TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Gymmatly kagyzlar bazary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 140-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 09.06.2018 ý. № 41-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI we 03.06.2023 ý. № 30-VII Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmacalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanyşygy mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär we Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynyň netijeli işlemeginiň üpjün edilmegine, bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegine gönükdirilendir.

 

I BAP.UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

1. Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) emissiýa – emitent tarapyndan gymmatly kagyzlaryň goýberilmegi we olaryň raýat-hukuk geleşikleriniň baglaşylmagy arkaly birinji eýelerine ýerlenilmegi;

2) emissiýaly gymmatly kagyzlar – şol bir wagtyň özünde şu alamatlary bilen häsiýetlendirilýän gymmatly kagyzlar:

a) şu Kanunda bellenilen görnüşiň hem-de tertibiň berjaý edilmegi bilen tassyklanylmaga, geçirilmäge we amala aşyrylmaga degişli bolan emläk hukuklaryny berkidýärler;

b) goýberilişler bilen ýerleşdirilýärler;

ç) özleriniň satyn alnan wagtyna garamazdan, bir goýberilişiniň içinde hukuklaryň amala aşyrylmagynyň deň möçberi we möhletleri bar;

3) emissiýanyň prospekti – emitent, onuň maliýe ýagdaýy, goýberýän gymmatly kagyzlarynyň möçberi we olaryň goýberilmeginiň şertleri barada, şeýle hem şu Kanuna laýyklykda başga maglumatlary özünde jemleýän resminama;

4) gymmatly kagyzlar – mälim edilendebirine geçirilmegi we amala aşyrylmagy mümkin bolan, özünde berkidilen emläk hukuklaryny tassyklaýan resminamalar. Gymmatly kagyzlar atly we teklip ediji üçin bolup bilýärler;

Atly gymmatly kagyzlar – özlerine bolan hukuklaryň geçmegi we olarda berkidilen emläk hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi eýesiniň hökmany kybaplaşdyrylmagy we onuň adynyň gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynda bellige alynmagy talap edilýän gymmatly kagyzlar;

Teklip ediji üçin gymmatly kagyzlar – özlerine bolan hukuklaryň geçmegi we olarda berkidilen emläk hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi eýesiniň hökmany kybaplaşdyrylmagy talap edilmeýän gymmatly kagyzlar;

Maýa goýum (düýpli) gymmatly kagyzy –atly gymmatly kagyzyň ýa-da teklip ediji üçin gymmatly kagyzyň maýa goýum serişdesi hökmünde dolanyşykda bolýan we ýuridik şahsyň maýasynda maýa goýum paýy, oňa gatnaşmagyň paýy ýa-da başga bähbitli görnüşde eýeçiligiň bardygyny tassyklaýan görnüşi;

5) gymmatly kagyzlar bazary – fiziki we ýuridik şahslaryň gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklarynyň jemi;

6) gymmatly kagyzlaryň dolanyşygy – gymmatly kagyzlara bolan eýeçilik hukugynyň geçmegine getirýän raýat-hukuk geleşiginiň baglaşylmagy;

7) gymmatly kagyzyň eýesi – gymmatly kagyz özüne eýeçilik hukugynda ýa-da gaýry zat hukugynda degişli bolan şahs;

8) gymmatly kagyzlaryň resminamalaşan görnüşi – gymmatly kagyzlara bolan emläk hukuklary kagyz göterijisinde bellenilýän we eýesi bolmalysy ýaly görnüşde resmileşdirilen gymmatly kagyzyň ýa-da gymmatly kagyzyň sertifikatynyň görkezilmegi esasynda anyklanylýan, ýa-da sertifikat deponirlenen halatynda – deponyň hasaby boýunça ýazgy esasynda anyklanylýan gymmatly kagyzlaryň görnüşi;

9) gymmatly kagyzlaryň resminamalaşmadyk görnüşi – gymmatly kagyzlara bolan emläk hukuklary gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynda bellenilýän we eýesi görkezilen sanawdaky ýazgy esasynda anyklanylýan ýa-da gymmatly kagyz deponirlenen halatynda – deponyň hasaby boýunça ýazgy esasynda anyklanylýan gymmatly kagyzlaryň görnüşi;

10) gymmatly kagyzlaryň sertifikaty – emitent tarapyndan gymmatly kagyzlaryň eýesine onuň  sertifikatda gorkezilen gymmatly kagyzlarynyň sanyna bolan hukuklarynyň tassyklanylmagy üçin berilýän resminama.

2. Şu Kanundaky beýleki düşünjeler Türkmenistanyň raýat we başga kanunçylygynda, şeýle hem şu Kanunyň degişli maddalarynda kesgitlenilen manylarynda ulanylýar.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň we dolanyşygynyň meselelerini we maýa goýum işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Paýdarlar jemgyýetleriniň gymmatly kagyzlarynyň emissiýasy we dolanyşygy “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi gymmatly kagyzlaryň bazarynda şu aşakdaky gymmatly kagyzlaryň emissiýasynda we dolanyşygynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli bolup durýar:

1) paýnamalaryň;

2) obligasiýalaryň;

3) geçirilýän wekselleriň;

4) geçirilýän bank depozit sertifikatlarynyň;

5) gymmatly kagyzlaryň bazarynda aýlanýan, gymmatly kagyzlardan döredilýän kagyzlar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan gymmatly kagyzlaryň Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda emissiýasy we dolanyşygy göz öňünde tutulýan başga görnüşleri hem kesgitlenip bilner.

3. Şu Kanunyň hereketi karz edaralarynyň işine gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy hökmünde degişli bolup durýar.

4. Şu Kanunyň hereketi karz edaralary tarapyndan, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasyna laýyklykda töleg resminamalarynyň wezipelerini ýerine ýetirýän gymmatly kagyzlaryň goýberilýän, satyn alynýan, satylýan, hasaba alynýan, saklanylýan we olar bilen başga amallar ýerine ýetirilýän böleginde, pul serişdeleriniň goýumlara we bank hasaplaryna çekilmegini tassyklaýan gymmatly kagyzlar bilen, özleri bilen amallaryň amala aşyrylmagy şu Kanuna laýyklykda ygtyýarnamanyň alynmagyny talap etmeýän beýleki gymmatly kagyzlar bilen bank amallarynyň amala aşyrylmagyna, şeýle hem görkezilen gymmatly kagyzlaryň ýuridik we fiziki şahslar bilen şertnama boýunça ynanyşykly dolandyrylmagyna degişli däldir.

 

II BAP.GYMMATLY KAGYZLAR BAZARYNYŇ DÖWLET

TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI

 

4-nji madda. Gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň esaslary

 

Gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi şu aşakdakylaryň esasynda amala aşyrylýar:

1) gymmatly kagyzlar bazaryna gatnaşyjylaryň işine hökmany talaplaryň bellenilmegi;

2) gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň (goşmaça emissiýalarynyň) döwlet tarapyndan bellige alynmagy, şeýlehem olarda göz öňünde tutulan borçnamalaryň emitentler tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik edilmegi;

3) gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işiniň ygtyýarlylandyrylmagy;

4) gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň hünärmenleriniň hünär synagyndan geçirilmegi;

5) gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň hukuklaryny goramagyň we olaryň hukuklarynyň emitentler hem-de gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik ulgamynyň döredilmegi;

6) gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işi amala aşyrylan mahalynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket edilmegi;

7) gymmatly kagyzlar bazarynda işi degişli ygtyýarnamasy bolmazdan amala aşyrýan şahslaryň işiniň öňüniň alynmagy.

(2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

5-nji madda Gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýlak - ygtyýarly edara) gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gymmatly kagyzlar bazary babatynda:

1) şulary kesgitleýär:

a) ýeke-täk döwlet syýasatyny;

b) Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda emissiýasy we dolanyşygy göz öňünde tutulýan gymmatly kagyzlaryň täze görnüşlerini;

2) şulary tassyklaýar:

a) gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet ösüş maksatnamasyny;

b) döwletiň gymmatly kagyzlarynyň emissiýasynyň we dolanyşygynyň düzgünlerini;

3) şulary belleýär:

a) Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda daşary ýurtly emitentler tarapyndan goýberilen gymmatly kagyzlaryň dolanyşyga goýberilmeginiň her ýylky paýlaryny we şertlerini;

b) döwletara şertnamalary boýunça Türkmenistanyň borçnamalarynyň hasaba alynmagy bilen Türkmenistanyň emitentleri tarapyndan goýberilen gymmatly kagyzlaryň Türkmenistanyň çäginden daşarda dolanyşyga goýberilmeginiň her ýylky paýlaryny;

4) jemagata yglan edilmezden ýerlenilýän gymmatly kagyzlaryň aýry-aýry goýberilişleriniň emissiýasynyň prospektleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagyndan boşadylmagy barada çözgüt kabul edýär;

5) gymmatly kagyzlar bazarynda maýa goýujylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýär;

6) öz ygtyýarlylygynyň çäklerindäki başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

7-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarly edara gymmatly kagyzlar bazary babatynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) şulary amala aşyrýar:

a) gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet ösüş maksatnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmegini;

b) gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işiniň ygtyýarlylandyrylmagyny;

ç) gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylarynyň işiniň utgaşdyrylmagyny;

d) gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary babatda gözegçilik we gözegçilik barlagynyň wezipelerini, şol sanda gözegçiligiň we gözegçilik barlagynyň elektron ulgamy arkaly;

3) Gymmatly kagyzlaryň ýeke-täk döwlet sanawyny döredýär we ýöredýär, gymmatly kagyzlaryň bellige alnan emissiýalary barada maglumatlaryň açylmagyny üpjün edýär;

4) gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň hünärmenleriniň hünär synagyny geçirýär, olara hünär derejeli şahadatnamalary berýär;

5) şulary tassyklaýar:

a) gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň hünärmenleriniň hünär synagyny geçirmegiň, hünärderejeli şahadatnamasyny bermegiň we onuň hereketiniň bes edilmeginiň tertibini;

b) gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawlarynyň geçirilmeginiň tertibini;

ç) emitentler tarapyndan emissiýanyň netijeleri barada we gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary tarapyndan gymmatly kagyzlar bilen amallar boýunça hasabatlary düzmegiň we bermegiň tertibini;

d) depozitariniň dessuryny;

6) şulary belleýär:

a) Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşmak boýunça kliring guramalarynyň ýörite gaznalarynyň iň az möçberini;

b) gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny saklaýjynyň maglumat ulgamlaryna bildirilýän talaplaryny;

7)öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň hukuklary

 

Ygtyýarly edaranyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işiniň ygtyýarlylandyrylmagyny amala aşyrmaga;

2) gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary üçin (karz edaralary muňa degişli däldir) hökmany bolan gymmatly kagyzlar bilen amallar boýunça töwekgelçilikleri çäklendirmäge gönükdirilen ykdysady görkezijileri bellemäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylarynyň işine barlaglary geçirmäge, şol sanda degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçirmäge;

4) barlaglaryň netijeleri boýunça gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylaryna ýerine ýetirilmegi hökmany bolan tabşyryknamalary bermäge;

5) gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi babatynda öz ygtyýarlyklaryna girýän meseleleri çözmek üçin gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylaryndan zerur resminamalaryň berilmegini talap etmäge;

6) eger-de barlaglar geçirilende administratiw ýa-da jenaýat hukuk bozulmasynyň häsiýeti bolan ýagdaýlar ýüze çykarylsa, resminamalary Türkmenistanyň degişli ygtyýarly edaralaryna ibermäge;

7) öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen meseleler boýunça hak isleýiş arzalary bilen kazyýete ýüz tutmaga;

8) gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylarynyň işine gözegçilik etmek maksady bilen özüniň ygtyýarly wekillerini bellemäge;

9) gazna biržalarynyň we gymmatly kagyzlar bazarynyň beýleki hünärli gatnaşyjylarynyň elektron ulgamlary bilen bagly bolan gözegçiligiň we gözegçilik barlagynyň elektron ulgamyny ulanmak bilen gazna birža söwdalarynyň geçirilmegine daşyndan gözegçiligi geçirmäge;

10) emissiýaly gymmatly kagyzlaryň çykarylyş möçberiniň olaryň dolanyşykda bolýan sanyna laýyk gelşine gözegçilik barlagyny amala aşyrmaga;

11) Türkmenistanyň kanunçylygy bozulan halatynda gymmatly kagyzlar bilen amallary amala aşyrmaga hünärderejeli şahadatnamalary bolan wezipeli adamlara we hünärmenlere öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde jogapkärçilik çärelerini görmäge;

12) gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi babatynda öz ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça çözgütleri kabul etmäge.

 

9-njy madda. Gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işiniň ygtyýarlylandyrylmagy

 

Gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

III BAP.GYMMATLY KAGYZLAR BAZARYNA GATNAŞYJYLAR. GYMMATLY KAGYZLAR BAZARYNDA HÜNÄRMENÇILIK IŞI

 

10-njy madda. Gymmatly kagyzlar bazaryna gatnaşyjylar

 

1.Gymmatly kagyzlaryň emitentleri, maýa goýujylar we gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylary bolup durýar.

