TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Auditorçylyk işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 139-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 09.06.2018 ý. № 41-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI we 17.04.2022 ý.

№ 468-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda auditorçylyk işiniň amala aşyrylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de auditorçylyk işi amala aşyrylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

1. Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) audit – maliýe hasabatlylygynda bar bolan maglumatlaryň ygtybarlylygynyň we dolulygynyň derejesini we onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýändigini kesgitlemek hem-de barlagyň maksady bolup durýan soraglar boýunça garaşsyz pikiri beýan etmek maksady bilen auditor, auditorçylyk guramasy tarapyndan ykdysadyýetiň subýektiniň maliýe-hojalyk işine geçirilýän barlag.

Maliýe hasabatlylygy diýlen düşünje buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda Türkmensitanyň kanunçylygynda kesgitlenilen manyda ulanylýar;

2) auditor – auditoryň hakyky hünär derejeli şahadatnamasy, auditorçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasy bolan we  Türkmenistanyň auditorlarynyň döwlet sanawynda bellige alnan fiziki şahs;

3) audit geçirilýän subýektler – özleri babatda audit geçirilýän ýa-da olara auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlar edilýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, daşary ýurt ýuridik şahslarynyň Türkmenistanda bellige alnan şahamçalary we wekilhanalary, Türkmenistanda salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy degişli bolmadyk ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar.

Türkmenistanda salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy degişli bolan ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň-hususy telekeçileriň auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlardan peýdalanmaga hukugy bardyr;

4) auditorçylyk guramasy – auditorçylyk işini amala aşyrmak üçin döredilen, auditorçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasy bolan we Türkmenistanyň auditorçylyk guramalarynyň döwlet sanawynda bellige alnan telekeçi ýuridik şahs;

5) аuditorçylyk işi – auditi amala aşyrmak we (ýa-da) auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlary etmek boýunça iş;

6) bähbitleriň gabat gelmezligi – auditoryň we (ýa-da) auditorçylyk guramasynyň bähbitleriniň olaryň audit geçirilýän subýektiň auditi boýunça pikirine täsir edip biljek ýagdaý.

2. Şu Kanunda beýleki düşünjeler Türkmenistanyň raýat we başga kanunçylygynda, şeýle hem şu Kanunyň degişli maddalarynda kesgitlenen manysynda peýdalanylýar.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň auditorçylyk işi hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň auditorçylyk işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň auditorçylyk işi babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3. Şu Kanunyň hereketi karz edaralarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň içerki auditorçylyk gulluklarynyň işine degişli däldir.

 

II BAP. AUDITORÇYLYK BABATDA IŞIŇ DÖWLET

TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI

 

3-nji madda. Auditorçylyk babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarly edara) auditorçylyk babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti auditorçylyk işi babatda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) auditorçylyk işini ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny tassyklaýar;

3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

4) Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň aýry-aýry subýektleri babatda daşary ýurt auditorçylyk guramalary tarapyndan auditiň geçirilmegi we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi hakynda çözgüt kabul edýär;

5) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

5-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarly edara auditorçylyk işi babatda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) auditorçylyk işiniň ösdürilmeginiň döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlaýar we ony tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär;

3) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenilip düzülmegine gatnaşýar;

4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

5) auditiň milli standartlarynyň we Auditoryň hünärmençilik edebiniň kadalarynyň işlenilip düzülmegini guraýar we tassyklaýar;

6) Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin dalaşgärleriň hünär synagyny geçirmek boýunça topar hakynda Düzgünnamany we onuň düzümini tassyklaýar;

7) şu aşakdakylary amala aşyrýar:

a) auditorçylyk işiniň ygtyýarlylandyrylmagyny;

b) auditorçylyk işiniň usulyýet ýolbaşçylygyny we utgaşdyrylmagyny;

ç) auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň işiniň hiline daşarky gözegçiligi, olaryň işiniň seljerilmegini;

8) Türkmenistanyň auditorlarynyň döwlet sanawyny we Türkmenistanyň auditorçylyk guramalarynyň döwlet sanawyny ýöredýär;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda auditorçylyk işi çygrynda hasabatlylygyň görnüşlerini we şekillerini (formalaryny) belleýär;

10) auditorlar we auditorçylyk guramalary tarapyndan şu Kanun, ygtyýarnamanyň talaplary we şertleri, auditiň milli standartlary bozulan halatlarynda olara jogapkärçilik çärelerini ulanýar;

11) audit geçirilýän subýektleriň, olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagyna getiren, auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň hereketleri (hereketsizlikleri) babatda arzalaryna we şikaýatlaryna seredýär;

12) auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň işiniň hiline daşarky gözegçiligiň jemleri boýunça öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde auditorlara we auditorçylyk guramalaryna ýerine ýetirilmegi hökmany bolan tabşyryknamalary berýär;

13) auditorçylyk işiniň meseleleri boýunça beýleki döwlet edaralary, Auditorçylyk edarasy we auditorçylyk guramalary bilen bilelikde hereket edýär.

 

6-njy madda. Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin dalaşgärleriň-fiziki şahslaryň hünär synagy

 

1. Auditorçylyk işi bilen meşgullanmak isleýän fiziki şahslaryň degişli bilimleriniň, olaryň auditor hünärine bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini barlamak, şeýle hem auditorlaryň hünär derejesini tassyklamak, auditorlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, audit geçirilýän subýektleriň, beýleki ýuridik şahslaryň, şeýle hem fiziki şahslaryň we döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini hasaba almak bilen ykdysadyýetiň subýektleriniň maliýe-hojalyk işine audit barlagynyň geçirilmeginiň hilini üpjün etmek maksady bilen, auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almaga dalaşgär bolup durýan fiziki şahslaryň hünär synagynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

2. Hünär synagy ygtyýarly edaranyň ýanyndaky Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almaga dalaşgärleriň hünär synagyny geçirmek boýunça topar (mundan beýläk - Topar) tarapyndan geçirilýär.

