TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 50-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 82-VI, 02.03.2019 ý. № 126-VI we 05.06.2021 ý. № 386-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, din azatlygyny we dine uýmak erkinligini kepillendirip,  her bir adama dine garaýşyna garamazdan deň hukuklylygy üpjün edýändigine, halkyň medeni we ruhy durmuşyny ösdürmekde yslamyň taryhy ornuny ykrar edýändigine, beýleki dinleri hormatlaýandygyna, dinara ylalaşygyň, dini sabyrlylygyň we raýatlaryň dini garaýşyna hormat goýmagyň möhümligini ykrar edýändigine esaslanýar.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) din – dünýä garaýyş we dünýäni duýmak, şeýle hem şolara laýyk kimdir-birine ýa-da nämedir bir zada bolan ynanja esaslanýan hereketler we mahsus işler;

2) dine uýmak – adaty ynam-ygtykat tejribesi bilen taýýarlanan haýsydyr bir dine degişli dini taglymat;

3) ybadat etmek – dini taglymatyň talaplaryndan gelip çykýan we işlenip taýýarlanan adatlar boýunça ruhanylar tarapyndan amala aşyrylýan dini dabaralaryň we amallaryň jemi;

4) dini däp-dessurlar – dini düşünjäni öz içine alýan dini taglymatda  bellenilen amallaryň jemi;

5) dini adatlar we dabaralar – däp-dessur amallaryny amala aşyrmagyň dini taglymatda bellenilen tertibi;

6) zyýarat – dine uýýanlaryň taryhy ähmiýetli ýerlere şol diniň mukaddesliklerine sežde etmek üçin barmagy;

7) din işi – dine uýýanlaryň dini zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirlen işler, şeýle hem dini guramalaryň dini amallarynyň guramaçylyk we maddy taýdan üpjünçiligine gönükdirilen gaýry işler.

 

2-nji madda. Şu Kanunyň düzgünleşdirýän närsesi

 

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda adamyň we raýatyň dine uýmak erkinligi çygryndaky hukuk gatnaşyklaryny, şeýle hem dini guramalaryň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýär.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň esasy wezipeleri

 

Şu Kanunyň esasy wezipeleri her bir adamyň wyždan azatlygyna we dine uýmak erkinligine, durmuş adalatlylygyna, deňlige, dine garaýşyna we dini degişliligine garamazdan hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, dini guramalara birleşmäge bolan erkinlige hukugyny üpjün etmekden ybaratdyr.

 

4-nji madda. Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, ol şu Kanundan we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanunda bar bolan düzgünlerden başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň düzgünleri ulanylýar.

 

5-nji madda. Dine uýmak erkinligine bolan hukuk

 

1. Türkmenistanda dine  uýmak erkinligi, şol sanda özbaşdak ýa-da beýlekiler bilen bilelikde islendik dine uýmaga ýa-da hiç birine uýmazlyga, dini we gaýry garaýyşlary erkin saýlamaga we üýtgetmäge, edinmäge, beýan etmäge, şeýle hem şolara laýyk hereket etmäge hukuk kepillendirilýär.

2. Adamyň we raýatyň dine uýmak erkinligine bolan hukugy, diňe konstitusion gurluşyň esaslaryny, ahlagy, saglygy, adamyň we raýatyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksadynda, ýurduň goragyny we döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmäge zerur bolan derejede kanun arkaly wagtlaýyn çäklendirilip bilner.

3. Dine garaýşy bilen bagly artykmaçlyklaryň, çäklendirmeleriň ýa-da hukuk kemsitmeleriň gaýry görnüşleriniň bellenilmegine ýol berilmeýär.

4. Türkmenistanyň raýatlary olaryň dine garaýyşlaryna we dine degişlidiklerine garamazdan ýaşaýşyň ähli raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni durmuş ulgamlarynda kanunyň öňünde deňdirler.

5. Hiç kim özüniň dine garaýşy barada habar bermäge borçly däldir we özüniň dine garaýyşyny, dine uýmagyny ýa-da uýmazlygyny, ybadat etmäge gatnaşmagyny ýa-da gatnaşmazlygyny, beýleki dini däp-dessurlara we dabaralara gatnaşmagyny ýa-da gatnaşmazlygyny kesgitlände mejbur edilmä sezewar edilip bilinmez.

6. Dine uýmak erkinligine hukugyň amala aşyrylmagyna, şol sanda şahsyýete zorluk bilen, raýatlaryň dine bolan garaýşyna bagly duýgularynyň we mertebeleriniň bilkastlaýyn kemsidilmegi, dini artykmaçlygyň wagyz edilmegi, emläge zyýan ýetirilmegi ýa-da ýok edilmegi ýa-da şeýle hereketleriň ediljekdigi bilen haýbat atylmagy arkaly päsgel berilmegi gadagan edilýär we kanuna laýyklykda yzarlanylýar.