2. Gymmatly kagyzlaryň emitenti – şu Kanuna laýyklykda gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny amala aşyrýan, şu gymmatly kagyzlarda berkidilen hukuklaryň amala aşyrylmagy boýunça olaryň eýeleriniň öňünde öz adyndan jogapkärçilik çekýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs.

Döwletiň gymmatly kagyzlarynyň emitenti bolup Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary çykyş edýär.

3. Maýa goýujy – öz adyndan we öz hasabyna gymmatly kagyzlary edinýän fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs.

Gymmatly kagyzlaryň maýa goýumyň obýekti hökmünde saýlanylyp alynmagy, maýa goýumlaryň görnüşleri we möçberleri we degişlilikde bu saýlap almagyň netijeleri maýa goýujynyň özüniň jogapkärçiligi (töwekgelçiligi) bolup durýar.

Gymmatly kagyzlara goýlan hususy maýalaryň goralmagy boýunça jogapkärçiligi (töwekgelçiligi) maýa goýujynyň özi çekýär.

4. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary, şol sanda maýa goýum instituty – şu Kanunyň 11-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda gymmatly kagyzlar bazaryndaky hünärmençilik işiniň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasy bolan ýuridik şahslar.

 

11-nji madda. Gymmatly kagyzlar bazaryndaky hünärmençilik işiniň görnüşleri

 

1. Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işiniň şu aşakdaky görnüşleri amala aşyrylyp bilner:

1) dellalçylyk işi (maliýe araçylygy);

2) dilerçilik işi;

3) gymmatly kagyzlary dolandyrmak boýunça iş;

4) özara borçnamalary kesgitlemek boýunça iş (kliring);

5) depozitar işi;

6) kastodial işi;

7) gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynyň ýöredilmegi boýunça iş;

8) gymmatly kagyzlar bazarynda söwdalaryň guralmagy boýunça iş (gazna biržasynyň işi).

2. Gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işi gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary – ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Hünär işiniň görnüşleriniň utgaşdyrylmagy ygtyýarly edara bilen ylalaşmak arkaly amala aşyrylýar.

Dördünji bölegi Türkmenistanyň 03.06.2023 ý. № 30-VII Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

5. Gymmatly kagyzlaryň guramaçylykly bazarlarynda işi amala aşyrýan gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň özüniň işi bilen bagly maliýe töwekgelçiliklerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrmaga hukugy bardyr.

6. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň adyndan gymmatly kagyzlar bilen amallary amala aşyrmaklyga onuň işgär düzüminde durýan, ygtyýarly edara tarapyndan berlen hünärderejeli şahadatnamasy bolan hünärmeniň hukugy bardyr.

7. Ygtyýarly edara tarapyndan gymmatly kagyzlar bazaryna daşyndan gözegçiligiň we gözegçilik barlagynyň amala aşyrylmagy üçin gazna biržalary we gazna birža söwdalary bilen baglanyşykly gymmatly kagyzlar bazarynyň beýleki hünärli gatnaşyjylary ygtyýarly edaranyň gözegçilik elektron ulgamlaryny öz elektron ulgamlaryna birikdirilmegini we elýeterliligini üpjün etmelidirler.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

12-nji madda. Gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işiniň amala aşyrylmagyna çäklendirmeler

 

1. Dellalçylyk we (ýa-da) dilerçilik işini amala aşyrýan gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň şu aşakdakylara hukugy ýokdur:

1) eger-de görkezilen geleşikleriň baglaşylmagy we amala aşyrylmagy müşderileriň bähbitlerine garşy gelýän bolsa, gymmatly kagyzlar bilen geleşikleri baglaşmaga;

2) eger-de haýsy-da bolsa bir üçünji tarapa olaryň her biriniň esaslyk maýasynyň 25 göterimi degişli bolsa, öz aralarynda gymmatly kagyzlar bilen geleşikleri baglaşmaga.

2. Esaslyk maýasynda gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň-ýuridik şahsyň paýy 10 göterimden geçýän ýuridik şahs gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işini amala aşyryp bilmez.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň öz eýeçiligine beýleki gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň-emitentiň gymmatly kagyzlaryny onuň esaslyk maýasynyň 10 göteriminden ýokary möçberinde satyn almaklyga ýa-da şeýle gymmatly kagyzlar bilen başga görnüşde geleşikleriň amala aşyrylmagy netijesinde bähbit görüji bolmaklyga hukugy ýokdur.

3. Eger-de gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde tölege ukyply däl (batan) diýlip yglan edilse, onda onuň işgärler düzümindäki hünärmenleriniň hünärderejeli şahadatnamalary hakyky däl diýlip hasap edilýär.

4. Şu aşakdakylar gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň dolandyryş edarasynyň wezipeli adamy bolup bilmez:

1) ygtyýarly edara tarapyndan berlen hünärderejeli şahadatnamasy bolmadyk adam;

2) eger wezipä bellenilen pursatyna çenli geçen üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölege ukyply däl (batan) diýlip yglan edilen, sanasiýa ýa-da mejbury ýatyrylmaga sezewar edilen paýdarlar jemgyýetiniň, başga kärhananyň ýolbaşçy wezipesini eýelän ýa-da ýerine ýetiriji edarasynyň, ýa-da gözegçilik geňeşiniň agzasy bolan bolsa;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şeýle hukugy bolmadyk adam.

 

13-nji madda. Dellalçylyk işi

 

1. Dellalçylyk işi diýlip gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy-dellal tarapyndan tabşyryk ýa-da komissiýa şertnamasy esasynda hereket edýän wekil ýa-da komissioner hökmünde gymmatly kagyzlar bilen raýat-hukuk geleşikleriniň amala aşyrylmagy hasap edilýär.

2. Dellal müşderiniň tabşyrygy boýunça we serişdeleriniň hasabyna onuň bähbitlerinde hereket edýär.

3. Dellal tarapyndan dellalçylyk we dilerçilik işi utgaşdyrylanda müşderiniň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýan gymmatly kagyzlar bilen geleşikler dellalyň özüniň dilerçilik amallary bilen deňeşdirilende ilkinji nobatda ýerine ýetirilmäge degişlidir.

4. Dellalda müşderiniň tabşyrygynyň oňa bähbitli bolan şertlerde amala aşyrylmagyna päsgel berýän bähbidi bolan halatynda dellal şeýle bähbidiniň bardygy barada haýal etmän müşderä habar bermäge borçludyr.

5. Müşderiniň gymmatly kagyzlara maýa goýmak üçin dellala beren pul serişdeleri, şeýle hem dellal tarapyndan müşderi bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda gymmatly kagyzlar bilen amala aşyrylan geleşikler boýunça alnan pul serişdeleri dellal tarapyndan karz edarasynda açylýan aýratyn bank hasabynda (ýörite hasaby) bolmalydyr.

Dellal her bir müşderiniň ýörite hasapda duran pul serişdeleriniň hereketiniň hasabyny ýöretmäge we müşderä degişli maglumatlary bermäge borçludyr.

Müşderiniň ýörite hasapda duran pul serişdeleri dellal tölege ukyply bolmadyk (batan) ýa-da ýatyrylan halatynda ýatyrylyş massasyna goşulmaýar we olaryň hasabyna dellalyň borçnamalaryny töletdirip bolmaýar.

Dellalyň öz hususy serişdelerini ýörite hasaba geçirmeklige hukugy ýokdur.

6. Müşderi tarapyndan şu maddanyň ýedinji böleginde görkezilen usul bilen üpjün edilmek berlen şertinde, gymmatly kagyzlary satyn almak-satmak geleşikleriniň  amala aşyrylmagy üçin dellalyň müşderä gymmatly kagyzlary karz bermeklige (maržinal geleşikler) hukugy bardyr.

Karz bermegiň şertleri, şol sanda karzyň möçberi ýa-da ony kesgitlemegiň tertibi, karz boýunça göterimler dellal bilen müşderiniň arasynda baglaşylýan karz şertnamasy bilen bellenilýär.

Maržinal geleşikleriň amala aşyrylandygy hakynda dellalyň hasabaty ýa-da karz şertnamasynyň şertleri bilen kesgitlenilen başga resminama kesgitlenilen gymmatly kagyzlaryň karz berlendigini tassyklaýan resminama hasap edilýär.

7. Müşderä degişli we (ýa-da) maržinal geleşikler boýunça dellal tarapyndan müşderi üçin satyn alynýan gymmatly kagyzlar berlen karzlar boýunça müşderiniň borçnamalarynyň üpjün edilmegi hökmünde kabul edilýär.

Müşderi tarapyndan berlen üpjün edilmegiň möçberi dellal tarapyndan gazna birža söwdalarynda emele gelen üpjün edilmegi bolup durýan gymmatly kagyzlaryň bazar bahasy boýunça karz şertnamasynda bellenilen ýeňilligiň aýrylmagy bilen kesgitlenilýär.

8. Müşderi tarapyndan şertnamada bellenilen möhletde karz şertnamasynyň talaplary ýerine ýetirilmedik halatynda dellalyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz boýunça üpjün edilmek bolup durýan müşderiniň gymmatly kagyzlaryny töletdirmeklige hukugy bardyr.

9. Müşderiniň tabşyrygy onuň bähbitlerine bilkastlaýyn ýa-da tötänlikde zeper ýetirilmegi bilen ýerine ýetiren halatynda, dellal Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda müşderiniň ýitgileriniň öwezini öz hasabyna dolmaga borçludyr.

10. Dellalyň özi emitenti bolup durýan gymmatly kagyzlar bilen geleşikleri amala aşyrmaga haky ýokdur.

 

14-nji madda. Dilerçilik işi

 

1. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy-diler tarapyndan öz adyndan we oz hasabyna satyn alyş we (ýa-da) satyş nyrhlarynyň jemagat yglan edilmegi arkaly ol gymmatly kagyzlar boýunça geleşikleriň yglan edilen nyrhlar boýunça ýerine ýetirilmeginiň borçnamasy bilen gymmatly kagyzlaryň satyn alnyş-satylyş geleşikleriniň amala aşyrylmagy dilerçilik işi diýlip hasap edilýär.

2. Dileriň nyrhdan başga-da gymmatly kagyzlary satyn almak-satmak şertnamasynyň beýleki düýpli şertlerini, şol sanda satyn alynýan we (ýa-da) satylýan gymmatly kagyzlaryň iň az we iň köp mukdaryny, şeýle hem yglan edilen nyrhlaryň hereket edýän möhletini yglan etmäge hukugy bardyr.

Yglan etmede başga düýpli şertleriň bolmadyk halatynda, diler şertnamany öz müşderisi tarapyndan teklip edilen düýpli şertlerde baglaşmaga borçludyr. Dileriň şertnama baglaşmakdan boýun gaçyrmagy netijesinde müşderä ýetirilen zyýanyň öwezi dileriň hasabyna doldurylmaga degişlidir.

3. Dileriň özi emitenti bolup durýan gymmatly kagyzlar bilen geleşikleri amala aşyrmaga haky ýokdur.

4. Gymmatly kagyzlar bazarynda diler hökmünde işi maýa goýum instituty amala aşyryp biler.

Maýa goýum instituty gazna biržalarynyň üsti bilen dellal hökmünde işi amala aşyran şertinde dellalçylyk işiniň maýa goýum instituty tarapyndan amala aşyrylmagyna rugsat berilýär.

Maýa goýum instituty emitent bilen şertnama boýunça öz hasabyna yzyna satyn almak şertlerinde onuň emissiýasynyň guramaçasy bolup çykyş edip biler.

Gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işini amala aşyrmak hukugyna eýe bolan maýa goýum kompaniýasy we maýa goýum gaznasy maýa goýum institutlaryna degişlidir.

5. Maýa goýum kompaniýasy, maýa goýum gaznasy işeňňirligi gymmatly kagyzlaryň portfeli bilen bagly bolan, we gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny, olaryň ýerleşdirilmegi boýunça üçünji şahslaryň haýryna kepillikleriň berilmegini, gymmatly kagyzlara serişdeleriň goýulmagyny, öz adyndan we öz hasabyna gymmatly kagyzlaryň satyn alnyş-satylyş geleşiklerini amala aşyrýan kärhanalar bolup durýarlar.

Maýa goýum kompaniýasy göni maýa goýum işini we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bank amallarynyň ähli ýa-da aýry-aýry görnüşlerini amala aşyryp biler.

6. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenmedik bolsa, maýa goýum kompaniýasy öz maliýe serişdelerini esaslandyryjylaryň serişdeleriniň, ýuridik we fiziki şahslara ýerlenilýän hususy gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň, şeýle hem hususy serişdelerini täzeden maýa goýmagyň hasabyna emele getirýär.

Maýa goýum kompaniýasy diňe ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilip bilner.

7. Maýa goýum gaznasy öz maliýe serişdelerini esaslandyryjylaryň serişdeleriniň, gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň we olaryň açyk ýerleşdirilmeginiň, şeýle hem çekilen serişdeleriň gymmatly kagyzlara we beýleki maýa goýum aktiwlerine diwersifikasiýalaşdyrylyp täzeden maýa goýulmagynyň hasabyna emele getirýär.