3. Hünär synagy iki tapgyrda: binýatlyk (esasy) we hünär boýunça ýöriteleşdirilen synag tapgyrlarynda geçirilýär.

4. Binýatlyk hünär synagy fiziki şahsyň-dalaşgäriň (mundan beýläk - dalaşgär) auditorçylyk işini amala aşyrmaga hünär taýdan ukyplylygyny anyklamak üçin geçirilýär, onuň netijesi boýunça oňa auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy berilýär.

5. Öz aýratynlygy we kadalaşdyryjy hukuk düzgünleşdirilmesi bolan maliýe işiniň ol ýa-da beýleki çygyrlarynda auditi amala aşyrmak üçin (karz edaralarynyň we bank işiniň auditi) hünär boýunça ýöriteleşdirilen synagy geçirilýär, onuň netijesi boýunça auditorlara auditoryň goşmaça hünär derejeli şahadatnamasy berilýär.

6. Hünär synagy Topar tarapyndan tassyklanylýan Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin hünär synagyny geçirmegiň tertibiniň düzgünnamasyna laýyklykda geçirilýär.

7. Binýatlyk (esasy) hünär synagyny düzümine ygtyýarly edaranyň wezipeli adamlary girýän Topar geçirýär.

Şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen auditiň görnüşleriniň amala aşyrylmagyna hünär boýunça ýöriteleşdirilen synagy geçirmek üçin, kiçi toparlar döredilýär, olaryň düzümine karz edaralarynyň, tejribeli hünärmenleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary girizilip bilner.

8. Maliýe-ykdysady ýa-da hukuk boýunça ýokary bilimiň we aşakdaky iş döwrüniň bolmagy dalaşgärleriň hünär synagyna goýberilmegi üçin hökmany talaplar bolup durýar:

1) auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin – ykdysady, maliýe, gözegçilik-derňew ýa-da hukuk çygrynda, ýa-da maliýe-ykdysady ýa-da hukuk dersleri boýunça ylmy-mugallymçylyk çygrynda bäş ýyldan az bolmadyk;

2) auditoryň goşmaça hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin – karz edaralary we bank işi bilen gös-göni baglanyşykly bäş ýyldan az bolmadyk.

9. Hünär synagyny geçip bilmedik dalaşgär iki aýdan az bolmadyk döwürden soň hünär synagyny gaýtadan geçmek üçin Topara ýüz tutup biler.

10. Hünär synagyndan geçmek üçin dalaşgär tarapyndan berilýän resminamalaryň sanawy Topar tarapyndan kesgitlenilýär.

 

7-nji madda. Toparyň ygtyýarlylygy

 

1. Topar öz işini ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar we oňa tabyndyr.

2. Topar:

1) auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin dalaşgärleriň hünär synagyny guraýar we geçirýär;

2) auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny (auditoryň goşmaça hünär derejeli şahadatnamasyny) berýär, şu Kanunda bellenilen halatlarda onuň hereketiniň möhletini uzaldýar ýa-da ony ýatyrýar;

3) şu aşakdakylary tassyklaýar:

a) Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin hünär synagyny geçirmegiň tertibiniň düzgünnamasyny;

b) auditorlaryň şahsy möhürleriniň nusgalaryny;

ç) auditoryň hünär derejeli şahadatnamasynyň we auditoryň goşmaça hünär derejeli şahadatnamasynyň görnüşlerini;

4) auditorçylyk işi babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar.

 

8-nji madda. Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy

 

1. Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy fiziki şahsyň auditor hökmünde hünär taýdan ukyplylygyny tassyklaýan resminama bolup durýar.

2. Auditoryň hereket edýän hünär derejeli şahadatnamasynyň bolmagy auditorçylyk işiniň amala aşyrylmagy üçin degişli ygtyýarnamany almak, onuň hereketini uzaltmak ýa-da ony dikeltmek üçin hökmany şert bolup durýar.

3. Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasynyň, auditoryň goşmaça hünär derejeli şahadatnamasynyň hereket edýän möhleti üç ýyla deňdir we ol Toparyň çözgüdi boýunça Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin hünär synagyny geçirmegiň tertibiniň düzgünnamasyna laýyklykda uzaldylyp bilner.

4. Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy, auditoryň goşmaça hünär derejeli şahadatnamasy şu ýagdaýlarda ýatyrylýar:

1) olaryň şübheli resminamalaryň ulanylmagy bilen alnan ýagdaýy kesgitlenilende;

2) kesgitlenilen möhletiň dowamynda hünär işi bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edýän temmini göz öňünde tutýan kazyýetiň çözgüdi kanuny güýjüne girende;

3) auditor tarapyndan şu Kanunyň talaplary we auditiň milli standartlary bozulanda;

4) auditor tarapyndan Auditoryň hünärmençilik edebiniň kadalary birnäçe gezek bozulanda;

5) eger-de auditor tarapyndan soňra bellenilen tertipde görnetin ýalan diýlip ykrar edilen auditor netijenamasyna gol çekilen bolsa;

6) auditor ýa-da auditorçylyk guramasy işiň hiline daşarky gözegçiligi geçmekden boýun gaçyranlarynda;

7) eger auditor hünär derejeli şahadatnamasyny alan pursatyndan iki ýylyň dowamynda auditorçylyk işini amala aşyrmadyk bolsa.

5. Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny, auditoryň goşmaça hünär derejeli şahadatnamasyny ýatyrmak baradaky çözgüt Topar tarapyndan kabul edilýär.

6. Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy ýatyrylan auditor, gaýtadan hünär synagyndan geçmek üçin onuň ýatyrylan pursatyndan başlap azyndan üç ýyldan soň Topara ýüz tutup biler.

 

9-njy madda. Auditorçylyk işiniň ygtyýarlylandyrylmagy we oňa salgyt salynmagy

 

Auditorçylyk işiniň ygtyýarlylandyrylmagy we oňa salgyt salynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

III BAP. AUDITORÇYLYK IŞINIŇ ESASY

ÝÖRELGELERI WE DÜZGÜNLERI

 

10-njy madda. Auditorçylyk işiniň esasy ýörelgeleri

 

Şular auditorçylyk işiniň esasy ýörelgeleri bolup durýar:

1) garaşsyzlyk;

2) obýektiwlilik;

3) hünär taýdan başarjaňlyk;

4) ýaşyrynlyk;

5) dogruçyllyk;

6) auditiň milli standartlaryny we Auditoryň hünärmençilik edebiniň kadalaryny berjaý etmek.