7. Her bir adam Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dini ýa-da beýleki garaýyşlaryň tarapdary bolmaga, olary beýan etmäge, dini guramalaryň işine gatnaşmaga hukuklydyr.

8. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar  Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede dine uýmak erkinligine bolan hukukdan peýdalanýarlar.

 

6-njy madda. Dinleriň deňligi

 

Dinler we dine uýmak kanunyň öňünde deňdir.

 

II BAP. DÖWLET WE DIN

 

7-nji madda. Döwlet we din

 

1. Türkmenistan dünýewi döwlet bolup durýar. Dini guramalar döwletden aýrydyr. Döwlet dine uýmaýan raýatlaryň we guramalaryň arasynda hem-de dürli dinlere uýýan raýatlaryň we dini guramalaryň arasynda özara sabyrlylygy hem-de sarpa goýmagy ýola goýmaga ýardam edýär, fanatizmiň we ekstremizmiň hem-de gatnaşyklary  gapma-garşy goýmaga we ýitileşdirmäge gönükdirilen hereketleriň, dürli dini guramalaryň arasynda duşmançylygyň  ýüze çykmagyna ýol bermeýär.

2. Dinleriň hiç biri döwlet dini ýa-da hökmany din hökmünde bellenip bilinmez.

Döwlet dini guramalaryň üstüne haýsydyr bir döwlet wezipelerini ýüklemeýär, olaryň işine gatyşmaýar şeýle hem dini guramalaryň işini maliýeleşdirmeýär.

Terrorçylyga, neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna we beýleki jenaýatlaryň edilmegine ýardam edýän, şeýle hem şolary wagyz edýän, şonuň ýaly-da gizlinlikde dini işi alyp barýan dini guramalaryň işi gadagan edilýär.

3. Kanuny dini işe päsgelçilik berilmegine, fiziki şahslaryň dine gatnaşygy bilen bagly raýat hukuklarynyň bozulmagyna ýa-da dini duýgylarynyň we mertebeleriniň kemsidilmegine, ol ýa-da beýleki dinlere uýýanlaryň hormatlaýan zatlarynyň, binalarynyň we ýerleriniň masgaralanmagyna ýol berilmeýär.

4. Ata-eneleriniň we olaryň ornuny tutýan adamlaryň, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedikleriň öz erk-isleginiň garşysyna olary dini guramalara çekmäge hem-de dini tarapdan okatmaga ýol berilmeýär.

5. Hiç kimiň öz dini garaýşyna esaslanyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda bellenilen borçlaryny ýerine ýetirmekden boýun  gaçyrmaga hukugy ýokdyr.

6. Dini esasdaky partiýalaryň işi, maksatlary we hereketleri döwletde bir diniň ýokary bolmalydygyny kesgitlemäge gönükdirilen, dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy öjükdirmäge, şol sanda zorluk ýa-da zorluga çagyryş bilen we beýleki hukuga garşy hereketler bilen baglanyşykly dini guramalaryň döredilmegi we işi gadagan edilýär.

 

8-nji madda. Bilim ulgamy we din

 

1. Türkmenistanda döwletiň bilim ulgamy, dinden we dini guramalaryň bilim edaralaryndan aýrydyr we ol dünýewi häsiýete eýedir.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň öz islegine görä özbaşdak ýa-da başgalar bilen bilelikde dini taglymaty öwrenmäge, dini bilim almaga hukugy bardyr.

3. Türkmenistanda dini guramalar bilen işlemek we dini maglumat saklaýan serişdeleri, neşirýat hem-de çaphana önümlerini seljermek boýunça Toparyň (mundan beýläk – Topar) rugsady esasynda ata-eneleriň, ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedikleriň özleriniň razylygy bilen umumybilim berýän mekdeplerdäki okuwdan boş wagtlary olara dini taglymat boýunça hepdede dört sagatdan köp bolmadyk okuwlar geçirilip bilner.

 

9-njy madda. Dini bilim edaralary

 

1. Dini guramalar özleriniň Тertipnamalaryna laýyklykda ruhanylary we özlerine zerur bolan din hadymlaryny hünär taýdan taýýarlamak üçin dini bilim edaralaryny esaslandyrmaga hukuklydyrlar.

2. Dini bilim edaralary bilim işine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli ygtyýarnama alandan soň hukuklydyrlar.

3. Ýokary dini bilim edarasyna umumy orta bilimi bolan raýatlar kabul edilýär.

