TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Dessin-agtaryş işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 137-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 382-V, 20.03.2017 ý. № 525-V, 26.08.2017 ý. № 603-V, 04.11.2017 ý. № 636-V, 09.06.2018 ý. № 41-VI, 02.03.2019 ý. № 127-VI, 14.03.2020 ý. № 234-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI we 03.06.2023 ý. № 28-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun dessin-agtaryş işiniň wezipelerini, ýörelgelerini we tertibini kesgitleýär, ony amala aşyrmagyň barşynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we dessin-agtaryş çäreleri geçirilende olaryň kanunylygynyň kepillendirmeler ulgamyny belleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Dessin-agtaryş işi

 

Dessin-agtaryş işi - munuň özi şu Kanun bilen ygtyýarly edilen döwlet edaralarynyň dessin bölünmeleriniň (mundan beýläk – dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edara) adamyň we raýatyň janyny, saglygyny, hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, eýeçiligi, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyny jenaýatçylykly kast etmelerden, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ýörite gulluklarynyň, guramalaryň we aýry-aýry adamlaryň Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna kast etmäge gönükdirilen razwedka hem-de şol häsiýetli beýleki hereketlerinden goramak maksatlary bilen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dessin-agtaryş çärelerini geçirmek arkaly amala aşyrýan aýan we aýan däl işidir.

 

2-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:

1) adamlardan soraşmak – dessin-agtaryş işiniň wezipelerini çözmek üçin zerur bolan hakyky maglumatlary bilýän ýa-da bilmegi mümkin bolan soraşylýan adamyň sözlerinden şeýle maglumatlary ýygnamak;

2) soraşma ýöretmek – gyzyklanma döredýän maglumatlar bolan ýa-da bolmagy mümkin bolan dessin we gaýry çeşmelerden dessin-agtaryş işiniň wezipelerini çözmek üçin zerur bolan hakyky maglumatlary almak;

3) hukuga garşy etmişleriň yzlaryny ýüze çykarmak, aýan däl berkitmek we almak, olary deňeşdirip barlamak – jenaýatyň ýa-da jenaýat eden adamyň yzlaryny özünde saklaýan ýa-da jenaýaty etmegiň guraly ýa-da jenaýatçylykly hereketiň netijesi bolan maddy obýektleri ýüze çykarmak we dolanyşykdan almak hem-de olaryň häsiýetli alamatlaryny we häsiýetlerini kanunda bellenilen görnüşde berkitmek;

4) ýörite tehniki serişdeleri – dessin-agtaryş çärelerini geçirmegiň barşynda maglumatlary tapyp almak we resmileşdirmek üçin ýörite wezipeleri, maksatnamalaýyn üpjünçiligi we gurluşynyň aýratynlyklary bolan gurluşlar, enjamlar, gurallar;

5) gözegçilikli satyn almak – jenaýat barada maglumat bar bolanda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň habarly bolmagynda we onuň gözegçiliginde sarp etmek ýa-da ýerleşdirmek maksady bolmazdan harytlary, gymmatlyklary, şeýle hem gaýry närseleri edinmek bilen emeli döredilýän hakyky däl geleşik ýagdaýy;

6) gözegçilikli ibermek – erkin dolanyşygy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen harytlaryň, gymmatlyklaryň, şeýle hem gaýry närseleriň iberilmegine, satyn alynmagyna, satylmagyna, geçirilmegine, şonuň ýaly-da jenaýatçylykly ýol bilen edinilen ýa-da jenaýatyň yzlaryny özünde saklaýan närseleriň ýa-da jenaýaty etmegiň gurallarynyň we serişdeleriniň geçirilmegine gözegçilik bellemek arkaly jenaýatçylykly hereketleriň alamatlary barada maglumaty dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň almagynyň usuly;

7) resminamalary we närseleri barlamak – jenaýaty etmegiň yzlaryny we gurallaryny ýa-da jenaýatçylykly hereketleriň netijelerini ýüze çykarmak maksady bilen närseleri we resminamalary öwrenmek;

8) synlamak – dessin-agtaryş işiniň wezipelerini çözmek üçin ähmiýeti bolan hadysalary, hereketleri we wakalary görmek ýa-da gaýry ýollar arkaly kabul etmek we berkitmek;

9) şahsyýeti meňzeş hasaplamak – adamyň üýtgemeýän alamatlary esasynda barlanýan şahsyň şahsyýetini anyklamak we barabarlamak;

10) dessin girip görmek – jenaýatçylykly hereketleriň, şeýle hem Türkmenistanyň milli bähbitleriniň bozulmagyna, milli howpsuzlyga wehim salynmagyna getirýän wakalaryň ýa-da hereketleriň (hereketsizlikleriň) alamatlarynyň ýüze çykarylmagynyň mümkinçiliginiň maksatlary bilen ýaşaýyş we beýleki jaýlaryna, binalara, desgalara, ýer böleklerine, ulag we gaýry tehniki serişdelerine aýan däl girip görmek, barlamak we gözden geçirmek;

11) poçta ugratmalaryna, telegraf we beýleki habarlara gözegçilik etmek – jenaýatçylykly hereketler barada maglumatlary ýüze çykarmak we dessin-agtaryş işiniň wezipelerini çözmegiň bähbitleri üçin gaýry maglumatlary almak maksady bilen hatlary, telegrammalary, radiogrammalary, banderollary, ýollamalary we beýleki poçta-telegraf ugratmalaryny gözden geçirmek we olaryň mazmuny bilen tanyşmak; 

12) gepleşikleri aýan däl diňlemek we ýazgy etmek – dessin-agtaryş işiniň wezipelerini çözmegiň bähbitlerine wideo-, audiotehniki ýa-da bu işler üçin ýörite niýetlenilen gaýry tehniki serişdeleri peýdalanmak bilen dil üsti maglumatlara aýan däl gözegçilik etmek we onuň mazmunyny maddy göterijilerde berkitmek;

13) telefony ýa-da gaýry gepleşik serişdelerini peýdalanmak bilen edilýän gepleşikleri diňlemek we ýazgy etmek – gepleşikler geçirilende telefon aragatnaşygynyň ulgamy ýa-da beýleki gepleşik serişdeleri boýunça berilýän sesli maglumatlary dessin-agtaryş işiniň wezipelerini çözmek üçin aýan däl diňlemek we ses ýazgysy görnüşinde elektron we beýleki göterijilerde berkitmek;

14) abonentleriň we (ýa-da) abonent enjamlarynyň arasyndaky baglanyşyklar barada maglumatlary almak – abonentiň giriş-çykyş jaňlary barada maglumatlary, şeýle hem gaýry maglumatlary aragatnaşyk operatorlarynyň maglumatlar binýadyndan almak;

15) aragatnaşygyň tehniki kanallaryndan, kompýuter ulgamlaryndan we gaýry tehniki serişdelerden maglumatlary almak – maglumatlary toplamak, gaýtadan işlemek, ýygnamak, saklamak, gözlemek we ýaýratmak üçin niýetlenen elektrik aragatnaşygynyň ulgamlary, kompýuter ulgamlary, maglumatlar binýatlary, telekommunikasiýa we maglumat ulgamlary boýunça iberilýän maglumatlary ýörite tehniki serişdeleri bilen aýan däl almak;

16) maglumatlary bikanun alýan enjamlary gözlemek – maglumatlaryň şu Kanunyň kadalarynyň bozulmagy ýa-da bikanun ýollar, usullar bilen alynmagy üçin gurnalýan tehniki serişdeleri we gaýry enjamlary ýüze çykarmak maksady bilen gözlemek;

17) dessin aralaşmak – dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň işgärini ýa-da dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edara bilen hyzmatdaşlygynyň ýaşyrynlygyny onuň öz islegi boýunça saklamak arkaly özüniň razylygy bilen dessin-agtaryş çäreleri taýýarlananda we geçirilende çekilýän adamy (mundan beýläk – ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adam) dessin-agtaryş işiniň wezipelerini çözmek üçin jenaýatçylykly düzümlere aýan däl aralaşdyrmak;

18) dessin-agtaryş çäreleri – bu dessin-agtaryş işiniň wezipelerini çözmek üçin dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň aýry-aýry aýan ýa-da aýan däl hereketi;

19) dessin hasap işi – dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň alyp barýan aýrybaşgalanan önümçiligi;

20) aragatnaşyk ulgamlaryndan dessin gözlemek – aragatnaşyk ulgamy boýunça iberilýän maglumatdan hukuga garşy işleriň alamatlaryny ýüze çykarmak boýunça aýan däl hereketler;

21) dessin synag – hukuga garşy işi alyp barandygy barada özi babatda maglumatlar bolan adama dessin synaga gatnaşýandygy barada habar bermezden onuň hukuga garşy hereketleri edenligini tassyklamak, şeýle hem agyr, aýratyn agyr jenaýaty ýa-da Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna zyýan ýetirip biljek jenaýaty duýdurmak, ýüze çykarmak, öňüni almak maksatlary bilen şeýle adamy çekmek arkaly doly dolandyrylýan şertlerde we dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň gözegçiliginde kesgitli wakany dikeltmek ýa-da wakanyň bolşuny suratlandyrmak ýa-da kesgitli tejribeleri geçirmek maksady bilen mümkin boldugyça hakykata golaýlaşdyrylan ýagdaýy emeli döretmek;

22) agtaryş – kazyýetden ýa-da jenaýat yzarlaýyş edaralaryndan gizlenýän, jenaýat jogapkärçiliginden boýun gaçyrýan adamlaryň, nam-nyşansyz ýitenleriň we kanunda göz öňünde tutulan halatlarda gaýry adamlaryň bolýan ýerlerini, şeýle hem döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary bolan ýitirilen resminamalaryň we närseleriň ýerleşýän ýerlerini anyklamaga gönükdirilen guramaçylyk, iş ýörediş we dessin-agtaryş çäreleriniň ulgamy;

23) dessin barlag – bu şu Kanunyň 4-nji maddasynda göz öňünde tutulan wezipeleri çözmek üçin bar bolan maglumatlary barlamak we olaryň täzelerini almak maksady bilen aýry-aýry ýa-da toplumlaýyn dessin-agtaryş çärelerini amala aşyrmak.