 

11-nji madda. Auditorçylyk işiniň esasy düzgünleri

 

1. Türkmenistanda auditorçylyk işini diňe Türkmenistanyň dahyllylary-auditorlar we auditorçylyk guramalary amala aşyryp biler, şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 4-nji bendinde göz öňünde tutulan ýagdaý muňa degişli däldir.

2. Auditorçylyk işi özüni ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýe hasabatlylygynyň ygtybarlylygynyň bellenilmegi boýunça amala aşyrylýan gözegçiligiň ornuny tutmaýar.

3. Buhgalterçilik we maliýe resminamalarynda döwlet syry bolan audit geçirilýän subýektiň maliýe hasabatlylygynyň auditi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Auditorçylyk guramalary tarapyndan işiň auditorçylyk işinden başga görnüşleri amala aşyrylyp bilinmez, Türkmenistanyň kanunçylygynda göni bellenilen halatlar muňa degişli däldir.

 

12-nji madda. Auditor

 

1. Auditoryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) auditorçylyk guramasynyň wezipe birliginiň işgäri (auditory) hökmünde ýa-da auditorçylyk guramasy bilen baglaşylan raýat-hukuk häsiýetli şertnamanyň esasynda auditiň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlary etmäge;

2) özbaşdak auditi amala aşyrmaga, hökmany audit muňa degişli däldir, auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlary etmäge – eger ol ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahs (mundan beýläk – özbaşdak auditor) bolup durýan bolsa.

2. Auditorçylyk işini şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda amala aşyrýan auditor auditorçylyk guramasynyň adyndan çykyş edýär.

3. Auditoryň raýat-hukuk häsiýetli şertnama esasynda bir wagtda iki ýa-da şondan köp auditorçylyk guramalarynyň auditorçylyk işine gatnaşmaga hukugy ýokdur.

4. Auditoryň şahsy möhüri bolýar, ony taýýarlamak hukugy auditorçylyk işini amala aşyrmaga ygtyýarnama alnan senesinden ýüze çykýar.

Şahsy möhüriniň talabalaýyk peýdalanylmandygy we saklanylmandygy üçin auditor Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

5. Özbaşdak auditoryň öz işinde beýleki auditorlaryň, şeýle hem auditoryň kömekçileriniň hakyna tutma zähmetini ulanmaga haky ýokdur.

 

13-nji madda. Auditorçylyk guramasy

 

1. Auditorçylyk guramasy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde, şu guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde döredilip bilner: hususy kärhana, hojalyk jemgyýeti (şereketi), bilelikdäki kärhana, ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

2. Bilelikdäki kärhananyň, hojalyk jemgyýetiniň ýa-da ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk gaznasyndaky auditorçylyk guramanyň işgär düzüminiň auditory bolup durýan esaslandyryjylaryň (paýdarlaryň) paýynyň umumy möçberi 51 göterimden az bolmaly däldir.

3. Auditor diňe bir auditorçylyk guramasynyň esaslandyryjysy (paýdary) bolup biler, ol onda işgärler düzüminiň auditory bolup işlemelidir.

4. Auditorçylyk guramasynyň işgärler düzümindäki auditorlaryň sany üçden az bolmaly däldir.

5. Auditorçylyk guramasynyň ýolbaşçysy diňe auditor bolup biler.

6. Auditorçylyk guramasynyň işgärleriniň hatarynda auditorçylyk işini amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolmadyk hünärmenler auditoryň kömekçisi hökmünde işläp bilerler.

Auditoryň kömekçisi gol çekmäge hukugy bolmazdan auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegine gatnaşyp, auditoryň aýry-aýry tabşyryklaryny ýerine ýetirip biler.

Auditoryň kömekçisi auditiň geçirilmegine gatnaşyp bilmeýär.

Auditorçylyk guramasynyň auditorynyň kömekçisi hökmünde işlenilen wagt auditorçylyk işini amala aşyrmaga ygtyýarnama almak üçin zerur bolan iş döwrüne goşulýar.

7. Auditorçylyk guramasy başga bir auditorçylyk guramasynyň, şol sanda daşary ýurt auditorçylyk kompaniýasynyň (firmasynyň) ady bilen gabat gelýän ýa-da meňzeş ady ulanyp bilmez, daşary ýurt auditorçylyk kompaniýasynyň (firmasynyň) gatnaşmagynda bilelikdäki kärhananyň döredilen halaty muňa degişli däldir.

 

14-nji madda. Auditiň görnüşleri

 

1. Audit hökmany we başlangyçly bolup biler.

2. Şu aşakdakylar babatynda audit hökmany bolup durýar:

1) ykdysadyýetiň şu aşakdakylary amala aşyrýan subýektleri:

a) bank işini;

b) gymmatly kagyzlary dolandyrmak boýunça işi, gymmatly kagyzlar bazarynda söwdalaryň guralmagy boýunça işi (gazna biržasynyň işi);

ç) birža söwdalaryny guramak boýunça işi;

d) ätiýaçlandyryş işini;

e) döwlete dahylsyz pensiýa gaznalarynyň işini;

2) işiň şu bölegiň 1-nji bendinde görkezilmedik beýleki görnüşlerini amala aşyrýan ykdysadyýetiň paýdarlar jemgyýeti, hojalyk jemgyýeti, bilelikdäki kärhana görnüşinde döredilen subýektleri, şeýle hem olaryň golçur kärhanalary (şu bentde görkezilen ähli ýuridik şahslar üçin – bir ýylyň dowamynda girdejisi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň ýigrimi müň essesi möçberinde we şondan ýokary bolan halatynda);

3) daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda bellige alnan şahamçalary we wekilhanalary;

4) esaslyk maýasy bölekleýin ýa-da dolulygyna daşary ýurt maýalarynyň hasabyna emele getirilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda hökmany audit ykdysadyýetiň beýleki subýektleri babatynda hem geçirilip bilner.