4. Dini bilim edaralarynda dini dersi okadýan şahslaryň dini bilimi bolmalydyr we olar öz işini dini guramanyň degişli merkezi dolandyryş edarasynyň Topar bilen ylalaşylan rugsady bilen amala aşyrylmalydyr.

5. Dini taglymaty hususy tertipde okatmak gadagan edilýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.

 

III BAP. DÖWLET TARAPYNDAN DIN IŞINIŇ DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

 

10-njy madda. Türkmenistanda dini guramalar bilen işlemek we dini maglumat saklaýan serişdeleri, neşirýat hem-de çaphana önümlerini seljermek boýunça Toparyň ygtyýarlyklary

 

1. Topar öz işini ol barada Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan Düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar.

2. Topar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) Türkmenistanda dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky kanunçylygyň ýerine ýetirilmegi boýunça dini guramalaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar, olaryň işini utgaşdyrýar we Türkmenistanyň degişli kanunçylyklaryny kämilleşdirmek barada teklipleri işläp taýýarlaýar;

2) dini gatnaşyklar çygrynda konstitusion hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagyny üpjün edýär;

3) Türkmenistanda hereket edýän dini guramalaryň işini öwrenýär hem-de seljerýär;

4) dini guramalaryň işi bilen baglanyşykly raýatlaryň arzalaryna, ýüztutmalaryna we şikaýatlaryna garaýar we ýüze çykarylan kemçilikleri we düzgün bozulmalary aradan aýyrmak boýunça çäreleri görýär;

5) dürli dinlere uýýan dini guramalaryň arasynda özara düşünişmegi we sabyrlylyk ýagdaýy berkitmäge ýardam edýär;

6) din işi babatda daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen  hyzmatdaşlygy guraýar we amala aşyrýar;

7) Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky dini guramalar bilen özara gatnaşyklary we utgaşdyryjy aragatnaşyklary amala aşyrýar;

8) Türkmenistanyň çäginden daşarda ruhy merkezi bolan dini guramanyň ýolbaşçysyny wezipä bellemeklige razylyk berýär;

9) dinöwreniş seljermesini geçirmek üçin dini öwrenijileriň bilermenler geňeşini döretmek bilen bagly işleri, şeýle hem zerur halatlarda degişli döwlet edaralarynyň we kazyýetiň soramagy boýunça resmi bilermenler netijenamasynyň berilmegini guraýar;

10) dini guramalary we olaryň şahamçalaryny döwlet belligine almak üçin Türkmenistanyň Adalat ministrligine teklipleri taýýarlaýar;

11) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine dini guramalara zerur bolan ruhanylary we din hadymlaryny taýýarlamak üçin okuw mekdeplerini döretmek barada teklip berýär;

12) şu Kanunda we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

11-nji madda. Din işi we dini guramalar bilen özara gatnaşyklar çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Din işi we dini guramalaryň bilen özara gatnaşyklar çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralar:

1) özleriniň dolandyryş-çäk birliklerinde dini ýagdaýlary öwrenmegi we seljerişi geçirýärler;

2) Topara Türkmenistanda dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek barada teklipleri berýärler;

3) özleriniň dolandyryş-çäk birliklerinde ygtyýarlyklaryna degişli meselelerde düşündiriş işlerini guraýarlar;

4) din binasynyň (desgasynyň) çäginden daşarda dini däp-dessurlary geçirmegi ylalaşýarlar;

5) Topar bilen ylalaşyp din binasyny (desgasyny) gurmak, olaryň ýerleşýän ýerini kesgitlemek barada çözgütleri kabul edýärler;

6) şu Kanunda we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

12-nji madda. Dinöwreniş seljermesi

 

1. Topar şu esaslarda dinöwreniş seljermesini geçirýär:

1) fiziki şahslaryň dini guramalary döwlet belligine almak barada ýüztutmasy;

2) dini edebiýatlaryň, dini mazmunly beýleki maglumat serişdeleriniň getirilmegi.

2. Dinöwreniş seljermesiniň obýektlerine esaslandyryjy, şeýle hem dini mazmunly beýleki resminamalar, dini bilim maksatnamalary, dini mazmunly maglumat serişdeleri we din maksatly zatlar degişlidir.

3. Dinöwreniş seljermesi dini öwreniş ulgamynda ýörite bilime eýe bolan şahslar tarapyndan, zerur halatlarda döwlet edaralarynyň wekilleriniň hem-de gaýry hünärmenleriň çekilmegi bilen geçirilýär.