 

3-nji madda. Dessin-agtaryş işiniň hukuk esasy

 

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we olaryň esasynda kabul edilen Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary dessin-agtaryş işiniň hukuk esasy bolup durýar.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, şu Kanuna laýyklykda we Türkmenistanyň Baş prokurory bilen ylalaşyp, pudaklaýyn kadalaşdyryjy namalary, ýagny dessin-agtaryş çärelerini geçirmegi guramagy hem-de onuň taktikasyny kesgitleýän namalary çykarmaga haklydyr.

 

4-nji madda. Dessin-agtaryş işiniň esasy wezipeleri

 

Dessin-agtaryş işiniň esasy wezipeleri şulardyr:

1) adamyň we raýatyň janyny, saglygyny, hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini, eýeçiligi kanuna garşy kast etmelerden goramak;

2) jemgyýetiň, döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmekde we olaryň ykdysady kuwwatyny we goranmak ukyplylygyny berkitmekde ýardam etmek;

3) jenaýatlary ýüze çykarmak, duýdurmak, öňüni almak we üstüni açmak, şeýle hem olary taýýarlaýan, edýän ýa-da eden adamlary ýüze çykarmak we anyklamak;

4) kazyýetden ýa-da jenaýat yzarlaýyş edaralaryndan gizlenýän, hökümi ýerine ýetirmekden we jenaýat arkaly ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan boýun gaçyrýan adamlar, raýat işleri boýunça jogap berijiler we bergidarlar, nam-nyşansyz ýitenler babatda agtaryşy amala aşyrmak, şeýle hem ýüze çykarylan tanalmadyk jesetleri barabarlamak;

5) muzdsuz almaga degişli emlägi anyklamak;

6) daşary ýurt döwletleriniň ýörite gulluklarynyň, guramalaryň we aýry-aýry adamlaryň Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna kast etmäge gönükdirilen razwedka hem-de şol häsiýetli beýleki hereketlerini ýüze çykarmak, duýdurmak we öňüni almak;

7) Türkmenistanyň Prezidentiniň we goralyp saklanýan beýleki adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek;

8) Türkmenistanyň döwlet serhedini gorap saklamagy üpjün etmek;

9) döwlet syrlaryny ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syry düzýän maglumatlaryň goralmagyny üpjün etmek, täjirçilik syryny goramakda guramalara ýardam etmek;

10) azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygy tarapyndan bellenilen düzgünleri saklamaga ýardam etmek;

11) Türkmenistanyň milli bähbitleriniň bozulmagyna, milli howpsuzlyga wehim salynmagyna getirýän wakalar ýa-da hereketler (hereketsizlikler) barada maglumatlary tapyp almak;

12) dessin-agtaryş işini amala aşyrýan wezipeli adamlaryň we dessin-agtaryş çärelerini taýýarlamaga ýa-da geçirmäge çekilýän raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek.

 

5-nji madda. Dessin-agtaryş işiniň ýörelgeleri

 

Dessin-agtaryş işi kanunylyk, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek, onuň mertebesini hormatlamak, raýatlaryň kanunyň öňünde deňligi, ýaşyrynlyk, aýan we aýan däl usullaryň we serişdeleriň, hünär etikasynyň utgaşdyrylmagy, dolandyryş edaralary we ilat bilen bilelikde hereket etmek ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

6-njy madda. Dessin-agtaryş işi amala aşyrylanda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek

 

1. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar dessin-agtaryş çärelerini geçirenlerinde adamyň we raýatyň şahsy durmuşyna eden-etdilikli gatyşylmagyndan, şeýle hem hat-habarlarynyň, telefon we beýleki aragatnaşyklarynyň syryny saklamak düzgünleriniň bozulmagyndan, öz namysyna we at-abraýyna, ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligine hyýanat edilmeginden goramaga bolan hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmelidirler.

2. Şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk maksatlara we wezipelere ýetmek üçin dessin-agtaryş işiniň amala aşyrylmagyna, şeýle hem dessin-agtaryş çärelerini geçirmegiň barşynda alnan maglumatlaryň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.

3. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň hereketleri özüniň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyna ýa-da çäklendirilmegine getirdi diýip hasap edýän adam, şeýle hereketler barada dessin-agtaryş işini amala aşyrýan ýokarda durýan edara, prokuratura ýa-da kazyýete şikaýat edip biler.

4. Jenaýaty taýýarlamakda ýa-da etmekde günälidigi kanunda bellenilen tertipde subut edilmedik adamyň özüni barlamak üçin esas bolup hyzmat eden we döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan başga syryň aýan edilmegini aradan aýyrýan çäklerde özi babatda bar bolan maglumatlaryň häsiýeti barada maglumatlary dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaradan talap edip almaga hukugy bardyr. Soralan maglumatlary bermekden ýüz dönderilen ýa-da görkezilen adamyň maglumatlar doly möçberde berilmedi diýip çak edýän halatynda şol adamyň bu barada dessin-agtaryş işini amala aşyrýan ýokarda durýan edara, prokuratura ýa-da kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.

5. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň arza bilen ýüz tutan adama zerur maglumatlary bermekden ýüz dönderen çözgüdi esassyz diýlip bilnen halatynda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan ýokarda durýan edara, prokuratura ýa-da kazyýet görkezilen edarany arza bilen ýüz tutan adama şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan maglumatlary bermäge borçly edip biler.

6. Işe doly we hemmetaraplaýyn seredilmegini üpjün etmek maksady bilen dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edara arza bilen ýüz tutan adama bermekden ýüz dönderilen maglumatlar hakynda maglumatlary öz içine alýan dessin-agtaryş çäreleriň resminamalary prokuroryň ýa-da kazynyň ýazmaça talap etmegi boýunça olara bermäge borçludyr, muňa guramaçylykly topara ýa-da jenaýatçylykly bileleşige dessin aralaşdyrylan adamlar, dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň aýan däl işgärleri, ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän ýa-da eden adamlar, dessin-agtaryş çärelerini gurnamagyň meýilnamalary, dessin öwrenişdäki şahslar, şeýle hem dessin maglumatlary almagyň, berkitmegiň tärleri, usullary, ýollary we tehniki serişdeler barada maglumatlar we dessin öwreniş işleri girmeýär.

7. Dessin-agtaryş işiniň netijesinde alnan şahsyýetiň şahsy durmuşyna, namysyna, mertebesine we at-abraýyna degişli maglumatlarda kanun tarapyndan gadagan edilen hereketleriň edilenligi barada maglumat ýok bolsa, olar saklamaga we ýaýratmaga degişli däldir we ýok edilýärler. Ol maglumatlar fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň zyýanyna peýdalanylyp bilinmez.

Jenaýaty etmekde günälidigi kanunda bellenilen tertipde subut edilmedik adam babatda dessin-agtaryş çäreleriniň netijesinde alnan materiallar, eger beýleki jenaýatlary duýdurmak, öňüni almak ýa-da üstüni açmak başgaça talap etmeýän bolsa, bir ýyl saklanýar, soňra bolsa ýok edilmäge degişlidir. Özi babatda jenaýat işi gozgalmadyk adamlaryň telefony ýa-da gaýry gepleşik serişdelerini peýdalanmak bilen edilýän gepleşikleri diňlemegiň we ýazgy etmegiň netijesinde alnan ses ýazgylary we beýleki materiallar degişli dessin hasap işiniň bes edilen pursadyndan alty aýyň dowamynda ýok edilýär, bu barada teswirnama düzülýär. Prokuroryň sanksiýasy bilen geçirilen dessin-agtaryş çäreleriniň netijelerini beýan edýän resminamalar ýok edilmeginiň üç aý öňünden bu barada degişli prokuror habarly edilýär.

