wezipelerini, olara amal etmegiň hukuk esaslaryny we ýörelgelerini, feldýeger aragatnaşygy edaralarynyň döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň, şeýle hem olaryň işine gözegçilik etmegiň tertibini kesgitleýär.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Feldýeger aragatnaşygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Feldýeger aragatnaşygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, feldýeger aragatnaşygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

2-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:

1) feldýeger aragatnaşygy – şu Kanunda kesgitlenen edaralaryň we şahslaryň hat-habarlarynyň kabul edilmegini, saklanylmagyny, daşalmagyny, goralmagyny we gowşurylmagyny üpjün edýän usullaryň we serişdeleriň jemi;

2) hat-habarlar – döwlet syrlary bolan, şeýle hem kanun arkaly goralýan beýleki maglumatlary özünde saklaýan, eltmek üçin bellenilen tertipde kabul edilen bukjalar, ýollamalar, gaplanyp iberilýän hat-habarlar (postpaket – gaplanan bukjalar), metizler (harby we ýörite enjamlar);

3) feldýeger aragatnaşygy edarasy – feldýeger aragatnaşygy çygrynda işi amala aşyrýan edara we onuň ýerli bölümleri;

4) feldýeger ugry – feldýeger aragatnaşygy edaralarynyň işgärleriniň hat-habarlary eltmek üçin gitmeginiň bellenilen tertibi;

5) feldýeger aragatnaşyk hyzmatyhat-habarlary kabul etmek, ibermäge taýýarlamak, saklamak, daşamak, goramak we gowşurmak bilen bagly feldýeger aragatnaşygy edaralary tarapyndan amala aşyrylýan işler.

 

3-nji madda. Feldýeger aragatnaşygynyň niýetlenilişi

 

1. Feldýeger aragatnaşygy şu Kanunda bellenilen tertipde feldýeger aragatnaşyk hyzmaty üçin kabul edilen hat-habarlaryň kepillendirilen abat saklanmagyny we dessin eltilmegini üpjün etmäge niýetlenendir.

2. Döwletiň howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň we serişdeleriň aýrylmaz bölegi bolan, döwlet häkimiýetiniň bähbitlerine hereket edýän we feldýeger aragatnaşygy çygrynda işi amala aşyrýan döwlet feldýeger aragatnaşygy edarasynyň (mundan beýläk – döwlet feldýeger gullugy) ygtyýarlyklary şu Kanun we döwlet feldýeger gullugy hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

Döwlet feldýeger gullugy hakynda Düzgünnama we şol gullugyň işiniň guralyşynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

4-nji madda. Döwlet feldýeger gullugynyň esasy wezipeleri

 

1. Döwlet feldýeger gullugynyň esasy wezipeleri şulardyr:

1) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň adyna ýa-da olaryň adyndan iberilýän «aýratyn ähmiýetli», «iňňän gizlin», «gizlin», diplomatik we başga gulluk hat-habarlaryň dessin eltilmegini, şeýle hem olaryň ýörite häsiýetli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

2) Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyny, Türkmenistanyň Mejlisini, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetini, ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, harby we hukuk goraýjy edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryny, aýratyn möhüm döwlet ähmiýetli senagat we harby desgalary hem-de beýleki guramalary feldýeger aragatnaşyk hyzmaty bilen üpjün etmek;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde daşary ýurtlara we daşary ýurtlardan Türkmenistana hem-de Türkmenistan boýunça hat-habarlary, harby maksatly önümleri, şeýle hem tehniki resminamalary, senagat önümleriniň nusgalaryny we gymmat bahaly ugratmalary eltmek;

4) feldýeger aragatnaşygy hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda döwlet we hökümet baştutanlarynyň, döwlet häkimiýet edaralarynyň arasynda resmi hat-habarlary gatnatmagy üpjün etmek;

5) Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň edaralaryny, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryny, konsullyk we beýleki guramalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň edaralaryny feldýeger aragatnaşyk hyzmaty bilen üpjün etmek.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulmadyk edaralara we şahslara feldýeger aragatnaşyk hyzmatlary diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylyp bilner.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

5-nji madda. Feldýeger aragatnaşygy edaralarynyň işiniň esasy ýörelgeleri

 