Maýa goýum gaznasy diňe açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilip bilner.

Karz edaralary maýa goýum gaznalary bolup bilmezler.

8. Maýa goýum instituty maýa goýum maslahatçysy hökmünde müşderilere şu aşakdakylar boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny edip biler:

1) gymmatly kagyzlar bazarynyň we onuň hünärli gatnaşyjylarynyň ýagdaýynyň seljerilmegi we çaklanylmagy, maliýe gurallarynyň (maliýe borçnamalarynyň) teklipleriniň işlenilip düzülmegi;

2) gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanyşygy, hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, şeýle hem gymmatly kagyzlar bazarynda maýa goýum syýasatynyň emele getirilmegi.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

15-nji madda. Gymmatly kagyzlaryň dolandyrylmagy boýunça iş

 

1. Gymmatly kagyzlar bazarynda gymmatly kagyzlary dolandyrmak boýunça iş diýlip, gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy-ynançly dolandyryjy tarapyndan öz adyndan höweslendirmäniň hasabyna we kesgitli möhletiň dowamynda gymmatly kagyzlara maýa goýmak üçin niýetlenen, gymmatly kagyzlaryň eýesi tarapyndan oňa berlen pul serişdeleriniň we gymmatly kagyzlaryň soňkynyň bähbitlerine ynançly dolandyrylmagynyň amala aşyrylmagy hasap ediýär.

2. Ynançly dolandyrmagyň şertnamasynyň baglaşylmagy emläk eýesiniň gymmatly kagyzlara bolan emläk hukugynyň we (ýa-da) başga zatlara bolan hukugynyň ynanylýan dolandyryja geçmegine getirmeýär.

Ynançly dolandyryjy ynançly dolandyryş boýunça öz işini amala aşyrýan mahalynda, özüniň ynançly dolandyryjy hökmünde hereket edýändigini görkezmäge borçludyr.

3. Ynançly dolandyryjynyň müşderileriniň gymmatly kagyzlary ynançly dolandyryjynyň özüniň hususy aktiwlerinden aýratynlykda hasaba alynýar we ol tölege ukyply bolmadyk (batan) ýa-da ýatyrylan halatynda ýatyrylyş massasyna goşulmaýar, olaryň hasabyna ynançly dolandyryjynyň borçnamalary töletdirilip bilinmez.

 

16-njy madda. Özara borçnamalaryň kesgitlenilmegi boýunça iş (kliring)

 

1. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň – kliring guramasynyň özara borçnamalaryň kesgitlenilmegi we olaryň gymmatly kagyzlar bilen geleşikleriň amala aşyrylmagynyň netijeleri boýunça hasaba alynmagy boýunça işi özara borçnamalaryň kesgitlenilmegi boýunça iş (kliring) diýlip hasap edilýär.

2. Özara borçnamalaryň kesgitlenilmegi gymmatly kagyzlar bilen geleşikler boýunça maglumatlaryň toplanylmagyny, deňeşdirilmegini, düzedilmegini we olar boýunça buhgalterçilik resminamalarynyň taýýarlanylmagyny öz içine alýar.

3. Kliring guramalary gymmatly kagyzlar bazarynyň özleri üçin özara hasaplaşyklar geçirilýän gatnaşyjylary bilen şertnamalar esasynda özara borçnamalar kesgitlenilen mahalynda taýýarlanylan buhgalter resminamalaryny ýerine ýetirmäge kabul edýärler.

4. Gymmatly kagyzlar bilen geleşikler boýunça hasaplaşyklary amala aşyrýan kliring guramasy gymmatly kagyzlar bilen geleşikleriň ýerine ýetirilmezlik töwekgelçilikleriniň peseldilmegi üçin ýörite gaznalary emele getirmäge we kliring işiniň amala aşyrylmagynyň düzgünlerini tassyklamaga borçludyr.

5. Kliring guramalarynyň ýörite gaznalarynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşmagy arkaly ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

6. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kliring guramasynyň wezipeleri ýüklenilen ýörite edaranyň döredilmegi ýa-da kliring guramasynyň wezipeleriniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarly karz edarasyna ygtyýarlyk berilmegi hakynda karar kabul edilip bilner.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

17-nji madda. Depozitar işi

 

1. Depozitar işi diýlip, gymmatly kagyzlar bazarynyň ýöriteleşdirilen hünärli gatnaşyjysy – depozitariý tarapyndan depozitariý bilen depozitariniň hyzmatlaryndan peýdalanýan şahsyň – deponentiň arasynda baglaşylan depozitar şertnamanyň esasynda gymmatly kagyzlaryň saklanylmagy we (ýa-da) gymmatly kagyzlara bolan hukuklaryň geçmeginiň hasaba alynmagy boýunça hyzmatlaryň edilmegi hasap edilýär.

2. Depozitar şertnamasynyň baglaşylmagy deponentiň gymmatly kagyzlara bolan eýeçilik hukugynyň we (ýa-da) başga zatlara bolan hukugynyň depozitara geçmegine getirmeýär.

3. Deponentiň gymmatly kagyzlarynyň hasabyna depozitariniň borçnamalaryny töletdirip bolmaýar.

4. Deponentleriň pullary we gymmatly kagyzlary depozitariniň hususy aktiwlerinden aýratynlykda hasaba alynýar we depozitariý tölege ukyply bolmadyk (batan) ýa-da ýatyrylan halatynda ýatyrylyş massasyna goşulmaýar.

5. Depozitar şertnamasynda şu aşakdaky düýpli şertler bolmalydyr:

1) depozitar işiniň mazmunyna laýyklykda şertnamanyň närsesiniň birmenzeş kesgitlenilmesi;

2) deponent tarapyndan depozitariýä deponentiň depozitariýdäki deponirlenen gymmatly kagyzlara ygtyýarlyk etmegi hakynda maglumatlaryň berilmeginiň tertibi;

3) şertnamanyň hereket ediş möhletleri we bozulyş tertibi;

4) depozitariniň hyzmatlarynyň möçberi we töleniliş tertibi;

5) depozitariniň deponentiň öňündäki hasabatlylygynyň görnüşi we döwri;

6) şertnamanyň taraplarynyň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi.

6. Depozitariý şulara borçludyr:

1) deponentiň gymmatly kagyzlarynyň borçnamalary bilen ýüklenilmeginiň faktlarynyň bellige alynmagyny geçirmäge;

2) hasap boýunça her bir amalyň senesini we esaslaryny görkezmek bilen deponyň beýlekilerden tapawutly hasabyny ýöretmäge;

3) depozitariý tarapyndan emitentden ýa-da gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny saklaýjysyndan alan gymmatly kagyzlar hakyndaky ähli maglumatlary deponente bermäge.

7. Depozitar şertnamasyna laýyklykda depozitariniň gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynda ýa-da başga depozitariýde gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysy hökmünde bellige alynmaga hukugy bardyr.

Gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysy gymmatly kagyzda berkidilen hukuklary diňe deponentiň degişli görkezmesini alan halatynda amala aşyryp biler.

8. Depozitariý gymmatly kagyzlary saklamak we gymmatly kagyzlara bolan hukuklary hasaba almak boýunça özüniň borçlarynyň ýerine ýetirilmändigi ýa-da talabalaýyk ýerine ýetirilmändigi üçin, şol sanda deponyň hasaplary boýunça ýazgylaryň dolulygyna we dogrulygyna jogapkärçilik çekýär.

9. Depozitariniň depozitar şertnamasyna laýyklykda deponentiň karz edarasyndaky hasabyna geçirmek maksady bilen saklanylýan gymmatly kagyzlar boýunça girdejileri öz hasabyna geçirmäge hukugy bardyr.

10. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan depozitariniň wezipeleri ýüklenilen ýörite edaranyň döredilmegi ýa-da depozitariniň wezipeleriniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarly karz edarasyna ygtyýarlyk berilmegi hakynda karar kabul edilip bilner.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

18-nji madda. Kastodial işi

 

1. Gymmatly kagyzlar bazaryndaky kastodial işi diýlip, gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy kastodian-karz edarasy tarapyndan emissiýaly gymmatly kagyzlaryň we beýleki maliýe gurallarynyň, şeýle hem müşderileriň pul serişdeleriniň saklanylmagyny we hasaba alynmagyny üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň edilmegi hasap edilýär.

2. Kastodian bilen onuň müşderisiniň arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saklamagyň we tabşyrmagyň şertnamasynyň kadalary ulanylýan kastodial hyzmatyny etmek boýunça şertnamanyň esasynda ýüze çykýar. Kastodian kastodial hyzmatyny etmek boýunça şertnamany baglaşan mahalynda müşderini kastodial işiň meselelerini düzgünleşdirýän içki resminamalar bilen tanyşdyrmaga borçludyr.

3. Kastodial hyzmatyny etmek boýunça şertnamada şular bolmalydyr:

1) kastodial işiniň mazmunyna laýyklykda şertnamanyň närsesiniň birmeňzeş kesgitlenilmegi;

2) şertnamanyň taraplarynyň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi;

3) kastodianyň hyzmatlarynyň töleniliş tertibi;

4) kastodian tarapyndan kastodial hyzmat edilmegi üçin berlen gymmatly kagyzlar boýunça girdejiniň müşderiniň hasabyna geçirilmeginiň şertleri we tertibi;

5) şertnamanyň hereket ediş möhleti we ýatyrylyş tertibi;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykdaky başga şertler.

4. Kastodian kastodial hyzmaty üçin berlen emissiýaly gymmatly kagyzlaryň we beýleki maliýe gurallarynyň saklanylmagyny we hasaba alynmagyny öz hususy aktiwlerinden aýratynlykda üpjün etmäge, müşderä onuň talap etmegi boýunça hasaplarynyň ýagdaýy hakynda hasabat bermäge borçludyr.

5. Kastodian öz müşderisiniň affilirlenen şahsy bolup bilmez.

 

19-njy madda. Gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny ýöretmek boýunça iş

 

1. Gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny ýöretmek boýunça iş diýlip sanawy saklaýjy (bellige alyjy) diýlip atlandyrylýan ýuridik şahs tarapyndan amala aşyrylýan, gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny düzýän maglumatlaryň toplanylmagy, bellenilmegi, işlenilmegi, saklanylmagy we berilmegi hasap  edilýär.

2. Gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawy atly gymmatly kagyzlaryň bellige alnan eýelerine degişli atly gymmatly kagyzlaryň sanynyň, nominal bahasynyň we kysymynyň görkezilmegi bilen, olara degişli bolan, bellenilen senedäki ýagdaýa görä düzülen we ol eýeleriniň kybaplaşdyrylmagyna mümkinçilik berýän sanawyny özünde jemleýär.

Teklip ediji üçin gymmatly kagyzlar boýunça gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawy düzülmeýär.

3. Emitent ýa-da emitentiň tabşyrygy esasynda sanawy ýöretmek boýunça işi amala aşyrýan gymmatly kagyzlaryň bazarynyň hünärli gatnaşyjysy sanawyň saklaýjysy bolup biler.

Emitent tarapyndan sanawyň ýöredilmegi üçin şertnama diňe bir bellige alyjy bilen baglaşylýar. Bellige alyjy emitentleriň çäklendirilmedik sanynyň gymmatly kagyzlarynyň eýeleriniň sanawyny ýöredip biler.

Atly gymmatly kagyzlaryň emitenti bu gymmatly kagyzlar ýerleşdirilip başlanan gününden, emitent-paýdarlar jemgyýeti esaslandyrylan mahalynda bolsa atly gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň döwlet tarapyndan bellige alnan gününden 30 iş gününiň dowamynda sanawyň ýöredilmegini özbaşdak ýa-da özüniň tabşyrmagy boýunça bellige alyjy tarapyndan üpjün etmäge borçludyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň ýeke-täk sanawyny saklaýjynyň – ýeke-täk bellige alyjynyň wezipeleri ýüklenilen ýörite edaranyň döredilmegi ýa-da ýeke-täk bellige alyjynyň wezipeleriniň ygtyýarly karz edarasynyň delegirlenmegi hakynda karar kabul edilip bilner.

4. Gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynyň emitentiň özi tarapyndan ýöredilmegi ygtyýarnamasyz amala aşyrylýar.

5. Bellige alyjynyň eýeçiliginde emitentiň gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynda bellige alnan gymmatly kagyzlarynyň bolmagyna ýa-da olar bilen geleşikleri amala aşyrmaga haky ýokdur.