Daşary ýurt döwletleriniň ýörite gulluklarynyň, guramalaryň we aýry-aýry adamlaryň Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna kast etmäge gönükdirilen razwedka hem-de şol häsiýetli beýleki hereketleri, döwlete, parahatçylyga we adamzadyň howpsuzlygyna garşy taýýarlanýan, amala aşyrylýan, edilen jenaýatlar, hereketler, terrorçylyk we ekstremizm, şeýle hem jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek barada dessin-agtaryş çäreleriniň netijesinde alnan maglumatlary we materiallary saklamagyň we ýok etmegiň tertibi we möhletleri şu ugurda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň kadalaşdyryjy namalary bilen kesgitlenýär.

8. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara özi babatda dessin-agtaryş çäreleri geçirilýän adama onuň öz hereketleriniň häsiýetini erkin saýlamagyna mümkinçiligini, şol sanda jenaýatdan meýletin boýun gaçyrmaga bolan hukugyny durmuşa geçirmegini aradan aýyrýan täsir etmek gadagan edilýär.

9. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edara tarapyndan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň hukuklary we kanuny bähbitleri bozulanda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan ýokarda durýan edara, prokuratura ýa-da kazyýet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda görkezilen şahslaryň bozulan hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň dikeldilmegi, ýetirilen maddy we ahlak zyýanyň öweziniň dolunmagy we günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegi barada çäreleri görmäge borçludyrlar.

10. Dessin-agtaryş işi amala aşyrylanda şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

(2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

II BAP. DESSIN-AGTARYŞ IŞINI AMALA AŞYRÝAN EDARALAR, OLARYŇ BORÇLARY WE HUKUKLARY

 

7-nji madda. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar

 

1. Türkmenistanyň çäginde dessin-agtaryş işini amala aşyrmaga hukuk şularyň dessin bölünmelerine berilýär:

1) Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň;

2) Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralarynyň;

3) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň razwedka bölünmeleriniň;

4) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň razwedka bölünmeleriniň;

5) Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň;

6) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralarynyň;

7) Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edaralarynyň.

2. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar şu Kanunda kesgitlenen wezipelerini diňe özleriniň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özara bilelikde hereket etmek bilen çözýärler.

3. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň sanawy diňe kanun arkaly üýtgedilip ýa-da oňa goşmaça girizilip bilner. Görkezilen edaralaryň ýolbaşçylary dessin-agtaryş işini amala aşyrmaga hukugy bolan dessin bölünmeleriň sanawyny, olaryň ygtyýarlyklaryny, gurluşlaryny we işiniň guralyşyny kesgitleýärler.

4. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralarda syýasy partiýalaryň we syýasy maksatlary yzarlaýan gaýry jemgyýetçilik birleşikleriniň döredilmegi we işlemegi gadagandyr.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky, 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky we 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

8-nji madda. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň borçlary

 

Şu Kanunda kesgitlenen dessin-agtaryş işiniň wezipelerini ýerine ýetirenlerinde ony amala aşyrmaga ygtyýarly edaralar şulara borçludyrlar:

1) adamyň we raýatyň janyny, saglygyny, hukuklaryny we azatlyklaryny, eýeçiligi goramak, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde zerur, şol sanda öňüni alyş häsiýetli çäreleri görmäge;

2) dessin-agtaryş işini amala aşyrmak arkaly jenaýatlary ýüze çykarmagy, duýdurmagy, öňüni almagy we üstüni açmagy üpjün etmäge, olaryň netijelerini jenaýat iş ýöredişinde peýdalanmak üçin berkitmäge;

3) özleriniň önümçiliginde bolan jenaýat işleri boýunça dessin-agtaryş çäreleriniň geçirilmegi hakynda sülçiniň beren ýazmaça tabşyrygyny, prokuroryň ýazmaça görkezmelerini we kazyýetiň kesgitnamalaryny ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýerine ýetirmäge we jenaýat edilmegi zerarly ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny üpjün etmek üçin ýardam etmäge;

4) gizlenýän jenaýat işi boýunça kazyýetde işi seredilýän we raýat işi boýunça jogap beriji, ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça bergidar babatynda agtaryş işlerini geçirmek hakynda kazyýetiň çözgüdini ýerine ýetirmäge;

5) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň, şol sanda hukuk kömegini bermek barada şertnamalarynyň esasynda öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda halkara hukuk goraýjy guramalarynyň, daşary ýurt döwletleriniň hukuk goraýjy edaralarynyň we ýörite gulluklarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň ýüz tutmalaryny ýerine ýetirmäge;

6) Türkmenistanyň milli bähbitleriniň bozulmagyna, milli howpsuzlyga wehim salynmagyna şaýatlyk edýän özlerine mälim bolan hakyky wakalar we maglumatlar barada Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet edaralaryny öz wagtynda habardar etmäge;

7) Türkmenistanyň çäginde dessin-agtaryş işini amala aşyrýan beýleki edaralara şol edaralaryň ygtyýarlyklaryna degişli hukuga garşy iş barada özlerine mälim bolan hakyky wakalar barada habar bermäge we olara zerur kömegi etmäge;

8) dessin-agtaryş çäreleri geçirilende, şeýle hem geçirilen dessin-agtaryş çäreleriniň netijelerini beýan edýän materiallary jenaýat iş ýöredişinde peýdalanmak üçin berlende ýaşyrynlygy üpjün etmek we maglumatyň çeşmesiniň gizlinlikden aýrylmagyna ýol bermezlik boýunça zerur çäreleri görmäge;

9) öz işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň we jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşyjylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň şahsy howpsuzlygyny, olaryň emläginiň abat saklanmagyny jenaýatçylykly we gaýry hukuga garşy kast etmelerden gorap saklamagy üpjün etmäge.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

9-njy madda. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň hukuklary

 

1. Dessin-agtaryş işiniň wezipeleri çözülende dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şulara hukuklydyrlar:

1) şu Kanunyň 11-nji maddasynyň ikinji böleginde sanalyp geçilen aýan we aýan däl dessin-agtaryş çärelerini geçirmäge, olar geçirilende resminamalary, närseleri, materiallary we habarlary almaga, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirýän jenaýatçylykly maksatlar bilen peýdalanylan mahalynda telekommunikasiýa ulgamlaryň işlemegini togtatmaga;

2) ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny etmäge isleg bildiren adamlar bilen ony mugt ýa-da tölegli esasda ýola goýmaga;

3) dessin-agtaryş çäreleriniň barşynda kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, harby bölümleriň gulluk jaýlaryny, ulag we beýleki tehniki serişdelerini, emlägini, şeýle hem raýatlaryň ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlaryny, ulag serişdelerini we gaýry emläklerini ýazmaça ýa-da dil üsti bilen baglaşylan şertnamalar esasynda peýdalanmaga, şunda zyýan ýetirilen halatynda eýesine onuň öwezi, şeýle hem edilen çykdajylar dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň hasabyna tölenýär;

4) ýaşyrynlyk maksatlary bilen dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärleriniň şahsyýetini, kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň, bölünmeleriniň, jaýlarynyň we ulag serişdeleriniň pudaklaýyn degişliligini, şeýle hem ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň şahsyýetini gizlinleşdirýän resminamalary peýdalanmaga;

5) döwlet ýa-da gulluk syryny, şonuň ýaly-da täjirçilik we kanun arkaly goralyp saklanylýan beýleki syrlary düzýän maglumatlaryň aýan edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplary berjaý etmek bilen beýleki guramalardan dessin-agtaryş işiniň wezipelerini çözmek üçin ähmiýeti bolan maglumatlary mugt almaga we peýdalanmaga;

6) taýýarlanýan we edilen jenaýatlar barada, jenaýat etmegi niýet edinýän, oňa taýýarlanýan, onuň kastyna düşýän, ony edýän ýa-da eden, kazyýetden ýa-da jenaýat yzarlaýyş edaralaryndan gizlenýän, nam-nyşansyz ýiten adamlar barada maglumatlary fiziki we ýuridik şahslardan mugt ýa-da tölegli almaga, şeýle hem olary dessin-agtaryş çärelerini taýýarlamak we geçirmek üçin zerur ýardam etmäge çekmäge;

7) guramalaryň, şeýle hem jenaýatlary taýýarlamakda ýa-da etmekde güman edilýän aýry-aýry adamlaryň işini häsiýetlendirýän resminamalary we maglumatlary ýygnamaga we öwrenmäge;

8) Türkmenistanyň çäginde dessin-agtaryş işini amala aşyrmaga hukugy bolan beýleki edaralar bilen ylalaşmak boýunça şol edaralaryň güýçlerini we serişdelerini aýry-aýry dessin-agtaryş çärelerini geçirmek üçin çekmäge;

9) diňe şu Kanunyň 11-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan dessin-agtaryş çärelerini geçirmek maksady bilen gije-gündiziň islendik wagtynda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň çägine we jaýlaryna, ýolbaşçylary bilen ylalaşmak boýunça bolsa harby bölümleriň we beýleki düzgünli desgalaryň çägine päsgelçiliksiz girmäge;

10) jenaýatyň gös-göni öňi alnanda, jenaýat etmekde güman edilýän adam yzarlanylanda we agtarylanda we beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, hususy adamlaryň eýeçiliginiň çägine we jaýlaryna, ýolbaşçylary bilen ylalaşmak boýunça bolsa harby bölümleriň we beýleki düzgünli desgalaryň çägine girmäge we kanunda bellenilen tertipde prokurora habar bermek bilen dessin-agtaryş çärelerini amala aşyrmaga;