1. Feldýeger aragatnaşygy edaralary öz işlerini şu esasy ýörelgeler esasynda amala aşyrýar:

1) kanunylyk;

2) hat-habarlaryň kepillendirilen abat saklanylmagy we dessin eltilmegi;

3) feldýeger aragatnaşygy edaralarynyň ulgamynyň guramaçylyk taýdan bitewiligi;

4) döwlet syrlarynyň, şeýle hem kanun arkaly goralýan beýleki maglumatlaryň goralyp saklanmagy;

5) ýeke-täk dolandyryş we şahsy jogapkärçilik;

6) feldýeger aragatnaşygy edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň döwlet gözegçiliginde bolmagy.

2. Feldýeger aragatnaşygy edaralarynda syýasy partiýalaryň we syýasy maksat tutýan beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň guramaçylyk düzümleriniň döredilmegine hem-de hereket etmegine ýol berilmeýär.

 

6-njy madda. Döwlet feldýeger gullugynyň döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklary

 

1. Döwlet feldýeger gullugy öz öňünde goýlan wezipeleri döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklar arkaly ýerine ýetirýär. Şunda döwlet häkimiýet edaralary hat-habarlaryň gowşurylýan we kabul edilýän ýerlerinde degişli şertleri bellenilen tertipde döretmelidirler.

2. Döwlet häkimiýet edaralary hem-de olaryň ýerlerdäki edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet feldýeger gullugynyň edaralaryna hat-habarlaryň kepillendirilen abat saklanylmagyny we dessin eltilmegini gurnamaga şertleriň üpjün edilmegine ýardam bermäge borçludyrlar, şeýle hem döwlet feldýeger gullugynyň işgärlerine hat-habarlary gatnatmak boýunça borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe zerur bolan kömegi bermelidirler.

Görkezilen kömegi bermegiň tertibi döwlet feldýeger gullugynyň edaralarynyň döwlet häkimiýet edaralary bilen ylalaşyklary esasynda kesgitlenýär.

3. Ýokary döwlet häkimiýet edaralaryny feldýeger aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmek maksady bilen ol edaralara döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri berkidilip bilner, şunda şol edaralar tarapyndan döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri gulluk otaglary, ulag serişdeleri we enjamlar bilen üpjün edilýärler.

4. Ýokary döwlet häkimiýet edaralaryndan hat-habarlaryň gyssagly ugradylmagy ýüze çykan halatynda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ulag kärhanalary döwlet feldýeger gullugynyň işgärlerini ilkinji nobatda ugraýan ulaglarda orunlar bilen üpjün etmäge borçludyrlar.

5. Harby ýagdaýyň ýa-da adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwründe döwlet feldýeger gullugynyň işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

II BAP. DÖWLET FELDÝEGER GULLUGYNYŇ YGTYÝARLYKLARY

 

7-nji madda. Döwlet feldýeger gullugynyň hukuklary

 

1. Döwlet feldýeger gullugynyň öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin şulara hukugy bardyr:

1) hat-habarlary kabul etmegiň we gowşurmagyň tertibini, ölçegleriň ýol berilýän aňryçäk möçberlerini, şeýle hem feldýeger aragatnaşyk hyzmatlarynyň nyrhlaryny bellemäge;

2) döwlet feldýeger gullugynyň işgäri iş saparyna gideninde eýeçiliginiň görnüşine garamazdan demir ýol, deňiz, derýa, howa we awtomobil ulaglarynyň hereket edýän ugurlarynda ýany bilen 20 kg-a çenli hat-habarlary mugt gatnatmaga;

3) aýratyn halatlarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýörite tehnikalarynda, howa gämilerinde hem-de ýörite we poçta gatnawyny ýerine ýetirýän uçarlarda hat-habarlary gatnatmaga;

31) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan tölegli awtomobil ýollaryndan we awtoduralgalardan tölegsiz peýdalanmaga;

4) bellenilen tertipde ylalaşmak esasynda hat-habarlary we döwlet feldýeger gullugynyň işgärlerini wagtlaýyn ýerleşdirmek üçin aýeroportlarda, deňiz we derýa portlarynda, demir ýol we awtomobil ulaglarynyň menzillerinde aýratyn jaýlardan peýdalanmaga;