4. Dinöwreniş seljermesini geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

 

IV BAP. DINI GURAMALARYŇ DÖREDILMEGI WE DÖWLET BELLIGINE ALYNMAGY

 

13-nji madda. Dini guramalaryň hukuk düzgüni

 

1. Dini gurama diýlip, bilelikde dine uýmaga hem-de dini ýaýratmaga niýetlenip döredilen, ybadat etmäge we beýleki däp-dessurlary hem dabaralary, dini terbiýäni amala aşyrýan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde döwlet belligine alnan Türkmenistanyň raýatlarynyň meýletin birleşigi ykrar edilýär.

Dini gurama Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan we kämillik ýaşyna ýeten, Türkmenistanyň raýatlarynyň azyndan ellisiniň başlangyjy bilen döredilýär.

2. Degişli dini bilim alan, Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanda bellige alnan, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ruhy merkezi bolan dini guramanyň ýolbaşçysy bolup biler.

3. Türkmenistanyň çäginden daşarda ruhy merkezi bolan dini guramanyň ýolbaşçysy Topar bilen ylalaşyk boýunça bellenilýär.

4. Türkmenistanyň çäginden daşarda ruhy merkezi bolan dini guramalar, eger, şunda Türkmenistanyň kanunçylygy bozulmaýan bolsa, dini däpleri geçirmegi, şeýle hem ruhanylary we özlerine zerur bolan din hadymlaryny şu merkezler tarapyndan bellenilen tertipde taýýarlamagy  amala aşyrýarlar.

5. Dini guramalar olaryň Tertipnamalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Toparyň razylygy bilen zyýarat etmek we beýleki dini çärelere gatnaşmak maksady bilen halkara aragatnaşyklaryny ýola goýmaga we saklamaga haklydyrlar.

 

14-nji madda. Dini guramalaryň Tertipnamasy

 

1. Dini gurama onuň döredijileri tarapyndan tassyklanylýan Tertipnama esasynda hereket edýär.

2. Dini guramanyň Tertipnamasynda şu maglumatlar bolmalydyr:

1) ady, dini guramanyň görnüşi, uýýan dini, ýuridik salgysy we işiniň ýaýraýan çägi;

2) maksady, wezipeleri we işiniň esasy görnüşleri;

3) dini guramanyň üýtgedip guralmagynyň, işiniň bes edilmeginiň ýa-da ýatyrylmagynyň, şeýle hem emlägini paýlamagyň şertleri we tertibi;

4) gurluş düzümi we dolandyryş edaralary, olary emele getirmegiň tertibi we ygtyýarlyklary;

5) guramanyň serişdelerini we gaýry emlägini emele getirýän çeşmeler;

6) Tertipnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň tertibi;

7) dini gurama girmegiň we ondan çykmagyň tertibi;

8) dini guramanyň we onuň agzalarynyň hukuklary we borçlary;

9) dini guramanyň işine degişli beýleki maglumatlar.

3. Merkezi dolandyryş edaralary bolan dini guramalaryň Tertipnamalary şol dolandyryş edaralary bilen ylalaşylmalydyr.

 

15-nji madda. Dini guramanyň ady

 

1. Dini guramanyň adynda haýsy dine degişlidigi we hukuk ýagdaýy bolmaly.

2. Dini guramanyň doly ady we gysgaldylan görnüşi hem-de onuň nyşanlary Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň nyşanlary, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, Türkmenistanda bellige alnan dini guramalaryň ady we nyşany, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyny bozandygy üçin gadagan edilen we (ýa-da) ýatyrylan dini guramalaryň ady we nyşany bilen gabat gelmeli däldir.

 

 

16-njy madda. Dini guramalary döwlet belligine almak

 

1. Dini guramalary döwlet tarapyndan bellige almak Toparyň hödürlemegi boýunça, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar. Dini guramalar döwlet belligine alnan we Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna goşulan pursatyndan başlap, ýuridik şahsyň hukugyna eýe bolýarlar.

Dini guramanyň döwlet belligine alynmagy üçin şu resminamalar berilýär:

1) dini guramanyň esaslandyryjylary we ýolbaşçy edarasynyň agzalary tarapyndan gol çekilen arza;

2) dini guramanyň Tertipnamasynyň iki sany nusgasy;

3) dini guramanyň esaslandyryjy ýygnagynyň teswirnamasy;

4) dini guramanyň ýuridik salgysyny tassyklaýan resminama;

5) döwlet belligine alyş ýygymynyň tölenilendigi baradaky resminama;

6) ýaşaýan ýerini, familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we doglan senesini görkezmek bilen esaslandyryjylar hakynda maglumat.

Dini guramanyň esaslandyryjy ýygnagyň geçirilen gününden başlap, bir aýyň dowamynda resminamalar döwlet belligine alynmagy üçin iberilýär.