6. Sanawy saklaýjy şulara borçludyr:

1) sanawy saklaýjyda bellige alynmaga islegi bolan her bir gymmatly kagyzyň eýesine, şeýle hem gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysyna olaryň talabyň geçirilmegi baradaky habary ýa-da gymmatly kagyzlaryň birine berilmegi hakynda buýrugy esasynda, gymmatly kagyzlar ýerleşdirilen mahalynda bolsa – gymmatly kagyzlaryň satyjysynyň habary esasynda sanawy ýöretmegiň ulgamynda şahsy hasabyny açmaga;

2) sanawa ähli zerur bolan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmäge;

3) gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň we gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjylarynyň şahsy hasaplarynda diňe olaryň tabşyrygy boýunça amallary amala aşyrmaga;

4) bellige alnan şahslara emitent tarapyndan berlen maglumatlary ýetirmäge;

5) emitent bilen şertnama ýatyrylan mahalynda sanawyň geçiriliş tertibini berjaý etmäge;

6) gymmatly kagyzlaryň eýesiniň ýa-da onuň adyndan hereket edýän adamyň, şeýle hem gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysynyň talaby boýunça onuň şahsy hasaby boýunça sanawdan göçürmäni bermäge.

7. Sanawyň saklaýjysy tarapyndan şahsy hasabyň eýesiniň, göçürme berlen wagtynda bu hasapdaky hasapda duran her bir goýberilişiň gymmatly kagyzlaryň möçberiniň, olaryň borçnamalar bilen ýüklenilmeginiň ýagdaýlarynyň, bu kagyzlara degişli başga maglumatlaryň görkezilmegi bilen berlen resminama, sanawdan göçürme bolup durýar.

Sanawyň saklaýjysy göçürmede bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna jogapkärçilik çekýär.

8. Sanawyň saklaýjysy şular esasynda sanawa üýtgetme girizýär:

1) gymmatly kagyzlaryň eýesiniň ýa-da onuň adyndan hereket edýän adamyň, ýa-da sanawda bellige alnan gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysynyň gymmatly kagyzlaryň berilmegi hakynda buýrugynyň;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gymmatly kagyzlara bolan eýeçilik hukugynyň geçmegini tassyklaýan başga resminamalaryň.

Gymmatly kagyzlaryň olaryň eýesinde bolmagyny göz öňünde  tutýan emisiýaly gymmatly kagyzlaryň resminamalaşdyrylan görnüşinde görkezilen resminamalardan başga-da gymmatly kagyzyň sertifikaty berilýär. Şunda atly gymmatly kagyzyň eýesi hökmünde sertifikatda görkezilen şahsyň ady (atlandyrylyşy) gymmatly kagyzlaryň berilmegi hakynda buýrukda görkezilen bellige alnan şahsyň adyna (atlandyrylyşyna) laýyk gelmelidir.

9. Sanawyň saklaýjysy şu maddanyň sekizinji böleginde bellenilen resminamalary alan pursatyndan bir iş gününiň dowamynda sanawda gymmatly kagyzlara bolan hukugyň geçmegi hakynda degişli ýazgy geçirmäge borçludyr.

10. Gymmatly kagyzlaryň sanawynyň saklaýjysynyň muzdly esasda taraplara geleşik boýunça sanawa maglumatlary girizmek barada hem-de sanawdan göçürmeleri bermek boýunça hyzmatlary etmäge hukugy bardyr.

Gymmatly kagyzlar ýerleşdirilen mahalynda resmileşdirilen sanawdan göçürmeler eýelerine mugt berilýär.

11. Emitent bilen bellige alyjynyň arasynda sanawy ýöretmek boýunça şertnamanyň hereketi bes edilen mahalynda bellige alyjy emitent tarapyndan görkezilen sanawyň beýleki saklaýjysyna emitentden alnan maglumatlary, sanawy alyp barmagyň ulgamyny düzýän ähli maglumatlary we resminamalary, şeýle hem şertnamanyň hereketiniň bes edilen senesine düzülen sanawy berýär.

Sanawy saklaýjy çalşylan mahalynda emitent öz hasabyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu barada bildiriş berýär ýa-da gymmatly kagyzlaryň ähli eýelerine ýazmaça habar berýär.

12. Gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyndan maglumatlaryň açylmagy şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda sanawyň saklaýjysy tarapyndan amala aşyrylýar.

Gymmatly kagyzlar boýunça geçirilen amallar, gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynda bellige alnan gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň hasaplary boýunça maglumatlar ýaşyryn bolup durýar. Görkezilen maglumatlar şulara berlip bilner:

1) gymmatly kagyzlaryň eýelerine we olaryň kanuny wekillerine;

2) ygtyýarly edara;

3) kazyýetiň kanuny güýjüne giren çözgüdi esasynda beýleki şahslara.

13. Ygtyýarly edara jaýlaryň tehniki enjamlaşdyrylyşyna, gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny saklaýjynyň maglumatlar ulgamyna bildirilýän talaplary belleýär.

 

20-nji madda. Gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysy

 

1. Depozitariniň deponenti bolup we bu gymmatly kagyzlaryň eýesi bolmadyk gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynda bellige alnan ýuridik şahs gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysy bolup durýar.

2. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysy hökmünde çykyş edip bilýärler.

3. Gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysy diňe gymmatly kagyzlaryň eýesinden degişli ygtyýarlylygy alan halatynda gymmatly kagyzda berkidilen hukuklary amala aşyryp biler.

4. Gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysynyň adynyň gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyna goşulmagy, şeýle hem gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysynyň adyna gymmatly kagyzlaryň gaýtadan bellige alynmagy gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysyna gymmatly kagyzlara bolan eýeçilik hukugynyň we (ýa-da) başga zat hukugynyň geçmegine eltmeýär.

Gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysynyň müşderileriniň gymmatly kagyzlarynyň hasabyna, gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysynyň borçnamalarynytöletdirip bolmaýar.

5. Atly gymmatly kagyzlar babatynda onuň özi saklaýjy bolup durýan gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysy başga şahsyň bähbitlerinde şulara borçludyr:

1) ol şahs tarapyndan bu gymmatly kagyzlar boýunça oňa degişli bolan diwidentleriň (düşewintleriň) alynmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ähli zerur hereketleri amala aşyrmaga;

2) diňe onuň bähbitlerinde özi gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysy bolup durýan şahsyň tabşyrmagy boýunça hem-de ol şahs bilen baglaşylan şertnama laýyklykda gymmatly kagyzlar bilen geleşikleri we amallary amala aşyrmaga;

3) özüniň başga şahslaryň bähbidinde aýry hasaplarda saklaýan gymmatly kagyzlarynyň hasabyny ýöretmäge;

4) eýesiniň talaby boýunça gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyna gymmatly kagyzlaryň eýesiniň adyna geçirilýändigi hakynda ýazgynyň girizilmegini üpjün etmäge.

 

21-nji madda. Gymmatly kagyzlar bazarynda söwdanyň guralmagy boýunça iş. Gazna biržasy

 

1. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy-gazna biržasy tarapyndan gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylarynyň arasynda emissiýaly gymmatly kagyzlar we beýleki maliýe gurallary bilen raýat-hukuk geleşikleriniň gös-göni baglaşylmagyna ýardam edýän hyzmatlaryň edilmegi gymmatly kagyzlar bazarynda söwdanyň guralmagy boýunça iş diýlip hasap edilýär.

2. «Gazna biržasy» düşünjesi firma adynda ýa-da işjeň ýa-da adaty mahabatlandyrmak maksady bilen diňe gymmatly kagyzlar bazarynda şu Kanuna laýyklykda esaslandyrylan söwdanyň guramaçysy tarapyndan peýdalanylyp bilner.

3. Şu Kanunyň maksatlary üçin öz işini şu Kanunyň gazna biržalaryna bildirýän talaplaryna laýyklykda amala aşyrýan Türkmenistanyň haryt-çig mal we pul biržalarynyň gazna bölümleri (bölümçeleri) gazna biržalary hasap edilýär, olaryň döredilmeginiň we guramaçylyk-hukuk görnüşleriniň meseleleri muňa degişli däldir.

4. Gazna biržalarynyň pul bölümleri (bölümçeleri) bolup biler.

 

22-nji madda. Gazna biržasynyň esaslandyryjylary

 

1. Şu Kanuna laýyklykda dellalçylyk we (ýa-da) dilerçilik işini amala aşyrmaga hukugy bolan gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarygazna biržasynyň esaslandyryjylary bolup bilerler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary bolup durmaýan şahslar gazna biržasynyň esaslandyryjylary hökmünde kesgitlenilip bilner.

Gazna biržasynyň esaslandyryjylarynyň sany üçden az bolup bilmez.

2. Gazna biržasy paýnamalary atly bolup duran ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilýär.

Peýda almak gazna biržasynyň işiniň maksady bolup durmaýar.

 

23-nji madda Gazna biržasynda agzalyk

 

1. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary gazna biržasynyň agzalary bolup biler.

2. Gazna biržasynyň agzalarynyň sany biržanyň geňeşi tarapyndan kesgitlenilýär, ýöne alty senenama aýynyň dowamynda üçden az bolup bilmez.

3. Gazna biržasynyň biržanyň agzalygyna girmek üçin şu aşakdakylar esasylary bolup durýan iň pes hökmany talaplary bellemäge haky bardyr:

1) gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamanyň bolmagy;

2) gazna biržasynyň agzalary üçin bellenilen birža giriş gatanjyny tölemegi;

3) birkemsiz işeňňirlik abraýy.

4. Gazna biržasynyň agzalygyna kabul etmek birža tarapyndan amala aşyrylýar. Birža bir aý möhletde gazna biržasynyň agzalygyna kabul edilmek barada arza seretmäge we kabul edilen çözgüt hakynda arza berijä ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr.

Gazna biržasynyň agzalygyna kabul etmekden boýun gaçyrmak hakynda çözgüt esaslandyrylmaga degişlidir.

5. Şu aşakdaky ýagdaýlarda gazna biržasyndaky agzalyk bes edilýär:

1) biržanyň agzalarynyň hataryndan meýletin çykylanda;

2) biržanyň agzalarynyň hataryndan çykarylanda;

3) gymmatly kagyzlar bazarynda gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy hökmündäki hünärmençilik işine ygtyýarnamanyň hereketi bes edilende (ýatyrylanda).

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

24-nji madda. Gazna biržasynyň tertipnamasy we düzgünleri

 

1. Gazna biržasy onuň ýokary dolandyryş edarasy tarapyndan tassyklanylan tertipnamasy we gazna birža söwdasynyň düzgünleri esasynda hereket edýär.

2. Gazna biržasynyň tertipnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen maglumatlar bolmalydyr.

3. Gazna birža söwdasynyň guralmagy gazna birža söwdasynyň şu aşakdakylary göz öňünde tutýan düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar:

1) gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjysynyň gazna birža söwdalaryna goýberilmeginiň tertibini;

2) emissiýaly gymmatly kagyzlaryň we beýleki maliýe gurallarynyň gazna birža söwdalaryna goýberilmeginiň tertibini;

3) gazna birža söwdalarynda baglaşylýan geleşikleriň baglaşylmagynyň we deňeşdirilmeginiň tertibini;

4) gazna birža söwdalarynda baglaşylýan geleşikleriň bellige alnyş tertibini;

5) gazna birža söwdalarynda baglaşylýan geleşikleriň ýerine ýetiriliş tertibini;

6) gazna birža söwdalaryna goýberilen emissiýaly gymmatly kagyzlaryň we beýleki maliýe gurallaryň sanawyny;

7) gazna birža söwdalarynda baglaşylýan geleşikleriň görnüşlerini;

8) gazna biržasynda bahalandyrylýan (nyrh kesilýän) emissiýa bolan gymmatly kagyzlara we beýleki maliýe gurallaryna ýazylmagyň, ýazylyşygyň togtadylmagynyň we ýatyrylmagynyň şertlerini we tertibini;

9) gymmatly kagyzlaryň nyrhlarynyň we birža hümmetleriniň emele getirilmeginiň tertibi (nyrhlaryň bahalandyrylmagy), olaryň çap edilmeginiň usulyny;

10) nyrhlaryň manipulirlenmeginiň we gulluk maglumatlarynyň peýdalanylmagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri;

11) gazna biržasynyň işleýän günlerini we wagtyny;

12) gazna biržasynyň maglumatlar ulagamyny;

13) gazna biržasy tarapyndan edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini we olar üçin tölegleriň möçberlerini;

14) gazna biržasynda hasaplaşyklary ýöretmegiň düzgünlerini.

4. Emissiýaly gymmatly kagyzlaryň we beýleki maliýe gurallarynyň gazna birža söwdalaryna goýberilmeginiň (listingiň) tertibi, şeýlehem gazna birža söwdalaryndan emissiýaly gymmatly kagyzlaryň we beýleki maliýe gurallarynyň aýrylmagynyň (delistingiň) tertibi gazna biržasy tarapyndan ygtyýarly edara bilen ylalaşmak arkaly bellenilýär.

5. Gazna biržalary diňe onuň agzalarynyň arasyndaky söwdalary guraýar. Gymmatly kagyzlar bazarynyň beýleki gatnaşyjylary gazna biržalarynda amallary diňe gazna biržasynyň agzalarynyň araçylygy arkaly amala aşyryp biler.