11) şahsyýeti baradaky anyk maglumatlary gizlinlikde saklamak bilen dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň işgärini ýa-da onuň bilen ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamy jenaýatçylykly düzümlere aralaşdyrmaga;

12) jenaýatlylykly işe meňzeş ýasama hereketleri ulanmaga;

13) dessin-agtaryş işiniň wezipelerini çözmegi üpjün edýän dessin hasaplary we maglumatlar ulgamlaryny döretmäge we peýdalanmaga;

14) zerur ylmy-tehniki ýa-da gaýry ýörite bilimleri bolan wezipeli adamlaryň we hünärmenleriň kömeginden mugt ýa-da tölegli esasda peýdalanmaga;

15) şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri çözmek üçin zerur bolan kärhanalary, edaralary, guramalary we olara degişli bölünmeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döretmäge;

16) ýeterlik esaslar bolanda jenaýat işini gozgamazdan öň hojalyk subýektleriniň maliýe-hojalyk işine barlaglar geçirmek barada degişli gözegçilik edaralaryndan towakga etmäge;

17) dessin-agtaryş çärelerini geçirmegiň netijelerini beýan edýän materiallary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli döwlet edaralaryna geçirmäge.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde göz öňünde tutulan hukuklar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edaralaryna degişli edilmeýär.

3. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adamlar barada şu meseleler boýunça çözgüt çykarmak üçin zerur bolan maglumatlary ýygnamaga hem haklydyr:

1) döwlet syrlaryny düzýän maglumatlara ygtyýar bermek hakynda;

2) adamlaryň jany we saglygy üçin, şeýle hem daşky gurşaw üçin ýokary howplulygy bolan, strategik we goralyp saklanýan desgalary ulanmak we goramak bilen bagly işlere ygtyýar bermek hakynda;

3) dessin-agtaryş işine gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda;

4) adam bilen gizlin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we saklamak hakynda;

5) dessin-agtaryş çärelerini taýýarlamakda we geçirmekde ýardam etmek bilen baglylykda;

6) dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň, şol edaralaryň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda.

4. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde bildirýän kanuny talaplary şeýle talaplar bildirilen fiziki we ýuridik şahslaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmanydyr.

5. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmezlik ýa-da ony kanuna laýyklykda amala aşyrmaga pasgel bermek Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

 

10-njy madda. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärleriniň jogapkärçiligi

 

1. Dessin-agtaryş çärelerini geçirenlerinde hukuga garşy hereketlere ýol beren dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

2. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň hereketleri bilen ýetirilen zyýanyň öwezi olar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar.

 

III BAP. DESSIN-AGTARYŞ ÇÄRELERINI GEÇIRMEK

 

11-nji madda. Dessin-agtaryş çäreleri

 

1. Şu Kanunyň 4-nji maddasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini başga ýol bilen üpjün edip bolmajak bolsa, diňe şonda dessin-agtaryş çäreleri geçirilýär.

2. Dessin-agtaryş işi amala aşyrylanda şu dessin-agtaryş çäreleri geçirilýär:

1) adamlardan soraşmak;

2) soraşma ýöretmek;

3) hukuga garşy etmişleriň yzlaryny ýüze çykarmak, aýan däl berkitmek we almak, olary deňeşdirip barlamak;

4) gözegçilikli satyn almak;

5) gözegçilikli ibermek;

6) resminamalary we närseleri barlamak;

7) synlamak;

8) şahsyýeti meňzeş hasaplamak;

9) dessin girip görmek;

10) poçta ugratmalaryna, telegraf we beýleki habarlara gözegçilik etmek;

11) gepleşikleri aýan däl diňlemek we ýazgy etmek;

12) telefony ýa-da gaýry gepleşik serişdelerini peýdalanmak bilen edilýän gepleşikleri diňlemek we ýazgy etmek;

13) abonentleriň we (ýa-da) abonent enjamlarynyň arasyndaky baglanyşyklar barada maglumatlary almak;

14) aragatnaşygyň tehniki kanallaryndan, kompýuter ulgamlaryndan we gaýry tehniki serişdelerden maglumatlary almak;

15) maglumatlary bikanun alýan enjamlary gözlemek;

16) dessin aralaşmak;

17) aragatnaşyk ulgamlaryndan dessin gözlemek;

18) dessin synag.

3. Dessin-agtaryş çäreleriniň getirilen sanawy gutarnyklydyr we diňe kanun arkaly ol üýtgedilip ýa-da oňa goşmaça girizilip bilner.

4. Dessin-agtaryş çärelerini geçirmegiň barşynda kino- we foto surata düşürmeler, wideo- we audioýazgylar amala aşyrylyp, maglumatlar ulgamyndan, şeýle hem adamlaryň janyna we saglygyna, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän tehniki we beýleki serişdelerden peýdalanylyp bilner.

5. Dessin-agtaryş çäreleri guralanda we geçirilende dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärleri wezipeli adamlaryň we ylym, tehnika we gaýry ugurlarda ýörite bilimli hünärmenleriň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň öz razylyklary bilen aýan we aýan däl esaslarda berýän kömeginden peýdalanmak bilen hut özleriniň gatnaşmagynda dessin-agtaryş çäreleriniň wezipelerini çözýärler.

6. Şu Kanun tarapyndan ygtyýarly edilmedik fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan dessin-agtaryş çärelerini geçirmek we maglumatlary aýan däl almak üçin niýetlenen ýörite we gaýry tehniki serişdeleri peýdalanmak gadagan edilýär.

 

12-nji madda. Dessin-agtaryş çärelerini geçirmek üçin esaslar

 

1. Şular dessin-agtaryş çärelerini geçirmek üçin esas bolup durýar:

1) gozgalan jenaýat işiniň bar bolmagy;

2) dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edara tarapyndan şu maglumatlaryň alynmagy:

a) jenaýat işini gozgamak barada meseläni çözmek üçin ýeterlik maglumatlar bolmazdan hukuga garşy etmişleriň taýýarlanylýanlygynyň, edilýänliginiň ýa-da edilenliginiň alamatlary, şeýle hem jenaýat etmäge taýýarlanýan, ony edýän ýa-da eden adamlar barada;

b) Türkmenistanyň milli bähbitleriniň bozulmagyna, milli howpsuzlyga wehim salynmagyna getirýän wakalar, hereketler (hereketsizlikler) ýa-da şeýle şertlere, sebäplere we hereketlere getirýän ýagdaýlaryň bar bolmagy barada;

ç) kazyýetden ýa-da jenaýat yzarlaýyş edaralaryndan gizlenýän, hökümi ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan adamlar barada;

d) nam-nyşansyz ýiten adamlar we ýüze çykarylan tanalmadyk jesetler barada;

e) daşary ýurt döwletleriniň ýörite gulluklarynyň, guramalaryň we aýry-aýry adamlaryň Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna kast etmäge gönükdirilen razwedka hem-de şol häsiýetli beýleki hereketleri barada;

3) önümçiliginde bolan jenaýat işleri boýunça sülçiniň beren ýazmaça tabşyrygy, prokuroryň görkezmesi we kazyýetiň kesgitnamasy;

4) dessin-agtaryş işiniň kanunylygyna gözegçiligi amala aşyrmagyň barşynda prokuroryň beren ýazmaça görkezmeleri;

5) jenaýat işi boýunça kazyýetde işi seredilýäni, raýat işi boýunça jogap berijini we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça bergidary agtaryş hakynda kazyýetiň çözgütleri;

6) şu maddada görkezilen esaslar boýunça dessin-agtaryş işini amala aşyrýan beýleki edaralaryň haýyşlary;

7) dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň karary;

8) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň, şol sanda hukuk kömegini bermek barada şertnamalarynyň esasynda halkara hukuk goraýjy guramalarynyň, daşary ýurt döwletleriniň hukuk goraýjy edaralarynyň we ýörite gulluklarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň ýüz tutmalary.

2. Pul serişdeleri we gaýry emläk jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynyň netijesinde alnan diýmäge esas bar bolanda ol pullaryň we gaýry emlägiň gelip çykyşynyň kanunylygyny anyklamak üçin dessin-agtaryş çäreleri geçirilýär.

3. Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda iberilen haýyşlar bar bolanda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu meseleler boýunça çözgüt çykarmak üçin zerur bolan maglumatlary tapyp almak maksady bilen dessin-agtaryş çärelerini geçirýärler:

1) eger Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda döwlet wezipelerine dalaş edýän ýa-da olary eýeleýän raýatlaryň girdejileri barada maglumatlary barlamagyň başga tertibi bellenilmedik bolsa, görkezilen maglumatlaryň hakykylygy we dolulygy barada;

2) eger Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda eýeleýän wezipeleri boýunça işiniň häsiýeti we ony ýerine ýetirmegiň şertleri bilen baglylykda gadaganlyklar we çäklendirmeler bellenilen döwlet gullukçylary tarapyndan bähbitleriň çaknyşygynyň öňüni almak ýa-da düzgünleşdirmek hakynda we olaryň borçlaryny ýerine ýetirmegi hakynda Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen talaplaryň berjaý edilişini barlamagyň başga tertibi bellenilmedik bolsa, görkezilen adamlaryň şol gadaganlyklary we çäklendirmeleri, bähbitleriň çaknyşygynyň öňüni almagy ýa-da düzgünleşdirmegi we olaryň borçlaryny ýerine ýetirmegi hakynda talaplaryň berjaý edilişi barada.