5) feldýeger aragatnaşyk hyzmaty üçin şertnamalar baglaşmaga;

6) adatdan daşary ýagdaýlarda hat-habarlaryň kepillendirilen abat saklanmagyny we dessin eltilmegini üpjün etmek üçin başga edaralara degişli aragatnaşyk serişdelerini, gulluk otaglaryny we awtoulaglaryny peýdalanmaga;

7) feldýeger aragatnaşygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek barada teklipleri taýýarlamaga we bermäge;

8) döwlet edaralaryndan, kärhanalaryndan we guramalaryndan feldýeger aragatnaşygy hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini talap etmäge;

9) döwlet feldýeger gullugynyň işine degişli meseleler boýunça okuwlary we beýleki çäreleri geçirmäge, şeýle hem döwlet häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, halkara guramalary tarapyndan geçirilýän çärelere gatnaşmaga;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaragy, ýörite serişdeleri we ýörite tehnikany edinmäge.

2. Döwlet feldýeger gullugynyň edaralary olary ýerleşdirmegiň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan edara jaýlary we aragatnaşyk serişdeleri bilen olaryň ýokarda durýan edaralary, welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň häkimlikleri tarapyndan tölegsiz esaslarda üpjün edilýär.

3. Döwlet feldýeger gullugynyň awtoulaglary gaýra goýulmasyz gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän ýörite gulluklaryň dessin awtoulaglaryna deňleşdirilýär we gulluk zerurlygyna laýyklykda ýörite dessin belgiler bilen üpjün edilýär. Olar ýörite ses duýdyryjy, gök reňkli gyrpyldaýan yşykly we aragatnaşyk enjamlary bilen abzallaşdyrylýar. Hat-habarlaryň ygtybarly goragyny we gizlinligini üpjün etmek maksady bilen döwlet feldýeger gullugynyň awtoulaglary olaryň esasy gurluşy üýtgedilmezden howpsuzlyk çärelerini göz öňünde tutup, zerur bolan goşmaça tehniki we beýleki serişdeler bilen abzallaşdyrylyp bilner.

Döwlet feldýeger gullugynyň awtoulaglary hyzmat edýän edaralarynyň, aeroportlarynyň, derýa we deňiz portlarynyň, demir ýol we awtoulaglar menzilleriniň çägine girmäge, ol ýerlerde bolmaga we edara ediş binasynyň iň ýakyn golaýyna baryp durmaga haklydyr. Ýaşyrynlyk maksady bilen olarda tapawutlandyryş ýazgylaryň edilmegine ýa-da reňkli şekilleriň oturdylmagyna ýol berilmeýär.

4. Türkmenistanyň çäginde bökdençsiz hereket etmek üçin döwlet feldýeger gullugynyň ulag serişdeleri degişli döwlet edaralary tarapyndan ýörite rugsatnamalar hem-de Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň awtoulaglaryna berkidilen tapgyrly döwlet belgileri bilen üpjün edilýär. Ol ulaglar döwlet feldýeger gullugynyň edaralarynyň çäginde, ulag jaýlarynda, ýapyk duralgalarda saklanylmalydyr we olary gulluk işinden başga maksatlar üçin peýdalanmak gadagan edilýär.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky, 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki we 24-nji iýulyndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

8-nji madda. Döwlet feldýeger gullugynyň borçlary

 

Döwlet feldýeger gullugynyň edaralary öz öňlerinde goýulan wezipelere laýyklykda şulara borçludyrlar:

1) şu Kanunyň 4-nji maddasynda görkezilen edaralaryň we şahslaryň hat-habarlarynyň kepillendirilen abat saklanmagyny we dessin eltilmegini üpjün etmäge;

2) ygtyýarynda bolan hat-habarlaryň goragyny, eldegrilmesizligini, barlanylmazlygyny we tutup saklanylmazlygyny üpjün etmäge, eger-de şular ýaly mümkinçilik bolmadyk halatynda olary ýok etmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga;

3) öz işinde döwlet syrlarynyň, şeýle hem kanun arkaly goralýan beýleki maglumatlaryň abat saklanmagyny üpjün etmäge;