6. Gazna biržasy şu maglumatlaryň açylmagyny üpjün etmäge borçludyr:

1) gazna birža söwdalarynyň gatnaşyjylary üçin − gazna birža söwdalarynyň tertibi, söwdalara goýberilen gymmatly kagyzlar, gymmatly kagyzlaryň bahalandyrylmagy, gazna birža söwdalarynyň netijeleri hakynda;

2) gyzyklanma bildirýän şahslar üçin – gazna biržasy tarapyndan gymmatly kagyzlar bazarynda hyzmatlaryň edilmeginiň tertibi,gazna biržasynda söwdalara goýberilen gymmatly kagyzlaryň sanawy, şeýle hem gymmatly kagyzlaryň emitentleriniň maglumatlary, gazna biržasyndaky geleşikler hakynda maglumatlar, gazna birža söwdalarynyň düzgünleri.

7. Gazna biržasynyň gullukçylary gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň esaslandyryjylary bolup bilmezler we gazna birža söwdalarynda baglaşylýan geleşiklere göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşmaga hukuklary ýokdur.

 

25-nji madda. Gazna biržasynyň işiniň maliýeleşdirilmegi

 

1. Gazna biržasynyň işiniň maliýeleşdirilmegi şu aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar:

1) gazna biržasynyň paýnamalarynyň satylmagynyň;

2) gazna biržasynyň agzalarynyň giriş we yzygiderli agzalyk gatançlarynyň;

3) birža geleşikleriniň bellige alynmagy üçin tölegleriň;

4) gazna biržasy tarapyndan edilýän hyzmatlar üçin tölegleriň.

 

2. Gazna biržasynyň girdejileri dolulygyna onuň işiniň giňeldilmegi we kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly çykdajylaryň öweziniň dolunmagyna gönükdirilýär.

 

26-njy madda. Gymmatly kagyzlaryň nyrhlarynyň bahalandyrylmagy

 

1. Gymmatly kagyzlaryň nyrhlarynyň bahalandyrylmagy gazna biržasy tarapyndan merkezleşdirilen tertipde amala aşyrylýar.

Gymmatly kagyzlaryň nyrhlarynyň bahalandyrylmagy diýlip gymmatly kagyzlaryň (paýnamalaryň we obligasiýalaryň) hümmetiniň kesgitlenilmegine düşünilýär.

2. Gazna biržasy gymmatly kagyzlar üçin nyrhlaryň bahalandyrylmagyny gazna birža söwdalarynda baglaşylýan geleşikleriň nyrhlarynyň bellenilmegi arkaly gymmatly kagyzyň hümmetiniň, anyk gymmatly kagyzlar boýunça islegleriň we teklipleriň nyrhlarynyň bellenilmegi hem-de olar boýunça nyrhlaryň iň ýokary we iň pes derejesiniň ýüze çykarylmagy arkaly geçirýär.

 

27-nji madda. Gazna biržasynyň işiniň bes edilmegi

 

Gazna biržasy işini şu aşakdakylar ýaly bes edýär:

1) paýdarlaryň umumy ýygnagynyň çözgüdi bilen;

2) kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi esasynda;

3) eger-de gazna biržasynyň agzalarynyň sany üçden az bolan bolsa we alty senenama aýynyň dowamynda täze agzalar kabul edilmese;

4) gymmatly kagyzlaryň bazaryndagymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy hökmünde hünärmençilik işine ygtyýarnamanyň hereketi bes edilende (ýatyrylanda).

 

28-nji madda. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň jemgyýetçilik birleşikleri

 

1. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanda gymmatly kagyzlaryň bazarynyň jemgyýetçilik taýdan düzgünleşdirilmegi boýunça wezipeleriň amala aşyrylmagynyň maksatlary bilen döredilýär.

2. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň jemgyýetçilik birleşikleri esaslandyryjylary hünärderejeli şahadatnamalary bolan gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň hünärmenleri we gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary bolup çykyş edýän jemgyýetçilik guramalary görnüşinde döredilýärler.

3. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň jemgyýetçilik birleşikleri işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we tertipnama laýyklykda amala aşyrýarlar.

4. Şular gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň jemgyýetçilik birleşiginiň esasy wezipeleri bolup durýar:

1) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda jemgyýetçilik birleşiginiň agzalarynyň bähbitlerine wekilçilik etmek;

2) jemgyýetçilik birleşiginiň agzalarynyň,gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;

3) işjeň we hünärmençilik etikasynyň düzgünlerini bellemek we olaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak;

4) ygtyýarly edara gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary boýunça teklipleri bermek;

5) gymmatly kagyzlar bazarynda nyrhlaryň manipulirlenmegine ýol bermezlik boýunça çäreleri görmek.

5. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gymmatly kagyzlaryň bazarynda hünärmençilik işi çygrynda raýatlaryň okadylmagyny amala aşyryp biler.

6. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň diňe bir jemgyýetçilik birleşiginiň agzasy bolup biler.

 

IV BAP. GYMMATLY KAGYZLARYŇ GOÝBERILMEGINIŇ GÖRNÜŞLERI WE ŞEKILLERI

 

29-njy madda. Paýnamalar

 

1. Paýnama–öz eýesiniň-paýdaryň paýdarlar jemgyýetiniň- emitentiň diwidendler görnüşindäki girdejisiniň bir bölegini almaga, paýdarlar jemgyýetiniň dolandyrylmagyna gatnaşmaga we ol ýatyrylandan soň galýan emlägiň bir bölegine hukugyny berkidýän emissiýaly maýa goýum gymmatly kagyzy.

Paýnama ýönekeý (ses hukukly) ýa-da hukuklaryň möçberiniň kepillendirilmegi bilen ýeňillikli (ses hukuksyz) bolup biler. Ýeňillikli paýnamalaryň möçberi emitentiň bellige alnan tertipnama gaznasynyň (maýasynyň) 10 göteriminden ýokary bolup bilmez.

2. Paýnamalaryň goýberilmegi paýdarlar jemgyýeti tarapyndan tertipnama gaznasynyň (maýasynyň) möçberinde amala aşyrylýar.

Eger öňki goýberilişiň ähli paýnamalary nominal bahadan pes bolmadyk bahada doly ýerleşdirilen bolsa, onda emitent tertipnama gaznasynyň (maýasynyň) artdyrylmagy üçin paýnamalaryň goşmaça goýberilmegini amala aşyrmaga haklydyr. Paýnamalaryň olaryň goýberilen mahalyndaky nominal bahasyndan pes bahadan satylmagyna ýol berilmeýär.

3. Paýnamalaryň emitentiň ýitgileriniň öweziniň dolunmagy üçin goýberilmegine ýol berilmeýär.

4. Paýnamalaryň nominal bahasy emitent tarapyndan kesgitlenilýär.

5. Paýnama bölünmezdir. Şol bir paýnamanyň birnäçe şahsa degişli bolan halatlarynda ol olaryň bilelikdäki umumy emlägi diýlip ykrar edilýär. Paýnamalaryň eýeleri öz hukuklaryny olaryň biriniň ýa-da umumy wekiliniň üsti bilen amala aşyryp bilerler.

6. Paýnamalar boýunça diwidendler dowam edýän ýyl üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen salgytlar we beýleki hökmany tölegler tölenenden soň paýdarlar jemgyýetiniň ygtyýarynda galan peýdanyň hasabyna, emissiýanyň şertlerinde göz öňünde tutulan tertipde tölenilýär.

Ýeňillikli paýnamalar boýunça diwidendler paýdarlar jemgyýetiniň degişli ýylda alan peýdasynyň möçberine garamazdan, bellenilen kepillendirilen möçberden az bolmadyk möçberde tölenilýär. Peýda ýeterlik bolmadyk halatynda ýeňillikli paýnamalar boýunça diwidendleri tölemek ätiýaçlyk gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar, ol serişdeler ýeterlik bolmadyk mahalynda bolsa geljek ýyla geçirilip bilner we geljek ýylyň peýdasynyň hasabyna amala aşyrylýar.

Ýeňillikli paýnamanyň eýesiniň paýdarlar jemgyýeti ýatyrylan halatynda paýnamalar boýunça talaplaryň ilkinji nobatda (beýleki paýdarlar bilen deňeşdireniňde) kanagatlandyrylmagyna hukugy bardyr. Ýeňillikli paýnamanyň eýesiniň paýnamanyň emissiýasynyň şertleri we paýdarlar jemgyýetiniň tertipnamasy bilen kesgitlenilýän başga hukuklary bolup biler.

 

30-njy madda. Obligasiýalar

 

1. Obligasiýa – öz eýesiniň emitentden obligasiýanyň emissiýanyň şertlerine laýyklykda we bellenilen möhletde onuň nominal bahasyny ýa-da başga emläk ekwiwalentini almaga bolan hukugyny berkidýän emissiýaly maýa goýum gymmatly kagyz.

Emissiýanyň şertlerine laýyklykda obligasiýa özüniň eýesiniň obligasiýanyň nominal bahasynyň bellenilen göterimini ýa-da başga zatlara bolan hukuklaryny almaga bolan hukugyny hem göz öňünde tutup biler.

Obligasiýa boýunça girdeji göterim we (ýa-da) diskont bolup durýar.

Obligasiýa öz eýesine emitentiň-paýdarlar jemgyýetiniň dolandyrylmagyna gatnaşmaga hukuk bermeýär.

Emissiýanyň şertlerine laýyklykda obligasiýalar bu paýdarlar jemgyýetiniň–emitentiň paýnamalaryna çalşyrylyp bilner.

Obligasiýa öz eýesine paýnamalaryň eýeleriniň öňünde paýlanylýan peýda, şeýle hem şeýle ýuridik şahs ýatyrylandan soň galýan emlägiň bir bölegine artykmaç hukugy berýär.

2. Emitentiň ähli goýberilişleriniň obligasiýalarynyň nominal bahasy oňuň bellige alnan tertipnama gaznasynyň (maýasynyň) möçberinden ýokary geçip bilmez (şu maddanyň dördünji böleginiň ikinji we üçünji tesimleri muňa degişli däldir). Obligasiýalaryň emissiýasyna diňe emitentiň bellige alnan tertipnama gaznasynyň (maýasynyň) bahasy doly tölenilenden soň rugsat berilýär.

3. Emitentiň tertipnama gaznasynyň (maýasynyň) emele getirilmegi we üstüniň doldurylmagy üçin, şeýle hem onuň ýitgileriniň öweziniň dolunmagy üçin obligasiýalaryň emissiýasyna rugsat berilmeýär.

4. Obligasiýalaryň emissiýasy şu aşakdaky görnüşleriň biri bilen amala aşyrylyp bilner:

emitentiň emläginiň girew goýulmagy arkaly;

üçünji şahslaryň kepillikleri arkaly;

emitentiň arassa aktiwleriniň bahasynyň möçberinden ýokary geçmeýän möçberde üpjünçiliksiz.

5. Obligasiýalaryň emissiýasy deň nominal bahasy bolan her tapgyrynda goýberiliş we üzüliş şertleri deň bolan gymmatly kagyzlardan durýan tapgyrlarda amala aşyrylýar.

6. Obligasiýalar adaty we utuşly, göterimli we göterimsiz (maksatly), erkin dolanyşykdaky ýa-da dolanyşyk topary çäklendirilen bolup bilýärler.

7. Obligasiýalar boýunça girdeji döwürleýin tölegler, obligasiýalar üzlüşilen mahalynda bir gezeklik töleg ýa-da olaryň emissiýasynyň şertlerinde göz öňünde tutulan başga usul arkaly tölenilip bilner.

8. Obligasiýalaryň üzlüşmegi emitent tarapyndan ýerleşdirilen obligasiýalaryň geljekde satmazlyk maksady bilen dolanyşykdan aýrylmagy arkaly göz öňünde tutulan höweslendirmäniň we obligasiýanyň nominal bahasynyň tölenilmeginiň hasabyna ýa-da onuň şol emitentiň paýnamalaryna çalşylmagy arkaly amala aşyrylýar.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

31-nji madda. Geçirilýän weksel

 

Geçirilýän weksel – (tratta) – weksel berijiniň wekselde görkezilen pul möçberiniň bellenilen möhletde ýa-da talap edilmegi boýunça weksel saklaýja ýa-da onuň buýrugy boýunça gymmatly kagyz görkezilende başga adama tölenilmegi baradaky töleýjä gönükdirilen gürrüňsiz buýrugyny özünde jemleýän gymmatly kagyz (ýazmaça bergi borçnamasy).

 

32-nji madda. Geçirilýän bank depozit sertifikaty

 

Geçirilýän bank depozit sertifikaty – eýesi tarapyndan karz edarasynyň salgysyna şertnamanyň şertleri boýunça hasaplanylýan göterimiň möçberine görä belli bir möhlete goýlan goýumy tassyklaýanteklip ediji üçin gymmatly kagyz. Sertifikatyň eýesi emitentiň razylygy bolmazdan ony başga birine tabşyrmaga ýa-da satmaga haklydyr.

Depozit sertifikatlary boýunça goýumyň möçberi bellenilen, şonuň ýaly-da üýtgäp durýan bolup biler.