2. Dini guramanyň döwlet belligine alynmagy baradaky arza berlen gününden başlap, bir aý möhletde garalýar.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň goşmaça maglumatlary soramaga we degişli edaralaryň bilermenler netijenamasyny almaga haky bardyr. Şu halatda çözgüt döwlet belligine alynmak baradaky arza berlen gününden başlap, üç aý möhletde kabul edilýär.

4. Türkmenistanyň Adalat ministrligi dini guramanyň döwlet belligine alynandygy barada şahadatnama berýär.

5. Dini guramanyň Tertipnamasyna girizilýän goşmaçalar we üýtgetmeler dini guramanyň döwlet belligine alnyşy ýaly tertipde we möhletlerde döwlet belligine alynmaga degişlidir.

6. Türkmenistanyň çäginde bellige alynmadyk dini guramalaryň işi gadagan edilýär.

 

17-nji madda. Dini guramany döwlet belligine almakdan ýüz döndermek

 

1. Dini guramany döwlet belligine almakdan şu esaslar boýunça ýüz dönderlip bilner:

1) dini guramanyň maksatlary we işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna garşy gelýän bolsa;

2) döredilýän gurama dinöwreniş seljermesiniň netijesinde dini hökmünde ykrar edilmedik bolsa;

3) Tertipnamanyň düzgünleri we beýleki resminamalar şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelmese ýa-da olarda görnetin ýalan maglumatlar bolsa.

2. Dini guramany döwlet belligine almakdan ýüz dönderlen halatynda, ýüz döndermegiň esaslaryny görkezmek bilen arza berijilere bu barada ýazmaça görnüşde habar berilýär.

3. Dini guramany döwlet belligine almakdan ýüz dönderilmegi, ýüz dönderilmäge esas bolan sebäpler düzedilen şertlerinde guramanyň döwlet belligine alynmagy baradaky resminamalaryň gaýtadan berilmegine päsgelçilik hasaplanmaýar.

4. Gaýtadan ýüz tutulmagyna seretmek we ol boýunça çözgüt çykarmak şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde geçirilýär.

 

18-nji madda. Dini guramany döwlet belligine almakdan ýüz dönderilmegine we boýun gaçyrylmagynşikaýat etmek

 

Dini guramany döwlet belligine almakdan ýüz dönderilmegine, şeýle hem şonuň ýaly bellige alynmakdan boýun gaçyrylmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

V BAP. DINI GURAMALARYŇ IŞINI TOGTATMAK, BES ETMEK WE ÝATYRMAK

 

19-njy madda. Dini guramanyň işini togtatmak

 

1. Dini guramanyň işi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň arzasy esasynda kazyýetiň çözgüdi boýunça, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň we onyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň bozulan halatynda, oňa ýazmaça duýduryş berlen bolsa we dini gurama kesgitlenen möhletlerde ýazmaça duýduryşyň berilmegine esas bolup hyzmat eden düzgün bozulmalary aradan aýyrmadyk bolsa ýa-da aýrylandygy hakynda delillendirilen resminamalaryň berilmegi arkaly habar etmedik bolsa alty aý möhlete çenli togtadylyp bilner.

2. Kazyýetiň çözgüdi bilen kesgitlenen möhlete dini guramanyň işi togtadylan ýagdaýynda, dini gurama onuň işini togtatmak üçin esas bolup hyzmat eden düzgün bozulmalaryň aradan aýrylmagyna gönükdirilen işlerinden başga islendik bir işi amala aşyrmak gadagan edilýär.

3. Eger, dini guramanyň işiniň togtadylan möhletiniň dowamynda, onuň işiniň togtadylmagyna sebäp bolan düzgün bozulmalar aradan aýrylan bolsa, bellenen möhletiň tamamlanmagy bilen bu dini gurama öz işini gaýtadan dowam edýär we görkezilen düzgün bozulmalaryň aradan aýrylandygy hakynda delillendirilen resminamalary bermek bilen Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar berýär.

4. Ýüze çykarylan düzgün bozulmalar bellenilen möhletlerde dini gurama tarapyndan aradan aýrylmadyk halatynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi onuň ýatyrylmagy barada kazyýete arza berýär.

 

20-nji madda. Dini guramanyň işini bes etmegi

 

1. Dini guramanyň işini bes etmegi, ony döredijileriň ýa-da dini guramanyň Tertipnamasy bilen ygtyýarly edilen guramanyň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.

2. Dini guramanyň işini bes etmek hakynda çözgüt Türkmenistanyň Adalat ministrligi  tarapyndan Toparyň dykgatyna ýetirilýär.