4. Hökmany audit her ýylda geçirilýär.

5. Hökmany audit diňe auditorçylyk guramalary tarapyndan geçirilýär.

6. Hökmany auditiň buýrujysy bolup audit geçirilýän subýekt çykyş edýär.

Auditorçylyk guramasynyň saýlanylmagy Türkmenistanyň auditorçylyk guramalarynyň döwlet sanawynda bellige alnan auditorçylyk guramalarynyň hataryndan audit geçirilýän subýektiň ýokary dolandyryjy guramasy tarapyndan şu Kanunyň 20-nji maddasynyň talaplarynyň hasaba alynmagy bilen amala aşyrylýar, şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 4-nji bendinde göz öňünde tutulan halat muňa degişli däldir.

7. Başlangyçly audit audit geçirilýän subýektiň başlangyjy boýunça auditi geçirmek hakynda başlangyçly çykyş eden tarap bilen özbaşdak auditoryň ýa-da auditorçylyk guramasynyň arasynda baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulan anyk wezipeleriň, möhletleriň we auditiň möçberleriniň hasaba alynmagy bilen geçirilýär.

 

15-nji madda. Auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň görnüşleri

 

1. Özbaşdak auditorlar we auditorçylyk guramalary auditorçylyk işiniň ugry boýunça şu aşakdaky hyzmatlary edip bilerler:

1) maliýe hasabatlylygyny düzmekligi:

a) buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýola goýmaklygy, dikeltmekligi;

b) maliýe we statistik  hasababatlylygyny düzmekligi;

ç) maliýe hasabatlylygyny maliýe hasabatlylygyň halkara standartlaryna geçirmekligi;

2) maliýe hasabatlylygynyň seljerilmegini;

3) aşakdakylar boýunça maslahatlaryň berilmegini:

a) maliýe we statistik hasababatlylygyny düzmek;

b) buhgalterçilik hasaba alnyşy we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň guralmagyna maglumatlar tehnologiýalaryny ornaşdyrmak;

ç) salgyt salmak we maliýe-hojalyk işiniň beýleki meseleleri;

4) auditiň milli standartlarynda göz öňünde tutulan başga hyzmatlar.

2. Özbaşdak auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň auditorçylyk işi babatda ylmy işleriň geçirilmegine gatnaşmaga hukugy bardyr.

 

IV BAP. AUDITORÇYLYK IŞINIŇ AMALA AŞYRYLMAGY

 

16-njy madda. Auditi geçirmek üçin şertnama. Auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin şertnama

 

1. Auditiň geçirilmegi we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.

2. Auditi geçirmek üçin şertnama we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin şertnama bellenilen tertipde auditorçylyk guramasynyň (özbaşdak auditoryň) we audit geçirilýän subýektiň arasynda baglaşylýar.

3. Auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň her bir görnüşi  üçin aýratyn şertnama baglaşylýar.

4. Auditi geçirmek üçin şertnamada we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin şertnamada şu aşakdaky düýpli şertler bolmalydyr:

1) şertnamanyň närsesi (predmeti);

2) şertnamanyň ýerine ýetiriliş möhletleri;

3) hyzmatlaryň töleginiň möçberi we şertleri;

4) taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi;

5) maglumatlaryň ýaşyrynlygynyň saklanylmagy;

6) başga düýpli şertler.

5. Özbaşdak auditorlar we auditorçylyk guramalary baglaşylan şertnamalaryň hasabyny ýöretmäge borçludyrlar.

Şertnamalaryň hasabynyň ýöredilmeginiň tertibi özbaşdak auditor we auditorçylyk guramasy tarapyndan içerki dessuryna we resminama dolanşygynyň özleri tarapyndan bellenilen düzgünlerine laýyklykda özbaşdak kesgitlenilýär.

 

17-nji madda. Auditorçylyk hasabaty we auditorçylyk netijenamasy

 

1. Auditorçylyk hasabaty geçirilen auditiň netijeleri boýunça şu Kanuna we auditiň milli standartlaryna laýyklykda düzülýär.

2. Auditorçylyk hasabatynda şu aşakdakylar bolmalydyr:

1) hasabatyň ady;

2) audit geçirilýän subýekt barada maglumatlar: ady, döwlet tarapyndan bellige alnan belgisi we senesi, hususy salgyt belgisi, ýuridik salgysy;

3) özbaşdak auditor (auditorçylyk guramasy) barada maglumatlar: familiýasy, ady, atasynyň ady (atlandyrylyşy), döwlet tarapyndan bellige alnan tertip belgisi we senesi, hususy salgyt belgisi, auditorçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň belgisi we onuň berlen senesi, ýuridik salgysy;

4) düzülen  döwrüni görkezmek bilen özi babatda audit geçirilen maliýe hasabatlylygynyň sanawy;

5) audite çekilen beýleki auditorlar, hünärmenler tarapyndan berlen materiallaryň sanawy;

6) audit geçirilýän subýektiň maliýe hasabatlylygy hakynda garaşsyz pikiri beýan etmek üçin özbaşdak auditor, auditorçylyk guramasy tarapyndan ýerine ýetirilen iş hakynda maglumatlar (auditiň möçberi);

7) buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýola goýmakda, salgyt salmak boýunça ýüze çykarylan düzgün bozulmalar, şol sanda auditiň barşynda düzedilmedik düzgün bozulmalar, şeýle hem maliýe-hojalyk amallary geçirilende Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulan ýagdaýlary hakynda maglumatlar;

8) auditorçylyk netijenamasy;

9) auditorçylyk hasabatyň we auditorçylyk netijnenamasynyň buýruja berlen senesi.