 

33-nji madda. Gymmatly kagyzlardan döredilýän kagyzlar

 

1. Gymmatly kagyzlardan döredilýän kagyzlar – deriwatiwler – degişli gymmatly kagyzyň esasynda duran binýatlyk aktiwiň bahasynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan emläk hukuklaryny (borçlaryny) berkidýän gymmatly kagyzlar.

Gymmatly kagyzlardan döredilýän kagyzlar opsionlar, fýuçersler we Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän beýleki maliýe gurallary görnüşinde goýberilip bilner.

2. Emitentiň opsiony – öz eýesiniň onda göz öňünde tutulan möhletde we (ýa-da) onda görkezilen ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda şeýle opsionyň emitentiniň anyk mukdardaky paýnamalaryny emitentiň opsionynda kesgitlenilen nyrh boýunça satyn almaga bolan hukugyny berkidýän atly gymmatly kagyz.

3. Emitentiň paýdarlar jemgyýetiniň opsionlarynyň ýerleşdirilmegine diňe onuň tertipnama gaznasy (maýasy) doly tölenilenden soň rugsat berilýär.

Satyn almak hukugyny opsionlar berýän anyk kysymdaky paýnamalaryň mukdary emitentiň opsionlarynyň goýberilmegi döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin resminamalaryň berlen senesine ýerleşdirilen şeýle kysymdaky paýnamalaryň 5 göteriminden ýokary geçip bilmez.

4. Fýuçers (fýuçers şertnamasy) – maýa goýujynyň emitentiň paýnamalarynyň ýa-da obligasiýalarynyň anyk kysymlaryny bellenilen nyrh boýunça we anyk wagtyň aralygyndan soň satyn almak ýa-da satmak barada gürrüňsiz borçnamasyny tassyklaýan gymmatly kagyz.

Fýuçers şertnamasy gazna birža söwdasynyň düzgünlerine laýyklykda gazna biržasynda baglaşylýar. Fýuçers şertnamasynyň ýerine ýetirilmegi biržanyň kliring merkezi tarapyndan kepillendirilýär.

Fýuçers şertnamasynyň eýesi eger, ýapylmagynyň şeýle tertibi şertnamada göz öňünde tutulan bolsa, gaýduwly geleşigi amala aşyrmak arkaly islendik wagt ony ýapyp biler.

 

34-nji madda. Gymmatly kagyzlaryň goýberilişiniň görnüşi

 

1. Gymmatly kagyzlar şu aşakdaky görnüşleriň birinde goýberilip bilner:

1) atly gymmatly kagyzlaryň resminamalaşdyrylan görnüşinde goýberilmegi (atly resminamalaşdyrylan gymmatly kagyzlar);

2) atly gymmatly kagyzlaryň resminamalaşdyrylmadyk görnüşinde goýberilmegi (atly resminamalaşdyrylmadyk gymmatly kagyzlar);

3) teklip ediji üçin gymmatly kagyzlaryň resminamalaşdyrylan görnüşinde goýberilmegi (teklip ediji üçin resminamalaşdyrylan gymmatly kagyzlar).

2. Gymmatly kagyzlaryň goýberilişiniň görnüşi emitent tarapyndan onuň gymmatly kagyzlaryň goýberilmegi hakynda çözgüdinde we emissiýanyň prospektinde kesgitlenilýär.

Gymmatly kagyzlaryň goýberilmegi hakynda çözgüt Türkmenistanyň kanunçylygynda we emitentiň tertipnamasynda bellenilen tertipde emitentiň ýokary dolandyryş edarasy tarapyndan kabul edilýär.

 

V BAP. GYMMATLY KAGYZLARYŇ EMISSIÝASY.GYMMATLY KAGYZLARYŇ EMISSIÝASYNYŇ BELLIGE ALYNMAGY

 

35-nji madda. Gymmatly kagyzlaryň emissiýasy

 

1. Gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň tertibi şulary göz öňünde tutýar:

1) emitent tarapyndan emissiýa hakynda çözgüdiň kabul edilmegini;

2) emissiýanyň prospektiniň taýýarlanylmagyny;

3) emissiýanyň Gymmatly kagyzlaryň ýeke-täk döwlet sanawynda bellige alynmagyny;

4) gymmatly kagyzlaryň, gymmatly kagyzlaryň sertifikatlarynyň taýýarlanylmagyny (goýberilişiň reminamalaşdyrylan görnüşi üçin);

5) gymmatly kagyzlaryň ýerleşdirilmegini;

6) emissiýanyň jemleri hakynda hasabatyň tassyklanylmagyny;

7) emissiýanyň prospektinde bar bolan maglumatlaryň açylmagyny;

8) emissiýanyň jemleri hakynda hasabatda bar bolan maglumatlaryň açylmagyny.

2. Emissiýanyň prospektiniň taýýarlanylmagy we onda bar bolan maglumatlaryň açylmagy emissiýaly gymmatly kagyzlar açyk ýerleşdirilen halatynda amala aşyrylýar.

 

36-njy madda. Emissiýa hakynda maglumatlar

 

1. Emitent, şeýle hem emitent bilen ylalaşmak arkaly gymmatly kagyzlaryň olaryň birinji eýelerine satylmagyny amala aşyrýan gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary her bir alyja ol gymmatly kagyzlary satyn almazyndan öň satuwyň şertleri we emissiýanyň prospekti bilen tanyşmagyna mümkinçiligi üpjin etmäge borçludyrlar.

2. Emissiýanyň prospektinde şu maglumatlar bolmalydyr:

1) emitent hakynda;

2) auditoryň netijenamasyny goşmak bilen, emitentiň maliýe ýagdaýy hakynda;

3) gymmatly kagyzlaryň geljekki goýberilişi hakynda.

Emitentiň maliýe ýagdaýy hakynda maglumatlar paýdarlar jemgyýeti döredilen mahalynda emissiýanyň prospektinde görkezilmeýär, başga guramaçylyk-hukuk görnüşli ýuridik şahslaryň oňa öwrülen halatlary muňa degişli däldir.

Karz edaralaryň-emitentleriň emissiýasynyň prospektinde görkezilmegi üçin hökmany bolan maglumatlaryň sanawy Türkmenistanyň Merkezi banky bilen bilelikde ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Emissiýanyň prospektine goşulan maglumatlaryň dolulygy we hakykylygy wezipeli adamlaryň gollary we ýuridik şahsyň-emitentiň möhüri bilen tassyk edilýär.

 

37-nji madda. Gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy. Gymmatly kagyzlaryň ýeke-täk döwlet sanawy

 

1. Gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy Gymmatly kagyzlaryň ýeke-täk döwlet sanawynyň saklaýjysy-ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Gymmatly kagyzlaryň ýeke-täk döwlet sanawynda emissiýasy Türkmenistanda amala aşyrylan gymmatly kagyzlar hakynda şu maglumatlar bolmalydyr:

1) emitentiň doly ady we ýuridik salgysy;

2) emitentiň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda maglumatlar;

3) gymmatly kagyzlaryň görnüşi, sany, nominal bahasy,olaryň ýerleşdirilmeginiň görnüşi;

4) ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýän başga maglumatlar.

3. Emissiýanyň bellige alynmagy üçin emitent ygtyýarly edara şu resminamalary bermäge borçludyr:

1) bellige almak üçin arzany;

2) gymmatly kagyzlaryň emissiýasy hakynda çözgüdini;

3) emissiýanyň prospektini – emissiýaly gymmatly kagyzlar açyk ýerleşdirilen halatynda;

4) emitentiň esaslandyryjy resminamalarynyň göçürilen nusgalary.

4. Ygtyýarly edara şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen resminamalary alandan soň 30 senenama gününden gijä galman emissiýany bellige almaga ýa-da bellige almakdan ýüz öwürýändigi hakynda delillendirilen çözgüdi kabul etmäge borçludyr, bu barada ýazmaça görnüşdearza beren emitentiň dykgatyna ýetirilýär.

5. Gymmatly kagyzlaryň emissiýasy döwlet tarapyndan bellige alnan mahalynda ygtyýarly edara tarapyndan şol goýberilişe döwlet bellige alyş san belgisi berilýär.

6. Şular gymmatly kagyzlaryň emssiýasyny bellige almakdan ýüz öwrülmegi üçin esas bolup durýar:

1) berlen resminamalarda emissiýanyň şertleriniň we gymmatly kagyzlaryň dolanyşygynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelýändigi, şol sanda gymmatly kagyzlaryň emissiýasy emitentiň ýitgileriniň öwezini dolmak üçin niýetlenendigi hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän maglumatlaryň bolmagy;

2) berlen resminamalaryň we olarda bolan maglumatlaryň düzüminiň şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelmezligi;

3) emissiýanyň prospektine ýa-da gymmatly kagyzlaryň emissiýasy hakynda çözgüde we gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny bellige almak üçin esas bolup durýan beýleki resminamalara göz-görtele ýalan ýa-da nädogry maglumatlaryň girizilmegi;

4) karz edaralary tarapyndan berilýän resminamalaryň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda olara bildirilýän talaplara laýyk gelmezligi.

7. Bellige alnan gymmatly kagyzlaryň emissiýalarynyň sanawy ygtyýarly edaranyň saýtynda çap edilip bilner.

8. Gymmatly kagyzlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegi, şol sanda emissiýa bellige alynmazdan öň emissiýanyň prospektiniň çap edilmegi arkaly mahabatlandyrylmagy gadagan edilýär.

 

38-nji madda. Gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň togtadylmagy we bolup geçmedik diýlip ykrar edilmegi

 

1. Ygtyýarly edaranyň emissiýanyň geçiriliş şertleriniň emissiýanyň bellige alnan şertlerine gabat gelmezligini, şeýle hem emissiýanyň bellige alnan möçberiniň artýandygyny görkezýän faktlar bellenilen halatlarynda gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny kesgitlenilen möhlete togtatmaga haky bardyr.

Ygtyýarly edara gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň togtadylmagy hakyndaky çözgüdi emitente onuň kabul edilen gününden üç iş gününiňdowamynda ýetirýär.

2. Emitent gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň togtadylmagy hakynda ygtyýarly edaranyň çözgüdini alan pursatyndan şu aşakdakylary togtatmaga borçludyr:

1) gymmatly kagyzlaryň mundan beýläk ýerleşdirilmegini;

2) gymmatly kagyzlar bazarynda ýerleşdirilen gymmatly kagyzlar bilen geleşikleriň bellige alynmagyny amala aşyrmagy;

3) gymmatly kagyzlaryň ýerleşdirilmegini mahabatlandyrmaklygy.

3. Gymmatly kagyzlaryň ýerleşdirilmeginiň möhleti emissiýanyň togtadylan möhletine uzaldylýar.

4. Emitent gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň togtadylmagyna sebäp bolan bozulmalary aradan aýyrandan soň, ygtyýarly edaranyň çözgüdi boýunça gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny dikeldýär.

Gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň togtadylmagy we dikeldilmegi hakynda maglumatlaryň çap edilmegi emitentiň borjy bolup durýar.

5. Gymmatly kagyzlaryň emissiýasy (goşmaça emissiýasy) ygtyýarly edara tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda bolup geçmedik diýlip ykrar edilýär:

1) gymmatly kagyzlaryň ýerleşdirilmeginiň jemleri hakynda hasabatyň tassyklanylmagyna çenli emitent tarapyndan gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň togtadylmagyna sebäp bolan bozulmalar aýrylmadyk halatynda;

2) emitent tarapyndan gymmatly kagyzlar emissiýanyň prospektinde görkezilendäkiden artyk möçberde ýerleşdirilen mahalynda.

3-nji bendi Türkmenistanyň 03.06.2023 ý. № 30-VII Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

6. Gymmatly kagyzlaryň emissiýasy bolup geçmedik diýlip ykrar edilen halatynda:

1) maýa goýujylar özleri tarapyndan satyn alnan gymmatly kagyzlary emitente gaýtarmaga borçludyrlar;

2) emitent gymmatly kagyzlary ýerleşdirmekden alan pul serişdelerini maýa goýujylara gaýtarmaga borçludyr.

7. Gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň bolup geçmedik diýlip ykrar edilmegi we maýa goýujylara serişdeleriň gaýtarylmagy bilen baglanyşykly harajatlar emitentiň hasabyna degişli edilýär.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

39-njy madda. Gymmatly kagyzlaryň ýerleşdirilmegi

 

1. Emitentiň onuň özi tarapyndan goýberilýän gymmatly kagyzlarynyň ýerleşdirilmegini olaryň emissiýasy döwlet tarapyndan bellige alnandan soň başlamaga hukugy bardyr.

2. Gymmatly kagyzlaryň ýerleşdirilmegi şular arkaly amala aşyrylyp bilner:

1) jemagata yglan edilmezden we mahabatlandyrylmazdan, maýa goýujularyň öň belli bolan çäkli sanynyň arasynda ýapyk ýazylyşyk (hususy ýerleşdirilmegi);

2) jemagata yglan edilip we mahabatlandyrmak bilen potensial maýa goýujylaryň çäklendirilmedik sanynyň arasynda, şol sanda gymmatly kagyzlaryň guramaçylykly söwdalarynda ýerleşdirilmegi bilen açyk ýazylyşyk (jemagat öňünde ýerleşdirilmegi).