4) harby ýagdaý döwürde, adatdan daşary we aýratyn ýagdaýlarda işlemek üçin edaralarynyň mobilizasion taýýarlygyny, işgärleriniň, awtoulaglarynyň we feldýeger ugurlarynyň ýaşyrynlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri görmäge;

5) öz ygtyýarlyklarynyň çäginde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurt döwletleriniň degişli edaralary bilen özara gatnaşykda bolmaga;

6) işgärleriniň hünär taýýarlygy we gaýtadan taýýarlygy boýunça çäreleri amala aşyrmaga;

7) öz howpsuzlygyny üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmäge we Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen ýarag saklamagyň we ulanmagyň tertibini berjaý etmäge;

8) hat-habarlaryň dessin eltilmegini üpjün edýän hemişelik hereket edýän, zerur bolan ýagdaýlarda ýörite feldýeger ugurlaryny guramaga we kämilleşdirmäge;

9) gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe işgärleriniň gullukçylar düzümini içeri işler edaralarynyň gullukçylary üçin enjamlaşdyrylan derejede el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglar, ýörite gorag we aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün etmäge;

10) gullugyň maddy-tehniki üpjünçiligini, ulaglaryň ulanylşyny, maliýe ykdysady işini, işgärleriň hukuk we durmuş taýdan goragyny hem-de zähmet şertlerini gowulandyrmak üçin çäreleri amala aşyrmaga;

11) ygtyýarlyklaryna degişli edilen meseleler boýunça döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşykda bolmaga;

12) feldýeger aragatnaşygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň bellenilen tertipde ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

III BAP. DÖWLET FELDÝEGER GULLUGYNYŇ GÜÝÇLERI WE SERIŞDELERI

 

9-njy madda. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri

 

1. Döwlet feldýeger gullugynüstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply Türkmenistanyň raýatlary «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda meýletin esasda şu gulluga kabul edilýär.

2. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri degişli ýörite atlary bolan gullukçylardan we raýat işgärlerden ybaratdyr.

3. Içeri işler edaralaryn degişli hünär synagyndan geçirilen işgärleri döwlet feldýeger gullugyna işe ugradylýar.

4. Döwlet feldýeger gullugynyň gullukçylary Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda gullugy geçmegiň tertibi hakynda düzgünnama laýyklykda gullugy geçýärler.

5. Döwlet feldýeger gullugyna gös-göni ýolbaşçylygy onuň başlygy amala aşyrýar, ol Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.

6. Döwlet feldýeger gullugynyň gullukçylaryny içeri işler edaralaryna işe geçirmek, olara ýörite atlary dakmak döwlet feldýeger gullugynyň başlygynyň teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

7. Döwlet feldýeger gullugynyň gullukçylarynyň hünär synagyndan geçirilmegi, egin-eşik üpjünçiligi, olara saglygy goraýyş we agaratnaşyk hyzmatlary, ýaşaýyş jaý we üpjünçiligiň beýleki görnüşleri içeri işler edaralarynyň gullukçylary üçin bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

8. Döwlet feldýeger gullugynyň raýat işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň Zähmet kodeksi bilen düzgünleşdirilýär.

 

10-njy madda. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleriniň hukuk ýagdaýy we durmuş taýdan goragy

 

1. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirende döwletiň aýratyn goragynda bolýarlar, şunda olaryň gulluk işine goşulmaga gös-göni ýolbaşçylaryndan ýa-da olaryň ygtyýar beren işgärlerinden başga hiç kimiň hukugy ýokdur.

Hat-habarlary kepillendirilen abat saklamak we dessin eltmek bilen bagly gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe döwlet feldýeger gullugynyň işgärleriniň hem-de olaryň ýany bilen alyp barýan hat-habarlarynyň tutulyp saklanmagyna we tussag edilmegine ýol berilmeýär.

Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel bermek, onuň at-abraýyny we mertebesini kemsitmek, oňa haýbat atmak, zorluk ulanmak ýa-da onuň janyna, saglygyna we emlägine kast etmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

2. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri iş saparyna ugradylanda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ulaglaryň ähli görnüşine ýol peteklerini nobatsyz almaga we iş sapar şahsyýetnamasy esasynda myhmanhanalara nobatsyz ýerleşmäge hukuklydyr.