3. Auditorçylyk netijenamasy auditorçylyk hasabatynyň düzüm bölegi bolup durýar, ol özbaşdak auditoryň, auditorçylyk guramasynyň bellenilen görnüşde beýan edilen audit geçirilýän subýektiň maliýe hasabatlylygynda bar bolan maglumatlaryň dogrudygy we dolulygy we onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýykdygy barada garaşsyz pikirini öz içine alýar.

Auditorçylyk netijenamasy auditorçylyk hasabatynyň ýanyna goşulýar.

4. Auditorçylyk netijenamasy we auditorçylyk hasabaty resmi namalar bolup durýar.

Auditorçylyk hasabaty we auditorçylyk netijenamasy:

1) audit özbaşdak auditor tarapyndan amala aşyrylan halatynda – özbaşdak auditoryň goly bilen tassyklanylýar we möhüri bilen berkidilýär;

2) audit auditorçylyk guramasy tarapyndan amala aşyrylanda – ýerine ýetiriji-auditor tarapyndan gol çekilýär we onuň möhüri bilen berkidilýär, auditorçylyk guramasynyň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanylýar hem-de auditorçylyk guramasynyň möhüri bilen berkidilýär.

5. Hökmany auditiň jemleri boýunça auditorçylyk netijenamasy audit geçirilýän subýektiň maliýe hasabatlylygynyň hökmany bölegi bolup durýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen degişli döwlet edaralaryna hem-de beýleki peýdalanyjylara, şeýle hem ygtyýarlandyryjy edara berilýär.

6. Audit geçirilmezden düzülen ýa-da auditiň netijeleri boýunça düzülen, ýöne audit üçin hödürlenen we auditiň barşynda özbaşdak auditor, auditorçylyk guramasy tarapyndan seredilen audit geçirilýän subýektiň resminamalarynyň mazmunyna çapraz gelýän auditorçylyk hasabaty we auditorçylyk netijenamasy bellenilen tertipde görnetin ýalan diýlip ykrar edilýär.

Görnetin ýalan auditorçylyk hasabatynyň we auditorçylyk netijenamasynyň düzülmegi özbaşdak auditoryň, auditorçylyk guramasynyň auditorçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasynyň bellenilen tertipde togtadylmagy görnüşinde jogapkärçilige, görkezilen resminamalara gol çeken şahslar üçin bolsa, auditoryň hünär derejeli şahadatnamasynyň we auditoryň goşmaça hünär derejeli şahadatnamasynyň ýatyrylmagyna we olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekilmegine getirýär.

 

18-nji madda. Auditiň milli standartlary we Auditoryň hünärmençilik edebiniň kadalary

 

1. Auditiň milli standartlary auditiň halkara standartlaryna laýyklykda işlenip düzülýär we Türkmenistanda auditorçylyk işiniň amala aşyrylmagynyň, auditiň we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň resmileşdirilmeginiň we hiline baha berilmeginiň, şeýle hem auditorlaryň taýýarlanylmagynyň hem-de olaryň hünärine baha berilmeginiň binýatlyk ýörelgelerini we umumy düzgünlerini belleýär.

Auditiň milli standartlary auditorlar we auditorçylyk guramalary üçin hökmany bolup durýar.

2. Auditorlaryň hünärmençilik edebiniň kadalary auditor hökmünde hünärmençilik işini amala aşyrmak boýunça edebi kadalaryň we talaplaryň ýygyndysy bolup durýar.

Auditorlaryň hünärmençilik edebiniň kadalary auditorlar üçin hökmany bolup durýar.

 

19-njy madda. Auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň garaşsyzlygy

 

1. Özbaşdak auditorlar we auditorçylyk guramalary audit geçirilende we auditorçylyk hasabaty hem-de auditorçylyk netijenamasy düzülende döwlet edaralaryndan, audit geçirilýän subýektden garaşsyzdyrlar.

2. Auditorlar auditorçylyk guramasynyň adyndan audit geçirenlerinde we auditorçylyk hasabatyny hem-de auditorçylyk netijenamasyny düzenlerinde döwlet edaralaryndan, audit geçirilýän subýektden, özleriniň işleýän auditorçylyk guramasynyň eýesinden we ýolbaşçysyndan garaşsyzdyrlar.

3. Döwlet edaralarynyň, audit geçirilýän subýektleriň özbaşdak auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrýan işlerine goşulmagyna ýol berilmeýär.

 

20-nji madda. Bähbitleriň gabat gelmezligi

 

1. Audit şu auditorçylyk guramalary tarapyndan amala aşyrylyp bilinmeýär:

1) olaryň wezipeli adamlary audit geçirilýän subýektiň esaslandyryjylary (paýdarlary) bolup durýan bolsalar;

2) olaryň ýolbaşçylary, beýleki wezipeli adamlary we auditorlary audit geçirilýän subýektiň esaslandyryjylary (paýdarlary), olaryň ýolbaşçylary, wezipeli adamlary, buhgalterleri we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň guralyşy we alnyp barlyşy hem-de maliýe hasabatlylygynyň düzülişi üçin jogapkärçilik çekýän beýleki işgärleri bilen ýakyn garyndaşlykda ýa-da guda garyndaşlykda durýan bolsalar.

«Ýakyn garyndaşlykda ýa-da guda garyndaşlykda» diýlen düşünje Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda kesgitlenilen manyda ulanylýar;

3) esaslandyryjylary (paýdarlary) bolup durýan audit geçirilýän subýektler babatynda, bu auditorçylyk guramalaryň olar üçin esaslandyryjylar (paýdarlar) bolup durýan audit geçirilýän subýektler babatynda, görkezilen audit geçirilýän subýektleriň golçur kärhanalary, şahamçalary we wekilhanalary babatynda, şeýle hem şu auditorçylyk guramasy bilen umumy esaslandyryjylary (paýdarlary) bolan ykdysadyýetiň subýektleri babatynda;

4) audit geçirilmeginiň öňündäki gös-göni bäş ýylyň dowamynda ykdysadyýetiň subýektlerine buhgalterçilik hasaba alnyşyny dikeltmek we alyp barmak boýunça, şeýle hem maliýe hasabatlylygyny düzmek boýunça hyzmatlary eden – şol subýektler babatynda;

5) bu auditorçylyk guramalarynyň jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak boýunça şertnamalary baglaşan ätiýaçlandyryş guramalary bolup duran audit geçirilýän subýektler babatynda.