 

21-nji madda. Dini guramanyň ýatyrylmagy

 

1. Dini gurama kazyýetiň çözgüdi boýunça şu halatlarda ýatyrylyp bilner:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleri birnäçe gezek ýa-da gödek bozulanda;

2) dini gurama tarapyndan ony döretmegiň maksatlaryna (tertipnamalaýyn maksatlaryna) garşy gelýän iş yzygiderli amala aşyrylanda;

3) şu Kanunyň 19-njy maddasynyň birinji bölegine laýyklykda öz işi togtadylandan soň, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň talaplary we Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şeýle hem onuň Tertipnamasynyň düzgünleri bir ýylyň dowamynda gaýtadan  bozulanda;

4) urşuň ýa-da ekstremistik işiň wagyz edilmegi ýa-da jynsy, milli ýa-da dini aýrybaşgalygyň öjükdirilmegi amala aşyrlanda;

5) raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagy bilen, şeýle hem raýatlar tarapyndan olaryň döwlet, jemgyýetçilik, maşgala borçlarynyň ýerine ýetirilmegine päsgelçilikli ýa-da olaryň saglygyna, ahlagyna zyýan ýetirýän iş amala aşyrylanda;

6) jemgyýetçilik howpsuzlygyny we jemgyýetçilik tertibini bozanda, döwletiň howpsuzlygyna zyýan ýetirende.

2. Dini gurama daşary ýurduň enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmelerini peýdalanmagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryny bozandygy üçin kazyýetiň çözgüdi boýunça ýatyrylyp bilner.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilenlere esaslanyp, dini guramanyň işini ýatyrmak barada Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kazyýete arza berilýär.

4. Ýuridik şahs hökmünde ýatyrylan dini guramanyň hukuk ygtyýarlygy bes edilýär, şol dini guramanyň emlägi bolsa onuň Tertipnamasyna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda paýlanýar.

5. Dini guramanyň ýatyrylandygy barada çözgüt, Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna alýan edara görkezilen dini guramany şol sanawdan aýyrmak üçin iberilýär.

6. Dini guramanyň ýatyrylandygy hakyndaky maglumat çap edilmäge degişlidir.

 

VI BAP. DINI GURAMALARYŇ EMLÄK ÝAGDAÝY

 

22-nji madda. Dini guramalaryň eýeçiligi

 

1. Dini guramalar özleriniň satyn alan ýa-da hususy serişdeleriniň hasabyna döreden, fiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan haýyr-sogap hökmünde berlen ýa-da döwlet tarapyndan dini guramalaryň eýeçiligine berlen, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki usul bilen edinen emlägine eýeçilik hukugyna eýedirler.

2. Dini guramalaryň eýeçiliginde binalar, desgalar, dini zatlar, önümçilik, durmuş we haýyr-sahawat işlerine niýetlenen desgalar, pul serişdeleri we olaryň işini üpjün etmek üçin zerur bolan beýleki emläk bolup biler.

3. Dini guramalar, daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmelerini Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine aldyrmaga, şonuň ýaly-da şol taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi hem-de höweslendirmeleriň peýdalanylyşy barada tapgyrlaýyn we gutarnykly hasabatlary bermäge borçludyrlar.

4. Türkmenistanyň döwlet edaralary dini guramalara olaryň işini üpjün etmegi üçin dini binalary we döwletiň eýeçiliginde bolan beýleki emlägi, şol sanda taryhy we medeni ýadygärliklere degişli edilen desgalary olaryň eýeçiligine ýa-da muzdsyz peýdalanmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berip bilerler.

5. Dini guramalar döwlet tarapyndan eýeçiligine ýa-da muzdsuz peýdalanmagyna berlen dini ymaratlary we beýleki emlägi, şeýle hem olaryň eýeçiligindäki taryhy ýadygärlikleriň goraglylygyny we bellenen maksadyna laýyk ulanylmagyny  üpjün etmäge borçlydyrlar.

6. Dini guramalar Türkmenistanyň çäginde ýere eýeçiligi we ondan peýdalanmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrýarlar.

7. Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän emläk hem dini guramalaryň eýeçiliginde bolup biler.

 

23-nji madda. Döwletiň, gaýry guramalaryň ýa-da jemgyýetçilik birleşikleriň ýa-da fiziki şahslaryň eýeçiliginde durýan emläkden peýdalanmak

 

1. Dini guramalar döwlet, gaýry guramalar ýa-da jemgyýetçilik birleşikleri ýa-da fiziki şahslar tarapyndan berlen binalary we emlägi öz hajatlary üçin peýdalanmaga haklydyrlar.