3. Howa ulaglarynda gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwlet feldýeger gullugynyň işgäriniň raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň uçarbeletleriniň sagatlaýyn tölegine laýyklykda goşmaça töleg almaga hukugy bardyr.

4. Döwlet feldýeger gullugynyň daşary ýurtlara iş saparyna ugradylýan işgärleri olaryň şahsyýetini tassyklaýan we beýleki resminamalar bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde üpjün edilýär.

5. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärlerini öz gönümel gulluk borçlary bilen bagly bolmadyk işlere çekmek gadagandyr.

6. Döwlet feldýeger gullugynyň gullukçylary içeri işler edaralarynyň gullukçylary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

7. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş taýdan goraglylygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kepillendirilýär.

8. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärlerine mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işlerinden başga hak tölenýän iş bilen meşgullanmak gadagan edilýär.

9. Kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet feldýeger gullugynyň borçlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmegi baradaky işine goşulmaga hukugy ýokdur.

 

11-nji madda. Döwlet feldýeger gullugynyň ýörite, tehniki we beýleki gorag we aragatnaşyk serişdeleri

 

1. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri hat-habarlaryň kepillendirilen abat saklanmagyny we dessin eltilmegini üpjün etmek maksady bilen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýörite, tehniki we beýleki gorag we aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanýarlar.

2. Döwlet feldýeger gullugynyň peýdalanýan ýörite, tehniki we beýleki gorag we aragatnaşyk serişdeleri we olaryň ulanyş usuly raýatlaryň janyna we saglygyna howp salýan hem-de daşky gurşawa zyýan ýetirýän bolmaly däldir.

 

IV BAP. DÖWLET FELDÝEGER GULLUGYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ FIZIKI GÜÝJI, ÝÖRITE SERIŞDELERI, EL BILEN ATYLÝAN SÖWEŞJEŇ WE SOWUK ÝARAGLARY ULANMAGY

 

12-nji madda. Fiziki güýji, ýörite gorag serişdeleri, el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglary ulanmagyň şertleri hem çäkleri

 

1. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri diňe şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde we ýagdaýlarda fiziki güýji, ýörite gorag serişdeleri, el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglary ulanmaga haklydyr.

2. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri fiziki güýji, ýörite gorag serişdeleri, el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglary ulananda olar ulanyljak adama bu barada öňünden anyk we aýdyň görnüşde duýdurmaga hem-de bu talabyň ýerine ýetirilmegi üçin oňa ýeterlik wagt bermäge borçludyrlar. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleriniň janyna we saglygyna görnetin açyk howp salmak bilen duýdansyz ýa-da ýaragly hüjüm edilende fiziki güýç, ýörite gorag serişdeleri, el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglar öňünden duýdurylmazdan ulanylyp bilner.

3. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri fiziki güýjüň, ýörite gorag serişdeleriniň, el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglaryň ulanylan her bir halaty barada bir gije-gündiziň dowamynda gulluk geçýän ýeri ýa-da fiziki güýjüň, ýörite gorag serişdeleriniň, el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglaryň ulanylan ýeri boýunça döwlet feldýeger gullugynyň ýolbaşçylaryna ýazmaça habar bermäge borçludyrlar.

4. Fiziki güýji, ýörite gorag serişdeleri, el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglary ulanmagyň netijesinde adamyň ýaralanandygy ýa-da ölendigi barada haýal etmän prokurora habar berilmelidir.

5. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleriniň janyna we saglygyna, şeýle hem eltilýän hat-habarlaryň abat saklanmagyna howp salynýan halatlaryndan başga ýagdaýlarda göwrelilik alamatlary mese-mälim bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary aç-açan bildirýän adamlar babatda fiziki güýji, ýörite gorag serişdeleri, el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglary ulanmak gadagandyr.

6. Döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaragy hem-de ýörite gorag serişdelerini hemişe ýanynda götermäge haklydyr.