2. Özbaşdak auditorlar şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýagdaýlar bolanda auditi amala aşyryp bilmeýärler.

3. Özbaşdak auditorlara we auditorçylyk guramalaryna auditiň geçirilendigi üçin pul hak-heşdegini tölemegiň tertibi we möçberi audit geçirmek üçin şertnamada kesgitlenilýär we audit geçirilýän subýektleriň auditiň netijesinde çykarylyp bilinjek çözgütleriň mazmuny hakynda haýsydyr bir talaplarynyň ýerine ýetirilmegine bagly edilip bilinmez.

4. Auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň bähbitleriniň gabat gelmezligine getirip biljek ýa-da şeýle gabat gelmezligiň emele gelmek howpuny döredýän hereketleri amala aşyrmaga haklary ýokdur.

 

21-nji madda. Auditorçylyk syry

 

1. Auditorçylyk syry – auditi geçirmek üçin şertnama ýa-da auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin şertnama ýerine ýetirilende auditor, auditorçylyk guramasy tarapyndan alnan, audit geçirilýän subýektleriň amallary barada maglumatlar we resminamalar.

2. Özbaşdak auditor, auditorçylyk gurama we onuň işgärleri auditorçylyk syryny saklamaga borçludyrlar.

3. Özbaşdak auditoryň, auditorçylyk guramasynyň audit geçirilýän subýektiň deslapky ýazmaça razylygy bolmazdan, auditorçylyk syryny düzýän maglumatlary we resminamalary üçünji taraplara bermäge ýa-da bu maglumatlary we resminamalaryň mazmunyny aýan etmäge haky ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

4. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda auditorçylyk syryny düzýän maglumatlar we resminamalar özleri üçin elýeter bolan beýleki taraplar olaryň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.

5. Auditorçylyk syryny aýan etmezlik borjunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

6. Özbaşdak auditor, auditorçylyk guramasy we onuň işgärleri, şeýle hem auditorlyk syryny düzýän maglumatlar we resminamalar özleri üçin elýeter bolan beýleki taraplar tarapyndan auditorçylyk syry aýan edilen halatynda audit geçirilýän subýektiň günäkär şahsdan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyny talap etmäge haky bardyr.

 

22-nji madda. Özbaşdak auditorlaryň, auditorçylyk guramalarynyň hukuklary we borçlary

 

1. Özbaşdak auditorlaryň, auditorçylyk guramalarynyň auditorçylyk işini amala aşyranlarynda şu aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, auditiň milli standartlaryna laýyklykda auditi geçirmegiň görnüşlerini we usullaryny özbaşdak kesgitlemäge;

2) audit geirilýän subýektiň maliýe-hojalyk işi bilen baglanyşykly resminamalary, şeýle hem bu resminamalarda hasaba alnan islendik emlägiň hakykatdan hem bardygyny we islendik borçnamalaryň hakyky ýagdaýyny doly möçberde barlamaga;

3) auditiň geçirilmegi we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin zerur bolan, audit geçirilýän subýektiň  maliýe-hojalyk işi bilen bagly resminamalary almaga;

4) auditiň we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmeginiň barşynda ýüze çykan meseleler boýunça audit geçirilýän subýektiň wezipeli adamlaryndan dilden we ýazmaça görnüşlerinde düşündirişleri almaga;

5) ýazmaça talap etmek boýunça üçünji taraplardan auditiň geçirilmegi üçin zerur bolan, audit geçirilýän subýektiň  maliýe-hojalyk işi bilen bagly maglumatlary almaga;

6) giň gerimli (köp meýilnamaly) audit geçirilende bilermenler hökmünde audit geçirilýän subýektiň ugry boýunça ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň hünärmenlerini çekmäge;

7) aşakdaky ýagdaýlarda auditi geçirmekden ýa-da auditorçylyk netijenamasyny düzmekden boýun gaçyrmaga:

a) audit geçirilýän subýekt tarapyndan ähli zerur resminamalar berilmese;

b) auditiň barşynda audit geçirilýän subýektiň maliýe hasabatlylygynyň dogrudygy we onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýändigi hakynda özbaşdak auditoryň, auditorçylyk guramasynyň pikirine düýpli täsir edýän ýa-da edip biljek ýagdaýlar ýüze çykarylsa.

Özbaşdak auditorlaryň, auditorçylyk guramalarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga hukuklary hem bolup biler.

2. Özbaşdak auditorlar, auditorçylyk guramalary şu aşakdakylara borçludyr:

1) auditorçylyk işini şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, auditiň milli standartlaryna laýyklykda amala aşyrmaga;

2) ygtyýarly edara tarapyndan işiň hiline daşarky gözegçiligiň geçirilmegine päsgel bermezlige;

3) auditiň we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmeginiň barşynda alynýan resminamalaryň saklanylmagyny üpjün etmäge;

4) audit geçirilýän subýektiň ýolbaşçysyna auditiň barşynda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň alnyp barlyşynda, maliýe hasabatlylygynyň düzülişinde, salgyt salmak boýunça, şeýle hem maliýe-hojalyk amallary amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulan halatlary barada ýüze çykarylan düzgün bozulmalar hakynda habar bermäge;

5) audit geçirilýän subýekte auditorçylyk netijenamasyndaky bellikleriň we netijeleriň Türkmenistanyň kanunçylygynyň haýsy talaplaryna esaslanýandygy barada doly maglumat bermäge;

6) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça çäreleri üpjün etmäge;

7) geçirilen audite degişli resminamalaryň (resminamalaryň göçürmeleriniň) bäş ýylyň dowamynda saklanylmagyny üpjün etmäge;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýe hasabatlylygyny düzmäge we ony, şeýle hem ygtyýarly edaranyň talap etmegi boýunça özüniň işi hakynda başga maglumatlary oňa bermäge;

9) auditorlaryň işiniň hiline gözegçiligi üpjün etmäge;

10) auditi geçirmek üçin şertnamada bellenilen möhletde audit geçirilýän subýekte auditorçylyk hasabatyny we auditorçylyk netijenamasyny bermäge;

11) auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlary etmek üçin şertnamanyň bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge.