2. Dini binalaryň ýanaşyk ýerler bilen bilelikde olara berilmeginde dini guramalar artykmaçlyk hukugyna eýedirler.

3. Olara degişli ýer bölekleri bilen dini binalaryň we desgalaryň hem-de döwletiň eýeçiliginde ýa-da beýleki eýeçilikde bolan dini maksatly beýleki emlägiň bellenen tertipde dini guramalara berilmegi muzdsuz amala aşyrylýar.

4. Dini binalaryň we emlägiň dini guramalara berilmegi boýunça çözgüt, bu barada şol bir wagtyň özünde arza berijilere ýazmaça görnüşde habar bermek bilen, degişli towakganamanyň alnan pursatyndan başlap, bir aý möhletden gijä galman kabul edilmelidir.

 

24-nji madda. Ýatyrylan dini guramalaryň emlägine ygtyýar etmek

 

1. Dini guramalar ýatyrylandan soň, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan olara peýdalanmaga berlen emläk, emlägi beren şahslara gaýtarylyp berilýär.

2. Dini gurama ýatyrylan mahaly, onuň eýeçiliginde duran emläge ygtyýar etmek onuň Tertipnamasyna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Algydarlaryň nägilelikleri boýunça töleg tutulup alnyp bilinmejek dini maksatly emlägiň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

VII BAP. DINI GURAMALARYŇ DIN IŞI WE HUKUKLARY

 

25-nji madda. Dini däp-dessurlar, adatlar we dabaralar

 

1. Dini guramalaryň ybadat etmek ýa-da dini däp-dessurlary, adatlary we dabaralary berjaý etmek üçin amatly ýerleri döretmäge we saklamaga, şeýle hem zyýarat edilýän ýerleri saklamaga hukugy bardyr.

2. Ybadat etmek, dini däp-dessurlar, adatlar we dabaralar dini binalarda, desgalarda we olara degişli ýerlerde, dini guramalara şu maksat üçin berlen beýleki ýerlerde, zyýarat edilýän ýerlerde, gonamçylyklarda päsgelçiliksiz geçirilýär.

3. Zerurlyk bolanda dini däp-dessurlary we dabaralary berjaý etmek, eger, olar köpçülikleýin we yzygiderli häsiýete eýe bolmasa, umumy ýaşaýyş jaýynyň we jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilmegi şerti bilen, raýatlaryň islegi boýunça olaryň ýaşaýan ýerinde geçirilýär.

4. Saglygy goraýyş, durmuş edaralarynda, tussaglykda saklanylýan we jeza çekilýän ýerlerde ybadat etmek we dini däp-dessurlar şolarda bolýan raýatlaryň haýyşy boýunça, ýörite bölünip berlen ýerlerde geçirilýär.

Şol edaralaryň ýolbaşçylary ruhanylary çagyrmaga ýardam edýärler, ybadat etmegiň, dini däp-dessurlary ýa-da dabaralary geçirmegiň, wagtyny  we beýleki şertlerini kesgitlemäge gatnaşýarlar.

5. Harby gullukçylaryň ybadat etmeginiň, dini däpleri, adatlary we dabaralary geçirmeginiň tertibi «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilýär.

6. Dini we doga okalýan binalardan daşarda köpçülikleýin ybadat etmek, dini däpler we dabaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

7. Dini guramalaryň dine uýýanlardan mejbury pul ýygnamaga we olara paç salmaga, şeýle hem olaryň at-abraýyna we mertebesine zeper ýetirýän olara garşy çäreleri ulanmaga haky ýokdur.

 

26-njy madda. Dini edebiýat we dini maksatly zatlar

 

1. Dini guramalar dini edebiýaty we dini maksatly zatlary satyn almaga, taýýarlamaga hem-de peýdalanmaga, şeýle hem dinöwreniş seljermesi geçirilenden soň olary getirmäge we ýaýratmaga hukuklydyrlar.

2. Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy bolmadyk adamlar özüniň saýlap alan islendik dilindäki dini edebiýatlary, dini mazmunly beýleki maglumat serişdelerini edinmäge hem-de peýdalanmaga haklydyr.

3. Dinara, milletara bölünişigi, milletçiligi we jynsparazlygy wagyz edýän, dini ekstremizmiň, separatizmiň we fundamentalizmiň taglymatlaryny wagyz edýän edebiýatyň, metbugat önümleriniň, audio- we wideo ýazgyly önümleriň taýýarlanylmagy, saklanylmagy, getirilmegi, çykarylmagy we ýaýradylmagy kanun bilen yzarlanýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

27-nji madda. Dini guramalaryň haýyr-sahawat we medeni aň-bilim işi

 

1. Dini guramalar haýyr-sahawat işini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrmaga haklydyr.

2. Özleriniň tertipnamalaýyn maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bilim we beýleki edaralary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmäge hukuklydyrlar.