Paýnamalaryň paýdarlar jemgyýeti-emitent esaslandyrylan pursatynda jemagat öňünde ýerleşdirilmegine rugsat berilmeýär.

3. Gymmatly kagyzlar jemagat öňünde ýerleşdirilen mahalynda potensial birmaýa goýujylara beýlekileriň ýanynda gymmatly kagyzlary satyn almakda artykmaçlyk bermek gadagan edilýär, muňa şu aşakdaky ýagdaýlar degişli däldir:

1) döwletiň gymmatly kagyzlarynyň emissiýasy;

2) paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlaryna gymmatly kagyzlaryň täze emissiýasyny satyn almakda artykmaçlyk hukugynyň berilmegi;

3) dahylsyzlaryň gymmatly kagyzlary satyn almagyna emitent ýa-da ygtyýarly edara tarapyndan çäklendirmeleriň girizilmegi.

4. Emitentiň öz gymmatly kagyzlaryny özbaşdak ýa-da oňa şertnama esasynda gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny guramak boýunça dellalçylyk hyzmatlaryny edýän gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy-anderraýteriň üsti bilen ýerleşdirmäge hukugy bardyr.

Anderraýter maýa goýujy kompaniýa bolup durýar.

Anderraýter:

1) soňundan beýleki maýa goýujylara satmak maksady bilen gymmatly kagyzlaryň bellige alnan bahasy boýunça tutuş goýberlişini;

2) bellenilen möhletiň dowamynda beýleki maýa goýujylaryň arasynda ýerleşdirilmedik gymmatly kagyzlaryň goýberlişiniň bir bölegini,

öz hasabyna yzyna satyn almak şerti bilen emissiýanyň guramaçysy bolup çykyş edip biler.

5. Emitent bilen anderraýter şulara borçludyrlar:

1) gymmatly kagyzlar edinmek isleýän ähli potensial maýa goýujylar üçin deň şertleri üpjün etmäge;

2) maýa goýujylaryň bähbitlerinde emissiýa tamamlanmazyndan öň, gymmatly kagyzlaryň ýerleşdirilmeginiň barşynda alnan hem-deemitentiň aktiwi bolup durmaýanpul serişdelerinibankdaky ýörite hasapda saklamaga.

6. Emitent ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň jemleri baradaky hasabaty ygtyýarly edara bermäge borçludyr.

Karz edaralary gymmatly kagyzlaryň jemleri baradaky hasabaty Türkmenistanyň Merkezi bankyna hemberýärler.

7. Ygtyýarly edara 30 senenama gününiň dowamynda gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň jemleri baradaky hasabata seredýär we emissiýa bilen baglanyşykly bozulmalar bolmadyk halatynda ony kabul edýär.

 

VI BAP.GYMMATLY KAGYZLARYŇ DOLANYŞYGY

 

40-njy madda. Gymmatly kagyzlaryň dolanyşygyna bildirilýän umumy talaplar

 

1. Gymmatly kagyzlaryň, şol sanda araçylyk mahalynda dolanyşygy bazar nyrhlary boýunça amala aşyrylýar.

Paýnamalaryň we gymmatly kagyzlardan döredilýän kagyzlaryň hümmeti Türkmenistanyň milli pulunda kesgitlenilýär.

Obligasiýalaryň hümmeti olaryň nominalyna bolan  göterimlerde kesgitlenilýär.

Paýnamalaryň we obligasiýalaryň nominal bahasy Türkmenistanyň milli pulunda kesgitlenilýär.

2. Emitentiň-karz edarasynyň paýnamalarynyň 10 göteriminden köpüsiniň öz aralarynda şertnamalar bilen baglanyşygy bolan bir ýa-da birnäçe satyn alyjylar, şeýle hem bir-biri babatynda golçur ýa-da garaşly bolup durýan ýüridik şahslaryň topary tarapyndan satyn alynmagyna diňe Türkmenistanyň Merkezi bankynyň rugsady boýunça ýol berilýär.

3. Daşary ýurt emitentleri tarapyndan goýberilen gymmatly kagyzlaryň Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda dolanyşyga goýberilmeginiň şertleri we her ýylky paýy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

4. Türkmenistanyň emitentleri tarapyndan goýberilen gymmatly kagyzlaryň Türkmenistanyň döwletara şetrnamalary boýunça borçnamalarynyň hasaba alynmagy bilen Türkmenistanyň çäginden daşarda dolanyşyga goýberilmeginiň her ýylky paýy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

5. Maýa goýujynyň emitentden ýa-da anderraýterden geleşigiň närsesi bolup durýan gymmatly kagyz hakynda, şol gymmatly kagyza goýumlar bilen baglanyşykly töwekgellikler hakynda, onuň girdejililigi, ol boýunça girdeji almagyň tertibi we möhletleri hakynda doly we dogry maglumatlary almaga hukugy bardyr.

 

41-nji madda. Gymmatly kagyzlara bolan eýeçilik hukugynyň geçmegi we gymmatly kagyzlar bilen berkidilen hukuklaryň amala aşyrylmagy

 

1. Gymmatly kagyzlara bolan eýeçilik hukugynyň geçmegi raýat-hukuk geleşikleri esasynda (mundan beýläk – geleşik), şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga esaslar boýunça amala aşyrylýar.

2. Gymmatly kagyzda berkidilen hukuklar olaryň satyn alyjylaryna bu gymmatly kagyzlara bolan eýeçilik hukugynyň geçen pursatyndan geçýär.

Atly gymmatly kagyzda berkidilen hukuklaryň geçmegi gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny saklaýja, depozitariýe we gymmatly kagyzlaryň emitentine habar berilmegi bilen utgaşdyrylmalydyr.

3. Atly resminamalaşdyrylan gymmatly kagyzlar boýunça hukuklaryň amala aşyrylmagy eýesi ýa-da onuň ynanylan adamy tarapyndan ol gymmatly kagyzlaryň ýa-da gymmatly kagyzlaryň sertifikatlarynyň emitente görkezilmegi boýunça geçirilýär.

4. Atly resminamalaşdyrylmadyk gymmatly kagyzlar boýunça hukuklaryň amala aşyrylmagy emitent tarapyndan gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynda görkezilen şahslar babatda geçirilýär.

5. Teklip edijiüçin gymmatly kagyzlar boýunça hukuklaryň amala aşyrylmagy olaryň emitentine eýesi ýa-da onuň ynanylan adamy tarapyndan teklip edilmegi boýunça geçirilýär.

 

42-nji madda. Gymmatly kagyzlar bilen geleşikler

 

1. Gymmatly kagyzlar bilen geleşikler gymmatly kagyzlaryň birža (guramaçylykly) we biržadan daşary (guramaçylyksyz) bazarynda amala aşyrylýar.

2. Gymmatly kagyzlaryň birža bazaryndaky geleşikler söwdalaryň guramaçysynyň kadalaşdyryrjy namalaryna laýyklykda gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary tarapyndan öz adyndan öz hasabyna ýa-da müşderiniň adyndan onuň hasabyna, ýa-da müşderiniň adyndan öz hasabyna emissiýaly gymmatly kagyzlaryň we beýleki maliýe gurallarynyň satyn alynmagy ýa-da satylmagy arkaly amala aşyrylýar.

3. Gymmatly kagyzlaryň biržadan daşarky bazaryndaky geleşikler maýa goýujylaryň özleri tarapyndan, şonuň ýaly-da gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň üsti bilen gymmatly kagyzlaryň guramaçylykly bazary üçin bellenilen talaplar berjaý edilmezden amala aşyrylyp bilner.

4. Gymmatly kagyzlar bilen geleşikler diňe olaryň bellenilen tertipde hasaplaşyk-kliring amallaryň geçirilmegi arkaly resmileşdirilenden soň hakyky hasaplanylýar.

 

43-nji madda. Gymmatly kagyzlara bolan eýeçilik hukugynyň tassyklanylmagynyň görnüşi

 

1. Gymmatly kagyzlaryň resminamalaşdyrylan görnüşdäki goýberilişiniň eýeleriniň hukuklary şu aşakdaky ýaly tassyklanylýar:

1) gymmatly kagyzlar ýa-da gymmatly kagyzlaryň sertifikatlary bilen – eger olar eýelerinde duran bolsa;

2) depozitariýdäki deponyň hasaplaryna görä ýazgylar boýunça - eger gymmatly kagyzlaryň sertifikatlary depozitariýde saklanmaga berlen bolsa.

2. Gymmatly kagyzlaryň resminamalaşdyrylmadyk görnüşdäki goýberilişiniň eýeleriniň hukuklary şu aşakdaky ýaly tassyklanylýar:

1) gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyndaky ýazgylar bilen;

2) depozitariýdäki deponyň hasaplaryna görä ýazgylar bilen - gymmatly kagyzlar depozitariýde deponirlenen halatynda.

3. Şol bir gymmatly kagyza bolan eýeçilik hukugy bir wagtyň özünde gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynda hem-de depozitariniň deposynyň hasabyna görä beýan edilip bilinmez.

 

44-nji madda. Gymmatly kagyzlaryň konwersiýasy, böleklenmegi, konsolidasiýasy we ýatyrylmagy

 

1. Emitent ygtyýarly edaranyň rugsady boýunça gymmatly kagyzlaryň öňki emissiýasynyň (emissiýalarynyň) konwersiýasyny böleklenmegini we konsolidasiýasyny amala aşyrmaga haklydyr.

2. Konwersiýa diýlip emitentiň gymmatly kagyzlarynyň öňki emissiýasynyň (emissiýalarynyň) dolanyşykda duran anyk emissiýasynyň ähli gymmatly kagyzlaryň oňuň beýleki görnüşdäki gymmatly kagyzyna, gymmatly kagyzlaryň şol görnüşiniň emissiýasynyň prospektinde bellenilen nyrh boýunça, möhletde we şertlerde çalşylmagy arkaly amala aşyrylýan restrukturizasiýasyna düşünilýär.

3. Böleklenmek diýlip emitentiň gymmatly kagyzlarynyň öňki emissiýasynyň (emissiýalarynyň) dolanyşykda duran anyk emissiýasynyň ähli gymmatly kagyzlarynyň, olaryň sanynyň barabarlykda köpelmegi bilen we olaryň nominal bahasynyň barabarlykda azalmagynda çalşyrylmagy arkaly amala aşyrylýan restrukturizasiýasyna düşünilýär.

4. Konsolidasiýa diýlip emitentiň gymmatly kagyzlarynyň öňki emissiýasynyň (emissiýalarynyň) dolanyşykda duran anyk emissiýasynyň ähli gymmatly kagyzlarynyň, olaryň gymmatly kagyzlaryň sanynyň barabarlykda azalmagy bilen we olaryň nominal bahasynyň barabarlykda köpelmeginde çalşyrylmagy arkaly amala aşyrylýan restrukturizasiýasyna düşünilýär.

5. Gymmatly kagyzlaryň böleklenmegi we konsolidasiýasy eýelerine olardan alynýan gymmatly kagyzlaryň bahasynyň tölenilmegi üçin esas bolup hyzmat etmeýärler.

6. Gymmatly kagyzlaryň ýatyrylmagy diýlip emitentiň şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde gymmatly kagyzlaryň bahasynyň üzülmegi we (ýa-da) olaryň ýok edilmegi boýunça hereketleriniň jemine düşünilýär.

7. Gymmatly kagyzlaryň ýatyrylmagy şu aşakdakylaryň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar:

1) emitentiň - gymmatly kagyzlaryň öňki emissiýasynyň (emissiýalarynyň) konwersiýasy, böleklenmegi ýa-da konsolidasiýasy, emitentiň esaslyk maýasy azalan, onuň ýatyrylan halatlarynda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga ýagdaýlarda;

2) ygtyýarly edaranyň - gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň bolup geçmedik ýa-da bikanun diýlip ykrar edilen halatynda;

3) kazyýetiň (kanuny güýjüne giren) - emitentiň mejbury ýatyrylan (batan) halatynda;

8. Gymmatly kagyzlaryň ýatyrylmagyna (bahasynyň üzülmegine) diňe olaryň eýeleriniň kanuny talaplary kanagatlandyrylandan soň rugsat berilýär.

9. Gymmatly kagyzlaryň öňki emissiýasynyň (emissiýalarynyň), konwersiýasy, böleklenmegi we konsolidasiýasy hakynda, şeýle hem gymmatly kagyzlaryň ýatyrylmagy hakynda maglumatlar Gymmatly kagyzlaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilmäge we ol barada maglumatlar şu Kanunyň 45-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda açylmaga degişlidir.

 

VII BAP. MAGLUMATLARYŇ AÇYLMAGY

 

45-nji madda. Maglumatlaryň açylmagyna bildirilýän umumy talaplar

 

1. Maglumatlaryň açylmagy diýlip oňuň ähli gyzyklanma bildirýän şahslara milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegi, şol sanda elektron görnüşde ýa-da onuň tapylmagyny we alynmagyny kepillendirýän başga usul bilen ýetirilmeginiň üpjün edilmegine düşünilýär.