Özbaşdak auditorlar, auditorçylyk guramalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga borçlary hem çekip bilerler.

 

23-nji madda. Audit geçirilýän subýektiň hukuklary we borçlary

 

1. Audit geçirilýän subýektiň şu aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) şu Kanunyň 20-nji maddasynyň talaplaryny hasaba almak bilen, auditi geçirmek we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlary etmek üçin özbaşdak auditory ýa-da auditorçylyk guramasyny özbaşdak saýlap almaga, şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 4-nji bendinde göz öňünde tutulan halat muňa degişli däldir;

2) özbaşdak auditordan, auditorçylyk guramasyndan auditi geçirmek üçin şertnamadan ýa-da auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin şertnamadan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini talap etmäge;

3) auditi geçirmek üçin şertnamanyň ýa-da auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin şertnamanyň şertleri bozulan halatynda özbaşdak auditoryň ýa-da auditorçylyk guramasynyň hyzmatlaryndan boýun gaçyrmaga;

4) özbaşdak auditor we auditorçylyk guramasy tarapyndan auditi geçirmek üçin şertnamanyň ýa-da auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin şertnamanyň şertleri talaba laýyk ýerine ýetirilmedik halatynda arza bilen ygtyýarly edara ýüz tutmaga;

41) audit geçirilenden soňra gözegçilik edýän (barlag geçirýän) edaralar tarapyndan audit geçirilen subýektiň maliýe-hojalyk işinde ýüze çykarylan, ýöne auditiň barşynda ýüze çykarylmadyk düzgün bozmalaryň netijesinde ýetirilen zyýanyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öweziniň dolunmagyny talap etmäge;

5) auditi geçirmek üçin şertnamada bellenilen möhletde auditorçylyk hasabatyny we auditorçylyk netijenamasyny almaga;

6) özbaşdak auditordan, auditorçylyk guramasyndan auditorçylyk netijenamasyndaky bellikleriň we netijeleriň Türkmenistanyň kanunçylygynyň haýsy talaplaryna esaslanýandygy barada doly maglumat almaga.

Audit geçirilýän subýektiň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga hukuklary hem bolup biler.

2. Audit geçirilýän subýekt şu aşakdakylara borçludyr:

1) auditiň, auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň öz wagtynda we hil taýdan gowy geçirilmegi üçin özbaşdak auditora, auditorçylyk guramasyna şertleri döretmeklige, zerur bolan resminamalary bermeklige, özbaşdak auditoryň, auditorçylyk guramasynyň dilden ýa-da ýazmaça talap etmegi boýunça dilden ýa-da ýazmaça görnüşinde düşündirişleri we tassyknamalary bermäge;

2) audit geçirilende anyklanylmaga degişli soraglary çäklendirmek maksady bilen haýsy-da bolsa bir hereketleri etmezlige;

3) buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýola goýmagyň, maliýe hasabatlylygyny düzmegiň, salgyt salmak boýunça ýüze çykarylan düzgün bozulmalaryny öz wagtynda düzetmäge;

4) auditi geçirmek üçin şertnama laýyklykda özbaşdak auditoryň, auditorçylyk guramasynyň hyzmatlaryny öz wagtynda tölemeklige, şol sanda auditorçylyk netijenamasynyň netijeleri audit geçirilýän subýektiň işgärleriniň nukdaýnazarlary bilen gabat gelmeýän halatlarda, şeýle hem özbaşdak auditor, auditorçylyk guramasy tarapyndan işiň oňa degişli bolmadyk sebäpler boýunça doly ýerine ýetirilmedik halatynda tölemäge;

5) auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlary etmek üçin şertnama laýyklykda özbaşdak auditoryň, auditorçylyk guramasynyň hyzmatlaryny öz wagtynda tölemäge;

6) özbaşdak auditoryň, auditorçylyk guramasynyň auditi geçirmek üçin şertnamanyň we (ýa-da) auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlary etmek üçin şertnamanyň şertlerinden gelip çykýan beýleki talaplaryny ýerine ýetirmäge.

Audit geçirilýän subýektiň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga borçlary hem bolup biler.

 

24-nji madda. Özbaşdak auditorlaryň, auditorçylyk guramalarynyň işiniň hiline gözegçilik

 

1. Özbaşdak auditorlaryň, auditorçylyk guramalarynyň işiniň hiline gözegçilik etmek (mundan beýläk – hil gözegçiligi) olar tarapyndan Türkmenistanyň auditorçylyk işi babatda kanunçylygynyň, auditiň milli standartlarynyň talaplarynyň, şeýle hem Auditorlaryň hünärmençilik edebiniň kadalarynyň berjaý edilmegine gönükdirilendir.

2. Hil gözegçiligi içerki we daşarky bolup biler.

3. Içerki hil gözegçiligi auditorçylyk guramasy tarapyndan auditiň milli standartlaryna laýyklykda özbaşdak amala aşyrylýar.

Auditorçylyk guramasy içerki hil gözegçiliginiň netijeleri barada ygtyýarly edara maglumat bermelidir.

4. Daşarky hil gözegçiligi özüniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarly edara tarapyndan azyndan üç ýylda bir gezek amala aşyrylýar.

Daşarky hil gözegçiligi auditiň milli standartlaryna laýyklykda geçirilýär.

Ygtyýarly edara daşarky hil gözegçiliginiň geçirilmegine özbaşdak auditorlary we auditorçylyk guramalaryny çekip biler.

5. Özbaşdak auditor, auditorçylyk guramasy daşarky hil gözegçiliginiň öz wagtynda we hil taýdan gowy geçirilmegi üçin şertleri döretmeklige we munuň üçin zerur bolan resminamalary bermeklige borçludyr.