4. Dessin-agtaryş çärelerini geçirmek üçin görkezilen esaslar gutarnyklydyr we diňe kanun arkaly olar üýtgedilip ýa-da olara goşmaça girizilip bilner.

(2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

13-nji madda. Dessin-agtaryş çärelerini geçirmegiň şertleri

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu Kanunyň 12-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar bar bolanda aýry-aýry adamlaryň raýatlygy, milleti, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk hem wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ygtykady, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi olar babatda Türkmenistanyň çäginde dessin-agtaryş çärelerini geçirmek üçin päsgelçilik bolup bilmeýär.

2. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen hat-habarlaryň, telefon hem-de elektrik we poçta aragatnaşyk ulgamlary tarapyndan iberilýän gaýry habarlaryň syrlaryna, şeýle hem ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligine galtaşýan dessin-agtaryş çäreleriniň geçirilmegine diňe prokuroryň sanksiýasy bilen agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlary taýýarlaýan, olara kast edýän, olary edýän ýa-da eden adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň milli bähbitleriniň bozulmagyna, milli howpsuzlyga wehim salynmagyna getirýän wakalar ýa-da hereketler (hereketsizlikler) barada maglumatlary ýygnamak üçin ýol berilýär.

3. Gaýragoýulmasyz we agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlaryň edilmegine getirip biljek halatlarda, şeýle hem Türkmenistanyň milli bähbitleriniň bozulmagyna, milli howpsuzlyga wehim salynmagyna getirýän wakalar ýa-da hereketler (hereketsizlikler) barada maglumatlar bar bolanda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan degişli edaranyň ýolbaşçylarynyň biriniň delillendirilen karary esasynda bu barada 24 sagadyň dowamynda prokurory hökmany habarly etmek bilen şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan dessin-agtaryş çäreleriniň geçirilmegine ýol berilýär. Dessin-agtaryş çäresiniň geçirilip başlanan pursadyndan 48 sagadyň dowamynda ony amala aşyrýan edara şeýle dessin-agtaryş çäresini geçirmäge prokurordan sanksiýa almaga ýa-da onuň geçirilmegini bes etmäge borçludyr.

Şu düzgünler kazylar babatda dessin-agtaryş çäreleri amala aşyrylanda ulanylmaýar. Kazylar babatda dessin-agtaryş çäreleri diňe prokuroryň sanksiýasy bilen geçirilip bilner.

4. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döwlet wezipesine bellenilýän adam we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adalatçy ýa-da onuň orunbasary babatda şu Kanunyň 11-nji maddasynyň ikinji böleginiň 9–14-nji bentlerinde görkezilen dessin-agtaryş çäreleri Türkmenistanyň Prezidentiniň deslapky razylygy esasynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň sanksiýasy bilen geçirilip bilner, muňa görkezilen döwlet wezipelerini eýeleýän adamlar babatda jenaýat işi gozgalan ýa-da beýleki adamlar babatda ýa-da edilen jenaýatyň hakyky wakasy boýunça gozgalan jenaýat işi boýunça olaryň güman edilýän ýa-da aýyplanýan hökmünde jogapkärçilige çekilen halatlary girmeýär.

5. Aýry-aýry adamlaryň janyna, saglygyna, eýeçiligine howp abanýan halatynda olaryň arzalary ýa-da ýazmaça razylyklary boýunça telefony ýa-da gaýry gepleşik serişdelerini peýdalanmak bilen edilýän gepleşikleri diňlemek we ýazgy etmek dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan kararyň esasynda 48 sagadyň dowamynda prokurory hökmany ýazmaça habarly etmek bilen ýol berilýär.

6. Dessin-agtaryş çärelerini geçirmäge sanksiýa alnanda prokurora görnüşi we mazmuny boýunça dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän ýa-da eden adamlarynyň we aýan däl işgärleriniň ýüze çykarylmagyny aradan aýyrýan olary geçirmek üçin esas bolan materiallar berilýär.

Dessin-agtaryş çäresini geçirmegiň netijeleri barada ony geçirmäge sanksiýa beren prokuror habarly edilýär.

7. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ylalaşyp, ygtyýarlyklarynyň çäklerinde azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde dessin-agtaryş çärelerini geçirmäge haklydyrlar.

8. Poçta ugratmalaryna, telegraf we beýleki habarlara gözegçilik etmek, aragatnaşyk hyzmatlaryny edýän we serişdelerini berýän fiziki we ýuridik şahslaryň stansiýasyna goşulmak bilen telefony ýa-da gaýry gepleşik serişdelerini peýdalanmak bilen edilýän gepleşikleri diňlemek we ýazgy etmek, şeýle hem aragatnaşygyň tehniki kanallaryndan, kompýuter ulgamlaryndan we gaýry tehniki serişdelerden maglumatlary almak bilen bagly dessin-agtaryş çäreleri şu Kanunyň 7-nji maddasynyň birinji böleginde sanalyp geçilen hemme edaralaryň wezipelerini çözmegiň bahbitlerine tehniki taýdan Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary tarapyndan amala aşyrylýar, munuň üçin olara zerur güýçler we serişdeler bölünip berilýär.

9. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň öz howpsuzlygyny, şeýle hem olaryň öz işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň, ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň şahsy howpsuzlygyny we emläginiň abat saklanmagyny üpjün edýän dessin-agtaryş çäreleri şol dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan tertipde geçirilýär.

10. Dessin-agtaryş çärelerini geçirmäge hukugy bolan gulluklaryň, bölünmeleriň we işgärleriň toparlarynyň sanawy dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenýär.

11. Dessin-agtaryş çärelerini geçirmegiň guralyşy, taktikasy, güýçleri, serişdeleri, obýektleri, usullary we meýilnamalary döwlet syryny düzýär.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

14-nji madda. Aýry-aýry dessin-agtaryş çärelerini geçirmegiň aýratynlyklary

 

1. Poçta ugratmalaryna, telegraf we beýleki habarlara gözegçilik etmek, gepleşikleri aýan däl diňlemek we ýazgy etmek, telefony ýa-da gaýry gepleşik serişdelerini peýdalanmak bilen edilýän gepleşikleri diňlemek we ýazgy etmek, ýaşaýyş jaýlaryny barlamak, neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we olaryň prekursorlaryny gözegçilikli satyn almak we gözegçilikli ibermek dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçylarynyň biriniň delillendirilen karary boýunça we diňe prokuroryň sanksiýasy bilen ýa-da kazyýetiň karary boýunça amala aşyrylýar.

Şunda ýaşaýyş jaýlarynyň barlanylmagyna aýratyn halatlarda we diňe Türkmenistanyň Baş prokurorynyň, onuň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň prokurorlarynyň we harby prokurorlaryň sanksiýasy bilen ýol berilýär.

2. Türkmenistanyň howpsuzlygyny üpjün etmek, daşary ýurt döwletleriniň ýörite gulluklarynyň, guramalaryň we aýry-aýry adamlaryň razwedkaçylyk-ýykgynçylykly kast etmelerini, şeýle hem terrorçylygy we ekstremizmi ýüze çykarmak, duýdurmak we öňüni almak maksady bilen diňe razwedkaçylyk we kontrrazwedkaçylyk maglumatlary almak üçin şu maddanyň birinji böleginde sanalyp geçilen dessin-agtaryş çäreleri Türkmenistanyň Baş prokurory bilen ylalaşylan tertipde amala aşyrylyp bilner.

3. Poçta ugratmalaryna, telegraf we beýleki habarlara gözegçilik etmek, telefony ýa-da gaýry gepleşik serişdelerini peýdalanmak bilen edilýän gepleşikleri diňlemek we ýazgy etmek diňe agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlary etmekde güman edilýän ýa-da aýyplanýan adamlar, şeýle hem görkezilen jenaýatlar barada maglumatlar bolup biljek adamlar babatda ýol berilýär. Bu dessin-agtaryş çäresini geçirmegiň netijesinde alnan ses ýazgylary, wideo ýazgylar, şekiller we beýleki elektron görnüşdäki maglumatlar, şeýle hem içinde ýokarda görkezilen maglumatlar ýüze çykarylan kompýuter tehniki serişdeleri we dürli görnüşli maglumat göterijiler olaryň keseki adamlar tarapyndan diňlenilmeginiň we göçürilmeginiň, nusgasynyň alynmagynyň we ýok edilmeginiň mümkinçiligini aradan aýyrýan şertlerde möhürlenen görnüşde saklanýar.

4. Görkezilen adamlar babatda jenaýat işi gozgalan halatynda telefony ýa-da gaýry gepleşik serişdelerini peýdalanmak bilen edilýän gepleşikleri diňlemek we ýazgy etmek şu Kanuna laýyklykda geçirilýär.