7. Fiziki güýjüň, ýörite gorag serişdeleriniň, el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglaryň döwlet feldýeger gullugynyň işgärleri tarapyndan şu Kanunyň talaplary bozulyp ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

13-nji madda. Fiziki güýjüň ulanylyşy

 

Hat-habarlary eýelemek synanyşygynyň öňüni almak, ol synanyşygy togtatmak maksady bilen döwlet feldýeger gullugynyň işgäri tarapyndan edilen kanuny talaplar onuň gulluk borçlaryny amala aşyrmagynyň howpsuzlygyny üpjün etmedik halatynda ol fiziki güýji, şol sanda özüňi goramagyň söweşjeň emellerini ulanmaga haklydyr.

 

14-nji madda. Ýörite gorag serişdeleriniň, el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglaryň ulanylyşy

 

1. Döwlet feldýeger gullugynyň işgäri şu halatlarda: hat-habarlary ýa-da ýaragy eýelemek synanyşygy, özüniň janyna we saglygyna howp salýan, şeýle hem döwlet feldýeger gullugynyň edaralaryna degişli edara binalaryna, jaýlara, ulag serişdelerine, goralyp saklanýan desgalara toparlaýyn ýa-da ýaragly hüjüm serpikdirilende, basylyp alnan binalar we ulag serişdeleri boşadylanda ýörite gorag serişdelerini, şonuň ýaly-da el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglary ulanmaga hukuklydyr.

2. El bilen atylýan söweşjeň ýaragyň ulanylmagyndan ozal ony ulanmak niýetiniň bardygy hakynda duýduryş berilmelidir.

3. Döwlet feldýeger gullugynyň işgäri kömege çagyrmak, janyna we saglygyna gönümel howp salýan haýwanlary zyýansyzlandyrmak maksady bilen el bilen atylýan söweşjeň ýaragy peýdalanmaga hukuklydyr.

 

15-nji madda. Döwlet feldýeger gullugynyň ýaragly işgärleriniň şahsy howpsuzlygynyň kepili

 

Döwlet feldýeger gullugynyň işgäri ýüze çykan ýagdaýda el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglary ulanmak mümkinçiligi aradan aýrylmadyk diýip hasap etse, onuň ýaragy ulanmak üçin taýýar ýagdaýa getirmäge hukugy bardyr.

 

V BAP. FELDÝEGER ARAGATNAŞYGY EDARALARYNYŇ MALIÝE WE MADDY-TEHNIKI ÜPJÜNÇILIGI

 

16-njy madda. Feldýeger aragatnaşygy edaralarynyň maliýeleşdirilmegi we maddy-tehniki üpjünçiligi

 

1. Döwlet feldýeger gullugy döwletiň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

2. Şertnama esasynda feldýeger hyzmatlary üçin tölegler feldýeger aragatnaşygy edaralarynyň hasaplaşyk hasabyna geçirilmelidir.

3. Döwlet feldýeger gullugynyň işini kämilleşdirmek we maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak döwlet serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna amala aşyrylyp bilner.

4. Döwlet feldýeger gullugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde maliýe-hojalyk işiniň hasabatyny amala aşyrýar, buhgalteriýa hasabatyny alyp barýar we statistik hasabaty ýöredýär.

5. Döwlet feldýeger gullugynyň serişdeleriniň hasabyna döredilen we satyn alnan emläkler döwletiň eýeçiligi bolup durýar, ony gündelik dolandyrmak bellenen tertipde döwlet feldýeger gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

VI BAP. FELDÝEGER ARAGATNAŞYGY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ JOGAPKÄRÇILIGI WE OLARYŇ IŞINE GÖZEGÇILIK

 

17-nji madda. Feldýeger aragatnaşygy edaralarynyň işgärleriniň jogapkärçiligi

 

Kanuna garşy hereketi ýa-da hereketsizligi üçin feldýeger aragatnaşygy edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

 

18-nji madda. Feldýeger aragatnaşygy edaralarynyň işine gözegçilik

 

Feldýeger aragatnaşygy edaralary gizlin düzgünli edaralara degişli bolup, olar işine gözegçilik ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

19-njy madda. Feldýeger aragatnaşygy edaralary tarapyndan kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik

 

Feldýeger aragatnaşygy edaralary tarapyndan kanunylygyň berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar amala aşyrýarlar.

 

7-nji BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

20-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                     Gurbanguly

    Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 16-njy awgusty.

102-V.