6. Ygtyýarly edara özbaşdak auditoryň, auditorçylyk guramasynyň şu Kanunyň, auditiň milli standartlarynyň talaplaryny, Auditorlaryň hünärmençilik edebiniň kadalaryny bozýan hereketleri (hereketsizlikleri) üçin arza gelip gowuşan halatynda meýilnamadan daşary daşarky hil gözegçiligi geçirilip bilner.

Meýilnamadan daşary daşarky hil gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga esaslar boýunça hem geçirilip bilner.

 

25-nji madda. Auditorçylyk guramalarynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça borçlary

 

Auditorçylyk guramalary jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edara degişli maglumatlary bermelidirler.

 

V BAP. AUDITORÇYLYK EDARASY

 

26-njy madda. Auditorçylyk edarasynyň döredilmegi

 

1. Türkmenistanda auditorçylyk işiniň jemgyýetçilik tarapyndan düzgünleşdirilmegi boýunça wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, esaslandyryjylary auditorlar we auditorçylyk guramalary bolup durýan jemgyýetçilik guramasy görnüşinde Auditorçylyk edarasy döredilip bilner.

2. Auditorçylyk edarasy öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we tertipnama laýyklykda amala aşyrýar.

3. Auditorçylyk edarasynyň düzümi we işçi edaralary onuň tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

4. Auditorçylyk edarasynyň ýolbaşçy edarasy Geňeş bolup durýar, onuň düzümine Auditorçylyk edarasynyň agzalary – özbaşdak auditorlar we auditorçylyk guramalarynyň wekilleri girmelidir.

 

27-nji madda. Auditorçylyk edarasynyň esasy wezipeleri we hukuklary

 

1. Şu aşakdakylar Auditorçylyk edarasynyň esasy wezipeleri bolup durýar:

1) döwlet häkimiýet eadaralarynda öz agzalarynyň bähbitlerine wekilçilik etmek;

2) auditorçylyk işi amala aşyrylanda ýüze çykýan jedelli meselelerde öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;

3) ygtyýarly edara Türkmenistanyň auditorçylyk işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary boýunça teklipleri bermek;

4) auditiň milli standartlarynyň we Auditorlaryň hünärmençilik edebiniň kadalarynyň işlenilip düzülmegine we ýaýradylmagyna gatnaşmak;

5) Auditorçylyk edarasynyň agzasy bolmak üçin ýeke-täk talaplary bellemek;

6) ygtyýarly edaranyň çözgüdi boýunça öz agzalarynyň beýleki özbaşdak auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň daşarky hil gözegçiliginiň geçirilmegine gatnaşmaklaryny üpjün etmek;

7) öz agzalaryny auditorçylyk işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen üpjün etmeklige ýardam etmek;

8) auditorlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaklaryny guramak;

9) auditorçylyk hyzmatlarynyň bazaryny öwrenmek we auditorçylyk işiniň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;

10) özbaşdak auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň işini öwrenmek, umumylaşdyrmak we seljermek hem-de olaryň netijeleri boýunça olaryň işiniň kämilleşdirilmegi babatda teklipleri taýýarlamak;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga wezipeler.

2. Auditorçylyk edarasynyň şu aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) şu maddanyň birinji böleginde bellenilen esasy wezipeleri ýerine ýetirmek üçin öz agzalaryndan zerur maglumatlary almaga;

2) ygtyýarnamanyň talaplarynyň ýerine ýetirilmändigi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmändigi üçin Auditorçylyk edarasynyň agzalarynyň ygtyýarnamasyny togtatmak ýa-da ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda, şeýle hem şu Kanunyň 8-nji maddasynyň dördünji böleginiň 3-7-nji bentlerinde bellenilen esaslar boýunça auditorlaryň hünär derejeli şahadatnamalaryny ýatyrmak hakynda ygtyýarly edara towakganama bermäge.

Auditorçylyk edarasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga hukuklary hem bolup biler.

3. Auditorçylyk edara bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi amala aşyrmaga ygtyýarnamasy bolan mahalynda auditorçylyk işi çygrynda işgärleri taýýarlamagy amala aşyryp biler.

 

VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

28-nji madda. Auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň jogapkärçiligi

 

Auditorlar, auditorçylyk guramalary auditorçylyk işi babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň, auditiň milli standartlarynyň, audit geçirilýän subýektler bilen şertnamalaryň şertleriniň bozulandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

29-njy madda. Audit geçirilýän subýektiň jogapkärçiligi

 

1. Audit geçirilýän subýekt auditi geçirmek üçin özbaşdak auditora, auditorçylyk guramasyna berilýän resminamalaryň we beýleki maglumatlaryň dolulygy we dogrulygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýär.

2. Hökmany auditi geçmekden boýun gaçyrýan ýa-da onuň geçirilmegine päsgel berýän ýa-da onuň geçirilmegini Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda üpjün etmeýän ýuridik şahsyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýär.

3. Auditiň geçirilmegi audit geçirilýän subýekti berilýän maliýe hasabatlylygyň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi üçin jogapkärçilikden boşatmaýar.

 

30-njy madda. Jedellere seretmek

 

Auditorçylyk işi amala aşyrylanda ýüze çykýan jedellere Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda seredilýär.

 

31-nji madda. Geçiş düzgünleri

 

1. Özbaşdak auditorlar tarapyndan hökmany auditiň geçirilmegine diňe 2014-nji ýylyň jemleri boýunça ýol berilýär.

2. Auditorlaryň şu Kanunyň güýje girmegine çenli berlen hünär derejeli şahadatnamalary, auditorlaryň goşmaça hünär derejeli şahadatnamalary özleriniň hereket ediş möhletiniň çäklerinde güýjüni saklaýar.

 

32-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

2. Şu Kanun güýje giren gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1996-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky «Auditorlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 1-2, 4-nji madda);

2011-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky «Auditorlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 60-njy madda).

3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap üç aýyň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                            Gurbanguly

    Prezidenti                                                               Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.

№ 138-V.