Zerurlyk bolan halatynda gepleşikleriň ýazgylary, aragatnaşygyň tehniki kanallaryndan, kompýuter ulgamlaryndan we gaýry tehniki serişdelerden alnan maglumatlar resmileşdirilip, maddy subutnama hökmünde jenaýat işine goşmak üçin deslapky derňew edaralaryna geçirilip bilner. Bu ýagdaýda olaryň mundan beýläk peýdalanylmagy Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

5. Erkin dolanyşygy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen närseleriň, maddalaryň we önümleriň (neşe serişdelerinden, psihotrop maddalardan we olaryň prekursorlaryndan başga) gözegçilikli satyn almagy we gözegçilikli ibermegi 48 sagadyň dowamynda prokurory hökmany ýazmaça habarly etmek bilen dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan kararyň esasynda geçirilýär. Şol bir adam babatda şol bir jenaýatyň alamatlary barada maglumatlaryň esasynda (şol sanda dessin-agtaryş çärelerini geçirmegiň möhleti tamamlanmadyk bolsa) gözegçilikli satyn almagy gaýtadan geçirmäge diňe prokuroryň sanksiýasy esasynda ýol berilýär.

6. Dessin synagyň geçirilmegine agyr, aýratyn agyr jenaýatlary ýa-da Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna zyýan ýetirilmegine getirip biljek jenaýatlary duýdurmak, ýüze çykarmak, öňüni almak, şeýle hem olary taýýarlaýan, edýän ýa-da eden adamlary ýüze çykarmak we anyklamak maksatlary bilen we diňe dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan we prokuror tarapyndan sanksiýa berlen kararyň esasynda ýol berilýär. Şol bir adam babatda şol bir jenaýatyň alamatlary barada maglumatlaryň esasynda (şol sanda dessin-agtaryş çärelerini geçirmegiň möhleti tamamlanmadyk bolsa) dessin synagyň gaýtadan geçirilmegine diňe ýokarda durýan prokuroryň sanksiýasy bilen ýol berilýär, muňa dessin synagyň Türkmenistanyň Baş prokurorynyň sanksiýasy bilen geçirilýän halatlary girmeýär.

7. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň işgärini ýa-da ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamy dessin aralaşdyrmak diňe olaryň özleriniň razylygy we dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň ýolbaşçylarynyň rugsat bermegi bilen dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan kararyň esasynda geçirilýär.

8. Şu Kanunyň 9-njy maddasynyň üçünji böleginiň 1-5-nji bentlerinde görkezilen çözgütleri çykarmak zerur bolan adamlar babatda maglumatlar ýygnalanda şu Kanunyň 11-nji maddasynyň ikinji böleginiň 5-nji, 9-14-nji, 16-njy we 18-nji bentlerinde görkezilen dessin-agtaryş çäreleriniň geçirilmegi gadagan edilýär.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

15-nji madda. Daşary ýurt maýa goýumlary amala aşyrylanda dessin-agtaryş çärelerini geçirmegiň aýratynlyklary

 

Daşary ýurt maýadary ýa-da daşary ýurt maýadarynyň girýän şahslaryň topary tarapyndan Türkmenistanyň hojalygy ýörediji subýektleriniň üstünden gözegçilik bellenilmegini, şeýle hem daşary ýurt maýadarynyň we üçünji şahslaryň arasynda şeýle gözegçiligi bellemäge gönükdirilen ylalaşyklaryň ýa-da ylalaşykly hereketleriň barlygyny kesgitlemek maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara şu Kanunyň 11-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan dessin-agtaryş çärelerini geçirmegi tabşyrmaga haklydyr.

 

16-njy madda. Dessin barlagy geçirmek

 

1. Şu Kanunyň 12-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar bar bolanda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň dessin barlagy geçirmäge hukugy bardyr.

2. Dessin barlagy ony amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçylarynyň rugsady bilen we olaryň gözegçiliginde geçirilýär. Ony geçirmegiň hakyky wakasy hökmany bellige alynmaga degişlidir. Dessin-agtaryş çäreleriniň netijeleri dessin-gulluk resminamalarda beýan edilýär we ulgamlaşdyrylýar.

 

17-nji madda. Dessin-agtaryş çäreleri geçirilende resminamalary, närseleri, materiallary we habarlary almagyň tertibi

 

1. Aýan dessin-agtaryş çäreleri geçirilende resminamalar, närseler, materiallar we habarlar alnan halatynda almagy amala aşyrýan adam Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda teswirnama düzýär.

2. Eger aýan dessin-agtaryş çäreleri geçirilende resminamalar ýa-da maglumatlaryň elektron göterijileri alynýan bolsa, onda resminamalaryň olary alýan wezipeli adam tarapyndan tassyklanýan nusgalary taýýarlanýar ýa-da alnan maglumatlaryň elektron göterijileriniň kanuny eýeleriniň ýa-da olarda bar bolan maglumatlaryň eýeleriniň towakganamasy boýunça alynýan elektron göterijilerde bar bolan maglumatlar alnan maglumatlaryň elektron göterijileriniň kanuny eýeleri ýa-da olarda bar bolan maglumatlaryň eýeleri tarapyndan berlen başga maglumatlaryň elektron göterijilerine nusga edilýär.

3. Resminamalaryň nusgalary ýa-da alnan maglumatlaryň nusgalaryny öz içine alýan maglumatlaryň elektron göterijileri bu resminamalar alnan adama ýa-da alnan maglumatlaryň elektron göterijileriniň kanuny eýelerine ýa-da olarda bar bolan maglumatlaryň eýelerine berilýär, bu barada teswirnamada ýazgy edilýär.

4. Eger aýan dessin-agtaryş çäreleri geçirilende resminamalaryň nusgalaryny taýýarlamak ýa-da maglumatlaryň elektron göterijilerinden nusga etmek ýa-da resminamalary ýa-da maglumatlaryň elektron göterijilerini şol bir wagtda bermek mümkin bolmadyk halatynda, alnan maglumatlaryň nusgalaryny öz içine alýan resminamalaryň ýa-da maglumatlaryň elektron göterijileriniň tassyklanan nusgalary olar alnandan soň bäş günüň dowamynda görkezilen wezipeli adam tarapyndan bu resminamalar alnan adama ýa-da alnan maglumatlaryň elektron göterijileriniň kanuny eýelerine ýa-da olarda bar bolan maglumatlaryň eýelerine berilýär, bu barada teswirnamada ýazgy edilýär.

5. Resminamalaryň ýa-da alynýan maglumatlaryň elektron göterijilerinde bar bolan maglumatlaryň nusgasy alnanda resminamalaryň ýa-da maglumatlaryň ýitirilmek ýa-da üýtgedilmek mümkinçiligini aradan aýyrýan şertler üpjün edilmelidir. Eger-de dessin-agtaryş işi amala aşyrylanda bu şertler üpjün edilip bilinmese, resminamalaryň ýa-da alynýan maglumatlaryň elektron göterijilerinde bar bolan maglumatlaryň nusgasynyň alynmagyna ýol berilmeýär.

6. Resminamalaryň nusgalary teswirnamada görkezilen ýuridik şahsyň ýerleşýän ýeriniň salgysy ýa-da fiziki şahsyň ýaşaýan ýeriniň salgysy boýunça iberilýär.

 

18-nji madda. Dessin-agtaryş işiniň netijelerini peýdalanmak we dessin-agtaryş işi barada maglumatlary goramak

 

1. Dessin-agtaryş işiniň netijeleri derňew we kazyýet hereketlerini taýýarlamak we amala aşyrmak, jenaýatlary duýdurmak, olaryň üstüni açmak, öňüni almak, olary taýýarlaýan, edýän ýa-da eden adamlary ýüze çykarmak we anyklamak, şeýle hem kazyýetden ýa-da jenaýat yzarlaýyş edaralaryndan gizlenýän, hökümi ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan adamlary, raýat işleri boýunça jogap berijileri, bergidarlary we nam-nyşansyz ýiten adamlary, muzdsuz almaga degişli emlägi agtaryşy amala aşyrmak üçin peýdalanylyp bilner.

2. Dessin-agtaryş işiniň netijeleri jenaýat işini gozgamak üçin delil we esas bolup hyzmat edip, jenaýat işi ýa-da jenaýat hakynda habarlary barlamagyň materiallary önümçiliginde bolan jenaýat yzarlaýyş edaralaryna ýa-da kazyýete berlip, şeýle hem subutnamalary ýygnamagy, barlamagy we olara baha bermegi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynyň düzgünlerine laýyklykda jenaýat işleri boýunça subut etmekde we şu Kanunda bellenilen beýleki halatlarda peýdalanylyp bilner.

3. Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynyň düzgünlerine we talaplaryna laýyklykda barlanylýança we berkidilýänçä dessin-agtaryş çäreleriniň netijeleri hiç hili hukuk netijelerine etlmeýär hem-de fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň çäklendirilmegi üçin esas bolmaýar, muňa jenaýatyň duýdurylmagy we öňüniň alynmagy boýunça geçirilýän çäreler girmeýär.