Gymmatly kagyzlar bazarynda açyk maglumatlar diýlip özi babatda onuň açylmagy boýunça hereketler geçirilen maglumatlara düşünilýär.

Gymmatly kagyzlar bazarynda hemmelere elýeterli maglumatlar diýlip şu Kanuna laýyklykda açylmaga degişli bolan maglumatlar ykrar edilýär.

2. Gymmatly kagyzlaryň emitenti özüniň gymmatly kagyzlary we maliýe-hojalyk işi hakynda maglumatlaryň şu görnüşlerdäki açylmagyny amala aşyrmaga borçludyr:

1) gymmatly kagyzlaryň emitentiniň her çärýekdäki hasabatynyň düzülmegi;

2) emitentiň maliýe-hojalyk işine degýän möhüm faktlar hakynda habarlar.

Şu bölege laýyklykda açylmaga degişli maglumatlar emitent tarapyndan ygtyýarly edara berilmelidir.

Şu aşakdakylar hakynda maglumatlar emitentiň maliýe-hojalyk işine degişli möhüm ýagdaýlar hakynda habarlar diýlip ykrar edilýär:

1) goýberilen aksiýalaryň dürli görnüşleri boýunça ses hukugynyň islendik üýtgemeleri, şeýle hem paýnamalaryň hukuklaryny göz öňünde tutýan gymmatly kagyzlardan döredilýän kagyzlar;

2) emitentiň üýtgedilip guralmagy;

3) şu faktlar hakynda:

a) emitentiň aktiwleriniň bahasynyň 10 göterimden köp bir gezeklik köpelmegine ýa-da azalmagyna getiren;

b) emitentiň arassa peýdasynyň ýa-da arassa ýitgileriniň 10 göterimden köp bir gezeklik köpelmegine ýa-da azalmagyna getiren;

ç) emitentiň, ölçegleri ýa-da özleri boýunça emläginiň bahasy aktiwleriniň geleşigiň senesindäki ýagdaýa görä 10 we şondan köp göterimini düzýän bir gezeklik geleşikleri;

4) gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň (goşmaça emissiýasynyň) bolup geçmedik diýlip ykrar edilmegi;

5) emitentiň gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň öňündäki borçnamalarynyň ýerine ýetiriliş möhletleri, emitentiň umumy ýygnaklarynyň çözgütleri;

6) emitentiň emissiýaly gymmatly kagyzlary boýunça hasaplanyp ýazylan we (ýa-da) tölenen girdejileri.

Şu maddada bellenen maglumatlar degişli fakt amala aşyrylan pursatyndan üç senenama gününden gijä galman açylmaga degişlidir.

3. Gymmatly kagyzlaryň eýesi şu ýagadaýlarda haýsy-da bolsa bir emitentiň emissiýaly gymmatly kagyzlaryna eýelik etmegi hakynda maglumatlary açmagy amala aşyrmaga borçludyr:

1) ýerleşdirilen ýönekeý paýnamalaryň umumy möçberiniň 5 we şondan hem köpräk göterimini satyn alan halatynda;

2) oňa degişli şeýle paýnamalaryň paýy ýerleşdirilen ýönekeý paýnamalaryň 5, 10, 15, 20, 25, 30, 50 ýa-da 75 göteriminden köp ýa-da az bolan işlendik üýtgetmeler.

Ýönekeý paýnamalaryň eýesi görkezilen paýnamalaryň emitentine we ygtyýarly edara degişli hereketler edilen gününden bäş günden gijä galman emitente habar ibermek arkaly eýesiniň adyny, emitentiň adyny, emissiýanyň (goşmaça emissiýanyň) döwlet bellige alyş belgisini, paýnamalaryň eýesine degişli sanyny görkezmek bilen açýar.

4. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy, eger ol şu hereketleri ýerine ýetiren bolsa, özüniň gymmatly kagyzlar bilen amallary hakynda maglumatlaryň açylmagyny amala aşyrmaga borçludyr:

1) bir çärýegiň dowamynda bir emitentiň gymmatly kagyzlaryň bir görnüşi bilen amallary, haçanda gymmatly kagyzlaryň möçberi  görkezilen gymmatly kagyzlaryň umumy möçberiniň azyndan 100 göterimini düzen bolsa;

2) bir emitentiň gymmatly kagyzlarynyň bir görnüşi bilen bir gezeklik amaly, haçanda gymmatly kagyzlaryň möçberi görkezilen gymmatly kagyzlaryň umumy möçberiniň azyndan 15 göterimini düzen bolsa.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy ygtyýarly edara habar ibermek arkaly degişli çärýek tamamlanan gününden ýa-da degişli bir gezeklik amal geçirilen gününden bäş iş gününden gijä galman gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň adyny, gymmatly kagyzlaryň görnüşini we döwlet bellige alyş belgisini, emitentiň adyny, bir gymmatly kagyzyň bahasyny, degişli geleşikler boýunça gymmatly kagyzlaryň sanyny görkezmek bilen degişli maglumatlary açýar.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy emissiýa bolýan gymmatly kagyzlarynyň satyn alnyş we (ýa-da) satylyş bahasy teklip edilen we (ýa-da) yglan edilen mahalynda özünde bar bolan we emissiýaly bu gymmatly kagyzlarynyň emitenti tarapyndan özüne berlen hemmelere elýeterli bolan maglumatlary açmaga ýa-da özünde şeýle maglumatlaryň ýokdugy hakynda habar bermäge borçludyr.

Maglumatyň düzümi, onuň açylmagynyň tertibi we möhletleri, şeýle hem gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň hasabatlylygynyň berilmeginiň tertibi we möhletleri ygtyýarly edaranyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilýär.

 

46-njy madda. Maliýe hasabatlylygynyň düzülmegi we berilmegi

 

Gymmatly kagyzlaryň emitentiniň hasabatyna goşulmaga degişli maliýe hasabatlylygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzülýär we berilýär.

 

VIII BAP. GYMMATLY KAGYZLAR BAZARYNDA GULLUK MAGLUMATLARY

 

47-nji madda. Gulluk maglumatlary düşünjesi

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin gulluk maglumatlary diýlip emitent we onuň goýberen gymmatly kagyzlary hakynda, hemmelere elýeterli bolup durmaýan we özüniň gulluk ýagdaýyna görä, zähmet borçlaryna ýa-da emitent bilen baglaşylan şertnama baglylykda şeýle maglumatlara eýelik edýän adamlary gymmatly kagyzlar bazarynyň beýleki gatnaşyjylary bilen deňeşdirilende artykmaçlyk ýagdaýyny berýän islendik maglumatlara düşünilýär.

 

48-nji madda. Gulluk maglumatlaryna ygtyýarlyk edýän adamlar

 

Şular gulluk maglumatlaryna ygtyýarlyk edýän adamlar bolup durýarlar:

1) emitentiň ýa-da emitent bilen şertnama arkaly baglanyşykly bolan gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň dolandyryş edaralarynyň agzalary;

2) emitentiň ýa-da emitent bilen şertnama arkaly baglanyşykly bolan gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň auditorlary;

3) döwlet dolandyryş edaralarynyň gözegçilik barlag, gözegçilik we başga ygtyýarlyklaryna baglylykda görkezilen maglumatlardan peýdalanmaga mümkinçiligi bolan gullukçylary.

 

49-njy madda. Gulluk maglumatlarynyň peýdalanylmagy bilen geleşiklere gadaganlyk

 

Gulluk maglumatyna ygtyýarlyk edýän adamlaryň ony gymmatly kagyzlar bilen geleşikleriň baglaşylmagy üçin ulanmaga, şeýle hem gulluk maglumatyny gymmatly kagyzlar bilen geleşikleriň amala aşyrylmagy üçin  üçünji şahslara bermäge haklary ýokdur.

 

IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

50-nji madda. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň öňüniň alynmagy boýunça borçlary

 

1. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi üçin gymmatly kagyzlar bazarynyň peýdalanylmagynyň öňüni almak maksady bilen degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edara degişli maglumatlary bermäge borçludyrlar.

2. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň «, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak maksady bilen gözegçilik edilmäge degişli gymmatly kagyzlar bilen amallaryň sanawy şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

(2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

51-nji madda. Gymmatly kagyzlar bazaryna gatnaşyjylara salgyt salynmagy

 

Gymmatly kagyzlar bazaryna gatnaşyjylara salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

52-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

1. Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

Şu Kanunyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunmaga degişlidir.

2. Gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylarynyň, şol sanda gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň we gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň gymmatly kagyzlar bilen geleşikleri amala aşyrmak üçin gulluk maglumatlaryny ulanmaklyga, gymmatly kagyzlar bazarynda nyrhlar bilen manipulýasiýa etmäge hem-de gymmatly kagyzlar, emissiýaly gymmatly kagyzlaryň emitentleri, mahabatlandyrmada berlen maglumatlary hem goşmak bilen gymmatly kagyzlaryň bahalary hakynda göz-görtele ýalan maglumatlaryň berilmegi arkaly gymmatly kagyzlary satyn almaga ýa-da satmaga mejbur etmeklige haklary ýokdur.

Nyrhlar bilen manipulýasiýa etmek diýlip maýa goýujylary gymmatly kagyzlar bazarynda dolanyşykda bolýan gymmatly kagyzlary satmaga ýa-da satyn almaga höweslendirmek maksady bilen gymmatly kagyzlar bazaryndaky bar bolan nyrhlar we (ýa-da) bar bolan söwda işjeňligi babatynda olaryň ýokarlanmagyny we (ýa-da) peselmegini döretmek üçin amala aşyrylýan hereketlere, şol sanda şu aşakdakylara düşünilýär:

1) ýalan ýa-da ygtybarsyz maglumatlaryň ýaýradylmagyna;

2) gymmatly kagyzlaryň gazna birža şöwdalarynda we biržadan daşarky bazarynda, netijesinde bu gymmatly kagyzlaryň eýeleri üýtgemeýän gymmatly kagyzlar bilen geleşikleriň amala aşyrylmagy;

3) gymmatly kagyzlaryň meňzeş geleşikler boýunça gündelik bazar nyrhlaryndan düýpli tapawutlanýan nyrhlar boýunça tabşyryknamalaryň satyn alynmagy we satylmagy üçin bir wagtyň özünde çykarylmagy;

4) gazna birža söwdalarynyň iki ýa-da birnäçe gatnaşyjylarynyň ýa-da olaryň wekilleriniň gymmatly kagyzlaryň meňzeş geleşikler boýunça gündelik bazar nyrhlaryndan düýpli tapawutlanýan nyrhlar boýunça satyn alynmagy (satylmagy) hakynda ylalaşygy.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary tarapyndan görkezilen hereketleriň amala aşyrylmagy olara berlen ygtyýarnamalarynyň togtadylmagy ýa-da ýatyrylmagy üçin we olaryň gymmatly kagyzlar bazaryndaky nyrhlaryň manipulirleme ýagdaýlary diýlip ykrar edilmegi üçin esas bolup durýar.

Gymmatly kagyzlar bazaryndaky nyrhlaryň manipulirleme ýagdaýlary ygtyýarly edaranyň talap arzasy boýunça kazyýet tertibinde bellenilýär.

3. Emissiýasy döwlet bellige alnyşyndan geçmedik gymmatly kagyzlaryň ýerleşdirilmegi bikanun bolup durýar.

Emitentiň gymmatly kagyzlaryň bikanun ýerleşdirilmegine ýol beren wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

Gymmatly kagyzlar bikanun ýerleşdirilen halatynda:

1) maýa goýujylar emitente özleri tarapyndan satyn alnan gymmatly kagyzlaryny yzyna gaýtarmaga borçludyrlar;

2) emitent maýa goýujylara olaryň gideren bähbitleriniň öweziniň dolunmagyny hasaba almak bilen gymmatly kagyzlara ýazylmagy we (ýa-da) olaryň satyn alynmagy bilen baglanyşykly harajatlarynyň öwezini dolmaga borçludyr.

4. Gymmatly kagyzlar bazarynda ygtyýarnamasyz amala aşyrylýan hünärmençilik işi bikanun bolup durýar.

Hünärmençilik işini ygtyýarnamasyz amala aşyrýan şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

5. Emitent we (ýa-da) anderraýter gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň prospektlerinde bolan maglumatlaryň ygtybarlylygyna, şol sanda bu gymmatly kagyzlaryň dolanyşygynyň bütin möhletiniň dowamynda gymmatly kagyzlar hakynda nädogry maglumatlar bilen maýa goýujylara ýetirilen ýitgileriň öweziniň doldurylmagy boýunça jogapkärçilik çekýärler.

 

53-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

Gymmatly kagyzlar bazarynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

54-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu Kanun güýje giren gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1993-nji ýylyň 28-nji dekabryndaky «Türkmenistanda gymmatly kagyzlar we fond biržalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 11-12, 108-nji madda);

2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda»Türkmenistanyň Kanunynyň XVI bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).

3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap üç aý möhletiň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                              Gurbanguly

    Prezident                                                                   Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.

№ 139-V.