3. Döwlet dini guramalaryň haýyr-sahawat işinde, şeýle hem olar tarapyndan jemgyýetçilik ähmiýetli medeni aň-bilim meýilnamalaryny we çärelerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

 

VIII BAP. DINI GURAMALARDA ZÄHMET GATNAŞYKLARY WE SALGYT SALYNMAGY

 

28-nji madda. Dini guramalarda zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegi

 

Dini guramalarda zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

29-njy madda. Dini guramalarda we olaryň kärhanalarynda salgyt salmak, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy

 

Dini guramalarda we olaryň kärhanalarynda salgyt salmak, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

30-njy madda. Dini guramalarda we olaryň kärhanalarynda işleýän raýatlary durmuş taýdan goramak we ätiýaçlandyrmak

 

1. Dini guramalarda we olaryň kärhanalarynda işleýän Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem ruhanylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda durmuş taýdan goraglylyga we hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna degişlidir.

2. Şu maksatlar üçin dini guramalar we olaryň kärhanalary durmuş ätiýaçlandyrmasyna we döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möçberlerde tutumlar geçirýärler.

 

IХ BAP. DINE UÝMAK ERKINLIGI WE DINI GURAMALAR HAKYNDA KANUNÇYLYGYŇ ÝERINE ÝETIRILIŞINE GÖZEGÇILIK WE GÖZEGÇILIK BARLAGY

 

31-nji madda. Dini guramalaryň Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý edişine gözegçilik

 

Dini guramalar tarapyndan Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilmegine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar amala aşyrýarlar.

 

32-nji madda. Dini guramalaryň işiniň olaryň tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklygyna gözegçilik barlagy

 

1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi dini guramalaryň işiniň olaryň tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyk gelşine gözegçilik barlagyny amala aşyrýar.

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň:

1) dini guramalaryň ýolbaşçy edaralaryndan olaryň esaslandyryş resminamalaryny hem-de kabul edilen resmi çözgütlerini sorap almaga;

2) öz wekillerini dini guramalar tarapyndan geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin ibermäge;

3) Tertipnamanyň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça dini guramanyň agzalaryndan we beýleki raýatlardan düşündirişler almaga;

4) dini guramanyň ýerleşýän ýeri, ady we alyp barýan işi hem-de onuň ýolbaşçylary baradaky maglumatlary sorap almaga hukugy bardyr.

3. Dini guramalar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalary ýa-da olar tarapyndan olaryň tertipnamalaýyn maksatlaryna garşy gelýän hereketleriň edilendigi ýüze çykarlan halatynda, Türkmenistanyň Adalat ministrligi şol guramalarа ýazmaça duýduryş bermäge haklydyr.

4. Türkmenistanyň Adalat ministrligi, daşary ýurdyň muzdsuz  enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik kömeginiň taslamalary we maksatnamalary hem-de höweslendirmeleri baradaky maglumatlary, eger olaryň möçberleri bellenilen möçberlerden geçýän bolsa ýa-da şol kömegi alýan dini guramanyň işi üçin häsiýetli bolmasa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly edara berýär.

5. Ygtyýarly döwlet edaralary dini guramalaryň ekologiýa, ýangyn howpsuzlygy, sanitariýa-epidemiologiýa we beýleki bellenilen kadalary ýerine ýetirişine gözegçiligi amala aşyrýarlar.

6. Maliýe we salgyt edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäginde dini guramalaryň maliýe-hojalyk işine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar.

 

Х BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

33-nji madda. Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Türkmenistanyň dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

 

34-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen güninden güýje girýär.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şu Kanunyň hereket etmegi üçin zerur bolan kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul etmeli.

3. Şu Kanun güýje girýänçä döredilen dini guramalaryň Tertipnamalary we gaýry esaslandyryş resminamalary şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir. Dini guramalaryň Tertipnamalary we gaýry esaslandyryş resminamalary şu Kanuna laýyk getirilýänçä, onuň şu Kanuna ters gelmeýän kadalary hereket edýär.

4. Şulary güýjüni ýitiren hasap etmeli:

1) 2003-nji ýyl 21-nji oktýabrynda kabul edilen «Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň  Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 37-nji madda);

2) 2004-nji ýylyň 16-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 1, 7-nji madda);

3) 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ХХХIХ bölegi (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda);

4) 2009-njy ýylyň 2-nji iýulynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň XI bölegi (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 45-nji madda);

5) 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen «Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 75-nji madda);

6) 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I böleginiň 1-nji bendi (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 112-nji madda);

7) 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen «Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 62-nji madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                             Gurbanguly

    Prezidenti                                                                Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 26-njy marty.

№ 365-V.