4. Dessin-agtaryş işiniň netijeleri Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik boýunça ygtyýarlyklar durmuşa geçirilende peýdalanmak üçin salgyt edaralaryna iberilip bilner.

5. Dessin-agtaryş işiniň netijelerini jenaýat yzarlaýyş edaralaryna, salgyt edaralaryna ýa-da kazyýete bermek dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçysynyň karary esasynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

6. Dessin-agtaryş işiniň netijeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde barlanylandan soň şu Kanunyň 4-nji maddasynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri ýerine ýetirmekde peýdalanylyp bilner.

7. Degişli maglumatlar ýygnalanda alnan dessin-agtaryş işiniň netijeleri şu Kanunyň 9-njy maddasynyň üçünji böleginiň 1–5-nji bentlerinde sanalyp geçilen çözgütler çykarylanda hasaba alynýar.

8. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda dessin-agtaryş işini guramak, döwlet ýa-da gulluk syryny düzýän maglumatlary almagyň anyk dessin-agtaryş çäreleri, çeşmeleri we usullary barada maglumatlar, şeýle hem adamyň we raýatyň şahsy durmuşyna, namysyna we mertebesine galtaşýan maglumatlar aýan edilmäge degişli däldir.

9. Gulluk boýunça borçlaryny ýerine ýetirenlerinde özlerine mälim bolan adamlar tarapyndan dessin-agtaryş işi barada maglumatlaryň aýan edilendigi üçin olar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

19-njy madda. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň bilelikde hereket etmegi

 

1. Türkmenistanyň dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralarynyň bilelikde hereket etmegi we bu edaralaryň her biriniň ygtyýarlyklaryna degişli bolan jenaýatlaryň taýýarlanýanlygy, edilýänligi ýa-da edilenligi barada mälim bolan hakyky wakalary birek-birege habar bermegi üpjün etmek bilen olar dessin-agtaryş işini özbaşdak amala aşyrýarlar we öz öňlerinde durýan wezipeleri çözmek üçin birek-birege zerur kömegi berýärler.

2. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar beýleki ýurtlaryň çäklerinde dessin agtaryş çärelerini Türkmenistanyň degişli halkara şertnamalarynyň esasynda şu Kanunda, şeýle hem ol döwletleriň kanunçylygynda bellenilen tertipde we çäklerde bilelikde hereket edýärler we geçirýärler.

3. Daşary ýurt döwletleriniň edaralaryna Türkmenistanyň çäginde dessin-agtaryş işini amala aşyrmak gadagan edilýär. Aýratyn halatlarda Türkmenistanyň aýry-aýry dessin-agtaryş çärelerini geçirmäge hukuk beren daşary ýurt döwletleriniň edaralary Türkmenistanyň degişli edaralary bilen bilelikde hereket etmek arkaly şu Kanunda, halkara şertnamalarynda bellenilen tertipde we çäklerde dessin-agtaryş çärelerini amala aşyrýarlar.

4. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň halkara hukuk goraýjy guramalary bilen bilelikde hereket etmegi Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna, şol sanda hukuk kömegini bermek barada şertnamalara laýyklykda we şu Kanunda bellenilen kadalaryň çäginde amala aşyrylýar.

 

20-nji madda. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara ýardam etmek

 

1. Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, harby bölümleriniň, birikmeleriniň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wezipeli adamlary we beýleki işgärleri şu Kanunyň 4-nji maddasynda göz öňünde tutulan wezipeleri çözmekde dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara ýardam etmäge borçludyrlar we görkezilen edaralara ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dessin-agtaryş işini amala aşyrmaga päsgel bermäge haky ýokdur.

2. Ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamlar dessin-agtaryş çärelerini taýýarlamagyň we geçirmegiň barşynda özlerine mälim bolan maglumatlary gizlinlikde saklamaga borçludyrlar we görkezilen edaralara görnetin ýalan maglumatlary bermeli däldirler. Şeýle maglumatlaryň aýan edilenligi we görnetin ýalan maglumatlaryň berlenligi üçin olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

3. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar kämillik ýaşyna ýeten kämillik ukyply adamlar bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama baglaşyp bilerler. Şertnamanyň görnüşi, şertleri we hereket ediş möhleti dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar tarapyndan keçgitlenýär.

 

21-nji madda. Dessin-agtaryş işini maglumatlaýyn üpjün etmek we resmileşdirmek

 

1. Şu Kanunyň 4-nji maddasynda göz öňünde tutulan wezipeleri çözmek üçin dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar dessin hasaplary we maglumatlar ulgamyny döredip we peýdalanyp, şeýle hem dessin hasap işini açyp bilerler.

2. Maglumatlary toplamak we ulgamlaşdyrmak, dessin-agtaryş çäreleriniň netijelerini barlamak we baha bermek, şeýle hem olaryň esasynda degişli çözgütleri kabul etmek maksatlary bilen şu Kanunyň 12-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar bar bolanda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar tarapyndan dessin hasaplarda we maglumatlar ulgamynda maglumatlary ýygnamak, şeýle hem dessin hasap işini açmak amala aşyrylýar.

3. Dessin hasaplary we maglumatlar ulgamyny, şeýle hem dessin hasap işini döretmegiň we peýdalanmagyň tertibi dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.

4. Dessin hasap işiniň açylmagy adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem kanuny bähbitleriniň çäklendirilmegi üçin esas bolmaýar.

 

22-nji madda. Dessin-agtaryş işini çäklendirmek

 

Dessin-agtaryş işi amala aşyrylanda şular gadagan edilýär:

1) şu Kanunda göz öňünde tutulan esaslar bolmazdan dessin-agtaryş çärelerini amala aşyrmak;

2) bialaç zerurlyk we zerur goranyş halatlaryndan başga ýagdalarda raýatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň janyna, saglygyna we emlägine howp döredýän hereketleri etmek;

3) raýatlaryň we wezipeli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini çäklendirýän zorluk etmegi, gorkuzmagy, haýbat atmak we gaýry bikanun hereketleri peýdalanmak;

4) raýatlary göni ýa-da gytaklaýyn görnüşde hukuga garşy hereketleri etmäge meçew bermek, yrmak, meýilli etmek (öjükdirmek);

5) şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna we olaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine galtaşýan we dessin-agtaryş çäreleri geçirilende mälim bolan maglumatlary aýan etmek, muňa Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär;

6) raýatlary öz-özüne we ýakyn garyndaşlaryna garşy düşündiriş bermäge mejbur etmek;

7) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Adalatçy ýa-da onuň orunbasary, häkimler, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary, kazylar we prokurorlar bilen ýaşyryn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem dessin-agtaryş çäreleri özi babatda amala aşyrylýan adamyň lukmançylyk işgärleriniň özüni bejerdýän syrkawy, ruhanylaryň ýanynda toba eden adamy we adwokatlaryň müşderisi bolan halatynda olary şol hereketleri ýerine ýetirmäge çekmek;

8) haýsydyr bir syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we dini guramalaryň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bähbitlerine hereketler etmek;

9) döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem bellenilen tertipde bellige alnan syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň we gaýry jemgyýetçilik birleşikleriniň kanuny işiniň häsiýetine täsir etmek maksatlary bilen olaryň işine aýan däl gatnaşmak;

10) ýörite ygtyýarly edilmedik edaralar, bölünmeler we wezipeli adamlar tarapyndan dessin-agtaryş işini amala aşyrmak;

11) dessin-agtaryş işi geçirilende psihiki taýdan näsag adamlary we kämillik ýaşyna ýetmedikleri peýdalanmak;

12) dessin-agtaryş çäreleriniň netijelerini galplaşdyrmak, şonuň ýaly-da görnetin nädogry ýa-da ýalan maglumatlary peýdalanmak.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

23-nji madda. Dessin-agtaryş çärelerini bes etmegiň esaslary

 

1. Dessin-agtaryş çäreleri şu halatlarda bes edilýär:

1) çözmek üçin olary geçirmek göz öňünde tutulan wezipeler ýerine ýetirilende:

2) öňde goýlan wezipeleri çözmäge obýektiw taýdan mümkinçiligiň ýokdugyna şaýatlyk edýän ýagdaýlar anyklanylanda;

3) barlanýan şahsy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça jogapkärçilige çekmegi aradan aýyrýan ýagdaýlar ýüze çykarylanda;

4) dessin-agtaryş işi amala aşyrylanda kanunyň, adamyň we raýatyň hukuklarynyň bozulmalary ýüze çykarylan halatynda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan ýokarda durýan edaranyň, prokuroryň karary ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça.

2. Dessin-agtaryş çärelerini geçirmegi bes etmek hakynda öz wagtynda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edara tarapyndan karar çykarylýar.

 

IV BAP. DESSIN-AGTARYŞ IŞINIŇ SUBÝEKTLERINIŇ DURMUŞ WE HUKUK TAÝDAN GORALYŞY

 

24-nji madda. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärleriniň durmuş we hukuk taýdan goralyşy

 

1. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde häkimiýetiň wekilleridir we döwletiň goragynda durýarlar. Ol işgärlere işleýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň hukuk we durmuş kepillikleri degişlidir. Işiň özboluşly aýratynlyklaryny hasaba almak bilen dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärlerine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän goşmaça ýeňillikler berlip bilner.

2. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärleri özleriniň gulluk işinde kanunyň talaplaryny goldanýarlar we syýasy partiýalaryň we syýasy maksat tutýan gaýry jemgyýetçilik birleşikleriniň çözgütleri bilen baglanyşykly däldirler.

3. Dessin-agtaryş işini amala aşyrmaga ygtyýarly işgärler dessin-agtaryş çärelerini geçirmegiň barşynda gös-göni we göni ýolbaşçysyna, şeýle hem öz edarasynyň ýolbaşçylaryna tabyndyr. Kanun arkaly göni ygtyýarly edilen adamlardan başga hiç kimiň dessin-agtaryş işini amala aşyrýan işgärleriň we edaralaryň kanuny hereketine gatyşmaga haky ýokdur. Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän buýrugy ýa-da görkezmäni alanlarynda olar kanuny goldanmaga borçludyrlar.

4. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň ýolbaşçylary öz işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň şahsy howpsuzlygyny, emläginiň abat saklanmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.

5. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň wezipeli adamlary şu edaralaryň işgärleridir we olar özüniň wezipe we gulluk ýagdaýy boýunça dessin-agtaryş çärelerini taýýarlamagy we geçirmegi amala aşyrýarlar. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň wezipeli adamlaryna olaryň işleýän edaralarynyň işgärleriniň hukuk we durmuş kepillikleri degişlidir.

6. Gulluk borçlaryny ygtybarly ýerine ýetirmek maksady bilen dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärlerine ýörite hünär taýýarlygy, hünär derejesini ýokarlandyrmagy we lukmançylyk hyzmatlary üçin zerur şertler döredilýär.

7. Dessin-agtaryş işlerini amala aşyrýan edaranyň işgäri ýa-da ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adam tarapyndan özleriniň gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilmegi bilen raýatlaryň jany we saglygy, olaryň hukuklary we kanuny bähbitleri goralanda, şeýle hem jenaýatçylykly kast etmelerden jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kanun tarapyndan goralýan bähbitlere mejbury zyýan ýetirilmegine ýol berlip bilner.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

25-nji madda. Ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň durmuş we hukuk taýdan goralyşy

 

1. Ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamlar döwletiň goragynda durýarlar.

Görkezilen adamlara döwlet dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuklar we ýeňillikler kepillendirýär.

2. Ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara ýardam etmek boýunça işi bilen baglylykda, olaryň we olaryň maşgala agzalarynyň janyna, saglygyna ýa-da emlägine hukuga garşy kast edilmegine hakyky howp ýüze çykanda bu edaralar hukuga garşy hereketleriň öňüni almak, günäkärleri anyklamak we olary jagapkärçilige çekmek boýunça ähli zerur çäreleri, şeýle hem zerurlyk bolan halatynda olary goramak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýörite çäreleri görmäge borçludyrlar.

3. Agyr netijelere getirmedik hukuga garşy etmişi eden jenaýatçylykly toparyň agzasy bolan we ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk etmäge çekilen, jenaýaty açmaga işjeň ýardam eden, ýetirilen zyýanyň öwezini dolan ýa-da başga görnüşde ýetirilen zyýany düzeden adam Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

4. Ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk etmäge çekilen adamlar barada maglumatlar döwlet syrlary bolup durýar we diňe bu adamlaryň özleriniň ýazmaça razylygy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göni göz öňünde tutulan beýleki halatlarda aýanlyga berlip bilner.

5. Ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň salgyt salynmaýan we girdejiler barada maglumatlarda görkezilmeýän sylaglary we beýleki tölegleri almaga hukuklary bardyr.

6. Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar bilen şertnama boýunça tölegli esasda esasy işi hökmünde meşgul bolnup hyzmatdaşlyk edilen döwür bu adamlaryň iş döwrüne goşulýar. Olaryň pensiýa üpjünçiligine, aradan çykan halatlarynda bolsa, olaryň maşgalalarynyň we eklenjindäkileriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa almaga hukugy bardyr.

7. Ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamyň gatnaşmagy bilen bagly dessin-agtaryş çäreleri geçirilende onuň aradan çykan halatynda aradan çykanyň maşgalasyna we onuň eklenjindäkilere tölegli esasda hyzmatdaşlyk eden aradan çykan adam üçin dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärleriniň on ýyllyk iň pes wezipe aýlygynyň möçberinde we eger aradan çykan tölegsiz esasda hyzmatdaşlyk eden bolsa, onda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen zähmete hak tölemegiň iň pes aýlyk möçberiniň on ýyllyk jeminiň möçberinde birwagtlaýyn kömek puly tölenýär.

8. Ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamyň gatnaşmagy bilen bagly dessin-agtaryş çäreleri geçirilende we onuň üçin mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligini aradan aýyrýan ýaralanmagyň, seňselemegiň ýa-da saglygyna gaýry zeper ýetmeginiň netijesinde synasyna şikes ýeten ol adama tölegli esasda hyzmatdaşlyk eden üçin dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň işgärleriniň bäş ýyllyk iň pes wezipe aýlygynyň möçberinde we tölegsiz esasda hyzmatdaşlyk eden üçin bolsa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen zähmete hak tölemegiň iň pes aýlyk möçberiniň bäş ýyllyk jeminiň möçberinde birwagtlaýyn kömek puly tölenýär.

Görkezilen adama Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde maýyplyk boýunça pensiýa bellenýär.

9. Şu maddanyň ýedinji we sekizinji böleklerinde göz öňünde tutulan zyýanyň öwezini dolmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenen tertipde dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.

 

V BAP. DESSIN-AGTARYŞ IŞINI MALIÝE WE MADDY-TEHNIKI TAÝDAN ÜPJÜN ETMEK

 

26-njy madda. Dessin-agtaryş işini maliýeleşdirmek

 

1. Dessin-agtaryş işini maliýeleşdirmek dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralary saklamaga gönükdirilýän Türkmenistanyň Döwlet býujetinden goýberilýän serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Maliýe serişdeleriniň harçlanylyşyna gözegçilik şol edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň oňa ýörite ygtyýarly edilen wekilleri tarapyndan amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

27-nji madda. Dessin-agtaryş işini maddy-tehniki taýdan üpjün etmek

 

1. Dessin-agtaryş işini maddy-tehniki taýdan üpjün etmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän beýleki maliýe çeşmeleriniň serişdelerinden amala aşyrylýar.

2. Maddy-tehniki serişdelere bolan isleg we olardan peýdalanmagyň tertibi dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenýär.

 

VI BAP. DESSIN-AGTARYŞ IŞINE GÖZEGÇILIK

 

28-nji madda. Dessin-agtaryş işiniň kanunylygyna gözegçilik

 

1. Dessin-agtaryş işi amala aşyrylanda kanunylygyň berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar amala aşyrýarlar.

2. Guramaçylykly jenaýatçylykly toparlara dessin aralaşdyrylan adamlar, dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň aýan däl işgärleri, şeýle hem ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän adamlar barada maglumatlar prokurora diňe görkezilen adamlaryň ýazmaça razylygy bilen berilýär, muňa olaryň jenaýat jogapkärçiligine çekilmeginiň talap edilýän halatlary girmeýär. Dessin-agtaryş çärelerini guramak, amala aşyrmagyň taktikasy, güýçleri, serişdeleri, obýektleri, tärleri, usullary, ýollary we meýilnamalary baradaky maglumatlar prokuror gözegçiliginiň mazmunyna girmeýär.

3. Prokuratura we kazyýet edaralarynyň ýolbaşçylary olara berilýän resminamalarda bar bolan maglumatlaryň goragyny üpjün edýärler. Bu maglumatlaryň goragynyň üpjün edilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

4. Dessin-agtaryş işi amala aşyrylanda prokuroryň kanunylygyň berjaý edilişine gözegçilik boýunça ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan kanuny talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

5. Dessin-agtaryş çäreleriniň resminamalary prokuror gözegçiligi amala aşyrylanda prokurora onuň ýazmaça talap etmegi boýunça şu Kanunda bellenilen tertipde berilmelidir.

 

29-njy madda. Pudaklaýyn gözegçilik

 

Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň ýolbaşçylary dessin-agtaryş çäreleri guralanda we geçirilende şu Kanunyň berjaý edilmegi üçin şahsy jogapkärçilik çekýärler.

 

30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanuna laýyk getirilýänçä ol güýje giren gününden şu Kanuna garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

3. Şu Kanun güýje giren gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky «Dessin-agtaryş işleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 21-nji madda);

2) 1997-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1997 ý, № 4, 48-nji madda);

3) 2003-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 2, 10-njy madda);

4) 2008-nji ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň VI bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 2, 24-nji madda);

5) 2009-njy ýylyň 2-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 25-nji madda);

6) 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky «Operatiw-agtaryş işleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 2-nji madda);

7) 2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky «Operatiw-agtaryş işleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 21-nji madda);

 8) 2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky «Operatiw-agtaryş işleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 114-nji madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                      Gurbanguly

    Prezidenti                                                         Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.

№ 136-V.